Latin

Uzak uzak ýyllar - 03

Total number of words is 3946
Total number of unique words is 2079
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ataly-ogul gujaklaşyp gyşardylar. Häzir olaryň armany ýokdy. Ogly atasynyň
ajymtyk deriň ysy gelip duran gujagynda meýmireýärdi. Atasy bolsa ogluny elden
gidirerin öýdüp alan howsalalaryny unudyp, ýeke dikrarynyň ýene-de diriligi baradaky
süýji pikirleriň gujagyna özüni oklap meýmireýärdi. Şeýdip ataly-ogul daňa golaý uka
gitdi.
***
Ilamanyň kellesindäki ýiti agyry aýrylmaýardy. Soňa baka ol gözüni ýumsa
üstüne hyza agyp gelýän ýalydy. Ony oba alyp gitmek gerekdi. Kerwen aga ertesi daň
bilen Akga brigadiriň ýanyna ugrady.
Akga harmanyň ýanyndaky çertekde ýaşaýardy. Kerwen aga baranda ol çaý içip
bolup, gyşaryp ýatyrdy. Kerwen aga çertege girmedi. Ýöne daşyndan ähem-ühümläp
habar gatdy:
– Birgat, turanmysyň?!
Içerden bazzy-buzzy ses eşidildi.
– Kim biý. Häziz düsezgä bazýan. Ot alyp bazmaýan bozsa özüm bazýansam
gazaşmazy bozda, ýöne yzgasyp duzsuňuz.
Kerwen aga ynjyly gürledi.
– Ot-ha alanok. Oglanjygymyz ýaranok. Düýn hyza basypdyr. Şony oba
aşyrmagyň alajyny etmeli. Arabaň birini diläýjekdim. Oglanyň haly pes.
Akga çertekden dazlap çykdy. Agzyndaky nasyny gapdala püfläp, Kerwen
aganyň ýüzüne alarylyp seretdi. Soňam gyzaran gözlerini çerreldip, barmagyny uzadyp,
azymly gürledi.
– Sen, how, Kerwen, öz aklyňdamy, hä? Özüňem araba dileýäň! Heý ynsabyň
barmy?! Uruş gidip dur. Hemmeler urşa gitdi. Uly il Watan üçin göreşýä. Ine, gör uruş
bolmadyk bolsa şu nälet siňen çertekde ýaşajakmy, men. Ýa-da ili al. Gör, aýal-gelingyz öýden bizar, şu düme diýip. Sen bolsa araba dileýäň. Araba bolsa maňa ber. Men bu
bugdaýyň bir arabasy-ha däl, bir gysymyny aşyrsam begenýän. Hökümete gerek. Şeýle,
menden araba dileme.
Akga öz sözünden diýseň göwnühoş boldy. Ol öňünde duran «hä şeýle eken-ow»
diýip yzyna hyrra dönüp gider öýtdi. Emma diýeni bolmady.
– Akga, inim, oguljygymyzyň haly pes. Hyza kellä degen borly. «Kelläm» diýip
ýatyr. Ynsap et, köpüm-küjüm ýok. Senem musurman çagasy, inim. Bir araba...
Akganyň bolmajasy boldy. Ol Kerwen agany görene göz edip kowmagy ýüregine
düwdi. Harmandakylar eşitsin, çekinsin diýen äheňde sesine bat berdi:
– Sen, Kerwen, musurman-pusurman diýen bolma. Musurman seniň özüň. Sen
meniň boýnuma köne urp-adat pikir dakjak bolma. Men köne pikirli däl. Sen köne
pikirli. Araba berjek däl, saňa. Ogluňy eziz görseň, arkaňa al-da git. Ogluňy eziz görseň
edep öwret. Ol kelew ogluň üçin öküzlemmi maýyp etdim, hyzasyz galdym. Men ynsap
etmeýän bolsam olara yşdyrap edip, boýnuňa atmaly. Özüňi puranda ibermeli. Ýene
men edemok. Gör, sen bolsa meni masgara etjek bolýaň. Gör, senmi, adam däl ekeniň
sen...
Kerwen aganyň gahary geldi. Ol indi Akganyň gykylygyny eşitmeýärdi. Onuň
gykylygyna kolhozyň başlygy Anna aga bir ýerden çykdy. Ol öten agşam obadan
gelipdi.
– Haw, birgat, sen dänim, beýle bolma. Arabaň bolmasa araba sözüň dänim
ýokmy? Ýagdaýyny diýseň Kerwen çaga däl ahbetin. Onuň oguljygynyň haly pes bolsa
sen dänim, bir alaç et.
Akganyň bady gaçdy. Ol başlyga garap, birden was-was bolan ýaly dillendi.
– Men bir ýumuş oglany, aga. Maňa-da araba gerek, aga. Men nädeýin. Bir araba
bersem, bir araba bugdaý galar. Hersi bir zat diýýär. Men nädeýin, aga.
– Giň bolarlar. Adamlara arka dursaň bir araba bugdaýy arkalary bilenem dänim,
alyp giderler. Giň bol ahbetin.
Akga ýumşady.
– Bolýa, how, aga. Bir arabany alsyn şol. Äkitsiň ogluny nirä äkitse. Ýöne sesi
çykmasa bolar.
Başlyk atyny münüp orakçylaryň üstüne gitdi Akga çertege girdi.
Kerwen aga gün öýlä galanda at goşulan arabany idip barýardy. Arabanyň üstüne
haltalar endigan basylyp, soň içmek ýazylypdy. Onuň üstünde Ilaman ýatyrdy.
4.
Arabanyň bady ýuwaşjady. Kerwen aga howluganokdy. Ilaman göge garap
ýatyrdy. Günbatardan salkyn şemal öwüsýärdi. Oglan asmanda gündogar tarapa toýnak
gurap geçip barýan guşlary gördi.
– Däde, şol guşlar näme?
Kerwen aga asmana garady.
– Olar durnadyr, oglum.
– Durnalar nirä uçýarlar?
– Olar erkin gezýär, oglum, Ýaz çyksa geler, gyş düşse gider. Nire yssy bolsa
durna şoňa gider. Nire dynçlyk bolsa durna şoňa barar.
– Däde, han-a bir durna barýar. Ol öň geçenleriň yzyndan ýetermi?
– Bilmedim oglum.
– Däde, şol durna men bolsadym!!!
Kerwen aga yzyna garady. Emma oglunyň gara çynydy.
– Ýok, oglum, sen bir ýalňyz galma. Azaşarsyň durnajygym, azaşarsyň.
Oglanam, kakasy-da oýa gitdi. Ýaşuly öz içinden oglunyň sözlerini saldarlaýardy.
Onuň sözlerini çaga sözleri hasaplaýardy. Ogly bolsa hyýalynda durnalara goşulyp,
uzak-uzak ýerlere uçup gidýärdi. Ýaz çykanda ýene-de kakasynyň ýanyna gelýärdi.
«Dädejan, men-ä ýene geldim!», «Weý, durnajygym azaşmadyň gerek? Indi bir
gitme, azaşarsyň, durnajygym».
Oglanyň süýji arzuwlaryny ne kakasy, ne şemal bozýardy. Ol asmana garap
ýatyrdy. Gökde ýene-de hälki durna göründi Ol öz sürüsini gözleýärdi. Onuň ganatlary
örän haýal galgaýardy. Ol halys ýadan bolmaga çemli. Hawa ol azaşypdy. Emma ol öz
azaşandygyny boýun alman borly. Ol dereleri, jülgeleri agtarýardy. Sürüsi bolsa ýokdy.
Ol arabanyň depesinden ýene-de bir gezek aýlaw etdi. Soň gözden ýitip gitdi.
Azaşan durnajyk, ýok, ýalňyz durnajyk Ilamanyň ýadyna Enäni saldy.
«Ene gelneje!..» Ilaman içini çekdi. Häzir ol Enäni juda göresiniň gelýändigini
duýdy. Sebäbi ol Enäni düýnden bäri görmändi. Ene nämüçindir agşamam onuň ýanyna
gelmändi. Halyndan habaram almandy.
Ilamanyň gussasyz göwnüni howsala gaplady.
– Däde, Ene gelnejem hany? – Kerwen aga kalbyny gaplan oýlardan oýanan ýaly
boldy.
– Näme diýýäň, köşek?
– Ene gelnejem galdymy diýýän.
– Galdy. Ene-de geler, beýlekilerem. Sen bir aýak üstüne gal.
– Däde, Ene gelnejem gowy gerek?
– Gowy oglum, gowy.
– Däde, nämüçin onuň ýanyna Akga brigadir gelýär-ä?
Kerwen aga gulaklaryna ynanmady.
– Akga gelýär?! Nirä?!
– Ol günde-günde Ene gelnejemiň ýanyna gelýär. Ene gelnejemi hiç işledenok.
Şo-ol gürläp dur.
– Ene näme diýýä?
– Sesinem çykaranok. Gaýta gülýär.
– Gülýä?! Häk...
Kerwen aga oýa batdy. Soň oba çenli sesini çykarman geldi.
Oba Ilamany tukat garşylady. Arzy doktor oňa derman berdi.
– Heý, Ilaman jan, Sona boýdaşymyň balasy, akja çagam, Ilaman. Ine gutularsyň
– diýip göwünlik berdi. Düşekde turman ýatmagy sargady. Onsuzam Ilaman kellesini
kän galdyryp bilmeýärdi.
Kerwen aga ogly sebäpli daga gitmän, skladda işläp başlady. Ol günorta gelip
ogluna göz-gulak bolup gidýärdi.
Ilamanyň ýanyna Arzy doktor, Üzümgül has köp gelip gidýärdi. Üzümgül oňa
gatyklyja unaş, süýt, gatyk, ýyljak çörek getirip naharlaýardy.
Bu gün bolsa Kerwen aga işe giden badyna Sülgün geldi.
– Köşejigim, kelläň nähili? Gutul janym, gutul – Ol gyňajyna dolan ýyljak
çöregini saçaga dolady. Soň saçagy Ilamanyň ýanyna süýşürdi. Süýtli okarany düşege
golaýda goýdy.
– Al, janym, süýt sowamanka iý. Gutul. Alla garaşyk etsin-dä, neressäm.
Ilamanyň näzijek göwni ersdi. Ol ýürejiginde beslän sözlerini aýtdy.
– Gelneje, taňyr ýalkasyn! Myratly dädem sag-aman gelsin.
Sülgün gapynyň agzyndan çykyp barýardy. Ol Ilamanyň sözüni eşitdi. Soň aýagy
ädilmedi. Yzyna gaýtdy. Gelip düşekde ýatan oglanjygyň ap-ak bolan manlaýjygyndan
ogşady:
– Wah, wah, diliňden aýlanaýyn, didäm. Diliň-dişiň bitindir. Şeý diý. Arkadagym.
Onuň gözlerine ýaş aýlandy. Ýaşyny gyňajynyň çowy bilen süpürdi-de çykyp
gitdi.
Sülgüniň süýji sözi oglanyň ýüregini ezdi. Ýyljak çörek bilen gyzgynjak süýt
iýýärkä-de onuň gözlerinden ýaş akýardy.
Üzümgülüň, Sülgüňiň goldawy, Kerwen aganyň hoşamaýy, Arzy doktoryň däridermany Ilamany gün-günden gurplandyrýardy. Ol indi iç-daş girip çykýardy. Sülgüniň
gyzjagazy Aýsoltan bilen oýnaýardy.
Orakçylar ýagşy güýz düşensoň oba eňdiler. Ilaman orakçylary aýak üstünde
garşy aldy. Kellesindäki agyry indi kän duýudmaýardy.
Ene iň soňky tapgyr bilen oba geldi. Ilki arabalylar, soň eşekliler, iň soňky
tapgyrda-da pyýadalar geldiler. Arabalylaryň öňüni Akga birgat çekip gelýärdi. Ol
Ilamany görmediksiredi. Arabalylar oňa habar gatýardylar. Emma arabanyň şakyrdysy
bilen kän bir eşidilmeýärdi.
Ilaman pyýada gelýänler bilen görüşüp çykdy. Ol Enäniň ýanyna uýala-uýala
bardy. Ene-de ony görüp begendi. Ýöne sesini çykarmady. Enäniň ýüzi az-kem
garalypdy. Kellesindäki börüginiň daňysy agarypdy. Ýöne bu görnüş ona juda
gelişýärdi. Onuň gözleri ýylgyranda oglanyň dünýäsi giňäp gitdi. Ilamanyň oňa bir
gowy habar aýdasy geldi. Ýöne näme aýtjak, bir zat onuň ýadyna düşdi. Ol ýere garap
dillendi.
– Ene gelneje, ejeň size göçüp geldi.
Ene begendi.
– Şeýlemi? Biziň öýmüzde bolýamy?
– Hawa, çopandan sygryňyzy aldy. Onam sagýar.
– Aý bolaýypdyr.
Obada galanlar orakçylary şowhunly garşyladylar. Agşam öýlerde çyra ýandy.
Oba azajyk şagalaňlandy.
Ilaman agşam Enelere geldi. Penjiräniň öňünde çüýşesiz çyra ýanýardy. Ene
gyşaryp ýatyrdy. Onuň ejesi gapyda gydyrdanýardy. Ilaman işigiň ýanynda saklandy.
– Gelneje, menem gutuldym – Ene ýatan ýerinden gürledi.
– Şeýlemi, bolaýypdyr. Dädeň nirede işleýär?
– Dädem, skladda bugdaý eleýär. Indi bizem okap başlarys, hawwamy?
Şol wagt Enäniň ejesi öýe girdi. Ol Ilamana garaman töre geçdi. Soň Ilamana
habar gatdy.
– Haý, çaga. Işikde durmazlar. Aýyp bor. Bajyň ýadap gelipdir. Ona azar
bermezler. Bar, ejeň seni gözläp ýör.
– Daýza, meniň ejem ýog-a.
– Ejeň bolmasa dädeň gözleýä. Nahar-şam wagty öýüňde bolarlar.
Ene sesini çykarmady. Ilaman öýe gaýtdy. Onuň ýürejigi agyryp gitdi. Sebäbi
öýlerinde adam ýokdy. Kakasy işden gelmändi. Ol keýpsiz öýe girdi. Çyra-da ýakman
gyşardy. Şol wagt gapyda çybşyldy eşidildi. Onuň aýal adamdygyny Ilaman saýgardy.
Enedir öýtdi.
– Illijan, barmyň, ýör jigileň ýanyna bar. Garban köşegim. Süýjüje nahar bişirdim.
Bu gelen Sülgündi. Ol Ilamanyň «gitjek däline» bakman, alyp gitdi. Süýjüje
nahar, Aýsoltanjygyň täsinje gürrüňleri Ilamanyň göwnüni açdy. Ol Enäniň ejesiniň
sözünem unutdy.
***
Günler yzly-yzyna geçýärdi. Uruşdan gelýänem-gidýänem ýokdy. Gidenlerden
hat-habar gelmeýärdi. Şeýle seredeniňde Çynarly obasy bilen urşuň arasynda hiç hili
baglanyşyk ýok ýalydy. Emma fronta giden adamlaryň ýokdugy her haçan bildirip
durdy. Öýleriň teri boşdy. Her kimiň gulagy uruş taýdady. Gazetlere ýazylan habarlarda
bolsa begener ýaly zat aýdylma- ýardy.
Güýzüň soňy gyşa ýazdy. Adamlar gyşyň beýle ir düşerine garaşmandylar.
Öýlerde peçler ir oturdyldy.
Ilaman ol gün ýene giç geldi. Ol Igdeliden tüwesini getirmäge gidipdi. Ýelnini
ýetiren tüwe şahyna ýüp ilen badyna ýuwaşady. Ol Ilamana kän azap bermedi. Uzak ýol
oglany halys etdi. Ol tüwesini howluda daňyp, öňüne ot dökdi. Soň işigi açdy, çyrany
ýakdy. Peje ot salyp, çaý goýdy.
Günbatardan öwüsýän sowuk ýel pejiň turbasyny şakyrdadýardy. Penjiräniň
yşyndan sowuk ýel kürsäp öýe girýärdi. Ilaman kakasyna garaşdy, emma ol geler ýerde
gelmedi. Kakasyny güni bilen görmänsoň, oglany howsala basýardy. Kakasy indi
gaýdyp hiç haçan gelmejek ýaly bolup durdy.
Ol kakasyny soramagy-idemegi ýüregine düwüp, ençeme gezek daş çykdy. Ýöne
meýdandan sowuk ýelden heder etdi. Ol ýele pitiwa etmese-de etmezdi. Ýöne kakaňy
nireden gözlejek. Kimden sorajak. Emma ünji ony öz erkine goýmady. Ahyry ýene-de
meýdana çykdy. Meýdan sowukdy. Çapgyn ýel ýyly ýerden çykan oglanyň gulaklaryny,
ýüzüni keýp edip çawlaýardy. Onuň ýaňaklaryny ýalap, ýarym açyk ýakasyndan içine
girýärdi.
Ilaman sowuga gurşan barmaklaryny owkalap, öýe girmäge hyýallandy. Şol wagt
ýoldan gelýän garany görüp saklandy. Garaňkynyň içinde biri gaty-gaty ýöräp gelýärdi.
Ol garaşdy. Ýakyna gelende şadyýan seslendi:
– Däde! – Ol gara tisginip gitdi.
– Gijäniň içinde näme, ýoly saklap dursuň, ýa-da ýola garawul goýuldyňmy?!
Akga brigadiriň sesini eşidip Ilamanyň ini dyglap gitdi. Soň doňup duran ýerinden
ony synlady. Ol Eneleriň işigine baryp, arkasyndaky haltany düşürdi. Soň töweregine
garanjaklap, olara girdi.
Ilamanyň ýüregi agyryp gitdi. Akganam, Enänem neletledi. Häzir Enäniň ejesi
Meretgülüň ony kemsideni ýadyna düşdi. Ol duýdansyz Goçaklyny ýatlady: «Häzir ol
bolan bolsa, gör nähili oňat bolardy».
Şol wagt:
– Oglum, tüweleme, tüwäňi getiräýdiňmi? – diýip, kakasy habar gatdy.
Ilaman tisginip gitdi:
– Hawa – diýip, ol ysgynsyz gürledi. Ol diňe şondan soň kakasyny, howludaky
düýäni görüp galdy.
Kakasy öýe girende oglunyň gök dalak bolan elini, ýüzüni görüp käýinjiredi.
– Sen näme, indi çaga däl ahyry. Öýde oturmaly ekeniň.
Kerwen aga şondan soň ogluna käýemesini goýup, çaý demledi. Saçak ýazdy.
Ilamanyň hiç zat bilen seri ýokdy. Ol ýer salynmanka uka gitdi.
Goňşularyň horazy ikinji gygyranda Kerwen aga oýandy. Ol çyrany ýakdy. Çaý
goýdy. Düýeleriň öňüne petde atdy, tüwä ot berdi. Çaýyny demläp, ogluny turuzdy.
– Oglum, men oduna gitjek. Üç düýe ýüki alyp gaýtjak. Ýene-de birnemäni şol
ýerde taýýarlajak. Senem ýanyma alaýmaly welin, indi gyş düşdi, horlanarsyň.
Onsoňam tüwäňem horlanar. Sen gowusy obada bol. Bormy?
Ilaman kakasyndan galmagy kyn gördi. Bolsa-da galmasa boljak däldi. Sebäbi
kakasynyň aýdany onuň üçin kanundy.
Ol ertir turup tüwesine ot berdi. Soňra ýakmak üçin kerkaw çapdy. Ilaman odun
çapyp durka onuň ýanyna Enäniň ejesi Meretgül geldi. Ol uzyn, hor ýüzüni mürşerdip,
agzyny pakgyldadyp gepledi.
– Heýt, berekella. Akylly oglan ir turup iş eder. Senem, akyllyja çaga, irdenjik
odun çapyp, oňarawoýýaň.
Ilaman garry ýanyna gelensoň odun çapmasyny goýdy. Ol Ilamana sorag baryny
ýagdyrýardy.
– Çaga, ataň öýdemi seniň?
– Ýok, ol-a daga gitdi.
Kempir gynançly gürledi.
– Wah, wah, habarym bolman galypdyryn. Seniň gowy ataň bar. Rehimli ataň bar.
Ine, biz iki ýetim naçara rehim et diýjekdim. O gyzyň ýerçeken ýetimegi, uruş diýip,
dawa diýip gitdi. Bizem bärde ölümiň öýünde ýüz-ýüze bakyp oturmaly. Ne bugdaý
bar, ne un ne odun bar, ne ot. Bu bir öý däl-de, sowuk gabyr-leý. Ýog-eý, gabyram
gowudyr mundan.
Ilaman ýaşuly adamyň zeýrenennni ilkinji gezek görýärdi. Onuň bu kempire
rehimi indi.
– Daýza, dädemden näme kömek gerekdi?
Kempiriň guşy uçdy. Ol şol bada gözüne ýaş aýlady:
– Wah, çaga jan. Biz naçara kömek gerek. Aýdýan-a ol-a peçde ýakmaga eken,
diş synçgamaga zat ýok gapyda, zadymyz ýok.
Ilaman suwuny çeken kerkawdan ep-eslini Eneleriň işigine daşady. Ony çapyp
berdi.
Şondan soň tä kakasy gelýänçä kempir olardan kerkaw odunyny çekinmän
äkidýärdi.
Kerwen aga üç günden soň oba dolanyp geldi. Ilaman kakasyny garsa gujaklady.
Olar düýeleri howla getirdiler. Düýeler kerkaw odunyndan ýagşy ýüklenendi.
Olar ýadawdy. Kerwen aga göherdiň owsaryny ogluna berdi:
– Me, oglum, şu düýäniň ýüküni Sülgün gelnejeňlere düşür.
Ilaman guş bolup uçdy. Ol kakasynyň jomartlygyna uçaýjak bolýardy.
– Dädejan, ýaşa, ýaşa. Häzir Sülgün gelnejem baý begener-ä.
Ol birden sakga durdy. Kakasynyň ýüzüne ýalbaryp garady.
– Däde!
Kerwen aga oglunyň bolşuny geňläp, onuň ýüzüne dikanlap garady.
– Näme boldy?
– Bir düýäniň odunynam Ene gelnejemlere beräýeli-le. Hä, bolýamy?
Kerwen aga kän ikirjiňlenmedi.
– Häýt, oglum. Bolýa-da. Sen şony isleýän bolsaň, äkit, şolara. Ýöne niýetim-ä
Üzümgüledi. Zeleli ýok, özümiziňkiniň ýaryny bererin, oňa.
Ilaman ganatsyz uçýardy. Onuň ýüregi indi ençeme aý bäri ilkinji gezek şeýle
ersdi. Onuň kakasyna bolan minnetdarlygynyň möçberini ölçäp boljak däldi. Ýok beýle
bagt ynsanda az-az bolýardy. Sebäbi uruş ýakymsyz düýş ýaly bolup hemmeleriň
böwrüni müňküldedýärdi.
Agşam Kerwen aga ogly bilen Enelere bardy. Enäniň ejesi olary çaýa çagyrypdy.
Ilaman Enäniň bu aýalyň gyzydygyna ynanasy gelmeýärdi. Ol aýal bükrelibräk
ýöräp, öz mürşük ýüzündäki çym-gyzyl gözlerini içiňden geçirip barýardy.
– Adyňa döneýin, bu gyz bir dowhaza düşdi. Ýetim-çä sataşdy. Ine, bu ketekde
hiç zat ýok. Ömrüňiz uzak bolsun, ýene hudaý seni iberipdir. Men gelmedik bolsam bu
çaga ne günlere sataşardy. Bu ýagy ýaly gyşda. Wah...
Şol wagt gapy şakyrdap açyldy-da ýapyldy. Kerwen aga muňa kän bir üns
bermedi.
Kempir gözýaşyny süpürip gapa çykdy. Soň Enäni çagyrdy. Ene işige çykyp, girer
ýerde girmedi. Ol bir erkek adam bilen hümürdeşýärdi. Kempiriň keýpi kökelipdi. Ol
gülüp gürrüň berýärdi.
– «Kyrk ýyldan gyran geler, onda-da ajallyny alar» diýipdirler. Hudaýa müňde
bir şükür. «Allam diýene garaşyk ederin» diýipdir. Ine geldim, barysy düzeldi. Odunam
geldi, däne-de geldi. Allajana döneýin, allajana...
Kempir ýene-de şumjardy:
– Wah, çagamyň bagtyny ýatyran ekenim. Ol ýerçeken gözümiň garasyny ne güne
salan eken. Wah, oňa Akga jan ýaly hudaýyň emel beren, hoşroýy duşsa bolmadymy?
Henizem şol neresse kyn günde goldan. Iki ýetim naçar derdimizi, dadymyzy kime
ýetireli.
Enäniň öýe girmegi bilen kempiriň sözüniň arasy kesildi. Gelniň sowuk çawlan
ýaňaklary çyranyň yşygyna gülgün öwüsýärdi. Kempir gyzynyň gözündäki begenji
derrew okady.
Ertesi meýdany ýukajyk gar örtdi. Kerwen aga düýeleri äkitmäge taýýarlanyp
otyrdy. Ilaman tüwesini çeşmeden suwa ýakyp getirdi. Şol wagt ýoldan Akga birgat
geçip barýardy. Kerwen aga oňa habar gatdy:
– Birgat, dur-la.
Akga ýüz-gözüni çytyp ýabysynyň uýanyny çekdi. Ýabynyň aýagynyň astynda it
gary jygyrdaýardy. Kerwen aga howludan ýola çykdy.
– Gurgunmyň Akga – Kerwen aga saglyk-amanlyk soraşdy. Akga haýbatly
gürledi:
– Iş kän, iş. Näme habaryň bolsa aýt. Eşdeli.
Kerwen aga kynlyk bilen gürledi:
– Habar-a inim, saňa bir zat aýtjakdym.
– Aýt-da, näme diliňden çekip almalymy.
– Ýok-la, neme-le inim, Sen... neme.
Akganyň bolmajysy boldy.
– Näme, neme, neme. Aýt-da, how, gutaran adam.
– Neme, inim. Sen indi gaýdyp Goçaklynyň gapysynda görünmeseň gowy bordy.
– Näme, näme?!
Kerwen aganyň gany depesine urdy.
– Seni Goçaklynyň gapysynda gaýdyp göräýsem, eýgilik isleme...
Akga atyny Kerwen aga has ýakyn sürdi. Ol gamçysyny silkip ujuny eline aljak
boldy. Emma bolmady. Gamçy Kerwen aganyň gözüniň öňünden şuwlap geçdi. Kerwen
aga azym bilen:
– Gamçyňy çek diýýän – diýip gygyrdy.
Ýaby Kerwen aganyň aýylganç sesine tisginip yza çekildi. Akga bir gapdala agan
telpegini bir eli bilen tutmaga zordan ýetişdi.
Ol Kerwen aga ýene-de ajysyny pürkdi.
– Kerwen, sen bir zady ýatdan çykarma. Goçakly ýetimçe seniň iki dogup bir
galanyň däl. Ene-de ýerden ýeke çykan uýaň däl. Sen öz günüňe gez...
Kerwen aganyň zarply sesi onuň azymyny basdy:
– Sen han, gowja bol. Gowja bol diýän saňa. Goçakly ýetimem bolsa seniň ýalylaň
müňüsine gaýra dur diýýändir. Sen namart ekeniň. Sende erkeklik tüýi ýok eken,
düşünýäňmi, sen heleýe meňzeýäň, han. Goçakly seniň ýeriňe galan bolsady, seniň törde
oturaňyňa göz gyzdyrmazdy. Sen ol gelni ýoldan çykarýaň. Munyň bolmyýa...
Akganyň aňyrsy bärik gelýärdi. Ýöne Kerwen aganyň gamçy ýaly şarpyldap
degýän sözlerini basaýjak awuly gep tapyp bilmese-de, ol hem içindäki ýygnanan
berçini daşyna çykardy.
– Sen Kerwen, maňa gowja bol diýen bolma. Meniň bagtym getirdi. Meniň
küşdüm ýöreýä. Hemme zat gyssam gysymymda açsam aýamda. Gelen wagty sürjek.
Goçakly ýetimçe kim, Ene kim. Enäni heleýimiň üstüne heleý edip aljak. Onsoňam bir
zady bil. Ganjyk guýruk bulamasa köpek sürünmez. Saňa men ara düşen Garaçomak
diýerin. Sen onsoňam ýene bir zady bil, Goçakly ýaly dönük bolanyň aýalyna el urma
däl, öýüni talasaňam azdyr...
Kerwen aga tisginip gitdi. Ol depesinden inen agyr daşy sowýan ýaly yza çekildi.
– Haý, gurrumsak diýsäni. Binamys, seni kemala getiren atany görüp, ýüzüne
tüýkürsemdim, şonda inim sowardy. Wah...
– Senjagaz, bilip goý, eger garaçomaklygyňy goýmasaň senem pronta ugrarsyň.
Onsoň nemisiň azysyna bir düşersiň, maslygyň ite-guşa şam etdirerin, onsoň seniň hol
duran enesiz toklyň ömür boýy yzylar yzyňda. Haýwan...
Kerwen aga bu agyr urga çydap bilmedi. Ol aşak oturdy. Akga brigadir bolsa bu
göreşde ýeňenine diýseň guwanýan görnüşde, it ýylgyryşyny edip, atyny dabaraly sürüp
gitdi.
5.
Dekabr düşdi. Günbatardan öwüsýän ýel içiňden, bagryňdan geçip barýardy.
Kerwen aganyň getiren oduny azalypdy. Mellekden ýygnalan bugdaý gün-günden
kemelýärdi. Urşa gidenlerden hat-habar ýokdy. Moskwanyň eteginde aldym-berdimli
söweş barýar diýip, gazetlerde ýazylýardy.
Ilaman sowuk ýele gagşap howla çykdy. Tüwesine ot berdi. Ol tüwäniň
myşşyldysynyň öňküsi däldigini aňdy. Tüwe urunýardy. Onuň kellesine goňşularyny
çagyrmak pikiri geldi. Onsoň howanyň sowugyny undup, çyplaňlygyna Enelere ylgady.
Bu ýagdaýy Enäniň ejesi Meretgüle habar bermek isledi. Ýöne öýde diňe Ene bardy.
– Gelneje, tüwämize bir zad-a bolýar. Ýöne myşylap dur.
Ene gözlerini güldürdi.
– Näme bolýar, ýüwürjijigim?!
Ilaman onuň sözleriniň äheňine ünsem bermedi.
– Öz-ä, ýaman horlanýar. Meretgül daýzama aýdaýalyla. Göräýsin-dä. Ýa dädemi
çagyraýsammyka?
– Häzir göreýin – Ene başyna köneräk çabydyny atyndy.
Ilaman eýýäm tüwäniň ýatagyna barypdy. Tüwe myslap urunýardy. Ol Ilamandan
haraý isleýän ýaly, oňa yňranýardy. Ene gelip tüwäniň halyny aňdy. Ol gelşiksiz
kikirdedi:
– Waý, Illi, ol-a guzlajak bolýar. Oňa azar bermesene. Aýrylsana.
Ilaman gyssandy.
– Ol ölüp barýar ahyry.
– Ýok, ölmez. Birinji garnyna kynrak bolýandyr. Adam görse gysylar, golaýyna
gelme, bar-bar, gir öýüňe.
Öýüň içi ýylydy. Ene işigiň golaýynda odunyň üstünde dyz epdi. Ol bir hyýala
gark bolupdy. Ilaman oňa habar gatjak boldy, ýöne çekindi. Sebäbi Ene gözlerini süzüp,
agyr oýa batyp otyrdy.
Ene bir zatlar aýtjak boldy, ýöne saklandy. Bir söz onuň bokurdagyna ýapyşýan
ýalydy. Ol ardynjyrady, ýöne bogazyny arçap bilmedi.
Ilaman ol bu aýraçylyga, ýeter-ýetmezlige gynanýandyr öýtdi. Ol Enäniň ýüzüne
ynjyly garady. Häzir onuň Enäni köşeşdiresi, oňa göwünlik beresi geldi, Birdenem,
Akga bilen kakasynyň arasynda bolan gürrüňi Enä aýdasy geldi. Ýöne ýetişmedi.
Gapyda at aýagynyň sesi eşidildi.
Ilaman ylgap gapa çykdy. Gapyda kolhozyň başlygy Anna aga atly durdy. Ol
Ilamana baş atdy.
– Ogul, gurgunmyň? Hany Kerwen?
– Dädem hyşa çapmaga ertirki gidişi.
– Sen, köşek, dädeňe aýt, meni şu gün dänim, görsün, kanturda boljak, bomy?
Ol atynyň uýanyny silkdi. At derwezä dyzady. Anna aga derwezäniň deňine
ýetende bir zatlar diýdi. Emma Ilaman eşitmän oňa garşy ylgady.
– Näme diýýäň, Anna däde?
Anna aga atynyň başyny çekdi.
– Tüwäň guzlapdyr diýýän, gölesini dänim, sowuga beräýme diýýän. Dädeň
gelýänçä dänim, göz-gulak bol diýýän.
Tüwe şondan soň Ilamanyň ýadyna düşdi.
– Gelneje, tüwämiz guzlady – diýip, howlyny ýaňlandyryp begençli gygyrdy.
Emma Ene ýokdy.
Erkek gölejik atan-satan bolup enesini gözleýärdi. Ýykylanda çöp-çör ýapyşan
şire-şepbeşikli tumşujygyny enesiniň garnyna, aýaklaryna süýkeşdirýärdi. Sarç tüwe
gölesini kellesi bilen itip, yza-yza süýşýärdi, ýykylyp-süýşüp ýören bu jandardan ürkýän
ýaly hyňranyp, gazygynyň daşyndan aýlanýardy.
Ilaman bu ýagdaýy synlap, çydam edip bilenokdy. Ol bir gölejige, bir tüwä
seredýärdi. Ol tüwäniň ýüpünden tutup, ony bir ýerde saklap, göläni emdirmegi ýüregine
düwdi. Emma tüwe baş bermedi.
– Degme, oglum. Azar berme, tüwäňe...
Ilaman kakasynyň boýnuna bökdi:
– Däde, gölejik, özem erkek.
Kerwen aga mylakatly gürledi.
– Bolaýypdyr oglum. Saňa hurşlujak bolar.
Kerwen aga tüweni kynlyk bilen sagdy, soň owuz süýdüni asdy.
Olar öýe ýaňy girenlernnde Anna aga ýene-de geldi. Ol atdan düşdi. Atynyň
uýanyny teläriň paýasynyň kelteräk hapbasyna ötürdi. Kerwen aga bilen iki elläp
görüşdi.
– Kerwen, amanlykmy? Saglykmy? Höwrem köp bolsun, akly bolupsyň.
Kerwen aga minnetdarlyk bildirip, ony öýe çagyrdy. Owuz süýtli gazana gözi
düşende başlygyňam keýpi göterilen ýaly boldy.
Ilaman saçak ýazyp, tabaga goýltmak guýup, ortada goýdy. Ýyljak goýltmak, ýer
ojakda bişen çörek üşäp gelenleriň agzyna bal bolup degýärdi.
Dymyşlygy Anna aga böldi.
– Kerwen diýýän-ä, ýagy ýaly gyşam-a dänim geldi. Uruşam-a gutararly däl.
Mallaryň ot-çöp ýagdaýam-a dänim, öwerli däl. Ot-çöp gamyny iýjeklerem puronda
gitdi. Şeýdibem, üstümizi basdyrdyk.
Kerwen aga agyr oýdan soň başyny galdyrdy.
– Gyşam-a geldi, bizem bar dänämizi soňlap barýas. Däne-de gerek, odunam
gerek, biz-ä kolhoza arkaýynlanýadyk. Olam şeýle bolsa, öz-ä kyn boljak.
– Wah, sen bir özüň dänim, hä diýmän ýaza çykarsyň-la. Puronda gidenleň
maşgalasyny diý, şolara dänim gerek, gallaňam, odunyňam, goldawyňam. Iň esasy
dagdaky dowarlaryň ýagdaýy kyn. Gyş ir düşdi.
Kerwen aga başlygyň näme diýmek isleýänine düşünmedi.
– Dowarlara dagda kyn bolsa, jülgä eňtermek gerek. Bärde her zadam, bir alajy
tapylardy.
– Wah, bu aldajy aýazda olary dänim, sürüp getirmede bar ahyry. Şonuň üçinem
däninim seniň ýanyňa maslahata geldim. Sen bir ýaz çykýança dowar üstünde bol. Ýaz
çyksa, onsoň dänim, uruş gutarsa, puronda gidenler gelse, seni jülgä eňtereris. Kerwen
aga ýere garady. Ol tutuk halda dillendi:
– Annam, bi, Illijanam-a ýeke bor weli...
Anna aga öz delilleriniň baryny orta dökdi.
– Wah, Kerwen, şu purant bolmadyk bolsa, seniň däninim, ýyly ýeriňi sowatmaga
dözjekmi men? Dag näme, häli-şindi gelip görnüp durmaly, iller dulundaky gelnini
taşlap däninim, bir süri çagasyny taşlap gitdi oduň içine. Seniň-ä ogluň ýigit ýetipdir,
tüweleme.
Anna aga sözüni has berkitmek isledi.
– Akga birgadam dänim, şol işi sen gowy oňararsyň diýýär maslahat salsam.
Ondanam dänim adam aljak bolsaň müň gürrüňiň başyny agyrdýar. Sen däninim, gardaş,
iliň oňlanyna hawwa diý. «Il oňlasa – atyňy soý» – diýýärler.
Kerwen aga oýa batdy. Ol Akganyň edip ýören işidir diýip düşündi. Soň gynançly
gürledi.
– Annam, sen, gelip aýtdyň, bes. Akgany ara sokma. Akgaň öwenem, syndyranam
maňa bir köpük ?
– O nämüçin?
– Aý onuň nämüçini ýok. Şol bar ýerinde men ýok. Şony bilip goý.
– Kerwen, sen dänim beý diýme Ol han ogludyr. Onuň däninim, adama ýamanlyga ýokdur. Sen ýalňyşýan bolaýma?!
Kerwen aganyň gahary geldi.
– Hawa-la men ýalňyşýandyryn. Ol-a etjegini edip ili-güni aýagyna ýapyşan
palçykça görmeli däl. Ýalňyşýanam men bolmaly.
– Sen dänim, Kerwen, Akga ýalňyş düşünme. Häzir dänim ile-güne buýurmaga
şonuň ýaly agyzly adam gerek. Uruş gidip dur. Hiç kimiň işläsi gelenok. Sen bolsa
däninim...
– Akga ýaly ýarak itler däl-de, ynsaply adam gerek, urşuň gidip duranyny sen
aýtmanyňda-da bilýän. Işleýän kileň göwni ýarym aýallar, garry-gurty. Olaň ýarym
göwnüni depelemeli däl-de, seýiklemeli, başlyk.
– Sen Kerwen gyzma, maňa seniň gyzanyňam däninim gerek däl. Hä, onsoňam
Akga ýaly işgär tapsam dänim, edil gözüme sürme etjek, sürme. Onuň dänim, prawlinýe
çlenidiginem unutma. Seniň ýalynyň dänim müňüniň gepinden onuň ýekeje ähemi
rüstem çykýandyr.
Kerwen aga-da gyzdy.
– Hawa, prawleniýe çleni fronta gidýäniň namysyny basgylamaly!? Şolaryň
yzynda galan naçarynyň ýeter-ýetmezinden, eli kelteliginden peýdalanyp, aýak assyna
salmaly? Seniňçe şeýle?!
– Kimmiş ol dänim, aýak astyna salynýan, biderek dänim, gürrüň etme, Kerwen.
– Sen başlyk, sen iliň öňbaşçysy, sen ilden öň bilmeli bu zatlary. Bilýäňem, bilip
aňyrsyna-da geçýäň. Ýöne senem dyzyňy çümmüklärsiň welin, giç bolar.
– Kerwen, men seni dänim beýledir öýtmeýärdim. Arada Akga seniň bu häsiýetiňi
dänim, ýanyp-ýanyp gürrüň berse-de ynanmandym. Akga dänim, hak diýen eken.
– Saňa hakykaty aýtsaň ýakanok. Gör, sen nähili bolupsyň. Gör, sen kime
ýapjalyk edýäň, Anna. Senem özüňi tanatdyň. Ýöne hemmesi üçinem hasap soralar.
– Bes et. Bes et, sen däninim gep çagaladyp oturmaňy. Buýtar-suýtaryňy goý-da,
ertir goýna ugra, gürrüň dänim, gutardy.
Başlyk gapyny gazap bilen açyp çykyp gitdi. Kerwen aga atyşgir bilen ody
dörjeleşdirýärdi. Oduň gyzgylt ýagtysyna onuň göreçleri lowurdap gidýärdi.
Başlyk bilen kakasynyň arasynda bolan gürrüň Ilamana uly urgy boldy. Ol
kolhozyň başlygyny beýle adamdyr öýtmeýärdi. Ol diýseň mylakatly, mähriban adama
meňzeýärdi. Ilamanyň göwnüne bolmasa, indi ol Akgadanam beter hyrsyz, dik-düşdi
adamdy. Ol bu gün uruş başlanaly bäri bu öýde birinji gezek bolmaly şatlygyň mazasyny
alypdy.
Ilaman gazandaky sowap giden goýltmaga parhsyz garaýardy. Ilkinji garnyna
guzlan tüwe-de, ýaňja ýöremäni öwrenen gölejigem onuň üçin gyzyksyz, adaty zada
öwrülipdi.
Ol okara-okara goýltmagy goňşulara, öýbe-öý paýlajakdy. Goňşylaryň
alkyşlaryny alyp, olary öz begenjine şärik etjekdi. Emma arzuwyna ýetip bilmedi.
Ertesi Kerwen aga daga gitmedi. Sebäbi başlyk gidenden soň, Kerwen aga oýa
batyp köp oturdy. Soňra has ir turup raýona gitdi. Ol ýerden gaty giçlik dolanyp geldi.
Agşam ol daga niýetläp bişiren çöreginiň iki sanysyny saçaga saldy. Tüňçe-käsäni
çykardy. Soň az-kem gowzan çal horjuny dula süýşürdi.
Kakasynyň bolşy Ilamany hem gozgalaňa saldy.
– Köşek, sen ullakan adam çykdyň. Mert bol-da maňa gulak as.
Ýaşuly ýere garady. Oýlandy. Ol bu güne öňdenem garaşýan ýaly, şonuň üçin
niýetläp goýan sözlerini bu gün aýtmaga çemlenip, indem ýumagyň ujuny tapmaýan
ýaly bolup otyrdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 04
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.