Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 03

Total number of words is 3872
Total number of unique words is 1576
36.3 of words are in the 2000 most common words
50.4 of words are in the 5000 most common words
59.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
− Heý-jan, palawa et geldi − diýşip, begenip, heşerlenişip, aýak üstüne
galypdyrlar.
Onda geçi möjeklere garap:
− Dostlar, siz gaýgy etmäň, et bizde näçe diýseňiz tapylar, siz ýöne
palawy tizräk bişiriberiň − diýipdir.
Möjekler:
− Hany onda et? − diýipdirler.
Geçi:
− Goýun dost, bar, ol haltadaky möjek kelleleriniň birini alyp gel,
bularyň palawyna ataly − diýipdir.
Goýun derrew haltadaky kelläni alyp gelipdir. Onda geçi:
− Dokuz möjek kellesiniň içinden saýlap alyp gelýäniň şumy, bar,
uluragyny alyp gel − diýipdir welin, möjekler: «Ba, bular-a tüýs kellehor
ekenler, bular biziňem kellämizi alar» diýip, howsala düşüp, gorkuşyp, her
haýsy bir tarapa gaçyp gidipdir.
Geçi bilen goýun palawy iýip, aýaklaryny uzadyp, rahat ýatypdyrlar.
37
Türkmen halk döredijiligi
JADYLY ERTEKILER
Akpamyk
Bir bar eken bir ýok eken, wagtda bir adamyň ýedi ogly bolar ekeni. Olaryň bar käri aw awlamak eken. Oglanlaryň gyz dogany ýok eken.
Günlerde bir gün olaryň eneleri göwreli bolupdyr. Enesiniň aýy-güni dolan
wagty, oglanlar awa gitmekçi bolup, atasyna:
− Biziň gyz doganymyz bolaýsa, howlymyzyň agzyndan gurjak asyp goýuň, oglan doganymyz bolsa, ok-ýaý asyp goýuň
– diýip gidipdirler.
Bularyň yzynda gyz dogany bolupdyr. Atasy derwezeden gurjak asyp
goýupdyr. Emma bularyň bir görip goňşusy ýamanlyk edip, ony aýryp,
ýerine ok-ýaý asyp goýupdyr. Oglanlar awdan gelýärkäler, ok-ýaýa gözleri
düşüp: «Hudaý bize gyz dogan bermändir» diýip öýkeläp, öýlerine-de,
obalaryna-da gelmän, başga bir ýerde mesgen tutup, aw awlamak bilen
gün görüp başlapdyrlar.
Indi oglanlar bu taýda galsynlar, habary täze bolan gyzdan alalyň.
Ata-enesi täze bolan gyzyň adyna Akpamyk dakyp, oglanlaryň ýoluna göz dikip oturypdyr. Gün geçýär, aý geçýär, gelmeýärler, ýyl geçýär,
gelmeýärler. Bular oglanlaryndan tamalaryny üzüpdirler. Ata-enesi garry
bolansoňlar, ogullarynyň gözlegine çykyp bilmänsoňlar, gyzyna hem aýtmandyrlar. Aý aýlanyp, ýyl dolanyp, gyz dokuz-on ýaşyna barypdyr. Bir
gün goňşulary üme edýär. Olar gelip, Akpamygyň enesinden: «Gyzyňy ümä
ber» diýip sorapdyrlar.
Enesi:
− Hon-ha, özi razy bolsa, gidibersin, özüne aýdyň – diýip jogap beripdir.
Akpamyk hem göwünli bolup, ümä barypdyr. Ümä baran gelinleriň
biri Akpamygy synap görmek hem oňa gizlin bolan bir syryň üstüni açmak
üçin şeýle diýipdir:
− Kimiň erkek dogany bolsa törde otursyn, kimiň erkek dogany bolmasa, aşakda, köwüş bazarynda otursyn.
Bu sözden soň Akpamyk hem baryp, gapyda erkek dogany bolmadyk
gyzlaryň arasynda oturypdyr. Bir garry kempir Akpamyga:
− Wiý, Akpamyk, sen ýokarrak geç – diýipdir.
38
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Akpamyk:
− Wiý, ene jan, meniňem erkek doganym ýok ahyry – diýipdir.
Onda ol:
− Aý, ýüzügara, iliň bir-iki dogany bolsa, seniň ýedi sany aždarha ýaly
doganlaryň bardyr, ýokaryk geç, ýokaryk – diýipdir.
Akpamyk geň galyp:
− Men ony şu wagta çenli atam-enemden eşitmedim-le
– diýipdir.
Onda garry ene:
− Keýigim, olar garry bolansoň, özleri gidip gözläp bilmeýärler. Gözlegine sen çykarsyň öýdüp gorkusyna, saňa-da aýdýan däldirler. Doganlaryň
pylan dagyň gowagyndadyrlar. Men saňa ony eneňe aýtdyrmagy öwredeýin.
Öýüňize baryp: «Ene, maňa gowurga edip ber» diý. Edip berer welin, her
zat bilen berse-de alma, «eliň bilen ber» diýip aýt. Eli bilen alyp berer welin,
eliniň daşyndan tutup, gysyp sorasaň aýdar. Ýogsam aýtmaz – diýipdir.
Akpamyk ümeden gaýdyp, öýlerine gelip:
− Eje, meniň kelläm agyrýar – diýipdir. Ejesi:
− Balam, näme iýip-içjek zadyň bar? – diýip sorapdyr.
Akpamyk:
− Eje, sen bir azajyk gowurga edip beräý! Kellämi birneme sarsdyraýsam gowy bolmazmyka? – diýipdir.
Ejesi gowurga etmäge başlaýar.
Akpamyk ejesine:
− Eje, maňa oduň üstündekä ber – diýipdir.
Ejesi çemçe bilen uzadypdyr welin:
− Ýok, eliň bilen ber – diýipdir.
Ejesi pahyr eli bilen berýär. Akpamyk ejesiniň eliniň daşyndan pugta
tutýar. Ejesi:
− Waý, elim ýandy – diýip gygyrypdyr.
Akpamyk:
− Eje, meniň doganlarym barmy, ýokmy? – diýip sorapdyr. Ejesi
gyzgyna çydaman:
− Bardyr, emma sen bolanyňda gidişleridir – diýipdir.
− Heý, barmyş sesi barmy?
− Pylan dagyň gowagyndamyş.
Akpamyk ejesiniň elini goýberip:
− Men olary görmäge gitjek – diýipdir.
39
Türkmen halk döredijiligi
Ejesi:
− Sen tapmarsyň, men bir köke bişirip bereýin, şony tigirle-de git, nirä
baryp dursa, doganlaryň şol taýda bolar – diýipdir.
Akpamygyň ejesi bir köke bişirip beripdir. Akpamyk kökejigini öňüne
salyp, tigirläp ugranda, Akpamygyň bir pişijegi bar eken, olam Akpamygyň
yzyna düşüp, üç tirkeşik bolup ýola düşüpdirler. Ýolda barýarka pişigi
kökejiginiň bir gyrasyny gädipdir. Akpamyk ýene tigirläpdir, bolmandyr.
Ahyry aglamaga başlapdyr. Birden palçyk edip, gädigi beklemek ýadyna düşüpdir. Derrew palçyk edip, kökäniň gädik ýerini bekläpdir. Ondan
soň tigirläp barýarka, bir dagyň gowagyna barypdyr. Görse, gowagyň içi
ganly geýimden doly. Birnäçe ýerde et asylyp goýlupdyr. Akpamyk bu
geýimleri ýuwup, etden nahar bişirip, taýyn edip goýupdyr. Bir seretse,
bir topar adam ýetip gelýär. Akpamyk bir ýere bukulypdyr. Doganlary
gelip görseler, hemişeki ýaly däl. Naharlary bişirilgi, geýimleri ýuwulgy,
jaýlary arassa, hiç düşünip bilmän, töwereklerine göz aýlapdyrlar, emme
janly-jemendä gözleri düşmändir. Oglanlar bu gije geýimlerini çalşyryp,
arkaýyn ýatypdyrlar. Ertesi hem awa gidipdirler. Akpamyk ýene ganly
geýimleri ýuwup, nahar taýýarlap, ýene buky ýerde gizlenipdir. Doganlary gelip görseler, ähli zat düýnküden hem ýerbe-ýer edilip goýlupdyr.
Oglanlar dil birikdirip, her gün birimiz gowagy saklalyň diýşip maslahat
edipdirler. Birinji gezek iň ulusy galyp saklapdyr, emma ýadaw awçy tiz
uklapdyr. Akpamyk onuň uka gidenini bilip, bukulan ýerinden çykyp, ýene
geýimleri ýuwupdyr, nahar bişiripdir, gowagy arassalapdyr, soň hem öňki
ýerinde bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, nahar taýyn, egin-eşikleri
ýuwulgy. Olar: «Kim edýän eken?» diýip sorasalar, ol dogany: «Men uklap
galypdyryn» diýipdir. Ertir ýene ondan kiçisi sakçy galypdyr. Bu hem uka
gidipdir. Doganlaryň altysy ýeke-ýekeden garawullapdyr, emma altysy hem
bilip bilmändir. Ahyry iň kiçisi galypdyr. Ol barmagyny dilip, duz sepipdir.
Gözüne asyl uky gelmändir. Ýöne uklan kişi bolup ýatypdyr. Birden bir gyz
çykyp, geýimleri ýuwup, nahar atarmaga duranda, ýaňky saklamaga galan
dogany ýatan ýerinden çykypdyr-da:
− Ynsan bolsaňam, jyn bolsaňam, dur-da, kimdigiňi tanat – diýipdir.
Akpamyk:
− Men yns-da däl, jyns-da däl, öz doganyňyz – diýipdir.
Bular tanşyp, beýleki doganlary gelýänçä, nahar taýyn edipdirler.
Soňra kiçi dogany uly agalarynyň öňünden buşlap çykypdyr. Doganlar
gyz doganlarynyň yzlaryndan gelenine köp şat bolupdyrlar. Bular Ak-
40
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
pamygy keýigiň ýiligi bilen bakypdyrlar. Aradan birnäçe gün geçýär.
Akpamyk bir gün öý süpürip ýörkä, bir kişmiş tapyp, «piş-pişim» diýip,
pişigini çagyrýar. Pişigi gelmänden soň, ony özi iýýär.
Bir salymdan soň pişigi gelip:
− Näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr.
Akpamyk:
− Bir kişmişjik tapdym, şonuň üçin çagyrdym.
− Hany, ony nätdiň?
− Gelmäňsoň, iýäýdim.
Pişigi:
− Onda oduňy öçürerin – diýip, ody öçürjek bolupdyr.
Akpamyk:
− Öçürme, men çakmak bilen ot alyp bilmerin, indi tapsam beräýerin
– diýip, ýalbaryp zordan goýdurypdyr.
Soň ýene bir gün öý süpürip ýörkä, bir igde tapyp, «piş-piş» diýip
pişigini çagyrypdyr. Pişik gelmänsoň, ýene-de özi iýipdir.
Bir salymdan soň pişik gelip:
− Meni näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr.
Akpamyk:
− Bir igde tapdym – diýipdir.
− Hany igde?
− Iýdim.
Pişik:
− Onda oduňy söndürjek – diýip, ody söndüripdir.
Akpamyk çakmak bilen ot aljak bolýar welin, bolmaýar, naharam
gijä galyp barýar. Ahyry nalaç bolup, gowakdan çykyp, daş-töweregine
garaýar, görse, uzagrak bir ýerden tüsse çykýar. Akpamyk «Şol tüsseden
ot getireýin» diýip şol tarapa ugraýar. Baryp, gapydan salam berip giripdir
welin, görse, içerde bir çal döw otyr.
Döw Akpamygy görüp:
− Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym, gel,
gyzym, meniň başymy gözläp ber – diýipdir.
Akpamyk biraz salym döwüň kellesini gözläp:
− Men ot almaga geldim, gaýtjak – diýip aýdypdyr.
Döw:
− Onda sen etegiňi tut! – diýip, Akpamygyň etegine ilki bir köz atyp,
yzyndan kül guýup, soň ot atyp: «Bar, gyzym» diýip ugradypdyr.
Akpamyk ody alyp ugrapdyr. Ýaňky guýlan külüň aşagyna atylan
41
Türkmen halk döredijiligi
köz onuň etegini deşipdir, ondan kül az-azdan dökülip, yz edip gidipdir.
Emma Akpamyk mundan bihabar, gelip nahar bişirip, taýyn edip goýupdyr.
Doganlary awdan gelip, ertesi ýene awa gidýärler welin, döw Akpamygy
yzarlap gelýär. Akpamyk döwüň gelýänini görüp, gapyny içinden bekläp
oturýar.
Döw:
− Barmagyň birini gapynyň arasyndan uzat – diýipdir.
Akpamyk barmagyny uzadýar. Döw barmakdan pugta tutup, bir temen
bilen deşip, ganyny sorýar. Yzyndan hem:
− Doganlaryňa aýtsaň, iýerin – diýip, yzyna gaýdýar.
Akpamyk gorkusyna doganlaryna hiç zat aýdyp bilmändir. Döw her
gün gelip, gyzyň barmagyndan ganyny sorup gidipdir. Şol sebäpli hem
Akpamyk gün-günden horlanypdyr. Doganlary «näme bolýar?» diýseler
hem «maňa hiç zat bolanok» diýip jogap beripdir.
Doganlary:
− Geliň, şuny saklalyň − diýşip, awa ugran kişi bolup, bir ýerde bukulyp ýatypdyrlar.
Akpamyk işlerini jaýba-jaý edip, döwüň geler wagty bolanda, gapyny
içinden bekläp oturypdyr. Hemişe gan içmäge öwrenen döw gelip, gapyny
kakýar welin, ýedi dogan ýedi ýerden topulyp, döwüň janyny asmanda
kakýarlar. Onuň kellesi «çöpden-çörden kän bolaryn» diýip, togalanyp gidýär. Akpamygyň doganlary onuň yzyndan ýetip bilmän galanlar. Birnäçe
wagt geçensoň, ol kelle birnäçe döw bolup gelip, ýedi doganyň ýedisini hem
öldürip, etlerini iýip, süňklerini taşlapdyrlar. Akpamyk bolsa keýik derisiniň
aşagyna girip bukulypdyr. Döwler ony görmändirler. Akpamyk şeýdip aman
galypdyr. Döwler öz mekanlaryna gidipdirler. Akpamyk döwler gidensoň,
bukulan ýerinden çykyp, doganlarynyň süňklerini bir ýere ýygnap, üstüni
keýik hamlary bilen basyryp, bir aty münüp, galama-gala aýlanyp, bilimli
adamlardan doganlaryny direltmegiň ýoluny sorap ýörkä, ahyry bir garry
kempiriň üstünden barypdyr.
Garry:
− Gyzym, seniň doganlaryňy döw öldüren bolsa, ony direltmegiň alajy
bolar, emma gaty kyndyr – diýipdir.
Akpamyk:
− Garry ene, kynam bolsa, aýt – diýip, oňa ýalbarypdyr.
42
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Garry:
− Akmaýanyň süýdünden getirip, üstlerine sepseň, jana gelerler, emma
Akmaýa adam görse, iýer. Emma köşegi adamy gaty gowy görýändir
– diýip aýdypdyr.
Akpamyk eline ýanlyk alyp, Akmaýany gözläp, ýola düşüpdir. Ahyry
bir gün Akmaýanyň köşeginiň üstünden barypdyr. Köşek Akpamygy görüp,
oýnap, bökjekläp, ýanyna gelipdir. Gyz köşegiň ýüzünden, gözünden sypap,
ogşap, köp mähribanlyk edip, ahyry arzy-halyny beýan edipdir.
Köşek:
− Bolýar, emma enem bilse, ikimizem iýer, gel, sen meniň goltugymyň
aşagyna girip, tüýüme gabsanyp bar. Men emip, ýanlyga guýaýyn – diýipdir. Sebäbi köşegiň garnynyň aşagynyň we gapdalynyň tüýi ýerden süýrenip
ýörmüş.
Akpamyk: «Bolýar» diýip, köşegiň tüýüne bukulyp, görünmän,
Akmaýanyň ýanyna barypdyr.
Akmaýa:
− Adam, adam ysy bar ýaly-la – diýip, tarp urup başlapdyr.
− Eje jan, adam näme işlesin? – diýip, köşegi ýalbarandan soň, Akmaýa
köşeşip, emdirmäge durupdyr. Akpamygyň gaby dolansoň, köşek usullyk
bilen aýrylyp, otlan bolup, arany açyp ugrapdyr. Emma Akmaýa-da müňkür
bolup, olaryň yzyndan seredip durupdyr. Akpamyk ozal atyny bir ýerde
gizlän eken, köşek otlan bolup, atyň ýanyna golaýlanda, Akpamyk atyna
tarap gaçypdyr. Akmaýa-da muny görüp topulypdyr. Gyz zordan ata münüp
ýetişipdir. Akmaýa kowup, ony tutup bilmän galypdyr. Akmaýa dolanyp
gelýärkä, köşegine: «Gara daşlar bolgaý sen, balam» diýip gargyş edipdir.
Köşegi şol taýda gara daş bolup doňup galypdyr.
Akpamyk Akmaýanyň süýdüni getirip, doganlarynyň süňklerini ýerbe-ýer goýupdyr welin, biriniň ýagyrnysynyň süňküni tapmandyr, ony döw
çeýnäpmi, nädipmi, garaz, ýok. Bar süňküniň hemmesini ýerbe-ýer goýup,
süýdi üstüne sepip, bir gara keçä dolapdyr. Birnäçe wagt geçenden soň,
doganlary asgyrşyp:
− Aý, kän ýatypdyrys – diýşip, ýerlerinden galypdyrlar.
Akpamyk doganlaryna eden işlerini aýdyp beripdir. Olar doganynyň
beýle jepa çekenine köp gynanypdyrlar. Emma özgesi abat bolup, ýeke
iň kiçileriniň ýagyrnysynyň süňküniň birjigi kem bolupdyr. Ýedi dogan
täzeden öňki ýaly aw awlap geziberipdirler. Soň Akpamyk ýedi doganyny
öýerip, her haýsyna gelin alyp beripdir. Emma ýedisi hem aýallaryndan
43
Türkmen halk döredijiligi
gyz doganlaryny ýagşy görüpdirler. Aýallar muny gabanyşyp: «Bizi şu
gyzça görmeýär, geliň, bir maslahat edeliň» diýşipdirler. Onda iň uly
doganynyň aýaly:
− Geliň, şuny basyp, bogazyna we gulagyna gurşun guýalyň − diýipdir.
Iň kiçi doganynyň aýalyndan özgesi şu maslahata goşulypdyr, emma
ol:
− Beýle iş etmek bolmaz – diýip, garşylyk görkezende, oňa:
− Seniňem bogazyňa gurşun guýarys – diýip gorkuzypdyrlar.
Bular Akpamygy basyp, bogazyna we gulaklaryna gurşun guýupdyrlar. Şonda iň kiçi doganynyň aýaly hem gorkusyna Akpamygyň bir
syçalasyndan tutupdyr. Akpamygy şeýdip, lal we güň edipdirler. Emma
Akpamygyň körpe gelnejesi gorkusyna gaýynagalaryna hiç zat aýdyp
bilmändir. Akpamyk gün geldigiçe horlanypdyr.
Doganlary:
− Uýam jan, saňa näme bolýar? – diýseler hem ol jogap bermändir.
Ahyry ýeňňeleriniň iň ulusy:
− Muňa näme bolýanyny men bilýän – diýipdir.
− Ýeri, bilseň, näme bolýar, aýt-da!
Ol aýal:
− Akpamyga är gerek, ýürejigine kär gerek – diýipdir.
Onda agalary:
− Kimi halasa, baraýsyn – diýipdirler.
Şonda ýeňňeleriniň kiçisi:
− Muny bir düýä mündürip goýberiň, kimi halasa, özi barar – diýipdir.
Doganlary bir akmaýany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip
goýberýärler. Şol wagtlarda patyşanyň ogly bilen weziriň ogly awa çykan
ekenler, olaryň gözleri çölüstanda bir gara kaklyşýar. Gelseler, üsti bezegli,
kejebeli maýa öz ugruna otlap ýör.
Patyşanyň ogly:
− Içi meniňki – diýipdir.
Weziriň ogly:
− Daşy meniňki – diýipdir.
Ikisi iki ýerden at salyp barýarlar welin, ine, akmaýanyň üstünde
kejebäniň içinde şeýle bir gyz bar welin, iýme-içme-de seret-de otur.
Ýigitler:
− Aý, gyz, ynsmysyň, jynsmysyň, dillen – diýip sorapdyrlar.
44
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Jogap ýok. «Gyz hiç geplemese-de, lal bolsa-da aljak» diýip,
patyşanyň ogly Akpamyga öýlenipdir.
Aradan bir ýyl töweregi geçensoň, onuň bir ogly bolupdyr. Bu oglan
dört-bäş ýaşapdyr. Emma Akpamyk entegem geplemändir.
Patyşanyň ogly:
− Gel, indi bir aýal alaýyn, ýogsam boljak däl – diýip, aýal gözlemäge çykypdyr.
Akpamyk öz içinden: «Bu kembagtlyk hemme ýerde maňa zyýan
getirýär» diýip, çörek hem bişirmän oturyberipdir.
Akpamygyň ogly gelip:
− Eje, çörek – diýipdir.
Akpamyk öňki dilsizliginiň üstüne äri hem öýlenmegiň ugruna
çykansoň, gamgyn bolup oturşyna ogluna çörek hem bermändir. Onda
ogly ony ýeňsesinden itip: «Eje, çörek diýýän» diýip, gaty kakypdyr
welin, bogazyndaky gurşun «lark» edip gaçypdyr we onuň dili açylypdyr.
Ondan soň Akpamyk ogluna:
− Balam, gulagyma-da bir ur – diýipdir.
Onuň ogly gulagyna-da urýar welin, gulagyndaky gurşun hem gaçyp, gulagy hem açylypdyr.
− Beýleki gulagyma hem ur – diýýär. Ogly ol gulagyna hem «Eje,
çörek» diýip urupdyr, şonda onuň ol gulagyndaky gurşun hem gaçyp,
Akpamyk salamat bolupdyr.
Patyşanyň ogly şol gün yzyna bir ýaş gelni tirkäp gelipdir. Ol gelen
wagty, Akpamyk çökelik1 gaýnadyp oturan eken. Çökelik çogup, dökülip
duran eken. Täze alnyp gelen gelin atyň üstünden:
− Mesdi haýran,
Döküldi aýran!
– diýip gygyrypdyr.
Heniz gelip atdan düşmedik gelniň beýle zäherli sözüne Akpamyk:
− Geline bak, geline.
Gele-gelmän diline,
Özi eýer gaşynda,
Gözi ojak başynda
– diýip jogap beripdir.
Şazada Akpamygyň diliniň açylandygyny görüp, begenjinden yzyna
tirkäp gelýän gelnini şol wagt atdanam düşürmän, yzyna iberipdir. Ol
Akpamyk bilen täzeden bagtly ýaşaşyp başlapdyr.
1
magy.
Çökelik – peýnir etmek üçin ýagy alnan süýdüň ýa-da gatygyň gaýnadyl-
45
Türkmen halk döredijiligi
Akpamyk doganlaryndan umydygär bolup, ogluna altyn aşyk ýasadyp, özüne hem: «Aşygyňy atan wagtyň:
− Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop,
Alty daýym başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
Baýram daýym başy üçin
Altyn aşygym, alçy gop
– diýip, aşygyňy atgyn» diýip öwredipdir.
Indi habary Akpamygyň ýedi doganyndan alalyň. Olaryň iň kiçisi
Baýram: «Biz şeýle ýagşylyk eden doganymyzy düýä mündürip goýberdik, bu ýyl bäş ýyl boldy, öldümi, barmy, biziň habarymyz ýok, geliň,
onuň ugruna çykyp gözläliň» diýip, bir maslahat tapypdyr. Beýlekileri
hem muny makullap, ýedi doganyň her haýsysy uýasyny bir şäherden
gözläp ugrapdyr. Ýekýagyrny bir şäherde aşyk oýnap ýören bir topar
oglanyň üstünden barypdyr. Olaryň içinde bir oglanyň elinde altyndan
aşyk barmyşyn, ol her aşygyny atanda:
− Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop!
– diýýärmişin.
Ýekýagyrny hem muny eşidip, oglana:
− Ýene bir aýt – diýipdir.
Akpamygyň ogly ýene aşygyny atýar:
− Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop!
Alty daýymyň başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
Baýram daýym başy üçin,
Altyn aşygym, alçy gop!
– diýende, daýysy ony tanap:
− Hany, oglanjyk, ýör, öýüňizi görkez – diýipdir.
Oglanyň yzyna düşüp baranda, Akpamyk doganyny tanapdyr. Dogany hem Akpamygy tanapdyr. Ikisi hal-ahwal soraşypdyr. Akpamyk
başyndan geçiren wakalaryny doganyna gürrüň beripdir.
Bir gün dogany gaýtmakçy bolanda Akpamyk obanyň adamlaryna
46
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
möý, içýan tutdurypdyr we ýedi halta tikip, ol haltalary möý bilen içýandan
doldurypdyr. Diňe birini nohutdyr kişmişden dolduryp, onuň hem agzyna
ýekeje içýan goýupdyr. Soňra:
− Her gelnejeme birini ber, şuny hem iň kiçi gelnejeme ber
– diýip, nohutdyr kişmiş salnan haltany beripdir.
Ýekýagyrny obalaryna gelip, her aýala bir haltany berýär. Aýallar:
«Baldyzymyz sowgat iberipdir» diýşip, ellerini sokýarlar welin, ellerinden
möý, içýan çakypdyr.
Olar: «Waý-da-waý» bolşupdyrlar. Iň kiçi doganyň aýaly hem özüne
iberilen haltany açyp görse, içi doly nohutdyr kişmiş, iň üstünde-de ýekeje
içýan bar eken. Ol içýan onuň syçalasyndan çakypdyr-da gaçypdyr. Ol
gelin iberilen sowgadyna guwanypdyr. Ýekýagyrny hemme doganlaryny
çagyryp:
− Geliň, men Akpamygy tapdym, pylan patyşanyň ogly alypdyr –
diýip aýdypdyr.
Yzyndanam Akpamygyň başyndan geçiren günlerini aýdyp beripdir.
Ýedi dogan: «Bize uly ýagşylyk eden doganymyza şeýle ýamanlyk eden
bolsalar, bulary ýok etmeli» diýip maslahat edipdirler. Baýramyň aýalyndan
özgesini ýoklapdyrlar. Soň doganlar üýşüşip, Akpamyklara myhmançylyga
gelipdirler. Soň ony hem alyp, öýlerine gaýdýarlar. Gelseler, ene-atalary has
garrapdyr. Kiçi gelin garrylara hyzmat edip başlapdyr. Ol Akpamygyň kömegi bilen gaýyn agalaryny öýerýär. Soň hoşlaşyp, Akpamygy ýola salyp,
ýedi dogan maşgalalary bilen ene-atasynyň ýanynda mekan tutupdyr. Bu
ýagdaýa il-gün hem begenipdir.
Mämmetjan
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda bir patyşa bar eken. Bu
patyşa hemişe öz diýenini edýän eken. Ol gaty zor, güýçli bir patyşa eken.
Bu patyşanyň üç ogly bar eken. Olaryň ulusyna Gurban, ortanjysyna Weli,
iň kiçilerine hem Mämmetjan diýer ekenler.
Bir günden, bir gün bu patyşa agyr kesele duçar bolýar. Ol düýşünde
bilbilgöýäniň saýranyny eşidip, tisginip oýanýar. Patyşa ukudan açylyp,
oglanlaryny öz ýanyna çagyryp:
− Eý, ogullarym, bilbilgöýä diýen bir guş bar, meniň şony saýradyp,
bir eşidesim gelýär. Eger-de şony bir saýradyp eşitsem, belkem, ýagşy
bolsam hem bolaryn − diýýär.
Patyşanyň iň uly ogly Gurban:
47
Türkmen halk döredijiligi
− Onda, ata, giderin-de, ony getiräýerin − diýip, gitmekçi bolýar.
Atasynyň gylyçlaryndan birini saýlap alyp, biline dakýar, başga-da
gerek şaýlaryny alýar-da, «Nirdesiň bilbilgöýä?» diýip, ýola rowana bolýar.
Gurban gidiberýär, gidiberýär. Ynha, şol barşyna onuň öňünden bir ullakan
beýik howly çykýar. Gurban howlynyň içine nähili girjegini bilmänsoň:
− Heý, munuň bir girer ýaly ýeri ýokmuka? − diýip, bu howlynyň
daşyna aýlanýar. Gurban şol barşyna bir ýerden bir suw geçýän ötük tapýar.
Ol şol suw geçýän ötükden ýuwaşlyk bilen, hiç bir adama bildirmän geçýär.
Gurban howlynyň içine girenden soň, bir horruldy eşidýär. Horruldydan
gorkusyna şol ýerdäki bir tamyň içine girýär. Girip görse, bu tamyň içinde
ullakan bir ak döw ýatyr. Ýaňky horruldy hem şonuňky eken. Gurban muny
görüp tisginip, öňküden hem bäş beter gorkýar. Gorkusyna nirä gaçjagyny
bilmän, bir ullakan meşigiň aşagyna girip ýatýar. Birnäçe wagtdan soň döw
has-has edip oýanýar. Görse, penjesiniň aşagynda bir zat ýatyr. Muny döw
eline alyp görse, bu bir adam. Döw şonda:
− Ýeri, adamzat, sen munda näme iş edýärsiň? Sen bu ýere näme iş
bilen geldiň? − diýip soraýar.
Onda Gurban gylyjyna ýapyşan kişi bolup:
− Men seni öldürmäge geldim − diýýär.
Özüniň döwüň gysymyndalygyndan habary ýok, onuň «sanajyň
aşagy» diýip giren ýeri döwüň penjesiniň içi bolsa nätjek?! Döw munuň
aýdan sözlerini eşidip, penjesini öňküsinden-de beter gysýar. Gurbanyň
gözleri hanasyndan çykara gelýär. Ondan soň döw ony iýmäge dözmeýärde, guýynyň düýbüne taşlaýar. Ol şol ýerde galyberýär.
Indi gepi kimden eşit, ortanjy doganyndan eşit. Patyşanyň ortanjy
ogly aýdýar:
− Ata, agam gelmedi. Oňa hökman bir zat bolandyr. Men onuň
yzyndan gitjek.
Onda atasy aýdýar:
− Ýok, oglum, gitme, uly agaň gideni hem besdir.
− Ýok, bolmaz, bilbilgöýäni men gidip getirmesem bolmaz − diýip,
ortanjy ogly Weli hem gitmekçi bolýar.
Ol gylyjy bilinden asyp, uzak ýola ugraýar. Az ýöräp, köp ýöräp, çöl
söküp, düz aşyp, şol howlynyň daşyndan barýar. Ol muňa girmäge ýol
tapman, bu howlynyň daş-töweregine aýlanyp-aýlanyp, ahyry şol hälki suw
geçýän ötügi tapýar. Ol bu ötükden geçenden:
− How! Ak döw, haw! Meniň agamy näme etdiň? – diýip, gygyryp
48
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
başlaýar. Ak döwüň gulagy biraz agyr eken, şonuň üçin Ak döw iki
gulagynyň öňüne iki elini tutup:
− How, näme diýýärsiň? − diýip gelýär.
Weli: «Munuň-a gulagy ker eken, ýanyna baryp, eýle-beýle diýen
bolup, kellesinden gylyjy salaryn, şonluk bilen hem öldürerin» diýip,
pikir edip barýar. Emma döw: «Ýakynrak geläýmezmikäň sen» diýip,
çemelenip dur. Weli döwüň ýanyna barýar welin, döw muny çalyp tutýar.
Welini hem uly agasynyň ýanyna taşlaýar.
Indi habary kimden eşit? Ony patyşanyň kiçi ogly Mämmetjandan
eşit. Birnäçe wagt geçýär. Agalaryndan ne habar bar, ne hatyr, hiç biri
gelenok. Ahyry Mämmetjan atasyna:
− Kaka, gör, näçe wagt geçdi, emma agalarymyň hiç biri gelenok.
Men hem gideýin − diýýär.
Onda kakasy:
− Ýok, oglum, seniň iki agaň gitdi. Besdir şolaryň gideni, sen gitme
− diýýär.
Onda-da Mämmetjan:
− Ýok, kaka, men agalarymyň yzyndan gideýin hem-de bilbilgöýäni
alyp geleýin − diýýär.
Onuň almazdan ýasalan bir gylyjy bar eken. Mämmetjan ony biline dakyp, atasy bilen hoşlaşyp, ýola düşýär. Mämmetjan az ýöräp, köp
ýöräp, çölden ýöräp, ynha, bir beýik ullakan howla baryp ýetýär. Mämmetjan muňa girer ýaly hiç işik tapmaýar. Ýöne bir suw geçýän ötük
bar eken. Agalary şondan sümlüp geçipdiler. Mämmetjan ondan sümlüp
geçmäni özüne namys bilýär. Ol bilindäki uzyn guşagyny çözýär-de,
bir ullakan daş tapyp, guşagyň bir ýan ujuna daňyp, haýatyň üstünden
taşlaýar. Daş haýatyň aňyrsyna düşýär. Mämmetjan ondan soň, guşagyň
ujundan ýapyşyp, ýuwaşlyk bilen haýatyň üstüne çykyp, howlynyň içine
girýär. Hälki döw onuň howlynyň içine girenini görüp:
− Haý, gelseň, gel bakaly, göreris − diýip oturyberýär.
Mämmetjan Ak döwi görüp:
− How, Ak döw, hany, meniň agalarymy näme etdiň? − diýip,
gygyryp ugraýar.
Ak döw hem iki gulagyna elini tutup, eşitmedik kişi bolup, assa-assa
gelýär. Mämmetjan hem döwe baka baran kişi bolup, birden baryp Ak
döwüň kellesine hälki daş bilen bir eňterýär welin, onuň kellesi bölekbölek bolýar. Döw bir ah çekýär-de, agdarylyp gidýär. Oňa çenli bir
ýandan bir peri çykyp:
**4. Sargyt № 3166
49
Türkmen halk döredijiligi
− Eý, adamzat, sen kimsiň? Bu Ak döwi öldürip bilýän ýokdy, sen
muny nädip öldürdiň? − diýip soraýar.
Mämmetjan bu perini görüp, akyly haýran bolup duruberýär. Ol gyz
hem Ak döwüň goluna düşüp, nädip mundan boşap biljegini bilmän ýören
gyz eken. Ondan soň, bu gyz Mämmetjana aýdýar:
− Sen entek bu Ak döwi öldürip bileňok.
Mämmetjan:
− Näme üçin men muny öldürip bilmedim? − diýip soraýar.
Gyz aýdýar:
− Bu Ak döwüň jany başga ýerde. Eger-de sen şony tapyp bilseň,
ondan soň, bu Ak döwi öldürersiň, emma munuň janynyň duran ýeri hem
örän berk.
Onda Mämmetjan:
− Ol nirede we nähili? – diýip soraýar.
Gyz aýdýar:
− Şol tamda bir aždarha ýatandyr. Sag gözi açyk, çep gözi ýumuk
bolsa, onda ol ukudadyr. Ak döwüň jany hem onuň çep gulagyndadyr.
Sen ýuwaş-ýuwaşlyk bilen baryp, birden aždarhanyň şol açyk sag gözüne
bir käse suw sep. Sepen badyňa onuň şol çep gulagyndan bir kiçijik çüýşe
gaçar. Sen şol pursatda häzir bolup dur. Çüýşe ýere gaçan badyna, tiz alda, ony döw. Çüýşäň içinde Ak döwüň jany bardyr. Şony sypdyrman alyp
öldürseň, Ak döwden dynarsyň. Ýogsam, Ak döw ölmez.
Ondan soň Mämmetjan:
− Bolýar, onuň ýaly bolsa, men aýdyşyň ýaly ederin − diýip,
aždarhanyň ýanyna bakan ugraýar.
Mämmetjan aždarhanyň ýanyna baryp görse, munuň sag gözi açyk,
çep gözi ýumuk, edil gyzyň aýdyşy ýaly eken. Mämmetjan ýuwaşlyk
bilen barýar-da, aždarhanyň sag gözüne bir käse suw sepýär. Aždarha bir
«af-tüf» edip asgyrýar. Onuň çep gulagyndan bir çüýşe ýere gaçýar. Bu
çüýşe ýere gaçanda aždarha hem ýalpa oýanýar. Oňa çenli Mämmetjan
çüýşäni eline alyp ýetişýär.
Ak döw:
− Eý, Mämmetjan, öldürme, men seniň gurbanyň bolaýyn
− diýýär. Aždarha hem:
− Öldürme, Mämmetjan − diýýär.
Jany ýanyp duran Mämmetjan ony ýeriň ýüzüne pylçap bir urýar.
Uran badyna aždarha hem ýom-ýok bolýar, Ak döw hem «ah» diýip agdarylyp gidýär. Şeýdip Mämmetjan olary ýok edýär.
50
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
Gyz:
− Indi, Mämmetjan, sen meni al − diýýär.
Onda Mämmetjan:
− Ýok, men seni entek aljak däl − diýýär.
Gyz:
− Onda sen, Mämmetjan, näme işe geldiň? – diýip soraýar.
Mämmetjan:
− Meniň atam agyr kesel ýatyr, onuň göwni bilbilgöýäni isleýar, ol:
«Eger-de şol guş bir saýrasa, men ýagşy bolup açyljak» diýýär. Men hem
şol bilbilgöýäni tapyp getirmäge çykdym. Indi gidip, men şol guşy tapyp
getirjek – diýip jogap berýär.
Onda gyz:
− Aý, Mämmetjan, sen onuň üçin hiç horlanyp oturma, bilbilgöýä
saňa ýetdirmez, ol guşa ýetmek örän kyn. Bu öldüren Ak döwüň döwleriň
iň kiçijigi, indi köpi mundan beýlede. Ol ýerde ýedi kelleli döwler bar.
Olar seni hiç geçirmez. Ondan sen meni al-da, bu ýerde meniň ýanymda
gal − diýýär.
Mämmetjan aýdýar:
− Ýok, men bu ýerde galman gideýin, ýa men ölerin, ýa-da şol bilbilgöýäni alyp gelerin.
Ondan soň gyz Mämmetjanyň bu ýerde galmajagyny, onuň hökman
gitjekdigini bilip, bir döwi çagyrýar. Döw:
− Lepbeý − diýip, bu gyzyň ýanyna gelýär. Gyz aýdýar:
− Şuny ol döwüňkä näçe wagtda eltip gelersiň?
Onda bu döw:
− Rugsat etseňiz, otuz dem alym salymda eltip gelerin − diýip jogap
berýär.
Gyz muňa gaty gaharlanyp:
− Git, gözüme görünme, peläket! − diýip, ony kowýar. Ýaňadan
ikinji bir döwi çagyrýar. Bu döw hem:
− Lepbeý − diýip gelýär. Muňa-da gyz aýdýar:
− Şuny ol döwüňka näçe wagtda eltip gelersiň?
Onda bu döw hem aýdýar:
− Rugsat etseňiz, on bäş dem alym salymda eltip gelerin.
Gyz muňa hem gaharlanyp:
− Git, peläket – diýip, ony kowýar.
Ondan soň gyz üçünji gara döwi çagyrýar. Ol hem:
51
Türkmen halk döredijiligi
− Lepbeý − diýip gelýär. Gyz muňa hem aýdýar:
− Sen şuny ol döwüňka näçe wagtda eltip gelersiň?
Onda gara döw aýdýar:
− Rugsat etseňiz, göz açyp-ýumýança eltip gelerin.
Ondan soň gyz bu gara döwe:
− Bar onda, şuny ol döwüňkä eltip gel. Ýöne ýolda hiç bir zat diýäýmegin. Eger-de ýolda şuny iýip dagy edäýseň ýa-da bir zelel berseň,
deriňi iniňden diriligiňe alaryn − diýýär.
Gyz muňa şeýle diýmese, bu döw ýolda muny derrew lak-luk edip
iýjek. Olar adamhor döwler. Ondan soň gyz Mämmetjanyň eline hem
hat ýazyp berýär. Bu gyz ýedi uýa eken. Bularyň ýedisi hem bu döwleriň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 04
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.