Latin

Uzak uzak ýyllar - 14

Total number of words is 3907
Total number of unique words is 2086
32.6 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ilamanyň ýüregini düşnüksiz duýgular gaplap aldy. Ol mekdebiň jaýyna arkasyny
berip oturdy. Dünýe asudady. Gökde ýyldyzlaryň arasynda aý erkana ýüzüp ýördi.
Ol häzir Hudaýberdini ýadyna saldy. Onuň ýazan hatyny içinden okady. Ol: «Eý,
dost. eger söweşe başlasak, Ogultäje derek bir faşist, ejeme derek bir faşist, saňa
deregem bir faşist kaklaryn. Şondan soň meniň hatyma garaşyň! Ogultäje-de söweşde
gahryman bolýançam hat ýazmaryn diýip aýtdy diý» – diýen setirlerini indi ýatdan
bilýärdi.
«Ýa Hudaýberdi henizem gahryman bolanokmyka? Ol henizem hat ýazanog-a!»
Ilaman ýene-de içini gepletdi. «Eger häzir Hudaýberdi bolan bolsa näderdikä? Oraz şyh
bilen bellisini ederdi. Men welin...» Ol gamlanjak boldy. Birdenem ýüregi süýjüje
gürsüldedi. Iki sany äpet göreç oňa balkyldap seredip, onuň dünesini gündizlige öwürdi.
«Illi, mert bol, gaýrat et!» Bu Ogultäjiň köşegiňki ýaly owadan, kirpikmen gözleridi.
Ilaman ýerinden tarsa turup, öýlerine bakan ugrady. Ol işige ýetende özüne geldi.
Az-kem aýak çekip oýa batdy. Yzyna garady.
Hälki aý eýýäm batan ýalydy. Bütin oba garaňkylygyň gujagyna çümüpdi. Misli
bu ýerde oba ýok ýalydy. Töwerek-daşyň hemişelik garaňkylyk bolup, indem hiç haçan
ýagtylyk bolmajak ýalydy.
Oglanyň ýüregi sarsyp gitdi. Ol iki jahanyň owarrasy bolup, ikiarada elewräp
durdy. Ýekelik, ýadawlyk, gam-gussa, alaçsyzlyk ony gowrup gysýardy. Häzir onuň bu
jelegaýlardan uzak bir ýerlere gidesi, ganat baglap uçasy gelýärdi. ýöne ol bu işem edip
bil- jek däldi. Basym uruş- gutarar. Onsoň onuň dünesi dolanyp geler. «Däde jan!»
Ilamanyň gursagy joşdy. Onuň gözlerinden gaýdýan, ýyly damjalar burnunyň ýanyny
gijedýärdi. «Däde jan! Arka dagym däde jan! Seni juda, juda göresim gelýär-ä! Däde
jan, haçan gelersiň, däde jan! Haçan geler-s-i-ň!» Ol soňky jümläni daşyndan aýtdy.
Ýüregi gowzan ýaly boldy. Ýene-de has batly gygyrdy. «Dädejan, haçan gelersiň, arka
da- gym, seni göresim gel-ýä-ä-är-r!»
Howly juda garaňkydy, içgysgynçdy. Diňe Durdy ýasawulyň ýabysy erigiň
töweregindäki guran ýaz otlaryny gütürdedip iýýärdi. Ol her ädim uranda teblemyhy
urlan irişmesi şyňňyrt edip seslenýärdi.
Ilamanyň gözi arkasyny diwara berip oturan Durdy ýasawula düşdi. Ol aglaýan
ýaly inçe, ýürekgysdyryjy ses bilen haýsydyr bir tanyş aýdyma hiňlenip otyrdy.
Durdy aga häzir özüni gabaýan pikirlerden daşlaşmaga çalyşýardy. Ol ömründe
adama içini döken adam däldi. Onuň Anna agany diýäýmeseň belli dosty-da ýokdy.
Aýaly onuň bu ýekemenräk häsiýetini galaba kötek astyna alýardy. Towşantüýräk
bolmagy maslahat bererdi. Ol bolsa: «Haý, heleý halkynyň aýdaýjagydyr. Dogry
sözlüňem bir dosty bolarmy?.. Ata-babalar heniz biz dogmankak bu zatlary aýdyp
geçmänmi!» diýerdi-de öz nşine turar giderdi.
Durdy ýasawulyň ogullary Şiri bilen Pirem kakalaryna çekipdi. Emma olara
özleriniň bir sözli häsiýeti bilen kakalaryna söýeg bolmak nesip etmedi. Olar uruş turan
badyna fronta gidipdiler.
Düýn-öňňün bolsa ýaşulynyň uly ogly Şiriniň gahrymanlarça wepat bolandygy
barada hat gelipdi Bu hat ýaşulynyň ýüreginiň bagyny üzere getiripdi. Emma ol çydady.
Bu habary aýalyna-da aýtmady. Asyl bu haty almadyk ýaly bolup gezip ýördi.
Aýaly şu gün irden: «Ýasawul, Şirjandan hat-habar gelenokmy?» – diýip gaýtagaýta sorapdy. Ýaşulynyň kiçi ogly Piriniň dereksiz ýitendigi barada baryp, kyrk biriň
aýagynda hat gelipdi. Şondan bäri olaryň bar umydy Şirä direlipdi.
Ýaşuly aljyrajak ýaly etse-de, özüni dürsedi.
– Haý, senem-ä! Hat beýleki gelse maňa gelmel-ä. Ony saňa bermän nirä
äkideýin. – Ýaşuly soň eglenmän daş çykypdy.
Häzirem ol oglunyň, aýalynyň aladasyny edýärdi.
«Eý, hudaý, urşam gursun, beýlekisem. Goşa çynaryň saýasynda saýalajakdym.
Agtyga guwanjakdym, baryny hazan urdy».
Ýaşuly gözüniň çygyny ýumrugy bilen süpürdi. Ol kimdir biriniň aýak sesini
eşidip, edip oturan pikirini, ejizlänini kimdir biri gören ýaly utandy. Özüni ýagşy tijedi.
Ýaby Ilamany görüp gulaklaryny keýerjekletdi. Soň howply bir zadyň ýokdugyna
göz ýetirensoň, gütürdedip otlamaga başlady. Ilamanam haýata çykyp aýaklaryny sallap
oturdy. Onuň oturan ýerinden mekdebiň agzy, onuň tutuş töweregi oňat görünýärdi.
Aý dogdy. Indi ýasawul aýyl-saýyl görünýärdi. Ol gamçysy bilen ýeri ýuwaşja
tapbyldadyp özüni güýme- ýärdi. Bütin ömrüni ýabynyň üstünde geçiren adama häzir
boş oturmagyň kyn düşýändigine Ilaman düşündi. Onuň ýasawulyň ýanyna baryp: «Sen
gaýdyber, ýadansyň, men ýeriňe oturaryn» diýesi gelýärdi. Emma bu ýaşulynyň
kellesine gör nämeler geler.
Ýaby aýyň ýagtysyna otuň has gür ýerini gözläp, Ilamana tarap ýorgalady.
– Häk, buýurman geçen, dur-r. – Ýasawul ýeňillik bilen ýaba tarap ýöneldi. Onuň
irişmesini şaňňyrdadyp, has aňyrrakda, howlynyň burçunda örkledi. Ýene-de ýerine
baryp oturdy.
Ilamany uky bürýärdi. Günuzynky halys surnukdyryjy ýadawlyk, aýyň rahatlyk
beriji ýalkymy, günbatardan öwüsýän salkynjak ýel, topragyň üstünden gelýän goýras
ys onuň süňňüni lagşadyp, meýmiredýärdi.
Ilaman aýa garady. Ol haýran galmakdan ýaňa dolup galdy. Ol aý däldi-de iki
sany balkyldap duran göreçdi. Özem şol tanyş, şol mähriban göreçlerdi. Ol bu owadan,
kirpikmen göreçleriň öňünde eredi. Meýmiräp, arzuw kölüne batdy.
«Uruş gutarar. Dädejanym geler. Toý ederis. Onsoň... Onsoňmy? Onuň bilen
bileje işe giderin, oňa kömek bererin. Hiç haçan ýaňyndan aýrylmaryn. Onsoň... Onsoň,
onsoň, puronta giden oglanlar geler. Hudaýberdi, Bezirgen mugallym... hemmesi geler.
Bize beýle kän agramam düşmez. Ähli aýallara, gyzlara, siz arkaýyn öýli-öýüňizde
oturyň. Indi özümiz bir zat ederis diýeris. Onsoň, onsoň olar razy bolarlar. Ogultäjem
has owadan, has mähriban ýylgyrar. Onuň gözleri häzirkisindenem owadan bolar.
Onsoň. Onsoň me- nem ullakan ýigit bolaryn, gulluga giderin. Suratymy aldyryp, hat
ýazaryn. Obanyň ähli adamlaryna, özem günde-günaşa ýazaryn. Olar meniň hatlarymy
okap, suratymy görüp baý begenerler-ä. Ylaýta-da, Üzümgül mugallym dagy
«Tüweleme, Ilaman jan gül ýaly ýigit bolupdyr. Ömri uzak bolawersin...» diýer. Şonda
dädem baý begener-ä. Özüne ýazan hatymy usullyk bilen açar. «Salam, däde jan!.. Öz
ogluň Ilaman!» Ol hatymy hemmelere okap berer. Şonda Ogultäjem ýere garap,
mylaýymlyk bilen ýylgyrar... Azajyk gynanar. Sebäbi dädeme aýdyp, meniň hatymy
alyp okap bilmez. Utanar. Gynanma, Ogultäç, men ilki bilen saňa hat ýazaryn. Ilki bilen
saňa suratymy ibererin. Şonda sen baý begenersiň-ä... Onsoň». Ilaman özüni
gyssaýardy. Onuň durmuş barada bolsady ekesi, onuň düýbüne ýetýänçä arzuw edesi
gelýärdi. Onuň şu güzaply, gussaly günlerden sähel wagtam bolsa daşlaşasy gelýärdi.
Şeý- le oýlar onuň yhlasyny göterdi. Süňňündäki ýadawlygy el bilen aýran ýaly etdi.
Emma ýakynjakdan gelýän aýak sesi onuň umytlaryny, hyýallaryny bilinden
şarpa üzen ýaly boldy. Oraz şyh gaty-gaty ýöräp olaryň öýüne tarap gelýärdi. Ilaman
haýatdan düşüp, gyra çekildi.
Horazlar ýarym gijäniň bolandygyny gyryk ses bilen habar berýärdiler. Aý indi
öňki ýaly ýalkym saçanokdy. Gögüň ýüzünden topbak-topbak bulutlar süýşüp, aýy
özleriniň holtumyna dykýardylar. Birdenem aý atylyp gomlukdan çykyp, beýleki bir
gomuň goltugyna düşýärdi.
Oglan Durdy ýasawulyň oturan ýerine seretdi. Ol diwara çekilen gara surat ýaly
bolup otyrdy. Onuň ýabysy indi otlanokdy.
Oraz şyh işikden girmedi-de, haýatyň burçuragyndan ätläp Ilamanlaryň
howlusyna girdi. Şonuň üçinem ony Durdy ýasawul görmedi. Ilamanyň bolsa ýüregi
gürsüldäp urýardy. Ol gaty gorkdy.
Şyhyň çäkmeniniň synyndan çykaran kepjesi onuň gözüne jadyly gylyç ýaly
bolup göründi. Şonuň üçin-de ýerinde doňup galdy. Ol diňe Oraz şyhyň öýe sümlenini
görüp galdy. Ol perwaýsyzlyk bilen:
– Heý, sen geldiňmi? – diýip sorady. Ilaman «Men bärde, dur!» diýip gygyrjak
boldy. Emma agzy gymyldasa-da bokurdagyndan ses çykmady. Soň bolsa ýetişmedi.
Durdy aga öýe boýnuny uzatdy. Oňa çenlem nämedir bir zat şarpyldap gitdi. Ýaşuly
birnäçe ädim yzyna ýöräp: «Wah, wah...» diýip güpürdäp ýykyldy.
Ilaman duýdansyz ýerinden turup, oňa bakan ylgamak isledi. Emma aňyrdan
kepjesini ýaldyradyp gazap bilen çykan Oraz şyhy görüp yzyna nädip gaýdanyny, nädip
haýatdan geçip, araba ýola düşenini duýman galdy.
Häzir onuň bar pikiri bu wakany başlyga ýetirmekdi. Ol yzyna-da garaman
güýjüniň baryndan ylgaýardy. Onuň galpyldaýan süňňi hiç zat syzanokdy. Gorkudan,
howsaladan ýaňa uçaýjak-uçaýjak bolýardy. Ol şonda-da häzir özüni duýanokdy.
Ysgyn-mydar galmadyk göwresine gurbat berýän zat «Etmeli, başlyga aýtmaly!» diýen
ýeke-täk pikirdi.
«Ynkylaba» giren ýerinde oňa kimdir biri zarply gygyrdy.
– Kimsiň, hany dur! Öňem gorkudan zähresi ýarylara gelen oglan çöp-çörüň içine
bakan tutdurdy. Nätanyş onuň yzyndan galarly däldi. Ol: «Dur diýýän!» diýip, iki
bökende Ilamanyň yzyndan ýetdi. Oglan uly ili bilen möňňürdi:
– Goýber, goýber, men başlygyň ýanyna gitmeli, goýber – Nätanyş ony götergiläp
diýen ýaly ýola çykardy. Ýoluň üstünde dört-bäş atly durdy. Şolaryň biri başlykdy.
Ilaman ähli güýjüni jemläp başlyga tarap okduryldy. Ol samraýardy.
– Anna aga jan, Oraz şyh, ýasawul, öldürdi, ýetiň, ýetiň ýasawul aga, Oraz şyh...
...Soň ol atyň aýagynyň aşagyna togarlandy...
***
Oraz şyhyňkydan gaýdansoň Akganyň başyna ahyrzaman gopan ýaly boldy. Ol
özüniň alaçsyzlygyny aňdy. Oraz şyhyň gamasyny adamyň böwründen sokmaga onuň
gaýraty çatjak däldi. Ol-a Durdy ýasawul eken, eşegiň palanyna-da tyg dürtmäge häzir
onuň gaýraty ýokdy.
Akga üçin diňe iki ýol bardy. Birisi Oraz şyhyň saýlap beren ýoludy. Akga bu
ugur bilen gitse, ykbaly ony oňat täleýe elter öýdüpdi. Bagty çüwüp dagdan aňry geçse
täze ýurt oňa yrsgal, döwlet getirer öýdýärdi. Ýöne ol geljekki bagtyny şu gije satyn alyp
biljegini, bilmejegini bilmedi. Munuň üçin ol Durdy ýasawuly öldürmelidi.
Ikinji ýol barada ol oýlanmagam islänokdy. Ol ýol Akga üçin dowzah ýoludy. Ol
Oraz şyhdan galsa, nähili güne düşjegini gowy bilýärdi. Iň bärkisi, Enäniň başyna salan
günem ondan hasap soramak üçin ýeterlikdi.
Akga Oraz şyhyň gonjuna gor guýluşyndan, gazetleriň habaryndan, frontdan iki
ýeke gelýänleriň berýän gürrüňlerinden çen tutanynda bir zady bilýärdi.
Uruş, dawa indi uzaga gitmeli däldi. Onsoň goh, galmagal ýatsa, gidenlerem
dolanar. Onsoň...
Ol ysgynsyz elleri bilen ýüzüni sürteleşdirdi.
Ýöne bütin süňňüne gorky kepegini sepeläp duran myrtar pikirleri kowup bilmedi.
Kimdir biri onuň gula- gyna mydyrdap durdy.
...Onsoň Goçaklam-a dolanar. Enäniň ne güne düşenini bütin il bilýär, Hany,
onsoň ber jogabyny...
Akga özüni lampa ýere goýberdi. Onuň ýüregi ornundan gopup, ýere sallanan
ýaly boldy. Misli, Goçakly öňünde, eli aýpaltaly direnip, hasap soraýan ýaly boldy. Ol
titredi, süýrenip oňa bakan ýöneldi:
– Men däl gardaş, üç ýüz altmyş är-pir kessin, haýsy öwlüýäden ant iç diýseň
içeýin, heleýiň özi günüme goýmady. Olar bir döwüm tötek üçin meni seniň öňüňde
biabraý etdi. Heý, ýogsa men saňa ýamanlyk etjekmi? Heý, men seniň namysyňy ýere
çaljakmy? ýok...
Onuň garşysyndaky oňa ynanmady. Aýpalta ýyldyrym ýaly bolup lowurdap aşak
indi. Ol özüniň aýylganç sesini eşitdi.
Akganyň kellesi ýere gütledi. Ol özüne gelen ýaly bolup, hasyrdap ýerinden turdy.
Soňam göge tarap ýöreýän ýaly bolup entirekläp ugrady.
Onuň ähli pikiri garyşypdy. Nirä barýanyny, nirä ýöreýändigini hakydasyna
getirip bilenokdy. Onuň ýüzüne tut çybyklary şarpyldap degýärdi. Emma onuň awusy
ýürege, beýnä ýetmeýärdi,
It üýrdi. Soňra derzewe jygyldady.
– Akga, senmiň, geleweri – Anna başlygyň aýaly onuň bolup gelşini halamasa-da
mürehet etdi.
– Ann... başlyk gerek... – Akga garaňky tarapda duran çuňňur boşluga sowal
berdi. Ol özüni şol uçudyň, boşlugyň gyrasynda duran ýaly duýdy.
– Onuň-a şol aşak gidişi, henizem gelenok...
Ol özüne ýüzlenip diýilýän sözleriň manysyny oňly seljermedi. Sebäbi sähel
haýal-ýagallyk etse uçutdan gaýtjakdy. Şonuň üçinem ähli güýjüni tijäp, yzyna bakan
omzady. Boşluk bolsa onuň yzy bilen barýardy. Ol ýykylyp-sürşüp barşyna tenine bir
sowuk zadyň degenini bildi. Bu suwdy. Ol kellesini suwa basdy. Ýene, ýene, ýene...
Jany aram tapan ýaly boldy.
Töwerek-daş göze dürtme garaňkydy. ýyldyzlar patrak ýaly bolup asmana
seçelenip ýatyrdy. Ýyldyzlaryň çerrelip duran gözleri oňa gorky bilen seredýän ýalydy.
Ol ýöräp başlady. Onuň çokaýynyň içi suwdan dolup, aýaklary şalpyldap durdy.
Ol her ädim uranda aýagynyň aşagy wyçjyldap gidýärdi. Emma bu zatlar ony
gyzyklandyrmaýardy.
Aý dogdy. Onuň ýalkymy tutuş töwerege ýaýylyp gitdi. Akganyň göwnüne bu aý
däl-de, Goçaklynyň aýpaltasy bolup göründi. Ol titräp aşak oturdy. Häzir süňňüni
saklamak, özüne gelmek barada pikir onuň kellesine-de gelenokdy. Onuň bar arzuwy
Oraz şyhyň ýanyna ýetmekdi. Oňa ýalbarmalydy, gapysynda guly bolup gezmelidi,
emma bu ýerde galmaly däldi. Eneli meselesiniň üstüne, onuň ogurlan iki halta bugdaýy
hem üste bolup göründi.
«Ol pedernäledem gaýdyp geler. Oňa-da... ýok, Oraz şyhyň gidip gapysynda
gullar bolmaly...»
Akganyň maňlaýy işige şarkyldap degdi.
– Kimsiň-u-u, kimsiň?!
Akga näme diýjegini, asyl nirelerde gezip ýörenini aňşyrmady. Ses bolsa oňa
Goçaklynyň gazaply sesi bolup eşidildi. Onuň barja ysgynam aýagynyň aşagyna
döküldi.
Ol gapynyň jalkyldap açylanynam, maňlaýyny çilik ýaly çişireninem duýmady.
Onuň bar pikiri içerdedi. Ähli hyýaly Enäniň aýagyna ýykylyp, ondan towakga etmekdi.
Içerden Meretgülüň eýmenç sesi eşidildi.
– Heý-wiý, sadagasy boldugym, şehit jan-eý, al- la jan-eý, hudaý-eý, özüň
gorawer-eý!
Akga onuň gykylygyna üns bermedi. Ýazylyp ýatan ýorgan-düşegiň üstüne
patanaklap geçdi.
– En-nä, En-nä, hany Ene!?
Ejesiniň eýmenç gykylygy, erkek adamyň boguk sesi ýaňy ymyzganan gelniň
zähresini ýarara getirdi. Ol atylyp burça düşdi. Zähresi ýarylan ýaly bolup samyrdady.
– Waý, eje. Näme boldy?
Akga oňa bakan dyzady. Soňra zygyrdap duran injiklerinden ýapyşdy.
– Ene jan, bagtymyz ýatdy. Oraz şýh aýdýa. Howwa, gelýärler. Bagtymyz ýatdy...
Diňe peltesi ýanyp duran çyranyň ölügsi yşygyna Akganyň keşbi göründi. Onuň
mysalasy, şalpy-şaraň bolup duran egin-eşigi, tot-tozandan kesmek tutan ýüzi adama
meňzäbem baranokdy. Enä welin ol arwah-jyn bolup göründi. Onuň titremesi has artyp,
samramasy güýçlendi.
Akganyň hyýaly başgady. Diňe ýalbarmalydy. «Kime, näme üçin?» Ol häzir ony
pikirem edenokdy. Şonuň üçin ol has dikeldi.
– Saňa diýýän, gelýäler, gelýäler. Düşünýäňmi? Men aýtdym. Ýalbarýaryn
diýdim saňa, gel...
Enäniň böwri erbet sanjady. Ol burlup burça bakdy.
Akga onuň üstüne möwç alyp gygyrýardy. Emma Ene bir zadam eşidenokdy.
Gapy jygyldap gitdi. Içeri Üzümgül girdi. Ol häzir işden gelýärdi. Ýoldan öýüne
bakan geçip barýarka, Eneleriň öýünden çykýan gyrda-gykylygy eşidip, bäri sowlupdy.
Onuň ýüzi ap-akdy. Ol gele-gelmäne burçda garawsyz gelni ýumruklap durana tarap
topuldy.
Hiç hili garawa garaşmadyk Akgany dazyrdadyp iteläp-iteläp işikden çykardy.
– Hany, ýene-de bir eliňi gaýtar. Näme ol bereniňi iýmedimi?..
Akga ýene öýe kürsäp girdi. Onuň hyýaly ýene-de Enä topulmakdy, ýalbarmakdy.
Üzümgül gap böwürde ýanlygyň syrdam pişegini alyp Akganyň depesinden inderdi.
– Çyk öýden. Çyk.
Pişegiň ýülügiňe ýetýän awusy, azmly aýal sesi ony özüne getirdi. Ol kellesini
tutup, entirekläp çykyp gitdi.
Daşarda Meretgülüň gykylygy eşidildi.
– Heý-wiý, Üzüm gelin-eý, ol öýi ýananyň öýi ýanýa-leý, ýetişeweri-eý...
Üzümgül pişegini elinden goýman tasap daş çykdy. Kerwen aganyň öýüne tarap
ylgady. Ol aňy giden ýaly bolup öýe kürsäp urdy. Göwnüne bolmasa, Ilaman jaýyň
içinde ýanyp küle dönüp barýan ýalydy. Ol üsgürinjiräp, ýeri, keçeleriň üstüni, tamyň
burçuny sermedi. Doňuz giren ýaly gazym-gazym bolup duran, bulaşyk içeride eline hiç
zat ilmedi.
– Ilaman! Ilaman! – diýip, gyryk ses bilen gygyrdy. Agzyny açanda ajy tüsse içine
gabsaldy. Ol gözi ýaşarýança üsgürdi. Soňra ýene-de sermeledi.
Üzümgül ýerde ýatan keçeleriň birini başyna büredi. Soňra ýüküň üstünde duran
ýorgan-düşeklerden goltugyna alyp daş çykdy. Olary ojakdan aňyrraga taşlap öýe
ylgajak boldy. Birdenem süýnüp ýatan gara gözi düşüp, ony Ilamandyr öýdüp topuldy.
Durdy ýasawulyň gana bulaşyp ýatan göwresini tanandan soň bolsa, çirkin-çirkin
gygyrmaga durdy.
6.
Ilaman atlylaryň içinde Anna agany tanapdy. Oňa ähli wakany bir söz bilen
aýtmak isläpdi. Emma dili diýen etmedi. Atlylar daşyna tegelenenden soň bolsa gözüniň
öňüni sap-sary ýalyn örten ýaly boldy. Uludan demini aljak bolanda ýüregi
bokurdagynda gürsüldäp urýan ýaly boldy. Ol soň näme bolandygyny bilmedi.
Diňe jaýlarynyň tüsseläp duranyny, adamlaryň hümürdeşip, Durdy ýasawulyň
daşyny gallap duranlaryny gördi. Emma ýerinden turup bilmedi.
Bu ýere üýşen adam kändi. Ol Durdy ýasawulyň aýalynyň, Tagy gelniň ýürek
paralaýjy sesini eşitdi.
– Hany, hany, goýuň, siz däninim, duşman güldürmäň – Anna aganyň sesi
garyljyk çykýardy.
– Ýok, aglaň, aglaň, haýýarlar, aglanyňyz bilen Durdyny dikeldýän bolsaňyz, heý,
heleýligini edýär-äý bular – Ilaman Sabyr aganyň sesini tanady. Ol bu adamy kän bir
halanokdy. Ýöne bu gün giden kolhozyň adamlarynyň, hatda Sabyr aganyň-da bu ýere
ýygnanyşyna haýran galdy.
Ýene-de bir topar adam geldi.
– A gyz, näme boldy gyz, kim edipdir. Ot näme, ýalyn näme, gijäniň bu wagty.
Bu Sapar brigadirdi. Ol üýşüp duran adamlaryň arasyna bardy.
– Eziz doganym, Sapargül, syrdaş dogan aý Sapar, Durdy gitdi elimizden...
Durdy ýasawulyň aýalynyň zaryn sesi Sapar brigadiriň ahy-perýat ediji sesi bilen
garyşyp gitdi.
Ilaman garysyna galdy. Onuň ýüregi bulanyp, agzy guramakdan dodaklary darkadarka ýarylýardy. Ol çalaja iňledi:
– Suw, s-uw beriň! – Emma çalaja iňňildi bilen çykan sesi hiç kim eşitmedi.
Araba getirildi. Durdy aganyň jesedini araba ýüklediler.
– Adamlar, beýle işi eden kasas kyýamata galmaly däl. Biz dänim, milisgeler bilen
jülge ýokary gideliň. Sizem dänim ägä boluň! Şol wenezzyna Oraz şyhy gören adam
haýal etmän millisgä habar ýetirsin.
Ol ýaňky ýaşulynyň ulagyny alyp daga tarap süren bolmaly. Hany ýoldaşlar, daň
atyp gelýär, ugralyň!
Ilaman şondan soň adamlaryň ýadyna düşdi.
– Ol birmidi ýa-da başga ýoldaşam barmydy? – Hälki geplän milisioner Ilamana
habar gatdy...
– Bir Oraz şyh – diýip, Ilaman ýuwaşja jogap berdi.
Atly milisioner ýabysyny dözümli sürüp, beýleräk çekildi.
– Häýt, jigi, olar haýsy ugra gitdiler, anyk bilmediňmi?
Ilamanyň kellesi dumanlady. Ýöne ol Oraz şyh daga tarap gidendir öýdýärdi.
– Ol daga tarap gidendir. Kolhoza gitse, size duşardy. Ýa-da Akga brigadirlere
gidendir.
Ilaman ýene-de özünden gitdi. Ol özüne gelende Üzümgül mugallym gözlerini
balkyldadyp, onuň ýüzüne garap otyrdy.
Ol Ilamanyň başyndaky ýassygy düzetdi. Soňra onuň çykyşyp duran çekgelerini
sypalaşdyrdy. Zenan eliniň ýylysy oglanyň süňňüni lagşatdy. Gözlerine ýyly perde
tutulan ýaly boldy. Şol perdäniň aňyrsyndan şo-ol tanyş göreçler balkyldaşyp
garaýardylar. Ilaman şol göreçleriň diýjek bolýan zadyna düşündi. Olar: «Mert bol,
Ilaman!» diýýärdiler-ä.
***
Şol günüň ertesi Ilamany kontora çagyrdylar. Anna aganyň jaýynda milisiýanyň
naçalnigi Ataýew ony mylaýymlyk bilen garşy aldy.
– Hany, gel, inim. Sowet döwleti seniň bitiren hyzmatyň gadryny biler. Sen
komsomolmyň?
Ilaman «juk» diýip ýere garady. Ol komsomol bolmak üçin örän uly işleri
bitirmäge, hatda söweşde ölmäge-de taýýar bolmalydygyny Üzümgül mugallymdan
eşidipdi. Şonuň üçinem özüni bu belent ada mynasyp däl hasap edýärdi.
– Sen komsomol agzasy bolmasaň, tüýs pioneriň adyna mynasyp iş bitirdiň. Ine,
meniň öz sagadym. Öz doganym ýaly görüp seni, hakyky gahryman ýaly görüp, şu
sagady saňa berýän. Şu sagadyň dilleri ýaly hemişe dogry işle...
Ilamanyň ýüregi gürsüldäp urdy. Ol sagada elini uzadyp bilmedi. Sebäbi onuň
gözlerinde tolgunmanyň täsirinden begenç ýaşlary buldurady. Soňam hor çekgeleri bilen
düwmelenip gaýtdy.
Ataýew gelip ony mylaýymlyk bilen bagryna basdy.
– Gözýaşyňy gizle, inim. Duşman ikimiziň gözümizde ýaş baryny bilse, heşelle
kakmazmy? Mert bol, taýçanak. Ikimiz, nesip bolsa kän-kän duşmanyň başyny aşak
salarys.
Içeri giren milisioner Ataýewiň gürrüňiniň arasyny kesdi.
– Ýoldaş kamandir, getirdiler, size garaşýarlar.
Olar gapa çykdylar. Ilaman elindäki towguň ýumurtgasyna çalymdaşrak,
ýylmanak zady synlaýardy. Tyrs-tyrs edip bökjekläp barýan dillere, goşa-goşadan
jübütleşip duran sanlara, owadanja kertiklere uly haýran galma bilen seretdi. Nepislik
bilen işilen akja zynjyr onuň dyzyna ýetip durdy.
Ilaman göwün ýüwürtdi: «Dädem geler, şoňa çenli ýygnapjyk goýaryn». Ol
Üzümgül mugallymyň ýanyna guş bolup uçup gidesi geldi. «Ol baý begener». Ilaman
onuň mylaýym sesini eşidip durdy. Ol sesde zenan söýgüsiniň, ene mähriniň täsin bir
gudraty bardy.
Ataýew ýene-de jaýa girdi.
– Ýoldaş Kerwenow, ýörüň, häzir siziň bilen iş bar...
Ilaman sagady gysymyna gysyp daş çykdy. Ol gözlerine ynanmajak boldy.
Üç sany milisioneriň öňünde Oraz şyh sömelip durdy. Onuň eli arkasyna
baglangydy. Ol kynçylyk bilen ýöreýärdi. Onuň kellesi kirli ýaglyk bilen daňylgydy...
...Oraz şyhyňky ilki ugruna boldy. Onuň bagtyna öýde hiç kim ýokdy. Ýogsa, ol:
«Içerde bu ýetimçe bardyr, onuň bilen bellisini etmeli bolar» – diýip alada edip gelýärdi.
Öýüň boşlugy ony şol aladadan dyndaran bolsa-da, soňy has bulaşypdy.
Ol keçeleri aýagy bilen bir gapdala sürüp, ýene-de araky gazan ýerini gazjak
boldy. Emma içeri samanly suwag bilen suwalypdy. Suwag gatap, ýer zynja dönüpdi.
Ol ýeri güpürdedip gazyp başlanda, işikden kimdir biriniň sesi, güpürdisi gelip, Oraz
şyhyň ýüregini ýarara getiripdi.
Ol bu gelýän Ilamandyr öýdüpdi. Ony kepje bilen kerçemäge taýýar bolup
durupdy. Emma kepje kelleden jaýdar degip, bu gelen adam ýykylandan soň, onuň
Ilaman däldigini tanap galdy. Ol ýatany has pugta kerçemek üçin daş çykanda Ilamany
gördi. Onuň yzyndan kowmakçam boldy. Emma gyzyly galyp barýardy.
Ol iki oduň arasynda galdy. Ýöne oňa gyzylly hum ýakyndy. Ol ýene-de ýer
gazyp başlady. Emma her näçe gazsa-da, puluny, asyl mundan sähel gün öň hem gazyp,
ýene-de gömen humuny tapmady.
Gapyda ýene-de güpürdi, tapyrdy eşidildi. Oraz şyh kepjesini häzirläp daş çykdy.
Hälki kerçelän adamynyň ýanynda Durdy ýasawuluň ýabysy hokurganyp, hokurganyp
durdy.
Oraz şyh ýene-de içeri girip gazdy, başga ýerlerem gazdy. Emma hum ýokdy. Ol
agy gatyşykly ses bilen erbet sögündi, soň bolsa elindäki kepjäni dişini gyjyrdadyp
zyňyp goýberdi. Soň çakmak daşy bilen peltäni otlap, ýüke degirdi. Çykybam işikde
duran ata münüp derä bakan depdi.
Häzirem ol atanlykda üstüni basdyrany üçin özüne gargaýardy. Ilamany görensoň
bolsa, ilki bilen şony o dünýä ugratmanyna puşman edip aňyrsyna çykyp bilmän durdy.
Ilaman şol gijeden soň öýlerini görmändi. Ony Üzümgül mugallym hiç ýere
goýbermän öýde, düşekde ýatyrypdy. Tapdygyndan iýdirip, içiripdi.
Ilaman öýlerine gaty gynanmak bilen seretdi. Öýüň öňündäki kiçijik telär, gapy,
penjire ýokdy. Öýüň goşlary ojagyň ýanynda tozana bulaşyp ýatyrdy. Jaýyň içi
garagurumdan, düýpden görer ýaly däldi.
Ilamany içeri goýbermediler. Öýe iki sany milisioner girdi. Soň Oraz şyhy
saldylar.
– Hany, nirede gömdüň – diýip, Ataýew azmly aýtdy. – Hany, çaltrak aýt... Wagt
ýok.
Oraz şyh öýüň ortasyny aýagy bilen depdi. Milisionerleriň biri täzeje kepje pil
bilen jaýyň içinden bir depim toprak aldy. Ýer ýumşakdy. Iş çalt gidýärdi.
Milisionerler ep-esli ululykdaky daşy yhlas bilen köwläp başladylar. Soň ony
yralap gowşatdylar.
Daş ep-esli bardy. Üç bolup daşy bir gapdala agdardylar. Duranlar derini çalmaga
ýetişmänkäler, Oraz şyh özüni daşyň duran ýerine taşlady.
– Bermen, bermen diýdim, bermen. Hakyňyz ýokdur. Ata-babamyň halal
malydyr, bermen – Ol ýerde çabalanyp, bagyrýardy. Elleri arkasyna daňylgy bolansoň
kükregini ýere oýkaýardy.
Ony üç bolup dikeldip, burçda oturtdylar. Ilaman hiç zada düşünmedi. Daşyň
hälki duran ýerinde zülpi döwlen küýzäniň agzy hoňkaryp görünýärdi.
Ataýewiň özi pil alyp, küýzäniň daşyny köwüp başlady. Küýze ep-esli bardy.
Daşy topragyň çygyna heňläp gidenem bolsa, içindäki teňňeler ýylp-ýylp edýärdi.
Küýzäni çykardylar. Ataýew jübüsinden elýaglygyny çykaryp işige ýazdy. Soň
küýzeden oňa jogurdadyp altyn teňňeleriň ep-eslisini guýdy. Küýzäniň içinden ýakut
gaşly gülýaka-da atylyp ýaglygyň üstüne düşdi.
– Waý, meniň ejemjanyň gülýakasy. Hakyt dädemiň özi goýup gitdi. Näçe
wagtlap, gözläp ýörün-ä, men ony –Ilaman duran ýerninde özelenip bökdi. –
Ynanmasaňyz yzynyň göbegini görüň, ýarysy döwükdir. Men bilmän döwdüm...
– Waý, edil meniň gülýakam, men ony fronta kömek bolsun diýip, ýakamdan
aýryp berdim. – Üzümgül mugallymam jibrindi.
Agaýew gülýakany eline aldy. Onuň göbegi hakykat-danam döwükdi. Özem täze
wagtlarda döwlüpdi. Ol ony Ilamana berdi.
Üzümgül mugallym Ilamanyň elinden ony emaý bilen alyp, ýuwaşlyk bilen
bagryna basdy. Ýöne öz gülýakasy däldigini tanady.
Adamlar dargaşdylar. Milisionerler bilen başlyk galdy. Başlyk birden gazaplandy.
Ol pilleriň birini alyp, Oraz şyhyň depesinden eňteribererli göründi.
– Wah, ol piduly, diýmäýin diýsem, ata watan diýen bolýady, seni dänim ata
watan başyna ýapsynmy.
Oňa dänim şojagaz sary teňňeler diýip şu ýerlerde köwejekläp ýören aga diýerler.
Haýp, biziň bir adammyzyň ömrüni gysga etdi, ganym.
Gün öýläne aganda milisionerler Oraz şyhy getiren ýollary bilen raýon merkezine
tarap alyp gitdiler.
Ilamanyň gursagy hem gussadan hem-de şeýle uly begençden doldy.
***
Üzümgül Ilamanyň golundan tutup öýüne alyp gitdi. Ol häzir bu oglany elinden
goýberse, ganat baglap uçup gidiberjek ýaly bolup durdy. Öýe gelensoňam sesini
çykarmady. Ol gülýaka şo-ol seretdi oturdy. Ol ýerinden turjak boldy. Bolmady.
Tolgunmadan ýaňa aýaklarynda ysgyn galmandy. Ol ýene-de oturdy.
Onuň göz ýeňüne gumuň içinde ýaýylyp oturan oba geldi. Ortada ýatan gülýaka
bolsa pessejik alaňlara degäýjek-degäýjek bolýan altyn aýa ogşady.
Ilerimiz dagmydyr-a,
Üsti gara bagmydyr-a,
Uçup barýan ak guşlar-a,
Naçar dogan sagmydyr-a...
Onuň göwnüne bolmasa aňyrdan dogany Sona aý ýaly bolup gelýärdi. Onuň
ýakasynda şu täsin gülýaka lowurdaýardy. Ol kakasynyň işinden örtendi, öz ykbalyndan
ýandy. Gözlerinden çeşme bolup akýan ýylyja bulak onuň gursagyndaky yzany
gowşadýardy. Süýji ýatlamalar onuň süňňündäki gussany aýyrýardy. Emma ony şeýle
oňat duýgulardan üzüp bilenokdy.
Çuňňur guýa daş atsaň-a,
Çümer gider eje jan-eý...
Ýat illere gyz berseň-ä,
Ýiter gider ata jan-eý.
Kakasynyň mähriban, gyňyr keşbini göz öňüne getirdi. Emma ýatlamalaryň
soňuny yzarlap bilmedi. Onuň gözi Ilamana düşdi.
Üzümgül gülýakany bagryna basyp ýerinden turdy. Ol näme diýjegini bilmän,
elindäki gülýakanyň gaşlaryny dyrmalaşdyrdy.
– Illi jan, bu gülýaka kimiňki, nireden size düşdi?
Ilaman tarsa ýerinden turup gapa ýöneldi. Ol mähriban ejesinden galan ýalňyz
ýadygärlik elinden gidip barýan ýaly gyssandy.
Üzümgül turup, onuň elinden çalyp tutdy.
– Tä aýdýançaň goýbermerin, aýt, aýdaý köşek.
Ilaman aljyrady. Bu gülýakanyň näme syrynyň bardygyny ýadyna saljak boldy,
bolmady.
– Dädem puranta gidip barýarka, hol köprüniň üstünde berdi. Özem: «Ejeň
pahyryň gülýakasy» diýdi. «Seniň gelniň üçin niýetläp goýupdy» diýdi. «Aýagyn»
diýdi. Menem ýitirdim, soň köp gözledim...
Üzümgül şumjardy.
– Illi jan, ejeň ady nämedi? Ol nireden kakaňa sataşyp ýör ol?
– Dädem diýerdi: «Yssansiýada bir baý maňa goýun gitdi» diýerdi. Adam Sona...
Muny kiçijik wagtym ejemem kän gürrüň beripdi maňa...
Üzümgül Ilamanyň üstüne özüni oklady. Oglanyň aýaklaryndan ogşady.
– Üzümgül mugallym, näme boldy saňa?
Üzümgül ýerinden galdy. Ol Ilamanyň ýüzünden gözünden öpüp, onuň gyzgyny
henizem kemmedik başyny bagryna basdy.
– Seniň ejeň meniň doganym Sona... Eşidýärmiň, arka dagym, Ilaman,
eşidýärmiň. Sen doganymyň balasymyň? Asyl ýüregim bir zat syzýady-la...
Ilaman lampa aşak oturdy. Üzümgül bolsa aglap gürrüň berýärdi. Sähra ýellerine
goşulan läleler, otlynyň şakyrdysy, ejesiniň mähriban keşbi onuň ýüregine keşde bolup
gaýalýardy. Aýly gijeler, kakasynyň salykatly didary, iki sany owadan göreç şol
keşdelere minnetdarlyk bilen garap durdular.
7.
Ilaman üçin dagyň howasy ähli kesellerden sabadýan derman boldy. Onuň
işledigiçe işläsi, iýdigiçe iýesi gelýärdi. Ol ýadamany, ýaltanmany bilmeýärdi. Gündiz
işläp, gijesine desse çekmeli bolanda-da ol döwtalap bolýardy.
– Aý, oglan, sen dessäni azrak göter, bu wagt bilmeseňem, soň maýyp bolaňsoň
puşman edersiň –diýip, Sapar brigadir oňa her gün diýen ýaly ýatladýardy.
Ilaman welin gaýta möwç alýardy. Ol işden ýadamaýardy. Il oturyp dynç alandada, ol işläp ýördi. Onuň işläsi gelýärdi. Öňküdenem köp işläsi gelýärdi. Üzümgül
daýzasynyň beren gürrüňlerini, milisiýanyň naçalniginiň mylaýymlygyny her gün, her
sagat ýatlaýardy. Ol şol mähriban zatlaryň derejesinden pes işlemejek bolýardy. Ilki oňa:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 15
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.