Latin

Türkmen halk döredijiligi - 12

Total number of words is 3398
Total number of unique words is 1936
27.2 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
uly topary (“Kyrk müňler”) çozanda, Öwez Hüňkäre ýesir düşende we ş.m.)
aljyramaýar-da, “Melul muhannes işidir” diýip ,özüne göwünlik berýär. Täsirli
sözler tapyp diňe özüniň däl, kyrk ýigidiniň hem ruhuny galdyrýar.
Görogly halk adamcy. Ol her bir meseläni halk bilen, galyberse-de
Agaýunus, 40 ýigidi bilen maslahatlaşyp çözýär. Halkyň aladasyny edýär.
Görogluda türkmeniň pespällik, göwnükiçilik, sadalyk, sabyr-kanagatlyk,
rehimdarlyk ýaly asyl häsiýetleri jemlenýär.Gujur-gaýratyň eýesi bolsa-da,
ynsanperwerligi elden bermeýär. Mert bolup aman soranyň günäsini geçýär.
Utulanyny bilse, Göroglynyň özi duşmandan aman soramagy kiçilik bilmeýär:
Armanlyja Görogludyr
Arap gardaş aman-aman—
diýýär.
Umuman, Göroglynyň obrazynda dürli öwüşginlilik bar.Myhmansöýerlik,
atşynaslyk, şahandazlyk, mylaýymlyk, gelin-gyzlara hormat, ulyny sylamak,
kiçini söýmek, aýdym-saza ezberlik onuň häsiýetini bezeýär
Eposda Göroglynyň obrazy onuň kyrk ýigidiniň hereketi bilen aýrylmaz
baglanyşykda berilýär. Şonuň üçin eposyň gahrymanlary häsiýetlendirilende,
kyrklaryň hereketleri, olaryň obrazlary barada gürrüň etmezlik mümkin däl.
Kyrklar barada gürrüň etmek, bir tarapdan, olaryň eposda tutýan ornuny,
özboluşly häsiýetini ýüze çykarmaga kömek etse, ikinji tarapdan, eseriň baş
gahrymany Göroglynyň obrazyny has aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Olar Göroglynyň kakasy Agybege hem hyzmat edipdirler.
Göroglynyň ogullygy Öweziň, ýigitleri - Handan batyryň, Taýmaz begiň,
Ärhasanyň, Sapar Märemiň, Seýtek Gyrmanyň obrazlary hem Watany söýýän
adamlar hökmünde görkezilýär. Eposda Göroglynyň kyrk ýigidiniň ýurdy, ilgüni goramak, howply ýagdaýlardan çykalga gözlemek ýaly belent maksatly
hereketleri yzygiderli beýan edilýär. Olaryň her bir hereketiniň aňyrsynda
Watany, il-güni goramak maksady ýatyr.
Göroglynyň kyrk ýigidiniň eposyň köp şahalarynda gatnaşýandygyna
garamazdan, olaryň hemmesiniň obrazyna gutarnykly işlenilen bitewi obraz
hökmünde garamak bolmaz. Seýle-de bolsa, olaryň üýtgeşik häsiýetleri boýunça
biri- birinden tapawutlanýandygy ussatlyk bilen görkezilýär.
Handan batyr dogumly, edenli, gaýduwsyz adam. Taýmaz beg, Öwez we
Ärhasan dagy hemme ýerde Göroglynyň ýakyn ýarany, batyr, edermen,
parasatly hem-de tutanýerli adam hökmünde suratlandyrylýar. Olar hemişe il136
ulusyň sarpasyny saklamak, ýurdy duşmandan goramak ugrunda göreş alyp
barýarlar.
Däli Mätel, Bedrüstem dagy özleriniň häsiýeti boýunça dälişgeräk, sada
we ynanjaň adamlardyr. Käýerde işiň soňuny saýgarman hereket etmeklik,
olaryň-da käbir ýalňyşlyga sezewar bolmagyna eltýär. Seýle bolmagyna
garamazdan, olar hem ýeri gelende, Göroglyny goldaýarlar. Sapar kösekyrklaryň ýaşulusy.Ol Göroglynyň geňeşdary, wäşi hem degişgen adam. Eposyň
şahalarynyň köpüsinde diýen ýaly hereket edýär.
Köp ýerlerde özleriniň ýaramaz häsiýetleri bilen çykyş edýän Weli
Hyrtman, Hajy Sumsar dagy otrisatel gahrymanlardyr. “Göroglynyň döreýşi”,
“Öweziň halas edilişi”, “Bezirgen” şahalarynda olaryň masgaraçylykly
hereketleri ýüze çykýar. Olaryň başa iş düşen wagtlarynda, jygba-jygly ýerlerde
ölüm howpundan ýa kynçylykdan gorkup, wyždanlaryny aýak astynda
depeleýändikleri görkezilýär.
Şonuň üçin olar ýalançylykda, ýaranjaňlykda, dowulçylykda, hilegärlikde,
gorkaklykda hem ikiýüzlilikde aýyplanylýar. Şeýle häsiýetleri üçin Ärhasan
olary ýigrenýär:
Muhannesler, gulak salyň bu söze,
Ýüzi gara, namart diýerler size.
Eposyň ilki başlarynda husyt adamlaryň biri hökmünde Genjimiň
üstünden gülünýär. Soňky şahalarynda basybalyjy şalaryň, han- begleriň wekili
hökmünde Hüňkär, Reýhan Arap, Ýusup, Leke şa ýaly ýigrenji obrazlar
görkezilýär. “Şalaryň-şasy’ hasaplanylýan Hüňkär soltan ähli ýurtlary özüne
bakna etmegiň ýollaryny agtarýar. Ýygy-ýygydan çozuşlar edýär.
Emma Reýhan Arabyň obrazy başga bir häsiýeti bilenem Hüňkärden
tapawutlanýar. Reýhan Arap bar ünsüni, ähli wagtyny diňe öz keýpi-sapasy üçin
sarp edýär. Eposda şeýle diýilýär:
“Reýhan Arabyň pişesi: üç aýlap bagşy aýtdyryp, surnaý çaldyryp, nagra
urdurup, masgarabaz oýnadyp, saz-söhbet gurup, bezimde bolýar. Onsoň
garnyny doýrup, üç aýlap uklaýar”.
Eposyň “Harmandäli” şahasynda Aşyk Aýdyň piriň obrazy oňat edilip
berilýär. Onuň obrazynda türkmen halkynyň milli häsiýetlerine mahsus
aýratynlyklar jemlenipdir. Onuň geçirimliligi, adamkärçiligi, açyk göwünliligi,
danalygy, öňdengörüjiligi, pespälligi obrazy has-da gözelleşdirýär.
Aşyk Aýdyň Daşoguzda aýdym-sazyň piri hasaplanylýar. Aýdym-sazda
bäsleşmek üçin ilki Aşyk Aýdyňdan pata alynýar. Görogly Harmandäliniň
çakylygyna gitjek bolanda, Agaýunusyň oňa: “Görogly, ozal-a nesihatymy al,
gitme. Gitseň-de, Şähribossanda Aşyk Aýdyň pir bardyr. Şonuň hyzmatyna
baryp, bir aý, kyrk gün hyzmatynda bolup,haýyr-patasyny alyp, onsoň barsaň,
abraý taparsyň” diýýär.
137
Aşyk Aýdyň pir-taryhy şahs. Ahlakly, asylly, hudaýhon adam bolan. Ol
sözde- sazda Harmandälini ýeňip, oňa öýlenmek hukugyna eýe bolsa-da,
Kereme bagş edýär. Aşyk Aýdyň piriň ýoly- sabyrlylyk, halallyk, pespällik.
Aşyk Aýdyň pir özüniň sopylaryny-da aýdym-sazda synagdan geçirip,
onsoň pata berýär. Edep-ekram,adamkärçilik babatda nesihat edýär.
Eposda erkek adamlardan bolan beýleki gahrymanlar-da (Yspyhanly
Galandar, gürjüstanly Bezirgen, kürdüstanly Mustapa beg) häsiýetleri,
hereketleri boýunça biri- birinden tapawutlanýar.
Şeýlelikde,”Görogly” eposyndaky gahrymanlar özleriniň häsiýeti,alyp
barýan işleri boýunça biri-birinden has tapawutly edilip görkezilýär we olaryň
maksatlary okyjylaryň aňynda uzak wagtlap saklanylýar.
“Görogly” eposynda aýal-gyzlaryň obrazy
“Görogly” eposynda aýal-gyzlar meselesine aýratyn üns berilýär. Eserde
aýal-gyzlara uly orun berilmegi geçmişde jemgyýetiň dürli ugurlarynda olaryň
uly hyzmatynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Şonuň üçinem olaryň obrazyny
ýörite temada öwrenmek maksada laýyk bilindi.
Eposda öz eliň, öz islegiň boýunça gurlan maşgala durmuşynyň zorluk
esasynda gurlan durmuşdan tapawutlanýandygy baradaky mesele okyjynyň
ünsüni özüne çekýär. Dogry, eserdäki söýgi özüniň başlanyşy jähetden birnäçe
halatda ertekiçilik däbini ýadyňa salýar. Biri-birini düýşünde görmegiň
netijesinde ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi sahypasy açylýar.
Şeýle söýginiň ýüze çykmagyna sebäp bolýan esasy zat hem gözellik,
gaýduwsyzlyk, saza hem söze ökde bolmak, pähim-parasat ýaly oňat
sypatlardyr. Şu zatlar hem ýigit bilen gyzyň biri-birine gowuşmagynda, olaryň
arasyndaky söýginiň berkemeginde uly ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý esasan hem
Görogly bilen Agaýunusyň, Ärhasan bilen Gulaýymyň arasayndaky söýginiň
esasynda aýdyň duýulýar.Ylaýta-da, Görogly bilen Agaýunusyň arasyndaky
aragatnaşyk her bir jähetden çuň hem yzygiderli berlipdir.
Jahan şanyň gyzy Agaýunus özüniň häsiýeti boýunça at üstünde gezýän,
eline ýarag alyp, duşmana garşy göreşýän aýal-gyzlardan däl. Bu häsiýet başga
birnäçe aýal-gyzlaryň üsti bilen (Gülaýym, Aýsoltan, we ş.m.) görkezilendigine
görä, Agaýunusyň obrazy arkaly adamkärçiligiň başga taraplaryna üns berilýär.
Eposda görkezilişine görä, ol özüniň perizatlygyndan, gözelliginden
daşgary, pähim-parasatly,mähriban, tutanýerli we wepaly aýaldyr. Ol erkin
ýaşaýşy, parahat durmuşy söýýär,bütin ömrüniň dowamynda erkinligi gorap
saklamak ugrunda göreşýär.
Agaýunusyň Görogla bolan näzik duýguşy, onuň pähim-paýhasy eposda
göwnejaý suratlandyrylýandygy üçin okyja-da güýçli täsir edýär. Ol özüniň
138
ýakymly häsiýeti bilen hemme ýerde söýgüsine wepalylygyň, kyrk ýigide
adamkärçiligiň, Öweze hem enelik mähriniň ajaýyp nusgasyny görkezýär.
Agaýunus Göroglynyň gylyk-häsiýetini, ruhy keşbini oňat öwrenendigi
üçin, ýüzüne sereden badyna, onuň göwnündäki pikirini we niýetini tiz duýýar,
hemme ýerde onuň ýakyn ýarany, syr alyp-syr berişýän ýoldaşy hökmünde
hereket edýär.Göroglynyň at-abraý hem-de söweşlerde ýeňiş gazanmagynda
onuň uly hyzmaty bar. Agaýunusyň berýän maslahatlary iş ýüzünde gowy netije
görkezýändigi üçin är-aýalyň arasyndaky söýgi hem gitdigiçe berkişýär.
Görogly özüniň ýaşaýan ýurduna göwni ýetse-de, guwansa-da,
perzentsizligi üçin kemsinmän durup bilmeýär. Ol:”Ýurdum duşdy welin, haýyp
bagtsyz boldum” diýip, perzentsizlige bagtsyzlyk hökmünde garaýar:
Il-ulusym Çandybildir,
Giň ýaýlagy gyzyl güldür,
Görogly zürýatsyz guldur,
Ykbalym-bagtym bolmady.
Emma Görogly perzent meselesinde Agaýunusyň göwnüne birjik-de
degmeýär, gaýtam köp ýerde oňa göwünlik berýär. Görogly Agaýunus bilen
mylakatly ýaşap, her bir işi maslahatlaşyp, onuň hormatyny saklaýan hem bolsa,
käwagtlar onuň maslahatyny äsgermezlige salýar. Şeýle ýagdaýda Göroglynyň
ýüzüni ýuwýan zat, öz ýalňyşyny mertlerçe boýun almagydyr. Goýberen hatasy
üçin Agaýunusdan ötünç soraýar.Agaýunus hem bagyşlamagy başarýan zenan
obrazlarynyň biridir.
Agaýunus ogullygy Öweze hakyky ene hökmünde garaýar, ony
öýlendirmegiň aladysyna çykýar.Agaýunusyň ýaşululara, däp-dessura hormatyda uly.Beýhuş edilip getirilen Gülruh, oýananda şerap dileýär. Şonda
Agaýunus:”Gülruh jan, gyz halky, gelin halky gaýyn atasynyň, gaýyn enesiniň
ýanynda geplemezek bolýandyr. Hudaýtagalanyň ýazan takdyryna boýun bolan
ýagşydyr.Ýyglamak aýyp bolar” diýýär. Munuň özi musulmançylyga mahsus
häsiýetdir.
Görogly galada ýok wagty,duşman çozanda (“Serwijan”şahasy),
Agaýunus
kyrk ýigide maslahat-görkezme berip, asudalygy goraýar.
Duýgurlygy hem öňdengörüjiligi bilen Göroglyny duşmandan (“Arap Reýhan”
şahasy) halas edýär.
Agaýunus örän geçirimli zenan. Görogly onuň diýenini etmän ýalnyşýar.
(“Kempir”şahasy), emma ol şonda Görogluny bagyşlap, ýene maslahat berýär.
Agaýunus mylakatly, hyzmatly gelin. Göroglyny ak pata berip ugradýar.
Gelende bolsa güler ýüz bilen garşylaýar. Onuň şunuň ýaly ynsanperwer
häsiýetleri Göroglyny ruhlandyryp durýar.
“Görogly” eposynda aýal-gyzlar meselesine göz aýlanymyzda, olaryň
Görogla we onuň ýigitlerine söýgi, mähir hem hormat bildirýändigini görmek
bolýar. Olar hanyň,begiň, şanyň, soltanyň ýa-da baýyň gyzydygyna
139
garamazdan, öz islegleri boýunça durmuş gurmagyň tarapynda durýarlar. Bu
mesele babatynda Arzyrum ýurdunyň patyşasynyň gyzy Gülaýymyň obrazy
aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Gülaýym pälwan zenan. Gylyjy bir uranda pili iki bölüp ýa-da ýeke özi
uly goşuny yzyna gaýtaryp bilýär. Gülaýym aşylly maksat ugrunda hiç zatdan
gorkmaýan, adalatsyzlyga garşy gaýduwsyz göreşýän batyr, edermen gyzlaryň
obrazyny ýadyňa salýar. Okyjy Gülaýymyň
şekilinde tutanýerliligiň,
wepalylygyň ajaýyp göreldesini görýär. Gülaýymyň at münüp, ok atyşyna,
howply ýerlerde aljyraman hereket edişine guwanýar. Bu ýagdaý, esasan-da
Gülaýymyň öz atasynyň adalatsyz niýetine garşy edýän hereketleriniň üsti bilen
(“Gülaýym we Ärhasan”şahasy) berilýär.
Hasan şa gyzy Gülaýymyň Ärhasan bilen söýüşmegine, onuň bilen
Çandybile gaýtmagyna garşy çykýar. Ol Ärhasanyň öldürilmegini, gyzynyň
hem yzyna gaýtarylmagyny goşun serkerdeleriniň öňünde wezipe edip goýýar.
Şu ýagdaý sebäpli ýolda ganly söweş başlanýar. Gülaýymyň hak iş üçin
görkezen gaýduwsyzlygy, söýgülisine wepalylygy, esasan şu ýerde ýüze çykýar.
Öz söýýän ýigidiniň agyr ýaralanmagy-da gujurly gyzyň gaýduwsyzlygyny
gowşatmaýar.
Gülaýym:”Men Ärhasanyň aryny atamdan ýa alaryn, ýa-da şonuň ýolunda
ölerin” diýen maksat esasynda hereket edýär. Atasynyň dogry garşysyna baryp:
Niçe heder etdim, asyl bolmady,
Geliň, indi söweşseňiz meň bilendiýip, ýyldyrym çaltlygynda duşman ortasyna aralaşyp, gaýduwsyzlygyň
nusgasyny görkezýär. Iň soňunda Göroglynyň kömege ýetişmegi bilen duşman
ýygyny derbi-dagyn edilýär.
Gülaýymyň öz atasyna garşy şeýle çykyş etmegini türkmen aýalgyzlarynyň geçmişdäki esasy häsiýeti diýip bellemek bolmaz. Şeýle-de bolsa,
halkyň arzuw-islegini bildirmek maksady bilen,wakany şu röwüşde
görkezmeklik hak işiň ýeňmegine bolan ynamy artdyrmakda ähmiýeti uludyr.
Harmandäli eposyň esasy gahrymanlarynyň biri. Ol Rum welaýatynyň
hany Arslan baýyň ýeke-täk perzendi. Güýçli pälwan hem bagşy. Ol aýdyşan
bagşysyndan ýeňilse, göreşen pälwanyndan ýykylsa, genji-hazynasy bilen şoňa
barjakmyş diýip jar çekdirýär.Hiç kim oňa gudaçylyga baryp bilmeýär.
Harmandäli Göroglyny ýaryşa çagyrýar. Emma Görogly ýaryşyp,ondan
ýeňilýär. Harmandäli onuň mertligine guwanyp öldürmeýär. Harmandäliniň
batyrgaýlygy,söweşjeňligi, edermenligi eposyň okyjylaryny özüne çekýär.
Leke patyşanyň gyzy Gülruhyň, Bezirgeniň uýasy Aýsoltanyň obrazlaryda özboluşlydyr. Gülruh çendenaşa güýçli bolupdyr.Ol Göroglyny uzak ýere
zyňmagy başarýar.Görogly ony ogullygy Öweze gelinlik üçin jadygöý kempiri
ýeňip, ýedi gat derwezeden geçip alyp gaýdýar. Gülruh maşgalasyna wepaly,
adamkärçilikli zenan.
140
Aýsoltan Bezirgeniň uýasy. Agasy Bezirgeni öldüren Görogludan
ilkibaşda ar almakçy bolýar. Emma soňra Göroglynyň puşman edýänini bilip,
onuň günäsini ötýär. Ol edermen, ygrarly zenanlaryň biri.
Bibijan Arap Reýhanyň ýeke gyzy. Lälik ösen maşgala .Ol 9 köýnek
geýýär, 20 günläp hem ýatýar. Görogly ony ýeňňesi Gülendamyň deregine alyp
gaýdyp, agasy Genjime berýär. Bibijan paýhasly, batyr gyz.
Serwijan Hüňkär patyşanyň gyzy. Ol Öweze aşyk bolýar. Soňra kyrk
ýigidiň biri Mireme durmuşa çykýar. Ol edermen hem batyr gyz. Kakasynyň
adalatsyzlygyny paş edýär.
Gülşirin Göroglynyň kyýamatlyk uýasy. Ol mydama Agaýunusyň
ýanynda bolýar. Gülşirin Göroglynyň duşmanyň eline düşendigini düýşünde
görýär. (“Tebli batyr”şahasy) we onuň gözlegine çykyp tapýar. Gülşirin
Görogla hem Agaýunusa wepaly zenan.
Gülendam Göroglynyň ýeňňesi hökmünde, ýaşajyk Röwşene ene
hökmünde seredýär. Göroglynyň halk gahrymany bolup ýetişmeginde
Gülendamyň hyzmaty uly. Ol ynsanperwer hem paýhasly zenan.
Umuman alnanda, eposdaky aýal-gyzlaryň obrazlarynyň terbiýeçilik
ähmiýeti uly.
“Görogly” eposynda däp-dessurlar.
Eserde ulanylan çeperçilik serişdeleri
“Görogly” eposy türkmeniň milli häsiýetine, däp-dessuryna baý eserdir.
Milli däp-dessurlar eposda ussatlyk bilen suratlandyrylýar.
Eposda halk bilen maslahatlaşyp çaga at dakmak däbi “Göroglynyň
döreýşi”şahasynda şeýle beýan edilýär: “Jygalybeg jar çekdirip, Çandybiliň äh li
halkyny ýygnap, janly soýduryp, gaýnatma asdyryp, çanak-çanak nahar
çekdirip, oturan agyr märekä maslahat saldy:
-Aý, halaýyklar, men Adybegiň yzy binyşan galdy diýip, näumyt bolup,
gynanyp ýördüm, bu gün bolsa Hudaýym maňa bu çagany Adybeg oglumdan
nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-iliniň gerçek goç ýigit ogly bolsun. Bu çaga
siz at goýuň-diýdi.”
Eseriň şu şahasynda türkmeniň myhmansöýerligi-de görkezilýär:
…Hüňkär patyşanyň zulmundan gaçyp, Üçgümmez dagynda gizlenen
Jygalybegiň ýekeje sygyrdan başga hiç zady ýokdy.Dag jülgesinde gezip ýören
Görogly kyrk galandara duşýar.Olar taňry myhmany bolmak isleýär. Görogly
galandarlaryň islegini atasyna aýdanda, Jygalybeg:
141
-Oglum, taňry myhmany gelip, işigimizden gaýdan ýeri ýokdur. Bar äkel,
alajy bolar- diýenden soň, Görogly bu galandarlary öýlerine getirýär we ýekeje
sygryny soýup, olara hyzmat edýär.
Türkmen özüniň milli häsiýeti boýunça giň göwrümli, parasatly, sabyrly,
watansöýüji, ruhubelent hem gaýduwsyzdyr. Kyn, çylşyrymly ýagdaýlardan baş
alyp çykmagy başarýar.
Eposda Jygalybegiň obrazy, onuň peýdaly maslahatlary türkmen
ýaşulusynyň obrazyny ýadyňa salýar. Jygalybegiň Hüňkär tarapyndan kowga
sezewar bolan pursadynda, onuň agtygyna (Görogla) berýän maslahatlary
adamyň inçe duýgusyna täsir edýär.
Telim “kowha-kowlugy”,”gaçha-gaçlygy” başdan geçiren Jygalybeg
duşmanyň kowup gelýändigine garamazdan, özüni örän parahat alyp barýar.
Ähli kynçylykdan parasatlylyk bilen baş alyp çykýar: “Aý, oglum, şeýle gaçhagaç, kowha-kow wagtynda hiç howsala düşmek gerek däldir, sowuk ganly
bolup, ýüregiňi ýerinde saklamak gerekdir. Seniň münüp oturan malyň hem
seniň bilen ýürekdeş ahyry. Haçan sen howsala düşüp, uýluklaryňy sandyradyp
gowşadaňda, uýan tutuşyňy ýitireňde, ol janawerem seniň gorka düseniňi aňyp,
toýnak kakyşyny ýitirýär. Sen özüňi ýitirme, oglum!
Ýüregiňi ýerinde berk sakla, yzyňa köp garama. Malyňy gaty gyssama-da,
arkaýynlyk bilen sür, oglum!”- diýip, agtygyna maslahat berýär. Kowgy edýän
duşmanyň münen atlarynyň gylyk-häsiýeti, syr-sypaty bilen baglanyşykda,
olardan gutulmagyň ýollaryny öwredýär.
At-türkmeniň ýoldaşy. Aty söýmek türkmeniň däbi. “Ir tur-da ataňy gör,
ataňdan soň atyňy” nakylyna uýsak, onda türkmen atyny atasynyň yzýanyndaky
orunda goýýar ahyryn. Eposda Gyratyň obrazy okyjynyň ünsüni
çekýär.Göroglynyň Gyraty ýel ýaly ýuwrük, guş kimin uçujy, pil dek güýçli,
adam dek huşly, dost-duşmany saýgarmaga ukyply, aşyk-magşuk dek wepaly.
Görogly Gyrat bilen alty aýlyk ýoly alty günde geçýär.Gyrat kämahal adam
ornunda iş bitirýär. Öňünden geleni gapýar, yzyndan geleni depýär.
Göroglynyň başyna agyr iş düşende, gözünden ýaş dökýär. Öýdäkileri ýagdaý
bilen habarly edýär.
Türkmen aç-açanlygy, ygrarlygy, dogry pikiri däbine siňdirýär. Şunuň
bilen birlikde, namartlygy, ýalançylygy-da ýigrenen halk. Türkmeniň şu däpleri
“Görogly” eposynda açylyp görkezilýär .
Göroglynyň bar ýerinde her kim öz pikirini, islegini çekinmän aýdýar.
Kyrk ýigidiň arasyndaky edilmeli işler gorky esasynda ýola goýulmaýar.
Hemme zat sylag, hormat esasynda, birek-birege hyzmatdaşlyk esasynda
çözülýär. Ýaraňjaňlyk, gorkaklyk ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetler ýazgarylýar.
Mertlige, akyl-parasada uly hormat goýulýar. Toý-meýlis, saz-söhbet söýülýär.
Görogly köpçüligi söýen adam. Eposda ýönekeý halk köpçüligi
Göroglynyň ýakyn hossary edilip görkezilýär. Görogly hemme ýerde olara
duýgudaşlyk bilen garaýar. Göroglynyň köpçülik tarapyndan söýülmeginiň,
142
hormat goýumagynyň düýp sebäbem şundadyr. Göroglynyň ýurduň namysy
üçin janyny aýamazlygy, halka wepalylygy, gaýduwsyzlygy türkmeni
guwandyrypdyr hem-de buýsandyrypdyr.
Türkmen öz taryhynda goňşy halklar bilen dostlukda, agzybirlikde ýaşan
halk. Onuň Öwez ogluna, Hasan ogluna, Taýmaz begine özge halklardan gelin
alyp bermegi, Bezirgen, Mustapa kürt bilen dogan okaşmagy, Gürjüstanly
Saňsar baba bilen ataly-ogul bolmagy… ýaly ençeme deliller munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Türkmeniň baş däbi-watansöýüjilik. Watany goramakda ýarag ulanmagy
başaran halk. Görogly hem ata-baba däbine eýerip, ok-ýaýdan başga-da, gylyç,
naýza, şeşmir ýaly ýaraglardan peýdalanýar. Eposda top, tüpeň, sapança ýaly
ýaraglaryň atlary-da tutulýar. Emma bu ýaraglar orta asyrlarda bolmandyr.
Bular eposa has soňky döwürlerde girizilipdir.
Eposda türkmeniň her bir meselede geňeşmek, maslahat bermek, nika
gyýlanda iki tarapyň hem razylygyny almak, 40 gije-gündiz toý tutmak, aýalgyzlara hormat goýmak hem-de olaryň maslahatyny almak, ýalnyşyňa düşünip,
toba etmek, gelin-gyzlary şaý- sepler bilen bezemek ýaly däp-dessurlar hem
beýanyny tapýar.
“Görogly” eposy gyzykly okalýan eser. Epos şowhunly çeper dili,
adamlardaky gülküli häsiýetler bilen tapawutlanýar.”Göroglynyň ölümi”
şahasyndan başgasynda Görogly we onuň ýigitleriniň şatlygyny, meýlisini,
degişmelerini görmek bolýar.
Eposyň dili çeper. Çeper dil, umuman çeperçilik serişdeleri wakany,
gahrymanlaryň içki dünýäsindäki duýgyny açyp görkezmekde uly ähmiýete
eýedir. Çeperçilik serişdeleri faktlaryň aňyrsyndaky manyny ýüze çykarmakda,
aýry-aýry obrazlary döretmekde esasy çeşmedir.
“Görogly” eposynda gülki, degişme kän ulanylýar. Ýöne olar esasan iki
maksat üçin ulanylýar:
Birinjiden, Görogly bilen kyrk ýigidiň özara şowhunlylygyny, ýoldaşlyk
degişmesini görkezmek üçin.
Ikinjiden, şalaryň, han-begleriň bolgusyz sypatlarynyň, masgaraçylykly
taraplarynyň üstünden gülmek üçin.
“Görogly” eposynda aýry-aýry gahrymanlar dil aýratynlyklary taýyndan
tapawutlanýar. Emma Göroglynyň dili welin hemme taraplaýyn ösdürilen. Ol
adamlaryň hersiniň häsiýetine görä söz tapýar. Towly gepleşýän ýerlerem bar.
Görogly gepe-söze ökdeligi bilen päli bozuk adamlara-da göz görkezýär.
Azgynlary pälinden gaýtarýar. Pälinden gaýdan adama-da adamkärçilikli jogap
berýär.
“Görogly”eposynyň gahrymanlary, esasan-da Görogly gahar- gazabyň,
ýaňsa-degişmäniň nirede ulanylmalydygyny bilýär. “Tagsyr”, “patyşahym”,
“ur-öldür” ýaly sözleri ulanyp, özüni olara ýakyn adam ýaly görkezýär. Onuň
käbir ýaňsylamasynda bolsa kakdyrylyp aýdylýan gülki bar. Hüňkär patyşa
143
ondan düýrme gylyjyny, Leke patyşanyň gyzy Gülruhy soranda, Görogly:
“Päheý, dileg diýeniň şümi” diýip ýaňsylaýar.
Zeýnel kempir (Hüňkäriňki), Zulman kempir (Nişapurdan)- bularyň
ikisem Göroglynyň ýurduna iberilen içaly. Olaryň gepleýişleri-de,
haýýarlyklary-da biri-birinden tapawutly. Kempirleriň
gepleýişleri (dil
aýratynlygy)
häsiýetlerini
açýar,
ahlak
aýratynlygyny
görkezýär.
Häsiýetlerindäki ýaramaz gylyklar gepleýiş dillerinde hem görünýär.
Çeperçilik serişdelerinden suratlandyrmalaryň ulanylýan ýerlerem az däl.
Olar esasanam tebigaty, adam keşplerini suratlandyrmakda ulanylýar. Eposda
ulaltma, kiçeltme, meňzetme, deňeşdirme ýaly çeperçilik serişdelerem ýerlikli
peýdalanylýar. 80 goýnuň derisinden içmegiň, 40 goýnuň derisinden-de telpegiň
bolmagy ulaltmadyr.
Göroglynyň Agaýunusy almaga gidende, perizadyň ýolunda ýatan
ajdarhany gylyjy bilen bir uranda iki bölüp taşlamagy, alty aýlyk ýoly alty
günde geçmegi-de hyýaly
ulaltmadyr. Eposda şunuň ýaly ulaltmalaryň
getirilýän ýerleri başga-da köp. Wakany gyzykly beýan etmekde ulaltmalaryň
peýdasy uly.
“Agzy dagyň gowagy”, “Murty kürräň guýrugy” ýaly deňeşdirmeleriň
ulanylmagy ýa-da burnuň susaga, gözüň guýa, kellesiniň tamdyra meňzedilmegi
göwrüminiň ululygyny, äpetdigini, eýmençdigini görkezmekde peýdaly.
Eposda adamyň daşky sypaty barada getirilýän käbir deňeşdirmedir
meňzetme onuň içki dünýäsini açýan serişde hökmünde ulanylýar. Eseriň
“Kempir” şahasynda şeýle diýilýär: …Görogly kempiriň daşky sypatyny görüp
tisgindi. Asyl tisginmezçe-de däldi: onuň agzy opurylan ojak kimin,burnuna
etip ýatan eňegi kürek kimin, saçlary çaman gyr baýtalyň ýaly kimin, gözleri
bulançak suw kimin, alkymynyň aşagyndaky damarlary dadyranyň köki kimin,
ýüzüniň ýygyrtlary demirçiniň körügi kimin bolup, iki eplenip ýatan kempir
düýşüňde görünse ýüregiňi ýarjakdy.
Aýal-gyzlaryň syratyny, owadanlygyny suratlandyrmakda ertekiçilik
däbi-de ulanylýar. Aýal-gyzlaryň ýüzleriniň aý ýaly, alkymlarynyň aşagynyň
kyrkçilläniň gary ýaly edilip görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Eposda “Gazma düşersiň, ýakma bişersiň”, “Il oňlasa atyňy soý”, “Müň
gaýgy bir iş bitirmez”,”Azaşan yzyny tapsa ýagşy” ýaly nakyllardyr atalar
sözem getirilýär. Çeperçilik serişdeleriniň ulanylmagynyň eposyň gyzykly
okalmagyna ýetirýän täsiri uly.
Türkmen dessanlary
Halk döredijiliginiň kyssa toparynda dessanlar uly meşhurlyga eýedir.
Dessan – halk döredijiligine we klassyky edebiýata mahsus bolan şygyr bilen
kyssa garyşykly ýazylan edebi eserdir. Dessanyň manysy giň. Batyrlyga,
gahrymançylyga bagyşlanan uly folklor
eserlerine-de, ýagny eposa hem
144
dessan diýilýär. Ýöne welin dessan köplenç söýgi, social-durmuş temasyndan
bolýar.
Eposlar ýaly, dessanlar hem türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň bir
bölegi bolup, geçmişimiziň, anyk medeni durmuşymyzyň, taryhy
ýagdaýlarymyzyň käbir sahypasyny açmaga, edebiýatymyzyň taryhynyň üstüni
belli bir derejede doldurmaga kömek berýär. Türkmen dessanlary sýu žetleri,
obrazlary, çeperçilik aýratynlyklary boýunça Gündogar halklarynyň medeni
durmuşynda esasy orunlaryň birini eýeleýär .
Türkmen klassyky edebiýatda dessan
žanrynyň
özüne mahsus däbi hem aýratynlygy bar. Edebiýatdaky dessanlar esasan
ertekiler, rowaýatlardyr legendalar (efsannalar) esasynda döredilen eserl erdir.
Olaryň ençemesiniň sýužeti arap-pars halklarynyň folkloryndaky sýužetler bilen
hem baglanyşyklydyr.
Dessanlarda köken-köken bolup Oguz handan gelýän ruhy ahwalat bar.
“Zöhre-Tahyr”, “Şasenem-Garyp”, “Asly-Kerem” dessanlary aýry-aýry zatlar
ýaly. Emma olaryň arasynda bitewilik ýatyr.
Dessanlar milliligi bilen tapawutlanýar.Olarda türkmeniň däp-dessury
berilýär. Hatda Gündogar halklaryndan geçen sýužetlere-de milli häsiýet
siňdirilipdir.
Dessanlar türkmen ruhy ýitmez ýaly edilip döredilipdir.Owunjak detallar
bilen hem türkmen dünýäsi açylýar. Olaryň ählisinde diýen ýaly bedew, bag şy
sungaty görkezilýär. Keteni dokalyşy, aşyk oýnalyşy berilýär.
Türkmen dessanlarynyň özboluşly kompozision gurluşy,çeper dili hem
sazlaşykly stili bar.
Dessanlaryň sýužeti giň hem dartgynly.Oňa ençeme gahryman gatnaşýar.
Gahrymanlaryň obrazlary-da aýyl-saýyl edilip görkezilýär.Şeýle hem olarda
sýužetiniň esasy mazmunyny doldurýan wakalar dürli-dürlüdir. Bu bolsa
dessanlaryň çeperçilik aýratynlygynyň bir tarapydyr.Şu jähetden dessany roman
bilen-de deňeşdirip boljak. Sebäbi bu zatlar oňa romanlyk häsiýetini hem
berýär.
Dessanlaryň diliniň, stiliniň, sýužetiniň meňzeş bolmagynyň ýene-de bir
sebäbi, olaryň dessançylyk däbine eýerilip döredilenligidir. Ýöne welin
dessanlardaky wakalaryň başlanyşynyň, gutaryşynyň meňzeşligi, taýar
hereketler,
obrazlaryň
beýan
edilişiniň
birülňüligi-ony
romandan
tapawutlandyrýar.
Alym A. Kekilowyň “Mollanepes” monografiýasynda kesgitlenişi ýaly,
dessanlaryň köp ýyllaryň dowamynda däp bolup giden birnäçe aýratynlygy bar:
1.Türkmen dessanynyň köpüsi diýen ýaly erteki esasynda döredilipdir.
Şonuň üçin hem olar hyýaly ertekilere meňzeş.
2.Beýan edilişinde kyssa bilen şygyr gezekleşdirilip getirilýär. Kyssa
bilen şygyr halk diline ýakyn.
145
3.Dessanlaryň kompozision gurluşy, gahrymanlaryň suratlandyrylyşy,
häsiýetlendirilişi biri- birine ýakyn.
4.Gahrymanlaryň obrazlary, hereketleri wakalaryň içinde ösmän, taýýar
şekilde berilýär.
5.Dessanlardaky wakalaryň başlanyşy, gutaryşy birmeňzeş.
6.Dessanda wakalaryň soňunda adalat dabalandyrylýar we ş.m.
Dessanlar wagt, döwür, ykdysady, syýasy şertler bilen baglanyşykda
özgerdilip durulýar. Dessan döredijiler öz pikirini, arzuw-islegini-öňe sürmek
isleýän ideýasyny beýan etmäge laýyk sýužetleri saýlap alýarlar. Şu
nukdaýnazardan seredeniňde,”Görogly” eposyndan soňky döwürde köp sanly
dessan döredi.
Halky eserleriň ählisinde bolşy ýaly,dessanlar hem başda kim-de bolsa bir
adam tarapyndan döredilýär.Wagtyň geçmegi bilen eseri döredijiniň
unudylandygy halk dessanlarynda äşgär görünýär.Çünki, olarda ýazuwly
edebiýatyň alamaty duýulýar.
Dessanlaryň köpüsinde diýen ýaly bada-bat hyýaly ertekiler göz öňünde
janlanýar. Dessanda teswirlenýän hyýaly seýil baglary, gahrymanyň düýşünde
alys meňzildäki peri gyza aşyk bolmagy, kynçylygy ýeňip, oňa ýetmegi,
aždarhalar bilen söweşmek, emel bilen ölüp-direlmek, ot ýaly gyzaryp görünýän
şäher, bitirip bolmaýan üç şert… hemişelik ulanylyp gelnen epizodlardyr.
Dessanlarda gelin-gyzlaryň suratlandyrylyşynda-da tapawut bar.Olar
badam gabakly, uz ýörüşli, gara gözli, galam gaşly, pisse dahan, şirin zyban,
alma ýaňak, uzyn boýly edilip görkezilýär. Dessanlaryň merkezinde uly
mesele-gowy hem peýdaly zatlar durýar. Şunuň bilen birlikde, gowy zatlaryň
erbetlikler bilen çaknyşygy berilýär. Her hili kynçylyga garamazdan, adalat
ýeňýär.
Dessanlaryň şowly hem gyzykly çykmagynda folklory döredijileriň
ruhubelentligi uly rol oýnaýar. Olar agyr we ejirli durmuşda ýaşandyklaryna
garamazdan, dessanlarda göwnüçökgünligi görkezmeýär.
Dessanlar kyssa bilen şygryň gezekleşdirilip ýazylmagy bilen, olaryň
kyssa böleginde sýužeti suratlandyrylsa, şygyrlarynda gahrymanlaryň duýgydüşünjesi täsirli,şahyrana açylyp görkezilýär.
Dessanlaryň kyssa böleginiň baglaýyşdyryjylyk roly Gündogarşynas
alymlary has irki döwürden gyzyklandyrýar. W.M.Žirmunskiniň we H. T.
Zarifowyň “Özbek halk gahrymançylyk eposy”(Uzbekskiý narodnyý
geroiçeskiý epos –Moskwa, 1947g.) kitabynda, ertekilerde kyssanyň esasy orny
tutup, şygyrlaryň kyssanyň işine goşmaça bolup durýandygy nygtalyp,
dessanlarda welin şygyrlaryň esasydygy, kyssanyň baglaýjy hökmünde
ulanylýandygy aýdylýar.
Alymlaryň “Özbek halk gahrymançylyk eposy” işinde dessançylyk
däbiniň aýry-aýry häsiýetli taraplary açylyp görkezilýär. Bu kitapda türkmen
dessanlary barada-da pikir ýöredilýär. Hususan-da, XV1 asyrdan başlap,
146
türkmen we özbek edebiýatynda kyssa žanrynyň esli orun tutandygy bellenilýär.
Olaryň pikirine görä, biziň dessan sýužetlerimiz, şol döwürden berk ornaşýar
we öz aslyny pars çeşmelerinden alyp gaýdýar.
Gündogarşynas Ýe.E. Bertelsiň “Türkmen halkynyň edebi geçmişi”
(“Literaturnaýa istoriýa turkmenskogo naroda, Aşgabat, 1967g.) işinde
dessançylyk däbiniň gadymylygy, Rüstem hakyndaky rowaýatlaryň irki
döwürlerden bäri türkmenlere hem mälim bolup, olaryň biziň edebiýatymyzda
hem yz galdyrandygy nygtalýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 13
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.