Latin

Uzak uzak ýyllar - 13

Total number of words is 3889
Total number of unique words is 2060
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mugallym eli tabakly geläýdi. Ol tämiz palasyň üstüne uzyn saçak ýazdy. Soňam gelip
bu çagajyklary köşeşdirdi.
– Lenajan, Saşajan, nahar iýmeli. Goýuň dawaňyzy. Geçiň saçagyň başyna –
Üzümgül mugallymyn arassa türkmen dilinde gürleýşine çagalaryn düşünip durşuna
Ilaman haýran galdy.
Çagalar tamdyrdan täzeje çykarylan çörek bilen çorba iýýärdiler. Olaryň
gürrüňleri tudanaly tuda gonan garasar sürüsiniň sesine çalym edýärdi. Bu ýerdäki
tämizlik, süýji nahar bolsa bu çagalar üçin kolhozyň serişde gaýgyrmaýanyny
aňladýardy.
Üzümgül mugallym olary naharlap bolup barýarka, başga bir aýal bilen, uly gyz
geldi. Onsoň Üzümgül mugallymam egnindäki ak haladyny çykardy.
– Illi jan, çagalary haladyňmy? Görseň gül ýadjakdyr. Kyrk sany neresse çaga.
Wah, uruş gursun-da Hersi biriniň dünesidir bu neresseleň...
Ilaman Üzümgül mugallymy öýlerine çenli ugratdy. Üzümgül mugallym özüniň
minnetdarlygyny nähili beýan etjegini bilmedi. Ol bu mähriban oglany öýüne goýberesi
gelmedi.
– Illi jan, köşek, senem şujagaz ýerdejik ýatyber bolmasa...
Ilaman özi barada beýle alada edilmegine utanyp gürledi:
– Men öýe gideýin, ertir gaty ir işe gitmeli...
Ilaman gündizki ýadawlygy duýanokdy. Onuň süňňi birhili ýeňläpdi. Ol ýeňil
ýöräp öýe gaýtdy.
Birdenem, onuň göwnüne gögüň garaňky böwri ýalpyldap giden ýaly boldy. Şool tanyş göreçler. Olar Ogultäjiň balkyldap duran goşa didesidi. Olar ertekilerdäki
şamçyraglar ýaly bolup, ýigdekçäniň bütin dünesini ýagtylandyrdy.
Ilaman öýe gelip, gapyny açdy. Emma ukusy gelmedi. Ol daş çykyp ojagyň
tekizje sekisiniň üstünde ykjam oturdy. Ullakan erigiň ýapraklary, deregiň şelpeleri ýaly
şybyrdaşýardy. «Diýmek, erigiň ýapragam gatapdyr, basym güýzem gelibermeli!»
Ilaman kakasynyň birwagtlar köp gaýtalan sözlerini ýatlady...
Birdenem onuň gulagyna inçejik agy sesi gelip başlady. Günbatardan öwüsýän
salkynjak şemal bu sesi garym-gatym edýärdi. Ilaman howlynyň insizje agaçdan edilen
pessejik derwezesini açyp, köçe tarapa çykdy. Ses ýatdy. Ol ýene-de diňşirgendi.
Bu ses bir görseň aga, bir görseň hüwdä, bir görseňem ulugyzlaryň lälesine
meňzeş bir owazdy. Özem Sülgün gelnejeleriň tamyndan gelýärdi. Ilaman garaňky jaýa
has golaý bardy.
Uzak-uzak ýyllarda
Taýyň galdy Nursoltan
Uzak-uzak illerde
Daýyň galdy Aýsoltan
Uza-ga-uzag-a iller-de-eý
Ýarym galdy, alla jan
Uza-ga-uzag-a ýyllar-da, waý
Arym galdy, jan hudaý...
Ilamanyň bedeninde bir gysym garynja ýörän ýaly boldy. Ol iki gulagyny elleri
bilen ýapyp öýlerine garşy ylgady.
4.
Meretgül kempiriň bolup gelşini görüp Akganyň haýýady uçdy. Tasdanam
obaçylyga garşy ökjäni göteripdi. Emma saklandy. Onuň başy açykdy. Saçy sürlen
bozagan sübsesi ýaly bulaşyp durdy. Üsti-başy çaň-tozandy. Ol gele-gelmäne ýoluň
ortarasyna, jöwza-da köze dönen urpagyň üstüne özüni taşlady.
– Öýümiz, ilimiz üstümize ýykyld-eý, Äkge jan, taňrynyň gargyşyna galdy-geý,
Äkge jan-eý.
Akganyň dodagy dodagyna mumlanyp, bokurdagyna gum dykylan ýalydy. Ol
bitaý gözlerini mölerdip, gyrpyldadyp durdy.
– Ol ýetimçe, hudaýym upbat bolsun, meni suwa salma ýençdi. Özem başlyk
diýdi, beýleki diýdi, hiçisini goýman diýip gitd-eý. Bu gelni şu güne salan Äkge ikiňiz
diýip, her-her edip git-deý, Äkge jan-eý...
Kempir her gezek ellerini kakanda, garaguşuň ganatlary ýaly helpildäp gidýän
ýeňleriniň astyndan ep-esli tozan galýardy. Olam göni Akganyň üstüne dökülýärdi. Ol
bir gapdalrak çekiljek boldy. Emma kempir ýüregi ýarylan ýaly iňledi.
– Waý, gurbanyň bolaýyn Äkge-leý, gitme-eý, ýüregim ýarylyp barýa-leý.
Akga özüne zor salyp gazaply gürledi.
– Kim?
Kempir aňk-taňk boldy. Ol Akga kimdir biri bilen gürleşýändir öýtdi. Töweregine
garanjaklady. Ahyry Akganyň çaşgyn keşbini görübem, iki buduna şapbyldadyp urmaga
başlady.
Hakykatdanam, soňky wagtlarda Akganyňky ugruna däldi. Geçen ýyl Anna
aganyň oňa ýagşy daramagy, Durdy ýasawulyň aýdan sözleri, raýondan gelen wekiliň
«Sen arpa-bugdaýyň näçe gymmatynyň bardygyny biler ýaly, fronta ibermek gerek»
diýmegi Akganyň mazasyny alypdy. Ol indi nirä gitse, kimdir biri yzarlap ýören ýalydy.
Ony was-wasy gaplap alypdy. Bu gün onuň üçin ahyrzaman gopana döndi, Ol ters
aýlandy.
Soň kempiriň syrça bölegi ýaly çalymtyk gözlerine garady.
– Kim?!
Meretgül täzeden möňňürmäge, samramaga, sarnamaga başlady. Akgadan welin
ne ses, ne-de seda çykdy. Ol birden tersin-oňlyn pyrlanyp, ýene-de kempiriň ýanyna
geldi.
– Hany ol, hany?! – Kempir Akganyň gezlerindäki eýmenji görüp, guty guran
ýaly boldy.
– Hany, ol nirede?
– Kim?
– Oraz şyh!
Kempir synyny silkip ýerinden turdy. Onuň üstünden ep-esli tozan asmana
göterildi. Kempir oňa ünsem berenokdy.
– Wah, Oraz aga däl, hol gapdal ýanymyzdaky garantgy ýaly meýdi ýanan
ýetimçe ýokmy, şo-ol!
– Oraz şyh, gerek. Oraz şyh ge-r-e-k.
Akga edil serhoş ýalydy. Enteýärdi. Onuň bolşuny görüp kempiriň hem
aýaklarynyň ysgyn-mydary gaçdy – Oraz şyh öýünde, ýok, toba, ysgylatda...
Akga hiç zat diýmän ýap-çilleriň arasy bilen Çynarla tarap dogrulady.
Oraz şyh mekdebiň çolaja ganatynyň kölgesine ýazylan çäkmeniniň üstünde oýa
çümüp otyrdy. Onuň öz hasaby bardy. Ol sürgünden gaýdyp, özüniň ilkinji maksadyna
ýetipdi. Kakasy Seýit baý bilen gömüp goýan humuny tapypdy. Ony ýene-de öňküje
ýerinde emaý bilen gömüp goýupdy. Ol Ilamandan başga onuň syryny bilen adamyň
ýokdugyna çyny bilen begenýärdi. Ilamany bolsa hiç zadyň alyndan däl, bir sümükli
oglan hasaplaýardy. Ondan özüne zyýan gelmejegine pugta ynanýardy.
Ýöne Durdy ýasawuldan welin onuň gorkusy az däldi. Ýasawul onuň atababasyna ýetikdi. Ol Oraz şyhyň ýüregine beletdi. Onsoňam, ol adam hiç haçan ýüz
görüp, gapyrga syran däldi.
«Kim bilýär, «başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýeni ýaly, köne
saman sowuryberse... Ýok, indi bu ýerden çaltrak göterilmeli, çaltrak...»
Oraz şyh Durdy ýasawula gabatlaşanokdy. Ýogsa, onuň bilen dertleşen bolup,
taryna kakyp görmek isleýärdi. Eger kabul etse, ýalynjalyk etmäge-de ýaltanjak däldi.
Şyh Anna agadan hem diýseň arkaýyndy. Ol başlygy gowşak, lellim görýärdi. Öz
ýanyndan ony äsgermeýärdi. Ýöne ol başlygy görende-de, kiçelmegi, mysapyrsyramagy
hiç zatça görenokdy. Onuň başlyk bilen öz hasaby bardy.
Ol gyzylly humy tapyp goýanam bolsa, ony göterip, başyny-aýagyny alyp, birden
sumat bolmaga çekinýärdi. Eger-de ýoklugyny bilseler, serhetde ýetirmän gapjaljygyna
onuň gözi ýetip durdy. Onuň üçin bir ýol bardy.
«Ýok, äwmek şeýtandan, sabyr rahmandan». Ýarym güne ýaryş ýok diýip yras
aýdypdyrlar. Aňyrsy bäş-alty günden kolhozçylar daga, oraga çykmaly. Ine, başlygy her
zat edip yryp, şolar bilen daga gitmeli. Onsoň, aňyrda näme ýol galýar...»
Oraz şyh ölçerip-döküp şundan amatly ýoly tapmaýardy. Ol özüniň bu pikirini
juda makul görýärdi. Ony her dürli edip başlyga aýdyp görýärdi. Iň soňunda ony razy
edip ýola düşýärdi.
Akganyň eňek alty-ýeň ýedi bolup gelmegi onuň galpyldysyny artdyrdy.
Akganyň ýüzi gara ört bolup, kirpikleri urpaklapdy. Kellesindäki köneräk bagana
gulakjynyň bir taý gulagy sallanyp, yrgyldap durdy.
Oraz şyh Akganyň örüsiniň daralýandygyny bilýärdi. Onuň bilşiçe, Akganyň bu
edip ýören işleri beýle galmaly däldi. «Purontçynyň yzynda galan diýerler, beýleki
diýerler, gözüni Sibirde açdyrarlar». Şonuň üçin-de bujagaz pursaty oňaryp
peýdalanmalydy. «Akganyň eli bilen köp ojagyň oduny gorsasaň bolar».
– Gel, Akga baý, gel, şujagaz kölgä geçde otur – Oraz şyh gapdalraga süýşdi.
Gözüni Akga, soňam günüň jokramasyna ýylap, aşagynyň közi tüsseläp duran tüňçä göz
aýlady – Çaý-paý meýliň bar bolsa, şol taňkaň aşagyna iki penje garak atynaý.
Akga özüni dürsäp bilenokdy. Ol sojaýardy. Megerem, gürrüňi nämeden
başlajagyny bilmeýärdi.
– Seň hanym, bir derdiň-hä bar. Aýdyber, men senden syr saklasam, sen menden
syr saklasaň, onda neneňsi bolar? Öňem-ä iki sany kerri bolup galdyk, giň ýalançysynda.
Akganyň derisi giňän ýaly boldy.
– Agam, agamjan, maňa meslehat gerek, halys kelebiň ujuny ýitirdim. Bi,
Annada, öýi ýykylan ýasawulam maňa gün berenok. Bu ganjygam içindäki güjügini
göterip ýör. Telim aýtdym, düşürtsin diýip. Men-ä bilemok. Bu günem ho-ol arwah gelip
«Kerweniň ogly başlyga çenli gidişerin, puranta gideniň maşgalasyny horlaýarsyňyz»
diýipdir. Men-ä kelebiň ujuny bulaşdyrandyryn, agasy,,.
– Äý, senem Äkge baý, özüňi halys was-wasynyň ygtyýaryna beripsiň. Ol başlyga
aýdyp, burnunyň maňkasyny oňarypmy?
Akga dowla düşüp gürledi.
– Beý, diýme agasy, ol eder, onuň atasy ters gün dogandy. Atasyndan zordan
dyndyk. Tas alypdy bizi. Olarmy...
Oraz şyh göni nyşana çenemegi birhili gördi.
– Onda öz näme etsem-petsemiň bar?
Akga gözlerini ýaldyradyp, garşydaşynyň ýüzüne seretdi.
– Ýa, Anna başlyk bilen meslahatlaşyp, syýnyna ýapyşyp, kömek
soraýsammykam, ä?!
Oraz şyhyň ýüzi gamaşdy. Ol penjeginiň bagjyklaryny sypalaşdyrdy.
– Aý, näme, Annanyň ýanyna gitjek bolsaň, bäri ýönelibem oturmaly däl ekeniň...
Ol Akgadan seda çykmanyndan soň zarply gürledi.
– Sen özüň, han ogul, oglanlygyň erbedem däl, ýöne ederini-eýlärini aňlamaz sen.
Heý, sen kişiniň heleýine baryp «Meniň oýnaşym-a şeýle boldy. Çagasyny düşürsin»
diýerlermi? Hany kelläň? Öz aýybyňy özüň açyp...
– Kime diýipdirin?!
– Sapar brigadire diýipsiň, Üzümgüle diýipsiň. Başga kime diýjekdiň... Olar bir
dillerini ýygyp bilýän ganjyklarmy? Seniň işiňi gören şolar, şolar...
Bu gürrüň ugrunda bardy. Akga arada Enäniň göwreli bolanyny duýup gyssaga
düşüpdi. Kelebiň ujuny ýitiribem, gelip Sapar brigadiriň ýanynda derdinipdi.
Soňundanam: «Ene çagasyny düşürtsin, aýalymy kowup öýleneýin oňa» diýip gürrüň
edipdi. Bu gürrüň tutuş «Ynkylaba» dolupdy. Onsoň Oraz şyhyňam gulagyna ýetipdi.
Akga ýere seretdi. Çokaýynyň üstünden ýörmeleşip, ikiýana at salýan
atgarynjalara gözi düşdi. Olar Akganyň aşagyna kürsäp urýardylar. Akga at garynjanyň
hininiň üstünde oturandygyny aňyna ýetirip bilmedi. Ol dilini peltekledip gürledi.
– Wah, men ilki seniň ýanyňa geljekdim-le, ýöne, munuň ýaly zady öň görmesem
näme, agam, onsoň aljyrap ýörün. Ýöne baryny bulaşdyrjak ýene şol ýetimçe, şonuň bir
alajyny etmeli...
Oraz şyh indi nyşana gönüledi.
– Wah, Akga, ol oglan näme, häzir zamanasy erbet, tutuş zamana. Sen ol oglan
diýýäň, hany ol ýogam eken-dä. Onda başga biri, Üzüm diýdi, Sapar diýdi, ýasawul
bormy ýa-da başlygyň özi. Şu purantdan gelip, arada pylan-pissigan diýip yzyna giden
şol golagyňam her zatça bardyr, soňuna garaberseň. Şonuň üçin munuň köküne urmaly
paltany. Wah, şony oňaryp bolsa...
Akga onuň sözüni böljek boldy.
Oraz şyh gyzaryldy.
– Goý, ol gürrüňiňi, meni diňle, men saňa ýagşylyk üçin aýdýan bulary. Köki
diýýänim, aktipsyraşyp ýören Durdy ýasawulyň janyny jähenneme ibermeli. Senmi ony
başarjak?!
Akga dyzyna galdy.
– Nädip, onsoň nirede ýaşamaly bolar, hä.
– Nirede, nirede? Sen oglan bolma. Ikimiz üçin şuranyň gapysy petiklendi. Ýa
Sibir ýa-da hol gara dagyň aňyrsy. Sen meniň diýenimi etseň ýedi pyşdyň hor bolmaz
ýaly ederin...
Akga sandyrady.
– Oňa nädip geçjek aga, çagalar dökülip galmazmy, onsoň?!
– Seni Sibirde çüýretseler çagalaň dökülip galmazmy, pelit? Ine, gama saňa,
gaýratyň, içiňde namysyň bolsa, geljek annada ol ýasawulsumagy kakla-da gamyşlynyň
ikinji tagtasynyň çetine çyk.» Onsoň garry agaň etjek oýnuna-da bir syn kyl, sen aňry
geçmäniň gürrüňini etme-de.
Akga sesini çykarmady. Ýöne gamany aldy. Onuň kellesinde häzir «ýasawuly
kaklamasamam, şu ýetimegiň damagyny-ha çalaryn» diýen pikir at çapýardy.
– Onsoň, agam, aňyrsy nähili bolar?!
Akganyň sowaly Oraz şyha ýaramady. Ol ep-esli oýlandy. Yssyda gaýnara gelen
tüňçäni ilkinji gezek görýän ýaly, oňa tiňkesini dikip oturdy.
– Näme, aňyrsy bir musurman bendeleriň üýşen ýeridir. Uruşam, galmagalam,
etdehadam, şura-da, ynkylabam görmersiň. Her kim tapanjasyny iýip, tapanjasyny geýip
ýörüberýändir. Uly uly ýaly, kiçi kiçi ýalydyr, baý baý ýaly, garamaýak garamaýak
ýalydyr. Her kim öz sylagyny, ornuny bilip gydyrdanyp ýörüberýändir.
– Ýok, men nähili bolaryn?
– Hüm, senmi? – Oraz şyh megerem, bu barada ilkinji gezek oýlanýardy. Şonuň
üçinem ol tilkiligini etmelidi. Taýagyňam iki ujy bardy. Erte aňyrlara ötüläýse-de
ýüňsakgal bolmaz ýaly, bergidar bolmaz ýaly etmelidi. Şonuň üçin ol öz pähiminiň
güýjüne daýandy.
– Aňyrda, saňa, men näme diýeýin. Elpe-şelpelik bardyr-a diýip biljek däl. Ýöne
sen meniň diýenimi etseň, şuranyň burnuny ganatsaň, o taýda hor etmen. Emma ki özüň
birgat bolup, soňam etmişiňden eýmenip, pena arap geçseň, pena bolsalaram, saňa
hanlygy-ha kepil bolmazlar. Şonuň üçrübem aňyrsy özüňe bagly...
Oraz şyh sözüni tükedip, jemläp bilmedi. Sebäbi Akga oturan ýerinden «Wä, wä,
waý» diýip, zöwwe turup, soň ýüregi ýarylan ýaly bökjekläp başlady.
– Näme boldy – Oraz şyh zarply gürledi. Akga uýat ýerlerini elleri bilen tutup
bökjekläp ýörşüne naýynjar – Gar-rynçga-a-a!.. – diýdi.
Oraz şyh juda çuňňur ýigrenç bilen garantgy ýaly helpildäp duran adama garady.
Akga gitdi. Agşamyň alagaraňkysynda ýene-de öwrülip geldi.
– Agam, bir halta bugdaý bermeseň, çagalaryň çuwaly gowzapdyr.
Oraz şyh jomartlyk etdi.
– Ikisini äkit, ýöne hälki gürrüňem gulagyňda bolsun.
Akga ýabysyna iki halta bugdaý ýükläp, hoşwagt halda garaňkylyga siňip gitdi.
***
Oraz şyhyň garry tilkiniňki ýaly, Durdy ýasawulyň özüni gözden salmaýan
ýalylygyny syzmagy ýöne ýere däldi. Geçen gyş Ilamanyň kontora, Anna başlygyň
ýanyna barmagy, öýüň içiniň gazylýandygy barada aýdanlary, asyl bir gyranlyk gyzyl
puly eltip bermegi başlygy howsala salypdy. Ol bada-bat raýon milisiýasyna habaram
beripdi. Emma raýondan bu işi ur-tut etmän, usullyk bilen etmegi makul bilip, maslahat
beripdiler. Oraz şyha göz-gulak bolmagam, esasan Durdy ýasawula tabşyrypdylar.
Durdy ýasawul Oraz şyhyň ýanynda dikil-gazyk bolup oturmasa-da, garaz
gözegçilik edýärdi. Onuň etmeli işem şyhyň barlygyny, ýoguny aňtap durmalydy.
Ýasawul daş-içden günde bir gezek habar alýardy. Soňam Oraz şyhyň
obadadygyny başlyga habar berýärdi.
Durdy ýasawul bu gün Oraz şyhyň özi bilen gürleşmegi ýüregine düwdi. Ol bu
adam bilen ikiçäk gürleşip, onuň näme matlabynyň bardygyny aňasy gelýärdi. Eger
diýenini etse, kolhozdan ýer-ýurt alyp, ornaşykly ýaşamagy maslahat berjek bolýardy.
Onuň ýüregindäki niýeti başa barmady. Ol Akga brigadiriň paý-pyýada bolup
gelşini görüp, atyny saklady. Akga Enäniň enesi bilen nämedir bir zat barada
gürleşensoňlar ýene-de entirekläp-entirekläp gitdi. Durdy ýasawul ony serhoşdyr öýtdi.
Emma onun ýüzüniň mekdebe tarapdygyny görensoň welin, niýetini üýtgetdi.
«Kerweniň oglunyň diýeni çyn bold-ow. Ol işini, güýjüni taşlap, şol şyh bilen
aşna bolýan bolsa, ýüregini ýagşa-ha düwen däldir...»
Ol juma gijesi Meretgül kempirlerde bolan gürrüňi ýatlady. «Kim güýçli bolsa,
biz şonuň tarapdary, aga!» Bu sözler Durdy aganyň azysynyň etini has gataltdy. «Haý,
kezzap diýsäni. Indi seniň güýçlinem Oraz şyh tetelliler boldumy? Wah, günüňe
ýanaýyn, nadan. Häk, Anna-da gör, kimi birgat edip saklap ýör. Häk, Anna, Anna!..»
Ol atyny yzyna dolady.
Agşam ol Oraz şyhyň ýanyna däl-de, Akganyň ýanyna ugrady. Emma ony öýünde
tapmady. Aýalynyň salgyna görä, ol atlanyp, kontora bakan giden bolmalydy.
Emma ýaşulynyň göwnüne, ol häzir Oraz şyhyň ýanynda oturan ýalydy. Şonuň
üçinem atyny göni Çynarla depdi.
Ol darawa suwy akýan ýapdan ýaňy geçende, Akga pete-pet gabat geldi.
Garaňky mazaly düşüpdi. Töwerek gijäniň gara şalynyň astyna duwlanypdy.
Şonuň üçin-de Akga bu wagt adama duşaryn öýdüp pikirem etmeýärdi. Ol öňünden
çykan atly adama ünsem bermedi.
– Hä, Akga, birgat, salowmaleýkim! – Bu sesi ol tanşam görse, ünssüz
«waleýkim» diýip, oňa jogap bermäge çemlendi. Birdenem garşysyndan gelýäniň Durdy
ýasawuldygyny görüp, köz depelän ýaly, bütin göwresi bilen ziňkildäp gitdi. Ol ýaba
ýetmän, ýabysynyň uýanyny gapdala burdy.
Durdy aga ilki Akga ünsem bermezligi ýüregine düwüpdi. Diňe onuň Oraz şyhyň
ýanyndan gelip-gelmeýändigini aňjakdy. Ondan Oraz öýündemi, dälmi, osmakladyp
sorajakdy. Ýöne Akganyň ony görüp aljyraýşyny, ýabysyny yzyna garşy sürüberişini
görüp, atyny ýapdan urduryp geçirdi.
– Heýt, hany, dur! – Akga ýabysyny saklady. Ýöne onuň başyny henizem bäri
öwrenokdy. Durdy ýasawul onuň ýanyna ýetip saklandy. Diline gelen haýbatly sözi
aýtdy. – Näme, syparyn öýtdüňmi, hä...
Akga aljyraňňy samrady.
– Eý, Oraz şyh, äkit, äkit diýip, duransoň, aldym gaýdyberdim.
Durdy ýasawul ýene-de sowal berdi.
– Nämäni?
Akga henizem ýasawul meniň bugdaý alyp gelýänimi bilip ýolumy saklaýandyr
öýdüp oýlanýardy. Şonuň üçin, ogurlygyň üstünde tutuldym diýip, indem garabaşyna
gaý bolup özüni aklamanyň pikirini edýärdi.
– Şu bugdaýy diýýän, Oraz şyh äkit diýip duransoň alyp gaýdyberdim diýýän.
Durdy ýasawul diňe şondan soň Akganyň ýabysynyň ýüklüjedigini bilip galdy.
Ol gazap bilen gygyrdy:
– Näçe halta?! – Ol erbet sögündi. – Sen indi birgat bolup, golhozyň ysgyladyndan
bugdaý ogurlaýarsyňmy, hä?
Akganyň ýüregi ýaryldy. Ol ýabydan özüni oklady. Gelibem, ýasawulyň
ýabysynyň uýanyna ýapyşdy. Soň ýalbarmaga durdy.
– Agam jan, heý, men bir ogurlyk etjek adammy? Sen beý, diýmesene. Agam jan.
Men, men...
Durdy ýasawul hem janlandy. Ol atyny dözümli sürüp, Akganyň ýabysynyň
uýanyndan çalyp tutdy.
– Men seniň agaňam bilmen, iniňem. Ýör, häzir kantura baraly. Oraz şyhyňam
geler, senem bararsyň. Kimiň kimdigini başlygyň özi çözer.
Akganyň ýüregi ýarylan ýaly boldy. Ol özüni saklap bilmän, ýapdan aňyrlygyna
urup geçdi. Şol ýerdenem janhowluna gygyrdy.
– Sen, adam däl ekeniň. Men saňa aýdyp otyryn-a ogurlyk etmedim diýip. Senem
bir gezek adamçylyk edäý. Görmezlige salaý, agam jan...
Durdy ýasawulyň sesi üýtgeşik gazaply çykdy.
– Şu golhozyň, şu golhozçyň malyna barmagyny batyrana menden ýagşylyk
ýokdur. Onda-da Oraz şyh ikiňize – Ol ýabylary sürüp aňyrrak bardy – Düş diýýärin
saňa-da, yzyma.
Akga ýene-de ýapdan batyp-çümüp bäriligine geçdi. Ol ýalbarmadan netije
çykmajagyny bilip, ýabylaryň öňüne geçdi.
– Sakla, ýabyňy, ýasawul! Sen meni tutup, ýabymy elimden alarça kim bolupsyň?
– Ol öz ýabysynyň uýanyna ýapyşdy – Goýber, uýany, kezzap.
Durdy ýasawul häzir öljekdi welin uýany goýberjek däldi.
– Aýryl, ýogsa, aýap goýmaryn – Ol Akganyň söze gulak asmajagyny aňdy.
Sebäbi ol uýany aljak bolup, bar güýji bilen topulypdy. Şonuň üçin-de, ürken ýabylaryň
hersi bir tarapa dyzaýardy.
Durdy aga özüniň ýabysynyň başyny yza dolady. Akganyň ýabysynyň uýanynam
goýbermedi. Ýöne elindäki gamçy bilen Akganyň ýagyrnysyny iki-üç gezek daglap
goýberdi. Soň gazaply gygyrdy.
– Düş, öňe, it ogly. Bolmasa, erbet bolar. Düş öňe...
Akga uýany goýberdi. Ýöne çöken ýerinden galmady.
Durdy ýasawul onuň öňüne düşüp gitmejegini aňdy. Az-kem gowşaşan ýaly bolup
gürledi.
– Ýöri, kantura baraly. Orazy çagyraly, «berdim, özüm äkit diýdim» diýse,
bolany. Maňa başga gürrüň gerek däl.
– Agam, men aýdyp otyryn-a, saňa... Nämä gerek kanturlaşyp durmak...
Durdy ýasawul ýabylary kontora tarap sürdi. Akga şol ýerde esli oturdy. Soňam,
aýagynyň ölüni jorkuldadyp, Oraz şyhyň ýanyna ugrady.
***
Anna aga raýon merkezinde bolan ýygnakdan giç çykdy. Ol şondan soň raýon
milisiýasyna-da bir barmakçy boldy. Ýöne gijäniň içinde onuň-munuň gapysyny kakyp
ýörmegi birhili gördi. Bu işi şu durşuna goýup bolmajakdygyna-da ol düşünýärdi.
Ol Oraz şyhly meseläni basymrak çözesi gelýärdi. Onuň ep-esli pulunyň Kerwen
aganyň jaýynda gömülgi ýatanynam aňýardy. Onuň şol puly çaltrak ýygnatdyrasy
gelýärdi. Oraz şyham kän bir oba arasynda gezdirip ýöresi gelenokdy. Şonuň üçin raýon
milisiýasyndan birki sany milisiýa alyp, şu gijäniň özün-de oba äkidesi gelýärdi. Bu
zatlary edil şu gije çözmese ertir gijä galjak ýalydy. Çünki raýkomda aýdylan zat hasam
möhümdi. Bu ýylyň gyşy ir düşerli-di, özem gaty gazaply bolmalydy. Kolhoz bolsa
düme gallanyň ýeke gysymynam ormandy. Darawadaky galan-gaçany garry-gurta
tabşyryp, ertiriň özünde düme bugdaýyň oragyna, daga çykmalydy...
«Aý, ýok, ertir-ä ýetişilmez». – Anna aga daşyndan hümürdäp aýtdy. «Beýlekisä durubersin, adamlara bitini kakmaga-da ýarym salkyn gerek ahym. Diýmek, dänim,
birigünüň ertir namazynda ugramaly». Başlyk belli karara geldi. Ol ertir baryp ýagdaýy
düşündirer, adamlary ýarym salkyn boşadar. Ýetdiginden her bendä bir gysym arpabugdaý paýlanar.
Ol şeýle oýlar bilen «Ynkylabyň» çetinden girende horazlar ikinji gezek
gygyryşýardylar. Başlyk Oraz şyhly, gyzylly mesele ýadyna düşende, şony çözmänine
juda gynandy. Sebäbi bu zatlaryň aslynda bir uly betbagtçylygyň ýatan hem bolmagy
mümkindi. Şonuň üçinem ol göni ýasawulyň öýüne depdi. Emma ýasawuly öýünden
tapmady. Soň ol ýadawlygyna garamaz- dan, atyny kontora bakan sürdi.
Kontoryň işigindäki iki ýaby başlygy geň galdyrdy. Emma ýasawulyň bolup durşy
ondanam geň» bolup göründi.
Durdy ýasawul başlygy atdan düşere goýmady.
– Annam, Akga birgady iki halta bugdaý ogurlap barýarka tutdum. Kantora
getirjek boldum, ol ýene Oraz şyhyň ýanyna gitdi. Bir hekaýat goparmasalar ýagşydyr
– Anna aga hyrçyny dişledi.
– Sen, ýet, onda, Kerweniň oglundan habar tut. Oraz şyh bir bolmasyz iş
edäýmesin. Ol pul diýip her zat eder, sürenine ýetilenden soň. Men ýaňy çig etdim. Indi
bir dänim, milisgä habar edeýin.
Gürrüň gysga boldy. Ýöne başlygam ýasawulyň ýüregindäkini diýipdi. Şonuň
üçin bu wagt gep uzaldyp oturara ýagdaý ýokdy. Başlyk raýona giden badyna Durdy
ýasawul ýene-de Çynarla ugrady.
***
Ilaman işden ýadap gelipdi. Ol güni bilen daga, orak ormaga gitmäniň pikirini
edipdi. Geçen ýyllar-da ol dagda orak ormanyň lezzetini görüp bilmändi. Bu ýyl ony
başga duýgular gaplaýardy. Daga çyksa ýüki ýeňläp, nähilidir bir hezilligiň üstünden
baraýjak ýaly bolup durdy. Şonuň üçin daga gidesi gelýärdi. Ol jülgede galsa hor
boljagyna, aç-suwsuz boljagyna oňat göz ýetirýärdi. Ondan başga-da, onuň has çekinýän
zady Oraz şyhdy.
Oraz şyh soňky wagtlarda Ilamana kän bir degmese-de, olaryň jaýynyň
töwereginde sümsünip ýördi. Ilaman ony ertirem, agşamam görýärdi. Ol bu barada
geçen gyşda başlyga aýdypdy. Ýöne onuň netijesi welin bolmandy. Şondan soň bu
barada birine aýtjagam bolup durmady. Ol bu alagöz adamdan daşrak bolanyny kem
görenokdy.
Häzirem, bu zatlary birlaý, göz öňüne getiril oturyşyna, uka gideninem duýman
galdy. Ol gapynyň şakyrdysyna tisginip oýandy.
Işikde ýaby durdy. Ondan düşen adam içeri girdi.
– Häýt, Kerwen dostuň ogly – Ilaman Durdy ýasawulyň sesini tanady.
– Häýt, Kerweniň ogly, ýatyrmyň?
Ýasawul ýuwaşja gürleýärdi.
– Hany, beýdip ýatma. Çyk daşary. Me, şu ýabyny howlynyň burçunda pugta daň.
Özüňem ýuwaşrak bol.
Ilaman ýabyny howlynyň ortasyndaky erige daňyp geldi. Ýasawul ýene-de
ýuwaşja gürledi.
– Ertirde, agşamda gelen giden-ä bolan däldir-dä?
– Ýok, ertir Oraz şyh gapymyzdan geçip gitdi. Ol howlyň agzynda, ýola seredip
ep-esli durdy. Soňam gitdi.
– Häý, garry köpek. Öýe kim geldi, kim gitdi, yz çalýandyr ol.
Ilaman düşünmedi.
– Nämäniň yzyny çalýar, Durdy aga?
Ýasawul pyşyrdady.
– Adam yzyny. Seniň ýanyňa üýtgeşik adam geldimi, ýokmy – Ilaman ýene-de
hiç zada düşünmedi.
– Ol näme üçin beýdýärkä, Durdy aga?
Ýasawul pallady.
– Soň bilersiň. Häzir hiç zat sorama. Gowusy, sen bir ýaş oglansyň, bar-da Oraz
şyh öýündemi, dälmi bilip gel. Seresap bol. Hiç kim bilmesin gezip ýöreniňi.
***
Oraz şyh Akgany ugradyp sklady ýapdy. Soňra öýüne gidip çaý goýdy. Emma
çaýyny ine-gana içmek oňa nesip etmedi.
Akga brigadiriň bolup gelşi yzyndan ýagy kowalaýanyňkydanam beterdi. Ol
oturmaga-da gyssandy.
– Agam, bagtym ýatdy. Öýüm-ilimi ot alsa mundan ganymat bolardy. Durdy
ýasawul ýaňy öňümde duran bolsa nätjek. «Nireden ogurladyň bugdaýy» diýip tutdy
ýakamdan. Ýalbar-ýakar etdim. Bolmady. Ýabymy bugdaýy-sugdaýy bilen alyp gitdi.
Indi mesladyny özüň bermeseň, meniň-ä gidere ýerim, girere deşigim galmady, aga...
Oraz şyhyňam ýüregine ot düşdi. Ol Akganyň nalajedeýinligine gaharlandy.
– Senem, «maňa bu bugdaýy Oraz şyh berip goýberdi» diýensiň. Şeýlemi?
– Howwa!
Oraz şyhyň ýüregi ýaryldy.
– Haý, haramzada diýsäni. Aý, ýagşylygy bilmez deýýus. Heý, beý diýerlermi?
Men-ä saňa ýagşylyk edýän. Sen bolsa, meniň sakgalymy hapalaýarsyň.
Akga şumjardy:
– Nädeýin, aga, üstümi basdyrdym. Alaçsyz galdym. Sypdyrman dur. Onsoň
agzymdan neneň sypanynam bilmändirin.
– Aý, doňuz ogly, ol-a iki halta, bir kile bugdaý ogurlany üçin nädýändiklerini
bileňokmy adamlary bu wat, hä?!
Akga iňňildedi. Ýöne hiç zat diýmedi.
– Öz bagtyňam ýatyrypsyň, meniň bagtymam, doňuz ogly. Dogmanlar geçen,
dogmanlar...
Oraz şyh oýlanýardy. Ol Durdy ýasawulyň bu işi ýöne goýmajagyna ynanýardy.
Şonuň üçin öňünden gaçmalydy. Ýasawuly ýoklamalydy. Bu onuň üçin ýeke-täk ýoldy.
Onam diňe Akganyň eli bilen ýoklamalydy.
– Sen, Akga, bu işi bulaşdyrman-a bilipsiň, düzetmänem başar, eşitdiňmi?
Akga ýerinden zöwwe galdy.
– Nädip düzedeýin, aga! Alajym ýokdur, salgy bermeseň – Oraz şyh ýuwaş, emma
gazaply gürledi.
– Sen bar-da ony enesinden dogmadyk ýaly et. Düşündiňmi? Bir ýol bar, olam şu
ýol. Ýogsa, ikimizem gözenege salyp, gözümizi Sibirde açarlar... Özüňem ugra häzir,
gyssagyň özüň bilen bolsun, eşitdiňmi?
Akga yranyp ýola düşdi.
Oraz şyh oýlanýardy. Bar işi bulaşdyrany üçin Akganyň bokurdagyny çeýnemçeýnem etmäge taýýardy. Onuň bar umydy puç bolup barýardy.
«Men muny assyrynlyk bilen etjek bolup näçe jan çekipler, ahyr soňunda-da öz
elim bilenem bulaşdyrdym. Şol tetelli, özüni oňarmadyk bilen atyňy goşmanyňda
bolmadymy, aý, ak girse-de aň girmedik. Sen nirelerden, nädipler geldiň bu ýere. Indem
gör. Ol ýerjygun bolan ýasawulam başlyk diýer, beýleki diýer, milisge diýer – dek
ýatmaz. Onsoň sen nämüçin berdiň, asyl nireden geldiň. Soňam görnüp dur onuň aňyrsy.
Ýok, diňe gitmek gerek. Gaçan gutular indi...»
Oraz şyh özüni şeýle seresap, mysapyr görkezjek bolup azap çekenine ökündi.
Baýlygyny bada-bat alyp gitmänine-de diýseň örtendi. Ol häzir içerä birlaý göz gezdirdi.
Daş çykybam ep-esli durdy. Soň ýene-de içeri girip çäkmenini egnine geýdi. Tapantupan zadyny orta üýşürdi. Üstüne-de köne ýorganyny örtdi. Ol: «Häzir yzymy
yzarlasalar, bul-a ýatyr-ow diýsinler» diýip oýlandy. Burçda keserip ýatan kelte saply
kepjäni çäkmeniniň synyna gizläp ýene-de daş çykdy. Soň göni Ilamanlaryň howlusyna
bakan ugrady.
***
Anna aga ömür etmedik işini edip, tä raýona çenli atynyň uýanyny gowşatmady.
Özi atdan beter ýadady.
Onuň çep böwri gyzyp gitdi. Süýjümtil sanjy yzly-yzyna birküç gezek gaýtalandy.
Emma başlyk muňa üns bermedi. Häzir onuň bar ünsi öňdedi. Ol bir zada düşünmeýärdi.
«Adamlaryň ynsaby bu zatlara neneň çatýarka?» Ol Akganyň tutup ýören oýnunam
eşidipdi. Enäniň halynam oňa aýdypdylar. Ýöne näme etmeli? Oraz şyhly mesele oňa
hemmesinden agyr degýänidi. «Akga-da, Ene-de ynsaplarynyň öňünde, iliň-günüň
öňünde özleri jogap bererler. Emma munuň ýaly işler üçin...»
Ol ýabysyna ýene-de gamçy çaldy. Onuň ilkinji hyýaly raýkoma girip
maslahatlaşmakdy. Emma raýonyň gyrasyndan girenden soň pikirini üýtgetdi.
– Göni milisä sürmeli. Wagt ýok, göni şoňa sürmeli...
Nobatçy milisioner ony resmi kabul etdi.
Anna aga kellesindäki reňkiniň nähilidigi bildirmeýän papagyny çykardy. Heniz,
ömründe bu jaýlara girip görmäni üçin ini birhili jümşüldedi.
Milisiýanyň naçalnigi ony ýerinden turup garşy aldy. Anna aga ony gowy
tanaýardy. Ýöne adyny bilenokdy. Hemmeler oňa «Ataýyf» diýýärdiler.
Anna aga oturyp-oturmanka habaryny berip başlady.
– Ýoldaş, Ataýyf. Ikimiz öňem bir dänim, meslat edipdik bu meseläni. Indi dänim,
ony çynyrgatmasaň bolmaýa.
Ol Oraz şyhly meseläni, Akgaly meseläni janygyp ýekän-ýekän gürrüň berýärdi.
Onuň howlukmaçlygy, aladasy naçalnige-de geçipdi. Onuňam ýüzi juda howsalaly
görünýärdi.
Anna aga şu gün Durdy ýasawul bilen Akganyň arasynda bolan wakany gürrüň
berýärkä, naçalnik nobatçy milisioneri çagyryp «Häziriň özünde atly ýaragly
milisionerleriň üçüsini ýola salmaly, özümem bile gitmeli» diýen buýrugy bermegi
aňynda oýlaýardy.
***
Ilamanyň ýüregi Durdy ýasawul hiç zat aýtmanynda-da bir zatlar syzýardy. Ol
gijäniň bir wagtlary ýasawul aganyň öýlerine ýöne ýere gelmejegini aňýardy.
Ýöne onuň «Oraz şyh öýündemi, ýokmy, gör» diýmesi, özüniň öýde galmasy
Ilamana düşnüksiz göründi.
«Ýa Oraz şyh bir bolmasyz iş edäýdimikä? Onda näme üçin onuň özi Oraz şyhyň
öýüne baryp hasap soranokka? Ýa-da bugdaý saklanýan jaýa baranokka?»
Bu sowallaryň jogaby Ilaman üçin düşnüksizdi. Ol Oraz şyh bilen işlände onuň
ýaramaz adamdygyny, onuň gaty erbet gürrüňler edenini başlyga duýduranda näme üçin
oňa çäre görmändiklerine-de düşünip bilenokdy. Oraz şyhyň öýleriniň içini gazyşdyryp
ýörenine-de düşünenokdy.
Ilaman ýuwaşlyk bilen baryp, Oraz şyhyň ýaşaýan jaýyna tarap seretdi. Ol jaýda
yşyk ýanýardy. Diýmek Oraz şyh öýündedi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 14
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.