Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 16

Total number of words is 3908
Total number of unique words is 1678
29.2 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
habar berdiler. Şawelet gazaba çykyp köşge geldi. Şol halatda Ezberhoja
hem gelip ýetişdi. Şawelet gylyjyny syryp, Garyba topuldy. Ezberhoja
onuň üstüne toprak seçiberdi. Oturan jemagat Garybyň öldürilmegine
garşy çykyp, galmagal etdi, Garybyň hak aşykdygyny aýtdy. Mundan soň
Şawelet boýnuny burup galdy.
Biraz salymdan soň, Garyp bilen Şasenem huşlaryna geldiler.
Ondan soň bu wakanyň üstüne Şaapbas geldi.
− Eý, Garyp, ýedi aýdan bäri toý berdim, sen meniň bu toýumy ýasa
dönderdiň! Bu işi etmäge meniň gazabymdan gorkmadyňmy? − diýip
gazaplandy. Onda jemagat ýerli-ýerden:
− Eý, şa! Şawelet Şasenemi Garyba bagyş etdi − diýdi. Şol halatda
Şasenem atasyna ýalbaryp, bir gazal aýtdy.
Ata jan, döwletiň bolsun zyýada,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni!
Garyp jany hökm eýlemeň jellada,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni!
Jan atam, eşidiň meniň sözümi,
Halk içinde gara kylmaň sözümi,
Özüňe gurban et men keniziňi,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Gamda galan ösüp giden ýel meniň,
Bakjalarda biten täze gül meniň,
249
Türkmen halk döredijiligi
Kyýamat güni ýaka seniň, el meniň,
Goýberiň Garyby, öldürüň meni.
Atam jan, özüňi salmagyl oda,
Hijran ýakyp külüm sowurma oda,
Dawagär bolup, men ýöwmül-jezada,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Şasenem Welede baryr oýlama,
Garyp ölse, meni galyr oýlama,
Atam, şu gün ahyrzaman eýleme,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Soň Garyp Şaapbasa ýüzlenip, bir gazal aýtdy:
Şum rakyplar bizi ýaman boldurdy,
Ölmegimden başga kär maňa neýlär?
Begler men geçmişem külli barymdan,
Indi namys bilen ar maňa neýlär?
Nemek deýin her gazanda gaýnadym,
Düşüp yşkyň derýasyny boýladym,
Şamar kibi genç üstünde oýnadym,
Özüm owsunjyýam, mar maňa neýlär?
Algyr bagy bardyr şanyň golunda,
Ürküp-ürküp gonar soly-sagynda,
Mansur kibi «Anal-hakyň» ýolunda,
Asylsam zülpüňden dar maňa neýlär?
Goç ýigidiň bolmaz zerre armany,
Muhannesiň bolmaz ähti peýmany,
Bilbiliň destinde gülüň dermany,
Gülşende, ýatmyşam har maňa neýlär?
Gijeler gan aglap, gündiz galmyşam,
Içip yşkyň şerabyna ganmyşam,
250
Dessanlar. Şasenem – Garyp
Garyp aýdar, yşk oduna ýanmyşam,
Syratda, dowzahda mar maňa neýlär?
Elkyssa, ondan soň Şaapbas nalaç galdy. Şasenemi Garyba nika kylyp
berdiler. Ýedi gije-gündiz gaýtadan toý-tomaşa başlandy.
Garyp bilen Şasenem köşgüň üstüne çykyp, köňülleri aram tapdy,
aýşy-aşrata meşgul boldular.
Bir zamandan soň, Ezberhoja köşgüň işigini kakyp:
− Eý, Şasenem! Siz myradyňyza ýetdiňiz, indi Akjany maňa beriň −
diýip, bir gazal aýtdy:
Şasenem jan, eşit arzy-halymy,
Her kime özüniň ýary gerekdir.
Maňa bagş eýlegil Akja ýarymy,
Her kimiň özüniň ýary gerekdir.
Kyýamatlyk saňa men aga idim,
«Ýarym getir, ýaryň bereýin» diýdiň,
Hudanyň hakyny ortaga goýduň,
Her kimiň özüniň ýary gerekdir.
Garyp jana habaryňy ýetirdim,
Renji-mähnet çekip, ýaryň getirdim,
Ezber aýdar, hyzmatyňy bitirdim,
Her kimiň özüne ýary gerekdir.
Elkyssa, Şasenem üç gije-gündiz toý-tomaşa edip, Akjany Ezberhoja
berdi. Olar hem myrat-maksatlaryna ýetdiler.
251
Türkmen halk döredijiligi
SAÝATLY HEMRA
(Bölekler)
Hemra toý wagtynda Garapudak söwdagärden Mämmet han
patyşanyň gyzy Saýat han hakynda eşidýär. Hemra dost-ýarlarynyň,
aýaly Selbiniýazyň töwallasyna gulak asman, Saýadyň ýanyna gidermen
bolýar. Ahyry Selbiniýazy Hemra rugsat berýär. Onuň bilen atasy Aşyk
Ahmet hem gidýär.
Birnäçe menzil ýol geçenden soň, olaryň öňünden bir çarbag çykýar.
Gyzylalma şäherindäki bu bagyň suw geçýän ýerinden Aşyk Ahmet bagyň
içine girýär. Görse, ajap bir ýagşy bag eken, güller açylyp, bilbiller saýrap,
gumrular dem tartyp, tawuslar silkinip, totular kah-kah urup, miweler
dökülip, şahalar elwan urup, bulaklar her tarapa akyp barýar. Aşyk Ahmet
daragtlary kakyp, almalary iýmäge başlady. Doýandan soň almalarynyň
ýarsyny iýip, ýarsyny taşlady. Käwagt eline taýak alyp, daragtlary urup
ýapraklary düşürip, silkip pudaklary syndyrdy.
Indi sözi Mämmet han patyşanyň gyzy Saýat handan eşideliň. Çäşge
wagty Saýat han baga tomaşa edip ýördi. Ol görse, bir goja kişi alma
agaçlaryny ýykyp-ýumrup, miwesini iýip ýör. Saýat han kenizlerine:
«Mysapyr adamdyr, doýup, çykyp gitsin» diýdi. Aşyk Ahmet iýip doýandan soňra, almalaryň ýarsyny iýip, ýarsyny taşlamaga başlady, daragtlary
silkip syndyryberdi, goluna bir taýak alyp, urup ýapraklaryny düşüriberdi.
Saýat han ony görüp, iki kenizini iberdi: «Baryň görüň bir ogry bagy harap
kyldy, kowup iberiň» diýdi. Ondan soň kenizler gelip:
− Baba, bu bag patyşalyk bagdyr, tizräk çykyp gitgin, eger bagban
görse, heläk kylar − diýdiler. Aşyk Ahmet:
− Kimiň bagydyr? − diýdi. Kenizler:
− Saýat hanyň bagydyr − diýdiler. Onda Aşyk Ahmet:
− Bu öz bagym eken − diýip, ýene agaçlary urup başlady.
Keniz gelip Aşyk Ahmediň golundan tutup uruberdi. Onda Aşyk Ahmet: «Eý, köşeklerim, sag goluma urmaň, sagymda sazym bar, synmasyn»
diýdi. Onda kenizler: «Garry baba sazanda eken. Sazanda kişi bolsa urmaýly. Saýat hana aýdaly» diýip, baryp Saýat hana aýtdylar.
− Eý, Saýat han, baba sazanda eken.
Onda Saýat han:
− Andag bolsa, alyp geliň! − diýdi. Kenizler baryp, Aşyk Ahmediň
golundan tutup, Saýat hanyň ýanyna alyp geldiler.
252
Dessanlar. Saýatly Hemra
Babanyň gözi kyrk gez ýokarda köşkde oturan Saýat hana düşdi. Aý
diýse, agzy bar, Gün diýse gözi bar. Misli mahytap mysaly, galam gaşly,
hünji dişli, gara saçly, agy ak, gyzyly gyzyl, hal-hal, menek-menek, dakynan tylla merjenleri ýüzüne dökülip, görküne görk goşýar. Elinde tylladan
bilezik, her bilezikde bäş ýüzük. Keten köýnek egninde, ýüpek ýaglyk
başynda, tylla heýkel döşünde. Endamyna sepen atyrynyň ysy baryp, Aşyk
Ahmediň burnuna dykyldy.
Aşyk Ahmet salam berip durdy. Saýat han aleýk alyp:
− Eý, baba, kaýdan gelip, kaýda barar sen? − diýdi. Onda Aşyk Ahmet
Saýat hanyň jemalyny görüp, yşk söwdasy başyna düşüp, öz göwnünden:
«Hemra bolsa ýaşdyr, oňa Selbiniýaz hem bolar» diýip, oňa aşyk boldy.
Saýat han hem Aşyk Ahmediň özüne göwnüniň gidenini bilip, sowal sorap,
bir söz diýdi. Aşyk Ahmet hem jogap berdi.
Saýat han:
Goja kişi, günähiňe kaýyl sen,
Neçün tirdiň almalary bagymda?!
Gözelleriň jemalyna maýyl sen,
Neçün tirdiň almalary bagymda?!
Aşyk Ahmet:
Peri-peýker, ulug günä kylmyşam,
Tirmişem bir niçe alma bagyňda.
Günäkärem, günähimi bilmişem,
Tirmişem bir niçe alma bagyňda.
Saýat han:
Muhabbet ýolundan güzer etmediň,
Bakyp öz-özüňe nazar etmediň,
Meniň gazabymdan heder etmediň,
Neçün tirdiň almalary bagymda?!
Aşyk Ahmet:
Seniň ady-owazaňa gelmişem,
Herne diýeniňi kabul kylmyşam,
253
Türkmen halk döredijiligi
Bir guluň men, hyzmatyňda bolmuşam,
Gahar edip ganyma galma bagyňda.
Saýat han:
Bagbanlarym gol uzatmaz bagyma,
Binalar salmyşam soly-sagyma,
Birugsat girip sen meniň bagyma,
Neçün tirdiň almalary bagymda?!
Aşyk Ahmet:
Bakyşyň meňzetdim algyr laçyna,
Her halyň bermenem Çyny-Maçyna,
Myradym bar − girsem goýnuň içine,
Bu garyp janymy alma bagyňda.
Saýat han:
Saýat han diýr, gyzlar şahy-hubandyr,
Gülüp oýnaşmaga şirin zybandyr,
Urar men, söger men, höküm rowandyr,
Neçün tirdiň almalary bagymda?!
Aşyk Ahmet:
Aşyk Ahmet diýr, nädir günähim?
Ýazygym geçirgeý, kadyr ylahym,
Iltimas eýlerem, periler şahym,
Perwana dek oda salma bagyňda!
Elgaraz, bular sözlerini tamam etdiler. Saýat han: «Eý, kenizler, bu
goja kişi: «Myradym bar − girsem goýnuň içine» diýýär» diýdi. «Meni
özüne laýyk görüp, maňa aşyk bolupdyr» diýip, Saýat hanyň gahary gelip:
«Muňa kyrk taýak uruň!» diýdi.
Kenizler kyrk taýak taýýar kyldylar. Emma Saýat hanyň Banu keniz
diýen bir akylly kenizi bardy. Ol:
− Eý, Saýat han, kyrk taýak ursak, bu baba tike-tike bolup gider.
Onuň goluna sazyny beriň. Ýene saz çalsyn, sazyna gulak salaly. Bu gezek manysyna ýagşy pähim ederis, eger manysy bolmasa, uraly − diýdi.
Aşyk Ahmet Saýat hanyň gaharynyň gelenini bilip, bir gazal aýtdy.
254
Dessanlar. Saýatly Hemra
Nägehandan gelip bagban bolmuşam,
Gözlerim sataşdy ýar almasyna.
Günäkärem, günähimi bilmişem,
Gerden uzatmyşam nar almasyna.
Bagbanyň mesgeni bar ýagşy gerek,
Ýar göwün almaga ýar ýagşy gerek,
Pygan bagrym ýaşy, ýar ýagşy gerek,
Ýar göwnün ýykypdyr ýar almasyna.
Men söwmüşem perileriň birisin,
Biri − lamdyr, biri − jimdir, biri − sin,
Biri − awdyr, biri − awçy, biri - sin,
Biri aw ganlydyr ýar almasyna.
Geldi gara bulut bir ýagyn eýlär,
Tutdy gök ýüzüni bir ýagyn eýlär,
Müşgil hal bolanda, bir ýagy eýlär,
Saýat han myrady ýar almasyna.
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Onda Saýat han:
− Eý, baba, ýoldaşyň barmy? − diýdi.
Onda Aşyk Ahmet:
− Meniň bir oglum bar, adyna Aşyk Hemra diýerler, saňa aşyk bolup
geldi − diýdi. Onda Saýat han:
− Eý, baba, bu sözi ozaldan aýtsaň bolmadymy? Munça gazap
gördüň. Onuň ýaly bolsa ogluňy alyp gel! − diýdi.
Onda Aşyk Ahmet:
− Eý, gurbanyň bolaýyn, Saýat han, meniň mert oglum bardyr. Biziň
ýurtda ata çakylygyna ogul gelmez. Onda hem seniň sözüň synmasyn
− diýip, Hemrany çagyryp, bir gazal aýtdy:
Gel, balam, seni istäýin,
Islegiň bagdadyr-bagda.
Herne bela men dözeýin,
Saýat han bagdadyr-bagda.
255
Türkmen halk döredijiligi
Mahy-minewwerdir ýüzi,
Şekerden şirindir sözi,
Mämmet han patyşanyň gyzy,
Saýat han bagdadyr-bagda.
Meniň akyl-huşym alan,
Başyma köp söwda salan,
Gaýyn ata taýak çalan,
Batyr gyz bagdadyr-bagda.
Synasy daglaryň gary,
Mämesi Gürjüstan nary,
Kyrk sany gyzyň serdary,
Bal Saýat bagdadyr-bagda.
Söhbeti bar sazlar bilen,
Ördegi bar gazlar bilen,
On üç, on dört gyzlar bilen,
Saýat han bagdadyr-bagda.
Ýar bagyna girer bolsaň,
Gyzyl gülün tirer bolsaň,
Saýat hany görer bolsaň,
Bal Saýat bagdadyr-bagda.
Gel, Ahmet, uýgun Allaga,
Ýüzüň dönder kyblagäge,
Diýdiler: «Gelsin Hemraga»,
Saýat han bagdadyr-bagda.
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam edip, bir sagat durdy. Emma
Hemra gelmedi.
Saýat han Jahan, Gülperi diýen iki kenizini «Baryň, getiriň!» diýip
iberdi. Kenizler baryp görseler, Hemra bir eziz oglan eken. Aý diýseň
agzy bar, Gün diýseň gözi bar, suw içse alkymyndan, käşir iýse bykynyndan görünýär. Kellesinde altyn jyga, bilinde zerrin kemer, aýagynda
sagry ädik. Bu lybas Hemranyň görküne görk goşýar. Kenizleriň yşgy
256
Dessanlar. Saýatly Hemra
düşüp, huşy başyndan gidip, ýykylyp ýatyberdiler. Hemra bulary görüp,
tomaşa edip oturyberdi. Kenizler bir sagatdan soň, huşlaryna geldiler.
Gülperi Hemra aşyk bolup, bir gazal aýtdy:
Sadagaň bolaýyn, gül ýüzli ýarym,
Gel, ikimiz zowky-sapa süreli.
Saňa pida bolsun bu şirin janym,
Gel, ikimiz zowky-sapa süreli.
Bu baglaryň almasy bar, nary bar,
Injiri bar, engury bar, bary bar,
Ak ýüzümiň nokat kimin haly bar,
Gel, ikimiz zowky-sapa süreli.
Bu baglaryň alma, nary bişipdir,
Injir, şetdalysy hetden aşypdyr,
Gyzyl gül üstüne şebnem düşüpdir,
Gel, ikimiz zowky-sapa süreli.
Gülperi diýr, saňa gurban bolaýyn,
Gol uzadyp, ýar, boýnuňa salaýyn,
Ak synam üstünden ýoluň bereýin,
Gel, ikimiz zowky-sapa süreli.
Elgaraz, Gülperi sözüni tamam etdi. Hemra:
− Eý, kenizler, men siz üçin gelemok, Saýat han üçin geldim − diýdi.
Kenizler hem:
− Eýle bolsa, bizi taryp edip, bir gazal aýt! − diýdiler. Hemra kenizleri taryp edip, bir gazal aýtdy:
Agalar, bir gözel gördüm,
Saçy aýagyna düşmüş.
Dakynypdyr heýkel, tumar,
Her dem gujagyna düşmüş.
Gollary çykmaz hynadan,
Parh edip bolmaz sonadan,
**17. Sargyt № 3166
257
Türkmen halk döredijiligi
Aýrylyp ata-eneden,
Jennetiň bagyna düşmüş.
Bu baglaryň gül-lälesi,
Çöl-deşteleriň gandalasy,
Perhadyň ahy-nalasy,
Şiriniň dagyna düşmüş.
Geldi ýene seýil çagy,
Pyýalany doldur, sagy,
Iki zülpüň bolup ýagy,
Her dem ýaňagyna düşmüş.
Ol perini gören çagda,
Läleler açylar bagda,
Uzyn boýly, giň gujakda,
Höwesim agyna düşmüş.
Ýalňyz başym galdy derde,
Akyl-huş galmady serde,
Myhman bolman özge ýerde,
Ýaryň otagyna düşmüş.
Göwün her dem gaýnap joşmaz,
Yşkyň oduna tutaşmaz,
Hemra özge ýere düşmez,
Ýaryň gujagyna düşmüş.
Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Kenizler Hemrany golundan tutup, Saýat hanyň ýanyna alyp bardylar. Hemra Saýat hany görüp, iki elini
gowşuryp salam berdi. Kyrk gez köşgüň üstünde oturan Saýat ýüzündäki
dokuz gabat perdäni serpip, Hemranyň salamyny aleýk alyp, onuň gara
gözüne, güler ýüzüne, şirin sözüne, galam gaşyna, hünji dişine gözi
düşüp, huşy başyndan uçdy. Hemra hem tylla tagtyň üstünde oturan şa
sypatly Saýadyň ýüzüniň köşge röwşen berip duranyny görüp, biygtyýar
beýhuş boldy. Kenizler huş gülünden getirip, Saýat bilen Hemra ysgatdylar. Ikisi hem huşuna geldiler. Saýat han:
258
Dessanlar. Saýatly Hemra
− Eý, baba, ogluň hiç bir aýby ýok, emma bir aýby bar − diýdi.
Aşyk Ahmet:
− Eý, Saýat han, sözüňi bilip aýt, meniň oglumyň päkizelikden
başga aýby ýokdur − diýdi. Onda Saýat han:
− Ýigidiň saz-söhbetden habary bolmasa, köp aýypdyr − diýdi.
Onda Aşyk Ahmet:
− Eý, Saýat han, meniň oglumyň bileni sazdyr, eşideni sözdür
− diýdi. Onda Saýat han:
− Hemra saz beriň! – diýdi.
Kenizler saz getirip berdiler. Hemra bir pasyl saz çaldy. Onuň sazy
Saýat hana hoş ýakdy. Saýat han:
− Eý, oglan, berekella sazyňa seniň, sözüňi hem eşideliň! − diýdi.
Hemra Saýat hana nazar kyldy. Görse, dokuz gat lybasyň üstünde
Saýat hanyň mämeleri mälim bolup dur. Hemra muny görüp, sazyny
biygtyýar eline alyp, bir gazal aýtdy:
Gidende − zemistan, gelende − bahar,
Sowsanly, sünbülli ak mämeleriň.
Ýüzüň görgeç gitdi akyl-hyýalym,
Düşermi gollara sag mämeleriň?
Garşydan rakyplar ne diýrler bize,
Aşyk-magşugynyň jebrine döze,
Säheriň çagynda görüner göze,
Goýupdyr synama, dag mämeleriň.
Gyzlaryň elinde altyn pyýala,
Däli göwnüm görüp, gitdi hyýala,
Ýuka köýnek geýip çyksaň şemala,
Ýöräňde titreşer ak mämeleriň.
Kadyr möwlam göz üstüne gaş bermiş,
Laglydan, merjenden, dürden diş bermiş,
Ak göwsüňde ýumarlanyp baş bermiş,
Gülende titreşer çag mämeleriň.
259
Türkmen halk döredijiligi
Gyzyl güli desselemiş ýaryna,
Her kim arzuw çeker öz didaryna,
Boýy meňzär Gürjüstanyň naryna,
Beýazlykdan, gardan ak mämeleriň.
Ýüzüňi meňzetdim Aý bilen Güne,
Bir tersa gyzydyr hiç gelmez dine,
Aşyk Hemra aglap, bakar ýüzüne,
Bal bilen ýugrulan ýag mämeleriň.
Hemra sözüni tamam etdi. Saýat hanyň gahary gelip:
− Bu köpek ogly «tersa gyzy» diýýär. Atasy oglundan beter, ogly
atasyndan. Eý, Banu keniz, bulary daragtdan asyp, tä ölinçä uruň! − diýdi.
Kenizler goja kişini ogly bilen agaçdan asyp urup başladylar. Hemra Saýat
handan aman diläp, bir söz diýdi:
Gurbanyň bolaýyn seniň,
Saýat hanym, aman-aman!
Köp intizar etme meni,
Bal Saýadym, aman-aman!
Akyl-huşym gitdi serden,
Jyda düşdi bal-y-perden,
Seniň üçin Yrak ýerden,
Men gelmişem, aman-aman!
Gahar etme, söwer ýarym,
Bag içinde alma-narym,
Saňa diýrem ahy-zarym,
Han Saýadym, aman-aman!
Hemra diýer, ýandym oda,
Gollarynda gülgün bada,
Arz eýlerem perizada,
Bal Saýadym, aman-aman!
Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Saýat han:
260
Dessanlar. Saýatly Hemra
− Hemra biziň elimizden aman diledi. Munda alyp geliň
− diýdi. Kenizler Aşyk Ahmedi goýup, Hemrany Saýat hanyň aldyna alyp
geldiler. Hemra atasynyň asylyp durşuny görüp, ony halas etmegi Saýat
handan diläp, zar-zar aglap, söz diýdi:
Bir arzym bar gözelleriň hanyna,
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?!
Asly göwher kän gelipdir şanyna,
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?!
Ozal başda han tagtyna han çykar,
Aglap gözden ýaş ornuna gan çykar,
Näzli ýara arz edinçä jan çykar,
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?!
Men neýläýin, jyda düşdüm gülümden,
Aýralygy beter bildim ölümden,
Gorkym köpdür − hata çykar dilimden,
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?!
Garyp bilbil gona bilmez gülşene,
Ýardan bize habar geldi − nyşana,
Bir sözüm aýdabilmen üýşene,
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen?!
Hemra diýer, içim derde dolupdyr,
Bilbil kibi işim pygan bolupdyr,
Näzlim, senden bir dilegim galypdyr,
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen!
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Saýat han görse, Hemranyň
atasy heniz hem asylyp dur. Ol: «Eý, biynsap kenizler, goja kişini tizden
düşürip, hüjrä eltiň!» diýdi.
Kenizler Aşyk Ahmedi düşürip, hüjrä eltdiler. Saýat han Hemrany
bir munakgap öýe eltip, ýagşy gyrmyzy lybaslar geýdirip, ikisi aýşyeşrete meşgul boldy.
Günlerde bir gün Saýat han:
261
Türkmen halk döredijiligi
− Eý, Hemra jan, ataňy ýurduňyza gaýtarsak, niçik bolar, her niçik
bolsa hem gaýyn ata ady bar, men uýalar men − diýdi. Hemra:
− Köp ýagşy bolar − diýdi. Saýat han:
− Baryň, Aşyk Ahmedi çagyryp geliň! − diýdi. Kenizler çagyryp
geldiler. Saýat han:
− Eý, baba, ogluňy bize tabşyryp öz ýurduňyza baryp, mal-mülküňize
serenjam beriň − diýdi. Onda Aşyk Ahmet:
− Eý, Saýat han, meniň bu dünýäde barym-ýogum, ýeke perzendim
Hemra jandyr. Men mundan aýrylyp, ýurdumda ne işim bar?! − diýdi.
Saýat han:
− Eý, baba, siz Hemra jandan hatyrjem boluň! Men oňa sizden
ýagşyrak garar men, siz ertir gaýdyň! − diýdi.
Aşyk Ahmet biçäre näderini bilmän:
− Her niçik bolsa-da, seniň sözüň ýerde galmasyn, Hemra jany ýagşy
saklaň! − diýip, bäş keleme söz diýdi:
Indi men gider men Häzirbeýjana,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Sizleri tabşyrdym − kadyr subhana,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Düşüpdir goluňa bir asly dana,
Jemalyň bermenem ýagty jahana,
Ýusup deýin salma ony zyndana,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Hemra ýaşdyr, bilmedigin bildiriň,
Urman, sökmän şadyýana güldürdiň,
Ýa, gözüm görmesin, meni öldürdiň,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Ahmediň dünýäde ýeke zürýady,
Indi aýralykdan ederem dady,
Bilimiň kuwwaty, göwnümiň şady,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Saýat han:
262
Dessanlar. Saýatly Hemra
− Eý, baba, Hemradan hatyrjem boluň! Özüm oňa ýagşy garaşyk eder
men − diýip, bir söz diýdi:
Baba jan, gider sen Häzirbeýjana,
Goja, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Hemrany bermes men ýagty jahana,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Bu gün ýar hyýaly ýadyma düşdi,
Akyl-huşym bary serimden uçdy,
Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Ogluň üçin pynhan-pynhan ýerim bar,
Niçe dürli injirim bar, narym bar,
Mundan zyýat aýtsam, haýa-şerim bar,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Gulap suwdan berip, ýüzün päklär men,
Aşyk haky üçin eziz saklar men,
Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar men,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Saýat han diýr, aýdan sözüň tutar men,
Ynanmasaň, baba, güwä öter men,
Golum ýassap, ýüzün ýelpäp ýatar men,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Elgaraz, Saýat sözüni tamam etdi. Ahmet hem Hemradan hatyrjem
bolup, Häzirbeýjana gider boldy. Saýat han: «Eý, Banu keniz, ýagşy,
şahana lybaslardan, serpaýlardan alyp gel! Bir ýagşy aty hem bezäp
getir!» diýdi.
Aşyk Ahmede şahana lybaslar geýdirip, ýarag-esbabyny şaý edip,
ýol enjamyny tutup, iki sany hyzmatkär berip, şäherden çykaryp, ak pata
berip, ýola saldylar. Hemra atasy bilen hoşlaşyp, Saýat hanyň ýanynda
galdy.
Emma Aşyk Ahmet Saýat hanyň köşgünden çykyp, ýolda gidip
263
Türkmen halk döredijiligi
barýardy. Mämmet han patyşanyň garawullary muňa uçradylar. Olar «Eý,
baba, nirden gelip, nirä barar sen? « diýdiler.
Aşyk Ahmet: «Eger men Saýat hanyň köşgünden geler men diýsem,
Hemra jan bir bela duçar bolar» diýip, haýrany-serasyma bolup, näme
diýjegini bilmän gorkup durdy. Onda garawullar: «Hakyt, bu baba ýol
urup ýören garakçy eken» diýip tutdular, elini arkasyna daňyp öldürer
boldular. Aşyk Ahmet pirlerden medet diläp: «Arman bilen öler boldum»
diýip, her ýana bakyberdi. Görse, bir bölek durna Häzirbeýjan tarapa
garap uçup barýar. Aşyk Ahmet, ölüm ýakasyndan tutan dek bolup, şol
durnalara garap, gaýybana Häzirbeýjana durnalardan salam gönderip,
olara garap, bir söz diýdi:
Durnam gitseň, Häzirbeýjan iline,
Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen!
Ýürek-bagrym bölek-bölek bölüne,
Barsaň, söwer ýara salam diýgeý sen!
Arman bilen bagladylar golumy,
Şahymerdan bent eýledi ýolumy,
Durnam, barsaň, meniň arzy-halymy,
Kowmy-gardaşlara salam diýgeý sen!
Ýaman ýolda gezen taňrydan tapar,
Kyýamat gününde harasat gopar,
Durnam, meniň arzym ol ýara apar,
«Didar kyýamata galdy» diýgeý sen!
Mundan gitseň, Häzirbeýjana ýerine,
Gara bagrym suw boluban erine,
Barsaň, aýtgyn ala gözli Şirine,
«Aşyk Ahmet ýaryň öldi» diýgeý sen!
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Durnalar Aşyk Ahmediň
üstünde döwür gurap aýlanyberdiler. Garawullar bu alamaty görüp, haýran
bolup, bir-birine «Bu kişi keramatly öwülýä bolmasyn» diýşiberdiler. Garawul başysy:
264
Dessanlar. Saýatly Hemra
− Eý, baba, eger sen bu durnalary ýanyňa düşüribilseň, mal-esbabyň
bilen seni azat kylaly. Eger düşüribilmeseň, öldürermiz − diýdi. Onda Aşyk
Ahmet:
− Siz meniň goluma sazymy beriň, özüňiz hem bir pynhan ýerde
garap duruň! − diýdi. Garawullar Aşyk Ahmediň sazyny berip, bir pynhan
ýere baryp garap durdular. Aşyk Ahmet sazyny belent-belent gurup, şol
durnalara garap, bir söz diýdi:
Depesinden şalyk laçyn salyna,
Ýa, Reb, niçik geçer haly durnanyň?!
Jygalary tel-tel bolup bölüne,
Onda niçik geçer haly durnanyň?!
Bu durnalar hemdem bolup hemişe,
Çekiler sahraga, barmaz gamyşa,
Begler jygasyny gaplar kümüşe,
Saýrasa, gök öwser dili durnanyň.
Durnam, howa uçma, gözüň gamaşar,
Niçe taryp etsem, saňa ýaraşar,
Al howada gözüň uzaga düşer,
Saýrasa, gök öwser dili durnanyň.
Men bir biçäre men, göwnüm kemine,
Eýäm şypa bersin göwnüm gamyna,
Ýaz bolsa ýüzlener yrak zemine,
Gyş bolsa Bagdatdyr ili durnanyň.
Indi sizler geliň meniň ýanyma,
Ýogsa bu zalymlar galar ganyma,
Rehim eýläň meniň garyp janyma,
Aşyk Ahmet, garyp guly durnanyň.
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Durnalar bu owazy eşidip,
Aşyk Ahmediň üstüne iniberdiler. Garawullar bu wakany görüp: «Bu
goja kişi öwülýä eken» diýip, gelip Aşyk Ahmediň aýagyna ýykyldylar,
serpaýlaryny, tyllalaryny berip: «Eý, baba, biziň günämizi geçiň! Bize
265
Türkmen halk döredijiligi
ak pata beriň!» diýdiler. Aşyk Ahmet garawullara pata berip, özi bolsa
«Nirde sen, Häzirbeýjan» diýip, ýoluna rowana boldy.
Indi sözi Saýat han bilen Hemradan eşidiň. Aşyk Ahmedi ugradyp,
ikisi tylla köşgüň üstünde aýş-eşrete meşgul boldular. Günlerde bir gün
säher wagty Saýat han ukudan oýandy. Hemrany oýatman, özi: «Baga
baryp, Hemra jana gül bogup geleýin» diýip, baga girip gitdi. Bir zamandan soň Hemra hem oýandy. Görse, Saýat han ýok, Hemranyň göwnüne
geldi: «Meger Saýat hanyň menden başga hem ýary bardyr, şonuň ýanyna
gidendir» diýip, hapa bolup oturdy. Şol wagt Saýat han bir desse gül bogup, mesdan-mesdan basyp, ýylgyryp geldi. Hemra ony görüp, synasynda
sabyr-takady galman, Saýat hana garap, sazyny eline alyp, bir söz diýdi:
Her saba gezeýdim güli-gülşende,
Baglar arasynda boldum ýeserli.
Müşki-tatar moýlym, meýna gerdenlim,
Söwdügim, eliňden boldum heserli.
Asal, şeker leblerinde ezilmiş,
Müşki-anbar moýlaryna düzülmiş,
Humarlanyp, ala gözler süzülmiş,
Zülpi zerewşanly, müşki anbarly.
Munakgaş öýlerde, ak otaglarda,
Bilbil pygan eder soly-saglarda,
Düwürjik-düwürjik al ýaňaglarda,
Dür, göwher düzülmiş, çün ýüzi derli.
Ne sebäpden gül dek meňzim sargara,
Hesretinden bagrym başy müň para,
Iki mämäň meňzär ol goşa nara,
Alma zenehdanly, ýüzi gülerli.
Gökde bulut oýnar, derýada mahy,
Seni gören aşyk köp çeker ahy,
Hemra bir dilenji, sen jahan şahy,
Seniň dek görmedim bir simi zerli.
266
Dessanlar. Saýatly Hemra
Elkyssa, ondan soň, Hemra bilen Saýat han ikisi goşulyp, bag seýline barýardylar. Ol bagda Saýat hanyň eldeki keýikleri bardy. Saýat han:
− Eý, Hemra jan, bu keýikleri gördüňmi? Siziň ýurdyňyzda mundag
keýikler barmy? − diýdi. Onda Hemra:
− Eý, Saýat han, bular bu ýere azaşyp gelipdir. Bolmasa, bularyň
asly mekany biziň ýurdumyzdyr. Bulara biziň ilimizde «Jeren» diýip at
bererler − diýip, sazyny eline alyp, jerenlere garap, bir gazal aýtdy:
Serim gurban olsun seni görende,
Biziň iliň jerenidir-jereni.
Päli azyp jeren munda gelipdir,
Öz ilimiň jerenidir-jereni.
Akar çeşmelerim sile dolduran,
Sargaryban gyzyl meňzim solduran,
Arap atym, ýüwrük tazym öldüren,
Öz ilimiň jerenidir-jereni.
Uzakdan ak bolar jereniň özi,
Depesinde bardyr goşa buýnuzy,
Seýr eýläp gelipdir dag bilen düzi,
Biziň iliň jerenidir-jereni.
Jeren gezer dag başyna dulanyp,
Dulanyban, çeşmelerden suwlanyp,
Aşyk Hemra, haýran bolar aýlanyp,
Biziň iliň jerenidir-jereni.
Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Saýat han: «Meniň bir inçe laçyn
guşlarym bardyr» diýip, Hemrany alyp ýöriberdi. Bir howzuň başyna
baryp, oturyp, laçyn guşlary gördüler. Şu wakadan soň, Saýat han bilen
Hemra birnäçe gezek tersleşip, ýaraşýarlar. Şeýle tersleşmeleriň birinde
Hemranyň gahary gelip: «Saýat han dek gyzy her ýerden tapar men»
diýip, bir gazal aýtdy:
Muhabbetli göwnüm açyp,
Onda ahy-zarym galdy.
267
Türkmen halk döredijiligi
Zülplerin her ýana saçyp,
Ala gözli ýarym galdy.
Ömrüm galdy, göwün çagym,
Köp meniň synamda dagym,
Ter açylan bakja-bagym,
Gülşenim, gülzarym galdy.
Her säherler ahyn çekip,
Gözden ganly ýaşyn döküp,
Jeren kibi oýnap, böküp,
Maral gözli ýarym galdy.
Mansur deý dara çekildim,
Halyl deý nara atyldym,
Ýusup deý Müsüre satyldym,
Onda hyrydarym galdy.
Hemra diýer, öz ilimde,
Hak senasy bar dilimde,
Häzirbeýjanyň ilinde,
Selbi atly ýarym galdy.
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Ondan soň bagdan çykyp ýöriberdi. Muny gören Gummaz çory Saýat hanyň ýanyna baryp: «Hemra
siziň söýünji bereniňizi eşidip, öýkeläp bagdan çykyp barýar. Ol herdemhyýal eken, onuň başga ýary bar eken. Size ýallandan dil beren eken»
diýdi. Saýat han bu sözi eşidip, Hemranyň yzyndan ýetip, gahar bilen:
«Eý, Hemra jan, ýol bolsun, nirä barar sen? « diýdi. Hemra Saýat hana
garasa, gahary gelipdir, her gözi pyýala dek bolup, içinden ot çykýar.
Hemra gorkup, başyndan huşy gidip, Saýat hana garap, bir söz diýdi:
Maral kibi kirpikleri san bermiş,
Habar alyň, han Saýada ne boldy?
Aşygyn öldürip ýa-da jan bermiş,
Habar alyň, han Saýada ne boldy?
268
Dessanlar. Saýatly Hemra
Ak ýüzünde bardyr bir jüre haly,
Leblerinde bardyr şekeri, baly,
Men bilmenem, nedir gözel hyýaly,
Habar alyň, han Saýada ne boldy?
Habar alyň näzli ýaryň näzinden,
Ibrişim nikabyn alyň ýüzünden,
Saçy şamar kibi öter dyzyndan,
Habar alyň, han Saýada ne boldy?
Sözleýende dür saçylar sözünden,
Elip dek kaddyndan, Aý dek ýüzünden,
Hemra diýer, aýrylmanam özünden,
Habar alyň, han Saýada ne boldy?
Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Hemranyň gorkanyny bilip:
− Eý, Hemra jan, sen kaýan gitseň, men hem seniň bile gider men.
Meniň senden başga göwün hoşum bolmaz. «Duşman bilmesin» diýip,
gelen adamlara söýünji berdim − diýdi.
Saýat han bilen Hemra her atyň sagrysyna bir horjun tyllany goýup,
Saýat han hem erkek lybasyny geýip, şahana lybaslaryny atyň ardyna
goýup, ikisi hem ata münüp: «Kaýda sen, Häzirbeýjan» diýip, ýola rowana boldular. Emma kenizleriň biri olaryň syryny aňlap, şeraby az içipdi.
Ol tiz huşuna geldi. Görse, Saýat han Hemra bilen gaçypdyr. Keniz niçe
menzil ýol ýöräp:
− Eý, patyşahym, Häzirbeýjan welaýatynda Aşyk Hemra diýen bir
oglan gelip gezip ýördi. Saýat han bibimiz şol oglan bile gaçypdyr − diýip,
Mämmet hana habar berdi. Mämmet hanyň gahary gelip:
− Neüçin ozal habar bermediňiz? − diýip, bu kenizi öldürer boldy.
Onda keniz:
− Patyşanyň işi bilen gedanyň dahyly bolarmy? Ol biziň patyşamyzyň
gyzydyr − diýip jogap berdi.
Mämmet hanyň gahary gaçdy. Patyşanyň Mämmetsöýün diýen
bir serdary bardy. Onuň ýanynda kyrk ýigit nökeri bardy. Mämmet han
Mämmetsöýün serdary kyrk ýigide baş edip, Saýat han bilen Hemranyň
yzyndan iberdi.
Emma Saýat han, Hemra niçe menzil ýol ýöräp, bir daga ýetişdiler.
269
Türkmen halk döredijiligi
Saýat han durman gider boldy, Hemra biraz ýatmakçy boldy. Saýat han
bir derbende çykyp garady, yzlaryndan bir çaň peýda boldy. Bir gara dag
bardy. Atlylar daýyrdaşyp ondan aşyberdiler. Saýat han gelip, Hemrany
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 17
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.