Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 12

Total number of words is 3901
Total number of unique words is 1844
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gezsem gerek ilden-ile,
Derdim köpdür, ýokdur hile,
Gaýgy bary meniň bile,
Goşuldy, hemhana boldy.
173
Türkmen halk döredijiligi
Ýok meniň zynat-nyşanym,
Balkan degresi mekanym,
Bir garçygaý mähribanym,
Gözümden bigana boldy.
Görogly, ýeňňeň ýat eýle,
Onsuz baga barma seýle,
Kysmatym ýazyldy şeýle,
Görmegim gümana boldy.
Görogly çorulara öz halyny beýan etdi. Göroglynyň nalyşyn eşidip,
hyzmatkär gyzlar hem gamgyn boldular:
– Bu biçäräniň hem biziň ýaly ýat ýerlere düşen naçary bar eken,
her kimiň gaýgysyny Alla özi asan etsin-dä – diýip, gynana-gynana çykyp
gitdiler. Görogly hem Gyratyny assa-assa sürüp, töwerek-daşyna seredip,
olaryň giden ugruna baka gidiberdi.
Indi habary baga gelip-giden kenizlerden eşidiň. Bu kenizler
Reýhanarabyň çorularydy. Olar derrew baryp, «Bagda şeýle-şeýle bir
bagşy ýigit bar» diýip, Gülendama habar berdiler. Gülendam:
– Ol kim bolarka janlarym? – diýip, kir ýuwup oturan ýerinden
diňşirgendi, özüniň geçmişini gözüniň öňüne getirdi, eli bilen ulaldan
Röwşen jany ýadyna düşdi. Häzir ol suw gabyny alyp, howzuň başyna
gaýtmagy ýüregine düwüp oturybersin.
Indi habary Görogludan eşidiň. Görogly şol aýlanyp ýörşüne bagyň
içindäki howzuň boýuna bardy, görse, howzuň boýunda, şa sypanyň üstünde alaň ýatan ýaly bolup, bir zat ýatyr. Onuň horruldysyndan dag-daş
lerzana gelýär.
– Päh, zaňňar, ýer ýüzünde Arap diýen bar bolsa, megerem, şu bolara çemeli, men muny oglankam görenim, ýaş wagtymda bu zaňňaryň
syr-sypatyna-da syn etmändirin – diýip, Görogly atyndan düşüp, Gyrata gülmyhdan bent etdi. Ýuwaş-ýuwaş ýöräp, usul bilen Arabyň ýanyna
bardy. Baryp ýagşy syn etse, Reýhanarabyň üstünde segsen goýnuň derisinden possuny bar, kyrk goýnuň derisinden tikilen telpegini hem bu ýan
gapdalynda goýupdyr. Telpegi bir ýana, possuny bir ýana taşlap äňetse,
sakgallary kelle urlan gara söwüt ýaly, agyzlary dagyň gowagy ýaly, murtlary kürräň guýrugy ýaly, burny susak ýaly, gözleri guýy ýaly, gulaklary
depmeçiň tigri ýaly, gaşlary bir tutum, kellesi tamdyr ýaly, ýagyrnysy bäş
174
Şadessanlar. Görogly
gez, synasy on çeýrek, gursagynyň tüýleri oruma ýeten arpa kimin, şemal
bilen şagyr-şagyr ses berýär. Arap zaňňaryň hiç zatdan habary ýok. Ol bir
beýik sekiniň üstünde, ullakan güjümiň aşagynda dokuz gabat çymylgan
taşlap, başujuna dokuz tekýe, aýagujuna bäş tekýe taşlap, çiň arkan düşüp,
erniniň suwuny akdyryp ýatyr. Her demini alyp pyşgyranda, güjümiň ýapraklary çagşyl-çagşyl ses edýär. Görogly:
– Uklap ýatan zaňňary namartlyk edip öldürmäýin-le, her haçan tursa, atymyň yzyny görsün – diýip, üç mertebe atyny onuň töwereginden
aýlady. «Arap güýjümi hem görsün» diýip, bir ýogyn agaja ok atdy. Okuň
ýarysy aňry geçip duruberdi...
Görogly munuň tanaman duranyny gördi-de: «Muňa bolşuny aýdyp,
özümi tanadaýyn» diýdi:
– Eý, ýeňňe, şol garaňky görden ýagtylyga çykan Röwşeniň, ýedi
ýaşda senden aýra düşen heserdeşiň mendirin – diýdi. Gülendam:
– Heý, waý, meniň ýeke ýalňyz howandarym – Göroglumy sen? –
diýip, oňa baka topuldy. Görogly hem begenip, atyndan düşüp, ýeňňesi
bilen görüşdi. Gülendam Göroglynyň daşyndan üç mertebe aýlanyp,
maňlaýyndan ogşady. Gülendam görşüp bolandan soň, ýene oturjak boluberdi. Onda Görogly:
– Oturma, ýeňňe, mün atyň syrtyna – diýdi. Emma Gülendam
aýagynyň astynda ýatan çöpi aldy-da, ýeri dyrmalap oturyberdi, gözüne
ýaş aýlap, başyndan ötenleri birlaý ýatlady.
Görogly:
– Ata mün, ýeňňe jan, saňa näme boldy, beýdip otyr ýaly? – diýip
sorady. Gülendam başyny aşak salyp oturan ýerinden boljak-geljegi
birlaý gözüniň öňüne getirdi. Ol pikir derýasyna gark bolup oturyşyna
Göroglynyň howlugýandygyny-da duýmady. Soň Gülendam başyny
galdyryp:
– Eý, oglum, Röwşen jan, sen ýör diýýärsiň, men neneň gideýin, ne
ýüz bilen Çandybile baraýyn? Röwşen jan, meniň indi boljagym bolup,
boýam synypdyr. Indi meni bu jaýymdan gozgama, goý, men şu ýerde
öleýin – diýip, hamsygyp, gözýaşyny taýly gezek sylyp goýberdi.
– Ýok, bolmaz, gitmeseň bolmaýar, ýeňňe jan.
– Röwşen jan, saňa bir gep bar, sen şu wagtlar meni äkitseň, bu betbagt bilen ýene bir ýerde sataşaýsaň: «Heý, zaňňar Röwşen, men seniň
Gülendam ýeňňeňi edil diýen mahalynda – nowça mahalynda guçdum, iň
soňunda garrap sandan galandan soň äkidip, arym jaýyna düşdi diýip ge-
175
Türkmen halk döredijiligi
zip ýörmüň? Kempiri bäri kow» diýer, ol wagt seniň ýüregiň ynjar – diýdi.
Gülendamyň bu sözi Röwşene makul göründi.
– Eýsem, bu işiň geňeşini özüň ber, ýeňňe jan – diýip, ýeňňesine
maslahat saldy. Gülendam:
– Eý, oglum, munuň geňeşini men bersem, ar-namysym ýerine
düşsün diýseň, Arabyň öňki heleýinden galan ýeke gyzy bar, şondan
başga hiç bir perzendi ýok. Şonuň üçin ol gyz ýetişenem bolsa, ony äre
bermäge gözi gyýman saklap otyr. Şu wagt ol 25 ýaşyna barypdyr. Ýüzleri
aý ýaly, gyzyl güle taý ýaly, gara göz, galam gaş, ýuka dodak, hünji diş,
gözi sürmeli, boýny düwmeli, gaşyna wesme çekip, saçyna gülap döküp,
al-ýaşyl geýnip baga seýle çykan wagtynda, görenler asla onuň yşgyndan
özüni tutup bilmeýärler. Adyna-da Bibijan diýýärler, men şonuň ugruny
tapyp, seniň ardyňa mündürip bilsem, onda sen Arabyň ýürek ýagyny
üzýärsiň, seniň aryň kemsiz ýerine düşýär. Ana, şol gyzy getirip, Arabyň
«Suw ber» diýşi ýaly, saňa suw berdireýin. Sen ony atyň syrtyna çek-de,
ýöräber, şonda aryň ýerine düşer – diýip, Görogla akyl berdi...
Görogly işikde barmagyny dişläp duran Bibijanyň jemalyny görüp,
bäş keleme söz aýdar gerek:
Garşymyzdan bir Aý dogdy,
Gutly bolsun il üstüne!
Boldy ajap zamanalar,
Gadam goýsun ýol üstüne!
Gunça kimin gülleri bar,
Göz üstünde ýollary bar,
Bir ajaýyp hallary bar,
Halyn goýar hal üstüne!
Ne meýdana girmek gerek,
Ne gädikde durmak gerek,
Şirin jany bermek gerek,
Namys bilen ar üstüne.
Bir gyz geledir bezenip,
Süýnüp-sarkyp hem daranyp,
Gamza tygyny gezenip,
Hülle geýer şal üstüne.
176
Şadessanlar. Görogly
Ýaryň bagyna gireli,
Bagyň gülüni tireli,
Sen gelmeseň, biz baraly,
Bar, çykyp dur, ýol üstüne.
Ýedi ýyldyr synam dagly,
Pir ýolunda boýnum bagly,
Nowhuruş oglan Görogly,
Bir Alla diýp, dön üstüne.
Görogly sözüni tamam edip, Gyratyň başyny gyza tarap dolady. Şol
wagt Gyrat hem çarpaýa galyp, ajap bir oýun etdi. Bibijan ýylan gören
ýaly bolup arkan-arkan çekilip:
– Eý, tüýsi bozuk ýigit, meni razy etmän alyp gitjek bolýarmyň?
Men seni atama aýdyp öldürderin – diýip, öýkeläp ýöräberdi. Gülendam
onuň yzyndan ýetip: «Ataň duýsa, gyrar bizi» diýip töwella etdi, Bibijanam oňa jogap berdi:
Gülendam:
Gurbanyň bolaýyn, Bibijan,
Aýtma, ataň gyrar bizi.
Maňa dardyr bu giň jahan,
Aýtma, ataň gyrar bizi.
Bibijan:
Goýber meni, zalym ýeňňe,
Men-hä gaýtmanam-gaýtmanam,
Sen maňa saljaksyň çeňňe,
Asla gaýtmanam-gaýtmanam.
Gülendam:
Sensiz ýerde gül açylmaz,
Seniň gülüň hergiz solmaz,
Ýagşy-ýamandan söz bolmaz,
Aýtma, ataň gyrar bizi.
**12. Sargyt № 3166
177
Türkmen halk döredijiligi
Bibijan:
Barman indi men ýanyňa
Ot salma şirin janyňa,
Özüň baryp suw ber şoňa,
Men-hä barmanam-barmanam.
Gülendam:
Gülendam diýr, al, gyz, pendim,
Sensiň meniň jiger bendim,
Şirinim, şekerim, gandym,
Zalym ataň gyrar bizi.
Bibijan:
Bibi gyz diýr, eý, ýeňňe jan,
Düşdi köňlüme bet güman,
Şol oglanyň päli ýaman,
Asla gaýtmanam-gaýtmanam.
Bular sözlerini tamam etdiler. Onda Gülendam:
– Barmasaň, bir içim suw ber. Bu ýigit tizräk gitsin, Bibijan – diýdi.
– Ýok, ýeňňe jan, bu ýigidiň bolşy ýaman bozuk görünýär, muňa
suwuň-da bolsa, zadyň-da bolsa özüň beräý, ýagşysy, muny aman-sag,
tizräk ugradaweri – diýdi.
– Bibijan, bu ýagşy ýigide bir jam suw beräýsene – diýip, bu hem
arkasyndan itiberip dur. Şol halda Bibijan Görogla garap:
– Eý, goç ýigit, sen bu ýerde kän durma, biziň peşaplarymyz seni
görseler, öldürerler – diýip, «Gitgin indi, demir donly, bu ýerden» diýip,
Görogla garap, bir söz aýdar gerek. «Alman gitmez demir donly bu ýerden» diýip, Görogly hem jogap berýär:
Bibijan:
Habar bergin, ýigit, nirden geler sen,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden.
Haýsy ilden, haýsy ulusdan bolar sen,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden.
178
Şadessanlar. Görogly
Görogly:
Meni sorsaň, geldim Çandybilinden,
Almaý gitmez demir donly bu ýerden,
Aslym beýan etsem, türkmen ilinden,
Almaý gitmez demir donly bu ýerden.
Bibijan:
Gitgin indi, biziň iller duýarlar,
Duýsa, seniň şirin janyň gyýarlar,
Goçaklarmyz ata rekap goýarlar,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden.
Görogly:
Bäş menzilden Gyratymy çapar men,
Her menzilde sermes guzy gapar men,
«Däh» diýemde, bäş kişini ýykar men,
Almaý gaýtmaz demir donly bu ýerden.
Bibijan:
Goç ýigitler belendinde, pestinde,
Aşyk bolan magşugynyň kastynda,
Köp sözleme sen Gyratyň üstünde,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden.
Görogly:
Belent-belent garly dagdan ötmeýin,
Aryn alyp, maksadyna ýetmeýin,
Şu gün seniň ak goluňdan tutmaýyn,
Asyl gitmez demir donly bu ýerden.
Bibijan:
Hanlaryň içinde hanlar hany sen,
Aşyk bolsaň, magşugyňy tany sen,
Nä pisint etmediň Bibijany sen,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden.
179
Türkmen halk döredijiligi
Görogly:
Beg Görogly aýdar: şirin sözlini,
Janym alan nerkes gara gözlini,
Goşa hally, aý dek, ap-ak ýüzlini,
Almaý gitmez demir donly bu ýerden.
Bu sözi aýdandan soň, Bibijan arkanjaklap:
– Gör, ýeňňe jan, munuň aýdýan sözlerini gör, asla bu ýigitden
gowulyk çykmaz. Eger maksadyň öldürtmek bolmasa, onda meni goýber
– diýdi.
– Eý, gyzym, maksat seni öldürtmek däl. Bu ýigit gaty
gowy ýigit, ol bir içer ýaly suw sorady, men şol suwy seniň alyp
bermegiňi oňa wada berdim, diňe şonuň üçin men seni getirdim
– diýip, Gülendam sypdyrmajak bolup, arkasyndan iteleýär.
– Ýok, ýeňňe jan – diýip, Bibijanam Gülendamy arkanlygyna südürläp, Göroglynyň gözünden ýitip barýar. Görogly bu bolşy görüp, öz içinden:
– Men könelerden «Ýagşy söz ýylany hinden çykar» diýip eşidipdim.
Gel, men şuňa hoşamatly bir söz aýdaýyn-la. Bizde söz gytmy näme?
– diýip, Bibijana garşy garap:
– Wah, Bibijan, gitmesene, bir suw bersene – diýip, bäş keleme söz
aýdar gerek:
Garşym alyp duran dilber,
Näzlim, bir suw ber, içeýli,
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli.
Menem geldim illerimden,
Seýran etsem gülleriňden,
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli.
Senmisiň Arabyň gyzy,
Geýen donlaryň gyrmyzy,
Näz bilen köýdürme bizi,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli.
180
Şadessanlar. Görogly
Goly hyzmatda baglyny,
Menzili Ýyldyz daglyny,
Tanyrmy sen Göroglyny,
Gyz-juwan, suw ber, içeýli.
Bilbil gül diýp çeker zary,
Aşygyň köýmesin ary,
Göroglynyň söwer ýary,
Bibijan, suw ber, içeýli –
diýip, Görogly sözüni tamam etdi.
Gülendam:
– Halha, «Bibijan» diýip, adyňam bilýän ekeni. Häý, Bibijan, bu
ýigit seniň at-owazaňy eşidip, saňa aşyk bolup gelen bolmaga çemeli,
muny namyrat gaýtarma-da, suw beräý, Bibijan – diýdi.
– Alla, ýeňňe jan, «Ber-beri» kän aýtdyň. Indi men muňa suw bereýin, ýöne sen meniň yzymda habardarrak bolup durarsyň.
– Men yzyňda duraryn, Bibijan.
– Bolýar, ýagşy – diýip, Bibijan razy boldy.
«Kasas kyýamata galmaz» diýenleri: Arap Gülendamy alyp gaýdanda, Göroglynyň kakasyndan galan altyn jamy hem alyp gaýdypdyr.
Bibijan bu jama suw dolduryp, haremhanadan gamza kakyp, daş çykdy.
Uýalyp, ýüzüni keseräk tutdy-da, jamy Göroglynyň goluna uzatdy. Görogly hem jyn ýaly çalasyn zaňňar: jamy goltugyna urdy-da, dessine bir
elini ak goluň penjesinden, bir elini hem ak bilekde goýlan bilezigiň aňyr
tarapyndan berk tutup, gyzy özüne baka çekdi welin, Bibijan top ýaly
bolup, atyň üstüne düşdi. Azaby ýerine gowşan Görogly Bibijany alyp,
Gyratyň başyny yzyna baka öwürmekçi boldy. Onda Bibijan:
– Eý, goç ýigit, meniň özüm gideýin, ýöne häzir meni goýber, öýe
girip, zatlarymy alaýyn – diýdi.
Gülendam-da:
– Dogry aýdýar, Röwşen jan, goýber elini, «gideýin» diýdi, indi özi
gider – diýdi. Görogly hem onuň elini goýberdi. Päh, ýetişen maşgala,
Bibijanyň-da göwni galkdy, içeri girip, zer-zerbap geýimlerini egnine
geýdi, şaý-paýyny dakyndy, aýna-daragyny alyp, bukja saldy. Bukjasynam goltuklap gelip, şaňňyrdap, atyň syrtyna mündi. Gülendam:
– Bar, Röwşen jan, alnyňy Hak açsyn, Arabyň ýürek ýagyn-a
181
Türkmen halk döredijiligi
üzensiň, emma özüň gatyrak gideweri, men şu gün irde-giçde muny
oýarmasam, «Sen meniň gyzymy ogluňa özüň berip goýberensiň» diýip,
maňa azar berer, döwüş-taýak meniň başymda bolar – diýdi.
– Al-la, ýeňňe jan, onuň ýaly bolsa, men şu duran ýerimden Arabyň
içinden sary ýaýyň okuny geçirip, seni hem alyp ötägideýin?
– Eý, oglum, ol işiň namartlyk bolar, men baryp ony oýaraýyn. Soň
ol zaňňar: «Men ukuda ýatyrkam alyp gidipdir, bigaýratlyk edipdir»
diýip, bahana tapmasyn – diýdi.
– Bu aýdýanyň hem dogry, ýeňňe jan. Men Gyratymy depip,
meýdana çyksam, onuň alajyny özüm görerin, «Eliň bilen edeniňi
egniň bilen çekersiň» diýenleridir. Goý, ol zaňňar ozal öz eli bilen edenini bu gün öz egni bilen çeksin. Sen bar-da, Araby turuz
– diýdi.
Görogly Bibijana: «Berk ýapyş, gyz» diýip, Gyrata bir gamçy urdy
welin, janawar ýyldyrym ýaly süýnüp, laçyn kimin uçup barýar...
...Bu gün ötdi, gijesi ötdi, ertesi çäş galanda Göroglynyň yzyndan
bir gürrüldi peýda boldy.
– How, Bibijan, bir gürrüldi bar-la, bu ýakynlarda aždar barmyka,
şir barmyka?
– Görogly beg, aždaryňy-da bilmeýän, şiriňi-de, bu meniň atamyň
atynyň gürrüldisidir. Onuň toýnagy gyzan wagtynda, damagynyň harryldysy, burnunyň parryldysy gaty daşdan eşidilýändir, bu şonuň sesidir. Ol
seniň yzyňy alyp kowup gelýändir – diýdi.
Onda Görogly içinden «Gel, men muny bir synap göreýin» diýip:
– Onda Bibijan «Dost geňeşde belli» diýipdirler, ataň yzymyzdan
ýetip gelýän bolsa, indi näme etmeli? − diýdi. Onda Bibijan:
– Eý, Görogly beg, maňa nämä geňeşýärsiň? «Ýaryşda atdan,
ýyrtyşda gurtdan, mal ýagdaýyny gartdan, söweşi mertden» diýipdirler.
Sen bir mert ýigit, özüň menden ýagşy bilýärsiň; ýöne meniň saňa aýtjak
bir sözüm bar, atam uka giden mahalynda, seýisler onuň atyna iým-suw
berip, ot döküp, bakyp-bejerip ýörkäler menem baryp, kesesinden syn
ederdim. Ol ata her menziline bäş ýarym batman iým berilýärdi. At aýagyndan ýaňa bikär bolup galandyr, ýöne gyzgynyna gelýändir. Onsoňam,
atamyň aty garrydyr, biziň atymyz ýaş görünýär. Şonuň üçinem ýakynyňa
gelse, bäş-alty agyz gepe güýmäp, birmeýdan saklap bilseň, onuň aty şol
ýerde sowap galar – diýdi.
Görogly Bibijanyň göwnünde ýamanlyk ýokdugyny bildi.
182
Şadessanlar. Görogly
– Haý, onuň ýaly bolsa, men ataňy üç-dört günläp gepe güýmemeýänmi! Meniň ýanymda gep gytmy näme? – diýip, bir dagyň üstüne çykyp, yzyna garap duruberdi. Bir seretse, iki dagyň jülgesinden
Arap zaňňar atyny ýüzin salyp gelýär, bolup gelşi edil bir gara ýapynja
meňzeýär.
Ses ýeter ýaly meýdana geldi weli, Görogly şol duran ýerinden:
– How, Arap, dur, şo ýerde dur, şo ýerde. Saňa bäş-alty agyz sözüm
bar – diýip gygyrdy.
– Haý, zaňňar Görogly, ine, durdum, aýt, näme sözüň bolsa.
– Sözümi saňa saz bilen aýdyp berjek – diýip, arkasyndan sazyny
alyp, Araba garap, bäş keleme söz aýdar gerek. Gör-bak, näme diýýär.
Seniň üçin geldim Çandybilinden,
Senden gaýdan enesinden dogmasyn;
Aslym diýsem, teke-türkmen ilinden,
Senden gaýdan enesinden dogmasyn!
Meýdan içre ýetdiň bedew harladyp,
Ylgar edip, at alnyny derledip,
Men durdum öňüňde jyzap arladyp,
Senden gaýdan enesinden dogmasyn!
Belent-belent garly dagdan öter men,
Arym alyp, maksadyma ýeter men,
Bäri gelme, Arap, seni atar men,
Senden gaýdan enesinden dogmasyn!
Sagyra halymda üstüme geldiň,
Agladyp, eňredip, ýeňňemi aldyň,
Ýok söwdany meniň başyma saldyň,
Senden gaýdan enesinden dogmasyn!
Görogly diýr, eşit merdiň sözüni,
Külli ilat görsün meýdan tozuny,
Ýeňňem üçin aldym, arap, gyzyňy,
Senden gaýdan enesinden dogmasyn!
183
Türkmen halk döredijiligi
Görogly sözüni tamam edenden soň, Bibijan oňa:
– Senden gaýdan enesinden dogmasyn. Eý, Görogly beg, indi
sen atyňy bu ýana sürüber. Senden gaýdan enesinden dogmasyn
– diýdi.
Görogly hem Gyratyň jylawyny ýazdyryp, bir gamçy urdy welin,
at Reýhanarabyň gözünden ýitip gitdi. Görogly namasyny aýaklynça,
Arabyň aty saň gaty bolupdyr. Emma atyň sowanyndan ol zaňňaryň
habaram ýok.
– Haý, zaňňar Görogly, sen bu sözi aýdyp, lap urýarsyň. Hany göreli,
meniň öňümden nirä gaçyp gutularkaň – diýip, galkarak oturyp, ilerräk
omzap, atyny debsiledi welin, öz agramyna özi başaşak gaýdyberdi. Minara ýykylan ýaly bolup, maňlaýy baryp daşa degdi. Arap ýer bagyrtlap
ýatyberdi, şol ýatyşyna bir çaý içim salymdan soň zordan özüne geldi.
Entirekläp-entirekläp atyna mündi-de, eýeriň gaşyna maňlaýyny goýdy,
at üstünde hem bir meýdan ýatandan soň, Arap demini dürsedi, soň ol
başyny galdyryp, biline guşan uzyn guşagynyň ujundan ýyrtyp aldy-da,
ýüz-gözüni çala-çula süpürişdirip, maňlaýyny daňdy. Öz-özi içini gepledip:
– Alla janym, meniň işim oňuna bolubilse ýagşydyr-ow. Men heniz
ol zaňňar bilen atyşmankam atdan ýykyldym, tutuşmankam maňlaýymy
ýardyrdym. Her zat-da bolsa, indi onuň bilen gidişmesem bolmaz – diýip,
atyny gamçylamaga başlady, aty bolsa mazaly sowaşypdyr, eger-eger
sarsanogam. Arap atynyň ýöremejegini bilip, onuň ýantanapyny bilegine
orady, uýanynam egniniň üstünden taşlap, tagyrdadyp süýräberdi. At şol
barşyna gybyrdyklamaga başlady. Ýene bir meýdan süýränden soň, at
ädimini gatyrak ädip, özüni dürsäp ugrady. Arap indi atynyň toýnagynyň
gyzjagyny bilip, uýanyny, ýantanapyny eýeriň gaşyndan ildirdi. Ýoldan
bir desse taýagy tapyp alyp, atyň guýrugyndan tutup, sagrysyna, gapyrgasyna, ýanbaşyna ura-ura ony mazaly gyzdyryp, üstüne münägede,
basdy gamçyny. At kä derläp, kä harlap, ýene zyňmaga başlady. Şeýdip,
ol damagyny harryldadyp, burnuny parryldadyp gidiberdi.
Indi habary kimden al, Görogludan al. Göroglynyň aty artlaşykly,
agyr ýükli. Her niçik-de bolsa, ol Arapdan öňürti Araz çaýyndan geçdi.
Görogly çaýdan geçip, yzyna bir garasa, ynha, kyb-lasyndan gürläp, harlap, Arap ýetip gelýär. Görogly:
– Eý, Arap, dur şol ýerde – diýip, ýene gygyrdy. Arap atynyň başyny
çekip:
184
Şadessanlar. Görogly
– Ine, durdum, zaňňar, sen her näme etseň-de, meniň öňümden
gaçyp gutulasyň ýok. Seniň ajalyň meniň elimdendir. Taşla, Bibijany,
zaňňar – diýdi.
Görogly oňa jogap edip, eline sazyny alyp, Araba garap, bäş keleme
söz aýdar gerek:
Garry duşmanym sen, arap,
Aga Reýhan, döwüşeli!
Bu gün bolar halyň harap,
Garry Reýhan, döwüşeli!
Niçe ýyldyr çekdim zary,
Şükür, aldym namys-ary,
Ata-babamyň gandary,
Zalym Reýhan, döwüşeli!
Ýeke men, penahym Hakdyr,
Derdiňe hiç dowa ýokdur,
Hunuň-bahaň ýeke okdur,
Gelgin, Reýhan, döwüşeli!
Görogly diýr, özüm resa,
Bir pirim hezreti Isa,
Hezret Aly, ýa Murtaza,
Aga Reýhan, döwüşeli!
Görogly sözüni tamam etdi-de, keýmir okuny sary ýaýa dolduryp,
taýýar bolup duruberdi, Reýhanarap muňa öňküden-de beter gazaba mündi.
– Häý, akmak, seniň etjek hiläň meniň atymy sowadyp, menden gaçylyp gutulmakdyr. Atym sowasa, sowabersin. Atym sowasa, ony bu ýerde taşlap, yzyňdan pyýadalap baryp, galaňy agdar-düňder ederin. Ýurduňy
gum bilen kesege döndärin. Çandybiliň kesegini heleýleriňe – bogazyna bir
batmandan, gysyryna batman ýarymdan göterdip, Arabystana daşatmasam
hasabam däl. Il-ulsuňy dagydyp, ýurduňda ýumurtga togalabermeli ederin
– diýip, elinden geler-gelmezi sarnap, Görogla garap, bäş keleme söz
aýdar gerek:
185
Türkmen halk döredijiligi
Päliň azyp, bu jaýlara gelip sen,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Bejit bilgin, sen biajal ölüp sen,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Indi saňa rast jogabym söýlär men,
Berre kimin bagryň girýan eýlär men,
Il-ulsuň, galaň weýran eýlär men,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Goldan geler-gelmez işi başar sen,
Bu gün biziň bilen bagsa düşer sen,
Bir gamçy çalamda şeýle çaşar sen,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Goluň baglap, tirkärin men gatyra,
Hary-zar eýlärin salyp hatara,
Päliň azyp, degdiň Reýhan batyra,
Biakyl Görogly, nadan Görogly!
Reýhanarap sözüni tamam edensoň, atynyň sowanlygyny bilip: «Bu
sapar ahmal oturmaýyn» diýip, jylawy çekeräge tutup, kibtini gaýym
gysyp, atyň garnyndan dolandyryp jüp gamçy urdy. Emma at bu sapar
çalarak sowan ekeni. Janawar gamçynyň awusyndan sekrägede bir zyňdy
welin, Araz çaýynyň bu taýyna geçip bilmän, ortasyna pagyş edip düşdi.
Derýanyň tolkuny tekizleşip gitdi. Arap aty bilen bir haýukdan soň suwuň
ýüzüne çykdy. Suwuň içinde atdan düşüp, onuň ýantanapyny bilegine
orady, özi öňünde, atam yzynda, uly basgy bolup, Görogla garap, ýüzüp
gelýär. Şol wagt Görogly Arazyň aňyrsynda duran ýerinde Araba garap,
ýene bäş keleme söz aýdar gerek:
Uçradyň Araz çaýynda,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Seni goýman bu jahanda,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Ýene bu ýoldan geler men,
Dostu-duşmanym biler men,
186
Şadessanlar. Görogly
Eltip, ýylkyma salar men,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Sen gaflat ukuda ýatdyň,
Güjümiňe okum atdym,
Senden arym alyp gaýtdym,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Okum çekip, girsem ýaýa,
Nalyşyň ýetmez Hudaýa,
Arap, atyň bolar zaýa,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Röwşen, sygynsam pirime,
Daglar titreşer zoruma,
Döwçülerim – kyrk nerime,
Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Bu sözden soň Arap:
– Zaňňara bak-a, «Döwçülerim – kyrk nerim» diýýär, munuň kyrk
döwçüsine bak-a, kyrk ýigidine bak-a. Seniň şol kyrk ýigidiň meniň
gözüme peşeçe görünýärmi? Haý, akmak zaňňar! – diýip, Reýhanarap Göroglynyň şunça abaý-syýasatyna garaman, derýanyň bu tarapyna
ýakynlap gelýär. Onda Görogly:
– Alla, Bibijan, ataň-a gözüne bir alamat görkezäýmesek,
ýüzüp geçip gelýär. Indi men munuň özüni ataýynmy, ýa atyny?
– diýip sorady.
Her zadam bolsa atasy-da, Bibijan «Atyn at, aga, atamy azat eýlegin» diýip, Görogla ýalbaryp, bäş keleme söz aýdar gerek:
Bize kyýamatlyk bolan, goç ýigit,
Atyn at, atamy azat eýlegin.
Aryny jaýyna salan, goç ýigit,
Atyn at, atamy azat eýlegin.
Şir zarbyn görmedik tilki «şir bolar»,
Hatardan ýük alan – esrek ner bolar,
187
Türkmen halk döredijiligi
Är ýigidiň wadalary bir bolar,
Atyn at, atamy azat eýlegin.
Kysmat bilen seniň ýurduňa geldim,
Sözüm budur, seniň ärligiň bildim,
Men seniň aldyňda bir keniz boldum,
Atyn at, atamy azat eýlegin.
Bibijan diýr, men galmyşam awara,
Bu dertli janymy goýma azara.
Gel isleseň, etgin meni set para,
Atyn at, atamy azat eýlegin! –
diýip, Bibijan sözüni saz bilen beýan etdi.
Onda Görogly:
– Alla, Bibijan, ataň-a gaty gylawly görünýär, ol öz gara nebsi üçin
göwnüniň islänini edip ýörmäge öwrenen adam-da. Men-ä onuň bilen şu
ýerde bellisini etmekçidim – diýdi.
– Görogly aga, o näme diýdigiň bolýar?
– Ol diýdigimi saňa aýtsam, Bibijan, «Ýakma bişersiň, gazma
düşersiň» diýenleri, men-ä ulumsy ataňa sary ýaýyň bir okuny beräýjekdim.
– Görogly aga, her zadam bolsa atamdyr, edep sakla, atyny atsaň
ataý, emma özüne degme, aga– diýdi.
Görogly biraz oýlanyp durdy. Arabyň aty-da indi birneme peselip
ugrady. Ol boýnuny gyşardyp, dilini sallap ugrady welin, Görog-ly:
– Gel, näme-de bolsa, bir gezeklikçe Bibijanyň hatyrasyny saklaýyn, atasyna degmäýin-de, onuň atyny bäri ýüzmez ýaly edeýin, belki,
Arap pälinden gaýdar, bardy-geldi, munuň bilenem bolmasa, onçasynam
görüberdik-dä – diýip, keýmir okuny ýene ýaýa dolduryp, atyň göwsüni
gabatlap, rast atyp goýberdi. Sary ýaýyň oky gelip, atyň garysyna gömüldi, garysyny kül-uşak etdi. Bärligine ýüzüp gelýän at, aýagy perman
bermänsoň, birden-de derýanyň düýbüne zym uçan ýaly bolup ötägitdi.
Nogtasy Arabyň bileginde bolansoň, onam agramyna suwuň teýine alyp
gidiberdi. Bir mahaldan soň Arap suwuň ýüzüne zompuldap çykdy. Atyna
okdan şikes ýetenini bilip, Arap indi yzyna ýüzmäge başlady. Kä çümüp,
kä ýokary çykyp, hyrkyldaý-hyrkyldaý soňky deminde derýanyň kybla
kenaryna çykdy. Atynam süýräp çykardy. Geýimlerini sykyp, her haýsyny
188
Şadessanlar. Görogly
bir ýana serişdirdi. Kiçiräk kejebe ýaly öl-myžžyk bolan telpegini hem
bir agajyň başyna geýdirdi. Arap oýlandy: «Alla, meniň işim şowuna bolmad-ow, indi mundan beýläk geçsem, bu zaňňardan meniň elim hemişe
asgyn bolar, ýene bir ok ataýsa, ol meni atdan hem beter eder, «Zeleliň
ýarysyndan gaýtmagam bir peýda» diýip, Araz çaýynyň kyblasy bilen
Göroglynyň dogrusyna geldi.
– How, Görogly – diýip gygyrdy.
– Nätjek, Arap aga?
– Aý, Görogly, sen meni utduň, sen zor bolduň, men senden utuldym, indi sen dünýäden ötinçäň, men dünýäden ötinçäm, seniň bilen
uruşmazlyga, jedel tutmazlyga şu ýerde menden kasamat we äht bolsun
– diýdi.
– Ä-hä, şeý diýsene, Arap aga, «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy»
diýipdirler, senem öz utulanyňy bilip, päliňden gaýdan bolsaň, onda
bolýar, Arap aga.
– Bildim, Görogly, indi meniň saňa berjek pendim bar, eger alsaň?
– Aýt, Arap aga, alar ýaly bolsa alarys.
– Alsaň, diňle – diýip, Arap Görogla garap, bäş keleme söz aýdar
gerek, gör-bak, näme aýdýar:
Diýsem pendim saňa, eý, Görogly beg,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Bedew at ýigidiň güýji-kuwwaty,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Bir hyýal eýledim çykdym şöwüre,
Bir hata eýledim, düşdüm döwüre,
Bir nobat atymy goýdum höwüre,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Bedewi saklamak, bil, zeruratdyr,
Ýigidiň ýoldaşy bir ýüwrük atdyr,
Bu dünýäde atsyz ýigit arbatdyr,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Reýhan aýdar, men gaharym taşlaryn,
Meni äkit, öz ýurduňda gyşlaryn.
189
Türkmen halk döredijiligi
Hyzmat buýursaň, otuz gulça işlärin,
Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!
Reýhanarap sözüni tamam etdi. Görogly:
– Bolýar, Arap aga, seniň bu pendiňi tutdum – diýdi. Soň Arap ýene
Görogla ýüz tutdy:
– Indi, Görogly, Bibijany saňa tabşyrdym, seni Hudaýa tabşyrdym
– diýip, şol duran ýerinden bäş keleme söz aýdar gerek:
Uzak ýoldan gelen ýigit,
Alypsyň, saňa noş bolsun!
Ýüregime dagy-düwün
Goýupsyň, saňa aş bolsun!
Ýagşy pent bolsun özüňe,
Gitme hatynyň sözüne,
Ganly ýaş doldy gözüme,
Alypsyň, saňa aş bolsun!
Atym berip men höwüre,
Ýeňňeňi çekdim böwüre,
Bibijany goýma jebre,
Alypsyň, saňa aş bolsun!
Men niçe gün sürdüm döwran,
Tapylmaz derdime derman,
Reýhana tükenmez arman
Salypsyň, saňa noş bolsun! –
diýip, Arap maýyp atynyň ýanyna geldi, geýim-gejimini atynyň
syrtyna taşlap, atyny idip, keýtiklede-keýtiklede gidibersin.
Görogly hem Bibijan bilen niredesiň Çandybil diýip, basdy ata
gamçysyny. Bir meýdan sürenden soň:
– Al-la, bu zaňňaryň gideni çynlakaýdanmyka ýa-da ýalandanmyka
– diýip, Görogly pikir etdi:
– Men muny bir barlaýyn – diýip, bir dagyň üstüne çykyp garady.
Görse, Arap zaňňar hol iki dagyň jülgesinden atyny idip barýar, geýim-
190
Şadessanlar. Görogly
gejiminem atyň syrtyna taşlapdyr. Bolup barşy edil basgyda galan göçegçä meňzeýär...
Görogly «Muňa has açygrak aýtmasak bolmajag-ow» diýip, Genjim
bege garap, ýene bäş keleme söz aýdar gerek:
Kybladan sallanyp geldi mestana,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Jemalyn görenler boldy diwana,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Aşyk ähli onuň arzuwyn çeker,
Lebi – bal, gül çehre, dodagy – şeker,
Görki – Gün, şuglasy älemi ýakar,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Aryp bolsaň, habar algyn sözümden,
Bakdygyňça gözüň doýmaz gözünden
Aşyk bolan bähre alar ýüzünden,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Dokuz köýnegi bar, göwsi düwmeli,
Atasyny görüp, gyzyn öwmeli,
Zemistanda gujagyna girmeli,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Ýene döwran geldi biziň bu baga,
Gözeller içinde ol Ýusup aga,
Özge gözel ähli şoňa sadaga,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Görogly beg ar üstünde söweşer,
Hurma saçy tar-tar topugna düşer,
Ýuka dodaklary balmydyr-şeker,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin –
diýip, Görogly sözüni tamam etdi. Päh, Genjim zaňňar ylgap ýerinden turdy. Gol gowşuryp:
191
Türkmen halk döredijiligi
– Aý, inim, gullug-ow, gullug-ow, maksadyňa ýet-ow, dünýä durynça,
sen dur-ow, aý, gullug-ow, inim – diýip sarnaberdi, zaňňar.
– How, inim, indi bir gep bar, menden ogurlabam ýörme, dogurlabam
ýörme, goýny-da saňa tabşyrdym, düýe sürüsini-de, garamal sürüsini-de,
ýylkylary-da saňa tabşyrdym. Ýöne meni tomus yssylamaz ýaly, gyş
üşemez ýaly etseň bolýar – diýip, Genjim beg derýa bolup joşdy. Ol ýene:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 13
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.