Latin

Uzak uzak ýyllar - 11

Total number of words is 3838
Total number of unique words is 2198
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kynçylyk, ýöne maňa aýdaýmaly ekeniň, beýdip menden ogurlap bugdaý gömüp
ýöreniňden. Häýt, seniň..
Ol mylaýymsyrady.
– Demiň içiňde bolsun, hemişe. Ýogsa, bu edip ýören oýunlaň bilen sen aman
sypmarsyň.
Ilamanyň ysgynsyz gursagyndan bir agyr agyry aşaklygyna süýnüp gitdi.
***
Kyrk ikinji ýylyň güýzi ortalaman gyşa sapypdy. Ilkinji gar oktýabryň ortalaryna
ýagdy. Şondan birki günden soňam orakçylar oba indi.
Oraga gidenleriň gelmegi bilen oba dolmady. Gaýta oba uly hasrat indi. Obanyň
ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýören Arzy doktor agyr ýatyrdy.
Ilaman Arzy daýzany görmäge günde barýardy. Ol aýalyň bir gysym bolan
göwresi, somalyşyp duran çekge süňkleri, hanasynyň içinde çala bildirýän gözleri
oglanyň ýüreginiň çuňlugyna çenli agyrydan doldurýardy.
Howa sowukdy. Ilaman ol aýalyň agajyny çapyp, oduna, çaýyna, suwuna
seredişýärdi. Kä günler bolsa ol öýlerine-de baranokdy. Göwnüne bolmasa Oraz şyh
jaýyň ortasyny henizem gazyp oturan ýalydy.
Arzy daýza ikinji ýagan gar eräp, gün çykan güni ganymatlaşdy. Indi ol taýagyna
söýenip iç-daş çykýardy. Şonuň üçin Ilaman indi köplenç agşamyna öýe gaýdýardy.
Arzy daýza ondan diýseň minnetdardy.
– Serdar janyň beýle bolanyna hapa bolup ýördüm, köşek. Ogluň ornuny tutduň.
Ýaşyň uzak bolsun-da hernä, köşek.
Ol bu sözi telim gezek aýtdy. Ol sözüň manysyny Ilaman çözüşdirjegem
bolmaýardy. Ol bir artyk hyzmat bitirendirinem öýdüp baranokdy. Ýöne ol bu aýalyň
sagalaryna çaga yhlasy bilen, heniz ýaňy hal atan ýigitlik yhlasy bilen garaşdy. Ýogsa,
ol bu aýala beledem däldi. Ýöne ol kimiň ýanyna barsyn. Kime dadyny aýtsyn. Onuň
kalby durmuşyň bu agyr gussalary, bu agyr kynçylyklary, horluklary sebäpli emele
gelen sowallardan püre-pürdi. Ol ýüreginiň dykysyny açyp, biraz gowzadasy gelýärdiOny ýeriň ýüzünde diňe şu aýala aýdyp boljakdy.
Arzy daýza oglanyň ýüregini duýdy. Oňa sowal berdi.
– Näme köşegim, bir zat diýjekmi? – Oglanyň kalbyndaky harasat onsuzam,
ýüzünden bildirip durdy. – Aýdyber, köşegim, çekinmegin, meniň senden başga
söýenerim, daýanarym ýokdur. Senem menden hiç çekinme...
Ilaman ýüregini dökdi:
– Arzy daýza, uruş haçan gutararka, dädem haçan geler, meni Oraz şyh gaty
horlaýa...
Oglanyň gözünden paýrap giden monjuklar gumak ýola düşen doly damjalary
ýaly bolup ýaryldy. Beýle sowala garaşmadyk aýalyň özem ejizlän ýaly boldy.
– Goý, ogul, bu uruş hemmämiziň başymyza horluk boldy. Bu Oraz şyhyň soňy
tursun, ol biziň ata-baba gören horlugymyzyň sebäpkäridi, oglum, ýene-de alnymyzdan
çykdy. Bu zatlaryň barysy, oglum, dokçulyk, dynçlyk günleň gadyryny bilmedik – Ol
ýassyga gyşardy – Gadyryny bilmedik köşek, indem bize allatagala göz görkezýändir.
Haçan adamlar toba edende dünýe düzeler. Wah, boldy, boldy biz ýaly garry-gurta,
çaga-çoluga boldy. Nirede neresse, päkize bolsa şoňa boldy, oglum. Muňa-da şükür et,
beteri bardyr...
***
Arzy doktoryň haly agyrdy. Ilamanam onuň ýanyndan kän uzaga gidenokdy.
Arzy daýza bu gün kellesini galdyrdy. Ol Ilamana «has golaýyma süýş» diýen
yşarat etdi. Soň ýuwaşja gürledi.
– Oglum, menem ölmänkäm, şu gowganyň ýatanyny bir görsedim, görümde
aýagymy süýndürib-ä ýatardym. Wah, heý, bu belanyň ýatjak sesi ýokmy, oglum.
Ilaman sesini çykarmady. Ýöne Üzümgül mugallym pejiň gapdalynda kiçijik
çäýnegi arassalap oturyşyna gürrüňe goşuldy.
– Daýza jan, sen bir çaltrak gutul. Urşam ýatar galmagalam – diýdi.
Ilaman hem ýöne oturmady:
– Hol, gaýraky obadan biriniň ogly gelipdir. Şol-a, uruş eýýämem ýatandyr
diýýärmiş. Men gaýdanymda nemisleriň pirini kädä gabadyk diýýärmiş. Aý,
kemendirlerim «Sen gaýdybersen-äý, galanyny özümiz bir zat ederis» diýdi diýýärmiş.
Ýöne ol: «Biziň obalarymyz uruşdan daşda, habar gaty giç gelýär» diýenmiş.
Arzy daýza gözlerini açdy. Bu gürrüň onuň gulagyna ýakýandygy bildirip durdy.
Ilaman ýene-de bir zat aýtjakdy. Ýöne Durdy ýasawul ony gyssagly kontora
çagyrýanlaryny atyň üstünden aýdyp gitdi.
Ilaman tä kontora çenli Arzy daýzany aldanyna ökünip gitdi. Onuň jugurdap
duran garnynyň aşagyndan bir ýiti agyry gelip bokurdagyna dykylýardy. Soňam iň
soňky deminde ýatan adama hakykaty aýtmany üçin odukdyryp goýberýärdi. Ýöne
Ilaman hem şol agyra özüçe jogap berýärdi. Sebäbi onuň özem frontdaky edil häzirki
ýagdaýy bilenokdy. Uruş bir ýerde, Ilaman bir ýerdedi. «Belki uruş ýatandyr. Belki
gidenler gaýdyp gelýändir, içinde dädejanymam bardyr!» Ilaman süýji hyýallaryň oýuna
çümdi. Ol gidenleriň gaýdyp gelşini, olary garşy alşyny, kakasy bilen görşüp, gülşüp,
gürleşişini, şonda boljak hemme şatlygy häzir başyndan geçirýärdi. Ol olary görýärdi.
Ilaman içeri girende Anna aga Durdy ýasawul bilen garaşyp otyrdy.
– Dogrusy, Ilaman bu güne kän garaşypdy. Ýöne häzir onuň hiç zat aýdasy
gelmeýärdi. Ol özüne zor saldy. Ilki bilen öýlerinden tapan tegelek gyzyl puluny stoluň
üstünde goýdy. Soň bolsa Oraz şyhyň öýleriniň içini ala dörjük edip ýörşünem, onuň
Akga brigadire aýdan sözlerinem, kime näçe bugdaý bereninem aýtdy. Özüni
ýenjeninem aýtdy. Özem gylyny gymyldatman aýtdy. Onuň çaga ýüregindäki berç
dyrmalanan ýaly boldy. Ýöne agyry welin gowzady. Onuň özlerinden düwme-düwme
akýan damjalar, onuň çorlap giden elini gijidýärdi. Şonda-da säginmedi. Baryny-baryny
gürrüň berdi.
Şol wagt içeri Üzümgül girdi. Ol Ilamanyň ýarym ýaş bolup oturyşyny görüp,
yzyna gitjek boldy. Emma birden saklandy.
– Anna aga, Arzy doktor gidip barýa, zol Ilamany soraýa. Ýetişeweriň.
Ilaman ýerinden atylyp turdy. Ol gapydan çykanda Üzümgül mugallym ony
saklady.
– Dur, dur, Illi jan, bile gideli. Saňa bir aýtjak zadym bar – Ilaman oňa kän ünsem
berenokdy. Onuň hyýaly häzir Arzy daýzanyň ýanyna uçup barmakdy.
– Dur, köşek, maňa gulak as, bu oýun iş däl, diňle. Ol pahyr jan berip bilenok.
Sen gaýdalyň bäri çabalanyp ýatyşy. Özem «Uruş ýatmadymy» diýip zol-zol sorap dur...
Ilaman sowukdan ýaňa ýygrylyp az-kem sägindi-de ýene aýak aldygyna ylgap
başlady.
Üzümgül mugallymyň sesi ony ýene-de özüne getirdi.
– Nirä barýaň, dur, diňle meni, Ilaman...
Ilaman saklandy. Üzümgül mugallym «Ilamany indi sypdyrmaýyn» diýen niýet
bilen, onuň elinden berk ýapyşdy. Soňam ony silkeläp-silkeläp goýberdi.
Ol aglaýardy. Soňam birzatlar diýýärdi. Ilaman onuň sözlerine känbir düşünmedi.
Ýöne özüniň etmeli işine welin düşündi.
– Ylga, indi ylga, ýetiş, çalt ýetiş, görgüli horlanmasyn...
Ilaman gapyny açanda öýüň içinde birki sany adamyň bardygyny gördi. Çarygyny
zadyny çykarman töre topuldy.
Garry oglany görüp, gözüni açdy. Ilaman oňa has golaý baryp demi-demine
ýetmän gepledi.
– Arzy daýza, gözüň aýdyň, uruş ýatypdyr. Serdaram gelýämiş.
Arzy daýzanyň ýüzi nurlanan ýaly boldy. Ol yranyp, ysgynsyz eginlerini dikeltjek
ýaly etdi-de özüni erksiz ýassyga goýberdi.
ÜÇÜNJI BÖLÜM
1.
1943-nji ýylyň bahary juda ir geldi. Fewral ýaňy ýüzüni görkezenden, meýdanlar
gök parç bolup ýaýylyp ýatyrdy.
Adamlaryň göwnüne bolmasa basym bir ýerlerden «uruş ýatdy» diýen habaram
gelip ýetäýjek ýalydy. Giden adamlaram bir ýerlerden topar tutuşyp, ýylgyrjaklaşyp
geläýjek ýalydy. Çünki, biziň goşunlarymyz ýeňiş üstüne ýeňiş gazanýardylar.
Stalingrad ugrundaky göreş uly ýeňiş bilen tamamlanypdy. Indi biziňkiler hasam öňe
barýardy. Tutuş sowet halky bu ýeňişler bilen galkynypdy. Hemme ýerde ýeňşe
sabyrsyzlyk bileň garaşylýardy. Üýşülip gazet okalmaýan ýekeje günem ýokdy. Gazet
okalşygyň yzynyň mitinge sapýan wagtlaram az bolmaýardy. Şeýle günlerde her kim
daşyna çykarmasa-da, içinden dogan-garyndaşynyň gelerine uly tamakinçilik bilen
garaşýardy.
Çynarly obasy bahary has ir duýdy. Obanyň gaýrasynda bir wagtlar at çapylan
meýdan gök otdan ýap-ýaşyl bolup ýatyrdy. Şol meýdana ysmanak ýygmaga kolhozyň
beýleki uçastoklaryndan, hatda raýon merkezindenem adamlar gelýärdiler. Olar ertir
bilen gelişlerine, giç agşam torbalaryny dolduryp, yzlaryna geçip gidýärdiler.
Ysmanak welin heniz ýetmändi. Asyl, bu ýyl ot bol bolsa-da, ysmanak ýok diýen
ýalydy. Meretgül kempiriň aýtmagyna görä «bu ýyl «goýun» ýylydy. Özem ýaz heniz
çykmanka oty-çöpi ýaldyrak alyp, il-gün maňkasyny çekip, hor-homsy, ölmez-ödi
güzeran görmelimiş».
Bu aýdylan ugruna bolmasa-da, ýazyň mazasy birden gaçdy. Çabgaly ýagyşlar
yzyny üzmän ýagýardy. Ot-çöp öserini alyp bilmänsoň, mal-garanyň-da doýup ugry
ýokdy.
Diňe maý aýynda ekişe girişmäge maý boldy. Howa birden açyldy. Ot-çöp
gaýtadan güýç alyp parç bolup ösdi. Meýdanlar ömründe görmedigini gördi. Hat-da
obanyň içinem, ol öýden, bu öýe barylýan takyrjak ýodalaram ot basdy.
Obanyň ortasyndaky tamdyra öň niresinden barylandygyny hem biljek gümanyň
ýokdy. Hatda tamdyryň özem ösgün gök otdan ýaňa ullakan ýaşyl tabagy ýadyňa
salýardy.
Bu ýaz iliň-günüň, malyň-başyň abat bolsa dokuzyň düzüw bolsa är ömründe
ýatdan çykmajak bahar bolupdy. Meýdanlaryň beýle esränini, gülüň-gunçanyň beýle
yhlasyny gören-bilen ýokdy. Bu ýöne ýere bolmaly däldi. Bu bir gaty uly şatlygyň
alamaty bolmalydy. Adamlar daşyna çykarmasalaram içinden şeýle şatlyga uly
tamakinçilik bilen garaşýardylar.
Şeýle günleriň birinde oba bir hoş habar düşdi. «Çynarly obasyndan bir ýigit
gaýdyp gelýärmiş!» Bu habar adamlaryň sönen umydyny alawlatdy. Misli Çynarlynyň
indi näçe günläp, näçe aýlap, näçe ýyllap hesret içinde ýaşan adamlary däl, ýegşerilip
oturan pagsa jaýlary hem bilini ýazan ýaly boldy. Her kim bu hoş habary özüne çekdi.
Her kim şeýle tamakinçilik bilen ýola garady.
Eger güýjüň ýetýän bolsa, her öýde çyra ýakyp, her öýde toýa
taýýarlanybermelidi. Çynarlynyň on öýlüsiniň hemmesindenem giden bardy. Gelýän
esger öýleriň haýsyna girende-de toý toýlugyna galmalydy. Bu bir gaýtalap, gaýtalap
bolmajak uly wakady. Bu kiçijik obanyň adamlarynyň näçe ýyllap eden yhlasynyň
jemidi.
Üzümgül mugallymyň getiren bu habary bütin obany sarsdyrypdy. Adamlaryň
gözi ýoldady. Üzümgül başyny ýuwup, saçyny darap, bir wagtky rabfakda höwes edip
geýýän ýakasy çaňňaly ketenisini, çaluwy gyzyl ýüpekden kakylan çabydyny geýipdi.
«Belki, Bezirgenim gelýändir?» Belki...
Ol at gaýtarym töweregi syryp, süpürip, suwlap goýdy. Geçen ýazdan bäri,
«Ynkylaba» uruşdan getirilen çagalara seretmäge işe gireli bäri sübse garasy degmedik
gapysyny toý edibermeli etdi. «Gelýän hökman Bezirgenimdir. Meniň yhlasym alypjyk
gelýändir!» Ol häzir guş bolup uçýardy.
Ýalňyzlygyň derdinden öler ýaly ýadaw, dünýäde in eziz, iň mähriban, iň ýakyn
adamynyň didaryna suwsan ýürek, tutuş beden başga pikir etmeýärdi. Gaýtam ganat
baglap al-asmanda gaýyp ýördi.
Ol demir ýol stansiýasyndan çaga alyp gelen arabakeşden gaýta-gaýta sorapdy.
«Öz-ä, otuza ýetmedik ýigit. Salamlaşdyk. Tanamadym. Bir eli boýnundan asylgy. Bir
gözem gara mata bilen daňylgy eken. Heýt, ogul, tanamadym, haýsy obadan bolarsyň
diýsem «Agam, tanamarsyň, men Çynarla, hol «Ynkylap» kolhozynyň çetindäki
Çynarla barjak diýdi. «Syrdam, berdaşly ýigit. Aý, soňam çintgäp durmadym, ondan...».
«Edil Bezirgenim. Elem, gözem owarram. Gelse bolýa... dünýäm...»
Üzümgül Bezirgen geläýen ýaly bolup begenýärdi. Öz ýanyndan gülýärdi,
aglaýardy. Iň esasy zat, ol ýeňdi. Akga ýaly agzy suwlyny, şoňa meňzeş bigaýratlary
ýeňdi. Ýagşy ada galdy, ýaman ada galmady. Açlyk boldy, horluk çekdi, emma duşmana
duýdurmady. Indem, ine, söwer ýary gelýär...
Bu habar Enäniň ýüreginiň başyna bir gysym gor guýlan ýaly etdi. Onuň
bedeniniň ysgyny el bilen sogrulan ýaly boldy. Ol iki obanyň ortasyny kesip geçýän ene
ýabyň gyrmançasyny, otuny gyrçap ýören adamlaryň ýanynda gaýtarmakdan zordan
saklanyp, öýlerine ylgady. Aýallaryň hemmesi umydygär bolansoň Enäniň bolşy söwer
ýara bolan telwasyň tolgunmasydyr diýip oý edýärdiler. Emma Enäniň kalbyndaky
harasat telwasyň, tolgunmanyň işi däldi. Ol indi özüniň ýagdaýyny gowy bilýärdi.
Ol özüniň gaýtaryp, garabaşyna gaý bolup ýörşüniň, «aý, hudaý bardyr» diýip,
pitiwa etmän ýörşüniň, bu günem garnynyň çep gapdalynyň şarpyldap gitmesiniň derdidagyny bu gün çekmeli bolupdy.
«Çynarla bir esger gaýdyp gelýärmiş!..» Bu habar onuň dünesini daraltdy. Ol
özüni zordan pejiň gapdalyna atdy. Aýyň parasy ýaly ýüzüni, balkyldap duran köşek
gözlerini sadapdan guýlan ýaly bilekleri bilen ýapyp titiräp, titiräp eňredi. Emma aglap
bilmedi. Tolgunma, howsala, gorky onuň ýüregindäki hesreti çogup çykarmaga, aglapaglap gözýaşyny egismäge päsgel berýärdi. Ol gözlerini ýumdy. Birdenem göz öňünde
Goçaklynyň ýylgyryp duran keşbi göründi. Ol şu geçen iki ýylyň içinde Goçaklyny
beýle aýan göz öňüne getirip bilmändi. Ol ýylgyryp durdy. Günäsiz, garawsyz gözlerini
ýylgyrdyp durdy.
Ene şol gözlere garap durup bilmedi. Utanjyň, haýanyň ajy duýgusy gursagyna
urup, demligini daraltdy. Ol «wah» diýenini duýman galdy. «Waý, bagtym ýatdy.
Şoldur, şoldur doganlar. Indi ne alaç ederin, indi näme diýerin...» Ol ýere süýndi.
Ysgynsyz-mydarsyz göwresini tisgindirip, uly ili bilen aglady.
Şol wagtam bir ýerlerden ejesi ylgaşlap geldi. Ol dady-perýadyna ünsem bermedi.
Gaýta başga heň urdy.
– A, gyz, gözüň aýdyň, Äkge jan başlyk boljakmyşyn. Ol Anna garantgyny
puronda alanmyşlar. Indem, Äkgäni ýerine galmaly diýip yraýona çagyrypmyşlar...
Ene ejesiniň sözlerine sesini kesdi. Ýöne çydap bilmedi. Şumjaryp gürledi.
– Bir adamyň purantdan gelýänini görüpdirler. Men «Çynarlydandyryn» diýipdir.
Salgyndan Goçakla meňzeýär. Şoldur, şol gelýändir. Eje jan, gara bagtym ýatdy-la, eje
jan, indi men näme diýip, näme aýdaýyn...
Meretgül gyzynyň bolşundan erbet eýmendi. Ýöne syr bildirmedi.
– Kim diýse, goýup otursyn-a... Diliňde aňsatdyr, o zyndanlardan çykaýmak. O
bir purant däl-de, zyndanmyşyn-a. Şo zyndanlardan çykmagyň aňsat bolaýşyny. Hol,
Büjnürdiň zyndanyndan çykyp bilmän niçe pyýada upbat boldy. Nemis saňa Eýranyň
hany däldir. Olaram özüni seniň kelpeze ýaly kerri garantgyňça görýändir...
Ene ejesiniň delillerine söz tapmady. Ol eňegini dyzlaryna diräp perişan bolup
oturyşyna parhsyz gürledi:
– Salyg-a şol, näme diýseňem-ä.
Kempir gaýtadan möwç aldy.
– Sen näme, salygy şol diýip, özüňi Agaýunus peridirin öýütdiňmi? Dyrnagyňa
seredeniňde salgyny görüp oturar ýaly...
– Iller aýdýa... Ýüregim syzýar. Şoldur, şoldur.
– Il gursun, iliň dälmi şu günlere salan bizi. Kişiniň dyrnagy össe gynanýan iliň
gursun, ylahym. Ajap-da bir illi ekeniň, şerraý. Il agzyny ýygyp bormy? «Alan ogry –
gören taňry» iliň bardyr-da...
Meretgül möwjedi. Ol işden-güýçden bizar bolup, gurpdan gaçan alaşa ýaly,
syrtyny işige berip şol takyrdap otyrdy.
Enäniň welin içini it ýyrtýardy. Ol gelýäniň Goçaklydygyna bolan ynanjy
ýüreginden syryp taşlap bilenokdy.
Jadygöý ýaly bolup, gyzynyň içindäki gumalaklary sanap oturan Meretgül
ýuwaşragadan, azymly gürledi.
– Seniň iliň gepi bilen işiň bolmasyn. Bu dag eteginde Çynaram gyt däldir,
«Çynarlam». Ady guran obalaryň hemmesiniň ady «Çynarly», «Söwürtli-dä» Haýsy
birine meňki diýjek.
– Salgy şo-ol-ow, eje!
– Salgy şol! Sen nireden bilýäň?
– Şoldur, obadan gidenlerden Myratly neressäň haty geldi, Kerwen aga ýaşuly,
Hudaýberdi ýaş, başga kim bar...
Kempir ýerinden galdy. Ölen kelguşyň ganatlary ýaly gatan goluny, leňňejiň
aýagy ýaly barmagyny gyzyna uzatdy.
– Hol, obanyň gaýrasyndaky mollasumak ganjygyňky bolsa näbildiň.
– Kim ol?
– Hol, mollasumak heleý, Arpagülmi, Dänegülmi?..
– Wiý, Üzümgülüň adamsy Bezirgenmi?
Ene duýdansyz begendi. Üzümgülüň salykatlylygy, akyllylygy ony bendi edipdi.
Üzümgülde onuň ömür boýy arzuw edeninde-de ýetip bilmejek mert, çydamly sypatyň
baryny ol gowy bilýärdi.
«Wah, Üzümgül ýaly bolsam, menmi häzir burlup, ojagyň başynda içimi
hümledip oturjak. Uçuplar bireýýäm ene ýabyň köprüsine barmazmydym? Goçaklyny
gözden uçuran ýerimde, onuň didaryny görmäge umydygär bolup oturmazmydym?..»
Ene özüni diýseň alaçsyz saýdy. Häzir Goçaklynyň geleninden gelmänini ybaly
gördi. «Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn» diýlen gürrüňi ýatlady. Ol Goçaklynyň
gyzyl ýüzüni soldurdy. Onuň mertebesini saklap bilmedi.
«Ýok, Üzümgül meniň ýaly bihar bolmady. Ol namysyny depeletmedi. Ol öz
päkligini ölinçä-de saklar. Şonuň ýaly gelne gurban bolsaň». Ene gözlerini balkyldadyp,
içini hümledip otyrdy. Birdenem onuň sag böwri ýuwaşja tyrsyldap gitdi. Ene erbet
tisgindi...
***
«Çynarlynyň» gelinleriniň ýüregine ot salan esger geler ýerde gelmedi. Şondan
iki gün geçenden soň bolsa başga bir gürrüň oba ýaýrady. Olam Akga brigadiriň Anna
aganyň ýerine başlyk bolandygy baradaky habardy. Anna agany kolhozlardan sowgatserpaý alyp frontçularyň arasyna gidýän ýörite brigada goşupdylar.
«Dälä galdy bulamak» diýenleri boldy. Kolhozda Akganyň towguna tok diýen
ýokdy. Oraz şyhyň diýeni gelipdi. Ol indi kän bir çekinmän il arasyna çykýardy.
Ýüregindäki gara niýetini çekinmän samraýardy.
Bu günem ol Çynarlynyň gapdalyndan geçýän uly ýabyň gyrmançasyny gyrçap
ýören gelinleriň ýanyna geldi. Aýallar Oraz şyhy görüp ýaşmaklaryny agyzlaryna
çekdiler.
– Amanmy, gyzlar, aman sagmy?
Oraz şyh mor sakgalyny gysymlap-gysymlap, maňlaýynyň güne ýygrylan
gasynlaryny eli bilen darap, göwnüýetmezçilik bilen garanjaklady. Ep-esli oturybam
brigadire söz gatdy.
– Men saňa bir zat aýdaýyn, Sapargül gelin, hudaýtagala heleýleri erkek kişiniň
gapyrgasyndan ýasapdyr. Howwa, şonuň üçinem heleý-gyzlar hor-homsy boluberse,
erkek kişiniň gapyrgasy awaberermiş. Şu siziň gara günüňiz meniň gapyrgama degýä...
Sapar brigadir öňem guşagyna gaýym gysdyrylan gyňajyny ýeňsesine atyp
goýberdi.
– Howwa-la, Oraz agajan, gapyrgaňa degensoň gelip, elimizden pilimizi alyp,
agan ýükümizi galdyryp ýörsüň, taňryýalkasyn.
Oraz şyh Sapar brigadiriň kinaýasyny eşitmediksirän boldy. Ýöne ol bu dillije
heleýden gep alyp galmagy kemlik bildi,
– Weý, weý, gara gelin, sen ony diýýäň, men haýsyňyzyň eliňizden alaýyn
piliňizi. Ýöne hudaý eliňizden alsyn piliňizi diýäýmesem. Siziň şuraňyzdan allatagala
ýakyndyr görseň. Allany, hudaýy unutdyňyz, çekiň-dä jezasynam...
Sapar brigadir «bir ýaraly esger gelýärmiş» diýseler, özüniň Durdusydyr diýip
gaty tama edipdi. Geçen iki gün bolsa onuň ersen höwesini çökeripdi. Şonuň üçinem ol
häzir çagasyny elinden aldyran ene ýolbars ýalydy. Oraz şyhyň teýeneli sözleri onuň
öňem dilim-dilim bolup duran ýaralaryna duz sepen ýaly boldy. Ol ajan gyýgyny
dökmejek bolsa-da, saklanyp bilmedi. Agzynda çeýnelmeden gyrasy öljeren gyňajyny
aşak sypyrdy. – Wiý – diýip, dikeljiräp gygyrdy. – Wiý, gurbanyň bolaýyn seniň. Sen
«jezaňy çek» diýip gyjalat berjek bolýaňmy? Sen, mor sakgalyňy titredip, diýjek sözüňi
bilip sözle, şyh. Gyjydy özüňe ber. Şura hökümetine dil ýetireniňden kümüs-kümüs
edip, puranta gideniň aýalynyň haýsynyň uçgury gowşakka diýip, ak girse-de aň
girmedik messepsizliginden utan...
Oraz şyh näme diýjegini bilmedi. Ýöne onuň gany depesine urdy. Ol liňkildäp
ýerinden galdy.
– Häý, seniň diliň gursun... Diliňi ýyg, ýogsam ýelniňi keserin seniň, ganjyk...
Sapar brigadiriň hem ýüreginde köpükläp duran gahar-gazap şindi egsilmändi.
Şonuň üçin ol hem sesine bat berdi.
– Ejeň ganjyk, bajylaň ganjyk. Naçar bilen deň bolup duran diliň ganjyk... Mor
sakal ýer çeken... Hany bir barmajygyňy degir, sakgalyňda sallançak uçaýyn...
Oraz şyhyň bolmajysy boldy. Ol çäkmeniniň agyr synlaryny silkip Sapar
brigadiriň üstüne topuldy. Sapar brigadirem kem galjak däldi. Ol elindäki ýalaw ýaly
pilini Oraz şyhyň depesinden inderdi.
Şol wagtam gelinler gyr-da-gykylyk bolup, Oraz şyhyň üstüne topuldylar. Ýöne
kimdir biriniň sesi has çasly çykdy.
– Aý-u-uwlar, han-a biri purontdan gelýär-u...
Oraz şyh gelinleriň ýadyndan çykdy. Olar garasar ýaly hürre örüşip, ýabyň
raýşyna çykdylar. Soňra her kim sozan guýruk bolup araba ýola garşyn ylgady.
Oraz şyh bolsa bu wagt «assa gaçan – namart» diýişleri ýaly, pil gyltyzrak degip,
mazaly ganjaran kellesini tutup, aýak aşagyna düşüp tozana garylan telpeginiň çöpüniçörüni hem kakman ýorgalap tutluga siňip barýardy. Emma oňa häzir üns berenem
bolmady.
Hakykatdan hem bir esger gelýärdi. Ýanynda-da Üzümgül bardy. Her kim ylgap
barşyna «waý Bezirgen-dä, Bezirgen» boluşýardylar. Emma ol Bezirgen däli.
Gelinler ony tanamadylar. Ýöne hiç kim badyny saklajagam bolmady. Her kim
onuň bilen gujaklaşyp görüşdi. Iň utanjaň ýygra Ogultäjem ýaraly esgeriň boýnuna gol
saldy.
Her kimiň gözünde ýaşdy. Her kimiň dilinde doga Herkimiň ýüreginde umytdy.
«Allajan, biziňkilerem öýe şeýdip gelsin-dä, jan allam!» Bu sözi gelinleriň bary
gaýtalaýardy. Olar esgeriň gansyz ýüzüne hasa bilen saralgy goluna, insizje gara mata
daňan gözüne uly höwes, ýiti ynjy, inçejik tama bilen garanjaklaşýardy.
Her kim giden adamsynyň, agasynyň, doganynyň, ilen-çalanynyň bir alamatyny
bu syrdam boýly, başy sargylt esger papakly, az-kem sary giden eşikli adamdan tapjak
bolýardy. Adamlaryň ýüreginde ýanan umyt uçguny olaryň süňňüni ýylydýardy. Olar
uly ýol bilen esgeriň yzyna düşüp, topar tutuşyp, Çynarla tarap barýardylar.
Iş-güýç hiç kimiň ýadyna düşenokdy. Her kim bu pursatda ýüreginde hasyl bolan
mukaddes duýgulary ürküzmejek bolýan ýaly, sesini çykarman, syrdam boýly esgeriň
yzyna düşüp barýardy.
Oba golaý baranda aýallar biri-birleriniň ýüzüne garanjaklaşmaga başladylar.
Sapar brigadir Üzümgülüň elindäki ýeňiljek goşhaltany çekip aldy, soňam «hany, aýak
çek!» diýen manyda ümledi. Olar «bu gelen kim-de, kim» bolşup, Üzümgülden
soraýardylar.
Üzümgül esgeri tanyşdyrdy.
– Bu ýigit Arzy doktoryň ogly Serdar bilen frontda bile bolupdyr. Ol neresse
ýogalanda ýanynda eken. Oňa «oba dolansam ejeň ýanyna bararyn» diýip söz edipdir.
Ine-de obamyza gelşi...
– A gyz, Arzy pahyryň beýle bolanyny bir aýtdyňyzmy, bu neressä?
– Kanturda aýdypmykalar diýýän, menden-ä ýeke agzam soramady. – Esger ýigit
çep eliniň ýeňi bilen gansyz ýüzüniň düwme-düwme bolup düzülip duran derini süpürdi.
Soň bir zat diýjek ýaly etdi-de, sesini çykarmady.
Arzy doktoryň öýi gulpludy. Aýallar gulpuň açaryny agtaryp başladylar. Häzir
açaryň nirede goýlany hiç kimiň hakydasyna gelenokdy.
Açar tapylmady. Aýallar topar tutuşyp durdular. Olar «gulpuň tagta kakylan
zülpüni goparmaly» diýen karara geldiler. Oňa çenli Üzümgül gapdaldaky ýylmanajyk
daşy görkezdi:
– Şol daşy galdyryň. Ol pahyr açary hemişe şonda goýardy – diýdi.
Aýallar daşa topuldylar. Hakykatdanam, daş aşagynda, takyrjak ýerde alaja bagly,
ýarysy posly açar ýatyrdy.
Arzy dogtaryň eli degen zatlary görüp aýallar bozuldylar. Ýöne bar zat çalt
unduldy. Aýallaryň her haýsy bir işiň başyna geçdi.
Kolhozçylaryň günortan iýmeli nahary agşam Arzy dogtaryň öýünde iýildi. Adam
kändi. Adamlar sygmansoň öýüň ähli keçesi, soň bolsa goňşulardan getirilen keçeler-de
daşary, otuň üstüne ýazyldy. Ortada bolsa uly ot ýakyldy.
Bu ýigidiň adam Serdar eken. Ol gürrüň berýärdi. Adamlar demlerini alman diýen
ýaly diňleýärdiler. Ortadaky ot sönüp gidipdi. Säheriň mylaýymja çigregi endamyňy
jümşüldedýärdi. Emma adamlar şo-ol diňläp otyrdylar. Her kim gürrüň soňlanaryna, öz
ýakynyny sorag-ideg etmäge garaşýardy. Gürrüň welin gutaranokdy. Her kim uruş, front
diýip, näçe ýyllap arwahyň syry ýaly bolup duran ýagdaýlara göz ýetirjek bolýardy.
Serdar ýerinden turdy. Ol çep eli bilen synlaryny kakyşdyrdy.
– Ine, adamlar, haýyn güllesiniň yzlary, hut şinelimiň endam-janyny pers ala etdi.
Şu iki sanjagy maňa degeni, beýlekilerem degen bolsa, onda men nire, beýdip oturma
nire.
Serdar gürrüňiniň arasyny kesende, Sapar brigadir bir gyrada çugutdyryp oturan
Oraz şyha gözüniň gyýtygyny aýlap, sowal berdi.
Serdar jan, «nemis diýen bela dünýäni gysymyna gysyp barýar. Diňe biz galdyk.
Bizem basym holtumyna gysjak» diýen gürrüň bar-la, ýa o-da bir agzy boşun
gürrüňimidir...
Serdar öçen ojaga garady. Soň uludan demini aldy.
– Aý, ýeňňe, nemes faşistlerinde etsem-petsem kändi. Biziň bir kamandirimiz
bardy. Ol nemisleri dünýäni tutup süýrenip gelýän äpet aždarha meňzedýärdi. Ol
diýýärdi: «Aždarha dünýäniň gaty köp ýurduny ýuwutdy. Onsoň süýrenip Sowet
Soýuzyna geldi» – diýerdi. «Ol aždarha Moskwany ýuwutjak bolanda biziň sowet
halkymyz onuň kellesini mynjyratdy» diýýärdi, onsoň men gospitaldan çykjak bolup
ýörkäm ony agyr ýaraly halyna gospitala getirdiler. Bir gün ýanyna bardym.
Ýoldaş kamandir, faşistik aždarha nädýär – diýdim. Ol bolsa – Heý, towariş,
Işankulyýew, nemes faşistik aždarhasynyň biloňurgasyny Kursk dugasynda,
Stalingradda kül-peýekun etdik. Indi bir guýrugy galdy. Olam Berline çenli uzalyp ýatyr
– diýdi.
Bu gürrüňiň Oraz şyha ýaramandygy ýüzünden mese-mälim bildirýärdi. Ýöne ol
sesini çykaranokdy. Bu gürrüň tükenip-tükenmänkä bolsa ol garaňka siňip gitdi. Bu
ýagdaýy synlap oturan Sapar gelin bolsa öz ýanyndan monça boldy.
Serdar ertesi öz obasyna gaýtdy.
2.
...«Täze başlygyň» beýle arkaýynçylygy Durdy ýasawulyň içegelerine gor guýlan
ýaly etdi. Ol «gözüň ak ýagyny alýar» diýen ýaly bolup oturan arpaly meýdanyň içinden
her gün diýen ýaly geçýärdi. Arpa ýagşy ýetişipdi. Onuň göwnüne bolmasa torgaýlaram
«Arpa ýetişdi, arpa ýetişdi» diýip jüýgüldeşýän ýalydy Öň açlygyň dagyny görensoň,
bu ýyl geçen ýylky kauçugyň ýerine ekilen arpanyň ýygnalman ýatyşyna onuň gözleri
patlajak bolýardy. Göwnüne bolmasa arpa ýetişip, indem guş-gumra şam bolup, ýere
siňip barýan ýalydy. Ol bu arkaýynçylygyň aslyna ýetmese ynjaljak däldi. Şonuň
üçinem ýabysyny loňkuldadyp, güni bilen diýen ýaly Akganyň gözleginde gezdi.
Ahyram ony tapman, obanyň etegindäki tutluga gidýän ýaby gyrçap ýören gelingyzlaryň ýanyna geldi.
Sapar brigadir ýasawulyň ýüzünden daş asylan ýalydygyny görüp erbet gorkdy.
Onuň göwnüne ýene-de bir şum habar getirip, indem bir bendäniň bagtyny ýatyrmakdan
çekinýän ýaly bolup göründi. Ýasawulyň «Sapar, munda gel!» diýmesini hem erbetlige
ýordy.
– Heý, waý, Durdy aga, bagtym ýatdymy meniň?
Durdy ýasawul gözlerini gazaply ligirdedip azgyryldy:
– Bagtyň ýatmasa, şeýder ýörermiň...
– Men näme edipdirin, doga bagty garalykdan başga...
Sapar brigadir özüni lampa aşak goýberdi.
Sapar brigadiriň bolşy ýaşula jögülik edýän ýaly bolup göründi.
– Goý, şerraýlygyňy. Garnym doýdy diýip supraňy püçege satan diýerler size. Bar
çörek gara ýere gark boldy. Sen bolsa munda salmanyň otuny gyrçadýasyň. Ýaby başyňa
ýapjakmy? Arpaň guma garylyp ýatyr, bugdaýyna serçe degipdir, siz bolsa ýap
gyrçaýaňyz. Mundan beterem bagtyýatanlyk bolarmy? Sen bolsa şerraýlygyňa
başlaýarsyň.
Ýasawulyň sözi brigadiriň heniz erbet tolgunmadan köşeşmedik ýüregini gamçy
ýaly awuly çawlady. Awy brigadir gelniň bütin süňňüni titretdi. Ol gyňajyna ýapyşan
çöp-çalamy zarply kakyşdyrdy.
– Wah, agajan, adyňa döneýin, men nä alaç edeýin. «Entek ir, entek ir» diýip, bizi
atyzyň gyrasyndan eltenok, ol jallyk meýdi ýanan. Özem şo-ol Meretgülüň tulasynyň
tüneginden çykanok, diýmäýin diýsem, ýaşy kesilen.
Sapargül özüne öwşerilişip duran aýal-agyzlardan haraý isledi.
– Eger ynanmasaň sora şu bendelerden. Tomsuň şu jokramasynda ýap gyrçadýar
ýaşy ýanan. Ýap gyrçatjak bolsa suw tutmaga başlanjak wagty gyrçatmal-a. Indi gaýa
ýok, gopuz ýok, gabryny suwartjakmyka bi ýapdan suw akdyryp, diýmäýin diýsem,
gabry ýanan...
Durdy ýasawul sesini çykarmady. Ol göýä bu gykylyklaşýan adamlary diňläp, özözünden uýalýan ýaly ýuwaşja sortduryp duran ýabysyna güýmendi. Köne palasdan
tikilen horjunynyň gözleriniň ýüpüni çözüşdirdi. Ol horjuna elini sokanda, yzda turan
gowura başyny galdyrdy.
– Hana, ýer çekeniň özem gelýä... – Aýallar indi näme bolarka diýen terzde
ýasawula garanjaklaşýardylar. Durdy ýasawul horjunyň bagyny gowşagrak büzüp ýenede daňdy. Onsuzam onuň Akganyň bolşuna jany ýanyp ýördi. Öz ýanyndan ony itden
beter ýigrenýärdi. Eneli gürrüňi bolsa ýüregine sygdyryp bilenokdy. Ilaman onuň «Oraz
şyh bilen atyny goşandygy» barada aýdaly bäri bolsa, gözünde oky bolsa Akgany
atjakdy. Onuň ýüregindäki ähli gazaby oýandy. Ol: «Gel, men şunuň bir otuz ikisini
damagyna ýollaýyn-la» diýip gazap bilen ýaba atlandy.
Akga welin ýabysyny «düldüliň ýorgasy» diýilýäne goýberip, eýere ýaplanyp
hekgerip gelýärdi. Ol işläp duran adamlaryň ýanyna sowulman, tutlugyň gapdalyndan
geçýän araba ýol bilen kolhozyň merkezi uçastogyna tarap tutduryp barýardy.
Ýasawulyň diýeni bolmady. Emma ýasawul ony beýle goýberjek däldi.
«Yssammyla gitseňem yzyňdan ýeterin, köpeý ogly». Ol «gel şunuň yzyndan depeýinle» diýip, ýabynyň uýanyny batly dartanda, aýallar ýerli-ýerden gykuwlaşdylar.
– Ak-gu-uw, aý, birga-at. Gelip, gidewer-u-u.
Sapar brigadir sesini goýup, goýmanka Tagy gelindir beýleki aýallaram ýerliýerden gygyrdylar.
Gelinleriň adyny tutup, ýerli-ýerden gygyryşmagy Akgany janlandyrdy. Ol
ýabysyny saklady. Soň töweregine garanjaklan boldy-da, yzyna dolandy.
Akganyň bolşy Durdy ýasawulyň keçje damaryny hasam gataldýardy. Onuň
temegini ýellendirişi, hondan bärisiräp, dähedem-dessemläp gelşi ýasawulyň arwahyny
atlandyrdy. Onuň gelerine takat edip bilmän, ep-esli aralykdan gygyrdy.
– Haý-ow, seniň bolup ýörşüň näme, hä?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 12
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.