Latin

Türkmen halk döredijiligi II - 07

Total number of words is 3774
Total number of unique words is 1943
34.2 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
seredäýmezmi. Görse, köşek emmän, başga biri sagyp durmuş. Akmaýa:
«Häý, peläket!» diýip, gargynyp köşegini depenmiş. Şol wagtam köşek
guş bolup asmana uçup gidenmiş. Betpälem gara daşa aýlanyp, doňup
galanmyş.
Ine, şeýdip, bolmaz iş bolanmyş. Ynsan arzuwyna palta urlanmyş.
Akmaýa bozlap, eňräp, guş bolup uçup giden köşegini gözläp, jümlejahany torç edenmiş. Günlerde bir gün ak süýdüni saçyp, asman sary uçup
gidenmiş. Akmaýanyň süýdüniň damjalaryndan ýyldyzlar döränmiş. Gündogardan günorta tarap uzap ýatan ak çaňly ýol akmaýanyň uçup giden
ýolumyş, ak süýdüniň yzymyş. Şondan soň hiç kim akmaýany görmänmiş.
Asmandaky «Akmaýanyň ýoly», ine, şeýdip döränmiş.
Ýyl dawasy
Gadym zamanda haýwanlar üýşüp, ýyly paýlaşmakçy bolupdyrlar.
Emma nädip paýlaşmagyň usulyny bilmändirler. Dawa-jenjel uzaga çekipdir. Her kim ýylyň başy bolasy gelýär. Düýe uzyn boýnuna buýsanyp:
«Menden ulyň, menden boýny uzynyň ýok. Ýyl başy men bolmaly» diýipdir. Muny eşiden ýolbars: «Men haýwanlaryň şasy, ýyl başy hem men
bolmaly» diýip arlapdyr. Onda beýleki haýwanlar: «Ýok, men boljak-da,
men boljak» bolşup gygyryşypdyrlar. Garaz, bularyň başy biriger ýerde
birikmändir.
Gün yzyna gün, aý yzyna aý geçenmiş. Ýyllar geçip, wagt ötüp
barýarmyş. Olar ahyry bir sähetli gün: «Çykyp gelýän Güni ilki kim görse,
şol hem ýyl başy bolmaly» diýip, bir ýere tüýküripdirler.
Her kim ilki Güni görjek, ýyl başy boljak. Depä çykany haýsy, daga
ýarmaşany haýsy. Haýwanlar dym-pytrak bolupdyr. Bir görse, häki öwünen
düýe daga çykyp bilmän, oýurganyp dur diýýär. Bu işiň telekdigine göz
ýetiren düýe gaýtadan haýwanlary bir ýere jemläp, ýerde durup Güni görmeli edipdir. Duranmyşlar Günüň çykjak ýerine garap. Günem wagtynda
çykmaýarmyş. Düýe içinden: «Boýum uzyn, boýnum uzyn. Indi arkaýyn
ýyl başy bolaryn» diýip arkaýyn duranmyş.
Mekirje syçan bolsa, haýwanlaryň aýagynyň aşagynda ikiýana
ylgaýarmyşyn. Şol ylgap ýörşüne ýyl başy bolmagyň aňsatja usulyny ta-
96
Halky kyssalar. Efsanalar
paýypdyr. Syçanjyk düýäniň kellesine münüp, Günüň çykjak ýerine seredip duranmyşyn. Birdenem syçan: «Han-ha Gün, han-ha Gün!» diýip
gygyrypdyr.
Şeýdip, mekirje syçan ýyl başy bolup galyberipdir. Boýny uzyn düýe
bolsa, muňa gahar edip, ýyl paýlaşykdan galypdyr.
Häzir düýäniň syçan hinini görse, üstüne çöküp oýkanýany şondan
galypdyr diýýärler.
Pyşbaga
Husytlyk, göriplik şeýtan bilen ýaran bolup, adama görgi baryny
beripdir. Pyşbaga hem husytlygyň, göripligiň gurbany bolan adam eken.
Eger jadygöý goňşusy bolmadyk bolsa, ol asla pyşbaga öwrüljek däl eken.
Günlerde bir gün ýaňky pyşbaga öwrülmedik adamyň gallasy gutaryp,
aç galanmyş. Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez. Pahyr her
hili zady iýip görüpdir. Hijisem çöregiň ýerini tutmandyr. Ahyry jadygöý
goňşusynyňka baryp, ondan bir okara bugdaý alypdyr. Aldyňmy – bermeli.
Hä diýmän ýaňky adamyň bugdaýy bişipdir. Edil şu ýerde peýläp ýatan
şeýtanyň güni gelenmiş. Ol ýaňkynyň husyt damaryna kakyp goýberenmiş.
Göriplik hem bir ýerden ýetip gelenmiş. «A-how, oňa jadygöýlik hem nan
tapyp berýär. Tüweleme, gallasam anbar-anbar. Kiçijik okara sal-da, ynha,
alan bugdaýym diýip eltip ber» diýip, ikisi iki ýerden maslahat beripdirler.
Ýaňky biçäre uly okarany goýup, kiçijik tabakdaky gallany jadygöý
goňşusyna eltip beripdir. Jadygöý hem zadyna jür eken.
– Goňşy, beýtdigiň näme? Sen geçen gyş gallany uly okarada alypdyň.
Alan gallaňy getir.
– Ýok, men şu tabakda aldym.
Boluberipdirler herrekde-merrek. Şeýtan husytlyk edenden aýrylyp,
jadygöýiň kalbyna aralaşanmyş. «Sen bir jadygöý, edeniň özüňki. «Ylahym, sen pyşbaga öwrülgeýsen, açgöz pälit» diý, bolany. Şeýtseň, indikide
ynsaply bolar» diýip, şeýtan muny hem aldanmyş. Şeýtana aňyny aldyran
jadygöý: «Ylahym, sen pyşbaga öwrülgeýsen, açgöz pälit» diýip-diýmänkä,
gudrat bilen ýaňky adam pyşbaga öwrülenmiş. Iki okara hem etine ýelmeşip
galanmyş.
Pyşbaganyň üstündäki uly okaramyş, astyndaky hem kiçi tabakmyş.
Şondan bärem ol eden işine ökünip, pyşdyllap ýörmüş. Gör, bu bolýan
zatlary. Ýöne, boljak iş bolandan soň, giç gelen akyldan ne peýda?!
**7. Sargyt № 3166
97
Türkmen halk döredijiligi
Şeýtan «eşegi»
Halypa bagşylar: «Dutary Eflatun ýasapdyr» diýip aýdardylar.
Günlerde bir gün Eflatun hat ýazmakdan ýadap, Güne kakap ýatan tut
agajynyň üstünde oturypdyr. Akyldar nirede otursa-da, pikir eder eken.
Tudy eli bilen elläp: «Şundan bir zat ýasap bolmazmyka?!» diýip, içini gepledipdir: Paltadyr teşesini eline alyp, tut agajyny ýonup başlapdyr. Okara
ýaly bir zat ýasap, oňa sap dakypdyr, ýel çykar ýaly deşik edipdir. Kakan
içegäni dakyp, çalyp görüpdir. Ses çykmandyr. Deşiklerini, kirşini barlap,
ýene çalypdyr. Guraldan ses çykmandyr. Lapy keç bolan akyldar: «Nädende
guraldan ses çykarka?» diýip, köp pikir edipdir. Paýhasyny bir ýere jemläp
bilmändir. Çykalga tapman, garanjaklap durka, bir ýerden şeýtan gelip:
− Meniň adymy goşsaň, ýasan guralyňdan ses çykar ýaly edeýin
– diýipdir. Eflatun gysyk däl eken.
– Bolýar – diýipdir. – Seniň adyňy şu guralyň içine goşaýyn.
Şeýtan ýerde ýatan kiçijik çöpi iki bölüp, bir bölegini guralyň kirşiniň
aşagyna goýupdyr-da:
− Hany, indi çal bakaly, ses çykarmyka, çykmazmyka?
– diýipdir.
Eflatun çalypdyr. Guraldan şirin ses çykypdyr. Şeýtan:
− Akyldar, ady näme? – diýip sorapdyr.
− Ýasap durşum, heniz adyny bilemok.
− Goşa tary bar eken. Goý, bu guralyň ady dutar bolsun.
Şeýdip, dutar döredilipdir. Şeýtanyň goýan çöpüne bolsa «şeýtan
eşek”diýip at beripdirler.
Ussa Guşuň minarasy
Gadym zamanda elinden dür dökülýän daş ussasy bar eken. Owadan,
haşamly, Gün bilen çaknyşýan ululy-kiçili minaralary salmakda onuň bilen
bäsleşäýjek ussa tapylmanmyş. Onuň salan minaralaryny görmäge çar tarapdan adam bary Horezme gelip durmuş, gelip durmuş. Her kim owadan
zady görjek, owadan minaralary, köşkleri saldyrjak. Hanlar, şalar Horezme
gelip, ussa hödürläbilen zadyny hödürläp, öz ýurduna äkitjek bolýarmyş.
Ussa «Towşana dogduk depe» diýip, Horezmden çykmanmyş.
Günlerde bir gün Horezm şasy emeldarlaryny çagyryp, matlabyny
orta atanmyş:
98
Halky kyssalar. Efsanalar
− Men garradym, dyzymdan kuwwat, gözümden nur gitdi. Ölmänkäm
gözellikde Gün bilen bäsleşýän bir minara saldyrmak niýetim bar.
Wezir-wekiller, ähli ulamalar şanyň niýetini mübäreklänmişler. Şa-da
ertesi ussany ýanyna çagyryp:
− Ussa, maňa bir minara salyp ber. Boýy, gözelligi Gün bilen
bäsleşsin. Gören haýranda, görmedik armanda bolsun. Harajady menden,
ussatlyk senden. Eger minarany diýşim ýaly edip salsaň, ýeke dikrarym
seniňki – diýipdir.
Şalykda gyt zat barmy?! Sanly günde ussa gerek zatlary tapyp beripdirler. Ussa nakgaşlary, hünärli adamlary ýygnap, minara salmaga
başlapdyr. Şanyň, wezir-wekilleriň, tutuş Horezm halkynyň ünsi ussanyň
salýan minarasyndamyşyn. Şanyň gyzy hem aram-aram minarany görmäge gelýärmişin. Bir güni gyzyň gözi ussa düşenmişin. Ussa hem gyzy
görüp, ikisi aşyk-magşuk bolanmyşyn.
Agyr güzaplardan soň minara bitere gelenmişin. Minarany gören şa
ussanyň ussatlygyna haýran galyp, içinden «Aperin» diýenmişin. Minara
bolsa Günüň şöhlesi bilen çaknyşyp, müň dürli öwsüp duranmyşyn. Şa:
«Ussany sag-aman ibersem, ýene başga ýerde şunuň ýaly minara salar.
Üstesine gyzymy hem alyp gider. Gowusy, muny minaradan düşenden
öldürdeýin» diýip içini gepledenmiş-de, wezir-wekillerini, ulamalaryny
çagyryp, niýetini mälim edenmiş. Olar hem ýene «Aperin» diýipdirler.
Temen haltada ýatmaz. Bu habar gyzyň gulagyna ýeten. Ol hem ussanyň
ýerdäki şägirdine aýdan. Şägirdi ýerde kerpiçleri, gerek-ýarak zatlary
rejeläp ýokary iberýän ekeni. Bu gezek ol bir kerpije şanyň niýetini ýazyp
iberipdir. Ussa-da şägirdine ýelim bilen kagyz ibermegini haýyş edipdir.
Şägirdi ýelim bilen kagyzy ussa ýetiripdir. Ussa kagyzdan ganat ýasap,
gudrat bilen asman sary uçup gidipdir.
Aýdyşlaryna görä, ol şol uçup barşyna Porsudaky Buldumsaz diýen
ýere baryp düşenmiş. Şol ýerde: «Indi boldum saz» diýip aýdanmyş. Häzirki Buldumsaz diýen at şondan galan. Ussa Guş ady şundan soň dakylan.
Ol Buldumsazda dynç alyp, şol uçuşyna Buhara baran. Ol ýerde hem edil
Horezmdäki ýaly owadan minarany salan. Şeýdip, Köneürgençdäki minara
peýda bolan.
99
Türkmen halk döredijiligi
Baba Omaryň ölümi
Gadym eýýamda Baba Omar diýen adam ýaşapdyr. Ol jan alyjy
Ezraýyl bilen dost bolupdyr.
Günlerde bir gün, Ezraýyl Baba Omaryň ýanyna gelip:
− Dünýäde isleýän zatlaryňy menden sora. Haýyşlaryňy ýerine ýetirerin – diýipdir. Onda Omar:
− Wagtym dolup, janymy aljak bolanyňda öňünden maňa habar et.
Dost-ýarlarym, dogan-garyndaşym bilen hoşlaşaýyn. Şu islegimi ýerine
ýetirseň, dost, senden razy bolaryn – diýip aýdypdyr.
Baba Omar wagtyň geçmegi bilen segsen ýedi ýaşap garrapdyr. Bir
gün Ezraýyl gapydan gülüp giripdir:
− Dost, wagtyň ýetdi, amanadyňy tabşyr.
− Ezraýyl, munyň bolmaýar. Sen meniň haýyşymy ýerine ýetirmediň.
Name üçin öňünden habar etmediň?
− Men saňa köp habar etdim. Saç-sakgalyň agardy. Biliňden medet,
dyzyňdan kuwwat gitdi. Indi sandan galdyň, garradyň.
Ezraýyl Omaryň janyny almaga häzirlenipdir. Onda Baba Omar:
– Dost, meni bagyşla, garranymy bilmändirin. Mümkin bolsa, maňa
bir gün puryja ber – diýip ýalbarypdyr. Ezraýyl dostunyň ýüzünden geçip
bilmän, bir günlük rugsat berip gidipdir.
Baba Omar gijesi bilen ýatman, özi ýaly on adam ýasap, olara öz
egin-eşigini geýdiripdir. «Ezraýyl gelse, şularyň biriniň janyny alar. Men
diri galaryn» diýip, Baba Omar gaçyp gidipdir.
Ertesi Ezraýyl Baba Omaryň jaýyna gelip, ony çagyrypdyr. Ýerliýerden «Lepbeý-de, lepbeý» bolşup, on sany «Baba Omar» jogap beripdir. Ezraýyl aljyrap, olaryň haýsynyň janyny aljagyny bilmändir. Ahyr ol
Taňrynyň ýanyna baryp, bolan işleri aýdypdyr. Taňry oňa: «Olar emeli
«Baba Omarlardyr”. Sen ýanyňa Jebraýyly alyp, pylan ýerde onuň gabryny
gazyberiň. Onuň özi baryp şol çukura girer» diýipdir.
Bular Taňrynyň aýdan ýerine baryp, gabyr gazyberipdirler. Baba
Omar hem şol gaçyp barşyna olaryň üstünden barypdyr. Görse, iki sany
adam, biri: «Uzyn bolar», beýlekisi: «Gysga bolar» diýip dawalaşyp durlar.
Baba Omar olaryň näme üçin dawalaşýandygyny bilmek üçin ýanlaryna
baryp salam beripdir. Salamyny alypdyrlar. Olar bir ölen adamyň gabrynyň
uly ýa-da kiçidigini biljek bolýandyklaryny aýdypdyrlar.
100
Halky kyssalar. Efsanalar
Şol wagt Ezraýyl Baba Omary tanapdyr. Emma Omar ony tanamandyr.
Baba Omar olardan ölen adamyň boýunyň nähilidigini sorapdyr. Olar
ol adamyň boýunyň edil onuň özüniňki ýalydygyny aýdyp, çukura girmegini sorapdyrlar. Baba Omar çukura girende, Ezraýyl onuň ýakasyndan tutup,
«Amanadyňy tabşyr» diýip janyny alypdyr.
Baba Omar şeýdip dünýäden ötüpdir.
101
Türkmen halk döredijiligi
ROWAÝATLAR
Göwün gerek
Gadym zamanda Isgender diýen şa gylyjyndan gan damdyryp, dünýäni sarsdyryp, hökümi güýçli hökmünde ile özüni tanadypdyr. Ine, bir gün
ajal onuň kekirdeginden tutupdyr. Sen şa bol, geda bol, garry bol, ýaş bol,
tapawudy ýok. Ajal ýapyşsa, almajak gümany ýok. Isgender peýmanasynyň
dolandygyny duýupdyr. Ol ölüm ýassygynda ýatyrka wezir-wekilleri, ulamalary ýygnap:
− Meniň peýmanym dolup ýör öýdýän. Kän dünýäni aldym, ummasyz
mal-dünýä topladym. Ýygan dünýämiň çägini bilmek isleýän. Men ölenimden soňra elimi serip ýataryn. Meýdimi araba ýükläp, alan ýurtlaryma
aýlaň. Haýsy ýerde elimi ýygnasam, şol ýerde hem jaýlaň. Jaýlanan ýerim
ýygnan mal-dünýämiň, ýurdumyň jemlenen ýeri bolar − diýip wesýet
edipdir.
Şundan köp wagyt geçmankä Isgender ölüpdir. Wezir-wekilleri
Isgenderiň meýdini araba atyp, ýurtma-ýurt aýlap başlapdyrlar. Olar köp
ýurda barypdyrlar, aýlanmadyk obasy, şäheri, dag-düzi galmandyr diýen
ýaly. Isgenderiň alan ýurtlarynyň ählisini aýlanyp bolupdyrlar. Wezir-wekilleri sorap-idäp Isgenderiň alan ýene bir obasynyň bardygyny eşidip, şol
ýerde Isgender elini ýygnar diýen niýet bilen iň soňky oba barypdyrlar.
Bu ýerde hem Isgender elini ýygnamandyr. Lapykeç bolan wezir-wekiller sadylla bolup, Isgenderiň almadyk obalaryna aýlanyp başlapdyrlar.
Şonda-da Isgender elini ýygnamandyr. Bir oba baranda olar şeýle gürrüň
eşidipdirler:
− A-how, adamlar, Isgender näme üçin elini iki ýana serip barýar?
− diýip, bir adam beýleki adamdan sorapdyr. Ol adam:
− Baý, senem-ä, Isgender Isgenderdi-dä. Elini nädende bolman dur.
Ol şu dünýäniň hökümdarydy. Indi o dünýäniň hem hökümdary boljak
bolýar − diýipdir.
Ýaşulularyň biri muňa garşy çykypdyr:
− Isgender şalygy üçin elini serenok, ol nebsine haý diýip bilmän
elini serip barýar. Ol «Köp ýurdy basyp alsam hem elime ilen zat ýok. Men
ýene ýurt basyp aljak» diýýär. Ol bir doýmaz-dolmaz holtum ahyry. Wah,
meýdini maňa berseler, onuň başyna Karunyň gününi saljak-la. Üstüne bir
gysym toprak atsaň, basym elini ýygnar. Adama dünýä-baýlyk gerek däl,
göwün gerek.
102
Halky kyssalar. Rowaýatlar
Şu sözi eşiden wezir-wekiller obadan saýlanandan bir gysym topragy
Isgenderiň ýüzüne sepipdirler. Zalym şa şo bada elini ýygnapdyr. Isgenderi
şol ýerde jaýlapdyrlar diýýärler. Hak bolsun-da. Uruş belasyndan ýaňy
dyndyk.
Abdylla han galasy
Gadym zamanda Merw ilinde Abdylla atly bir patyşa ýaşap geçipdir. Sahylykda, adyllyk bilen ýurt soramakda owaldan ahyra onuň ýaly
patyşany gören-eşiden adam bolmanmyş. Onuň ýurdunda-da, köşgündede hemişe şady-horramlyk höküm sürüpdir. Emma günleriň birinde şanyň
aýaly Güljahanyň kazasy dolupdyr-da, il-güni ýas baglapdyr. Abdylla
patyşa aýalynyň ýylyny berenden soň, halkynyň kethuda ýaşululary, wezirwekilleri ýygnanyp, özüne bir ýanýoldaş almagy oňa maslahat beripdirler.
Patyşa razylyk berip, wezirine akylly-başly aýal gözlemegi tabşyrypdyr.
Wezir ideg-sorag edip, bir çopanda patyşa mynasyp gyz bardygyny bilipdirde, Abdylla patyşa:
− Yzzatly şahym, size mynasyp bir kemally maşgala tapdyk
− diýipdir.
Gyzyň hüý-häsiýetini, boý-syratyny bolşy ýaly aýdyp beripdir.
Abdylla patyşa, weziri üns bilen diňländen soň, ol gyz bilen içgin
gyzyklanypdyr:
− Bu gürrüňini edýän maşgalaň haýsy patyşanyň raýatlygynda − diýip
sorapdyr.
Onda wezir:
− Hut siziň öz raýatlygyňyzda, şahym − diýip, wezir ol gyzyň ýaşaýan
obasyna, öýüne çenli salgy beripdir.
Abdylla patyşa başyny ýaýkap:
− Tüýs maňa gerek maşgala ekeni welin, haýp, öz raýatymdan bolup
çykdy − diýipdir.
Wezir muňa geňirgenip:
− Ýeri, bolanda näme? − diýipdir.
Abdylla patyşanyň ýüzi çytylyp:
− Heý, öz gyzyna öýlenen adamy görüpmidiň, wezirim?
− diýip sorapdyr.
Abdylla patyşadan bu sözi eşiden wezir gorkup, näme diýjegini
bilmän, çalaja başyny ýaýkapdyr. Wepaly weziriniň howpurgap durşuna
dözmän, Abdylla patyşa mylakatly gepläpdir:
103
Türkmen halk döredijiligi
− Görenem dälsiň, eşidenem dälsiň. Biler bolsaň, wezirim, patyşa
diýilýän adam raýatyndaky halkyň atasydyr. Merwdäki ähli gyzlar meniň
perzendimdir. Patyşalar del ýurtdan öýlenmelidir. Ýogsa olarda adyllyk
galmaz − diýipdir.
Bu söz weziriň göwnüne makul bolup, Abdylla patyşany goňşy
ýurtlaryň birinden öýlendirenmiş. Abdylla patyşa bolsa şady-horramlyk
sürmek üçin bir gala galdyrmaga höküm beripdir. Şeýlelikde, Abdylla
hanyň galasy bina edilipdir.
***
Abdylla han galasynyň galyndylary Mary welaýatynyň Baýramaly
etrabynda ýerleşýär.
Sarahs baba
Gadym zamanda Sarahs babanyň atalary hanaýy Käbede ýaşar eken.
Günlerde bir gün ol öz ýurduna gelýär. Şonda ogly Abyl Paýzy Sarahsy:
− Ata, siz nirede bolarsyňyz? − diýip soraýar. Ogly ýene:
− Hanaýy Käbe gowumy, ata? − diýip soraýar.
− Örän gowy, oglum.
− Onda bizem ýanyň bilen äkidermiň?
− Gitseň, äkideris, oglum.
Atasy özi bilen Sarahsy hanaýy Käbä äkidýär. Ol ýerde ony medresä
okuwa berýär. Sarahs zehinli, düşbi oglan eken. Ol medresede oňat okap,
müderris bolýar. Sowatly ýigidi şol ýeriň patyşasy sözýeter edip alýar.
Sarahs gelen adamlaryň arza-şikaýatyny diňläp, olary adyl çözýär.
Bu ýurduň patyşasy gijeleri gezip, näme gep, näme gürrüň barka
diýip, gapy diňlär eken. Bir gije gezmäge gidende bir gümmeziň içinde
oturan adamlaryň: «Biziň patyşamyzyň akyly çaşypdyr öýdýän. Ýurda
näbellini özüne sözýeter edip aldy» diýýänini eşidýär.
Ertesi patyşa köşgüne gelip, tagta çykyp, öz wezir-wekilleri bilen maslahat edip, Sarahsy urup-urup, ýurtdan çykaryp goýberýär.
Wezir-wekilleriň hemaýaty bilen leşgerler Sarahsy bir daş ýurda taşlap
gaýdypdyrlar.
Allanyň gudraty bilen Sarahsyň giden ýurdunda erbet gahatçylyk bolupdyr, guýulardan suw çykmandyr, çeşmeleriň gözi gömlüp,
daragtlar gurapdyr. Mal-gara suwsuzlykdan ölüpdir. Patyşa bolsa
öňküje endigi bilen gijelerine gapy diňläpdir. Indi patyşa şol gapydan:
«Biziň patyşamyzyň akyly çaşypdyr öýdýän. Dana sözýeterini ýurtdan
104
Halky kyssalar. Rowaýatlar
kowup, halky şu güne saldy. Sarahsyň baran ýurdy bag-bakjaly ýurda
öwrülenmiş» diýen sözleri eşidipdir. Halk bir sil bolýar. Patyşany daňan
halk Abyl Paýyz Sarahsynyň ýanyna baryp, ondan ötünç sorapdyr. Sarahs
patyşanyň günäsini geçenmiş. Ol öňki ýurduna gelip, sözýeter bolup
işläberipdir. Şondan soň guýudan suw çykanmyş, çeşmelerden suw akyp,
daragtlar gögerenmiş...
Günde üç
Ibn Sinanyň şägirdi Juzjany bir gün dermanlyk otlardan eşegini
mas ýükläp getirýärkä, ýolda eşeginiň ýüki agdarylypdyr. Ol ötegçileriň
birini saklap:
− Şu dermanlyk otlary hekim Ibn Sina üçin alyp barýan, ýükleşip
goýberseňiz, öz gezeginde hekim hem size zerur halatyňyzda kömek
eder-dä − diýipdir.
Ötegçi ýüki ýükleşip bolansoň:
− Halypaňyza aýdyň: günde üç-üç, hepde-de bir üç, aýda üç we
ýylda üç − diýip gidiberipdir.
Juzjany gelenden soň halypasyna ýolda bolup geçen wakany gürrüň
berip, ondan ötegçiniň aýdanlarynyň manysyny düşündirmegini haýyş
edipdir. Ibn Sina şägirdiniň ýüzüne mylaýymlyk bilen seredipdir-de:
− Ol adam, birinjiden, günde üç wagtyna naharlanýar, wagtyny üçe
bölüp, sekiz sagat işleýär, sekiz sagat dynç alýar, sekiz sagat uklaýar, günde üç gezek ýuwnup ardynýar. Ikinjiden, hepde-de bir gezek hammama
barýar, bir gezek aýalyna ýakynlaşýar. Üçünjiden, aýda üç gezek balyk
iýýär. Dördünjiden, ýylda üç gezek kellebaşaýak iýýär. Şonuň üçin hem
onuň bize işi düşmez − diýipdir.
Üç aý gijä galypsyňyz
Lukman Hekim obada ýaşap, tebipçilik eder eken. Günlerde bir gün
şol obaly bir ýigit bilen bir gyz durmuş gurupdyrlar. Olar birek-birege
wepaly bolup, agzybirlikde eşretli durmuşda ýaşapdyrlar. Aradan dokuz
aý, dokuz gün geçdi diýlende olaryň perzende ýüzleri düşüpdir. Biraz
wagtdan soň olar bir-birine maslahat salypdyrlar.
− Çagamyza nähili terbiýe bererkäk? Ony ulalanda il-ýurda peýdaly
hakyky adam bolar ýaly edip terbiýeläli − diýip, äri aýalyna aýdypdyr.
Aýaly:
105
Türkmen halk döredijiligi
− Rast aýdýaň. Menem şony pikir edip ýördüm. Gowusy, Ibn Sinadan sorap göräýeli-le – diýipdir.
Aýalynyň bu sözlerini äri-de makul bilipdir. Är-aýal çagalaryny göterip, Abu Aly Ibn Sinanyň gaşynda häzir bolupdyrlar. Ibn Sina är-aýaly güler
ýüz bilen garşy alypdyr. Soňra olaryň näme iş bilen gelendiklerini sorapdyr.
− Çagamyzy terbiýelemekde bize maslahat beräýseňiz diýip geldik.
Uly adam bolansoň, il-ýurda peýdasy degýän adam bolsun-da − diýip, äri
aýdypdyr.
− Haçan dünýä indi? − diýip, Ibn Sina sorapdyr.
− Şu gün üç aý boldy − diýip, äriniň ýerine aýaly jogap beripdir.
− Eý-ý, ezizlerim, çaga üç aý mundan öň doguldy diýseňizläň, gijä
galypsyňyz. Çaga dünýä inen gününden ony terbiýelemek barada alada edip
başlamaly. «Aýaly başdan, çagany ýaşdan» diýip, könelerimiz ýöne ýere
aýtmandyrlar ahyry − diýip, Ibn Sina aýdypdyr.
Göroglynyň ölümi
«Göroglynyň ölümi» diýen şahany bagşylar aýtmazlygy äht edipdirler. Magtymguly şahyr Pälwan bagşynyň ata-babasy Goç bagşa ony
aýtdyrypdyr diýýärler. Ol barada şeýle rowaýat edýärler:
Magtymguly Hywada okap ýörkä her gezek obasyna gidende,
obasyndan gelende onuň ýoly Tagtanyň1 üstünden düşüpdir. Her gezek Tagta gelende «Göroglynyň» kyrk şahasyny bilýän Goç bagşynyň öýüne baryp,
oňa dessan aýtdyrar eken. Magtymguly iki ýylyň içinde «Göroglynyň»
otuz dokuz dessanyny diňläpdir. Ýöne, kyrkynjy şaha gezek gelende bagşy
dutaryny gabyna salyp, duldaky halydan asyp goýupdyr. Magtymguly ussada ýalbaryp görüpdir, goşgy okap beripdir, dessany aýtmazlyk günä diýip
görüpdir. Bagşyny yryp bilmändir.
Magtymguly Hywa baryp, Goç bagşynyň «Göroglynyň ölümi»
şahasyny aýtmandygyny, şony eşidesiniň gelýändigini dostlaryna gürrüň
beripdir. Olar hem muňa çäre tapmandyrlar. Ahyry şahyryň özi ýene Tagta
gidipdir.
Şahyr baranda Goç bagşy eline dutaryny alyp hiňlenip otyr eken.
Ol Magtymgulyny görüp begenipdir. Mal öldürip, söwüş edipdir. Obagoňşyny çagyrypdyr. Az salymda agyr märeke üýşüpdir. Magtymguly
«Görogly» hakda dil ýarman, ynsanyň ýaşaýşy, ölümi barada gürrüň edip,
1
Häzirki Görogly etraby.
106
Halky kyssalar. Rowaýatlar
hemme zadyň baky däldigi barada ýazan goşgularyny okap beripdir. Bu
goşgular Goç bagşa täsir edipdir. Ol ýerinden turup Magtymgula «berekella» aýdypdyr, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edipdir. Bagşy eline sazyny
alyp, «Göroglynyň ölümine» başlapdyr. Bagşy dessany uly joşgun bilen
ýerine ýetiripdir. Oturan märekeden ses-seda çykmandyr. Magtymguly hem
pikir-oýa batypdyr. Türkmen halkynyň gerçek oglunyň ölümi adamlary
lerzana getiripdir. Bagşy öl-myžžyk bolup, dutaryň içine gireňkirläpdir.
Dessan gutarypdyr. Şahyr adamlaryň gussa batandyklaryny görüp, olara
göwün göteriji goşgulary okap beripdir. Bir-iki gün myhman bolup, Hywa
okuwa gidipdir.
Goç bagşy «Göroglynyň ölümini» ogly Atanazar bagşa öwredipdir.
Özi şu wakadan soň eline dutar almandyr.
Keýmir kör
gelinlik gözleginde
Keýmir kör her bir işde ogluna maslahat berip durar ýaly, oňa parasatly gelin alyp bermegiň arzuwynda bolupdyr. Şeýle gyzy agtaryp,
serkerdeleriniň biri bilen il içine çykypdyr. Bir gezek bular bir alaňyň
içinde bir topar gyzyň çöpleme çöpläp ýörenini görüpdirler. Bular atlaryny
şolara tarap öwrüpdirler. Edil şol wagt hem öýlänçi gelip, ýagyş ýagmaga başlapdyr. Keýmir dagy bir görseler, ýaňky gyzlaryň hemmesi diýen
ýaly, çöplän çöplemelerine bukulyşyp, özlerini ezdirmän otyrlar diýýär.
Emma olaryň biri çöplemesini pena edinmekden-ä geçen, gaýta, egnindäki
çabydyny çykaryp, odunyň üstüne ýapyp, özi arkaýyn dur diýýär, ezilip.
Muny gören Keýmir ýoldaşyna: «Şol gyz-a bihal bolmaly däl. Ýör,
gürleşip göreli» diýýär-de, şoňa tarap atyny sürüp ugraýar. Gelip:
− Ýeri, jigim, seniň boýdaşlaryň-a özlerini ezdirmejek bolup çöplemelerine penalanýarlar. Sen bolsa, odunyňy çabydyň bilen örtüp, özüňi ýagşa
ezdirip dursuň-la?! − diýýär.
− Agam, bu gyzlar gurply ýeriň çagalary. Öýlerinde başga-da odunlary köp. Çöplemä-de ýöne keýpine gaýdyberdiler. Şonuň üçin olaryň gara
gaýgysy bir özleri. Bizde bolsa şu çöplän çöp-lemämden başga zat ýok.
Onsoň muny ezdirsem, odunsyz galmaly boljak. Öz ezilenim hiç. Öýde
bir garry enem bar. Ol meniň eltjek odunyma göz dikip garaşyp oturandyr.
Çöplemämi gury saklap, öýe baryp-da, ot ýakaryn-da, hem-ä çabydymy gu-
107
Türkmen halk döredijiligi
radaryn, hem özüm ýylanaryn, hemem garry enemi odunly ederin − diýip,
ol Keýmir serdara jogap beripdir.
Keýmir, dogrudan-da, bu gyzyň akyllydygyny aňyp:
− Öýüňize gezelenje dagy baraýsak, garry eneňden başga bizi garşy
aljak ýokmy? − diýip sorapdyr. Gyz hem säginmän:
− Weý, bolman näme, bir ala köpegimiz bardyr welin, şol allaowaradan habaryňy alar − diýip jogap gaýtarypdyr.
Gyzyň dilewarlygyna ymykly göz ýetiren Keýmir kör bolsa olara
barmagy ýüregine düwüp, öýleriniň salgysyny sorapdyr.
Gyz:
− Hataryň gaýra başyndaky kyrk naýzaly öý biziňkidir
− diýipdir.
Keýmir kör öz ýanyndan: «Be, ol nähili kyrk naýzaly bolýarka?»
diýip pikire çümjek ýaly edipdir-de: «Ony hem görenimizden soň bilibiris»
diýipdir. Soňra hem gyz bilen hoşlaşyp, ýoldaşyny yzyna tirkäp, ýoluny
dowan etdiripdir.
Bular beýleki etjek-goýjak işlerini bir ýüzli edip, agşamara hälki
gyzyň obasyna dolanypdyrlar. Onýança bir ala köpek gabyrdap, bularyň
öňünden çykypdyr. Keýmir kör ýoldaşyna:
− Gyzyň garşylar diýen alaköpeg-ä şu bolmaly. Ana, ho duranam
olaryň öýleri. «Kyrk naýzaly» diýmeginiň emmasy hem düşnükli boldy.
Seret, durlukdyr serpiklerine çenli könelip, köp ýeri ýyrtylyp gidipdir-de,
tärim hem uklary açylyşyp, naýza ýaly bolşup durlar.
Şeýdip, bular at başyny şol öýe tarap öwrüpdirler.
Bular baran mahaly gyzyň enesi goňşularyna giden eken. Onsoň
gyz bulary edep bilen garşylap, töre geçmäge mürähet edipdir. Soňra çaý
goýupdyr. Biraz wagt geçensoň, orta saçak ýazyp, bir okara gatyk, iki sany
çemçe goýupdyr.
Keýmir bilen ýoldaşy birbada alybermän, çörek getirilerine garaşyp
oturypdyr. Emma gyz öz işi bilen gumra bolup ýören. Onsoň Keýmir
ýoldaşyna gep atan kişi bolup, gyza kakdyryp:
− Kadaýy kadany bilmez, nirede ösen jan sen?
Bu ýerleriň däbidir-dä, gatykny berdi nansyz! –
diýen.
Gyz hem nämäniň nämedigine bada-bat düşünip, şeýle jogap beripdir:
108
Halky kyssalar. Rowaýatlar
− Bary-ýogy bilmeýen, nirden gelen myhman siz?
Nanymyz bolsa, ýag goýardyk, gatykny berdik nansyz!
Bu jogapdan soň, gyzyň dilewarlykda, pähim-paýhasda hiç kesden
pes oturmajakdygyna göz ýetiren Keýmir onuň görk-görmegini hem içgin
synlap ugraýar. Görse, gyzyň bir gözi çalaja çaşy eken. Onsoň ol oturan
öýlerini synlan kişi bolup, ýene-de ýoldaşyna söz gatan ýaly edýär-de:
− Hä-ä, öý-ä öý eken welin, arman, çagarygy azajyk gyşygrak eken
− diýýär. Gyz bu sözüň hem özüne gönükdirilendigini aňyp:
− Çagarygy gyşygam bolsa, tüssesi örän gowy çykýandyr
− diýýär.
Gyzyň beý diýmesiniň: «Gözi gyşygragam bolsa, akyl-huşy gaty
dürsdür» diýen manyny aňladýanyna bada-bat düşünen Keýmir: «Hakyt
göwheriň üstünden gelen ekenik. Tur, toý şaýyny tutaly» diýip, ýoldaşyny
alyp, derrew obasyna gaýtmak bilen bolupdyr. Şeýdip, ol gyzy öz ogluna
alyp berip, uly toý edipdir.
Magtymguly − halkyň guly
Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady magtym tiresinden
Selim magtym diýen bir adam bilen kyýamatlyk dogan okaşypdyr. Ol
wagtal-wagtal Döwletmämmediň öýüne gelip, bir-küç gün myhmançylykda bolar eken.
Magtymguly Pyragy eneden bolanda, şol Selim magtym diýen adam
Döwletmämmediň öýünde myhmançylykda ekeni. Döwletmämmet ýaňy
bolan çagany Selim magtymyň öňüne berip:
− Şu çaga seniň guluň bolsun! − diýipdir.
Onda Selim magtym:
− Goý, bu çaga halkyň guly bolsun! − diýip aýdypdyr.
Şondan soň ol çaganyň ady kem-kemden Magtymguly bolup gidipdir. Magtymguly özüniň bir goşgusynda atasy Döwletmämmet Azadynyň
Selim magtym atly doganynyň bolandygyny ýatlap geçýär. Şol goşgynyň
iň soňky bendi şeýle:
Pyragy diýr, görseň jahyl wagtymyň,
Säbilik saýasy gara bagtymyň,
Atamyň dogany Selim magtymyň,
Goýsalar, geçerin ýany biläni.
109
Türkmen halk döredijiligi
Guşy gonanda tut
Magtymgulynyň ussahanasy adamsyz bolmaz eken. Kimsi ýüzük,
kimsi göwüsbent, eýer, gamçy oňardar eken.
Bir gün bir gelin Magtymgulynyň ussahanasyna gülýakasyny
gaşlatmaga gelipdir. Magtymguly onuň gülýakasyna gaş oturtmaga
başlapdyr. Ol birden gülýakany goýup, ýanyndaky döwet galamyny alyp,
bir zatlar ýazyp başlapdyr. Bu zatlary synlap oturan gelin:
− Şahyr aga, näme gyssandyňyz? − diýip sorapdyr.
Onda Magtymguly:
− Keýgim, ylham diýilýän zat bir uçup ýören guşdur. Ony gonanda
tutmasaň, uçar gider. Gülýaka bolsa hiç ýere gitmez − diýipdir. Gelin
ondan:
− Şahyr aga, ol nähili guş bolýar? Görünýän zat ýok-la?
− diýip sorapdyr.
Magtymguly heniz syýasy guramadyk kagyzy eline alyp, gelne
«Dilberiň» diýen goşgusyny okap beripdir.
Orup gitdi
Halk arasyndaky bir gürrüňe görä, bir gün şahyr men diýeniň başy
jemlenipdir. Mejlisde şahyrlaryň biri:
− Magtymguly şahyr ähli zat hakynda goşgy goşup, özgelere ýazmaga zat goýmandyr. Biz indi näme hakda ýazarkak? − diýen meseläni
orta atypdyr.
Bu soraga şonda Kemine (başga bir golýazmada Zelili diýilýär)
şeýle jogap beripdir:
− Magtymguly bize ýazmaga zat goýman, söz meýdanynyň oragyny
orup gitdi. Indi bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galdy.
«Söýli halan»
Köne zamanda gökleň tiresinde Gara bagşy diýen ökde sazanda
ýaşap ötüpdir. Gara bagşy degişgen, däljiremegi gowy görýän adam
eken. Onuň barýan ýeri ala-ýaz bolar eken. Ili gülüşdirip, içini gyrar
eken. Il Garanyň dälişge häsiýetini hasaba alyp, onuň adynyň yzyna
«Däli» lakamyny dakypdyr. «Görogluda» Harmandäli, gökleňde Gara
däli. Tapawudy, Gara erkek däli» diýip ýörer eken. Soň-soňlar ilat Gara
däliniň ýerligini hasaba alyp, «Gökleň» lakamyny hem goşupdyr. Şeýdip,
110
Halky kyssalar. Rowaýatlar
Garanyň ady Garadäligökleň bolupdyr. Bu at türkmenleriň arasynda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi II - 08
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi II - 01
    Total number of words is 3854
    Total number of unique words is 1574
    37.1 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    58.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 02
    Total number of words is 3868
    Total number of unique words is 1651
    36.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 03
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1576
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    59.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 04
    Total number of words is 3982
    Total number of unique words is 1310
    40.7 of words are in the 2000 most common words
    53.7 of words are in the 5000 most common words
    61.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 05
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1516
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 1610
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.9 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 07
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 1943
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 08
    Total number of words is 3924
    Total number of unique words is 1846
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 09
    Total number of words is 4060
    Total number of unique words is 1692
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 10
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1869
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 11
    Total number of words is 3798
    Total number of unique words is 1893
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 12
    Total number of words is 3901
    Total number of unique words is 1844
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 13
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1894
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 14
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1745
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 15
    Total number of words is 3815
    Total number of unique words is 1785
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 16
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1678
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 17
    Total number of words is 3900
    Total number of unique words is 1795
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 18
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1645
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi II - 19
    Total number of words is 2228
    Total number of unique words is 735
    20.3 of words are in the 2000 most common words
    31.2 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.