Latin

Türkmen halk döredijiligi - 09

Total number of words is 3594
Total number of unique words is 1828
27.2 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýerleşýär. Aşgabatda saklanýan nusgasy iň ygtybarly nusgalaryň biri. Kitapda
Oguz hanyň şöhratly ýoly älem etraplaryna ilçileri iberip, ähli halklary özüniň
ruhy dünýäsine salmak isleýşi,il-günüň asudalygy we agzybirligi ugrundaky
yhlasy, ýörüşleri beýan edilýär
“Oguznamanyň” ikinji nusgasy Parižde saklanylýan nusga bolup, ol
“Oguznamanyň”gysgaldylan görnüşidir. Üçünjisi Kazan şäherinde saklanylýan
nusga, şol nusga esasynda hem “Oguznama”çapa taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan şol nusgalar
ýygnalyp, Aşgabatda 2001-nji ýylda “Oguznama” ady bilen neşir edildi.
Oguz han we onuň döwri, nesli, ondan soňky türkmenleriň taryhy ýoly
baradaky kitaplaryň ýene biri “Şejere-i terakime” (“Türkmenleriň nesil
daragty”) eseridir. Bu eseri XVIII asyrda Hywa hany Abulgazy Bahadur han
ýazypdyr.
Şol döwürde biri-birine çapraz gelýän “Oguznamalar” köp bolupdyr.
Türkmen mollalary, şyhlary dürs, ygtybarly taryhy beýan edýän “Oguznamany”
ýazyp bermegini Abulgazy Bahadur handan haýyş edýär. Hywa hany haýyşy
berjaý etmek üçin özünden öňki taryhçylaryň, esasan-da Fazlalla Reşideddiniň
(XIIIasyr)”Jamy at-tawaryh (“Senenamalar ýygyndysy”) kitabynyň “Oguz han
we onuň nesliniň taryhy” we “Türk soltanlarynyň we padeşahlarynyň zikri”
böleklerini peýdalanypdyr.
“Şejere-i terakime” Oguz we onuň nesli baradaky rowaýatlary öz içine
alýar. Abulgazy Bahadur hanyň nygtamagyna görä, kitaby okajagyň türki
halklardygyny nazara alyp, eseri türki dilde ýazypdyr.
Kitapda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar hakynda söz açylýar.
Türkmeniň aslynyň Nuh pygamberden gaýdýandygy bellenilýär. Nuh pygamber
uly ogly Ýafese Türküstan yklymyny ýer-ýurt edip berýär.
Ýafesiň ogly bolýar. Onuň adyna Dib Ýawgu han goýarlar. Ol atasynyň
ýerine patyşa bellenilýär. Dib Ýawgu hanyň Garahan, Orhan, Gurhan,Güzhan
diýen ogullary bolýar.
Garahan kakasyndan soňra tagta geçýär. Onuň hem ogly bolýar. Eserde
oňa Oguz adynyň dakylyşy barada gürrüň berilýär. Kitapda Oguz han, onuň
döwri, basyp alan ýerleri barada maglumat bar.
Kitapda Gara Hojanyň ogly Gorkut ata barada-da maglumat aýdylýar.
Onuň üç patyşanyň weziri bolandygy bellenilýär. Kitap 1992-nji ýylda
Aşgabatda neşir edilýär.
103
Abulgazy Bahadur hanyň “Şejere-i terakime” eseri beýleki taryhy kitaplar
bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Bu
kitap alymlaryň birnäçesi tarapyndan öwrenildi. Gündogary öwreniji alym
W.W.Bartold türkmenler hakynda ýazylan şeýle taryhy eseriň beýleki türki
halklaryň hiç birinde-de ýokdugyny nygtady.
X1X asyrdan başlap “Oguznama” Ýewropa hem türki dilli ýurtlaryň
alymlaryny gyzyklandyrýar. 1815-nji ýylda nemes diline terjime edilen
“Oguznama”Parižiň milli kitaphanasyndan tapyldy. Bu “Oguznamany”
akademik W.Radlow, doktor Ryza Nuru (“Oguznama”, türki epopeýa. –
Aleksandriýe, 1931g.) teswirleýär. “Oguznama” 1987-nji ýylda Azerbaýjanda
rus dilinde neşir edilýär.
“Oguznamalar”geçmiş hakyndaky kitaplardyr. Emma şol kitaplarda Oguz
hanyň we onuň nebereleriniň işleri taryhy we çeper eserlere irki döwürden
başlap aralaşypdyr. XV11-XV111 asyrlarda Oguz han we gadymy oguzlar
hakyndaky sýužete ýüzlenilip başlanýar.
XV111 asyr şahyrlary Şeýdaýynyň, Magrupynyň döredijiliginde-de
“Oguznama” sýüžetine ýa-da onuň käbir wakalaryna gabat gelmek bolýar.
Andalybyň “Oguznamasynda” Oguz han edebi obrazyň derejesine
ýetirilýär. Adyl şa hakdaky arzuw onuň obrazynda jemlenilýär. Oguznamaçylyk
sýužeti şygyr bilen ilkinji gezek işlenilýär. “Oguznama” sýüžeti pars dilindäki
(Nişapury, Rawendi, Lary, Hondemir ýaly taryhçylaryň) işlerinde gabat gelýär.
Bu sýüžet X1V-XV1 asyrlardan başlap türki dillerde (özbek, türkmen)
işlenilýär. Dana Ata Abulhanyň ( XV asyryň ikinji, XV1 asyryň birinji
ýarymynda ýaşan öwlat) “Oguznamasyny” A. N. Samoýlowiç tapyp, onuň käbir
böleklerini 1927-nji ýylda neşir etdirýär. A.N.Samoýlowiçiň tapan bu eseriniň
golýazmasy Sankt-Peterburgda saklanylýar.
Türkmen alymy A.Bekmyradow “Andalyp we oguznamaçylyk däbi”
(Aşgabat,1987ý.) kitabynda “Oguznama” barada gürrüň berip, onuň ähmiýetini
belleýär. Ol türkmenleriň medeni durmuşynda uly rol oýnan bu eser bilen
halkyň sowatly wekilleriniň asyrlaryň dowamynda gyzyklanyp gelendigini
nygtaýar.
“Oguznamalar” türkmen taryhynyň iň gadymy eserleridir. Geçmişimiziň
beýany bolan
bu eserleri ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda
döredipdir. Taryhy maglumata baý bolan bu eserler türkmen halkynyň şöhratly
ýollaryny öwrenmekde, taryhy belentligini dikeltmekde uly ähmiýete eýedir.
“Oguznama”eposynda Oguz hanyň obrazy
Halkymyzyň Oguz handan gaýdýan taryhy ýoly uly şöhratlardan doly.
“Oguznama” eposynda Oguz han hakdaky dürli maglumatlar, teswirlemeler öz
beýanyny tapýar. Ol öz döwründe türkmeniň adyny arşa göterip bilen taryhy
104
şahsdyr. Oguz han öz eýýamyny Altyn eýýama öwrüp, yurt, sebit derejesinde
däl-de, dünýä derejesinde pikirlenip,dünýäniň döwletlerini, halklaryny öz
derejesine göterip, öz ýoluny, öz dinini- ýörelgesini döreden beýik şahsdyr.
Oguz hanyň guran döwletleriniň şan-şöhraty äleme ýaň salypdyr. Onuň
döwleti edara edişi, bu ýolda adalatlylygy saklaýşy, her bir meseläni pähimparasat bilen çözüşi, goňşulary bilen umumy dil tapyp, döwleti parahatçylykda
saklaýşy Oguz hanyň Allanyň nazar salan adamsydygyna şaýatlyk edýär. Ol öz
halkynyň milli buýsanjyna, milli beýikligine üns beripdir.
Oguz hanyň milli dil, ene toprak, ata Watan, maşgala terbiýesi babatda
aýdan pähimleri häzirki günlerde-de halkymyza görelde we nusga mekdebi
bolup hyzmat edýär.
Oguz hanyň 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelýär, şolaryň her biri
aýratyn at we lakam alýar. Dünýäde ýaşaýan ähli türkmenler Oguz hanyň şol
ýigrimi dört şahasyndan gelip çykypdyr.
Oguz han halkyň milli pygamberi hasaplanýar we täze milli ynanjy
döredýär. Oguz hanyň dini göktaňrylyk bolup, Hudaýy – Gök, ýagny asman
Taňrysydyr. Ol täze ynanç, dünýägarayş esasynda jemgyýeti özgerdýär. Täze
jemgyýetçilik ahlagyny döredýär.
Oguz han döwleti gurup, ony gowşatmazlygyň aladasyny edýär. Ýurdy
adalatly dolandyrmak üçin çylşyrymly meseläni çözmeli bolýar. Ol şeýle
ýagdaýda gara güýjüne daýanman, akyl-paýhasa daýanyp, adamlary hoş söz
bilen ýola salýar.
Oguz han raýatlarynyň haýyşyny bitirýär, haýyr bilen şeriň ahyryna
garap, maksadyna ýetýär. Halkyň ýüzüne dogry garap, islendik meseläni
adalatly çözýär. Adyllyk ýoly ýorelge edinip, hiç kime kast etmändir. Ol “Öz
raýatyna zulum eden, öz gabryny özi gazar” diýen pähime eýerýär.Şeýlelikde,
bütin halkyny öz derejesine çenli ýokary göterýär.
Oguz han taryhy gürrüňleri gowy görüpdir. Ol pygamberleriň,
patyşalaryň, emirleriň,olaryň öwlatlarynyň ata-babalarynyň taryhy bilen
gyzyklanýar. Geçmişi öwrenen şahsyýet dogry pikiri beýan etmegi-de başarýar.
Umuman, “Oguznama” eposyndan mälim bolşy ýaly, Oguz han pähimparasada ýugrulan adam bolupdyr. Ol ähli meseläni paýhas eleginden geçirip
çözýar.
“Oguznamada” Oguz hanyň öz halky üçin alyp baran ýeňişli işleri,nesline
miras galdyran pendi-nesihatlary, wesýetleri şygyrlara siňip, edebi däbe
öwrülipdir. Oguz hanyň döwlet ähmiýetli bitiren işleri, pähim-paýhasa ýugrulan
dana oý-pikirleri soňky nesilleriň edebiýatyna siňipdir we türkmeniň geçmiş
edebiýatynda oguznamaçylyk däbi rowaçlanyp, ýüzýyllyklardan ýüzýyllyklara
gadam basypdyr. Oguznamaçylyk däbinde, ilkinji nobatda, türkmeniň
watansöýüjiligi öňe çykarylypdyr.
Türkmeniň watansöýüjilik häsiýeti hem
Oguz handan galan milli
häsiýetimizdir. Ol kowumlaryna öz dogduk ata Watanyny gözüň göreji deýin
105
goramagy, onuň mukaddesdigini düşündirip,ol mukaddeslige hiç bir babatda
şek ýetirmeli däldigini wesýet edýär.Ata Watana söýgüsini beýan edýän
tymsallar hem Oguz hanyň örän parasatly bolandygyna güwä geçýän
hakykatdyr.
Tymsaldan mälim bolşuna görä,Oguz han duşmanlaryndan üstün çykyp,
han bolup,ilini daşyna jemläp, ýaşap başlaýar. Emma gapdalyndaky köp
hudaýly kapyr şa Oguz hanyň dinini üýtgedeninden gorkup, urşup,
birhudaýlylygy ýok etjek bolýar. Oguz han: “Sabyr düýbi sap altyn”diýip, öz
ýigitlerine sabyrly bolmagy wesýet edýär.
Duşman ilçi ugradyp, ýurdyň saýlama atyny bermegi sorapdyr. Oguz
hanyň serkerdeleri:
-Duşman yrsaraýar, urşalyň, emma saýlama bedewi bermäliň. At biziň
garyndaşymyzdyr – diýşipdirler. Emma Oguz han:
-Zeleliň kiçisi barka, ulysyna ýapyşmaň! Bardy-geldi duşmandan asgyn
düşsek, ähli atlar duşmanyňky bolar! Berip göýberiň bir aty-diýipdir.
Saýlama aty alyp giden ilçi has şum habar bilen dolanyp gelýär. Bu gezek
duşman ýurduň iň saýlama gözelini soraýar. Serkerdeler ýene uruşmagy teklip
edýärler. Emma Oguz han:
-Uruş bolsa, men-men diýen ýigitler söweşde öler, bardy-geldi
duşmandan ýeňläýsek, gelin-gyzlar duşmana ýesir bolar. Zyýanyň kiçisi barka,
ulusyna ýapyşmaň – diýipdir.
Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has şum habar bilen gelýär.Ol ýer
soraýar. Urşuň gutulgysyzdygyna düşünip, şunça wagtlap ýurdy urşa taýýarlap
ýetişen Oguz han;
-Ser bereris, ýer bermeris! – diýipdir.
Urşupdyr, päli azan duşmany kül-peýekun hem edipdir.
Tymsaldan görnüşi ýaly,Oguz han pähim-paýhasy, parasatlylygy,
galyberse-de, ugurtapyjylygy bilen tapawutlanyp ata Watany duşmandan
goramagy başarypdyr.
Oguz han halkymyzyň milli däp-dessuryny, ata- baba ýol-ýörelgelerini,
agzybirligini, ruhubelentligini, sadalygyny, geçirimliligini, ynsanperwerligini
we beýleki ajaýyp sypatlarymyzy gorap saklamalydygyny wesýet edýär.
Türkmeniň şol ajaýyp sypatlary Oguz han, onuň bagtyýar nesilleri tarapyndan
goralyp gelnipdir we biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Türkmen ýer ýüzünde
Oguz hanyň galdyryp giden ýol-ýörelgeleri bilen tanalypdyr.
Halallyk, halal zähmet bilen gün- güzeran görmek türkmen halkyny
beýgeldýär. Halklar Oguz hanyň kowmuny halal kowumlar hökmünde tanaýar.
Onuň halal zähmet hakdaky wesýeti nesilleriň ýaşaýşynyň baş şygaryna
öwrülýär. Haramlyk Oguz han döwründen başlap nusgawy şahyrlarymyz
tarapyndan we häzirki Beýik Galkynyş eýýamynda hem berk ýazgarylýar. Oguz
hanyň halal zähmet we topragy söýmek baradaky aýdan gymmatly sözleriniň
käbirini mysal getireliň: Ýer üstünde jepa çeken (zähmet çeken) goýnunda rahat
106
ýatar; Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr; Zer alma, ýer al; Suw atadyr, ýer-ene we
ş.m.
Ene dili goramak, söýmek we oňa buýsanmak türkmeniň Oguz handan
gelýän taryhy-milli däbidir. Oguz hanyň dil hakdaky aýdan dana sözleri çeper
edebiýata degişli bolsa, “Oguznamadaky”çeper beýan etme adam häsiýetini
aňladýar.Iň gadymy teoriýalarda-da dile, söze, häsiýete Oguz hanyňky ýaly
şeýle giňişleýin çemeleşilen ýeri ýokdur. Oguz hanyň dil barada aýdan
parasatly sözleriniň käbirini mysal hökmünde getireliň: Ýürekde näme bolsa, dil
şony diýer; Dil bolmasa, il bolmaz; Dil baýlygy – il baýlygy, Söz ýürekden
çyksa, güýçli; Adamyň akyllysy dil öwrener; Köp dil bilen,köp biler; Dilim bar,
dünýäm bar we ş.m.
Oguzlaryň dünýä beren gymmatlygy Oguz hanyň öz düzen elipbiýidir.
Emma gynansak-da, ol elipbiýi bize gelip ýetmändir. Bu barada XV111 asyr
şahyry Şeýdaýy şeýle maglumat berýär:
Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim gözel ýigrimbäş,
Niçe owazyň çekimli,
Yzladym gözel ýigrimbäş.
Oguz han hemişe söz bilen iş salşypdyr. Ol pähim-paýhasa daýanypdyr,
çeper edebiýat onuň baş maslahatçysy bolupdyr. Ol uly ýurduň şasy, gylyjyny
gynyndan çykarmagyň deregine, gursagyndan Allanyň salan sözlerini çykarýar.
Oguz han “Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym” diýýär.
“Oguznama” eposyndan Oguz hanyň obrazyny öwrenmek bilen onuň şu
aşakdaky şahsyýet-sypatlaryny kesgitlemek bolýar:
Birinji şahsyýet sypaty: Oguz han täze milli ynanjy döredýär.Şol ynanç
bilen jemgyýeti özgerdýär, täze jemgyýetçilik ahlagyny döredýär.
Ikinji şahsyýet sypaty: Oguz han beýik serkerde. Ol güýçli goşuna
parasatlylyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Döwletiň bitewiligini gazanyp, ony
duşmanlardan goraýar.
Üçünji şahsyýet sypaty: Oguz han beýik syýasatçy. Özüne tabyn eden
ýurduny hoşsözlülik bilen dolandyrýar.
Dördünji şahsyýet sypaty:
Oguz han taryhy şahsyýet. Ol Nuh
pygamberiň uly ogly Ýafesiň çowlugy. Ol Ýafesiň ogly Dub Ýabgu hanyň
Garahan diýen oglundan bolýar.
Bäşinji şahsyýet sypaty: Oguz han guramaçy ýolbaşçy. Ýurtda
agzybirligi saklaýar, toprak, dil hakyndaky pähimleri bilen adamlaryň ýaşaýyşdurmuş şertlerini, ruhy-ahlag ýagdaýyny gowylandyrýar.
Garaşsyz hem baky Bitarap milli döwletimiz berkarar edilende, onuň
kada-kanunlary işläp düzülende, nesilbaşymyz Oguz handan nusga alnyp,
ýurdumyz dünýädäki ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy.
107
“Gorkut ata” eposy we onuň öwrenilişi
“Gorkut ata” türkmenleriň gahrymançylykly taryhy eposydyr. “Gorkut
ata” bilen gyzyklanýan dünýa alymlary bu eseriň käbir bölüminiň biziň
eýýamymyzyň V-V1 asyrlaryna çenli dörändigini nygtaýarlar. Gorkut atanyň
V1 asyryň ahyrlaryndan V11 asyryň ortalaryna çenli ýaşap geçendigi barada
hem maglumat bar.
“Oguznama”, “Görogly” eposlary ýaly, “Gorkut ata” hem Merkezi
Aziýada –oguz türkmenleriniň ata Watanynda döreýär. Eseriň aslynyň
türkmenleriňkidigi hem subut edilýär. Gündogarşynas Ýe.E. Bertels eposyň
türkmenleriňkidigini şeýle düşündirýär: “Göçüriji kitabyň dilini täzeleşdiren
hem bolsa,her hili hem bolsa, onda dürli türkmen şiwelerinde häzire çenli
ulanylyp gelýän gaty köp sözler galypdyr. Bu bolsa kitabyň
türkmenleriňkidigini açyk görkezýär”.
“Gorkut ata” türki dilli halklaryň kemala gelmeginde uly ähmiýeti bolup,
şol halklaryň ýaşaýşynyň, durmuşynyň özboluşly beýanydyr.Halkymyzyň ruhy
medeniýetiniň, giň dünýägaraýşynyň, ynsanperwerlik häsiýetiniň arassa
çeşmesidir. Türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyýetçilik gurluşyny,däp dessuryny, ahlak durmuşyny görkezýän eposdyr.
Epos Gorkut rowaýaty esasynda döreýär. Rowaýatlar oguz ozanlary
tarapyndan düzülýär. Kitabyň başyndan aýagyna çenli Gorkut ata hereket edýär.
X1-X11 asyrlardan oguz türkmenleriniň Günbatara köpçulikleýin göçüp
gitmegi sebäpli, şol ýerlere düşen “Gorkut ata” eposyň ýerli görnüşleriniň-de
döremegine getirýär. XV-XV1 asyrlarda Akgoýunly we Garagoýunly türkmen
döwletleriniň çäklerinde “Kitaby dädem Gorkut” kitaby döreýär.
Eseriň haçan ýazylyp, haçan gutarylandygy barada belli bir anyk pikir
ýok. Pikirler dürli-dürli.Gündogarşynas alymlar eseriň käbir bölüminiň VV1asyrlarda döredilendigini, soňra timarlanyp, üstüniň ýetirilendigini
tassyklaýar. “Gorkut atanyň”V11-1X asyrlaryň, yagny üç asyryň ýedi ýüzünji
ýyllarynyň aralygynda, başky boýlarynyň has irki asyrda ýazuwa geçirilendigi
barada hem maglumat bar. Türkmen alymy M.Kösäýewiň pikiriçe, eposyň käbir
bölümi X-X1 asyrlara degişlidir
Epos döränden soň, onuň birnäçe gezek göçürilendigi hakykat. Munuň
şeýledigini alymlar gaýta-gaýta tassyklaýar.Alym H. Görogly özüniň ylmy
işlerinde
eposyň göçürilen ýyllarynyň biriniň 1482-nji milady ýylyna
düşýändigini tassyklaýar. Alym R.Rejebow hem “Gorkut ata” eposyna XV
asyrda el gatylyp, täzeden işlenilendigini ýazýar. Türk alymy M.Ergin “Däde
Gorkut kitabynyň” oguz hekaýatlarynyň ýygyndysydygyny, onuň XV1 asyryň
başlarynda ýazga geçirilendigini nygtaýar.
“Gorkut ata” eposynyň many-mazmuny-da “Manas”, “Kyrk gyz”,
“Alpamyş” ýaly iri göwrümli eserler bilen deň hatarda goýulýar. Onuň hem
108
sebäbi “Gorkut atanyň” mundan 1500 ýyldan gowrak ozal döräp, bu eserleriňde baýlaşmagyna çeşmelik hyzmaty edenligindedir.
“Gorkut ata” bilen “Manas”dessanlar topary bir döwürde- kaganlar
döwründe dessan görnüşine getirilipdir. Eserde gypjak dessançylyk däbi,ýagny
wakany, hereketi, duýgy-düşünjäni ak goşgy bilen beýan etmek saklanyp
galypdyr. Dessandaky şygry türkmen şygyr sungatynyň başlangyjy hasaplamak
bolar.
“Gorkut ata” eposyndaky rowaýatlaryň käbiri beýleki halklaryň iri
göwrümli eserlerindäki rowaýatlar bilen utgaşýar. Eserdäki Bamsy Beýrek
baradaky rowaýat- özbekleriň hem garagalpaklaryň “Alpamyş”, gyrgyzlaryň
“Manas”, altaýlylaryň “Alp- Manaş”, gazaklaryň hem başgyrlaryň “Alpamyş”
eposlarynda gabat gelýär.
“Oguznamalar” gadymy ata-babalarymyzyň aňynda ýaşap gelen eposa
çeşme bolup hyzmat edipdir. Araplar otparazlyk ruhy bilen baglanyşykly
eserleri ýoklaýarlar. Şolaryň arasynda “Oguznamalar” bilen baglanyşykly
eserleriň hem ýok edilen bolmagy mümkin. Şeýlelikde, sekiz asyr döwletsiz
bolan türkmene “Gorkut ata” asyl nusgada, doly görnüşde gelip ýetmedi.
Häzirki “Gorkut ata” bitewi, doly eser däl. Ol eposyň asyl nusgasynyň diňe bir
bölegi. Gorkut atanyň “Oguznamalarda” getirilmegi hem bu eseriň beýleki iri
göwrümli eposlar bilen
baglanyşykly bolandygyna şaýatlyk edýär.
Reşideddiniň (X111 asyr), Salar Babanyň ( XV1 asyr ), Abulgazynyň (XV11
asyr) “Oguznamalarynda” Gorkut atanyň Gündogarda ýaşap hem döredip
geçendigi aýdylýar. Gyrgyz rowaýatlarynda Gorkut ata Horhut diýibem
atlandyrylýar. Onuň mazarynyň Syrderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşendigi
barada maglumatam bar.
“Oguznamalarda” türkmenleriň gaýy taýpasyndan bolan Gorkut atanyň
Merwde ýaşandygy, Oguz hanyň, Salyr Gazanyň weziri bolandygy barada-da
maglumat berilýar. Ol mundan başga-da, birnäçe patyşanyň weziridir. 195
ýaşan Gorkut ata Oguz hanyň döwürdeşidir. Gorkut ata ýaly Salyr Gazan,
Burla hatyn hem taryhy şahslar bolupdyr. Salyr Gazan hakdaky hekaýatlar salyr
taýpalarynyň arasyna ýaýrapdyr.
“ Gorkut ata” birnäçe boýlardan (şahalardan) ybarat. Onuň üç sany
nusgasy (Drezden, Watikan, Çowdur) bolup,olar hem boýlary boýunça biri birinden tapawutlanýar. Drezden nusgasynda 12, Watikan nusgasynda
6,Çowdur nusgasynda hem 16 boý bar. Drezden nusgasy esasydyr. Watikan
nusgasy ondan göçürmedir, ýagny ýardam beriji nusgadyr. Çowdur nusgasy-da
özboluşlydyr. Eseriň her boýy özbaşdak pikiri ündeýär. Käbir gahryman hemme
boýda-da hereket edip,hemmesiniň jeminden bitewi bir eser emele gelýär.
Eposyň boýlar toplumy gadymy kyssa eserleriniň biridir. Eseriň aglaba
boýy orta asyrlar taryhy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň dowamy soňra eposl ara,
dessanlara sepleşip gidýär we olara täsirini ýetirýär.
109
X1X asyryň başlaryndan dünýä alymlary “Gorkut ata” eposy bilen
gyzyklanyp başlaýar. 1815-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde onuň 12
boýy (şahasy) tapylýar. Nemes gündogarşynasy Dis eposy içgin öwrenýar we
nemes diline terjime edip, dünýä edebiýatyna girizýär. Soňra Watikandan eseriň
6 boýy tapylýar. Watikan nusgasyny Fleýşner, Reýsle ýaly alymlar öwrenýär.
“Gorkut atanyň” doly teksti 1915-nji ýylda Ystambulda neşir edilýär.
Eposyň Ystambulda çykan nusgasy esasan Germaniýanyň Drezden muzeýindäki
hem Watikan nusgalary peýdalanylyp ýazylypdyr. “Gorkut ata” soňra türk
alymy M. Ergin tarapyndan üç gezek gaýtadan çap edilýär. Birinji çap 1958-nji
ýylda, ikinji çap 1964-nji ýylda, üçünji çap hem 1986-njy ýylda okyjylara
hödýrlenilýär.
Alym W.W. Bartold epos bilen gysyklanýar we onuň Drezden nusgasyny
göçürip alyp, ony 1922-nji ýylda rus diline terjime edýär. Emma terjime edilen
kitap W.W. Bartold dirikä çap edilmän galýar. Ozalky SSSR Ylymlar
akademiýasynyň neşirýaty kitaby 1962-nji ýylda çykarýar.
Kitapda eposyň 12 şahasynyň W.W.Bartold tarapyndan rus diline
terjimesi, ol kitap barada W.W.Bartoldyň hut özüniň,A.Ýu. Ýakubowskiniň,
W.M..Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir. Uzak wagtyň dowamynda neşir
edilmän gelnen bu eposyň mazmuny bilen okyjylary tanyşdyrmakda bu kitabyň
ähmiýeti uludyr.
“Kitaby dädem Gorkudyň” aýry-aýry meseleleri Azerbaýjanyň alymlary
tarapyndan hem işlenildi we 1939-njy ýylda Bakuwda çap edildi.
“Kitaby dädem Gorkut” eposyny düýpli işlänleriň biri-de alym
H.Görogludyr.Ol bu epos barada ilki “Sowet edebiýaty”(“Sowetskaýa
literatura”, M.,1972g.) kitabynda maglumat berýär. Awtor geçiren ylmy
derňewleri esasynda “Kitaby dädem Gorkut” eposynyň takmynan XV asyryň
aýaklarynda, XV1 asyryň başlarynda ömri we işleri belli bolmadyk Abdylla
diýen adam tarapyndan düzülendigini tassyklaýar. H.Görogly eposyň oguz
taýpalaryna degişlidigini bellemek bilen, şol oguzlaryň soňra türkmen,
azerbaýjan we türk halklarynyň düzümine esas bolup girendigini we ahyrky
netijede bu eposyň şol üç halkyň medeni umumylygyny özünde jemleýändigini
nygtaýar.
H. Görogly soňra “Kitaby dädem Gorkut” hakynda ýörite ylmy iş ýazyp,
“Oguz gahrymançylyk eposy”(“Oguzskiý geroiçeskiý epos”, M.,1976g).
kitabyny neşir etdirdi. Ol eposy ýazmak üçin Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň,
Bakuwyň, Aşgabadyň, Daşkendiň, Ystambulyň kitaphanalarynda bolýar. Gorkut
ata degişli maglumatlary toplaýar, golýazmalary öwrenýär.
“Oguz gahrymançylyk eposy” birnäçe bölümden ybarat bolup, “Kitaby
dädem Gorkudyň” temalary, sýužetleri, çeperçilik aýratynlygy barada gürrüň
berilýär. Ylmy kitapda Reşideddiniň,
Salar Babanyň, Abulgazynyň
“Oguznamalary” biri-biri bilen degşirilýär. Bu kitapda şeýle hem XV asyr
110
taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň “Oguznama” eseri, X111-X1V asyrlarda gypjak
türkmenleriniň arasyna ýaýran “Çingiznama” eposy barada aýdylýar.
Türkmen alymlary “Gorkut ata” eposy bilen XX asyryň 20-nji ýyllarynyň
ahyryndan gyzyklanyp başlaýar. Alymlar tarapyndan eposyň öwrenilişini dört
sany döwre bölmek bolýar:
Birinji döwür: 20-nji ýyllaryň ahyryndan 1944-nji ýyla çenli. Şu
döwürde türkmen alymlary A. Gulmuhammedow, A. Gürgenli :Gorkut ata”
eposy bilen gyzyklanýar. Emma A.Gulmuhammedow buržuaz – milletçi
hökmünde 20-nji ýyllaryň ahyrynda ýok edilýär, A. Gürgenli hem frontda wepat
bolýar.
Ikinji döwür: 1944- 1951-nji ýyllar aralygy. Bu döwürde milli
metbugatda “Gorkut ata” hakynda alymlaryň öwgüli materiallary berilýär.
“Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň 1944-nji, 1945-nji we
1946-njy ýyllaryndaky sanlarynda “Gorkut atanyň” gysgaldylan boýlary çap
edilýär. Orta mekdepleriň okuw kitaplaryna eposdan bölekler girizilýär.
Üçünji döwür: 1951-nji ýyldan 1989-njy ýyla çenli. 1951-nji ýylyň 2-nji
iýulynda “Prawda” gazetinde “Edebiýatda ideologik ýoýuşlar” diýen sözbaşy
bilen baş makala çap edilip, onda “Däde Gorkudyň kitaby” berk tankyt astyna
alynýar.Kitap
halk
aňyny
zäherleýji
eser
hökmünde
häsiýetlendirilýär.”Prawdanyň “ baş makalasyndan soň, M. Kösäýew, B.
Garryýew, O. Abdalow tarapyndan taýýarlanylan “Gorkut ata”kitabynyň ähli
sany okyjylara ýetirilmän ýok edilýär. Eposy çapa taýýarlanlar berk
jezalandyrylýar. “Gorkut ata” eposyny öwüp metbugatda çykyş eden A.
Rahmanow, N. Esenmyradow dagy tankytlanylýar.
Şu döwürde “Gorkut ata” eposy hakda metbugatda hiç hili material
berilmedi. Bu dymyşlyk döwründe, “Gorkut ata” kitabynyň hatda Moskwada
rus dilinde çykandygy hakyndaky habar hem gazetleriň hiç birinde çap
edilmedi.
Dördünji döwür: 1989-nji ýyldan häzirki wagta çenli. Ýurduň
hökümetiniň edebi mirasy öwrenmek baradaky kararyndan soň, ozal esassyz
gadagan edilen dessanlar bilen birlikde, “Gorkut atanyň kitabyny” hem neşire
taýýarlamaga rugsat berildi. Netijede, epos 1990-njy ýylda çapdan çykdy.Ýurt
Garaşsyz bolansoň,”Gorkut ata” eposy birnäçe gezek (1994-nji, 1997-nji, 1999njy, 2001-njy ýyllar) neşir edildi.
Beýleki türkmen alymlary bilen birlikde, folklorçy Ata Rahmanowyň hem
“Gorkut ata” eposy hakyndaky materiallary metbugatda çap edilýär. Ata
Rahmanow daýy-egen Salar Gazan bilen Oraz gojanyň arasynda agzalalygyň
döreýşine degişli maglumatlar esasynda halkyň “Gorkudyň gabry gazylgy’
hyýaly bölümini döredendigini ýazýar. Salar Gazan ejesiniň dogany Oraz begi
öldürensoň, halk agyr yzany çekmeli bolýar. Şondan soň Gorkut nirä barsada,”Gorkudyň gabry gazylgy” owazy eşidilip durulýar. Oguzlaryň agzy
111
alaransoň, Gorkut ata öz gabryny özi gazmaly bolýar. Bu bölüm eposyň
Drezden nusgasynda ýok.
Alymlaryň epos baradaky (H.Göroglynyň, A.Annanurowyň kitaplary)
ylmy işleri çap bolýar. “Gorkut ata”eposynyň 1500 ýyllygyna bagyşlanylyp
geçirilen halkara ylmy maslahatda dünýä alymlarynyň çykyşlary (“Gorkut ata”
– 1500.-Aşgabat, 1999ý.) okyjylara ýetirildi.
Mundan başga-da, epos
Türkiýede-de (“Gorkut ata”, - Ankara, 1999ý.) neşir edildi.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň ruhy hazynalarynyň biri bolan “Gorkut ata”
eposyny öwrenmäge, halk köpçüligine elýeterli etmäge giň ýol açyldy.
“Gorkut ata” eposynda watançylyk,
gahrymançylyk meselesi
Başlangyjyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan “Gorkut ata” eposynyň
esasy öňe sürýän ideýalarynyň biri watançylyk, gahrymançylyk meselesidir.
Şeýle meseläniň derwaýys ýüze çykmagyna şol döwrüň jemgyýetçilik
gurluşynyň täsiri bolupdyr. Sebäbi şol döwürde türkmen durmuşynda gündegünaşa bolýan talaňçylykly çozuşlar, çapawulçylykly hereketler az bolmandyr.
Eposdan görnüşi ýaly, iň zerur hem esasy ahlak ýörelgeleriniň birigahrymançylyk hasaplanylýar. Gahrymançylyk görkezip, taýpada, ilde saýlanan
urşuja sylag-hormat edilip, bitiren işine mynasyp at, dereje berilýär.Duşman
bilen bolan söweşde gahrymançylyk görkezmek her bir oguzyň esasy maksady
bolýar. Şonuň üçinem “Gorkut ata” eposynyň boýlarynyň hemmesinde
gahrymançylyk, watançylyk ideýalary öňe sürülýär.
Gahrymançylyk bilen baglanyşykly iňňän zerur wezipeleriň biri-de
watançylykdyr. Oguz türkmenleriniň gahrymançylygy bilen watançylygyny
biri- birinden aýyrmak mümkin däl. Olar biri-biriniň üstüni doldurýan
ýörelgelerdir.
Oguz türkmenleri Watany goramaklyga, onuň kuwwatyny artdyrmaklyga
peýda berip biljek işlere gahrymançylyk diýip düşünýärler. Şonuň üçin hem
Watany kese ýerli basybalyjylardan goramakda görkezilýän gahrymançylykly
hereket “Gorkut ata” eposynda aýratyn orny eýeleýär.
Watançylyk duýgusy eposda “Watan” diýen düşünje bilen berk
baglanyşyklydyr. Bu düşünje halkyň ahlagynyň esasy bölegi bolan watançylyk
duýgusyny açyp görkezýän alamatdyr. Türkmen oguzlary “Watan” diýlende,
ilki bilen oguz taýpa-tireleriniň ýaşaýan ýerlerine düşüňýärler.
Taýpa-tireleriň birleşip bir halk hökmünde hereket etmegi hem “Gorkut
ata” eposynyň ündeýän esasy ideýalarynyň biridir.Munuň özi watançylyk
ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi, sarsmaz sütünidir. Eserde gürüň berilýän
wakalaryň bolup geçen döwründe oguz taýpa-tireleri ýuwaş-ýuwaşdan birleşip
112
başlaýar.Bu bolsa şol döwürde merkezleşdirilen döwlet gurmaga tarap ädilen
ilkinji ädimdir.
“Gorkut ata” eposynda gahrymançylykly hereketler Salyr Gazanyň, ogly
Orazyň, onuň ýigitleriniň, Burla hatynyň, Banu Çeçegiň, Baýandyr hanyň,
Derse hanyň we beýlekileriň obrazlarynda jemlenilýär. Olar Watany, il-ulusyň
ar-namysyny goramaga mydama taýýar bolup durýarlar.
Eposda duşmana gaýtawul bermek meselesinde baş gahrymanlaryň ýeke
özi öňe çykýar. Ymgyr giden goşunyň garşysyna çykyp, barlyşyksyz göreşýär.
Sebäbi halk öz söýgüli gahrymanynyň ýeke özüni uly goşunyň garşysyna
goýmak bilen, onuň mertligini, batyrlygyny, söweş tilsimlerinden oňat baş
çykaryp bilýändigini görkezmek isleýär.
Oguz ili gahrymançylyga, batyrgaýlyga, mertlige oglanlary ýaşlykdan
taýýarlaýar. Olaryň öňlerinde dürli hili emeli kynçylyklar döredilýär.
Kynçylyklary çagalaryň özleri ýeňip geçmeli bolýar.
Oglanyň söweşe ýaşlykdan taýýarlanyşy eposyň “Gazan begiň ogly Oraz
begiň tussag bolmagy” boýunda şeýle suratlandyrylýar:
…Gazan beg keýp çekip otyr. Ogly Oraz garşysynda ýaýa söýenip dur.
Sag ýanynda dogany Gara Gün, sol ýanynda daýysy Oraz otyr. Salyr Gazan
sagyna bakyp loh-loh güldi, soluna bakyp söýündi. Garşysyna bakanda oguljygy
Orazy gördi. Elini çarpyp, aglady. Ogly Oraz bu işi halamady. Ol kakasyna
ýakyn süýşdi-de, dyzyna çöküp, şeýle diýdi: “Pikirimi aňla, sözümi diňle, agam
Gazan, Sagyňa bakdyň loh-loh güldüň, Soluňa bakdyň ýagşy söýündiň, Garşyňa
bakdyň meni gördüň, agladyň, Sebäp nedir, diýgil maňa!”
Gazan beg gyzardy, oglunyň ýüzüne bakyp sözledi: “Seni görüp agladym.
16 ýaşadyň, emma ýaý çekmediň, ok atmadyň, baş kesmediň, gan dökmediň, at abraý gazanmadyň.” Oraz diýdi: “Aý, agam Gazan, Düýeçe ulaldyň, köşekçe
akylyň ýok, Depeçe beýgeldiň, daryça beýniň ýok, Hünäri ogul atadan
öwrenermi, Ýa ata oguldan öwrenermi?”
Gazan beg el çarpyp, loh-loh güldi-de: “Aý begler, Oraz örän dogry
aýtdy” diýdi. Ol ogly Orazy ýanyna alyp, oňa özüniň ok atan, gylyç bilen baş
kesen ýerlerini görkezmäge gitdi.
Gazan beg ogluna tälim berip ýörkä, tötänden bularyň üstüne duşman
leşgeri dökülýär. Söweşde Gazan begiň örän güýçlüdigi we gaýduwsyzdygy
görkezilýär we ýigidiň gahrymançylyk görkezmegi üçin ýaşlykdan hünär
öwrenmeginiň zerurdygy nygtalýar.
“Gorkut ata”eposynda çopanlaryň edermenligi-de oňat beýan edilýär.
Olaryň obrazlary sada, daýaw, örän güýçli sypatda berilýär. “Salyr Gazanyň
öýüniň talanylmagy” boýundan mälim bolşuna görä, Gazan beg awa çykanda,
onuň duşmany Şükli Melek çozup, Gazanyň ejesini, ogly Orazy, aýaly Burla
hatyny ýesir alýar.
Duşman munuň bilen oňman, 600 atlysy bilen Salyr Gazanyň goýun
sürüsiniň üstüne-de çozýar. Garaja çopan özüniň inileri- Gabangüýji hem
113
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 10
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.