Latin

Uzak uzak ýyllar - 04

Total number of words is 3885
Total number of unique words is 2111
32.5 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Oglum! Türkmen halkynyň duşmandan üýşenip ýagydan basylanny gören, bilen
ýokdur. Görogly babamyz Hüňkaryň goşunyny çym-pytrak edip gelipdir. Keýimir kör
babamyz gyzylbaşlary gan eňredipdir. Hawa...
Kerwen aga yzyny tapmady. Ýöne ol aýlawyny kiçeltmek hem islemedi.
Magtymguly babaň bolsa şeýle diýipdir:
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişi, açylar gül lälesi.
Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna.
Gije saba ýatyrmaýyr, geler olaryň nalasy.
– Menem, obada bulaşyp ýörmäýin. Oglanlar-a ol ýerde gan döküp ýör. Menem,
oýlanyp, ölçerip gördüm bärde ynjalyp gezip biljek däl. Ahyr, çydaman weýenikemada
bardym. Mazaly, yrazy boldular. Indem ine gitmeli bolup otyryn, puranda...
Ilamanyň gözleriniň öňüne çal perde indi. Ol dumanyň çuňlugyna çümdi.
Gulaklary gapyldy. Onuň ýüregini birhili duýgular gaplap aldy. Ol kakasy bilen ikiçäk
galdy. Onuň kakasy agras, emma mylaýym gürläp durdy Ol şol süýjülükden özge hiç
zady duýanokdy Dine süýji duýgulardy...
Kerwen aga ogluny köşeşdirip bilmejegine düşündi. Ol daş çykyp, iç girdi.
Howlynyň odur-budur ýerlerine el degren bolup, düzeden bolup ýördi. Onuň eginleri
sallanan ýalydy. Ýüzi agralypdy.
Ol frontdanam, gitmedenem çekinýän adam däldi. Ony häzir horlaýan zat
Ilamandy. Ýalňyz oguldy. Mähriban aýalyna beren sözüdi.
«Ilaman jany hor-homsy etmegin». Aýalynyň oňa goýup giden iň soňky sargydy
şoldy. Ýogsa, ol görgülide bu sözleri aýdara mejalam ýokdy.
Kerwen aganyň aňyşyna görä, aýalyny alan şu sözdi. «Ol şol sözlemi aýtjak
bolup, ähli güýjüni jemläpdi. Şondan soň gan gitmesi hasam güýjäpdi görgüliniň».
Aýalynyň naýynjar keşbi, owadan, gamgyn gezleri Kerwen aga has aýdyň görnüp
başlady. Ýaşuly onuň ruhuny bimaza edenine gaty gynandy. Ýöne onuň etjek alajy
ýokdy. Gitmelidi, «il bilen gelende ajalam bolsa dolanmasy bolmaz». Ol hyýalynda
ogluny goňşularynyň hemmesinde goýup çykdy. Emma ol boljak zat däldi. Ilaman
näme, ile ynanar ýaly ogulmy.
Ilaman ýerine geçdi. Kerwen aga daş çykdy. Soňam obanyň ilerligine garşy
ugrady.
Gije aý aýdyňdy. Edil gündizlik ýalydy. Kerwen aga ýapyk gapyny çekip, içeri
girdi. Içerde Üzümgül mugallym kitaba güýmenip otyrdy.
– Gyzym, bimaza etdi diýme. Men puronta barýan. Ertir ugramaly. Illi jany
tabşyraýyn diýdim. Gaýrat et, göz-gulak bol, bala.
Üzümgül mugallym işikde duran adamyň agzyndan çykan sözleri aňynda aýlap
ýetişmese-de, ýöne «bor, bor» diýip durdy. Diňe ýaşuly hoşlaşyp gidenden soň «Wah,
otur, çaý iç diýmegem undupdyryn!» diýip gaty gynandy. Kerwen aga bolsa häzir
oturarlam däldi.
Kerwen aga öýüne gelende howlynyň daşynda başlygyň atyny gördi. Ol gijäniň
bu çagy başlygyň bu ýere düşüp ýörşüne haýran galdy. «Ýa-da, çopan gerek, beýleki
gerek» diýip tükezzibana tutup, goýbolsun etdirip ýörmükä, gitmämi? Aý, ýok, men indi
galyb-a bilmen...»
Ol şu pikirler bilen işikde bükülip duran başlygyň salamyny göwünsiz aldy. Ýöne
soň özüni tutdy,
– Anna, içden oturaly...
Başlyk birhili sesini sandyradyp gürledi.
– Häk, Kerwen, sen dänim, giç gelmesi nämekän-hä diýersiň welin, aý bähbit
bolsun, Ýaňy yraýondan gelişim. Weýennikemat şeýle-şeýle diýensoň «Häk, bir görşüp galaýyn» diýip dänim gaýdyberdim.
Kerwen aga çakynyň çykmanyna öz ýanyndan razy boldy. Ol başlygy öýe
çagyrdy.
Anna aga dulda çökdi. Öňüne atylan saçakdan barmagyň başy ýaly çörek döwüp
agzyna saldy. Megerem, çöregi çeýnemän ýuwdan borly. Gäwüşemän gürledi.
– Kerwen, men düýn saňa göwne geler ýaly sözler diýdim welin, indem, şondan
bärem dänim, ýüregimden heýç çykaryp bilemok. Sen men doňuzdan kine etme. Käwagt
gözüm-başym dänim, aýlanyp gidýä. Sen dänim, uzak ýola ugrasaň göwnüň arassa
bolup git – diýip gelşim. «Göni gelen keýgiň dänim, iki gözünden başga aýby ýok»
diýipdirler...
Kerwen aga agyr oýa batdy.
– Aý, Annam, men saňa bir zat aýdaýyn, nemis meniň watanyma göz dikse, şol
seniň penalaýanyň meniň namysyma göz dikýä. Şol nemis bilen Akganyň arasynda
tapawut barmy, ýok. Sen şony seljermediň. Biz ikimiz bu döwleti näme üçin gurduk.
Iner-iner oglanlar näme üçin ölüme gidip durlar. Namysy depeletmezlik üçin iliň-günüň,
watanyň namysy diýip gidenleriň naçarynyň namysyny gorap bilmedige men näme
diýeýin. Sen gowusy gelmeli däl ekeniň.
Anna aga burulyp ýerinden turdy. Ol ýene-de bir zatlar diýjek boldy. Emma diýip
bilmedi.
kellejigini sypalady. Assaja pyşyrdady.
– Jan oglum, guzujygym, näme?!
Ilaman aýtmaga söz tapmady. Ol ullakan gözlerin süzüp uly lezzete gark bolup
ýatyşyna, ýene-de pyşyrdady.
– Eje jan, eje! Dädem fronta gidýär, eje jan! Aýyň owadan keşbi gussalandy. Ol
gamly gözlerini oglana dikip, pyşyrdady.
– Köşejigim, gamlanma, il bilen gelen toýdur. Gama batma oglum. Sen indi
ullakan adam ahyry.
Ol öz mylaýym gözleri, hüwdi ýaly mähriban sözleri bilen oglany hüwdüledi. Ony
näzik ellerine alyp, şeýle bir zaryn hüwdüledi. Ilaman ukynyň arasynda öz mähriban
ejesiniň owadan, sary zülplerine çolaşyp ýatanyny çalaja duýup galdy.
***
Ol ertesi kakasyny ine şeýle duýgular bilen ugratdy.
Kerwen aga uly ýabyň köprüsiniň ýanynda saklandy. Ol oba ýene-de bir gezek
seretdi. Soň ogluna müýünli garady. Ol häzir bir agyr habary aýtjak ýalydy.
– Oglum sen düşün. Men toýa gidemok. Mert bol. Alamçylykdyr. Her hili
ýagdaýyň bolmagy mümkindir. Atam meni taşlap gidendir, ýeke goýup gidendir diýip
oýlanson men senden razy bolmaryn. Obadaşlar bilen bol. Gerek ýerinde olar meniň
ornumy tutarlar. Ile-güne daýangyn... Üzümgül mugallymyň bilen arkalaş. Ol aýalam
bolsa, mert aýaldyr.
Kerwen aga oglunyň ýüzüne teşnelik bilengarady. Soň çäkmeniniň goltuk
jübüsine gataňsy ellerini sokup, döşüni sermeleşdirdi. Ondan köneräk düwünçejik
çykardy.
– Ine, şu ejeňden galan şaý. O pahyr «oglum öýlense, gelnime dakaryn. Halal
zadym» diýip köp aýdardy. Emma näme, boldumy? Adamçylykdyr, sen şuny al. Egerde...
Kerwen aga özüni saklap bilmedi. Ol Ilamany bagryna basdy. Soň onuň
ýaňaklaryndan taýly gözek öpdi-de, yzyna garaman gitdi.
Ol gidip barýardy, gidip barýardy. Hemişelerem giderdi, gelerdi. Ýene-de
gelmelidi. Çünki, adamlar gelmek üçin gidýärdiler. Hawa, olar ahyr soňunda obalaryna,
öýlerine gelýärler. Hökman gelýärler...
Ilaman muňa berk ynanýardy. Heý, kakasyzam oňup bormy? Heý, kakasy ogluny
ýalňyz goýup, gelmän bilermi?
Ilaman düwünçegi emaý bilen açdy. Onuň içindäki sarymtyl gülýaka oglanyň
dumanlap duran gözlerini hasam gamaşdyrdy. Ol assaja pyşyrdady.
– Eje jan, seniň gülýakaň?! – Ol gülýakany eline aldy. Gülýaka gürläp duran
ýalydy. «Oglum öýlense, gelnime dakaryn. Halal zadym...». Oglanyň ýüregini
mylaýym, ýumşak duýgular gaplap aldy...
Onuň kakasy bolsa alyslara uçup barýan durna ýaly gözden gaýyp bolup barýardy.
Ilaman welin iki sany eziz adamyň aralygynda süýji duýgulara gark bolup durdy. Olaryň
ikisi-de ezizdi, mähribandy. Olaryn ikisinden hem doýma ýokdy. Olaryň ikisem häzir
onuň ýanynda ýalydy. Ol häzir süýjülnkden özge hiç zady duýanokdy...
6.
1942-nji ýyl hem şo-ol öňki durmuşy üýtgedip bilmedi. Durmuş gün-günden
kynlaşmasa ýeňlemeýärdi. Kerwen aganyň gidenine ep-esli wagt bolupdy. Ilaman üçin
bolsa täze kynçylyklar başlanýardy. Olaryň tüwesini ilki-ilkiler Ene sagýardy. Ýöne
soňabaka ol hem sagmasyny goýdy.
Sebäbi Meretgül:
– Haý, bidöwlediň çagasy, sen agşamyň biçaky, ertiriň biçaky külüň-kümrüň
üstüni depeläp, sygyr sagýan. Sygyr sagman galan – diýip, Ene sygyr sagmaga
gaýtdygy, gygyryp başlaýardy.
Ene onda-da gelerdi. Tüwe-de oňa ýagşy imrindi. Ýöne başga bir ýagdaý ýüze
çykdy. Bir gün Ene sygyr sagmaga has ir geldi. Howa sowukdy. Ol süýt kädini çaýkap
göläni gazykdan boşatdy. Göle birazajyk emensoň bagyny tüwäniň artky aýagyna ýagşy
baglady. Emma sagmaga ýetişmedi. Şol wagt onuň ejesi hasanaklap geldi.
– Tur, tula, ýör öýe.
Ene gitmejek boldy.
– Ýör diýdim, ýör. Gijeler gygyryp ýataňok, ýene-de başarmajak işiňi edýäň. Eger
gitmeseň, ýelniňi keserin. Taşla kädiňi, çyk sygryň aşagyndan.
Ol Enäniň elinden gazap bilen çekdi. Süýt kädi gapdala tigirlenip gitdi. Meretgül
sesiniň ýetdiginden gargynýardy, käýinýärdi.
Ene ejesine bir zatlar diýýärdi. Ejesi bolsa has öjügýärdi:
– Bolup geçsin. Ýetimligine sen günäkär däl. Hudaýyndan görsün. Enesi ýok
diýip ene boljakmy?..
Meretgülüň şerraý sesi gyş gününiň säherinde has daşa gidýärdi. Ony bütin oba
eşitdi. Ilaman näme iş etjegini bilmedi. Tüwe iki ýana gaçgaklaýardy. Onun aýagyna
daňylan gölesi kä ýykylyp, kä turup süýrenip barýardy. Tüwe bu ýagdaýa has hem
ürkýärdi.
Ilaman göläni tüwäniň aýagyndan boşatjak boldy. Emma başarmady. Tüwe ony
golaýyna goýbermedi. Ol öýden orak getirip, göläniň ýüpüni kesmegi ýüregine düwdi.
Ol öwrülip gelende tüwäni bir aýal sagyp otyrdy. Ol Ene ýene-de öwrülip gelendir
öýtdi. Ýöne onuň ejesiniň gykylygy indi eşidilmeýärdi. Ol Üzümgüldi. Ilaman gözüne
duýdansyz inen gözýaşyny süpürmäge ýetişmedi.
Ilaman ertesi has ir turdy. Has dogrusy, ol bu gije ýatmandy.
«Tüwäni nätmeli? Gölesini emdiriberseňem boljakdy. Ýöne bu günler süýt juda
gerekdi. Sülgün gelnejemleriň çagajyklarynyň ýalňyz hurşy şol. Onsoňam dädem gelse
näme diýer».
Ilaman köp oýlandy. Soň belli karara geldi. Ol süýt kädini çaýkady. Gyrasy galaýy
bilen çeňklenen kädi kän agyr däldi. Ony goltugyna alyp ýataga bardy. Göläni goýberip,
soň ony tüwäniň aýagyna daňdy.
Kädini ýerde goýup, tüwäniň doly emjeklerini elledi. Tüwe durşy bilen tisgindi.
Oglan gorka-gorka ýene-de emjekleri elledi. Tüwe şahlak kellesini gapdallaýyn bulap
goýberdi. Häzir onuň aýlanyp ýa-da oglany depeläp gitmegi-de mümkindi.
Ilaman sygryň iki emjegini ýokarragyndan tutuň, sagyp goýberdi. Iki sany inçejik
suwuk ýol jyzlap akdy-da gumak ýeri tozadyp gitdi. Oglan süýt kädini: öňräk süýşürdi.
Ýene sagdy. «Dast» edip kädä bir damja süýt akdy. Ýene bir damja. Ýene, ýene...
Oglanyň eljagazlary ýadaýardy. Ol şonda-da goýmady. Ol boldum edende gün
dogar-dogardady. Oglan ýaryma golaýlan kädini gapdalda goýup, göläni goýberdi. Ol
şol başagaýlap oturyşyna, Üzümgül mugallymyň gelip, synlap, synlap gideninem
aňmandy.
Ol diýseň begenýärdi. Özüniň tutan ýoluny, pikir eden zadyny ýerine ýetirenine
begenýärdi. Onuň aýagy ýeňläpdi. Üstüniň-başynyň durşuna süýt bolanyny-da diňe ot
ýakyp, süýt ataranyndan soň bilip galdy.
Ol köýnegini oda tutup geýdi. Oňa çenli süýt bişdi. Ol okarany ýagşy çaýkap, ony
süýtden dolduryp gapa çykdy.
Ilaman baranda Sülgüniň gyzjagazy ynjyly aglaýardy. Şonuň üçin Sülgün gyzyny
aýagynda ýatyryp, üwreýärdi. Ol Ilamanyň gelenini görüp begendi. Gyzyny gapdalda
goýup, ýerinden turdy. Kiçijik gyzjagazyň alkymynyň aşagy çişipdi. Ol ysgynsyz
hykylaýardam.
Çygly, sowuk içerä ýyljak süýdüň ýakymly ysynyň kükäp gideninden oglan
habarsyzdy. Aglaýan gyzjagaz sesini goýdy.
Sülgün süýde diýseň begendi.
– Wah, Ilaman jan, boýuňa döneýin, nämä gerekdi. Azara galyp.
Ilamanyň göwni bitdi. Oňa şu sözler besdi. Çünki, oglan indi gör, näçe wagt bäri
ýyly söze zardy. Bu sözler onuň öňki şatlygyny has göterdi. Ýekesirän göwnüne aram
berdi.
Sülgün şol arada bir zat gözleýärdi. Ol ýorganlaryň arasyna çenli agtaryp çykdy.
Soňam utançly ýylgyrdy.
Wah körpäm bermäge zadymam ýok. Bir düwür nabatjagaz bardy. Huşum gursun,
çagalardan ýygşyrypdym, nirede goýanymy bilemok-da. Tapamda eltipjik beräýerin.
«Ýok gelneje gerek däl. Men nabat iýemog-a, men indi çaga däl-ä» – diýjek boldy.
Emma diýmedi.
Ilaman Sülgünlerden çykanda gün ep-esli galypdy. Gyraw düşen toprakdan goýy
duman göterilýärdi. Howadan birhili hoştap ys gelýärdi. Ilaman öz şatlygyny göterip
bilmeýäne döndi. Ol bökjekläp öýe geldi. Onuň şatlygy sakarja gölä-de geçen ýalydy.
Ol iki baka çapan bolýardy, ürken bolýardy. Ilamana sürtenen bolýardy.
Ilaman ýene öýe girdi. Häzir onuň ýüregine bir hyýal guýuldy Ol okarany süýtden
doldurdy. Süýt syçyrap, gurandan soň epin-epin bolan köýneginiň etegini çekişdirdi.
Soň süýtli okarany göterip Enelere bakan ugrady.
Ilaman süýtli okarany işikde goýup, gapyny açdy. Soň ýene okarany göterip öýe
girdi.
Meretgül dula bakyp hamyr ýugurýardy. Peç gübürdäp ýanýardy. Peçde atarylan
gazan lasyrdap gainaýardy. Ap-ak köpügiň arasyndan uly-uly omaçalar çümüp-çykyp
durdy. Ilaman öýden gaýnatmanyň ýakymly ysyny aldy.
Meretgül bärsine öwrülmän gürledi.
– Kim gyz, bi, gelen?
Oglan tisginip gitdi. Ol sakynyp gürledi.
– Daýza, neme, bu men. Men size süýt getirdim.
Meretgül azymly gürledi.
– Sen bolsaň gapyny açyp, ýapyp durmalymy? Duruber şo ýerde, palçykly aýagyň
bilen ýokary geçmede. Süýt getirseň, şojagaz ýerde goýdajyk gidiber.
Ilaman gitmedi. Ol okarany boşadyp berilmegini sorady.
Meretgül gykylyklamaga başlady.
– A gyz sen bir turaýsana. Näme äriň ölen ýaly, ýatmadan doýmadyň-la. Boşat
şonun okarasyny. Gün asmana galdy. Seniň azaryňamy bir? Häzir ol oglan geler.
Ene turdy. Ol çişen gabaklaryny owkalap Ilamana garady. Ulurak okara alyp, ony
ýuwman-etmän süýdi şoňa guýdy. Ilamanyň okarasynam eline berdi.
Ol: «Ene gelnejem sygry özümiň saganymy bilse begener» diýipdi. Emma
Ilamanyň garaşany çykmady, Ol baharyň ilkinji gününiň agyr dumanyna duwlanyp
öýlerine gaýtdy.
Öýde oňa örän uly şatlyk garaşýardy. Kerwen agadan hat gelipdi.
***
Şol günüň ertesi irden Akga geldi. Ol azymly gygyrdy.
– Heý, Gara Çomagyň ogly, çyk çaltrak öýüňden.
Ilaman ylgap daş çykdy. Akga ony äsgermän gürledi.
– Ertirden başlap, hol Üzümgül mollum bilen sagan süýdüňi «Ynkylap»
kolhozyna, mekdebiň jaýyna äkitmeli. Ýöne ýadyňdan çykarma, gijä galsaň almytyňy
alarsyň...
Akga gitdi. Ilaman onuň «Gara Çomagyň ogly» diýmesine öz ýanyndan ot aldy.
Akga onuň kakasyny Gara Çomaga, ýagny Ene bilen arasyna düşýän adama
meňzedipdi.
Ertesi Ilaman has ir turdy. Tüwesini sagdy. Gölesini gazyga baglady. Süýt kädiniň
bagyny gysgaltdy. Soň öýüň işigini berkläp Üzümgül mugallymlara garşy ugrady.
Üzümgülleriň öýi obanyň çeträginde bolansoň, Ilaman olara barýança ýadady. Süýt kädi
götermäge diýseň çemesizdi. Diňe gerdeniňde götermelidi. Aýagyňy sähel gyşygrak
bassaň, süýt jülpüldäp, çaýkanjyrap, soňam syçrap başlaýardy.
Gara der bolup, egni kädili baran oglany Üzümgül tanamady. Ol diýseň geň galyp,
gorka garaýardy. Onuň çiňňerilip garaýanyny görüp, Ilaman hem aýak çekdi.
– Salam, mugallym!
Üzümgül gorkuly gürledi.
– Waý, kimsiň. Daňyň alagaraňkysynda adamyň ýüregni ýarýarsyň-la!
Ilaman Üzümgülüň howsalaly sözlerine ýygrykdy. Kädisini egninden düşürdi.
Soňra çekine-çekine gürledi.
– Mugallym, men Kerwenow, gorkma. Maňa seniň bilen «Ynkylap» kolhozyna
süýt äkitmeli diýdiler.
– Wah, Kerwenow jan, seniň egniňdäki kädiň näme?
Ilaman açyldy.
– Bu kädi däl, süýt kädi. Içinde süýt bar.
– Waý, heý kädi bilen munça ýola süýt äkidip bormy? Bedre ýokmudy?
– Bizde bedre ýok-da.
Üzümgül öz bedresindäki süýdi süzüp durşuna dillendi.
– Ýok, bedresiz-ä kyn bolar saňa. Bolmasa menin bedrämi alaý.
Üzümgül öz bedresini Ilamana berdi, kädini egnine aldy.
Ýaz gününiň säheri diýseň lezzetlidi. Ýüzüne daňyň çygy çaýylan gökje maýsalar
Ilamanyň aýagyna pamyk ýaly ýumşajyk degýärdi. Çüýşe ýaly dury asman depäňe
degäýjek bolýardy. Dünýäde uruş bolmaýan ýaly, obadan hiç kim front diýip gitmedik
ýaly duýulýardy. Oglan oýa batdy. «Belki uruş turanam däldir. Meger men düýş
görendirin. Düýşüme aýylganç zatlar girendir. Dädem janam, Goçaklam, Myratlam uruş
diýip giden däldir. Ene gelnejem-de şol mähribanlygyna gezip ýörendir... Belki.»
Säheriň şypasy oglanyň göwnüne ýene-de täze oýlary getirýärdi. Ýöne şol oýlar
bu geçen günleriň düýş däldigini oňa düşündirýärdi.
Üzümgülem çuňňur oýa batyp barýardy. Onuň häzir näme hakynda pikir edýänini
kim bilsin. Üzümgül obadaky dört ýyllyk mekdebiň mugallymy. Onuň adamsy
Bezirgende şol mekdepde mugallymdy. Üzümgül ikinji, dördünji klasy goşup
okadýardy. Birinji, üçünji klasy bolsa Bezirgen mugallym okadýardy. Geçen ýaz
Bezirgen mugallymy goşunçylyga alypdylar, ol ondanam fronta gidipdir. Üzümgül
obada ýalňyz ýaşaýardy. Bezirgen ikisi durmuş gurup şu oba gelipdiler. Heniz olaryň
çagasy-da ýokdy. Bezirgen mugallym bolmany üçin, häzir birinji, üçünji klasy
okatmaga adamam ýokdy.
Ilaman öz mugallymyny ýatlady. Bezirgen inçeden uzyn, görmegeý ýigitdi. Ol
okuwçylara käýemeýärdi. Gatyrganmaýardy. Aýdym sapagynda onuň aýdýan
aýdymlary diýseň şirindi. Ilaman ony ýatlanda ýüregi ýylap, göwni ýagtylyp gitdi. Ol
şeýle höwesiň badyna Üzümgüle sorag berdi.
– Üzümgül mugallym, Bezirgen mugallym haçan geler-ä?
Üzümgül esli wagtlap soraga jogap bermedi. Onuň owadan meňzine al reňk
çaýyldy. Ullakan köşek gözlerinden gussa ýitip, onda mylaýym ýylgyrma peýda boldy.
– Mugallymyňy göresiň gelýämi? – Soňam – Geler köşek. Nesip bolsa, basym
uruş gutarar. Hemmeler geler. Nesip bolsa, seniň mugallymyň hem geler – diýdi.
«Ynkylap» kolhozynyň merkezi uçastogy dagyň içinde ýerleşýärdi. Kolhozyň
kontory, mekdep şol ýerde bolany üçin oňa kolhoz diýýärdiler. Üzümgül bilen Ilaman
çaýyrly ýodajyga düşdüler. Indi öňde uly öleň bardy. Öleňiň gutaran ýerinden oba
başlanýardy.
Olar kolhoza gelenlerinde gün ep-esli galypdy. Mekdebiň jaýy obanyň bäri
başynda bolany üçin, onuň töweregi gum-guklukdy. Üzümgül süýt kädisini mekdebiň
agzynda goýup, içeri girdi. Häzir bu mekdepde-de okuw gitmeýän ýalydy. Adam-gara
ýokdy. Üzümgül mekdebiň içinde kän eglenmedi. Ol gartaňrak aýal bilen geldi.
Ilamanam olaryň yzyna düşüp klaslaryň birine girdi.
Ilaman uruşdan getirilen çagalary görmek isläp, töweregine ýaltaklaýardy. Ýöne
çaga görnenokdy.
Gartaň aýal olaryň süýdüni gazanlara guýýarka, Üzümgül ol daýzadan çagalary
sorady.
– Wah, o neresseleri gije getirdiler. Bir topar çyr-çülpe çaga. Hudaýym uruş
takrasyn. Neresseler göz monjugy ýaljak. Enesinden aýrylan guzy ýaly mäleşip ýörlerdä.
Üzümgül bilen Ilaman yzlaryna gaýtdylar.
...Urşa gidenlerden hat-habar ýokdy. Kim bilýär uruş eýýäm gutarsa-da gutaryp
ýörendir. Ýöne Myratlydan habar ýoklugy welin Ilamanyň keýpini bozýardy. Sebäbi
Sülgüniň güni obada hemmeleriňkiden kyndy. Onuň bir gyzy sagalsa, beýlekisi
keselleýärdi. Şonuň üçin ol işe-de çykyp bilenokdy. Çagalar ýarawsyz bolany üçin ol
hemişe öýde ot ýakýardy. Ýarawsyz çagalara hurşam gerekdi. Sülgün kyn günde
galýardy. Bu urşuň dagyny obada diňe şol çekýän ýalydy. Ýöne ol kän bir
zeýrenmeýärdi. «Çagalaryň atasy gelse bolýar, galanynyň bir alajy bolar» diýýärdi. Ol
Myratlynyň geljegine ynanýardy. Şol ynam hem oňa güýç kuwwat berýärdi.
Ilamanyň ýüregi öýde takat tapmady. Ol edip oturan pikirinden aýňalyp bilmän
Sülgünlere bardy. Sülgün kiçijik gyzyny aýagynda ýatyryp, uluja gyzjagazynyň
köýnejigini ýamap otyrdy. Ol Ilamany görüp ýylgyrdy-da ýygnanyp oturdy:
– Gel, köşejik, geç ýokary. Senem ýat bolup gitdiň bu günler.
Ilaman aýagujrakda oturdy. Öýde çyg ysy bardy. Sülgüniň gözleriniň aşagy
çişipdir. Ýüzi ap-ak bolup, duluklary çöküşipdir. Ol hop-horja elleri bilen gyzyny
tapbatlaýardy. Ýöne del adamyň sesini eşiden gyzjagaz ýene-de aglap başlapdy.
Sülgün gyzyny gujagyna alyp duldaky ýandak petdesinden peje saldy. Pejiň
aşagynda duran käsäni pejiň üstünde goýdy.
– Düýn bir çemçe bulamak bişirdim. Şu çagalar halys etiňi iýip barýar. Iýjek, içjek
wagtlary. Öýde-de zat ýok. Nädeýin, düýnküje bulamakdan başga zadym ýok. O-da bir
ýürekde durarly zat däl, bulara ýokam bolanok. Onsoň ýöne aglaşyp durlar. Howa
azajyk maýlasa, selmeden getirip, bulary hor etmerin-le. Ýöne häzir kyn-da.
Ilaman Sülgüniň ýagdaýyna ol aýtmanynda-da düşünýärdi. Ýöne onuň elinden
geljek peýda ýok ahyry. Nätsin?
O ýene-de tüwesiniň ýanyna bardy. Tüwe Ilamany görüp ýeriňden turdy.
Pyşgyryp, kellesini bulaýlap goýberdi. Ilaman onuň bagyny çözdi-de örä kowmaga
ugrady. Ol Eneleriň öýüniň ýanyndan geçip barýarka, Meretgül:
– Aýu oglan, saňa gel diýýäler – diýip azmly gygyrdy.
Ilaman ony kän garaşdyrmaýyn diýen pikir bilen, sygryny aňyrrak kowdy-da,
olara tarap ugrady.
Ilaman ýaýdana-ýaýdana işigi açdy. Onuň burnuna gaýnatmanyň süýjümtik ysy
haplap urdy. Öýde Akga bilen Ene bardy. Akga törde ýazylan täzeje keçäniň üstünde
çäşerilip ýatyrdy. Ene bolsa pejiň gapdalynda tikin tikip otyrdy. Akga gopbamsylyk
bilen Ilamana habar gatdy:
– Süýt eltdiňizmi, ýokary?
Ilaman başyny atdy.
– Ol ýetimçeleri getiripdirlermi?
Ilaman düşünse-de, «düşünemok aýdanyňa» diýen yşarat etdi. Akga ýene-de
wagyrdap gürledi. Şol wagtam Meretgül içeri girdi. Ol gargynjyrap Ilamana herreldi.
– Ol ölüm almyşyň oty zat goýmady. Näme ony getirip, gapa goýberýäň, ýok et,
onyňy bar-da – Oglan Akganyň soňky sözüni eşitmedi.
Gün öýläne sapypdy. Ilaman öýden kakasynyň ýan torbasyny alyp, ýabyň
boýunda örklenen tüwesiniň yzyndan gitdi.
Ol agşam garaňky garyşansoň öýe geldi. Onuň ýan torbasy terje selmeden
doludy. Ol tüwesini sagyp, süýdüň ep-eslisini okara guýdy-da, torbasynam egnine atyp
Sülgünlere ugrady.
Ertesi ol has ir turdy. Tüwesini sagdy. Okara ýene-de süýt guýup, galanyny egnine
alyp Üzümgül mugallymlara baka gitdi.
Arzy doktoryň öýünden eşidilýän sese onuň ini tikenekledi. Arzy daýzalarda
aýallar uly ili bilen aglaşýardylar. Goňşy-golamlaryň hemmesi olaryň jaýynyň öňüne
üýşüp durdy.
Arzy daýzanyň zarlap eňreýän sesi ähli agy seslerinden saýlanýardy. Ol goşgy
ýaly birzatlar aýdýardy. Ýöne Ilamanyň endiräp duran ýüregi ol sözleriň manysyny
aňardan ejizdi. Şeýle aýylganç sesi ilkinji gezek eşidipdi. Bu ses onuň süňňüni
sarsdyrypdy. Şonuň üçinem ol özüni tutup bilmän Üzümgüllere geldi.
Üzümgül kellesine gara çargat daňynypdy. Onuň gözleri gyzaryp durdy. Ol
Ilamany görüp bozuldy:
– Görgüli, Arzy daýzanyň ýekeje ogly Serdar uruşda ýogalypdyr. Wah, görgüli
indi neneň ýaşar? Bar guwanjy, begenji şol ogludy. Ähli obanyň derdine derman ederdi,
pahyr, öz ogluna bolsa alaç edip bilmedi.
Ilamanyň hem gözüne ýaş aýlandy. Bu urşuň ilkinji alamaty. Urşuň salan ilkinji
ýarasydy. Ol ýara bir adamy alýar, emma gör näçe adamyň ýüregini sanjylaýardy.
Uzümgül tä «Ynkylaba» barýança sesini çykarmady.
Mekdepdäki çagalar eýýäm örüpdi. Gökje gözleri balkyldap duran çagajyklar
Ilaman bilen Üzümgülüň daşyna üýşdüler. Olar üýtgeşik dilde enaýyja gürleşýärdiler.
Ilamana ellerini uzadyşyp birzatlar diýýärdiler, ýylgyryşýardylar. Ak saçlyja eýjejik
gyzjagaz bolsa eýýäm Üzümgülüň gujagynda otyrdy. Olardan aýrylyşmak kyndy. Ýöne
olaryň ýanyny alyp, oturybam boljak däldi.
Ilaman bilen Üzümgül çagalary galdyryp, oba gaýtdylar. Üzümgül öleňiň
gyrasyna gelende gamgyn dillendi:
– Wah, uruş, adyň ýitsin-dä, ylaýym!
Ol çargadynyň çowy bilen gaýta-gaýta ýaňagyny süpürýärdi. Çalaja
horkuldaýardy, Ilaman ep-esli yza galypdy. Sebäbi bu gelniň bolşuna, häzir arkaýyn
seredip durmak mümkin däldi.
Şol wagt ilerki gaýa tarapdan bir süri guw olaryň depesinden ganatlaryny
şapyrdadyşyp, pessejik uçup öleňlige tarap geçip gitdi. Üzümgül şolaryň yzyndan
durup-durup garady. Ahyry ol yzyna seretdi, Ilamanyň ep-esli yzdadygyny görüp
hiňlendi.
Ilaman doňup galdy.
Bu çaýyrly ýodalar
Öleňden çeşmä bar-ýa
Uçup barýan ak guwlar-a
Göwnüm size ýalbar-ýa.
Leningrad iline
Elin baryp gaýdyň siz
Çynar boýly ýarym-a-la
Salamymy aýdyň siz.
Gara dagym Bezirgen
Göwnüm seni-ýä küýseýä.
Ýalňyz galan naçaryň-a
Didaryňa-ýa suwsa-ýa.
Bu zaryn owaz oglanyň endamynda garynja ýöreýäne dönderdi. Ol howul alyp
töweregine garanjaklady. Alysdaky baglar, depeler gözüne inen perdäniň derdinden
zordan saýgarylýardy. Onuň gulaklaryna şol zaryn, mähriban owaz ýaňlandy durdy.
Onuň göz öňüne kakasy geldi. Oglan gözlerini balkyldadyp, oňa sowal berdi. «Kaka jan,
ejem hakykatdanam, Üzümgül mugallyma meňzeşmidikä?»
Ilamanyň hüňürdisine Üzümgül sakga durdy. Ol ýaşly gözlerini ýaglygynyň çowy
bilen süpürip durşuna, Ilamana sowal berdi:
– Näme diýdiň, Illi jan?!
Ilaman uýaljaň, aljyraňňy ýylgyryp ýere bakdy.
7.
Günler geçip durdy. Ir gelen gyş, akmaýa ýaly bolup çöken gar, bol ygal bu ýazy
ersdiripdi. Meýdanlar gül-pürçük bolup ýatyrdy.
Ilaman işde halys sütüni süýnüp, agşam özüni düşege goýberýärdi. Şondan tä
daňdana çenli niresine ýatanyny bilmeýärdi.
Ol bu gün biraz giç turdy. Ýazyň ýakymyndanmy ýa-da şol gaýtalanyp duran
durmuşdanmy, onuň hiç galasy gelmeýärdi. Ol iki göwünli bolup ep-esli ýatdy. Soňam
irkilenini duýman galdy.
Ol tisginip oýananda, günüň tylla tyglary ýere, asmana ýagşy sanjylyp başlapdy.
Oglan nirede ýatanyny-da bilmeýän ýaly, düşekden galman oturdy. Gapyda bolsa kimdir
biri garalyp durdy.
Ilaman ylgap diýen ýaly daş çykdy.
– Üzümgül mugallym! – Ol geň galyp ol aýala garap durşuna, aljyraňňy gürledi –
Men ýatyp galaýypdyryn. Häzir men...
Ol öýe girip soňam daş çykdy. Üzümgül onuň aljyraýanyny aňdy.
– Duraweri. Howlukma, hany süýt kädiň, sygryňy bir sagaly, entäk...
Ilaman sakga durdy. Megerem, şondan soň, haýsy işe başmalydygy baradaky pikir
onuň kellesine gelen bora çemli. Ol süýtden dolabara gaby getirdi.
Sygyry ilki Üzümgülüň özi sagmakçydy. Ýöne sarç tüwe ony bu gün aşagyna
goýbermedi. Ýöne heniz süňki bekemedik oglanyň işine seredip oturmagam Üzümgüle
hoş ýakmady.
Ilamanyň çeýeje bedeni eliniň badyna yranyp-yranyp gidýärdi. Onuň hereketi,
çemsiz oturyşy bu işleri nalaçlykdan edýändigini aýdyp durdy. Sebäbi emjekden gaba
inýän süýdüň sesi bir akymda däl-de, bir aram, bir batly, birem haýal çykýardy.
Üzümgül Ilamanlaryň öýüne girdi. Öýüň içiniň aýal eliniň yssysyny görmänligi
bildirip durdy. Ýorgan-düşek galdyrylýan ýük tertipsizdi. Oglan howlugan bora çemli.
Çäýnek, käse, içi ýarmaly okara, boş saçak ojagyň gapdalynda ýaýrap ýatyrdy.
Ilaman içeri girende haýran galmakdan, utanmakdan ýylgyrdy. Içeri tämizdi. Ol
öýüň içini tertipsiz saklanyna indi utandy. Ýöne begenji hem bardy. Onuň tüwäni sagyp
bilýänini Üzümgül mugallymy hem görüpdi. Şol duýgy Ilamana kuwwat berýärdi.
«Ynkylapdan» gaýdyp gelýärkäler Üzümgül Ilamanyň göwnüni galkyndyrmagy
ýüregine düwdi. Ol Ilamana duýdansyz sowal berdi:
– Ilaman, sen näçe ýaşadyň? – Ilaman beýle sowala garaşmany üçin ep-esli
dymdy. Soňam:
– On iki – diýip gysgajyk jogap berdi.
Üzümgül oglanyň ýüzüne dikanlap seretdi, ýöne hiç zat diýmedi. Ol oglan on
dört-on bäş ýaşandyr öýdýärdi. Şonuň üçin-de oňa ak gelin arzuw etjekdi. «Uruş gutaran
badyna seni öýereris. Soň öýňüzem beýle bolup durmaz. Nesip bolsa, urşa gidenlerem
aman gelerler. Şonda bu günlerem ýatlarys. Gaýta, şol oňat günleriň gadryny bilmäge
gowy bolar» diýjekdi. Emma saklandy. Oglanyň nowça dünýäsini gozgalaňa salmaýyn
diýdi. Şol wagt Ilaman oňa urşuň ýagdaýy, Serdaryň ölümi barada sowal berdi.
Üzümgül bu urşuň elhençlikleri barada eşidipdi. Bezirgen oňa hatynda şol
elhençlik barada jikme-jik ýazypdy. Ol gazetlerde ýazylýan zatlaram sypdyrman
okaýardy. Ýöne şol gazaply ýagdaýy oglana aýtmalymy? Üzümgül «ýok» diýen karara
geldi. Şonuň üçinem üzlem-saplam gürledi.
– Aý, elbetde, boljagydyr-da. Nätjek, ölüme çäre barmy? Bezirgen mugallymyňa her hatynda duşmany kül-peýekun ederis diýýä. Gazetde-de duşman kül-uşak edilýä
diýip ýazýalar...
Ilaman mugallymynyň gürrüňine ynandy. «Bu urşa hut şu obadanam uly-uly
adamlar gitdiler ahyry. Dädemem şolaryň arasynda... Ine şunça adam gidensoň, faşistler
eýýäm puşmana gelýändirler. Urşuň bireýýäm gutaran bolmagam ahmaldyr. Ýöne biz
kolhoza süýt çekişip ýörşümize habarsyz galan bolmagymyzam mümkin».
Ilaman bu süýji oýlardan ganyp bilmeýärdi. Ýöne Üzümgülüň oňa
gysmyljyramasy, uzakdan gelýän at aýagynyň güpürdisi ony özüne getirdi. Ol gelýän
Akga brigadirdi. Ol atyny öňürdigine berip, ýoldan sowlup bulara garşy gaýtdy. Ol taýak
atym aňyrdan habar gatyp ugrady.
– Gör, bulary, seýil edip ýörüşlerini. Näme gül ýygýaňyzmy? Munuň ýaly
hezilligiňiz bolsa bize-de aýtmaly ekeniňiz-dä.
Ilamanyň başyndan haýýaty uçdy. Ol bu adamyň gülüm-ýalymynyň yzynda bir
çöpüň ýatandygyny bilýärdi. Şol wagt Enäniň ejizligi, kakasynyň depesin-de galgaýan
gamçy onuň göz öňüne geldi. Birdenem äpet hyza depesinden inip gelýän ýaly, aşak
egildi. Endamynda ýekeje mysgal ysgyn galman, göm-gök ot bolup ýatan ýere döküldi.
Ol ýörejek boldy. Ýöne bolmady. Gulaklary şaňlap, gözi garaňkyrady.
Akga bolsa atyny Üzümgüle has golaý getirip, bir zatlar diýýärdi. Üzümgülüň
ýylgyryp durşuny, Akganyň atyň üstündäki oýkanjyrap oturyşyny Ilaman saýgardy. Azkem özüni dürsedi. Üzümgülüň hoşamaý sesini eşitdi.
– Aý, Akga, Akga, bu günlerem geçer. Uruş bir gutarsyn, onsoň görersiň
Üzümgülüň bägül bolup açylyşyny.
– Ýok, sen häzirem läläniň duranja özi. Ýöne ýüzüňe seredip oturmaly.
Akganyň beter suwjarmasy gelne ýokuş degdimi ýa-da ýanyndaky oglandan
uýaldymy, ol başyndaky owadanja ýaglygynyň ujuny çekişdirdi.
– Akga, beý diýmäweri. Ýanymdaky ullakan adamy göreňokmy? Okuwçym iki
sany epeý adamyň masgara bolup durşuny geň göräýmesin, birden.
Akga has hem gylawlandy.
– Kerweniň ogly dälmi, diýjek. Ol geň görmez, dilinem ýarmaz. Öz adamymyz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 05
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.