Latin

Uzak uzak ýyllar - 06

Total number of words is 3911
Total number of unique words is 2085
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ganatlandyryp barýan mahmal sesi, jadyly owazy bilen şol saýrap durdy, saýrap durdy.
Daň atmagyna heniz wagt bardy. Ýöne ol indi ýatyp bilmedi. Onuň süňňüne ornan
duýgular, bilbiliň beren şatlygy ony öz erkine goýmady.
Ol ýerinden turdy. Daş çykdy. Bilbil henizem saýraýardy. Daşarynyň howasy
dirilik dermany ýalydy. Howadan ýedi jennet ysy gelýärdi. Ol dulda düýrmegi bilen
ýatan ýüpüni, oragyny eline alyp, gapynyň gulpuny ildirdi. Soň uly tutluga bakan
ugrady.
Şu günki ýaly yhlasy bilen, höwesi bilen işläni onuň ýadyna düşmeýärdi. Muňa
onuň özem haýran galdy. Onuň şapyrdadyp tut kesýän oragynyň sesi, assaja hiňlenmesi
uzaklardan eşidilýärdi.
Ol tutdan ýagşy ýüklenip gelende oba henizem ýatyrdy. Onuň aýak sesine bir
Meretgül turdy. Ol Ilamana näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Ilaman bolsa oňa
ünsem bermedi. Ol tut ýapragyny tekizräk ýere düşürdi.
– Wah, sen ony gara ýere gark etdiň-le. Telärçäniň üstüne goýaý diýdim-ä, saňa.
Oglan ony eşitmedi. Onuň bar yhlasy, bar arzuwy uçup gitdi «Dädem düýnem
gelmedi. Uruş henizem ýatmadymyka. Wah, ol haçan gutararka? Däde jan, sen haçan
gelerkäň?»
– Näme ker açdyňmy, lal açdyňmy? – Meretgülüň sesi ony atdan agdarylan ýaly
tisgindirdi. Ol özüni dürsände Meretgülüň hyrsyz gözlerini gördi.
Ilaman ýerinden turdy.
– Daýza, näme diýdiň?!
– Bela boldy, bela diýdim saňa. Sen adam äsgermejek bolýaňmy?
– Men eşitmändirin.
– Eşitmeseň eşit. Gurçugymyz ulusyna ýatdy. Äkge aýtdy. Gurçugyňyz ýatdygy,
kömekçiňiz meýdan işine çyksyn diýdi.
Ilaman näme diýjegini bilmedi. Bu bolsa garra meçew berdi.
– Git, gidiber. Mugut Buharda ýok. Iş et, iýip-içip ýöne ýatandan.
Ilaman öýlerine gitdi. Emma öýe girmedi. Gün dogup gelýärdi. Ol erigiň üstüne
seretdi. Emma bilbile gözi düşmedi.«Eger menem bilbil bolan bolsam nähili oňat
bolardy? Ýöne nädip bilbil boljak?!»
Ilaman tüwesiniň bagyny çözdi. Ony idegine alyp, ýabyň boýuna getirip, otlurak
ýerde onuň teblesini ýere kakdy. Soň oragyny eline alyp «işanlaň» ýerine garşy ugrady.
Bu gün ol Akga brigadyň brigadasyna däl-de, başga bir aýalyň brigadasyna işlemäge
gitdi. Çünki, bu brigada oba has golaý ýerde işleýärdi. Onsoňam, Akga brigadiriň
hyrsyzlygy, Ene bilen gatnaşygy Ilamana düýbünden ýaranokdy. Bu bolsa onuň elini
işden sowadýardy.
«Işanlaň» ýeri tutlugyň aňyrsyndaky tekiz meýdandy. Onuň gaty mes ýeri bardyr.
Hasyly oňat getir- ýärdi. ýöne indi onuň ady «front meýdandy». «Ynkylap» kolhozynyň
adamlary uly ýygnak edip, şol meý- dandan önen ähli hasyly fronta ibermeli diýip karara
gelipdiler.
Ilamana «Front meýdanynda» ilkinji duşan Hudaýberdi diýen oglan boldy. Ol ony
gören badyna ylgap geldi.
– Eý, sen göreşip bilýäňmi? – Ilamana onuň sowaly geň bolup eşidildi. Ol näme
diýjegini bilmedi.
– Eý, sen züwwetdinmi?! Göreşip bilýänmi diýilýär saňa?!
Ilaman onuň gapdalyndan geçiberjek boldy. Hudaýberdi gözüni mölerdip
durşuna, ony ýiti nazar bilen synlady. Birdenem, awuna zyňjak gurt çagasy ýaly
ykjamlandy. Bat bilen gelibem Ilamany gabur-gubur basyp, uly bajak kesekleriň üstüne
batly ýykdy. Onuň bilenem kanagatlanman, balagynyň uçgur bagyňdan tutup, ýokary
göterdi. Soň iki eli bilen depesine galdyrdy. Ilamanyň başy aýlanyp gitdi. Ol gaty erbet
dyzady. Onuň aýagy ol oglanyň ýüzüne jalkyldap gitdi. Hudaýberdi diň arkan gaýtdy.
Ilaman onuň garnyna pöküläp gaçdy.
Hudaýberdi dyzap başlady. Ol Ilamany düýt-müýt ederli göründi. Ýöne aňyrdan
gykylyklap gelýän aýaly görüp batly turdy-da gaçyp başlady.
Ilaman ýerinden galyp bilmedi. Onuň bili, ýüzi erbet agyrypdy. Aňyrdan gelýän
aýalyň elinde gamçy bardy. Ol gamçysyny ädiginiň gonjuna gysdyryp, Ilamany ýerden
galdyrdy.
– Haý, ýaşyň kesilsin. Bu çagany ýanlyga dönderäýipdir, ýaşy kesilen.
Ol aýal Ilamanyň hor eginlerini kakyşdyrdy. Honda ýatan köneje gulakjyňyny
kakyp-kakyp başyna geýdirdi.
– Wah, görgüli çagajyk. Onuň ejesine bir aýdaýyn, hamyny sypyrar...
Ilaman utandy. Ýöne aýal eliniň ýylysy, mähirli sözi onuň ýarasyna melhem
boldy.
Hudaýberdi uzak gitmedi. Ol ylgap aňyrrak gitdi-de, öwşerilip durdy. Soň bularyň
yzyndan ýöräp başlady. Ol aýal aýak çekdi. Oňa haýbat atdy.
– Sen ýene şu çaga degäýseň, gamçy iýersiň.
Hudaýberdi gülümjiräp, eginlerini gaşalap durdy. Onuň bu bolşy Ilamana şeýle
bir geň bolup göründi. Ol aýagynyň agyrysyny, öýke-kinesini unutdy. Hudaýberdi
olaryň ýüzündäki mylaýymlyk alamatlaryny bada-bat okady.
– Sapargül-eý, Sapargül gelneje, sen maňa sögüber, sögüber gowjany. Men urşa
gitsem saňa ýekeje hatam ýazman. Baý göresiň geler-ä. Şonda, wah, sökmeli däl
ekenim-ä diýersiň. Diýiber bakaly...
Sapargül sakga durdy. Onuň keşbine mylaýymlyk alamaty indi. Ilamanyň
göwnüne bolmasa, onuň gözlerine ýaşam gelen ýaly boldy.
– Hudujan, boýuňa döneýin. Heý, men saňa zat diýjekmi. Sen bu çagany nätdiň.
Ýaman algyly ýal-a sen.
Hudaýberdi hem gowşady. Ol bulara has golaý geldi.
– Men nemis bilen uruşmaga türgenleşýän, näme, güýjümi barlamaly dälmi? Urşa
gitsem, agzymy açyp duraýynmy.
Sapargül gamçy tutup duran eliniň barmaklaryny agzyna ýetirdi. Hudaýberdi
duýdansyz towsup aňry düşdi.
– Toba, sen özüňi görkezjek bolsaň işle.
Hudaýberdi ýene-de olaryň ýanyna geldi.
– Bolýa how, indi degmäýin şoňa, bäh.
Hakykatdan hem ol Ilamana gaýdyp degmedi. Ýöne şondan soň Ilamanyň
gapdalyndan aýrylmady.
«Front meýdanynda» iş diýseň gyzyşypdy. Her kim garabaşyna gaýdy.
Eli gamçyly aýal Ilamana işi düşündirdi. Oňa özbaşyna hatar berdi. Iki saply pil
berdi. Ilaman pili hyklap göterdi. Onuň bolşy gamçyly aýala ýaramady. Ol gamçysyny
oglana uzatdy.
– Me, sakla – Ol piliň her sapyndan bir eli bilen tutup, ýere güpürdedip urdy. Soň
pili çala gowşadyp iki gulajyk şitilden birini mäjum bolan topraga gysdyryp, pili ýokary
çekdi. Soň ýene-de şeýtdi.
Ol on-onki şitili setirläp ekip çykandan soň gamça elini uzatdy.
– Ine, gördüňmi. Şeýtdejik işläber.
Ilaman janyna dözüp pili ýere bat bilen urdy. Soň ony bar güýji bilen özüne çekip,
ýene-de ýere urdy. Soň şitil alyp ýere sünçdi.
– Eräp, akyp barma. Tetirräk bol. Gördüň-ä ýaňkyny. Özüň ýaly oglan, ýöne ot
ýaly... Janlyrak bol.
Ilamanyňky ýene-de bolmady. Ol hyklap işleýärdi. Gamçyly aýal dözmedi.
– Huw, Hud-uw, gel, bäri.
Hudaýberdi ylgaşlap geldi.
– Hudujan, sen bujagaz oglan bilen bileje işle. Bu görgülijigiň pile güýji ýetenok.
Sen gämik ýeri etseň, ol şitil sünjer. Gaýta, çalt bolarsyňyz. Boluň, naharam köp
berdirerin size bu gün.
Hudaýberdi sesini çykarman yzyna gidip, özüniň iki saply täsin pilini alyp geldi.
– Eý, hol, gyrada oturan gyzy görýäňmi? Şony bek belle. Şol ölsem ýeriňki bolar,
ölmesem meniňki bolar. Meniň söýgülim. Ady Ogultäçdir. Sen bek belle. Kim şoňa
gaňrylyp seredäýse, öldürerin.
Ilaman olaryň haýsy birniň Ogultäçdigini saýgaryp bilmedi. Hudaýberdi oturyp
bilmän, oýkanjyrap Ilamana garady.
– Ýör-eý, şolaň ýanyna baraly-la, ýörsen-eý.
Ilaman Hudaýberdiniň ýüzünde ýalbaryş äheňini gördi. Ýöne aýallaryň ýanyna
gitmedi. Tä günorta arakesmä çykylýança başyny galdyrman işledi.
Düşelge tutlugyň içindäki goşa erigiň aşagynda ýerleşýärdi. Erigiň aşagy oňat
edilip süpürilipdir, suwlanypdyr. Suwly salmajygyň boýunda bolsa ullakan gara gazan
bugaryp durdy.
Oglan tamşandy. Ol indi iki gün bäri dişiniň kirinem açmandy. Gazandan
göterilýän bug onuň işdä damarlarynyň baryny açdy. Ol birhili yranyp gitdi. Baş
aýlanma ol oturansoňam aýrylmady. Erikler onuň üstünde terslin-oňlyn pyrlanýardy. Ol
ýerden pugta ýapyşdy. Gözüni açdy. Düne sap-sarydy. Onuň ýüregi erbet bulandy. Gara
suw owurtlaryny doldurdy. Soňam pürkülip gitdi.
– Saňa näm bolýar. Ýaraňokmy? – Aýal adamyň sesi Ilamana ýeriň teýinden
eşidilýän ýaly boldy. Ol gözüni açmaga-da gorkdy.
– Me, şu suwy iç, aýrylar – Ilaman bir elini öňe uzatdy. Käsäni başyna çekdi.
Ýüregi az-kem düzelişdi. Gözüni açdy.
Onuň öňünde bir gyz çommalyp otyrdy. Ol öz bolşundan utandy. Yra-dara bolup
ýerinden galdy, ýöne näme etjegini, näme diýjegini bilmedi.
Şol gyz ýene-de gürledi.
– Hol, salmajykdan eliňi, ýüzüňi ýuw, soň ýarma paýyňy al.
Ilaman elini ýuwup, bir gyra çökdi.
Hälki eli gamçyly, aşpez aýala gygyrdy.
– Haý-u-w, Toty! Şujagaz oglana-da bergin, ýarmadan. – Aşpez aýal sesini
çykarmady. Ilaman nähilidir bir kyn ýagdaýa düşdi. Ol turup gitmäge häzirlendi. Sebäbi
onuň işdäsi kesilipdi. Ýöne başga ýagdaý onuň ünsüni sowdy.
Eli gamçyly aýal gaty-gaty gürläp, ýerinden turup, bir gyrada oturan ýaşulynyň
ýanyna bardy.
– Sabyr aga diýýän, sen beýtme-de öz paýyňdan çagalaňa-da ber ahyry. Gör, olar
ejeleriniň agzyna ýetirenoklar.
Ilamanyň gözi ýaşulynyň ýanyndaky topbaga düşdi. Şol ýerde oturan aýalyň
ýanynda irili-ownukly bäş çaga bardy. Olar şol adamyň aýaly, çagalarydy. Şeýle-de
bolsa ol çagalaryna goşulanokdy. Ýaşuly närazylyk bilen hüňürdedi.
– Näme, birgat, hökümet maňa ýarmany çagaňa ber diýip berýämi ýa özüň iý
diýip berýämi? Özüň iý diýip berýä. Hana, ejeleri näme etse etsin. Meniň onuň bilen
işim ýok.
Aýal has möwç aldy.
– Olaram seniň çagaň ahyry, Sabyr aga, neneň bokurdagyňdan geçýär?!
Sabyr diýilýän adam ýarmany lak-luk atyp, kirli barmaklarny jamyň içinde
terslin-oňlyn ýöredip, agzyny şapbyldadyp ýalaşdyrdy. Soň jamy beýlä zyňyp goýberdi.
Ýerinden turubam batly gygyrdy.
– Sapar Durdy! Sen birgatmy ýa-da baýar. Sen meniň damagymy her gün
burnumdan getirýäsiň. Ýarmaňy ber, galany bilen işiň bolmasyn. Çagalama göwni
agyrsa, getir öz paýyňy beräý şolara.
– Bererin, öz paýymy. Haý, naýynsap.
Brigadir aýal öz tabagyny getirip çagalaryň öňüňde goýdy.
Soň gygyrdy.
– Ogultäç, şol, oturan ýerimdäki petirden bir döwüm alyp gel, gyz.
Ilamana suw beren gyz, el ýaly çöregi, özüniň çemçesini Ilamana berdi.
Ilaman ömründe beýle süýji nahary iýip görmändi. Bu ýarma onuň agzyna gitmän,
damarlaryna dirilik dermany bolup ýaýraýardy. Ol elindäki çöreginiň, tabakdaky
ýarmanyň şeýle çalt gutararyndan gorkup, usullyk bilen iýdi. Ol ýere gaçan ýarma
dänesinem, çörek zerrejiklerinem çöpleşdirýärdi. Emma bu lezzetli pursat uzaga
çekmedi. Ýarma-da, çöregem gutardy. Ýöne häzir tutuş gazany öňünde goýsalaram
Ilamanyň garny, gözi doýjak däldi. Ol ýerinden galdy. Tabagy, çemçäni Ogultäje eltip
berdi.
Nahar iýişlik gutardy. Emma oturanlar turmadylar.
– Wah, bu günem täze gazet gelmedimi, gyz – diýip, Sapar brigadir sorady.
Oňa jogap beren bolmady. Çünki Durdy ýasawul bu günem görünmändi.
– Gelneje, ýene düýnkini okaýaýyn, biziňkileriň ýeňşi baradaky habary...
Ogultäç «Sowet Türkmenistany» gazetini alyp okap başlady. Biziň
goşunlarymyzyň haýsydyr bir kyn atly şäheri nemeslerden gaňryp alyşlary, Ilamanyň
ýüregine kuwwat berýärdi.
Ertesi Ilaman işe has ir gaýtdy. Ol «front meýdanyndaky» işi ýatlanda oňat
duýgulara gaplanýardy. Sapar brigadirem, Hudaýberdem, Ogultäjem oňa uzakdan
seredip, ony çagyryp duran ýalydylar.
Ol ýolda Hudaýberdä duşdy. Ol birhili gamgyndy. Düýnki dik eginleri birhili
sallanan ýalydy. Ol Ilamany görüp saklandy. Ilaman sygryny idip gelşine, oňa gygyrdy.
Hudaýberdi yzyna garaman ýabyň gyrasynda suwa seredip otyrdy. Ilaman sygyry
düýnki ýerde örkledi. Son Hudaýberdiniň yzyndan ýetdi.
Ilaman oňa näme diýjegini bilmedi. Hudaýberdi onuň ýüzüne-de seredenokdy.
Birden ol gamgyn gürledi.
– Basym seniň ýeke özüň işlemeli bolarsyň. Men puranta gitjek – Ol dymdy.
Birdenem açylyp gürledi – Düýnki işleýşimi gördüňmi. Diňe uly adamlar şeýle işlemeli.
Menem indi uly adam. Uruşmakda-da, ýer depmekde-de uly adamlardan kem galmaryn.
Boýuma seredenem hökman army ýaşa ýetdi diýer. Uly adamlaryňky ýaly meniň öz
söýgülimem bar. Indi meni puranta ibererler. Hemme kişi görüp dur-a meni. Ýaşymam
eýýäm on alta ýetip barýar. Dogry dälmi?!
Ilaman başyny atdy. Ol bu oglana diýseň guwandy. Hatda oňa gözem gitdi.
«Haçan men şunuň ýaly bolarkam?» diýip oýlandy.
Düşelgede başlygyň ýanynda birki sany nätanyş adam bardy. Nahardan soň Anna
aga ýerinden turdy. Soň brigadiri çagyrdy, oňa gazetleriň täze nomeriňi berdi, ýygnagyň
boljagyny aýtdy. Adamlar bir ýerräk toplanyp oturyşdylar. Anna aga gürledi.
– Howwa, ýoldaş teýhanlar! – Ol gyrymsyja murtlaryny gaýta-gaýta elleşdirip,
ýoldaşyna garanjaklady. – Ine, ýoldaş Duwsaýep hem raýkomdan geldi. Howwa, onsoň
dänim, ýagdaý birneme kyn. Siz dänim, mundanam dänim gowy işlemeli. Duşmana
dänim, göreşmek üçin has dänim, gowy işlemeli. Siz dänim oňat bilýänsiňiz, näme
ekýäniňizi. Siz köwçük ekýäňiz.
Dogrusy, köwçük ekini biziň teýhanlarymyzyň gören ekinem däl. Özi kyn ekin.
Ýöne höküwmete gerek bolsa kyny-aňsady ýok. Biz ekerisem, soňunam dänim, göreris.
Bir az wagtlyk ekin ekenow bi diýip dänim gowşak ýapyşmalyň. Gaýrat edeliň. Bu
dänim, duşmany basmak üçin ilkinji ýarag. Köwçükden ýaragam edilýä, yrzynam
edilýä. Ylaýta-da, biziň aýraplanlamyz üçin, maşynlarmyz üçin dänim uly şaý. Şonuň
üçin dänim, köwçügi has köp ekmeli.
Anna aganyň sözi köp adama täsir etdi. Olar özara pyşyrdaşyp başladylar. Başlyk
olara ýuwaş boluň diýen manyda «ähümledi».
– Size, dänim, ýene-de bir zat aýtjak. Ine, şu ýer däninim, «işanlaň» ýeri bolupdy.
Menem şonuň teýhany bolup dänim, kän işledim. Indi bu ýer teýhanlaryň özüniňki
boldy, golhozyňky boldy. Bu ýere puranta dänim gerek zat bolan dyrzyn ekýäs. Men
ýoldaş Dusaýypy siziň dänim, adyňyzdan arkaýyn edeýin: «Bol hasyl alarys diýip».
Soňra Dusaýew söz sözledi. Onuň aýdan sözleriňi Ilaman doly diňläp bilmedi.
Onuň göz öňüne kakasy geldi. Raýkomyň wekili onuň kakasy bolup sözleýärdi.
– Ýagdaý näçe agyr bolsa-da çydarys. Duşmany hökman ýeňeris. Ýeňiş indi daşda
däl, ýoldaşlar! Siziň her gysym kauçugyňyz, her baş bugdaýyňyz, her bir zarpçy
zähmetiňiz duşman üçin gülledir.
Ilaman kakasynyň näme diýjek bolýanyna düşündi. Ol assaja pyşyrdady.
– Sen arkaýyn söweş, däde jan! Biz gaýrat bilen işläris.
Ýygnagyň soňundan ýene-de gazet okalşygy boldy. Sowet Goşunynyň täze
ýeňişleri barada adamlar begenç gözýaşlaryny saklap bilmän diňleýärdiler. Bu habar
olara tükeniksiz güýç-kuwwat berýärdi.
«Front meýdanda» bolsa iş has gyzyşýardy. Adamlaryň bir topary indi kelem
ekmäge girişipdi. Kelemem edil kauçuk ýaly iki gulajyk şitildi. Ýöne ony keşi suwaryp,
soň ekýärdiler. Iş Ilamana örän agyr düşýärdi. Ýöne näme-de bolsa gowudy. Adamlaryň
arasydy. Iň esasy zat günortanky ýarmady. Ol agşam ýatyrka-da şol ýarma onuň göz
öňünden gitmeýärdi.
Ýygnak bolandan soň üçünji gün Ilaman ir bilen tüwesini alyp işe ugrady. Onuň
keýpi kökdi. Onuň ýekesirän göwni adamlary küýseýärdi. Çaltrak olara goşulasy
gelýärdi. ýöne garaşylmadyk ýagdaý onuň keýpini duw-dagyn etdi.
Meretgül kempir onuň öňünden hasanaklap çykdy. Soň Ilamana azymly gygyrdy.
– Sen ýetimek, öz hetdiňi haçan biljek – Onuň eýmenç keşbi, tüýdülen saçlary,
çözülen alyndaňysy Ilamanyň ýadyna al-arwahy saldy.
Oglan tüwäniň bagyndan berk ýapyşyp durşuna, doňup galdy. Ol aýal bolsa
Meretgüle meňzeýäninden arwaha köp meňzeýärdI. Ol ellerini hereketlendirip tans
oýnaýan ýalydy. Ilamanyň gözleri petredi, Gulaklary welin şaňlap-şaňlap açyldy.
– Saňa näme tabşyryldy? Ol günki süýt bilen beren çöregim gözüňi tutsun. Şony
bermedik bolsam, sen nirede ýatmaly, buwat. Häý, edeniňi bilmez näletkerde. Indi saňa
derek men ýapraga gitmeli, indi şu adym, abraýym bilen...
Onuň diýýän zatlaryny eşider ýaly däldi. Ilaman mundan artyk çydamady. Ol
tüwäniň yzyna eýerip gaty-gaty ýöräp gitdi.
Kempir agyly uwlady.
– Aý, gargyş gabu-uw, nirä barýaň, dur-r-uw!
Ilaman durmady. Onuň keýpi bolmansoň Akga brigadiriň uzakdan ýetip
gelýäninem görmedi.
Akganyň keýpi kökdi. Emma Meretgülüň aglap duranyny görüp, gany depesine
urdy.
– Hä, ýeňňe, näm boldy. Aýt, how, aýt.
Meretgül tatyr-tatyr edip gepledi.
– Hana möjegiň, hana-da taýhanyň. Turanyna bir gün boldy, bir pudak tut ýok.
Elimi bereýinmi, aýagymy bereýinmi oňa...
Akganyň ham-hyýaldan doly başyny gahar-gazap elendi. Ol atyny yza dolady.
Ep-esli meýdandan ýene-de yzyna dolandy. Gazaply sorady.
– Ol... nirä güm boldy?
Meretgül düňňür-düňňür etdi.
– Hol, Sapar Durdynyň brigadynda işleýämiş.
Akga atyny gorgunyna berdi.
Bu gün Ilamanyň işläp keýpi bolmady. Onuň Hudaýberdä nämedir bir zat aýdasy
gelýärdi. Ýöne aýdyp bilenokdy. Sebäbi bu gün irden bolan gykylygyň beýle
ýatmajakdygyny bilýärdi. Agşam gykylygyň has ula gitmegi mümkindi.
Şol wagt aýallaryň biri gygyrdy.
– Hana, Akga brigadirem-ä gelýär.
Ilamanyň ýüregi bir zat aňyp tyrsyldady. Ol Akganyň ýabysyny gorduryp
gelýänini gördi. Akga özi üçin gelýändir öýtdi. Häzir ylgap onuň öňünden çykasy, «front
meýdanda» işläsiniň gelýändigini aýdasy geldi. «Meretgül kempiriňkä iberme» diýip
ýalbarasy geldi.
Akga «front erigiň» ýanyna garşy aýlandy. Sapar brigadiriň ýanynda az-kem
saklanyp, göni bärligine gaýtdy.
Ilamanyň ýüregi has gaty tarsyldady. Onuň süňüni gorky gaplap aldy.
Hudaýberdä gysmyljyrady. Soň onuň arkasyna geçdi.
Akga atyny Hudaýberdiniň üstüne sürdi. Soň Ilamana gazaply gygyrdy.
– Sen näme?.. Sen näme bu ýerde entäp ýörsüň? Seni nirä berkitdim? Hä?.. –
Ilaman näme diýjegini bilmedi. Onuň brigadire diýip, düşündirjek bolup oturan
sözleriniň bary başyndan uçdy. Ol ýene-de bir zatlar diýjek boldy. Akga azymly gürledi.
– Düş öňe, itiň çagasy. Häzir baraly, seni paýa daňyp, edişime seret...
Ilaman gorkdy. Ol Hudaýberdä tarap götinjekledi. Öňem gahar gazany lasyrdap
duran Akganyň jallyk erinleri gulagyna ýetdi. Onuň ýüzi durşy bilen gyşyk gözüne tarap
aýlandy. Ýalaňaç galan jylk sary dişleriniň jygyrdysy Hudaýberdä eşidilip gitdi.
Ol üzeňňiniň üstüne galyp, ýabysyny batly debisgeledi. Hudaýberdi ekabyrrak
bolansoň ýaby ony basyp geçmän, onuň gapdalyndan dolanyp, Ilamanyň üstüne
aýlandy.
Akga gazap bilen gamçyny saldy. Ilamanyň eli, kellesi, arkasy erbet daglanyp,
daglanyp gitdi. Ol süňňünde ýyldyrym bolup çakan elhenç yza döz gelip bilmän jynssyz
gygyryp bökdi. Emma gamçy goýar ýerde goýmady.
– Düş diýýän öňe, it ogly. Düş diýýän saňa, öldirin...
Ilaman atyň öňüne düşüp, uwlap ylgady. Gamçy ýene-de galgady. Birdenem ýaby
ürküp beýlä zyňdy. Ilaman Akganyň gamçysydyr öýdüp yzyna gorkuly ýalt etdi.
Işläp duran aýallar «waý-da, waý» bolşup, Akga tarap ylgaşdylar. Bu ýagdaýy
görüp Hudaýberdi çydam edip durup bilmedi.
Ol arslanyň çagasy ýaly bolup öňe topuldy. Akgany özüne çekip, ony atdan
agdardy.
Aljyran Akga garşylyk görkezjek boldy. Emma Hudaýberdi eýýäm ony
gagyrdadyp aşagyna salypdy.
Onuň azan terne ýaly kellesini gatan kesege batly urýardy. Akga güýçli dyzanyp
turdy. Ol elindäki gamçysy bilen Hudaýberdini saýgylady.
Hudaýberdi onuň gamçysyndan çekinip durmady, arlap ýene-de topuldy. Zarp
bilen gamça ýapyşdy. Ýylgyn sapynyň ujy döwlen gamçyny gaňryp alyp, Akgany
saýgylady. Akga düýrügip gapdala garşy gaçdy.
Aňyrdan ylgaşlap gelýän aýallar Hudaýberdini tutdular. Akga daňa galan kirpi
ýaly hasanaklap, ýorgalap barşyna haslap-haslap gargynýardy. Sögünýärdi.
Hudaýberdi köşeşdi. Ol Akganyň gamçysyny gapdala zyňyp goýberdi.
Beýle-beýle bolar diýip asla oýlanmadyk brigadir tutlugyň içine sümülip gitdi.
Heniz köşeşmedik Ilaman ýerinden gozganyp bilenokdy. Onuň arkasy, boýny ot bolup
ýanyp durdy.
Sapar brigadir, Ogultäç onuň ýanyna ylgaşlap bardylar. Sapar onuň daraw-daraw
bolup, ganjaryp duran köýnegini galdyrdy. Oglanyň arkasy tasma-tasma bolup, gyzyl
ýara bolup durdy.
Aýallaryň «wah-wahy», elhenç gorky, çydap çekerden agyr agyry, ýalňyzlygyň
ýowuz horlugy Ilamanyň ýüregini ersdirdi. Onuň gözlerinden ýaş sil bolup akdy.
Aýallar ony göter-göter edip düşelgä getirdiler. Bu ýagdaýdan soň hiç kim işläp bilmedi,
adamlar arakesmä çykdylar.
Günorta arakesmesinde gürrüň diňe Akganyň zalymlygy barada gitdi. Ilaman
welin köşeşip bilenokdy. Akganyň muny beýle goýmajagy bellidi. Ilaman ondan
gorkýardy. «Indi nädip öýe baryp bolar? Ýa-da Hudaýberdilere gidäýsemmikäm?»
Hudaýberdi ýadyna düşende onuň dünýesi giňeýärdi. Şonuň ýaly batyr, edermen
däldigine gynanýardy. «Eger-de Hudaýberdi ýaly bolsam, onda ol meni beýle
horlamazdy».
Sapar brigadir Ilamany sylady. Ona tutuş ýarty çörek bilen, bir tabak ýarma
berdirdi. Emma oglanyň bokurdagyndan hiç zat geçmedi. Onuň ýarma baradaky, ondan
doýup iýmek baradaky bar höwesi ýatypdy. Onuň damagy dolýardy.
Ogultäç onuň ýanyna gelip oturdy. Olam aglaýardy. Gözleri gyp-gyzyl bolupdy.
Ilamanyň arkasyna bägülüň guran ýapragyny sepdiler. Bu melhem ýarany has
awuşadýardy. Ýöne aýal adamlaryň hoşamaýy ýarym göwün oglanjyga melhemdenem
beter hoş ýakýardy.
Sapar brigadir Ilamana ýarmany iýdirdi. Soň Hudaýberdini çagyrdy. Ol horja
oglany öýlerine eltmegi tabşyrdy. Hudaýberdi bu ýumşy höwes bilen ýerine ýetirdi.
2.
Bu gün Akga üçin aýratyn bir elhenç gün boldy. Edil düýşünde sygyr münen
ýalydy. Edeni ugruna däldi. Ýogsa, ol öýünden juda keýpli çykypdy. Ol dorýabysyna
münensoň dodaklaryny salpardyp, erinlerini gyşardyp özbaşyna ýylgyrýardy. Näme
üçin ýylgyrmajak?! Ýeri, näme üçin ýylgyrmasyn!? Hudaý oňa serpaý don geýdiren
ýaly ahyry. Hany, obany alyp gör. Heý, özüni oňarýan erkek göbekli barmy? Hany,
birijigini tap. Tapmarsyň. Gözläbem oturma. «How, diňe Çynarlynyň özünden gör, näçe
adam! Bä-h. A tutuş «Ynkylapdan»!? Akganyň düşünişiçe, «Bu uruş ahyrzamana golaý
wagtdaky uruş bolmalydy». «Heý munça adamam urşa gidermi? Özlerem şol gidişleri.
Bir ýyl boldy. Tutuş bir ýyl. Emma olaryň birindenem derek ýok!
...Bä, şu-how urşuň mädesi juda ir-ow. Şu Kerweni! alan bolsa, bä»...
Akga howatyr aldy. Hopukdy. Ýabysy birden, birden büdreýän ýaly boldy. «Aý,
ýok, ýok. Akganyňky gelendir.
Döwlet gelse goç ýigide
Üç-dört öýlener, öýlener, ah-ow Leýlim».
«...Eger döwlet gelmedik bolsa Akga-da Sibirde gözüni açardy. Hany, onuň
bitiniň burny ganaýamy?! Ýok. Ana, illeriň ýüzüňe äňet. Otuň-çöpüň gögi öwsüp
durandyr. Akga welin Akgadyr. Çagalarynyň ýüzi edil almadyr, alma. «Aý, çörek
nämaý? Çörek hiç-le. Wah, üç-dört öýlenmeli, üç-dört».
Kerwen aga bolan ýigrenç Akganyň ýüreginden çykmaýardy. Ol Kerwen agany
namart hasaplaýardy. Ol hemişe «Bolduň meň başyma hakykatçy!» diýerdi. Kerwen
aganyň özüne juda ynamsyzlyk bilen garaýandygyny duýýardy. Şol duýgy bolsa
ýigrenjiň aňrybaş görnüşine öwrülipdi. Ene meselesinde hem onuň «burnuny
sokjamagy» Akganyň aňyrsyny bärsine getirýärdi. Ol häzir geçen ýylyň güýzünde
Kerwen agany gamçy bilen çalanyna monça boldy, ýöne has berkiräk daramanyna
gynandy. Kerwen aganyň fronta gitmegi weli Akga üçin toýdy. Ol muňa begenýänini
birki ýerde agzyndanam sypdyrypdy.
«Aý bolanda näme, ýagyň Kerwen bolsa, atyň öňüne gülli ýorunja dök». Akga
şeýle sözlemiň kellesine gelenine begendi. Ol bu söz akyllylygyň aňrybaşydyr öýdýärdi.
Ylaýta-da oturyşlyklarda, birki bulgur çakyşdyrylansoň iki sözüniň biri şu sözlemdi.
«Aý, pylanyň pylan bolsa, aý, pylanyň pissigan bolsa... atyň öňüne gülli ýorunja dök!».
«Dogrudaý walla. Adam adam bolmak üçin ilki bilen bagty gelmeli». Bu pikir Akganyň
özüniňki däldi. Ol onuň ejesiniň oglunyň gulagyna çagalykdan guýan pikiridi. Akga
Enäniň ejesini görende hemişe ejesi ýadyna düşerdi. Gyzsoňy totam. Akga ejesini uly
buýsanç bilen göz öňüne getirdi. Obanyň aýallarynyň kethudasy! Etseler-etmeseler
toýda-ýasda erkek kişiler bilenem salyşybererdi. Gör, Akga kimiň ogludy. Hawa, onuň
ejesi pygamberdi-le. Ol hemme zady bilýädi... Ol ölmänkä «Ynkylabyň» gyzlarynyň
balaman ýalysyny Akganyň ýorganyna saldy. Öý, mal, mülk baryny ogluna goýdy».
Akga ejesiniň sözüni ýadyna saldy. «Sen oglum, marly elekde elenip, sary ýaga
ýugrulansyň. Öwlüýälere älem dakyp, garynjalara iým döküp alnan ogulsyň. Seni
düýşümde pygamberler omyn edip berendir. Edeniň ugruna bolar, işalla».
Ine bagt diýip şuňa diýäýseň!
Akga ýabysynyň badyny gowşatdy. Sebäbi Eneleriň öýüne has golaýlapdy. Onuň
ýüzüp ýören pikir köli bolsa durşuna lezzetdi. Ol şeýle oýlardan ganyp bilmeýärdi.
«Ýogsa näme, heý, ganar ýalymy? Ol bagtly. Edeni ugruna, birgat, harman elinde, sklad
elinde, bugdaý... elinde. Ol Enäni ýatlady.
Birdenem tisginip gitdi. Meretgülüň perişan haly onuň ganyny gaýnatdy. Ol nirä,
näme üçin barýanyny ýadyndan çykardy, atyna gamçy çaldy.
«Sen bir itiň çagasy, duruber bakaly!» Akganyň ýüregindäki gahar-gazap ýenede myggyldaşyp başlady. «Ýok, ony beýle goýmaly däl. Iti güjükliginden dalamaly. Oňa
şu gün kimdigiňi ýagşyja tanatmaly. It oglynyň ýanynda oturdy. Soň oňa lak atan
bolupdy. Akganyň bolşy Hudaýberdä ýaramandy. Akga-da «aý bu-ha ýumruk ýaly
oglan-la» diýip, ony äsgermändi. Ine, birden Akganyň depesinden çalgynyň agyr sapy
inipdi. Görse, şol ýumruk ýaly oglan, Akga ünsem bermejek bolupdy, çalgy sapy birki
gezek gomuna degensoň welin, ýapdan nähili böküp geçenini duýman galypdy.
Oturanlar gyzyl-gyran bolup gülüşipdiler. Hudaýberdä «berekella» aýdypdylar.
Akga şol wakany ýatlanda hasam utandy. Çünki, şol gürrüň iliň dilinden köp
wagtlap düşmändi. Bir ujy bolsa aýalyna ýetipdi. Bu günki waka ony hasam eýmendirdi.
Ýöne bir zat onuň göwnüni suwlandyrdy. Ol özüniň kimdigini görkezdi. «Hawa, ojagaş
oglanyň eýini ýetirdi. Hudujygam bir gün elime düşer. Durubersin» Akga ýerinden hykçoklap galdy. Onuň aýagynyň çykan ýeri, otyr ýeriniň gapdaly bijaý agyrýardy. Arkasy
syzlap durdy. Ol tutlukdan çykanda, ýabysynyň Eneleriň işiginde duranyny gördi.
Akga öýe girmedi. Ol Enäniň «Hany öýe gir-dä» diýip, gözlerini güldürip eden
mürähedini kabul etmedi. Hyklap ýabysyna mündi. Soň Enä eşitdirip, Meretgüle
ýüzlendi.
– Ýeňňe, sen bir zat et. Gurçukdan özüňe düşjek paýyňy al, galanyny, hol, it
oglunyň öýüne taşlap gaýt. Ýagşylyga ýaraşmazyň biri diýsänim. Goý, özi seretsin.
Görsün kimiň kimdigini. Seretmänem görsün, gözüni Sibirde açdyraýyn.
Ol atnyň başyny ters ugra öwürdi. Kempir Akganyň sözüniň manysyna soň
düşünip galdy. Ol tasanjyrap öýe girdi. Öýde düýnden bäri aç gurçuk şibirdäp ses
edýärdi. Meretgüli howul aldy. Ol kän bir oýlanyp durmady. «Äkge diýdi gutardy.
ýaryny diýse, baryny äkitmeli. Ýumruk ýaly garra gurçuk nämesine gerek. Men o
dünýäm bilen ýaşap ýörmeli halyma, gör nämelere bulaşyp ýörün».
Meretgül özüne käýindi. Niräniň ýok zadyny boýnuna alanyna ýanyp-bişdi. Ýöne
pile saramaga az galan gurçugy äkitmäge dözmedi.
3.
Nursoltanyň aýrylmagy Sülgüniň bilini üzüpdi. Ol indi başyny galdyryp
bilenokdy. Ýerinden galsa ýüregi aýagynyň astyna patylap gaçaýjak ýalydy. Öýde
iýmäge bir dişlem zat ýokdy. Bolanda-da bişirmäge adam ýokdy. Üzümgülüň bir
döwüm tötegi, Arzy doktoryň beren sary uny bireýýäm gutarypdy. Oňa bolsa köpräk
iýmek gerekdi. Ysgynyna gelmek gerekdi. Hany, näme iýmeli? Onuň özündenem beter
gyzy Aýsoltanjyk hem gurap barýardy. Ol ysgynsyzja ellerini serip, «Eje, çörek»
diýende Sülgüniň öňem deşim-deşim bagry, paralanyp gidýärdi. Ol öň bagrynyň bir
taýyny aldyransoň, Aýsoltanynam elden gidererin öýdüp gorkýardy. Şonuň üçin eline
ilen zady gyzynyň agzyna tutýardy.
Aýsoltanjyk süýnüp ýatan ejesiniň ýanyna geldi. Ol horja eljagazlary bilen
ejesiniň guran elinden tutdy.
– Eje, iýjek. Eje iýjek. E-j-e-e!
Sülgün ýüzüni çytyp dik oturdy. Soň gyňajy ysgynsyz çekdi. Onuň ujunda düwen
düwünçegini uzak wagtlap gözledi. Soň ony howlukman açdy. Onuň düwünçeginde
ýarty owuç gowurga bardy. Ol çala gowrulan gyzylymtyl bugdaý dänejiginiň birijigini
emaý bilen alyp agzyna atdy. Soň ondan bir çümmüjek alyp, gapdala ýazylan ýamaýama keçäniň üstüne sepeläp goýberdi.
– Aýjan, Aýsoltanjan, al, al, gyzym.
Aýsoltanjyk ejesine elini serdi. Sülgün düwünçeginden ýene-de bir çümmüjek
alyp, gyzyna görkezip, keçäniň üstüne sepip goýberdi. Aýsoltanjyk tigirlenip gitdi.
Sülgün agzyna salan dänesini uzak wagtlap çeýnedi, Onuň dili, dişi dänäniň
tagamyny duýmaýardy. Ol agzyny dolduryp ýuwdundy. Onuň gözüniň öňüne possuk
ýaly tegelenip duran mele myssyk nan geldi.
...Heý bu obada Sülgün ýaly çöregi gowy bişirýän aýal barmydy? Onuň bişiren
çöregini bir dadanlar ömür ýadyndan çykararmydy? Toýda, ýasda-da onuň bişiren
çöregi mesaňady.
«A gyz, şol Sülgüniň çöreginden bir döwüm äber». «A gyz, pylan ýerden pylan
aga gelipdir, Sülgüniň çöreginden äbereweriň». «Sülgüniň çöregini ýygnaň, ýadap
gelnensoň çaý içenimizde gerek bolar» diýenlerinde Sülgün näme üçin begenmedikä?
Näme üçin şol günleriň lezzetini duýmadyka? Indi şol çörekler çykan tamdyr ýumrulyp
ýatyr. Sülgüniň elini hamyrly tabaga sokmanyna niçeme aýlar geçdi.
– Wah, Myratly bolan bolsady...
Sülgüniň bar arzuwy Myratlydy. Şol gelse düneýler düzeläýjek ýalydy. Heniz
gelinlik menzilinem ýagşy ýöremedik gelniň gursagynda ullakan dert, wawa bardy.
Ýigrimi ýaşamanka elden şuňkaryny aldyran gelniň bagryna köz bolup basylan şol dert
ony ýerinden galdyrmaýardy. Eger häzir Myratly bir ýerlerden çykaýsa, onuň boýnuna
böküp, ähli derdini aýtsa, ýüregi ýeňlejekdi. Onsoň Sülgün üçin beýle bir agyram bolup
durmazdy.
Sülgün iňledi. Ol beýdip ýatmadanam, zeňiň, çygyň gelip duran içeridenem, deriň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 07
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.