Latin

Türkmen halk döredijiligi - 14

Total number of words is 3510
Total number of unique words is 1895
28.9 of words are in the 2000 most common words
40.7 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Atly diýen han Halapşirwanyň soltanydy. Onuň gyzyna Aýperi diýýärdiler.
Garyp Halapşirwana gizlinlikde gelýar. Gijesine haýatlaryň düýbünde
ýatyp-turup, gündizine şäherde ýüzi nikaply gezýär. Ol Atly soltanyň “Seýil”
diýen bagyna barýar. Aýperi şol ýerde Garyby görýär we onuň bilen
gürrüňleşýär. Olar gürrüňleşip durkalar, şemal turup, Garybyň ýüzündäki
nikabyň bir tarapyny göterýär. Aýperi we onuň 40 kenizi Garybyň ýüzüni
görüp, beýhuş bolup ýykylýar.
157
Garyp ol ýerden gaçyp, şäherde bir kempiriň öýünde bolýar. Kempir Atly
soltanyň gözleginden goramak üçin Garybyň egnine sylha, başyna garyn
geýdirýär, ýüzüne-de gara-gura çalýar.
Şondan soň Garyby şäherde gördüm-bildim diýen bolmaýar.
“Baýsenem – Garyp”
Dessanyň
şu nusgasynyň “Baýsenem-Garyp” bölümindäki waka-da
Halapşirwanda bolýar.Garyp, kempir bilen maslahatlaşyp Babanyýaz harazçyda
talaban durýar. Gündizine harazda işleýär, gijesine Babanyýaz harazçynyň
öýünde bolýar.Ol öňküsi ýaly, kellesine garyn geýip, ýüzüne gara-gura çalyp,
gizlenip ýaşaýar.
Şäherde ýaşaýan Gully diýen adam Babanyýaz harazçy bilen dostdy. Bir
gün Gully aýaly Jahan, gyzy Baýsenem dagy bilen Babanyýaz harazçylara
gezmäge gelýär. Gully, haçan-da,öýüne gaýtjak bolanda, gyzy Baýsenem:
“Gumry enemiň ýanynda boljak” diýip, Babanyýaz harazçylarda galýar.
Garyp harazdan gelensoň, kellesindäki garny sypyryp, gara-guralary-da
ýuwup aýyrýar-da, otagyna girip oturýar. Ol dynç alyp otyrka, oňa birdenkä
Baýsenemiň gözi düşýär-de, özünden gidip ýykylýar.
Şu wakadan soň, Garyp Babanyýaz harazçynyň öýünden gitmeli bolýar.
“Handan gyz”
Bölümdäki waka Maňgyşlakda (türkmenleriň gadymyýetde Gazagystanda
ýaşan ýeri.) başlanyp, Halapşirwanda hem gutarýar. Maňgyşlykda Oraş atly
garyp adamyň Handan diýen owadan gyzy bolan. Oraş Gozgan baýa talaban
durýar. Gozgan baý özüniň Çoran atly kemakyl ogluna Handan gyzy alyp
bermekçi bolýar.
Handan gyz göwnemeýär we hile guramaly bolýar. Ol Gozgan baýlara:
“Men razy, ýöne toýa taýýarlyk üçin kyrk gün puryja beriň” diýip aýtdyrýar.
Şondan soň Oraş garybyň maşgalasy özara maslahat geçirýär. Maslahatda
Handan gyz kakasyna, ejesine: “Siz Balkan dagyna tarap gidersiňiz . Men
bolsam, Halapşirwana tarap giderin. Eger Gozgan baý biziň gaçanymyzy bilip,
siziň yzyňyzdan ýetse, meni tapmasyn. Siz oňa –gyzymyz biri bilen gaçypdyr –
diýip aýdarsyňyz” diýýär.
Handan gyzyň bu aýdanyna kakasy, ejesi razy bolýar.Şeýlelikde, bir gije
hiç kime duýdurman, gara öýlerini durşy bilen goýup, Oraş maşgalasy bilen
Balkan dagyna tarap, Handan gyzyň ýeke özi erkek lybasynda Halapşirwana
tarap gaçýar. Ol şol ýerde Şasenemiň gözlegine çykýar.
158
“Uzuk gyz”(“Uz peri”)
Bölümdäki waka Uzboýuň (Sarygamyşdan Hazar deňzine çenli uzalyp
gidýän köne derýanyň akan ýeri) kenarynda hem-de Diýarbekir şäherinde bolup
geçýär.Atsyz soltan Uzboýuň kenaryndaky il-ulusa soltanlyk edýär. Onuň Uzuk
diýen gyzy bolan. Uzuk kemala gelensoň, Atly soltan Uzboýuň kenarynda
soltanlyk eden ýerlerini gyzyna bagyşlaýar-da, özi başga şäherde köşk gurduryp
ýaşaberýär.
Uzuk Uzboýuň kenaryndaky köşgünde bolýar. Günlerde bir güň Uzuk gyz
erkek lybasyna girip, özüniň kyrk kenizi bilen awa-şikara çykýar. Aw awlap
ýörkä,Garyba gabat gelýär. Uzuk gyz Garyby tanamaýar. Garyp nama aýdyp:
“Men aşyk, adyma hem Garyp diýýärler. Sasenem atly bir gyz meniň ýarymdyr.
Oňa beren wadam ýene ýedi günden dolýar. Şondan bärde barmasam, Şawelet
Şasenemi alýar” diýýär.
Uzuk gyz adamlary ýygnap, Garyba saz çaldyrýar, dessan aýtdyrýar. Ol
şondan soň Garyby ýola salýar.
Dessanyň
şu
nusgasynyň
ýedi bölümindäki wakalara esasy
gahrymanlardan Garyp, Şasenem, Akja, Şaapbas dagy gatnaşýar. Şeýlelikde,
bölümler mazmun taýdan özara birleşýär we bitewi bir uly dessany emele
getirýär.
“Şasenem – Garyp” dessanynda obrazlar
ulgamy
Dessanyň many-mazmun ugry hereket edýän esasy gahrymanlaryň üsti
bilen kesgitlenilýär. Eserde gahrymanlar iki topara bölünýär. Bir tarapdan,
Garyp we Şasenem, Hasan wezir we onuň aýaly Abadan, Gülnahal (Akja),
Ezberhoja we olara ýakyn adamlar hereket edýärler. Ikinji tarapdan, Şaapbas we
onuň hyzmatkärleri hereket edýärler.
Dessanyň baş gahrymanlarynyň biri Garypdyr.Ol salyhatly,
mylaýym, öz söýgülisine berlen adam. Maşgalasyny söýýär we onuň
mertebesini hemişe belent tutýar.
Garyp ugurtapyjy, bir sözli. Onuň obrazynda ýokary ahlak sypatlary
jemlenilipdir. Onda ýönekeý türkmen ýigidiniň häsiýeti görünýär. Garyp zalym
Şaapbasyň berýän jebir-sütemini egni bilen çekmeli bolýar. Şaapbas ata-baba
däbini unudyp, Garyby adagly gyzyna öýlenmekden mahrum edýär.
Garyp zähmetsöýer adam. Ol ejesi we aýal dogany bilen şäherden çykyp,
başga bir ýere baran gününden zähmet bilen meşgullanýar, Ilkibaşda alty
ýyllap çopançylyk edýär. Söýgi hyjuwy ony bu kärden aýyrýar.Soň-soňlar ol
159
çem gelen işde işleýär. Bir görseň bagbanyň kömekçisi, bir görseňem
degirmençiniň,atbakaryň kömekçisi. Garyp hiç wagt baýlyga, häkimlige
kowalaşmaýar. Ol çyn aşyk, diňe söýgülisi Şaseneme gowuşmadyň arzuwynda
bolup gezýär.
Hasan wezir-Garybyň atasy. Ol dogruçyl hem hakykatçy adam. Muňa
Hasan weziriň öz maşgalasyna, ylaýta-da ogluna bolan garaýşy şaýatlyk edýär
Ölüminiň öňüsyrasynda, ol ogluny ýanyna çagyryp: “Eý, oglum, men bu
dünýäden gidýärin.”Atam meni öýlendirmedi” diýip, menden närazy bolmagyl.
Seni patyşamyzyň gyzyna adaglap, ondan ähtnama alandyryn. Men ölsem-de,
patyşa saňa gyzyny berer, özüne giýew hem wezir ediner. Sen hiç gam
çekmegil”-diýýär.
Diýmek, Şaapbasyň weziri Hasan ölmezinden öň, oglunyň geljekki
ykbaly barada aladalanypdyr. Şeýle atalyk alada ýönekeý adam üçin mahsus
zatdyr.
Saapbasyň hut öz gyzy Şaseneme bolan garaýşyny göz öňüne getirsek,
onda düýbünden başgaça ýagdaýy görýäris. Sasenem köp ýyllap söýgüniň
hasratyny çekýär. Emma muňa Şaapbasyň birjik-de rehimi inmeýär.
Şasenemiň obrazynda türkmen gyzlaryna mahsus bolan durnuklylyk,
sypaýylyk, wepadarlyk, geljege umytlylyk ýaly sypatlar bar. Ol iň agyr
ýagdaýlardanam baş alyp çykýar. Onuň obrazynda şeýle häsiýetleriň
bolmagynyň terbiýeçilik ähmiýeti uly.
Şasenem hemmetarapdan Garyba mynasyp. Garyba bolan söýgüsi ony
ruhlandyrýar. Öz söýgülisine degişli meselelerde, ol gorkman, batyrgaýlyk
bilen çykyş edýär. Hatda, atasynyň gazaby-da ony gorkuzyp bilmeýär. Ol
Garyby birnäçe gezek öz köşgünde gizläp, ony ölümden halas edýär. Öz
ykbalyny özi çözýär.
Şasenem Garybyň hatyrasy üçin öz janyny we namysyny howp astynda-da
goýýar. Ol köşgüni taşlap, Garyp bilen daglara, çöllere gidýär. Şasenemiň
adamkärçilikli aragatnaşygy beýleki adamlar bilenem şeýle.
Ýöne welin Şasenem patyşanyň gyzy bolsa-da, erksiz hem kemsidilen ejiz
maşgaladyr. Ata-enesi oňa hukuksyz adam ýaly garaýar. Atasy oňa owadan
köşk salyp berýär. Emma köşkde Garyby-da, beýleki adamlary-da kabul etmek
Şaseneme gadagan edilýär.
Dogry, kämahal Şasenemde ýaýdaňjaňlyk, gowşaklyk ýaly häsiýetlerem
görünýär. Şasenem goşun serkerdesi Şawelete zorluk bilen durmuşa çykaryljak
bolnanda, onuň garşylygy örän gowşak gelýär.
Dessanda Gülnahalyň (Akjanyň) obrazy-da özüne çekijidir. Gülnahal
hökümdar toparlar tarapyndan ata-enesinden,söýgülisinden aýra salnan, zor
bilen haremhanalara getirilen gelin-gyzlaryň biridir. Şeýle gelin-gyzlaryň
täleýini görkezýän obrazdyr. Ol Ezberhojany söýýär. Gülnahalda söýgä,dosta
wepadarlyk, tutanýerlilik, salyhatlylyk, batyrgaýlyk, ugurtapyjylyk ýaly gowy
gylyk-häsiýetler bar.
160
“Şasenem-Garypda” Garybyň ejesi Abadanyň obrazynyň üsti bilen şa
zulmuna sezewar bolan,kemsidilen aýallaryň keç ykbaly görkezilýär. Dessanda
Babanyýaz harazmanyň, Garybyň eneligi bolan kempir, goja bagban, çopançoluklar we başgalar halk wekilleri hökmünde suratlandyrylýar. Olar aşyk magşuklara duýgudaşlyk bildirýärler. Emma Ezberhojanyň obrazynda welin şol
döwrüň söwdagärlerine mahsus bolan položitel hem otrisatel sypatlar beýan
edilýär.
Şaapbas we onuň hyzmatkärleri özleriniň wagtyny şady-horramlyk, aw
awlamak bilen geçirýärler. Il-halk hakynda hiç hili alada etmeýärler. Olaryň
arasynda esasy orny Şaapbasyň özi eýeleýär. Onda gylyk-häsiýetleriň ähli
otrisatel taraplary jemlenilýär. Ol haka, nähaka bakman, diňe özüniň
peýdasyny, keýp-sapasyny, şan-şöhratyny bilýän, ähdiýalan,zalym şalaryň
wekili.
Şaapbasyň häsiýeti gowşak. Hereketinde hiç hili özbaşdaklyk ýok. Onuň
ýönekeý meseleleri-de özbaşdak çözmäge ukyby bolmaýr.Şaapbas özüniň dälde, başgalaryň pikiri bilen hereket edýär.
Şaapbas sözünden, ähtinden dänmegi hiç zatça görmeýär. Muny dessanyň
başynda has-da aýdyň görmek bolýar. Onuň: “Şalara gedaýlar bilen garyndaş
bolmak bolmaz” diýip, aýdan sözi öz weziri bilen eden ähtini bozmagyna, öňki
dostlugyny ýatdan çykarmagyna sebäp bolýar. Ol ýaramaz häsiýetli Taýmazyň
teklibi bilen Ezberhojanyň aýaly Gülnahaly(Akjany) ogurlamak ýaly bet işe
gatnaşýar. Emma Akjanyň erkini özüne tabyn edip bilmeýär.
Şaapbasyň bozuk pällidigini subut edýan ýene-de bir mysala ýüzlenip
göreliň. Günlerde bir gün aw awlap ýörkä, ol halys ýadap, Mansur baýyň
howzunyň başynda saklanýar. Sol ýerde Mansur baýyň gyzyna birden gözi
düşüp, oňa aşyk bolýar. Şeýle hem Şaapbas başga bir wagt aw-şikarda gezip
ýörkä, bir daglyk ýerde öz gyzy Şaseneme gözi düşýär we onuň görk-görmegine
haýran galyp, özünden gidip ýykylýar.
Dessanda Şawelediň obrazynyň üsti bilen ýaraňjanlyk ýaly ýaramaz
gylyk-häsiýetler paş edilýär. Ol ýaraňjanlyk bilen wezipä, ýokary derejä
ymtylýan adamlaryň hilinden. Onuň ähli hereketi “Zöhre-Tahyr” dessanyndaky
Garaçomaga çalymdaş.
Dessanda Babahan şatyryň ikiýüzlülik, kezzaplyk, aldawçylyk,
ahlaksyzlyk, hilegärlik ýaly sypatlary görkezilýär. Onuň obrazynyň üsti bilen
ýaramaz gylyk- häsiýetli adamlar paş edilýär.
Dessanda ertekiçilik däpleri oňat duýulýar. Şunuň bilen birlikde, eserde
gahrymanlaryň obrazlarynyň birülňülik (standart) häsiýetde berlendigini-de
bellemegimiz gerek.
Ýöne welin dessanda gahrymanlaryň obrazlarynyň üsti bilen wakalar
köplenç dogruçyl görkezilýär. Bu bolsa dessanyň halkylyk, millilik gymmatyny
artdyrýar.
161
“Saỳatly-Hemra” dessany
Türkmen dessanlarynda köpaỳallylyk meselesine seỳrek duş gelinỳär.
Emma “Saỳatly-Hemra” dessanynda welin gahryman ozal öỳlenendigine
garamazdan, aỳalynyň üstüne ikinji bir aỳaly alỳar.
Dessan Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň Kawkazda, Eýranyň
günbatarynda höküm süren döwürlerindäki wakalara esaslanylyp döredilipdir.
Dessanyň gahrymanlary - türkmenler. Eserdäki beỳan edilỳän däpdessurlar, tebigy hadysalar, gahrymanlaryň häsiỳetindäki aỳratynlyklar gös-göni
türkmenlere degişli. Ýöne welin käbir kowumdaş halklarda hem (azerbaỳjan,
özbek) dessanyň nusgalary bar. Şeỳle bolsa-da, eser türkmenleriň arasynda
kemala gelýär. Dessan bir wagtlar Kawkaz territoriỳasynda ỳaşan seljuk
türkmenleriniň rowaỳatlary esasynda ỳüze çykypdyr.
“Saýatly-Hemra” dessanynyň kompozision gurluşy ýönekeý bolup, onda
wakalar gyzykly edilip görkezilýär. Dessanda esasan söýgi, mertlik, namartlyk
meselesi gozgalýar. Dessan yslam dininden soňra döräpdir. Şonuň üçinem onda
köpaỳallylyk meselesi açyk görkezilýar.
Dessanyň esasy sỳužeti perzent diläp, Allatagala ỳalbarmakdan, çaganyň
dünỳä inmeginden, ony terbiỳeläp ỳetişdirmekden, iň soňunda öỳleniş toỳunyň
tutulmagyndan, öỳlenen ỳigidiň başga bir şa gyzyna gaỳybana aşyk
bolmagyndan ybarat.
Aỳally gahrymanyň, ỳagny Hemranyň başga bir şazada-Saỳathana
gaỳybana aşyk bolmagy, gyzyň yzyndan gitmegi, ol ỳerde onuň bilen bolmagy,
soňra Hemranyň Saỳathany alyp, yzyna gaỳtmagy we ilkinji aỳaly Selbinyỳaz
bilen duşuşmagy, işiň şowly tamamlanmagy - esasy tema syrykdyrylan ikinji
sýužetdir. Şu iki sany sỳužete ỳene-de birnäçe wakalar goşulỳar. Şol wakalaryň
hem düỳbünden özbaşdak häsiỳetleri bar. Ýöne welin şol wakalar dessanyň
mazmunyny has-da çuňlaşdyrỳar.
Geliň, dessana goşmaça girizilen wakalaryň käbirine – berzeňňiler
tarapyndan gahrymanlaryň ỳesir alynmagy baradaky waka garap göreliň.
Dessandaky bu wakadan mälim bolşy ỳaly, gahrymanlar Gyzylalma şäherinden
Häzirbeýjana (Azerbaýjana) öwrülip gelỳärkäler, berzeňňileriň eline ỳesir
düşỳär. Olar Hemrany iỳmekligi, Saỳathany bolsa öz ygtyỳarlaryna alyp,
hyzmatkär edinmegi ỳüreklerine düwỳärler. Emma jellat Hemranyň tanşy,
ỳagny Selbinyỳazyň Hemranyň yzyndan iberen adamsy bolup çykỳar. Onuň ady
Nyýazdy. Ol hem Hemranyň yzyndan barỳarka, ỳolda berzeňňileriň eline ỳesir
düşỳär. Berzeňňiler onuň ỳoldaşlaryny iỳip, diňe özüni jellat hökmünde
galdyrỳarlar. Nyýaz bu sapar berzeňňilere ỳüzlenip: “Muny bakmasak, bu örän
hor eken” diỳip, Hemrany ölümden halas edỳär. Soňra Saỳathanyň kömegi bilen
berzeňňileriň kyrkysam öldürilỳär we gahrymanlar Häzirbeýjana tarap ỳola
rowana bolỳarlar.
162
Dessana goşmaça girizilen bu wakadan görnüşi ỳaly, Saỳathanyň
dogumlylygy, kyn ỳagdaỳlardaky ugurtapyjylygy görkezilỳär.
Dessan halk arasynda örän ỳörgünli. Ondaky goşgularyň köpüsi halk
aỳdymlaryna öwrüldi. Dessanda sazyň güỳjüne uly ähmiỳet berilỳär. Onda
ynsan we tebigat gözelligi-de wasp edilỳär.
Indi dessandaky obrazlar ulgamyna garap geçeliň. Türkmen
dessanlarynyň ählisinde-de gelin-gyzlar barada aỳdylỳar. Emma “SaỳatlyHemrada” welin gelin-gyzlaryň obrazyna aỳratyn orun berilỳär.
Selbinyỳazyň obrazy. Selbinyỳaz Aşyk Mahmydyň ýekeje gyzy. Ol
mylaỳym, görmegeỳ, öz söỳgüsine wepaly gyz. Hemra ilkinji aỳaly Selbinyỳazy
goỳup, başga bir şa gyzynyň yzyndan gidỳär. Selbinyỳaz gara geỳnip,
Hemranyň yzyndan ugraỳar we ony ỳolundan gaỳtarmaga çalyşỳar.
Selbinyỳazyň gözỳaşy, ỳalbarmasy Hemra hiç hili täsir etmeỳär.
Dessanda Selbinyỳazyň kemsidilýändigi görkezilse-de, onuň wepalylygy,
çydamlylygy, adamkärçiligi has belentde durýar. Selbinyỳaz Hemrany
Gyzylalma şäherine gitmekden saklap bilmän, yzyna gaýdýar. Ýolda Hemranyň
atasy Aşyk Ahmet öňünden çykanda, Selbinyýaz zar-zar aglap, Hemradan
aýrylanyny beýan edende, şeýle diýýär:
Selbinyýaz diýr,gitmenem,
Mülki-malymny satmanam,
Ýar sözüni unutmanam,
Men Hemrahymdan aýryldym.
Selbinyýazyň “Mülki-malymny satmanam” diýmegi adam ahlagynyň
ýokary derejesidir. Türkmen gyzyna mahsus bolan häsiýetdir. Ol söýgülisi
Hemra garaşýar. Yzyndan adam iberip, onuň aladasyny edýär.
Hemranyň obrazy. Onuň dilewarlyk, şelaỳynlyk, aỳdym-saza ezberlik
ýaly häsiýetleri bar. Şunuň bilen birlikde, läliklik, durnuksyzlyk, aldawçylyk,
gorkaklyk, gabanjaňlyk ỳaly oňaỳsyz häsiỳetlerem oňa mahsus.
Dessanda ol örän çekinjeň häsiỳetde hem görkezilỳär. Saỳathan näme
buỳursa, maslahat berse, Hemra şony hem edip ỳör. Mahlasy, ol Saỳathanyň
erkinde. Hatda söweş meỳdanynda-da ony Saỳathanyň özi goldaỳar.
Saỳathanyň obrazy. Onuň öz ykbalyňy özüň kesgitlemek ugrunda
çalyşmak, dogumlylyk, söweşjeňlik, ugurtapyjylyk, namysjaňlyk, mertlik ỳaly
häsiỳetleri bar.
Geliň, Saỳathanyň obrazyna degişli käbir mysala ỳüzlenip göreliň.
Saỳathan söỳgüniň hatyrasy üçin ähli zatdan geçip, Hemra bilen gelỳärkä, ỳolda
atasynyň yzlaryndan iberen kowgusyna duçar bolỳar. Kowup gelỳän goşuna
gözi düşenden, Hemra gorkup, gaçmagy, gizlenmegi Saỳathana maslahat
berỳär:
Yzymyzdan kowgy ỳetip tutarlar,
Ikimiziň golumyzy çatarlar,
Meni öldürerler, seni satarlar,
163
Gaçyşaly, han Saỳadym, ne diỳr Sen!diỳip ỳüzlenende, Saỳathan:
Ganym gelse, ỳüz döndermän duraly,
Mert bolup, meỳdanda söweş guraly,
Takdyr, kysmat herne bolsa göreli,
Çapyşaly, beg Hemrahym ne diỳr sen!diỳip, duşmanlar bilen ỳüzbe-ỳüz durup, mertlik-gaỳratlylyk görkezỳär.
Dessanlarda batyrlyk, gahrymançylyk wasp edilýär,emma şu häsiýetler
köplenç erkek adamlara mahsus edilip görkezilýär. ”Saýatly-Hemra”
dessanynda bolsa dogumlylyk, batyrlyk gyza –Saýathana berilýär. Munuň özi
dessanyň utuşly tarapydyr.
Dessanyň dowamynda Saýathan öz erkli, ygrarly, kysmatyna kaýyl
bolýan gyz hökmünde-de häsiýetlendirilýär.
Ilkibaşda Hemra aýalynyň bardygyny Saýathandan gizleýär. Ony özi
bilen Häzirbeýjana alyp gelensoň, Hemranyň syry açylýar. Saýathan ikibiri
bolup ýaşandan ölenini gowy görüp, birbada Hemrany terk edip, atynyň başyny
yza-da dolaýar. Emma atasynyň ýüzüni solduryp gaýdandygy üçin, ol şa
köşgüne baryp biljek däldi. Üstesine-de, Hemrany söýendigi, ondan aýra
düşmek islemeýändigi sebäpli takdyra ten berip, onuň ikinji aýaly bolmaklyga
razy bolýar.
Saỳathanyň obrazy hakyky aỳalyň obrazydyr. Onuň häsiỳetinde käwagt
mekirlik hem bar ỳaly bolup görünỳär. Emma hakykatda bu beỳle däldir. Onuň
käbir aỳlawly hereketleri mekirligi däl-de, Saỳathanyň akyl derejesini,
ugurtapyjylygyny görkezỳär. Ol batyr, gaỳratly gyz, uruşda erkek adamlardan
kem söweşmeỳär. Onuň akyl derejesi, ugurtapyjylygy hem Hemradan belentde
goỳulỳar.
“Saỳatly-Hemra” dessanynda söz ussatlygyna-da uly ähmiỳet berilỳär.
Saỳathanyň Hemrany gören badyna aşyk bolaỳman, eỳsem onuň aỳdym-sazyny
eşidip, soňra aşyk bolmagy munuň aỳdyň mysalydyr.
Şahyrana söz belentligi hem-de aỳdymyň güỳji Hemranyň atasy Aşyk
Ahmediň obrazynda-da aỳdyň görünỳär. Ol ogluny örän gowy görỳär.
Saỳathanyň yzyndan gitmäge Hemrany ỳeke goỳbermeỳär, özi hem bile gidỳär.
Haçan-da, Hemra Saỳathana gowşandan soň, Aşyk Ahmet Häzirbeýjana
gaỳdỳar. Ýolda ony garawullar tutỳarlar. Aşyk Ahmedi gezip ỳören ogrudyr
öỳdüp, ony öldürjek bolỳarlar.
Aşyk Ahmet özüniň bagşy-sazandadygyny duỳduryp, goluna dutaryny
alỳar-da, uçup barỳan durnalara ỳüzlenip, aỳdym aỳdỳar. Aýdymdaky gudrat –
ýakym durnalary üstünden döwür gurap aýlandyrýar, soňra aşak inderip ýere
gondurýar. Garawullar Aşyk Ahmediň hakyky bagşydygyna göz ỳetirensoňlar,
ony goỳberỳärler.
Dessandaky beỳleki gahrymanlaryň (Mämmet han, Mämmetsöỳün serdar,
Aşyk Nyỳaz we ş.m) obrazlary-da täsirli hem gyzykly berlipdir.
164
Dessanda millilik hem teswirlenilýär. Gahrymanlaryň obrazlarynyň üsti
bilen milli gylyk-häsiýet, däp-dessur, şaý-sepler, egin-eşik barada aýdylýar.
Gelin-gyzlaryň üýşüp çeşmä suwa gitmegi, toý tutulanda aýallardan beýemçi
bellenilmegi, myhmanyň üýşülip ugradylmagy, sylag-serpaý edilmegi tüýs milli
däp-dessurlardyr. Gelin-gyzlaryň nagyşly joraby (“Gözüm düşdi aýagynda
nakyşa”), şaý-seplerden heýkel, tumar (“Dakynypdyr heýkel, tumar”), top jyga,
tylla tomaga (“Başynda top jyga, tylla tomaga”) beýleki milletlerden
tapawutlandyrýar.
“Saýatly-Hemra” okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan dessanlaryň biri. Ol
dürli ýyllarda neşir edildi. Dessan 1914-nji ýylda Daşkentde daşbasmada
çapdan çykýar. Dessanyň ilkinji neşiri “Saýat ile Hemra dessany” ady bilen
1927-nji ýylda çap edilýär. Dessanyň sözbaşysynda onuň türkmen halkynyň XV
asyrdaky ýagdaýyny görkezýän eserdigi nygtalýar. Dessanyň ikinji neşiri 1941nji ýylda çykýar. Ony B.Kerbabaýew çapa taýýarlady we sözbaşy ýazdy.
Sözbaşyda “Saýatly-Hemranyň” meşhur eserdigi, onuň ýokary çeperçiligi
hakynda söz açylýar. “Saýatly-Hemra” soňra 1960-njy ýylda çap edilýär. Ony
M.Kösäýew çapa taýýarlady.”Saýatly-Hemra” öňki neşirler esasynda 1978-nji
ýylda-da neşir edildi.
“Asly – Kerem” dessany
“Asly – Kerem” yşky-durmuşy dessan bolup, onda aýry-aýry dine uýýan
iki ýaş ynsanyň biri-birine bolan çyn söýgüsi suratlandyrylýar. Dessan
Gündogar halklarynyň arasynda mälim bolan göçme sýužet esasynda dörän
eserdir.Şeýle usulda eser döretmek şol döwürde däp bolup galypdyr. “AslyKerem” dessanyndaky wakalaryň Mir Ammanyň “Dört derwüş” eserinde-de
azda-kände gaýtalanýandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Awtory näbelli bolan “Asly-Kerem” dessanynyň haçan dörändigi doly
anyklananok. Ýöne welin bu dessandaky wakalaryň Eýranda, Kawkazda,
Türkiýede, Hindistanda, Yrakda Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň
agalyk eden döwrüne gabat gelýändigini alymlar çaklaýarlar. Mälim bolşy ýaly,
dessanyň dowamynda Garamelek pena gözläp, Ruma gaçyp gidýär. Eger-de
Garamelek hristianlaryň şäheri bolan Ruma gaçyp gidýän bolsa, dessan XV1
asyrdan öň döräpdir diýip nygtamaga doly esas berýär. Sebäbi taryhdan mälim
bolşy ýaly, türkler Wizantiýa imperiýasyny XV1 asyrda eýeleýär.
Dessandaky wakalar türkmenleriň Zakawkazýede ýaşan döwründe
Azerbaýjanda bolup geçýär.Mälim bolşy ýaly, ermeniler gadymdan bäri
azerbaýjanlar bilen goňşy bolup ýaşaýarlar. Ermenileriň azerbaýjanlar bilen,
ylaýta-da Garabagda we Şamahyda (ermenileriň azerbaýjan topragynda ýaşaýan
ýerleri) ysnyşykly aragatnaşygy bolupdyr. Bu iki halkyň arasynda gadymdan
gelýän söwda, ykdysady aragatnaşyk, belli bir derejede olaryň medeni-edebi
165
gatnaşyklarynyň hem ýüze çykmagyna getiripdir. Emma muňa garamazdan, bu
halklaryň arasynda dine bolan garaýyş aýry-aýrydyr. Ine, dine bolan şol garaýyş
dessanyň sýužetiniň esasy özenidir. “Asly-Kerem” dessany-da şol medeni
gatnaşyklaryň şertlerinde dörän edebi ýadygärlikdir. Dessanyň sýužeti türki
halklaryň arasyna giň ýaýrapdyr.
Dessan Töwriz şasy Zyýathanyň perzentsizliginden başlanýar. Weziriň
maslahat bermegi bilen,ol sadaka berýär, Ymam Ryza ýykylýar. Şondan soň
ogly bolup, adyna Mahmyt dakylýar.Rumda ýaşaýan Garamelek ýurdundan
öýkeläp, Töwrize gelýär.Onuň gyzy bolup, adyna Zöhre dakylýar.
Mahmyt-da, Zöhre-de ýetişýär. Mahmyt erem bagynda gyzlary görýär. Ol
elindäki elguşy uçuranda, Zöhräniň üstüne gonýar.Gyzyň gahary gelýär. Olar
biri-birine “Bikerem- Bedasyl” diýşip käýinýär. Şeýlelikde, olaryň biriniň ady
Kerem, beýlekisiniň ady Asly bolup galýar.
Kerem bilen Asly biri-birini söýýär. Ýöne olaryň din aýrabaşgalygy köp
päsgelçiligi döredýär. Ikisem garşylyklara, kynçylyklara garşy göreşmeli
bolýar.
Dessanyň kompozision gurluşy az-kem üýtgeşikdigine garamazdan,
“Şasenem-Garyp” dessanynyň kompozision gurluşyna meňzeşdir. Dessanyň
temasy-da beýleki dessanlara ýakyndyr.Eseriň başlanyşy “Şasenem-Garyba”,
durnalary gondurmak, aýdym-saz meselesinde “Saýatly-Hemra” çalymdaşdyr.
Keremlerde myhmançylykda bolan şazadanyň kakasynyň
ölmegi,
patyşanyň ähtini bozup, ony ýurtdan kowmagy, söýüşýänleriň birnäçe gezek
duşuşmagy, Keremiň kakasynyň gözüniň kör bolmagy (“ŞasenemGarypda”Garybyň enesiniň gözüniň kör bolmagy), söýşenlere başga ýurtlaryň
salarynyň ýardam etmekleri we şuňa meňzeş köp wakalarda meňzeşlikler bar.
Ýöne welin “Asly-Keremde”ýerleriň, ýurtlaryň atlary häli-şindi
bulaşdyrylýar. Dessanda bir ýerde Garamelek bütin maşgalasy bilen Ruma
(Wizantiýa), başga bir ýerinde bolsa Ermenistana gidýär diýlip görkezilýär.
Şu meselede ýene-de bir mysal. Dessanyň baş gahrymanlarynyň biri Asly
iki halkyň wekili hökmünde häsiýetlendirilýär. Ol bir ýerde ermeni gyzy, başga
bir ýerde hem gürji gyzy bolup hereket edýär. Kerem Asly bilen bagda ilkinji
gezek duşuşanda:
-Eý, Hüýrlukga, aýtgyl, aslyň ne ýerlidir – diýende, Asly oňa:
-Eý, şazada, aslym ermeni, özüm Gara Melekniň gyzy bolar men – diýip
jogap berýär.
Dessanda:”Atasy gürjüdir, gyzy ermeni” ýa-da “Atasy gürjüdir, gyzy
melekdir” diýilýän ýerlerem bar. Şeýle mysallar Aslynyň ene-atasynyň haýsy
milletdendigini seljermekde kynçylyk döredýär. Her halda-da, alym A.
Durdyýewa dessanyň türki halklardaky nusgalaryna salgylanyp, şeýle hem
mysal getirilen goşgy setirlerinden çen tutup, “Aslynyň atasy gürji, enesi
ermeni bolmagy-da ahmal” diýen pikiri ýöredýär.Alym şunuň bilen birlikde,
türkmen nusgasynda dürli pikiriň bolmagyny dessany ýerine ýetirijileriň goluna
166
düşen nusgalarynda garyşdyrylan bolmagynyň ähtimaldygy bilen-de
düşündirýär.
Dessan türkmenleriň arasyna bagşylaryň aýtmagynda ýaýrapdyr.
Bagşylaryň bolsa Zakawkazýe halklarynyň däp-dessuryny, gylyk-häsiýetini,
ruhy medeniýetini gowy bilmändikleri netijesinde, eseriň sýužetini ep-esli
üýtgedendiklerini, şeýle hem ähtiýalan patyşa baradaky sýužeti goşandyklaryny
görmek bolýar.
Dessandaky esasy garşylyk baş gahrymanlaryň ata-eneleriniň dini
ynançlarynyň gapma-garşylygyndan ybaratdyr. Dessanda esasan-da, onuň
türkmen nusgasynda, Aslynyň ýaşaýan ýeriniň Garabagdadygy görkezilýär.
Dessanyň sýužetiniň türkmen topragyna geçendigini eseriň azerbaýjan
nusgasyndaky goşgulary edil şol bolşy ýaly, sözme-söz gaýtalaýandygy hem
subut edýär.Türkmen nusgasynda:”Aman Kerem, meni betnam eýleme”
diýilýän bolsa, azerbaýjan nusgasynda:”Aman Kerem, meni ruswaý eýleme”
diýlip alynýar.
Dessanyň türkmen, türk, azerbaýjan nusgalary bar. Olaryň üçüsinde-de,
wakalaryň patyşalaryň, hanlaryň perzentsizligi – türkmen nusgasynda
öwlüýälere, türk, azerbaýjan nusgalarynda Hudaýa sygynmaklary netijesinde
ogully-gyzly boluşlary bilen başlanmagy, eseriň haýsam bolsa bir umumy
ertekiniň esasynda dörändigine şaýatlyk edýär. Alymlaryň käbiri dessanyň
esasynda azerbaýjan ertekisiniň ýatýandygyny çaklaýar. Megerem,
azerbaýjanlardan geçen nusgasynyň awtory – XV11-XV111 asyrlarda ýaşan
türkmen bagşysy ýa-da şahyry bolandyr. Dessan soňra agyzdan-agza geçip,
folklorlaşma döwrüni başdan geçiripdir.
Dessandaky iki sany baş gahrymanyň dini ynanjyndaky esasy garşylyk
gitdigiçe güýçlenýär. Ýöne welin sol iki sany baş gahryman öz dini ynanjyndan
çykmaga-da taýyn bolup durýar.
Kerem Aslynyň ermeni gyzydygyny, ýagny onuň hristian dininiň
adamsydygyny göz öňünde tutup, söýgüniň öňündäki böwedi ýok etmek üçin,
olaryň haýsy-da bolsa biriniň beýlekisiniň dinine geçmelidigini aýdýar. Ol:
“Ýa sen musulman bol, ýa men-ermeni”diýýär.
Asly ata-babasynyň ynanýan dininden geçmäge taýyn bolýar. Dessanda
Aslynyň yslam dinine geçişini aşakdaky sözlerden görmek bolýar:”Eý Kerem
jan, eger halallyk bilen kabul kylsaň, men hem musulman bolar men diýdi”
Hristian gyzy Asly musulman dinini kabul edýär.
Şu waka dessanyň azerbaýjan nusgasynda ýok. Munuň özi hem düşnükli.
Bu ýerde ýslam, aýratyn hem şaýylar çuň kök urupdyr.Dini ynanjy üýtgetmäge
örän ýowuz garalypdyr. Munuň özi halk döredijiligine-de täsirini ýetiripdir.
Emma din türkmen halkyna onçakly çuň täsir edip bilmändir. Ine, şu ýagdaý
hem dessanda bagşylar tarapyndan oňat peýdalanylypdyr.
Dessanyň türkmen nusgasyna Keremiň ýanyna goňşy ýurduň şazadasynyň
gelmegi we onuň başyndan geçirenleri baradaky waka hem girizilipdir. Bu waka
167
tema taýyndan dessanyň esasy sýužeti bilen bagly bolman, ol Keremiň gizlin
syrynyň üstüni açmak maksady sebäpli girizilipdir.
“Asly-Keremde” Zyýathanyň Garamelek bilen aragatnaşygy onçakly bir
düşnükli däl. Zyýathan oglunyň çekýän hasratynyň sebäbini bilse-de,
maksadyna ýetirmek üçin häkimliginden peýdalanmaýar. Tersine, ol
Garamelegi myhmançylyga çagyrýar, her hili ýol bilen ýalbaryp, gyzyny
Kereme bermegini ondan haýyş edýär.
Gyzyny bermäge birbada razy bolsa-da, ertesi gün Garamelek gyzyny
şäherden alyp gaçýar. Zyýathan tarapyndan Garamelege hiç hili zorluk
edilmeýär. Sebäbi ol Garamelekden azda-kände howatyrlanypdyr.
Dessanda Kerem diňe bir hak aşyk hökmünde hereket etmän, bagşysazanda we söz ussady hökmünde-de çykyş edýär. Kerem Asly bilen
Mahmythanyň toýunyň üstüne baranda, söz hem saz ussatlygyny görkezýär.
Bagşy diýip atlandyrylýar.Mahmythan oňa: “Eý bagşy, birnäçe beýt meniň üçin
aýtgyl!” diýip ýüzlenýär.Kerem “Beýle bagda özge bilbil ýar olmaz” diýen
aýdymy aýdýar.
Keremiň we onuň ýoldaşynyň dagda tupan astynda galmagy, ýoldaşynyň
ölmegi, Keremiň bolsa tötänden duşan söwdagäriň kömegi bilen halas bolmagy
gyzykly wakadyr. “Saýatly-Hemra” dessanyndaky ýaly, bu ýerde-de hak
aşyklar synagdan geçirilýär. Söwdagär oňa:”Eger aşyky-päk bolsaň,doga eýle
ki, bu dag açylyp, ýol bersin, sizni azat kylaýyn” diýýär.
Kerem söwdagäriň talabyny ýerine ýetirmek üçin keserip duran daga
ýüzlenýär. Gün çykyp, daş-töwerekdäki garlar eräp, ýol açylýar. Söwdagär:
“Eý, sazada, belli boldy ki, aşyky-päk sen, Alla ýaryň!”diýdi.
Dessanyň türkmen nusgasynda “hak aşyklygy” synamak üçin bütindünýä
folklorynda mälim bolan esaslar (meselem, durnalara ýüzlenmek)
ulanylýar.”Saýatly-Hemrada” Hemranyň kakasy Aşyk Ahmet durnalara
ýüzlenipdi. Bu waka “Asly-Keremde-de gaýtalanýar.
Aslynyň kakasy öldürtmek üçin Keremi ýasawullara berýär. Kerem uçup
barýan durnalara ýüzlenýär. Durnalar ýasawullaryň üstünden inip, birnäçesiniň
gözüni çokýar we ýene asmana galýar.
Bu wakany ýasawullaryň baştutany Hüňkäre habar berýärler. Hüňkär
gelip Kereme:
-Eger bigünä bolsaň, asmandaky durnalary ýere gondur,maksadyňa
ýetireýin- diýýär.
Kerem durnalara ýüzlenip gazal aýdýar welin, olar asmandan düşüp,
Hüňkäriň aýagyna gonýar.
Hüňkär bu wakadan soň Keremiň ýüz-gözünden ogşap:
-Indi seniň aşyklygyň aýan boldy-diýip, Keremi ýasawullardan azat
edýär.
Dessanda Garamelek ýaşlaryň söýgüsine garşylyk görkezýär. Ol eseriň
başyndan tä ahyryna çenli gyzyny gaçyryp ýörýär. Garamelek Aslyny
168
musulman ýigidine bermejek bolup, hatda toý güni gyzy üçin jadyly toý
lybasyny tikdirip, Keremiň pajygaly ýagdaýda ýanmagyna sebäp bolýar.
Asly çydamlylyk hem mertlik görkezýär. Ol Kerem ýanyp kül bolansoň,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 15
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.