Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 08

Total number of words is 3924
Total number of unique words is 1846
30.6 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
meşhur bolupdyr, pars, özbek halky Garadäligökleňiň sazyny eşidipdir.
Aýdym-dessandan soňra Garadäligökleňe saz çaldyrypdyrlar. Onuň sazy
ýürege ornar eken, gamgyn göwni şat, şat göwni gamgyn eder eken.
Garadäligökleň saz döredipdir, öý-il içinde çalynýan sazlary gaýtadan işläpdir. Garaz, ömrüni aýdym-saza bagyş edipdir.
Ol bir gün gijäniň bir wagtyna çenli toýda saz çalypdyr. Emma
adamlar onuň çalýan sazyndan ganyp bilmän, oňa tä daň atýança saz
çaldyrypdyrlar. Toýuň bir gapdalynda erkekler, beýleki gapdalynda aýallar ýaý berip otyr eken. Garadäligökleň daň agarandan soň:
− Adamlar, gulagyň garny ýok, siňegiň erni ýok − diýipdir.
− Wagtam bir çene barypdyr. Indi bes edäýsek nähili bolarka?
Aýallaryň arasynda oturan bir gelin:
− Bagşy aga, eliňe gül bitsin! Göwnümiziň posuny artdyň. Sag bol.
Dutaryňy gaba salmankaň bize heniz il eşitmedik bir saz çalyp ber − diýip
haýyş edipdir.
Garadäligökleň bir saz döredip ýör eken. Şol wagt tasa gelen saz
onuň gulagynda ýaňlanypdyr. Sazanda eline dutary alyp, ýaňlanýan şol
sazy çalyp başlapdyr. Sazanda dutaryň sesini barha gataldyp, elinde
baryny saza siňdiripdir. Täze saz oturanlara ýarapdyr. Ýaňky gelin:
− Bagşy aga, sazyňy ýene bir gezek çalsana − diýip haýyş edipdir.
Garadäligökleň bu gezek sazy öňküdenem süýji edip çalypdyr. Gelin:
− Bagşy aga, çalan sazyň ady näme? − diýip sorapdyr.
Onda Garadäligökleň:
− Gelin, siziň adyňyz näme? − diýip sorapdyr.
− Söýli.
− Goý, şu saz «Söýli halan» bolsun. Men bu sazy taslap ýördüm. Şu
gün dolulygy bilen gulagymda ýaňlandy. Ony size çalyp berdim. Söýlä
ýaran bolsa, saz ady bilen dünýä indi.
Şeýlelikde, Garadäligökleňiň döreden bu sazy «Söýli halan» bolup,
il arasyna ýaýrapdyr. «Ynsandyr saz öz ady bilen geler» diýenleri hak
bolupdyr.
111
Türkmen halk döredijiligi
ŞORTA SÖZLER
EPENDI HAKDAKY ŞORTA SÖZLER
Berilmejegine
düşünäýsene
Bir gün kimdir biri Ependiden ýüp sorapdyr. Ependi öýüne giripçykyp:
− Ýüp-ä boş däl ekeni, aýallar onuň üstünde un seripdirler
– diýipdir.
Dilegçi:
− Hi, ýüpüň üstünde-de un serilermi? Seniň bu diýýäniň dünýäde
hiç bolan däldir – diýipdir. Ependi oňa:
− A-haw, dogan, ýüpüň üstünde un serilmejegi saňa-da mälim,
maňa-da, şeýle diýilmeginden ýüpüň berilmejegine düşünäýsene
– diýipdir.
Çep aýagym täretsiz galdy
Bir gün Ependi täret kylyp otyrka, onuň bir aýagyna suw ýetmändir.
Soňra gaz ýaly bir aýagyny göterip, ýeke aýagynyň üstünde namaza durupdyr.
− Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň? – diýip soranlarynda, ol:
− Çep aýagym täretsiz galdy – diýip jogap beripdir.
Bu boşasa, ondan hem beter gaçar
Bir gün Ependiniň gölesi boşapdyr. Ependi bolsa beýleki bagly duran
göläni urmaga başlapdyr.
− Gaçany goýup, muny näme urýarsyň? – diýenlerinde, ol:
− Bu boşasa, ondanam beter gaçar – diýipdir.
Sen ýarymyna pagta ekdiň,
ýarymyna-da men galla ekjek
Bir gün Ependi çala öwrenje dellege saçyny syrdyrypdyr. Dellek her
päki ýöredende onuň kellesini kesip, pagta ýelmeýärmiş. Ahyry Ependi
çydaman, turup gitmekçi bolupdyr. Dellek:
112
Halky kyssalar. Şorta sözler
− Ependi, heniz kelläň ýarysy syrylanok – diýipdir. Onda:
− Sen ýarymyna pagta ekdiň, indi besdir, galan ýarymyna-da men
galla ekjek – diýip, Ependi jogap beripdir.
ALDARKÖSE HAKDAKY
ŞORTA SÖZLER
Aldarköse we kazy
Aldarköse bir ýerde otyrka, bir adam onuň ýanyna gelip, ondanmundan gürrüň eden bolupdyr. Bularyň gürrüňi gaty uzaga çekmän, ol
adam gaharlanyp ugrapdyr. Köse onuň gahary gelip- gelmänini hiç bir
alada edip durmandyr weli, ol adam birdenkä Aldarkösäniň ýüzüne bir
şapbat urupdyr. Aldarköse gaýtargy bermegiň ugruny tapman, ol adamy
kaza äkidipdir.
Ol adam kazynyň tanşy eken. Şonuň üçin kazy Aldarköseden şaýat
sorapdyr. Onda ol uran adam:
− Men ony uramok, urmadygyma şaýat tapaýyn − diýipdir.
Kazy bolsa ol adamy şaýat getirmäge iberipdir. Ol çykyp öz işine
gidipdir. Aldarköse bolsa agşama çenli garaşypdyr, emma, ol adam gelmändir. Aldarköse kazynyň hilesine düşünip, ýakynragyna baryp:
− Kazy aga, men-ä howlugýaryn, hakymy senden aljak-da gitjek,
senem ol adam gelende alaý − diýip, şapbady bilen kazynyň dulugyna
bir çekipdir-de ugraberipdir.
Kazynyň başy aýlanyp, gözi garaňkyrap, Kösäniň gidenini hem
bilmän galypdyr.
Kim köp aýdym bilýär
Bir gezek Aldarköse bilen şeýtan bir ýere ugrapdyr. Ýolda her
hili gürrüňler edip, ahyrynda her haýsy bir aýdym aýtmaly bolupdyr.
«Her kim aýdym aýtsa, beýlekini münüp aýtmaly, aýdymy gutaransoň
düşmeli» diýşipdirler. Aldarköse şeýtana:
− Sen ilki aýt! − diýipdir.
Şeýtan Kösäni münüp, aýdyma başlapdyr. Şeýtan bir gysgajyk
aýdyma başlan ekeni, ol tiz gutarypdyr-da, Kösäniň üstünden düşüpdir.
Soňra Aldarkösä gezek ýetipdir. Aldarköse şeýtanyň üstüne münüp,
mazalyja ornaşyp oturypdyr-da, elindäki egrije taýagyny dutar edinip:
**8. Sargyt № 3166
113
Türkmen halk döredijiligi
«Tene-tene, tene-tene» diýip, yzyny üzmän gaýtalapdyr. Şeýtan ýadap,
degnasyna degensoň:
− Bu nähili aýdym, ýaman uzak ekeni – diýip sorapdyr. Onda Köse
aýdymyň arasyny kesmän:
− Soň aýdaryn – diýip, taýagy bilen ümläpdir.
MYRALY HAKDAKY
ŞORTA SÖZLER
Biz adam dälmi?
Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege höküm edip bilmändir. Ol Myrala ýüzlenip:
− Heý, siňegiň ýok ýeri barmyka? − diýip sorapdyr.
Myraly oňa:
− Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! − diýipdir.
Soltansöýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip
oýlanypdyr-da:
− Atlan! − diýipdir.
Olar bir çöl beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyz edip gelipdirde, Soltansöýüniň ýüzüne gonupdyr.
Soltansöýün Myrala garap:
− Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu, näme, siňek dälmi? − diýipdir.
Myraly oňa:
− Biziň ikimiz, näme, adam dälmi? − diýip jogap beripdir.
Gysga ýorgan
Soltansöýün öz wezirleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň
hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany kellesine büräp, injigini
açyp ýatypdyr. Wezirlerine:
− Şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň! − diýip buýrupdyr.
Wezirleri her näçe oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini
tapmandyrlar.
Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan:
− Myraly, sen ýokmusyň? − diýip gygyrypdyr. Myraly oňa:
− Soltansöýün, gaharyň gelmese, ýetireýin − diýipdir.
114
Halky kyssalar. Şorta sözler
Soltansöýüniň ýorganyň aşagyndan sesi çykypdyr:
− Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler.
Myraly ýanyndaky ýatan gamçyny alypdyr-da, Soltanyň ýalaňaç injiklerine mäkäm çalypdyr. Soltanyň aýaklary şol bada ýorgana çolanypdyr.
Soltan ýerinden galyp:
− Näme üçin urduň? − diýip soranda, Myraly oňa:
− Buýrugyňa amal edip, ýorganyňy aýagyňa ýetirdim. Aslynda sen
näme üçin ýorganyňa görä aýak uzatmadyň? − diýip jogap beripdir.
KEMINE HAKDAKY
ŞORTA SÖZLER
Size bolýar-da, bize bolmaýarmy?
Kemine Mara gelýär eken, ýolda bir daýhan melleginde hem hiňlenip,
hem çil galdyryp ýören eken. Kemine durupdyr-da diň salyp başlapdyr.
Daýhanyň öz düzen aýdymyny ýoýup aýdanyny eşidip, içmegini serpipdirde, çiliň ol ujundan bozup ugrapdyr. Muny gören daýhan gaty sesi bilen
gygyryp başlapdyr:
− A-how, edýäniň näme, çekilen çili bozubermek bormy?!
Onda Kemine:
− Siz biziň gazalymyzy bozsaňyz bolýar-da, biz siziň çiliňizi bozanymyzda bolmaýarmyşmy? − diýipdir
Bu bir oýundyr-da
Kemine küşt hem oýnar ekeni. Ol bir gezek küşt oýnunda
garşydaşyna birentek malyny aldyrypdyr.
Ýaňky garşydaşy oýun arasynda bir iş bilen daş çykanda bolsa, olary
ýene-de ýerli-ýerinde goýuşdyrypdyr.
Garşydaşy gelip küşt tagtasyna sereden badyna utup alan mallarynyň
ýene ýerinde durandygyny görýär.
Ol nägilelik bildirip, Keminä:
− Munyňyz bolmaýar. Aldyran mallaryňyzy gaýtadan ýerinde
goýuşdyrypsyňyz − diýýär. Kemine äwmezlik bilen:
− Bu bir oýundyr-da. Näme çyndyr öýdýäňmi? Şoňa-da gaharyň
gelýärmi? − diýen.
115
Türkmen halk döredijiligi
JAPBAKLAR HAKDAKY
ŞORTA SÖZLER
Öküziň kellesi huma gaçypdyr
Japbaklaryň bir garry öküzleri bar eken. Japbaklar bir-birine igenişip,
öküzlerine idili ot-suw bermez eken. Bir gün öküz suwsap, gapdalyndaky
suwly huma kellesini sokup, suwuny içipdir. Ondan soň öküz kellesini
humdan çykarjak bolanda, kellesi humdan çykmandyr.
Öküz humy kellesine göterip, howlynyň içinde molap, iki ýana çapypdyr. Japbaklar muny görüp ylgap öküzi tutup:
− Indi bu öküziň kellesini nädip humdan çykarmak bolarka? – diýip
maslahatlaşýarlar. Onda Japbaklaryň biri:
− Humy döwüp, öküziň kellesini çykarmaly – diýipdir.
Onda beýleki Japbak:
− Ýok, humy döwjek bolup, öküzi haram öldüris, öňürti öküziň
kellesini kesip, ondan soň humy döwüp, öküziň kellesini çykarmaly
– diýipdir.
Japbaklaryň hemmesi munuň sözüne: «Dogry-da dogry» diýşip,
öňürti öküziň kellesini kesipdirler, ondan soň humy döwüp, öküziň kellesini çykarypdyrlar.
Dört bolsaň pag-da
Japbaklar dört dogan bolup bir gün degirmene un çykarmaga
barypdyrlar. Degirmeniň kilwany:
− Eý, Japbaklar, bu gün size nobat ýetmez, erte geliň – diýip
aýdypdyr.
Japbaklaryň birisi:
− Biziň nobatymyz şu gündür – diýip, kilwany tutýar, beýlekisi hem
dolyny boşadýar, galan ikisi hem bugdaýlaryny degirmene guýup, un
çykaryp gaýdýarlar.
Olar gaýdyp gelýärkäler, ýolda öňlerinden degirmene barýan bir
adam çykyp:
− Ýeri, Japbaklar, degirmende nobat köpmi? – diýip sorapdyr. Japbaklar hem:
− Nobatyň köpüni-azyny bilmeris, emma özüň dört bolsaň pag-da
– diýipdir.
116
Halky kyssalar. Şorta sözler
Geliň, süýräp çykaralyň
Bir gün Japbaklaryň ekinine bir mal giripdir. Japbaklaryň birisi:
− Geliň, bu maly ekinimiziň içinden itip çykaralyň – diýipdir. Onda
beýlekisi:
− Eger itip çykarsak, aýagymyzy basyp ganadar. Geliň, muny kowup
çykaralyň – diýipdir. Ýene biri:
− Muny kowup çykarsak, ekinimizi basgylap harap eder, muny göterip
çykarmak gerek – diýipdir.
Onda ululary:
− Eý, akmaklar, göterip çykarsaň, bir-biriňize çolaşyp, ýykylyp
ölersiňiz, ony süýräp çykarmak gerek – diýipdir.
117
Türkmen halk döredijiligi
ŞADESSANLAR
OGUZNAMA
«Oguznamanyň» Aşgabat şäherinde
saklanýan nusgasy
(bölekler)
Oguzyň älem etraplaryna ilçiler iberip,
jahany eýelemek dawasyny etmegi
Oguz we uruglarynyň arasyndaky garşylyklar ylalaşyga we ýaraşyga
öwrüldi. Onsoň Hindistana ilçiler iberip, ondan paç we mal isledi. Hindi
ilaty we begzadalary kesgin, gödek jogaplar berdiler. Ilçiler gaýdyp gelip, Hindi ilatynyň boýun towlaýandyklaryny Oguza beýan etdiler. Oguz
hindileriň kasdyna atlanyp, ýola ugrady. Basyp alyş başlangyjyny gündogar
tarapyndan başlap, Adudaş welaýatyna ýetdi. Niçe gün ol ýerde bolup,
ondan Ykaryýa bardy. Ol uly we berk galanyň we gämi ötüp bilmeýän bir
derýanyň arasynda ýerleşýän bir dagdy. Oguz buýrugyna görä, sallar ýasap,
onuň bilen derýadan ötdüler. Bir hile bilen Ykaryýany tutdular. Hindiň
gündogar tarapynda bir uly welaýat bardy. Patyşasyna Usyçy ogul Nugman
han diýýärdiler. Ol Oguz ahwalyndan ägä bolup, oňa boýun we tabyn boldy.
Oguz onuň diýaryndan gaýdandan soňra, ol garşylyk görkezip, topalaň etdi.
Oguz ony eşidip, gaýdyp gelip, ony tutdy we heläk etdi. Ondan ötdi. Haýsy
welaýata ýetse, golastyna alyp, eýeläp geçýärdi. Bu hasap bilen tamam Çyn
we Maçyn we Tengas diýaryny tutup, basyp aldy. Ol ýerlerden köp mal
we baýlyklar bilen öz welaýaty Türküstana dolanyp, Erdag we Aladagda
düşledi. Almalyk sebitinde Turkuýly dag we Boraganly dag atly iki sany
başy belent dag bardy. «Boragan» we «Turkun» bu daglarda bitýän iki sany
otuň adydyr. Oguz ol ýere ýetip, ol ýerde on dört gün saklandy.
Ol sebitleriň patyşasy bolan Ynal han Oguzyň garşysyna leşger ýygyp
geldi. Söweş edip, iki tarapdan köp kişi wepat boldy. Ahyry sekizinji gün
118
Şadessanlar. Oguznama
gazaply söweş edip, Ynal hany tutup, öldürdi. Onuň hem mülküni eýeläp,
birnäçe wagt ol ýerde boldy. Soňra öz ýer-ýurduna dolandy.
Atlary semränden soň, demirgazyk ýurtlary basyp almaga ýöriş etdiler. Ýolda emirler bilen geňeş edip, ilki Amyderýadan ötüp, soň barça
welaýatlara ilçi ibermekligi, eger tabyn bolup, paç töleseler, degmezligi,
bolmasa-da, söweş bilen basyp almagy karar etdiler.
Ilki bilen, Garjystan sebitine ilçi iberdi. Gur şasy ilçilere köp yzzat
we hormat edip, tabynlyk kemerini biline baglady we Oguzyň hyzmatyna
taýyn boldy. Ony görüp, tamam Gur we Garjystan welaýaty, Gazna, Zabul
(häzir-ki Sistan) we Kabul etraplary il we tabyn bolup, paç bermekligi kabul
etdiler. Ondan soň demirgazygy basyp almak üçin ýöriş etdiler. Ilki berk
we beýik gala bolan Malugura ýetdiler. Onuň häkimine Pyraşyt (Kyraşyt)
Ýagy diýýärdiler. Ol Oguz bilen söweş etdi. Oguz üstün çykyp, ol sebitleri
eýeledi. Şol wagtda Oguz mähriban we rehimli bolany üçin uly we garry
kişiler oňa «Oguz aga» diýýärdiler.
Ol Kerk we Başgyrt tarapyna sapar etmek kararyna geldi. Şonda müň
öýli Oguzyň gaşynda jemlendi. Olaryň arasynda garrylyk sebäpli, güýçden
gaçan we urşa gidip bilmedik uly ýaşly garry kişiler hem bardy. Olar öz
ahwallaryny Oguza beýan etdiler. Oguz diýdi:
− Barçaňyz munda, ýagny Almalyk sebitinde ýerleşen Akgaýada
mesgen tutuň!
Olaryň arasynda köpi gören, akylly we paýhasly bir garry kişi bardy.
Onuň adyna Buýşy hoja Garasülük ogly diýýärdiler. Atasy ogluna diýdi:
− Siz bilmeýän ýoluňyza barýarsyňyz. Araňyzda bolsa, başyňyza bir
müşgil iş düşende, ony çözüp biljek bir dana garry kişi hem ýok. Meni öz
ýanyňyzda saklaň. Bir gün derdiňize ýarar men.
Ogly diýdi:
− Eý, ata, Oguzyň aýdan sözüniň tersine niçik gideýin.
Ahyry ony bir sandyga salyp, düýä ýükläp, özi bilen alyp gitdi. Kerk
we Başgyrda ýetdiler. Olar bir zalym we mekir kowumdylar. Hergiz ulumsylyk we tekepbirlikden hiç bir patyşa baş egmeýärdiler. Patyşalarynyň
ady Pyraşytdy. Ony tutdular. Kerk we Başgyrt il bolup, paç tölemegi kabul
etdiler. Ondan ötüp barýarkalar, bir sähra ýetdiler. Ol ýerde bir damja hem
suw tapylmaýardy. Garasülük ol suwsuzlyk haly atasyna aýtdy. Buýşy hoja
diýdi:
− Birnäçe sygry bir-birine baglap, köp ýüwürdip, soňra ugruna
goýberiň. Sygyrlar nirede durup, aýaklaryny ýere ursalar, şol ýeri gazyň.
Ondan suw çykar.
119
Türkmen halk döredijiligi
Garasülük şeýle edip, suw çykardy. Barça halaýyk şat boldular. Oguz
ol işi görüp, oňa köp sowgatlar berip, ony il ýurtçysy etdi.
Oguz «Biz jahany eýelemek üçin, älem etraplaryna barýarys. Ýer we
ýurdumyz onda eýesiz galdy. Eger duşmanlar gelip, öýlerimizi talasalar,
gürrüňsiz, betnam we betbagt bolarys. Nesýe umydynda nagty goldan
bersek bolmaz» diýip oýlandy. Oguz ol sebäpden ýurduna dolandy we ol
ýerde köp ymaratlar bina etdi. Wagtyny aýşy-eşret we näzi-nygmatlar bilen
geçirýärdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
Oguzyň Gyl Barak kowumy
bilen uruş etmegi
Gyl Barak garaňkylyk sebitinde ýerleşýän bir welaýatdy. Är kişileri
garaýüz we betgelşikdi. Hatynlary päkize we hupsuratdylar. Oguz olaryň
ýakynyna ýetdi. Soňra «Köp ýurtlar we ýerler bize il we tabyn bolup, paç
bermekligi kabul etdiler. Siz hem salgyt bermekligi kabul ediň. Bolmasa-da,
söweşe taýýar boluň!» diýip, dokuz kişini ilçilige iberdi.
Olar ilçilere diýdiler:
− Eger siz dokuz kişi bolup, biziň iki kişimize garşy söweş edip
bilseňiz, biz paç bermekligi kabul edip, size tabyn bolaly. Bolmasa, öz
ugruňyza gidiň.
Ilçiler ol jedele ar edip we boýun towlap diýdiler:
− Biziň iki kişimiz siziň iki kişiňiz bilen söweş etsin.
Olaryň adaty şeýledi. Iki howzy ak ýelim we gara ýelim suwy bilen
doldurýardylar. Söweş wagtynda ilki ak ýelimli suwa girip-çykyp, guma
agynap, soň gara ýelimli suwa girip-çykyp, ýene guma agynaýardylar.
Onsoň olara hiç ýarag zeper ýetirmezdi. Ahyry ol iki ilçi heläk bolup, ýedi
kişi gaýdyp gelip, ýagdaýy Oguza beýan etdiler. Oguz derrew atlanyp,
olaryň üstüne baryp, söweş etdi. Duşmanlar üstün gelip, Oguz leşgerinden
köp halaýygy öldürdiler. Galanlary bolsa pytradylar. Oguz söweş bilen
olara bäs gelip bilmejekdigini gördi. Şol sebäpli yzyna gaýtdy. Bir derýa
ýetdi. Ondan sal bilen ötüp, tamam gaçanlar ol ýerde jemlener ýaly, iki suw
arasynda mekan tutdy. Tötänden Oguzyň goşunyndan bir kişi baraklylaryň
içine gaçyp, hatynlar arasynda gizlenipdi. Hatynlar ony görüp, jemalyna
haýran bolup, geň galyp, ony It Baragyň hatynynyň gaşyna eltdiler. Hatyny
onuň bilen jynsy gatnaşyk etmäge meýillendi. Şol sebäpden gaýybana Ogu-
120
Şadessanlar. Oguznama
za aşyk bolup, ony ilçi edip, «Eger bu jemagata üstün çykmak hyýalyň
bar bolsa, demirden tikenler ýasap, her kişi ýanlaryna bir owuç alsynlar.
Uruş çagy olary ýere sepsinler. Öz atlarynyň aýaklaryna bolsa, demir
tikenden zeper ýetmez ýaly, ýapyk nal ursunlar. Duşmanyňyzyň ýelim
degmedik ýeri bolan ýüzüne, ok ýagdyryň!» diýip, Oguza garşy ugratdy.
Oguz bu haly eşidip, şady-horram boldy. Oguz on ýedi ýyllap ol ýerde bolup, hupsurat kişilerini olaryň hatynlarynyň ýanyna iberdi. Olar hatynlar
bilen aýşy-eşret edişip, mätäçliklerini diläp alyp, leşger taýýarlygyny
edýärdiler. Ol müddetde çagalar kämillik hetdine ýetip, Oguzyň ol ýerde
dört ogly doguldy.
Oguz leşgerinde bir hatyn göwrelidi. Äri uruşda wepat bolupdy. Dogurjak wagty gelip ýetdi. Ol töwerekde bir köwek agaç bardy. Hatyn ol
agajyň arasyna baryp, dogurdy. Ogluny Oguzyň alnyna getirdiler. Oguz
ýagdaýlary bilip, oňa «Gypjak» at goýdy. Ol at gybukdan gelip çykandyr.
Türkmen dili bilen ortasy çüýrän agaja «gybuk» diýýärler. Barça gypjak
kowumlary onuň neslindendirler.
Oguz ol çäre bilen Gyl Baragy tutup, iki ýyl ol welaýatda mekan tutdy.
Barça halaýygy öz golastyna girizip, olara engamlar etdi. Ol welaýatyň aladalaryndan dynyp, ol sebitiň golaýynda bolan zulmat welaýatyna ýöriş etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
Oguzyň zulmata baranynyň we ol ýeriň
ýagdaýlarynyň beýany
Oguz garaňkylyga, ýagny zulmata ýetdi. Garaňkylyk sebäbinden oňa
girmek örän kyndy. Geňeşdarlary we akyldarlary hernäçe geňeş etseler-de,
peýda bermeýärdi. Garasülük atasynyň gaşyna baryp, ol müşgil işi oňa arz
etdi. Atasy Buýşy hoja diýdi:
− Kürrelerini we taýçanaklaryny ýagtylykda baglap, dört sany taýçanakly gysraga we dokuz sany kürreli eşege münüp, zulmata girsinler.
Maksadyňyz we matlabyňyz hasyl bolandan soň, yza dolanan wagtyňyzda
ol gysraklar we eşekler öz kürreleri üçin ýoluny ýalňyşman çykarlar.
Garasülük bu ýagdaýy Oguza beýan etdi. Bu pikir oňa makul görnüp,
onuň tälimi bilen zulmata girdi. Üç gün ýol ýöredi. Birden sag tarapyndan
«Her kim bu zulmatdan bir zat alsalaram puşman ederler, almasalaram
puşman ederler» diýen ses eşitdiler. Käbir kişiler hiç zat almadylar. Käbirleri bolsa azrak zat aldylar. Ol zulmatdan çykdylar. Görseler, alan zatlary
121
Türkmen halk döredijiligi
tamam gymmat bahaly göwherler eken. Ol eden işlerinden zat alanlar we
almadyklar tamam puşman etdiler. Buýşy hoja öz ogly Garasülüge diýdi:
− Leşgerimiz bu ýerden yza gaýtjak bolup durlar. Bu habar il we
ýaga ýetendir. Maslahat şudur. Bu ýerden ýüz kişini salamatlyk we ýeňiş
habarymyzy öý-ilimize eltmek üçin ibereliň. Goý, il we uruglarymyzyň
barçasy şady-horram bolup, duşmanlarymyz gam-gussa batsynlar. Bu habarymyz has-da berk bolar ýaly elimize düşen barça hazynalary ol ýere
ibereli.
Garasülük bu sözi Oguza aýtdy. Bu oňa makul görnüp, Garasülüge
köp sowgatlar edip, öz hususy haladyny hem oňa berdi. Ýüz arabaly kişini
bu işe belläp, barça genji-hazynalary olar bilen iberdi.
Ol döwürde ýarlyg we nyşan ýerine ok-ýaý bilen altyn peýkam ulanylýardy. Oguz iki altyn oky öz ýaýy bilen ýarlyg nyşanasy üçin olara berdi.
Ýolda, nirä ýetseler, olara azyk we bede berip, mynasyp hyzmatlar we
hormatlar edýärdiler. Oguz olary iberenden soň ol ýerde ýedi günläp mekan
tutdy. Soňra göç edip, Derbendi Şudut tarapa rowana boldy. Ol Derbendiň
ilaty we ýaşaýjylary garakçydylar. Olar leşgerleriň atlaryny tamam ogurladylar. Oguz Garasülügi ýanyna çagyryp diýdi:
− Biziň bu düşen ýerimiz örän dar we erbet ýer eken. Bu ýeriň ogrusy
hem köp eken. Bularyň çäresini neneňsi taparys?
Garasülük ol işiň alajyny atasyndan sorady. Ol diýdi:
− Abadan bolan Derbendiň dört ýanyndan çozup, talap, haraplyk
etmek gerek.
Garasülük bu sözi Oguza diýdi. Oguz onuň diýen işini berjaý edip,
welaýatlary dört ýanyndan haraplap, gyrgynçylyga we talaňçylyga başlady.
Ýazdan tomusa çenli onda mekan tutup, ol işi ýerine ýetirýärdiler. Derbent halaýygy ol haly görüp, ejiz we perişan bolup, bir-biri bilen jemlenşip,
maslahat etdiler. Dokuz at peşgeş bilen Oguzyň hyzmatyna gelip, boýun
we tabyn boldular. Oguz olary görüp, diýdi:
− Neçün biziň bu ýere gelenimiz bäri niçe wagtlap bize tabyn bolman,
boýun towladyňyz?
Olar jogap berdiler:
− Aramyzda köp diwana we akyl kişiler bardyr. Bu wagta çenli
diwanalaryň sözüni amal edipdik. Erbet iş edendigimizi bildik. Indi akylly
kişiler bize nesihat berenlerinden soň, tabynlyk we bendelik kemerini bilimize baglap, hyzmatyňyza geldik.
Oguz diýdi:
122
Şadessanlar. Oguznama
− Siz öz günäleriňizi bildiňiz. Men hem siziň günäleriňizi ötüp,
barçaňyzy bagyşladym. Emma iki sany at ogurlap äkitdiňiz. Ol ata meniň
meýlim köpdi. Eger ol atlary tapyp getirmeseňiz, biriňizi hem diri goýmaz
men.
Olar äkiden atlaryny tamam getirdiler. Emma aralarynda ol iki at
ýokdy. Oguzyň meýli ol iki atdady. Ýene olara köp syýasatlar etdi. Olar
bir aý möhlet diläp, welaýatlara kişiler iberdiler. Ol atlary tapyp, Oguzyň
hyzmatyna getirdiler. Ol hoşal bolup, olara köp enaýat we mähribanlyklar
etdi. Raýaty goramak we hasyl toplamak üçin emeldarlar belläp, olara hoş
sözler we göwünlikler berdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
123
Türkmen halk döredijiligi
«Oguznamanyň» Gazan şäherinde
saklanýan nusgasy
(bölekler)
Oguz hanyň ýurduna gelip,
toý tutanynyň beýany
«Ogullarym, halkym bilen esen we aman baryp geldim» diýip, uly
toý ýaragyn tutup, bir çadyr ýasatdyrdy. Barça agaçlaryň başyna altyn gaplady. Lagl we ýakut, zümerret we pöwrize bilen bezedi. Bu beýti ol öýüň
waspynda aýdypdyrlar.
Beýt:
Bir öý dikdi altyndan ol şähriýar,
Kim ol öý pelek öýünden etdi är.
Dokuz müň goýun, dokuz müň ýylky öldürtdi. Bulgardan togsan dokuz howuz ýasadyp, dokuzyny meýden we togsanyny gymyzdan doldurtdy.
Barça nökerlerini çagyryp getirdi. Ol alty ogluna köp nesihatlar aýdyp we
beglerine öwredip, ýurtlar, şäherler, iller we sowgatlar berdi. Bu beýtleri
onuň waspynda aýdypdyrlar.
Beýt:
Oguz etdi ol toýda çergamyşy,
Bu alty ogulny söýurgamyşy.
Bular görsetip erdi merdanalyk,
Ata birle dürli ferzanalyk (akyllylyk, danalyk).
Ataga bes etdiler ýarlyk,
Uruş günde barçaýy barlyk.
Ondan soň barça nökerleriniň eden hyzmatlaryna laýyk şäherler, sebitler, kentler, sowgatlar berdi. Soň uly ogullaryna aýtdy:
− Siz üç ulyňyz altyn ýaý tapyp getirdiňiz. Üçüňiz ony döwüp
paýlaşyň. Siziň adyňyz Bozuk bolsun. Sizden bolan oglanlara ta kyýamata
çenli Bozuk diýsinler. Üç ok getiren üç kiçi ogluma we ondan bolanlara
bu günden ta dünýa ahyr bolýança Üçok diýsinler. Ýaý we оку tapyp
124
Şadessanlar. Oguznama
getirdiňiz. Ol kişiden bolmady, Taňrydan boldy. Bizden çykyp giden halklar
ýaýy patyşa ornunda bilsinler, оку ilçi ýerinde bilsinler. Sebabi ýaý оку
haýsy tarapa tartyp iberse, ok oňa barar. Men ölenimden soň, Gün hanlyk
tagtynda otursyn. Ondan soň bozuk neslinden her kim mynasyp bolsa, halk
ony patyşa saýlasyn. Dünýa ahyr bolýança, bozugyň bir ýagşysy patyşa
bolsun. Özgeleri sagynda otursynlar. Üçoklar çep tarapda bolsunlar. Öýüň
çep tarapynda otursynlar we dünýa ahyr bolýança nökerlige razy bolsunlar.
Elgaraz, Oguz hanyň ömri ýüz on alty ýyla ýetenden soň, oglanlaryny
ýygnap, birnäçe nesihatlar berip, aýtdy:
— Men munça ýyl hanlyk edip, hökümeti dolandyrdym. Menden
soň siz hem ulularyňyza yzzat we hormat ediň. Kiçileriňize ýaranlyk ediň.
Her geňeşde we maslahatda ylalaşykly boluň. Şonda mülk size baky galar.
Egerde kiçiler ululara duşmançylyk dawasyny etse, pitne-bozgaklyk bolup,
mülk çagşar.
Şu hili sözler bilen Oguz han uly-kiçä nesihat etdi. Gün han atasyndan
rugsat alyp, ýurt tagtynda oturdy.
Uýgur diýen taýpadan Oguz hanyň Yrgyl Hoja diýen bir weziri bardy.
Ol wezir Oguz han hyzmatyna arz etdi:
– Mübarek hat bilen bir gözükdiriji ýazyp, bu eýýamdan soň menmenlik dawasy bolmaz ýaly, her kimi öz ýerinde, öz ýurdunda we öz
ülüşinde belläp goýuň.
Oguz han bu manyda gözükdiriji ýazdyryp, möhür etdi: «Gün han,
Aý han, Ýyldyz han we olaryň öwlatlary ahyr güne çenli han we häkimlik
etsinler. Olaryň oglanlary bulara we bularyň galalarynda serdar, esgerler we
nöker bolup hyzmat etsinler». Soň her biriniň ülüşini anyklady.
Yrgyl Hoja ol gözükdirijini öz ýanynda saklady.
Oguz han ýüz on alty ýyl ömür görenden soň, o dünýä gitdi. Gün han
ýurt tagtynda karar tapdy.
Oguz hanyň ogullary Gün hanyň,
Aý hanyň, Ýyldyz hanyň beýany
Gün han ýurt tagtynda oturandan soň, Yrgyl Hoja diýen atasynyň
wezirini çagyryp köp mähribanlyk edip onuň geňeşi we maslahaty bilen
birnäçe Oguz handan ýadygär galan mirasy oglanlara tagzym etdi. Gün han
örän batyr we adyl kişidi. Gün handan dört ogul boldy: Gaýa han, Baýat,
Ala öýli, Gara öýli. Gün han birnäçe ýyl hökümeti dolandyrandan soň, ýurt
125
Türkmen halk döredijiligi
hökümeti Aý hana karar tapdy. Aý handan dört ogul boldy: Ýazyr, Ýafyr,
Dodurga, Baýatly. Birnäçe ýyl geçenden soň, ýurt tagty Ýyldyz hana karar
tapdy. Ýyldyz han öran batyr we leşgerkeşdi. Oguz han wagtynda boýun
bolan ýurtlar we şäherler Ýyldyz hana tabyn bolup, dogry ýoldan çykmadylar. Birnäçe ýyl hökümeti dolandyrandan soň, ýurt tagty Gün hanyň ogly
Gaýa handa karar tapdy. Gaýa han bir näçe ýyl häkim boldy. Ondan soň
onuň neslinden han bolanlaryň birnäçe kişileri barada hekaýalarda beýan
edilendir. Inşalla olaryň jikme-jik beýany öz wagtynda beýan bolar.
Ondan soň Ýyldyz hanyň uly ogly Owşar hana ýurt tagty karar tapdy.
Ondan soň Owşar hanyň neslinden nesilme-nesil hanlyk we patyşalyk
etmek tamam boldy. Owşardan soň olaryň barsyna hanlyk miýesser bolmady. Ýyldyz handan dört ogul boldy: Owşar han, Kazyl, Garkyn, Begdili.
Oguzyň Gök, Dag, Deňiz atly ogullarynyň nesillerinden bu zamanda han
bolanlary ýok. Тä ahyrzamana çenli hanlyk we ýolbaşçylyk bu öwlada
miýesser bolmaz.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
Beýan
Oguzyň ogly Gökden dört ogul boldy: Baýyndyr, Bejene, Jebni,
Çowdur. Oguzyň ogly Dagdan dört ogul boldy: Salyr, Eýmir, Alaýontly,
Ürker. Oguzyň ogly Deňizden dört ogul boldy: Igdir, Bükdiz, Uwa, Gynyk.
Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han ogullarynyň
gyrnak aýallaryndan bolan Oguzyň agtyklarynyň birnäçesi Eýranda we
başga ýerlerde mesgen tutdular. Ol agtyklary ýigrimi dört sanydyr: Küte,
Teritli, Tereýli, Soltanly, Okly, Kökli, Suçly, Horasanly, Ýurtçy, Çamçy,
Torumçy, Kumy, Surh, Kozhak, Suwarçyk, Garaja, Kazgurt, Gyrgyz, Tekan, Lala, Murdaşoý, Saýyr, Karçom, Perçi. Ol ýigrimi dört oglan her ýere
ýaýrap, oýmak taýpasy olaryň neslinden emele gelendir. «Oýmak» sözüniň
manysy urug bolar. Birnäçe nusgada gyrgyz we galmyk bu ýigrimi dört
oglan neslinden, diýip agzalypdyr. Ondan soň oýmak urugy köp taýpalara
bölünip, her bir taýpa bu zamanda bir ada eýe boldy.
Elgaraz, Gün han ýurt tagtynda karar tapandan soň, Oguz handan
galan gyzyl öýi dikip, ol öý içinde halaýyga toý berip, Oguz hanyň agtyklaryny ol öýe çagyrdy. Oguz hanyň wesýetlerine laýyklykda her biriniň
orunlaryny we ülüşlerini takyklap, belliklerini we tagmalaryny belli etdi.
Gyrnaklardan bolan ol ýigrimi dört Oguz hanyň agtyklarynyň on ikisi ol
toýda at tutdy. On ikisi işikde durup hyzmat etdi. On iki agtyklary gyzyl
126
Şadessanlar. Oguznama
öýde, Gün hanyň ýanynda öz takyklanan ýerlerinde oturdylar. Ol wagta
gaňly, garlyk, halaç, hargun, hytaý we naýman oguz ili bilen ýoldaşlyk edip,
ar we namysda ýaranlyk ederdiler.
Hargun sözüniň manysy şeýledir: Oguz hanyň döwründe bir kişi
leşgerden haryp (ýadap) maşgalasy bilen yzda galypdy. Oguz han menzile
barandan soň, ol kişi leşgere ýetişip arz-ahwalyny beýan etdi. Oguz han
oňa hargun (ýadan) lakamyny berdi. Ol söz köp ulanylyp mogolçadan häzir
argun sözüne öwrüldi. Argun ili Oguz han ili türkmendir. Hytaý sözüniň
manysy şeýledir: haçanda Oguz han Hytaý ýurduna leşger çekip baryp,
Hytaý ýurduny basyp alyp, Müsür welaýatyna ýöriş jylawyny ýüz öwrende,
ol leşgerden bir kişi Hytaý welaýatynda galypdy. Birnäçe ýyldan soň ol kişi
Oguz hanyň ýanyna gelip öz ahwalyny beýan edende, Oguz han oňa hytaý
lakamyny berdi. Hytaý taýpasy oguz ilindendir. Gün hanyň ol toýda gyzyl
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 09
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.