Latin

Uzak uzak ýyllar - 08

Total number of words is 3880
Total number of unique words is 2134
33.4 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýatyşyna işe zordan ýetişýärdi. Ertesi ýene-de şol iş, şol alada. Giç öýläne çenli bugdaý
orup, soňam raýona kauçuk daşamalydy...
***
Bu gün hem çalt geçdi. Hudaýberdi eşekleri kauçukly meýdana sürüp getirdi.
Durdy aga bilen Ilaman aýratyn ýüpe kauçuk çykaýardylar. Hudaýberdi bilen Ogultäç
bolsa başga ýerde çykaýardylar.
Ilamanyň Hudaýberdä gözi gidýärdi. Ol ot ýalydy. Ogultäç ýüpleri goşa-goşadan
ýazyp ýetişdigi, Hudaýberdi onuň üstüne kauçuk petdelerini daşap ýetişýärdi. Onuň
aýagy ýere degenokdy. Ol «komandirdi». Bir kolhozyň peri ýaly gyzy hem onuň bilen
bile işleýärdi.
– Bol, köşegim bol, olardan galmaly – Durdy ýasawul Ilamany gyssady.
Ilamanyň bolsa göwni hyýaldan, başy pikirden doludy. Ol diýseň haýal işleýärdi.
Durdy aga oňa düşünýärdi. Heniz on iki süňňi bekemedik oglanjyk är işini bitirip
ýörmänmi näme? Ýaşulynyň özem işi keýp edip işlänokdy. Şonuň üçin Ilamana-da gaty-gaýrym söz aýdasy gelenokdy.
Ýükler taýýar boldy. Hemişe bolşy ýaly, ýükleri Hudaýberdi eşegiň üstüne
atýardy. Emma oňa agyr düşýäni bellidi. Bu gün Ilaman bilen Durdy aga bileleşip
ýuwaşrak eşekleriň üstüne ýük atdy. Hudaýberdiniň eşekleriniň başyny Ogultäç
tutýardy.
– Duruň, howlukmaň, özüm bararyn – Hudaýberdi ýüki atyp, ýüpüni eşegiň
garnynyň aşagyndan çekip durşuna gygyrýardy. Durdy aga her ýük atanyndan soň bilini
tutup ep-esli durýardy.
Eşekleriň arasynda boýy kiçijik, ýuwaşja eşek bardy. Ilaman şony kiçiräk topbak
edilip çykalan ýüküň gapdalyna söýedi. Soň ýüküň goşa ýüpüniň bagyndan pugta tutup
özüne dartdy. Ýük süýşdi. Ilaman ýuki birden öňe garşy ýokary göterip, eşegiň üstüne
atdy.
Onuň injikleri sandyrap, bili şatylap gitdi. Kiriş ýaly dartylan damarlary aýagyny
gajatdy. Ýük ýerine düşüpdi. Ilaman begenjine agyrysyny duýmady.
– Biliňi agyrdarsyň, aý, oglan – Ogultäjiň mylaýym sesi oglanyň ýüregine
ornaşyp, gulaklaryny şaňlatdy.
– Eý, paňkelle, seniň aklyň ýerindemi? Garaş diýildi saňa, ýa-da kamandiriň
diýenini etmejek bolýarmyň? – Hudaýberdi aňyrdan ylgap gelşine topularly göründi.
Ýöne beýtmedi.
– Men saňa ýagşylyk diýýän. Agyr ýük göterip biliňi döwjek bolýarmyň?
Onsoňam kamandir günäkär, saňa.
Hudaýberdi gelip ýüki düzedişdirip, ýüpleri çekişdirdi. Ilaman onuň üstünden
gelýän deriň ýiti ysyna çydaman gapdala sowuldy. Onuň bili jyzlap durdy.
Ýük çekmekde Ilaman üçin iň kyn zady ýüki eşeklere ýüklemekdi. Soňam
eşekleri araba ýola çenli sürüp äkitmekdi. Onsoň tä raýon merkezine ýetilýänçä arkaýyn
bolaýmalydy.
Eşekleri ýola salmakda Hudaýberdiniň öz plany bardy. Ol araba ýola çenli erkek
eşekleri yzdan sürýärdi. Araba ýola düşenden soň, olary öňe geçirýärdi. Bolmasa urkaçy
eşekler ýoldan çykyp, agyzlaryny çöpe urjak bolup durdular.
Araba ýol diýilýän ýer «Ynkylap» kolhozyndan raýon merkezine barýança araba
gatnaýan uly ýokdy. Ol oba arasyndaky ýodajyklara garanyňda giňdi, tekizdi. Onuň
ugrunda ot-çöpem bolmansoň, eşekler azar bermän ýöreýärdiler.
Otuz dokuz eşek we bir ýaby ýola düşdi. Hudaýberdi iň öňdäki daýaw ak eşegiň
nogtasyndan tutup barşyna Ogultäje gygyrdy.
– Ogultäç, gel. Gel bäri.
Eşekler dogry ýola düşensoň Ogultäç şol ak eşege münýärdi. Hudaýberdi onuň
uýanyndan tutup, yzdaky eşeklere göz-gulak bolup gidýärdi.
Ilaman öňler ortarakdan, hälki ýük ýüklän boýy keltejik eşeginiň gapdalyndan
ýöreýärdi. Bu gün onuň ýüregine ýakymly duýgular gelip, ony birhili götergiledi.
Aý dogup, päkize asmanda asylan äpet çyra ýaly bolup araba ýoly ýagtylandyryp
durdy. Kolhoz obasynyň içi çolady. Hiç ýerde yşyk görünmeýärdi. Biri-birine ýapbaşyp
duran pagsadan salnan jaýlar diýäýmeseň, bu ýeriň obadygam bildirmeýän ýaly bolup
durdy. Diňe käwagt itleriň ýalta «hawwuldysy» eşidilip gidýärdi.
Şeýle imisalalyk, günbatardan öwüsýän salkyn şemal Ilamanyň süňňüni
rahatlykdan doldurýardy. Oglan rahatlygyň beýle lezzetini köpden bäri duýmandy.
Häzir onuň kim bilendir gürleşesi gelýärdi. Eşekler setir bolup günbatara garşy gidip
barýardy. Öňde Hudaýberdi bilen Ogultäjiň ýuwaşja gürleşýän sesleri eşidilýärdi.
Ilaman eşeklere göz aýlady. Äpet gabaraly, ap-ak ýüküň bilinden geçýän ýüpleri
synlaýardy. Hemme zat ýerbe-ýerdi. Ol Durdy aganyň deňine geldi. Ýaşuly bir eli bilen
bilini tutup, biri bilenem ýabysynyň uýanyny çekip agyr-agyr ädimläp barýardy. Ol
Ilamany görüp az-kem dikeldi.
– Galmagyn yza, eşeklere äň edewergin. Ýüküni agdaraýmasyn.
Ilamanyň ýaşuly bilen gürleşesi geldi. Ol ondan bir zatlar soraşdyrasy, ony
gürledesi, başaryp bilse göwnüni awlasy gelýärdi.
– Durdy aga, uruş haçan gutararka?!
Ýaşuly asmana garady. Soň çalaja büdräp gitdi. Ol assaja hyklap, dyzyny tutdy.
– Aý, ogul, urşuň haçan gutarjagyny alla bilsin.
Ol soň sesini çykarmady. Ilamanyň oňa nähilidir bir gowy habar aýdasy gelýärdi.
– Üzümgül mugallym bar-a, Durdy aga, şol-a şu ýyl gyşa galman gutarsa gerek
diýýä – Ilaman ýene-de bir topar zatlar aýtjakdy. Ýöne mundan artyk ýalan sözlemäni
uslyp bilmedi. Bu ýalan hem däldi. Onuň öz hasaby bilen uruş gyşa çenli gutaraýmaly
ýalydy.
– Şeýle bolsun-da, dostuň ogly. Diliň-diýşiň bitindir, diýeniňi alla basym kabul
etsin-dä – Ýaşuly ýadaw gürleýärdi.
– Durdy aga, şu Oraz şyh bar-a, şol bar-a, biziň öýmüziň töweregine her günde
aýlanyp gidýär. Özem bir hili adam-laý. Il bilen işi ýok. – Ilaman öz agyrýan ýerini
tutdy.
Ol Oraz şyh barada köp zatlar bilmek isleýärdi. Ýöne kimden sorajak. Durdy
ýasawul şol adam barada bir zatlar bilýän bolmalydy. Ilaman gürrüňi başlamaga çekinip
ýördi. Bu gün özi duýman bu sowaly orta atdy.
– Durdy aga ýadaw göwresine agram salyp, ýalt edip Ilamana garady. Soň näme
diýjegini bilmän sägindi. Ol ýuwaşja büdreýärdi. «Çüw, çüw» edip ýabysyny
gyssaýardy. Ara dymyşlyk düşdi. Ahyry ýaşuly dillendi.
– Oraz şyh nirden ýadyňa düşüp ýör seniň.
– Ol obada gezip ýör-ä.
Durdy ýasawul «hym» diýip seslendi-de, ýene-de ýabysyny gyssady.
– Oraz şyh köne adamdyr, ogul. Biz olaryň kötegini kän iýendiris. Seniň ataň
agasyna Nury diýerler. Olam olaň hyzmatyny kän edendir.
– Olar onda nämüçin Çynarlyda ýaşanoklar. Ilamanyň sowaly ýaşulyny alada
goýdy. Ol häzir hakykaty aýtmak islemeýärdi.
– Sen Illi jan, Oraz şyh bilen, beýleki bilen işiň bolmasyn. Ol adamlardan näçe
daş bolsaň, şonça şat bol. Aç başyň, dynç gulagyň bilen gezde ýör.
– Ýok, men ony başga zat üçin soramok. Dädem aýdypdyr, Oraz şyhy Durdy
ýasawul gowy bilýändir, şondan sora diýipdir, hemmesini aýdar diýipdir, arada maňa
hat geld-ä ondan.
Ýaşuly Ilamanyň ýüzüne ýene-de bir gezek garady.
– Aý, bolmady, ataňy ara saldyň, dostuň ogly.
Durdy aganyň göz öňüne Çynarlynyň geçmişi geldi. Giden ýaýla gara öýdi. Seýit
şyhyň kowum-garyndaşlarynyň öýi ýaýlany tutup ýatyr...
– Aý, köşek, ol günleriň azabyny sanasaň sogaby ýokdur. Onda-da Seýit şyhyň
görkezen güzaplaryny. Oňa Seýit baý diýerdiler. Onuň kakasyna Italmaz diýerdiler.
Onuň ýeke ogly şu Oraz şyh bolmaly. Ganojakdyr, ganojak. Bylaryň maly, dünýesi
jahana sygmazdy. Ýöne balşebik geläýdi. Balşebik gelen ýylam bylar serhet boýunda
ýaşadylar, menem äkitdiler. Baýyňky hemişe baý, garybyňky hemme ýerde şol
gedaýlygy.
Şolaryň malyny bakyp, baý entändiris-ä. Onsoň bir gün näme bolsa şol bolsun
diýdim-de, Nury neresse bilen gaýdyberdik, ene watana.
Durdy aga gürrüňiniň arasynda «çüw» diýip ýabysyny gyssaýardy.
– Onsoň, inim, yzymdan adam iberipdirler. Gelsin, hakyny alyp gitsin diýip. Beý,
bi adamlarda-da ynsap bar-ow diýip, bir gitjegem boldum. Teý, oglum bilen aýalym
goýbermedi. Aý, näme, ýerjagazymyz, maljagazymyz bar. Haljagazymyz gowy.
Golhozam hak-heşdigini kem edenok. Onuň üstüne on-onbäş sanjak ýüň tüýliňem
bolaýsa diýilýä-de, näme. Teý, goýberenoklar. «Gerek däl» diýýär aýalym. «Şol hak
Seýit baýyň soň aşyna ýarasyn» diýip, aýalym şol waýkyryp ýatyr. Eý, onsoň men
diýdim: «Şu heleý halkynyň diýeninem bir edip göreýin» diýdim. Nury neresse welim,
hiç kime gulak asmady. Soňam neresse gaýdyp gelmedi. Ýigidiň gülüdi, köşek. Saryýag
ýalydy. Seni görsem ýadyma düşüberýä...
Onsoň hökümedem bylary ýene-de bäri kowdy. Maly-garasy bilen oba eňdiler.
Şo ýyl Seýit baý-a öldi. Birki ýyl ötensoň Orazynam gulak diýip, öýi-içersi bilen sürgün
etdiler. Mal-mülkünem golhoz aldy. Ine bar bilenim meniň.
Asmandan aýa garşy bir ýyldyz süýnüp gitdi. Aý ýoluň üstünde çyra ýaly bolup
ýagty saçýardy. Hudaýberdi bilen Ogultäjiň gürleşýän sesi eşidilýärdi.
Indi raýon merkezi golaýdy. Durdy aga bilini tutup gelşine «ähm», «ühm» edip
ardynjyrady. Onuň hyýaly gürrüňi jemlemekdi. Ol az-kem säginen ýaly boldy:
– Sen, köşek, şolaryň gürrüňini etme. Olar bir ýöne adamlar däldi. Hudaý
saklasyn. – Ýaşuly doga okap, elini ýüzüne ýetirdi. – Hana, şol tümmegi gör. Şolam bir
naçaryň gubury. Ýanky öýünde ölmedik Oraz şol naçary gündiziň günortany dogramdogram edip, şu ýerde kerçäp gidipdir, balşebik gelen ýyly. Kim ganyny alsyn. Hun
diýip, bäş-on sany kel toklyny getiren boldular gyzyň atasyna. Wah olarmy. Olar adam
däldir-le. Maşgala dagy däldi, görgüli Garasaç diýseň, Garasaçdy... Elbetde, Orazam
dolanan bolsa günäsi geçilendir-dä. Özüm-ä sorap göremok.
– Durdy aga... – Ilaman ondan Oraz şyh bu ýere indi nädip, näme üçin gelendir –
diýip sorajak boldy. Emma ýetişmedi. Öňden eşekleriň güpürdisi eşidildi. Ogultäjiň
«waý» diýen sesi aýly agşamyň gulagyny şaňladyp gitdi.
Hudaýberdiniň hyklamasy eşidildi.
– Ilaman, Ilaman diýýän, ýet, çaltrak.
Ilaman ýükli eşekleriň gapdalyndan ok ýaly atylyp geçip, Hudaýberdiniň ýanyna
ýetişdi.
Ogultäç araba ýolda burlup ýatyrdy. – Men elimi degrip bilemok. Galdyr,
galdyrsana ýerinden, ony.
Hudaýberdi aglamjyrap, gaharly gürleýärdi.
– Galdyr. Dur, häzir – Ol gapdala gyşaran ýüküň ýüpüni açdy. Göz açyp ýumasy
salymda eşegiň gaňňasyny düzedip, onuň golaňyny ýagşy çekip, ýüki üstüne atdy.
Ilaman Ogultäji ýerden galdyrdy. Soň onuň egninden goluny geçirip, söýget bilen
saklady.
Ogultäjiň iki örüm saçy Ilamanyň eliniň üstünden geçipdi. Ilaman beýle zady
ömründe görmändi. Gyzyň gorkudan ýaňa titir-titir edýän süňňi, tyrs-tyrs edýän ýüregi
oglanyň bedenine geçip gidýärdi.
– Gel, münäý, indi beýle bolmaz – Hudaýberdi Ogultäje golaý geldi. Häzir ol
Ogultäji eliniň aýa- synda göterip Kap dagyna äkitmäge-de taýýardy. Emma erkek
oglanyň utanjaňlygy onuň elini-aýagyny bagla- ýardy.
– Aý, ýok, men-ä gorkýan – Ogultäjiň sesi ynjyly çykdy.
– Gorkmasana, indi beýle bolmaz, how!
Hudaýberdiniň azym gatyşykly, ahmyrly sesi Ogultäji razy etdi. Ol eşege golaý
geldi. Hudaýberdi bir eli bilen eşegiň boýnundan, bir eli bilen onuň öň aýagyndan pugta
tutup aşak egildi. Daýaw eşek butnap bilmedi.
– Bas arkama aýagyňy, bas, gorkma.
Ogultäç beýtmegi uslyp bilmedi.
– Bas arkama aýagyňy, bas diýýän.
Ilaman gyza söýget berdi. Ol Hudaýberdiniň arkasyna basyp eşegiň üstüne münüp
jaýly oturdy.
Eşekleriň hatary bozulypdy. Durdy aga ýabysyny idip hol öňden barýardy.
Hudaýberdi eşegiň nogtasyny eline alyp sürüp başlady. Ilaman henizem özüni
tutup bilenokdy.
– Näm bold-a, bu eşege – Ogultäç indi birazrak açylyşyp sorady.
– Aý, şagalmy, möjekmi, bir zat ýoly kesjek boldy. Eşegem şondan ürkdi. Ýükem
gapdala gyşaraýdy.
Raýonyň itleri äwmezlik bilen «haflaşyp» eşeklere habar gatýardylar.
7.
«Ynkylap» kolhozynyň adamlary uly gaýrat bilen işleýärdiler. Darawadaky
kauçuk, kelem ýygylyp, raýondaky baza tabşyrylypdy. Oba arasyndaky galla hem sabap
barýardy. Indi adamlar daga çykmaga taýýarlanýardylar.
Anna başlyk adamlardan diýseň razydy. Araba derek «kyrk eşekliler» onuň
alnyndan diredi. Başga bir ýerde şeýle edipdirler diýse, ol ynanmasa-da ynanmazdy.
«Emma döwrüň dartgynlylygy çagalaram tijeýän eken. Nätjek, ýaş oglanlar dözer ýalam
däl, ýöne döwürem näme, elpe-şelpeligiň döwri däl-dä».
Ýöne başlygy oda salan başga zat boldy. Ol ýary gije öýüne gelip, teläriň aşagyna,
takyr ýere ýazylan keçäniň üstünde ýassyga gyşaryp hum çäýnegi boşatdy. Günuzynky
ýadawlykdan soň jülgeden gelýän salkyn akym, gurbagalaryň jomartlyk bilen
warryklaşmasy, dury asmanda rahatlyk bilen tigirlenip barýan gögümtil aý, gök çaýyň
keýpi onuň süňňüni lagşadyp barýardy. Ýeriň giňinde tagta ýaly gaty görnen keçe-de
häzir küpjekden ýumşak degýärdi. Häzir dünýäde ýanyňy ýere bermekden süýji zat ýok
ýalydy.
Emma häzir ýatmanyň wagty däldi. Durdy ýasawulyň gelmeli wagty bireýýäm
bolupdy. Emma ondan henizem derek ýokdy.
Başlyk ýasawula garaşsa-da garaşýardy, emma onuň getirjek habaryndan edýän
hederi welin çeniň däldi. «Dagy ol nätsin, ol bir ýumuş oglany ahyry». Başlyk içini
hümletdi. Öten agşam ýasawulyň ýüzüni alypdy. «Getirýäniň şumluk». Ýasawul
gözlerini ýumman goýberdi. Onuň gözünden zarply atylan damjalaryň birki sanysy
başlygyň aýagyna şapylap damdy. Anna aga düýn agşamky damjalar henizem duran
ýaly aýagyny gaýta-gaýta sypalady,
Ýasawul gözlerini uly çit ýaglygy bilen syryp durşuna gazaply gürläpdi:
«Anna, bes et, men şu garry ýaby bilen köne horjunyny diläp alamok. Hana ýabyň,
uýanyň, kime berseň şona ber. Men öň bagrymy köýdürip, salymy suwa aldyryp ýanyňa
gelýän. Göwünlik bermeden-ä geçen, gaýta seniňki agyr degýä. Näçe günläp yraýona
köwçük çekdik. Hezil etdim. Il bilen işlemek janyň ujy eken. Emma...»
Durdy ýasawul turjak bolanda ýene-de iki kagyzy keçäniň üstüne taşlapdy.
– Bular kime?
Ýasawul ädigini gors-gors etdirip barşyna:
– Özüň okaber – diýip, tutluga siňip gidipdi. Başlyk bölejik kagyzlary gözüne
tutdy. «Hormatly Sülgün Myratly!..» Myratly, Myratly! Sen nähili ýigitdiň? «Hormatly
Atabaý Orazmämmet!» Sygryň dili ýaly-da bolsa bu kagyzlar giden iki öýi çaýkajakdy.
Gör näçe adamyň umydyny hazana berjekdi. Wah, şu hatlar gelmese gowy bolardy.
Gelmese... Bir-ä ölýä, yzynda müň adamyňam umyt-arzuwyna gylyç salýa... Wah,
hökümediň ýerine bolsam, şu haty iberjek däl. Bir adam ölýä, gör näçe adamam... Şu
haty äkidip bereniňden özüň urşa gidip, hemmesine derek öleniň müň paý gowy ahyry...
Haty ibermeli däl. Biz adamlary toýa iberemizok ahyry?!
Anna agany başga bir gynandyrýan zadam bardy: «Gelýän çekip çydardan agyr
habarlar adamlaryň dänim, elini işden sowudýar. Her kim jebirli bendäniň gözüne
görnüp gaýtjak bolýar. Häzir her minut bolsa dänim, gymmatly. Bir çaý içim salymda
dünýäň işini bitirip bolýar. Ondan başga-da aş-suw diýip, birneme urbalygam bermeli».
Başlyk türkmençilik etmegi gowy görse-de, bugdaýyň her gysymyny endamynyň etini
kesip berenine barabar görýärdi. «Wah, hökümet şu haty ibermeli däl. Agyny-gynanjy
ýeriň giňine goýmaly, ýeriň giňine... Ine, nesip bolsa giňişlige çykylar ahyry. Şonda
dänim, düz bir abraýly komissiýany, aýla maşgalasyna, et näme kömegiň bolsa... Wah,
häzir ýeri däl».
Durdy ýasawul baradaky ynjy başlygyň aladalarynyň, oýlarynyň içinden çöregiň
içine düşen saçyň tary ýaly bolup bildirip, ýitip, bildirip, ýitip durdy. Ol ahyry edip
oturan pikirini jemläp bilmäň şol tary yzarlap başlady.
«Be, Durdy, göwnüne alaýdymyka? Aý, şu Durdyň bar bol. Oglan öýkesi
tükenjek däl-ow, munuň dänim. Aý, ondan dänim, gatam görmeli däl, menem. Iki sany
çynar boýly oglunyň puronda gidişi, gidişi. Menem, gaýtyp dänim göwünlik bermeden
geçen. Ýagdaýyny soramadan geçen. Ýa, Gurbangulyny yzyndan iberäýsemmikäm...»
Anna aga ýadawlykdan zerzaw bolan aýaklaryny, dyzlaryny owkalap ýerinden turdy.
Ýöne sekiz ýaşly ogluny oýarmaga dözmedi. Häzir asmandan sary aý tigirlenip
barýardy. Horazlar ynamsyzlyk bilen gyryk gygyryşýardy. Tutlukdan öwüsýän şemal
iniňi tikenekledýärdi.
Başlyk tutlugyň gyrasyna bakan ugrady. Göwnüne bolmasa ýasawul şol ýerde
gelip bilmän, ýaýdanyp duran ýalydy.
Anna aga Durdyny gaty gowy görýärdi. Ol onuň bilen kolhozdanam kän öň Seýit
baýyň talabany bolupdy. Soň Annany Tejene ors okuwyna äkitdiler. Ol gaýdyp gelenden
soň patyşalyk ýerde ýer ölçeýji boldy. Durdyny şonda Seýit baýyň çopançylygyndan
çykaryp, patyşalyk ýeriň hojaýynynyň ýasawullygygyna aldyrdy. «Ýasawul» ady oňa
şondan galypdy. On sekizinji ýyldan soň, olaryň ikisem Allaýar hanyň ýygynçagyna
goşulypdy. Soň Annany oba şura başlygy saýlanlarynda-da, «Ynkylaba» başlyk
saýlanlarynda-da Durdyny ýanyndan aýyrmandy. «Durdy ýaly ýigit barmy näme...»
Başlyk balhy tuduň ýapraklaryny şygyrdadyp, ýüzüne tut çybyklarynyň şapylap
degerinden ätiýaç edip, ýüzüni goraglap barşyna geçen günleri ýatlaýardy. Ol tutlugyň
çetine çykmaga ýetişmedi. Yzdan, öýi tarapdan biri onuň adyny tutup birki gaýta
çagyran ýaly boldy. Bu ýasawuldy.
Durdy ýasawulyň ýüzi ýaraly ýolbarsyňka çalym edýärdi. Sähel diýmesizini
diýseň, üstüňe zyňjak çaky bardy. Başlyk keçäniň üstündäki ýassyklaryň birini
goltugynyň aşagyna süýşürdi. Birinem ýasawula tarap süýşürdi.
– Durdym, bu gün gijä galdyň-la?! Sökellik tapynaýdymy by diýip öýüňe
baryşymdy.
Ýasawul ýalt edip başlygyň ýüzüne garady. Annanyň aýyň ýagtysyna çil-çil bolup
duran ýüzünde mekir-hile görmäninden soň, özüni keçäniň üstüne goýberdi.
– Anna, sen meni ahyr ýaşymda maýmyn etdiň. Agşam-a ýüzümi aldyň, indem
Durdym, Durdym diýen bolýan. Men indi çaga däl-ä. Heý, agşamky bolşuňy görüp,
gapyňdan ahyrada çenli geler ýalymy, ahyry? – diýip, ýüzüni kese sowup oturyşyna
gürledi. – Durdy, sen meni gynama, meniň öz derdim özüme ýetik. Sen meni gynama...
Ýasawulyň sesi batlandy.
– Men näme bilemokmy, men näme adam dälmi? Mende näme ýürek, bagyr
ýokmy? Meniň derdim ýokmy? Ýa men adam dälmi?
Başlyk ýadaw ýylgyrdy.
– Bolýar-la, Durdym. Sen dänim, gitde ýat.
Durdy ýasawulyň ýüzünden onuň ýatmaga meýliniň ýokdugy bildirip durdy. Ol
başlygyň has gowşanyny görüp, oňa sowal berdi.
– By, Oraz «dostuňam-a» sürgünden gaýdyp gelipdir. Şondan habar aldyňmy?
Indem obada sümsünip ýörmüşin, aýtmaklaryna görä. Päli-niýeti düzüw bolawersin-dä,
hernä.
– Ol, nähili meniň dänim, dostum bolýarmyş? Ol tetellileri elimden gelse
sürgünden ömri ötýänçä getirjek däl, men. Senem, Durdy bir zady aýdyp
goýberiberýäň...
Durdy ýasawul başlygy azysynyň astyna aldy.
– Aý, ol-a şeýle-le. Han-ha Akga brigadam buýtar-suýtar etdi welin, gözüni
Sibirde açdyrdyň-la, başlyk.
Anna aga dyzlarynyň üstüne galdy.
– Sen çaga ýaly bolmasana, Durdy. Näme, biz dänim, çöregi ýeňsämizden
iýýäsmi? Arada dänim, Akga bilen bu meselede sözleşdim. Şol doňuz ogly indem bir
Çynarlyda görünsin. Onsoňam bir edişime seret, şony. Senem, dänim...
Durdy ýasawul başlygyň hyjuwyna begendi. Ýöne onuň hyryny ýene-de towlasy
geldi.
– Annam, şol haramzada bilen gepleşdim-ow diýip arkaýyn bolma. Men şony
messepsiz, arsyz görýän. Her wagt, her wagt tanapyndan dartyp dur. Onsoňam Oraz
şyham gözden salmaly däl. Adamyň üsti-başy, akly-huşy üýtgäpdir diýseler ynanaryn,
ýöne gylygy üýtgäpdir diýseler ynanmaryn. Zandyýamanlyk ol adamyň emen süýdi
bilen ganyna girendir. Şony unutma.
Başlyk Durdy ýasawulyň ýüzüne geň galyp seretdi. Onuň göwnüne bolmasa
öňünde şol köne dosty däl-de, pähimli-paýhasy okumyş adam oturan ýalydy. Ýöne ol
dostunyň halys ýürekden sözleýändigine düşünýärdi.
– Durdym, berekella! Senem meniň dänim, edip oturan pikirimi aýtdyň. Özüňem
şu galhozyň çlini. Senem göz-gulak bolawer. Oglanlara-da tabşyr gaýta, «göz-gulak bol
diýip» dänim.
***
Soňky wagtlarda Üzümgül mugallymyň göwnüne birhili howsala aralaşýardy.
Niredendir bir ýerlerden gelýän gamgyn, gussaly oýlar onuň ýüregini tüýdüm-tüýdüm
edýärdi. Ol özüni ýat ýurtda ýeke, ýalňyz galan naçar hasap edýärdi. «Huw» diýip,
çykyp gidiberesi gelýän wagtlaram bolýardy. Bir gezek asyl goşlarynam düwüşdirdi.
Soň raýon merkezine baryp, ýaşan, okan ýerlerine gitse, ýüregi köşeşäýjek ýaly göründi.
Emma ony başga pikir saklady. «Birden Bezirgen gaýdyp geläýse... Hawa, birden
ol gaýdyp geläýse. Üzümgülem öýde bolmasa, ol näme pikir eder, il-gün näme diýer...»
Ine ony saklaýan zat diňe şol oýlardy. Diňe bu oýlaram däldi. Tomus geçip barýardy.
Basym başlangyç klasda okuwçylara ders berip başlamalydy. Onsoň beýle bolubam
durmaz... Çagalar, mekdep, iş Üzümgül üçin rahatlygyň öýüdi. Ol diňe mekdepde
rahatlyk tapar, ähli gam-gussany undar. Ol ýerler söwer ýaryň boýuna guwanylan ýerler,
ol ýerler goşa deregiň taýlaşan ýerleri ahyry. Üzümgülüň göwnüne Bezirgen klaslaryň
birinden ýylgyryp çykaýjak ýalydy.
Anna aganyň gelip, «orsetden getirilen çagalara göz-gulak bol» diýeli bäri, onuň
derdi ýeňläpdi. Neresse çagalar oňa öwrenişipdiler. Olam çagalara diýseň öwrenişipdi.
Ýöne göwnüne Bezirgeni geläýjek ýaly bolup durany üçin giç agşam öýüne gelýärdi.
Irdenem kolhozyň merkezi uçastogyna, çagalaryň ýanyna gidýärdi.
Bu gün ol has ir turdy. Düýşüne aýal dogany giripdi. Ol demir ýol stansiýasynda
aglap durdy. Onuň dört örüm saçyny şemal asmana garşy göterýärdi. Adamlar bu gyzyň
bolşuna geň galyp garaýardylar. Üzümgül muny görüp örän gynandy. Ol doganynyň
ýanyna ylgady, gelende dogany ýylgyryp durdy. Özem elinde bir zat saklaýardy.
Dogany ony Üzümgüle berdi. Ol owadanja gülýakady. Ol gülýakany ejesi Üzümgül
bolan ýyly ýasadypdyr. Soň gyzy göze görnüp ugransoň, enäniň gyza iň gowy, arassa
peşgeşi hökmünde beripdi.
Üzümgül gülýakany eline aldy. Eýýäm ýanynda dogany ýokdy. Üzümgül çirkin
gygyrdy... Ol öz sesine özi oýandy. Soň asyl ukusy gelmedi.
Üzümgül bu düýşi gowulyga ýordy. Ol «Nesip bolsa Bezirgenim geler, ýene-de
bagtly günler başlanar. Gülýakanyň ýakut gaşlary ýaljak oglum, gyzym bolar...» diýip
oýlandy.
Doganynyň gözden gaýyp bolmagy bolsa onuň ýüregini tüýtmeledi durdy. Ol bu
eýýamlarda doganyny ýatlamandy. Enesiniň, doganlarynyň mähriban keşbi onuň
gözünden uçupdy. Doganynyň keşbini aýan görmegi, ýakut gaşly gülýaka ony arkaç
gapdallaryna, Garagumuň jümmüşine alyp gitdi.
Ilerimiz-ä dagmydyr-a,
Üsti gara bagmydyr-a,
Uçup barýan ak guşlar-a,
Ilim-günüm sagmydyr-a.
Çuňňur guýa daş atsaň-a,
Çümer gider eje jan-a.
Ýat illere gyz berseň-ä,
Ýiter gider eje jan-a.
Balguýy obasynyň keşbi Üzümgülüň aňynda lälä beslenip otyrdy. Bu ýerde
adamlar nähili ýaşadylar, olar näme bilen meşgul boldular, ony Üzümgül bilenokdy. Ol
diňe ýekeje zady bilýärdi. Sähel ugruny tapsa obanyň ilersine gidip, öz deň-duş gyzlary
bilen läle kakardy. Ejesem, kakasam onuň raýyny ýykmandylar. Ol oýnap ýörmekden
başga zady bilmezdi. Ejesiniň, doganynyň haly dokap, darak kakyp oturyşyny, gaýma
gaýap oturyşyny görende, «menem etjek» diýip özelenerdi. Şonda-da ejesi:
– Waý-eý, aýrylaweri, entek iş etmäge-de ýetişersiň, şu wagt bir başymyza towky
bolup inme-de, hol ala gidip, läle kakyň – diýerdi.
Üzümgül ýene-de tükezzibana tutdurardy.
– Eje, men läläniň täzesini bilemog-a, öňküleri aýdyp gutardym. Täzesini
öwretsene...
Ejesi agyr börüginiň inli ýaşmagyny agzyna çekip, gözlerini mölerderdi.
– Wah, saçy kesilen. Il-gün näme diýer. Ataň eşitse deriňi soýar. Hakyt, bu
gyrnaga seret. Men öň muňa läle öwredip ýören ýaly – diýerdi. Şonda dogany edip
oturan işini etegine salardy-da owadan gözlerini güldürerdi.
– Gel, jigim men öwredeýin, ýöne toýuňda bir ketenim bardyr – diýerdi.
Balguýynyň ýaýlasy-ýa,
Ýüregimiň aýnasy-ýa,
Arkadagym ejemjan-a,
Aýyň-günüň parasy-ýa.
– Ýok, maňa «Şetdalynyň şänigini» aýdyp be-er – Üzümgül öz diýenini tutardy.
Dogany ejesinden uýalyp, owadan gözlerini balkyldadyp töweregine garanjaklardy-da:
– Toýuňda ýene-de bir keteni algym bardyr – diýerdi. Soň işini ýene-de etegine
ýygnardy-da, sülük barmaklary bilen içen suwy görnüp duran alkymyna çalaja kakyp,
bokurdagyny gaýnadyp aýdardy:
Şetdalynyň nänigi-ýä,
Ajymyka jorajan-a,
Söwer ýaryň gujagy-ýa,
Süýjümikä jorajan-a...
Bu läle Üzümgüle şeýle ýarardy. Sebäbi dogany ony şeýle bir gamgyn, şeýle bir
näzik ses bilen aýdardy. Asyl ony güni bilen diňläp, diňläp oturasyň gelerdi. Emma ejesi
bir ýerden çykardy.
– Wah, saçyň kesilsin, özüň-ä Hesel däli ýaly bolup, öýüň işinden bizar. O gyzada iş etdireňok, ýok bol, lälesi başyny iýen.
Üzümgülüň toýuny görmek, ondan keteni paýyny almak doganyna nesip etmedi.
Olary nirädir bir ýerlere göçürdiler. Demir ýol stansiýasy, kakasynyň gazaply keşbi,
ejesiniň, gyz doganynyň bagryny paralap oturyşy onuň çalaja ýadyna düşýärdi. Ol
poýezdin içinde ukudan oýananda dogany ýokdy. Olar ençeme ýyllap Samarkantda
ýaşapdylar. Kakasy ýogalandan soň, Üzümgül ejesi bilen dogduk obasyna gaýtdy.
Daýysy olara eýe çykdy. Ýegenini Gyzylarbadyň rabfagyna okuwa saldy. Aýal
doganyny gum içine, öz obasyna alyp gitdi. Üzümgül iki ýyllap rabfakda bilim aldy. Şol
ýerde-de Bezirgen bilen halaşdy. Onun bilen dag içine işe gaýtdy. Ýaňy bir ýyl ýaşap
ýaşamankalaram bu hazan uruş turdy...
Öten günler Üzümgülüň gözüniň öňünden garlawaç ýaly bolup geçip gitdi. Ýaş
gelniň bagry para-para boldy. Ykbal gör, ony, nirelerden alyp, nirelere taşlapdy. Ony
köseýän indiki zat ýalňyzlykdy.
Üzümgül agşam-ertir has horlanýardy. Obada biriniň öýüne barybermäge,
gatnaşybermäge çekinýärdi. Oba adamlarynyň bolsa işi başyndan agdykdy.
Bu obanyň adamlarynyň özüne goýýan sarpasyndan ol diýseň razydy. Kerwen
aganyň fronta gitmänkä aýdan sözlerini ýatlady. Bu ýaşuly, onuň ogly Ilaman göwnüne
juda mähriban ýaly duýuldy.
– Wah, häzir Ilaman nädýäkä? Alada bilen görübem bilemok çagajygy...
Üzümgül öňki agşamky wakany ýadyna salanda birden üýşenenini duýmady. Ol
ellik, jorap örüp oturan ýüňüni tükedipdi. Şonuň üçin gapylaryndaky kümeden az-kem
ýüň almaga çykdy. Garaňky ýaňy gatly şypdy. Ol çekine-çekine kümä girdi. Çykan
wagty bolsa gapylarynda bir garanyň garantga ýaly bolup duranyny gördi. Oňa salam
berdi. Mäşbürünç sakally, başy pürsýan telpekli adam onuň salamyny aldy.
– Keýgim, gurgunmyň? Amanmyň, aman sagmyň? Eý, menem goňşy öýde yşyk
ýanyp duransoň gümür-ýamyr edişmäge gaýdyberendirin – diýip, ol adam
mysapyrsyrady.
Ýaşulynyň äheňindäki asudalyk Üzümgüle täsir etdi. Ol gapa keçe taşlady.
Ojakda çigräp duran tüňçäniň astyna odun atdy.
Ol adam böwürslen ýapragy atylyp demlenen çaýy öňüne aldy. Ondan käsä guýup
uzyn-uzyn owurtlady.
– Päh, büý-ä, çaýam däl-le. Näme, ýorunja ataýdyňmy, goňşy, muňa?
Üzümgül uýaldy. Ol eliniň ýukalygyny näme bilen düşündirjegini bilmedi.
– Bu wagt bir gök çaý, beýlekem keýigiň şahyna mündi. Biz-ä şu böwürsleniň
ýapragyna-da öwrenişäýipdiris. Guradyp, oňatja döwseň içimi erbedem däl...
Myhman käsä guýan çaýyny eliniň tersine serpip goýberdi. Soň synyny silkip
ýerinden turdy.
Ol gidensoň Üzümgülüň dünýesi giňedi. Onuň ýakyndan bäri şol «jynly jaýa»
girip-çykýandygy onuň ýadyna düşdi. Ol içeri girip ýüň daragyny aldy. Onuň begenji
uzak gitmedi. Hälki adam donuny ýasgynjak alyp ýene-de öwrülip geldi.
– Me, goňşy, sen çaýsyz hor bolma. Ine, muňa guşdyrnak çaý diýerler. Tükense
ýene-de äbärin.
Üzümgül çaýa elini uzatsa-da, aljyramakdan näme diýjegini bilmedi. Göwnüne
bolmasa bu adamyň gylly, demir penjeleri onuň ellerine galtaşyp giden ýaly boldy.
Üzümgül tisgindi. Ol gijäniň içinde bu ýat adamyň nähili päliniň-niýetiniň bardygyny
aňyp bilmän ýerinden laňňa galyp, gaýra çekildi. Onuň elindäki daşy ýaldyrap duran
gurşun gap ýere gaçyp, honda tigirlenip gitdi.
Nätanyş gelniň howsalasyny duýdy. Ol çokga sakgalyny eliniň aýasy bilen gaýtagaýta sypalap durşuna, hajyk-hujuk etdi.
– Aý, goňşym, menden çekinme. Men seniň goňşyň. Kyýamat güni goňşudan
diýipdirler. Entekler biziň berek-birege gerek ýerimiz kö-öp bolar, enşalla.
Üzümgül indi öýe girmäge-de gorkýardy. Ol adamyň çaltrak giderini isledi.
Ýaşuly beýle bir ýüz tapmansoň pürsýan telpegini eline alyp eýlesine-beýlesine
öwrüşdirip gürledi.
– Goňşy, bereket bersin. Men gideýin. Gelişer, gidişer durarys, enşalla.
Onuň ýaly syrylan takyr kellesine aýyň şöhlesi düşüp, ýaldyrap gidýärdi.
Bu adamy Üzümgül tanamady. Ol Oraz şyhdy.
***
Ilaman üçin şatlykly günler duýdansyz başlandy. Oňa kakasyndan birbada iki hat
gowuşdy. Sülgün gyzjagazy Aýsoltan bilen kolhoz işine çykdy. Ene-de işe yzygiderli
gatnap ýördi. Hudaýberdi bolsa Ilaman bilen şeýle dostlaşypdy. Asyl bir gezek ol
Ilamany öýlerine-de alyp gitdi.
Işem indi beýle bir agyr däldi. Olar harmandaky taýýar bugdaýy halta gapgaryp
raýonyň galla alýan edarasyna çekýärdiler. Iş şeýle gyzyklydy. Indi her eşege bir oglan
tapylypdy. Ýükem kauçuk çeken ýaly däldi. Her eşege iki halta bugdaý ýüklenýärdi.
Ýüp üzüläýmese onuň kän bir agjak, beýleki etjek aladasy ýokdy.
Şol günleriň birinde ol Hudaýberdi bilen işden gaýtdy. Olar eşeklerini kolhozyň
mal howlusyna gabadylar. Öňlerine ot dökdüler. Howludan çykyp barýarkalar
Hudaýberdi dillendi.
– Illi, men şu agşam sizde ýataýaýyn-da, bir maslahat bar – diýdi.
Ilaman hem begendi, hem gynandy. Ol Hudaýberdilere baranda onuň ejesi
Akjagül daýza olary nirede oturtjagyny bilmändi.
– Wah, boýuňyza döneýin, beýdişip, tirkeşip ýörmäň, obanyň heleýleriniň gözi,
dili gursun. Gözleri bilen alarlar, gözi guranlar. Wah, taýly çynarym, taýly inerim –
diýipdi. Tapdygyndan ony-muny öňlerinde goýupdy. Şol gün Ilamanyň ýadyndan
çykmajak günleriň biri bolupdy. Emma häzir Hudaýberdini öýlerine alyp barsa, gugaryp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 09
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.