Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 04

Total number of words is 3982
Total number of unique words is 1310
40.7 of words are in the 2000 most common words
53.7 of words are in the 5000 most common words
61.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
eline düşüp galan eken. Bu gyzlar döwleriň elinden nädip gutuljaklaryny
bilmän ýören ekenler. Bu döwler hem ýedi dogan eken. Döwleriň birinjisi bir kelleli, ikinjisi iki kelleli, üçünjisi üç kel-leli, ýedinjisi hem ýedi
kelleli eken. Mämmetjan ýaňy bir kellelisini öldürdi. Indi iki kellelä baka
ugramaly.
Mämmetjan, göräýmäge, bu döwleriň ýanynda kiçijik ýaly görünse
hem, gaty güýçlüdi. Bu gyz Mämmetjanyň eline bir hat ýazyp berýär,
özüniň şol iki kelleli döwdäki gyz uýasyna hem bir hat ýazyp berýär.
Şondan soň gyz Mämmetjany bu gara döwüň üstüne mündürip ugradýar.
Ol agalaryny hem ýadyndan çykarýar-da, gyz bilen hoşlaşyp gidýär.
Gara döw aýdyşy ýaly, göz açyp-ýumýança Mämmetjany barmaly ýerine eltýär. Mämmetjan bärden barýar. Barsa, howlynyň işiginde bir döw
sakçy dur. Mämmetjan gyzyň ýazyp beren hälki hatyny oňa berýär. Ol
döw hem Mämmetjany howlynyň içine goýberýär. Mämmetjan gyzy
tapyp, uýasynyň ýazyp beren hatyny oňa gowşurýar. Gyz haty okap,
Mämmetjana:
− Ýeri, Mämmetjan, sen bu ýere näme üçin geldiň? − diýip soraýar.
Mämmetjan hemmesini bolşy ýaly gyza gürrüň berýär.
Onda gyz aýdýar:
− Döw awa gidipdi. Indi onuň geler wagty ýakynlady. Bar, sen onuň
öňünden çyk.
Mämmetjan döwüň haýsy ugurdan, haýsy ýoldan geljegini sorap,
onuň öňünden çykmaga gidýär. Ol ýoluň ugrunda bir köpri bar ekeni.
Mämmetjan baryp, köpriniň aşagyna girip durýar. Ynha, bir wagtdan
bir ýel turýar. Bir güpür-güpür peýda bolýar. Ynha, yzyndan bir atly iki
kelle loňk-loňk edip gelýär. At köpriniň ýanyna ýakyn gelip, köprüden
geçmän, hor-hor edip duruberýär.
52
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Döw:
− Jüre getirmiş diýsäni, bu ýerde, näme, Mämmetjan bardyr
öýdýämiň? − diýip, atyna gamçy urmaga durýar.
Mämmetjan hem:
− Mämmetjan hem bolsa bolar − diýip, köpriniň aşagyndan böküp
çykýar.
Döw muny görüp, atdan düşýär-de:
− Eý, Mämmetjan, atyş gerekmi, tutuş? − diýýär.
Mämmetjan aýdýar:
− Atyş ataň başyna, gel, tutuşaly!
Ondan soň döw:
− Gezegi aljakmy ýa-da gezegi berjekmi? − diýýär.
− Al, gezek seniňki, emma her kim üç gezek synanmaly, ondan kän
synanyşjak bolmaly däl − diýýär.
Döw Mämmetjanyň bilinden tutup, ony ýeriň ýüzüne pylçap urmak
üçin «hop» diýip göterjek bolýar. Emma Mämmetjany duran ýerinden hem
gymyldadyp bilmeýär.
Döw:
− O-how! Bu nähili beýle bolýar? − diýip, ýaňadan göterjek bolýar.
Ýene-de bolmaýar.
Ondan soň döw:
− Be, bu nähili adam? Muny urup ýykmasam boljak däl
− diýip, ýumrugyny düwüp, Mämmetjanyň kellesinden inderýär.
Bu gezegem diňe döwüň öz ýumrugy agyrýar. Ondan soň döw gezegi
Mämmetjana berýär-de:
− Hawa, Mämmetjan dost, indi gezek seniňki − diýýär.
Ondan soň Mämmetjan döwüň bilinden tutup, ykjam göterip, bir
urýar welin, döw çaşyp ýatýar. Mämmetjan mundan gidip, gyzyň ýanyna
bardy.
Gyz aýdýar:
− Ýeri, Mämmetjan, näme etdiň?
Mämmetjan aýdýar:
− Öldürdim.
Onda gyz aýdýar:
− Şol ýerde bir keýik bardyr, şoňa seret, eger-de onuň gözleri ýumuk,
53
Türkmen halk döredijiligi
özi hem ýatan bolsa, onuň ýanyna barmagyn, eger-de gözleri açyk, özi hem
gäwüşäp duran bolsa, onda arkaýyn baryp, gulagyna birazrak gum dyksaň,
çüýşe ýere gaçar. Şony alyp döwseň bolar.
Mämmetjan onuň ýanyna bakan ugraýar. Baryp görse, ol gäwüşäp,
gözlerini ýaldyradyp garap dur. Mämmetjan ol özüne seredip duransoň,
gorkusyna yzyna gaýdyp, gyzyň ýanyna gelýär.
Gyz:
− Ýeri, sen näme gaýdyp geläýdiň? − diýýär.
Onda Mämmetjan aýdýar:
− Ol ukuda däl, oýa, gözleri açyk, gäwüşäp, maňa bakan garap dur.
Gyz aýdýar:
− Şeýle bolsa, onuň tüýs ukuda wagty. Onda sen arkaýyn baryber.
Ondan soň Mämmetjan onuň ýanyna ýaňadan barýar. Ýuwaşlyk bilen
baryp, bir gysym gumy alyp, onuň gulagyna sepýär. Onuň beýleki gulagyndan bir çüýşe pat edip, ýere gaçýar. Hälki keýik bu çüýşe ýere gaçandan
ýalpa oýanýar. Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni eline alyp ýetişýär. Keýik
«Degme» diýip, Mämmetjana ýalbarýar. Hälki döw hem:
− Dat, Mämmetjan, seniň gurbanyň bolaýyn, öldürme − diýip,
gygyryp ylgap gelýär.
Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni ýeriň ýüzüne bulap bir urýar. Çüýşe
çym-pytrak bolýar. Onuň içindäki döwüň jany hem jähennem bazaryna
gidýär. Keýik hem çüýşe döwlenden soň, ýom-ýok bolýar. Döw hem bir ah
çekip, agdarylyp gidýär. Ondan soň Mämmetjan ýene gyzyň ýanyna barýar.
Gyz hem Mämmetjany görüp:
− Ýeri, Mämmetjan, nätdiň, öldürdiňmi? − diýýär.
Mämmetjan:
− Hawa, öldürdim − diýip jogap berýär.
Gyz Mämmetjany öz ýanynda alyp galmakçy bolýar:
− Eý, Mämmetjan, sen döwi öldürip, meni halas etdiň, indi meni
taşlap, sen nirä gitjek?
Onda Mämmetjan özüniň näme işe bilen gelenini bu gyza gürrüň
berýär.
Onda bu gyz hem Mämmetjana şeýle diýýär:
− Ýok, Mämmetjan, sen indi mundan beýläk gitme. Mundan beýlekileri has ýamandyr.
Onda Mämmetjan aýtdy:
− Ýok, men gitmesem, hiç boljak däl, men şol guşy alyp gelmek üçin
54
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
gaýtdym. Indi men şol guşy alyp gelmesem bolmaz. Onuň üçinem men bu
ýerlerde durjak däl, men gitjek − diýip, ugramakçy bolýar.
Ondan soň bu gyz Mämmetjanyň gitjegini bilip:
− Bolýar, seni ugradaýyn − diýip, döwleriň birini çagyrýar.
Döw gelip:
− Lepbeý − diýip durýar.
Gyz:
− Şuny ol döwüňka näçe wagtda eltip gelersiň? – diýip soraýar.
Döw:
− Rugsat etseňiz, muny ýigrimi dem alym salymda eltip gelerin
– diýip jogap berýär.
Gyzyň gahary gelip:
− Git, ýok bol, peläket! − diýip kowýar. Ondan soň bu gyz ikinji
birini çagyrýar. Ol döw hem gelip:
− Lepbeý − diýip durýar. Gyz muňa hem aýdýar:
− Şuny ol döwüňkä näçe wagtda eltip gelersiň?
− Rugsat etseňiz, muny on dem alym salymda eltip gelerin
− diýýär.
Gyz muňa hem gahary gelip kowýar. Ondan soň, ol gyz üçünji gara
döwi çagyrýar. Ol hem:
− Lepbeý − diýip gelýär. Muňa hem aýdýar:
− Şuny ol döwüňkä näçe wagtda eltip gelersiň? Onda gara döw
aýdýar:
− Rugsat etseňiz, muny göz açyp-ýumasy salymda eltip gelerin.
Ondan soň gyz Mämmetjana ol uýasyna we howlynyň işigindäki
sakçy döwe hat ýazyp berýär. Ondan soň döwe aýdýar:
− Şuňa bir zelel beräýseň, onda seniň deriňi iniňden alaryn.
Döw:
− Ýok, ýok, muňa hiç bir zelel bermek bolmaz − diýýär.
Gyz ondan soň Mämmetjan bilen hoşlaşyp, ony ugradýar. Bu döw,
aýdyşy ýaly, Mämmetjana hiç azar bermän, göz açyp-ýumýança eltip
gelýär.
Mämmetjan bu ýerdäki döwi hem hälki döwi öldürişi ýaly öldürýär...
Onsoň altynjy gyz ýedinji gyza − iň uly uýasyna hat ýazyp berýär. Mämmetjan bu ýerden hem şol öňki ýerdäki ýaly aňryk ugraýar. Mämmetjan iň
ahyrynda ýedinji döwüňkä barýar. Mämmetjan haty birinji işikdäki sakçy
döwe berýär. Ol muny howlynyň içine goýberýär. Ondan soň Mämmetjan
bu gyzyň ýanyna barýar. Oňa ondan öňki gyzyň hatyny berýär.
Ondan soň bu gyz:
55
Türkmen halk döredijiligi
− Ýeri, Mämmetjan, näme habar, näme iş bilen geldiň? − diýip soraýar.
Mämmetjan özüniň bütin durmuş ýagdaýyny aýdyp berýär. Onda gyz:
− Indi döwüň geler wagty boldy − diýýär. Onda Mämmetjan soraýar:
− Ol nireden gelýär, men onuň öňünden çykaýyn.
Gyz aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, onuň öz-ä örän güýçlüdir.
Mämmetjan:
− Aý, zeleli ýok, göreris-dä − diýýär.
Gyz onuň gelýän ýoluny salgy berýär. Mämmetjan baryp, döwüň
gelýän ýolunyň ugrundaky köpriniň aşagyna girip garaşyberýär. Ynha,
bir wagtdan ýel turup, harasat gopýar, bu gyzgyn edil ýalyn ýalymyş. Bir
wagtdan Mämmetjan garap görse, ýedi kelle loňkuldaşyp gelýär. Mämmetjan olardan biraz üýşenjek bolýar. Emma Mämmetjan: «Altysyny öldürip
geldim, şonçasyny ýoklan, ýedinjisiniň hem ýoguna ýanar» diýip, öz-özüne
göwünlik berýär. Ondan soň, ynha, bir döw alatupan bolup gelýär. Ol
köpriniň ýanyna ýetende welin, aty hor-horlap, köprüden geçmejek bolup,
yza tesýär.
Döw sögünip:
− Çüw! Näme, bu ýerde Mämmetjan bardyr öýdýarmiň? − diýip,
atyny gamçylaýar.
Mämmetjan: «Meniň adym şol haýbatly döwlere hem belli eken, şular
hem menden gorkýan ekenler» diýip, öz-özüne göwünlik berip, köpriniň
aşagyndan böküp çykýar-da:
− Haý, zalym! Mämmetjan hem bolsa bolar − diýýär.
Döw Mämmetjany görüp, atdan düşýär-de:
− Atyş gerekmi, tutuş? − diýýär.
Mämmetjan aýdýar:
− Haý, zalym, atyş ataň başyna, tutuş gerek!
Ondan soň bular tutluşyp gidýärler. Bular şol barşyna kyrk gije-gündiz
ýakalaşýarlar. Ahyrynda bu döw Mämmetjany aljyradyp barýar. Muňa
hälki gyz hem garap duran bolýar. Gyz bu döwüň Mämmetjany aljyradyp
barýanyny görýär-de, bir çuwal daryny süýräp getirýär we döwüň aýagynyň
aşagyna dökýär. Mämmetjan bolsa bu döwi darynyň üstüne entirekledip
eltýär. Şol barmaşa, döwüň aýagy taýyp, agdarylyp gidýär. Şeýdip Mämmetjan bu döwi hem öldürýär.
Onsoň ol gyz aýdýar:
56
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
− Bu döwüň jany şol ýerde bir garry bar, şonda. Ony hem öldürmeseň,
döw ýene-de janlanyp geler. Bu garrynyň ýüzi aşak, gözi ýumuk bolsa,
ýanyna barmagyn, onda ol oýadyr. Eger-de ýüzi ýokaryk, gözi açyk bolsa,
onda arkaýyn barybergin, ukudadyr. Onuň burnuna çöp sokgun, şonda
gulagyndan bir çüýşe çykar, döwüň jany şonda.
Mämmetjan baryp görse, onuň ýüzi ýokaryk, gözi açyk, ondan soň
Mämmetjan onuň burnuna, ýaňky gyzyň aýdyşy ýaly, çöp sokýar. Bu garry
bir «af-tüf» edip asgyrýar welin, şol wagt onuň gulagyndan bir çüýse böküp
düşýär, özi-de şol bada derrew oýanýar. Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni
garbap alýar. Garry «öldürme» diýip, Mämmetjanyň aýagynyň aşagyndan
birnäçe gezek eýläk-beýläk geçýär.
Döw hem:
− Gurbanyň bolaýyn, Mämmetjan, öldürme − diýip gelýär.
Mämmet çüýşäni bulap bir urýar welin, ol çym-pytrak bolýar. Döw
hem bir ah urup, agdarylyp gidýär-de, dessine jan berýär.
Mämmetjan ýene-de gyzyň ýanyna gelýär.
Gyz aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, indi sen meniň ýanymda gal.
Onda Mämmetjan aýdýar:
− Ýok, men munda hiç galyp bilmen, men beýlede hem muňa meňzeş
alty döwi öldürip geldim. Bu döw ýedinji, men bilbilgöýä guşy alman, hiç
ýerde galman.
Onda gyz aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, ol seniň indiki görjegiň ozalkylara hiç meňzeş däl.
Sen oňa gitme.
Mämmetjan aýdýar:
− Ýok, men oňa gitmesem bolmaz. Ýöne sen onuň ýoluny hem ony
gidip getirmäniň ýollaryny salgy ber.
Gyz onuň galmajagyny bilip:
− Eý, Mämmetjan, oňa gitmegiň ýoly şeýle: sen şundan gidersiň,
öňüňden bir uly çynar çykar, şonuň üstünde bir guş ýaşaýar. Ine, şol guşuň
jüýjelerini her ýylda bir aždarha gelip iýýär. Eger-de sen şol guşy beladan
gutaryp bilseň, onda ol seni bilbilgöýä guşa eltip getir. Ondan aňyrda seniň
öňüňden bir beýik howly çykar. Sen onuň içine girjek bolarsyň welin,
işiginde bir äpet döw oturandyr, dessine onuň kellesini kakgyn, ondanam aňyrlygyna baryberersiň welin, öňüňden bir süri towuk çykar, bulara
hem birnäçe çuwal bugdaý alyp gidip, haçan olar wak-waklaşyp gelen-
57
Türkmen halk döredijiligi
de, bugdaýy olaryň öňlerine döküşdirip, ýaýradyp gidersiň. Ondan geçip
gidiberersiň, öňüňden bir süri it çykar, bulara hem bir çuwal süňki alyp
gidersiň, bular hem gelende, şony öňlerine taşlaşdyryp gidersiň. Ondan
geçersiň, öňüňden şorsurap ýören bir süri mes düýe çykar. Bulara hem
birnäçe çuwal duz alyp gidersiň. Bularyň öňlerine şol duzlary pytradyp
gidersiň. Ondan soň bir tam bardyr. Onuň kyrk basgançagy, her bir basgançagynda hem aýagyňy basanyňda jaňňyrdaýan bir jaň bardyr. Onuň üçin
hem bir gujak garagurum alyp git. Her basgançaga basaňda, jaňyň dilini
şonuň bilen hökman baglap gitgin. Ýogsam, jaňlar jaňňyrdap, ýatanlary
hökman turzar. Olaryň kyrk gije-gündiz ukusy bardyr. Sen öňürti bilgin:
olar ukudamy ýa oýamy? Eger-de uklan bolsalar, onda arkaýyn barybergin.
Onsoňam, şol guş seni alyp gidende, köp et bilen suw gerekdir. Oňa gerek
zatlary men saňa mundan özüm ýetişdirerin − diýip, hälki gyz Mämmetjana
ýagşy düşündirýär.
Mämmetjan şoňa baka gitmekçi bolýar, gyz hem Mämmetjany ugratjak bolup, öz döwleriniň birini çagyrýar. Ol hem:
− Lepbeý − diýip gelýär. Gyz aýdýar:
− Sen şuny hol, pylan ýere näçe wagtda eltip gelersiň?
Onda döw aýdýar:
− Rugsat etseňiz, on dem salymda eltip gelerin.
Gyz muňa:
− Git, peläket, iýen-içeniň haram bolsun! − diýip kowýar.
Ondan soň gyz ikinji döwi çagyrdy. Ol hem:
− Lepbeý − diýip gelýär. Muňa hem:
− Sen şuny pylan ýere näçe wagtda eltip gelersiň? − diýýär. Onda bu
hem aýdýar:
− Rugsat etseňiz, bäş dem salymda eltip gelerin.
Ondan soň gyz muňa hem:
− Git, peläket − diýip kowýar.
Ondan soň gyz üçünji gara döwi çagyrýar. Ol hem:
− Lepbeý − diýip gelýär. Gyz muňa hem aýdýar:
− Sen şuny näçe wagtda pylan ýerik eltip gelersiň?
Onda gara döw aýdýar:
− Rugsat etseňiz, göz açyp-ýumýança eltip gelerin.
Onda gyz aýdýar:
− Bar, şuny eltip gel. Eger-de ýollarda dagy şuňa zelel edäýseň, deriňi
iniňden sypyraryn.
58
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Ondan soň gyz Mämmetjan bilen hoşlaşyp, ony ugradýar. Mämmetjan
gidýär. Ynha, birwagt Mämmetjan çynaryň bäri ýanyndan barýar. Ol döwi
yzyna gaýtaryp, bu çynara baka ugraýar. Görse, ullakan bir aždarha çynara
ýarmaşyp barýar. Çynaryň üstünde bir süri guş jüýjeleri jüýgül-de-jüýgül,
näme etjeklerini bilmän, eýläk-beýläk urunýarlar. Ol aždarhanyň bu guş
çagalaryna agzynyň ýetmegine az galypdyr. Ynha, şol wagt Mämmetjan
ýetişýär. Ol muny görüp, ak sagdagyndan ok çykaryp, hälki aždarhanyň edil
bilinden urýar, Mämmetjanyň atan оку aždarhanyň içinden geçip, çynaryň
hem ýarysyna çenli çümýär. Aždarha çynara çüýlenip, ýokaryk çykyp bilmän galýar. Mämmetjan ýene-de bir gezek aždarhanyň kellesinden çenäp
atýar. Ol hem aždarhanyň kellesinden geçip, çynara girip gidýär. Ondan
soň Mämmetjan baryp, almaz gylyjy bilen bu aždarhany dogram-dogram
edýär. Mämmetjan bu aždarhanyň etini guşuň çagalarynyň agzyna tutup
berýär. Hälki aždarhadan gorkan, garynlary aç guş çagalary hezil edinip
iýýärler, emma bularyň iň kiçisi Mämmetjanyň soňky berenini iýmän,
diliniň aşagynda goýýar. Ondan soň Mämmetjan bu ýerde biraz ýatyp, dynç
almakçy bolup, şol çynaryň düýbünde gyşarýar. Şol ýatyşyna Mämmetjan
süýji uka gidýär. Ynha, şol wagt bu çagalaryň enesi gelýär. Görse, agajyň
düýbünde bir adam ýatyr. Çagalaryň enesi:
− Нä, her ýyl meniň çagalarymy iýýän şu adam eken. Seni bir öldürip dynaýyn − diýip, gidip bir ullakan gara dagyň bölegini goparyp
gelýär. Eneleriniň gaharlanyp, bu ýatan adamy öldürmäge gelýänini çagalary bilýärler-de, uçup gelip, Mämmetjanyň üstüne ganatlaryny ýaýyşyp
duruberýärler. Ondan soň bu guş:
− Ýok, bu adam meniň çagalaryma bir ýagşylyk eden bolmaly, bolmasa, bular beýdişip durmazdylar − diýip, alyp gelen hälki daşyny äkidip,
alan ýerine eltýär. Ondan soň gelip görse, Mämmetjan entegem süýji ukuda
ýatyr.
Bu guş gelip çagalaryndan:
− Ýeri, bu ýatan adam kim? Men muny öldürjek bolup gelenimde, siz
munuň üstüni alşyp durduňyz? − diýip soraýar.
Onda çagalary aýdýarlar:
− Aždarha geldi. Şol wagt bu adam hem bir ýerden gelip ýetişdi-de,
ony öldürdi. Öldürip, bize onuň etini paýlaşdyryp berdi. Biz hem ony
iýdik, häzir onuň ýadap ýatyşy. Siz hem gelip, muny öldürjek bolduňyz,
bizem şeýle ýagşylyk edenden soň, bu adamy öz ganatlarymyzyň aşagynda
gizledik.
59
Türkmen halk döredijiligi
Onda bularyň enesi:
− Siz ondan gorkyňyza şeýle diýýärsiňiz. Eger-de şol dogry bolsa,
hany, bir deliliňiz barmy? − diýýär.
Onda çagalary:
− Нä, biz biraz galdyrmaly ekenik, gaty ajygyp, hemmesini iýäýipdiris − diýýärler.
Oňa çenli hälki kiçijik:
− Ýok, men galdyrdym, ynha, delil − diýip, diliniň aşagyna salyp
goýan bölegini çykaryp berýär.
Bularyň enesi munuň dogrudygyna şondan soň ynanýar. Mämmetjanyň
bolsa şol ýatyşyna üstüne Gün düşýär. Bu guş baryp, bir ganatyny
Mämmetjanyň üstüne kölege edýär. Bir wagt Mämmetjan oýanýar. Görse,
üstüne bir ullakan gara zat bürelip dur. Gorkusyna özüniň almaz gylyjyna
ýapyşjak bolýar.
Bu guş aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, hiç bir zat ýok, seniň bu eden ýagşylygyň üçin
men hem şeýle edip otyryn. Sen dünýäde menden bitjek näme islegiň bar
bolsa, dile.
Mämmetjan aýdýar:
− Maňa hiç zat gerek däl. Men bilbilgöýä diýen guşy alyp gitmäge
geldim. Indi meniň sizden dilegim hem soragym şol guşy nähili tapmaly?
Siz nähili kömek edip bilersiňiz?
Bu guşuň ady Symrugdy. Ol aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, ol guşy alyp gelmek örän kyn, seni duýsalar,
döwler hökman öldürerler.
Mämmetjan aýdýar:
− Men mundan beýlede hem onuň ýaly köp döwleri görüp geldim.
Näme bolsa-da, bir gidip göreli. Men ýa şony alyp gelerin ýa-da ölerin.
Ondan soň Symrug guş aýdýar:
− Bolýar, gideli, ýöne oňa barmaga gaty köp zat hem gerek.
Mämmetjan aýdýar:
− Ol zatlary taparys.
Symrug guş aýdýar:
− Onda meniň üstüme mün.
Mämmetjan onuň üstüne münüp gidýär. Hälki gyzyň ýanyna
barýarlar. Bu gyz hem bulara gerek zatlary taýýarlap goýan eken. Bular
barandan soň, gyz gara döwi çagyryp, hemme zady onuň üstüne ýükläp
60
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
goýberýär. Ondan soň, bular gidýärler. Bular howlynyň bäri ýanyndan
baryp, bu döwden zatlary alyp, ony yzyna gaýtarýarlar. Ondan soň bu
zatlary Symrug guşuň üstüne ýükläp, özi hem münüp gidiberýär.
Ynha-da, howlynyň işiginden barýarlar. Howlynyň işiginde hem bir
döw garawul duran eken. Biraz bilmedik kişi bolup, ondan ony-muny
soran kişi bolup, ýanyna golaýlaşyp, almaz gylyjy bilen döwüň kellesini
kakyp goýberýär. Bu döw duran ýerinden agdarylyp gidýär. Ondan soň
Mämmetjan Symrugyň arkasyna münýär-de, mundan geçip ugraberýär.
Onuň öňünden bir süri towuk çykýar. Mämmetjan olaryň öňlerine hälki
bugdaýlary döküşdirip gidiberýär. Mämmetjanyň öňünden ýene bir süri
it üýrüşip çykýar. Bularyň hem öňlerine hälki süňkleri taşlap gidiberýär.
Onuň öňünden bir süri şorsuraşyp ýören mes düýe çykýar. Ol bularyň
öňlerine hälki alyp gaýdan duzlaryny döküşdirip gidiberýär.
Şol barşyna bir beýik jaýa ýetýär. Ynha, görse, munuň kyrk basgançagy bar. Munuň her bir basgançagynyň arasynda tilsim bilen gurlan bir
jaň asylgy dur. Mämmetjan hälki alyp gaýdan garagurumlaryny alýar-da,
bu jaňlaryň dillerini baglaşdyrýar. Batyr ýigit ýokaryk çykyp seretse,
aňyrlygyna baka bir ýol gidýär.
Symrug guş:
− Eý, Mämmetjan, sen biraz dur, men baryp görüp geleýin.
Olar ukudamy ýa-da ýokmy? Eger ukuda bolsalar, sen bararsyň
− diýýär.
Mämmetjan hem muny makul bilýär. Symrug guş girip gid-ýär.
Baryp görse, bularyň hemmesi ýaňy süýji uka gidipdir. Ondan soň Symrug guş Mämmetjanyň ýanyna gelip, olaryň ýatanyny habar berip, şeýle
tabşyryk berdi:
− Indi sen bar. Ýöne sen ol ýerde köp eglenmegin, bilbilgöýäni
algyn-da gaýtgyn.
Mämmetjan:
− Bolýar, köp eglenmen, edil bardygym, şol guşy alyp gaýdaryn
− diýýär.
Ýigit baryp görse, ynha, bir tamyň içinde ullakan, her biri dag ýaly
döwler uklaşyp ýatyr. Mämmetjan ýuwaşja ýöräp, bulardan geçýär. Görse,
ýumşak mahmal we ýüpekleriň içinde bir gyz ýatyr. Gyzyň bogazyndan
geçýän suw aýnadan geçen ýaly görnüp dur. Bilbilgöýä tamyň oňat
otaglarynyň birinde otyr.
Mämmetjan bu gyzy görüp, akyly haýran bolup, hälki guşy hem
61
Türkmen halk döredijiligi
ýadyndan çykarýar. Mämmetjan garap görse, bu ýatan gyzyň çar tarapynda hem-de baş ujunda gyp-gyzyl ot, aýak ujunda sap-sary, her ýanynda
her hili ot ýanyşyp dur. Mämmetjan haýran galýar. Ol bu gyzyň ýanyna
barmakçy bolýar. Ýuwaşlyk bilen gyzyň ýanyna barýar. Ondan soň, gyza
elini degrip görýär, gyz oýanmaýar, sebäbi bular her ýatanlarynda kyrk
gije-gündizläp uklardylar. Mämmetjan bu gyzyň ýanynda galyberýär. Ol
şeýdip, bu gyzyň ýanynda gezip ýörka, bir günden bir gün, özüniň näme iş
üçin geleni ýadyna düşýär. Mämmetjan: «Men näme işe gelipdim, men bu
gyz diýip gelmändim ahyry, men atama bilbilgöýäni alyp gitmäge gelipdim.
Meniň bu ýerde näme işläp ýördüdim» diýip, pikir edýär. Ol bilbilgöýäni
alyp ugraýar welin, ol bir aýylganç ses edip gygyrýar. Ukuda ýatan döwler
munuň sesini eşidip oýanýarlar. Oňa çenli Mämmetjan bilbilgöýäni alyp,
Symrugyň ýanyna gelýär. Guş aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, men saňa köp eglenme diýipdim, onda-da sen
birnäçe gije-gündiz eglendiň. Ýör, indi tiz bol, gel, mün meniň üstüme,
gaçaly, ýogsam, döwler gelip, bizi horlar.
Mämmetjan bilbilgöýäni eline alyp, Symrug guşuň üstüne münýär.
Symrug guş aýdýar:
− Indi sen maňa et ber diýenimde, suw bergin, suw ber diýenimde,
et bergin. Eger-de sen şulary maňa aýdan wagtymda berip ýetişseň, men
seni gutararyn.
Mämmetjan hem:
− Bolýar, men olary wagtynda berip ýetişerin – diýýär.
Bular şeýle diýşip, al-asmana galyp başlaýarlar. Döwler hem bularyň
yzyna düşýär.
Symrug guş et ber diýende, Mämmetjan suw berýär, suw ber diýende
et berýär. Şol baryşlaryna bular araçäge ýakyn barýarlar. Ynha, Symrug guş
Mämmetjana et, suw, et, suw diýip gaçyp otyr. Mämmetjan hem et diýende
suw berip, suw diýende et berip barýar. Ahyrynda indi ýol az galanda Symrug guş «suw» diýdi. Emma Mämmetjanyň eti gutarypdy. Indi Mämmetjan
näme etjegini bilmän, derrew öz baldyrynyň etinden muňa kesip berýär.
Symrug guş munuň adam etidigini bilip, ýuwutman, ýöne diliniň aşagyna
salyp goýýar. Ynha, bular, şol barmana araçäkden geçýärler. Döwler bular
araçäkden geçensoň, nälaç bolup, näme etjeklerini bilmän galyberýärler.
Symrug guş Mämmetjany eltip, şol hälki gyzyň derwezesiniň agzynda
düşürýär-de:
− Ine, bu şol bizi ugradan gyzyň gapysy, hoş, Alla ýaryň, ugraber –
diýip hoşlaşýar.
62
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Mämmetjan ugraberýär welin, her bir ädiminde aýagyny ýempik
basyp agsaýar. Sumrug guş ony yzyna çagyryp:
− Aýagyňy näme ýempik basýaň, näme ýetmeziň bar? − diýip soraýar.
Onda Mämmetjan:
− Aýagym gurşupdyr − diýip jogap berýär.
Onda Symrug guş:
− Ýok, seniň aýagyň gurşanok, ony men bilýän − diýip, diliniň
aşagyndaky baldyryň etini öňki ýerinde goýup, bir ýelegi bilen sypalaýar
welin, Mämmetjanyň aýagy öňküsi ýaly bolýar.
Soň Symrug:
− Bar, indi ötägit − diýip, Mämmetjany ugradýar.
Ondan soň Mämmetjan hälki gyzyňka barýar. Gyz Mämmetjany garşy
alýar. Gerçek bu gyzyňkyda hem birnäçe gün bolýar.
Ondan soň bu gyzlary, bütin mal-mülki, gyzyl-kümüşleri alyp, aňryk
ugraýar. Bular, ynha, üçünji gyzyň ýanyna baryp, muny hem şeýdip alyp
gidýärler. Gepiň gysgasy, bular gyzlaryň hemmesiniňkä baryp, olaryň
baryny alyp gidýärler. Bular iň ahyrda hälki Mämmetjanyň ilki bilen, öz
öýlerinden gaýdandaky birinji gezek gelen ýeri − Ak döwüňkä, şol ýaş
gyzyň ýanyna gelýärler. Munda hem birnäçe gün bolýarlar. Ondan soň
Mämmetjanyň ýadyna öz agalary düşýär. Gaýduwsyz ýigit iň kiçi gyza:
− Hany meniň agalarym? − diýýär.
Ol kiçi gyz aýdýar:
− Bilmedim, meniň olardan hiç habarym ýok. Ýöne şu ýerdäki guýyny
bir garap gör, eger-de olar şu ýere gelen bolsalar, şondadyr.
Mämmetjan guýyny görse, bular, gyzyň aýdyşy ýaly, şonda ýatyrlar.
Mämmetjan guýynyň agzyndan gygyrsa hem, bular «Ýene döw gelendir,
indi bu bizi öldürjekdir» diýip, sesini çykarman ýatyrlar.
Mämmetjan: «Bular gorkusyndan maňa ses berýän däldirler» diýip,
ýene-de gygyrýar. Ondan soň bular hem «Bu Mämmetjan bolaýmasyn»
diýşip, ses berýärler. Mämmetjan guýynyň içine ýüp sallap, agalaryny çekip
alýar. Ol agalaryny suwa düşürip, bulara ýagşy eginbaşlar geýdirip, gyzyň
hemme mal-mülk, gyzyl we başga-da hemme gerekli zadyny alyp, ýedi
gyzyň ýedisini hem alyp, öz öýlerine baka ugraberýär.
Bular barýarkalar, ýolda Mämmetjanyň agalary:
— Eger-de biz munuň bilen barsak, onda bize örän uly namys bolar.
Hemme kişi hem, atamyz hem bizi näletlär. Geliň, bir ýol tapyp, munuň ähli
eden işini öz adymyza geçireliň − diýşip, maslahat edýärler. Bular: «Biz
63
Türkmen halk döredijiligi
Mämmetjana «Ýadadyk, gel, biraz galyp, dynç alaly» diýeli. Ondan soňra
bu hem galar. Şeýdip, bir ýerde ukladyp-zat edip, bir ahmallyga salyp, bir
iş ederis. Ondan soň ähli zady hem-de bilbilgöýäni özümiz alyp gideris»
diýip, bir çukura tüýkürýärler. Ondan soň Mämmetjanyň ýanyna gelip:
− Eý, Mämmetjan, biz ýadadyk. Gel, inim, şu ýerde biz olardan biraz
galyp, dynç alalyň − diýýärler.
Mämmetjan hem: «Gel, meniň agalarym ýadan bolsalar, bulara biraz
dynç bereýin» diýip, pikir edip:
− Geliň, siz ýadan bolsaňyz, hökman dynç alarys − diýýär.
Mämmetjanyň agalary aýdýarlar:
− Geliň, birazajyk ýatybam turalyň.
Ondan soň bular ýalandan ýatan kişi bolýarlar. Inisine hem aýdýarlar:
− Mämmetjan, sen hem birazajyk ýat, senem ýaman ýadansyň.
Dogrudan hem, halys ýadap gelýän Mämmetjan kellesini ýere goýan
badyna derrew süýji uka gidýär. Agalary munuň uklanyny bilip, hasyrhusur Mämmetjany basyp, gözüni oýup alýarlar-da, özüni hem eltip bir
guýa taşlaýarlar. Onuň gözlerini hem aňyrdan Mämmetjan bilen gelýän
ite berýärler. Ol it, dili bolmasa hem, hemme zada örän ýagşy düşünýärdi.
Mämmetjan onuň örän gowy görýän ýoldaşy bolansoň, it onuň gözlerini
iýmän, diliniň aşagynda saklap goýaýdy. Agalary işlerini bitirenlerinden
soň, ýene-de aňyrlygyna baka gidiberýärler. Bular beýlekileriň yzyndan
ýetip:
− Mämmetjan aw awlamaga galdy. Ýöne ol ýerik baranymyzdan soň,
bu hakda biriňiz dagy sesiňizi çykaraýsaňyz, hökman ajalyňyzyň ýetdigidir,
biläýiň − diýip, özara maslahat edýärler. Mämmetjanyň agalary öňe ozup
giden ýoldaşlarynyň yzlaryndan ýetip:
− Eger siz beýläk baranymyzdan soň, bilbilgöýäni şular alyp gelenok
diýäýseňiz, onda siziň hökman ajalyňyzyň ýetdigi − diýip, bulary hem gorkuzýarlar. Bular hem gorkularyna:
− Bolýar, biz aýtmarys − diýýärler.
Bular guşy hem alyp, öz şäherlerine ýetip, atalarynyň ýanyna baryp:
− Ynha, ata, biz bilbilgöýäni alyp geldik − diýýärler.
Onda bularyň atasy:
− Ýagşy, siz alyp gelen bolsaňyz, hany, Mämmetjan nirede galdy?
− diýip, bulardan soraýar.
Bular aýdýarlar:
− Biz Mämmetjany görmedik.
64
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Atasy aýdýar:
− Ýok, siz dogryňyzy aýdyň, Mämmetjansyz bu bilbilgöýäni alyp
gelmek siziň işiňiz däldir.
Bular ýene-de:
− Ýok, biz Mämmetjany görmedik. Ol biziň bilen gidenok ahyry
− diýýärler.
Ondan soň bir gün geçýär, iki gün geçýär, üç gün geçýär welin, bilbilgöýä hiç saýramaýar. Bularyň atasynyň keseli öňküsindenem beterleşipdir.
Ol şu guş saýraýsa, ýagşy boljak, bolmasa-da, gün geldigiçe erbetleşjek.
Atasy bulara aýdýar:
− Näme, bu siziň getiren guşuňyz saýramaýar? Bu gus bilbilgöýä däl
bolaýmasyn. Eger-de bilbilgöýä bolsa, onda bu saýrardy.
Gurban bilen Weli ikisi-de aýdýar:
− Ata, ol häzir ýadaw. Ol demini-dynjyny alansoň, hökman saýrar.
Atasy aýdýar:
− Dynç aljak bolsa, dynç alarça wagt geçdi.
Olar aýdýarlar:
− Aý, indi tiz saýramaga başlar.
Mämmetjan bolsa şol guýynyň içinde ýatyr. Hälki it Mämmetjanyň
ýanynda galypdy. Bu it Mämmetjana guşjagaz tutup getirip berýär. Şol
ýerde hoz agajy bar eken, ondan hem hoz çöpläp getirip berýär. Şeýdip,
onuň ýanyndan aýrylman ýör.
Indi sözi kimden eşit, Mämmetjanyň bilbilgöýäni alyp gaýdan ýerindäki gyzdan eşit. Mämmetjan şol gyzyň ýanynda wagty barmagyndaky
ýüzügini alyp, öz barmagyna dakyp, öz ýüzüginem gyzyň barmagyna dakyp
gaýdypdy. Mämmetjanyň ýüzüginde ady we haýsy ýurtdandygy ýazylgydy.
Ol gyzyň hem ýüzügine ady we ýurdy ýazylgydy. Süýji ukuda ýatan gyz
birwagtlar ukusyndan oýanyp görse, munuň töweregindäki çyralar öňki
duran ýerlerinden başga ýere üýtgedilipdir. Bir görse, bilbilgöýä hem ýok.
Ondan soň bu gyz aňk-taňk bolup ep-esli durýar. Görse, elindäki ýüzügi
hem özüniňki däl. Ýüzüge garasa, onuň ýüzünde Mämmetjanyň ýurdy
hem ady ýazylgy. Ondan soň bu gyz şaýyny tutup, ýeke özi Mämmetjanyň
yzyny yzlap ugraýar. Az ýöräp, köp ýöräp, sähetli gün gyz Mämmetjanyň
ýurduna barýar. Ondan soň gyz salgy alyp, Mämmetjanyň öýlerine barýar.
Gapydan ätläp:
− Hany Mämmetjan? − diýip soraýar.
Agalary aýdýarlar:
**5. Sargyt № 3166
65
Türkmen halk döredijiligi
− Ol-a ýok.
Gyz aýdýar:
− Onda bilbilgöýäni kim alyp geldi?
Mämmetjanyň agalary aýdýarlar:
− Ony biz getirdik.
Bu gyz aýdýar:
− Siz ony nähili getirdiňiz we nireden getirdiňiz?
Bular aýdýarlar:
− Biz mundan gitdik, iň ahyrda bir ýere ýetdik, bir beýik jaýdan alyp
gaýtdyk.
Bu gyz aýdýar:
− Alyp gaýdan ýeriňizde adam görmediňizmi?
Bular:
− Ýok, görmedik − diýýärler.
Bu gyz soraýar:
− Siziň adyňyz kim?
Bular:
− Biziň birimiziň adymyz Gurban, birimiziň adymyz hem Weli
− diýýärler.
Bu gyz bilbilgöýäni bularyň alyp gaýtmandyklaryny, Mämmetjana bir
zat edendiklerini bilýär-de, olary gyssap ugraýar:
− Hany, siz bu bilbilgöýäni alyp gaýdan adamyny derrew tapyň. Egerde siz ony tapmasaňyz, onda siziň boljagyňyz bellidir.
Ondan soň Mämmetjany tapmak üçin bilbilgöýäni çözüp goýberdiler.
Saýrak guş uçup, öňe düşüp gidiberdi. Bu gyz hem munuň yzyna düşüp
barýar. Ynha, bilbilgöýä hälki guýynyň başyna baryp gonýar. Görseler, bu
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 05
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.