Latin

Türkmen halk döredijiligi - 15

Total number of words is 3374
Total number of unique words is 1771
27.7 of words are in the 2000 most common words
40.2 of words are in the 5000 most common words
47.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
onuň külüni depin edip, özi-de kyrk ýyllap, guburynyň başynda müjewür bolup
oturýar. Halk gudratyň güýji bilen Keremi direldýär, Asla-da ýaşlygyny
gaýtaryp berýär. Iki ýaş juwan ähli garşylyklardan, kynçylyklardan, hatda ölümden hem üstün çykyp,maksat-myratlaryna ýetýär.
“Zöhre-Tahyr” dessanynda bolşy ýaly,baş gahrymanlaryň ýogalyp, soňra
direlmegi “Asly-Kerem” dessanynyň türkmen nusgasynda-da mahsusdyr.
Dessanyň soňunda wakanyň şowly gutardylmagy bilen ynsanperwerlik ýaly
gymmatly taglymat öňe sürülýär.
“Asly-Keremde” obrazlar ulgamy çylşyrymly däl. Onda wakalar esasan
baş gahrymanlar Keremiň hem-de Aslynyň obrazlarynyň üsti bilen berilýär.
Kerem – musulman ýigidi. Söýgüsine wepaly.Ol maksadyna ýetmek
ugrunda göreşýär. Dürli kynçylygy çekmeli bolýar.Kerem häsiýeti boýunça
ahlak taýdan arasssa, sada, kiçigöwünli, ygrarly gahrymandyr.Ol ugurtapyjy
hem tutanýerli adamyň obrazynda görkezilýär.
Kerem mundanam başga-da, rehimdar, ýukaýürek gahrymandyr. Ol
Aslynyň ugrunda ençeme ýurtlary sökende, ýolda ýoldaşy heläk bolýar. Kerem
ony däp boýunça jaýlaýar.
Dessanda esasy gahrymanlaryň biri Aslydyr. Ol- ermeni gyzy. Söygüsine
wepaly. Asly söýgüsi üçin ata-enesiniň uýýan dininden çykyp, Keremiň uýýan
yslam dinine geçýär. Keremiň mazarynyň başynda kyrk ýyllap müjewür bolup
oturýar. Çydamly, hiç bir kynçylykdan gorkmaýar.
Aslynyň obrazynda türkmen gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk,
kiçigöwünlilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler ýüze çykýar.
Dessanda beýleki gahrymanlaryň obrazlarynyň hem esasy gahrymanlaryň
häsiýetiniň açylmagynda hyzmaty bar. Keremiň kakasy Zyýathanyň, Hüňkäriň,
Mahmythanyň obrazlaryndan adalatlylygy, rehimdarlygy yzarlamak bolýar.
Olar baş gahrymanlaryň hereketlerini, maksatlaryny goldaýan gahrymanlardyr.
Garamelek – Aslynyň kakasy. Ol dessanyň başyndan tä ahyryna çenli
hereket edýär. Ýaşlaryň söýgüsine garşylyk görkezýär. Garamelek hilegär,
zandyýaman, doňýürek adamlaryň hilinden. Ol çylşyrymly häsiýetdäki
gahrymanyň obrazynda görkezilýär.
Dessan türkmen milliligini-de özüne siňdiripdir. Waka Zakawkazýede
bolup geçen bolsa-da, onda türkmen tebigaty suratlandyrylýar. Türkmen
durmuşyna mahsus bolan häsiýetler, däp-dessurlar, milli aýratynlyklar belli bir
derejede orun tutýar. Dessanda çorba, peýnir, külçe ýaly milli tagamlar, gelingyzlaryň şaý-sepleri agzalýar.
“Asly-Keremiň” türkmen nusgasynda Kerem atly, azerbaýjan nusgasynda
hem pyýada gezýär. Dessanyň türkmen nusgasynda adamlaryň obada,
azerbaýjan nusgasynda şäherde ýaşamagy-da özüne çekijidir.
169
Dessan bagşylaryň üsti bilen türkmen halkynyň arasyna ýaýransoň, milli
täzelikler, häsiýetler girizilip, halk döredijiliginiň ajaýyp milli eserine öwrülýär.
“Asly-Kerem” dessany 1916-njy ýylda Daşkentde daşbasma çapy
usulynda çykýar. Bu eser Türkmenistanda ilkinji gezek 1943-nji ýylda neşir
edilýär. Alym B.Garyýew ony çapa taýýarlady we cözbaşy ýazdy. Dessan soňra
1965-nji, 1998-njy ýyllarda neşir edilýär. Bu neşirler hem daşbasma çapynyň
esasynda taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda hazire çenli
“Asly-Kerem” dessanynyň golýazma nusgasy ýok diýlip hasap edilýärdi.
Türkmen alymlarynyň yzygiderli gözlegleri netijesinde 1997-nji ýylda dessanyň
doly bolmadyk iki sany golýazma nusgasy tapyldy. Şeýlelikde, “Asly-Kerem”
dessanynyň 2004-nji ýyldaky neşiri iň ygtybarly golýazma we daşbasma çapy
esasynda taýýarlanyldy.
“Nejep oglan” dessany
“Nejep oglan” yşky-durmuşy dessandyr. Onuň haçan dörändigi hakynda
anyk maglumat ýok.Ýöne alymlaryň käbiriniň çaklamagyna görä, dessan X1V XV asyrlarda Töwriz şäheri Garagoýunlylaryň hem Akgoýunlylaryň paýtagty
bolan döwründe döräpdir.
Dessan bagşylaryň üsti bilen “Aşyk Elbent” ady bilen Azerbaýjana hem
Özbegistana ýaýrapdyr.Türkmenleriň arasynda-da bagşy nusgalarynyň birnäçesi
bar. Olarda sýužetleriň birmeňzeşräk bolmagyna garamazdan, her birinde dürli
häsiýetdäki tapawudy görmek bolýar.”Nejep oglan” dessanynyň bize belli bolan
bagşy nusgalarynyň arasynda möçber taýdan has ulusy, ideýa-ceperçilik taýdan
has kämili Mämmedanna Sopyýewden ýazylyp alnan nusgadyr. Onuň toýdatomaşada iň köp aýdýany “Nejep oglan” dessany ekeni.
Türkmen halky bagşy-sazanda mydama uly hormat goýupdyr. Halk
arasyna giň ýaýran “Nejep oglan” dessanynda bagşy-sazanda diýen belent ada
eýe bolmak üçin geçilen çylşyrymly ýol beýan edilýär. Dessanda ýaýbaňlanýan
wakalaryň ählisi bagşylaryň durmuşy bilen baglanyşdyrylýar. Dessanyň
ilkibaşyndan bagşy sözüne aýratyn ähmiýet berlip başlanýar.
Gadym zamanlarda türkmen söwdagärleri kawkaz halklary bilen, aýratynda azerbaýjanlar bilen has ýakyn söwda aragatnaşygyny edipdirler. Bu hakda
“Nejep oglan”dessanynda:”Gadym eýýamda Ýemen ilinde (Mämmedannanyň
bagşy nusgasynda “Ýemen ili”, Nury bagşy bilen Öre Käbäýewiňkide
“Harazmin welaýaty”, Artyk bagşynyňkyda “Müsür ýurdy“ diýlip görkezilýär)
Soltanesen diýen patyşa bar erdi. Onuň ýurduna Genje-Garabag diýen ýurtdan
bir hatar kerwen gelýär. Kerwenler aljagyny alýar, satjagyny satýar. Ýurtlaryna
gaýdarman bolup durkalar: “Patyşadan birugsat gaýtmalyň, rugsatly gaýdalyň”
diýşip maslahat edýärler.
170
Patyşa olara rugsat berýär. Emma täjirler: “Bizde baran myhmany saz
bilen, söhbet bilen atarýarlar, biz sizde ony görmedik” diýýärler. Patyşa Elbent
diýen bagşysyny çagyrýar. Ol täjirlere aýdym aýdyp berýär.Elbent bagşy
düýşünde Sona gelne aşyk bolşyny hem aýdym bilen beýan edýär.
Sona gelin Genji-Garabagda patyşanyň weziriniň dul galan aýaly eken.
Elbent bagşy kerwen bilen goşulyşyp şol ýerik ugraýar. Ol Genji-Garabaga
baransoň, garry kempiriň kömegi bilen Sona gelni razy edip, ony ýedi aýlyk
Nejep diýen oguljygy bilen öz ýurduna alyp gaýdýar. Nejep ýedi ýaşanda
atalygy Elbent bilen sözi azaşýar. Onsoň, ol ýedi ýyllap Aşyk Aýdyň piriňkide
bolup aýdym-saz öwrenip gelýär-de, Elbent bagşy bilen aýdym-sazda bäsleşip
ýeňýär we Soltaneseniň baş bagşysy bolýar.
Türkmen halky aýdym-sazyň gadyryny bilýär. Munuň şeýledigini
dessanyň ençeme ýerinde görmek bolýar. Elbent bagşy Sona gelniň yzyndan
gidende, ýolda bir öýe myhman bolmakçy bolýar. Öýdäki oturanlar:”Arkasynda
dutary bolsa, märeke görüp ýören ýigitdir. Atyny tut, içeri girsin, çilim ber, çaý
içsin” diýýärler.
Elbendiň myhmançylyga baran öýünde bagşy barada gürrüň edilýär.
Haçan-da, Elbent bagşy Genje-Garabagdaky weziriň dul galan aýaly Sonanyň
owadanlygyny wasp edip aýdym aýdanda, muňa öýde oturan ýaş ýigitler aňkataňka bolşup geň galýarlar. Sebäbi şol ýigitler hem Sona gelne aşyk ekenler.
Bagşy diňe bir aýdym aýdýan, edebi däbi saklaýan adam däl-de, eýsem,
ol hemme taraplaýyn aň-düşünjeli, durmuşyň dürli meselesine jogap berip
bilýän adam hasaplanylýar. Halkyň bagşa bolan garaýşy derňelýän şu dessanda
şeýle ýagdaýy synlamak bolýar.
Türkmen bagşylarynda ýaş nesle tälim bermek,öz sungatyny öwretmek,
şägirt ýetişdirmek däp bolupdyr. Şu däp :Nejep oglan” dessanynda-da
şöhlelendirilýär. Bu eserde tälim alyş meselesi- esasy meseleleriň biri
hökmünde gozgalýar.
Dessanda beýan edililişine görä, Aşyk Aýdyň pir köp şägirtleri ýetişdiren
halypa bolupdyr. Eserde Elbendiň, Nowruzyň, Nejebiň hem bu beýik halypanyň
şägirdi bolup, onuň berk synagyndan geçendigi görünýär.
Bagşylar sungatyň köp taraply hyzmatyny ýerine ýetirýär. Irki döwürde,
biziň häzirki günlerimizdäki ýaly, sungatyň dürli pudagy bolmandyr. Her bir
bagşy dürli hünäri
(bagşy, artist, şahyr, kompozitor) ýerine ýetiripdir.
Dessanyň gahrymanlaryndan Aşyk Aýdyň pir,Elbent,Nejep, Nowruz dagy diňe
bir bagşy bolman, eýsem şahyr hökmünde-de tanalýarlar. Aşyk Aýdyň pir
Nejebi synagdan geçirende, ilkinji nobatda onuň ýatdan döretmek ukybyny göz
öňünde tutýar. Nowruzam Nejebiň kämilligini synanda, şahyrçylyk ukybyna
göz ýetirensoň, pata berýär.
Bagşylaryň çeperçilik ussatlygyny ýüze çykarmakda özara bäsleşik,
aýdyşyk meselesi uly rol oýnaýar. Dessanda aýdyşyk bagşynyň öz ussadynyň
öňünde synagdan geçmegidir. Aşyk Aýdyň pir şägirdi Nejebe dürli
171
mazmundaky tapmaçalaryň üsti bilen sowal berýär. Nejep hem sowala pert-pert
jogap gaýtarýar. Tapmaçaly sowal-jogaplar beýleki bagşylaryň arasynda-da
guralypdyr.
Dessanda ussat bagşylaryň öz şägirtlerine diňe aýdym-saz öwretmek bilen
çäklenmän, olara ahlak terbiýesini-de berendigi aýan edilýär. Aşyk Aýdyň pir
Nejebe pata bermezden ozal, oňa nesihat bilen ýüzlenýär:
Mundan barsaň, Esen hanyň gaşyna,
Altyn jygasyny sanjar başyňa,
Özüňden ýaşula, deňi-duşuňa,
Pendim budur: tekepbirlik eýleme.
Aşyk Aýdyň pir nesihatyny aýdansoň, “Ýoluň ak bolsun, baran ýeriňde
ýurt alasyň” diýip, Nejebe ak patasyny berýär.
“Nejep oglan”dessanynda söýgi meselesi özboluşlylygy bilen
tapawutlanýar. Elbent bagşy çagaly dul aýala aşyk bolýar. Beýle ýagdaý
türkmen dessanlarynda gabat gelmeýär.
Elbendiň aşyk bolmagy dessanyň ilkibaşyndan ýaýbaňlanýar we esasy
temany ösdürmekde uly rol oýnaýar. Elbendiň çagaly dul aýala öýlenmegi, täze
bir wakanyň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolýan bolsa, ogullygynyň göwnüne
degmegi-de Nejepde aýdym-saz bäsleşiginde ondan üstün çykyp, aryny almak
maksadyny döredýär.
Mylaýym bilen Nejebiň söýgi meselesi-de dessanda ýeterlik beýan
edilýär. Olaryň başdan geçirýän söýgi wakalary gahrymanlaryň häsiýetini
açmaga, Soltanesen patyşanyň gedemligini aýdyň görkezmäge kömek edýär.
“Nejep oglan” dessanynda obrazlar ulgamy o diýen çylşyrymly däl.
Dessanyň esasy gahrymanlarynyň biri-de Nejepdir. Onuň obrazynda sözde
tapylmak, tutanýerlilik, erjellik, dogryçyllyk ýaly gowy häsiýetler jemlenipdir.
Nejep halypa bagşy Elbent bilen aýdym-sazda bäsleşýär. Bäsleşikde ýeňip, öz
maksat-myradyna-da ýetýär.
Elbendiň obrazynda köşk bagşylaryna mahsus bolan gopbamsylyk,
ynjyklyk, yzgytsyzlyk, şöhratparazlyk ýaly ýaramaz häsiýetler bar.
Elbentde men-menlik, öz-özüne mahabat bermek ýaly ýaramaz
häsiýetlerem az däl. Onuň ýaramaz häsiýetleri, ylaýta-da, Nejep bilen
gatnaşygynda ýüze çykýar. Dogry, ol ökde sazanda-bagşy. Ýöne welin ýaramaz
gylyk-häsiýetleri onuň il içindäki abraýyny gaçyrýar.
Dessanda Soltanesen patyşanyň obrazy täsirli berlipdir. Onuň sazsungatyna bolan garaýşy oňat. Emma Soltaneseniň obrazynda adalatsyzlyk,
zalymlyk, islän wagty köşk bagşylaryny aýak astyna salmak ýaly häsiýetler bar.
Onuň hereketlerinde şöhratparazlyk, gopbamsylyk, aşyklaryň mukaddes
duýgularyny depelemek (Nejebiň ölüme buýrulmagy, aşyklaryň ýurtdan
çykarylmagy we ş.m.) ýaly häsiýetler hem ýüze çykýar.
Dessanda aýal-gyzlaryň obrazlary-da özüne çekijidir. Mylaýymyň obrazy
wakalaryň gidişinde birneme ösýär. Ilkibaşda onuň hereketinde durnuksyzlyk,
172
ýönekeý adamlary äsgermezlik ýaly häsiýetler görünýär. Emma wakalar
ösdügiçe, onuň häsiýeti hem üýtgeýär. Nejep ölüme buýrulandan soňky
hereketleri ony söýgüsine wepaly, tutanýerli gyz hökmünde janlandyrýar. Ol
märekäniň içinde Nejep üçin ölüme gitmäge-de taýýardygyny mälim edýär.
Onuň mertligi Nejebiň ölümden halas bolmagynda ep-esli rol oýnaýar.
Dessanda türkmenlerde sazyň piri hasaplanýlýan Aşyk Aýdyň piriň uly
halypa hökmündäki däbe öwrülen obrazy-da görkezilýär.
Aşyk Aýdyň piriň üsti bilen halk bagşysynyň obrazy berilýär. Ussat
halypa ençeme şägirdi ösdürip ýetişdirýär. Onuň obrazynda halk bagşylaryna
mahsus bolan häsiýetler bar. Ol Nejebe ahlak taýdan oňat terbiýe berýär.
Ahmet beg Soltanesen patyşanyň inisi. Aýdym-saza hormat goýýan
ynsanperwer adam. Ol Nejebi diňlemek üçin alty aýlyk ýoldan gelýär. Nejebi
ölümden halas edip, Mylaýym ikisini öz ýurduna äkidýär we kyrk gijegündizläp toý berip, olary maksat-myradyna ýetirýär.
“Nejep oglan” türkmen medeniýetini we edebiýatyny işjeň ýaýradyp
gelen bagşylaryň durmuşyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak dessandyr.
Eseriň esasy maksady türkmen halkynyň aýdym-saza bolan söýgüsini
görkezmekdir.
Dessanyň teksti 1939-njy ýyldan başlap, aýry-aýry bagşylaryň dilinden
ýazylyp alyndy. Häzir onuň köneürgençli bagşy Mämmedanna Sopyýewden,
Nury Halykowdan, Artyk Durdyýewden, tagtaly (häzir Görogly) bagşylar Öre
Seýitmädowdan, Öre Käbäýewden, Gylyç Ödäýewden ýazylyp alnan doly
nusgalary bar.
Dessan 1943-nji ýylda ilkinji gezek çap edilýär. Ony N. Hojaýew hem-de
P.Agalyýew
çapa
taýýarlady.
Dessanyň
neşir
edilmegi
edebiýat
jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Gündogarşynas Ýe.E.
Bertels bu dessana bagyşlap:”Nejep oglan” şahyr hakdaky türkmen romanydyr”
(1946ý.),”Şahyr hakda türkmen poemasy” (1947ý.) diýen makalalaryny ýazýar.
“Nejep oglan” 1960-njy ýylda hem dessanyň öňki neşirleri esasynda B.
Ahundow tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Dessanyň bu neşiri 1943-nji hem
1960-njy ýyllardaky neşirler boýunça dürli bagşy nusgalarynyň gatyşdyrylmagy
netijesinde taýýarlanylan tekst esasynda çap edilýär.
Dessanyň üçünji neşiri bagşy Mämmedanna Sopyýewden ýazylyp alnan
nusga esasynda 1977-nji ýylda çapdan çykdy.Alym S.Gutlyýewanyň 1981-nji
ýylda çap edilen ylmy işi hem “Nejep oglan”dessanyna bagyşlanyldy.Bu ylmy
işde dessanyň döreýiş taryhy,kompozision gurluşy,eseriň gahrymanlarynyň
obrazlaryndaky häsiýetli aýratynlyklar hakynda gyzykly maglumatlar berilýär.
Halk döredijiliginiň çeper edebiýat bilen
arabaglanyşygy
173
Ýaşlary belent ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmek
öňde duran wezipeleriň biri. Şu meselede türkmen halk döredijiliginiň hem-de
çeper edebiýatyň bitirýän hyzmaty uly.
Türkmen edebiýatynyň geçmiş taryhyna, häzirki döwre göz aýlanymyzdada, halk döredijiligini öz eserlerinde ulanmadyk şahyrdyr ýazyjyny tapaýmak
aňsat däl. Diýmek, halk döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň arabaglanyşygy
özüniň gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýar.
Türkmen şahyrlary geçmişde halk döredijiligini ussatlyk bilen
peýdalanyp, özleriniň eserlerini bezäpdirler we çuň manyly çeper hem-de sada
dilde bermegi başarypdyrlar. Klassyk şahyrlarymyzdan Andalybyň, Azadynyň,
Magtymgulynyň, Magrupynyň, Şabendäniň, Mollanepesiň, Keminäniň,
Seýdiniň,
Zeliliniň
we
beýlekileriň
eserleriniň
ölmez-ýitmezliligi,
gymmatlylygy olaryň halk döredijiliginden ussatlyk bilen peýdalanmagyndadyr.
Şahyrlarymyzyň eserleriniň stil, ideýa hem žanr taýyndan biri-biriniňkiden
tapawutlanyşy ýaly, halk döredijiliginden peýdalanyşy hem şol şekildedir.
Mollanepes halk döredijiliginden bir ertekini alyp, ony özüçe işläp,
“Zöhre-Tahyr” dessanyny döretdi. Andalyp dürli wakalardan doly rowaýatlary
saýlap alyp, “Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun”, “Babaröwşen”,”Zeýnelarap”
ýaly dessanlary, “Oguznamany” ýazdy. Şabendäniň “Gül-Bilbili”, Şeýdaýynyň
“Gül-Senuberi” we beýleki birnäçe eserler hem halk rowaýatlaryndan,
ertekilerinden saýlanylyp alnyp, üstünde işlenilip, döredilen dessanlardyr.
Rowaýatlar, ertekiler halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişli. Emma
halk döredijiliginiň matallar, nakyllardyr atalar sözi ýaly žanrlaryny öz içine
alýan şahyrana topary-da bar. Şahyrlar, ýazyjylar şahyrana toparynyň
žanrlaryny-da öz eserlerinde ussatlyk bilen ulanýarlar.
XV111 asyr hem-de X1X asyr klassyk şahyrlary halk döredijiliginiň
şahyrana hem-de kyssa toparlarynyň žanrlaryndan ýerlikli peýdalanypdyr.
Magtymguly folklor žanrlaryndan ýerlikli peýdalanan şahyr. Ol şeýle
ýazýar:
Nalajy garap durandan,
Namarda boýun burandan,
Hasratly ömür sürenden
Ýatmak ýegdir gör biläni.
(“Ýör biläni”)
Halk arasynda şol bendiň soňky setiriniň “Ýatmak ýegdir mar biläni”
diýlip aýdylýan ýerlerem bar. Şol setirleriň düýp özeninde halk döredijiliginiň
elementleri ýatyr. Halk arasyndaky “Namarda zar bolandan, gara derýa gark
bol” diýen nakyly, şahyr döredijilikli ösdürip, “Hasratly ömür sürenden, ýatmak
ýegdir gör biläni” diýip ulanýar.
Şahyr “Hatarda iner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakyly:
Arwananyň ýüki galmaz,
Ýola girseň ner biläni.174
diýip, “Ýör biläni” goşgusynda getirýär.
Halk arasyndaky rowaýatlaryň birinde:
…Bir geçi bilen bir möjek dost bolup, günlerde bir gün buzlugyň
üstünden barýarkalar, ajygan möjegiň: “Geçi dost, tozan turusyp, gözüme tozan
gapdyrýaň” diýip yrsaraşyndan, “Buz üstünde tozan arama” diýen nakyl
döredilýär. Magtymguly bu nakyly:
Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň,
Gyzyl gandan gyrmyz bolupdyr dişiň…
Geçi, gurt dostlugna meňzär edişiň,
Gamly şat olmazmy, aglan gülmezmi?(‘Gelmezmi”)
diýip ulanýar.
Aýy “dostlugy” Gündogarda giň ýaýran rowaýatlaryň biri. Želaleddin
Rumynyň “Mesnewi”diwanynda-da bu rowaýat beýan edilýär: şikara çykan
awçy jülgede bir aždarhanyň aýyny penjesine alyp iýjek bolup durşuny görýär.
Awçy aždarhany öldürip, aýyny halas edýär. Şondan soň aýy awçynyň
ýanyndan galmaýar. Dosty awça ýyrtyjy haýwan bilen tirkeşmezligi maslahat
berýär. Emma awçy dostunyň diýenini etmeýär. Bir gün şikardan ýadap gelen
awçy gowakda uklap galýar. Onuň ýüzüne bir siňek gonýar. Aýy siňegi kowýar.
Siňek ýene gonýar. Aýyň gahary gelip, siňegi öldürmek üçin uly daşy awçynyň
ýüzündäki siňege inderýär. Awçynyň kellesi uly daşyň aşagynda galýar.
Magtymguly bu rowaýaty goşgy setirlerinde döredijilikli ulanyp, şeýle
ýazýar:
Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse, depäň üzre daş döker.
(“Döker”)
“Galpyň gazany gaýnamaz” diýen nakyly Magtymguly:”Galp adamyň
bahym bilner misi” diýip peýdalanýar. Galp adamlary mis hatarynda goýýar.
Aslynda gürrüň pis häsiýet bilen ýagşy häsiýet hakynda barýar.
Magtymguly:
Ýagşy kişä bir söz besdir,
Ýamana müň söz hebesdir(“Köýmän ýigide”)
diýen setirlerinde hem nakyllardan peýdalanandygy görnüp dur.
Nalk arasyndaky gürrüňlerde “Pylany gargadyr, ýagşy ýerde görünmez”,
“Pylany tilkidir, sapalagy kändir”, “Pylany gurt ýaly”,”Pylany inerdir” ýa-da
bolmasa, “at ýaly, ot ýaly, naw ýaly, dag ýaly” we şuňa meňzeş meňzetmele r
ulanylýar.
Magtymguly hem goşgularynda:
Murtun towlap, her ýan tartar,
175
Haýbaty peleňden artar.
Gök dek gürläp, damak ýyrtar,
Taýýar bolan aş üstünde(“Baş üstüne”)
diýmek bilen meňzetmeleri ulanyp, namartlary, bahyllary tankytlaýar.
Magtymguly özüniň döredijiliginde bir tarapdan halk nakyllaryny
peýdalanan bolsa, ikinji tarapdan, onuň goşgy setirleri-de nakyllara öwrülip
gidip, halk döredijiligini baýlaşdyrdy. Şahyryň “Gelen aş diýp gelmez,
turşutmagyn ýüz, Nana mätäç däldir, söze myhmandyr” ýa-da “Dostuňy
egleme-nepden galmasyn, Duşmanyň egleme-syryň bilmesin” diýen ýaly goşgy
setirleri halk arasynda nakyl ornunda ulanylýar.
Magtymguly goşgularynda matallardan-da peýdalanýar.
Şahyryň:
Bir öýde bar on iki han,
Hoş gelipsiz eziz myhman,
Bir suprada gört yssy nan,
Üstünde ýedi nar gördüm.(“Tumar gördüm”)
diýen goşgy bendinde (ýylyň on iki aýdan, dört pasyldan,hepdäniň ýedi günden
ybaratdygy) matallardan ussatlyk bilen peýdalanandygy mälim bolup dur.
Klassyk şahyrymyz Magtymguly halk döredijiliginiň kyssa toparyndan
bolan rowaýatlary, ertekileri, dessanlary, eposlary öwrenipdir hem-de olar
barada özüniň goşgularynda maglumat beripdir.
Şerap içip, serhoş bolup segresem,
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,
Görogly dek dagdan-daga ugrasam,
Ýa rep, habar bilerinmi, ýar senden!
(“Ýar senden”)
Magtymguly şu dört setirinde ”Görogly” eposyndan Göroglynyň
häsiýetlerini suratlandyrýar.
Klassyk şahyrymyz özüniň “Kepderi”poemasynyň aslyny hem halk
rowaýatlaryndan alyp, şygra geçiripdir. Mundan başga-da, şahyr:
Nejt dagyna gezen Mežnun yşkynda
Ýanar otly Leýli bolup galyp men.(“Galyp men”)
diýip ýazmak bilen, Gündogar halklarynyň arasynda dilden-dile geçip gelen
“Leýli-Mežnun” rowaýatyny ýatlaýar.
Magtymguly:
Depderler içinde bir kitap gördüm,
“Kasasyl enbiýa” atly, ýaranlar;
Hezreti Ýusupny beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.176
(“Ýaranlar”)
diýen goşgy bendinde “Kasasyl enbiýa” kitaby hem-de “Ýusup- Züleýha”
dessany barada maglumat berýär.
Umuman, Magtymguly özüniň şygyrlarynda rowaýatlardyr dessanlary
esasy çeşme hökmünde peýdalanýar.
X1X asyr klassyk şahyrlary Seýdi, Kemine, Zelili, Mollanepes dagy hem
halk döredijiliginden habarly bolupdyrlar. Olar özleriniň goşgularynda
rowaýatlardaky, eposlardaky, dessanlardaky gahrymanlarynyň atlaryny
getirýärler.
Seýdi “Begler” goşgusynda:
Ýat kylar men Göroglyny,Zamany,
Aly Murtuzany-Şahymerdany,
Rüstem Zal, Isgender, Gajar pälwany,
Orta atdym, köpün sanmanam,begler!diýip ýazsa, Kemine “Ynanmaz” goşgusynda:
Leýli-Mežnun kimin çöllere çyksam,
Arzy-Gambar deýin derýada aksam,
Perhat-Şirin deýin daglary ýyksam,
Daşlaryň teýinde galsam, ynanmazdiýip, ýazmak bilen, halky eserlerden ruhlanandygyny nygtaýarlar.
Gülüstan atly rowaýat halk arasynda giň ýaýrapdyr. Mollanepes ýaş
wagtynda başyndan geçiren bu waka esasynda birnäçe goşgyny (“Bäri
gel”,”Istäpki gözel ýary”, “Şirmaýy darak”, “Zary bilen”, “Oýan” we başgalar)
döredipdir.
Zelili “Ýoldyr bu”goşgusynda:
Zelili ýar üçin aglap,
Ýandyrdy ýüregin daglap,
Garybym diýp dessan baglap,
Şasenem geçen ýoldyr bu.diýip, “Şasenem-Garyp”dessanyny ýatlaýar.
Zeliliniň döredijiliginde nakyllara örän köp duş gelmek bolýar. Ol
nakyllaryň käbirini asyl manysynda ulanmak bilen birlikde, käbirinden
döredijilikli peýdalanýar:
Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr.
Ýagşylardan halka ýagşy set galar.
Biakyla akyl berseň, kär etmez,
Ezip gursagyna guýmak biläni.
Su setirleriň birinji mysalynda nakyl şol durşuna ulanylsa, beýleki
mysallarda nakyllar öz aýdylyşy ýaly “Ýagşydan at galar, ýamandan set”,
“Guýmagursak bolmasa, dürtmegursak neýlesin”diýlip ulanylman döredijilikli
peýdalanylypdyr.
177
XX asyrda-da türkmen ýazyjylary hem şahyrlary halk döredijiliginden
peýdalanyp, hiç wagt könelmeýän eserleri döretmegi başardylar. Esasan-da,
B.Kerbabaýewiň,A.Gowşudowyň,
N.Saryhanowyň
döredijiligine
halk
dessanlarynyň täsiri örän uly. Olar ertekilerdir rowaýatlar esasynda ýa-da
olaryň äheňinde çeper eserleriň birnäçesini döretdiler. Şol eserleriň hatayna
N.Saryhanowyň
“Kitap”,”Şükür
bagşy”,
A.Gowşudowyň
“Dordepel”,B.Kerbabaýewiň “Japbaklar”, A. Kekilowyň “Çopan we patyşa”, B.
Seýtäkowyň “Aýazhan”, K. Gurbannepesowyň “Ýalta we bagt” we başga-da
köp eserleri goşmak bolar.
Ýazyjylar tarapyndan köne ertekileriň äheňinde häzirki döwrüň
durmuşyny suratlandyrýan ertekiler hem döredilýär. N. Pommanyň ”Bäş
balygy”, K.Taňrygulyýewiň “Bir hekiň başdan geçirenleri”,K.Jumaýewiň “Dört
dogany” köne ertekiler äheňinde ýazylan eserlerdir. Häzirki döwriň durmuşy
barada gürrün berýän ertekiler kyssa žanrynyň çagalar üçin gyzykly görnüşdir.
Sebäbi şeýle usulda döredilen ertekilerde çagalaryň günde-günaşa görüp ýören
zatlary barada gürrüň berilýär.
Ýazuwly edebiýat üçin baý çeşme bolan folklory täzeden işlemek bilen
döredilen eserler gymmatyny hiç wagt ýitirmeýär. Folklorçy ýazyjy A.
Gowşudowyň belleýşi ýaly, halk döredijiligi dürdänedir. Halk tarapyndan
döredilen ölmez-ýitmez çeper sözler
egsilmez-könelmez
göwher daşly
derýadyr.Ýazyjy A.Gowşudow özüniň eserlerinde folklory peýdalanmak bilen
birlikde, romanlarynyň kompozision gurluşynda-da, beýan ediş stilinde-de halk
döredijiliginden nusga alypdyr.
Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda çap edilen çeper eserlerde halk
döredijiliginden peýdalanylyşy mese-mälim gowylandy. Indi din bilen
baglanyşykly hekaýatlardyr rowaýatlar çeper edebiýaty bezeýär, olaryň manymazmunyny baýlaşdyrýar.
178
Edebiýatlar
Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk,döredijilik, progres syýasatynyň
dabaralanmagy.-Aşgabat, 2007.
Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky
söýmek bagtdyr.- Aşgabat,2007.
Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler.1-nji tom.- Aşgabat,2008.
179
Ylmy, edebi – tankydy işler
Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri.-Aşgabat,1941.
Abdyllaýew Ö. Edebiýat teoriýasynyň esaslary.-Aşgabat,
1972.
Abdyllaýew Ö.Türkmen halk döredijiliginiň erteki žanry.- Aşgabat,1977.
Allakow J. Edebiýat ylmyna giriş.-Aşgabat,1992.
Annanurowa S. Läleler.-Aşgabat,1940.
Baýmyradow A. Epiki obrazda ewolýusiýa. „Görogly“ eposyndaky Öweziň
obrazynyň mysalynda.-Aşgabat,1980.
Baýmyradow A. Türkmen folklor prozasynyň taryhy ewolýusiýasy.Aşgabat,1982
Baýmyradow A. Haýwanlar hakyndaky türkmen ertekileri.- Aşgabat, 1986.
Bekmyradow A. Andalyp hem oguznamaçylyk däbi.- Aşgabat, 1987.
Bekmyradow A. Göroglynyň yzlary.-Aşgabat, 1988.
Berkeliýew K. Halk döredijiliginde däp-dessur poeziýasy.- Aşgabat,1985.
Bertels Ýe.E. Türkmen halkynyň edebi geçmişi.-Aşgabat,1967.
Garryýewa
A.Türkmen halk „Görogly“ eposynyň poetik
sistemasy.Aşgabat,1990.
Garryýew B. Türkmen folkloryndan usuly gollanma.Aşgabat, 1947.
Garryýew B. Altyn däneler. –Aşgabat,1982.
Garryýew S. Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar
halklarynyň epiki
döredijiligi.-Aşgabat, 1982.
Geldiýew G. Türkmen şahyrana halk döredijiligi.- Aşgabat, 2003.
Gorkut ata -1500.-Aşgabat, 1999.
Gutlyýewa S. Türkmen halk dessany „Nejep oglan“ – Aşgabat, 1981.
Gurbanow G. Türkmen halk matallary.-Çärjew, 1960.
Görogly H.Oguz gahrymançylyk eposy.-Aşgabat, 1999.
Çaryýew M. Magtymguly we halk döredijiligi. – Aşgabat,1983.
Durdyýewa A.“Görogly“ eposynda fantastika.-Aşgabat, 1981.
Durdyýewa A. Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň
aýratynlygy.- Aşgabat,1985.
Hanow H.,Ýazymow O. Halk döredijiligini toplaýanlara gollanma.Aşgabat,1955.
Halmuhammedow Ş.Türkmen ertekilerinde halk satirasynyň çeper tärleri.Aşgabat, 1984.
Halmuhammedow Ş. Türkmen halk ýumorynyň we satirasynyň žanr
özboluşlylygy. –Aşgabat,1977.
Halmuhammedow Ş. Türkmen ertekilerinde durnukly çeperçilik däpleri. –
Aşgabat, 1989.
Žirmunskiý W.M. Týurskiý geroiçeskiý epos.- Leningrad,1974.
180
Žirmunskiý W. M. ,Zarifow H.T. Uzbekskiý narodnyý geroiçeskiý epos.Moskwa,1947.
Žirmunskiý W.M. Narodnyý geroiçeskiý epos.-M.-L.-1962.
Kiçigulow
P.“Görogly“
hakynda
söhbet.-Aşgabat,1978.
Kor-Ogly H. Wzaimoswýazi eposa narodow Sredneý Azii, Irana,
Azerbaýdžana,- Moskwa, 1983.
Kösäýew M. Edebiýat barada söhbet.- Aşgabat,1972.
Maşadowa L.Türkmen dessanlarynda gelin-gyzlaryň milli keşbi.-Aşgabat,2001.
Mämmetýazow B. „Görogly“ eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy.Aşgabat,1979.
Mämmetýazow B. „Görogly“ eposynyň döreýşi hakynda.-Aşgabat,1982.
Mämmetýazow B. Türkmen gahrymançylyk eposy „Görogly“.-Aşgabat,1992.
Meletinskiý E.M. Proishoždeniýe geroiçeskogo eposa.- Moskwa,1963.
Meletinskiý E.M. Srednewekowoý roman- Moskwa, 1983.
Rejebow P. Gadym türkmen edebiýaty. Aşgabat,1991.
Sakali M.Türkmenskiý skazoçnyý epos.-Aşgabat,1956.
Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk.-Aşgabat,1967.
Şukurow N. Türkmen folklorynda halkyň dünýägaraýşynyň şohlelenişi.Aşgabat,1979.
Weliýew B. Stawropol türkmenleriniň dessanlary.
-Aşgabat,1980.
Weliýew B.Türkmen folklorynda durmuşy ertekileriň gelip çykyşy. -Aşgabat,
1990.
Weliýew B. Türkmen halk poeziýasy.- Aşgabat,1983.
Türkmen halk döredijiligi eserleriniň
neşirleri
Akylly gyz. Türkmen halk ertekileri.-Aşgabat,1988.
Altyn hazyna.- Aşgabat,1978.
Asly-Kerem.- Aşgabat, 1943,1965,1998,2004.
Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri.-Aşgabat,1941.
Fazlalla Reşideddin.Oguznama.- Aşgabat,1990.
181
Garagalpagystan türkmenleriniň nakyllary.-Aşgabat,1968.
Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi.-Aşgabat,1982.
Gorkut ata- Aşgabat, 1951;ikinji neşiri: Aşgabat,1990.
Gorkut ata:halk döredijiligi.Aşgabat,1994.
Gorkut ata.- Ankara, 1999.
Gorkut ata – Aşgabat, 2001.
Görogly. Aşgabat, 1941,1958, 1980, 1990.
Görogly. 8 tom.-Ankara, 1996.
Gülälek. Folklor eserleriniň ýygyndysy.- Aşgabat,1944.
Ependi.-Aşgabat, 1937, 1948, 1982.
Çemen. Folklor eserleri.-Aşgabat,1981.
Zelili. Goşgular.-Aşgabat, 1940,1960.
Huýrlukga-Hemra.-Aşgabat, 1941, 1950, 1963, 1971,1979.
Iki dessan.- Aşgabat,1980.
Kasym oglan.Göwher gyz we Şiraly beg.- Aşgabat, 1976.
Kemine. Saýlanan eserler. –Aşgabat,1954.
Kitaby dädem Gorkut. – Aşgabat,1995.
Kitaby dädem Gorkut we hekaýaty oguznamaýy Gazan beg we Gaýry.Aşgabat,1997.
Küştdepdiler.- Aşgabat,1971.
Läleler.- Aşgabat,1960.
Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar.Aşgabat,1960, 1983.
Magtymguly. Goşgular.- Aşgabat, 2008.
Merjen däneleri.- Aşgabat,1963.
Monjugatdy.- Aşgabat,1948.
Mollanepes. Lirika.- Aşgabat, 1973.
Myraly we Soltansöýün.-Aşgabat,1941,1948.
Nejep oglan.-Aşgabat, 1943,1960, 1977.
Nakyllar we atalar sözi.- Aşgabat, 1949. 1961,1983.
Oguznama.- Aşgabat, 2001.
Saýatly-Hemra.- Aşgabat, 1927, 1941,1960,1978.
Seýdi. Saýlanan eserler.- Aşgabat, 1959.
Syrly hazyna.- Aşgabat, 1985.
Şasenem-Garyp.- Aşgabat, 1940,1948, 1957,1959,1979,1992.
Şamar. Türkmen halk ertekileri.- Aşgabat, 1981.
Türkmen halk ertekileri.- Aşgabat, 1940.
Türkmen halk ertekiler ýygyndysy.- Aşgabat,1955.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 16
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.