Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 18

Total number of words is 3450
Total number of unique words is 1645
28.3 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Indi habary kimden al, Mylaýym han bilen Nejep jandan. Mylaýym
han bilen Nejep jan ikisi gol boýna salşyp, köşk üstüne çykdylar. Mylaýym
han şu ýerde bentlerini ýazdyryp, synalaryny agyrdyp, tylla desseli gazmany ak mämäniň ortasynda goýup, Nejep jana garap:
− Eý, Nejep jan, owaly bilen bir sözbaşy bolsun − diýdi, bir bäş keleme söz aýdar gerek:
287
Türkmen halk döredijiligi
Alys ýoldan gelen oglan,
Başyň üçin al − gaç meni.
Ýürek-bagrym dilen oglan,
Başyň üçin al − gaç meni.
Saba bolsa, öser batlar,
Mundan ýeg bolarmy ýatlar,
Teble doly bedew atlar,
Başyň üçin al − gaç meni.
Ter hynalar bar golumda,
Binalar sagy-solumda,
Pyýada gezen ýoluňda,
Başyň üçin al − gaç meni.
Mylaýym diýr, gara saçly,
Gara gözli, galam gaşly,
Meni goýma gözi ýaşly,
Başyň üçin al − gaç meni.
Mylaýym bu sözüni tamam edenden soň, Nejep jan:
− Meniň barara ýerim bolmasa, barara kölüm bolmasa, men seni göre
alyp gaçaýynmy? Meni patyşa ýaly adamyň hyzmatyndan getirip, aýdan
habaryň şu bolýan bolsa, ine, meniň turanym − diýip, ýerinden turuberdi.
− Eý, Nejep jan, owal birje sözbaşy diýmedimmi men saňa, mahlasyňy
aýdybersene mahlasyňy – diýip, Mylaýym gyz ýüzi müň jülwe bilen tawus
dek daranyp, humaýun dek jilwe kylyp, dyzboýundan tekýe ýassyk, bil
bagdan körpe düşedi, Hindistan çitinden dokuz gat körpäniň arasyna girip,
yşky peçek kimin bolup ýatyberdi. Bular şu ýatyşyna ýedi gije-gündizläp
ýatdylar, ýedi gije-gündizden soň, Mylaýym han oýandy. Otuz ýedi gijegündiziň ukusyndan galan Nejep jan oýanmady. Mylaýym han oýanansoň:
«Munuň bilen bolup ýatmam däl eken-ow, men bir weziriň gyzy bolup,
bir aýak ýalaňaç jalataý bilen bolup ýatmam däl eken-ow, hälem wagty
barka muny basymrak turzup kowawereýin» diýip, kowmaga-da kän gözi
gyýman Nejep jana garap, elinde sazy, dilinde sözi, bir bäş keleme söz
aýdar gerek:
288
Dessanlar. Nejep oglan
Balym ajam, janym ajam,
Saba boldy, tur, git indi.
Bir boldy gündizim-gijäm,
Saba boldy, tur, git indi.
Saba bolsa, agam duýar,
Yzymyzdan kowgy kowar,
Läşimizden gurt-guş doýar,
Saba boldy, tur, git indi.
Günüm gussaýa doldurar,
Syrym äleme bildirer,
Agam duýsa, meni öldürer,
Saba boldy, tur, git indi.
Mylaýym diýr, gorkym çohdur,
Dostumdan duşmanym köpdür,
Senden gaýry ýarym ýokdur,
Saba boldy, tur, git indi.
Mylaýym han sözüni tamam edenden soň, Nejep jan ýalpa gözüni
açsa, «Tur – gitden» başga söz eşitmedi. «Alla, biwepanyň boljagy şu
eken-ow» diýip, oglan bir donuny egnine geýip, bir donuny ýasgynjak
alyp: «Indi men ölýän, ölsem-de ukymy alyp öleýin» diýip ýöriberdi,
bir boljumrak jaý gözläp barýardy. Mylaýym hanyň enesiniň kyrk tanap
seýilgäh bagy bardy, ortasynda bir serhowzy bardy. Nejep jan şonuň
başyna baryp, bir desse güli ýassanyp, bir desse güli hem ýüzüne örtüp
ýatyberdi.
Indi habary kimden al, Mylaýym hanyň enesinden al.
Ol günlerde bir gün bagyna seýil etmäge çykmakçy boldy. Kenizleriň
birini: «Eý, keniz, bar-da, howzuň başyny päkize süpür» diýip ýollady.
Keniz howzuň başyny syryp ýördi. Şol wagt keniziň gözüne gülüň içinde
bir peýkam ädigiň burny göründi. Ol gül dessesini Nejebiň ýüzünden
aýyrsa, ak ýüzli, gara käkilli Nejep jan bir gijäniň daga düşen bir bölek
gary kimin bolup ýatyr. Nejep janyň husny jemalyny görüp, keniz oňa
aşyk bolup, iki dyzyny gujaklap, dik asmandan gaýdyberdi. Bir mahaldan
essine gelip: «Bibimiňem bagyň derwezesine geler wagty bolan bolsa
**19. Sargyt № 3166
289
Türkmen halk döredijiligi
gerek « diýip, entiräp, tentiräp bagyň derwezesine barsa, bibisi gelipdir. Hemişe ol bibisini atdan göterip düşürerdi. Bu gün atdan göterip
düşürmäge ýaramady. Onda bibisi:
− Eý, bidöwlet keniz, ýüz-gözüň peşabyň ýüz-gözi ýaly bolupdyr,
saňa ne bela boldy? − diýip sorady.
− Eý, bibi jan, howzuňyzyň başynda bir käkilpereň oglan ýatan eken,
şony görüp bolup gelşim-dä meniň.
− Meniň howzumyň başynda ýatan ne ýeser oglan ol, bar turzup,
iýdirip, ýok edip goýber.
− Eý, bibi jan, ol oglana «tur, git» diýmäge meniň bognum ysmaýar,
özüň kowmasaň.
Garry kempir «Özümiz ýogsa-da kowarys ony» diýip, hasany çalyp,
emedekläp ýöremek bilen boldy. Çory-da awçynyň tazysy ýaly onuň
yzyna düşüp otyr. Kempir bärden baryp, Nejep janyň husnyjemalyny
görüp, çorynyň özünden gitmegi gitmekmi, ondan-da beter diň asmandan
gaýdyberdi. Keniz: «Bibim meniň ýaly masgara bolmasyn» diýip, onuň
ýüzüne gülap suwuny sepdi, huşa getiriji güli ysgatdy. Kempir asgyryp
huşuna gelip: «Ýaşym ýaňy on dördünden öň bäşime gadam basan bolsa
gerek, maňa ýaşymyň soňunda beýle ýary Hudaýyň özi ýetirdi» diýip,
ýaşyny kä on dört-on bäşe getirip, kä ýaşynyň soňuna çykyp, agzynyň aýdanyny gulagy eşitmän, samyrdap, uklap ýatan oglanyň kellesini dyzynyň
üstüne alyp, ogşamaga durdy.
Özüňe mälim, dişsiz agzyň pakgyldysy, göýä oglanlar paklawuk
oýnaýan ýaly, pakgyldaberdi.
Indi habary kimden al, Mylaýym handan. Ol köşgüň üstüne çykyp,
bolup duran işleri görüp otyrdy: «Alla janym, kellesiniň gyzyp barşyna
meniň ýarymy iýäýmese ýagşydyr» diýip, enesine garap, bir bäş keleme
söz diýse gerek:
Ene jan, arzym aýdaýyn,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Beýle ýaman iş bolarmy,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Garry, seniň batdy bazyň,
Zemistandyr bahar-ýazyň,
Kölden uçan guba gazyň,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
290
Dessanlar. Nejep oglan
Ne söwdaga düşen başdyr,
Gözden akan ganly ýaşdyr,
Öpmeklik ne müşgil işdir,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Göwnüm müň gussaýa dolur,
Hazan urup, meňzim solur,
Bilmeseň, giýewiň olur,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Barabilmenem ýanyňa,
Girebilmenem donuňa,
Ot saldyň Mylaýym janyna,
Ýar meniňki, ýar meniňki.
Mylaýym bu sözini tamam edenden, kempiriň göwnüne güman gidip,
kellesini galdyrdy. Ol kenizine:
− Eý, keniz, şu gyz köşgüň üstünde ýaman çyrlaň urup gygyrýar,
«Ýar meniňki» diýýär, meniň göwnüme bolmasa, şu ýatan bidöwlet oglan
ozal şu gyz bilen bir iş göräýdimikä diýýän, bar Ziwer bege habar ber, ýa
şu ýatan bidöwlet oglany öldürsin, ýa ýurtdan çyksyn. Onuň uýasynyň
işini bitiripdir bu − diýdi. Çory çäresiz baryp, Ziwer bege habar berdi.
Ziwer beg üç-dört atlyny ýanyna alyp gelip, uklap ýatan oglanyň boýnuna
syrtmak salyp, ata süýredip gidiberdi. Ony patyşanyň ýanyna eltip: «Eý,
tagsyr, baýaky bidöwlet oglan meniň enemiň bagyna giripdir, iýenini
iýipdir, iýmediginiň şahasyny döwüpdir» diýdi. Patyşa onuň ullakanrak
miwäniň ogrusydygyny bilip: «Bar, kyrk peşaba eltip ber» diýdi. Ziwer beg
Nejep jany kyrk peşaba eltip berip: «Dembe-demden dara çekiň» diýip,
öwrülip gaýdyberdi. Kyrk peşab Nejep jany dara çekjek bolup boýnuna
gyl tanap salyp, oglany dara çekmäge gözleri gyýman: «Göz gyýyp dara
çeker ýaly oglan däl ekeni» diýip, oýlanyşyp durdular.
Indi habary başga tarapdan eşidiň. Patyşanyň alty aýlyk ýolda bir
Ahmet beg atly inisi bardy. Patyşa kyrk gije-gündiz toýa başlanda: «Ahmet
beg gelsin, eşitse, meniň aýdyjy bagşym bar» diýip, çapar atly ýollady. Şol
wagtlar Ahmet beg kyrk atlysy bilen gelýärdi, olaryň ýoly daryň üstünden
düşdi. Ahmet beg görse, daryň aşagynda üýşmeleň görünýär. Ol atlylaryna:
«Siz gala tarap sürüp gidiberiň, men şu daryň aşagyny bir barlap öteýin»
291
Türkmen halk döredijiligi
diýip, at başyny öwrüp, daryň aşagyna barsa, kyrk peşap Nejep jany dara
asjak bolup dur. Ahmet beg: «Eý, peşaplar, bu näme boldugy?» diýdi. Onda
peşaplar: «Patyşanyň aýdyjy bagşysy ölümli bolup, biziň elimize düşdi»
diýende, Ahmet beg: «Bu bir günä etjek oglana meňzemeýär-le, oglanyň
geýimlerini geýdiriň, oglany öldürmeg-ä bu ýana dursun, şu oglana agramly söz aýtsaňyzam, sizi tohummurt edip gyraryn» diýdi-de ugraberdi. Nejep janyň boýnunda gyl tapan, elinde sazy bolmasa-da, dilinde sözi, Ahmet
bege garap: «Eý, beg aga, bäri dur, öz günämi özüm saňa aýdyp galaýyn»
diýip, zar-zar ýyglap, bir bäş keleme söz diýse gerek:
Eý, ýaranlar, musulmanlar,
Meni azat et, Ahmet beg.
Ogurlyk maňa töhmetdir,
Meni azat et, Ahmet beg.
Bardym Mylaýym ýanyna,
Rakyplar suwsar ganyma,
Delalat bol şu janyma,
Meni azat et, Ahmet beg.
Men aşygam gyzyl güle,
Ýetişdiň kyrk ýigit bile,
Bar-da meni şadan dile,
Meni azat et, Ahmet beg.
Gyzyl gülem, gyrmyzyýam,
Men ýören ýaban düziýem,
Men birewiň ýalňyzyýam,
Meni azat et, Ahmet beg.
Asmana ýetmedi dadym,
Seni ýetirdi Hudaýym
Aşyk Nejep diýer adym,
Meni azat et, Ahmet beg.
Nejep bu sözüni tamam edenden, Ahmet beg atyny sürüp, gidiberdi.
Bärden gahar-gazap bilen agasynyň ýanyna bardy, salam ýok, zat ýok:
292
Dessanlar. Nejep oglan
− Eý aga, aga bolsaň bol weli, bu ne iş? – diýdi. Onda patyşa:
− Ahmet beg, eýgilikmi? – diýdi.
− Eýgilik bolanda şeýle iş edilermi, aýdyjy bagşym bar diýip, meni
alty aýlyk ýoldan heläk edip getirdiň, bu günki gün ol bagşyny daryň
aşagynda gördüm.
− Ahmet jan, ölümlidir ol, öldürjekdirin ony.
− Aga, bir-iki ölümlini biz diläp alyp bilmerismi?
− Eý, Ahmet jan, eger öz janymy dileseň, bereýin, başga näme islegiň
bolsa bitireýin, ýöne oňa ölüm jezasyny hudaýyň ýanynda wada edendirin.
Görse, agasynyň jylawy özünden-de gatyrak. Ahmet beg: «Alla janym, bu bidöwlet meniň diýenimi etjek däl-ow, muňa başga bir akyl tapaýyn”– diýip oýlandy-da:
− Eý, aga, onda, başga bir dilegim bar − diýdi.
− Ahmet jan, başga näme arzyň bar?
− Eý, Aga, şol bagşyny üç gije-gündiz aýtdyryp eşideýin, üç gije-gündiz toý tutaýyn, üç gije-gündizem patyşalyk süreýin, özüňem tagtyňdan düş.
− Ajap bolýar, Ahmet jan.
Patyşa tagtyndan düşüp, haremhanasyna urup gidiberdi. Ahmet jan
tagta münüp: «Üç gije-gündiz toýum bar, eşidip gelmedigiň başy ölümli,
maly talaňly» diýip, çar tarapa jar çekdiriberdi. Patyşanyň jarçysynyň biri
Mylaýymyň köşgüniň ýanyndan «Patyşanyň bagşysyny üç gije-gündiz
aýtdyryp, eşidip, öldürjekler, şuny eşidip barmadygyň başy ölümli, maly
talaňly» diýip, gygyryp ötüberdi. Muny Mylaýym han eşidip, bitakat,
biaram boldy, sabyr-takaty galmady, janyna howul düşüp: «Alla janym,
ýarymy görmän galmaly boldum-ow» diýip, haremhana girip, perizat
lybaslaryny geýip, dakynybilenini dakynyp, ýer, minnetdar bolsaň basaryn, bolmasaň basmaryn diýip, özüni bezäp, köşgüniň öňüne çyksa, bir
garry kempir mama sataşdy. Mylaýym: «Ýör, mama jan, toýa barsaň»
diýip, mamanyň elinden tutup, tasanakladyp, süýräp ýöriberdi. Mamanyň
her aýagy bir ýere degýär. Onda mama: «Eý, oglum, assarak» diýýär.
«Assaragyňy görüpdirin» diýip, mamany deri süýrän ýaly, süýreý-süýreý,
märekäniň bir çetinden eltip taşlady. «Al, mama jan, hoş, Alla ýaryň indi
seniň» diýdi. Özüňe mälim, Nejep janam bazary guralan toýda aýdym
aýdyp otyr. Mylaýym han Nejep janyň husnyjemalyny görüp, takat berip
durabilmedi. «Şu zaňňaryň ogly bilen men ýedi gije-gündiz hemra bolup
ýatdym, meniň boýnumda ýuparmüşk dermanlarynyň ysy bar. Şunuň ýele
tarapyna geçip duraýyn, ysym baryp burnuna ursa, meniň şu märekä gele-
293
Türkmen halk döredijiligi
nimi bilip, maňa bir söz gatsa, ölsem-de şunuň bilen bile öleýin. Ýok ony
bilmese, onda öz aýagyndan özi tozar gider-dä» diýip, Mylaýym han Nejep
janyň ýele tarapyna geçip durdy. Nejep janyň baýaky ýedi gije-gündizläp
öwrenişen yslary burnuna urdy. Ýarynyň gelenini bilip: «Eý, gözüňe döneýin, boýuňa döneýin, jan bazary gurlan toýuma sen-de geldiňmi?» diýip,
Mylaýymy gözi görmezden, ortada oturan ýerinde zor, çyn ebrinowbahar
ýyglap, bir bäş keleme söz diýse gerek:
Gitme-gitme, senden habar alaýyn,
Gözleri messanym, toýa geldiňmi?
Söwdügim, adyňa gurban bolaýyn,
Jennetim, bossanym toýa geldiňmi?
Sensiz ýagty günüm maňa erir şam,
Biçäre misginem, dertlidir synam,
Derdime dermanym, genjim-hazynam,
Gazalym, dessanym, toýa geldiňmi?
Bu yşgyň ataşy ýakdy magrajy,
Muhabbet süýjüdir, aýralyk ajy,
Gözümiň röwşeni depämiň täji,
Hem hanym, soltanym, toýa geldiňmi?
Jan şährini saňa bereýin para,
Bir ejiz bendiň men, çekdirme dara,
Goýnuň içi meňzär pasly bahara,
Bilbil gülüstanym, toýa geldiňmi?
Aşyk Nejep ýar ýoluna baş goýup,
Kim ötdi dünýäden didardan doýup,
Al ýaňak üstüne zülpüňi ýaýyp,
Alma zenehdanym, toýa geldiňmi?
Bu sözüni tamam edenden soň, Mylaýym gyz:
− Eý, zaňňaryň ogly indi söz gatdyň, indi seniň bilen ölmedik, namart
bolsa gerek – diýip, märekäni o ýana, bu ýana tirsekläp, märekäniň orta
gürpürägine baryp, Nejep janyň ýanyna barmaga uýalyp, bürenip duruberdi.
294
Dessanlar. Nejep oglan
Muňa Nejep janyň gözi düşdi: «Eý, gözüňe döneýin, boýuňa döneýin, indi
kimden bürenip dursuň, kimden basylyp dursuň, ýanjagazyma geläýseň
bolmaýamy!» diýip, Mylaýym gyza garap, bir bäş keleme söz aýdar gerek:
Söwdügim, kaýdan geler sen,
Ýoluňa gurban bolaýyn.
Haýsy ulusdan bolar sen,
Iliňe gurban bolaýyn.
Söwdügim, näge durar sen,
Ýüzüňi kimden bürär sen,
Perenjäň ýerden süýrär sen,
Halyňa gurban bolaýyn.
Nala-ha, söwdügim, nala,
Meger, peýmanamyz dola,
Meni şitde kimin ora,
Biliňe gurban bolaýyn.
Doldur-ha, söwdügim, doldur,
Indi peýmanamyz şoldur,
Gul Nejebi özüň öldür,
Eliňe gurban bolaýyn.
Nejep bu sözüni tamam edenden soň, Mylaýym gyz gelip, Nejebiň
garşysyna geçdi-de oturyberdi. Ol:
− Eý, zaňňaryň ogly, «Özüň öldür-pözüň öldür» diýip, namartçylyk
edip oturma, eliňdäki sazy bäri al, men ölemde sen öljek dälmi näme?
− diýdi. Onda Nejep:
− Eý, Mylaýym jan, ýüregimde ýene birje pynhan sözüm bar, şonam
aýdyp, sazymy saňa bereýin − diýip, Nejep jan ýüregindäki sözüni aýdar,
gör, näme diýýär:
Seriňe döneýin, gül ýüzli ýarym,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Gije-gündiz meniň sen intizarym,
Özüň öldür, meni berme jellada.
295
Türkmen halk döredijiligi
Ganym jellat, buýrmuş meniň kastyma,
Kişi beýle giç gelermi dostuna,
Üç günden soň elter daryň astyna,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Tomaşa eýlediň meniň oýnuma,
Edep-ekram bilen girdiň goýnuma,
Üç günden soň arkan düşer boýnuma,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Arzyny ýetirin şirin diliňe,
Gurban olam lebleriňe, balyňa,
Nejebi öldür, hanjar alyp eliňe,
Özüň öldür, meni berme jellada.
Nejep bu sözüni tamam edenden soň, Mylaýym gyz aýtdy:
− Eý, zaňňaryň ogly, men saňa ýaňy aýtmadymmy, «jellat-pellat»
diýip oturma, eliňdäki sazyňy bäri al − diýdi. Onda Nejep jan:
− Ine, dutar, Mylaýym jan − diýdi. Mylaýym gyz şu ýerde Nejep
janyň piriniň beren gara dutaryny elinden alyp, örboýuna galyp, dutary iki
mämmäniň ortasynda jaýlaşdyryp goýup:
− Eý, halky-halaýyk, dogan-gardaş, daýy-ýegen, men şu gün şu
oglana gurbanlyk bolmaga geldim − diýip, bir bäş keleme söz aýdar gerek:
Eý, ýaranlar, musulmanlar,
Nejebe gurbana geldim.
Arzym eşit, begler, hanlar,
Men şuňa gurbana geldim.
Çölde gezen ahylarym,
Suwda ýüzen mahylarym,
Eşidiň, beg daýylarym,
Nejebe gurbana geldim.
Säheriň daň ýyldyzyýam,
Esen weziriň gyzyýam,
296
Dessanlar. Nejep oglan
Mylaýym hanyň özüýem,
Nejebe gurbana geldim.
Mylaýym bu sözüni tamam edenden soň, Ahmet beg agasynyň ýanyna
bardy.
− Eý, agam, baýaky öldürjek diýen oglanyň, owal bir bolsa, indi iki
boldy − diýdi. Onda patyşa:
− Ikisinem öldürerin − diýdi.
− Eý, aga, ol oglanyň işi jan aljak weziriň gyzy bilen eken, «Pylan
patyşa weziriniň gyzyny bir aýak ýalaň jalataýa deň edip öldüräýipdir»
diýen at başga birinden galsyn, senden galmasyn. Aga, iň gowusy sen olary
ýurtdan çykaraý.
− Ahmet jan, eýse, gözüme görünmesin, ýurtdan çyksyn.
− Aga, şol oglanlary ýurtdan çykarjagyň çynmy?
− Hawa, çyn.
− Aga, meniň ýurdumdan daş ýurt ýok, men olary alyp ýöribersem
näderkä?
− Gözüme görünmese bolýar.
Ine, şundan soň, Ahmet beg Nejep jan bilen Mylaýym jany päkize bir
ata mündürip, alty aýlyk ýoly alty basyp, ilatyna baryp ýetdi.
Ahmet beg ilatyna baryp, kyrk gije-gündizläp toý berdi. Kyrk gijegündizlik toýuny sowup, iki molla, bir kazy getirip, Mylaýym jany Nejep
jana nikalap, alyp berdi. Olaryň ikisini bir ak öýe salyp, dört töwereginde
bagşy aýtdyrdylar. Şunlukda bular maksat-myratlaryna ýetdiler.
297
Türkmen halk döredijiligi
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI BOÝUNÇA
TEMALAR WE SORAGLAR
1. Türkmen halk döredijiligi barada umumy maglumat.
2. Halk döredijiligine degişli adalgalary düşündirmek.
3. Halk döredijiliginiň tebigaty we aýratynlyklary: onuň sungat, edebiýat, taryh, dil, däp-dessur we gaýrylar bilen arabaglanyşygy.
4. Gadym türkmen halk döredijiligi.
5. Türkmen halk döredijiligi we taryhy döwürler.
6. Häzirki zaman türkmen halk döredijiligi.
7. Halk döredijiligini döredýän, saklaýan we ýaýradýan aýdyjylar,
ozanlar, bagşylar, ertekiçiler, rowaýatçylar, hafyzlar we beýlekiler barada
maglumat,
8. Halky eserleri ýygnamagyň we neşir etmegiň usullary.
9. Türkmen halk döredijiliginiň köp jiltligini neşire taýýarlamak.
10. Halk döredijiligini öwreniş ylmynyň emele gelmegi, ösüş ýollary.
11. B. A. Garryýew – halk döredijiligini öwreniji görnükli alymdyr.
12. A.P. Poseluýewskiniň, A. Sakaliniň, A. Gowşudowyň,
Hojaly mollanyň, N. Kürräýewiň halk döredijiligi baradaky işleri.
13. Türkmen halk döredijiliginiň Watançylyk urşundan soňky
öwrenilişi. H. G. Göroglynyň, B. Mämmetýazowyň, Ş. Halmuhammedowyň,
A. Baýmyradowyň, K. Berkeliýewiň, B. Weliýewiň, G. Ylýasowanyň,
G. Geldiýewiň, P. Kiçigulowyň, S. Annanurowanyň, G. Gurbanowyň,
D. Muhamowyň, A. Durdyýewanyň, S. Mämmetnurowyň, N. Şükürowyň,
H. Goçmyradowyň işlerine häsiýetnama bermek.
14. Garaşsyzlyk ýyllarynyň halk döredijiligi.
15. Halky eserleriň toparlara, kysymlara we žanrlara bölünişi.
16. Şahyrana halky eserleriň esasy aýratynlyklary, žanrlary.
17. Talhynlar aýal-gyzlaryň söýgi hakdaky aýdymlarydyr.
18. «Haraý», «Dönem», «Ýareýjan», «Lollujan», «Kän salam»
aýdymlary: many-mazmuny, temalary, çeperçiligi, ýerine ýetirilişi.
298
Türkmen halk döredijiligi boýunça temalar we soraglar
19. Aýdyşyk aýdymlary: temasy, manysy, ýerine ýetirýän hyzmaty.
20. Tirme aýdymlary: temasgy, manysy, çeperçiligi.
21. Toý aýdymlary: leýeranlar, ýar-ýarlar, öleňler.
22. Küştdepmeleriň ýerine ýetirilişi, çeperçiligi, beýleki žanrlar bilen
arabaglanyşygy.
23. Läleleriň many, tema we çeperçilik aýratynlyklary.
24. Monjugatdylar: ýerine ýetirilişi, beýleki žanrlardan tapawudy.
25. Hüwdülerde perzende bolan söýgi.
26. Agylaryň temasy, ýerine ýetirilişi.
27. Däp-dessurlar bilen baglanyşykly şahyrana eserleriň aýratynlyklary. Olaryň estetiki we çeşmelik hyzmaty.
28. Nakyllaryň, atalar sözleriniň žanr aýratynlygy, manysy, çeperçiligi.
29. Nakyllaryň temalara bölünişi.
30. Il-ýurt, adamkärçilik, agzybirlik, dostluk hakdaky nakyllar.
31. Matallaryň žanr aýratynlygy, matalyň esasy we manysy.
32. Matallaryň temalara bölünişi, ýerine ýetirilişi.
33. Türkmen çagalar folkloryna degişli žanrlar.
34. Sanawaçlaryň žanr aýratynlygy, çeperçiligi, ýerine ýetirilişi.
35. «Hapyz aga», sanlar hakdaky sanawaçlaryň ähmiýeti, çeperçiligi.
36. Ýaňyltmaçlaryň we tapmaçalaryň terbiýeçilik ähmiýeti, çeperçiligi, ýerine ýetirilişi.
37. Türkmen ýomaklary: ýerine ýetirilişi, çeperçiligi, ähmiýeti.
38. Alkyş-dilegler halk döredijiliginiň žanry hökmünde. Olaryň
durmuşylygy, many-mazmuny.
39. Yrymlar barada maglumat, olaryň däp-dessur bilen baglanyşygy.
40. Halky kyssalar barada umumy maglumat.
41. Gadym türkmen mifleri: olarda her hili akymlaryň, gowşak
durmuşy, hyýaly garaýyşlaryň beýan edilişi.
42. Türkmen efsanlarynyň žanr aýratynlygy, çeşmelik hyzmaty.
43. Efsanlaryň rowaýatlar bilen arabaglanyşygy, klassifikasiýasy.
44. Rowaýatlaryň žanr aýratynlygy.
45. Rowaýatlarda taryhy wakalaryň beýan edilişi.
46. Taryhy şahslar, şahyrlar we aýdym-saz sungaty hakdaky rowaýatlar.
47. Lukman Hekimiň, Keýmir Körüň, Magtymgulynyň çeper halky
keşpleri.
48. Rowaýatlar çeper edebiýatyň çeşmesidir.
49. Hekaýatlarda halk gahrymançylygynyň beýan edilişi.
299
Türkmen halk döredijiligi
50. Hekaýatlar şadessanlaryň ilkinji nusgasydyr.
51. Şorta sözleriň many-mazmun aýratynlygy.
52. Aldarköse, Ependi, Kemine hakyndaky şorta sözlerde durmuşy
wakalaryň beýan edilişi.
53. Myraly we Japbaklar hakyndaky halky eserleriň özboluşlylygy.
54. Ertekileriň žanr aýratynlygy.
55. Ertekilerde çeper hyýaly beýan etme we durmuş.
56. «Akpamyk», «Hudaýberdi gorkak», «Böwenjik», «Ýartygulak»
ertekileriniň many-mazmuny, çeperçiligi.
57. Jadyly ertekilerde halk hyýalynyň şöhlenilişi.
58. Durmuşy ertekilerde durmuşy garşylyk.
59. Durmuşy ertekilerde aýal-gyzlaryň keşbi.
60. Haýwanlar hakyndaky ertekileriň aýratynlyklary.
61. Ertekileriň çeper estetiki hyzmaty.
62. Türkmen ertekiçileri hakda umumy maglumat.
63. Türkmen ertekilerinde millilik we ynsanperwerlik.
64. Ertekileriň esasynda döredilen çeper eserler.
65. Türkmen halk şadessanlary, olaryň nusgalary, şahalary.
66. «Oguznamalarda» Oguz hanyň çeper keşbi.
67. Oguzhan – türkmen halkynyň nesilbaşysydyr.
68. «Oguznamalarda» watançylyk we agzybirlik.
69. Oguznamaçylyk däpler.
70. «Oguznamalaryň» golýazmalary.
71. «Gorkut Ata» şadessanynyň temasy, many-mazmuny.
72. Şadessanda halky gahrymançylyk.
73. Şadessanyň gahrymanlaryny häsiýetlendirmek.
74. Şadessanyň çeperçiligi, dili, çeşmelik hyzmaty.
75. «Görogly» türkmen halkynyň gahrymançylykly şadessanydyr.
76. Şadessanyň temasy, many-mazmuny.
77. Şadessanda halkyň gahrymançylyk, watançylyk, ahlak baradaky
gözlegleri.
78. Şadessanyň taryhy esaslary.
79. Şadessanyň gurluşy, çeperçiligi.
80. Şadessanda Göroglynyň çeper keşbi.
81. Şadessanda Agaýunusyň we beýleki aýal-gyzlaryň çeper keşpleri.
82. Şadessanda atyň waspy.
83. «Görogly» bagşylaryň dilinde.
84. «Görogly» şadessanynyň çeper edebiýata eden täsiri.
300
Türkmen halk döredijiligi boýunça temalar we soraglar
85. Görogluşynas türkmen alymlary.
86. «Göroglynyň» gündogar halk döredijiliginde tutýan orny.
87. «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň many-mazmuny, çeperçiligi.
88. Dessanda Hemranyň çeper keşbi.
89. Dessanda aýal-gyzlaryň keşpleri.
90. Eserde dogruçyllyk, sahawatlylyk, ata-enä söýgi, mertlik kimin
sypatlar.
91. «Hüýrlukga-Hemra» dessanynyň neşirleri.
92. «Şasenem-Garyp» dessanynyň temasy, manysy.
93. Dessanyň ýordumlary, sýuzetleriniň ýaýraýşy, çeperçiligi.
94. Dessanyň «Helalaý-Garyp», «Gülçemen-Garyp», «AýsenemGaryp» şahalary.
95. Dessanda Garybyň çeper keşbi.
96. Dessanda aýal-gyzlaryň çeper keşpleri.
97. Türkmen dessanlarynda zalym şalaryň çeper keşpleri.
98. «Şasenem-Garyp» dessanynyň neşirleri.
99. «Şasenem-Garyp» dessanynyň Gündogar halklaryna ýaýraýşy.
100. «Saýatly Hemra» dessanynyň temasy, manysy, çeperçiligi.
101. Dessanda Hemranyň çeper keşbi.
102. Saýat bilen Selbinyýazyň çeper keşpleri.
103. «Saýatly Hemra» bagşylaryň dilinde.
104. «Nejep oglan» dessanynyň mowzugy, many-mazmuny, çeperçiligi.
105. Dessanda aýdym-saza goýulýan sarpa.
106. Nejebiň çeper keşbi.
107. Elbent bagşynyň çeper keşbi.
108. Türkmen halk döredijiliginde Aşyk Aýdyň piriň çeper keşbi.
109. Türkmen dessanlarynda enäniň keşbi.
110. «Asly-Kerem» dessanynyň temasy, many-mazmuny.
111. Asly bilen Keremiň çeper keşbi.
112. Dessanda dostluk temasy.
113. «Kasym oglan» dessanynyň temasy, many-mazmuny, çeperçiligi.
114. «Göwher gyz we Şiraly beg», «Melike-Dilaram», «Raý Çini»,
«Hatam Taý», «Arzy-Gammar» ýaly halky dessanlaryň many-mazmuny,
çeperçiligi.
115. Türkmen halk döredijiligine gadymy grek medeniýetiniň täsiri.
116. Türkmen halk döredijiliginiň arap medeniýeti bilen arabaglanyşygy.
301
Türkmen halk döredijiligi
117. Türkmen we pars halk döredijiliginiň arabaglanyşygy.
118. Türkmen, azerbaýjan, uýgur halk döredijiliginiň taryhy esaslary.
119. Gazak, garagalpak halk döredijiliginiň türkmen halk döredijiligi
bilen arabaglanyşygy.
120. Türkmen we özbek halk döredijiliginiň arabaglanyşygy.
121. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler we olaryň halk döredijiligi
barada söhbet.
122. Türkiýede ýaşaýan arkadaşlarymyzyň halk döredijiligi.
123. Eýranda we Owganystanda ýaşaýan arkadaşlarymyzyň halk
döredijiligi.
124. Garagalpagystanly türkmenleriň halk döredijiligi.
125. Buharaly, Täjigistanly türkmenleriň halk döredijiligi.
126. Stawropol türkmenleriniň halk döredijiligi.
127. Türkmen halk döredijiliginiň Gündogar halklarynyň halk döredijiligine eden täsiri.
128. Türkmen halk döredijiligi we gadymy ýazuw ýadygärlikleri.
129. Türkmen halk döredijiligi bilen çeper edebiýatyň arabaglanyşygy.
130. Azadynyň «Wagzy azat» poemasynda halk döredijiligi.
131. Magtymgulynyň eserlerinde nakyllar.
132. Magtymgulynyň eserlerinde Gündogar rowaýatlary.
133. «Görogly» we Magtymguly.
134. Andalybyň işlän halky ýordumlary.
135. Şabendäniň rowaýatlar esasynda döreden eserleri.
136. Şeýdaýy we türkmen halk döredijiligi.
137. Magrupynyň döredijiliginde halk döredijiligi.
138. Mollanepes we halk döredijiligi.
139. Seýdi bilen Zeliliniň döredijiligine halk döredijiliginiň eden
täsiri.
140. Halk döredijiligi häzirki zaman edebiýatynyň çeşmesidir.
141. Ata Gowşudow we halk döredijiligi.
142. Halk döredijiliginiň esasynda döredilen powestler.
143. Berdi Kerbabaýew we halk döredijiligi.
144. Kerim Gurbannepesow we halk döredijiligi.
145. Türkmen çagalar edebiýaty we halk döredijiligi.
146. Bagtyýarlyk zamanynda halk döredijiligine goýulýan sarpa.
147. Ertekileriň esasynda döredilen poemalar.
302
Türkmen halk döredijiligi boýunça temalar we soraglar
sidir.
148. Türkmen edebiýatynda tapmaça goşgular.
149. Türkmen halk döredijiligi ynsany terbiýelemegiň gözli çeşme-
150. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren «Paýhas
çeşmesi» kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
151. Türkmen halk döredijiligi baradaky söhbeti jemlemek.
303
Türkmen halk döredijiligi
EDEBIÝATLAR
I. YLMY EDEBIÝATLAR, OKUW KITAPLARY
WE GOLLANMALAR
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Medeniýet halkyň kalbydyr.
‒ Aşgabat, 2014.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ile döwlet geler bolsa. ‒ Aşgabat,
2014.
3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. ‒ Aşgabat,
2015.
4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Çaý – melhem hem ylham.
‒ Aşgabat, 2016.
5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. ‒ Aşgabat, 2016.
6. Abdyllaýew Ö. Türkmen halk döredijiliginiň erteki žanry.
− Aşgabat, 1977.
7. Акиниязов Г. Б. Идей свободомыслия в туркменском
фольклоре. − Ашхабад, 1976.
8. Annaýew K., Balakaýew G., Mommyýew K. Türkmen milli oýunlary. − Aşgabat, 1962.
9. Aşyrow A. Könegüzer. – Aşgabat, 1992.
10. Карриев Б. Биобиблиография. − Ашхабад, 1987. (Составители
М. Худайкулова, Р. В. Хахулина). − Aшхабад, 1987.
11. Baýmyradow A. Seýdi we halk döredijiligi. − Aşgabat, 1976.
12. Baýmyradow A. Epiki obrazda ewolýusiýa. «Görogly»
eposyndaky Öweziň obrazynyň mysalynda. − Aşgabat, 1980.
13. Baýmyradow A. Türkmen folklor prozasynyň taryhy ewolýusiýasy − Aşgabat, 1982.
14. Baýmyradow A. Haýwanlar hakyndaky türkmen ertekileri. Barlaglar we tekstler. − Aşgabat, 1986.
15. Baýmyradow A. Rowaýatlarda taryhy şahslar. − Aşgabat, 1992.
16. Bekmyradow A. Göroglynyň yzlary. − Aşgabat, 1988.
304
Edebiýatlar
17. Bekmyradow A. Andalyp hem oguznamaçylyk däbi. A., 1987.
18. Berkeliýew K. Türkmen nakyllary we atalar sözi. − Aşgabat,
1958.
19. Berkeliýew K. Türkmen halk döredijiligi boýunça görkeziji.
− Aşgabat,1980.
20. Berkeliýew K. Halk döredijiliginde däp-dessur poeziýasy.
− Aşgabat, 1985.
21. Bertels Ý. E. Türkmen halkynyň еdebi geçmişi. // XVIII-XIX
asyr türkmen еdebiýatynyň taryhyndan oçerkler.– Aşgabat,1967.
22. Çaryýew M. Magtymguly we halk döredijiligi. – Aşgabat, 1983.
23. Джикиев А. Очерки происхождения и формирование
туркменского народа в эпоху Средневековья. − Ашхабад, 1991.
24. Джикиев А. Традиционные туркменские праздники,
развлечения и игры. ‒ Ашхабад, 1983.
25. Durdyýew H. Şabram şelpeler. – Aşgabat, 1982.
26. Durdyýewa A. «Asly – Kerem» dessany doganlyk halk-laryň
arasynda − Aşgabat, 1991.
27. Durdyýewa A. «Görogly» eposynda fantastika. – Aşgabat, 1981.
28. Durdyýewa A. Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar
žanrlarlarynyň aýratynlyklary. – Aşgabat, 1985.
29. Garryýew B. Altyn däneler. – Aşgabat,1982.
30. Garryýew B. Gelin-gyzlaryň gözel poýeziýasy. − Aşgabat, 1975.
31. Garryýew B. Halk gahrymançylyk eposy «Görogly». − Aşgabat,
1977.
32. Garryýew B. Läle. Monjugatdy. Hüwdi. − Aşgabat, 1977.
33. Garryýew B. Türkmen edebiýat folklorynda aýal-gyzlaryň obrazy. – Aşgabat, 1975.
34. Garryýew B. Türkmen halk nakyllary. − Aşgabat, 1976.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 19
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.