Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 10

Total number of words is 3855
Total number of unique words is 1869
34.5 of words are in the 2000 most common words
49.1 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Beset aýdar:
− Taňrym gutardy.
Depegöz aýdar:
− Ýeri, oglan, meniň şu barmagymdaky ýüzügimi al, barmagyňa
dak, saňa ok we gylyç kär etmesin!
Beset ýüzügi alyp, barmagyna geçirdi.
Depegöz:
− Oglan, ýüzügi dakyndyňmy? − diýdi.
Beset aýdar:
− Hawa, dakyndym.
Depegöz Besede tarap topuldy, hanjar bile çaldy. Emma Beset
syçrap, bir ýan gapdal baryp durdy. Ol gördi kim, ýüzük ýene Depegözüň
aýagynyň astynda ýatyr.
Depegöz:
− Gutuldyňmy? − diýdi.
Beset:
− Taňrym gutardy! − diýdi.
Depegöz aýdar:
− Eý, oglan, şol gümmezi gördüňmi?
Beset:
− Hawa, gördüm − diýdi.
Depegöz:
− Meniň şol gümmeziň içinde hazynam bardyr, ony gojalar almasynlar, bar möhürle! − diýdi.
Beset gümmeziň içine girdi. Gördi kim, altyn pullar ýyglypdyr.
Beset özüniň nirede durandygyny unutdy.
Depegöz gümmeziň gapysyny aldy. Aýdar:
− Gümmeze girdiňmi, Beset?
143
Türkmen halk döredijiligi
− Girdim − diýdi.
Depegöz:
− Men seni şeýlebir çalaýyn, gümmez bile birlikde dagap gider
sen! − diýdi.
Beset Haka ýalbardy. Gümmeziň ýedi ýerinden gapy açyldy, birisinden daşary çykdy.
Depegöz gümmeziň içine elini aýlap urdy welin, gümmez astynüstün boldy. Depegöz:
− Oglan, gutuldyňmy? − diýdi.
Beset:
− Taňrym gutardy! − diýdi.
Depegöz aýdar:
− Ýigit, saňa ölüm ýok. Sen şol gowagy gördüňmi?
Beset aýdar:
− Gördüm.
Depegöz aýdar:
− Onda iki gylyç bar, biri gynly, biri gynsyz. Ol gynsyz keser meniň
başymy. Bar getir, meniň başymy kes!
Beset gowagyň gapysyna bardy. Gördi, bir gynsyz gylyç durmaz,
aşak-ýokaryk iner, çykar. Beset aýdar:
− Men muňa ýapyşmaýyn − diýip, öz gylyjyny çykardy, eltip gylyjyň
aşagyna tutdy, ony hem iki para etdi. Ol ýaýyny eline alyp, ok bilen ol
gylyjyň asylyp duran zynjyryny urdy, gylyç ýere düşdi, gömüldi. Gylyjy
gynyna sokdy, ol gylyjyň baljagyndan berk tutdy. Geldi, aýdar:
− Ýeri, Depegöz, niçik sen?
Depegöz aýdar:
− Ýeri, oglan, sen heniz hem ölmediňmi?
Beset aýdar:
− Taňrym gutardy.
Depegöz aýdar:
− Saňa ölüm ýok eken!
Depegöz gygyryp söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş. Aýdar:
− Gözüm, gözüm, ýalňyz gözüm,
Sen ýalňyz göz bile oguzy syndyrmyşdym.
Ala gözden aýyrdyň, ýigit, meni,
Datly jandan aýyrsyn kadyr seni!
144
Şadessanlar. Gorkut ata
Beýle çeker men göz muňyny;
Hiç ýigide bermesin kadyr Taňry göz muňyny!
Depegöz ýene aýdar:
− Galarda, goparda, ýigit, ýeriň niredir?
Garaňky gijede azaşsaň, ümiň nedir?
Gaba baýdak göteren hanyňyz kim?
Göreş güni öňden depen alpyňyz kim?
Ak sakgally babaň ady nedir?
Alp äre adyny ýaşyrmak aýyp bolar.
Adyň nedir, ýigit, diýgil maňa!
Beset Depegöze söýlemiş, göreliň, hanym, ne söýlemiş:
− Galarda, goparda, ýerim günorta, garaňky gijede azaşsam, ümüm
Alla, gaba alam1 göteren hanymyz Baýandyr han, göreş güni öňden depen
alpymyz Salyr Gazan, atam adyn sorar olsaň, Gaba Agaç, enem adyn
sorasaň, Kagan Arslan, meniň adym sorsaň, Oraz ogly Besetdir.
Depegöz aýdar:
− Indi ikimiz dogan ekenik, maňa gyýma!
Beset aýdar:
− Eý, akmak, ak sakgally atamy agladyp sen,
Garryja ak bürenjekli enemi bozladyp sen,
Garyndaşym Koýany öldürip sen,
Akja ýüzli ýeňňemi dul eýlemiş sen.
Duşmanym! Seni gara polat, uz gylyjym tartmynça,
Gapyl-görkli başyň kesmeýençä,
Alja ganyň ýer ýüzüne dökmeýençä,
Gardaşym − Koýanyň ganyn almaýança, goýmanam.
Depegöz hem bu ýerde söýlemiş. Aýdar:
− Galkyban ýerimden turam diýerdim,
Galyň oguz beglerinden ähtim pozam diýerdim.
Ýaňadan doganyn gyram diýerdim,
1
Alam – baýdak
**10. Sargyt № 3166
145
Türkmen halk döredijiligi
Bir gez adam etine doýam diýerdim.
Galyň oguz begleri üzrüme ýygylyp gele diýerdim.
Gaçyban salahana gaýasyna girem diýerdim,
Agyr manjanak daşyn atam diýerdim,
Inip daş başyma düşüp, ölem diýerdim.
Ala gözden aýyrdyň, ýigit, meni,
Datly jandan aýyrsyn kadyr seni!
Depegöz bir dahy söýlemiş. Aýdar:
− Aksakgally (gojalary) köp aglatmyşam,
Ak sakgalyň gargyşy tutdy ola, gözüm, seni,
Ak bürenjekli (aýallary) köp aglatmyşam.
Göz ýaşy tutdy ola, gözüm, seni.
Ýaňagy gararan ýigitjikleri köp iýmişem,
Ýigitlikleri tutdy ola, gözüm, seni.
Eljagazy hynaly gyzjagazlary köp iýmişem,
Gargyşlary tutdy ola, gözüm, seni...
Eýle kim çekerem göz muňyny,
Hiç ýigide bermesin kadyr tasry göz muňuny!
Gözüm-gözüm, eý, gözüm, ýalňyz gözüm!
Beset gaharly ýerinden tura geldi. Bugra kimin Depegözi dyzynyň
üstüne çökerdi. Depegözüň öz gylyjy bilen boýnuny ordy. Dildi, ýaý kirşin
dakdy, süýreý-süýreý, gowak gapysyna geldi. Ýüňli goja bilen Ýapagly gojany oguza buşlukçy gönderdi. Ýerli-ýerden gyr atlar münübän ýörüşdiler.
Galyň oguz illerine habar geldi. At agyzly Oraz gojanyň öýüne çapar geldi.
«Buşluk, ogluň Depegözi depeledi!» diýdi. Galyň oguz begleri Depegözüň
bolan gaýasyna geldiler. Depegözüň başyny oba getirdiler.
Dädem Gorkut gelip, şatlyk çaldy. Gazy erenler başyna näme geldigin
aýdyp berdi hem Besede alkyş berdi: − Gara daga indiginde aşyt bersin,
derýa-suwlardan geçit bersin!
Ärligiň bile gardaşyň ganyny aldyň.
Galyň oguz beglerini mundan gutardyň,
Kadyr Alla ýüzüňi ak etsin, Beset! −
diýdi.
146
GÖROGLY
Göroglynyň döreýşi
(bölekler)
...Günlerde bir gün kazasy ýetip, Adybeg hem dünýäden ötdi.
Indi habary garry atadan eşidiň. Jygalybeg biçäre ölümiň yzynda
galyp, biliniň kuwwaty gaçdy, gözüniň nury öçdi.
– Alla, bu niçik boldy? Genjim oglumyň maňa peýany bolman, ol
gitdi. Mömin oglumyň bolsa akyly gelip-gitmeliräk boldy. Adybegim
ogullarymyň iň ýagşysydy, bu hem biwagt ýogaldy. Mundan bir zürýat
hem galmady – diýip, köp gamgyn boldy.
Günlerde bir gün Jygalybeg gözi uka giden wagtynda bir düýş gördi. Düýşünde: «Tur, Jygalybeg, seniň bir ogluň boldy, gelniň guburyny,
bar-da, barlap gör» diýip, habar berýärler. Jygalybeg gözüni açyp seretse,
töwereginde hiç kim ýok. Ýene kellesini ýere goýup, uka gitdi. Şol ahwal
ýene onuň düýşünde gaýtalandy. Şundan soň Jygalybeg şat bolup, ýerinden turdy we bir hoş habara garaşýan ýaly bolup geziberdi.
Habary kimden al, Genjim begden al. Genjimiň goýny-düýesi kändi.
Günlerde bir gün goýun çopanlarynyň biri gelip:
– Genjim aga, meniň bakýan sürimiň içinde bir süýtli geçi bar. Ol
geçi biraz garbanyp, az-kem otdan doýansoň, sürüden aýrylyp, gabyrystanlyga baka gaçyp gidýär. Men oňa hiç buýrabilmän, ahyry garamagara yzyna düşüp, mazarçylyga bardym. Ol geçi baryp, bir mazaryň
başujunda çekredi. Görden bir zat çykyp, geçini emdi, ýagşy emip bolandan soň, ol zat ýene göre girdi, geçem bärik, sürä baka gaýtdy. Men
ol zadyň ynsdygyny, jynsdygyny bilmedim, durşuna tüý bolup duran bir
gorkunç zat eken – diýdi.
Onda Genjim aýtdy:
– Sen sürini başga tarapa süräýseň bolmadymy?
– Genjim aga, her tarapa sürüp gördüm, hiç alaç bolmaýar, geçi şol
mazaryň başyna her gün barmasa, durup bilmeýär.
Soň ertesi çopan sürini örä çykaranda, Genjimiň özi hem onuň bilen
bile gitdi. Goýunlar meýdana çykyp, ýazylyp, birmeýdan agyp-dönenden
soň, şol geçi ýene sürüden saýlandy-da, gonamçylyga tarap gidiberdi.
Çopan:
– Genjim aga, seret, halha, geçi gitdi – diýip görkezdi. Genjim bilen çopan garama-garama geçiniň yzyna düşüberdiler. Çopanyň aýdyşy
ýaly, geçi bir mazaryň başyna baryp çekredi. Görden bir zat çykdy welin,
147
Türkmen halk döredijiligi
endam-jany durşuna tüý bolup dur. Ol zat müňedekläp-emedekläp baryp,
geçiniň aşagyna girdi. Geçi hem gerlip emdirmäge durdy. Genjim beg
çopan bilen mazardan-mazara bukulyp, bukdaklaşyp, ýakynrak baryp syn
edip görseler, bu zat adam çagasyna meňzeýär. Genjim:
– Meniň inim Adybegiň aýaly ölende, çagasy göwresi bilen gidipdi, bu şonuň gabrydyr – diýip, çopana aýtdy. Onýança geçi hem çagany
emdirip, ýene sürä baka tutduryberdi. Genjim beg:
– Alla, muny tutup alyp gidäýsem, menem bir iş bitiren adam bolardym – diýip, oňa baka süýşüp ugrady welin, oňa deňeç ol zat hem ony
görüp, derrew gaçdy-da, gabra girip gitdi. Bular baryp, mazara esewan
etseler, mazar Adybegiň aýalynyň mazary eken. Bu zat hem şonuň göwresi bilen giden çaga eken. Görüň bir tarapyndan kiçiräk deşik açylyp, şol
deşikden girip-çykýan eken. Genjim bu oglanyň Adybegiň çagasydygyny
ýagşy bilenden soň, duran ýerinden atlandy-da, kakasyna buşlamaga gyp
basdy. Atyny gök-çür derledip, öýe bardy. Atdan towsup düşüp gapydan
girdi-de, Jygalybege garap, bäş keleme söz aýdar boldy, gör-bak, näme
diýýär:
Eşit, atam, Jygalybeg,
Saňa döwran geldi bolgaý.
Eýäm saňa ogul berdi,
Seniň günüň dogdy bolgaý.
Atam, röwşen boldy gözüň,
Hatasy ýokdur bu sözüň,
Açyldy talyg ýyldyzyň,
Saňa döwlet geldi bolgaý.
Seniň işiň küşat boldy,
Är-pirleriň nazar saldy,
Maňa görden bir ses geldi,
Seniň ogluň boldy bolgaý.
Genjim beg diýr, ýa mähriban,
Köňlümizde ýokdur arman,
Çandybile dönüp döwran,
Bize döwlet geldi bolgaý.
148
Şadessanlar. Görogly
Bu habary eşidensoň, Jygalybeg şatlygyndan zöwwe ýerinden galdyda, Genjim oglunyň boýnundan gujaklap ogşady, ikisi tirkeşip daşary
çykdylar-da, atlanyp, mazarçylyga gitdiler. Bu habary eşidip, uludan-kiçi
Çandybil halky hem bularyň yzyndan mazarçylyga baka gitdi. Jygalybeg
şol barşyna Genjim bilen mazarçylyga bardy. Halk hem olaryň yzlary
bilen baryp ýetdi.
Bu çagajyk adam-gara ýok wagtynda görden çykyp, mazaryň
daşynda oýnar eken. Bardy-geldi, adam-gara göräýse-de, gaçyp, göre
girer eken.
Jygalybeg Genjim beg bilen mazarçylyga ýetip baranda, Genjim
beg bir gabryň başujunda oýnap, emedekläp ýören çagany oňa görkezdi.
Jygalybeg görenden soň, ol çaga-da bulary görüp, gaçyp, göre girip gitdi.
Ýaşulular Jygalybegiň ýanyna gelip:
– Bu çaganyň oguldygyny, gyzdygyny barlamak üçin mazaryň bir
ýanynda aşyk, ýene bir gapdalynda gurjak goýup göreliň – diýip, maslahat etdiler we çaganyň çykýan ýeriniň bir gapdalynda aşyk, bir gapdalynda hem gurjak goýdular. Özleri bolsa bir tarapa çekilip bukuldylar.
Birnäçe wagt geçenden soň, töwerekde hiç kim ýokdur güman edip,
çaga emedekläp, görden çykdy. Gyzyl-çyzyl bolup duran gurjaklara gözi
düşdi-de, çaga birbada hatara oturdylan gurjak-lara baka ýüzlendi. Olaryň
ýanyna baryp, üşerilip seretdi, emma el urmady. Soň gabryň beýle tarapyna aýlandy welin, üýşüp ýatan aşyklara gözi düşdi. Çaga hasanaklap
bardy-da, aşyklary jagyrdadyp oýnamaga başlady. Bir meýdan oýnandan
soň, ýene göre girip gitdi. Bukulyp synlap ýatan adamlar hem onuň
oguldygyny bildiler. Jygalybeg:
– Indi bu çagany nähili ýol bilen tutup alyp bolarka? – diýip, halka
maslahat saldy. Adamlaryň biri:
– Duzak gurup tutmak gerek – diýdi, ýene biri başga bir zat diýdi,
garaz, her kim öz göwnüne gelenini aýtdy. Olaryň arasynda bir garryja
ýaşuly bardy. Onuň işi-pişesi eýer ýasamakdy. Ol:
– Bir eýeriň üstüne ýelim çalyp, şol çaganyň çykyp oýnaýan ýerinde
goýmak gerek. Şeýdip goýulsa, çaga görden çykyp, eýeriň üstüne münüp
oýnanda ýelmeşip galar. Ynha, onsoň baryp tutaýmaly bolar – diýdi. Duran adamlaryň hemmesi: «Eýerçi dogry aýtdy-da, eýerçi dogry aýtdy»
boluşdylar. Jygalybeg hem bu maslahaty makul gördi. Soň bir köne eýeriň
üstüne ýelim çalyp, eltip, şol gabryň ýanynda goýdular-da, özleri öňküleri
ýaly bir tarapa çekilip gizlendiler.
149
Türkmen halk döredijiligi
Bir salymdan soň çaga ýene öňküsi ýaly görüň daşyna çykdy. Çykan
badyna hem eýere gözi düşüp, şoňabaka ugrady. Baryp, onuň gaşyndan
ýapyşyp, üstüne bir aýagyny atagada, dyzady welin, bu ýan tarapyna
agyp togalandy. Ol ýene turup münmekçi boldy, emma bu sapar jaýdar
atlanyp, üstünde oturdy-da, loňkuldap oýnamaga başlady. Çaga eýeriň
üstünde ep-esli oturandan soň, endamynyň ýylysyna ýelim ýumşady.
Endamy durşuna tüý bolup duransoň, çaga eýere mäkäm ýelmeşip, durdugyça berkleşdi. Soň çaga ýadap, düşüp gitmekçi boldy. Emma düşüp
bilmedi. Jygalybeg we beýleki syn edip ýatan adamlar çaganyň eýere berk
ýelmeşenini bilip, tarsa ýerlerinden turup, baryp çaga bilen eýeri gujakladylar. Çaga aýylganç bir ses bilen gygyrdy. Hemme adamlaryň depe
saçy üýşüp gitdi. Ol göýä tora düşen jeren balasy ýaly, depirjiklemäge
başlady. Jygalybeg ony ýuwaşlyk bilen eýerden aýryp, gujagyna alyp,
öýüne geldi. Aýallar oňa egin-eşik geýdirdiler. Jygalybeg jar çekdirip,
Çandybiliň ähli halkyny ýygnap, janly soýduryp, gaýnatma asdyryp,
çanak-çanak nahar çekdirip, oturan agyr märekä maslahat saldy:
– Aý, halaýyklar, men Adybegiň yzy binyşan galdy diýip, näumyt
bolup, gynanyp ýördüm, bu gün bolsa Hudaýym maňa bu çagany Adybeg
oglumdan nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-iliniň gerçek goç ýigit ogly
bolsun. Bu çaga siz at goýuň – diýdi.
Il arasynda, köpüň üýşen ýerinde her hili adamlar bolýar. Jygalybegiň
çakylygyna gelen adamlaryň biri pylan bolsun, ýene biri pismidan bolsun
diýip, her kim öz bilenini orta atdy. Bir mol-lasumak adam:
– Bu çaga Hudaýyň gaýdyp beren zady, nazar salan guly boldy,
şonuň üçin onuň adyna Taňryguly diýsegem bolar – diýdi. Bir ýaşuly:
– Bu çaga garaňky görden ýagty dünýä çykdy, munuň ady Röwşen
bolaýsyn – diýdi.
Oturanlar: «Şol boldy-da, şol boldy» diýşip, Röwşen ady makullap,
öýli-öýüne dargamakçy boldular.
Emma şol märekäniň çetinde oturan bir pukara garryja adam:
– Siz bu çaga täzeden bir at toslap tapjak bolşup, her haýsyň agzyňa
gelenini aýdyp oturmaň. Ol çaga dünýä geleninde, ady bilen geldi. Onuň
ady Görogly bolar – diýdi.
Bu garybyň sözüne hiç kim gulak asmady. Gaýtam, onuň gepine
gülşüp, «Bu bir akyly çaşan garrydyr» diýip, ýaňsylamaga başladylar.
Jygalybeg aýtdy:
– Arman, bu garrynyň sözi ýer almady. «Garybyň sözi ýerem al-
150
Şadessanlar. Görogly
maz, ýerde-de galmaz» diýlişi ýaly, Röwşen diýip goýsagam, iru-giç bu
oglanyň ady Görogly bolsa gerek – diýdi...
...Bu söz bu ýerde dursun. Indi habary Hüňkärden eşidiň.
Bir uly patyşa bardy. Bu patyşanyň adyna Hüňkär soltan diýerdiler.
Hüňkär soltan ýedi ýurduň patyşalaryndan paç alyp, ol patyşalary öz
golunyň astynda saklap, hökümdarlyk ederdi. Emma türkmen il-ulsuna hökümi ýöremezdi. Hüňkäriň gitdigiçe nebsewürligi artdy. Ol ýedi
yklymdan alýan hyrajynam az görüp, türkmen il-ulsunyň üstündenem öz
hökümini ýöretmek üçin, köp ýyllar jan çekdi. Ençeme gezek goşun iberdi. Emma türkmen il-ulsy onuň iberen goşunyny syndyryp, derbi-dagyn
edip goýberýärdi. Ahyry Hüňkäriň paltasy daşa degdi. Nalaç bolup, goşun
ibermesini goýdy we köp arman çekip galdy.
Birnäçe wagt aradan ötdi. Adybegiň dünýäden ötüp, töwereginden goç ýigitleriniň hem duw-dagyn bolup gidendigini, Jygalybegiň
hem öňki kuwwatynyň ýokdugyny hälki söwdagärler Hüňkäriň goýberen içalysynyň üsti bilen oňa habar berýärler. Hüňkär bu habary eşidip,
Jygalybegiň üstüne ýene goşun çekmegi ýüregine düwýär. Ol özüniň
serdarlarynyň birini ýanyna çagyryp:
– Türkmen il-ulsunyň üstüne baryp, ogul – olja, gyz – ýesir edersiňiz.
Şu wagta çenli bermedik paç-hyraçlaryny ýygnap alyň, garaw görkezeni
uruň, öldüriň. Jygalybegiň özüni bolsa, aýal-oglan-uşaklary bilen öldürmän, diri tutup getiriň, ol zaňňar bilen bu ýerde meniň özüm hasaplaşaryn
– diýip, ýaňky serkerdäni goşuna baş edip iberdi. Az ýöräp, köp ýöräp,
birnäçe gün ýol ýöräp, Hüňkäriň iberen goşuny Çardagly Çandybile
ýetişdi.
«Baş bolmasa, göwre läş» diýenleri. Adybeg pahyr kazasy dolup
dünýäden öten. Jygalybeg bolsa ýigitlik çagyny ýitirip, güýç-kuwwatdan
düşen adam. Indi Çandybilde ne belli bir baş bar, ne-de belli düzgün
bar, her kim öz bilenini edip ýör. Şonuň üçinem bular onçakly taýýarlyk
görüp bilmediler. Duşman golaýlandan soň, her kim howul-halat, tapantupan ýarag-enjamlaryny alyp, söweş meýdanyna çykdy. Arly-namysly
türkmen ýigitleriniň köpüsi il-ulus üçin duşman bilen ykjam sanjyşdy. At
daradyp, gylyç syrdylar. Jyza parladyp, naýza urdular. Emma Hüňkäriň
goşuny ýygyn ýygnap, şaýyny mäkäm tutup gelen ekeni. Bu gezek türkmen ýigitleriniň oýny olar bilen deň gelmedi. Ozal her gezek gelende,
Çandybile ýetirilmän duw-dagyn edilip goýberilýän goşun bu gezek
ökde çykyp, gala gelip girdi. Öňlerinden näme çyksa urdular-ýardylar,
151
Türkmen halk döredijiligi
basdylar-aldylar. Şeýde-şeýde, obama-oba, öýme-öý aýlanyp, paç-hyraç,
salgyt-tawan, garamat diýilýän zady Hüňkäriň tabşyryp goýberişinden
bäş beter edip aldylar. Maldarlaryň malyny sürdüler, daýhanlaryň eken
ekinlerini at aýagynyň astynda tozdurdylar, ak-gök ekinleriň bary ýer
bilen ýegsan edildi. Köp adamlar öldürildi.
Jygalybegi hem ilki gören batlaryna tutup, boýnuna ýüp baglap, ata
süýretdiler. Emma Hüňkäriň «Ony tutup, diri getiriň» diýen sözünden
gorkup, Jygalybegi maşgalasy bilen bir tanapa düzüp, at öňünde yzgydyp,
paýy-pyýada, ibir-zibir edip, tapan-tupan mal-garalarynyň arasy bilen
sürüp alyp gitdiler. Basgynyň içinde Jygalybegiň alnyp gidilendigini
Çandybil halky bilmän galdy. Soň ýurt asuda-parahat bolandan soň:
– Jygalybeg Hüňkäriň goşunynyň eline düşüpdir – diýip, Çandybil
halky gynanyşyp, ah çekip galdy, söwdagärler – bakgallar, hannaslar
bolsa «Beladan dyndyk» diýşip, şat boldular.
Indi habary Hüňkäriň goşunyndan al. Olar niçe günlük çöl kesip,
niçe dag-derýalardan aşyp, az ýöräp, köp ýöräp, öz ýurtlaryna baryp ýetdiler. Türkmen il-ulsundan basyp, talap alan paç-hyraçlaryny, mal-garalaryny jemläp, Jygalybegi hem öňlerine salyp, Hüňkär soltanyň huzuryna
alyp bardylar. Goşun serkerdesi halky talap elten sowgatlaryny Hüňkäriň
öňünde goýup, gol gowşuryp, salam berip durdy.
Indi habary Hüňkärden eşidiň. Öň birnäçe gezek paltasy daşa degen
Hüňkär Jygalybegiň ele salnanyny görüp, keýpi kök bolup, jak-jaklap
güldi.
– Ýer-ow, Jygalybeg, eşek ogrusy zaňňar, habaryňy ber, nä hyzmat
bilen meniň gaşyma geldiň? – diýip, ýaňsa alan bolup, sözüniň yzyny
gülkä urdy.
– Meniň bolup gelşim size gülki bolarça bolandyr, patyşahym.
«Taýagyň iki ujy bar» diýenleridir, aýby ýok, her zat-da bolsa, nesibä
kaýyl bolmaly bolýar-da. Men sizden hyzmat soramakçy däldim welin,
meniň ol aýdanym bolmady – diýip, ikuçluragada jogap berdi. Hüňkär
Jygalybegiň bu aýdanyna düýpli düşünibem durmady. Ol:
– Hä, hyzmatyňa geldim diýsene, hany sen maňa paç bermekden
boýun towlaýan halkyň serdarydyň-la?
– Tagsyr, paç berse-de, bermese-de, ol halkyň öz işi. Biziň
halkymyzyň içinde şa-da bir, geda-da bir. Ol meniň işim däl, halkyň
işi – diýdi.
– Ine, şol maňa paç bermän ýören eşek ogrusy, bir bölek garakçynyň
152
Şadessanlar. Görogly
soltany şu Jygalybegdir – diýip, Hüňkär ýene ýaňsylap güldi. Onuň daştöwereginde oturan wezir-wekilleri, sypaýylary hem gülüşdiler.
Jygalybeg:
– Ýok, tagsyr, beýle diýmek hata bolar. Dogrusyny aýtmagyň aýby
ýok. Garakçy diýeniň köp bolsa bäş ýüz – üç ýüz bolar, emma olar otuz
müňdenem, kyrk müňdenem kän – diýdi.
Hüňkär soltan Jygalybegiň gaty köp hünärleriniň barlygyna beletdi.
Şonuň üçinem ol: «Munuň näme hünäri bar bolsa, hünärine laýyk hyzmat
buýrup göreýin, munuň hemme hünärlerinden peýdalanaýyn. Onsoňam
«Her ýurduň awuny öz tazysy bilen awla» diýen bir nakyl bardyr. Munuň
il-ulsy indi başsyz galandyr. «Baş bolmasa, göwre läş» diýenleridir. Ol ili
özüme golasty ederin. Bardy-geldi, Jygalybeg wepasyz bolup çykaýsa,
her wagt hem muny iline ýetirmän, başyny almaga wagt tapylar» diýip,
öz içinden pikir etdi-de:
– Aý, Jygalybeg, biz saňa hyzmat bersek, sen haýsy hyzmaty özüňe
laýyk görýärsiň, seniň nähili hünärleriň bar? – diýip sorady. Jygalybeg:
– Meniň ökde kärim seýisçilik, atşynas, başga-da uruş hünärlerimem
bardyr – diýdi.
– Onuň ýaly bolsa, gowy kesbiň bar eken. Men hemme atlarymyň,
ähli ýylky sürülerimiň ygtyýaryny seniň eliňe berýärin. Sen seýisçilik etde, öz hyzmatyňy görkez. Hyzmatyň görünse-hä gadyryň bilner, ýogsa-da
boljagyň belli – diýip, hat ýazyp, möhür basyp, Jygalybege berdi.
«Bir ýerden gelen gelmişege, özi hem boýnuna ýüp salnyp ýesir edilip getirilen gelmişege şeýle emel berdi» diýip, wezir-wekilleri, sypaýylary öz içlerinden gynandylar, ýöne daşlaryna çykaryp bilmän gitdiler.
Hüňkär şäherde bir ýeri belläp, Jygalybege mekan edip berdi. Jygalybeg öz mekanynda birki gün dem-dynç alandan soň, gurby ýetdiginden ýylky sürülerine seredip başlady. Ol bir ýylda atçylyk-seýisçilik
işinde öz hünärini görkezip, Hüňkärden köp sylag-serpaýlar aldy, soň
Hüňkär ony köşge – öz ýanyna maslahatçy edip aldy. Jygalybeg köşkde
hem pyçak, aýpalta göterip, bir ýyl hyzmat edip, öz hünärini görkezip, dura-bara Hüňkäriň ýanynda uly abraý gazandy. Ondan köp sylag-serpaýlar
aldy. Üçünji ýylda Hüňkäriň ýekgalam mährem weziri boldy. Hüňkär
her bir işinde Jygalybegsiz gymyldap bilmedi. Jygalybegiň maslahatyna
mätäç boldy. Her bir işde öz wezir-wekilleriniň beren geňeş-maslahatyna
kanagatlanman:
– Hany, Jygalybegi bir çagyryň göreýin, ol köpügören zaňňardyr,
153
Türkmen halk döredijiligi
munuň ýaly işlerden onuň başy gowy çykýar – diýip, häli-şindi oňa
geňeş salyp, maslahat etmegi Hüňkäriň öňki wezir-wekilleriniň içinden gan gyryndysyny geçirdi. Şonuň üçin öz at-abraýlaryndan, şöwketşöhratlaryndan düşäýmek gorkusy bilen bir gün ähli sypaýylar jemlenişip:
– A-how, tagsyr, sen bir eşek ogrusy, garakçylaryň soltany Jygalybegi munça götergiläp, uly abraýyň eýesi etdiň. Onuň bizden artyk näme
bilýän zady, ökde hünäri bar? – diýişdiler.
– Onuň bilýän hünärleri gaty kän. Hünärlerini öwrenenimizden soň,
ony ýok etmek aňsat. Ol atşynas – uly seýis. Onuň hünärlerini öwrenmek
gerek – diýdi.
– Tagsyr, eger ol uly seýis bolýan bolsa, saňa wepaly hyzmatçy
bolýan bolsa, goý, ol saňa dünýäde ýok bir at tapyp bersin. Bolmasa-da,
sen onuň çäresini gör – diýişdiler.
Hüňkär Jygalybegi ýanyna çagyrdyp:
– Haw, Jygalybeg, eger sen hünärli, uly seýis bolýan bolsaň,
sen maňa dünýäde hiç görülmedik bir at kemala getirip bermeli
– diýip höküm etdi.
Jygalybeg:
– Alla, bu zaňňar-a dura-bara hökümini güýçlendirýär-ow, indi
munuň meni ýanap başladygymyka? Her zat-da bolsa, iň gowusy,
duşmana syr bermezlik. Gel, men bu ýagdaýda munuň bilen ýaňkalaşyp,
kejinden turmaýyn – diýip, içinden pikir etdi-de:
– Bolýar, ýagşy, baş üstüne, tagsyr – diýip, ýelmaýa münüp,
Arabystan ilatyny üç aýlap gezdi. Emma ilde ýok at tapylmady.
Jygalybeg:
– Alla, bu zaňňara indi baryp näme diýsemkäm? – diýip, ýol boýy
pikirlenip gelýärkä, derýaýy Şoruň boýunda Hüňkäriň elkin ýatan
ýylkysynyň üstünden geldi. Ony bakyp ýören çopanlar bilen amanlyksaglyk soraşandan soň, ýylka göz gezdirip ýörşüne, birden-de derýadan
bir at çykyp, ýylkylaryň içinde bir baýtala üç mertebe towsup, ýene derýa
girip gidenini gördi.
Jygalybeg:
– Ynha, indi-hä tapan bolsam gerek, «Suw aty bolýar» diýip
eşidýärdim welin, çyn boldy-ow – diýip, ýaňky baýtaly belläp aldy, ony
çopanlara-da görkezip:
– Ogullarym, bu baýtaly sizem mazaly belläp goýuň. Mundan bir
üýtgeşik zat bolmalydyr. Ol her haçan bolaýsa, siz oňa göz-gulak bolup,
154
Şadessanlar. Görogly
maňa tiz habaryny ýetireweriň, ogullarym. Ýamanlyk ýüzüni görmäsiňizdä – diýip, çopanlar bilen hoşlaşyp gaýtdy. Çopanlar hem:
– Bolýar, atam – diýip, Jygalybege söz berip, ýaňky baýtala gözgulak bolup geziberdiler.
Jygalybeg geldi Hüňkäriň gaşyna:
– Tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa, geljek ýyl şu günlere çenli howlukma – diýdi.
Şunluk bilen, bu baýtalyň aý-sähedi dolup, bir güni ol tazynyň çagasy ýaly bir zat taşlady. Çopanlar ony Jygalybegiň ýanyna getirdiler-de:
– Şol belläp gaýdan baýtalyňdan bolan taý şu – diýdiler.
Jygalybeg ony alyp, Hüňkäriň gaşyna getirdi:
– Tagsyr, seniň diýen dünýäde görülmedik atyň, ine, şundan dogar
– diýdi.
Päh, gonçlaryna gor guýlup, içlerinden gan akýan zalym sypaýylaryň,
wezir-wekilleriň indi diýeni geldi. Ozal ýamanlamaga zat tapman ýören
zaňňarlaryň gökdäki dilegleri ýerde gowuşdy. «Indi gezek geldi-de, gezek
geldi, ýol tapyldy-da, ýol tapyldy» bolşup, heşelle kakdylar. Wezirleriň
aksakgaly:
– Haw, tagsyr, bu gelmişek türkmen seni oýnap ýör! – diýdi.
– Ol niçik oýnamak?
– Ol, ine, şeýle, tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa diýip, üç aýlap
gürüm-jürüm bolup gitdi. Gör, Hudaý bilsin, ol nirelere aýlanyp gelendir. Iň soňunda-da «Ilde ýok at şundan dogar» diýip, bir
tazynyň ganjyk güjügini getirip, seniň öňüňe taşlady. Indi muňa
näme diýersiň. Bu seni oýnamak däl-de, eýsem näme, tagsyr?
– diýdi. Beýleki wezir-wekiller, sypaýylar hem:
– Dogry, dogry – diýşip, aksakgal weziriň aýdanlaryna ten berdiler.
Hüňkär:
– Jygalybeg, bu aýdylyp durlan sözlere näme jogabyň bar?
– diýip, Jygalybege azm urdy. Jygalybeg rejäniň geň däldigini derrew
aňdy. Wezir-wekilleriň, sypaýy-serkerdeleriň dil düwşüp, bir çukura
tüýkürişendiklerine gözi ýetdi. Emma «Ýeriň däldir ak taýak» diýip içini
gepletdi-de:
– Tagsyr, bu tazy tohumy däldir. Bir ýyl sabyr etseňiz, hemme syryň
üsti açylar – diýdi. Hüňkäriň jyny öňküden beter atlandy, ol gahar-gazap
bilen:
– Üsti açylýan bolsa, tä syryň üsti açylýança meniň gözüme görünme! – diýip, gazap bilen gygyryp kowdy.
155
Türkmen halk döredijiligi
– Bolýar, görünmen, tagsyr – diýip, Jygalybeg çykyp gitdi.
Wezir-wekiller muny öldürmän goýberenden soň, iru-giç onuň bir
alamat görkezjekdigini aňyp, ýene öňünden gaçyp ugradylar:
– How, tagsyr, sen bilýärmiň, ol zaňňar ilde ýok at gözlän bolup, üç
aýlap gezdi. Elbetde, ol üç aýlap biderek gezen däldir. Özüniň türkmen
il-ulsuna baryp, seniň bar gizlin syryňy paş edendir. «Hüňkär bir oýnatgy
samsyk patyşa eken» diýip, halkyna jar edendir. Sen türkmen halkyny
özüňe bakna edip, olardan paç aljak bolup ýörsüň. Indi sen işiňi tapan
bolsaň gerek. Türkmenler günde-günaşa gelip, seniň ýurduňy çapyp
giderler. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýip eşitmeýärmidiň, tagsyr,
bular çöl gurtlarydyr – diýişdiler.
Birwagtlar paç-hyraç almak üçin iberen agyr goşunyny türkmenleriň
duw-dagyn edeni Hüňkäriň ýadyna düşdi. Ýüregindäki köne duşmançylyk
ody has beter lowlap tutaşdy. Oturan ýerinden basgy tapyp, garabaşyna
gaý boldy:
– Meniň her ýurduň awuny öz tazysy bilen awlamak hyýalym bardy,
emma ol aýdanym bolmady. Wah, dady-bidat, ýalňyşan ekenim, men
soňuna galypdyryn – diýip, agzyny köpürjikledip, gözlerini dälirän göläň
gözi ýaly edip, pisini aşyryp, aýylganç ses bilen «Jellat» diýip gygyrdy.
Şol wagtyň özünde iki sany jellat häzir bolup:
– Lepbeý, patyşahy älem, ne gulluk bar? – diýip baş egip, Hüňkäriň
gaşyna gelip durdy. Hüňkär:
– Tiz baryň, Jygalybegi tutup getirip, iki gözüni oýuň – diýip perman
berdi. Jygalybeg heniz öýüne ýetmänkä, ýaňky jellatlar ýüwrüp baryp
yzyndan ýetdiler, ony tutup, uly iliň ortasynda iki gözüni oýdular. Bu
ýagdaýy gören-eşiden pakyr-pukaralaryň bary gan aglap, gara geýdi. Gülendam, Mömin dagy ajy aýralykdan soň bu sütemi hasam agyr gördüler.
Bu zulumlar, bu gazaply günler ýaşajyk Röwşeniň ýüregini hasam çişirdi,
ol eziz atasynyň gözüni oýanlaryň baraga-da, gözlerini köwläp gaýdyberesi geldi. Röwşen ýaş bolansoň, göwnündäkini edibilmän, ahmyr edip
galmaly boldy, Hüňkäriň zulumyny çekmeli boldy. Emma kasas kyýamata galmasa gerek.
Gözi oýulandan birnäçe wagt ötensoň, Jygalybeg bir gün Hüňkaryň
ýanyna baryp:
– Tagsyr, indi etjegiňi edip içiňi sowatdyň. Men birnäçe ýyl saňa
hyzmat etdim, sen hiç bir ýazyk-günä tapman, meniň gözümi çekdiň. Indi
senden etjek bir dilegim bar, şol eden hyzmatlarym üçin şu taýy maňa
bagyşla – diýdi. Hüňkär gahar bilen:
156
Şadessanlar. Görogly
– Bar, garaň görünmesin, şol getiren gysragyň düldülem bolsa,
seniňki bolsun. Mundan artyk şu ýerlerde görünme, ýok bol şu taýdan!
– diýip, kowup goýberdi.
Jygalybeg bu taýy öýe eltip, idetmäge başlady.
Günlerde bir gün wezir-wekiller, sypaýylar Hüňkäre ýamanlap,
Jygalybegiň ortanjy ogly – Gülendamyň äri Mömin begiň hem başyny
kesdirdiler. Hüňkär patyşa Jygalybegiň gapdalyndan gysyremgek bolup
sataşdy. Jygalybeg, agtygy Görogly, dul gelni Gülendam üçüsi bolup
galdy. Jygalybeg bu agyr zulum-sütemden ýanyp-bişip, bäş keleme söz
aýdar boldy:
Arzym bar, ýaradan Jepbar,
Bu gamlardan gutar meni.
On iki ymam, dört çaryýar,
Bu gamlardan gutar meni.
Hümmet sizden, Kowus-Kyýas,
Çöl eýesi Hydyr-Ylýas,
Medinede ol ymam has,
Bu gamlardan gutar meni.
Hiç ýokdur derdime dowa,
Atam – Adam, enem – Howa,
Üç ýüz altmyş är öwlüýä,
Bu gamlardan gutar meni.
Haýryl beşer hublar huby,
Kadyr Allanyň mahbuby,
Şyh Mansur, molla Rumy,
Bu gamlardan gutar meni.
Jygalybeg, çekdim efgan,
Pir ýoluna başym gurban,
Nädeýin, kysmatym ýaman,
Bu gamlardan gutar meni.
157
Türkmen halk döredijiligi
Jygalybeg sözüni tamam edip, başdan geçenleriniň baryny birlaý ýatlap, kellesinden hatar-hatar geçirdi. Emma biçäre nätsin, bu dertleri kime
aýdyp, kimden medet sorasyn, ýaş bolsa ýetjek ýerine ýeten. «Adybegiň
ýoklugy – duşman garnynyň doklugy, her zat-da bolsa indi başga alaç
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 11
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.