Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 17

Total number of words is 3900
Total number of unique words is 1795
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
oýardy. Hemra ýerinden turup seretse, köp atly gelýär. Hemranyň reňkipeti öçüp, gorkup aglaberdi. Ol:
− Gaçaly − diýdi. Saýat han:
− Gaçmaly, maňlaýda baryny göreliň! Bu daglar ganym ganyny
dökmeli ýerlerdir − diýdi.
Elgaraz, bular uruşmagy karar edip, özlerini bir belende çekdiler.
Mämmetsöýün serdar hem görüp, nökerlerini ýygnap, bir belent ýere
çykypdy. Serdar nökerlerine garap: «Bular munda bar eken. Siz şu ýerde
duruň, men özüm baryp habar alaýyn. Her niçik bolsa hem patyşazadadyr»
diýip, Saýat bilen Hemra tarap ugrady, ýakyn baryp salam berdi. Saýat
han aleýk aldy. Mämmetsöýün serdar:
− Eý, Saýat han, bu işiň patyşalykda köp gabahat işidir. Gel, häli
hem bolsa gaýtgyn! Patyşadan günäňi diläp, ötünjiňi goraýyn − diýdi.
Onda Saýat han:
− Eý, serdar aga, indi ýola çykandan soň gaýtmak bolmaz. Atam sizi
ulaldyp iberipdir, men hem sizi uly bileýin, maňa gaýt diýmäň − diýdi.
Saýat han oýlanyp:
Saňa diýrem, Mämmetsöýün serdarym,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Sen-sen meniň howandarym, hossarym,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Şalaryň ýanynda tutulsyn sözüň,
Dünýäde ýamanlyk görmesim gözüň,
Sen meniň atam bol, men seniň gyzyň,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
At aldynda duşup gitsem pyýada,
Günbe-günden derdim artar zyýada,
Gül meňzim solduryp, goýma uýada,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Özüň öldür, berme meni zalyma,
Rehm eýlegil meniň garyp halyma,
270
Dessanlar. Saýatly Hemra
Atam galar meniň nähak ganyma,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Saýat han diýr, çykdym çarbaga seýle,
Uçradym bir derde, belaga beýle,
Ozalda kysmatym ýazyldy şeýle,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
han:
Elgaraz, Saýat han sözüni tamam etdi. Mämmetsöýün serdar:
− Eý, Saýat han, kyrk kişini gyryp tükedibilmez sen − diýdi. Saýat
− Sagdagymda segsen okum bar, biri hata gitmez − diýdi. Onda Mämmetsöýün serdar:
− Senden bir göz görmesem, gaýtman! − diýip, bir nökerini derbendiň
üstüne çykaryp başynda alma goýdy.
− Eý, Saýat han, okçy bolsaň, şuny urgun! − diýdi. Saýat sary ýaýyny
alyp: «Ýa, şiri derga, pena!» diýip çekip goýberdi. Almanyň ýarysy ok bilen
gidip, ýarysy jaýynda galdy. Mämmetsöýün serdar ony görüp: «Eý, ýigitler,
hiç weç bilen bulary alyp bolmaz. Geliň, «Assa gaçan − namart» diýip,
ýurdumyza aman-esen aşalyň!» diýdi. Bir niçe menzil ýol ýöräp, Mämmet
hanyň gaşyna geldiler. Mämmet han patyşa:
− Getirmediňizmi? − diýip sorady. Mämmetsöýün serdar:
− Golumyzdan hiç iş gelmedi − diýdi. Onda patyşa dergazap bolup:
− Kyrk kişi bolup, bir kişini getirip bilmediňizmi? − diýdi. Mämmetsöýün serdar:
− Eý, patyşahy älem, şir balasy hem şir eken − diýip, bolan işleri birbir beýen etdi:
Arzym eşitgil, döwletli hanym,
Han Saýady, ýetip, alabilmedim.
Gazap eýläp nähak dökmegil ganym,
Han Saýady ýetip, alabilmedim.
Bilmen kaýsy ýola düşüp gidipdir,
Ýa gitmän bir ýerde bukup ýatypdyr,
Ýa bolmasa, orta çöle gidipdir,
Han Saýady ýetip, alabilmedim.
271
Türkmen halk döredijiligi
Gije-gündiz jebir eýledim janyma,
Kyrk ýigidi hemra berdiň ýanyma,
Bu gün arz eder men Mämmethanyma,
Han Saýady ýetip, alabilmedim.
Mämmetsöýün diýr, geldim zar aglap,
Dört tarapdan hiç tapmadym soraglap,
Kyrk gün kowdum, ýola bilimi baglap,
Han Saýady ýetip, alabilmedim.
Elkyssa, Mämmetsöýün serdar sözüni tamam etdi. Mämmet hanyň
gahary ýatyşdy.
Indi sözi Saýat han bilen Hemradan eşidiň. Olar bir niçe ýol ýöräp,
Ujadag diýen daga ýetişdiler. Görseler, dagyň depesinde bir maral ah çekip ýatyr. Onuň aýagyna çöp urupdyr, batyp galabilmän ah çekip, zeýrenip
urnup ýatyr. Ol maraly görüp, Hemranyň oňa rehmi inip, bir söz diýdi:
Sapar aýynyň on dördünde, bäşinde,
Bu daga bir maral ýaman zeýrendi.
Uzal degik Ujadagyň başynda,
Şu dagda bir maral ýaman zeýrendi.
Meger çölde gezen niçik beladyr,
Her nala çekişi janym aladyr,
Öz bagymdan gelen maral boladyr,
Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi.
Biz hem düşdük şol maralyň yzyna,
Çybynlar gonmuşdyr humar gözüne,
Gubar düşmüş şol maralyň gözüne,
Bu bagda bir maral ýaman zeýrendi.
Duşmanlar jem bolup gelse daşyna,
Bilmen ne söwdalar düşer başyna,
Gurban olam gözden akan ýaşyna,
Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi.
272
Dessanlar. Saýatly Hemra
Yzlaýa-yzlaýa bardyk yzyndan,
Gara ganlar akar iki dyzyndan,
Peşeler uçuşar humar gözünden,
Şu dagda bir maral ýaman eglendi.
Bu daglardan niçik aşyk ötendir,
Bir niçesi myradyna ýetendir,
Tebrenebilmeýen maral ýatandyr,
Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi.
Aşyk Hemra arzyn aýdar Hudaýa,
Bu öten günlerim bolupdyr zaýa,
Dyzyndan aşagy batypdyr laýa,
Çykabilmän maral ýaman zeýrendi.
Elgaraz, Hemra sözüni tamam edip, baryp görse, maral ýykylyp
ýatyr. Saýat han onuň aýagyndan tikeni tartyp aldy. Horjundaky dermandan onuň ýarasyna sepdi. Ol janawer turup tagzym kyldy, bularyň
öňüne düşüp üç gije-gündiz ýol görkezdi. Bir niçe menzil ýol ýöräp,
Häzirbeýjanyň bir gyrasyndan geldiler. Ýolda Selbiniýazyň hünjüsiniň
üzülen ýerine geldiler. Hemra ol ýeri görüp, Selbiniýaz ýadyna düşüp zarzar aglady. Saýat han: «Eý, Hemra jan, ne üçin aglar sen?» diýdi. Onda
Hemra jogap berip, bir söz diýdi:
Almasyna daş atdygym, näzli ýar,
Atdygym ýadyma düşer aglaryn,
Gol uzadyp ýar mämesin tutdugym,
Tutdugym ýadyma düşer aglaryn.
Mekgäniň öňünde mähraby münber,
Alynyň öňünde ýöridi Ganbar.
Saçyna sepdigim müşk ile anbar,
Sepdigim ýadyma düşer aglaryn.
Bilbilli, çemenli, bostanly baglar,
Selbiniýaz seýil edip, miwesin awlar,
Ýar bilen badalar içdigim çaglar,
Içdigim ýadyma düşer aglaryn.
**18. Sargyt № 3166
273
Türkmen halk döredijiligi
Sen bolsaň halypa, men bolsam talyp,
Jan çykyp jesetden, göwre boş galyp,
Selbiniýaz bagynda galdy muňalyp,
Galdygy ýadyma düşer aglaryn.
Leýli kimin Mejnunyny ýitirip,
Kadyr möwlam bir maksada ýetirip,
Söwer ýaryň gara zülpün göterip,
Öpdügim ýadyma düşer aglaryn.
Hemra diýer, jan jesetden üzüldi,
Gara bagrym suw boluban ezildi,
Oýnar edik, ýar hünjüsi üzüldi,
Üzdügim ýadyma düşer aglaryn.
Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Hemranyň Selbiniýaz atly
ýarynyň bardygyny Saýat han takyk bildi. Saýat han: «Eý, Hemra, sen
namart ekeniň. Ne gadar ýalan sözlediň. Şunça ýoldan ýat ile gelip, ikiň
biri bolandan, çöllerde ölüp-ýitip gidenim gowudyr» diýdi. Öz göwnüne
öwüt berip: «Hoş gal, Hemra jan!» diýip, bir söz aýtdy:
Gel, göwnüm, men saňa öwüt bereýin,
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.
Kysmatym ne bolsa, ony göreýin,
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.
Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz,
Biwepanyň hergiz ykrary bolmaz,
Belki, diýrem: kişi ýary ýar bolmaz,
Ýary başga biwepadan dön, göwnüm.
Mert ýigitler bar zadyny bar eýlär,
Muhannes giň jahany dar eýlär,
Biwepaga göwün berseň, har eýlär,
Göwni başga biwepadan dön, göwnüm.
«Ýarym sen» diýip, ýerde goýmadym sözün,
Seň üçin soldurdym atamyň ýüzün,
274
Dessanlar. Saýatly Hemra
Biwepanyň azdyr oýdursaň gözün,
Ykrary ýok biwepadan dön, göwnüm.
Asly biwepadan bu göwnüm geçdi,
Aşretiň guşlary asmana uçdy,
«Başga ýarym ýok» diýip, kasamlar içdi,
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.
Näler çekdim biwepanyň renjini,
Rakyplar emmesin lebim gandymy,
Eşit indi han Saýadyň pendini,
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.
Elgaraz, Saýat han sözüni tamam edip: «Eý, Hemra seni sag-aman
öz ýurduňa getirdim. Ýagşylyk, ýamanlyk edip, ynjydan bolsam, razy
bolgun! Indi saňa ýurt gutly bolsun, maňa ýol!» diýip, atyň başyny dönderip, ýola rowana boldy.
Hemra Saýadyň yzyndan gidýär. Ol taýda Saýat bilen ýaraşýar we
ikisi Hemranyň ýurduna gaýdýar. Hemra Saýady Aşyk Ahmediň harazynda goýup, kejebe getirmek üçin öýüne ugraýar. Selbiniýaza bolan
ahwalaty aýdýar. Şeýlelikde, Hemra at çapdyryp, altyn gabak atdyryp,
bagşy aýtdyryp, ýedi gije-gündiz toý edip, Saýat han bilen Selbiniýazy
nikalap alýar.
275
Türkmen halk döredijiligi
NEJEP OGLAN
(Bölekler)
...Habary kimden al, Nejep jandan. Ony patyşanyň huzuryna eltdiler.
Nejep arz jaýynda gol gowşuryp, salam berip, baryp oturyberdi.
Patyşa baýaky ýigitlerden: − Eý, ýigitler, bu oglany nireden
tapdyňyz? – diýip sorady.
− Tagsyr patyşahym, daşdaky ýumuşymyz ýakyndan bitdi. Pylan
çarwanyň obasyndan tapdyk.
Şol wagtda patyşa otuz iki emeldaryna:
− Eý, ýigitler, bu taryply aýdyjy oglan bagşy bilen aýdyşar ýaly
ýurdumyzdan bagşy tapylarmy? – diýdi.
Bu ýandan biri çykyp:
− Eý, tagsyr, bu ýurtda bagşy galdymy, baýaky garry Elbent bagşy
bolmasa? – diýdi.
− Baryň, alyp geliň, şol garry bidöwledi, hälem oglan-uşaga depgi
bererligi bardyr.
Derrew Elbendiň yzyndan bir atly iberildi. Atly Elbendiň ýanyna
baryp:
− Eý, Elbent, seni patyşa çagyrýar − diýdi.
− Patyşa näme etjekmişin meni?
− Patyşanyň huzuryna bir oglan bagşy gelipdir, şonuň bilen seni
aýdyşdyrjak bolup çagyrýar.
− Meni garran wagtymda oglan-uşak bilen agzymy deň edip ýörüp,
patyşanyňam akyly çaşypdyr-ow, bolsa-da patyşadyr-da, barmasak bolmaz − diýip, gara dutaryny arkasyna atyp ugramak bilen boldy. Arz
jaýyna gol gowşyryp, salam berip bardy, görse, patyşanyň ýanynda bir
oglan otyr. Özge ýeri üýtgese-de, gözi üýtgemändir. Pikir edip otursa,
şol baýaky ogullygy. Elbent Nejebiň syrtyndan geçiberen kişi bolup,
ädiginiň burny bilen oglany depip ötdi: − Eý, bidöwlet oglan, meni garran
wagtymda aýdyşjak diýip çagyryp getirdip ýören senmidiň? − diýdi. Ol
wagt Nejebi horluk basdy, gözünden katra-katra ýaş dökdi, Patyşa muny
görüp dergazap boldy:
− Bidöwlet, Elbent bagşy, meni penalap oturan oglany näme üçin
depýärsiň?
− Eý, tagsyr, munuň özüne ýetesi sebäbi bar.
− Tagsyr, muny bir sorasaňyzlaň.
276
Dessanlar. Nejep oglan
− Ine, soradygymyz, aýt.
− Sorasaňyz, bu baýaky Genje-Garabagyna iberdip getirden
aýalyňyzyň elinde gelen ýedi aýlyk oglan. Men muny bakdym-bejerdim, kemala getirdim. Men gahar üstüne muňa iki şapbat çalaýypdym.
Munuň şol gideni gidenidir. «Men Aşygaýdyň piriň ýanyna gidip, ýedi
ýyl hyzmat edip, bagşy bolup gelip, şul bagşy bilen aýdyşyp ýeňip,
arymy almasam, armanda bolsam gerek» diýdi. Munuň şol gideni-gideni. Şondan bäri, ine, görüp durşum muny. Ol meniň bilen aýdyşar ýaly
kim bolupdyr? − diýip, Elbent bagşy öz-özünden men-menlik satdy.
Onda patyşa:
− Eý, bidöwlet, Elbent bagşy, oglanyň tarypyny ýaman belent eşidýäris, aýdyş, ýeňseň-ä her iş et, ýeňilseň, nädersiň?
− diýdi.
Onda Elbent:
− Päheý, patyşahym, şundan bir ýeňilme bormy?
− Ýeňilme bolmasa, al eliňe sazyňy.
Elbent bagşy sazyny silkip aldy. Gahary gelip:
− Oglan, meniň bilen aýdyşarmyň-aýt? − diýdi.
− Aýdyşmada gözüňem oýaryn seniň.
Ikisi şu ýerde dutarlaryny bir gulakdan düzüp, saz çalmaga
başladylar. Elbent ilki başlap, Nejep jan ony kowanda, Nejep set-hezar
artyk çalýar. Nejep başlasa, Elbent bagşy onuň yzyna eýerip bilmän
galýar. Patyşa: «Bu garry bidöwlet sazynda-ha oglandan gaýry geldi,
sözünde, gör, nädýär-kä?» diýip otyrdy, Elbent bagşam öz içinden:
− Alla janym, bu oglan sazynda ökdelän eken, sözünde şunuň ýaly
bolsa, meni heläkläýmese ýagşy − diýip, gahary gelip, gözleri alaryp,
reňki gaçyp, murtlary syh-syh bolup: − Gel-ä şu oglandan dünýäniň
binýat bolan ýerinden bir habar soraýyn − diýip, ozaly Elbent bagşy
sowal sorar, Nejep jan hem sowala jogap berer, ikisi garşylykly bir bäş
keleme söz aýdyşar gerek:
Elbent:
Bizden salam bolsun il uşagyna,
Adam Sefi-ylla ne şäher saldy?
Ne mekanda durup, galam çaldylar,
Niçe ýyl jesetde lemezal galdy?
277
Türkmen halk döredijiligi
Nejep:
Dünýä ”çarköşedir» orta ýerinde,
Adama jan berip, galam çaldylar.
Mundan owal hiç bir şäher gurulman,
Owal başda Kufe şährin saldylar.
Elbent:
Şähri Luty niçe perişde ýykdy?
Haýsy ýerde gurlan Süleýman tagty?
Haýsy ýyl an hezret Magraja çykdy?
Ol ne ýerde arslan ýüzügin aldy?
Nejep:
Şähri Luty bäş ýüz perişde ýykdy,
Ýol arkasynda gurlan Süleýman tagty,
Lu ýyly an hezret Magraja çykdy,
Ol semadan arslan ýüzügin aldy.
Elbent:
Düldüliň enesi mahy zeňňiden,
Habar bergin şol düldüliň reňňinden,
Hezreti Resulyň owal jeňňinden,
Ozal zepikary kime çalyndy?
Nejep:
Düldüliň enesi mahydyr zeňňi,
Misli semawatdyr, düldüliň reňňi,
Emir Antar bilen eýledi jeňňi,
Owal zülpikary şoňa çalyndy.
Elbent:
Näden garadyldy Musanyň tury?
Näden ýaradyldy Esrapyl sury?
Ol nedir, kim, mydam alnynda nury?
Owal kim tanady, musulman boldy?
278
Dessanlar. Nejep oglan
Nejep:
Nykabyn göterdi, ýandyrdy tury,
Köpükden ýaraldy, Esrapyl sury,
Hezreti Resulyň alnynda nury,
Hatyja tanady, musulman boldy.
Elbent:
Elbendiň söwdüjegi destinde,
Ne ölüdir dirileriň kastynda?
Ol nedir, kim, mydam Basra üstünde?
Ne ýerde Ýezidiň myhy ýolunda?
Nejep:
Bäş wagt namaz gul Nejebiň destinde,
Öli toprak dirileriň kastynda,
Muhammet Mustapa Basra üstünde,
Magrypda Ýezidiň myhy ýolunda.
Bular sözlerini tamam edenden soňra patyşa aýtdy: «Bu garry bidöwlet sazynda-da, sözünde-de oglandan ryswa boldy, ýeňildi. Emeldarlarymy synap göreýin, olar näme diýerkä?”
− Eý, emeldarlar, bagşylaryň haýsy ýeňdi, haýsy ýeňildi, maňa
şony aýdyp beriň – diýdi. Ol wagtda bu ýandan biri çykyp, «Eý, tagsyr
patyşahym, bir zaman möhlet berseňiz, biz aýdyp bereli» diýdi.
Onda patyşa: «Möhlet berdim» diýdi. Otuz iki emeldar bir ýere
ýygnanyşyp, maslahat edip: − «Eý, joralar, bu garry bidöwlet-ä sazyndasözünde oglandan ryswa bolup ýeňildi. Patyşa-ha muny bilmedi, Elbent
ýeňilse-de, ýeňdi edeliň, «Pygamberler hem öz goşunynyň arkasyny
sypapdyr» diýen bir nakyl bar» diýen netijä geldilr.
Soňra patyşanyň ýanyna baryp:
− Eý, tagsyr patyşahym, Elbende söz barmy? Ol ýeňdi − diýdiler.
Ol wagt patyşa olara:
− Eý, bidöwletler, garry bidöwlet sazynda-sözinde oglanyň
öňünde, heý, gaçylyp gutulyp bildimi? Siz näme patyşany haýwan diýip
eşidipmidiňiz? Baryň, oglanyň egnine iki gat zerli don getirip ýapyň,
altynly jüp jygany getirip, başyna sanjyň – diýdi. Oglanyň egnine iki gat
zerli don getirip ýapdylar. Oglan tagta çykan şazada ýaly boldy. Ol wagtda
bu ýandan biri çykyp aýtdy:
279
Türkmen halk döredijiligi
− Eý, tagsyr patyşahym, Elbent-de gadymdan gelen hyzmatkärdi,
muňa bir köne güpbi-de bolmady − diýdi. Onda patyşa bir dogmanyň
eline dört ýarym teňňe çykaryp berip:
− Bar, bu gün şäheriň bazarydyr, Elbent ýaly garry adama üşemez
ýaly arzan bahasyndan getir-de beräý – diýdi. Şo wagt ýene biri:
− Eý, tagsyr, onda jygasy kemis bolýar − diýdi. Onda patyşa:
− Bir bakgalyň tawusynyň perini ýol-da, al-da gaýdyber
− diýdi. «Ajap bolar» diýip, dogma ýöräbermen bilen boldy. Bärden
çopan-purşuň ýanyna bardy. Arzan bahasyndan şaýy kem dört teňňe her
ýerinden pagtasy çykyp duran don satyn aldy, «Men-de aýak kireýini alyp
galaýyn» diýip, üç şaýysyny jübüsine urdy. Alan donyny egnine atyp, bir
bakgalyň ýanyna bardy:
− Eý, bakgal aga, maňa şol tawusyň perini ber − diýdi. Onda bakgal:
− Tur, ýok bol, patyşa gerek boldy diýip, men neşämden aýrylarynmy? − diýdi. Dogma alan donuny egnine atyp haýran bolup gaýdyp
gelýärdi. Şol gelşine bir nanbaýyň tamdyrynyň başyna geldi. Görse,
üç-dört sany towuk gezip ýör. Içinde bir horaz bar, görse, peri al-ýaşyl
öwüsýär. «Alla janym, tawusyň peri bolmasa, towugyň peri boljak ekendä» diýip, daýaw dogma horazyň yzyna düşdi. Horaz gaçmana, dogma kowmaga aýlanyşdy. Şol barşyna horazy ýadatdy. Bir ýerde horazy
gaňrak-ga basdy. Bularyň güpürdisine bir kepbe tamdan bir oglan çykdy,
görse horazyny bir bela basyp ýatyr. Ol: «Horazyň peri patyşa gerek
boldy» diýip, horazyň guýrugyny ýolup, bilini bogup alyp, ýöribermek
bilen boldy.
Elbendiň donuny eltip egnine ýapdy. Onda patyşa:
− Hany jygasy? − diýdi. Onda dogma:
− Tagsyr patyşahym, tawusyň perin-ä tapmadym, bir towguň perini
tapdym − diýdi. Patyşa:
− Hany, ony telpeginiň gyrasyna sanç − diýdi. Elbendiň jygasyny
sançdylar. Ol Nejep janyň jygasyna görä syrdamrak, owadanrak, egjeňräk
görünýär. Elbent kölegesine gözläp: «Alla janym meniň jygam-a onuňka
görä owadanrak, bu oglandyr, donuň gadyryny biler, jyganyň gadyryny
bilmez, jygamyzy alşaly diýip, bir söz aýdaýyn, alşaýsa, kempir ikimiziň
ömrümiz ötinçä iýmäge boljak eken, alyşmasa, bu-da köýen sözüň biri
boljak eken-dä» diýdi. Elbent bagşy: «Oglum, bäri otur, jygamyzy alşaly»
diýýär, Nejep jan: «Alyşman» diýýär. Ikisi şu ýerde ýagly bagyr, sowala
jogap garşylykly gulpy-kilt, bir bäş keleme söz aýdyşar gerek:
280
Dessanlar. Nejep oglan
Elbent:
Seniň jygaň iki başly,
Gel, jygamyz alyşaly.
Men bir pakyr, gözi ýaşly,
Gel, jygamyz alyşaly.
Nejep:
Bu dünýä hem iki başly,
Men jygamy alyşmanam.
Gözden akan ganly ýaşly,
Men jygamy alyşmanam.
Elbent:
Saba gülşene barmazmyň
Bilbilden habar almazmyň?
Oglum, öl diýsem, ölmezmiň?
Gel, jygamyz alyşaly.
Nejep:
Saba gülşene bararmen,
Bilbilden habar alarmen,
Eýäm öl diýse, ölermen,
Men jygamy alyşmanam.
Elbent:
Ok kimiňdir? − Atanyňdyr,
Ýaý kimiňdir? − Tutanyňdyr,
Ogul maly − atanyňdyr.
Gel, jygamyz alyşaly.
Nejep:
Dine girmeýen mülhidem,
Hem tersaýam, hem jöhidem
Meňki saňa näbähbidem,
Men jygamy alyşmanam.
281
Türkmen halk döredijiligi
Elbent:
Elbent diýer, saz çalmanam,
Oglum, sen gitseň, galmanam,
Närazy bolsaň, almanam,
Razylykda alyşaly.
Nejep:
Nejep aýdar, hub sözüm bar,
Ilde-harpda bir resim bar,
Men oglanam, höwesim bar,
Men jygamy alyşmanam.
Bular sözlerini tamam edenden soň, Elbent bagşy: «Eý, alyşmasaň, ters
alyş» diýip, keseräge-de bakyp oturyberdi. Nejep janyň: «Arymy almagyň
ýeri geldi gerek» diýip, göwnüne gelip:
− Eý, ata, bäriňi bak-la, ýaşuly halky kän kine saklamazak bolar
− diýdi.
Muňa Elbent bagşy öz ýanyndan: «Maňa rehimi geldi gerek, jygasyny
berjek gerek» diýip, çak edip ýüzüni Nejebe tarap öwürdi. Oglan Elbendiň
sakgalyndan orap alyp, onuň her ýan çekgesine bir şapbat çaldy. Özüňe
mälim, degmän ýören eliň tekiz degişi bilen Elbent bagşynyň gözünden
ýalpyldap-ýalpyldap ot çykdy. Patyşa tagt üstünde oturan ýerinden muňa
gözi düşdi. Ol: «Oglanyň ary bar ekeni» diýip, bir güldi. Onuň gülenine hem
Elbendiň gözi düşdi. Ol: «Patyşamyzyň-a Nejebiň meni uranyna wagty hoş
bolup güldi-ow» diýip, pikir etdi.
Elbent:
− Men, iň gowusy, şu ýerden gideýin, bolmasa, patyşa «Elbendi
öldüriň» diýip, perman berermi-nädermi? – diýip, ýerinden turdy, gapa
tarap ugrady. Elbent bosagadan ýaňy bir aýagyny ätläpdi. Şol wagt Nejep
oglan: «Bu bidöwlet ýaňy meni depip ötüpdi, şol depgi üçinem arymy alyp
galaýyn» diýip, errek goçy ýaly bolup, bat alyp, ýüwrüp baryp, Elbendiň
syrtynyň ýumralan ýerine ras çüwüp bir depdi. Dyzynyň kuwwaty giden
garry honda baryp düşdi. Özüňe mälim, patyşanyň gök daşdan bina bolan
jaýy, Elbendiň maňlaýy bilen kük-regi ebşirilip baryp, daşa degdi. Elbent
bagşy öýlerine garşy ýoklar bolaýdy. Ol baryp, öýünde karar tapsyn.
Habary kimden al, Soltanesen patyşadan al. Ol: «Alla janym, Elbent bagşyny bolsa beýdip goýberdik, bu oglan bolsa elden çyka-
282
Dessanlar. Nejep oglan
rar ýaly oglan däl ekeni. Muny öz ýurdumyzdan öýlendirip, aýagyny
baglaýyn» diýip, göwnüne düwdi-de, kyrk gije-gündizlik toýa başlady.
Patyşanyň emeldarlary: «Eý, tagsyr patyşahym, bu kyrk gije-gündizlik
toýuň bagşysy kim bolar?» diýdiler.
− Özüni aýtdyryp, onsoň gelin alyp berenimizde bolýarmy?
Patyşa Nejep janyň ýanyna baryp:
− Eý, Nejep jan, bize ýatyp-turup, dem-dynjyňy alyp, kyrk gije-gündiz
hyzmat edersiň, otuz iki emeldarlarymyň barysy seniň sazyňdan-sözüňden
gana bilmeýäris diýýärler – diýdi. Onda Nejep: «Ajap bolar» diýip, kyrk
gije-gündiz hyzmat etmek bilen boldy.
Patyşanyň bir garry weziri bardy, adyna Esen wezir diýerdiler. Ol wezir
dünýäden ötüpdi, onuň Ziwer diýen ogly bardy. Atasy ölenden soň ornuna
wezir bolupdy. Ziwer begiň bir ýetişip oturan gyz dogany bardy. Adyna
Mylaýym han diýerdiler. Onuň bir garry enesi bardy. Ol Mylaýym hanyň
köşgüne gelip:
− Eý, oglum, Mylaýym jan, agaň Ziweriň gala gideli bäri bir aýdanam
ötüp barýar, hemişe hepde, bazar ortalygy aýlanyp durýardy. Bu sapar ondan
hiç bir habar bolmady. Gülçemen çoryny iberdip, bir habar aldyrsak niçik
bolar? – diýdi. Onda Mylaýym han: «Ajap bolar» diýip, Gülçemen çoryny
ýanyna çagyryp: «Bar, Ziwerden habar alyp gel» diýdi. «Ajap bolar» diýip,
Gülçemen çory gidiberdi. Ol galanyň ýanyna baryp görse, ýygnanypdyr
ýygyn märeke, çöpde-çörde san bar, emma bu märekede san ýok. Olaryň
ortasynda bir oglan bagşy çyrlap, aýdym aýdyp otyr. Gülçemen birinden:
− Bu waka haçandan bäri peýda boldy? – diýip sorady.
− Eý, bu dünýäden bihabar çory, otur, bu oglanyň patyşanyň gaşynda
aýdyp oturaly bäri otuz ýedi gije-gündizdir.
− Munuň adyna näme diýerler?
− Munuň adyna Nejep oglan diýerler.
− Haý-haý, ajap oglan eken-ow – diýip, çory yzyna ökjäni göteriberdi.
Görse, Ziwerem hoşlukda otyr eken. Ol dolanyp geldi-de:
− Eý, bibilerim, söýünji, agam wagty hoşlukda oturan eken, otuz ýedi
gije-gündizden bäri patyşamyzyň dergähinde bir käkil pereň oglan aýdym
aýdyp oturan ekeni, görmäge göz gerek – diýdi. Emma muny eşiden Mylaýym gyz enesiniň gitmegine howlugyp, oturyp-turuberdi. Enesi baryp
köşgünde karar tapsyn.
Habary kimden al, Mylaýym gyzdan al. Ol Gülçemeni ýanyna çagyryp:
«Ýaňy patyşanyň gaşynda bir oglan bagşyny görüp geldim diýdiňmi?» diýip
sorady. Ol:! «Hawa» diýdi.
283
Türkmen halk döredijiligi
− Eý, bibi jan, ony iki aýakly bende alyp gelip bilermi?
– Onda maňa şony alyp gelip beräýseň.
− Alyp gelseň-de alyp gelersiň, alyp gelmeseň-de alyp gelersiň.
− Eý, bibi jan, öýdenden, özüň öldürjek diýsene.
− Öldürmeden bärde iş kän, emel öwretsem edermiň?
− Hawa ederin.
− Etseň, haremhana gir, meniň peri lybasymy geý, eliňe tylla sadaply
gazmany al, ýüzüňe-de bir çeşmendi tut. Şol oglanyň çat maňlaýyna geç-de,
iki gözüňden başga ýeriňi görkezmän, bar yşaraty yşaratyň üstüne uruber.
Eger şol oglanyň gaýraty bolsa, hökman çykyp, seniň habaryňy aljak bolar.
Şonda sen meniň tarypymy belent etgeýsiň.
Çory: «Ajap bolar» diýip, ýöribermek bilen boldy. Nejep janyň aýdyp
oturan ýerine baryp, onuň ýazzy maňlaýyna geçip, gözi owadan çory, yşaraty
yşaratyň üstüne uruberdi. Nejep jan muny görüp, aýdyp oturan aýdymyny
ýalňyşyberdi:
− Sen ýa bir aşyk sen, seniň bir çykyp habaryňy almasam, maňa-da bir
uly namartçylyk bolsa gerek − diýdi.
Nejep jan derrew ýerinden turup: «Patyşahym, bir arzym bar» diýdi.
− Oglum, ne arzyň bar?
− Tagsyr patyşahym, hyzmatyňyza düşelim bäri sanap otursam, otuz
ýedi gije-gündiz bolupdyr. Bir sakydym bardy, şony aýtmak ýadymdan
çykypdyr.
− Oglum, ne sakydyň bar?
− Ýedi ýaşymdan bäri rekagat namazy kaza goýmaýardym, rugsat
berseň, şony okap, soňra aýtsam bolýarmy?
− Rugsatdyr.
Nejep janyň eline bir ak kündük çykaryp berdiler. Ol täret kylan kişi
bolup, ortara geçip, namaza durdy. Oturyp okan boldy, ýartysy ýok, turup
okan boldy, elhemi ýok, iki egnine salam berme ýok, egildi-galdy, egildigaldy, otuz ýedi gije-gündiziň namazyndan bir sagatda dynyp, sähralap geljek kişi bolup, çykdy ýöriberdi. Özüni buljymdan-buljyma çekip barýardy.
Habary kimden al, Gülçemen çorydan al. Ol Nejep janyň gapdalyndan
çykyp: «Nejep jan, bäri dur» diýdi. Nejep janam: «Habaryňy ber, çory»
diýdi.
− Aýyplaşdyrmasaň, habarymy söz bilen bereýin.
− Saz bilen berseňem, tiz ber, bidöwlet, bolup durşumyzy biri göräýmesin.
284
Dessanlar. Nejep oglan
Şu ýerde çory bentlerini ýazdyryp, synalaryny agardyp, tylla desseli
gyzmany ak mämäniň ikisiniň ortasynda goýup, Nejep jana garap: «Eý,
Nejep jan, saňa Mylaýym han gelsin diýdi» diýip, bir bäş keleme söz aýdar
gerek:
Owazyň arşa ulaşdy,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Seni soraşdy-yzlaşdy,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Seniň ýoluňa bakandyr,
Dagy-hijranyň çekendir
Gözden ganly ýaş dökendir,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Owazyň düşdi illere,
Düşüp sen dilden-dillere,
Bar, dolan inçe billere,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Misli enaryň özüdir,
Şekerden şirin sözüdir,
Esen weziriň gyzydyr,
Gyz Mylaýym gelsin diýdi.
Aşyk ýolundan dänmedi,
Dünýäge iki inmedi,
Eglemegin Gülçemendi,
Mylaýym han gelsin diýdi.
Gülçemen sözüni tamam edenden soň Nejep jan:
− Eý, bidöwlet, bedrek çory, namaz bilmeýän ýerime namaz okan
bolup, munça halaýyga it ryswasy, masgara boldum, meni çykaryp aýdan
habaryň şumy, men ozal bir hanyň hyzmatyndan gutulabilmän ýörün,
meniň ýene bir han nämäme gerek? − diýdi
− Eý, oglan, «bidöwlet» diýip, agzyňy onda-munda uruberme, meniň
aýdýanym näzenin han.
285
Türkmen halk döredijiligi
gitdi.
− Näzenin han diýdiňmi?
− Hawa.
Nejep jan jahyl oglan, çorynyň «näzenin han» diýeni gulagyna ýokup
− Bidöwlet, bolup durşumyzy biri göräýmesin, maňa köşgüni, ýoluny
salgy ber.
− Köşgi-de ýakyn, ýoly-da ýakyn, barjak wagtyňy aýt.
− Barjak wagtym namaz şam, ýa bararyn, ýa öldi habarymy eşidersiňiz,
bar bibileriňe, söýünjiläber.
Nejep jan Gülçemen çorudan ýol salgyny aldy-da, yzyna gaýtdy,
ýaňky aýdym aýdyp oturan ýerine baryp: «Wah» diýip, özüni ýüzinleýin
taşlady.
Patyşa Nejebiň başujunda perwaz urýar. Ol:
− Meniň bagşyma göz çaldymy, dil boldumy, meniň şu bagşymyň
kellesiniň emini tapan adam bolsa salgytdan azat, işigini ýel açyp, ýel ýapar ýaly ederin − diýip, duran halaýyga jar çekdirdi. Bu oturan halaýykdan
hekim galmady, gurrandaz hem galmady, hemmejigi Nejebi görüp çykdylar,
emma onuň keselini tapabilmediler. Patyşa dergazap bolup:
− Meniň soraýan kentimde ýene hekim galdymy ýa indi hemmesimi
şu? – diýip sorady. Ol wagt bu ýandan biri çykyp:
− Eý, tagsyr patyşahym kentde bir garry mama bar, Lukmandan bärki hekim şoldur, özi gelmäne ýaramaýar, ol ýüz on ýedi ýaşynda − diýdi.
Patyşada gyt zat barmy? Bir ýel maýa kejebäni urup iberdiler, baýaky garry
mamany dembe-demden getirdiler. Iki dyzynyň aşagyndan gujaklap, kempiri Nejep janyň başujuna eltip goýdylar. Patyşa kempire:
− Eý, mama jan, şu bagşynyň keselini tapyp bilseň, islän maksadyňa
ýetseň gerek − diýdi.
− Eý, tagsyr patyşahym, bagşyň aňrujy keseli bar bolsa taparys.
Nejep janam, özüňe mälim, masgarabaz ýaly saňgaty bolup ýatyr.
Kempir Nejep janyň kükreginiň üstünden uran eli ondan oňa, mundan
muňa ýetip barýar. Onda patyşa oňa: «Eý, mama jan, eliňi ýaman gaty
silkip aldyň-la?» diýdi.
− Eý, tagsyr, bagşyň keselini tapdym − diýdi.
− Bagşymyza näme bolupdyr?
− Bagşyňyza aşyklykdan göz ýetipdir.
− Eý, mama jan, özümiz-de şoňa ýorup otyrdyk. Bagşynyň keselin-ä
tapdyň.
286
Dessanlar. Nejep oglan
Şondan soň patyşa Nejep janyň başujuna gelip:
− Eý, Nejep jan, tur ýeriňden, aljagyň dokuz gyzam bolsa, alyp bereýin, ýene üç gije-gündiziň galypdyr, ony hem sow − diýdi. Nejep jan
ölse-öljek welin, wadada ýalançy boljak däldi. Patyşanyň üç mertebe sözi
syndy. Iň soňunda patyşa:
− Sen bidöwlet oglan, ogurlykda-jümrülikde görsem, öldürmesem,
Soltanesen patyşa adym ite dakylsyn. Ýörüň halaýyk, münüň daşyndan
− diýdi. Halaýyk güwläp ördi. Nejebiň aşagyndaky keçäni hem silkip
aldylar. Nejep doňan terne ýaly, şaly samanyň üstünde galyberdi.
Indi habary kimden al, Nejep jandan al. Ogrynça gözüni açyp görse,
özünden başga iňlär siňek ýok. Niredesiň gaýraky derweze diýip, guş atjak
mergen ýaly bolup, gara dutaryny egnine alyp, bükdekleý gidip, iki ýaşyl
syrçaly köşgüň ýanyna bardy. Haýsy Mylaýym hanyň köşgüdigini bilmän,
Nejep jan şu ýerde ýyglap duruberdi. Habary kimden al, Mylaýym handan
al. Ol köşgüniň üstünde oturan ýerinde:
− Eý, Gülçemen çory, gulagyma bir ýakymlyja owaz ilen ýaly bolup
gidýär. Daşaryk çykyp gözlesene − diýdi.
− Ajap bolar − diýdi, Güljemen çory çykyp gözlese, Nejep jan, iki
köşgüň arasynda «Almagynça gidermiýem» diýip delmirip dur.
Gülçemen:
− Eý, Nejep jan, alsaň-da, islegiň bärde − diýip, onuň elinden tutup,
idip gaýdyberdi. Mylaýym han bir şum pikire gitdi. Ol: «Gülçemen bir
owadan çory, şu ýere gelende çykman, meniň aýagym maýypmykany?»
diýip, towsyp çykyp gözlese, çory Nejebiň elinden tutup gelýär.
− Eý, bidöwlet, biderek, betbagt çory, ol oglanyň eli kim, seniň eliň
kim, a onuň elinden tutup, idip gelip, onuň gözi körmi? − diýip, Mylaýym
han gahar-gazap bilen goşa ýumrugy düwüp, çorynyň ras iki göwsüniň üstüne saldy. Çory iki dyzynyň aşagyndan gujak-lap, dik asmandan gaýdyberdi. Ýeňsäniň düwlen ýeri, ýagyrnyň hekgeren ýeri, zigirrigiň tükenen ýeri –
üçüsi ras degdi güpläp, ýygrylyp düýrülip, jürre bolan mal ýaly, ýatybermek
bilen boldy. Çory şu ýerde galyberdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 18
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.