Latin

Uzak uzak ýyllar - 05

Total number of words is 3945
Total number of unique words is 2082
33.8 of words are in the 2000 most common words
48.9 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ahyryn, ol.
– Onyň-a şeýle. Ýöne men näme öz adamňyz dälmi?
– Ýok, sen meni beýdip, örteme, Üzüm jan – Ol geliniň mylaýymlygny, onuň
bakyşlaryndaky näzi görüp atdan düşdi. Soň Ilamana ýüzlendi – Illi-ow, sen şu atyň
derini sowatsana, çapyp-çapyp, suwuny aldym. Aňyrraklardan iýdip gaýt.
Ilaman gitmejek boldy. Ýöne Akga muňa garap durmady. Ol oglanyň eline uýany
berip, atyň sagrysyna a gamçy çaldy. At bady bilen Ilamany ep-esli ýere äkitdi.
Akga Üzümgüle gysmyljyrady. Emma gelin onuň hyrsyz ýüzünden, titiräp duran
ellerinden çekinip durmady.
– Waý, bu adamy, aýrylaweri.
Akga aýrylarly däldi. Ol ýylan okan guş ýaly bolup elenip durşuna, has
golaýlaşypdy. Üzümgül gaýra çekildi. Zarply gürledi.
– Akga, adam bol diýilýä, saňa.
Emma ol hiç zat eşitmeýärdi. Häzir bu ýaş gelni ýuwdarly görünýärdi.
– Ýok, sen beý diýme, Üzüm jan, meni öldür. Men sensiz ýaşap bilemok.
Ol ýene-de elini uzatdy. Ýene-de samyrdady.
– Sen meniň diýenimi etseň, ýag iýip, ýüpek geýersiň. Dünýäde kemiňi goýman.
Diýenimi etseň bolýa. Men sen diýip ölýän.
Üzümgül elindäki bedresini aýlap goýberdi. Bedre Akganyň küpesine degip,
şakyrdap honda zyňyldy.
– Haý, ýer çeken. Öňem birki sanagyna ýag iýdirip, ýüpek geýdirýäň.
Akga az-kem gowşak gürledi.
– Eýse, ýalanmy? Hana Enäniň näme kemi bar. Gül ýaly ýaşaýar. Kim şu wagt
bir diýşlem çörek tapýa. Enäniň durmuşyna seret, gül ýalydyr. Sen ondanam gowy...
Üzümgül onuň soňky sözüni diýdirmedi.
– Akga, sen diňle. – Emma ol diňlärli däldi. Ýöne Üzümgül has ekezlendi. – Dur,
gürleme, diňle meni.
Akga saklandy. Ol Üzümgülüň ýüzündäki hyrsyzlyga geň galdy. Gyýşyk
gözlernni çerreldip seretdi.
– Sen meni diňle!
Akga agzyny açdy. Üzümgül gürläp başlady.
– Sen nägehan uruşdan öň Bezirgenim bilen näçe tirkeşdiň. Öýe näçe gezek
geldiň. Şonda oňa ýarym diýsem, seni doganym saýdym. Doganym bolmansoň dogan
ýerini tutarsyň diýip Bezirgen ikiňiziň boýuňyza guwandym. Bezirgen urşa gidende
Akga doganyň bardyr, seni hemişe goldar diýipdi. Seniň frontdan galanyňa iki bolup
bilmändim. Şumy seniň doganlygyň, şumy Bezirgeniň sözüni tutuşyň...
Akga sypjyklyk edip, ýene-de bir zatlar diýjek boldy. Emma Üzümgül ony
gürletmedi.
– Seniň Bezirgenden, Myratlydan nämäň kem. Olar gan döküp ýör. Seni kolhoz
sylap birgat edip goýdy. Sen iliň-günüň arkasyny almaly, halyny soramaly halyňa
«Meniň diýenimi et» diýýäň. Seniň ýagyň, ýüpegiň kän bolsa eltde neresse çagalylara
ber.
Akga müzzerildi.
– Näme berýän-ä. Olaram hor edemizok how, biz.
– Ýok, Akga. Bu zatlaryň hasaby soralmaz öýtmegin. Enäniň başyna ne günleri
salanňy bilemok. Il-ä oňly gürrüň edenok. Ýöne Ene seniň zadyňa zar gelin-ä bolmaly
däl. Eger ony köseseň, oňa-da jogap bermeli borsuň. Sen tetelliniň edeni öňünden gider
öýtme...
Akga Üzümgüle çiňňerildi.
– Üzümgül, sen meni garalajak bolma, eger Enäniň özi razy bolmasa menden oňa
zowal bolarmydy? Ine men saňa çala duýdurdym. «ýok» diýdiň bolany şol. Indi men
seniň adyňy tutarynmy? Men Bezirgen bilen näçe çörek iýişdim. Heý, onuň naçaryna el
gatarynmy? A onuň özi, ejesi bilen meni günüme goýanoklar.
Üzümgül ony gabady.
– Menem seni günüňe goýamokmy. Entek dur, Bezirgen bir gelsin. Sen şonda
görersiň kimiň seni günüňe goýmaýanyny. Indem, ugra meniň ýanymdan...
Akga bu sözden gorkdy. Ol hyrra yzyna dolanyp, Ilamanyň elinden uýany alyp,
atyna münüp, oňa gamçy çaldy. Ilaman geň galdy. Misli ýabysyny çapdyryp barýan
hälki haýbat bilen gelen Akga däl ýalydy.
Üzümgül bedresini ýerden galdyrdy.
Ilamanyň selme ýygyp, Sülgün gelnejesine eltip bermek umydy puja çykdy. Onuň
süňňüne ýaýran galpyldy henizem köşeşerli däldi. Ol özüni ysgynsyz duýýardy.
Ýöne ol bir zada haýran galdy. «Akga näme üçin beýle çalt gitdikä? Üzümgül
mugallym oňa näme diýdikä?»
Ilaman olaryň gazaply ýüzlerini, azymly sözlerini eşitmedi. «Üzümgül mugallym
Akgany ýigrenenokmyka? Ýa-da Akgany diňe men ýigrenýändirin? Ýok, beýle bolsa,
ol näme üçin Goçakly frontda gezip ýörkä, onuň aýalyna azar berýär? Ol näme üçin
dädeme gamçy bulap, el gaýtardy? Näme üçin Eneleriň öýünden çykanok? Näme, onuň
öz öýi ýokmy? Onda Üzümgül mugallym näme üçin onuň bilen mylaýym gürleşýärkä.
Ýok, Üzümgül mugallym ony bedresi bilen oňatja sugşurdy ahyry. ýok, ol Akganyň
diýjek adamsy däldir!..»
– Illi jan, saňa näm boldy? – Üzümgülüň gussaly sesi Ilamany çuňňur oýlardan
oýardy. Ol Üzümgülüň gözlerine garady. Onuň gözleri gözýaşdan dumanlap durdy. Ol
gözýaşyny süpürjegem bolmady.
– Sen, köşegim hiç zady gaýgy etme. Nesip bolsa Bezirgen mugallymyň, urşa
giden ähli adam geler. Şonda Akga ýaly ar-namysyny ýuwdanlaram jogap bermeli bolar.
Üzümgül dymdy. Soň ýuwaşja sözledi.
– Ol menem Enedir öýdýär, haramzada. Diňe maňa-da däl, obanyň gyzyl
gyňaçlysyna gyllygyny akdyryp ýör, ol läşi ýanan.
Üzümgülüň gahary Ilamany köşeşdirýärdi. Çünki, ol Enäniň bolşuna asla
meňzemeýärdi.
– Üzümgül mugallym, sen brigadire näme diýdiň?
Üzümgül ýylgyrdy. Onuň ýüzi bulutdan çykan aý ýaly ýene-de şöhle saçdy.
Ilamanyň gözüne Üzümgül ähli gelinlerden owadan, akylly bolup göründi.
«Meniň ejem şunuň ýaly owadan, mert bolandyr». Bu pikir bir ýerlerden oglanyň
kellesine geldi. Oglan ony şunça ýadyndan çykarjak boldy. Emma muňa onuň özem
pugta ynanyp barýardy.
Olar oba golaýlaşdylar. Ilaman Üzümgüle garaşmadyk sowalyny berdi.
– Mugallym, siziň obaňyz nirede?
Üzümgülüň gözüne ýaş aýlandy. Gaýdyp gürläp bilmedi. Ol öýlerine gelýänçä
gözüni süpürip geldi. Ilaman ondan aýrylanda, çaga ýüregi gyýym-gyýym boldy.
Gapylarynda daňylgy duran eşegi görüp, Ilamanyň ähli aladasy ýadyndan çykdy.
Eşek nätanyşdy. Asyl bu obanyň malyna meňzemeýärdi. Onuň kellesine her hili oýlar
gelip geçdi. «Dädem gelen bolaýsa. ýok, myhman gelendir!» Ýekelikden iren oglanyň
duýgulary,höwesi aýaklaryna geçdi. Ol uçup diýen ýaly öýleriňe geldi.
Gapyda, ojagyň üstüne horjunyny goýup, onuň üstünde bir ýaşuly irkiljiräp
otyrdy. Ilaman ony tanamady.
– Salowmaleýkim, daýy!
Ýaşuly tisginip gitdi. Soň ýalt edip ýüzüni öwürdi
– Maleýkim, manlykmy, jigi!
Ol Ilamana çiňňerilip-çiňňerilip seretdi. Soňam oglanyň garaşmaýan soragyny
berdi.
– Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň?
– Bu biziň öýmüz-ä, daýy! – Ilamanyň jogaby ýaşulyny geň galdyrdy.
– Sen kimiň çagasy bolmaly?
– Kerwen aganyň ogly! – Ilaman oňa haýran galyp seretdi.
– Ataň obadamy? – Ilaman oňa düşünmedi. Ýöne ony jogapsyz goýmady.
– Dädemmi? Dädem purontda.
Ýaşuly gözlerini mölerdip seredip durşuna samrady.
– Meni ne hudaý tutdy. Edenim ugruna däl. Hany oba, hany il. Bary upbat
bolupdyr.
Ýaşuly hasanaklap galyp, eşeginiň ýüpüni çözüp, yzyna seretmän gitdi. Ol
aljyraňňylykdan gazyga büdredi. Kellesindäki ýatyş telpek ep-esli ýere tigirlendi.
Ilaman Enäniň ejesiniň bäri gelýänini gördi. Ol elini gözlerine kölegeledip, ýitiýiti seredýärdi.
– Aý-u, kişi, dur-u-u! – Ýaşuly telpegini kakyp durşuna, ynjyly ýüzüni
sypjyklatdy. Soň gidiberjek boldy.
Meretgül oňa has golaý geldi. Agzyndaky ýaşmagyny hepbik dodaklary bilen
çeýnäp gürledi.
– Hiý-bu-u, gara bagty ýatan, men. Bi, gurbany boldugym Oraz aga ýaly-la?! –
Ol iki elini oňa uzatdy. – Gurbanyň bolaýyn, şyh aga, geliň görüşäýeliň. Ataňa-babaňa
döneýin, Oraz aga jan. Hi-bu-u.
Ýaşuly sag elini sary giden çäkmeniniň holpuk ýeňiniň içinde gizläp, oňa uzatdy.
Çep eli bilenem öz sag golundan tutdy.
– Manlykmy, gelin? Man saglykmy? Bala-çaga, mal-baş, öý-il
gurgunçylykmydyr?!
Ol boşan elini geçiniňki ýaly çüri, mor sakgalyna ýetirdi. Soň töweregine
garanjaklady. Soň Ilamanlaň öýüni görkezdi.
– Ine, bu biziň öýümizdi. Öý, il galman oguşýan. Meretgülüň dili açyldy. Ol
ýaşmagynyň öp-öl bolanyna garamazdan, ony çeýnäp-çeýnäp gepledi:
– Wah, käbäm, obam, agam. Öý goýdularmy? Il goýdularmy? Baryny hazan urup,
upbat boldy. Ylaýym, ýerler ýuwutsyn bulary. Hany ol döwürler, hany ol döwranlar.
Baryny upbat aldy. Wah...
Onuň sesini ýaşuly kesdi.
– Men nirä gideýin indi. Kime baraýyn indi... Meretgül serhoş ýaly yrandy.
– Ýöri, öýe baraly. Gurbanyň gideýin, ataňa-babaňa döneýin. Ýör öýe, ýöri.
Ilaman bularyň bolup barşyny hezil edip synlady. Meretgül Göroglynyň atyny
ogurlan kempir ýaly salpy gulak, hor eşegiň tanapyny dartyp barýardy. Ýaşuly bolsa
Kemineden utulan Äraly pir ýaly leňk-leňk edip, sallanyp ýöreýärdi.
8.
Howa gyzyp başlapdy. Apreliň başydygyna garamazdan meýdanlar gülgülälekdi. Çynarlynyň ýaýlasy ýaz aýlary aýratyn owadan bolýardy. Güllerden ýaňa her
baýyr bir dürli öwüsýärdi. Ýöne ýazyň beýle jomartlygy adamlary beýle bir
begendiribem baranokdy. Her kim eli ýetdigi selme, ysmanak ýygmaga gidýärdi.
Ilaman çaý gaýnadyp, gaty-guty çörek bilen garbanjak bolup durka, Sülgün geldi:
– Illijan, jigileňem alyp ysmanak ýygmaga gideli-le? – Ol dula seretdi. ýöne
Ilamana hiç zat diýmedi. Ilamanyň dulundaky unly çuwalam kän gowzapdy. Heniz
oraga çenli ençeme aý bardy.
Sülgün agyr oýdan aýňalyp gürledi.
– Biz-ä şu iki çaga bilen iki diwaryň arasyna çüýlendik. Şu gün-ä howa-da gowy
ýaly, bile gidäýseň oňat bordy. Illi jan.
Ilaman gaýnan tüňçesine böwürslen ýapragyny atyp durşuna ysgynsyz gürledi:
– Sen öýde bolsaň, men getirip beräýerdim-dä gelneje.
– Ýok, köşegim, kömek edip bilýäň. Men saňa ýük bolmaýyn, özüň neresse çaga.
Biz bir sana geçen bolsak seniň özüňe kömek etmeli. Nädeýin. Jigileňe kömek berseň,
menem beýdip oturman daş-iç çykyp göreýin.
Olar öýlän obanyň gaýrasyndaky tekizlige çykdylar. Ysmanak azdy. Megerem,
bu ýerlere öň adamlar gelip, ýetişen ysmanagy çöplän borly.
Ilaman çagajyklaryň töwereginde aýlanyp ýörşüne ep-esli ysmanak ýygdy. Ýöne
Sülgüniň kiçi gyzy Nursoltanjyk ony ysmanak ýygmaga goýmady. Ol inçejik ellerini
ejesine garşy uzadyp aglaýardy. Ilaman ony gujagyna aldy. Gyzjagaz has gaty aglap
başlady.
Gyzynyň sesini eşiden Sülgün ep-esli ýerden ylgaşlap gaýtdy. Ol gelip
ýakasyndan bir taý göwsüni çykaryp gyzynyň agzyna tutdy. Soňam ony gyňajynyň
seçekleri bilen ýapdy. Ol ýaşyl parç bolup ýazylyp ýatan otuň üstünde oturyşyna oba
tarap seredip oýa batypdy.
Ilaman onuň getiren ysmanaklarynyň üstüne özüniň ýyganlaryny-da goşdy. Soň
dyz epdi.
Bu ýerden obanyň aýtymy eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Palçyk tamlar egnini
gysyp otyrdy. Häzir oba has, içgysgynç görünýärdi. Diňe bir göwün göteräýjek zat, ol
hem çeşme suwy akýan salmajygyň gapdalyndaky uly tutlukdy. Diňe şol häzir
ýaşylymtyl öwsüp, bir hili ýakymly duýgy döredýärdi. Sebäbi basym gurçuk tutulmaly.
Onda beýle içgysgynçlygam bolmazdy.
Ilaman oýlanyp oturyşyna Eneleriň tamyna seretdi. Gapdalyna küde basylan jaý
onda üýtgeşik duýgy döretmedi. ýöne ol Enäni ýatlady. Enäniň keşbi, tanyş, mylaýym
sesi onuň üçin ýat bolup gidipdi. Ol indi näçe gün bäri Enäni görmändi.
– Illi jan, şol gelýän Enemi? – Sülgüniň sesine ol ýalt edip seretdi. Hakykatdan
hem Ene olara bakan gelýärdi.
Ene golaý gelende Ilaman ýerinden galdy. Ene öňküdenem owadanlaşypdy.
Ýanaklarynyň aly goýalypdy. Ol kirpikmen ullakan gara gözlerini balkyldadyp gürledi.
– Naýynsaplar, maňa-da aýdaýmal-a, ysmanaga gitjek diýip, menem siziň bilen
bileje giderdim-dä.
Sülgün Enäniň sowalyna jogap bermedi.
– Ene, gurgunmyň gyz, gözden ýitdin-le. Dünýäniň ýüzünde barlygyň bir çynmy
seniň.
Ene ynjyly ýylgyrdy.
– Wah, bardyryn-la. ýöne iş-güýç bilen öýdenem çykyp bolanok. Garrymyzam
öýde. Olam gepi köpräk aýal, sypdyranok-da meni.
Ene aşak oturdy. Ol Ilamana habar gatdy.
– Ilaman, senem barmy? – Soň ol Sülgüne ýüzlendi – Goňşam bolsak hi biribirimizi göremzok-da.
Ilaman sesini çykarmady.
Sülgün ýuwaşja gürledi.
– A gyz, hiý, Goçaklydan hat-habar gelýämi?
Enäniň ýüzi birhili gamaşdy. Ilamanyň göwnüne bolmasa, owadan aýly gijäniň
ýüzüni bulut örten ýaly boldy.
Ol ep-esli dymdy. Soň aşak oturdy.
– Şol gidişi-gidişi. Hatam ýok, habaram. – Enäniň sesi ýeriň aşagyndan çykan
ýalydy. – Çynmy, ýalanmy bilemok. Oba Oraz şyh diýen biri göçüp geldi. Şol-a
dünýäden habarly. Şonuň aýtmagyna görä, Goçakly pilin düşüp nemislere geçenmişin.
Näbileýin-dä, dogan. Men-ä näme diýip-aýtjagymy bilemok. Wah, bagty gara ekenim.
Bagtym gara bolmasa bu belalar başyma düşermidi?
Onuň uzyn kirpiklerine hünji bary düzüldi. Göwher monjuk ýaly iki sany düwme
onuň etegine patlap gaçyp, pytrap gitdi.
Sülgün ýumşak äheň bilen gürledi.
– Goý, gyz, sen näme? Bu belalar ýeke seniň başyňa düşüpmi? Il bilen gelipdir.
Biziň Myratlymyzdan-a hatmyş, habaram ýok.
Enäniň dykyn alan böwedi böwsülen ýaly boldy. Ol başyndaky ýaglygynyň ujuny
gözüne ýetirdi. Soň eli bilen ýüzüni tutdy. Ol ähli derdini-aladasyny häzir gözlerinden
akdyryp boşadaýjak ýalydy. Eginleri silkinip, silkinip aglaýardy. Ilaman beýle agyny
hiç haçan görmändi, eşitmändi. Bu agy däldi-de, dilin bilen aýdyp bolmajak bir iň agyr,
iň gizlin syry iň ýakyn hossaryň ýanynda açmakdy. Ýöne Sülgünem, Ilamanam şol syryň
nämedigine nähilidigine düşnerden ejizdiler. Ene elenip oturyşyna samraýardy.
– Men bagty gara ekenim, bagtygara. Maňa iňdi bu belalardan aman sypma
ýokdur.
Sülgün ony ýene-de köşeşdirmek isledi. Ýöne Nursoltanjyk çirkin-çirkin aglady.
Günbatardan sowuk ýel öwsüp başlapdy. Lemmer-lemmer bulutlar obanyň
üstünden kerwen bolup geçip barýardy.
10.
Ilamanyň her güni bir ýyla dönýärdi. Onuň urbalyk uny-da birki tendirlik ýa
bardy, ýa-da ýokdy. Ony gaýga batyrýan zat başgady. Sülgüniň hiç zady ýokdy. Onuň
gyzjagazlarynyň ýüzüne gök ýöräp başlapdy. Indi ysmanak hurmalap, selmä-de gurt
düşüpdi. Iýmäge hiç zat ýokdy. Ala tüwäniň süýdi sogulýardy.
Okuw başlany üçin Ilamanyň bir özi «Ynkylaba» süýt alyp gidýärdi. Üzümgül
mugallym hem ýaranokdy.
Şol günleriň birinde Ilaman üçin garaşylmadyk wakalar ýüze çykdy. Durdy
ýasawul oňa edil pişme ýaly edilip eplenen kagyz bukja getirip berdi. Oglan haty alyp
öýe ylgady. Gapyny açdy. Keçäniň üstünde süýnüp okady.
«Ynkylap» kolhozy, uçastok Çynarly, Ilaman Kerwen». Ol gyşyk-çaýşygrak
ýazylan latynça haty okdy. Soň bukjany açdy.
«Salam haty. Köpden-köp dogaýy salam bolsun, kim, öz dädeň Kerwenden oglum
Ilaman jana köp salam bolsun.
Salamdan soňky sözüm budir ki, eý, oglum Ilaman jan. Biz munda sag-gurgun.
Biz şu mahal Aşgabadyň golaýynda ýatyrys. 87-nji türkmen diwizýä. Özümiz
bolsa weýenniý okuw geçýäris. Eger puronta alyp gitmeseler, saňa hat ýazarys.
Özümiz bolsa «mawy» eşikli gezip ýörüs. Şonun üçin bize «mawy diwizýä» diýip
aýdýalar.
Eý, oglum, Ilaman jan! Seniň saglygyň neneň? Oba, il, goňşy-golam amanlykmy?
Üzümgül mollumyňa, Ene gelnejeňe, Sülgün gelnejeňe köp dogaýy salam bolsun. Başga
soran-idäne köp dogaýy salam bolsun!
Men seni şolara tabşyrýan. Olary hudaýa tabşyrýan.
Dädeň. Kerwen Ilaman.
Haty ýazan Gurban Çary.
11/IV – 42ý.
Ilaman haty gaýtalap-gaýtalap okady. Soň Sülgünlere ylgady.
Sülgünin kiçijik gyzjagazynyň haly harapdy. Ol gyzdyrýardy. Onuň
bokurdagynda çiş emele gelipdi. Şonuň üçin Sülgün daş çykyp bilenokdy.
A Ilaman baranda ol işigiň ýanyndaky takyr ýere ýüň serip otyrdy. Ol Ilamany
görüp begendi.
– Gelneje, dädemden hat geldi.
Sülgün silkinip ýerinden turdy.
– Kimden diýdiň, köşek? – Ilaman öňküdenem beter begençli gygyrdy.
– Dädemden, däde janymdan geldi.
Sülgüniň keşbine tukatlyk ýaýyldy. Ol hata elini uzatdy. Ýöne haty eline almady.
Gykylyga Nursoltanjyk oýandy. Ol ilki aglady, soň iňläp hyklap başlady.
Sülgün gyzynyň agzyna emme tutdurdy, soň göwsüni gyňajynyň ujy bilen ýapdy.
Nursoltanjygyň kellesini gyňajyň ujy basansoň, ol ýene-de aglap başlady. Ol horja elleri
bilen gyňajy beýlä süýşürdi. Emma ähli ünsi hata beren gelin, ap-ak göwüsleriniň açyk
duranyna ünsem bermedi.
Ilaman ýuwdundy. Haty okajak boldy. Emma içeriniň dymyljyk howasy, gelniň
ýüzündäki gussa, gyzjagazyň iňňildisi onuň ysgynyny aldy.
Haty Sülgüniň özi aldy. Ol haty haýal okaýardy. Haty ortalaberende onuň
gözünden gaýdan goşa monjuk, galam bilen ýazylan ak kagyzyň ortasyna düşüp, pytrap
gitdi. Ýaşyň düşen ýeri mawy reňke boýaldy.
Gelin kagyzyň ölüni barmaklary bilen süpürdi. Soň gözlerini süpürdi. Ol haty
emaý bilen epledi.
– Illi jan, gözüň aýdyň köşegim. Hemme bendäniň başy aman bolsun. Içinde
biziňkinem aman sakla, hudaýym.
Ilaman indi nätjegini bilmedi. Ol hiç zat diýmän daş çykyp barýarka Sülgüne
garady. Sülgün ýere garap oturyşyna çuňňur oýa batypdy. Uka giden gyzjagazyň
damagynyň hyrryldysy, Sülgüniň açyk göwüsleri indi oňa täsir etmedi. Sebäbi
Myratlydan ýekeje hatam gelenokdy.
Oglan Sülgüniň ýüzündäki gögi gördi. Ol hatyň reňkimi ýa-da kyrk ikinji ýylyň
selmesiniň reňkimi, ony bilip bilmedi.
Ilamanyň hyýaly haty gapyma-gapy aýlanyp, tutuş oba buşlap, okap bermekdi,
ýöne Sülgüniň haly ony öňki hyýalyndan dänderdi.
Onuň oglan göwni ýene-de syndy. Ol öýe girip, haty täzeje ýorganlarynyň
gatynda gizledi. Soň oýa batdy, Näme etmeli? Häzir onuň ýekeje arzuwy Sülgüniň
göwnüni awlamakdy. Oňa teselli bermekdi. Häzir Nursoltanjygyň horja elleri, Sülgüniň
solgun ýüzi Aýsoltanjygyň naýynjar garaýşy onuň gözüniň öňünden gidenokdy. Olaryň
öýüniň dymyljyk, zeň ysy henizem burnuna gelip durdy.
Ilaman gapböwürden ulurak tal tabagy aldy. Ony eline alyp çuwally böwre bardy.
Şol duran ýerinde-de doňup galdy. Pessejik sekiniň üstünde unly çuwalyň ady-sory
ýokdy.
Oglanyň ýüregi howsala bilen dykyldy. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, ylgap daş
çykdy. Tamyň arkasyna aýlandy. Ýene-de iç girip, daş çykdy. Emma «alan ogry, gören
taňry» diýenleridi.
Ol tabagyny goýmagy-da undup töre geçdi. Onuň gözlerine däli siller inipdi. Ol
özüni bilip beýle aglamandy.
Häzir onuň kellesine her hili oýlar gelip geçýärdi. Emma olaryň başyny jemlemek
oglanjyga başartmady. Ol ertirki günüň, güzeranyň pikirini etjek boldy. Emma bolmady.
Ol şeýdip ala tüwe örüden gelýänçä ýatdy. Irden sagylmaga endik eden tüwe
daşarda güpürdi berýärdi. Enesini gören gölejigem uzyn-uzyn molaýardy.
Ilaman näçe turjak boldy. Emma eginlerinden daş asylan ýalydy. Hiç galasy
gelenokdy. Ala tüwe molady. Eýesini azym bilen çagyrdy. Ilaman henizem turarly däldi.
Ýöne başga bir ýagdaý ony turmaga mejbur etdi. Olam uny tapmak umydydy. Ol
obanyň adamlarynyň ählisini göz öňünden geçirdi. Emma birine-de ogurlyk ýapyp
bilmedi. Ýöne araky eşekli ýaşula welin çyny bilen münkürlik etdi. Häzirem şonuň
ýanyna göni barmagy ýüregine düwdi.
Ilaman obanyň çetine çykdy. Soň Oraz şyhyň bolýan öýüne bakan batly ugrady.
Ol «jynly» jaýdy. «Jynly» jaý obanyň iň çetinde, baýryň düýbünde gugaryp otyrdy. Bu
eýýamlarda onuň golaýyna baran adam ýokdy. Bu jaýyň kimiňkidigini, nädip onuň
jynyň jaýy bolandygyny oglanjyk dädesinden sorapdy.
«Bir wagt bu jaýda bir uly baý ýaşapdyr. Onuň mal dünýäsi bu oba sygmandyr.
Obada iň döwletli adam hasaplanypdyr. Kim bir işiň başyny tutjak bolsa şonuň bilen
maslahatlaşypdyr. Sebäbi adamlaryň ýeke-täk ekleýjisi şol baý bolupdyr. Kim onun
sygryny bakyp, kim goýnuny bakyp, kim öýdeniçersi bolup, kim odunyny, suwuny
getirip, kim kerwenini gatnadyp gün görüpdir.
Ýyllaryň birinde dünýeler üýtgäpdir. Ak patyşa agdarylypdyr. Düne
garamaýaklaryň eline geçipdir.
Emma bu baýyň bitiniň burny ganamandyr.
Ine şol günleriň birinde oba bir mugallym gelipdir. Özem ýaşajyk gyz eken. Ol
«obada mekdep açjak, çagalara sowat öwretjek» diýip oturanmyş. Asyl bir ýarym oglan
ýygnap, okadybam başlapdyr.
Baý ilki «aý bir ýumruk ýaly heleý bilen deň bolmaýyn» diýenmiş. Emma soň
bolmandyr. Onuň ýekeje ogly bar eken. Olam şol gyza hak aşyk bolupdyr. Şol gyz diýip
ölüp ýatanmyş.
Gyzam bu oglany erbet görmänmiş. Bu boluş baýyň sabyr käsesini pürepürläpdir.
Ol bir gije gyzyň bolýan gara öýüne jöwher pyçagyny syryp gelipdir. Öýe kürsäp girip
ilkinji gabat geleni syhlapdyr. Olam baýyň ýekeje ogly eken. Baý muňa bolmajysy bolup
gyzy-da dograpdyr. Özem maly-mülki bilen ol gije göterilip gidipdir.
Şondan soň bu jaýda ot lowurdap görnüp başlapdyr. Kä gijeler bolsa oglan bilen
gyzyň ýuwaşja gürleşip oturan sesem eşidilýärmiş. Asyl oglan bilen gyzyň şol jaýa girip
barýanyny görenlerem bolanmyş. Şondan soň bu jaýyň golaýyna baran bolmandyr.
Onuň ady «jynly» jaý bolup, adamlar ondan daşrakda jaý guranlaryny kem
görmändirler».
Oraz şyh ine, şu jaýda ýaşaýarmyş diýip, Ilaman eşidýärdi. Ýöne ol bu jaýyň
töweregine gelip göreni ýadyna düşmedi. Jaýa has golaý baranynda bolsa, oglan ýüregi
bu jaýa girmäge batyrlyk edip bilmedi.
Ilaman esli durdy. Soň bolsa alaçsyz yzyna gaýtdy. Ol ylgap öýe gelende ala tüwe
gölesini emdirip, durdy. Ol göläni tutmaga ylgajagynam bilmedi, süýtkädä
ylgajagynam... Näme-de bolsa tüwäniň emjeklerini çekeleşdirdi. Ýöne süýtkädä beýle
bir düşen zat bolmady. Göle sygryň ýelnini ýagşy gowşadan eken.
Ilaman töre keseligine süýnende, ýadanyny, ajyganyny, suwsanyny duýup galdy.
Onuň içi uzyn-uzyn jugurdady. Öýde bolsa iýmäge dişlem zat ýokdy. Ýene-de ýeri
garaldylan unly çuwal onuň ýadyna düşdi. Ýüregi dilim-dilim bolup, zöwwe ýerinden
galanyny bilmedi. Emedekläp baryp, pessejik sekiniň üstüni, aşagyny, ýüküň teýini
ýagşy barlaşdyrdy. Onuň göwnüne bolmasa özi ýa-da kimdir biri ony öýüň içinde
ýygşyraýan ýaly bolup durdy. Ol ýene-de sermendi. Eline ilen zat bolmady. Nalaç bolup,
ýene-de dula süýndi.
Ol Sülgünlere girende Oraz şyhyň öýe kürsäp girenini, duldaky uny çuwaly bilen
donunyň synyna dolap alyp gidenini indi hiç haçan subut edibem biljek däldi. Seniň çaga
ýüregiň syzýandygyny bolsa kime düşündirjek.
Näme etmeli? Oglanyň garny açlykdan ýaňa sork-sork edýärdi. Onuň içini bir
zatlar dözümli dyrmalaşdyrýan ýalydy. Agzyndan gara suw gelýärdi. Näme etmeli? Ol
Eneleri göz öňüne getirdi. Olaryň öýüni ýadyna salanda burnuna gaýnatmanyň ysy
haplap urdy. Ýerinden laňňa galanyny duýman galdy. Onuň garnyndaky jugurdy, erbet
agyry ony başagaýladyp, pikrini bulam-bujar edýärdi. Aýagy bolsa gaty-gaty ädildi.
Gapy açyldy. Ilamanyň ýüzüne salkynjak şemal çaldy. Ol özüne geldi. Işigiň söýe
agajyndan pugta tutup aşak oturdy. Häzir onuň üçin iň esasy zat ýöremezlikdi. Sebäbi
açlyk onuň aňyny alyp, gözüni garaňkyradyp, öz girdabyna düýrüp barýardy.
Ilaman süýrenip ýerine geçdi. Ol çörek iýen wagtyny ýadyna saldy. Ondan bäri
eýýäm iki gün geçipdir. Oglanjygyň gözüne şagga ýaş indi. Şu pursat onuň garaňky
oýlarynyň içinden bir ýylpyldy görnüp gitdi. Ol yranyp turdy-da ýüke golaý bardy.
Ýorganyň gatyny sermeläp, kakasynyň hatyny tapdy. Soň ýatdan okady.
«Ynkylap» kolhozy, uçastok Çynarly, Ilaman Kerwene». Ol hatyň yzyny ýatlajak
boldy. Emma bolmady, gözýaş ony bogdy. Indi öýüň içi garaňky bolman, çap-çal
bolupdurdy. Ol gyryk ses bilen pyşyrdady.
– Dädejan, arkadagym, gelsene. Meni hem öz ýanyňa alsana, däde jan! – Ol ýenede kän samrady. Dädesiniň keşbi, ýürekden gaýnap çykan zaryn-zaryn ýalbarmalar onuň
öňki güýjünem aldy. Ol hesretli ukynyň gujagyna düşeninem duýman galdy.
Ukynyň arasynda kimiňder sesi onuň gulagyna ildi. Ol düýşüň, argynlygyň,
hesretiň aralygyndan dargan anyny jemläp bilmeýärdi. Bu sesiň düýşündedigini,
huşundadygyny aňyp bilmedi. Ony gataňsy eller awuly silterledi.
– Illi, Illi, tursana, tur diýýän saňa, tur. Ynjyly tanyş aýal sesi ahyr soňunda ony
alasarmyklykdan halas etdi. Ol hasanaklap ýerinden galdy. Dik duran ýerinden
töweregine gorkuly garanjaklady. Onuň eýmenç gözleri bimany lowurdady. Gözleri
açygam bolsa zat görmedi.
– Illi jan, bagtym ýatdy. Tursana, öýüm ýykyldy. Nursoltana bir zat boldy.
Bu Sülgüniň sesidi. Ilaman ukudan açyldy. Öý garaňkydy. Ýöne ol Sülgüniň
yzylap durşuny, ýüzündäki hesretini, ejiz keşbini gördi.
– Waý, alla jan, waý, balajygym, waý...
Sülgün gagşaýardy. Onuň endirewik sesi Ilamanyň süňňüni titretdi. Ol birden
gorkuly dillendi.
– Hä, gelneje, hä, näme? Näme diýdiň?
– Basymrak bol, öýüm ýykyldy. Nursoltana bir zat bolýa.
Ilaman Sülgüniň yzyndan daş çykdy. Sülgün aýak ýalaň, başy açyk öýüne ylgady.
Ilaman ondan galmady. Ol Sülgünleriň içerisine girende ýakylan esgi ysyny aldy. Öý
tütün ysyndan petişip durdy. Sülgün ýene-de köne esgi ýakyp, gyzynyň ýüzüne tutdy.
Nursoltanjygyň göm-gök bolan meňzi ýalynyň ýagtysyna has gözgyny
görünýärdi. Ol süýnüp ýatyrdy. Pökgerip duran garynjygy her wagt bir tirpildäp
gidýärdi.
Sülgün ony bagryna basdy.
– Balajygym, guzujygym, bagyr bagym, ýürek dagym, bagtymy ýatyrmawer,
günümi ýaşyrmawer-eý-eý – Onuň eňremesi oglanyň bagryny paralady. Sülgün birden
dikeldi. Çalt-çalt gürledi.
– Arza ýet, Illi jan, Arzy tuhtara ýet.
Ilaman gapa atylyp çykdy. Sülgüniň eňreýän sesi Arzy doktorlara barýança onuň
gulagynda ýaňlandy durdy.
Arzy doktorlaryň öýi Üzümgül mugallymlaryň aňyrsyndady. Obanyň içi
çolalykdy, garaňkylykdy Ilamany eýmendiren zat, olaryň öýi «jynly» jaýa golaýdy.
Ilaman ylgaşlap barşyna daljykýardy, haslaýardy. Ýöne iki gözi welin «jynly» jaýdady.
Ilaman «Arzy doktor ýatandyr, ony oýarmaly bolaryn» diýip oýlanypdy. Emma
beýle bolmady Onuň aýagynyň sesini bu aýal diňläp ýatan bolmaga |emeli. Ol jaýa golaý
baryp, gapyny açmaga ýaýdanyp saklananda öýden ýogyn, gyryk ses çykdy.
– Kim bi gelen. Aý-u, giriber.
Ilaman aljyrady. Ol aňyrdan jemläp gelýän sözlerini, bogdaklan pikirini dargatdy.
– Arza daýza... Sülgün gelnejem diýdi. Neme.
– Näm boldy, beýle? Sülgüne ne döw çaldy seni gijäň içinde süssenekledip ýörer
ýaly...
Bu aýalyň sowal bilen aljyratmasy oglanyň, elini baglan ýaly boldy.
– Sülgün gelnejem... Nursoltan... neme...
Ýene-de bolmady. Oňa hakykata meňzeş bir zady aýtmalydy. Ol bolsa juda-juda
agyr eken. Ilaman dymdy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Ol beýle-beýle zady aýtmaly däldi.
Onuň şeýle boljagyna ynanasam gelenokdy. Ol hyrra yzyna öwrüldi.
Oglanyň aljyraňňylygy köpi gören aýala-da geçdi. Ol bir girdi, bir çykdy. Ahyram
ol oglanyň yzdan gygyrdy.
– Dur-u-uw, köşek. Dur, nirä barýaň. Men häzir.
Ol öýden däri-dermanly torbajygyny alyp, Ilamanyň yzyndan ýetdi. Olar
Sülgünlere barýançalar dymyşyp gitdiler.
Garaňky öýden Sülgüniň eňreýän sesi eşidilýärdi Arzy doktor öýe girip otluçöp
ýakdy. Ilaman öýe girmäge ýürek etmedi. Ol işigiň daş ýüzünde oturdy
Az salymdan ol hasanaklap çykdy. Soň garalyp turan oglana gözi düşenden
buýruk äheňli gürledi.
– Bar, Üzümgüle aýt, gelsin!
Ilamanyň aýagy ädilmedi. Ol sömelip ep-esli durdy oýlandy, ölçerdi. Gitmelidi,
aýtmalydy. Başga alaç ýokdy. Öýden bolsa depäňi düýrükdiriji zaryn agy çykýardy.
Üzümgül mugallym Ilamany köp eglemedi. Ýolda ol ysgynsyzlyk bilen sorady.
– Köşek, aýallaryň sesi bar, näme Myratla daga bir zat boldumyka?
Ilaman sojap gürledi.
– Sülgün gelnejemiň gyzy Nursoltana...
Olaryň ikisindenem ses çykmady. Sülgüniň sesi uzaklardan eşidilýärdi.
– Arkadagym, Myratly, körpe balaňy aldyrdym.
– Adyň ýitsin uruş-eý, adyň ýitsin, meň balamy awlanyň azmydy, bu neresse
çagany, Nursoltany aldyň-la, gül balamy aldyň-la, gyzyl güli soldurdyň, adyň ýitsin –
Bu Arzy dogtaryň sesidi.
Bu zaryn sesler beýle-beýle zatlara kän öwrenişmedik Çynarly obasynyň ýüregini
lerzana getirdi. Ine şol günden soň toplaryň, tüpeňleriň gümmürdisinden müňlerçe
menzil uzakdaky Çynarly obasynda-da hakyky uruş başlanypdy. Ilamanyň göwnüne
bolmasa howadan ýanan däriniň ysy gelip duran ýalydy.
IKINJI BÖLÜM
1.
1942-nji ýylyň ýazy paýawlap barýardy. Frontdan gelýän hatlarda, gazetlerde
biziň goşunymyzyň uly-uly üstünlikler gazanyp, oba üstüne oba, şäher üstüne şäher azat
edýändigi, nemes faşistlerini barha yzyna kowýandygy barada şatlykly habarlar bardy.
Ilamany frontdaky ýeňişler ähli zatdan beter gyzyklandyrýardy. Ol günorta arakesmesi
wagtyndaky gazet okalşygyndan ýekeje günem galanok diýen ýalydy. Onuň göwnüne
uruş şu gün-erte gutaryp, kakasy ýylgyryp geläýjek ýalydy. Ol her gününi, ine şeýle
duýgy bilen geçirýärdi. Emma, adamlar welin, «Uruş entek-entekler gutarmasa gerek»
diýip aýdýardylar.
Çynarly öňküden has beter çolarypdy. Bu günler obanyň çagalaryna çenli meýdan
işine çykýardy. Her kim güýjüniň ýetdiginden işe kömek berýärdi. Onuň üstesine gurçuk
tutmak möwsümem gelip ýetipdi. Enelerem şu ýyl bir gap gurçuk alypdy.
Ilaman Akga brigadyň brigadasyna, meýdan işine gitse-de, oňa tabşyrylan esasy
iş Eneleriň gurçugyna kömek bermekdi. Ol meýdan işinden galmajak bolup heniz il
örmänkä, soňam günortanyň tüp yssysynda hem-de gün ýaşmanka ýapraga gidýärdi. Ol
ilki- ilki ýapragy arkasy bilen daşaýardy. Indi bir arka ýapragyň bir gap gurçuga hiç
zadam bolanokdy. Şonuň üçin-de, ýapragy Meretgülüň aýagy agsak eşegine ýükläp
getirmeli bolýardy.
Bu gün ol has ir turdy. Gapylaryndaky erigiň şahasynda bilbil saýraýardy. Ony
ukudan oýaran şoldy, Ol beýle ahwalaty henize çenli görmändi. «Alahekge gapyňda
jakyrdasa uzak ýerden myhmana garaş!», «Baýguş gygyrsa şumluga!» – diýip, ol kän
eşidipdi. Emma gapyňda bilbil saýrasa näme bolýandygyny welin aňyna getirip bilmedi.
«Ýa-da dädem geläýjekmikä?» Bu süýji duýgy oglanyň göwnüni ersdirdi. Ol süýji
oýlara gark bolup, ýorganynyň içinde esli ýatdy. Bilbil bolsa ýüregiňi, göwnüňi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 06
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.