Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 11

Total number of words is 3798
Total number of unique words is 1893
31.0 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
galmady. Şu Röwşen oglumy ölmänkäm bir adam edip ýetişdirip biläýsem, maňa şol bolýar» diýip, umytly oglunyň sussuny peseltmejek bolup, gaýgy-gamyny içine salyp, Görogla öwüt-nesihat, akyl-huş öwredip
geziberdi.
Hüňkäriň şäherinde Jygalybegiň bir dosty bardy. Ol bir gün gelip:
– How, Jygalybeg, «Türkmeni dürtmeseň, duýmaz» diýenleri ekeni.
Sen başga bir ýurda aşaýmasaň, Hüňkär seniň tohumyňy tüketjek. Sen
basymrak başga bir ýurda göç – diýip maslahat berdi.
Şol wagt hälki üsti gürrüňli gysrak hem üç pagsa diwar ýaly bolup
ýetişipdi.
Jygalybeg Göroglyny ýanyna çagyryp:
– Eý, Röwşen jan, «Gara keçe ak bolmaz, köne duşman dost bolmaz» diýenleri, biziň bu ýerden Üçgümmez dagyna aşmagymyz gerek.
Bir gün paty-putyňy eltip gel, bir günem Gülendam ýeňňeňi eltip gel, iň
soňundanam meni artlaşdyryp alyp git, oglum – diýdi.
Görogly:
– Bolýar, ata – diýip, bir gün paty-putusyny eltip geldi, bir gün Gülendam ýeňňesini eltip geldi, bir gün hem, daň atmazdan öň, garry atasyny
artlaşdyryp, Hüňkär patyşanyň şäheriniň derwezesinden çykyp gitdi...
...Ýene bir gün Görogly Üçgümmez dagynyň jülgelerinde aw awlap
ýörkä, Yspyhandan gelip, Mekge-Medinä barýan kyrk galandara duşdy.
Galandarlar Görogludan:
– Oglan, bu ýerde näme işläp ýörsüň? – diýip soradylar.
Görogly:
– Şu ýerde öýümiz bar – diýdi.
Galandarlar:
– Öýüňiz bolsa, bizi Taňry myhmany almarsyňyzmy? – diýdiler.
Röwşen bir ýaş oglan. Özbaşyna jogap berip bilmän:
– Şu ýerde garry atam bar, şoňa geňeşeýin – diýip, gelip atasyna
geňeşdi:
– Ata, birentek galandar Taňry myhmany boljak diýýär, olara näme
jogap bereli?
– Oglum, Taňry myhmany gelip, işigimizden gaýdan ýeri ýokdur.
158
Şadessanlar. Görogly
Bar, äkel, alajy bolar – diýenden soň, Görogly bu galandarlary tirkeşdirip
eltdi.
Kyrk eşek Jygalybegiň çatmasynyň töwereginde aňňyrşyp
jaýlaşdylar.
– Hany, ata, myhmanlary äkelmesine-hä äkeldik, indi bulara näme
berjek?
– Oglum, tanaň otugandyr. Derrew sygryňy soý – diýdi.
Görogly sygryny soýdy. Başga hyzmat etjek adam ýok. Bir Gülendam ýeňňesi bar. Gülendam iki synyny biline çalyp, bilegini çyzgap, Gün
galandan tä erte çäş galynça, myhmanlara hyzmat etdi. Myhmanlar onuň
oturyp-turşunda, hyzmat edişinde, päkizeliginde, tagam bişirişinde hiç
bir kem-käs ýerini tapyp bilmediler. Gülendam özüniň görüm-göreldesi,
salykatlylygy, adamkärçiligi bilen gelenleri geň galdyrdy. Bir kör bilen
bir neresse oglanyň elinde Gülendamyň şol görk-görmegi bilen kanagat
edip oturmagyna galandarlar haýran galyp, agyzlaryny açyp gitdiler. Şol
baryşlaryna galandarlaryň ýoly Arabystan ilatynyň üstünden düşdi. Bu
işige barýarlar: «Taňry myhmanyny alýan kişi barmy?» diýip, ol işige
barýarlar: «Taňry myhmanyny alýan kişi barmy?» diýip, ahyry bir adam:
– How, galandarlar, siz bäş höwre, on höwre bölünip düşüň,
zaňňarlar, bu bolşuňyza toparyňyz bilen kim sizi myhman alar? – diýdi.
Galandarlar:
– Biz bäş höwre, on höwre bölünip düşmeýäris, kyrkymyzyň
hötdämizden gelip biljek adamyňka düşýäs, bolmasa ötüberýäs
– diýdiler. Onda ol adam:
– How, galandarlar, bu ilatda siziň kyrkyňyzyň hötdäňizden gelip
biljek adam ýok, Arabystan ilatynyň patyşasy siziň hötdäňizden geläýmese, başga pukara siziň hötdäňizden gelebilmez – diýdi.
Şondan soň galandarlar sürüp: «Tagsyr, Taňry myhmanydyrys»
diýip, Reýhanarabyň dergähine bardylar. Şahyň emeldarlary: «Bir topar
galandar geldi» diýip, Reýhanaraba habar berdiler. Reýhanarap:
– Baryň, myhman alyň, özbaşlaryna bir jaý boşadyp beriň – diýdi.
Galandarlaryň özbaşlaryna bir jaý berip, çaý-çilimi, temmäki-neşäni
taýýar etdiler. Reýhanarabyň özi giç agşam bularyň ýanyna gürrüňe bardy.
Ol ojak başynda edilen sekiniň gapdalyna geçip, ýelek güpjegi tirsegine
taşlap, porsaň ýaly bolup, bir gapdalyna agdarylyp gyşardy-da:
– Haw, galandarlar, siz jahankeşdä ogşaýarsyňyz. Dünýäde näme
gep-gürrüň bar? Gören-eşiden zadyňyzdan gürrüň etseňizläň! – diýdi.
159
Türkmen halk döredijiligi
Bu – patyşa bolansoň, galandarlar, mundan sustlary basylyp, set-hezar
gysylýarlar. Beýleki oturanlardan ses-üýn çykmansoň, olaryň ýaşulusy
Abdylla galandar:
– Tagsyr, patyşahym, size gürrüň bersek, şu ýoldan gelýärkäk,
Üçgümmez dagynda bir çertekde myhman bolduk, şonda bir maşgala
gördük, dünýäde Hakyň ýaradany iki bolsa, biri şol, ýeke bolsa-da özi şol.
Şony saňa taryp edip, bäş keleme söz aýdyp bereli, onsoň meýhanadan
kowmajak bolsaň, bizi gysyndyryp oturma – diýdi. Reýhanarap:
– Hany, aýdyp beriň – diýenden soň, şu ýerde Abdylla galandar Gülendamy taryp edip, bir gazal aýdar boldy, gör-bak, näme diýýär:
Arzymny eşitgil, arabyň şahy,
Gülendam dek söwer ýary görmedim.
On dördi gijäniň minewwer mahy,
Gülendam dek söwer ýary görmedim.
Gollary hynaly, bendinde ýüzük,
Edep bilen sözlär, gözleri süzük,
Suraýyl gerdenli, billeri näzik,
Gülendam dek söwer ýary görmedim.
Ýüregmizden çykmaz dag üzre dagy,
Hup, näzik ýasalmyş başdan-aýagy,
Ter gunçaly täze guçmaly çagy,
Gülendam dek söwer ýary görmedim.
Men çykmyşam Käbä edip erada,
Barça gulny hak ýetirsin myrada,
Abdylla diýr, bu ýalançy dünýäde
Gülendam dek söwer ýary görmedim.
Abdylla galandar sözüni tamam etdi. Arap zaňňar tarsa ýerinden
turup, «ah» diýip gursagyna bir urup, çiň arkan gaýdyberdi. Essinden
aýylyp, çaşyp ýatyr zaňňar. Galandarlar haýran boldular. «Muňa ne jyn
urdy, tutgaýlymyka, hernä ahyry bize tawan bolman, ölmän galsa ýagşy»
diýşip, başlaryny dyzlarynyň üstüne goýup oturdylar. Şol ýatyşyna üç
sagatdan soň özüne gelip, diwanyna ümläp goýberdi. Diwanbegi baryp,
160
Şadessanlar. Görogly
şanyň gaznasyndan zerli serpaýdan alyp getirip, galandarlaryň her
haýsynyň öňünde bir serpaý epläp goýdy. Galandarlar serpaýy geýip,
gomparyşyp, baş egşip, gulluk edip oturdylar. Onsoň Abdylla galandar:
– Tagsyr, patyşahym, bu nämäniň serpaýy, nämäniň berimi, peşgeşiengamy? – diýip sorady. Reýhanarap:
– How, galandarlar, siz Hudaý tarapyndan gelen eziz myhmanlar
ekeniňiz. Gülendam diýen gyz Şirwan welaýatynyň gyzydy. Men onuň
üçin köp muşakgaty başdan geçirdim. Bir topar adam şol gyz üçin meniň
elimden öldi. Iň soňunda ene-atasynyňam başyna ýetip, gyzy erkine goýman, zorlap kejebä salyp gel-ýärkäm, bir bölek atly üstüme dökülip, ony
elimden alyp galdy. Urşaýyn diýsem gapyldym, ýaraglarym bentdi, ýaraglary almaga pursat bolmady. Onsoň kejebäni taşlap, atym bilen özüm
gaçyp gutuldym. Men ol kyrk atlynyň: Yspyhan, Nisbijahan, Nyşapur,
Sebziwar, Kerman, Osman, Häzirbeýjan, Şirwan, Töwriz – haýsy ýurduň
adamy ekenligini bilmän, ah urup, arman edip ýördüm. Asyl ol zaňňar-a
bu sanan şäherlerimden başga ýerde ekeni. Men ony hökman gaýdyp
alaryn – diýip, öz işiniň ugruna turuberdi.
Indi habary kimden al, Abdylla galandardan al. Abdylla galandar
dessine özüniň ýalňyşandygyny bildi-de:
– Haw, galandarlar, sogap diýip, günäniň lomaýyna batdyk gerek. Ol
bigünä bendeleriň ýekeje sygryny soýduryp, duzuny iýip, iň soňunda hem
bu ýere gelip, olaryň gürrüňini edip, günäkär bolduk. Indi meniň diýenimi
etseňiz, munuň serpaýynyňam, zadynyňam..., duzunyň bolsa, gurbany
gideýin. Şu gijeden gaýra galman, atlanaýlyň – diýdi.
Galandarlar eginlerindäki serpaýlary çykaryp, meýhananyň ortasyna
bulap urdular-da, şol gijäniň özünde atlanyp, ol ýerden çykyp gitdiler.
Galandarlaryň biwagt atlanandyklary Arabyň piňine-de däl. Ol dessine garry atyny zerteň-zeberteň eýerläp, oňa zer-zerefşan jul salyp mündi. Öz ýetik
ýeri, belet ýoly bolansoň, basdy ata gamçyny. Birnäçe gün ýol ýöräp, bardy
bärden yňdaryp. Arabyň aty Göroglynyň tohum gylýalynyň ysyny alyp,
bir aýylganç kişňedi, sesi tokaýlara, dag-daşlara ýaňlanyp gitdi. Görogly ýeňňesiniň ýanyna ylgap bardy-da:
– Bu gorkunç ses nämäniň sesi, ýeňňe jan? – diýip sorady.
Gülendam:
– Men bu sesi güman edýän, Röwşen jan. Seniň kakaň dadyma ýetişip,
meni bir zalym arap şasynyň elinden alyp galypdy. Megerem bolsa, bu ses
şol zalymyň atynyň sesidir. Biziň bu ýerdedigimizi ol bir ýerden eşidip ge-
**11. Sargyt № 3166
161
Türkmen halk döredijiligi
lendir – diýip, Gülendam özüniň başyndan geçenleri birin-birin gürrüň edip
berdi. Soň ýene:
– Ataň «Garry duşman dost bolmaz» diýip aýdandyr. Bu hem kakaň
ganym duşmanydyr. Ol meni alyp gider, senden aýrar. Emma sen bir hile
tap-da, şonuň atyny öz tohum gylýalyňa tohumlyga dile. Onuňam aty suw
atynyň tohumyndandyr. Seniňem gylýalyň suw atynyň tohumydyr. Ondan
dogan at saňa iru-giç peýda berer – diýip, nähilelik bilen ondan aty dilemelidigini öwretdi. Ol ýene:
– Menem elimden gelen hileleri ederin, ahyry bolmasa, senem öz
maňlaýyňdakyny gör, menem maňlaýyma gelenini görerin – diýdi.
Görogly Arabyň gelen ugruna baka tohum gylýalyny sürüp gitdi.
Reýhanarap atyny sürüp gelýärkä, birden tokaýyň içinde gezip ýören Görogla gözi düşdi:
– Eý, oglan, bäri dur – diýip gygyrdy. Görogly ýanyna gelip:
– Hä, aga, näme etjek? – diýdi.
– Sen kim, kimiň ogly bolarsyň?
– Meniň adym Röwşen, kakama Adybeg, atama hem Jygalybeg diýerler – diýdi.
Reýhanarap öz içinden: «Dogry tapan ekenim» diýip begendi-de:
– Eý, oglan, öýüňiz nirede? Sen maňa öýüňizi görkez – diýdi.
Onda Görogly:
– Aga, meniň şu tohum gylýalym höwre gelipdir. Çola ýerde höwür
aty tapman heläk bolup ýörün. Sen şu atyňy maňa höwre ber. Men soň seni
öýümize alyp baraýyn – diýdi.
Reýhanarap öz içinden: «Bir sapar höwre goýamda näme bolýar, bereýin» diýip pikir etdi-de:
– Al – diýip, atyndan düşdi, jylawyny Göroglynyň eline berdi. Görogly
Arabyň atyny özüniň tohum gylýalyna üç sapar çekdi. Ondan soň Arabyň
öňüne düşüp, çatmalaryna eltdi. Şol wagt Gülendam öýden çykyp, çatma
arkasyny berip otyrdy welin, zaňňar Arap Gülendamy gören badyna:
– How, zaňňar, oturma, mün atyň syrtyna! – diýip gygyrdy.
Gülendam «Bu meýdi ýykylan, gara zalym ýene meni yzarlap tapdy-ow.
Indi men munuň elinden nädip sypyp bilerkäm?» diýip, içinden oýlandy-da:
– Indi meniň boljagym bolup, boýam siňipdir, Arap aga, indi meni iljaýymdan gozgama – diýdi.
– Gepiňi köpeltme, heleý, şakyr-şukuryňy az et-de, mün atyň ardyna
– diýip, gaşlaryny çytyp, Gülendama hyrsyz seretdi:
162
Şadessanlar. Görogly
– Arap aga, meniň-ä zarym bar-da, zorum ýok. Bu neresse oglan
bilen bu batyl biçärede näme ýazyk bar? Meni bulardan aýyrmaga neneň
dözjek. Sen dözeňde-de, men dözmen. Onuň üçin meni ornumdan gozgajak bolup, azar bermäňi bes et indi – diýip, bir diýen ýerini tutdy.
Reýhanarap ahyr bolmajagyny bildi-de:
– Eýsem bolsa, bir suw ber, içeýin, öz goluň bilen beren suwuňy
içip, öz ýoluma gideýin – diýdi. Gülendam biçäre «Arabyň rehimi indi»
diýip begenip içeri girip, Adybegden galan tylla jamy suwdan dolduryp,
Araba uzatdy. Reýhanarap Gülendamyň goşaryndan tutdy-da, ýokaryk bir
dartdy welin, ol atyň üstünde peýda bolanyny duýman galdy. Soň elindäki
jamyň suwuny serpdi-de, Gülendamy atyň öňüne kese basyp, çaldy ata
gamçyny, Gülendam atyň üstünde kese ýatan ýerinde dat-perýat edip, uly
ili bilen gygyrdy. Onuň sesi daglara düşüp, ýaňlanyp gitdi. Görogly bolsa
ýaş oglan. Elinden hiç zat gelenok. Yzynda aglap galdy. Jygalybeg hem
töweregini sermenip oturan kör adam, bu hem çatmaň içinde aglap galdy...
...Görogly gözüni açyp garasa, ýaňy daň saz berip, älem-jahan ýagtylyp ugrapdyr:
– Alla, bu niçik ahwal bolduka? – diýip, ýerinden turup, töweregine
bir seretse, taýy hol gözýetim ýerde otlap ýör.
Görogly taýyny görüp, wagty hoş bolup, atyny, özüni mübärekläp,
bäş keleme söz aýdar gerek, gör-bak, näme diýýär:
Bedew atyň taryhyny aýdaly,
Her hünäri üç ýaşynda bellidir;
Boz duman aýakly, bäzbent toýnakly,
Gözi dag başynda, burny ýellidir.
Üç ýaşyndan gadam goýsa bäşine,
Ulalanda, gol ýetmesin başyna,
Awçy kimin gözi degre-daşyna,
Ugrasa söweşe, bäsi bellidir.
Iner dek mes bolar ýedi ýaşynda,
Ýetse ganymlary goýmaz gaşynda,
Laçyn kimin gözi degre-daşynda,
Gyratyň owazy-sesi bellidir.
163
Türkmen halk döredijiligi
Bedew atyň arzuw-jany tendedir,
Pirim şahymerdan, destim sendedir,
Görogly bir ýazyklyja bendedir,
Teblede baş bedew ýowda bellidir.
Görogly azabynyň ýerine gowşanyna şükür edip, atyny münüp,
atasynyň çertegine baka gaýdyberdi. Garagörnüm ýere gelenden soň,
atdan düşüp, atyny idip gaýtdy. Gelip, atyny baglap, gol gowşuryp:
– Essalawmaleýkim, ata! – diýip, işikden girip, atasy bilen görşüp,
çök düşüp, edeplije bolup otyr zaňňar.
– Hä, oglum, biedebräk, bozugrak görünýärdiň-le, baýak meni öldürjek ýalydyň-la. Rehimdarlygyň bir ýan çetinden inipsiň gerek? Hany,
näme görüp-eşitdiň, habar ber – diýip, Jygalybeg sorady.
– Men gören-eşidenimi saz bilen beýan edeýin – diýip, Görogly sazyny goluna alyp, düýşünde gören-eşidenini habar berip, atasyna garap,
bäş keleme söz aýdar gerek:
Gaflatda ýatyrdym, geldi erenler,
«Tur, gapyl ýeriňden, oýan» diýdiler.
Gözüm açyp gördüm jümle-jahany,
«Ol duranlar Şahymerdan» diýdiler.
Gaflatda ýatyrdym, açdym gözümi,
Erenler paýyna sürtdüm ýüzümi,
Okutdylar, hak sözledim sözümi,
Ýetmiş bir welnamy aýan diýdiler.
Erenler jem bolup bazar etdiler,
Munapyklar ondan hezer etdiler,
Pirim şahymerdan nazar etdiler,
Kyrk jamy dolduryp, içgin diýdiler.
Görogly beg aýdar, kemine bende,
Pirim şahymerdan, destgirim sende,
Bäş wagt namazyň okygyn günde,
Ahyret ýoldaşyň iman diýdiler.
164
Şadessanlar. Görogly
Görogly sözüni tamam etdi. Jygalybeg bu sopuçylyk ýaly bir zady
diläp alandyr güman edip, gaty gahary gelip:
– Päh, zaňňar, iş bitirip gelipdir-ow, Alla, ýigid-ä uly iş bitiripdir-ow,
«aýat» diýdiler, «namaz» diýdiler diýip, gep nokatlaýar. «Merez» diýdiler, «zäher» diýdiler, zaňňar. Saňa diýseler diýipdirler-dä, sen öz dilegiňi
dileseň bolmyýamy. Sen, zaňňar, erenleri jem görüp, olardan sussuň basylyp, päliňden gaýdyp, sopuçylyk patasyny alyp gaýdan aga diýerler saňa.
Iň soňunda bitirjek işiňem şumudy? Indi, ine, seniň boljagyň: egniňe güpbürägede bir mele don geý, aýagyňa bir köne şokurdawuk mesini-de geý,
başyňa-da bir köne esgini orap, selläň ýeserini aşyryp, bäş-alty gary bizi
daşyňdan aýla, onsoň «Kim bir artan-süýşenin, hüşür-zekadyn bererkä?»
diýip, iliň eline seret-de ýör. Biri ýanyňda gaşynaýsa-da, özüňe bir zat
berermikä diýip, näme gep aýtsam ýüreginden turarka diý-de, ýaranjaňlyk
et-de geziber. Öňüňi-ardyňy ýuwmak üçin, nirde akar suw barka diý-de,
gözlen-de ýör. Ine, ahyr seniň boljagyň, zaňňar, munyňdan habar bolmaz,
düzüwliräk habar ber – diýip, Jygalybeg gaty käýindi.
Görogly atasynyň eden pikirini bilip:
– Atam, öňki aýdanymdan habar bolmasa, ine, mundan habar bolýamy? – diýip, atasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek:
Gözel patyşa bize nama gönderdi,
Şanyň ordasyna bar, Jygaly ogly;
Pirim Aly şerap berip gandyrdy,
Ölinçä döwrany sür, Jygaly ogly.
Kyýamat agmaly nama üstümde,
Keramatly bedew Gyrat astymda,
Pirim beren düýrme gylyç destimde,
Duşmana gylyjyň çal, Jygaly ogly.
Men ýetim halymda üstüme geldi,
Ne ýowuz söwdany başyma saldy,
Agladyp-eňredip, ýeňňemi aldy,
Arapdan aryňy al, Jygaly ogly.
Zalym Hüňkar babam gözün aldyrdy,
Ýüregimni gam-gussaga doldurdy,
165
Türkmen halk döredijiligi
Gazap edip, ýalňyz agam öldürdi,
Ganymdan ganyňy al, Jygaly ogly.
Alladan özgäni nejat diýmedim,
Alydan özgäni ussat diýmedim,
Bir armanym galdy, zürýat diýmedim,
Ojagyn göç basan, kör Jygaly ogly.
Erenler jem bolup, munda durdular,
Ýygnanyban, bize pata berdiler,
Röwşen adym Görogly diýip goýdular,
Rugsatdyr, ýoluňa bar, Jygaly ogly –
diýip, Görogly sözüni tamam etdi.
– Aý, oglum, ine, şu sözüňden kanagat tapdym, bu habaryň bolýar.
Hany, erenler näme berdi? – diýip, Jygalybeg sermek-sürmek ediberdi.
Görogly ýaňky düýrme gylyjy atasynyň öňünde goýdy. «Ýene
näme berdiler?» diýip, Jygalybeg ýene sermeniberdi.
– Ýok, başga zat berenoklar.
– Hernä berenleri şu gylyçmy?
– Hawa.
– Baý, erenlerem sahy eken-ä, joşan eken-ä. Mundan ýarag bolmaz,
oglum, munuň bitirjek işini özünde gujur-gurbat bolsa, ýeri gelende aş
pyçagam bitirer.
– How, ata, bermeseler, dagy nädeýin, berenleri-dä şu.
– Bermeseler, oglum, Yspyhan-Nisbijahan diýen ýurtda dört sany ussa
barmyşyn, olar bir ok-ýaýy üç ýylda ýasap gutarypdyrlar. Özünem laglyjöwahyrdan, altyn-kümüşden, agyr merjenlerden ýasapdyrlar. Ol ussalaryň
şerti: şol ýaýy çeken adam bolsa, şol almalymyşyn, çekebilmedigem 400
tümen tylla utdurýarmyşyn diýip eşitdim. Senem indi ýigit ýetipsiň, aňrujy
goluňda güýç, biliňde kuwwat bolsa, görkezibermeli çakyň boldy. Şoňa
barsaň, aňryňda baryňy goýsaň, şol ýaýy çekip alarsyň, oglum – diýip,
Jygalybeg ýigit ýeten agtygyna aýtdy.
– Al-la, ata, ol bir gaýry ýurt ekeni, men olaryň diline düşsem ýagşy
– diýip, Görogly diňirgendi. Ýetmiş iki dili diläp alanlygy onuň ýadyna
düşmedi.
166
Şadessanlar. Görogly
– Ýok, diline düşersiň, oglum, sorap-idäp mundan bararsyň, Yspyhan
galasyna ýetip, kybla derwezesinden girersiň. Birmeýdan ýöreseň,
öňüňden bir medrese çykar. Medresäniň işiginden baryp, «Habarlaşar
ýaly kişi barmy?» diýip gygyrarsyň. Baýaky kyrk galandaryň başlygy
Abdylla galandar şol medresede okap ýatandyr. Iýen duzuny haklajak
bolsa, saňa ussalaryň dükanyny tapyp berer – diýip, Jygalybeg agtygyna
ýol salgy berdi.
Görogly:
– Ýagşy, ata – diýip, atasyndan pata alyp, niredesiň Yspyhan diýip,
sürüp gidiberdi.
Ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy. Az ýöräp, köp ýöräp, sürüp, Yspyhan
şäherine bardy. Şäheriň kybla derwezesinden girip, birmeýdan ýöredi.
Öňünden bir medrese peýda boldy, medresäniň işiginden garap:
– Habarlaşar ýaly kişi barmy? – diýip gygyrdy. Abdylla galandar
daşary çykyp, salam berdi. Görogly muny tanady, salamyny aldy. Emma
Abdylla galandar muny tanamady. Ol baryp gaýdanda, Görogly ýumruk
ýalyjak oglandy. Indi atly-ýaragly ýigit bolup gidipdir. Tanamandan soň:
– How, ýagşy ýigit, habaryňy ber – diýdi.
– Taňry myhmany boljak, galandar.
– Taňry myhmany bolsaň, han ogul, bu ýeri metjit-medrese, bu ýerde
özüňe jaý tapylar-da, atyňa jaý tapylmaz.
Görogly:
– Aý, sen-ä bir tentek galandar ekeniň, men seniň kyrk eşegiňe jaý
tapyp berdim, sen indi şu galanyň içinde ýekeje atyma jaý tapmaýarmyň?
– diýenden soň, galandar:
– Hä, sen kim? – diýip sorady.
– Men Üçgümmez dagyndaky sygyr soýup beren Röwşen – diýip,
tanadandan soň, galandar ýüwrüp gelip, Göroglyny gujaklady. Gujaklap,
atdan düşürip, aýagyny ýere degirmän, eltip hüjresinde oturtdy-da:
– Oglum, gije-gündiz namazyň yzyndan dilegim sendiň. Seni maňa
Hudaýtagala ýetirdi. Oglum, kitabyň buýrugy, öňinçä atyňy ýerleşdireýin.
Atyň kişmiş iýermi, bürünç iýermi? – diýip sorady.
Görogly:
– Endamly körpe ýorunja bilen arpa tapyp beräý – diýdi.
– Atyň aýagynyň teýine mahmaldan paýandaz düşäýinmi?
– Bir araba çäge düşäý – diýenden soň, Abdylla galandar bir howluda atyny ýerleşdirip, onuň ot-iýmini birkemsiz taýýar edip, Göroglynyň
ýanyna geldi.
167
Türkmen halk döredijiligi
– Oglum, göwnüň näme islese aýdyber. Gök çaý içermiň, gara çaý
içermiň, gant ezip iýermiň, nabat ezip iýermiň? – Şüle, süzme, ýahna,
palaw, kebap ýaly naharlardan her gün dokuz dürli tagamy häzir etdi. Üç
gün geçip, dördünji gün bolandan soň:
– Hany, oglum, habaryňy ber, ugur haýyrly bolsun – diýdi.
– Galandar, şu galada bir ok-ýaý barmyşyn, şol ok-ýaý üçin geldim
– diýip, Görogly haýyr iş bilen gelenligini aýtdy.
Galandar ol ýaýa belet bolansoň:
– Köp ýagşy, oglum – diýip, ýanynda bar teňňesini hasaplap gördi.
Puly 400 tümen tylla ýetmedi. Ýene byradarlaryndan, deň-duş, dostýarlaryndan karz-kowal alyp, 400 tümen tyllany jemläp, kisä salyp ugrady.
– Bilip bolmaz, bardy-geldi, oglan çekip bilmese, puluny öz ýanymdan bereýin – diýip, galandar öz içinden oýlandy-da, Göroglyny ussalaryň
dükanyna alyp bardy.
Ussalar:
– A-haw, Abdylla galandar, bu oglan näme? – diýip soradylar. Abdylla galandar:
– Hawa, ussalar, bu bir tanyş oglan, şu gala ýarag diýip gelipdir,
onsoň siziň dükanyňyza alyp gaýtdym – diýdi.
Päh, ussalaryň dükanam özüňize belli. «Ussa aga, bejerewer» diýip
getirilip goýlan ok-ýaý köp. «Ine, halanyny alaýsyn» diýip, bir topar okýaýy küdeläp, öňüne süýşürdiler.
Görogly bulary agdar-düňder edip gördi, birini bu ýana zyňdy, birini
o ýana zyňdy, hiç haýsy göwnündäki ýaly bolup çykmady. Ahyry Görogly:
– Tapyp berseňiz-ä, düzüwrägini tapyp beriň, men bular bilen pozzam oýnajak däl ahyryn – diýdi.
Ussalaryň halypasy:
– Oglan, seniň demiň ýaman şah görünýär-le, bir ok-ýaý bar, çykaryp getirip goýsak, seniň ýaly oglan teýindenem galabilmez – diýip,
Görogla göwnüniň ýetmeýänligini duýdurdy. Emma Görogly ussabaşynyň
göwnüýetmezlik edenine oglanlyk edip gatyrganyp durmady-da:
– Haý, ussa aga, «Güýji ýetmez göre galar» diýenleridir, her zat-da
bolsa getiriň, bir görüp galaly – diýdi. Munuň ýerbe-ýer, jaýma-jaý ugruny
tapyp, sugşuryp, salykatly gepleýşine ussalar täsin galdylar.
– Munuň gepinde-sözünde-hä bimamla zat ýok eken, goý, höwes
etse, görsün, güýjüni synasyn, ýüreginde arman galmasyn – diýşenlerinden
soň, ussalaryň halypasy şägirtleriniň birine:
168
Şadessanlar. Görogly
– Şol ok-ýaýy alyp çyk – diýip gygyrdy.
Şägirdi şol ady belli ok-ýaýy bir hüjreden alyp çykdy. Dokuz gat
teletinden gaby bar, ýeke-ýekeden gaplaryny çykaryp goýdy. Laglyjöwahyrdan bejerilen ok-ýaý hüjräň içine ýalkym salyp dur. Göroglynyň
sussy basyljak boldy, ýöne atasynyň:
– Oglum, hiç ýerde gorkup, aljyrap, özüňi ýitiriji bolmagyn – diýen
sözi ýadyna düşüp, özüni tiz dürsedi. Ýaýy aldy-da, şatyrdadyp çekiberdi.
Ýaýyň iki başy eplenip, bir-birine ýetip tapyşyp gelýär.
Töweregindäkiler:
– Haý-haý oglan, güýjüň zor ekeni, ýaýy syndyryp barýarsyň,
taşlaweri bäri – diýdiler.
– Ussalar, «Är lebizden, koý bogazdan» diýenleri. «Muny çeken
adam bolsa, bir pul bermän alýamyşyn» diýip eşidip geldik, çekdik, indi
muny bize berersiňiz – diýip, Görogly ussalaryň ýüzüne seretdi.
Ussalaryň halypasy:
– Aý, ýog-a, birneme gol muzdumyzy bermeseň, biz ony bermeýäs
– diýdi.
– Şert diýeniň şert bolar ahyry! Ynha, bermeseň – diýip, Görogly
ýaýy gezäberdi.
– Haý, oglan, dälişgelik, bälçiklik gylygyňy goý. Dogry, muny
çekdiň welin, mundan başga ýene bir şertimiz bar. Sen munuň okuny ýedi
pilden geçirmelisiň, onsoň bu ýaý seniňki bolar – diýip, ussabaşy aýtdy.
Görogly:
– Köp ýagşy, ol şertiňizem bitirjek bolup göreli – diýdi.
Şunluk bilen, köçä çykyp, ýedi pili hatara düzüp goýdular. Görogly
keýmir oky ýaýa dolduryp, ýa şiri huda diýip, ýedi pili gabatlap, ras atyp
goýberdi. Ol ýedi piliň içinden parran geçip gitdi, baryp galanyň demir
derwezesine urdy. Piller bir gapdalyna agyp ýykyldy.
– Haý, oglan, özüň ýaş bolsaň-da, gujur-gaýratyň zor ekeni, bar,
ýaýy saňa bagyş etdik – diýdiler.
Galandar dört ýüz tümen tyllany ussalaryň öňünde goýdy.
Emma olar:
– Ýok, galandar, wadamyz wada, şertimiz şertdir, çeken adam bolsa, bir pul alman, mugt berjekdiris – diýip, wadalaryna pugtadyklaryny
aýtdylar.
– Aý, bolsa-da, oglana birneme haýyr bererine – yrymyna ýagşy, her
zat-da bolsa alyň! – diýenden soň:
169
Türkmen halk döredijiligi
– Gel, haýyrlaşmany orta saldyň – diýip, her ussa bir jüp tümen tylladan alyp, dört ýüz tümen tyllanyň galanyny galandara gaýdyp berdiler.
Görogly ýaýy alyp, ussalar bilen hoşlaşyp gaýdyberdi. Köçe bilen
gelýärkä:
– Oglum, seni ýene bir ýere elteýin – diýip, galandar ýene bir ussahana getirdi. Dükanyň içine seretseler, ynha, jaýyň bir burçunda bir ýaşyl
naýza dur, Göroglynyň gözi şol naýzadan aýrylanok. Ussabaşy:
– Eý, Abdylla sopy, bu nähili oglan? – diýip sorady.
– Hawa, ussa aga, bu bir tanyş oglan. Şu gala ýarag diýip gelipdir.
Senden şu naýzany diläp alyp bermäge geldim, näçe alsaň al-da, naýzaňy
şu oglana ber, ussa aga – diýdi.
– Ýok, Abdylla sopy, bu naýzany göterjek oglanyň piri gaty zor
gerekdir. Bu naýza her gezip ýören salpy aýaga başartmaz.
– Ýok, ussa aga, bu oglan biderek oglan däl. Baýaky ussalardaky lagly-jöwahyrdan ýasalan ok-ýaýy hem çekip aldy – diýen habary eşidenden
soň, ussa haýran galyp, Göroglynyň ýüzüne seretdi-de:
– Tüweleme, oglum, şol ýaý üçin goýlan şertleri berjaý edip, şol okýaýy çekip almagy oňaran bolsaň, onda bu naýzanyň syrtynda durmagyda oňararsyň – diýip, Abdylla galandara ýüzlendi:
– Hawa, Abdylla sopy, bu oglanyň piri zor ekeni, bar, naýzany alsa
alaýsyn, bar, bagyş etdik – diýdi.
Görogly ýüwrüp baryp, naýzany aldy. Çykyberjek bolanda, ussa:
– Aý, Abdylla sopy, munça bolanyna görä, goý, bu oglan
indi ýarag şaýyny tutup gitsin. Munuň ýüreginde arman galmasyn
– diýip, ýene bir jaýa girip, bir bukjany goltuklap getirdi. Bukjany açyp
görseler, munuň tamamy ýarag ekeni, altyn ýakaly sowut, galkan, düýrme
gylyç, şeşmer, aýpalta, tylla desseli gazma we başga şuňa meňzeş ýaraglar
– tamamy, batyrlaryň göterýän ýaraglary eken. Görogly bulary görüp:
– Bularyň hiç birindenem geçer ýaly däl, hemmesi häli-şindi gerek
boljak ýaraglar – diýip, içini gepledip durdy. Abdylla galandar bolsa ussa
bilen ylalaşyp, pullaryny töläp, bularyň hemmesini öz ýanyna geçirip goltuklap çykyberdi. Görogly hem naýzasyny süýräp gaýdyberdi. Aý, gepiň
gysgasy, Yspyhanda Göroglynyň ýarag şaýyny tutan şu galandar boldy.
170
Şadessanlar. Görogly
Ar alyş
(bölekler)
Indi habary Görogly begden eşidiň. Görogly «Ýekäniň ýarany
Huda» diýip, basdy ata gamçyny. Ençeme çöllerden aşyp, şol gidişine
Aral derýasynyň boýuna bardy. Derýanyň boýunda Görogly Gyratyna
garap, bäş keleme söz aýdar gerek, gör-bak, näme diýýär:
Gurbanyň bolaýyn, janym Gyratym,
Araz derýasyndan geçer günüňdir.
Dünýäde zynatym, güýjüm-kuwwatym,
Algyr laçyn kimin uçar günüňdir.
Ýalmynyp-ýalmynyp seriň towlaýyp,
Meni guwandyryp, köňlüm çaglaýyp,
Dokuz menzil ýoldan ganym awlaýyp,
Säher ýeli kimin göçer günüňdir.
Ýedi ýaşda ganatlaryň bitildi,
Käse kimin iki gözüň açyldy,
Galam kimin gulaklaryň çatyldy,
Aýak kakyp, agzyň açar günüňdir.
Eý, janawar, kamatyňa guwandym,
Gurbanyň bolaýyn al meniň pendim,
Senden özge bolmaz meniň perzendim,
On bäş günlük ýola gaçar günüňdir.
Görogly diýr, ýyglap efgan eýledim,
Men gara bagrymy birýan eýledim,
Zürýat dilemedim, seni diledim,
Indi bu derýadan geçer günüňdir.
Görogly atynyň boýnuna bir kakdy welin, Gyrat asmana uçan ýaly
bolup zyňdy. Kyrk gez derýanyň hol beýlesine düşdi. Görogly wagty hoş
bolup, ýene ýola rowana boldy. Uzak ýollary sökdi, ahyry sorap-idäp,
Reýhanarabyň bolýan şäherine bardy. Şol ýerli bir adamdan:
171
Türkmen halk döredijiligi
– How, aga, bu günler Reýhanarap näme pişe bilen meşgul?
– diýip sorady. Onda ol adam:
– Ýagşy ýigit, Reýhanarabyň pişesi: üç aýlap bagşy aýtdyryp, surnaý
çaldyryp, nagara urduryp, tebil kakdyryp, masgarabaz oýnadyp, sazsöhbet gurup, bezimde bolýar. Onsoň garnyny doýrup, üç aýlap uklaýar.
Ol, düýn saz-söhbetini gutaryp, garnyny doýrup ýatdy. Şu wagtlar ol
ukudadyr, onuň şundan başga pişesi ýok, oglum – diýdi.
Ukuda diýen sözi eşidenden soň, Görogly gam-gaýgysyz sürüp
ötägitdi. Reýhanarabyň galasynyň arka ýüzünden baryp, uly çarbagyň
derwezesinden girdi. Görse, bagyň içinde güller açylyşyp, bilbiller çahçah urup saýraşýar. Görogly şol ýerde ýeňňesini ýatlap, bäş keleme söz
aýdar boldy:
Bagda açylan gyzyl güller,
Bu baga gülüm geldimi?
Dag üstünden akan siller,
Bu jaýa ýeňňem geldimi?
Bagda saýraýan bilbiller,
Degresin alan sünbüller,
Gül üstünden ösen ýeller,
Bu baga ýeňňem geldimi?
Gözüm ýaşy derýaýy Nil,
Boldy meniň halym müşgil,
Gül yşgynda köýen bilbil,
Bu baga ýeňňem geldimi?
Bu gün gurban bolsun başlar,
Gan boldy didämde ýaşlar,
Bag üstünde uçan guşlar,
Bu jaýa ýeňňem geldimi?
Bu gün başyma iş düşdi,
Meniň ýürek-bagrym bişdi,
Boz tarlaňym belent uçdy,
Bu baga ýeňňem geldimi?
172
Şadessanlar. Görogly
Uzak ýerden sorap geldim,
Gam bilen hemhana boldum,
Ne habar, ne nyşan bildim,
Bu taýa ýeňňem geldimi?
Alys boldy meň mekanym,
Aýralykdan köýdi janym,
Käbäm enem-mähribanym,
Bu jaýa ýeňňem geldimi?
Görogly, kysmatym ýaman,
Ýedi ýyldyr çekdim efgan,
Ne habar boldy, ne nyşan,
Bu taýa ýeňňem geldimi?
Görogly sözüni tamam etdi. Bagyň bir tarapyndan beýleki tarapyna
öz işleri bilen barýan birnäçe hyzmatkär çorular Göroglyny gördüler.
Kenizler onuň golaýyna baryp:
– Eý, ýigit, seniň sesiň ýaman zaryn çykýar-la, sen neçün aglar sen?
– diýip soradylar. Görogly joşup, olara garap, bäş keleme söz aýdar gerek:
Bu baga seýle gelenler,
Indi jebir jana boldy.
Didäm üzre akan ganlar,
Göz ýaşym rowana boldy.
Men baga geldim nar üçin,
Köp ygtykadym bar üçin,
Çykmyşam bir naçar üçin,
Örtendi, perwana boldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 12
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.