Latin

Uzak uzak ýyllar - 01

Total number of words is 3724
Total number of unique words is 2180
32.9 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Öwezdurdy Nepesow
Uzak-uzak ýyllar
ROMAN
Aşgabat «Magaryf» – 1986ý.
Uruş adamzadyň başyna nähili agyr günleri saldy. Sowet adamlary ähli kynçylyga
döz gelip, mähriban toprak üçin uruşsalar-da, tylda ägirt uly gahrymançylyk görkezildi.
Ýaş ýazyjy Öwezdurdy Nepesowyň bu romanynda şol uzaga çeken agyr ýyllaryň
gahrymançylygam, agyr hesretlerem örän täsirli, çeper beýan edilýär. Her bir
gahrymanyň ykbaly okyjyny çuň oýlandyrýar.
Roman SSSR-iň döredilmeginiň 60 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen edebi
eserleriň respublikan konkursynda üçünji baýraga mynasyp boldy.
Elektron görnüşine geçiren Erkin Baýmuhammedowiç Çaryýarow
Aşgabat – 2018ý.
ÖWEZDURDY NEPESOW
Türkmenistanyň
halk
ýazyjysy,
filologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy
Nepesow 1947-nji ýylyň 1-nji iýulynda
Magtymguly
(Garrygala)
etrabynyň
Garaganly obasynda
Nepes
hojanyň
maşgalasynda eneden bolýar.
Ol ýaşlykda ýetim galyp kyn güzeran
başyna düşüp, çekene çopany, bagban, sakçy
bolup işlemeli bolýar.
1963-nji ýylda Balkanabat (Nebitdag)
şäherindäki 3-nji gurluşyk uçilişesiniň agaç
ussaçylygy bölümine okuwa girýär we
gapdalyndan şäheriň agşamky işçi ýaşlar
mekdebinde okaýar. Okuwyny gutaranyndan
soň oba gurlyşyklarynda kerpiç örüji
suwagçy, agaç ussasy bolup işleýär. Soň
1966-njy ýylda etrap merkezindäki 1-nji orta
mekdebi tamamlaýar.
Ol ýaşlykdan watanymyzyň gözel
künjegi bolan Sumbar jülgesiniň ajaýyp
tebigatynyň, bu jülgäniň adamlarynyň
mähribanlygyndan ýagşy ganýar. Olara
gatyşyp garyşyp, bulut ýaly gara baglyklarda zähmet çekýär.
1967-nji ýylda häzirki Magymguly adyndaky Türkmen döwlet unwersitetiniň
türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Unwersitet kalby hujuwdan doly ýaş
ýigide ylymyň, bilimiň dürli ugurlary tylla işigini açýar.
Hut ol talyplyk ýyllaryndan şygyrýet, ylym bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar.
Ýoldaşlary ýaş ýigidiň ýazýan goşgularynyň diliniň şirinden duýgurlygny, suratkeşligini,
duýgyny obrazly beýan etmegiň güýçliligini, pelsepe öwüşginlerine baýlygyny
belläpdirler. Emma ol juda az ýazýardy.
Ol 1972-nji ýylda bu ýokary okuw jaýyny tamamlap, «Türkmenistan» neşirýatynda
korrektor, Türkmen döwlet kitap palatasynda bibliograf bolup işleýär. 1973-nji ýylda
«Türkmenistan» gazetinde habarçy bolup işe başlaýar.
Aşgabatda ýaşap belli gazetiň redaksiýasynda uly habarçy, bölüm müdiri bolup
işlemek onuň üçin uly döredijilik mekdebi bolýar. Ol respublikanyň belli ýazyjyşahyrlary bilen duşuşyp, olaryň döredijiligi, özleri bilen ýakyndan tanyşmaga
mümkinçilik alýar. Soňra onuň özem goşgudyr, poemalar döredip, olary merkezi
metbugatda çap etdirip başlaýar.
Öwezdurdy respublikan konkurslara gatnaşyp olarda ýeňiji bolýar.
Şol döwürlerde ol ylym bilen hem meşgulanyp ylymlaryň doktory, professor Öde
Abdyllaýewiň ýolbaşçylygynda «Berdi Kerbabaýewiň döredijiliginde momumentallyk»
diýen temada dissertasiýasynyň üstünde işläp başlaýar.
Ol gazetiň ýeňil bolmadyk hysyrdyly işiniň daşyndan şygyr, publisistika, ylym
bilen meşgullanýar. Şol günleriň birinde bolsa oňuň «Uzak uzak ýyllar» romany
respublikan konkursynda üçünji baýrakly oruna mynasyp bolýar.
Öwezdurdy Nepesow 1984-nji ýylyň başynda «Garagum» žurnalynda («Sowet
edebiýaty») jogapkär kätip bolup işe başlaýar. Bu ýerde 1988-nji ýyla çenli işläp, «Uzak
uzak ýyllar», «Jylawsyz sähra» romanlaryny bu žurnalda çap etdirýär. Onuň «Daş-61»
atly pýessasyny Daşoguzyň Andalyp adyndaky sazly drama teatrynda goýýarlar.
Onuň «Aýdere» poemasy hem respublikan konkurusda baýrak alýar. Ol «Berdi
Kerbabaýewiň döredijiliginde momumentallyk» diýen temada jemagat öňünde
dissertasiýa goraýar. Onuň bu dissertasiýon işi respublikamyzyň ylmy jemgiýetçiliginde
däl, şol wagtky soýuz derejesinde bu ugurdan edilen ilkinji ajaýyp iş hökmündde ykrar
edildi. Onuň şahyrana kyssa bilen ýazylan «Uzak uzak ýyllar» romany özbaşdak kitap
bolup okyjylara gowuşdy. Oňa Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň prawleniýesiniň
«Berdi Kerbabaýew» baýragy berildi.
Ony 1988-nji ýylda Ýazyjylar guramasynyň agzalygyna kabul edýärler.
Şol döwürde ony döwlet işine çekýärler. Emma ol döredijilik bilem
meşgullanmasyny taşlamaýar. Ajaýyp romanlary, hekaýalary, powestleri, poýemalary,
goşgulary döredýär.
1990-njy ýylda ol Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň
guramaçylyk sekretarlygyna saýlanýar. Ol bu ýerde ýazyjy şahyrlar bilen göniden-göni
iş alyp barýar. Ýazyjylar guramasynyň döwür bilen aýakdaş gitmegine ýardam berýär.
Sähelçe wagtdan soň ony Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşiniň ylym-bilim,
medeniýet, sungat işgärleri baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine,
soňra Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň medeniýet we döredijilik işlerini
dolandyrmak bölüminiň müdirligine işe çekilýär.
Ol bu ýerde ýedi ýyllap işläýär. Şol döwürde ol iki kitapdan ybarat «Pyragy»
romanyny, «Zyýarat», «Kyýamat magşara çenli», «Gyrnak» romanlardan ybarat
«Zyýarat» trilogiýasyny, powestlerini, poýemalaryny okyjylara hödürledi.
Ol 1995-nji ýylyň 6-njy iýulynda «Taryhy prozamyzyň poýetikasy» diýen temada
Jemagat öňünde doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Onuň «Türkmen taryhy prozamyzyň
poýetikasy» diýen ylymy monografiýasy ylym dünýäsinde gymmatly täzeçillige eýe
bolan saldamly ylmy iş bolup, ilkinji bolup prozamyzyň ylmy derňewini türkmen
edebiýatyny öwreniş ylymynyň dolanşygyna girizdi.
Oňa 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.
Ol Türkmen döwlet unwersitetiniň edebiýat, žurnalistka kafedrasynda,
Türkmenistanyň Milli billim inistitutynda professor, baş ylmy işgär bolup işledi.
Öwezdurdy Nepesow müňden gowrak goşgy, poemalarynyň onusyny,
powestleriniň on bäşini, hekaýalarynyň ýüze golaýyny, ýigrimä golaý roman ýazdy.
Onuň döredijiliginiň belli bir bölegi okyjylara ýetrildi.
Ol Türkiýe respublikasynyň türki döwletleriniň ýazyjylarynyň arasynda geçrilýän
bäsleşiginde üçünji baýrakly oruna mynasyp boldy.
Öwezdurdy Nepesow häzir hem döredijiligiň otly körüginde arman-ýadaman
zähmet çekýär. Onuň «Magtymguly dünýä akyldarlarynyň almaz täji» diýen
ýygyndysyna Magtymguly Pyragy barada ýazan ylymy-derňew makalasynyň bir bölegi
girizildi.
Ol häzirki wagtda Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň inisitutlarynyň alym
kätip bolup işläýär.
Aýaly Miwe Osmanowna Nepesowa, uly ogly Nepes 1972-nji ýylyň 18-nji
iýunynda doglan (aýaly – Baýramsoltan (Aýgül) – çagalary: Nurgeldi, Enejan, Nurana),
ortanjy ogly Begenç 1974-nji ýylyň 15-nji iýunynda doglan (aýaly – Şemşat – çagalary:
Nazar, Nurmuhammet), körpe ogly Röwşen 1976-njy ýyldyň 2-nji noýabrynda doglan
(aýaly – Aýjemal – çagalary: Nurgözel, Nurjahan, Nurbibi).
Öwezdurdy Nepesow häzir maşgalasy, çagalary bilen bagtly, eşretli durmuşda
ajaýyp durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar.
Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Mir 4/1, jaý 5, otag 119. Telefon belgileri: iş 39-4665, öý 47-15-70.
2016ý.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
PROLOG
Oba aralaşan badymyza burnumyza güýzüň şireli, salkyn şemaly urup gitdi.
Günuzyn awtobusyň üstünde oturyp, aran ýolagçylara birden gozgalaň aralaşdy. Olaryň
ýadaw ýüzüne şatlyk alamatlary çaýyldy. Her kim gygyryp gürleýärdi. Sähelçe zada
şowhun edip gülüşýärdiler.
Menem özbaşyma ýylgyrýardym. Dogrymy diýsem, penjirä garap, ýolagçylardan
çekinip ýylgyrýardym. Nämä ýylgyrýanymy özümem duýamokdym. Diňe gursagmyň
şatlykdan dolup-daşanyny duýýardym. Ýüregim süýjüje tyrsyldaýardy. Kükregim
sergin howanyň ählisini özüne soraýsam diýýärdi...
Duralgada adamlar awtobusdan basa-bas bolşup düşdüler. Ýolagçylary
garşylamaga çykanlaram ep-esli bardy. Men maşyndan düşenimde bolsa olaryň ählisi
alagaraňkylygyň gujagyna siňip, diňe gaty-gaty gürrüňleşýän sesleri eşidilýärdi.
Birsalym duralgada aýak çekdim. Töwerek maňa düýbünden nätanyşdy.
Duşumdan geçýänlerem nätanyşdy. Diňe güýzüň sergin howasy, öleňlerden akyp gelýän
salkyn akym nätanyş däldi. Bu akym meni özüniň lezzetine gark etjek bolýana, näçe
ýyllap küýsäp, näçe ýyllap arzuwlap gezen oglany birden gandyraýjaga çalym edýärdi.
Bu salkyn howadan çagalyk döwrümde mähriban adamlaryň üstünden kükän, meniň
bütin ömrüme doýup bilmedik mähriban ysymy alýardym.
Arkadagym, obam. Gör, men näçe ýyllap ýürek üzüp küýsänimi seniň goýnuňa
basan ilkinji ädimimden tapdym. Eziz obam, eziz obam...
Nirä, kimlere barýan?! Kimim bar bu ýerlerde?! Meniň bu bolgusyz, gamgyn
sowallara jogap beresim gelenok. Obam bar ahyry. Eziz obam. Heý, ýekeje eziz zady
bolanam bir kemsinermi?!
«Ilaman jan, git käbäm. Sen indi tutuş respublika belli adam. Adyň bar abraýyň
bar. Şol obada haýsy öýe baranyňda myhman alynmarsyň. Git, köşek, çekinip ýörme...»
Daýzamyň özelenip ýalbarmasy ýöne ýerden däldi. Demir ýolda işlän otuz bäş
ýylymyň içinde, gör, näçe gezek bu mähriban ýere gaýtmak isläpdim. Emma, iş, çagalar,
aý, garaz wagt tapylmady. Onsoňam, bu ýerde kimim bar?
Ýöne, geçen ýyl Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýip at dakansoňlar welin, oba
ýatlamalary, oba gitmek höwesi meniň ýüregimde ýara bolup dömdi.
Daýzamam meniň şol bir gürrüňlerimden ýadan bora çemeli. Her görende «git,
git» bilen goýmaýardy.
«Illi jan, sen öňki ýetim oglan däl ahyry, sen FZO-nyň okuwçysam däl. Işçi. Öz
ilini, obasyny unudýan adamlar halanýan däldir. Git, tanyşlyk aç, gatnaş. Sen ilki bir
gidip gel, soň menem ýegenleri alyp giderin...»
Wah, daýzajan, daýzajan, ine geldimem-dä, ýeri, indi nirä baraýyn?!
Uly asfalt ýol bilen öňe garşy ýöräp başladym. Öňüm tümüstan garaňkylyk.
Garaňkylygy iki bölüp barýaryn. Ýoluň gyrasynda, baglyga bürenip oturan öýlerden
haýsydyr bir bagşynyň tanyş owazy eşidilýärdi. Klubda kino gidýäne meňzeýär.
Adamlar topar-topar bolup garşymdan çykýarlar. Olar kino barýan bolsalar gerek.
– Salowmaleýkim! – Kimdir biri ýiti-ýiti seredip geçip gitdi. Zordan –
Salowmaleýkim – diýip ýetişdim. Öz-ä birhili tanyş ses ýaly. Tanyş! Gör, eýýäm, ikinji
tanyş! Nähili eziz zat, Eýsem, iň eziz zatlaryňy doglan obaňdan tapman, başga nireden
tapjak ahyry?
Tanyş ses... Kimiň sesikä? Megerem, meniň ýatlamalarymyň, ýürek depderimiň
gatlaryna siňip gidep adamlaryň biriniň sesidir? Belki...
Men howlugýardym. Häzir welin howlukmak gerek däldi. Men bu ýere gyssag iş
bilen gelemok ahyry. Öz obama geldim. Meni ösdüren, ulaldan, höwürtge bolup soňam
uçmaga medet beren obama geldim. Obam – öýüm. Heý, öýüne gelenem howlugarmy?
Ýok, eziz öýüm, men howlugamok.
Asfalt ýol şol gidip otyr. Men onuň gyrasyndaky baýra dyrmaşaryn. Bu ýerde
«Ynkylap» kolhozynyň sklady bardy. Indi onuň üsti boş meýdan bolup dur.
Depäniň üsti hasam salkyndy. Aşakda oba hem sal kynlyga çümüp, gijäniň
owadan lybasyny üstüne büräp otyrdy. Obanyň yşyklary bolsa toý köýnegine düzülen
ýakut monjuklar kimin gyzyl ýaýyrt bolup lowurdaşyp ýatyrdylar.
Günuzynky ýadawlykdanmy, ýa-da obanyň lezzetine melullykdanmy, gaty ýer
maňa ýelek düşekçeden hem mazaly görünýärdi.
Asman neneňsi owadan?! Ýyldyzlar nurly gözlerini balkyldadyp, şeýle bir
ýakyndan garaýardylar, gözüňi gyrpyldadaýmasaň, edil gözüňe düşjege çalym edýärdi.
Hana, biziň ýaşan öýümiz, ol ýedigeniň ýedinji ýyldyzynyň aşajygynda, sekizinji
ýyldyz ýaly bolup oturandyr. Biziň mellegimiz, erik agajy, göwnüme bolmasa olaram
görünip duran ýaly.
Ýok, olar görünmeýärdi, görnende-de indi biziňki däl. Bir wagt, uzak-uzak ýyllar
mundan öň biziňkidi. Indi welin, däl.
Men oba bilen hoşlaşan günümi ýatlajak boldum. Hiç hakydama gelenok. Diňe
bir zady bilýän. Daýzamy Aşgabada işe çagyrypdylar. Olam meni ýeke goýup gitmejek
bolýardy.
– Jan, Illi jan, bileje gideli. Okarsyň, hünärlije bolarsyň. Ondan soň gaýdyber.
Sen hor-homsy bolup ýörme. Gideli, soň häli-şindi habar tutar durarys.
Meniň obany taşlap gidesim gelenokdy. Daýzam welin has ynamly deliller
getirýärdi. Ahyry yryldym.
Yrylmagyma sebäp bolan esasy zadam, dädem janyň indi bu dünýede ýokdugy
baradaky habar bolupdy. Ony dädem bilen bileje söweşen, ony ukrain topragynda öz eli
bilen jaýlan Gurban Çary diýen adam getiripdi. Gurban aga uruş gutaryp, oba gelse meni
tapjagyna, habaryny ýetirjegine söz beren eken. Ol sözünde tapyldy. Ýöne ol habar
meniň iň soňky umydymy elimden alypdy.
Ine şeýle günleriň birinde Goçakly frontdan geldi. Ol ilki onda, munda ýaşady.
Soňam meniň ýanyma geldi. Maňa köp-köp göwünlik berdi. Ýöne başga hiç zat
soramady. Soranda-da men oňa hiç zat aýdyp berip biljek däldim. Ol gaýtjak bolanda
çekinjeňlik bilen sözledi:
– Inim jan, men bir maslahata gelipdim. Makul bilseň aýdaýyn. Diňle, soňam
oýlanyp gör.
Ol kynlyk bilen habaryny aýtdy:
– Men, men Ene gelnejeňi nähili görerdim. Şoňa ýetjek bolup ölümiň içinden,
gabryň gyrasyndan gaýtdym. Heý, beýle edäýmek bolarmy? – Goçakly uludan birki
gaýta dem aldy-da gaty-gaty gepläp başlady.
– Men ony henizem gowy görýän. Näme-de bolsa, meniň şu ýerden gidesim
gelenok... Ol çuňňur oýa batdy. Birsalymdan ýüzüme dikanlady.
– Sen, inim, öýüňiziň ýanyndan jaý salmaga rugsat ber. Senem... menem ýeke,
bileräjik bolarys, birek-birek bilen arkalaşypjyk ýöreris.
Men Goçakla näme diýjegimi bilmedim. Ene ýogalansoň onuň öýüniň derde ýarar
ýaly zadyny Meretgül äkidipdi. Hatda olaryň jaýynyň üstüne goýlan agaçlaram söküp
äkidipdi. Goçaklynyňky düşnüklidi. Harabany dikeltjek bolanyňdan, täzeden jaý
guranyň müň paý amatlydy.
Goçakly meniň jogabyma garaşýardy. Men näme diýeýin? Näme jogap bereýin.
Men saňa düşünýärin, Goçakly aga, seniň niýetiň gowudygynam duýýan.
– Goçakly aga, men okuwa gitjek bolup ýördüm. Bolmasa... bolmasa sen biziň
jaýymyzda boluber...
– Wah, inim, özümi tutýançam beýle döwletli maslahatyň bolsa näsini diýýäň. Ine
okuwyňy tamam edip gel. Şu öýde ikimize-de el ýaly ýer tapylar. Ikimizem hor
bolmarys. Okasyň gelse oka, işläsiň gelse, gel-de işläber...
Şondan soň köp wagt geçmänkä Aşgabada gaýdypdyk. Men demir ýol ugrundan
FZO okuwa girdim.
Ýadyma bir zat düşen ýaly boldy. Ýanky salam berenem Goçakly aganyň sesi
bolaýmasyn.
Günbatardan gelýän akym has sowaýardy. Obanyň yşyklaram seýrekleşipdi.
Meniň welin ýerimden galasym gelmeýärdi. Duýgularym, pikirim şol eziz günleriň
gujagyna atmaga meni taýýarlaýardylar. Men bolsa şo-ol günleri ýatlajagyma hem
begenýärdim hem gynandym.
BIRINJI BÖLÜM
1.
Bu günki jöwza türkmen tomsunyň gelip ýetendiginiň alamatydy. Howlynyň
ortasyndaky erigiň nowçalary hut şu gün göze ilip başlapdy. Erigiň saýasyna özüni atan
torgaýlar bolsa çüňklerini haçja ýaly edişip, ysgynsyz ýaltaklaşýardylar. Serçeleriň jürkjürki ynjyly çykýardy. Ýolda-yzda adam-gara görünmeýärdi. Yssy özüniň ýalyndan
ýaňa titräp duran perdesi bilen obanyň ýollaryny baglan ýalydy.
Diňe Ilaman bu yssyny duýanokdy. Ol inçejik boýnuny süýndürip, kiçijik
penjireden gaýtý-gaýta ýola garaýardy. Gözjagazlaryny balkyldadyp kakasynyň
geläýjek ugurlaryny çyny bilen yzarlaýardy. Kakasy bolsa geler ýerde gelenokdy.
Oglanjyk garaşmakdan ýadady. Ahyry ýeňiljek göwresini keçäniň üstüne goýberdi.
Ilaman oýananda garaňky gatlyşypdy. Kakasy jaýyň öňüne, teläriň aşagyna
ýazylan keçäniň üstünde çaý içip otyrdy. Muny gören oglanjyk diýseň begendi. Ylgap
baryp onuň ýanyna çökdi.
– Däde, haçan geldiň?!
– Häli, oglum.
– Men bolsam, saňa kän-kän garaşdym.
– Iş çykdy, köşejigim.
Oglanjyk kakasyn gysmyljyrady. Kakasy tüňçeden çaý guýup, saçagyň üstünde
duran käsäni çaýkady. Soň oňa keýik aşygy ýaly gowurdak atyp, üstüne çaý guýdy.
Saçakdan ep-esli çörek döwüp aldy.
– Çaýçorba bilen iý, garynjygyňy doýur, ajygansyň. Onsoňam, gowja ýatdyňmy?
Oglan ýylgyrdy.
– Hawa, gowja ýatdym. Däde, bilýäňmi, men düýşümde kimi gördüm?
Ýaşuly ogluna çiňňerilip garady. Ol oglunyň berjek gürrüňi şeýle möhüm ýaly
ykjamlandy.
– Kimi?
Oglan göwnündäkini birbada aýdyp bilmedi. Ol häzir aýtjak zadyna birhili
ynanmaýan ýalydy. Ol eger bu gürrüňi aýtsam «kakam ynjaýmasyn» diýýän ýalydy.
Emma ol kakasyny aldap, ony köp garaşdyryp biljek däldi.
– Ejemi gördüm!
Oglan ýüzüni sallady. Kakasy-da uzaklara dikilen gözlerini ogluna aýlamady.
Ýene oglan başlady.
– Bilýäňmi, däde, näme? Ejem şeýle bir ýakynyma geldi. Saçymy sypalady.
«Mert bol, oglum. Seni gaýgy edýän, dädeňi gaýgy edýän» diýdi. Soň ýene-de kän zat
Diýdi. Ol şeýle bir owadan, şeýle bir owadan. Men ony ýanjagazyndan synladym. Ol
«Dädeňi göresim gelýä-dä» diýdi. Soň bolsa bir ýere gidipdir.
Kakasy ýene-de oglunyň ýüzüne garap bilmedi. Oglanjygyň gussaly ýüzüni oňa
garamasa-da görüp durdy Aýalynyň didaram alyslardan oňa garaýardy. Bularyň bary
onuň ýüreginde bent alan duýgulary gaýnara getirýärdi. Emma oglunyň ýanynda beýdip
oturasy gelmedi. Gürrüňi başga ýana sowasy geldi. Ýöne bolmady.
– Oglum, oglum! Ejeň gowy adamdy. Mähribandy, dünýädäki ähli aýallaryň iň
gowusydy, köşek.
Oglan dikeldi. Ol kakasyna gysmyljyrady.
Aşak tarapdan ýyljajyk şemal öwüsýärdi. Şol şemaldan bozaganyň, ýowşanyň
delje ysy kükäp durdy Emma oglan muny duýmady. Onuň Ähli ünsi kakasyndady.
Kakasy bolsa ogluna ähmiýet bermeýän ýaly uzaklara garap otyrdy. Ol guraksy gürledi.
– Hawa, ol «dädeňi göresim gelýär» diýer. Ol aýal däldi, perişdedi. Haýp onuň
bagty açylmady. Bizem taşlap gitdi... Görgülim.
Oglan üçin kakasynyň aýdýan sözleri ýöne bir gürrüň bolman, ene hakdaky
hüwdüdi. Oglan onuň süýjüliginden meýmireýärdi. Ol mähriban ejesi barada köpräk
eşitmek isleýärdi. Ol pyşyrdady:
– Däde, aý däde, ejem barada gürrüň beräý-dä!
Onuň kakasy ýene-de dymdy. ýöne ol öz içinden ýalňyz oglunyň haýyşyny
kanagatlandyrmaga taýýarlanýardy.Geçen ýyllary ýekän-ýekän ýatlaýardy. Şol ýyllarda
öz aňynda galan suratlary söze geçirmegiň çemini gözleýärdi.
– Kolhoz gurulup başlapdy. Menem Baky baýyň çopançylygyndan çykyp,
kolhoza girdim. Maňa kolhoz diýseň garaňky göründi. Pagta ekmeli diýdiler. Pagta
nirede gören zadym. «Oňarman» diýýän. «Kyn zady ýokdur» diýýärler. Ahyry ýer
sürdük, ýerleri dökünledik. Taýýar ýere tohum gerek.
Tohumy gaty uzakdan, demir ýol assansyýasyndan getirmeli. Ine, şonda maňa-da
iki ýaby goşulan araba berdiler. Heziller edindim.
Assansyýa ikinji gezek gidişimdi. Ýagyş ýagýardy. ýol jork bolup ýatyrdy.
Şonda-da gitdim. Sallahdym. Başga bir güýmenje-de ýok. Sowuk ýagyş şeýle bir
guýýardy welin, edil ýer bilen asman bitişen ýalydy. Araba tohumlyk çigit ýüklediler.
Durdy ýasawuly alaýyn diýip assansyýa bardym. Ol wagtlar ýanymyzda tüpeňli-zatly
ýasawul bordy. Ýogsa, çigidi-beýlekisi bilen ýandyrylyp taşlanan neresseler bolupdy.
Bardym. Ýasawul ýok. Assansyýa adamdan hyryn-dykyn doly. Garaşdym.
Gelmedi. Aý, gaýdaýyn diýip durdym. Ýabylaryň uýanyny silkenimem şoldy. Biri
jynssyz gygyrýar.
– Dur-r!.. Dur, gitme! – Ýasawuldyr öýdüp seredýän. Ýok. Silkme telpekli,
gyrmyzy donuň üstünden hywa don geýnip, bilini çekip guşan dolmaç ýaşuly. Onuň
täzeje çokaýy ýagşa mazaly ezilipdir. Gahardan ýaňa titreýän kellesindäki telpeginiň
buýralaryndan iri-iri damjalar şabyrdap pytrap gidýärdi.
– Eý musurman çagasy, dursana. Dur! Haýsy obadan!
– Akçeşmeden.
– Wah, men nädeýin. Sen maňa gulak as, ýigit. Zamana çöwrüldi, ýogsa... Bizi
Sibire sürüp barýalar. Hawa, zamanamyz tersine çöwrüldi. Bir ýer tersine çöwrülenok,
galany boldy. Ol ýerde näme boljagyny taňrynyň özi bilmese, musurman bendesi bilip
bilenok. Aýal-ebtat bary yzanda-çuwan. Hawa... – Ýaşuly gahardan ýaňa sandyraýardy.
Ol gyp-gyzyl, gahardan püre-pür bolan gözlerini maňa dikdi.
– Hawa, bir gyrnagymyz bar. Şol bir kapyra ýal bolmasyn. Şoňa eýe bol. Kim
bilýä Sibirinde-gabrynda başymyza näme melamat, näme şumluk gopjak.
Ýaşuly gitdi, ep-esli wagtdanam bir maşgalany yzyna tirkäp getirdi. Ol maşgala
ýaglygyny çümreräk atynyp ysgynsyz eňreýärdi.
– Waý, meni taşlamaň. Sadagaň bolaýyn, meni taşlama. Ölsemem siziň bileň
öleýin, arkadagym!
– Kes sesiňi! Min araba! Gara maňlaýyňdan gör. – Ýaşuly hökümli gürledi.
Ol getiren maşgalasyny araba mündürip, yzyna garaman gitdi. Diňe, wagonyň
gapysynda duran ýaragly adamlaryň oňa haýbat atanyny görüp galdym.
Men otly ugraýança garaşyp durdum. Ýaşuly dolanmady. Ýagşyň şabyrdysy bilen
şol maşgalanyň eňremesi diýmeseň, assansyýa gugaryp galypdy.
Ýabylar tanyş ýola düşdüler. Ýagyş şo-ol ýagyp durdy. Arabanyň üstündäki
maşgala bolsa eňräp otyrdy. Men welin oýa batdym... Kimkä ol ýaşuly. Meger bir
baýdyr. Ony ähli maşgalasy bilen sürgün edendirler. Bu hem onuň hyzmatyny edip
ýören ýetim biçäredir. Baý ony aýal edinip, indem göçhä-göçlükde ýük görüp taşlap
gidendir. Ah, zalym baý, ah, garawsyz biçäre gyrnajyk. Hawa, zamana her kimiň päline
görä ömür berer. Zalyma gargar, biçäräni ýalkar. Ine, menem ýalkandym ahyr. Öň
menem gargalypdym.
Öýe daňdanlar geldik. Arabany gapyda saklap, ol maşgalany öýe çagyrdym. Öýde
un bolsa-da, çörek bişirinmäge wagtym bolmandy. Kendirik doly bolsa-da, saçak boşdy.
Şonuň üçinem çaý goýup oturmadym-da içmegimi töre ýazyp, çäkmenimi aýagujuna
goýdum. Soň özüm sklada gitdim.
Çigidi sklada äkidýänçäm, düşürip ýabylary kanuşna tabşyrýançam gün guşluga
galdy. Myhmanymyň bardygy öýe gelemsoň ýadyma düşdi.
Myhman maşgala şol öňki oturan ýerinde otyrdy. Içmek bilen çäkmenem meniň
ýazyşym ýalydy. Ol gozgalmandyr.
Men ömrümde aýal-gyz bilen ugurly gürleşip gören adam däldim. Bu myhman
bilenem näme gürleşjegimi bilemokdym. Şonuň üçinem ony azara goýubam durmadym.
Suw ýylatdym. Kendirigi orta ýazyp, hamyr etdim. Soň odun getirip, öýüň
ortasyndaky ojakda ot ýakdym. Oduň sesi daşardaky ýagşyň sesini basyp bilmese-de,
öýi ýylatdy. Ot ýanyp közi galansoň çörek ýasap ýapdym. Myhmanymyň şol oturyşydy.
Gyzgynjak çörek, gowurma, çaý taýýarladym. Myhman iýer öýtdüm. Ol ýüzünem
açmady. Ol iýmänsoň, meniňem ugrum bolmady.
Men tohum getirmäge assansyýa gitmelidim. Myhmany näme etjegimi bilmedim.
Ýabylary araba goşup gapa getirdim. Saçak ortada durdy. Myhman bolsa gyşarypdyr.
Ol sowukdan ýaňa titräp ýatyrdy.
Üstüne içmegimi, çäkmenimi ýapdym. Näme etmeli? Bu biçäräni kime
tabşyrmaly?! Kimden haraý islemeli?! Näme etjegimi bilmedim. Ýa-da oba şurasyna
baryp baryny aýdyp, bu baýyň gyrnajygyny şolara tabşyrmalymy? Şeýle pikirler bilen
öýe girdim. Öý garaňkyrapdy. Myhman hyklaýardy.
– Aý, dogan, näme bolýar, saňa? – Ýuwaşja soradym. Ol tisginip gitdi.
Çalaja zaryn seslendi.
– Suw. Suw! – Suw alyp berdim. Içdi. Onuň ap-ak näzik ellerini ilkinji gezek
gördüm. Onuň eli titreýärdi.
– Dogan, men seni nirä goýsamkam? Men ýene assansyýa gitmeli.
Myhman ýüzüni açdy. Onuň aý ýaly ýüzüne haýran galdym. Ol gyrnaga däl-de,
ertekilerdäki perizada çalym edýärdi. Birden özüme gelen ýaly boldum. Ol özelenip
ýalbarýardy:
– Agajan, meni getiren ýeriňe elt, men bagtygara kömek et. Käbelerimiň giden
ýoluny bir göreýin. Näme bolsam şolaryň ýolunda bolaýyn...
Men kän oýlanmadym. Arabanyň içine gyşdan galan küdäniň bedesinden
düşedim. Onuň üstüne içmegimi ýazdym. Ol araba kynlyk bilen mündi. Içmegiň
gyrasyn-da arabadan ýapyşyp oturdy. Onuň arkasyna çäkmenimi ýapdym. Ol ýaglygyny
bürenip otyrdy. Ine men indi ony görýärdim.
Ýolda ýagyş diňdi. Käte bölek-bölek bulutlaryň arasyndan aý jyklaýardy. Mem
ömrümde birinji gezek aýyň adamzada meňzeşligini gördüm.
Men indi düýbünden başga hilli pikir edýärdim. Zalym baý «gyrnak» diýip iň
owadan, iň gözel gyza aýdypdyr. Ol gör kimi ýük görüpdir. Gawunyň gowusyny gör
kim iýýän eken...
Assansyýa şeýle çalt geldik. Araba saklandy. Ol maşgala kynlyk bilen düşdi. Soň
yra-dara ýöräp ugrady. Men näme etjegimi bilmedim. Ol yzyna garaman gitdi. Onuň
yzyna düşüp gitmegi uslyp bilmedim. Baza bardym. Çigit aldym. Indi öňki
arkaýynlygym ýokdy. Köp wagtlap ýanymda göteren bir gymmat bahaly zadym galan
ýalydy.
Assansyýa geldim. Märekeden doly. Aýlanyp çykdym. Ýok. Lapym keç boldy.
Gynandym. Gaýdasym gelenok Agtardym. Töwereklere çenli agtardym. Ýok. Aýagym
ädilenok. Nätjek, gaýtmaly. Geldim. Araba mündim. Ýabylaryň uýanyny silkdim. Araba
ugrady.
Birden ýabylar sakga durdy. Uýany silkýän. Ýabylar burunlaryny parryldadyp ýer
depeleýärler.
Gamçyny alaýyn diýip gapdala egildim. Ýöne gözlerime ynanmadym. Gapdalda
myhmanym durdy.
Böküp ýere düşdüm. Araba mündürdim. Ol aglaýardy. Ýöne ýüzi açykdy. Onuň
owadan ap-ak ýüzüne, ullakan gara gözlerine, galam gaşlaryna mähribanlyk şöhlesini
çaýylan ýalydy.
Bu sapar uýany silkmeli bolmadym, ýabylar keýpihonlyk bilen ýöreýärdiler.
Göwün guşum uçdy. Näme hakynda pikir edenimi bilemok. Ýaňaklarym gyzaryp
süňňüme-güýç, ýüregime guwanç dolup-dolup gidýärdi.
Öýe gelenimde garaňky gatlyşypdy. Daş çyrany ýakdym. Çaý goýdum. Saçaga
gowurma, çörek çykardym Myhmanym saçaga elini uzatdy. Başym göge ýetdi.
Begenjimi saklap bilmän ýylgyrýardym...
Ýaşuly oglunyň başyny sypalady. Onuň gözlerine ençeme ýyldan bäri ilkinji
gezek guwanç alamaty çaýyldy.
Şol seniň ejeňdi. Ady Sonady. Sona diýseň Sonady. Hawa ilde-günde onuň ýaly
maşgala ýokdy. Onuň katdy-kamaty, edep-ekramy, gaýratlylygy gör näçe maşgala
degýärdi. Ony hudaý aýratyn yhlas bilen ýasapdyr, oglum.
Oglan kakasynyň sözüni böldi.
– Däde, onsoň näme boldy?
– Onsoň, ogul, öwrenişdik. Ol Kerim diýen uly baýyň uly gyzy eken. Baýy sürgün
edip, malyny-mülküni kolhoza geçirmeli edipdirler. Kerim baý gyzynyň ýat ýerlere
düşmegini islemän, goýup gitmegi ýüregine düwüpdir. Ol «gyrnagym bar, şoňa eýe
boluň» diýip, köp adama aýdypdyr. Emma hiç kim onuň diýenini etmändir. Ahyram,
men gabat gelipdirin.
Ýöne bu wakanyň soňy örän ýaramaz boldy. «Baýyň gyzyna öýlenipdir» diýip,
meni kolhozdan çykardylar. Iş bermediler. Soň nalaç bolup Akçeşmeden gaýtmaly
bolduk. Çynarla gelen ýylymyzam sen bolduň. Adyňy ejeň pahyr goýdy. «Il aman
bolsun – il aman bolsa gidenlerimiz aman geler» diýdi. Mazaly hem ejeň diýeni boldy,
hem ataň ady geldi. Menem bu bolýan işlere iki bolup bilemokdym, emma soňy armanly
eken. Sen dört ýaşanyňda görgüli ikigat boldy. Seni maňa goýubam ýaş üstünden gitdi.
Görgüli.
Ilaman indi kakasynyň gürrüňini diňlemeýärdi. Indi ol öz ejesiniň mähriban
didaryny görüp başlapdy. Gara gözi balkyldap duran, ap-ak owadan ýüzi çalaja
ýylgyrýan mähriban aýal oňa seredip durdy.
Oglanyň gözlerinden gyzgyn zat akýardy. Ol ýaş däldi. Ol ýaşajyk oglanyň päkize
ýüreginde eziz enä bolan mähriň çeşmesinden akýan bulakdy. Şol bulak näçe köp
çogdugyça, enäniň keşbi oňa ýakynlaşýardy. Onuň didary oglanyň garaja göreçlerinde
şonça köp saklanýardy. Ol mähriban keşp şol janlylygy, owadanlygy bilen onuň
ýüregine ýazylýardy.
Kakasy oglunyň kellesini sypalap oturyşyna gyryk seslendi.
– Aglama, oglum. Sen ýigit çykdyň. Aýyp bolar. Başym dik bolsa zada zar etmen.
Ýurt parahatçylygy bolsa bolýar...
Bu gije şeýle täsin gije boldy. Ataly-ogul ýerlerine geçse-de, olaryň gözüne uky
gelmedi. Her kim özü-ne eziz bolan süýji duýgularyň mähir deňzinde gulaçlady, ýüzdi,
gulaçlady, ýüzdi. Ahyr syrdaş mährinden doýa ganmadyk ata bilen ene didaryndan
doýmadyk ogly tomus gijesi özüniň gujagyna gysdy. Gije bir mähriban didara mätäçlik
çekýän bu iki ynsanyň kemis göwnüni özüniň çensiz-çaksyz lezzeti bilen gandyrjaga
meňzeýärdi. Aý bolsa örän golaýjaga gelip, ataly-ogluň üstüne kökenek gerip duran şol
arzyly didara çalym edýän ýalydy. Ol öz ezizleriniň ýanyndan aýrylmagy juda kyn
görýän enä çalym edýärdi. Megerem, ol şu gije bu iki ynsanyň üstüne öz lowurdap duran
tylla saçlaryny ýorgan edip ýapypdy. Ömründe ilkinji gezek bir ýerde gozganman
durupdy. Megerem, bu şeýle-de bolupdy.
Ilaman oýananda kakasy ýerinde ýokdy. Günüň tylla tyglary erigiň gür
ýapraklarynyň arasyndan ötüp, oglanyň endamyna gezelýärdi. Ol ýerinden turdy-da,
suw kädiden tüňçä suw guýdy. Daşarda çaý oturtdy. Ýuwundy. Düşekleri ýygnaşdyrdy.
Şol wagtam kakasy geldi.
– Turduňmy, köşek? Menem mellege aýlanyp gaýtdym. Şu ýyl oglum, hudaý
berse ekin başyna gören ýaly bolar. Biziň Çynarly obamyzyň hemmesiniň ekini gowy.
Şondan soň ataly-ogluň arasynda kän bir gürrüň bolmady. Olar çaý içip bolanlaryndan
soň kakasy işe bakan gitdi. Ilaman bolsa Üzümgül mugallym barada pikirlenip durşuna,
mekdebe gitmäge taýýarlyk görýärdi.
2.
Kerwen aga öýden çykyp, kolhozyň kontoryna bakan ugrady. Ol bu gün arpasyny
ormak üçin rugsat almakçydy. Soň gyrkyma-beýlekä gitmeli bolsa el degjek däldi.
Şonuň üçinem brigadiri görmekçidi. Ol ýolda Goçaklynyň yzyndan ýetdi.
– Inim, armaweri, senem sygyr alypsyň, döwletli mal bolsun.
Goçakly keýpiköklük bilen ýylgyrdy.
– Taňry ýalkasyn, Kerwen aga. Ahyr biziňem gapymyzda dört aýakly ýerlejek
eken.
– Weý, aýdýanyň näme? Nesip etse şu gidişine gitsek, süri-süri mallam bolarys.
Garybyň güni gelendir, inim.
Goçakly beýgelen ýaly boldy. Ol jübüsinden Enäniň täzelikde keşdelän temmäki
haltajygyny çykaryp, çilim ýasamaga başlady.
Goňşularyň kontoryň agzyndaky märekä gözi düşdi.
– Be, kanturyň agzyna adam üýşüpdir-le? – diýip, Goçakly dillendi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 02
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.