Latin

Uzak uzak ýyllar - 02

Total number of words is 3905
Total number of unique words is 1939
33.9 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Aý, gyrkyma gitmeli sesi bardy-da – diýip, Kerwen aga göwnüne gelşi ýaly
seslendi.
Olar märekäniň çetine baryp aýak çekdiler. Iş gyrkymyň-beýlekiniň gepine
meňzemeýärdi.
Anna başlyk bilen raýondan gelen wekil kontordan çykdy. Başlygyňam,
wekiliňem ýüzi salykdy. Kerwen aga nä hekaýatyň bolanyny aňşyryp bilmedi. «Ýene
bir kümsügiň biri kolhoz zadyna el urandyr» öýdüp çaklady.
Raýondan gelen wekiliň sözi onuň pikirini böldi.
– Ýoldaş kolhozçylar. Men häzir bir zat aýtjak. Siz gorkmaň – ol sakyndy. Soňam
zordan gürledi.
– Mähriban Watanymyzyň üstüne Gitler Germaniýasy çozdy Öten agşam
ýarygijeden soň Germaniýa biziň üstümize uruş başlady. – Hiç kimden ses çykmady.
Adamlar agyr bir zadyň astynda galan ýaly, demlerini zordan alýardylar. Ýöne olar bu
sözleriň manysynyň şeýle elhenç yzasyny heniz duýup bilenokdylar.
– Ýoldaş kolhozçylar, siz howsala düşmäň. Biziň halkymyz ähtiýalan Gitler
Germaniýasyny külpeýkun eder. – Ol ýene-de sözüni dowam etdirdi. Aýtjak zadym
erkekler fronta gitmäge taýýar boluň. Aýal-gyzlar, siz bolsa ähli güýjüňizi gaýgyrman
işläň. Siz näçe oňat işleseňiz, duşmany şonça-da tiz ýeňeris.
Soň başlyk gürledi, başga-da iki-eke gürlän boldy. Ýöne gürrüňe höwesek ýokdy.
Her kim bu sözleriň manysyny derňäp, bu aýylganç-habary maşgalasyna ýetiresi
gelýärdi.
– Häýt, büý-ä bolmad-ow – diýip, Kerwen aga öýüne gaýdyp gelýärkä dillendi.
Indi nähili bolarka, Kerwen aga? – diýip, Goçakly sorag üstüne sorag ýagdyrýardy.
Ýöne Kerwen aga bu zatlara düşünip baranokdy. Ol diňe «Hudaý bardyr-da» diýmek
bilen oňýardy.
Kerwen aga öýe gelende Ilaman mekdebe ugrajak bolup durdy. Ol kakasyna geň galyp
seretdi.
– Däde, eýýäm geldiňmi?
– Aý, ogul, gelmeli boldy. Gaty erbet bolupdyr, oglum.
– Näme, däde?
– Uruş turupdyr... Uruş.
– Uruş...
– Hawa, Girman öten gije üstümize çozupdyr. Indem, erkekleriň bary gitmeli
bolar.
Oglanyň ýüzi ak tam boldy. Ol mekdepde «uruş» sözlerini eşidipdi. Ýöne ol sözüň
manysyny açyk bilenokdy.
– Däde, girman güýçlümi, ulumy?
– Hudaý bilýär, ogul. Ýöne ýaňy agzymyz aşa ýetipdi. Ýaman boldy, gaty ýaman
boldy.
Oglan sesini çykarmady. Ol mekdebe-de gitmedi. Öz kakasyny ilkinji sapar
görýän ýaly bolup, oňa howsalaly garady.
Olar oýa batyp oturyşlaryna, gaýraky goňşularynyň gelni Sülgüniň gelenini-de
duýmadylar. Gelin salam berdi, Soňam gorkuly gürledi.
– Kerwen aga, uruş turupdyr, şeýlemi? Çynmyka ýa-da?..
– Çyn, keýgim... Çyn.
Sülgün was-was bolan ýaly gaty-gaty sojady.
– Biziň Myratlymyz dagy dowar üstündedi, dagda. Ol nähili bolarka?..
– Ony alada etme, gelin. Heniz belli zat ýok. Il bar, gün bar. Näme bolsa, bile
bolar. Olaryň habary ýokdur. Habary bolsa oba eňerdi.
Sülgün ýaşmak astyndan uly howsala bilen gürledi.
– Kerwen aga, ýa yzyndan gidäýsemmikäm?
Ýok, gelin. Çagalaň arasynda bol. Myratlyny alada etme. Ol çaga däl ahyry, geler.
– Wah, näbileýin-dä.
Ataly-ogul öýläne çenli gapyda oturdy. Öýlän Durdy ýasawul gapy-gapy aýlanyp,
raýon harby komissariatyna barmalylara sygryň dili ýaly kagyz paýlaýardy.
Ataly-ogul ýassyna çenli gapyda oturdy. Olaryň bu aýylganç habara ynanaslary
gelmeýärdi. Olaryň göwnüne «bu habar-a bir agzy boşuň gürrüňň eken, urşam
turmandyr, beýlekem» diýen habar getiriläýjek ýalydy. Emma beýle habary äkelen
bolmady. Ýok. Habar çyndy.
Kerwen aga uka gitdi. Emma Ilamanyň gözüne uky gelmäýärdi. Ol aýyň dogarna
garaşýardy. Ahyram aý dogdy. Ol ýüzdi-ýüzdü-de oglanyň ýatan ýeriniň golaýjagyna
gelip, daýandy.
Oglan aýa seredýärdi, aý bolsa oglana. Oglan ahyry aýyň ýüzünde bir mähribanlyk
gördi. Ol aýyň owadan gözlerine bakyp dillendi:
– Eje, eje jan!
Aý-da oglana ýiti-ýiti garady. Soň onuň ýüzüne täsin nur çaýylyp gitdi.
– Jan-a, jan oglum! Näme gerek, balam?!
– Eje jan, sen näme üçin meni taşlap gitdiň?
Aý jogap bermedi. Onuň nurana ýüzüni ýelek ýaly ýeňil bulutlar tutdy.
– Eje jan, sen näme üçin geleňok? Eje jan!
Aý ýüzündäki bulutlary owadan barmaklary bilen syrdy-da ýylgyrdy:
– Jan bala, ine geldim ahyry, ýene-de gelerin
– Eje jan, uruş turupdyr.
Aýyň ýüzüni ýene-de bulutlar tutdy. Ol bulutlar gap-garady.
– Eje uruş näme üçin bolýar, uruş bolmasyn, eje jan!
Aý ýüzüniň ýarysyndaky gara bulutlary syrdy-da gussaly ýylgyrdy.
– Uruş bolmasyn, uruş bolmasyn, oglum.
Eje sen uruş bolmaz ýaly etsene, eje jan!
Aý bir göründi-de, soň bulutlara garyldy. Şondan soň ol görünmedi. Ýöne
oglan öz ejesiniň «Garaş, oglum, gelerin, garaş» diýen sesini eşidip ýatyrdy.
– Garaşaryn, eje jan!
Oglanyň ýüregine rahatlyk aralaşdy. Ol daňa golaý uka gitdi.
Ol ertir turanda kakasy derwezäniň ýanynda kimdir biri bilen gürleşip durdy.
Ilaman kakasynyň ýanyna bardy. Kerwen aga ogluna habar gatdy:
– Goçakly dädeň puronta ugrajakmyş, hoşlaş oglum.
Goçaklynyň aýaly Ene adamsynyň boýnundan ýapyşyp şumjarýardy. Kerwen
aganyň ýanyna ýetenlerinde-de, ol elini aýyrmady. Emma Goçakly uýaldy. Ol
gelniniň elini boýnundan aýyrdy.
Oglan sag elini uzatdy. Goçakly onuň sag elinden tutup gujagyna alyp ogşady.
Ilaman ilkinji gezek temmäkiniň dymyljyk ysyny duýdy. Ol ýüzüni gapdala
öwürmänkä, Goçakly ony ýere düşürdi. Onuň başyny sypap durşuna:
– Jigim, gelnejeňe-de göz-gulak bol, eliň degse oňa kömek ber. Ine, nesip
bolsa girmany ýok edip gelerin. Saňa bolsa ýyldyzly papak getirerin. Bormy?!
Ilaman başyny galdyrman «bolýa» diýen yşarat etdi.
Kerwen aga beýle haýyşyň özüne degişlidigine derrew düşündi.
– Goçaklym, gezen ýeriňde ünjüsiz gez, gelniňi gaýgy etme. Ondan arkaýyn
bol. Başymyz dik bolsa zada zar etmeris ony.
Goçakly diýseň razy boldy. Onuň göwni bitdi. Onuň ýalňyz ünjüsi bardy. Ol hem
Enedi. Kerwen aga ondan hem arkaýyn etdi. Ol indi arkaýyn gidip biljekdi. Ol
arkaýynam gitdi.
Urşuň ikinji güni. Ilaman mekdepden üçünji klasa geçendigi baradaky habary
getirýärdi. Onuň bu habary kimdir birine buşlasy gelýärdi. Öýde kakasy ýokdy. Ol
goňşularyna bardy.
Goçaklylaryň öýi olaryň tamynyň elli-altmyş ädim gündogaryndady. Olaryň öýi
ýekeje jaýdy. Onuň penjiresem, gapysam ileri bakyp durdy.
Ilaman öýe girende hiç kime gözi düşmedi. Gözi garaňka ýagşy öwrenişensoň
burçdaky garany saýgardy. Ol Enedi. Ol aglaýardy.
Öýe kimdir biriniň gelenini duýan gelin ýerinden turdy. Onuň gözleri gyzarypdy,
badam kimin enaýy gabagy pökgeripdir. Saçynyň tarlary ýüzüne düşüp, gözýaş bilen
ezilip, bulaşyp durdy.
Ilamanyň gursagynda dolup duran şatlyk şol bada nirädir uçup gitdi.
– Gelneje, Goçakly dädem basym geler. Sen aglama – diýdi.
Ene oglanyň ýanyna gelip, onuň başyny sypalady. Oglanyň kellesini belent
göwüslerine goýdy-da agyly gürledi.
– Ol gitdi. Onsuz meniň aýym, günüm neneň dogup ýaşar, Illi jan...
Onuň gözünden akýan gyzgyn damjalar oglanyň çekgesine degip, syçyrap ýere
akýardy. – Uruş turmanlar geçsin. Ýetim goýdy, meni – Ene oglany goýberdi-de oturdy.
Kellesini dyzyna goýup aglap başlady. Oglanjyk çydamady:
– Gelneje, aglama. Olar girmany basym kowup geler. Biziň obamyzdan kän adam
gitdi. Özlerem, hemmesem güýçli. Girman olary görende gaçyp gider. Olar onsoň
basym geler-ä... Hemmeler şeýle diýýä. – Emma bu sözler gelne täsir etmedi. Ilaman
ýuwaşlyk bilen öýden çykdy.
Oglanjygyň girmana gahary gelýärdi. Ol girman ertekilerdäki ýedi kelleli aždarha
ýaly bir zatdyr, şol aždarha ýeňilse, uruş gutarar öýdýärdi. Ol aždarhany ýeňmek bolsa
beýle bir kyndyr hem öýtmeýär-di. Ony Çynarly obasyndan gidenleriň bir özleri hem
ýeňip, dolanarlar öýdýärdi.
Hawa, köp adam urşy şeýle göz öňüne getirýärdi. Köp adam uruş erte-birigün
gutarar öýdýärdi.
Obanyň erkek adamlarynyň köpüsi bu gün raýon merkezine tarap ugrady. Durdy
ýasawul ýene-de oba arasynda aýlanyp ýördi. Ol Sülgünleriň gapysynda gyr ýabysyny
saklady. Öýden Sülgün çykdy. Onuň gujagynda kiçijik çaga bardy.
– Hany Myratly?!
Gelin ýaşmagyň aşagyndan ýuwaşja gürledi.
– Onuň-a şol dowar üstüne gidişi. Henizem gelenok.
Ýasawul ýan torbasyndan bir bölek kagyz çykardy-da, geline uzatdy. Gelse,
şaýyny tutup yraýona barsyn, pronta gitmeli.
Gelin haty alyp gözüniň öňüne tutdy. Ýöne okap bilmedi. Ol entiräp öýe girdi.
Ýasawul ep-esli gidip ýabynyň başyny öwürdi-de, gynançly garap duran Ilamana
azmly gygyrdy.
– Heýt, oglan, ataň öýdemi?
Ilaman söz bilen jogap berip ýetişmän, kellesi bilen «ýok» diýip yşarat etdi.
Ilamanyň ýürejigi gyzyp gitdi.
«Dädemem gider, men näme ederin?» Oglan öýlerine baryp, gulply işige
arkasyny berdi.
Urşuň başlanyna ýaňy bir gün boldy
Obalarynda öň bolmadyk elhenç tukatlyk Ilamany gysyp-gowrup barýardy. Ol
howluda takat tapmady. Melleklerine ugrady. Kakasy mellekde-de ýokdy. Ol arpalaryny
orup, harman edip basyp, nirädir bir ýere gidipdir.
Ilaman ýene-de öýe dolandy. Kakasy öýde-de ýokdy. Oglanyň göwnüne bolmasa,
ol kakasyny indi hiç haçan görmejek ýalydy. Ol ogly bilen görüşmän, eýäm girmany
ýok etmäge giden ýalydy. Oglanyň gözüne ýaş aýlandy, ýüregi gysdy. Soň kontora tarap
ugrady.
Kontoryň agzyndan çekine-çekine giren oglanjygy kakasy garşylady. Ol
kontordan çykyp gelýän eken. Oglan ony garsa gujaklady.
– Däde, ýasawul aga saňa kantura barsyn diýdi. Menem seni kän gözledim, seni
gaty göresim geldi.
– Ine, menem kanturdan çykyp barşym.
– Däde, senem girmany kowmaga, urşa gitmelimi?
– Ýok, meni iberenoklar. Oba-da, kolhoza-da adam gerekmiş. Göreris-dä,
alnymyzdakyny.
Ilaman kakasynyň fronta gitmeýänine diýseň begendi. Ýöne kakasynyň tukatlygy
oňa ýaramady. Ol kakasyna habar gatdy.
– Däde, Myratly dädemem gitmeli boldy. Ertir irden ýasawul aga olara-da hat
getirdi.
Kakasy sesini çykarmady.
Ol ertir oýananda gapyda Myratly durdy. Onuň gujagynda uluja gyzy bardy. Ol
kakasyny gujaklap jagul-jugul edýärdi. Ilaman kakasynyň sesini eşitdi.
– Il bilen gelen toýda baýramdyr. Çagalaryň bir zady bolar.
Ol-a dogry-la, ýöne arpa-bugdaýy ýygnabam ýetişmedik. Mellegem şol durşudyr.
Sülgünem ýaş çagasy bilen näbileýin-dä. Menem häzir ugramaly...
– Sen mellegi gaýgy etme, mellegi özümiz bir zat ederis. Arpany agşam oraryn.
Bugdaýyň-da bir çäresi bolar.
Myratly köp minnetdarlyk bildirip öýüne gitdi. Köp eglenmänem raýona ugrady.
Ilamanam onuň bilen hoşlaşmaga çykdy.
Obanyň gaýrasyna ep-esli adam üýşüpdi. Kimiň-kim bilen hoşlaşýany belli däldi.
Ilaman gabat gelep adam bilen hoşlaşýardy. Aýallar, çagalar aglaşýardylar. Ilaman
Myratlyny gözledi. Ol bir gyrada gelni Sülgün bilen durdy. Elinde-de gyzy. Gelnine bir
zatlar diýýärdi. Sülgün ejizleýärdi.
Gorkma, ine, geleris, çagalary horlama. Hökman geleris. Uruş bir ýyla-da ýetmez.
Biziň döwletimiziň öňünde durjak güýç bolmaz. Sen bolsa aglaýaň. Heý aglarlarmy.
Gaýta, il bilen gidýänime begen Ine geleris...
Obanyň ýaşulularynyň biri gidýänlere ak pata berdi. Obanyň men diýen adamlary
gidip barýardylar. Olar özleri üçin juda garaňky bolan ykbalyň her ädimini eginleri bilen
süýşürýän ýaly, ýuwaşja ýöräp, saýhally ädip barýardylar. Olaryň hiç birem yzyna
garamaýardy. Sebäbi ene ýabyň köprüsiniň ýanynda üýşüp durýan aýal-ebtatlaryň,
çagalaryň suratyny her kim aňyn-da berk saklamaga çalyşýardy. Şol surat indi olaryň
hemişelik ýoldaşyna öwrülmelidi.
Hawa olar dünýäde elhenç urşuň barýandygyndan habarsyz ýaly, ýa-da bu habara
asla ynanmaýan ýaly gorkusyz-ünjüsiz barýardylar. Ýene-de sanlyja günden şu ýol bilen
topar tutup, gaýdyp geläýjek ýaly bolup gidip barýardylar...
3.
Urşuň başlanyna bir aý geçipdi. Emma gidenler gelenokdylar. Asyl, olardan
habar-hatyram ýokdy.
Tomsuň jöwzaly günleri başlandy. Çynarlynyň adamlary bugdaý oragyna
taýýarlanýardy. Çynarly obasy dag eteginde ýerleşýärdi. Şonuň üçin-de, onuň esasy
territoriýasy daglyk ýere düşýärdi. Şol sebäpli «Ynkylap» kolhozy diýäýmeseň, bu
obany kän bilýänem ýokdy. Çünki, oba raýon merkezindenem, uly ýoluň ugrundaky
obalardanam çetdedi.
«Ynkylap» kolhozy bugdaýy köplenç düme ekýärdi. Sebäbi gaýraky dagda tagtatagta bolup uzalyp gidýän düzlük meýdanlar köpdi. Geçen ýyl şonuň ep-esli bölegine
güýzlük bugdaý ekilipdi.
Adamlar «düme diýseň bitginli bolupdyr» diýip gürrüň edýärdiler. Şonuň üçin-de
adam azlygyny, hasylyň gowulygyny nazara alyp, oraga ir çykyldy.
Çynarlylar bu ýyl hem Garaçeşmäniň başynda düşelge gurdular. Kerwen aga dagy
öňünden gidip uzyn telär dikipdirler. Düşelge taýýar bolandan soň, beýleki adamlar hem
daga göçdüler.
Dagda orakçylara goşulyp işplemek Ilaman üçin hem hezildi hem kyndy. Bu
ýerde içiň gysjak gümany ýokdy. Adamlar gülüşýärdiler-degişýärdiler. Işläniňde-de
ýadawlyk duýlanokdy. Ýöne ir turmalydy, giç ýatmalydy. Süňki bekemedik oglanjyk
bolsa agyr orakdan soň özüni tutup bilenokdy.
Ilaman Ene bilen bir ýerräkde goş tutupdy. Sebäbi oňuň kakasy köpçüligiň
ýaşaýan telärinde däl-de, harman ýerinde bolýardy. Düşelgä diňe garbanmaga gelerdi.
Soň ýene-de yzyna gidýärdi.
Ene Ilamany özüne höwürdeş edinýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, olar işlände-de
bir ýerräkde işleýärdiler.
Bugdaý hakykatdanam bitginlidi. Bäş-alty gün geçenden soň dagyň depesindäki
tekiz meýdan ýöne desse bolup ýatyrdy.
Obadan hyza getirdiler. Ol iki sany uzyn pürsüň üstüne tagta kakylyp tekizlenip,
gyralaryna tagtadan belent germew edilen tigirsiz araba ýaly bir zatdy. Hyzany iki sany
gara öküz çekýärdi. Orakçylar oranlaryny desseläp gidýärdiler. Indi ony harmana
çekmelidi.
Bu işe Ene bilen Ilamany bellediler. Iş ýeňil däldi. Bugdaý ekilen meýdanlar
dagyň üstündedi. Harman ýeri dagyň aşak ýüzündäki tekizlikdedi.
Çünki araba bilen dagyň üstüne çykmak kyndy. Onsoňam ol ýere kän bir ýel
degenokdy. Harman atmak üçiň bolsa ýel gerekdi. Şonuň üçin, hemem ýol ugry bolany
sebäpli şol tekizligi harman ýeri edipdiler.
Ene bilen Ilamanyň işi jogapkärlidi. Çünki tutuş kolhozyň ýekeje hyzasy bardy.
Ähli bugdaýy şonuň bilen harman ýerine çekmelidi.
Tomsuň ortasydygyna garamazdan, dagyň depesi gijelerine sowaýardy. Käte
ýagşyň ýagaýmasy-da bardy. Oragyň ilkinji günleriniň birinde-de şeýle boldy. Howa
gündiz ýandy, agşam dagyň başyny duman alyp ýagyş şytyr-pytyr edip geçip gitdi...
...Ilaman daňdan üşäp turdy. Ol ýorgany ýene-de başyna çekdi. Ýorganyň içi
ýyljakdy. Meýmiredip barýardy. Häzir ondan çykmak barada pikir edip hem boljak
däldi.
– Ilaman, ýatma, tur. Iller eýýäm iş ýerine ýetdi. Çaýyňy iç, bizem beýdip
oturmaly, gideli – Enäniň mylaýym sesi oglanyň gulagyna hüwdi ýaly bolup eşdildi. Ol
şu söze Enäniň hoşamaýlap turuzmagyna oraga gelenleri bäri öwrenşipdi.
Olar bile çaý içdiler. Soň öküzleri hyza goşup, oragy orulan meýdana ugradylar.
Şol meýdana birinji tagta diýýärdiler. Sebäbi düşelgäniň gapdalyndaky birinji tekizlikdi.
Ondan aňyrda at çapybermeli tekizligiň ikisi bardy.
Öküzler ýuwaşja ýöreýärdi. Hyzanyň aşagyndaky uly pürsler daşa degip,
jygyrdap ses edýärdi, germew agaçlar jygyldaşýardylar. Birinji tagtanyň üsti sap-sary
bolup ýatyrdy. Diňe bugdaý desseleri gözüňe ilýärdi. Kolhozçylar bolsa hol ikinji
tagtanyň bäri başynda hatar gurap bugdaý orýardylar. Olaryň gürrüňleri, gülküleri has
uzaklardanam eşidilýärdi.
Öküzler pytrap ýatan desseleriň deňinde daýandy. Ilaman desseleri gujaklapgujaklap daşaşdypyp başlady. Ene bolsa şol desseleri birden, ikiden çarşagyň ujuna
ildirip, depesine galdyrýardy-da hyza basýardy. Hyza ep-esli meýdanyň dessesi
ýerleşýärdi.
Hyza dolabara bolansoň iş has kynalýardy. Onsoň biriň hökman dessäniň
depesine çykmalydy. Çünki ýük indi çarşak ýeterden has belentdi.
Ilaman dessäniň depesine çykdy. Enäniň aşakdan ýalyp berýän desseleri agyrdy.
Gara dere batan oglanyň sütüni süýnüp barýardy. Ýöne ol Enä sereden badyna ähli
ýadawlygyny unudýardy. Her dessäni uzadanda gelniň ap-ak boýnundaky damarlar
gögerip galýardy Bugdaýyň ýiti gylçyklary, tozan onuň üstüne dökülse-de onuň
gözlerindäki mähir, mylaýymlyk, ýüzündäki näziklik kemelmeýärdi. Şonuň üçin-de
Ilaman ýadan mahaly Enä seredýärdi. Ene bolsa bugdaýly sährany aňk edip
pyşyrdaýardy.
– Ýadaýdyňmy?
Ilaman her näçe ýadanam bolsa:
– Ýok, ýok. Heniz ýadamok – diýip jogap berdi. Şondan soň onuň süňňündäki
ýadawlyk el bilen syrylana döndi. Oňa Ene bilen işlemek şeýle hezildi.
Hyza desseden doldy. Ilaman öküzleri harmana bakan idip ugrady. Ene çarşak
bilen desseden sypan bugdaý başlaryny syryp hyza atýardy. Desseleri basyşdyrýardy.
Olar harmana baranlarynda gün guşluga galypdy. Ene deseleri düşürüp başlady.
Ilaman gaty suwsapdy. Şonuň üçin-de harmanyň ýanyndaky täläre garşy gitdi.
Hyza desseden doldy. Ilaman öküzleri harmana bakan idip ugrady. Ene çarşak
bilen desseden sypan bugdaý başlaryny syryp hyza atýardy. Desseleri basyşdyrýardy.
Olar harmana baranlarynda gün guşluga galypdy. Ene desseleri düşürip başlady.
Ilaman gaty suwsapdy. Şonuň üçin-de harmanyň ýanyndaky teläre garşy gitdi.
Harmanda iş gyzyşypdy. Bir adam alty at bilen döwek döwýärdi. Iki sany aýal
harman atýardy. Iki sany ýaşuly aňyrrakda, taýýar bolan çäji halta gapgarýardy.
Telär arassa bugdaýyň harmanynyň ýanyndady. Ilaman teläriň aşagyndaky
bedräniň ýanyna bardy. Ýöne suwy nähili içjegini bilmedi. Bedrä eňegini basmagy-da
birhili gördi. Ol eýlesine-beýlesine garanjaklady.
– Heý, Kerweniň ogly, sen näme işleýäň bärde? Oraga gitseň bolmaýamy? –
Ilaman bu haýbatly sese tisginip gitdi. Diňe şondan soň Akga brigadiriň teläriň
kölgesindäki keçäniň üstünde ýassygy ýaplanyp ýatanyny gördi. Ol ýuwaşja gürledi:
– Men hyza çekýän.
– Kim bilen çekýäň sen hyzany?
Oglan näme diýjegini bilmän az-kem ýaýdandy-da:
– Ene gelnejem bilen – diýdi. Soň ol suw içmegi-de undup hyza bakan ugrady.
Brigadir onuň yzyndan azymly gygyrdy.
– Heý, adyň näme?
– Ilaman.
Brigadiriň hümürdisi Ilamana eşidilmedi. Sebäbi onuň ýüreginde birhili gorky
emele geldi. Ol ýat adamyň beýle hyrsyz keşbini, haýbatyny ilkinji gezek görüp, egni
bilen çekipdi. Bu oňa şeýle agyr degipdi. Ýöne oglanjyk süňňündäki gorkyny hut şonuň
üçiň diýip düşünmedi. Ol harmana bir özüniň baranyna, suw içjek bolşuna utandy.
Ýüzüne şagga inen utanç derini öl-myžžyk ýeňi bilen süpürip, has hem kepän
dodajygyny gaýta-gaýta ýalady.
Ilaman gelende Ene hyzadaky desseleriň ep-esli bölegini düşüripdi. Ýöne onuň
juda ýadandygy bildirip durdy. Howa ýanyp başlapdy. Oňa ýene-de bir kyn ýeri,
adamlardan ýaşynmasydy. Şonuň üçin oňa yssy howada işlemegem, dem almagam
kyndy. Ýöne onuň işleýşi ýadana asla meňzemeýärdi.
Ene bilen Ilamanyň düşüren dessesi kiçiräk depe ýaly bolup durdy. Ilaman
hyzanyň az-küç ýük almaýandygyna şonda düşünip galdy.
Ilaman öküzleriň başyny çekip ugranda Akga brigadiriň gelýänini görüp, öküzleri
saklady. Onuň ýadyna ýene-de suw düşdi. Ýöne brigadiriň mysalasy onuň howuny
basdy.
Akga uzyndan ýasy gaşly papagyny çep eli bilen çekgesine süýşürip, ýasgynjak
alan donunyň ýakasyny sag eli bilen tutup durşuna Enä seredýärdi. Ene onuň güneý
tarapynda bolany üçin gözüniň biri çekgesine tarap aýlanyp, garasy ýitip, diňe agy
galýardy. Şonuň üçin-de ol öküzlere tarap aýlandy. Emma onuň gözleri Enäni ýuwdarly
görünýärdi. Ol ýüzüne, gympaý gözlerine gelişmeýän ýylgyryş bilen Enäni boýdan-başa
synlady-da
– Haý, berrekella! Şeýdiň ahym. Siziň her dessäňiz duşmana gülle bolar, enşalla
– diýdi.
Ene brigadiriň sözüne uýaljaň ýylgyrdy. Onuň ýadaw, owadan ýüzi nurlanyp
gitdi. Bu görnüş Akgany oda salan borly. Ol Enä habar gatdy.
– Hä, Ene gelin, arma – diýip, erinlerini gyşartdy. Ene ýylgyryp baş atdy:
– Sen, Ene, kän kösenme, birden biliňi-zadyňy agyrdaýma. Ýuwaş-ýuwaş işläber.
Ine ýanyňa ýene kömekçi birin, bomy? – diýip, ýuwan ýylgyrdy. Soňra ol Ilamana habar
gatdy. Ýöne iki gözi Enededi.
– Sen-ow, gowja işlegin. Bolmasa kowar goýbärin. Ilaman onuň sözüni diňlemän,
öküzleriň başyny çekdi. Hyza jygyrdap süýrenip başlady.
Juwan gelin bilen nowça ýigit sarylyga siňip gitdi...
Ertesi howa hasam gyzdy. Günortanyň jokrama yssysynda töwerek lowurdap
duran sary ýalna dönüpdi.
– Me, şunam al, soň bir dynç alaly – diýip, Ene ullakan dessäniň bagyndan tutup,
Ilamana uzatdy. Emma dessäniň bagy çala towlanany üçin, Ilaman ýokary batly
dartanda desse açylyp Enäniň üstüne bir çelek suw ýaly bolup akyp gitdi.
Ene «waý» diýip gyra bökdi. Ilaman gynanjagynam, güljeginem bilmän doňup
galdy.
Şol wagt bir ýerlerden Akga brigadir gelip ýetişdi. Ol atyny Ilamanyň üstüne
sürerli görünýärdi. Gam çysyny galgadyp gelşine gygyryp başlady. Ol dessäniň
pytranyny gören bora çemlidi.
– Heý, tilki, bu bugdaý Kerweniňki däldir. Bilip goý şony. Bu halkyň zadydyr.
Sen oýun eden bolma. Gör, näçe adam güne ýanyp, kösenip ýör. Seniň bolsa, it ogly,
oýun ýadyňa düşýär. Dogry-daý walla. Il-ä onda gan dökýä, biz munda der saçýas, muňa
bolsa oýun gerek.
Ol murtunyň ujuny ýalap, ýene-de bir zatlar hüňürdäp, Enä garady. Soň atyny
sürüp gitdi. Taýak atym ýerlendi aty yzyna dolady. Ol mylaýymsyrap Enä ýüzlendi.
– Eneş, näçinjiňiz, şü?
Ene üç barmagyny görkezdi.
– Haý, öz-ä azyrak. Gaýrat et. Saňa ynam bardyr Onsoňam seni, hyza çekmäge
özüm goýupdym – ol süwümsiz agyzlaryny jallardyp ýylgyrdy. Has owadan sözlemäge
çalyşdy. – Seniň ýaly näzli gelinleri oraga salyp bolmaz.
Ilamanyň göwnüne bolmasa, Enäniň ýüzünde şatlyk alamatlary görnüp giden ýaly
boldy.
Şol günden soň Ilaman üçin işiň gyzygy gaçdy. Sebäbi Akga brigadir Enäniň
ýanyna zol-zol gatnaýardy. Oňa lak atýardy. Ene öň ondan ýaşynýardy. Indi Akgadan
ýaşynybam duranokdy.
Ol gün orakçylar ikinji tagtanyň bugdaýyny orup bolup, üçünji tagta geçipdiler.
Üçünji tagta birinji tagtadan has uzakdady. Şonuň üçin birinji tagtanyň üsti çolady.
Howa salkyndy. Ýene-de birki gezek çekseň, bu tagtanyň bugdaý desseleri gutarjakdy.
Şonuň üçin Ene bilen Ilaman has çalt işleýärdiler.
Hyzany ikinji gezek harmana alyp barýardylar. Hyza ýola düşensoň, Ilaman
yzyna gaňryldy. Soň çalaja seslendi:
– Gelneje! – Ene Ilamana golaý geldi.
– Gelneje, Akga näme üçin günde biziň ýanymyza gelýär-ä? – Gelin ýere bakdy.
Onuň güne ýanan ýaňaklaryna gyzlymtyl öwüşgin çaýylyp gitdi. Ol ep-esli wagt sesini
çykarmady. Soň gülümsiräp gürledi.
– Aý, brigatdyr-da, biziň işleýşimizi görmäge gelýän bolaýmasa.
– Gelneje, ol gelmese oňat bolar, hä.
– Nämüçin?!
– Ol gözüni senden aýranog-a. Men ony halamok. Sen onuň bilen gepleşmesene,
gelneje jan, bor diýsene.
Ene oglanyň boýnuny burup durmasyna dözmedi.
– Bor, bor. Aý, ýöne, ol gelende, gelmände-de parhy ýok bize.
Şondan günorta naharyna çenli hiç kimden ses çykmady. Ýöne Ilaman Enäniň
agyr oýa batýandygyny her ädimde duýdy. Ýöne bu zatlary aýdanyna welin ökünmedi.
Öýlän iş gyzyşan wagty Akga ýene-de geldi. Ol atyň üstünden görkezme berýärdi.
Enä habar gatýardy.Ýöne Ene jogap bermedi. Akga bolsa atynyň uýanyny dartyp, şol
güýmenen bolup durdy.
Hyza dolabara boldy. Ol:
– Güýmenmän, doldurjak bolup oturmaň-da, köpräk gatnaň – diýdi.
Ene onuň atynyň golaýyndaky desseleri alyp durşuna:
– Waý, birgat, boş gatnandan doly gatnan ýagşy. Bir desse bir desse ahyry – diýip
seslendi.
Akganyň diýeni geldi. Ol ýirik erinlerini ýygnap bilmän durşuna, samyrdady.
– Wah, Enäm, ol dogry, ýöne bu ýoldaşyň bilen haçan hyza doldurjak sen.
Güýjüňize basarak bolsun diýýän-leý.
...Akganyň ýüregi Ene diýip üzülip barýan ýalydy. Akgany gynandyrýan zat
başgady. Iller «Ene Akga bilen bolup ýör» diýip agyzlarynyň jähegini ýiräýjek
bolýarmyşlar. Wah, ejem ogly, sölpi. Her zat etmeli welin, şu gün bellisini etmeli. Wah,
birje gezek. Ýeke- je gezek nemedäýseň, onsoň onuň gitjek ýer-ä bolmaz-la. Göwni
ýogam däl-le. Goý, illerem gürrüň etse etsin, gaýta, bu erbet däl. Özem razy bolar-la,
ondan, mundan eşidiberse...»
Akga uly lezzet bilen ýylgyrdy. Düýnki wakany göz öňüne getirdi. Şonda gelende
tagtada Ilaman ýokdy. Enäniň bir özüdi. Akga atdan düşdi. Ene arkaýyn otyrdy. Ol
Akgany görüp ýaşyndy. Akga ýalt-ýult etdi. Soň bir bökende Enäniň ýanyna bardy.
Çöküne düşüp Enäni garsa gujaklady. Hasur-husur öpüp başlady. Ene bogulýan ses
bilen ýalbardy, sypjak boldy. Akga jallyk erinlerinden suw akdyryp, gelniň ýüzüni
gyllygy bilen ýuwupdy. «Biri görer!». Akga atylyp ýerinden turdy. Oňa çenli Ene-da
ýerinden galypdy. Görse, hiç kim ýokdy. Akga ýene-de topulmakçy boldy. Ýöne Ene
oňa el bererli däldi. Ol gülüp «Waý, biri görse gowy däl, oglan» diýip gaçgaklaýardy.
«Wah, tentek, şonda etjegiňi edäýmel-e. Häk, gowy pursat elden gitdi-dä...»
Akga Enäniň keşbini bihaýalyk bilen synlady: «Ah, onuň göwüslerem,
bolgusyzyň onusyna degýär-ä. Wah, bir nemedip, beýläňe geçirip bolsa, ak
göwüslerini...» diýip, arzuw kölünde ýüzýärdi.
Hyza doldy. Öküzler ýuwaşja ýöräp başlady. Enede hyzanyň gapdaly bilen
ýuwaşja ugrady. Akga atyny Enä golaý sürüp ýuwaşja gürledi.
– Ene, sen bu sapar dynç alaýsana, hyzany ojagaş oglanyň özi äkider-le. Nämä
gerek ikiňizem kösenip.
– Aý, ýok. Gideýin. Ol çaga ahry.
– Çaga nirede. Öwrener gatyny. Haçana çenli çaga bolsun.
– Ýok, gideýin Soň dem alaryn.
– Neme, Ene, seniň bilen bir gürrüňüm bardy. Ýa-da soň yzyndan ýetersiň-le.
Meniň şojagaş gürrüňümi bir diňle. Azajyk saklan-da, ýa walla senem – Ol Enä boýnuny
burup durşuna, Ilamana azymly gygyrdy:
– Heý, Kerweniň ogly, harmana garşy gidiber. Ene häzir barar.
Ene iki göwünli bolup Akganyň ýanynda galdy.
Ilaman ep-esli gitdi. Emma Ene gelmedi. Onuň Akga gahary gelýärdi. Häzir
hyzany saklap, baryp Enäniň elinden çekip alyp gaýdasy geldi. Hyzany saklady. Emma
Ene görnenokdy. Gapdaldaky belende çykdy. Ene bilen Akga hälki ýerde henizem
gürleşip durdylar.
Akga atyndan düşdi. Enä has golaý geldi. – Ene gelin, boýuňa gurban bolaýyn.
Sen näme üçin maňa öňräk duşmadyň?! Seni harmanda görelim bäri Mejnuna döndümle, men. Wah, gözüm gapylsyn...
Ene ýylgyrdy. Emma sesini çykarmady.
– Indem, göwnüm seniň ýanyňda. Sen bolsa gaçjak bolýaň, janym – ol Enä
suwygidijilik bilen seretdi.
Ilaman bu gürrüňleri eşitmedi. Ýöne ýüregi bilen duýdy, ol öküzleri göwünsiz
idip başlady. Hyza kese şiremden geçdi. Indi baýryň eňňidinden geçmelidi. Şondanam
geçse, tä harmana barýança tekiz ýoldy.
Oglan ilki eňňidiň bärisinde öküzleri saklap, Enä garaşmakçy boldy. Emma ol
ýüreginde emele gelen kinä bäs gelip bilmedi. Öküzleri sürdi. Eňňit ortalaberende
garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Hyzanyň depesindäki iki desse süýşüp, eňňide tarap
aşak gaçdy. Ilaman şu ýeriň ýaramazdygyny pikir edip gelensoň, aljyrady. Häzir Ene
bolsa bu beýle boljak däldi. Ýöne Ilaman öküzleriň başbagysyny elinde tutup durşuna
gapdala geçip, gaçan dessäni galdyrmakçy boldy. Bagy oglanyň elinde bolansoň,
öküzlerem eňaşak aýlandylar. Şol wagt agyr hyza-da eňaşak buruldy-da, dagyň bölegi
ýaly bolup gaýtdy. Desseleri hyza ýüklejek bolup gara dere batyp duran Ilaman desseli
hyzanyň üstüne gaýdanyny zordan saýgaryp ýetişdi.
Bu wagt Akga henizem gürleýärdi. Ol ellerini Enäniň egnine degrip-degrip
goýberýärdi.
Enäniň gözi birden hyzanyň galyp giden burçuna düşdi. Ol ýüregi ýarylan ýaly
bolup, ylgap gaýtdy. Akga welin atynyň başyny başga ugra dolady.
Ilaman harmanda özüne geldi. Ol özüni Enäňiň bu ýere nädip getirenindenem
habarsyzdy. Ol gözlerini elek-çelek edip töweregini gözledi. Kakasyna gözi düşüp
utandy. Turjak boldy bolmady. Bir ýiti agyry janyny alyp barýardy. Ol oturjak boldy.
Ýene-de özünden gitdi.
Ene Ilamany arkasyna alyp, ýüzüni ak tam edip gelende Kerwen aga eliniaýagyny ýitirdi. Ilaman harmandan düşelgä getirilensoň hem özüne gelmändi, Agşam
hemmeler üçin umumy bolan fonar-çyrany oglanyň başujyndan asdylar. Adamlar onuň
başujuny alyp ýatyrdylar. Düşelgede doktor ýokdy. Çagyraýaly diýseň-de bu ýerde, o
ýerde oba barmy?
Gije ýarymdan agansoň oglan samrap başlady. Ol gaýta-gaýta «Eje, eje» diýýärdi.
Onuň gara köýük bolan dodajyklary biri-birine ýelimlenen ýalydy. Käte şol ýelim
açylyp, ondan üzlem-saplam düşnüksiz sözler çykýardy.
Kerwen aganyň gözüne çiş kakylan ýalydy. Daňa golaý çyg düşdi. Ol akja ýaglyk
bilen oglunyň kellesini daňdy. Oglunyň döşjagazyny sypalady. Ellerini, aýaklaryny
owkalady. Birden Ilaman gözlerini açdy. Ol çyra, soňam kakasyna garady.
– Däde, aý däde. –
– Jan, oglum. Ýatyber. Heniz wagt bar daňa.
– Däde, aý dogmadymy?
– Bulut bar oglum. Aý-a dogaram welin...
– Däde, hyza agdymy, döwüldimi, hä?!
– Ýok, oglum. Hyza gyşarypdyr, az-owlak desse dökülipdir üstüňden.
– Däde, meni indi işletmezlermi, maňa käýýärlermi?
– Sen ýaly ýigit tapsalar ikelläp işlederler, oglum. Seniň ýaly mert ýigit tapsalar...
– Däde, kelläm gaty agyrýar – Kerwen aga oglunyň kellejigini sypalady. Onuň eli
oglunyň gözlerinden akýan ýaşa degdi. «Häzir aglasa oňat bolar, ýürejigi giňär» diýip
pikir etdi. Ol şol oturşyna uzak wagtlap oglunyň kellesini sypalaşdyryp oturdy. Ahyry
Ilaman seslendi:
– Däde, ajygýan – Kerwen aga oglunyň bu sözüne begendi. Oguljygyna agşam
özüne berlen ýarmasyny getirip iýdirdi. Agşam onuň-da damagyndan zat ötmändi.
Ilaman ýagşy naharlandy. Soň ýene gyşardy.
– Däde, gel bileje ýataýaly-la...
– Bor, oglum.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 03
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.