Latin

Uzak uzak ýyllar - 07

Total number of words is 3865
Total number of unique words is 2136
32.2 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dymyk, agyr koky kükäp duran ýorgan-düşekdenem iripdi. Onuň daşaryň howasyndan
dem alasy gelýärdi. Ol meýdanyň gyrmyzy sary reňkini görüp ýatyrdy. Gyz wagty
ertirden agşama çenli gelinler bilen gülşüp, degşip işlän ýerlerini göresi gelýärdi.
Ol şeýle süýji arzuwlar bilen irkilenini duýman galýardy. Düýşünde bolsa dünesi
düzüw. Ine, Myratly Nursoltanyny bökdürip, ala ýaz bolup otyr. Aýsoltanam olara
goşulyp, jagul-jugul gepläp otyr. Özi bolsa hemişe tamdyryň başynda. Ol birden munuň
düýşüdigini düýşünde duýýardy. Çöregim ýanaýmasyn diýibem tisginip oýanýardy.
Oňa ýatuw ýokdy. Ukynam aryp işden gelip, dünýäni düzüwläp alsaň.
Nursoltanjyk Sülgüniň derdiniň üstüne dert goýupdy. Ol gyzy barada däl-de,
adamsy barada oýlanypdy. «Sülgünim, çagalary saňa tabşyrýan, olary hor etme,
gelerin». Bu sözüň astynda uly ynam bardy. Ýöne adamsynyň ynamyny ödäp bilmändigi
baradaky oý ýaş gelniň içini it bolup iýýärdi. Ol Myratlysyny getirýärdi. Oňa bu ajy
habary telim dürli edip aýdýardy. Emma adamsyny ynandyrar ýaly, özüni aklar ýaly
delil tapmaýardy. Myratly ýigidiň gülüdi ahyry. Sülgün onuň nähili mert ýigitdigini
göre-duýa durmuş gurdy ahyry. Ol onuň ejesine hossar boldy. Ony eliniň aýasynda
saklady. Jaýyna göçüp geldi. Ejesine ogul boldy. Ölen wagty nähilliler edip jaýlady.
Ejesi pakyr gidende müňdebir razydygyny aýdyp, dünýeden ötdi.
Aýsoltanjyk bolanda: «Ejemiň ady geldi» diýip, Sülgüniň ejesiniň adyny dakdy.
Indem oglum bolsa «öz dädemiň adyny daksam» diýdi. Gyzy bolanda hasam begendi.
«Ejemjanyň ady geldi diýdi». Ol ýene-de ogla garaşýardy. Uruş gelip ara gör, nähili
sowuklyk saldy. Hany onuň Nursoltany... Ol zordan ejesine ýetipdi. «Ejem! Ejem!»
diýip nähili görýärdi, gyzyny...
Wah, bu belalar bolmadyk bolsa Sülgün ýylda birini dogrardy. Myratlynyň göwni
bitse bolýardy...
Ol şu oýlaryň aňyrsyna ýetip bilmeýärdi. Bu oýlaryň düýbi deşikdi, aňyrsy ýokdy.
Şol gidip oturmalydy. Näçe aňry gitseň täze-täze garaňkylyklar başlanýardy.
Sülgün bolsa şol gidip barýardy, gidip barýardy. Ony ukusy, ukusynda-da diňe iki
zat biynjalyk edýärdi. Bir-ä, çöregi ýanyp barýardy, birem «Myratly eýýäm gelen
bolaýmasyn, meni oýarmaga dözmän oturan bolaýmasyn» diýen pikir biynjalyk edýärdi.
Ol ýene-de uka gitdi.
Gapy jygyldap açyldy. Içerik çöregiň ysy ýalp edip, ýaýrap gitdi. Sülgün bir
tamdyr çöregi saçagyň üstüne ýaýratdy, her haýsy günüň bir tegelegi ýaly ýalpyldap,
gözüňi gamaşdyrýan çörek. «Gurbanyň bolaýyn çörek. Haýsyndan döwjek bulaň».
Sülgün döwmäge dözmedi. «Goý, Myratly döwsün». Ol çöregiň ysyndan doýupdy.
Birden onuň ýüregi akyp gitdi. Indi näçe gün bäri duz datmadyk, nem emmedik içegeleri
jugurdaşdy Ol tutuş bir çöregi eline aldy. Ep-esli döwüp agzyna saldy, ýene-de döwüp
aldy, ýene-de... Ol çöregiň azalýanyna gynanýardy. Emma saklanyp bilenokdy. Ýenede birini eline aldy...
– Gelneje, gelneje – Ol nätanyş sese oýandy. Alasarmyklykda Ilamany tanady.
– Gelneje, ýatyrmyň?
Ilaman ýylgyrýardy.
Sülgün özüne geldi. Ol gözlerindäki çalymtyl gyzgylt perdäni gaýta-gaýta
süpürdi. Ol gözlerine ynanmady. Birwagtky bägül ýaly näzik ýaňakly, läle gözli mährem
oglanjyk däl-de, çekgelerinde etleri tokgalanan, ýaňagy ýanan, maňlaýyna agyr günleriň
möhri düşen ýigitlige-de ýetmedik adam durdy. Gözleri welin şol çaga gözlerdi. Şol
Ilamanyň gözleridi.
Sülgün uýaldy. Ol ýorganyny çekişdirdi.
– Gel, Illijan, geç – Ilaman çarygynyň bagyny çalt-çalt çözüşdirdi. Soň töre geçdi.
– Gelneje, näme bolýar, saňa?!
– Wah, gelnejeň gursun. Bir döw-ä çaldy. Ýerimden galyp bilemok, didäm...
Nämediginem bilemok...
Ilaman goltugyndan ýarty çörek çykardy.
– Gelneje, çörek getirdim. Men brigadada işleýän. Çörek, ýarma berýäler. Bu gün
has köp berdiler. Onsoň saňa alyp gaýtdym.
Sülgüniň gözleri ýalpa açyldy. Onda nähilidir bir ägirt güýç emele geldi. Çöregi
garbap alasy, ysgap-ysgap göresi geldi. Emma ejap üstün çykdy. Eli uzamady.
– Men häzir saňa çaýam gaýnadyp bereýin – Ilaman böküp turdy. Bir goltuk odun
getirip peji otlady. Öýlerindäki suwdan getirip, tüňçäni peje oturtdy. Öý ýyladady. Yskok, çygyň dymyljyk ysy ýom-ýok boldy.
Ilaman jübüsinden düwünçek çykardy. Ondan böwürsleniň guradylyp, owradylan
ýapragyny alyp lakyrdap gaýnaýan tüňçä birki çümmük atdy.
– Ine, şunam saňa getirdim. Böwürsleniň ýapragy. Çaýy gowy bolýar.
Sülgüniň gözüne ýaş aýlandy.
– Arkadagym, Illijan, bu ýagşylyklaryňy nädip gaýtararyn, didäm...
Ilaman çaý demledi. Sülgün çaýly käsä batyrýan çöregini çeýnemän ýuwudýardy.
Gaýta-gaýta düwünýärdi. Ol döwüp alan çöregini iýip bilmedi. Gyzy Aýsoltan ejesiniň
eline topuldy:
– Mekki, mekki. Iýme – Sülgün ýene-de ýuwdundy Ilaman jübülerini sermeşdirdi.
Ol keýik aşygy ýaljak çörek çykaryp, Aýsoltana uzatdy. Emma gyzjagazyň sesi
ýatmady.
Şol wagt öýe Meretgül, girdi. Ol öýdäkileriň howalasyny basdy. Sülgün
ýaşmagyny agzyna çekdi-de ýygnanyp oturdy. Aýsoltanyň garaja gözlerindäki ýaş
damjalary monjuk ýaly bolşup doňup galdy. Ilamanyň ýadyndan çykyşan ýaralary
sorkuldap başlady.
– Manmy, mansaglykmy, a gyz – Meretgül samyrdap iç işige çökdi. – Soň
Ilamana garady:
– Waý, toba, hudaýym, ölmedik adam her haýsyny görjek eken, gyz – Ol Sülgüni
tutundy. – Gor, muny. etäňedi gör. Iki naçar bolup aglap-eňräp, görgimizi görüp ýörüs.
Bu bolsa... – Meretgül ýaşmagyny ýalady. – Aý, musurman çagasy, sende bir rehimşepagat bolmazmy? Sen bir erkek oglan ahyry, ýeňil aýak, kömek beräýmel-ä, geläýmelä...
Ilaman näme diýjegini bilmedi. Ol Sülgün gelnejesiniň önünde goýan çaýly
käsesine büdräp ýerinden turdy.
Häzir onuň arkasynyň agyrysy bütin endamyna ýaýrap, ýüregi larsyldap urýardy.
Ol öýlerine ugrady. Enäniň ejesiniň yzyndan gelýänini görüp, ýüki has hem agraldy.
Arkasynyň ýaralary bolsa «men bar, men bar» diýip larsyldap durdular.
Ilaman garaňky ýagşy düşýänçä ýaprak ýygdy. Soňra ýapragy bir topbak edip,
ýüpe çykady. Onam arkasyna aldy. Emma bolmady. Ol gyzgynyna inçejik ýüpi egni
bilen batly dartyp dyzasa-da, netije çykmady. Gaýta, elhenç agyry gözlerinden gözýaş
paýratdy Ol ýene-de oturdy.
Ilaman arkasynyň awusyna çydap, ýaprakly topbagy dyzanaklap, dyzanyp ýenede arkasyna aldy. Yranyp, yranyp ýerinden galdy, soňra emaý bilen ýöräp ugrady.
Ol ýöräp barşyna dişlerini berk gysýardy. Arkasynda larsyldaýan ýaralar gyzyp
awuşaýardy. Gürsüldäp-gürsüldäp gidýän ýüregi «Otur, otur, otur!» diýip, onuň erkine
badak atýardy.
Ilaman dişini hasam batly gysdy. Dişiniň agyrysy näçe güýçli bolsa-da ýüreginiň
gürsüldisinden üstün çykyp bilmeýärdi. Ol dodagyny dişledi. Dodagynyň awusy ýürege
ornady. Şol arada ýüregine sowuk-yk salmak üçin pyşyrdap gürledi. «Häzir şo-ol salma
çenli ýöräýin, soň oturaryn!» Salma ýetensoň aňyrky uly kesegi belledi. Kesege
ýetensoň bellemäge pellehana gözläp töweregine gözledi. Ol uly ýola golaýlan wagtam
gözleri ýalpyldap, tüwdürlip gitdi.
Güpürdä ýoldan geçip barýan kimdir biri «Waý» diýip seslendi. Soň tuduň
ýapragyny şagyrdadyp bäri gaýtdy.
– Ilaman, Ilaman! – Ol ýapragy beýlä agdaryp, Ilamany ýerden göterdi. – Illi jan,
näme boldy! – Ol Üzümgüldi.
Ilaman hyklap urundy, dyzanaklap ýerinden galjak boldy.
Üzümgül onuň köneje gulakjynyny kakyp başyna geýdirdi. Soňra arkasyndaky
gumy kakjak boldy. Eli öle degip tisgindi.
– Aý, oglan, arkaňa näme boldy – Ilaman awap Duran ýagyrnysyna el degensoň
hasam buruldy.
Waý, degme, degme, mugallym! – Üzümgül ýygrylyp gyra çekildi. Soň aýal
dözümsizligi bilen oglana garady.
– Arkaň öl suw-la, seniň. Ýa-da...
Üzümgül Ilaman ýykylanda sypjyrlandyr öýtdi. Soň ol Ilamanyň alaja çit
köýnegini dözümli galdyrdy. Ilaman ýene-de iňläp, buruldy.
Oglanyň arkasy joýa-joýa ýara bolup durdy. Ýaranyň ýüzi sypjyrylyp,
ganjarypdyr.
Üzumgül ony görüp özüni aşak goýberdi.
– Näm boldy muňa, aýt ahyry.
Ilaman ony kösemek islemedi.
– Aý, neme, Akga birgat arkama gamçy bilen urdy – diýende onuň damagy doldy.
Üzümgülüň gözleri petredi:
– Haçan urýa, ol eli ysmadyk?
Üzümgül onuň jogabyny diňlemedem. Ol tekizräk ýerde oturyp, Ilamanyň
kellesini dyzynyň üstünde goýup, onuň arkasyny emaý bilen sypalaşdyrdy. Ilaman
gozganmady. Bu oňa şeýle hoş ýakýardy. Onuň ýüregindäki gam-gussa, agyry-ynjy
gözlerinden damja bolup suwa mätäç bolup ýatan topraga damýardy. Şol wagtam
nirelerden bir ýerden boýnuna, kellesine damýan hünjüleriň ýylysyny ýüregi bilen
syzýardy.
Üzümgül zol-zol:
– Ejize ganym, näkes. Heý, beýtmek bormy? Ejize ganym, näkes! – diýýärdi.
Ol Ilamanyň kellesini dyzynyň üstüne alyp, arkasyny sypalap oturyşyna, birden
özüne gelen ýaly boldy. Kimdir biri adyny tutýan ýaly boldy. Üýşerildi.
– Il-lu-u-uw, adyň ýitsin-u-u. – Bu gygyrýan Meretgüldi.
Ilaman oýa çümüpdi. Ol mugallymynyň gozgalaňa düşenini duýup özüni tutdy.
Az-kem dynç alany üçin onuň süňňi ýeňläpdi. Dyzlaryna gurbat gelen ýaly bolupdy.
– U-u-uw – Meretgülüň gyryk sesi onuňam gulagyna ildi. Ol ýapragy säginmän
arkasyna aldy. Ýük hälkiden ýeňläpdi.
Tutlukdan çykan ýerlerinde Meretgül garaşyp durdy. Ol oglany görüp ýüregi
ýarylan ýaly boldy, ýöne Üzümgüli görüp sesini çykarmady.
Üzümgülem, Ilamanam olara golaý baranlarynda gapydaky ýabyny gördüler. Ol
Akganyň ýabysydy.
Ertesi günorta çaglary Ilaman işden gyssanyp gaýtdy. Onuň biline daňan ýüpi her
sagat gurçuga ýaprak ýygmalydygyny duýduryp durdy.
Ol tutlugyň bäri gyrasyndan bir arka ýaprak ýygyp, arkasyna alyp Enelere bakan
ugrady. Howa diýseň gyzypdy. Tutlugyň içi bolsa hasam dymykdy. Şonuň üçin-de
Ilamanyň tuduň kölgesine çökesi, az-kem irkilesi gelýärdi. Yssy howa, boýnuňy ýakyp
barýaň der ýüregini darykdyryp, göwnüň diňe salkynlyk küýseýärdi.
Ilaman ep-esli ýöräp, bir salymjyk dynç almak üçin uly tuduň kölegesine çökdi.
Agyr ýükden boşanyp, salkyn saýa ýeten beden häzir aýdyp bolmajak lezzeti alýardy.
Oglan özüni dürsedi. Ýene-de ýüpi boýnundan alyp çekdi.
Şol wagt kimiňdir biriniň gülküsi ýakynjakdan eşidilen ýaly boldy. Ilaman
gulagyna ynanmady. Indi gülki goşalanyp çykdy. Özem aýal adamyň, hemem erkek
adamyň gülküsidi.
Ol ýüpi gowşadyp ýerinden turdy. Soň ýapragy goýup, gülküniň çykýan tarapyna
ýuwaşja ýöredi.
Ilamanyň ýüregi gürsüldäp gitdi. Uly tuduň golaýjagyndaky üzüm çyrmaşan garry
tuduň aşagynda otuň üstünde Ene bilen Akga brigadir otyrdy.
Akga brigadir Enäni gujaklap, bir zatlar diýýärdi, Ene bolsa jak-jaklap gülýärdi.
Ilaman edil ogurlykda tutulan ýaly boldy. Ol bulara seretmegem uslyp bilmedi.
Ýöne onuň titräp duran aýaklary ädilmejek bolýardy. Şonda-da gaýrat edip, ýygan
ýapragynyň ýanyna geldi. Emma arkasyna alyp bilmedi. Olar henizem gülşüp gürleşip
otyrdylar.
Ilaman olaryň deňinden geçmäge utanýardy. Şonuň üçin ýene-de ep-esli garaşdy.
Emma işe-de ýetişmelidi. Gurçugyňam ýapragynyň gutaran bolmagy ahmaldy. Şonuň
üçin-de, özüne zor salyp ýerinden turdy. Agyr-agyr ädimläp olaryň deňinden geçip gitdi,
ýöne ýekeje gezegem şol tarapa garamady. Barybir, Akganyň Ene bilen gysmyljyraşyp,
hahahaýlaşyp gülşüp oturanlary onuň gözünden gidenokdy.
Ilamanyň ýüregi gussadan doldy. Ol ýaşly gözleri bilen Enäniň keşbini ýadyna
saldy. Öňki Enä derek solak, bihaýa keşp onuň gözüniň öňünde dikeldi.
Şol günden soň onuň Enä bolan hormaty öçdi. Onuň çaga ýüreginde ýene-de bir
adamyň orny boş galdy.
Kauçuk ýaşajyk ýowşan ýaly bolup, gün-günden boý alýardy. Şeýle möhüm
ähmiýetli zat bolansoň, keleme, bugdaýa tutulmaly suwuňam ilki bilen şoňa tutulýan
wagtlary az bolanokdy. Onuň otuny otamaga, düýbüni ýumşatmaga aýratyn üns
berýärdiler.
Aslynda bu ösümligiň şu töwereklere ilkinji gezek ekilişi bolansoň, baý «näzini»
çekýärdiler. Raýondan yzygiderli gelýän wekiller ilki bilen şol plantasiýa aýlanyp
görýärdiler.
Anna aga günde bir, kä gün bolsa iki gezegem şu ýere aýlanýardy. Ol bu günem
kauçuk plantasiýasynyň gyrasynda atdan düşdi. Soňam göni Ilamana bakan gaýtdy.
Ilaman Anna aganyň Akga brigadirli meselede kakasyna azgyrylanyny
undanokdy. Şonuň üçinem ondan daşrak bolanyny kem görmeýärdi. Ol kakasy fronta
ugrajak bolanda başlygyň gelip gideninden habarsyzdy. Şonuň üçin, häzirem
süňňündäki gorkynyň ygtyýaryna berlip gidere ugur gözledi. Başlyk bolsa ýetip gelipdi.
Ol alaçsyz salam bermeli bolupdy.
– Maleýkim, essalam, tüweleme, Ilamanjan, sen dänim ullakan ýigit bolup barýaň.
Berekella köşegim, berekella – Başlyk kellesindäki tüýi gytygrak telpegini depesine
süýşürip, derden ýaldyrap duran maňlaýyny gamçyly eliniň bir barmagy bilen syrdy.
Ilaman barmaga ilen der damjalarynyň düşjek ugruna garşy seretdi. Ýöne damja
syçramady.
– Oglum, by, Üzümgül gelin bir zat diýdi. Akga brigadir dänim gamçy bilen seni
saýgylapdyr – diýdi. Bu dogry gepmidir?
Ilaman ynjyly gürledi.
– Arkama urdy. Henizem yzy gidenok.
Başlyk onuň köýnegini galdyryp arkasyna seretdi. Soňam hiç zat diýmän atyna
bakan ugrady.
Aňyrrak baryp ýene-de yzyna öwrüldi.
– Sen arkaýyn işläber, elini dänim batyran bolmaz...
Ilamanyň arkasyna gamçynyň salan tasmasy Anna aganyň ýüregini endiredipdi.
«Heý, neresse çaganam beýdäýmek bormy? Bu adamyň ýüregi daşdanmyka?
Özem-ä indi ep-esli ýaşan adam... Häk, Kerwen, Kerwen men seniň göwnüňe dänim,
biderejik degdim-dä, gardaş. Seniň dänim, aýdan kepiň ýüregimden haçan çykar indi.
Ýürege dänim, çykmajak dert-hä salansyň, gardaş...»
Anna aga Akga brigadiri göz öňüne getirdi. «Işenir, agyzly – diýip dänim
depämize çykaraýdykmy?»
Ol atynyň başyny çekdi. Birki günlükdäki bolan wakany ýadyna saldy.
...Uruşdan ewakuirlenip, «Ynkylap» kolhozyna getirilen çagalara seretmäge
birneme ýaşrak, mugallymçylykdan, rus dilinden başy çykýanrak zenan maşgala-da
gerekdi. Şonuň üçin Anna aga raýona gidip magaryf bölümi bilen ýörite maslahatlaşyp,
bu ugurda kömek bermeklerini sorapdy. Şonda oňa Üzümgül mugallymy salgy
beripdiler.
Başlyk Üzümgüli görmek niýeti bilen Çynarla barypdy. Habaryny aýdansoň,
öňem uruş turaly bäri yzygiderli okuw geçirip bilmän ýören Üzümgül bu işe gitmäge
göwünjeň razy bolupdy. Anna aga şonda bu gelniň dogumlylygyna haýran galdy.
– Başlyk, öz aýagyňyz bilen geldiňiz. Meniňem size bir aýtmagy niýet edinip
ýören zadym bardy. Ýörite ýanyňyza barjakdym özem.
– Sen, dänim, çekinme, gelin...
Üzümgül onsuzam çekinip duranokdy. Ol öňden bäri ýüreginde dykyn alyp duran
gazabyny howlukman, sowuklyk bilen söze geçirdi.
– Anna aga, il-bende gara günde. Özüni oňarýanymyz gan döküp ýör. Aýal-ebtat,
garry-gurty, çaga-çugasyna çenli gara günde. Asyl azgynçylyk ýadyňa düşer ýaly däl...
Başlyk howlukdy.
– Sen dänim, gyzym, daşdan aýlama-da, diýiber...
Üzümgül gazabyna näçe bäs gelip bilmese-de, göwnündäkini birbada aýdyp
bilmedi. Olam gyssandy.
– Diýip, diýmez ýaly zat ýok bu ýerde. Siziň Akga brigadiriň edip ýören
azgynçylygyny görmän ýörşüňize biz-ä haýran.
Başlygyň gabaklary sallandy. Ol öz adyna aýdylan tankytdan däl-de, brigadire
ýöňkelýän myjabatdan gorkdy. Ýöne gürrüňiň arasyny bozmady. Üzümgül özüniň
gepini subut edip bilmez öýtdi.
– Indi näçe wagt bäri Goçaklynyň gelni bilen-ä masgara bolşup ýörenlerini uly il
gürrüň edýä...
– Sen, gelin, iliň gürrüňi bilen gürrüňli boljak bolma. Il agzyny...
– Il gürrüňi däl, şonuň atynyň Eneleň işiginde duranyny özümem telim gördüm.
Onsoňam iliň ýok gürrüňi tapyp, ony süýndürip, sarkdyryp ýörere şu wagt elem
degenok. Düýbünde bir zat bolmasa gürrüň edilmez.
Üzümgülüň gaşlary çytyldy.
Onsoňam, Kerwen aganyň ogly bir neresse çaga. Golundan gelse, ýok, hökman
kömek etmeli adamyň biri şol. Kömekden-ä geçen, ony ne günlere salypdyr.
Başlyk parhsyzrak gürledi.
– Ol oglan dänim, allanäme işläp ýör ahyrym.
– Senem başlyk, ol oglan işläp ýörende-de, git-de arkasyny bir gör. Heý, ynsan
balasyny beýtme bolarmy? Kerwen aga bolan bolsady, onuň dyrnagyny döwdürermidi.
Üzumgül janykdy:
– Atasy frontda, garawsyz galdy diýip etjegiňi ediberer ýaly, ýurdy alahekge
soranok. Kolhoz çäre görmese, çäre görjek tapylar. Ýöne size dadymyzy aýtman, kime
aýdaly.
Anna aga Üzümgüli köşeşdirdi.
– Sag bol, gyzym! Sen dänim, maňa gowy ýatlatdyň. Şu zatlary aýtdyrman özüm
duýmaly, görmeli. Ýöne dänim, bolýamy. Sen, gaýrat et dänim, şol çagalara göz-gulak
bol. Bu zatlaň ugruna, özüm dänim gowja çykaryn...
Üzümgül mert maşgala diýip, Anna aga häzir şol gürrüňi ýatlap oturyşyna
oýlandy. «Gaty hak aýdypdyr. Kerwen oglunyň beýle-beýle bolmagyna dözermidi. Heý,
beýle-de bir dänim, naýynsaplyk bormy?»
Ol özüne käýindi:
«Birine ynananymda dänim dagyň sili ýaly yňdarylmalymy diýsene. Şonuň
gepine gidip Kerweni ynjydanymam adamçylyga sygjak zat däl ahyryn. Indi bütin
ömrüňe dert çekde ýör».
Başlyk Ilamanyň ýanyndan gaýdansoň, göni Akganyň brigadasyna gitmegi
ýüregine düwenem bolsa, häzir başga hyýala mündi. Ol atyny Çynarla sürdi.
Enäniň öýdeligi başlygy geň galdyrdy. Ol ýaş gelniň lowurdap duran ýüzüne, bu
günleriň ýagdaýynda has ýiti görünýän üst-başyna göz aýlady. Ýöne gürrüňi esasy
meseleden başlabermedi.
– Gelin, gurgunmy, saglygyň ýagşymy?
Ene ýaşmagyň aşagyndan «ýagşy» diýse-de aljyrady. Ol başlyk üstüne geler diýip
garaşmadyk borly. Özüni ýitirdi. Ýöne başlyk gepi kän daşdan aýlap durmady.
– Işde, beýlekide dänim, görünmänsoň, jany beri sagmyka? – diýip, dänim
gaýdyberdim. Sen-ä tüweleme, guraw ekeniň. Onsoň haçan işe çykjak?
Ene ýaşmagynyň agzyndan gaçanynam duýmady. Ogurlykda tutulan ýaly bolup
durşuna:
– Haçan git diýseňiz gidäýerin – diýip erksiz pyşyrdady.
Başlygam soňky sözüni aýtdy.
– Häzir ugra işe. Sebäpsiz ýeke günem galma. Sen dänim, çaga däl ahyryn.
Hemme zady diýip-aýdyp etdirer ýaly. Çagalar dänim, çyr-çytyr bolşup, meýdanda
ýatyp, meýdanda turýar.
Anna aga gazabyny ýabysyndan çykardy. Ol Akgaly gürrüňi soňa goýmakçydy.
Şonuň üçinem atyny göni kontora garşy sürdi. Ýöne ýolda Çynarla bakan gelýän
Akgany görenden soň welin gazabyna bäs gelip bilmedi. Ol hemişe kimdir biri gelýän
bolsa atyny saklap, garaşardy. Saglyk-amanlyk soraşardy. Ýöne bu gün beýtmedi.
Ýabysyny Akganyň göni üstüne sürdi. Bara-barmana-da sowala tutdy.
– Birgat, ugur nirä?
Akga başlygyň ruhunda nähilidir bir özgerişiň bardygyny aňdy. Şonuň üçin
sypjyklyk edip jogap berdi.
– Başlyk, seniň bilen iş barada maslahatlaşjak zadym bardy. Ýany «puront erige»
barsam, sen Çynarla geçdi diýdiler. Onsoň yzyňdan baraýyn-la – diýip gelşim – Häzir
Akga ýalan sözleýärdi. Ol Enelere barýardy. Onuň «front erige» baranam ýalandy. Ýöne
başlyk onuň bu gepini alga alyp durmady.
– Mesladyň bolsa, dänim, kantura bar. Ýöne häzir sen maňa jogap ber. Kerweniň
ogluny näme diýip, dänim beýtdiň?
Akga aljyrady. Ol başlyk bu zatlardan habarlydyr diýip, asla pikirem etmeýärdi.
Bu gürrüňler başlygyň gulagyna ýeterem öýtmeýärdi.
– Jogap ber! – başlygyň sesi zarply çykdy. – Ony eklediňmi, sakladyňmy? Sen
dänim, semräp ýörsüňmi? Ýa edenim öz ýanymdan gider diýip dänim, oý etdiňmi, hä?
Akga näme diýjegini bilmedi. Ol ýalbarmagy ýüregine düwdi.
– Adyňa döneýin, başlyk. Öwliýä kessin. Heý, men oňa elimi degirjekmi? Men,
ýok, ol gurçugy taşlap işanlaň ýerine işe gidipdir. Onsoň, hol Enäniň ejesi, hol Goçaklyň
gaýyny-laý, aglap dur. Menem: «aý, inim, beýtme, işleseň iş tapylar, sen bir entek
gurçugy sowuş diýsem, ýaňky, hol Akjagülüň ogly Hudaýberdi bilen topuldy üstüme. –
Akga suwjuk ýylgyrdy. Soň kellesini silkeläp gürrüňini dowam etdi – Menem oýun edip
gamçymy bulaýladym welin bijaýrak degäýipdir. Soň duýup, gynandym. Bu gürrüňler
saňa ýeter diýip kelläme-de gelenok. Aý, bolan zat ýog-a diýip ýörün.
Başlyk sesini çykarmady. Ol häzir Akganyň gepine ynananokdy. Asyl indi onuň
garşysynda duran öňki Akga brigadir däl ýalydy. Şonuň üçinem ony burça gysdy.
– Bi, Ene-de dänim, seniň üstüňe topulyp durmy?
Akganyň çaşy gözi çerreldi.
– Haýsy En-äý, ol – Anna aganyň ýadyna oýnuň düşmeýändigini görenden soň
welin, ýeli çykan tulum ýaly myssardy. Ýöne ýene-de sypjyklyk etdi.
– Öwlüýä kessin, Anna agajan, indi näçe wagt bäri şolara ysymam düşen däldir.
Dogry, ýaza golaý birki sapar çaý içip gaýtdym. Soňam dogrusy, iliň dilinden gorkup
barmamy düýpden kesdim. Aý, dogrusy gowam däl-däý. Äri ýok, aty ýok öýünde...
Anna aga Akganyň gepine ýene-de ynanmady. Şeýle- de bolsa, onuň ýüzüne hiç
zat diýmedi. Ýöne gürrüňi welin has gazaply jemledi.
Sen gepiňi ýandaklyga urup dursaňam, bir zady bilip goý. Mundan beýläk dänim
beýle zat eşidilse menden gaty görme. Onnaň dänim, gowy bolmajagyny özüň bilýänsiň.
Şu obada garaň dänim, görünmesin. Işiň, aladaň ýokmy? Brigadyňy taşlap bu ýerde
gezip ýörer ýaly. Galanynam soň göreris.
Başlyk ýabysynyň böwrüne gamçy çaldy.
5.
Tomsuň ahyrlarynda iş hasam gyzyşdy. Kauçuk ýetişdi. Ol «front meýdany»
tutup, agaryp ýatyrdy. Aýallar, çagalar, ýowşan ýaly, ýöne has agyrak, düýp-düýp
ösümligi oraklap, kätmenläp düýbi bilen köwläp alyp, desse-desse edip basyp
goýupdylar. Indi ony raýon merkezine daşamak galypdy. Bu meseläni çözäýmek aňsat
däldi. Arabalar aty, öküzi bilen fronta diýlip ugradylypdy. Arkaň bilen äkiderdenem
raýon merkezi daşdy. Äkideýin diýseňem adam güýji ýokdy. Şonuň üçin-de bu gün
«front erige» Anna aga has ir gelipdi. Ol näme etmelidigini kolhozçylar bilen
maslahatlaşmakçydy.
«Front erigiň» aşagy günorta boldugy toý mähellesini ýadyňa salýardy. Ilaman şu
erigiň töweregindeň owadan meýdan hiç ýerde ýokdur diýip oýlanýardy. Günortanyň
jöwzasy kauçuk ösümliginden ap-ak bolup ýatan meýdana ýaşylymtyl, gyzylymtyl reňk
çaýýardy.
«Front erigiň» günorta gapdaly bolsa gözýetime çenli oraga gelen bugdaýly
meýdandy.
Arpanyň orulmagy, bugdaýyň ýetişmegi bilen adamlaryň şähti açylypdy. Indi
işgärler üçin her günde üç tamdyr çörek bişirilýärdi. Her kime ýarty çörek berilýärdi.
Düýn bolsa her kime ýarty bedre arpa uny paýlanypdy.
Anna aganyň aýtmagyna görä, ýagdaý mundan beýläk erbet bolmaly däldi. Öňde
duran esasy wezipe bolsa ýetişdirilen hasyly çaltrak ýygnap döwlete tabşyrmakdy.
Şonuň üçin-de, başlyk hasyl ýygnalýança, bolmasa gije-de birneme işlemegi haýyş etjek
bolýardy. Gündiz hasyl ýygnalsa, agşamam raýona ýük çekilse iş bitjekdi. Başlyk
adamlara häzir agram salmaly däldigine düşünýärdi. Ýöne nätjek, döwür agyrdy. Gün
kyndy. Gündiz sütüni süýnen adamlaryň agşam ýük çekmäge eliniň degjegem heniz
belli däldi. Ýöne nätmeli, ugruny tapmaly-da, başyny bir başlap bolsa, agşam edilen iş
ertir görseň biri edip beren ýaly boljakdy. Adamlar şony bir duýsa, galany bitjek gitjekdi.
Başlyk munuň üçin häzir köpçülige sala salmagy niýetine düwüpdi.
Günorta arakesmesinde arpa unundan bişirilen çörek bilen gowurdakly bugdaý
ýarmasy adamlaryň gözüne degdi. Adamlaryň ýüregindäki alkyşy Tagy gelin başlyga
aýtdy.
– Anna aga, gelinler saňa ullakan taňyrýalkasyn aýdýa. Bizi sylasa, seni hudaý
sylasyn diýýäler.
Anna aga-da olaryň göwnüni galkyndyraýjak söz aýtdy.
– Bile ýalkasyn gyzlar, bile ýalkasyn. Bu bir dänim, siziň öz zähmetiňiz, öz
azabyňyz. Siziň dänim, ömrüňiz uzak bolsun.
Anna aga ýene-de köp-köp hoşamaý sözleri aýtjakdy. Emma saklandy. Öňde agyr
mesele bardy. Şony çözmelidi. Ol häzir Durdy ýasawulyň gelerine garaşýardy. «Ýaşuly
adam, näme-de bolsa ýagdaýy gowy bilýär-dä».
Emma onuň diýeni bolmady. Durdy ýasawul eglendi. Anna aga adamlar naharyny
iýere mähetdel:
– Sapargül gelin – diýdi, Sapar brigadir öz ady tutulan badyna ýaşmagyny agzyna
çekdi. Ýalajak bolup duran ýarmaly barmagyny saçaga süpürip ýerinden turdy.
– Sen dänim, ýeriňden turma, arkaýyn iý-iç çaý-nanyňy. Bolaňyzsoň dänim, bir
maslahat boljak siz bilen.
Adamlar çaýa garaşyp durmadylar. Ileri-ileri süýşdüler.
Ilaman Hudaýberdiniň ýanynda oturdy. Hudaýberdi agzyna otuň guran
baldajygyny salyp, dişini synçgaýardy. Ol derläpdi. Gözleri bolsa Anna aga bakanda
lowurdap-lowurdap gidýärdi.
Ilaman başlygy synlady. Ol ýasy telpegini eline alyp, tahýaly takyr kellesini
garşy-garşy sypalaýardy. Onuň solgun jüjürkesiniň gursak jübüsi kagyzdan pökgerip
durdy, damarlak hor elleri bolsa titräp duran ýalydy.
Anna aga gürrüňi başga ugurdan başlady.
– Adamlar, bu ýyl, dänim, hasyl gowy. Nesip bolsa, ýykma-ýykylma gün
görmäge dänim, ýetjek. Gamyşlynyň, Garaňkyçeşmäniň, onsoň dänim darawanyň
gallasyny isrip etmän ýygnasak urymyz Semen baýyň urusyna dönjek. Emma dänim,
başga bir mesele bar.
Adamlardan ses-üýn çykanokdy. Diňe «front erigiň» şahalary niredendir bir
ýerden şemal alyp, şelpelenip, assaja şybyrdaşýardy. Ýaşuly böwrüni diňledi, ol misli
uly märekäniň içinde öz-özi bilen gürleşip oturan ýaly hopukdy. Adamlaryň ýüzüne
ýekän- ýekän garady. «Hana Kerweniň ogly otyr. Onuň ullakan kirpikmen gözleri Sona
pahyryň gözlerine çalym edip dur. Bürgüt kellesi, agajat çekgeleri, seýregräk gaşy
agynjak Kerwen-dä. Heniz neresse çaga-la, ol. Şol oglana işden surnugyp çykansoň
nädip işle diýjek. Ine, Ogultäç, ol bir bili bekemedik naçar ahyry». Ol Ogultäjiň dört
örülen tokmak ýaly saçyny, başyndaky güne agaran tahýasyny, epgege köýen
ýaňaklaryny dözümsizlik bileň synlady. «Ýa goýbolsun edäýsemmikäm? Onda bu
hasyly nätmeli, ýylboýy dökülen, azap edilen hasyly nätmeli, onda. Garaşmaga hany
wagt, soňa goýsaň biri edip berjekmi? Ýene özüň etmeli ahyryn...»
Başlyk dikeldi. Ol gursak jübüsinden bir kagyz çykardy. Oňa ýiti-ýiti garady.
– Maňa yraýondan hat geldi, onda dänim ýetişeň hasyly ýygnaweriň-ýygnaweriň
diýip aýdylýar. Diýmek dänim, siziň gaýratly kömegiňiz gerek. – Ol ýene-de oýa batdy.
Adamlara gözüni aýlady. – Emma, dänim, size agram salmaly däl, ýöne başga bir dänim
alaç ýok. Hasyl ýetişdi. Köwçügi raýona dänim äkitmeli. Emma, ne ulag bar, ne güýç
bar. Indi dänim, näme etsek gowsy boljak.
Adamlardan ses çykmady. Olar başlygyň beýdip oturmasynyň sebäbine, onuň bu
adamlardan näme isleýändigine düşünmeýärdiler.
– Anna başlyk, bu wagt maslahatyň wagty däldir. Purontda oglanymyz gan döküp
ýör, biz bu ýerde nätsek bize ýeňil bolarka diýip bilmeris. Sen bize näme etmelidigini
aýt – adamlar gapdala ýaltyldaşdylar. Ol Durdy ýasawuldy. Ol öňem bir berdaşly adam
däldi. Häzir welin ýumruk ýaljak bolup otyrdy. Ol başlygyň sözüni diňläpdi. Onuň näme
diýjek bolýandygyny-da çigitläpdi. Ýöne onuň sözüni aýdaryna garaşypdy. Başlyga
häzir goldaw gerekdi.
– Hä, ýasawul, sen geldiňmi? Biz-ä bilmändirisem – Anna aga sözüni dowam
etdirdi. – Durdym, meniň diýjek bolýanym, hasyly yraýona äkitmek üçin güýç gerek.
Gündiz bulary ýygnamaly, ony çekmegem gijä goýsak nähili bolar – diýip, däninim
geňeş salýan.
– Sen bize geňeş salma, näme etmelidigini aýt, başlyk.
Anna aga geregem şoldy.
– Geliň, onda, diýmek dänim, agşam köwçükden birneme yraýona aşyralyň.
Oturanlaryň biri towlanjyrap gürledi.
– A gyz, öýde mal-gara-da bar, neneň bolarka? Hany oňa araba?
– Adamlar, bir dänim bäş-alty gün hiç zat bolmaz. Ulag ýok. Adama bir goltuk
eltsegem, peýdadyr. Tapanjamyzy alarys. Ine dänim, meniň ýabymam goşuň.
Gowurdy başlandy.
– Anna aga, Anna aga – Hudaýberdi gepi diňlenmänsoň ýerinden turdy. – Anna
aga, sen ýabyňy ber, meni kamandir belle. Men seniň ähli otuňy yraýona çekeýin. Diýen
adam-paýymam ber.
Anna aga oňa ynam etmedi.
– Bu dänim oglan işi däldir, Hudaýberdijan. Sen dänim...
– Ýok, meni kamandir belle. Men obanyň ähli eşeklerini ýygnaryn, adamam
taparyn. – Bu gep Durdy ýasawulyň göwnüne makul boldy.
– Anna, sen «hä» diý oglana, ol dogumly oglandyr.
Başlyk oňa ýene-de bir gezek göz gezdirdi.
– Bar, sen diýmek däninim, kemendir.
Aýallar Anna aganyň sözüne gülüşdiler. Hudaýberdi bolsa häzir diriň-diriň
bökýärdi. «Men kamandir, men kamandir, ur-ra!»
Durdy ýasawul hem mys-mys güldi.
Başlyk bu teklibi işde synap görmegi makul bildi. Ol Durdy ýasawuly hem bu işe
goşmagy göz öňünde tutýardy. Ol: «Durdam, agşam salkynda kömek ber diýsem «ýok»
diýip durmaz-la – diýýärdi. Şeýdip bu mesele çözüldi hasap etdi.
Diňe şondan soň adamlar gazetiň täze nomerinde çykan habary diňlemäge
oturdylar.
6.
Iş diýseň gyzgalaňly gidýärdi. Kauçuk petdeleriniň sähelçe bölegi galypdy.
Adamlar garşydaky meýdanda orak orýardylar. Ilamanam indi işe ýagşy öwrenişipdi. Ol
tüwesini gölesi bilen dagdaky sürä goşupdy. Işden başga azar ýetirýän zat ýokdy. Onuň
keýpini göterýän zat raýona kauçuk çekmekdi.
Hudaýberdi öz diýenini gögertdi. Oba-oba aýlanyp otuz dokuz eşek ýygnady.
Agşam şol eşeklere kauçuk desselerini ýükläp raýon merkezindäki «Zagatkontor»
edarasynyň howlusyna basýardylar. Hudaýberdi, Durdy ýasawul, Ogultäç hem-de
Ilaman! Bular diýseň göwünjeň işleýärdiler.
Ilaman muňa diýseň begenýärdi. Kakasy dagy eşidäýse gör näme diýer, berekella,
Ilaman. Ol ýadamany, ýaltanmany bilmeýärdi. Indi günorta naharynda etlije çorba-da
berýärdiler. Özem bugdaý unundan bişen çörek bilen. Işläp-işläp gelip ýumşajyk çöregi
ýagly çorba bilen iýende Ilamanyň gözi ýerine gelýärdi. Onuň işden ýaňa hiç zada eli
degmeýärdi. Sülgün gelnejelerine baraýyn diýip gaty kän gün bäri niýet edip ýör. Emma
gijäniň bir wagty öýe gelende elinde, aýagynda ysgyn-mydar galmaýardy. Öli ýaly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 08
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.