Latin

Türkmen halk döredijiligi - 10

Total number of words is 3601
Total number of unique words is 1928
29.5 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.

Demirgüýji ýanyna alyp, äpet sapany bilen duşmanyň garşysyna çykýar. Çopan
duşman bilen bolan söweşde sapana uly daşlardan başga, geçi, goýun salybam
atýar. Gaýduwsyzlyk bilen söweşýän mert çopan hiç bir zatdan heder etmeýär.
Hatda, ol duşman atlylarynyň: “Sen bize boýun bolsaň, ýurdumyzda saňa beglik
bereris” diýen sözlerine:”Boş sözlemäň, itler! Itim bilen bir ýalakda
ýuwundymy içenler! Atyňy mazamlama, ala geçimçe görmerin. Başyňyzdaky
tugulgaňyzy mazamlamaň, başymdaky börügimçe görmez men, altmyş tutam
gönderiňi öwme, gyzyl degenegimçe görmez men. Gylyjyňy ne öwer sen, egri
başly taýagymça görmez men, biliňdäki togsan okuň ne öwer sen, ala golly
sapanymça gözüme görünmez” diýip, mertlerçe jogap berýär.
Garaja çopan Salyr Gazanyň malyny duşmana bermejek bolup, berk
söweşýär, iki dogany heläk bolsa-da, aman dilemeýär. Gaýduwsyzlyk bilen
göreşýän mert çopandan duşman gaçýar.
Eposda Garaja çopanyň duşmana garşy mert durşuny görkezmekde edebi
eserlerdäki ýaly ulaltma ýaly çeperçilik serişdesi hem ulanylýar. Munuň özi
tötänden däl. Sebäbi “Gorkut ata” hem taryhy wakalar esasyndaky çeper
eserdir.
“Gorkut ata” eposynda ýigitler bilen deň hatarda, aýal-gyzlaryň-da
gahrymançylygy berilýär. Eserde Burla hatyn, Banu Çiçek, Seljan hatyn
edermenligiň nusgasyny görkezýär. Olar eposda batyrgaý, atarman, çaparman,
zerur bolanda erkek kişiniň ornuny tutup bilýän, il-gününi söýýän aýal-gyzlaryň
sypatynda hereket edýär.
Eposda aýal-gyzlaryň at debsäp, ýarag ulanmakda ussatlyk görkezişi
taryplanylýar.”Gaňly goja ogly Hantöpeli” boýunda aýal-gyzlaryň gujurlylygy
hem harby taýýarlyk derejesi anyk wakalaryň üsti bilen ýüze çykarylýar.
Eposyň “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda Burla hatynyň
obrazynyň üsti bilen duşmana gaýtawul bermekde aýal edermenligi, mertligi,
wepalylygy, çydamlylygy doly açylyp görkezilýär. Burla hatyn duşmanyň eline
ýesir düşende bolup geçýän waka uçursyz aýylganç. Emma Burla hatyn
duşmanyň süreninde öz namysyny goramagy başarýar we zenan
gahrymançylygyny görkezýär.
Eposyň baş ideýasy gahrymançylykdyr. Watana, il-güne söýgi, ýoldaşyňa
wepalylyk, mertlik, uruş hünärini türgen bilmek ýaly durmuşyň talap edýän
ýagdaýlary örän ýiti goýulýar.
“Gorkut ata” eposynda watançylyk, gahrymançylyk meselesinde her bir
oglan-gyzda batyrgaýlygy,gaýduwsyzlygy, ar-namyslylygy, erki hem ruhy güýji
terbbiýelemek ideýasy öňe sürulýär.
“Gorkut ata” eposynda milli däp-dessurlar
114
“Gorkut ata” eposynda beýleki temelar bilen birlikde, milli däp-dessurlara
sarpa goýmak ýaly meseleler hem gozgalýar.
Oguz türkmenlerinde toý tutulan wagtynda ak öýüň dikilmegi, “Gyzyl öý
-gyzylly öý” diýilmegi hem şondan, ýagny toýda bir ýerde ak öý, bir ýerde
gyzyl öý, bir ýerde hem gara öy dikilmeginiň adat bolmagyndan galan zat.
Eposda Baýandyr han ýylda bir gezek uly toý tutup, oguz türkmen
beglerini ýygnaýandygy bellenilýär. Kimiň ogly-gyzy bolmasa, onuň aşagyna
gara keçe düşäp, gara goýnuň etinden nahar beripdir. Ogly bolany ak öýe, gyzy
bolany gyzyl öýe salypdyr. Ol ogly bolmadyga “Alla gargapdyr” diýer eken.
Gadymy oguz türkmenleriniň däplerine eýerip, Baýandyr han toý tutanda,
esasan ýylky, düýe, goýun öldürip, içgiden hem esasan, gymyz berýär. Ýylky
etini iýmek, gymyz içmek däbi soňky asyrlarda türkmenlerde, azerbaýjanlarda,
türklerde saklanylmandyr. Bu däp ozal türkmenlerde (Maňgyşlakda) XV1
asyrda bar eken. Diňe çowdur, abdal-igdir taýpalary tä X1X asyra çenli bu däbi
saklapdyr.
Eposda Baýbijan beg we Baýbugra begiň arasynda ogul-gyzyny
adaglamak hakynda gürrüň gidýär. Bu gadymy däp türkmenlerde giňden
ýaýrapdyr.
Eserde beýan edilişi ýaly, ýaş ýetginjegiň ene-atasy uly höwes bilen gelin
gözlegine çykýar. Ýigide gelin boljak gyzyň ozaly bilen aslyny yzarlap,
göwnemakul tapylansoň, gudaçylyga barylýar. Däp boýunça gudaçylyga
islendik adam iberilmýär. Il içinde hormatlanylýan, kopi gören, paýhasly adam
ýigidiň ýakyn hossarlary bilen gudaçylyga barýar.
Şu däp eseriň “Baýburäniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” diýen
bölüminde has-da ynandyryjy beýan edilýär. Baýbüre beg ogly Beýregi
öýlendirmekçi bolanda, Baýbijan begiň gyzy Banu
Çiçegi almak üçin sawçylyga il ýaşulusy Gorkut atany iberýär. Gyzyň
agasy Däli Garçar uýasy üçin ummasyz köp galyň salýar.
Türkmen däbine mahsus bolan galyň gyza ene-atasy tarapyndan däl-de,
golaý garyndaşlary tarapyndan salynýar. Çünki durmuşa çykýan gyz üçin galyň
salmak ene-ata ücin uslyp däldigi milli däbimizden gelip çykýar.
Ene –ata ogluny öýerensoň, perzent hakynda umyt edip, aladalanyp
başlaýar. Adam ata we How eneden dowam edip gelýän däbe eýerip, ynsan
durmuşynyň dowamatydygyna düşünilip, ilkinji nobatda beýik Taňrydan nesil
dileýär. Soňra ene-ata perzentli bolansoň, oňa mynasyp gowy at gakmak
hakynda pikirlenýär. Bu däp “Gorkut atada” täsirli beýan edilýär.
Ene-ata çaga dünýä inensoň, ogul ýa gyzdygyna parh goýman, oglana
häsiýetli bolan mertlik, gaýratlylyk,ar-namysly bolmak, gyz üçin bolsa
görmegeý, akylly-başly, eli hünärli, edim-gylymly bolmak arzuw edilýär.
Gadymy oguz türkmenleriniň däp-dessurlary esasynda çaga birbada at
goýmaga howlugylmaýar. Dünýä inen oglanyň 10-15 ýaşyna ýetip, bir
115
edermenlik görkezmegi hökmany şert bolupdyr. Şu meselede köp manyly
“Dogmadyk oglana at goýmak bolmaz” diýen paýhasy ýatlamak bolar.
Eposyň “Derse han ogly Bugaç han boýny beýan eder” hem-de
“Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” boýlarynda oglana at
goýmak meselesi gozgalýar. Eposyň “Derse han ogly Bugaç han boýuny beýan
eder”boýunda Derse hanyň ogly bir uly buganyň (öküziň) garşysynda durup,
ony ýeňýär we bu başarjaňlygy üçin oňa “Bugaç” diýen ady dakylýar. Oňa bu
ady dakan Gorkut ata: “Adyny men berdim, ýaşyny Alla bersin”diýip, d ogadileg edýär.
Eposyň “Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” boýunda
Beýrek ok atyp, duşman goşunyny ýeňip, özüne mynasyp ada eýe bolýar.
Umuman, eposda görkezilişi ýaly, Gorkut ata oguz türkmen begleriniň
ogullaryna at dakýar, pata berýär. Gündogarşynas W.M.Žirmunskiý bular ýaly
däbiň altaý halklarynyň halky eserlerinde-de gabat gelýändigini belleýär.
Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryndan habar berýän bu eposda
toý bilen baglanyşykly pusatlaram bar. “Gorkut atanyň” her boýunda
duşmandan üstün çykylanda, ýaşlaryň durmuş toýlarynda bagşy aýtdyrmak,
gopuz, tüýdük çalmak ýaly däpleriň beýany berilýär.
Geňeş toýuny etmek, gelnalyjyny keseklemek, nika gyýmak, çaga
doglanda azan okamak ýaly däp-dessurlar hem eposda görkezilýär. Eseriň
gahrymanlary
türkmeniň
özboluşly
(kakasynyň
ýa-da
doganynyň
tussagdadygyny oglan tä ýigit çykýança aýtmazlyk) däplerini-de saklaýarlar.
Boýlaryň ählisinde diýen ýaly Gorkut ata aýdym-saz bilen wakany jemleýär.
Wepalylyk, ar-namys türkmen däp-dessurynyň esasydyr. Türkmen
zenanlarynyň wepalylygy “Baý Bugra beg ogly Bamsy Beýrek boýy”
bölüminde öz beýanyny tapýar. Bamsy Beýrek duşman elinde tussaglykda on
alty ýyl oturyp gelýänçe, Banu Çeçek oňa garaşýar.
Gelin-gyzlaryň wepalylygy eposyň “Döwhe goja ogly Däli Domrul”,
“Gaňly goja ogly Hantöreli boýunda” hem beýan edilýär. Adamsy Däli Domrul
üçin ýanýoldaşy öz şirin janyny bermäge kaýyl bolýar. Seljan hatyn hem her
hili kynçylyk görse-de, yzyna düşüp gaýdan ýigidi Hantörelä ikilik etmeýär.
“Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda ar-namys öň hatarda
goýulýar. Duşmanlar Burla hatyna şerap süzdürip, Salyr Gazany namys astynda
galdyrmak isleýär. Emma ýesir alnan zenanlaryň içinden Burla hatyny tanap
bilenoklar. Şonda duşman Şükli Melek: “Orazy asyň, etinden goparyp alyň,
gara gowurma bişiriň, gyzlara eltip beriň, kim iýmese, şol Gazanyň aýalydyr ”
diýýär.
Burla hatyn näme etjegini bilmän aljyrap, ogly Orazyň ýanyna gelýär:
Oglum-oglum, aý oglum,
Men seniň etiňden iýeýinmi?
Ýa porsy duşmanyň düşegine gireýinmi?
Ataň- Gazanyň namysyny ýere çalaýynmy,
116
Näme edeýin, oglum?diýýär.
Aýal maşgala ar-namysyny perzentden hem ýokary goýýar, Emma perzent
şu meselede enäni hem gaýgyrmaýar.
Bu ne sözdür? Saklan hatyn ene,
Meniň üstüme gelme, meniň üçin aglama,
Goý meni çeňňele ursunlar, goý etimden kessinler,
Gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler,
Olar bir iýse, sen iki iýgil.
Orazyň şu sözleri atasy Salyr Gazanyň ar-namysyny belent tutmaklyga
çagyryş bolup ýaňlanýar. Oglunyň sözlerini eşiden Burla hatyn wepalylygyň,
ar-namysyň nusgasyny görkezýär.
Eposda milli oýunlaryň aglabasy ýatlanylýar. Göreş tutdurmak, ýaglyga
towusmak, altyn gabak atdyrmak, ýaş oglanjyklaryň aşyk oýnamagy ýaly milli
oýunlar eserde beýanyny tapýar. Aslyny Gorkut ata döwründen alyp g aýdýan
göreş tutmak, pälwanlaryň güýç synanyşygy biziň şu günlerimizde-de dowam
etdirilýär.
Türkmen däp-dessurlaryna mahsus bolan aýratynlyklaryň ýene biri
begençli wakany buşlamak, ýagny söýünjelemek, buşluk hakyny almak ýaly
pursatlar hem ünsüňi çekýär. Eserde beýan edilişi ýaly, on alty ýyllap duşman
gabawunda bolan Beýregiň boşap gelenini magşuk gyzy Çiçegiň onuň ene atasyna buşlaýan pursady, ine şeýle beýan edilýär: “On alty ýyllyk hesretiň,
ogluň Beýrek geldi ahyr. Gaýyn ata, gaýyn ene, muştulyk, maňa ne werersiz”.
Eposdan geçmişde türkmen durmuşynda aw awlamak, şikara çykmak ýaly
däpleri hem yzarlamak bolýar.
Ynsan durmuşynda hemişe toý, şatlyk-şagalaň bolup durmaýar. Toý bar
ýerinde ýas hem, kynçylykly, gamly pursatlar hem bolýar. Toý däbinde,
baýramçylyk, dabaraly günlerde gyzyl-ala geýinýän adamlar gamly günlerde
diňe bir ruhy taýdan gyýylman, şoňa laýyklykda lybasyny hem üýtgedýär.
Bezemen egin-başlaryny gara lybas bilen çalşyrýar.
Oguz aýal-gyzlarynyň geýinýän eşiginde hem millilik bar. Gyzyl reňk
türkmen halkynyň däbinde, esasanam aýal-gyzlaryň däbinde-eşiginde
ýörgünlidir. Eserde gyzlar hemişe diýen ýaly gyzyl reňkli eşikde
suratlandyrylýar. Sebäbi gyzyl reňkli, gyrmyzy köýnek geýmeklik türkmen
zenanlaryna mahsus bolupdyr.Gyzyl reňke üns berlendigini halylaryň
ýerliginiň-de gyzyl bolandygy bilenem düşündirmek bolar.
Eserde miras düşmeklik, söweşde ýeňiş gazanan goç ýigitlere ülke
paýlamaklyk ýaly däpler hem görkezilýär.
“Gorkut ata” eposynda oguz türkmenleriniň adatlarynyň, däpdessurlarynyň häzirki döwürdäki adatlara ýakyndygyny subut edýän mysallaram
az däl. Munuň şeýledigini hazire çenli saklanyp galan nakyllaram subut edýär.
117
Nakyllar eposda köplenç Gorkut atanyň wesýetleri, pata bermek görnüşinde
berilýär. “Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş” däbine laýyklykda,
sawçy bir ýere gudaçylyga gidip gelen wagty: “Oglanmysyň, gyzmysyň”
diýlipdir.
Bu aňlatma “Gurtmysyň, tilkimisiň” görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly
bolsa, gudaçylyga giden “gurt” ýa-da “oglan” diýip jogap berýär.
Umuman, “Gorkut ata” eposy taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, edebi
mirasymyzy öwrenmekde gymmatly ýadygärlikdir.
Milli däp-dessurlarymyz özüniň gözbaşyny türkmeniň dana gojasy Gorkut
ata döwründen alyp gaýdýar. Şol däp-dessurlar “Gorkut ata” eposynda giň
beýan edilýär. Bu ajaýyp eserde getirilen däp-dessurlar biziň häzirki
günlerimizde hem özüniň ähmiýetini ýitirmeýär.
“Gorkut ata” eposynda obrazlar ulgamy
“Gorkut ata” eposynyň baş gahrymany Gorkut atadyr. Ol Gara Hojanyň
ogly, baýat taýpasyndan. Gorkut ata paýhasly, akyldar, halkyň ýakyn
maslahatçysy, keramatly adam. Toý-tomaşalarda gopuzyny çalyp, aýdym
aýdyp, adamlara ak pata beripdir.
Eposda Gorkut ata oguznama (aýdym) düzýän, ak sakally,öwüt beriji, il
hormatyna mynasyp adam hökmünde-de häsiýetlendirilýär. Gorkut atany ýaşuly
hökmünde sylaýyşlary, hemme meselede maslahat salyp, öňe tutuşlary türkmen
häsiýetine mahsusdyr.
Gorkut ata umumy oguz ýaşulusy-gojasy,atasy hem ozanydyr. Sebäbi
eposyň süňňünden onuň häsiýeti, oguz durmuşy eriş-argaç bolup geçýär. Ol
hemişe ýagşylygy ündeýän,çykgynsyz ýagdaýdan çykalga tapyp bilýän il
ýaşlusynyň obrazydyr.
Gorkut atanyň sözi oguz ilinde ýörgünli. Onuň sözi ula-da, kiçä-de,
erkege-aýala-da, dosta, hatda duşmana-da täsir edýär.
Gorkut ata – şahyr, bagşy, aýdan zady bolýan, öňdengörüji keramatly
adam. Şunuň bilen birlikde, ol örän pespälli, ýönekeý. Mydama halkyň
arasynda.Ýurt agzybirligini saklaýar. Daşoguz-içoguz beglerini ýaraşdyrýar.
Halk bähbidini ileri tutýar.
Gorkut ata Muhammet pygamberiň döwürdeşi hasaplanylýar. Ol
ilkinjileriň biri bolup yslam dinini kabul edýär. Mekge-Medinä gidip, haç
parzyny bitirýär.
Ol eposyň boýlarynyň hemmesinde wakalara doly gatnaşman,soňunda
görünýär. Waka Gorkut atanyň sözi bilen jemlenilýär.
118
Eposa başdanaýak gatnaşýan Gorkut atanyň obrazyndaky häsiýetleri
jemläp, şu aşakdaky netijeleri çykarmak bolýar:
1. Gorkut ata – taryhy şahs. Ol oguz türkmenleriniň baýat tiresinden. Gara
Hojanyň ogly. Ol Merwde ýaşan hem işlän. Gorkut ata öz döwründe Ynal,
Ýaby, Düýeli kaýy, Salyr Gazan ýaly patyşalaryň weziri bolupdyr. Ol 195,
käbir maglumata görä hem 295 ýaşaýar.
2. Gorkut ata - akyl-paýhasy bilen tapawutlanýan, aýdan zady bolýan
keramatly hem hormatly adam. Halk il-günüň maslahatçysy bolan Gorkut ata
ýoly bilen ýöreýär.
3. Ol oguz iliniň serhedini goraýan ýigitlere ak pata berýär. Daşoguz –
içoguz begleriniň agzybirligini saklaýar, halk bähbidini ileri tutýar.
4. Gorkut ata - din wekili. Ol ilkinjileriň biri bolup, yslam dinini kabul
edýär.
5. Gorkut ata - uçursyz dilewar hem ugurtapyjy. Halk hajatyny bitirýär.
Sawçylyga gidýär, oguz iliniň ilçisi bolup Depegözüň ýanyna ugraýar.
Gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk görkezen ýetginjege at dakýar.
6. Gorkut ata – pelsepeçi. Onuň wesýetleri halka ruhy lezzet berýär,
dogry ýola salýar. Bagşy – ozan hökmünde her boýdaky wakany jemleýär.
Eposda esasy gahrymanlaryň biri-de Salyr Gazandyr. Onuň serkerde
hökmünde iş tutuşy hem türkmen häsiýetine mahsusdyr. Salyr Gazan batyr,
akylly, pähimli, paýhasly serkerde, belent adamkärçilikli, pespäl adam
hökmünde öňe çykýar. Şonuň üçinem ol urug-tire arslany, batyr ýigitleriň
serkerdesi hasaplanýar. Ol hiç haçan degmedige degmeýär. Gaçany kowmaýar.
Iman diläni öldürmeýär. Bu häsiýet “Görogly” eposynda Göroglynyň obrazyny
ýadyňa salýar. Eposda Salyr Gazan we onuň ýigitleri Watanyň,il-halkyň arnamysy üçin aýaga galýar.
Eserde Salyr Gazanyň ogly Orazyň hakyky perzentlik borjuny, duýgusyny
görmek bolýar. Ene-ata, ar-namys Oraz üçin has hem mukaddes. Munuň özi
onuň gahrymançylygynyň hem gaýduwsyzlygynyň baş maksadydygyny
aňladýar.
Eposda “Salyr Gazanyň öýuniň talanylmagy” boýunda Garaja çopanyň öz
hojaýyna wepalylygy, ýagny Salyr Gazanyň malyny bermejek bolup, duşmana
gaýtawul berşi, Salyr Gazan duşmanyň üstüne gidende, ony daňyp, galdyryp
gitse-de, yzyndan gidişi, “Nahar-çaýyňa seretjek welin senden galjak däl”
diýeninde, türkmeniň garadangaýtmaz ýigidi göz öňünde janlanýar. Salyr
Gazanyň obrazynda onuň özüne göwnüýetijiligi, öz güýjüne buýsanjy
görkezilýär. Ol lebzi bilen tanalýar.
“Gorkut ata” eposynda Segregiň obrazy aýratyn üns bererlikdir.Onuň eneatasyna bolan hormaty ýokary. Ol gadymy ata-babalarymyzyň dessuryna eýerip,
ýaşululara, dana gojalara hormat we sarpa goýýar. Eposda beýan edilişi ýaly,ol
dogany ukudan turansoň, tanamazlykdan onuň bilen söweşjek bolýar. Ýöne
119
görse, onuň elinde Gorkut atanyň sazy bar. Ine, onsoň Segrek Gorkut atanyň
sazynyň hormatyna öz doganyna degmeýär.
Eposda Baýbüräniň ogly Bamsynyň (“Baýbüre ogly Bamsy Beýrek’
boýunda) obrazynda hem edepliligiň we adamkärçiligiň iň oňat sypatlaryny
görmek bolýar. Ol edebini saklap bilýän adam, onuň obrazynda edepli
hereketler köp.
Eposda öz asyllylygy, medeniýeti, akyly, edebi bilen tapawutlanýan
adamlaryň biri-de Hantörelidir. Ululara hormat goýmak, aýdylan zady
wagtynda ýerine ýetirmek,beren sözünde tapylmak Hantöreliniň esasy
häsiýetleridir. Hantöreli kakasyndan eşidenini hökman ýerine ýetiräýmeli diýip
düşünýär.”Bolmasa meniň üçin namys bolar” diýip aýdýar. Ol pälwansypat,
daýaw, güýçli bolsa-da, öwünjeň däl. Hantöreliniň
buga (öküz) bilen
söweşende hem: “Akyl adamzada berlendir, munuň öňünden sowlaýyn, näme
hünärim bolsa, arkasyndan görkezeýin” diýip, pähimli hereket etmegi hem
düşünjeliligiň nyşanydyr.
Eposda Derse hanyň obrazy-da täsirli berlipdir. “Bugaç han Derse han
oglunyň boýuny beýan eder” boýunyň başlanyşy perzentsizlik meselesi bilen
baglanyşyklydyr. Baýyndyr han toý edende, perzentsiz bolany üçin Derse han
gara öýde oturdylýar we öňüne gara goýnuň ýahnasy goýulýar.
Derse han toýdan öýkeläp gaýdýar we aýalynyň ýanyna gelýär. Ol
perzensizlik barada söz açmazdan ozal, aýalyna hoşamaý sözler bilen
ýüzlenýär:
Bäri gelgin, başym bagty, öýüm tagty,
Öýden çykyp, ýöriýende selbi boýlym,
Topugynda sarmaşanda gara saçlym,
Gurulgy ýaýa meňzär, çatma gaşlym,
Goşa badam sygmaýan dar agyzlym,
Güýz almasyna meňzär al ýaňaklym,
Hatynym, wiregim,tüwlegim…
Derse hanyň aýalyna ýüzlenip aýdan sözleri örän täsirli. Bu sözler onuň
ýanýoldaşyna garaýşyny görkezýär. Derse han soňra Baýyndyr hanyň toýunda
bolan wakany gürrüň berýär we bu meselede aýaly bilen geňeşýär.
Derse han aýalynyň maslahaty bilen “Aç görse, doýurýar, ýalaňaja don
edýär, borçlyny borjundan gutarýar, uly toý edýär”. Şeýlelikde, bir agzy
dogalynyň dilegi bilen onuň ogul perzendi dünýä inýär.
Derse hanyň aýalyna garaýşy, geňeş salmagy, onuň maslahaty bilen
bolmagy at-abraýyny, il içindäki hormatyny artdyrýar.
Eposda aýal-gyzlaryň obrazlary-da oňat berlipdir. Eserde aýal-gyzlar
perzentlerini janlaryndan hem eziz görýäler, adaglylaryna we ýanýoldaşlaryna
örän wepaly. Olaryň hiç biriniň hem göwnünde ikilik ýok. Şunuň bilen birlikde,
aýallaryň perzentleri hem olara wepalylyk görkezýär. Aýal-gyzlaryň
120
goragçylary hökmünde olara mydama howandarlyk we hossarlyk gollaryny
uzadýar.
Eserde aýal-gyzlaryň batyrlygy, edermenligi beýan edilýär. Olar öz
ärlerinden hiç bir derejede kem oturmaýar, at debsäp, ýarag ulanmakda-da
edermenlik görkezýär.
Şeýle sypatlar geçmişde türkmen aýal-gyzlarynyň obrazlarynyň nähili
bolandygyna şaýatlyk edýär. Dünýä edebiýatynda hem aýal-gyzlaryň obrazy
“Gorkut ata” eposyndaky ýaly oňat suratlandyrylmandyr. Gorkut ata ýagşy hem
ýaman aýallar hakynda şeýle diýýär: “Öýüne myhman gelende, gelen myhmany
hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun…” ýa-da “Ertir bilen elinýüzün ýuwman… elini bykynyna diräp: “Şu öý gurasyn. Äre çykalym bäri doýa
garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu
bir ölse, men hem başga birine barsam” diýýän aýal duşmasyn,gapyňyzdan
barmasyn”.
“Gorkut ata” eposynyň “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda
Burla hatynyň obrazynyň üsti bilen aýal edermenliginden, mertliginden,
wepalylygyndan, akyl- paýhasyndan, çydamlylygyndan söz açylýar.
Burla hatyn - Salyr Gazanyň aýaly. Ol edermen, gaýratly hem wepaly
zenan. Takdyra ten berip oturmaýar. Öz ykbaly üçin hereket edýär. Maşgala
namysyny goramagy mukaddes hasaplaýar. Burla hatyn garry enesi, ogly Oraz,
40 kenizi bilen Salyr Gaznayň duşmany Şökli Melege ýesir düşende,
edermenligiň hem wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Türkmen
zenanynyň ar- namysynyň buýsançly baýdagyny ýokary göterýär.
Eserde adaglysyna, ýanýoldaşyna garaşmak häsiýeti-de oňat beýan
edilýär. “Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek” boýunda Bamsy Beýrek Baýbijanyň
gyzy Banu Çiçek bilen ýaryşda (atda ok atyşmakda, göreş tutmakda) ýeňip,
Banu Çiçege öýlenmekçi bolýar. Bamsy Beýrek ýesir edilip äkidilýär.
Şeýlelikde, ol 16 ýyl tussaglykda oturýar. Banu Çiçek hem şonça wagtlap, onuň
ýoluna garap oturýar. Şeýle mysaly Tarabozan hanynyň gyzy üçin Hantöreliniň
göreşi bilenem baglanyşdyryp bolar. Hanyň gyzy görkli-görmekli, ýaý çekip, ok
atmany başarýar.Gyzyň şertine görä, arslan, gara bugra ýaly haýwanlary ýeňip,
şerti ýerine ýetirýär we gyzy alyp gaýdýar.Ýolda söweş bolýar. Şonda Seljan
hatyn Hantörelä garanda uly edermenlik görkezýär. Ol hakda şeýle diýilýär:
“Seljan hatyn duşman üstüne at saldy, öňüne düşen ýagyny basdy, gaçany
kowmady, aman diýeni öldürmedi.”
Aýal-gyzlaryň edermenliginiň ýokary çägi “Döwhe goja ogly Däli
Domrul” boýunda beýanyny tapýar. Boý hyýaly häsiýetde. Munda Alladan
başga-da, Ezraýyl gahryman hökmunde gatnaşdyrylýar. Däli Domrul bir ýigidi
üçin Ezraýyldan ar almak isleýär. Emma Hak tagallanyň buýrugy boýunça
Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almakçy bolýar. Däli Domrul jan soraýar, onuň
ene-atasy hem janyny bermek islemeýär. Däli Domrulyň aýaly öz äriniň
janynyň ýerine öz janyny bermäge razy bolýar. Ýogsa, Däli Domrul ondan jan
121
talap hem etmeýärdi. Ol ärine:”Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun” diýip,
ölume taýýarlanýar. Emma Allanyň eradasy bilen olaryň hersine 140 ýaş
berilýär. Bu ýagdaý maşgala agzybirliginiň, döwletliligiň nyşanydyr, aýalgyzlaryň mertebesini belende göterýän ýagdaýdyr.
Eposda oguz gelin-gyzlarynyň owadanlygy, belent adamkärçilik
sypatlary, edep-ekramy, akyl-paýhasy,erkekler bilen deň durup, ata çykyp, eline
gylyçdyr naýza alyp, duşman bilen ýüzbe-ýüz durşy taryplanýar. Umuman,
Burla hatynyň, Banu Çeçegiň we beýleki gelin-gyzlaryň
obrazlarynda
mertligiň, gahrymançylygyň, wepalylygyň nusgasyny görkezmek bolýar. Derse
hanyň aýaly, Däli Domrulyň aýaly-bularyň ählisi hem nesillerini gowy öwütündewler bilen terbiýeläp bilen zenanlardyr.
“Görogly” eposy we onuň öwrenilişi
Türkmen geçmişde erkin, özbaşdak ýaşamagy arzuw eden halk.Ýurdyny
daşary
yurt
duşmanlaryndan
goramaga
çalşypdyr.
Gündogarşynas
Ýe.E.Bertelsiň nygtaýşy ýaly,az sanly türkmen halky köp sanly feodal
döwletleriň garşysyna göreşmeli bolupdyr.Şonuň üçin halk döredijilik
eserlerini-de, edebiýatyny-da goranmaga utgaşdyrypdyr. Hekaýatlaryň esasynda
köp sanly gahrymançylykly eposlar, dessanlar döräpdir. Halkyň döreden
gahrymançylykly eserleriniň biri-de “Görogly” eposydyr.Eposyň esasy maksady
halkyň erkin durmuş ugrunda alyp baran göreşini beýan etmekden ybaratdyr.
Halk ata Watanyny daşary ýurt basybalyjylardan goramak üçin öz legendar
gahrymanyny-Göroglusyny döredipdir.
Görogly hakyndaky rowaýatlar, gürrünler, aýdymlar Merkezi Aziýa,
Kawkaza,Ýakyn Gündogara ýaýrapdyr we her bir halkyň öz :Göroglusy”
bolupdyr.
Bagşylar, ozanlar, aýdyjylar – olaryň her biri öz ýaşan döwründe bu eposa
özüniň ussatlyk aýratynlygy bilen goşant goşupdyr.
Epos özbek, täjik, gazak, azerbaýjan, ermeni, gruzin halklarynyň arasynda
has-da meşhurdyr. Ýöne eposyň nusgalarynyň-wariantlarynyň (wersiýalarynyň)
arasynda bir umumy ýakynlyk, baglanyşyk bardyr. Ýakynlyk eposyň esasan-da
ideýasynda has-da oňat duýulýar.
Dürli halklaryň arasynda dowam edip gelýän “Görogly” eposynyň
nusgalarynyň her haýsynyň özüne mahsus bolan aýratynlygy hem bar. Bu
aýratynlyk köplenç eseriň gurluşyna, wakalaryň ýaýbaňlanyşyna degişlidir. Her
bir eposyň nusgasy halkyň ýaşaýyş şerti, däp-dessury bilen baglanyşykda
döreýär. Şonuň üçin her bir halkyň döreden :Göroglusy” şol halkyň öz
“Göroglusydyr”, şol halkyň özboluşly edebi ýadygärligidir.
Türkmen “Göroglusynyň” ilkinji neşirleri eposyň dörän döwürleri
hakynda gürrüň bermäge esas döredýär. Epos mundan birnäçe asyr öň ýüze
122
çykýar. Bagşylar, aýdyjylar asyrlarboýy edebi maglumatlary toplap, türkmen
“Göroglusyny”döredipdir. Eposyň esasyny türkmen ertekileri, rowaýatlary,
aýdymlary düzýär. Halk uzak ýyllaryň dowamynda erkinlik,asuda ýaşaýyş
ugrunda göreş alyp barypdyr.”Görogly” eposy halkyň birnäçe asyryň
dowamynda başdan geçiren wakasyny jemleýär.
Halk döredijiliginiň beýleki birnäçe žanry ýaly, bu eposyň hem asyl
nusgasyna gabat gelinmeýär. Halk öz “Göroglusyny” ýat tutup, nesilden-nesle
geçirip gelipdir.
Eposyň haçan dörändigi hakynda anyk maglumat tapdyrmaýar. Ýöne
welin Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň hereketini göz öňünde tutsak,
onda eposdaky käbir wakanyň has irki döwürde, yslam dininden hem ozal
dörändigine göz ýetirmek bolýar. Eseriň gahrymanynyň hereketiniň din bilen
känbir baglanyşygynyň bolmazlygy,şeraba üns berilmegi munuň aýdyň
şaýadydyr.
Eposyň käbir wakasynda bolsa Göroglynyň gylyjyny, ok-ýaýyny
Yspyhandan getirişi hakynda gürrüň gidýär. Gürrüňi edilýän döwür XV1-XV11
asyrlarda Eýranda sefewidleriň hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelýär.
Ýagny, şonda Şaapbasyň hökümdar bolan döwründe (1588-1628ý.ý.) paýtagt
Yspyhan eken. Iň gowy ýaraglaram Yspyhanda ýasalypdyr. Şeýlelikde, XV1
asyryň ahyrynda, XV11 asyryň birinji ýarymynda eposa käbir wakalar
goşulypdyr diýen çaklama-da bar.
Alymlar “Görogly” eposynyň döreýşini öwrenmek bilen eseriň baş
gahrymanynyň aňyrsynda anyk taryhy şahsyň ýatandygyny,ol hakda ilki
rowaýatlar düzülip, soňra şol rowaýatlar ösdürilip, baýlaşdyrylyp eposyň
döredilendigini nygtaýarlar.Alymlar eposyň baş gahrymanynyň hereketinden
taryhylygy gözleýarlar.Alym E.M. Meletinskiý “Gahrymançylykly eposyň
döreýşi”(“Proishoždeniýe geroiçeskogo eposa”-Moskwa, 1963g.) diýen işinde
halk döredijiliginiň kyssa eserlerine taryhy taýdan çemeleşme bilen baha
bermegiň ýeke- täk ýoldygyny nygtaýar we gahrymançylykly eposy döreden
hem onuň ösüşini kepillendiren şertleri anyklamagyň zerurdygyny
ýazýar.Şunyň bilen birlikde, ol taryhy reallyklara eposy umumylaşdyrmagyň
materialy hökmünde garaýar.
Alymyň pikiriçe, anyk bir taryhy şahsyň hereketleri rowaýatlaryň
döremegine sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şol rowaýatlar
çeperleşdirilýär, biri-birine sepleşdirilýär hem-de bitewileşdirilýär. Halk
rowaýat gahrymanyna milli häsiýeti, özboluşlylygy siňdirýär.Ýigitleriň soňky
döwürdäki görkezen batyrlygy-da rowaýat gahrymanynyň adyna berilýär.
Şeýlelikde,umumylaşdyrylan epos gahrymany döreýär. “Görogly” eposy-da
şeýle usulda döräpdir.
Taryhy we edebi çeşmelerden Göroglyny gözlemekde ep-esli işler edildi.
Jelaletdin Rumynyň (1207-1279ýý.) döredijiliginde Görogly ýatlanylýar. XV1
asyryň başyndan XV11 asyryň başyna çenli, tas bir asyryň dowamynda günorta
123
Azerbaýjanda, Kiçi Aziýada, Yrakda bolup geçen jelalylar gozgalaňyna degişli
materiallarda hem Göroglynyň adyna duş gelinýär. “Görogly” eposynyň sýužeti
şol halk-azat edijilik hereketi esasynda emele gelenmiş diýen pikirem orta
atylýar. Pikirler esaslandyrylmaga-da çalşylýar. Türk taryhçysy Öwlüýä
Çelebiniň (XV111 asyr) “Syýahatlar kitabynda” “Jelaly” ady bilen belli bolan
gozgalaňa ýolbaşçylyk edenleriň biriniň-de Göroglydygy nygtalýar.
Alym Halyk Görogly soňky ýyllarda Türkiýäniň arhiwlerinden Jelaly
Göroglysyna degişli materiallary toplaýar. Şol materiallarda Göroglynyň,
Bezirgeniň, Öweziň, Safaryň (Saparyň), Ýusubyň atlary getirilýär.
Alym B.Garryýew eposyň taryhy kökleriniň jelalylar Göroglysyna
direýändigini nygtamak bilen, onuň ilkinji rowaýtlary-da şol döwürde döräpdir
diýen netijä gelýär.Alymlar H.Görogly hem B.Mämmetýazow dagy hem şu
pikiri goldaýar.
Jelalylar hereketi diňe türkmen Göroglysyna esas bolman, eposyň
Kawkaz nusgalarynyň taryhy sýužetiniň ýüze çykmagyna-da esas bolupdyr
diýen netijä gelenlerem bar. Soňky ýyllarda tapylan gruzin hem-de rus
elipbiýinde neşir edilen gruzin nusgasynda (Çlandze L.G. Gruzinskaýa wersiýa
eposa “Kerogly”, Tbilisi, 1978g.) hem munuň şeýledigini tassyklamaga
çalşylýar. Bu nusgada teke, ýomut, jelaly taýpalarynyň Rum welaýatynda
ýaşandygy, Göroglynyň atasynyň gözüni Şaapbas patyşanyň oýdurandygy
hakyndaky maglumatlara gabat gelinýär.
“Görogly” eposynyň kawkaz, özbek, gazak nusgalarynda Göroglynyň
türkmendigi hakynda degerli maglumatlar getirilýär. Özbek “Göroglysynda”
Göroglynyň türkmenleriň teke, ýomut taýpalarynda dünýä inendigi nygtalýar.
Eseriň gazak nusgasynda baş gahrymanyň Ürgenç şäherinde, Amyderýa
boýlarynda, Hazar deňziniň töwereginde ýaşap geçendigi aýdylýar. Ol şol
ýerlerde ýaşapdyr, daşary ýurtdan edilen çozuşlara gaýtawul beripdir.
Balkan dagy, Etrek, Gürgen ýaly ýer-ýurt atlary eposda duş gelýär.
“Arapdan ar alyş” şahasynda:
Ýok meniň zynat-nyşanym,
Balkan degresi mekanym.diýlip, Balkan töwerekleri ýatlanylýar.
Eposyň Stawropol türkmenleriniň arasyna ýaýran nusgasynda Gürgen
bilen Amyderýanyň ady tutulýar. Göroglynyň atasy Jygaly- beg agtygy
Göroglyny, Öwez we Hasan ogullaryny Günorta-Günbatar Türkmenistanda
terbiýeläp ýetişdirýär. Hazar geňzi, Weýeňňam ýurdy, Madaw, MaşadyMisserian atlary Türkmenistan bilen baglanyşyklydyr.Türk soltany hökmünde
öňe sürlen Hüňkäriň ýurdy-da Eýrandyr –diýlip çaklanylýar.
“Görogly” eposy düzülişi taýyndan birnäçe şahadan, dessandan ybarat
bolup, halkyň taryhyndan söhbet açýan iri göwrümli eserdir. Geçen asyrlarda -
124
da, häzirki döwürde-de bu epos özüniň taryhylygy, gahrymançylygy bilen
alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär.
Türkmen “Göroglysyny” öwrenmekde ilkinji edilen işleriň biri hem
eposyň birnäçe şahasynyň polýak syýahatçysy hem-de Gündogary öwreniji A.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 11
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.