Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 09

Total number of words is 4060
Total number of unique words is 1692
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
öýde oturyp ülüş we orun anyklaýşynyň beýany şundan ybaratdyr.
Oguz hanyň ogullarynyň orun
we ülüşleriniň beýany
Gün han gyzyl öýüň töründe oturdy. Onuň ülüşi kelle we goýnuň
döşi boldy. Ol eýýamdan tä bu wagta çenli han ülüşi şeýledir. Yrgyl Hoja
wezir işik içinde oturdy. Yrgyl Hojany gadym egindeş hökmünde oňa
iň ýokary sylag, hormat edip ülüşini döş goýdular. Oýmakly we agar
taýpasy Yrgyl Hoja weziriň neslindendir. Yrgyl Hoja uýgur ilindendir.
Şonuň üçin oýmakly we agar taýpalary Gün hanyň ogly Gaýadan soň
ülüş alar. Emma, şeýle-de bolsa, orny işikde bolar. Gün hanyň sag golundaky örkede Gün hanyň uly ogly Gaýa oturdy. Onuň ülüşi sag aşykly
boldy. Baýat dogrady. Surh at tutdy. Ikinji örkede Ala öýli oturdy. Onuň
ülüşi gary (eliň tirsekden ýokary bölegi) boldy. Gara öýli dogrady. Lala
at tutdy. Üçünji örkede Aý hanyň uly ogly Ýazyr oturdy. Onuň ülüşi
ýanbaş boldy. Ýafyr dogrady. Kumy at tutdy. Altynjy [dördünji] örkede
Aý hanyň kiçi ogly Dodurga oturdy. Onuň ülüşi omaça boldy. Baýweli
dogrady. Murdaşoý at tutdy. Dördünji [bäşinji] örkede Ýyldyz hanyň uly
ogly Owşar oturdy. Onuň ülüşi sag ýanbaş boldy. Gyzyl dogrady. Torumçy at tutdy. Bäşinji [altynjy] örkede Ýyldyz hanyň kiçi ogly Begdili
oturdy. Onuň ülüşi ýagryn boldy. Garkyn dogrady. Garaja at tutdy. Ol
gyzyl öýde Gün hanyň sag ýanynda oturyp, ülüş we orun alan halkyň
jikme-jik beýany şeýle boldy. Gün hanyň sol ýanynda oturyp, ülüş alan
127
Türkmen halk döredijiligi
halk bulardyr: Gün hanyň ýanynda birinji örkede Gök hanyň uly ogly
Baýyndyr oturdy. Onuň ülüşi sol ýanbaş boldy. Bejene dogrady. Kazgurt
at tutdy. Ikinji örkede Gök hanyň kiçi ogly Çowdur oturdy. Sol ýanbaş
onuň ülüşi boldy. Jebni dogrady. Karham1 at tutdy. Üçünji örkede Dag
hanyň uly ogly Salyr oturdy. Sol aşykly onuň ülüşi boldy. Eýmir dogrady. Halaç at tutdy. Dördünji örkede Dag hanyň kiçi ogly Alaýontly
oturdy. Sol omaça ülüşi aldy. Ürker dogrady. Tikan at tutdy. Başinji
örkede Deňiz hanyň uly ogly Igdir oturdy. Sol gary (eliň tirsekden
ýokarky bölegi) ülüşi aldy. Bükdüz dogrady. Kynyk at tutdy. Altynjy
örkede Deňiz hanyň kiçi ogly oturdy. Sol ýanbaş ülüşi aldy. Horasanly
dogrady. Saýyr at tutdy.
Oguz han iliniň äht
etmeginiň beýany
Han bilen barça halk aýtdylar:
− Eger bir goýun, on, ýüz ýa-da hernäçe ýük malyny öldürseňizem
omaçasyny şu aýdylyşy ýaly paýlasynlar. Her haýsysy özüniň oglanlary
we nökerleri bilen iýsinler.
Ýene-de aýtdylar:
– Bir kişi günakär bolsa, ol kişi patyşa oturan ýere ýakyn bolsa-da,
uzak bolsa-da, ol günakär kişi patyşanyň urugyndan bolsa, ýa özge urugdan bolsa-da hanyň bir kişisi barsa we temmi berse, oňa hanyň inisi we
oglany ýa-da beglerinden hiç kim arkasynda durup gol ýapmasyn. Eger
kim arka dursa, ol arka bolan kişini patyşa işigine getirip arkasyny gylyç
bilen çapyp, iki bölmek gerek, ta görene göz we eşidene gulak bolsun.
Oguz neslinden we bozuk oglanlaryndan bir kişini patyşa etsinler. Iki
kişini patyşa götermesinler. Sebäbi han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa, il
bozular. Öten akyldarlar aýdypdyrlar: «Bir gyna iki gylyç sygmaz we bir
aýaly iki är almaz. Bir ýurda iki töre sygmaz».
Bir uly kagyza ähtnama ýazyp, Gün han başlyklaýyn inileri, oglanlary, begleri, iliniň garry we ýagşylary, ýigitleriniň ýagşylary, barçalary
atlaryn goýup, ant içip:
– Şu aýdylan sözlerden gaýtmaz biz. Eger bizden bolan oglanlar
halalzada bolsalar, tä dünýa ahyr bolýança bu ähtnamany okap, amal
1
Abulgazyda Kazlyk diýip berilýär.
128
Şadessanlar. Oguznama
ederler. Eger haramzada bolup, ýurdy bozjak diýseler, amal etmezler
− diýdiler. Şeýlelikde, atlaryn ýazyp, möhürlerin basyp, ähtnamany Gün
hanyň hazynasynda goýdular. Oguz han ölende Gün han ýetmiş ýaşlydy.
Ol ýetmiş ýyl atasynyň ýerinde oturyp adyllyk bilen hanlyk etdi. Ol
ölenden soň Aý han ýurt tagtynda oturyp höküm sürdi. Emma Aý han
eýýamynda ogry we haramy köpeldi. Köp il az taýpanyň malyn talap
aldy. Her taýpa bir-birine ýagy bolup, han hökümine gulak asmazlyk
edip, hetdinden aşyp, azgyn boldular.
Älem-jahanyň hany
Ýyldyz hanyň beýany
Ýyldyz han gündogardan halaýyga gün dek dogdy. Ýurt tagtynda
ornaşdy. Onuň eýýamynda halaýygyň bagty açyldy. Il, begler barçasy sowgatlar bilen Ýyldyz hanyň hyzmatyna gelip, boýun egdi. Uly-kiçi barçasy
onuň adyllygyndan razy we minnetdar bolup, Ýyldyz hanyň ýanynda boýun
bolmagy we hyzmatkärligi äht we şert etdiler. Ol eýýamda onuň gündengüne bagty göterilip, atasy Oguz han dek hanlyk sürdi. Ýyldyz han orta
boýly, uly ýüzli we çytyk gaşlydy. Owazly kişidi. Onuň lakamy Al handy.
Sebäbi ol haýbatly kişidi. Her kim oňa arz etjek bolsa, gös-göni arz edip
bilmezdi. Eger gös-göni arz edeýin diýse, onuň haýbatyndan gorkardy.
Şonuň üçin Al han oňa lakam boldy. Oguznamalarda şeýle ýazylypdyr. Ol
köp ýyl hökümet we hanlyk edenden soň, Ýyldyz han o dünýä gidipdir.
Gün hanyň ogly Gaýa hanyň han
bolanynyň beýany
Gün han ölenden soň, Oguz hanyň barça nebereleri we il ýagşylary
ýygnanyşyp Gaýa hany han göterdiler. Ol hem, atasy dek ile adalat edip,
ýigrimi üç ýyl patyşalyk edip öldi.
Düýp Bakuýyň han bolanynyň beýany
Gaýa hanyň oglanlary köpdi. Bir ogluna uly atasy Düýp Bakuý hanyň
adyn goýupdylar. Uly-kiçi barçasy bir agyzdan Düýp Bakuýy han göterdiler. Günlerde bir gün Düýp Bakuý han halkdan:
− Bu wagtda Oguz hany gören kişi barmy? − diýip sorady. Aýtdylar:
− Salyr ilinden Üleş atly bir kişi galypdyr − diýdiler. Han kişi iberip
**9. Sargyt № 3166
129
Türkmen halk döredijiligi
Üleşi getirdip, Oguz hanyň ýurtda oturanda nähili iş edendigini we goşun bilen nähili ýöriş edendigini, dostlaryna niçik garandygyny we duşmanlaryna
nähili tär edendigini birin-birin sorady. Üleş hem bilenlerini aýtdy. Ondan
soň Üleşe köp sowgatlar berip, öýüne iberdi. Düýp Bakuý hanyň uly begleri
ýazyr ilinden Alaýn we Arlan; begdili ilinden Tekeş we Başy beg, Beýgu
beg; baýyndyr ilinden Kabyl hoja dagydylar. Han bir gün aw awlap ýörende
atdan ýykylyp ýanbaşynyň süýegi (süňki) syndy. Şondan hem öldi. Guzy
Ýawy atly ogly bardy. Ony patyşa göterdiler. Otuz ýyl patyşalyk edip, o
dünýä gitdi. Guzy Ýawynyň ogluny patyşa göterdiler. Onuň geňeş begleri eýmir ilinden Kerunçek1 , salyr ilinden Butakdy2. Şeýle-de, salyrdan
Enkeşdi. Onuň ýagny Guzy Ýawynyň ogly ölenden soň Alygul Sary beg
üç arka wezir boldy. Ýüz ýigrimi ýyl hanlyk etdiler we ol hem öldi.
1
2
Abulgazyda Büker we Nejik diýip berilýär.
Pudak bolmagy mümkin.
130
GORKUT ATA
Bölekler
Döwhe goja ogly Däli Dumrul
boýuny beýan eder
Oguz illerinde Döwhe goja ogly Däli Dumrul diýen bir är bardy. Ol
bir gury çaýyň üstünden köpri ýasap, kim şondan geçse, otuz pul alyp,
geçmedikden bolsa ura-ura kyrk pul alardy.
Beýle etmeginiň sebäbi, onuň özüne göwni ýetýändigindendi. Ol:
«Dünýäde meniň bilen söweşer ýaly menden däli, menden güýçli är barmyka, biri meniň bilen söweşse, meniň adym Ruma, Şama ýaýrasa!» diýip
öwünerdi we yrsarardy.
Bir gün şol köprüniň ýamajyna bir oba göçüp geldi. Şol obada bir
ýagşy ýigit ölýär. Kim ogul diýu, kim gardaş diýu, aglaşarlar. Ol ýigit üçin
uly ýas baglandy.
Nägehandan Däli Dumrul şol oba çapar ýetdi. Aýdar:
− Meniň köprimiň ýanynda näme üçin aglarsyňyz, bu ýas, bu gowga
näme? − diýip, olaryň üstüne gygyrdy.
Olar:
− Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin
aglaşarys − diýip jogap berdiler.
Däli Dumrul:
− Siziň ol ýigidiňizi kim öldürdi? − diýdi.
Olar:
− Allatagaladan buýruk boldy, al ganatly Ezraýyl onuň janyny aldy
− diýdiler.
Däli Dumrul:
− Ol adamyň janyny alýan Ezraýyl diýýäniňiz kimdir? − diýip sorady.
− Eý, kadyr Alla, barlygyň haky üçin Ezraýyly bir meniň gözüme görkez,
onuň bilen bir söweşeýin, çekişeýin, bu ýagşy ýigitleriň janyny almaz ýaly
edeýin! – diýip, dolanyp, öz öýüne bardy.
Hak tagalaga Dumrulyň sözi ýaramady:
− Serediň-le, ol däli meniň birligimi bilmez, şükür kylmaz, meniň uly
dergahymda men-menlik eýlär − diýdi, Ezraýyla buýruk berdi:
− Eý, Ezraýyl! Bar, ol Däliniň gözüne görün, meňzini sarardyp, harladyp janyny algyl! − diýdi.
Däli Dumrul ýigitleri bilen öz öýünde iýip-içip oturardy. Şol wagt
131
Türkmen halk döredijiligi
Ezraýyl onuň ýanyna geldi, onuň girenini gapy saklaýanlar hem görmediler. Birden-de Däli Dumrulyň görer gözi görmez boldy, tutar elleri tutmaz
boldy, dünýä-älem onuň gözüne garaňkyrap göründi.
Däli Dumrul Ezraýyla garap gygyrdy:
− Sen nä haýbatly goja sen, gapyçylar seni görmedi, çawuşlar
seni duýmady, meniň görer gözüm görmez boldy, ellerim ysmaz
boldy, meniň janym joşa geldi, altyn käsäm elimden gaçdy, agzymyň
içi buz kibi boldy, süňklerim toz kibi boldy. Eý, sakgaljygy akja
goja, gözjagazy çöňňe goja, ne haýbatly goja sen, diýgil maňa!
– diýdi. − Gadam belam tokunar, bu gün saňa! − diýdi.
Muňa Ezraýylyň gahary gelip:
− Eý, Däli, gözümiň çöňňeligini ne halamaz sen. Men gözi owadan gyzlaryň, gelinleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň aklygyny ne
halamaz sen, ak sakgally, gara sakgally ýigitleriň janyny köp aldym. Ine,
sakgalymyň aklygynyň manysy budur − diýdi. − Hä, ýeri, sen: «Ezraýyl bir
elime düşse, ony öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny onuň elinden gutararyn»
diýerdiň. Ynha, men seniň janyňy almaga geldim. Janyňy berermiň ýa-da
meniň bilen jeň edermiň? − diýdi.
Däli Dumrul:
− Hä, şol al ganatly Ezraýyl senmi? − diýdi.
Ezraýyl:
− Hawa, men − diýdi.
− Şu ýagşy ýigitleriň janyny alýan hem senmi?
− Hawa, men.
Däli Dumrul:
− Aý, saklawlar, gapylary ýapyşdyryň! − diýip gygyrdy. Soňra
Ezraýyla garap:
− Men seniň bilen giň ýerde duşuşmagy arzuw ederdim. Emma dar
ýerde elime düşdüň, indi men seni öldürip, ýagşy ýigitleriň janyny gutararyn! − diýdi.
Ol gara gylyjyny syryp, Ezraýyly çapmak üçin hemle kyldy.
Ezraýyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp uçup gitdi.
Däli Domrul el çarpyp loh-loh güldi.
− Ýigitler, görüň Ezraýyly, men ony gaty gorkuzdym, ol gyssanjyna
giň gapyny taşlap, dar penjireden guş bolup uçup gitdi, her ýere gitse-de,
men ony sypdyrmaryn! − diýdi.
Ol ýaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meýdanda birki san gögerçini
öldürip, öýüne gaýtdy.
132
Şadessanlar. Gorkut ata
Ýolda Ezraýyl onuň atynyň gözüne göründi − at ürkdi. Däli Domruly
göterip, ýere çaldy. Ezraýyl onuň üstüne münüp, bogup başlady. Däliniň
bogazy harlamaga başlady.
Däli Domrul:
Aý, Ezraýyl, aman!
Taňrynyň birligine ýokdur güman.
Men seni beýle bilmez idim,
Ogryn jan aldygyň duýmaz idim.
Depesi beýik biziň daglarymyz bolar,
Ol daglarymyzda baglarymyz bolar,
Ol baglaryň gara salkymlary − üzümi bolar,
Ol üzümi sykarlar − al şeraby bolar.
Ol şerapdan içen esrik bolar.
Şeraplar iýdim-içdim doýmadym −
Ne sözledim, bilmedim,
Beglik bile osmadym,
Ýigitlik bile duýmadym −
Janym alma, Ezraýyl, medet!
Onda Ezraýyl aýtdy:
− Aý, Däli, maňa näme ýalbarar sen? Allatagala ýalbar. Men hem
bir ýumuş oglany, başga bir elimden gelýän zat ýok.
Däli Domrul:
− Ýa-da jan berip, jan alýan Allatagalamy? − diýdi.
− Hawa, şonuň özüdir.
− Onda sen bu ýerde näme işlär sen? Sen aradan aýryl, men Allanyň
özi bilen habarlaşjak.
Soňra ol Alla ýüzlenip:
− Sen hemmelerden belent sen, sen musulmanlar dilinde hemişe
ýatlanar sen. Eger meniň janym almakçy bolsaň, özüň al, meniň janymy
Ezraýyla aldyrma! − diýdi.
Däli Domrulyň bu sözleri Hudaýa hoş geldi:
− Eý, Ezraýyl, Däli meniň birligime şükür kyldy. Eý, Ezraýyl, Däli
Domrula söýle: eger Däli Domrul jan ýerine jan tapyp berse, onuň öz jany
azat bolsun! − diýdi.
Ezraýyl Hudaýyň buýrugyny Däli Domrula habar berdi:
133
Türkmen halk döredijiligi
− Eý, Däli Domrul, Allanyň emri − sen jan ýerine jan tapmaly, seniň
janyň azat bolsun!
Däli Domrul aýdar:
− Men nähili jan tapaýyn? Ýöne meniň bir garry atam bilen garry
enem bar. Gel, şolaryň ýanyna gideli, belki, ikisinden biri janyny berer.
Däli Domrul sürdi, atasynyň ýanyna geldi, onuň ellerinden ogşap
söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:
− Ak sakgally, eziz, yzzatly, janym atam, eşider bolsaň, şeýle bir
waka boldy: küpür söz sözledim, bu sözler hem Hudaýa ýaraman, Ezraýyla buýruk beripdir. Ezraýyl uçup gelip, garnyma basyp mündi, hyrryldadyp meniň süýji janymy alar boldy. Men indi senden jan dilär men.
Sen janyňy berermi sen, ýogsa «ogul, Däli Domrul!» diýip aglarmy sen?
Onda atasy aýdar:
− Ogul-ogul, aý, ogul, janymyň parasy, ogul, dogdugynda, dokuz
bugra öldürdigim, arslan ogul, tüýnügi altyn bowun ak öýümiň gabsasy,
ogul, gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň bezegi, ogul. Eger garşyda ýatan
gara dagym gerek bolsa, söýle Ezraýyla, gelsin onuň ýaýlasy bolsun.
Teble-teble şabaz atlarym gerek bolsa, oňa minit bolsun. Hatar-hatar
düýelerim gerek bolsa, oňa ýüklet bolsun. Agyldaky akja goýnum gerek
bolsa, oňa iýmit bolsun. Altyn-kümüş pul gerek bolsa, oňa harçlyk bolsun.
Emma meniň üçin dünýe we şirin jan süýjüdir, men janymy gyýa bilmen,
sen şony belli bilgil. Ýöne söýgüli eneň ýanyna bar, belki, ol janyny berer.
Däli Domrul atasyndan ýüz tapman, sürüp enesiniň ýanyna bardy.
Ol aýdar:
− Ene, bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl
uçup geldi, meniň göwsüme basyp mündi, harladyp janymy alar boldy.
Atamyň ýanyna jan diläp bardym − bermedi. Sen näder sen, janyňy
berermi sen, ýogsa saçyňy ýolup, ýüzüňi ýyrtyp: «Ogul, Däli Domrul!»
diýu aglarmy sen? Ajy dyrnak ak ýüzüňe çalarmy sen? Garga kibi gara
saçyň ýolarmy sen? Ene!
Bu ýerde enesi söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş.
Enesi aýdar:
Ogul-ogul, aý, ogul!
Dokuz aý dar garnymda göterdigim, ogul,
On aý diýende, dünýä ýüzüne getirdigim, ogul,
Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim, ogul,
134
Şadessanlar. Gorkut ata
Akja burçly hysarlarda tutulaýdyň, ogul,
Sasi dinli gäwür elinde tutulaýdyň, ogul,
Altyn akja güýjüne sygyban, seni gutaraýdym, ogul,
Ýaman ýere barmyş sen − bara bilmen.
Dünýä şirin, jan eziz, janymy gyýa bilmen,
Belli bilgil.
Enesi hem janyny bermedi. Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almaga
geldi.
Däli Domrul aýdar:
− Aý, Ezraýyl, aman!
Taňrynyň birligine ýokdur güman.
Onda Ezraýyl aýdar:
− Ýeri, Däli, indi näme aman dilär sen? Ak sakgally ataň ýanyna
bardyň, jan bermedi. Ak bürenjekli eneň ýanyna bardyň, jan bermedi,
dagy kim jan berse gerek!
Däli Domrul aýtdy:
− Meniň aýalym bar, iki perzendim bar, meniň olara aýtjak zatlarym,
etjek wesýetlerim bar. Maňa biraz rugsat ber, şondan soň janymy alar sen.
Ol sürdi, aýalynyň ýanyna bardy, aýdar:
− Bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup
geldi, meniň göwsüme basyp gondy, meniň şirin janymy alar boldy.
Atamyň ýanyna bardym, jan bermedi, enemiň ýanyna bardym, jan bermedi, «Dünýä şirin, janymyz süýji» diýdiler. Indi:
Ýüksek gara daglarym saňa ýaýlag bolsun,
Sowuk-sowuk suwlarym saňa içit bolsun,
Teble-teble şabaz atlarym saňa minit bolsun,
Tüýnügi altyn bowun öýüm saňa kölge bolsun,
Hatar-hatar düýelerim saňa ýüklet bolsun,
Agylda akja goýnum saňa şüwlen bolsun;
Gözüň kimi tutarsa,
Köňlüň kimi söwerse,
Sen oňa bargyl.
Iki oglanjygym oňsuz goýmagyl −
diýdi. Onuň aýaly söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:
135
Türkmen halk döredijiligi
Ne diýer sen, ne söýlär sen,
Gözüm açyp gördügim,
Köňül berip söwdügim,
Goç ýigidim, şa ýigidim,
Datly damak berip soruşdygym,
Bir ýassykda baş goýup, emişdigim.
Garşy ýatan gara daglary senden soňra men neýlärem,
Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun,
Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam,
Meniň ganym olsun,
Altyn akjaň harçlar olsam,
Meniň kepenim olsun,
Teble-teble şabaz atyň müner olsam,
Tabytym olsun,
Senden soňra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýatsam,
Ala ýylan bolup meni soksun.
Seniň ol muhannes eneň-ataň
Bir janda näme bar, saňa gyýmandyrlar!
Arş tanyg1 olsun!
Kürs tanyg olsun, ýer tanyg olsun,
Gök tanyg olsun, kadyr Taňry tanyg olsun,
Meniň janym, seniň janyňa gurban bolsun! −
diýip, janyny bermäge razy boldy.
Ezraýyl ol aýalyň janyny almaga geldi. Emma adamsynyň ýoldaşyna
gözi gyýmady. Ol Hudaýa ýalbaryp başlady.
− Eý, uly Taňrym! Uly ýollar üstünde seniň üçin ymaratlar saldyraýyn,
aç görsem, doýraýyn − seniň üçin; ýalaňaç görsem, don edeýin − seniň
üçin; alsaň, ikimiziň janymyzy bile al, goýsaň hem, ikimiziň janymyzy
bile goýgul! − diýdi.
Däli Domrulyň bu sözleri Hudaýa hoş ýakdy, ol Ezraýyla emr etdi.
− Däli Domrulyň atasynyň, enesiniň janyny al, ol iki halala ýüz kyrk
ýyl ömür berdim! − diýdi. Ezraýyl onuň ata-enesiniň janyny aldy.
Mundan soň Däli Domrul öz ýoldaşy bilen ýüz kyrk ýyl ýaşady.
Dädem Gorkut gelibän, boý-boýlady, söý-söýledi: «Bu boý Däli
Domrulyňky bolsun, muny menden soňraky alp erenler söýlesin, alny
1
Tanyg − gadymy türkmen dilinde şaýat, kepil manysynda gelýär
136
Şadessanlar. Gorkut ata
açyk jomart erenler diňlesin» diýdi. Ýom bereýin, hanym, ýerli gara
daglaryň ýykylmasyn, kölegelije gaba agajyň kesilmesin, akgynly, görkli
suwuň guramasyn.
Besediň Depegözi öldürdigi
boýuny beýan eder
Hawa, hanym, bir gün oguzlar otyrkalar, üstlerine ýagy geldi. Oba
gijäniň içinde ürkdi, göçdi. Bular gaçyp giderkä, Oraz gojanyň bir süýt
emýän oglanjygy gaçyp galýar. Ony bir arslan tapyp göterip beslänmiş.
Ýene bir eýýamda oguzlar öňki ýurtlaryna gondy. Oguz hanyň ýylkyçysy gelip habar getirdi:
− Hanym, sazdan bir arslan çykar, sesi we oýpul-oýpul ýörişi adam
kibi − diýdi.
Oraz aýdar:
− Ürkdügimiz wagty gaçyp galan meniň oglanjygymdyr, belki −
diýdi.
Begler atlanyp, arslan ýatagynyň üstüne geldiler. Arslany galdyryp,
oglany tutdular. Oraz oglany alyp, öýüne getirdi. Şatlyk etdiler, iýmeiçme boldy. Emma oglan ne gadar getirseler hem durmady, ýene gaçyp,
arslan ýatagyna bardy, ýene tutup getirdiler, ýene gaçdy.
Ýene tutup getirdiler. Dädem Gorkut geldi, aýdar:
− Oglum, sen ynsansyň, haýwan bile höwür bolmagyl. Gel, obada
bol, ýagşy at mün, ýagşy ýigitler bile bol − diýdi. − Uly aganyň ady
Koýan Seljukdyr, seniň adyň Beset1 bolsun. Adyňy men berdim, ýaşyňy
Alla bersin! − diýdi.
Oguz bir gün ýaýla göçdi. Orazyň bir çopany bardy, adyna Goňurja
Sary çopan diýerdiler. Ol ogzuň öňinçä göçerdi, mundan öň kimse göçmezdi. Olaryň ýollarynda «Uzyn çeşme» diýen bel-li bir çeşme bardy. Şol
çeşmä bir bölek periler gonupdyr. Birden goýun ürkdi. Çopan erkeje gaharlandy, ileri bardy. Gördi, bir bölek peri gyzlary ganat kakyşyp uçarlar.
Çopan oýlugyny üstlerine atdy, peri gyzynyň birini tutdy, tama edip,
derhal jumag eýledi. Goýun ürkmäge başlady. Çopan goýnuň öňüne segredi. Peri gyzy ganat kakyp uçdy. Aýdar:
− Çopan, bir ýyl tamam boljak, mende amanadyň bar, gelip alar sen,
emma oguzlaryň başyna zowal getirdiň...
Beset − «bes et!» diýen iki sözden. Çowdur nusgasynda aýdylyşyna görä,
Gorkut ata tarapyndan ol oglana «Indi gaçmagyňy bes et!» diýlip, nesihat berleni üçin, şu at dakylýar.
1
137
Türkmen halk döredijiligi
Çopanyň içine gorky düşdi, emma gyzyň derdinden meňzi sarardy.
Soň bir zamanlarda oguz ýene ýaýla göçdi. Çopan ýene çeşmä geldi,
ýene goýun ürkdi. Çopan ileri bardy, gördi kim, bir ýargak ýatyr ýaldyrýaldyr ýaldyrar.
Peri gyzy geldi, aýdar:
− Çopan, gel, amanadyň al, emma ogzuň başyna zowal getirdiň...
Çopan bu ýargagy gördi, arkan çekildi. Sapan daşyna tutdy. Emma
ol urdugyça ulaldy. Soňra çopan ýargagy taşlap gaçdy, goýnuna tarap
gitdi.
Şol wagtlar Baýandyr han öz begleri bilen seýrana çykypdy. Olar
hem şu ýere geldiler. Gördüler kim, bir geň zat ýatyr. Onuň başy, aýagy
bildirmez. Bular atdan indiler, daşyny aldylar. Bir ýigit muny aýagy
bilen depdi. Emma ol depdigiçe ulaldy. Ýene birnäçe ýigit atdan indiler,
depdiler depdikleriçe ulaldy. Oraz goja hem inip depdi, ökjesi degip, bu
ýargak ýaryldy, içinden bir oglan çykdy. Göwresi adam, depesinde bir
gözi bar. Oraz bu oglany aldy, etegine saldy.
Aýdar:
− Hanym, muny maňa beriň, men muny oglum Beset bile besläýin
− diýdi.
Baýandyr han:
− Bar, şol seniňki bolsun! − diýdi.
Oraz Depegözi alyp, öýüne getirdi. Ony emdirmek üçin bir eneke
çagyrdylar. Eneke gelip, emmesini oglanyň agzyna saldy. Oglan bir sordy
− barja süýdüni aldy, iki sordy − ganyn aldy, üç sordy − janyn aldy. Ýene
birnäçe enekeleri getirdiler, olar hem heläk boldular.
Gördüler kim, bolar ýaly däl. Soňra «goýun süýdi bilen besläliň»
diýdiler. Emma günde bir gazan süýt ýetmezdi.
Beslediler, ulaldy, gezip başlady. Oglanjyklar bilen oýnardy. Emma
bile oýnaýan oglanjyklaryň kimiň gulagyny iýdi, kimiň burnuny iýmäge
başlady. Garaz, obalar munuň bu bolşundan gaty ynjadylar. Oraza şikaýat
edip aglaşdylar.
Oraz Depegözi urdy, sökdi, emma oňa alaç bolmady. Ahyr öýünden
kowdy.
Depegözüň peri enesi gelip, oglunyň barmagyna bir ýüzük dakdy:
− Ogul, saňa ok batmasyn, gylyç kesmesin! − diýdi. Depegöz oguzdan çykdy, bir beýik daga bardy, ýol kesdi, at aldy, beýik haramy boldy.
Onuň üstüne bir topar adam iberdiler. Ok atdylar, batmady, gylyç
138
Şadessanlar. Gorkut ata
urdular, kesmedi, süňi bile sançdylar, ilmedi. Çopan-çoluk galmady −
hemmesini iýdi. Oguzdan hem iýmäge başlady.
Oguz ýyglyp üstüne bardy. Depegöz görüp, gaharlandy, bir agajy
ýerinden gopardy, baran adamlaryň üstüne zyňyp, elli-altmyş adamyny
heläk etdi. Alplar başy Gazana zarp urdy, onuň dünýe başyna dar oldy.
Gazanyň dogany Depegözüň elinde zebun boldy. Dözen ogly Alprüstem
şehit boldy. Owşan goja ogly kibi pälwanlar onuň elinden heläk boldular.
Demir donly Mommak, Bükdüz Aman onuň elinde zebun boldy. Ak sakgally Oraz goja gan gusdurdy. Ogly Koýan Seljugyň ödi ýaryldy.
Oguz Depegöze kär kylmady, ürkdi, gaçdy. Depegöz olaryň öňünden
çykyp, yzyna gaýtardy, hiç ýana goýbermedi. Öňki ýurtlarynda gondurdy.
Garaz oba ýedi keren ürkdi, Depegöz hem ýedi keren yzyna gaýtardy.
Oguz Depegözüň elinde zebun boldy. Bardylar, däde Gorkudy çagyrdylar,
onuň bilen geňeşdiler, geliň, Depegöze kesim keseliň1 − diýdiler.
Däde Gorkudy Depegözüň üstüne iberdiler. Ol baryp salam berdi.
Aýdar:
− Ogul, Depegöz, oguz eliňde zebun boldy, muňaldy. Seniň aýagyň
topragyna meni iberdiler. Olar saňa kesim bereliň diýerler.
Depegöz aýdar:
− Günde altmyş adam beriň iýmäge!
Däde Gorkut aýdar:
− Beýle etseň, adam goýman tükedersen, emma günde iki adam bile
bäş ýüz goýun bereli.
Gorkut beýle diýgeç, Depegöz aýdar:
− Hoş, goý, şeýle bolsun, ýöne iki adam beriň, meniň iýmegim
bişirsin, men iýeýin.
Däde Gorkut dolanyp, oguza geldi, aýdar:
− Günde bäş ýüz goýun bile iki adam isledi hem Ýüňli goja bilen
Ýapagly gojany onuň ýanyna iberiň, onuň naharyny bişirsin.
Bular razy boldular. Dört ogly bolan birini berdi − üçüsi galdy,
üç ogly bolan birini berdi − ikisi galdy, ikisi bolan birini berdi
− biri galdy.
Gapak han diýen bir kişi bardy, iki ogly bardy. Bir ogluny berip,
biri galypdy. Nobat öwrülip, ýene muňa geldi. Oglanyň enesi perýat edip
aglady, zarlyk eýledi.
Hawa, şol wagtlarda Orazyň ogly Beset urşa gidipdi. Ol dolanyp
geldi.
1
Kesim kesmek – belli bir şert bilen zat bermek.
139
Türkmen halk döredijiligi
Garryja aýdar:
− Häzir Beset geldi, baraýyn, belki, maňa bir ýesir beräýedi, oglanjygymy gutarardym.
Beset ýigitleri bilen söhbet edip oturarka, gördüler bir hatyn kişi
geler. Geldi, içeri girdi, Besede salam berdi, aglady, aýdar:
− Teke buýnuzyndan gaty ýaýly, Içoguzda, Daşoguzda ady belli,
Oraz ogly, hanym Beset, maňa medet!
Beset aýdar:
− Nä dilär sen?
Garryja aýdar:
− Ýalançy dünýe ýüzünde bir är gopdy, ýaýlymynda oguz ilini gondurmady, gara polat, uz gylyçlar ony kesmedi, gargy jyza oýnadanlar
sanjyp bilmediler, gaýan ok atanlar kär kylmady. Alplar başy Gazana zarp
urdy, dogany Garagüne onuň elinde zebun boldy, murty ganly Bükdüz
Aman onuň elinde zebun boldy. Ak sakgally kakaň Oraza gan gusdurdy,
meýdanda agaň Koýan Seljugyň ödi ýaryldy. Galyň oguz begleri onuň
elinde zebun bolup, kimi şehit boldy. Oguz ýedi gezek bosdy, emma
bolmady. Ol günde bäş ýüz goýun bile iki adam isledi. Ýüňli goja bilen
Ýapagly gojany oňa hyzmatkär berdiler. Dört ogly bolan birini berdi, üçi
bolan birini berdi, ikisi bolan birini berdi. Meniň iki oglanjygym bardy,
birini berdim, biri galdy. Emma ýene nobat öwrülip maňa geldi, ony hem
islärler. Hanym, maňa medet! − diýdi.
Besediň gözleri ýaş bilen doldy. Garyndaşy üçin söýlemiş, göreliň,
ne söýlemiş:
− Gyraň1 ýerde dikilmiş otaglaryň,
Ol zalym ýykdyrdy ola, gardaş!
Ýüwrük olan atlaryň teblesinden
Ol zalym sürüşdirdi ola, gardaş!
Esrik düýelerin hataryndan
Ol zalym aýyrdy ola, gardaş!
Şüleniňde goýdugyň goýnuň
Ol zalym gyrdy ola, gardaş!
Guwanç bile getirdigiň gelinjigiň
Ol zalym senden aýyrdy ola, gardaş!
Ak sakgally babamy
1
Gyraň – gyra, çet. Bu ýerde gorkuly, düşümsiz manyda
140
Şadessanlar. Gorkut ata
«Ogul!» diýu syzlatdyn ola, gardaş!
Akgynly görkli suwmyň daşgyny, gardaş!
Güýçli bilim kuwwaty.
Garaňky gözlerimiň aýdyňy, gardaş!
Gardaşymdan aýryldym –
diýip, köp aglady, zarlyk kyldy. Ol hatyn kişä bir ýesir berdi, «bar, ogluňy
gutar!» diýdi.
Hatyn aldy, geldi, oglanyň ýerine berdi hem «ogluň geldi!» diýip,
Oraza buşlady. Oraz söwündi, galyň oguz begleri bile Besediň ýanyna gitdiler. Beset kakasynyň elini ogşady. Soňra geçen wakany ýatlap,
aglaşdylar, bozlaşdylar.
Beset enesiniň öýüne geldi. Enesi hem oglunyň öňünden çykdy,
oglanjygyn guçdy. Beset enesiniň elin ogşady, görüşdiler, bozlaşdylar.
Oguz begleri düýrüldi. Iýmeler, içmeler boldy.
Beset aýdar:
− Begler, doganym üçin Depegöz bile duşuşar men, siz näme maslahat berersiňiz!
Gazan beg bu ýerde söýlemiş, göreliň, näme söýlemiş. Aýdar:
− Gara orun gapdy Depegöz.
Gara gaplan gopdy Depegöz.
Gara-gara daglarda öwürdim, ala bilmedim, Beset.
Kagan arslan gopdy Depegöz,
Galyň sazlarda öwürdim, ala bilmedim, Beset.
Är bolsaň, ýeg bolsaň
Gazança bolmar sen, Beset,
Ak sakgally babany aglatmagyl,
Ak bürenjekli eneňi bozlatmagyl!
Beset aýdar:
− Elbetde, barar men!
Gazan aýdar:
− Sen biler sen.
Kakasy aglap:
− Ogul, ojagymy otsuz goýma, maňa rehim et! Barma! − diýdi.
Beset aýdar:
141
Türkmen halk döredijiligi
− Ýok, ak sakgally eziz atam, barar men! − diýdi. Ol gabyndan bir
gysym ok çykardy, biline sokdy, gylyjyny heýkelleýin guşandy, ýaýyny
garysyna atdy. Eteklerin goýberdi. Ata-enesi bilen hoşlaşdy, «hoş galyň»
diýdi.
Depegöz oturan gaýasyna geldi. Depegöz arkasyny güne garşy tutup
ýatyr. Beset bilinden bir ok çykardy. Depegözüň bag-ryna bir ok urdy.
Emma ok geçmän, paralandy. Ýene atdy, ol hem para-para boldy.
Depegöz gojalara aýtdy:
− Bu ýeriň siňegi bizi üýşendirdi.
Beset ýene bir ok atdy, ol hem paralandy hem bir parasy Depegözüň
öňüne düşdi. Depegöz ýerinden syçrap turdy, bakdy, Besedi gördi. Elini
çarpyp, kah-kah güldi. Gojalara aýdar:
− Bize ýene oguzlardan bir guzy geldi − diýdi. Besedi tutdy, bogazyndan sallandyrdy, ýatagyna getirdi, ädiginiň gonjuna sokdy.
Aýdar:
− Haw, gojalar, ikindi wagty muny çöwrersiňiz, maňa bişirip
berersiňiz, iýer men.
Ýene uklady.
Besediň hanjary bardy. Ädigi ýardy, içinden çykdy. Aýdar:
− Ýeri, gojalar, munuň ölümi nämedendir?
Aýtdylar:
− Biz bilmeris, emma gözünden başga ýerinde et ýokdur.
Beset Depegözüň baş ujuna geldi. Gabak galdyrdy, bakdy, gördi, gözi
etdir. Aýdar:
− Ýeri, gojalar, siz çişi ojaga goýuň, gyzsyn! − diýdi. Olar çişi ojaga
saldylar − gyzdy.
Beset çişi eline aldy, Hudaýy çagyrdy, çişi Depegözüň gözüne şeýle
basdy kim, Depegözüň gözi kör boldy. Ol şeýle nagra urdy, haýkyrdy kim,
daglar-daşlar ýaňlandy.
Beset syçrap goýun arasyna, gowaga girdi.
Depegöz Besediň gowakdadygyny bildi. Ol gowanyň agzyny aldy,
bir aýagyny gapynyň bir ýanyna, bir aýagyny bir ýanyna goýdy. Aýdar:
− Eý, goýun başçylary, erkeç, birin-birin gel, geç! − diýdi.
Erkeçler bir-bir geçdiler. Ol erkeçleriň her biriniň başlaryn sypady.
«Toklujyklar − toklujykdyr döwletim − sakar goç, gel, geç!»
Bir goç ýerinden galdy, gernip silkindi.
Beset derrew goçy basyp, bogazlady, derisini ýüzdi. Guýrugy bilen
başyny derisinden aýyrmady, içine girdi. Depegözüň oňüne geldi.
142
Şadessanlar. Gorkut ata
Depegöz bildi kim, Beset deriniň içindedir. Aýdar:
− Eý, sakar goç, sen meniň nirämden heläk boljagymy bildiň. Men
seni gowagyň diwaryna şeýle bir çalaýyn, guýrugyň gowagyň diwaryny
ýaglasyn!
Beset goçuň başyny Depegözüň eline tutdurdy. Depegöz onuň buýnuzyndan berk tutdy, ýokaryk göterjek bolanda, buýnuz deri bile elinde
galdy. Beset Depegözüň satanynyň arasyndan syçrap çykdy. Depegöz
buýnuzy göterip, ýere çaldy. Aýdar:
− Oglan, gutuldyňmy?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 10
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.