Latin

Uzak uzak ýyllar - 10

Total number of words is 3926
Total number of unique words is 2143
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Meretgül gyzynyň perişan halyny görse-de görmezlige salýardy. «Goý, kösensin,
gyrnak. Garry enesiniň tutanyny goparmasa aýrylmaýanlygyny bilsin, gyrnak». Ol
aňyrsyna garap samyrdaýardy:
– Atasyzka atasy bolup, enesizkä enesi bolup, ýenesizkä ýenesi bolup ekläpsaklap almytyňy aldyňmy diýsene. Gözüň aksyn, gyrnak. Ýetim guzy saklasaň agzyňburnuň ýag eder, ýetim gyzy saklasaň agzyň-burnuň gan eder, gözüň aksyn, gyrnak...
Ene ýüzüni tutup ýatyrdy. Ejesiniň iňleýän sesi, yzy üzülmeýän samramasy oňa
ahy-nala bolup eşidil- ýärdi.
Ol ysgynsyz gollaryny keçe düşelen ýere diräp, çommaldy. Soň ejesine bakan
süýşdi. Baryp kempiriň gurap, gury süňk bolan eginlerinden ýapyşdy.
– Eje jan, goýsana, men näme seniň diýeniňe heý ýok diýdimmi ahyry. Sen meniň
ne güne düşüp ýörenimi bileňokmy? Meniň adamym bardy. Belki gaýdyp geler. Hem
onuň öňünde, hem iliň öňünde masgara boldum-la men.
Kempir ýumşamady. Gaýta, möwç aldy.
– Wah-heý, sen şol ýetimçäň öňünde masgara bolarmyň? Ilem näme diýse şony
diýsin. Dyrnagyň össe begenýän barmy näme? Seni aldajy gyşlarda, epgekli jöwzalarda
Symrugyň öz çagasyny ganatynyň astynda penalaýşy ýaly penalan kim? Äkge dälmi
seniň maňlaýyňdan hydyr ata bolup çykan, hä. «Poh, doýranyň sakgalyna» diýenlerini
etjekmidiň? Wah, hudaýym, ertiriň säher çagynda, seniň şol ýer ýuwdanyň etini iýen
gargalar şu etraplara tezegem taşlamasyn-da jan huda...
Ene ejesiniň agyp barýan gamaşyk gözlerini, agzyndan akýan ak köpügi synlap
sandyrady. Onuň ýüregine eýmenç gorky aralaşdy. Ejesini köşeşdiresi geldi.
Ol ejesiniň gaty eginlerini giň gujagyna gysdy.
– Aýryl, aýryl. Degme maňa. Meniň ýüregime ot salyp, indem jögüsirän bolma –
kempir gowşak siltenjirän boldy.
Enäniň ýüzi sallandy. Onuň ýüregini gam-gussa ersdirdi. Meretgül welin möwç
aldy.
– Gyzym, sen halamasaňam, ýigrenseňem sesiňi çykarma. «Günüm üçin günimiň
çagasyny allalaryn» diýipdirler. Öz göwnüňe seretme. «Erkek göwni ýüpek, aýal göwni
kepek» diýipdirler. Sen ur hoşamaýy, et diýenini. Iliň näme işi. Sen öz günüň geçenini
bil. Bu dünýede ýetmiş gyşy, ýetmiş ýazy gördüm. Namysa, ara zat berlenini görmedim.
Onsoňam hudaý seni bagyşlar, hudaýsyz çöp başy gymyldaýan däldir.
Enäniň içinden tutan sanjy wagty bilen goýbermedi. Meretgül welin henizem
samyrdap otyrdy.
***
Anna aga ertir daga, orakçylaryň üstüne gitmänkä etmeli işlerini ýekän-ýekän
kellesinde aýlaýardy. Bary möhümdi, bary gaýragoýulmasyzdy. Iň esasysy hem Oraz
şyhly meseledi.
Anna aga başaryp bilse bu morsakal bilen ýüzbe-ýüz boljak däldi. Ýöne alaç
ýokdy, isleseň-islemeseňem ýüzbe-ýüz bolmalydy. Onda-da haýyş etmelidi. Ol işiniň
esasysy bolansoň, şondan başlamagy ýüregine düwdi.
Oraz şyh başlyk üstüme geler, onda-da gijäniň bir wagty haýyş bilen geler diýip
ýatsa-tursa oýuna getirmeýärdi.
Häzir oňa hiç bir zat ýaranokdy. Ol gözlerini haýaljak ýanýan çyra dikip,
hyýallaryň çuňňur girdabyna özüni taşlapdy.
«At basman diýen ýerine müň basar» diýenleri bolupdy. Oraz şyh gaýdyp gelip
bolmajak, şeýle uzak ýollary külterlemeli bolupdy. «Eý, pelek, pelek, gör seniň oýnuň
nähili? Deprenmez döwlet, mal-mülk, barysy gitdi, indi bolsa ogry, kümsük it ýaly aç
syryljyrap ýörmeli».
Oraz şyhy mundan on bir ýyl öň sürgün edipdirler. Onuň bilen gidenler iberilen
ýerde ornap galypdylar. Emma Oraz şyhyň ýüregi Çynarly diýdi durdy. Onuň: «Bu
bolşewigiň düzgüni uzak gitmez» diýen bet tamasy başa barmandy. Şonda-da onuň
Çynarlyny arzuwlamagy ata watany küýsemek diýip boljak däldi. Onuň ähli umydy
köne mülkünde gömlen bir küýze gyzyl puldy. Bir arzuwy gidip şony alyp, soňam
Eýrana geçmekdi.
Ol özüniň bu niýetini ilden gizledi. Özüni hemişe «Watan!» diýip ölüp-öçüp
barýan ýaly görkezdi. «Ölmänkäm ilime bir baraýyn. Ölsemem şol ýerde öleýin. Köpüm
geçip, azym galdy» diýip, ol ýerdäkileriň gulak etini guradypdy. Uruş turansoňam
ýarym duýduryp, ýarym duýdurman Çynarla gaýdypdy. Ol ilkinji maksadyna ýetipdi.
Indem iň esasy zat gyzylly hum ele salynýança kän bir göze ilmezlikdi. Ýöne ol ony
başarmandy. Öz ýüregindäkini dili gizläp bilmändi.
Ol juma gijesi Meretgüllerde öteräk geçenini aňypdy. Şondan soň bolsa känbir
daşda-içde hem görnenokdy. Göwnüne bolmasa, bu Durdy ýasawul dek ýatman, iki sany
milisioneri yzyna salyp getiräýjek ýalydy. Ol şol adamdan az gorkanokdy. Şonuň üçin
indi gaty seresaply gezýärdi.
Ol ýerinden turmaga hyýallanyp otyrdy. Pagtasy çykyp duran çäkmenini agtaryp
içerä göz aýlady. Çyranyň öçügsi yşygy ýalaňaç diýen ýaly içerini hasam içgysgynç
görkezýärdi.
Gapydaky güpürdi ony özüne getirdi. Ol aljyrady. Çäkmenini sermeläp tapdy.
Daşardan ýene-de hümürdi, güpürdi, takyrdy eşidildi. Kimdir biri «Oraz, Oraz» diýýän
ýaly boldy.
Oraz şyh böküp ýerinden turdy. Gapynyň yşyndan daşary seredişdirdi. Soň ylgap
gelip çäkmenini egnine ýasgynjak aldy.
Gapyda duran atly atyndan düşjek bolup çemlenýärdi. Aty welin otsuz-çöpsüz,
ýalaňaç ýerde durmak islemeýäne çalym edýärdi.
Oraz şyh gapynyň içinden ildirilýän bagyny çözüp, özüne çekdi. Gapy beýle
biwagt açylanyna gaharlanýan ýaly erbet jygyldady.
– Essalowmaleýkim, Oraz! – Oraz şyh özüne berlen salamy aljyraňňy aldy. –
Tanadyňmy, men Anna – Ara dymyşlyk düşdi, başlygyň ýabysynyň burnunyň
pyrryldysy gijäniň rahatlygyny bozdy. Oraz şyhdan ses çykmady. – Aý, bir dänim,
halyňdan habaram alyp bilemok, gel dänim, salamlaşaýyn diýdim.
Oraz şyh «hüm» edip çalaja baş atdy:
– Aý, ýatlanyňa taňry ýalkasyn, bizem bir mydar bardyrys – diýdi.
– Bi, häzir döwürem gahatçylyga çykdy, purant diýdi, uruş diýdi, galmagal diýdi,
aljyraňňyrak bolup ýörüs, sen dänim özüň baraýmal-a, galla, beýleki gerek-ýarak zat
üçin. Şu bizi dänim, getirjek bolman.
Oraz şyh başlygyň näme isleýändigini, näme diýdirjek bolýanyny, näme diýjek
bolýanyny aňlap bilmedi.
– Wah, oňuşyk-ha kyndyr, Anna. Gelenime puşmanlar edip, gijeleri çirim etmän
geçirýän. Ne mülk bar, ne mal. Onuň üstesine-de açlygam heläklejek. Il-gün diýip
gaýtdyk, iliň-günüňem gadyra-gymmata eli deger ýalymy? Döwürem kyn döwür boldy,
kyn...
Anna aganyň diýeni boldy. Öňem Oraz şyh ony görse halymsyrap, «açylaýjak»
ýaly bolupdy. Soň oňa az-owlak ýumuş buýursa-da «Ä-ä» diýip durmaz diýip
oýlanypdy.
Onuň eden tamasy çykdy. Indi ýumşy göni aýtmalydy. Ýöne nähili aýtmaly?
Sypaýyçylyk bilenmi ýa-da azym bilenmi?
– Oraz diýýän-ä, men-ä dänim seniň ýanyňa ýumuşlyja geldim diýsemem boljak.
Anna aga Oraz şyhyň ýüzüne seretdi. Emma ýarygijäniň galyň garaňky perdesi
onuň ýüzündäki galagoplylygy, şyhyň çokga sakgalynyň ujunyň titreýşi başlygyň
ýadawlykdan awuşap duran gözlerine ilmeýärdi.
«Ogry syrty gowşak» diýleni ýaly, Oraz şyhyň gara gaýgysy özüdi. Başlygyň
bimahal gelmesi, onuň sypaýysyran bolmagy şyhyň ýüregine symyljak galpyldy saldy.
Şonuň üçinem Anna aganyň gürrüňini başly-baratlyrak eşitdi.
– O nämäň ýumşumyş, aýdyber!
Anna aga onsuzam irkilip duran ýabysynyň uýanyny silkip «dur-r» diýdi. Emma
bu ýagdaýy Oraz şyh aňmady.
– Diýmek dänim, näme ýumuş bolsun, kömegiň gerek. Biziň dänim, ähli
güýjümiz puronda gitdi. Indem dänim aýal-ebtat, çaga-çuga bolup galdyk. Olaram
dänim, hol dagda-darawada iş üstünde. Ine, senem edil tüýs wagtyny peýläp dänim,
aljyran wagtymyz dänim, tüýs Hydyr ata ýaly bolup gelipsiň.
Oraz şyhyň ýüregi birneme ynjaldy. Onuň özem by zatlary syzýardy. Ýöne
başlygy içinden içikdirmelidi. Oraz şyhy görende ýaýaplap gezer ýaly etmelidi. Ol bu
ýerde näçe bolsa-da, näme etse-de «towguna tok» diýilmez ýaly etmelidi. Ol şonuň üçin
dyzmaç gepledi.
– Ýok, Anna, sen kömek, beýleki diýip, meniň başymy-gözümi aýlama. Men bu
ýere şura ýykylyp barýar-ow, şona goltgy bolaýyn diýip gelen däldirin. Bir gysym
toprak diýip gelendirin. Adam, ahyr gününde göbek gany daman ýerinde aýagyny
uzadyp, öleýin diýip gelendir. Seňem, şuraňam maňa azary ýetmese ýagşy bordy...
Anna aga Oraz şyhy ýöne hoşamaý söz bilen, ugruna kowup, razy edip
bolmajagyna düşündi. Ol «ölmäge geldim» diýen bolşuny «öldürmäge geldim» diýen
ýaly kabul eşitdi. Oraz şyhyň gelmeginiň sebäbini bolsa ol çalarak güman edýärdi. Onuň
Meretgül garrynyňkyda, juma agşamy eden gürrüňleri bolsa ýüreginiň henizem
düzelmändigini görkezipdi. Şonuň üçin ol bu mysapyrsyraýan şyhy gowja dalamagy
ýüregine düwdi.
– Oraz, Oraz, sen dänim «ölmäge geldim» diýen bolup gep çagalatma. Geldiňmi,
indem seniň ýadyňa häzir ölüm däl-de, duşmany dänim ýeňmek, ondan ar almak
düşmeli. Sen dänim, oglan gürrüňini etme. Sen dänim, şura hökümeti ýykylyp barýar
diýip küpür gepleme. Şurany ýykjak güýç dünýäde ýokdur. Seniňem dänim, şura daýanç
bolmajagyňy bile-bile, göre-göre gelýäs. Indem dänim, gelipsiň, diýleni etmeli borsuň.
Diýleni etmejek bolsaňam, goşuňy daňyp, nirede işletmeýän bolsalar, şonuň ýaly ýere
gitmeli bolarsyň.
Anna aga sözüniň yzyny ýabynyň üstünde aýtdy.
Oraz şyh birden janlandy. Ol ylgaşlap atyň jylawyna ýapyşdy.
– Dur, dur. Sen adamyň ýüregini tolkundyryp, beýdip gitmersiň. Adam ýaly edip
gelmediň, adamkärçiligiňi ýitiribem gitjek bolýaň, hä...
Anna aga öz çözgüdiniň nyşana degendigini aňdy.
– Näme diýjek bolýaň? Ýogsa dänim, men seniň aýagyňa ýykylaýynmy? Gije
gelmän, näme, men seniň üstüňe saçakly, serpaýly geleýinmi? Şu gelenme dänim şükür
et. Indi dänim, çagalarymy görmänime on gün boldy, oba üstünde bolup...
Oraz şyh başlygyň gazabynyň gowşanyna begenmän durmady. Şonda-da kirşiniň
tiriňini peseltmän gürledi.
– Sen öz öýüňe ýyllap barmadym diýip, iliň öýüni depelemeli dälsiň, il adamsy
boljak bolsaň. Onsoňam gepi uzaltmaly, nirede, näme işlemeli bolsa aýdyp otur....
Anna aganyň ýadaw ýagyrnylary dikeldi. Ol gamçysynyň sapy bilen derläp
maňlaýyna ýapyşan telpegini galdyryşdyrdy. Onuň maňlaýyny jana şypaly salkyn şemal
sypap geçdi.
Iş agyr däl, ine, şu mekebiň bir jaýyna dagdan arassa bugdaý getirjekler, şoňa
dänim göz-gulak bolarsyň. Sen dänim, hälki bir açara-gulpa göz-gulak bolsaň dänim
bolany. Ýanyňa-da dänim kömekçi birin oglanlaň birini, hol Kerweniň ogluny. Çaýyňasuwuňa esewan bolar. Hem hümürdeş bolar. Elek getiriňe, soky getiriňe ýarar...
Oraz şyhyň geçisi daga ýaýrap, derisi ýazylyp gitdi. Ol beýle şowlulygy hiç haçan
arzuwam edip biljek däldi. Ýöne ol garry gurtlygyny edip, syr bildirmedi.
– Aý, näme, sakalyňy sallap geleňsoň, sözüňi ýykmaýyn. Obanyň kähudasy
bolanyň üçin ýumşuňy bir gezek bitireýin – diýdi.
– Ýagşy, Oraz, sen dänim, gaýrat et, oglanlar ertirden gijä galman ýük daşap
ugrarlar, menem seniň dänim, gadryňy bilerin, hak-heşdegiňi hor etmerin...
Ýaby uýanynyň gowşandygyny bilip, çala mytdyldap ýola düşdi. Çynarlynyň
horazlarynyň sesi asuda obanyň içinden syçrap çykýardy.
Oraz şyhyň gözüne uky gelmedi. Ol bu işiň amatlylygyny doly göz öňüne getirjek
bolup azara galýardy. Ýatan ýerinden içegeleriniň jugurdap durmasyny ýadyndan
çykaryp, oýlanýardy. «Tamdyr çöreginiň doýa iýilmänine-de, gör, näçe wagt bolupdyr».
Oraz şyh oýlanýardy, ölçerýärdi, dökýärdi, soňam aldygyna hudaýa şükür edýärdi. Indi
onuň ýüregindäki etsem-goýsamyna çalaja yş açylypdy.
***
Başlyk «häli-häzir daga gitmän galaý» diýse-de, Ilaman taýýar bugdaýyň ilkinji
tapgyryny çekişmek üçin daga gitmeli bolupdy. Ol iki-üç gün harmanda ol-bi işe kömek
berip işledem.
Ol bu günem ukudan üşäp oýandy. Bu ýylyň güýzi ygally gelipdi. Il-günüň
bagtyna açyk günler şeýle azdy. Şonuň üçin bugdaýy ormagam, döwmegem,
daşamagam hyllylla bolup durdy. Daňdanyň bu sowugam ýeňem içiniň gory, egniniň
dolagy ýuka adamlary halys edip barýardy.
Adamlaryň bir ýarym örüşeni bardy. Ilaman welin köneje ýorganyna hezil edip
sümüldi. Ýorganyň içi ýyljakdy. Birneme ýylynansoň Ilamanyň süňňüne ýyly ýöredi.
Şojagaz ýyly onuň süňňüne enaýyja umyt uçgunlaryny salan ýaly boldy.
Gör, adam nähili täsin jandar? Ýogsa, düýn Ilamanyň umytlarynyň bary tükenen
ýalydy. Ýadawlykdan, gurpsuzlykdan, açlykdan eňki gidip özüni zordan şu teläriň
aşagyna atypdy. Hatda, Ogultäjiň degişmesem, Tagy gelniň hoşamaýam onuň syngyn
göwnüni seýiklemändi. Ol gijäniň bir wagty Akga brigadiriň gelenini hem zordan
ýadyna salýardy. Ol: «Häýt, ertir irräk turgun, oba bugdaý çekmeli sen» diýmeginiň
manysyna-da indi akyl ýetirýärdi.
«Oba gitmeli!» Oba Ilamanyň arzuwlarynyň başydy. Ýüreginiň uly yhlasydy.
Onuň gizlin, mukaddes arzuwy obadady. Ol şol arzuwyň nämedigini aýdyp biljek däldi.
Ýöne şu dagyň çür başynda-da karar tapanokdy. Iller her gün bir ýyla deň diýýärler.
Ilaman üçin welin her sagat bir ýyla deňdi. Bir gije-gündizde ýigrimi dört ýyl bar ýalydy.
«Oba gitmeli!» Ilaman tas bar sesi bilen gygyrypdy. Ýöne ol indi ýatyp bilenokdy.
Şonuň üçinem turup ýorganyny düýrüp, paýanyň gapdalynda endiganlap goýdy. Soňam
çarygyny aýagyna çala-çula sokup, çeşmä tarap ugrady. Ol çeşmäniň başynda oturanyň
Ogultäçdiginem duýmady. Barşyna çeşmäniň sowuk suwuna şapyrdadyp ýüzüni
ýuwdy.
– Aý, oglan, suw syçratma diýýän, Ilaman.
Ilaman gözlerini ýalpa açdy. Öz bolşundan uýaldy. Ogultäjiň öňünde özüni
ýazykly ýaly duýdy.
– Ogultäç, men oba gidýän, näme sargydyň bolsa aýt.
Ogultäjiň ýüzüne mämişi reňk çaýylan ýaly boldy. Ol başyndaky ýaglygyny alyp,
ýüzüni süpürip durşu. na, assaja dillendi.
– Sag-aman baryp gel! – Ol başga zat diýmedi. Ilamanyň bolsa begenji öz
ýanyndady. Ol goşa çenli bökjekläp gitdi...
...Ilamanyň diýeni bolmady. Oba dagdakydanam beter içgysgynç eken. Ol munuň
şeýledigini haltalardaky bugdaýyň mekdebiň jaýyna döküp, ýoldaşlary ýene daga
dolananyndan soň duýup galdy.
Ol öýlerine gelende haýran galmakdan doňup galdy. Içeriniň düşekleri çala-çula
düýrülipdir. Öýüň içi bolsa gazym-gazym, çukur-çukurdy. Çukurlardan çykarylan
gumlar şol çukurlaryň gyrasynda diýen ýaly durdy. Onuň howsalasy artdy. Çukurlaryň
her biri döwüň gözi ýaly hoňkaryp, ony ýuwdarly görünýärdi. Ol ylgap daş çykdy. Kime
dadyňy aýtmaly, kimden pena gözlemeli. Ol «tyrs-tyrs» edýän gursagynyň sesini diňläp,
ýola çykdy.
Obada iňlär siňek ýok ýalydy. Patrak ýaly bolup lowurdap ýanýan ýyldyzlar,
gögümtil äpet asman hemem bu uzyn boýluja, süňňi hasratdan doluja oglan ömürlik bile
galaýjak ýaly bolup durdy. Ilamanyň göwnünde höwesem, arzuwam, şu gün ertirki
keýik owlajygy ýaly bökjekledýän keýpiçaglygam ýokdy, barysy sönüpdi. Şol duýgular
indi hiç haçan gaýdyp gelmejek ýalydy.
Ol iki dyzyna başymy goýup irkilip oturdy. Ýöne ýerinden galyp öýe girmek,
öňden arzuw edip gelişi ýaly, ýatyp-ýatyp ukudan doýmak asla ýadyna-da düşenokdy.
Ol dagdan gaýdanyna puşman etdi. Jugurdaýan içegeleri onuň ýadyna çaý-çöregi
saldy. Emma ol jübüsindäki ik-üç agyz çöregini agzyna salmaga-da äwmedi.
Süňňünden geçip barýan sowuk ony oýarýardy. Emma heniz ýagşy bekemedik,
ýadaw çaga göwre welin sowugy-beýlekini bilmän, tä guruşýança irkilýärdi.
– Waý, Ilamanjan, sen geläýdiňmi? – Ilaman ýalpa gözüni açdy. Öz üstüne abanyp
duran aýaly tanamajak boldy. Ol Sülgün gelnejesiniň keşbine giren eýe ýaly bolup
durdy. Ilaman gorka-gorka oňa garady. Göwnüne bolmasa, onuň başy dik asmana ýetip
duran ýalydy. Ol birden wägirip goýberdi. Soňam bat bilen ylgap öýe girip, işigi içinden
gulplady. Gapydan kimdir biriniň jak-jaklap gülýän, adyny tutup gygyrýan sesi
eşidilýärdi.
Ol irkilmän daňyny atyrdy. Daňyň ümüş-tamşynda gapyny açdy. Düşekleri
galdyryp, çukurlary gömüşdirdi. Içerini süpürip, düşekleri ýazyşdyrdy. Soň gapylary
syryşdyrdy. Ýöne onuň agşamky gözüne görnen eýe ýadyndan çykmaýardy. Çalaja
şygyrda ýüregi gürs edip gidýärdi.
Ilaman ýekelik bilen öwrenişipdi. Şonuň üçin ol hemişe ýekeräk bolmagy, gören,
eşiden zatlaryny ölçermegi, dökmegi gowy görýärdi. Oraz şyh bilen işläp başlandan soň
onuň ýagdaýy has kynlaşdy. Oraz şyh ony gördügi nämedir bir ýumuş buýurýardy. Aýyn
bolmasa ýarty halta bugdaýy arkasyna berip, «Me, şuny Akga birgadyň öýüne eltip gel»,
«Bar, dagdan indi haçan bugdaý geljek, kanturdan sorap gel» diýip iberýärdi. Hiç
bolmanda, eline bir tabak bugdaý bernip, içiniň çöp-çalamyny arassaladýardy.
Iş beýle kyn bolmasa-da bu ýumuşlar, ownuk iş oglany irizdi.
Ilaman beýle ýalta adamyň näme üçin bu işe bellenenine düşünmeýärdi. Iň ýaman
ýeri-de, ol Ilamana agzyndan gelenini diýýärdi. Bir gezek bolsa ony ýagşyja ýençdem.
Şol gün süňňüne giren galpyldy oglanyň endamyndan henizem çykanokdy.
***
Ilaman Oraz şyh gapa çykdygy şol elhenç güni ýatlaýardy. Ol Akganyň Oraz
şyhyň ýanyna gelşini, olaryň arasynda bolan gürrüňi indi ýatdan bilýärdi.
...Şol gün Ilamanyň ömründe hakykatdanam elhenç gün bolupdy. Ol işiň
ahyrynda öýlerine gelip gyşarypdy. Şol wagtam bir ýerden Sülgün gelnejesi gelipdi.
Onuň üsti-başy eleşandy. Ilaman gözlerine ynanmajak bolupdy. Ol aýal welin, şeýle
şadyýandy, batly gürleýärdi, gülýärdi. Onuň saç galman düşen kellesindäki börügi hem
sallam-sajakdy. Öňki owadan, mähriban göreçleri içine gidip, gözleriniň owasy
hoňkaryp ýatyrdy. Ol Ilamany görüp şeýle bir begenýärdi. Içi-içine sygman gürleýärdi.
– Waý, Illi jan, men saňa şatlygymy aýtmaga geldim. Men gitjek bolup şaýymy
tutup ýörün. Hol, Myratly dädeň gelipdir. Wah, käbäm, ýanynda-da Aýsoltanjygam,
Nursoltanjygam barmyş...
Ilaman Sülgün gelnejesiniň zabyr-zabyr edip gepleýşini, içiňden geçip barýan
gözlerini görüp düýrükdi. Ol Myratly dädesiniň gelenini-gelmänini bilmese-de,
Nursoltan bilen Aýsoltanyň indi bu dünýäde ýokdugyny gowy bilýärdi.
– Gelneje, kim aýtdy ony sana. Kim aýtsa-da ýalan sözläpdir. Seni aldapdyrlar,
ynanma, gelneje jan, ynanma...
Ilamanyň naýynjar garaýşy, onuň ýalbaryşy Sülgüne täsir eden ýaly boldy. Ol
elini agzyna tutup oýa batan ýaly bolup oturdy, soňam ýuwaşja gürledi.
– Ýa şeýlemikä, meni aldaýdymyka o ýer çeken. Ýa gelmedimikä, hä, Illi jan!.. –
Ol birden ukudan açylan ýaly aýgytly gürledi:
– Onda hany Nursoltan, hany Myratly, hany Aýsoltan, hä, hany olar?..
Ol ýene-de gaýgyly görnüşe girdi, Ilamanyň ýüzüne ýiti-ýiti garady. Soň ýene-de
gürläp başlady.
– Illi jan, men çelpek ýapaýynmy, pişme bişireýinmi? Hä, un kän, ýag kän. Özem
şeýle bir gowy un, didäm, ýöne çelpek ýapyp oturmaly. Elim boş gitmäýin olaryň
ýanyna. Dünýe malym şolaryňky ahyr.
Ol gürrüňini gutarman çykyp gitdi. Ilamanyň ýüregi agzyna gelen ýaly bolupdy.
Bu oňullygyň alamaty däldi. Sülgün gelnejesine bir zat bolýardy. Ol garahassaçylykdan
soň köp adamyň was-was keseline duçar bolýandygyny eşidipdi. Ýöne ol uzaga çekmän
aýrylyp gidýärmişin. Belki, şeýle bolsun. Ilaman hem howsaladan hem gorkudan içini
çekdi. Oňa çenli aňyrdan tanyş düňküldi, Sülgüniň ýalaňaç aýaklarynyň sesi eşidildi.
Onuň bir elinde tabak, bir elinde deriden edilen köne kendirik bardy. Ol kendirigi
ojagyň başyna ýazyp, tabagy oňa düňderdi. Ilamanyň burnuna külüň ajymtyk ysy urdy.
Onuň gara gözleri peträre geldi. Sülgün gelnejesiniň un diýip ýugrup oturany ýandagyň
külüdi. Külüň üstüne her sapar suw guýanda, ol içeriniň ep-esli ýerine tozap gidýärdi.
Asyl onuň öz ýüzi, saçy, kiripikleri kilwanyňky ýaly bolupdy. Ilamanyň jebegesi
darygyp, dem almasy kyplaşýardy. Sülgüniň welin sesi hasam dabaralýnýardy.
– Illijan, ine, häzir ýüpek ýaly hamyr bolar, görersiň. Onsoň pişmesinem bir iýip
gör, didäm, gulagyny kesselerem bilmersiň – Ol birden ziňk edip dikeldi. – Waý, dur,
bir ses bar ýaly-la. Ýa olaň özlerijik geläýdimikä? Hä, Illi jan, bar ýola seredip gel. Dur,
dur, özüm çykaýýnla...
Ol daş çykdy. Eliniň palçygyny gyňajyma, solgun alaça köýnegine çalýardy. Ol
gidip ýene-de düňk-düňk edip geldi. Gelibem, Ilamanyň ýüzünden-gözünden
ogşaşdyrdy.
– Sen Myratly bolaýma, Illi jan, hä, sen Myratlym bolaýma. Sen gelip, indem
meni aldajak bolýan bolaýma. Hany, Nursoltanjan, hany, Aýsoltanjan hä, olary nirede
goýduň?..
Sülgüniň içine giden öçügsi gözleri Ilamanyň içinden geçdi. Ol ýerinden batly
turup, wägirip aýagaldygyna gaçdy.
Ilaman gagşaýardy. Sowuk galpyldy onuň bütin süňňüni lerzana getirýärdi. Emma
häzir nirä barjak. Ol Üzümgül mugallymlara barmagy ýüregine düwdi. Şonuň üçin
mekdebiň golaýyndan geçdi.
Mekdebiň bugdaý salynýan klasynyň agzy açykdy. Ilamanyň kellesine bugdaýly
jaýa girip ýatmak pikiri geldi. Eger ol bu jaýa barsa Sülgün gelnejesi gelip biljek däldi.
Häzir onuň yzyndan kowalap gelýän bolmagam mümkindi. Onsoňam bugdaýly haltalaň
üstüne çykyp, üstüňe halta ýapyp ýatsaň ýorgandan kem boljak däldi.
Ilaman şeýle niýet bilen bugdaýly klasa girdi. Jaýyň içinde hiç kim ýokdy. Şonuň
üçin ol haltalaryň depesine çykdy. Haltanyň üstünde Oraz şyhyň çäkmeni ýatyrdy.
Onam ýanyna aldy. Häzir onuň hiç zadyň pikirini edesi gelmeýärdi. Iň esasy zat
ýatmalydy. Ol haltalaryň depesine çykdy. Oraz şyhyň çäkmeninem üstüne çekdi.
Şeýdibem, ýüreginiň tyrsyldysyny diňläp, meýmiräp başlady.
Ol ymyzganan ýalam etdi. Birdenem, bu ýere näme üçin gelenini oýuna getirdi.
Ine, onsoň ýatyp bilseň ýat-da. Sülgün gelnejesiniň naýynjar, hasratly keşbi, ýalaňaç
aýaklary, sal-sal alaçasy, saçy düşüp, ak kel bolup duran kellesindäki bulaşyk börügi,
içine giden howsaladan, gussadan doly gözleri onuň süňňüni yrap-yrap goýberdi.
Göwnüne bolmasa, ol Ilamandan hasap soramaga ýetip gelýän ýaly bolup göründi. Ol
haltalara ykjam gysyldy.
Jaýyň gapysy jygyldap gitdi. Kimdir biriniň sesi, hyşşyldysy eşidildi. Bu Sülgün
gelnejedir öýdüp, Ilaman tas wägiripdi. Onuň ýüregi tyrsyl-tyrsyl edip, ýene-de
agzyndan çykara geldi.
– Oraz däde, Oraz däde, barmyň, how!
Ilaman az-kem köşeşdi. Bu erkek adamyň, kimdir bir tanyş adamyň sesidi.
Ilaman bu tanyş sesiň kime degişlidigini derrew tapady. Ol Akgady. Ilaman onuň
dagda orakçylaryň ýanyndadygyny bilýärdi. Häzir onuň bu ýerde näme işleýänine
düşünip bilmedi. Şonuň üçin ýüzüni açdy.
– Oraz däde. Oraz däde, be, bu nirä ýok bolýakan-aý, skladyň agzyny açyp? –
Akga ýene-de hümürdedi. Ol doly haltalara depişdirip gördi.
Aňyrdan kimiňdir «ähüm-ühümi» eşidildi. Bu megerem Oraz şyhdy. Ol çokaýyny
şyrpyldadyp, howlukman ýöräp gelýärdi.
– Ä, ähem, Äkge baý, amanmy, sagmy, çaga-çülpeler mesmi?!
Akga onuň bilen elleşip, iň eziz hossary bilen ýyl aşanda zordan tapyşan ýaly edip
görüşdi.
– Agamjan, şükür, özleňiz nähili? Iş nädýä, iş. Başlyga diýip, diýip zordan
yrandyryn. «Şony belle ysgylada» diýdim. «Etmez» diýdi. «Etmese-de belle» diýdim.
«Ýalbar» – diýdim. Tüýs bolaýdy, indi.
– Ä, Äkge baý, bizi sylasaň seni hudaý sylasyn. Äý, şuranyň golaýyna gelmejegim
hakdy. Ýöne şu ýetim-esir, aýal-epdady, çaga-çugany ara salyp -otyr, onsoň gel, aýak
depip durmaýyn diýdim. Aý, bolýa-da, bize...
Kemi ýok. Ýöne, Oraz däde, men bir zat eşitdim. Şol çynmyka, ýa duşman
gepimikä?
Oraz şyh doly haltalaryň biriniň üstünde oturdy.
– O nä gep? – Akga pyşyrdap diýen ýaly gürledi.
– Garşyky Çeşmeliden Hojameňliniň ogly purontdan gelipmiş. Şol diýýämiş,
nemisleň tumşugyna kakýas, Maskawanyň ýanynda biloňurgasyny owratdy. Indem
kellesini çym-pytrak etmäge barýardyk welin...
Oraz şyh haşlap dem aldy. Akganyň sesi ýatdy.
– Hojameňliniň ogly poh iýipdir, onda-da ata-babasy bilen poh iýipdir.
Haramzada. Türkmeni orsa dönderen şolar ýaly iblisler dämi. Indi ors şurasymy
hudaýyň pata berip, kuwwat berip ýola salan güýjüni ýeňjek. Ors etdi türkmene etdi.
Päle diýdi men diýen ýigitler gitdi. Döwletli, yrsgally adamlaryň nijesini sürgün etdi.
Basmaçy diýip nebir adamlary gyrdy, otuz ýedide hordasyny çöpledi. Uruş diýip galangaçanyny ýygnady. Kim galdy indi, heleýlerden, heleýsypat nalajedeýinlerden başga
kim galdy. Wah, Äkge, Äkge özüň ýaly pygammersypat türkmeni çyra alyp gözleseňem
tapmarsyň. Ine ors bize näme etdi. Näme bu zatlary hudaýtagala görýän däldir
diýýäňmi? Onuň gahary gelmeýändir diýýäňmi? Baý gelýändir-ä. Näme türkmende sen
ýaly., men ýaly hudaý diýip oturan ýokdur diýýäňmi? Ine şu kowahat tuguny çalyp
gelýänler ýöne ýere gelýändir öýtme. Olary hudaýtagalanyň özi ýola salandyr. Olar
hudaý diýip, şehit ölenleň aryny almaga gelýändir bilseň. Seniň, meniň köýen arymy
almaga gelýändir, bilseň...
Akga özüni lampa aşak goýberdi. Ilamanyň burnuna harpygyň tozan-kokynyň ysy
urup gitdi.– Äkge baý, meniň saňa göwnüm ýetýä. Arada sen «Kim güýçli bolsa men
şonuň tarapynda» diýipdiň. Şol sözi aýtmak üçinem kelle ýaly ýürek gerek.
Akga gaýtalap uludan demini aldy.
– Men biriniň duran ýerinde duraryn, aga. Ýöne näme etmelidigini aýtmaly bolar
ahyry. – Akga ýerinden turjak boldy.
– Otur, otur, dur, häli – Oraz şyh jaýyň az-kem açylyp duran gapysyny emaýlyk
bilen ýapdy. Soň ýerine geçip gürledi – Bilýäňmi häzir näme etmeli? Şu şura
hökümetine eliňden gelen ýamanlygy ediber. Näme ýamanlyk gelse...
Ilamanyň ukusy başyndan uçdy. Ol Oraz şyhyň gürrüňlerini diňläp, galpyldap
başlady. Olaryň edýän gürrüňi adam ýüregine sygjak gürrüň däldi.
– Ýak, düme bugdaýy otla. Sen obanyň kähudasy, adamlar seniň aýaňda, boşat
olary, paýla gallany, birem işlemesin, ýeke-ekeden aýt, düşündir olara...
Akga sesini çykarmady. Oraz şyh oňa gönüsini aýtdy.
– Hudaý ýetirse, men-ä bu gün-erte dagdan aňry aşmakçy. Meýliň bolsa ýoldaşym
borsuň. Harjyny gaýgy etme. Bir zady bor. Enşalla, yrsgalymyzdan çykarmadyk bolsa,
birki adamyň ömrüne ýetjek harç tapylar...
Akga ýerinden turdy. Gapynyň agzynda ýaýdanyp durdy. Soň gapa çykdy. Oraz
şyham onuň yzy bilen çykdy.
Olar gapyda hümürdeşip durdular. Soň Akga içeri girdi. Ol hyklady, megerem
Oraz şyhyň oturan haltasyny galdyrýardy. Haltany arkasyna atyp gapa çykdy.
Oraz şyh ýene-de içeri girdi. Ol töweregi sermeleşdirdi.
– Äkge, Äkge – Ol ýene-de hümürdäp, sermeleşdirýärdi – Beh, nirä gitdikä,
nirede goýdumka?
Akga hem içeri girdi.
– Äl, aýt, meniň çäkmenim bolmalydy. Tapamok.
– Öýde bolaýmasyn.
Ýok, ýaňy öýden şuny alyp geleýin diýip bäri gaýtdym ahyry.
Akga jübülerini sermeleşdirdi. Birdenem bugdaýly jaýyň içi ýagtylyp gitdi. Oraz
şyh onuň eline topuldy.
– Edýäniň näme, öçür peltäňi, il näme diýer?
Ilamanyň jany bokurdagyna geldi. Ol durşuna suw bolup ýatyşyna doňup galdy.
Ol çäkmeni üstünden sypyrjak bolup dyzandy.
– Hol, ýokarda gara zat ýatyr-la...
Oraz şyh çäkmeniň aşagynda kimdir biriniň ýatanyny gördi. Ol ýüregi ýarylan
ýaly bolup oňa topuldy.
Ilaman erbet agyra gözüni açdy. Kimdir biri ony süýräp barýardy. Ol depesine
gözüni aýlady. Hasylap, daljygyp, süýreýän Oraz şyhdy.
Ilaman bükülip ýene-de özünden gitdi...
***
Ilaman şol elhenç güni ýatlasa, onuň zähresi ýarylan ýaly bolýardy. Ol bu waka,
bolan gürrüňler barada Anna aga, Durdy ýasawula aýtmak üçin kontorada barypdy.
Ýöne Anna aganyň dagda bolmagy, Durdy aganyň raýona gitmegi bilen niýeti başa
barmandy.
Ol häzirem çöpjagaz bilen ýeri çyzyp oturyşyna, ol elhenç günüň ýatlamasyndan
daşlaşmakçy bolýardy. Ýatlamalar ony öz erkine goýmaýardy. Onuň gözüniň gyzyly,
maňlaýynyň gögi, garnyndaky, arkasyndaky agyry henizem aýrylanokdy.
Onun ýekeje arzuwy bardy, olam, daga orakçylaryň ýanyna gitmekdi. Basym
orakçylar gelmelidi. Ýöne Ilaman misli şol güne garaşmaga takaty ýetmejek ýalydy. Ol
boşap galan oba syganokdy. Ýalňyzlyk, açlyk ony halys edipdi. Ol «Front erikdäki»,
dagdaky iýen ýarmasyna, şol günlerdäki şatlygyna ýene-de dolanasy gelýärdi. Şonuň
üçin-de daga gitmelidi. Ýöne nähili gitjek.
Ol umytlaryň süýji kölüne batyp, adynyň tutulanynam eşitmedi.
– Aý-u, Illi jan – Ol tisginip gitdi. Sülgün gelnejesi dik depesinden seredip durdy.
– Illi jan, çagajyklam aç otyr diýip habar geld-ä, sen eşitmediňmi? – Ilaman ony gorkagorka synlady. Bir wagtky baýdak ýaly gelniň guran ýaňaklary, kesewi ýaly elleri ony
tisgindirdi. Onuň ýakasyndaky bagjygy açykdy. Şonuň üçin-de hor göwüsleri durşuna
diýen ýaly görnüp durdy.
– Nursoltanjanam, Aýsoltanjanam ejem kökejik bişirip gelewersin, biz aç diýip,
sargyt edipdirler. Sen maňa azajyk bugdaý ber, aý birki çümmük beräý, olara kän zat
gerek däl, hersine bir kökejik bolsa bolany – Ol Ilamana etegini tutdy. – Guý, guý,
gorkma.
Ilaman näme etjegini bilmedi. Ol häzir kolhozyň gallasyndan ýekeje däne-de alyp
biljek däldi. Şonun üçin oýlandy. Birdenem öýe tarap ylgady. Az-kem säginip gygyrdy:
– Gelneje, dur, men öýden getirip bereýin. Öýde azajyk un bar, gelneje, garaş.
Ilaman hasylap öýe girende, gözlerine ynanmajak boldy. Oraz şyh öýüň
düşeklerini bir gapdala düýrläp, jaýyň ortarasyny gazyp otyrdy. Onuň kellesine daňynan
kirli ýaglygynyň aşagy damja-damja derdi. Ol Ilamany görüp aljyrajak ýaly etdi. Soňam
gazap bilen azgyryldy:
– Nirä geldiň, köpeý ogly. Ammary kime taşlap gaýtdyň, hä? Nämä çiňňerilýäň,
ýok bol şu ýerden, haram güjük, ýok bol diýýän saňa. Ýogsa, şu kepje bilen kelläňi
kerçärin. Itiň süýdüni emen.
Ilaman aljyrady. Gorky, Oraz şyhyň hyrsyz gözleri ýokary galan ýalaw ýaly kepje
onuň zähresini ýardy. Ol jaýdan dazlap çykyp, daga bakan tutdurdy...
Emma gaçyp gitjek ýeriň nire? Ol agşamara ýene-de öwrülip mekdebiň jaýyna
geldi. Oraz şyh ony birhili hoşamaý garşylady.
– Sen han ogul, bal tutan barmagyny ýalar diýenlerini ediberme. Hana, seniň
jaýyň ortasyna gömüp goýan haltalaň. Men indi saňa näme diýeýin. Açlyk uruş,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 11
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.