Latin

Türkmen halk döredijiligi - 05

Total number of words is 3538
Total number of unique words is 1978
29.3 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gyzyl dili saýranda,
Barjak öýün bellände,
Öz gapysyn tananda,
Eli taýak tutanda,
Boýy kölge atanda,
Daňdan görlen düýş bolduň,
Agaja gonan guş bolduň!
Hojalygyň baştutany, ýaşuly adamlar ölende aýdylýan bentleriň arasynda
onuň yzynda galan ogluna, gelnine, olaryň iň ulusyna nesihat beriji mazmunly
setirlere duş gelinýär:
Berk guşagyn biliňi,
Gaýyn enem öldi diýip,
Dargatmagyn yzyny,
Aglatmagyn ogluny,
Saraltmagyn gyzyny,
Gapyňdan myhman gelse,
Gülüp garşy alawer,
55
Ile syryň bildirme,
Gaýratyňa galawer-ow,
Eý,eh-eh-eh-ow!
Uruş ölüm-ýitimsiz bolmaýar. Gökdepe urşunda ähli perzendini aldyran
maşgalalar boldy. Agy bendinde ene ýüreginiň nalasy has-da eýmenç berilýär:
Gara daglam ýykyldy,
Çynarlarym çapyldy,
Bilimiň kuwwatlary,
Gözümiň göreçleri,
Alty balam aldyrdym,
Gelin-gyzy giderdim,
Agtyklarym gyrdylar,
Ýüregmi sogurdylar,
Ýetim ösen balalam,
Gitdi meniň çagalam.
Ýasda ses edilende, sesi goýmazdan
gaýtalanýan käbir bentler bar:
ýörite
soňlama
hökmünde
Aman, aman, Alla jan,
Eden işiň ne ýaman,
Aman,aman edeýin,
Toba tagsyr edeýin.
Agylar köplenç gartaşan aýallar tarapyndan döredilýär. Adamzat üçin iň
agyr, iň ajy zat - ölüm. Halkyň gynanjy, bagyr awusy agylarda beýan edilýär.
Agy bentleri 7-8 bogunly setirlerden ybaratdyr. Her bendi 4-6, kähalatda
8,10.14,18 setirden ybarat agy bentlerine duş gelinýär. 4 setirli bentler (a,b,a,b)
başaşa ýa-da 2 setiri özara kapyýalaşýar. Bu ýagdaý köp setirli bentlerde-de
şeýledir.
Türkmençilikde aglap ses edip oturmak känbir halanmaýar. Emma şeýlede bolsa, ýas günlerinde bentler gysga wagtda aýdylýar.
Agylar her hili däp-adatlary öwrenmäge, halkyň durmuşy,ruhy dünýäsi
bilen tanyşmaga kömek edýär.
Agylar ýurt Garaşsyz bolansoň öwrenilip hem-de ýokary okuw
mekdeplerinde žanr hökmünde okadylyp başlandy.
56
Yrymlar
Yrymlar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri.Yrym – gadymdan
gelýän däp-dessur, bir zat niýet edilip tutulan däp. Yrymlar has irki döwürde
ýüze çykypdyr we adamzat ýaşaýsy döräli bäri dowam edip gelýär. Olar
ilkibaşda haýsydyr bir ynanjyň esasynda döreýär we gitdigiçe kämilleşip,
halkyň ýaşaýyş durmuşyna ornaşýar. Halk yryma öwrülen ynanja görä hereket
edýär.
Beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmenler hem yryma ynanýar. Milli däpdessurlarymyzda, ahlak ýörelgelerimizde yrymyň güýçli täsiri duýulýar. Halk
yrym barada “Yrymly yrylmaz”, “Yrymsyzyň yrzy (ynsaby) ýok”, “Yrymlam
bolma, yrymsyzam galma” diýen ýaly paýhasly sözleri döredýär.
Yrym-ynançlar ýüze çykyp başlan döwürlerinden, adamlar her bir zatda
yrym edip, işiniň şowly bolmagyny arzuwlap başlayar. Eger yryma ynanmasa,
işiniň şowly bolmajakdygy barada pikir döreýär.
Irki döwürlerden adamlaryň aň-düşüňjesiniň,tejribesiniň artyp başlamagy
bilen olaryň dini ynançlary-da ýüze çykýar. Halk Aýa, Güne, oda keramat
hökmünde garaýar.Şunuň bilen birlikde, tebigat hadysalaryndan gorkulmagy
(Aýyň, Günüň tutulmagy, ýangynyň döremegi) her hili yrym-ynançlary
döredýär.
Otparazlyk dininiň wekilleri oda keramat hökmünde garap, ondan delalat
isleýär. Agyr hasaplanylan aýlarda “Şaman ot”diýlip atlandyrylýan ot ýakylyp,
üstünden bökülip, günä dökülýär.Adamlarda, eger günäden saplansa, işiniň
şowly boljakdygy barada yrym-ynanç döreýär.
Hudaýa ynanmak, söz bilen Biribara ýalbarmak we beýleki ýagdaýlarda
yrym has-da güýçlenýär. Adamyny zäherli mör-möjekler çakanda, dälini
açmakda, kesellini bejermekde yrymlar aýdylýar.
Okama-söz üsti bilen ýerine ýetirilýän yrymdyr. Olary ýörite sowatly
mollalar ýerine ýetirýär. Bu hili yrymlar adamyň dini ynançlary bilen
baglanyşykly dowam etdirilýär.
Türkmen halkynyň arasynda yrymlaryň ýaýramagynda din wekilleriniň
hyzmaty uly bolupdyr.
Toýlarda, ýolagçy ýola salnanda aýdylýan yrymlaram köp.
57
Aýdylanda ýa-da okalanda, manysyna görä, her hili hereketler bilen
aýdylýan yrymlaram bolýar. Keselli ýa-da däli okalanda porhanlar, owsunçylar
her hili hereket edýärler. Nika gyýlanda hem “Ak-gök geýdirme” sanalanda, her
setirden soň ýigidiň arkasyna çalarak kakylýar.
Şol döwürdäki düşünjelere görä, kesellemeklige adamyň bedenine “al –
arwahyň, zyýanly ruhuň” aralaşmagynyň netijesi diýlip düşünilipdir. Şonuň
üçin adama zyýan berýän “ruhdan, al-arwahdan”dürli tärleriň-sözleriň,
hereketleriň üsti bilen halas bolmak täsir edip, kesellän adamyň bedeninden
olary aýyrmak islenilýär. Porhan - dürli hereketler, sözler arkaly keselli adama
jadygöýlük bilen täsir edip, keseli bejerip bilýän tebip, jadygöy adam.
Porhançylyk täsin galdyryjy hereketleriň we sözleriň jemidir.
Şamançylyk hem-de porhançylyk Gündogar halklarda bolşy ýaly,
türkmenleriň arasynda-da ýaýraýar. Emma olara känbir pisint edilmeýär. Emma
şeýle-de bolsa, tebipler hem-de porhanlar tarapyndan dürli yrymlar ýerine
ýetirilipdir.
Tebip keselli adama seredensoň, aşakdaky bendi gaýtalaýar:
Emiň-ýomuň şu bolsun,
Derdiň-gamyň dagasyn,
Derdiň daglara gitsin,
Daşlara gitsin, küf-çüf!
Zäherli mör-möjekler, ýylan çakanda aýdylýan yrymly bentlerem
özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýylan çakanda şu aşakdaky bent sanalýar:
Süleýmanyň zynjyry,
Pygamberiň hasasy,
Uzyn guýrugy bent, bent,
Guýrugy uzyn bent, bent!
Kimler tarapyndan
aýdylýandygyna we nämä bagyşlanýandygyna
seredilip, yrymlary esasan iki topara bölmek bolýar:
Birinji topar: ýörite adamlar, owsunçylar (owsun atmak, täsirine
düşmek) tarapyndan aýdylýan yrymlar.
58
Ikinji topar: toý-tomaşada,ýolagçyny ýola salmakda,bir işe başlananda
we beýleki ýagdaýlarda aýtmak üçin döredilen yrymlar.
Birinji topardaky yrymlar tebipler, owsunçylar tarapyndan ýerine
ýetirilýär. Yrymlar ýörite dini kitaplardan okalýar ýa-da ýatdan aýdylýar. Bu
yrymlaryň dili halk köpçüligine känbir düşnükli däl.
Ikinji topardaky yrymlar köplenç halkyň özi tarapyndan aýdylýar. Olar
halk köpçüligine düşnükli, isleg-arzuwlaryny bildirýän yrymlardyr. Bu yrymlar
diliniň sadalygy,bentleriň gurluşynyň ýönekeýligi bilen birinji topardaky
yrymlardan tapawutlanýar:
Ös saçym ös,
Ösmeseň kes,
Atyma duşak,
Bilime guşak.!
Bu yrymy ýaş gyzlar saçlaryny ýuwanlarynda darap, örüp, onuň ösmegini
arzuw edip sanaýarlar. Ýagşy niýet bilen aýdylýan bu yrymyň manysy hem dili
örän ýönekeý.
Yrymlar köplenç ilhalar ýaşulular tarapyndan aýdylýar. Ýagşy niýet bilen
täze bir işiň başy başlanýar, ak pata berilýär. “Ak zat alnyňa ýagşy” diýlip, ak
zat mukaddes saýylýar: durmuşa çykýan gyzyň maňlaýyna ak ýaglyk daňylýar,
pygamber ýaşyna baran zenanyň başyna ak ýaglyk atylýar, toýda ak goýun
soýulýar, öýe getirilen gelniň iki eli ak una batyrylýar.
Täze jaýyň düýbi tutulanda ýa-da täze jaýa göçüp barlanda, gelnalyjy
ugradylanda, birýana gitjek bolnanda sähetli günler bellenip yrym edilýär.
Otparazlyk döwrüniň Güne, Aýa çokunmak ýaly yrym – ynançlarynyň
galyndysy häzirem käbir ýerde berjaý edilýär. Bagtly, düşümli Aý bolsun
diýlip, täze dogan Aý maňlaýa sylynýar.
Halkyň ýaşaýyş-durmuşynda-da köp sanly yrym bar. Şolaryň esasysy
çörek hem şaçak bilen baglanyşykly yrymlardyr. Ine, şolaryň käbiri: myhman
gelende öňünden duz-çörek alyp çyksaň, mertebäň artar. Saçagy boş goýmaly
däl. Boş goýlan saçak gahatlyga garaşar. Saçakda çöregi düňderip goýsaň ýa-da
bir eliň bilen döwüp alsaň, rysgalyň dökülýär. Tamdyr öwlüýädir, ony ýyksaň
döwletiň gider we ş.m.
Il içinde “Öňüňden gara pişik kesip geçse, işiň şowsyz bolarmyş”, “Alaja
ýa-da gözmonjuk daksaň, göz degmeýärmiş” diýen ýaly yrym bilen
baglanyşdyrylýan ýönekeýje düşünjeler hem dowam edip gelýär. Şunuň bilen
birlikde, türkmen halky uzak ýyllaryň dowamynda tebigaty synlap, durmuş
tejribesinden geçirip, ýylyň gelşini öňünden kesgitleýän yrym-ynançlary hem
döredýär. Howanyň ýagdaýyna görä ekin ekip, hasyl almagy-da başarýar.
Ata-babalarymyz Aýyň, Günüň dogşyndan, suwuň akyşyndan, guşlaryň
uçuşyndan, ösümlikleriň ýapragyndan neneňsi hasylyň alynjakdygy,
haýwanlaryň (itler,pişikler) hereketinden nähili tebigy hadysanyň boljakdygy
öňünden çaklanýan ynanja uýup gelýär.
59
Eger-de gyşlamaga barýan guşlar ýelpaýlap uçman, has ýokardan uçsa,
onda gyşyň sowuk geljekdigi barada ynanç döreýär. Täze ýylda ýa-da gyşyň
ahyrky aýlary, täze Aý demirgazykdan dogup, asman bulutly ýa-da ygally
bolsa, baharyň ygally, ýylyň hasylly boljakdygyna ynam bildirilýär. Ynamynançdyr. Olaryň aňyrsynda durmuş tejribesiniň hakykaty ýatyr.
Halkyň asyrlarboýy döreden milli ynançlary ylmyň maglumatlary bilenem
gabatlaşýar.
Türkmen yrymlary halk döredijiliginiň eposlarynda, dessanlarynda,
beýleki žanrlarynda-da beýany tapýar.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, yrymlary durmuşda ulanmaga doly mümkinçilik
döredi. Häzirki wagtda yrymlar halky eserleriň bir žanry hökmünde toplanylýar
we öwrenilýär.Edebiýatçy Arazbaý Öräýewiň “Yrymlar” (Aşgabat, 1993ý),
alym G.Ylýasowanyň “Türkmen yrymlary”(Aşgabat, 2005ý.) kitaplary bu
meselede ilkinji ylmy çeşmelerdir.
Ýaremezanlar
Milli baýramlarymyzyň biri-de Orazadyr. Hijri-kamary ýyl senesiniň 9njy mukaddes aýynyň-Remezan (Oraza) aýynyň gelmegi bilen çagalar öýünöýün aýlanyp, orazanyň başlanýandygyny buşlap, ol hakdaky goşgy bentlerini –
ýaremezanlary uly höwes aýdýarlar.
Bu mübärek aýynda Allatagalanyň dergähleri (gapylary) açylarmyş,
musulmanlaryň ähli dilegleri kabul bolarmyş diýilýär. Şonuň üçin hem
Remezan dilegler aýy hasaplanylýar. Bu aýda uludan kiçä hemmeler ýagşy
dilegler edýär.
Remezan aýyny Magtymguly Pyragy şeýleräk suratlandyrýar:
Ýigrimi dört sagatda, on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn.
Magtymguly Pyragy ýene-de:
Roza hemdemiňdir, namazyň-çyrag,
Zekat-hasabyňdyr,imanyň-ýarag.diýip, ýazmak bilen,mukaddes aýyň waspyny nesillere miras galdyrýar.
Ýaremezan bentleri iň sogaply, ýalkawly Oraza baýramy bilen
baglanyşykda döredilýär. “Ýaremezan” sözi- “Ýa Remezan” diýlip, Remezan
aýyna ýüzlenilip, şu iki sözüň goşulyp gelmeginden ýasalýar.
Remezan aýy doganda:
Hakeý-hakeý telim baý,
Ýüzüňi ýüzüme sylam baý,
Yeneki aýlara,ýeneki günlere,
Baş-esen, bagry-bitin,
Özüň ýetir, jan Alla!diýlip, täze dogan Aý ýüze sylynýar.
60
Aý görmek däbi geçmişde ýörgünli bolupdyr. Aý görlen agşam çagalaryň
höwes bilen aýdýan ýaremezan bentleri ýaňlanyp başlaýar:
Asmanda bir Aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar,
Pygamber saçagynda,
Bize goýlan paý bar.
Ýa Remezan!
Ýaremezan bentleri-aýdymlary halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň
biridir.Olar çagalaryň dilinden aýdylýan halky eserler. Dilewar ata-eneler
çagalar üçin niýetläp, ýaremezan bentlerini döredýär. Bentleriň içinde has
kämillerine-de duş gelmek bolýar. Kämil bentler şahyrlar tarapyndan düzülen
bolmagy-da mumkin.
Çagalar hem ata-eneleriniň öwreden bentlerini ýat tutup, öz gezeginde,
olar hem bentleri biri-birine öwredýär. Şeýdilip, ýaremezan bentleri halk
köpçüligine ýaýradylýar.
Ýaremezan bentlerinde ilki bilen Allatagalanyň oraza tutmak baradaky
buýrugyny berjaý etmegiň parzdygy nygtalýar:
Essalawmaleýkim, gümmezli çatma,
Nesip etsin saňa içinde ýatma,
Bir çanak unuňy myzaýyk etme,
Ber Muhammet ymmatyna,
Ýa Remezan!
Oraza tutmadyklar bentlerde tankytlanylýar:
Oraza tutmadygyň nädürsdür işi,
Iýeni haramdyr, myrdardyr dişi,
Biziň aýdýanymyz Gurhanyň diýşi,
Muhammet ymmatyna,
Ýa Remezan!
61
Ýaremezan bentleriniň temasy dürli-dürlüdir. Olarda ýagşy niýetler,
umyt-arzuwlar dileg edilýär. Sanawaçlaryň setirlerindäki sözleriň täsiri-de
uly.Çüňki, söz – beýik Allatagalanyň ynsana eçilen iň keramatly peşgeşidir:
Gapyňyzy Hydyr açsyn,
Duluňyza gelin geçsin,
Ojaňyzda palaw bişsin,
Ýa Remezan, ýa Alla!
Hydyr atany görmek, duluňa gelin geçirmek, ojagynyň alawlap durmagy
her bir ynsanyň arzuwy.
Bentlerde türkmeniň milli tagamy wasp edilip, ony içeniň dert – beladan
saplanjagyna umyt bildirilýär:
Aş içiň-ä, aş içiň,
Aşy içen derlesin,
Size geljek belalar,
Daga – daşa ornasyn.
Ýa Remezan!
Cagalar topar – topar bolup, öýün-öýün ýaremezan gezende, her öýe
gelnende:
-Ak öýe bereket – diýip, ilki bilen rysgal – döwlet dileýär:
Kiçi çatmaň öý bolsun,
Işigiňde koý bolsun,
Gazanyňda gaýnaýan,
Lokgül-lokgül maý bolsun,
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun.
Ýa Remezan!
Göwün baýlygy dünýäniň ähli genji – hazynasyndan ýokarda durýar.
Yaremezançy çagalar öy eýesiniň göwün baýlygyna umyt baglaýar:
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügiňden Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Ýa Remezan!
Ýaremezançy çagalaryň sanawajynda öýe perzent arzuw edilýär:
62
Ekin ekdim ýumşajyk,
Bogunlary gowşajyk,
Hudaýym ogul bersin,
Gyzyl gülden ýumşajyk.
Ýa Remezan!
Ýaremezan bentlerinde jomartlyk islenilýär:
Saçakda egsilmesin bugdaý nany,
Hudaýym ogul bersin musulmany,
Bildirki göreniň bu ýylda hany!
Muhammet ymmatyna, ýa Remezan!
Gysgançlyk tankyt edilýär:
Ýeňňe jan-a, ýeňňe jan,
Iki gözüň teňňe jan,
Az berseňiz, almaryn,
Sanajyma salmaryn.
Ýa Remezan!
Ýaremezan sanawaçlarynda arkalaşykly ýaşamak, birek-birege kömek
bermek ýaly ynsanperwer pikirler öňe sürülýär:
Oraza ger haý bilen,
Bir meleje taý bilen,
Taýym batga batanda
Çykaryň “hay-haý” bilen!
Ýa Remezan!
Remezan aýynda oraza tutmakda, ejizleýäniň üstünden gülünýär:
Oraza geldi ilinden,
Tutup aldy bilinden,
Öldüm-öldüm diýende,
Baýram aldy elinden.
Sanawaçlarda durmuşy meseleler hem orta atylýar:
Bir öý gördüm, içi giňiräk,
Içinde gyz bize çemeräk,
Aljak bolsam, pulum kemiräk.
63
Ýaremezan sanawaçlarynda şeýle bentler hem bar:
Tüýtätin-ä tüýtätin,
Tüýtätine nä gerek?
Çogum-çogum biz gerek,
Iňňe ujy tiz gerek.
Ýowşan ýygyň, ýol açyň,
Geçip gitsin tüýtätin!
Aş bişiriň, düşüriň,
Içip gitsin tüýtätin!
Bu sanawaçlar ýaremezan bentlerine meňzeş bolsa-da, ýaremezanlara
degişli däl-de, ýagyş-ýagmyr bilen bagly aýdylýan şygyr bölegidir.
Tüýtätin otparazçylyk eýýamynda dörän ynançdyr. Bahar paslynda ýagyş
ýagman, gurakçylyk bolanda, beýleki türki halklarda bolşy ýaly, türkmenleriň
arasynda-da “Süýt gazan”, “Süýt hatyn” atlary bilen geçirilen dessurdyr.
Bu dessura laýyklykda, garry aýal ýa-da erkek kişi birnäçe çagany yzyna
tirkäp, obada öýme-öý aýlanyp, “Süýt hatyn” goşgysyny aýdypdyr. Öý eýeleri
olara arpa-bugdaý, un we şonuň ýaly zatlary berip, “Ýagyş ýagsyn” diýip dileg
edipdir we olaryň üstüne suw sepipdir.
“Süýt hatyna” ýolbaşçylyk eden adam toplanylan zatlary öýüne getirip,
goşgy aýdanlara süýtli ýarma bişirip beripdir. Döwrüň geçmegi bilen
“Süýt”hem “Hatyn” sözleri fonetik taýdan birleşip, “Tüýtätin” sözi emele
gelipdir.
Ýaremezançy çagalar bilen öý eýesiniň arasynda sowal-jogap hem
alşylýar.Sowal-jogap çagalaryň aňyny, pikirlenişini ösdürýär, dünýägaraýşyny
giňeldýär, synçylyk ukybyny ýiteldýär.
Öý eýesi gapysyndan uly şowhun bilen gelen çagalar sanawaçlaryny
aýdyp bolansoň, şeýle diýýar:
-Men size sowal berjek, bilseňiz ýaremezan paýyňyzam gowy bolar.
-Bolýar, beriň sowalyňyzy:
- Atyň name?
- Yol.
- Gamçyň name?
- Ýylan.
- Sanajyň agzyny name bilen açýarlar?
- Bissimylla bilen.
- Sanajyň agzyny name bilen bogýarlar?
- Allahekber.
- Daşa gurt düşse, name bilen aýyrmaly?
- Düýäň şahy bilen.
- Düýäňem bir şahy bolarmy?
64
- Daşa-da bir gurt düşermi?
- Tüweleme, siz-ä ökde ekeniňiz, açyň
torbaňyzy, alyň paýyňyzy.
Ýaremezan bentleri sada dilde düzülýär. Bentleriň käbirinde çeperçilik
serişdeleri ulanylyp, bent şygyr derejesine ýetirilýär. Türkmeniň milli tagamlary
baradaky ýaremezan bendinde şeýle diýilýär:
Sary çanak sarlaşar,
Sargan beriň, baýlarym!
Gury çanak gurlaşar,
Gurt beriň, baýlarym!
Şu sanawaçda çekimsiz sesler sazlaşyp gelip, bendiň çeperçiligini
ýokarlandyrýar, ýat tutulmagyny ýeňilleşdirýär. Ýaremezan bentleri köplenç
dört setirli şygyrlar bolup, 7-8 bogundan ybaratdyr.
Ýaremezanlar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri. Alymlar XX
asyryň ikinji ongünlüginden ýaremezan sanawaçlary bilen gyzyklanyp başlaýar.
Gündogarşynaslar
I.A.Belýäyew
“Türkmenskiýe
kolýadnyýe
pesni.
Etnografiçeskiý oçerk” (Ashabad,1915g.) kitabyny, O.I.Şaskaýa “Türkmenskiýe
kolýadnyýe pesni i w swýäzi sbytom” (“Sowetskaýa etnografiýa”,1936g., 1-2)
ylmy makalasyny ýazýar.
Din bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli ýaremezanlar geçen asyryň
ortalaryndan ýurt Garaşsylygyna çenli öwrenilmedi. Häzirki wagtda
ýaremezanlar öwrenilýär, ýokary okuw mekdeplerinde sapak hökmünde
geçilýär. Ýaremezanlar barada türkmen alymlarynyň makalalary metbugatda
çap
edilýär.
Alymlar
G.Ylýasowanyň
“Ak
säherler
doga
okap”,G.Gummanowanyň “Tüýtätinmi, süýt hatyn!!,”O.Ekäýewiň “Oraza geldi
ilime – doga geldi dilime”, E.Çaryýewanyň “Ýaremezandan soňky
oýlanmalar”diýen makalalary metbugatda çap edildi.
Türkmen geçmişde yslam dininiň ýaýramagyna, dünýä medeniýetine uly
goşant goşan halk. Ýaremezan bentleri-de yslam dinini berk ornaşdyrmak
maksady bilen döredilýär. Goşgy bentlerinde din hem dini ýörelgeler beýanyny
tapýar. Ýaremezan bentleri Oraza aýynyň başynda aýdylýar. Orazanyň ähli
musulmanlar üçin parzdygy ündelýär
Oraza bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň käbiri öz gözbaşyny dini
kadalardan alyp gaýdýanam bolsa, olaryň köpüsi dunýewi häsiýetli,
ynsanperwer milli ýörelgelerimiz bolup durýar. Bu däp-dessurlar türkmeniň
milli ruhuna laýyklykda asyrlarboýy kämilleşip, halkyň durmuşyna berk
ornaşdy.
Çagalar öýme-öý aýlanyp aýdýan bentlerinde dini häsiýetdäki öwütnesihat hem, dünýewi, ynsanperwer ýörelgeler hem bar. Ýaremezan bentleriniň
köpçülik bolnup ýerine ýetirilmegi – olaryň agzybirlikli hereketinden
nyşandyr.Ýaremezançylara berlen zatlaryň özara deň paylaşylmagy – olaryň
65
arasynda adalatyň ilkinji ädimlerini ornaşdyrýar. Çagalaryň hersiniň bentleri
oňat aýtjak bolup çalyşmagy-da, söze bolan söýgüni teswirleýär.
Remezan aýynyň gelmegini buşlap aýdylýan bentler ýagşy arzuwniýetleri ýaýmakda,ahlak arassalygyny wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.
Matallar
Matallar halk döredijiliginiň gyzykly žanrlarynyň biri. Haýsy-da bolsa,bir
predmetiň göçme manyda suratlandyrylyp, onuň sorag görnüşinde berilmegine
matal diýilýär. Matallaryň “tapmaça” diýen ady hem bar. “Tapmaça” ýa-da
“tapmak” diýmekligiň özi pikir etmek, oýlanmak, bilmek, netije çykarmak, bir
gizlin zady açyp görkezmek diýen ýaly manylardan ybaratdyr.
Matalyň esasy hem-de oýlanyp tapmaly manysy bolýar. Matalyň esasybelli bir obýekt hakynda düzülen şahyrana görnüşdir. Ol sorag ýa-da ýumuş
şekilindedir.Matalyň manysy-matal esaslaryny öz içine alýan obýektdir, ýagny
soragyň ýa-da ýumşuň jogabydyr.
Matalyň kompozision gurluşy boýunça ady tutulman gizlin saklanylýan
zadyň sypaty,häsiýeti,ýerine ýetirýän işi özüne meňzeş ýa-da özüne ýakyn
başga bir zadyň üsti bilen berilýär,başga bir zat bilen deňeşdirilýär.Matalyň
esasynda ýatan zat (predmet) göçme manyda berilýär.
Grek filosofy Aristoteliň aýdyşy ýaly,matallar oňat düzülen
metaforadyr.Olarda göçme manyda ulanylýan söz we aňlatma obrazly berilýär:
Garaja güjük ýatyr üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek.
(Gulp).
Şu matalda ilkibaşda itiň keşbi göz öňüne gelýär. Soňra oýlanyp
oturylsa,öýi üýrmän goraýan zadyň gulpdugy,ýagny güjügiň häsiýetiniň gulpa
geçirilendigi mälim bolýar.
Ady tutulýan hem-de ady tutulman,gizlin saklanylýan zatlar (predmetler)
kähalatda deňlikde suratlandyrylýar. Matalyň jogabynda ady tutulman, oňa
degişli bolan sypatlar suratlandyrylýan,beýan edilýän zadyň üsti açylýar:
Pessejik ýerden gar ýagýar.
Şu matalda esasy alamatlar-“pessejik” hem “gar ýagýardyr”. Bu alamatlar
hakynda üns bilen oýlanylsa,onda “Gar ýaly bolup, nähili ak zat ýagyp
biler?”,”Özem pessejik ýerden”diýen sowallar gizlin saklanylýan zadyň,ýagny
“un bilen elekdigini” mälim edýär.
Matallar köp görnüşli bolansoň,käbir predmet hakynda bir- näçe matal
döredilipdir:
Kijijik Taňrydan gar ýagar.
66
(Elek).
Bu matal asmana,göge gudrat hökmünde garalýan döwründe emele
gelipdir.
Matallar halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawutlylykda, onda
meňzedilýän zadyň (predmetiň) aňladyljak bolunýan zada (mana) çalym
etmegidir. Meňzedilýän zatlar biri-birinden daş hem bolsalar, biri beýlekini göz
öňüne getirýän, ýa bolmasa hakyda getirmäge mümkinçilik berýän bolmalydyr.
Bu zatlar matallar üçin esasy häsiýetlerdir.
Halk döredijiliginiň bu žanrynda meňzetmeler, deňeşdirmeler, metaforalar
köp ulanylýar. Aýdylýan zat (predmet) aňladyljak bolunýan zada,ýagny gizlin
saklanylýan zada (predmete) oňat meňzedilýär:
Agyr halym kaka bilmen,
Ownuk daşyn döke bilmen.
(Asman we ýyldyzlar).
Bu ýerde asman hala,ýyldyzlar hem daşa meňzedilýär.Meňzedilýän zatlar
mazmun taýyndan biri-birinden daş hem bolsalar,belli bir jähetde olaryň özara
meňzeşligi-de bar. Oňat oýlanyp otursaň,jogabyny aňsat tapyp bolýar.
Emma käbir matalda meňzeşlik örän az duýulýar:
Gaýradan gelýän al peri,
Gulaklary sal peri.
Gaýnar onuň garagy,
Demirdendir ýüregi.
(Möjek).
Şeýle matallaryň jogabyny birbada tapaýmak kyn düşýär. Şonuň üçin
jogabyny tapmak kyn düşen matallarda “Janlymy-jansyz”, “Öýdeçimi-düzdeçi”,
“Iýmelimi-iýmesiz” diýen ýaly sowal-jogaplar ulanylýar. Şunuň ýaly sowallar
arkaly matalda gizlin saklanylan zada (predmete) golaýlaşmak mümkin.
Matalyň manysyny oýlap tapmak üçin zadyň (predemetiň) käbir sypaty, daş
görnüşi, bitirýän işi, edýän hyzmaty-da duýdurylýar, salgy berilýär.
Matalyň jogabyny tapyp bilmedik adamdan: “şäher ber”, “ýurt ber”
diýlip, ýurt we şäher “alynýar”. Utulan adam: “şäher berdim” ýa-da “ýurt
berdim”, “pylan şäher seniňki” ýa-da “pylan ýurt seniňki” diýip, tä razy
bolýança, şäher, ýurt “bermeli” bolýar.
Mataly aýdýan adam ýurt,
şäher “alyp” razy bolansoň, matalyň jogabyny aýdýar. Kim köp ýurt ýa şäher
“alsa”, şol adam matal aýtmakda ýeňiji hasaplanylýar. Ýurt ýa şäher almak
düzgüni soňky wagtlarda ýüze çykypdyr. Has irki wagtlarda matalyň jogabyny
bilip, ýeniş gazanana baýrak hem berler ekeni.
Göçme manyda däl-de,gönümel aýdylýän matallara-da duş gelmek bolýar:
Iki ýüpüň ujy dört,
Iki guşuň gözi gört,
Goýun ogly işşek,
67
Şuny bilmedik eşşek.
Emma şunuň ýaly ýönekeý, gönümel düzülen matallaram birbada
pikirlendirýär.
Matallar esasan zadyň (predmetiň) daş görnüşine hem-de ýerine ýetirýän
hyzmatyna baglylykda düzülýär:
Aňyrsy tiken,bärsi tiken,ortasy tiken.
(Ýüň darak).
ýa-da
Garaňky içerde bili bagly gul ýatyr.
(Sübse).
Bu matallar zadyň (predmetiň) daş görnüşine görä düzülendir.
Oýan geçer gyr atym,
Bu ýan geçer gyr atym,
Aýagynda gyl tanap,
Süýräp geçer gyr atym.
(Ikbaş)
Görnüşi ýaly,bu matalda zadyň (predmetiň) ýerine ýetirýän hyzmaty
görkezilýär.
Matallaryň temasy giň. Olaryň köpüsi daýhan durmuşy hakyndadyr.
Türkmen öýi, esbaplary (uk, tärim, tüýnük, gamyş bagy) hakynda düzülenleride az däl:
Uzyn-uzyn uzanar,
Her wagtda bir bezener.
(Tärim)
Tagan, ýanlyk, tamdyr, çyra, ýorgan-düşek hakynda düzülen matallar:
Altyn-kümüş başynda,
Hyrydary daşynda.
(Çyra)
Ekerançylyk hem maldarçylyk bilen baglanyşykly matallaram
döredilipdir. Sebäbi geçmişde adamlaryň kesp-käri esasan ekerançylyk hem
maldarçylyk bolupdyr:
Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany,
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany.
(Bugdaý)
Tagam bildirýän matallar:
Düwdüm, guýa taşladym.
(Börek).
Tebigat, predmet, hadysalar hakyndaky matallar:
68
Daşy gan ýaly,
Içi un ýaly,
Oturşy Abdylla han ýaly.
(Igde).
ýa-da
Kiçisi ulalmaz,
Ulusy kiçelmez.
(Daş).
Bu matallarda halkyň maddy we ruhy ýaşaýşynyň dürli tarapy
görkezilýär.
Matallar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri:
Garry mama sanajyny kakýar.
(Gögüň gürlemegi).
Bu matal has irki döwürde, gadymy düşünjä uýlup döredilipdir.Yslam
dininden ozal, otparazlyk döwründe asmana, ýere, oda ýalňyz hossar hökmünde
garalypdyr.Ýagny, garry mama – hudaý ýerde bolýan ýaramaz hadysalara,
agzalalyklara gaharlanyp sanajyny (palasyny) kakýar diýlen düşünjä eýerilipdir.
Matallaryň birnäçesi döwrüň üýtgemegi bilen ýitip gidipdir. Zamana
laýyklykda ykdysady, ýaşaýyş şertlere uýgunlaşan täze matallar döräpdir:
“Boldy-gitdi gümmürdi, uly ile habar berdi”(radio),”Jany aýakda, köňli elde,
kuwwaty howada”. (welosiped).
Emma döwrüň täsir edip bilmeýän, durnukly matallaram bar. Olar esasan
ynsanyň beden agzalary, tebigy hadysalardyr:
“Gel diýsem gelmez, gelme diýsem geler”(dodak),”Kyrk gysyrak bir
çeşmeden suw içer” (kirpik),”Mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar
ujy”(ýyldyrym),” “Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy”(ýyldyz),”
‘Oýup aldym, ýeri ýok”(suw).Bu matallar synlamak arkaly döredilipdir.
Alym G.Gurbanow matallary şu aşakdaky ýaly görnüşlere bölüpdir:
1. Predmet matallary (ýa-da obýekt hakyndaky matallar). Olar
matallaryň gadymy hem giň ýaýran görnüşidir.Predmet mataly halkyň
zähmet tejribesi bilen tanyşdyrýar.Eger ol esasy bir obýekti
alsa,ýönekeý matala degişli bolýar:
Uly agzy bikär,
Kiçi agzy hyzmatkär,
Egrisi el oýkar
(Kündük).
Eger matal köp obýekti öz içine alsa, çylşyrymly matal hasaplanylýar:
Atasy aýry gara,
Enesi ýumry gara,
Gyzy gyzyl injik,
69
Ogly esrek mergen.
(Tagan,gazan,ot,tütün).
2.Soragly matallar. Olar soňky döwürde dörän matallar bolup, esasynda
sorag sözlemi durýar:
“Dünýäde iň süýji zat näme?”,”Dünýäde iň agyr zat näme?” we ş.m.
Soragly matallaryň degişme häsiýetindäkileri hem bar:
“Bir sagat on bäş minut köpmi ýa-da ýetmiş bäş minut?”(deň).
3.Ýumuşly matallar. Olar esasan sorag şekilinde aýlawly sözlerden
düzülýär:
Ýabyda bir adam bilen syrtlaşyp gelýän gyza:”Öňuňdäki oturan kim
bolar?” diýlende, gyz şeýle jogap berýär:
Bu meniň janym,
Men onuň jananasy,
Munuň ejesi,
Meniň ejemiň,
Gaýyn enesi.
(Ol adam gyzyň kakasy).
4.Taryhy şahsyýete degişli matallar. Hojamşükür taryhy şahsyýet bolup,
onuň ady käbir matalda getirilýär:
Agzy dardyr,alamat,
Içi gyzyl,kyýamat,
Öl girer,gury çykar,
Hojamşüküre salamat.
(Tamdyr,hamyr,çörek).
5.Ertekili matallar. Matallar ertekilerde guramaçylyk roluny
oýnaýar.Göçme manyly sözleşik häsiýetinde bolýar.Ondan matalyň aýrylan
halatynda, ertekiniň many-mazmuny ýitýär(.”Togsan torba”,”Dört teňňe”
ertekileri.)
6.Edebiýat matallary.Olara “tapmaça”ýa-da “kim bilmeşek” hem
diýilýär.Edebiýat matallary ýazyjy-şahyrlar tarapyndan şahyrana görnüşinde
düzülýär.
7.Aýdymly matallar.Olara esasan oglan bilen gyzyň aýdyşygy degişlidir
8.Sazly matallar.Teleradio üsti bilen berlip, aýdymyň sazy, sözi, ýerine
ýetirýäniň kimdigi anyklanýan sazly ýumuşlar.
9.Metbugatda çap edilýän rebuslar, krosswordlar.
Emma sazly matallar-da, rebuslardyr kroswordlar-da çeper döredijilik
hasaplanylmaýar.
70
Irki wagtlarda rowaýatlarda (Soltansöyün we Myraly, Keýmir kör),
eposlarda hem dessanlarda ( Görogly-Aşyk Aýdyň pir,Aşyk Aýdyň pir-Nejep
oglan), çeper eserlerde (Magtymguly bilen Azady hem-de Durdy şahyr) akyl –
paýhas synamakda matallar ulanylypdyr.
Matallar köplenç iki, dört we ondan hem köp setirden ybaratdyr. Olar
gepleşik görnüşinde hem bolýar. Matallaryň her setiriniň üç, dört, bäş, alty,
ýedi we ondan hem köp bogunlylary bar. Setir sanlary çakdan aşa köp bolup,
bogun sanlaram bir kadada saklanmaýan (meselem, bir setiriň bogun sany 3 -4
bolsa, beýlekileri 7-8 bogundan ybarat) matallaryň jogaby-da bir sözden
bolman, köp sözleri öz içine alýar.
Matallaryň dili sada hem düşnükli. Olaryň ençemesinde rubaga mahsus
bolan a a b a, w w b w düzgüni ulanylýar. Deňeşdirme, ulaltma, kiçeltme,
meňzetme, göçme many ýaly çeperçilik serişdeleri peýdalanylýar.
Matallary ýygnamak, toplap çap etmek, öwrenmek boýunça ep-esli işler
edildi. Gündogarşynaslar A.A.Wolodiniň “Iz turkmenskoý narodnoý poezii”
(1908 g.), A.N.Samoýlowiçiň “Zagadki Zakaspiýskih turkmen w russkom
perewode” (1909g.) diýen makalalary şu meselede ilkinji işlerdir. Soňra
matallar ýörite ýygyndylarda, kitaplarda çap edilýär. M.Geldiýewiň 1925-nji
ýylda arap harpynda “Makal we matallar (babalar sözi)”, 1944-nji ýylda
“Gülälek” atly ýygyndy, 1948-nji ýylda “Türkmen halk matallary”, 1962-nji
ýylda “Türkmen matallary”,2005-nji ýylda hem ”Türkmen halk matallary”
diýen ýörite kitaplar çykdy.
Matallara durmuş tejribesi, adamlaryň pähim-paýhasy siňdirilipdir. Olaryň
terbiýeçilik,durmuşy öwredijilik ähmiýeti bar.Matallar halkyň dünýägaraýşyny,
psihologiýasyny, däp-dessuryny,çeper ussatlygyny öwredýär.
Matallar gyzykly oýun. Halk matallary döretmek bilen boş wagtyny diňe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 06
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.