LatinEach bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Türkmen halk döredijiligi II - 05
Total number of words is 3728
Total number of unique words is 1516
34.4 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
55.0 of words are in the 8000 most common words
ýerde bir it hem gezip ýör. Ondan soň gyz bu guýynyň agzyndan garap:
− Mämmetjan! − diýip gygyrýar.
Ol hem muňa ses berýär.
Bu gyzyň saçlary örän uzyndy. Ol derrew saçyny çözüp, guýynyň
içine sallaýar. Mämmetjan hem muňa ýapyşyp-ýarmaşyp çykýar. Bu gyz
görse, Mämmetjanyň iki gözi ýok.
Bu gyz:
− Mämmetjan, seniň gözleriň hany? − diýýär.
Ondan soň, hälki hiç saýraman duran bilbilgöýä saýraberýär.
Bu gyz aýdýar:
− Eý, Mämmetjan, arman seniň gözleriň ýok ekeni, eger-de gözleriň
66
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
bar bolan bolsady, onda men seniň göreçleriňi öňküsinden hem gowy
ederdim.
Hälki it bu sözleri eşidip durdy. Ondan soň bu it Mämmetjanyň
iki gözüni derrew agzyndan çykaryp berýär. Gyz onuň arkasyndan bir
sypaýar-da, köp sag bol aýdýar. Bu gyz Mämmetjanyň gözlerini alýarda, ýerinde goýup, öz dili bilen bir ýalaýar welin, batyr ýigidiň gözi
öňküsinden hem ýagşy bolup, ýalpyldap dur. Ondan soň bular bu ýerden
Mämmetjanyň öýlerine baka gidýärler. Ynha, bular barsalar, agalary
öýde eken. Olar Mämmetjany gördüler-de, bir hili depelerinden gaýnag
suw guýlan ýaly boldular. Näme etjeklerini bilmän, ýüzlerini aşak salşyp
otyrlar.
Mämmetjan aýdýar:
− Eý, agalar, siz örän «gaýratly», «edermen» ekeniňiz! Baryň, bulary
pylan dagyň arasyndaky çöl meýdana taşlaň − diýýär.
Onda Mämmetjanyň ýoldaşlary:
− Ýok, Mämmetjan, bularyň ýoguna ýanyp, gümüni çekip öldüreli
− diýýärler.
Mämmetjan aýdýar:
− Ýok, öldürmäň, ölmesinlerem, gülmesinlerem, şol ýerik eltip
taşlap gaýdyň.
Ýoldaşlary:
− Bolýar − diýip, Gurban bilen Welini Mämmetjanyň aýdan ýerine
eltip, taşlap gaýdýarlar.
Hälki saýraman duran bilbilgöýä Mämmetjan dagy gelenden soň,
yzyny üzmän, uzyn-uzyn gygyryp, saýramaga başlaýar. Demini sanap
ýatan Mämmetjanyň atasy hem gün-günden sagalyp barýar. Ol keselinden
saplanyp, açylyp gidýär.
«Namart pälinden tapar, mert minneti öz gaýratyndan çeker» diýip,
Mämmetjan öz söýgülisi bilen agzybirlikde uzak ýaşaýar.
Kör garga
Bir bar eken, bir ýok eken, bir sygyr çopan bar eken. Onuň bir aýaly,
bir sygry, ýeke tamy bar eken. Ol öz sygrynyň süýdünden gurt edýän eken.
Gurtlary bolsa tamyň üstünde serýän eken. Bir gün ol öz gurtlarynyň
azalýandygyny duýýar. Ondan soň çopan kimiň alýanyny bilmek üçin
öz aýaly bilen gurtlaryny saklaýarlar welin, birwagtdan soň bir gözi kör
garga gelip, gurt iýmäge başlaýar.
67
Türkmen halk döredijiligi
Çopan ýaňky gargany tutup öldürjek bolýar, emma Kör garga oňa
ýalbaryp:
− Meni öldürme, men saňa kän zat bereýin. Ertir öýüme bar. Meniň
öýümi kimden sorasaň aýdar – diýýär.
Çopan Kör garganyň sözüne ynanyp, ony goýberýär.
Ertesi çopan sygyrlary eýelerine tabşyryp, özi Kör garganyň öýüne
baka ugraýar. Gidip barýarka öňünden bir goýun çopan çykýar. Ýaňky
adam goýun çopandan:
— Bu goýunlar kimiňki? – diýip soraýar.
Onda goýun çopan:
− Bu goýunlar Kör garganyňky – diýýär.
Ýaňky adam:
− Kör garganyň öýi nirede? – diýip soraýar weli, goýun çopan:
− Şu ýoldan gidiberseň öňüňden atbakar çykar, şondan sorasaň
aýdar – diýýär.
Ýaňky adam gidip barýarka, öňünden atbakar çykýar. Ol atbakardan:
− Bu atlar kimiň aty? – diýip soraýar.
Onda atbakar:
− Bu atlar Kör garganyňkydyr – diýip jogap berýär. Onda ýaňky
adam:
− Kör garganyň öýi nirede? – diýip soraýar.
Atbakar:
− Şu ýoldan gidiberseň öňüňden düýe çopan çykar. Şondan sorasaň
aýdar – diýýär. Çopan gidiberýär, öňünden düýe çopan çykýar. Ondan:
− Bu düýeler kimiňki? – diýip soraýar. Onda düýe çopan:
− Bu düýeler Kör garganyňkydyr – diýip jogap berýär. Onda ol
adam:
− Kör garganyň öýi nirede? – diýip, düýe çopandan soraýar. Düýe
çopan ol adama Kör garganyň öýüni görkezýär. Çopan Kör garganyň
öýüne barýar. Onuň bilen salamlaşýar, oturýar, çaý-çörek iýýär. Kör garga
ýaňky adamyň eline bir boş saçak berýär we şu saçaga: «Açyl saçagym
açyl, dürli tagamlar seçil» diýseň, şu saçagyň üsti her hili naharlardan
dolar duruberer – diýýär.
Çopan saçagy alyp gaýdyp, öýüne gelip aýalyna:
− Eliňi ýuw, keýwany, nahar edineli – diýýär.
Onda aýaly:
− Men entek nahar bişiremok, nahar bolsa iýeris-dä – diýýär. Onda
çopan:
68
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
− Açyl, saçagym, açyl, dürli tagamlar seçil – diýip, saçagy ortarada
goýýar. Saçagyň üsti dürli-dümen iýmişden, her hili nahardan dolýar.
Bular iýip doýanlaryndan soň:
− Ýapyl, saçagym, ýapyl – diýýärler welin, saçak ýapylýar.
Bir gün çopan aýalyna:
− Keýwany, ertir patyşany, wezir-wekillerini çagyrjak – diýýär.
Onda aýaly:
− Çagyrma, gerek däl, eger olar bilseler, biziň saçagymyzy alarlar
– diýýär. Onda çopan:
− Ýok, çagyrjak, saçagy tapan özüm – diýip, patyşany we wezirwekillerini nahara çagyrýar. Olar gelip oturanlaryndan soň çopan:
− Açyl, saçagym, açyl, dürli tagamlar seçil – diýýär weli, patyşanyň
ömründe görmedik naharlary saçagyň üstünde taýýar bolýar. Myhmanlar kemsiz naharlanyp, bir sellem oturyp, soň turup gaýdýarlar. Patyşa
köşgüne gelip, iki sany ýasawulyny ýanyna çagyryp:
− Derrew gidiň-de çopanyň saçagyny alyp geliň, eger bermese, onuň
özüni hem alyp gaýdyň – diýip iberýär. Ýasawullar gelip, garybyň elinden
saçagyny zor bilen alyp gidýärler.
Garyp ertir irden turup, ýene Kör garganyň öýüne tarap ugraýar. Ol
Kör garganyň öýüne baryp:
− Meniň saçagymy patyşa aldy – diýip aýdýar welin, Kör garga ol
garyba bir eşek berip:
− Şu eşege «Hyh» diýseň, gyzyl tezeklär – diýip öwredýär. Ondan
soň ýaňky çopan eşegi alyp gelýärkä, patyşanyň köşgüniň duşundan tiz
geçjek bolup, eşegi gyssap, «Hyh» diýýär welin, eşek gyzyl tezekleýär.
Eşegiň gyzyl tezeklänini patyşanyň derwezebanlary görüp, şolbada patyşa
ýetirýärler. Patyşa ýene öňki ýasawul-laryny iberip, çopanyň eşegini
alýar. Çopan ýene-de Kör garganyň ýanyna baryp aglaýar.
Onda Kör garga:
− Näme üçin aglaýarsyň? – diýip soraýar.
Çopan:
− Eşejigimem patyşa aldy – diýýär.
Bu gezek Kör garganyň gahary gelip, garybyň eline bir owadan
sandyk berýär we:
− Şu sandyga «Açyl, sandygym, açyl, çyk, tokmaklym, çyk» diýseň,
sandygyň içinden bir tokmakly adam çykyp, buýran adamyňy urup, galmaz ýaly eder. Isleseň öldürer. Yzyna saljak bolanyňda: «Gir, tokmaklym,
69
Türkmen halk döredijiligi
gir, ýapyl, sandygym, ýapyl» diýseň, ýapylar duruberer – diýip, onuň
eline bir ýeňiljek sandyk berýär. Ýaňky garyp sandygy alyp gelýärkä,
ýolda öz-özüne:
− Heý, şu sandykda-da tokmakly adam ýerleşermi?! – diýip, barlap
görmekçi bolup, sandygy depäniň üstünde goýup, özi hem bir ýerde
bukulyp:
− Açyl, sandygym, açyl, çyk, tokmaklym, çyk – diýip gygyrýar.
Sandykdan tokmaklyja adam çykyp, töwerekde şol çopanyň özünden
başga adam bolmandan soň, ýaňkyny urmaga başlapdyr. Ol agyrysyna
çydaman zordan:
− Gir, tokmaklym, gir, ýapyl, sandygym, ýapyl – diýip gygyrypdyr,
sandyk ýapylypdyr. Soňra ol garyp sandygy alyp, patyşanyň köşgüne
barypdyr. «Patyşama sowgat getirdim» diýip derwezedäki ýasawullary
aldap, şanyň köşgüne giripdir. Giripdir-de edil patyşanyň gaşyna baryp,
tokmaga diýmeli sözleri gaýtalapdyr welin, ol aňalyp duran patyşanyň bir
ýanyndan degiberipdir. Ony galmaz ýaly hala ýetiripdir.
Soň çopan:
− Gir, tokmaklym, gir, ýapyl, sandygym, ýapyl – diýip
gygyrypdyr. Sandyjak ýapylypdyr. Soňra ýaňky garyp özüniň saçagyny hem, eşegini hem alyp, öz öýüne gelipdir, gulagy dynç, oňat ýaşap
başlapdyr. Şeýlelikde, garyp myrat-maksadyna ýetipdir.
Ýartygulak
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir är-aýal ýaşan eken.
Bir gün bu adam degirmene un çekmäge gidipdir welin, yzynda
ogly bolupdyr. Geň ýeri, ol çaganyň ululygy edil ýartyja gulak ýaly eken.
Oglan bolan dessine:
− Eje, aý, eje, kakam nirä gitdi? – diýip sorapdyr. Ejesi hem gorkusyna:
− Kakaň pylan degirmene un çekmäge gitdi, kakaň yzyndan düýäni
eltmeli − diýipdir.
Ýartygulak hem düýäni gazykdan boşadyp, ilki üstüne böküp
münýär, soň gulagyna girýär. Düýe uly ýol bilen ýöräp barýarka, öňünden
bir topar oglan çykyp:
− Geliň-eý, boş düýe barýar, tutup eýesine eltip bereliň
– diýşip, düýäni saklapdyrlar.
Ýartygulak hem düýäniň gulagynyň içinden:
70
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
− Goýberiň düýäni, ony näme saklaýarsyňyz? – diýip gygyrypdyr.
Oglanlar töweregine garanjaklaşyp, hiç kimi görmän «Eý-waý, bu
ses nireden gelýärkän-äý» diýşip, adam görmänsoňlar, gorkularyna gaçyp
gidipdirler.
Ýartygulak düýäni sürüp degirmene baryp:
− Aý, kaka-haw – diýip gygyrypdyr.
Ýartygulagyň kakasy oglunyň bolandygyny bilmänden soň, ses
bermändir. Ýartygulak hem kakasy ses bermänsoň, onuň adyny tutup:
− Aý, pylan kaka, haw – diýip gygyrypdyr.
Ýartygulagyň kakasy: «Be, meniň oglum ýokdur-la, bu meni çagyryp gygyrýan kimkä?» diýip, daşaryk çykypdyr. Ýartygulak içinden:
«Kakam gelse gorkuzaýyn» diýip, düýeden düşüp, onuň aşagyna girip
ýatypdyr. Düýe-de Ýartygulagyň gizlenen ýerindäki oty Ýartygulak bilen
iýipdir.
Ýartygulagyň kakasy gelse, düýeleri bar-da, ogly ýok. Ol:
− Oglum, oglum! – diýse, Ýartygulak düýäniň içinden:
− Kaka, men düýäniň içinde, düýe meni iýdi – diýip gygyrypdyr.
Kakasy hem uny düýä ýükläp, öýlerine gelipdir. Aýaly ärinden:
− Oglumy getirdiňmi? – diýip sorapdyr. Äri:
− Oglumyzy düýe iýdi – diýipdir.
Är-aýal ikisi oturyp aglaşypdyrlar.
Bular düýelerini öldürip, içegelerini birin-birin barlapdyrlar. Hiç zat
tapmandyrlar. Emma «zat ýokdur» diýip, bir bölejik ajy içegäni zyňyp
goýberipdirler. Ýartygulak bolsa şol bölejik içegede eken. Är-aýal ogullaryny ýitirip, ýekeje düýelerini hem öldürendiklerine gynanyp, aglaşyp
oturypdyrlar.
Bu gün bir aç möjek düýäniň öldürilen ýerine gelip, ýaňky bölejik
içegäni iýipdir. Ýartygulak hem şol bölejik içegede bolansoň, möjegiň
içine düşüpdir.
Möjek bir içege bilen garny doýman, bir çopanyň goýnuna darajak
bolup barypdyr.
Ýaňky Ýartygulak:
− Haý, çopan, haw, goýnuň gitdi-le, haw! – diýip, möjegiň içinden
gygyrypdyr.
Çopan hem:
− Aý, bir öwejiň bar, kowaweri – diýip, özi hem itlerini küşgürip,
ýaňky möjegi kowupdyr. Ýartygulak hem möjegiň içinden:
71
Türkmen halk döredijiligi
− Gyýw, haý-haý! – diýip gygyrypdyr. Möjek ses gelenini eşidýär
eken. Emma nireden gelýänini bilmändir. Ol goýun iýmekden elli bizar
bolup, gaçyp zordan özüni gutarypdyr.
Biçäre möjek aç bolansoň, açlyga çydaman, ýene bir çopanyň goýnuna barypdyr. Möjek sürä ýakynlaşandan, Ýartygulak ýene:
− Aý, çopan, haw! Eşitmedim diýme, haw! Goýnuňy möjek aldy,
haw! – diýip gygyrypdyr.
Bu çopan hem:
− Aý, bir öwejiň bar, kowaweri – diýip gygyrypdyr.
Ýartygulak hem möjegiň içinden:
− Gyýw! Haý-haý! – diýip, uly gopgun turuzypdyr. Goýun çopanyň
özi hem üç sany iti bilen möjegiň yzyna düşüpdir. Itler hem kowalap,
möjegiň guýrugyndan ýapyşsalar-da, tutup bilmän, gaýdypdyrlar.
Aç möjek ýene bir süri goýnuň gyrasyndan barypdyr. Bu gezek hem
Ýartygulak çopana habar berip, möjegiň içinde uly gopgun turuzypdyr.
Garaz, bu möjek birnäçe günläp alakjap, gaty köp sürüleriň üstünden
barypdyr. Haýsyna barsa-da, Ýartygulak çopanlara habar berip, onuň
içinde uly zenzele turuzypdyr. Möjek biçäre hem her gezek goýunçy
itleriň demine düşüp, sütüni süýnüpdir.
Ahyrda möjek bu belanyň öz içindedigini aňypdyr. Ysgyny gidip,
halys bolup «Indi bu beladan nähili gutularkam» diýip, bir bilimdar
tilkiniň ýanyna maslahata barypdyr.
− Eý, tilki dost, meniň içimde bir bela bar. Goýun iýmäge barsam, içimde: «Aý, pylany çopan, haw, goýnuňy gurt aldy, haw» diýip
zowladyberýär. Indi bäş gündür, agzyma zat degenok, açlygymdan bedenimde kuwwat galmady. Şuňa sen bir zat et, ýogsam men öljek – diýip
ýalbarypdyr. Onda tilki:
− Eý, möjek, sen bir suwujak bulamak içip, birnäçe sapar ýapy ýokaryk ylgasaň, içiňdäki bela gaçar – diýipdir. Onda Ýartygulak:
− Eý, tilki, tilki, seniň aňyň gaçypdyr, içmäge bulamak tapýan bolsa,
möjek şu güne düşermidi? – diýip, möjegiň içinden gygyrypdyr. Tilki
muny eşidip:
− Eý, möjek dost, ýagdaýyň kyn eken, ýaman bela sataşypsyň. Ýene
bir zat aýdaýyn welin, şony etseň, belki, bu beladan dynarsyň – diýipdir.
Onda gurt:
− Dost, aýdaweri, bir em bolsa haýyr etse, edeli, etmese, bir başa bir
ölüm ekeni-dä – diýip, tilkä ýalbarypdyr.
72
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Tilki:
− Eý, möjek dost, sen günorta bolan wagty haýata bar-da üzümiň
çigräginden iý. Köpräk iýjek bol. Içiňdäki bela her näçe gygyrsa-da, onuň
sesini hiç kim eşitmez – diýipdir.
Möjek hem:
− Bolýar – diýip, üzümli haýatyň içine girip, bir-iki düýp üzümi
syrypdyr. Ýartygulak hem:
− Dat-bidat, üzüm eýesi, üzümiňi ogry aldy, haw! – diýip, möjegiň
içinden gygyryberipdir.
Üzüm eýesi hem: «Bu gykylyk nämekä?» diýip, eline taýak alyp,
haýatyň içine aýlansa, bir möjek üzüm iýip duran. Ol ýuwaşlyk bilen
gurduň ýeňsesine bir ýapypdyr welin, möjek hem ýüregi ýarylan ýaly
bolup, ýokaryk bir zyňlypdyr-da, gaçyp gidipdir. Möjek asmana zyňanda,
Ýartygulak syrylyp gaçypdyr. Möjek hem begenjine durman, tilkiniň
ýanyna barypdyr.
Ýartygulak möjekden galandan soň, bir üzümiň düýbünde ýatypdyr.
Üzüm eýesi gurdy kowup, bir çelek üzüm ýygyp, arkasyna göterjek bolanda, Ýartygulak hem çelege giripdir.
Bu adam ýolda barýarka aýdym aýdýar welin, Ýartygulak hem
çelegiň içinden:
− Jan-jan, sag bol! – diýip gygyrýar. Bu adam hem yzyndan adam
gelýändir öýdüp yzyna seretse, hiç kim ýok. «Göwnüme ses gelen ýaly
boldy» diýip, oýlanýar-da, ýene aýdym aýdýar welin, Ýartygulak çelegiň
içinden:
− Jan-jan, sag bol! – diýýär. Bu adam gorkusyna aýdym aýtmasyny
hem goýup, gaty-gaty ýöräp, öýlerine gelipdir. Soňam esli salym titir-titir
edip oturypdyr. Sebäbi ol sesi jyndyr öýdüpdir. Ýartygulak bolsa çelekden
çykyp, çuwalyň aşagyna girip ýatypdyr. Obanyň adamlary hem: «Pylany
jyn görüpdir» diýşip, ony soramaga gelipdirler.
Jyn gören adamyň öýüne şol agşam dört sany myhman hem gelipdir. Bular gije ýatypdyrlar welin, Ýartygulak çuwalyň aşagyndan çykyp,
myhmanlaryň sakgalyny biri-birine daňypdyr. Ýaňky jyn gören adamyň
sakgaly bilen aýalynyň saçyny hem bir daňypdyr. Agşam myhmanlaryň
biri daşaryk çykjak bolupdyr welin, ýoldaşy sakgalyndan çekýändir öýdüp:
− Haw, sakgalymy goýbersene – diýipdir. Onda ýoldaşy oýanypdyrda, öz sakgalyndan bilgeşleýin çekýändir öýdüp:
− Sakgalymdan-a sen çekip dursuň, haw? Sakgaldanam oýun bolar-
73
Türkmen halk döredijiligi
my? – diýip gatyrgynypdyr. Jaýda gopgun turupdyr. Bularyň galmagalyna
beýleki ýoldaşlarynyň biri turupdyr. Dawalaryny çözjek bolsa, ýanyndaky
ýoldaşy sakgalyndan aslyşýan ýaly bolupdyr:
− Näme sakgalymdan tutýarsyň, goýber, haw, sakgalymy
− diýip, olam ýatan adama gygyrypdyr.
Hiç zatdan habarsyz ýatan ýoldaşy hem turup, gaharyna oňa topulypdyr. Bu dört myhman biri-birine gygyryp, öýde ala gopgun turuzypdyrlar.
Myhmanlaryň galmagalyna öý eýeleri hem oýanypdyr. Äri
turjak bolanda, aýaly sakgalyndan çekýändir öýdüp:
− Eý, heleý, näme üçin sakgalymdan tutýarsyň. Goýber, diýdim men
saňa, dälirediňmi? Şundanam bir oýun bormy?! – diýip, aýalyny urmaga
başlapdyr. Aýaly hem:
− Dat, goňşular ýeteweriň! – diýip, uly goh turuzýar. Goňşulary
jaýdakylary köşeşdiripdirler. Ýartygulak bolsa çuwalyň aşagynda ýatyberipdir.
Myhmanlar «Bu öýde bir bela bar, biz bir basym gaýdaly diýşip, daň
bilen turup gaçypdyrlar. Är-aýal ikisi hem gorkularyna bu jyny öýlerinden
kowmak üçin, işandan doga almaga gidipdirler. Ýartygulak hem öý eýesi
aýalyň gyňajynyň aşagynda gizlenip, işanyň ýanyna ugrapdyr.
Bular işanyň ýanyna baryp:
− Işan aga, şu gün üç gün boldy, biziň öýümize jyn giripdir. Şoňa
bir doga berseňiz − diýipdirler. Işan hem hasyr-husur kagyzyň ýüzüne bir
zatlar ýazyp:
− Ine, şu iki dogany alyp git, birini äriň dakynsyn, birini özüň
dakyn – diýip, ol aýalyň getiren aklygyny alyp, olary tizden-tiz ugradyp
goýberýär. Ýartygulak hem ýolda galyp, öýlerine barýar. Ol kakasy, ejesi
bilen gujaklaşyp görüşýär. Kakasy-ejesi aşa şatlanypdyrlar. Ýartygulak
başyndan geçenleri birin-birin gürrüň berip:
− Kaka, pylan çopanda bir öweç, pylan çopanda bir öweç algymyz
bar – diýip, gaty kän çopany sanapdyr.
Kakasy gidip, çopanlardan algylaryny alyp, ýygnap, bir süri öweji
öňüne salyp, alyp gelipdir. Olar ogullarynyň kömegi bilen mally bolupdyrlar. Ýartygulak hem ejesi, kakasy bilen maksat-myradyna ýetipdir.
74
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Hudaýberdi gorkak
bilen tilki
Bir bar eken, bir ýok eken, Hudaýberdi diýen bir adam bar eken.
Onuň iki aýaly bar eken. Bir günden bir gün munuň aýallarynyň her
haýsy bir alaça dokapdyr. Hudaýberdi bu alaçalary satmak üçin ýabysyny
münüp, bazara ugranda, aýallary halwa-süýji sargaýarlar. Ol ýabysyny
loňkuldadyp barýarka, öňünden bir tilki çykyp:
− Hudaýberdi, nirä gitjek, how! − diýýär.
Hudaýberdi gorkak:
− Aý, aýallarym bir-iki alaça dokapdyrlar-da, «Şony satyp gel»
diýip iberdiler − diýýär.
Onda tilki:
− Bazarda satjak bolup ýörme-de, maňa sataý, häli bazardan
gaýdaňda puluňy öňüňden çykarar-da beräýerin − diýýär.
Hudaýberdi gorkak:
− Boljak onda, sen meni köp garaşdyrman, bazardan gelýänçäm
öňümden çykaryp, taýyn edip durgun! − diýýär.
Tilki:
− Aý, sen arkaýyn bolaý, öňüňde puluňy taýýar edip goýaryn −
diýýär.
Hudaýberdi gorkak munuň sözüne ynanyp, bazara gidýär, baryp
bazarda gezen bolup ýör. Bazary pulsuz bazarlap, ol aýallarynyň sargan
zatlaryny hem alyp bilmeýär. Onsoň ýabyjygyny münüp, ýene yzyna
gaýdýar. Ýolda tilkiden pul aljak adam, ýabyň üstünde telpegini gyşyjak
atan bolup, hiňlenip gelýär. Hälki alaçasyny satan ýerine gelse, tilki nirede, zat nirede, pul nirede − gum-gukluk. Hudaýberdi gorkak aňalyp,
durup-durup, kän garaşyp gaýdýar. Öýüne gelýär, ýabydan düşüp, boş
horjuny goltuklap öýüne girýär. Aýallarynyň her haýsy bir ýerden:
− Süýji äkeldiňmi? Halwa äkeldiňmi? − diýşip, munuň horjunyny
barlap görseler, horjun boş. Onsoň olar:
− Ýeri, näme, sargan zadymyzy almansyň? − diýip soraýarlar. Hudaýberdi gorkak:
− Aý, heleý, tilki: «Puluňy ýoluňa çykararyn» diýip, alaçalary aldy.
Bazardan dolanyp gelsem, tilkem ýok, zadam ýok − diýýär.
Onsoň aýallary onuň üstüne gygyryp başlaýarlar.
− Sen nähili adam? Ýogsam-da, tilkiden pul alarmyň? Tilki bilen
75
Türkmen halk döredijiligi
söwda edeni, heý, mundan ozal eşidipmidiň? Sen bir tilkä özüňi aldadyp,
aldatdyrypsyň − diýip, heleýleri muny urýarlar. Heleýleri ony synamak
üçin indiki bazara çenli iki alaça dokaýarlar. Olary hem horjuna salyp,
agzyny köjeşdirip, onuň ýabysynyň syrtyna bökderip, özüni-de ýabysyna
mündürip, bazara goýberýärler. Ýene gidip barýarka, öňünden bir tilki
çykyp:
− Haw, Hudaýberdi, niräk barýarsyň, how? − diýip gygyrýar. Hudaýberdi gorkak:
− Men-a bazara alaça satmaga barýaryn − diýýär. Onda tilki:
− Aý, bazara äkidip ýörenden, maňa sataý − diýýär. Hudaýberdi
gorkak:
− Ýok, ýok, men saňa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy
bermediň − diýýär. Onda tilki:
− Men seni hiç mahal aldan däldirin. Men bir sözümde durýandyryn.
Ol seniň hakyňy iýen kül tilkisidir − diýip, munuň alaçasyny elinden
alýar-da: − Hali bazardan gelýärkäň, şu ýerde duruberersiň, men puluňy
getirip bererin − diýýär.
Hudaýberdi gorkak alaçany tilkä nesýe berip, bazara gidiberipdir. Hudaýberdi bazara baryp, ýabysyny daňyp: «Ýolda alaçamy aňsat
satdym» diýip, bazarda arkaýyn gezip ýör eken. Birden jübüsiniň pulsuzlygyny aňlanda, ýaňky alaçasyny satany hem ýadyna düşüp, gaýtmakçy
bolýar. Hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazardan
yzyna gaýdýar. Ol hälki alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok.
Durup-durup, halys bolýar, hiç gelýän zat ýok, ol ýene yzyna garap-garap,
öýüne baka gaýdýar. Ol öýüne ýetip gelýärka, onuň aýallarynyň biri muny
görüp, ylgap öňünden çykyp:
− Ýeri, alaçany sag-aman satdyňmy? − diýip soraýar.
Hudaýberdi:
− Aý, aýal, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady-da
− diýip, ýüzüni aşak salyp oturyberýär.
Onsoň iki aýaly hem muny indi näme etmek gerek diýip pikir edýär.
Onsoň ikisi dil düwşüp, muňa batyrlygy öwretjek bolup başlaýar. Bir gün
agşam Hudaýberdi aýallaryna:
− Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliň − diýýär.
Aýallary hem:
− Bolýar − diýip, muny meýdana äkidýärler.
Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana
76
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
oturýar. Aýallarynyň her haýsy bir gapdalynda duran bolup, birden ikisi
hem gaçýar. Iki aýaly hem öýe girýär-de, işigiň içinden gurup Hudaýberdini öýe salmaýar. Hudaýberdi gorkak daşarda:
− Waý, işigi açyň, tilki meni öldürýär-le! − diýip, gorkup gygyrýar.
Aýallary işigi açman, tärimiň gözeneginden syrygy uzadyp:
− Al, şunuň bilen tilkini uruber! − diýýärler.
Hudaýberdi ony alyp, daş-töweregine bulaýlap, tilkini ýanyna getirmändir. Onsoň:
− Indi işigi açaýyň, meniň batyrlykda kemim galmady − diýip
gygyrýar.
Aýallary bir haýukdan soň işigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak öýüne
girip:
− Şeýle bir batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman
− diýýär.
Günlerde bir gün Hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken, öňünden
bir eşegiň türresi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. Ýene-de gidiberýär welin, öňünden bir pyşbaga çykýar, muny hem goltugyna salýar.
Ýene barýarka, öňünden bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna
salýar. Ýene ýöräberýär, öňünden bir ýumurtga çykýar, muny hem goltugyna salýar. Hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp gidip barýarka,
birnäçe döwüň üstünden barýar. Döwler mundan:
− Adyň näme? − diýip soraýarlar.
− Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler.
− Gel, onda otur.
Ol oturýar. Muňa döwler:
− Biziňem bir pälwanymyz bar, şonuň bilen göreşip bilermiň? –
diýýärler.
Hudaýberdi:
− Göreşerin − diýýär.
Döwler pälwany çagyryp, Hudaýberdi bilen göreş tutdurmaga
başlaýarlar. Bular göreş tutup ugraýarlar. Döwleriň pälwany Hudaýberdi
pälwany gysyp, owradyp barýar. Munuň gözi peträp, asmana dikilip
ugranda, döwleriň pälwany:
− Ýeri, Hudaýberdi batyr, näme ýokaryňa garaýarsyň?
− diýýär.
− Ýokaryk garaýanymyň sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyň
ýanyndan gaýtarsamkam diýýärin.
77
Türkmen halk döredijiligi
Onda döwleriň pälwany aýdýar:
− Aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniň, näme gerek bolsa aýt, ýöne
meni goýberseň bolýar − diýýär.
Hudaýberdi gorkaga döwler birnäçe zat berýärler. Onsoň Hudaýberdi batyr:
− Bitiňizi deňeşdirjekmi? − diýýär. Döwler:
− Bolýar − diýýärler.
Döwler bir bit çykarýar welin, hakyt ýumruk ýaly gök bit. Hudaýberdi pälwan hälki ýoldan alan pyşbagasyny çykaryp goýberýär. Döwler:
− Bä, sapak-supak baglap gidipdir − diýip, içlerini çekip, haýran
galyp durlar.
Ondan soň ýene-de Hudaýberdi batyr:
− Büräňizi deňeşdirjekmi? − diýýär. Döwler:
− Hawa − diýýärler.
Döwler büresini çykarýar welin, bu hem ýumruk ýaly eken. Hudaýberdi pälwan hälki horazy çykarýar welin, ol pasyrdap ýere düşýär.
Döwler:
− Bä, bu-ha kekeç-mekeç baglap gidipdir − diýip haýran galýarlar.
Ýene-de Hudaýberdi pälwan döwlere:
− Goltugyňyzyň gylyny deňeşdirjekmi? − diýýär. Döwler hem:
− Deňeşdirjek − diýýärler.
Döwler çykaryp görkezýärler welin, uzynlygy bir sere bar. Hudaýberdi pälwan hälki eşegiň türresini çykarýar.
Döwler haýran galyp:
− Bä, munuňky türre-mürre baglap gidipdir − diýýärler.
Ýene Hudaýberdi pälwan:
− Ýeriň ýagyny çykaryşjakmy? − diýýär.
Döwler:
− Çykaryşjak − diýýärler.
Onsoň Hudaýberdi pälwan hälki ýumurtgany ýere gömüp, depip
goýberýär welin, ýumurtganyň sarysy çogup çykýar.
Döwler haýran galyp:
− Päh-eý, bu ýeriň ýagyny çykaraýdy − diýişýärler.
Döwler ýeri depýärler welin, ýöne ýer sarsýar.
Hudaýberdi pälwan:
− Agaç ýykyşjakmy? − diýýär.
Döwler:
78
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
− Ýykyşjak − diýýärler.
Döwler depýär welin, agaç ýykylýar. Hudaýberdi pälwan gelýärka, bir kültem ýüp tapypdy. Şol ýüp bilen agaçlaryň daşyna aýlaşdyryp
başlaýar. Döwler muny görüp:
− Ýeri, Hudaýberdi pälwan, muny näme etjek? − diýýärler.
− Men ýekeleşip durman, birden barysyny ýykjak.
Döwler:
− Aý, zaluwat, Hudaýberdi pälwan, goýaweri, biziň atamyzdan galan
saýalyk agajymyzyň baryndan dyndarjak sen − diýşip, muny saklaýarlar.
Onsoň döwler:
− Indi sen biziň bilen bir nahar hem iýiş, onsoň biz saňa boýun
– diýýärler.
Hudaýberdi pälwan aýdýar:
− Näme diýseňiz ederin.
Onsoň kyrk gulak gazany palawdan dolduryp, döwler birigip, iýip
ugraýarlar welin, hiç tükedip bilmeýärler. Gazany Hudaýberdi pälwanyň
öňüne getirip goýýarlar. Hudaýberdi pälwan döwler çykan wagty çukur
köwüp, gazanyň içindäki aşy şoňa döküp, döwler işikden gelenlerinde
gazanyň düýbüni ýalan bolup oturýar. Döwler muny görüp:
− Myhman iýäýipdir – diýip haýran galýarlar.
Onsoň döwler:
− Muny agşam ýatanda öldüreliň, muny agzybirlik bilen ýok etmesek, bu bize hezil bermez − diýip, özara maslahatlaşypdyrlar.
Hudaýberdi pälwan agşam possuny ýapynyp ýatýar. Ol agşam
döwleriň öldürmäge geljegini bilip, possunyň aşagyna bir uly daşy salyp,
üstüni ýapyp goýup, özi beýle ýanynda ýatýar. Gijäniň bir wagty döwler
baryp, ýaňky ýatan possuny, ýapylgy daşy taýak bilen urmaga başlaýarlar.
Olar urup-urup: «Indi öldürdik» diýip gidýärler.
Hudaýberdi pälwan ertir turup, döwleriň işiginden girip:
− Beý, agşam ýagyşjagaz şytyr-pytyr edäýdi öýdýän, arkaýyn ýatyp
bilmedim − diýýär.
Döwler:
– Bä, şony hem şytyr-pytyr bilýän bolsa, muňa näme alaç etmek
bolar? − diýşip pikirlenýärler.
Ertesi agşam Hudaýberdi pälwan küti basylan çöpüň içinde ýatýar.
Ýene döwleriň geljegini bilip, çöpüň içine uly bir daşy goýup, özi beýlede
ýatýar. Döwler baryp, çöpi otlaýarlar. Hudaýberdi pälwan ertir turup, ýene
döwleriň ýanyna barýar-da:
79
Türkmen halk döredijiligi
− Bä, agşam inim gaty gyzdy-how, men näsaglapdyryn öýdýän −
diýýär.
Döwler:
− Islän zadyny berip, şuny aman-sag öýüne eltip geleliň
− diýşip, onuň horjunyny zatdan dolduryp, bir döwüňem üstüne mündürip, öýüne ugradýarlar. Ony göterip gelýän döw:
− Hudaýberdi pälwan, sen şunça zat iýýärsiň weliň, hiç agramyň
ýok-la? − diýýär.
Onda ol:
− Agramymy salamok, gökde ýüpüm bar, şoňa aslyşyp gelýärin
− diýýär.
Onda döw:
− Hany, ýüpden aslyşman, agramyňy sal − diýýär. Hudaýberdi
pälwanyň bilinde bir jontujak pyçagy bar eken, şonuň bilen döwüň gerşine
basyberýär. Döw:
− Haý, zaluwat, ýüpüňe ýapyşaweri! − diýip gygyryberipdir. Ana,
onsoň, Hudaýberdi pälwan döwi münüp, öýüne barýar. Döw muny
düşürýär-de, yzyna gaýdýar. Gelýärka, ol döwüň öňünden bir tilki çykyp:
− Ýeri, döw, nireden gelýärsiň? − diýip soraýar. Döw:
− Hudaýberdi pälwany öýüne eltip gelýärin − diýýär. Tilki:
− Siz oňa «Hudaýberdi pälwan» diýýärsiňiz, biz oňa «Hudaýberdi
gorkak» diýýäris. Men onuň alaçasyny aldap, elinden alýaryn, ýör görkezeýin − diýýär.
Döwem muňa ynanmaýar. Tilki döwe:
− Ynanmasaň, boýnuma ýüp sal − diýýär.
Tilki boýnundan ýüp saldyryp, döwüň öňüne düşüp, Hudaýberdi
gorkagyň öýüne barýar. Hudaýberdi gorkak bularyň gelýänini görüp,
tamyň üstüne çykyp:
− Haý, tilki! − diýip gygyrýar. Tilki Hudaýberdä hä berýär. Hudaýberdi:
− Ataň üç döw bergisi barka, getirýäniň ýekeje döwmi? − diýip
gygyrýar.
Ýaňky döw tilkiniň guýrugyndan tutup:
− Sen meni ataň bergisine bermek üçin getirýän ekeniň − diýip,
tilkini ýeriň ýüzüne bulap urýar-da, ökjäni göterýär. Hudaýberdi şeýdip,
hile bilen batyr adyny alýar.
80
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Garybyň gyzy Güljahan
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda Şirwanadyl diýen bir
patyşa bar eken. Bu patyşa gündizine öz tagtynda arz diňläp, gijelerine
özüniň bir-iki wezirini ýanyna alyp, gedaý lybasynda öý diňlär eken.
Günlerde bir gün Şirwanadyl gün ýaşandan soň, iki weziri bilen gezmäge
çykypdyr. Bular şäheriň çetinde bir garybyň öýüni diňläpdirler. Bu öýüň
üstüne müň daş atsaň, biri durjak dälmişin. Şirwanadyl bulary diňläpdir
welin, gyzlar garyplykdan käýinip, biri-birine:
− Geliň, bolsady ekişeliň − diýýärler. Üçüsi üç ýerden:
− Geliň-de, geliň − bolşup gürrüňe başlapdyr. Iň ulusy:
− Men pylan oglanyň gelni bolan bolsam bolmaýarmy, onuň bilen
hemişe rahatlykda ýaşardym − diýipdir. Garybyň ortanjy gyzy:
− Men pylan söwdagäriň gyzy ýa-da gelni bolsam bolmaýarmy
− diýipdir. Onda iň kiçisi Güljahan:
− Päh-eý, şunyňyzdanam bir bolsady bolarmy? Käşgä bolsady
ekeniňize göra, şeýle ekiň-dä: «Men Şirwanadylyň aýaly bolsam, hemme hazynasynyň ygtyýary hem mende bolsa, men ony garyplara paýlap
bersem, özi hem men daş çykanymda, köwşümi öňüme atsa, daşardan
gelenimde hem köwşümi ýygnasa − diýipdir. Patyşa gyzlaryň gürrüňini
eşidip, öýlerine gaýdypdyr. Ertir ol tagta çykyp, ýaňky garybyň üç gyzyny
hem çagyrdypdyr.
Patyşa:

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 06
- Parts
- Türkmen halk döredijiligi II - 01Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3854Total number of unique words is 157437.1 of words are in the 2000 most common words50.5 of words are in the 5000 most common words58.5 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 02Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3868Total number of unique words is 165136.7 of words are in the 2000 most common words49.3 of words are in the 5000 most common words57.7 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 03Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3872Total number of unique words is 157636.3 of words are in the 2000 most common words50.4 of words are in the 5000 most common words59.2 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 04Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3982Total number of unique words is 131040.7 of words are in the 2000 most common words53.7 of words are in the 5000 most common words61.6 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 05Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3728Total number of unique words is 151634.4 of words are in the 2000 most common words47.2 of words are in the 5000 most common words55.0 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 06Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3806Total number of unique words is 161038.0 of words are in the 2000 most common words50.9 of words are in the 5000 most common words57.4 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 07Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3774Total number of unique words is 194334.2 of words are in the 2000 most common words47.3 of words are in the 5000 most common words54.5 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 08Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3924Total number of unique words is 184630.6 of words are in the 2000 most common words44.6 of words are in the 5000 most common words52.2 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 09Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 4060Total number of unique words is 169232.5 of words are in the 2000 most common words45.0 of words are in the 5000 most common words52.3 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 10Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3855Total number of unique words is 186934.5 of words are in the 2000 most common words49.1 of words are in the 5000 most common words56.3 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 11Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3798Total number of unique words is 189331.0 of words are in the 2000 most common words45.4 of words are in the 5000 most common words53.2 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 12Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3901Total number of unique words is 184429.7 of words are in the 2000 most common words42.6 of words are in the 5000 most common words50.4 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 13Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3797Total number of unique words is 189429.6 of words are in the 2000 most common words42.3 of words are in the 5000 most common words49.3 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 14Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3949Total number of unique words is 174533.5 of words are in the 2000 most common words48.3 of words are in the 5000 most common words55.3 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 15Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3815Total number of unique words is 178529.7 of words are in the 2000 most common words44.3 of words are in the 5000 most common words51.7 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 16Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3908Total number of unique words is 167829.2 of words are in the 2000 most common words44.3 of words are in the 5000 most common words50.7 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 17Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3900Total number of unique words is 179530.9 of words are in the 2000 most common words44.2 of words are in the 5000 most common words50.7 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 18Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3450Total number of unique words is 164528.3 of words are in the 2000 most common words41.9 of words are in the 5000 most common words49.8 of words are in the 8000 most common words
- Türkmen halk döredijiligi II - 19Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 2228Total number of unique words is 73520.3 of words are in the 2000 most common words31.2 of words are in the 5000 most common words36.5 of words are in the 8000 most common words