Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 01

Total number of words is 3854
Total number of unique words is 1574
37.1 of words are in the 2000 most common words
50.5 of words are in the 5000 most common words
58.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMEN
HALK DÖREDIJILIGI
II KITAP
Halky kyssalar, şadessanlar we dessanlar
Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2017
UOK 82+398
T 90
T 90
Türkmen halk döredijiligi. II kitap. Halky kyssalar,
şadessanlar we dessanlar. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw
gollanmasy. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
TDKP № 156, 2017
KBK 83.3 Tür. 1 ýa 73
© Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY
TÜRKMENISTANYŇ
DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
HALKY KYSSALAR
ERTEKILER
DURMUŞY ERTEKILER
Garybyň çerkeze gidişi
Bir bar eken, bir ýok eken, bir giden küren obanyň içinde bir garyp
adam ýaşaýan eken. Bu garybyň ýalňyz eşeginden başga işiginde ne towukdan, ne itden, ne pişikden ýekeje jandary-da ýok eken. Olar bir öýde aýaly
hem gyzy bilen üç jan bolup ýaşaýan ekenler. Garybyň aýaly haly dokamaga çeper bolany üçin, baýlar ony haly dokatmak üçin günlükçi tutýan eken.
Onuň gyzyny bolsa baýyň aýal-lary bäbeginiň sallançagyny üwretmek
üçin saklaýan ekenler. Bular şeýdip, ýykma-ýykylma mydar edip ýörkäler,
garyp günlerde bir gün pilini, tanapyny alyp, eşegine münüp, çöle çerkez
getirmäge gidipdir.
Garyp çöle baryp, bir desse çerkez ýygandan soň, içi towlap başlan. Ol
bir uly çerkeziň kölegesine baryp, şyrdagyny başyna ýassanyp ýatan dessine uklaýar hem düýş görýär. Düýşünde onuň ýygan çerkezini biri otlaýar.
Garyp: «Wah, meniň ýyganja odunymy-da otladylar» diýip, hasyrdap tursa, odunyny hiç kim otlaman eken. «Meniň odunym bar ekeni»
diýip, garyp gözüni ýagşy süpürişdirip, asmandaky Güne seretse, Günüň
ýaşmagyna az wagt galan ekeni. Garyp howlugyp, hasyr-husur ýene bir
azrak odun ýygyp, Güne seredýär. Şonda onuň on ädim ileri ýanynda bir
bölek zada Günüň şöhlesi düşüp, ýalpyldap, garybyň gözüni gamaşdyrýar.
Garybyň bu ýaldyraýan zada göwni gidip, onuň ýanyna baryp görse, ol
el ýaly altyn bölegi ekeni. Garyp muňa gaty begenip, özüni ýitiripdir, ep-esli
wagtlap özüne gelip bilmändir. Garyp soňra özüne gelip, altyny eline alypdyr,
ýöne wagt gijigipdir, eýýäm iňrik garalyp gidipdir.
Ol: «Şu agşam şu taýda bolsammykam ýa-da öýüme gaýtsammykam?» diýip pikir edipdir. Ahyry çölde galmagy ýüregine düwüp,
7
Türkmen halk döredijiligi
eşeginem ýanyna getirip daňypdyr, ýyganja odunyndan ot ýakynyp,
tapan altynyny hem her daýym bir barlap, gijesini çölde geçiripdir.
Ertir irden eşegine düýnki ýygan çerkez odunyny ýükläp, günortanyň öň
ýanynda öýüne gelipdir. Oduny düşürip, eşegini daňyp, keýpi kökje işiginden
içeri ätlese, öýünde aýaly ýok eken.
Aýalynyň baýyň işiginde haly dokaýany ýadyna düşüp, gyzyny derrew
onuň yzyndan ýollapdyr. Aýaly ylgaşlap gelenden soň garyp:
− Keýwany maňa bir gök çaý demläp ber, özem birneme ajyrak edip
demle – diýip, aýalyna buýrupdyr.
Aýaly hem derrew onuň getiren odunyndan ojaga atyp, çaý gaýnadypdyr, ajy edip demläp hem adamsynyň öňünde goýupdyr. Garyp çaýçöregini iýip-içip oturşyna, aýalynyň ýüzüne bakyp, keýplije gülümsiräpdyr.
Aýaly:
− Ýeri, kakasy, saňa bu gün näme boldy, seniň keýpiň kök?
− diýipdir.
Onda garyp:
− Näme, meniň keýpim kök bolman, kimiňki bolsun, öňümde gök çaý,
saçakda mele-myssyk nan, gapdalymda keýwanym − diýip jogap beripdir.
Aýaly ýene:
− Sen bu çaý bilen çöregi öňem iýýädiň, ozallar-a munuň ýaly keýpli
bolmandyň − diýip aýdypdyr-da, soňundanam: − Eý, Hudaý jan, bize-de bir
çallyja geçi ýetirmezmikä? − diýip zeýrenipdir.
Onda garyp:
− Men oduna giden ýerimden bir tokga altyn tapdym – diýip, mundan
artyk syryny saklap bilman aýdypdyr.
Aýaly:
− Hany, kakasy, getir göreýin − diýip, onuň elinden altyny alyp görüp
otyrka, bir doýar-dolmaz, açgöz goňşusy gelip, içerik giripdir.
Garyp oňa:
− Töre geçiň − diýip, mürähet edipdir. Ol öýüň törüne geçip oturypdyr,
saglyk-amanlyk soraşylandan soň, özüne uzadylan çaýy içmäge başlapdyr.
Goňşusy çaýy içip otyrka, garyp begenjine aýalyna:
− Hany, ýaňky altyny al, goňşam görsün − diýipdir. Garybyň aýaly
altyny bada çykaryp berse nädersiň.
Goňşusy görse, ynha, bir tokga altyn. Onuň gözleri ýaldyrap gidipdir.
Soňundanam:
− Sen muny nireden tapdyň? – diýip, gadyrlysyrap sorapdyr.
8
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
Garyp ilki dymyp oturypdyr. Onda ol ýene sorapdyr. Garyp özüniň çerkeze gidişini jikme-jik gürrüň berenden soň: «Gumda içim towlap çydatmady,
onsoň menem şyrdagymy ýassanyp, bir düýp çerkeziň düýbünde gyşardym
welin, uka gidipdirin. Şol halatda düýş gördüm» diýse, goňşusy:
− Düýşüňde näme gördüň? – diýip, mylaýymsyrap sorapdyr.
Garyp:
− Düýşümde ýygan çerkezimi otladylar welin, menem «wah» diýip,
ýerimden turup, ýyganja odunyma seretsem, odunym duran ekeni, Güne
seretsem, Gün ýaşmaga az wagt galypdyr − diýipdir.
Garybyň goňşusynyň sabyr käsesi dolup:
− Men senden altyny nähili tapanyňy soraýan – diýip, indi bu gezek
azymly aýdypdyr.
Onda garyp:
− Gün irmikä ýa-da gijikdimikä diýip, Güne seretsem, ýerde Günüň
şöhlesi düşüp, bir zat ýaldyrap ýatyr ekeni. Baryp görsem, şu altyn − diýip,
garyp oňa aýdypdyr.
Goňşusy uzak oturman gaýdypdyr. Emma öýüne ýetmän orta ýolda durup pikir edipdir: «Men şulardan bir azajyk altyn sorasam, bermezmikäler?».
Soň ol yzyna gaýdyp gelip, garyba:
− Sen maňa ýaňkyja altynyňdan bir azajyk döwüp bersene
− diýipdir.
Garyp:
− Şol altyna gözüňi dikmesene, sen näme oňa mätäçmi?
− diýip gaharlanypdyr. − Malyň dünýä syganok, gallaň − ammara. Sen
bolsaň, utanman, meň ýaly pukaradan zat diläp dursuň!
Emma açgöz goňşusy:
− Sen maňa dynnym ýaljak beräý − diýip, garybyň üstüne abanyp
durşuna, onuň elinden altyny alyp, eslisini döwüp: − Goç-goç ogluň bolsun,
her haýsyna peri ýaly gyz sataşsyn − diýip çykyp gidipdir.
Garyp şol tapan altyny bilen gurplanyp gidipdir. Goňşusy bolsa şol
gün öýüne baryp, paltasyny, pilini alyp, eşegine münüp guma çerkez ýygmaga gidipdir. Ol çöle baryp, iki düýp çerkezi çapyp: «Içim towlaýar»
diýip, telpegini başynyň aşagyna goýup, çerkeziň düýbünde gyşarypdyr.
Gözüni pugta ýumupdyr. Emma uklap bilmändir. Turup ýene çerkez ýygmaga başlapdyr.
Şeýlelikde, ol it ýaly ýadapdyr. Ol ýene çerkeziň düýbünde gyşaryp:
«Indä uklap, düýş görerin» diýip pikirlenip ýatýar welin, ýaňy bir irkilip
9
Türkmen halk döredijiligi
barýarka, ýakasyndan ýylan girip başlaýar. Ol begenip: «Düýş gördüm»
diýip tursa, köýneginiň içinde bir ýylan gezip ýör.
Ol ýylandan:
−Sen näme üçin meniň içime girýärsiň? − diýip sorapdyr.
Ýylan hem oňa:
− Sen näme ýalandan «içim towlaýar» diýip, düýş görjek bolýarsyň?
− diýip aýdypdyr.
Onda ol adam:
− Sen bilýärmiň, ýylan! Düýn bir garyp şunuň ýaly ýatyp düýş görüp,
gyzyl tapan ekeni − diýipdir.
Ýylan:
− Ol garyp, onuň içi towlany hak, uklanam, düýş görenem çyn. Sen
bolsa ýalan sözleýärsiň. Onsoňam, seniň näme altynyň ýokmy? Sen açgöz
adam. Sen tiz şu ýerden göteril, bolmasa, işiňi gaýtararyn − diýip, ýylan ol
adama aýdypdyr.
Onda ol adam ýylana şeýle diýipdir:
− Näme diýsene, ýylan, men şu ýerden altyn alman gitjek däl. Men
näme şol garypça ýokmy, artykdyryn hem.
Onda ýylan:
− Sen gitmeseň, men seni çakaryn − diýipdir. Onda ol adam ýylany
gorkuzjak bolýan ýaly sesine bat berip:
− Synanyp göräý, eger çakaýsaň özüňe erbet bolar, men seni edil
dünýä gelmedik ýaly ederin − diýipdir.
Ýylan onuň edil egninden jasladyp alypdyr hem ýakasyndan çykyp,
arkaýyn süýnüp gidipdir.
Betpäl baý ýylan çakan dessine, ýylana-beýlekä eli degmän, şolbada
ýykylypdyr.
Bagtyna, onuň guma bulaşyp ýatanyny çölde goýun bakyp ýören
çopan görüpdir. Huşuny ýitireňkirlän açgöz baý, çopana özüni ýylan çakandygyny zordan düşündirip, egnini, ýylanyň çakan ýerini görkezipdir.
Çopan gyssagara oňa ýylan çakanda edil-ýän ähli emi edip, çäkmenine
dolap, eşegine ýükläp oba getiripdir.
Betpäl baý bu ýaradan ölmändir, ýöne gülmändirem. Ol yrgyldap
ýören ysgynsyz mahluga öwrülipdir.
Bu waka uly il haýygyp, geň galyp gürrüň edipdirler.
10
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
Akylly daýhan
Gadym wagtda Sapa diýen daýhan oglan bar eken. Bu oglan ekýän
ekinlerine örän yhlas bilen sereder eken, şonuň üçin onuň her ýylky alýan
hasyly ýere-göge sygmazmyşyn. Ol örän sap ýürekli, hiç kimiň zadyna göz
gyzdyrmaýan eken. Günlerde bir gün Sapa ekinlerini suwaryp ýörkä, ýap
bilen bir gyzyl alma akyp gelipdir. Daýhan oglan almany suwdan alyp, ony
iýip başlapdyr. Ol birdenka:
− Be, bu näme boldugy boldy, men bu almanyň eýesinden soraman,
ondan rugsat alman, munuň ýarysyny iýäýdim-le − diýip pikir edipdir. Ony
Sapa biedeplik saýypdyr we almanyň ýarysyny iýenine gynanyp, onuň eýesini razy etmek üçin almanyň akyp gelen ugruna tarap ýabyň boýy bilen
gidipdir. Az ýöräp, köp ýöräp, bir bagbanyň üstünden barypdyr. Görse,
saçy, sakgaly ap-ak bir bagban gezip ýör eken. Oglan bu adam bilen saglyk-amanlyk soraşyp, elindäki ýarty almany görkezip:
− Agam, şu alma seniň bagyňdan dälmi? − diýip sorapdyr. Ýasuly
alma seredip:
− Ýok, inim, bu alma meniň bagymyň miwesinden däl, menden
aňyrda meniň agamyň bagy bardyr, bu alma, belki, şonuňkydandyr, şoňa
görkez − diýipdir.
Sapa ýene-de ýabyň boýy bilen gidiberipdir, ahyry öňünden ýene bir
uly bag-bakjalyk çykypdyr. Görse, bagyň içinde saç-gakgaly mäş-bürünç
bolan bir bagban suw tutup ýör eken.
Sapa bu adam bilen saglyk-amanlyk soraşyp:
− Agam, şu alma seniň bagyňdan dälmi? − diýip sorapdyr.
Ýaşuly bu almany görüpdir-de:
− Ýok, bu alma meniň bagymdan däl, beýlede meniň agamyň bagy
bardyr, belki, bu şonuň bagyndandyr − diýipdir.
Bu oglan ýene-de ýabyň boýuny syryp gidiberipdir, ahyry öňünden
bir uly baglyk çykypdyr. Munuň hem içinde saçy, sakgaly kömür ýaly hüýt
gara bir adam ýer depip ýören eken.
Sapa bu adamyň ýanyna gelip, saglyk-amanlyk soraşýar-da, elindäki
almasyny görkezip:
− Agam, şu alma seniň bagyňdan-a däldir-dä? − diýip sorapdyr.
Bu adam alma seredip:
− Hawa, bu alma meniň bagymdan − diýipdir.
Sapa:
11
Türkmen halk döredijiligi
− Seniň bagyňdan bolsa, men pylan ýerde suwuň gyrasynda otyrkam,
şu alma suw bilen akyp geldi. Menem şuny suwdan aldym-da, birden bilmän, ýarysyny iýäýipdirin. Sen, agam, şu almaň üçin näme alsaň al-da,
menden razy bol − diýip, töwella edipdir. Onda bu adam:
− Ýok, men bu alma üçin, hiç bir zat aljak-da däl, razy hem boljak
däl − diýipdir.
Sapa:
− Agam jan, men hem seniň ýaly daýhançylyk edýärin, hemişe öz
hakyma kaýyldym, şu gezek bu almanyň ýarysyny bilmän iýipdirin. Indi
sen pul diýseň, pul bereýin, däne diýseň, däne bereýin, başga zat diýseň,
başga zat bereýin ýa-da gapymda hyzmat et diýseň, gapyňda hyzmat
edeýin, ýöne sen şu almaň ýaryny iýenim üçin razy bol – diýip ýalbarypdyr.
Onda-da bagban razy bolmandyr.
Sapa bu adama köp ýalbarypdyr.
Ahyry ol adam:
− Onda sen, ýagşy ýigit, hol tamda meniň bir gyzym bar, onuň
gözi kör, gulagy ker, dili lal, aýagy, eli ýok, şony özüňe aýal edip alsaň,
razy bolaýyn − diýipdir.
Sapa:
− Bolýar, men şindiz öýlenmedik bir oglan, men seniň şol
gyzyňy hem alaýyn, ýöne sen şu almaň üçin razy bolsaň bolýar
− diýipdir. Onda ol bagban adam:
− Hal-ha, hol tamdadyr, baryber − diýen. Bu oglan bu tamyň
işigini açyp, içine girip görse, bir owadan gyz uklap ýatan eken.
Bu oglan içinden: «Alla janlarym, men bu tama ýalňyşyp giräýdimmikäm, bu gyz bagbanyň salgy berşi ýaly bolmady-la» diýip oýlanypdyr. Sapa bagbanyň ýanyna gaýdyp gelipdir-de:
− How, agam, bu gyz seniň aýdyşyň ýaly bolmady-la ýa-da men
tama ýalňyş girdimmikäm? − diýipdir.
Bagban:
− Ýok, sen ýalňyşan dälsiň, meniň aýdýan gyzym hem edil şol
bolmaly − diýipdir.
Sapa:
− Onda näme bu gyzyň gözi kör, gulagy ker, dili lal, eli ýok, aýagy
ýok, ýöne bir tokga etdir diýdiň? − diýipdir.
Bagban:
− Dogry, şeýledir: gözi kör diýenim, ol kitabyň hatyndan başga
12
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
zady görmeýär, hemişe şoňa seredip otyr. Gulagy ker diýenim, ol şol
okaýan zadyndan başga zady eşitmeýär. Dili lal diýenim, ol hemişe
kitap bilen sözleşip otyr. Eli ýok diýenim, onuň elinde mydama kitap,
onuň eli başga zat tutmaýar. Aýagy ýok diýenim, ol bolar-bolmaz ýerde
görnüp ýörenok − diýipdir.
Sapa:
− Boldy, indi düşündim, ýöne men ýene bir zat sorajak, ol-da men
şu almanyň eýesini gözlap gelýärkäm, öňümden bir bag çykdy, onuň
bir bagbany bar eken, saçy, sakgaly çuw ak eken. Ol: «Beýlede meniň
agam bardyr, şonuň bagyndan bolaýmasa, meniň bagymdan däl» diýdi.
Men onuň ýanyna gelip görsem, onuň saç-sakgaly ol inisiniňki ýaly ak
bolman, ýaňy mäş-bürünç bolupdyr. Ol hem: «Bu alma meniň bagymdan däl, beýlede meniň agam bardyr, belki, bu şonuň bagyndandyr»
diýdi. Ine, indem seniň ýanyňa geldim. Seniň saç-sakgalyňda ýekeje-de
ak ýok. Bu nämäniň nyşany, oňa nähili düşünmeli? – diýip sorapdyr.
Onda ol adam:
− Dogry, şol birinji gören bagbanyň biziň kiçi inimiz. Ol öz
aýaly bilen birneme agzalarak ýaşaýar, şonuň üçin onuň saç-sakgaly
agaryp, zehini köp ýanýar. Ikinji göreniň biziň ortanjy doganymyz. Ol
maşgalasy bilen kiçi doganymyza garanda gowurak ýaşaýar. Şonuň
üçin onuň saç-sakgaly ýaňy mäş-bürünç bolandyr. Ynha, men iň ulusy.
Biziň maşgalamyzda agzalalyk diýen zat bolmaz, bizde mydama baharýaz, şonuň üçin men garramaýaryn, gaýtam, gün geldikçe ýigdelýärin
− diýipdir.
Sapa bu bagbanyň aýdanlaryna haýran galypdyr, alma üçin ol
bagbany razy edip, hoşlaşyp, hälki owadan gyzy hem özi bilen alyp
gaýdypdyr. Öýlerine gelip, uly toý berip, bu gyz bilen döwran sürmäge
başlapdyr.
Aý geçýär, gün geçýär, bularyň bir ogly bolýar. Bu oglan ýuwaş
hem akylly ekeni. Ol ýedi ýaşyna ýetýar. Onuň hiç kim bilen işi ýok.
Bularyň bir garry baba goňşusy bar eken. Ol öwünjeňräk ekeni. Ol garry:
− Menden akylly adam şindi dünýa inen däldir − diýer eken. Günlerde bir gün ýaňky baba ýer gazyp durka, gapagy berk bagly sandyk
çykypdyr. Baba munuň içinde gyzyl bar bolaýmasyn diýip, derrew onuň
gapagyny açyp barlamak bilen bolupdyr. Sandygy açsa, ondan bir inçejik ýylan çykyp, babanyň boýnuna çolaşypdyr. Öň daşaryny görman,
13
Türkmen halk döredijiligi
azap ýamany gören bu ýylan arassa howa çykan badyna çişip, uly ýylan
bolanmyş.
Baba:
− Ýylan, men seni sandykdan çykardym, ýagşylyk etdim, indi
meni bogup öldürip barýarsyň, heý, ýagşylyga-da bir ýamanlyk bolarmy? − diýen.
Ýylan:
− Elbetde, ýagşylyga ýamanlyk bolar, ynanmasaň, kimden sorasaň,
soraber. Ýogsamam, sen meni sandykdan çykaryp, ýagşylyk eden hem
bolsaň, men seni bogup öldürjek − diýipdir.
Ondan soň, ýylan bilen ýaňky baba ýagşylyga ýamanlyk barlygyny haýwandan, ösümlikden, adamdan soramagy makul bilipdir.
Bu ikisi gidip barýarka öňlerinden bir süri düýe çykýar. Öňden barýan
garry düýeden boýny ýylanly baba:
− Düýe, eý, düýe, heý, ýagşylyga ýamanlyk bolarmy? – diýip sorapdyr.
Düýе:
− Hawa, ýagşylyga ýamanlyk, elbetde, bolar. Hol, barýan düýeleriň
hemmesi meniň neslim, men eýäme şunça mal öndürip berdim, ol meni
garrapdyr diýip, öldürjek bolýar. Ynha, bu ýagşylyga ýamanlyk bolman,
näme bolýar? − diýipdir.
Ýylan:
− Gördüňmi?! − diýip, babanyň boýnunda gülüp hezil edinipdir.
Baba ýene gidip barýarka, öňünden uly bir guran tut agajy çykypdyr.
Baba bu tuduň ýanyna baryp:
− Eý, tut agajy, sen örän köp ýaşapsyň, ençeme çarşenbäni
başyňdan geciripsiň, sen köp zat bilýänsiň, heý, ýagşylyga ýamanlyk
bolarmy? − diýipdir. Tut agajy:
− Hawa, ýagşylyga ýamanlyk bolar, ynha, men eýäme birnäçe ýyl
goýry kölege boldum, köp-köp ýüpek aldy, satyp, baý boldy. Indi men
guradym. Ol meni kesip, odun edip ýakjakmyş. Ine, bu ýagşylyga ýamanlyk bolar − diýipdir.
Bular gidip barýarkalar, öňlerinden bir topar oýnap ýören oglanlar
çykypdyr. Bular babanyň boýnundaky ýylany görüp gaçypdyrlar. Emma
bir oglanjyk gaçman durupdyr. Bu şol Sapanyň akylly ogly eken. Baba
bu oglanyň ýanyna gelip:
− Oglum, heý, ýagşylyga ýamanlyk bolarmy? − diýip sorapdyr.
14
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
Oglan:
− Eý, baba, ýagşylyga ýamanlyk bolar, ýöne bu boýnuňdaky ýylan
näme? − diýipdir.
Baba:
− Ynha, men ýer gazyp ýörkam, şu sandyk çykdy, men hem pul
barmyka diýip açdym weli, şu ýylan içinden çykyp, meniň boýnuma
çolaşdy. Indi seni bogup öldürjek diýip boýnumdan asylyp ýatyşy
− diýipdir. Oglan:
− Baý-bow, ýalan sözlemäge gaty ökdeleşip gidipsiň, baba jan!
Heý, şeýle uly ýylanam şunuň ýaly kiçijik sandyga sygarmy? Beýle
ýalan sözlemek nämäňe gerek! − diýipdir.
Baba:
− Ýok, ýalan sözlämok, çynymy aýdýaryn, bu ýylan şu kiçijik
sandykdan çykdy − diýipdir.
Oglan ýylana ýüzlenip:
− Ýylan, sen şu uly göwraň bilen şu kiçijik sandyga sygdyňmy?
− diýip sorapdyr.
Yylan:
− Hawa, sygdym, näme sygman – diýip jogap beripdir.
Oglan:
− Aý, goý-a, ýylanam ýalan sözlär ekeni, heý, şeýle uly ýylanam
şunuň ýaly kiçijek sandyjaga sygarmy? − diýipdir.
Ýylan:
− Ynha, sygşymy göräý − diýip, babanyň boýnundan ýere düşüp,
içindäki ýelini goýberip, inçejik ýylan bolup, sandyga giripdir-de, kellesini salman durupdyr. Onda oglan:
− Kellaň syganok ahyry − diýipdir. Ýylan:
− Ynha, sygmaýamy? − diýip, kellesini hem salypdyr weli, oglan
sandygyň agzyny derrew ýapypdyr, dessine hem gulplapdyr-da baba:
− Baba, sen bu sandygy ozalda şol ýerde özüň goýupmydyň? Goýmadyk bolsaň, «Goýmadygyňy göterme» diýip eşitmänmidiň näme?
Bar, nireden getiren bolsaň, sol ýerde hem goý! − diýipdir.
Baba oglanyň paýhasyna geň galypdyr. Oňa köp minnetdar bolup,
sandygy alan ýerinde gömüpdir.
15
Türkmen halk döredijiligi
Aýaz han
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir patyşa bar eken, özi
hem adyllykda bir gyly iki ýarar eken. Günlerde bir gün patyşa özüne bir
akylly wezir tapmak niýeti bilen oýlanyp otyrka, kellesine bir pikir gelýär.
− «Ynsanyň, haýwanyň erbedini nädip tanamak bolar?» diýen soragy
goýaýyn. Şu soragyma kim jogap berip bilse, şony wezirlige bellärin –
diýip, öz ýanyndan netijä gelýär.
Patyşa hemme ilatyny ýygnap:
− Meniň üç sany soragym bar, şony kim bilse, özüme wezir edip
aljak − diýipdir.
Onda märeke:
− Aýt-da, aýt − bolşupdyr.
Patyşa:
− Adamyň, malyň, guşuň erbedini on günüň içinde maňa aýdyp bermeli − diýipdir.
Onda märekäniň içinden üç sany adam:
− Patyşam, rugsat bolsa, biz bir synansak − diýipdir.
Patyşa:
− Bolýar, rugsatdyr, bilip geliň − diýipdir.
Ondan soň ýaňky üç adam patyşanyň ýumşuny bitirmek üçin ýola
rowana bolupdyr. Bulara ýolda bir gotur düýe sataşypdyr.
Olar:
− Hä, malyň mundan ýamany bolmaz, bize Hudaý berdi, geliň, muny
tutalyň − diýşip, ony tutup, özleri bilen alyp gidiberipdirler. Ýene-de gidip
barýarkalar, olaryň öňünden çypar köse adam çykypdyr.
Bular:
− Hä, adamyň şundan pisi bolmaz, muny hem bize Alla berdi − diýşip,
ony-da özleri bilen alyp gidiberipdirler. Ýene-de gidip barýarkalar, olaryň
öňünden bir ganaty döwük garga çykypdyr.
Bular:
− Şundan erbet guş bolmaz, indi, patyşanyň üç sany soragynyň
üçüsiniň-de jogaby jem boldy − diýşip, bu gargany hem özleri bilen alyp,
yzlaryna gaýdýarlar.
Yzyna öwrülip gelýärkäler, bularyň öňünden bir guýy çykýar.
Guýynyň başynda otyrkalar, olaryň ýanyna bir çopan gelýär. Çopan bular
bilen saglyk-amanlyk soraşyp:
16
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
− Ýeri, ugur haýyr bolsun, bu ýerde näme işleýärsiňiz − diýip sorapdyr.
Onda ol üç adam:
− Bizi patyşa şunuň ýaly ýumuş bilen iberdi. Ine, biz bolsak şulary
tapdyk, şulardan erbet adam, mal, guş bolmaz − diýipdirler. Oňa çenli
çopanyň goýunlary hem suwa inipdir.
Çopan:
− Örän ýagşy, siz patyşanyň adamlary ekeniňiz, arkaýyn oturyň, men
goýun soýup, size söwüş edeýin − diýip, ýaňky çopan bir goýny soýup,
nahar taýýar edipdir.
Çopan myhmanlaryna nahar, çaý berip bolandan soň:
− Bu alyp barýan zadyňyzdan patyşanyň isleýän jogaby çykmaz,
bulary goýberiň, men size patyşanyň isleýän jogabyny, göwnüne ýarajak
zatlaryny salgy bereýin, ýöne siz meniň adymy oňa aýtmaň − diýipdir.
Bular:
− Biz, adyňy aýtmarys, ýöne sen bize patyşanyň jogabyny aýdyp
berseň bolýar − diýipdirler.
Çopan:
− Adamyň erbedi mahow bolýar. Ony döwletli adamlar görse, döwleti
gaçar. Malyň erbedi gatyr bolar, guşuň erbedi alahekge bolar diýip aýtsaňyz,
patyşa kanagatlanar − diýipdir.
Bular begenişip, çopandan bu zatlaryň erbet bolýandygynyň sebäbini
hem soraman, patyşanyň ýanyna ugrapdyrlar.
Olar bärden baryp:
− Patyşamyz, siziň soraglaryňyzyň jogabyny tapdyk − diýipdirler.
Onda patyşa:
− Hany, onda aýdyň, adamyň erbedi haýsy bolýar? − diýip sorapdyr.
Onda olar:
− Patyşamyz, adamyň erbedi mahow bolýar − diýipdirler.
Patyşa onuň sebäbini sorapdyr welin, olar aýdyp bilmändirler.
Patyşa syr bildirmän:
− Bolýar, malyň erbedi haýsy bolýar? − diýip soraýar.
Olar:
− Malyň erbedi gatyr bolýar − diýip jogap berýärler.
Patyşa onuň hem sebäbini sorapdyr, emma olar jogap berip bilmändirler.
Patyşa ýene-de syr bildirmän:
**2. Sargyt № 3166
17
Türkmen halk döredijiligi
− Onda guşuň erbedi haýsy bolýar? − diýip soraýar.
− Guşuň erbedi alahekge bolar, patyşamyz! – diýip jogap berýärler.
Patyşa munuň hem sebäbini soranmyşyn, emma olar onuň sebäbini
aýdyp bilmänmişler: «Be, bular meniň soraglarymyň jogaplaryny bildiler,
emma sebäplerini aýdyp bilmediler, elbetde, bulara bir akylly adam öwreden bolara çemeli, gel, men bulary sykajaga salaýyn» diýip, patyşa içinden
oýlanypdyr-da:
− Ýagşy ýigitler, size bu zatlary kim öwretdi? − diýip sorapdyr.
− Patyşamyz, biziň özümiz bilýäris.
Patyşa:
− Ýok, size biri öwredipdir, şuny size kim öwreden bolsa, şony alyp
geliň − diýip, olaryň ýanlaryna bir ýasawul hem goşup goýberipdir. Bular
hälki çopanyň ýanyna baryp:
− Seni patyşa çagyrýar − diýip, özleri bilen alyp gitjek bolupdyrlar.
Onda çopan:
− How, ýigitler, men bir çopan adam, men kişiniň malyny taşlap gidip bilmerin ahyry, ýörüň, mallary eýesine tabşyralyň, ondan soň gideliň
− diýipdir.
Şondan soň, bular mallary sürüp eltip, eýesine tabşyrypdyrlar we
çopany patyşanyň ýanyna alyp barypdyrlar.
Patyşa çopandan:
− Ýeri, ýagşy ýigit, seniň adyň näme, näme edýärsiň? − diýip sorapdyr.
Çopan:
− Meniň adym Aýaz, kärim bolsa çopançylyk – diýip, ol jogap beripdir. Onda patyşa:
− Aýaz han, «Adamyň erbedi mahaw, malyň erbedi gatyr, guşuň erbedi alahekge» diýip, bulara sen öwretdiňmi? − diýipdir.
Aýaz:
− Hawa, özüm-ä bir zatlar aýdypdym ýöne: «Meniň aýdanymy
aýtmaň» diýip tabşyrypdym − diýipdir.
Patyşa:
− Ol zatlaryň zyýany ýok, ýöne sen ýaňky zatlaryň erbetdiginiň sebäbini düşündirip biljekmi? − diýýär.
Aýaz:
− Mahawyň erbetdiginiň sebäbi, ol içýakgyç bolar, iş edende-de,
geplände-de bagryňy ýakar. Ony döwletli adamlar görende döwleti gaçar. Şonuň üçin adamyň erbedi mahaw bolýar. Malyň ýamanynyň gatyr
18
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
bolýandygynyň sebäbi-de, ol ozal gargyş siňen haýwandyr, özünden hem
hiç wagt tohum ýaýramaýar, onuň üçin bolsa gatyr iň erbet mal bolýar.
Guşuň erbedi bolsa, alahekge bolýar, çünki ol janawar agzyndan guzlaýar
− diýip, patyşanyň soraglarynyň jogabyny pert-pert aýdyp berýär.
Patyşa:
− Aýaz han, hemme aýdanlaryň dogry. Indi bolsa çarygyňy çykar
− diýip, oňa gowy geýimler geýdirip, Aýaz hany özüne wezir edip belleýär.
Aýaz hem çarygyny öz ýany bilen alyp, ony hemmä görnüp durar ýaly
bir ýerden asyp goýanmyşyn. Günlerde bir gün Aýaz hanyň bir zada gahary
gelipdir, birdenem onuň gözi çarygyna düşüpdir. Şonda ol: «Haý-haý, Aýaz
han, çarygyňa bakarak bol! Düýn sen-de bir ýönekeý çopandyň, bu günki
gün wezir boldum diýip, tumşugyňy al asmana tutuberme» diýip, öz-özüne
töwella edipdir. Şondan soň ol heran-haçan gahary gelende çarygyna seredip, gaharyny ýuwdarmyşyn, pälinden gaýdarmyşyn.
Aýaz hanyň üç sany ogly bolýar, bular okuwly-bilimli bolup
ýetişýärler. Patyşa-da bir gün ölýär. Aýaz hany bolsa, onuň ýerine patyşa
edenmişler. Aýaz han köp wagtlap adyllyk bilen patyşalyk sürenmişin. Ol
indi gaty garranmyşyn. Aýaz han oglanlaryny öz ýanyna çagyryp:
− Eý, ogullarym, men indi garrapdyryn. Siz menden näme kömek
gerek bolsa alyň-da, köşkden başga islän ýeriňizde ýaşaberiň. Men ölemden
soň, sizi patyşa ederlermi, etmezlermi, Hudaý bilsin, gerek bolsa halkyň özi
sizi tapar − diýipdir.
Şundan soň Aýaz hanyň ogullary atasynyň maslahatyna gulak salyp,
gerek harçlaryny hem alyp, başga bir şäherde ýaşamak üçin hoşlaşyp, ýola
düşüpdirler. Bular barýarkalar ýolda bir düýäniň yzyny görüpdirler.
Iň uly dogany:
− Şu düýe erkek eken-ow − diýenmiş. Ortanjysy:
− Şu düýe erkek bolsa, guýrugy hem küle bolmaly – diýenmiş. Onda
iň kiçileri:
− Şu düýe erkek, guýrugy-da küle bolsa, bir gözi hem kör eken-ow
− diýenmiş.
Bular ýöräberenler. Aňyrrakda bir adamyň yzyny görüpdirler.
Uly dogany:
− Şu yz aýal adamyň yzy-ow − diýipdir.
Ortanjy dogany:
− Şu yz aýal adamyň yzy bolsa, öz-ä gaçyp barýan bolmaga çemeliow − diýenmişin.
19
Türkmen halk döredijiligi
Iň kiçileri:
− Şu yz aýal adamyň yzy bolsa, özem gaçyp barýan bolsa, onda ol
göwreli eken-ow − diýenmişin.
Olar esli ýol geçensoňlar öňlerinden bir atly çykyp, saglyk-amanlyk
soraşyp:
− Halypalar, heý, bir düýe gördüňizmi? − diýip sorapdyr.
Onda olaryň ulusy:
− Ýok, düýe göremzok, ýöne düýäň erkekmidi? − diýenmişin.
Atly:
− Hawa − diýipdir.
Ortanjysy:
− Halypa, düýäň guýrugy külemidi? − diýenmişin.
Atly:
− Hawa − diýipdir.
Kiçi dogany:
− Halypa, düýäň bir gözi körmüdi? − diýenmişin.
Atly:
− Hawa, asyl siz meniň düýämiň hemme salgysyny berýärsiňiz
welin, ýene-de: «Göremzok» diýýärsiňiz. Meniň düýämi hökman siz bilmeli, düýämi sizden alaryn − diýip, bu atly dawagär bolup, Aýaz hanyň
ogullarynyň yzyna düşüp gidiberenmişin.
Bular gidip barýarkalar, öňlerinden iki sany adam çykyp, saglykamanlyk soraşyp:
− Heý, ýolda bir adam-a gören dälsiňiz-dä? − diýip sorapdyrlar. Onda
Aýaz hanyň ogullary:
− Ýok, biz adam görmedik, ýöne ol aýal adammydy? – diýip sorapdyrlar. Onda olar:
− Hawa − diýip jogap beripdirler.
Ikinjisi:
− Ol gaçyp barýarmydy? – diýip sorapdyr. Olar:
− Hawa − diýipdirler. Soň kiçisi:
− Ol aýal göwrelimidi? – diýip sorapdyr. Olar:
− Hawa − diýipdirler. − Siz biziň gözleýän adamymyzyň hemme
salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de «Görmedik» diýýärsiňiz. Biz gözleýän adamymyzy sizden talap ederis − diýşip, bu ikisi-de Aýaz hanyň
ogullarynyň yzyna düşüberipdirler.
Bular bir şähere baryp, bir saraýdan kireýine öý alyp, ýaşamaga
20
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
başlapdyrlar. Ondan soň, töhmet edýän dawagär adamlar goňşy ýurduň
patyşasynyň ýanyna baryp arz edipdirler. Patyşa hem ýasawul iberip, üç
dogany çagyrypdyr. Olar gelenden soň, patyşa saglyk-amanlyk soraşyp,
düýe ýitireniň arzyny soramaga başlapdyr.
Düýe ýitiren:
− Patyşam, bu adamlar meniň ýitiren düýämiň erkekdigini,
guýrugynyň küledigini, gözüniň kördügini öz agyzlary bilen aýdýarlar,
emma: «Düýäňi göremzok» diýýärler. Eger bular düýäni görmedik bolsalar, onuň hemme salgysyny nireden bilýärler? − diýipdir.
Onda patyşa üç dogandan habar sorapdyr. Olaryň iň ulusy:
− Erkek düýäniň syňraklarynyň arasy giň bolýar, men onuň yzyny
görenimden, erkekdigini bildim − diýipdir.
Ortanjysy:
− Ol düýe ýoluň ortasyna gumalaklapdyr, eger guýrugy küle bolmadyk bolsa, ýoluň iki gapdalyna gumalaklardy. Men şondan bilýärin
– diýipdir.
Iň kiçi doganlary:
− Ol düýe hemişe ýoluň bir tarapyndan otlap gidipdir, şondan men
onuň bir gözüniň kördügini bilýärin – diýipdir.
Ondan soň, patyşa aýal ýitiren iki adamyň arzyny diňläpdir.
Olar:
− Patyşam, bular aýalyň ýitendigine, onuň gaçyp barýandygyna,
göwrelidigine çenli salgy berýärler-de, ýene-de: «Biz göremzok» diýýärler. Ine, biz şuňa haýran – diýipdir.
Patyşa:
− Siz ol aýaly gördüňizmi? − diýip, doganlardan sorapdyr. Onda olar:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 02
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.