Latin

Türkmen halk döredijiligi - 02

Total number of words is 3367
Total number of unique words is 1816
25.7 of words are in the 2000 most common words
36.1 of words are in the 5000 most common words
43.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Alym N.K. Dmitriýewiň ýolbaşçylygynda O.I. Şaskaýa, N.F. Lebedew
dagy Mary etrabynda ylmy saparda bolup, läle, hüwdi, nakyl, atalar sözi,
ýaňyltmaç, folklor prozasy ýaly folklor eserlerini toplaýar. N.F. Lebedew
toplanylan ertekileri rus diline terjime edýär. Ýygyndy “Mary raýony
boýunça türkmen halk ertekileri” (“Türkmenskie narodnye skazki po
Maryýskogo raýona”,M.,1954g.) diýen at bilen neşir edilýär.
Türkmen folkloryny öwrenmäge işeňňir gatnaşanlaryň biri-de alym
M.A. Sakalidir. Ol ömrüniň soňky on ýyla (1939-1948ýý.) golaýyny
türkmen ertekilerini derňemäge bagyşlady. Ertekiçileriň (Durdy Gylyç, Ata
Salyh, Ogulgerek eje we ş.m.) repertuar aýratynlygyny, folkloryň ýerine
ýetiriliş usulyny öwrendi.Beýleki halklaryň ertekileri bilen türkmen
ertekileriniň arabaglanyşygyny, ösüşini derňedi.
M.A. Sakali “Sowet Türkmenistanyň halk döredijiligi”, “Türkmen
folklorynda aýal-gyzlayň obrazy,” “Türkmen çeper folklory” ylmy işlerini
ýazdy. M. A.Sakaliniň “Türkmen erteki eposy” (“Turkmenski skazoçnyý epos”,
Aşgabat, 1966g.) monografiýasy türkmen halk döredijiligini ösdürmekde
uly goşantdyr.
A. Gulmuhammedow hem halk döredijiligine degişli golýazmalary
öwrenýär. Ol “Orta Aziýa edebi ýadygärlikleri boýunça materiallar”, “
Gadymy Türkmenistanyň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň terjimehal
sözlügi” ylmy işlerini-de ýazýar.
Alym H. Görogly “Şasenem-garyp” dessanyny öwrenýär. Eseriň gelip
çykyşyny, häsiýetli
aýratynlygyny
yzarlaýar. Gadymy
oguz
eposy,
Gündogarda epiki däpleriň emele gelşi, ýaýraýşy, eposlaryň taryhylygy
hakynda ylmy işleri ýazýar. Ol “Oguz gahrymançylyk eposy”(“Oguzskiý
geroiçeskiý epos”, M.,1976g.),”Orta Aziýa, Eýran we Azerbaýjan halklarynyň
eposlarynyň özara baglanyşygy”(“Wzaimoswýazi eposa narodow Sredneý
Azii, Irana i Azerbaýjana”, M.,1983g.) diýen uly göwrümli ylmy işleriň
awtorydyr.
B. Garryýew
alymlar W.A. Gordlewskiniň, Ýe.E. Bertelsiň,
A.P.Poseluýewskiniň ylmy tälimini alan uly alym. Ol ilkinji bolup talyplar
üçin “Türkmen folkloryndan usuly gollanmasyny”(1947ý.) ýazýar.
Halk
döredijilik eserlerini ýygnamakda, öwrenmekde hem-de neşir etmekde köp
işleri bitirýär. Alym B.Garryýew dürli ýyllarda türkmen aýdymlaryny,
monjugatdylaryny, hüwdülerini, nakyllaryny, “Gülälek”, “Altyn däneler” ýaly
folklor ýygyndylaryny, “Asly-Kerem”,“Hüýrlukga-Hemra”halk dessanlaryny
14
neşire taýýarlaýar. “Görogly” eposy we onuň nusgalary barada düýpli ylmy
işlerini alyp barýar.
Türkmen zenan alymlarynyň hem halk döredijiligini öwrenmekde bitiren
we bitirýän hyzmatlary uly. S.Annanurowa
(“Läleler”), A.Durdyýewa
(“Türkmen
folklorynda
sanawaçlar
we
ýaňyltmaçlar
žanrlarynyň
aýratynlyklary”),
G.Ylýasowa
(“Alkyş-dilegler,doga-töwürler
halk
döredijiliginiň bir görnüşidir”) dagy şahyrana folklor eserlerini öwrenmäge uly
goşant goşdylar. Alymlar M.Kösäýew (“Edebiýat barada söhbet”), S.Gutlyýewa
(“Türkmen halk dessany “Nejeboglan”), A.Baýmyradow (“Türkmen folklor
prozasynyň
taryhy ewolüsiýasy”),
A.Bekmyradow
(“Andalyp
hem
oguznamaçylyk däbi”), K.Berkeliýew (“Halk döredijiliginde däp-dessur
poeziýasy”), S. Garryýew (“Türkmen eposy,dessanlary we Gündogar
halklarynyň epiki döredijiligi”), Ş.Halmuhammedow (“Türkmen halk
ýumorynyň we satirasynyň žanr özboluşlylygy”),
P. Kiçigulow (“Görogly
hakynda söhbet”), B. Mämmetýazow (“Görogly eposynyň döreýşi hakynda’),
R.Rejebow (“Gadym türkmen edebiýaty”),B.Weliýew (“Türkmen folklorynda
durmuşy ertekileriň gelip çykyşy”) dagynyň hem folklor prozasyny
öwrenmekdäki hyzmaty uly.
Üçinji müň ýyllykda täze Galkynyş eýýamynyň başlanmagy bilen
alymlaryň öňünde halk döredijilik eserlerini toplamakda, öwrenmekde hem-de
neşir etmekde uly wezipeler goýuldy.
Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana topary
Türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginiň şahyrana topary
özüniň gözbaşyny nesilbaşymyz Oguz han eýýamyndan (biziň
eýýamymyzdan öňki V müň ýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna
çenli) alyp gaýdýar. Adam ata, How eneden soň folklor eserlerinden
hüwdüller, aýdymlar, läleler döräp ugrandyr diýen çaklama bar. Ýuwaşýuwaşdan sanawaçlar, matallar, nakyllar, alkyş-dilegler-de ýüze çykýar.
Oguz han eýýamynyň edebiýatynyň üç ýarym müňden gowrak
döwründe folklor eserleri kämilleşýär. Forma hem mazmun taýyndan
baýlaşýar. Porhançylyk, doga-jadylary, dessur aýdymlary-da döreýär. Oguz
handan başlanýan wesýetler, soňra Gorkut ata tarapyndan dowam etdirilýär.
Emma bir ýarym-iki müň ýyldan aňyrky döwre degişli folklor ýazuw
ýadygärligini tapmak kyndy.Ýurt Garaşsyz bolansoň,edebi gözlegler dowam
etdirilip,biziň eramyzyň birinji asyrynda bolan wakany beýan edýän “Wis we
Ramin”, X11 asyr mundan ozal döredilen “Yrk bitig”eserleriniň ýazuwly
edebiýata degişli bolandygy subut edildi.Alymlaryň pikirine görä, bu eserleriň
ikisi hem gözbaşyny şahyrana folklordan alyp gaýdypdyr.
15
X1 asyr alymy M. Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň
diwany”) eserinde şahyrana toparynyň žanrlarynyň ulanylandygyny alymlar
geçen asyrda subut etdiler.
X1X asyryň ahyryndan başlanylyp, folklor eserleriniň žanrlary
Gündogarşynaslar hem-de türkmen alymlary tarapyndan yzygiderli
öwrenilýär. Bu möhüm işde A.P.Samoýlowiçiň, I.A.Belýaýewiň,
A.P.Poseluýewskiniň, B.Garryýewiň, S.Garryýewiň, K.Berkeliýewiň ylmy
işleri uly ähmiýete eýedir.
Sahyrana folklor eserleri möçberi, bogun sanlarynyň azlygy, labyzly
aýdylyşy, ýeňil ýerine ýetirilişi boýunça tapawutlanýar. Olar özboluşly çüň
many-mazmuna eýedir. Folklor eserlerinde çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşyda özboluşlydyr. Meňzetmeler köplenç halk durmuşyndan alynýar. Şygyrlarda
owadanlyga, gözellige garaýyş durmuş hem tebigat tejribesi esasynda
döredilipdir.
Folklory döwürlere bölüp öwrenmekde dürli pikirler döräpdir.
Gündogarşynas A.P.Poseluýewskiý synpy taýdan çemeleşip folklory dört
döwre bölüpdir:
1.Feodolizmden öňki folklor.2.Feodolizm döwrüniň folklory.3.Kolonial
döwrüniň folklory.4.Proletar döwrüniň folklory.
A.P.Poseluýewskiý mallar höreleninde aýdylýan aýdymlary,
agylary,otparazçylyk bilen baglanyşykly sanawaçlary feodalizmden öňki
döwürde döredilen folklor hasaplapdyr. Şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryny
ondan soňky döwürlere degişli edilipdir.
Mundan 2,5 müň ýyl ozal Ermenistana göçüp baran şumerleriň,
massagetleriň, sak taýpalarynyň täsiri bilen dörän ermeni halkynyň folklorynda
hüwdüler, toý aýdymlary, dini aýdymlar, zikirler ýaly žanrlar bolupdyr.
Türkmeniň şol döwürden 3 müň ýyl aňyrda dörän folklor eserlerinde-de bu
žanrlaryň dörändigi hakykata ýakyndyr.
Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň halky poeziýa,
talhynlar, halky drama görnüşlerine bölünen döwürlerem bolupdyr. Ýöne welin
talhynlar (ýigitleriň-gyzlaryň söýgi hakyndaky bentleri),halky drama
(sanawaçlardaky, aýdymlardaky oýun elementleri),zikir aýdymlary özbaşadk
forma eýe bolup bilmänsoň, olar žanr hökmünde öwrenmekden
galdyrylypdyr.
Ýokary okuw mekdeplerinde şahyrana toparynyň agylar,
ýaremezanlar, yrymlar žanrlary ýurt Garaşsyzlygyna çenli öwrenilmedi.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde halk döredijiliginiň şahyrana
toparynyň aýdymlar, toý aýdymlary, läleler, monjugatdylar, hüwdüler,
küştdepdiler, sanawaçlar,ýaňltmaçlar, ýomaklar, alkyş-dilegler, agylar,
yrymlar, ýaremezanlar,matallar, nakyllar we atalar sözi ýaly žanrlary
öwrenilýär.
16
Aýdymlar
Türkmen halkynyň şahyrana döredijiliginiň iň köp ýaýran žanrlarynyň
biri-de aýdymlardyr. Ýörite heň bilen aýdylýan goşgulara aýdym diýilýär. Her
bir aýdymyň özüne mahsus heňi bolýar.
Aýdym-bagşylara, hiňlenmek
hemmelere degişlidir. Heňe laýyklykda aýdym sazly hem sazsyz aýdylyp bilner.
Aýdym-halk döredijiliginiň sazly žanry. Ol milli özboluşlylygy orta
çykarýar. Halkyň däp-dessuryndan, ruhy dünýäsinden, aň- düşünjesinden
kemala gelýär. Möwç alýan duýgy (şatlyk, gamgyn) aýdym-sazyň üsti bilen
berilýär.
Türkmen aýdymlary gadymylygy bilen tapawutlanýar. Ene hüwdüsinden
başlanýan aýdym ynsan döräli bäri onuň hemrasy, ýürek owazy, gamly gününde
derdini egisýän, şatlykly gününe şatlyk goşýan gudratly sungatdyr.
Türkmeniň geçmiş taryhynda ajaýyp aýdym-sazlary döreden, halka
ýetiren bagşylaryň bolandygyny ylmy maglumatlar tassyklaýar. V11 asyrda
bagşy Berbat Merwezi 360 mukamy, 30 sany saz toplumyny, 7 sany hem aýdym
toplumyny döredipdir.
Aýdymlary şirin owazly adamlar-bagşylar aýdýarlar. Bagşy aýdymyň
sözlerini owaz-äheňde ýetirýärler. Taryhda şirin owazy bilen tapawutlanan
bagşylar az bolmandyr.
Bagşylar halkyň baý döredijiligini saklaýjylar, baýlaşdyrjylar hem-de
ýaýradyjylardyr. Olar diňe bir aýdymlary däl, dessanlary-da ýerine
ýetirýärler.Aýdym sungatynda tirmeçi hem-de dessançy bagşylar bolýarlar.
Tirmeçi bagşylar türkmen şahyrlarynyň goşgularyndan, eposdyr dessanlardan
dörän aýdymlary aýdýar.
Halk
aýdymlarynyň il içinde meşhurlygynyň, ýürekden söýlüp
diňlenilýändiginiň sebäbi, goşgular sada we ýeňil, çeperçiligi, many-mazmun
yzygiderliligi erkin bolup, gepleşik diline has ýakynlygydyr. Goşgular bogun
ölçeginde düzülip, heňe, saza, aýdyma laýyk gelýär.
Halk aýdymlarynyň esasy çeçmesi halk dessanlary, “Görogly” eposy,
klassyk şahyrlarymyzyň goşgularydyr. Halk aýdymlaryna köp temalylyk
mahsusdyr. Ýeke-täk temaly halk aýdymy ýok diýen ýalydyr.
Halk aýdymlarynda gozgalýan meseleler-de dürli-dürlüdir. Olarda esasan
Watan, agzybirlik, doganlyk-dostluk, mertlik-gahrymançylyk, ene-ata, il-gün
hormaty, söýgi-muhabbet,ahlak-äht ýaly meseleler beýanyny tapýar. Ýöne
welin söýgi-muhabbet halk aýdymlarynyň esasy bölegini tutýär. Halk
dessanlaryndan, “Görogly” eposyndan, Mollanepesiň goşgularyndan alnan
tirme aýdymlaryň ep-esli bölegi yşk-söýgi, wepalylyk hakyndadyr. Bu
temadaky aýdymlarda gelin-gyzlaryň edep-ekramy, gözelligi wasp edilýär.
Halk aýdymlary aýdylyş äheňi boýunça-da tapawutlanýar. Olar dürli-dürli
heňlerde aýdylýar. Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan nowaýydyr şirwan
17
perdeleri ýaly heňleriň sanawyna “sere perdeden”, “alty perdeden” gopan
sazlary goşmak bolar.
Türkmeniň geçmişde özboluşly aýdym-saz ýollary-da bar. Meşrep,
daraýy, ylgar ýoly, ürgenç ýoly,tirme ýoly ýaly aýdym-saz ýollaryna “Görogly”
eposyndaky aýdymlarda duş gelmek bolýar. “Göroglynyň” Stawropol
nusgasynda şeýle ýollaryň 20=si bar. Türkmen aýdym-saz sungatynda gadymy
ýomut-gökleň, salyr-saryk, ahal-teke, alili,damana, çowdur ýollary ulanylýar.
Türkmen halk aýdymlarynyň käbiri taryhylygy bilenem tapawutlanýar.
Bagşylar aýdymlarynda taryhda bolup geçen wakalary, aýry-aýry adamlary
wasp edipdirler. XV111 asyrda ýaşan şahyr zenan”Akmeňli”, XX asyryň
başynda gökleň türkmenlerinden bolan owadan, baý aýal “Akjagül”
aýdymlarynda taryplanylýar.
Amangeldi Gönübegiň “Ybraýym şadilli” sazy ýesir düşen
türkmenleri boşatmak maksady bilen Ybraýym hana bagyşlap, “Gökdepe
mukamy” hem Gökdepe söweşi hakynda döreden sazlarydyr.
“Çykdym güller” sazy aýdym üçin döredilýär. Rowaýata görä, Aly
bagşyny garyp görüp, onuň söýen gyzyny bermändirler. Bagşy Umsagülüň
ýekeje oglunyň toýunda:
Çykdym güller seýran edip,
Görmeýen bikarar oldum –
diýen setirler bilen başlanýan aýdymy aýdýar.
Türkmen bagşylarynyň halk aýdymlaryny aýtmakdaky özboluşlylygy
daşary ýurt alymlarynyň-da ünsüni çekipdir. Syýahatçy A. Wamberi 1863-nji
ýylda Etrek- Gürgende türkmen-aýdym sazlaryny diňleýär. Soňra ol 1874-nji
ýylda “Orta Aziýa boýunça syýahat” kitabyny neşir etdirýär. A.Wamberi
kitabynda:”Iň ýokary lezzet, haçan-da, bagşy eline iki kirişli dutaryny alyp,
Görogludan ýa-da Magtymgulydan aýdym aýdanda, türkmene şondan ýokary
lezzet ýok ekeni”diýip ýazýar.
Fransuz alymy Genri de Blokwil, rus alymy W.A.Uspenskiý dagy hem
türkmen aýdym-sazyna uly sarpa goýupdyr. W. A.Uspenskiý Şükür bagşynyň
“Uçradym” sazyny diňläp gözýaş edipdir-de,”Saz bilen pajygaly waka alyp
bardyň” diýenmiş.
Bagşylaryň käbiri diňe tirme aýdymyny aýtmak bilen cäklenmän,
dessany saza goşup aýtmaga-da türgenleşýär. Şeýdip, halk arasynda
dessançy bagşylar meşhurlyga eýe bolup başlayar.
Bagşylar rowaýatlary, “Görogly” eposyndan şahalary, dessanlary
ýerine
ýetirýär.
Dessançy
bagşylar
eserlerdäki
hereket
edýan
gahrymanlaryň
ahlak
aýratynlygyny,
olaryň
daşky
keşbini,
içki
duýgularyny dürli hereketler bilen açyp görkezýär. Şol döwürlerde köp
taraply hyzmaty ( bagşy, artist, suratkeş,kompozitor we ş. m.) diňe bir adam
ýerine ýetiripdir. Sebäbi sungatyň häzirki döwürdäki ýaly dürli pudagy
bolmandyr.
18
Dessançy bagşylaryň ussatlygy saz öwreniji W.A. Uspenskä güýçli
täsir edýär. Ol: “Gündogar halklarynda teatr ýokdur öýdüp ýördüm.
Teatryň gowsy-ha türkmenlerde bar ekeni” diýip aýdypdyr.
Daşoguzly Ata bagşy “Görogly” eposyndan aýtmakda özüniň
ussatlygyny görkezýär.Ol eposyň 44 şahasyny bilipdir diýlen maglumat
bar. Ata bagşy ogly Pälwana-da eposdan aýtmagy öwredýär. Ňetijede
Pälwan bagşy eposyň 20 şahasyny aýdypdyr.
Nazar baga, onuň şägirdi Baýar bagşy “Görogly” eposynyň käbir
şahasyndan başga, “ Şasenem-Garyp”, “Hüýrlukga-Hemra” dessanlaryny-da
saza goşup aýdýar.
Dessançylygyň ýoly bilen ýöräp, halk içinde uly abraýa eýe bolan
bagşylaryň hataryna Magtymguly Garlyýewi, Palta bagşyny, Bally
Mätgeldiýewi, Ilaman
Annaýewi,
Akjagül
Myradowany,
Mustak
Aýmedowy, Gurt Ýakubowy goşmak bolar. Olar “Görogly”eposynyň käbir
şahasyny, dessanlary saza goşup aýtmakda uly ussatlyk görkezdi.
Kyssaçylar irki döwürde “Isgendernama”, “Rüstem zal”, “Hezreti Aly”
eserlerini aýdan bolsalar, soňabaka ozanlaryň sungaty ýüze çykýar.
Ozançylyk sungaty eposlardyr dessanlara aralaşýar. Bu sungat ilkibaşda
“Gorkut ata” eposynyň dörän döwründe ýüze çykypdyr diýlen çaklama
bar. Gorkut ata, Babagammar, Aşyk Aýdyň ozançylyk sungatyny ýerine
ýetirijilerdir. Dessanlaryň bagşy nusgasynda ozançylyga köp üns berilýär.
Taryhy şahs bolan Abu Sahyt Abulhaýyr (Mäne baba) öz goşgularyny
heňlere salyp aýdýar. Ol sopuçylygyň käbir düzgünini aýdymyň, sazyň,
tansyň üsti bilen ýerine ýetirýär.
Şahyrlaryň birnäçesi bagşylaryň gadymdan bäri dowam edip gelýän
sungatyna eýerip, edebi döredijiliginiň ýany bilen aýdym-saz bilenem
meşgullanýar..Olar öz goşgularyny saza goşup, aýdym aýdypdyr.
Meşhur ozanlaryň arasynda Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy dagy
bilen
birlikde, türkmen
şahyrlary
Magrupy, Şabende,
Mollanepes,
Garajaoglan ýaly şahyrlar bar.
Köp bolmasa-da, aýdym üçin ýörite döredilen (“Ýelpeselendi”(“Nar
agajy”), ”Bibijan”, “Nergyz” we ş.m.) goşgular bar. Awtory näbelli bolan
bu goşgular ýaly wagtynda ýazga geçirilmänsoň, biziň günlerimize gelip
ýetmedikleriniň-de bolmagy mümkin.
“Ýelpeselendi” örän irki döwürde döredilen aýdymdyr . Ol beýleki
halklara-da giň ýaýraýar. Her halk
“Ýelpeselendä” öz sazyny döredip,
dürli hili atlandyrypdyr. Türkmenlerde “Nar agajy” sazy diýilse,
özbeklerde “Isgender han marşy”, Horezmde “Buhara marşy”, Azerbeýjanda
“Olmaz”, Ermenlerde “Hasrat”, Garagalpakda “Elpeselendi”, Gürjülerde hem
“Gürji heňi” diýlipdir.
“Ýelpeselendi”(“Nar agajy”) sazy Ewropada Italiýanyň, Gresiýanyň
teatrlarynda ýaňlanýar.”Nar agajy” sazyna dünýä belli kompozitor Glinka hem
19
ýüzlenýär. Bu saz “Ruslan we Lýüdmila” operasynda aýallar horunyň
sazynda hem ulanylýar. “Nar agajyny” Isgender Zülkarnaýyn(Aleksandr
Makedonskiý) dabaraly ýörişde çaldyrypdyr diýlen çaklama-da bar.
Aýdym üçin ýörite döredilen goşgularyň dili ýeňil, çeperçilik
serişdeleri-de durmuşydyr. Şonuň üçin şol hili aýdymlar ýörite ýerine
ýetirijilik ussatlygy-da talap etmeýär. Ony islendik adam heňe salyp
bilýär.
“Ýelpeselendi”, “Nergiz” goşgularynyň her bendinde bir pursadyň,
ýagdaýyň teswirlenilýändigine garamazdan, bularda-da esasan yşk-söýgi
şöhlelendirilýär. Söýgi-muhabbet “Bibijan”,”Alaram” ýaly halky goşgulara
has-da mahsus.
Halk aýdymlarynyň dürli heňlerde, dürli ýollarda aýdylyşy ýaly,
olaryň dürli görnüşleri-de bar. Olaryň hataryna talhynlary, dönem,
ýareýjan, lollujan, kän salamlary, haraý sanawaç aýdymlaryny goşmak
bolar. Bu aýdymlar pikir-duýguny aňlatmakda özboluşlylygy, şiwe
aýratynlygyny saklamak bilen, liriki duýguny, degişme-ýaňsyny, başdan
geçirilýän ahwalaty beýan etmekde özara tapawutlanýar.
Talhynlarda şeýle diýilýär:
Akar suw boýunda durasym gelýär,
Ýar bilen saz –söhbet gurasym gelýär,
Näzli ýarym aýra düşse ýanymdanYzynda sergezdan bolasym gelýär.
Haraý aýdymlary ýurdumyzyň käbir etraplarynda ýerine ýetirilýär. Olar
kiçijik aýdymlardan ybarat bolup, aýal-gyzlar tarapyndan düzülýär hem
aýdylýar. Haraý aýdymlary käte şadyýan, käte-de gamgyn äheňindäki
aýdymlardyr:
Daňdan oýanan horaz,
Teňňä boýalan horaz,
Sesim sesiňe gurban
Ýarym oýadan horaz.
Görnüşi ýaly, bu aýdymlar aýal-gyzlaryň söýgi hakyndaky bentlerdir.
Dönem, ýareýjan, lollujan aýdymlary kaka etrabynda meşhurdyr. Olar
ogul öýerilende, gyz çykarylanda, çaga dogulanda, toýlarda aýdylýar.
Dönem hem ýareýjan aýdymlarynyň bentleri biri-birine ýakyn.
Dönem aýdymynda:
Erik bolup eýwanyňda güllesem, dönem,
Bilbil bolup şahasynda saýrasam, dönem,
Özüm halap, şeýle oglana barsam,dönem,
Haý dönem,aý dönem, ala göz ýara, dönem.
Ýareýjan aýdymynda:
Akar bolup bagyňyzdan akaly, ýareýjan,
Aşyk bolup köçäňizden bakaly, ýareýjan,
20
Duşmanlaryň için-bagryn ýakaly, ýareýjan,
Oýan-oýan, ýar gözüňe döneýin, ýareýjan.
Dönem
hem
ýareýjan
aýdym
äheňli
bentler
bolup,öleňlere,lälelere,monjugatdylara,küştdepdilere meňzeşdir.Olar köplenç
yşk-söýgi temasyndaky aýdymlar.
Lollujan aýdymynda hem yşky mesele gozgalýar:
Bu depe almalydyr, lollujan,
Almasyny tirmelidir, lollujan,
Bir agaçda bäş almadyr, lollujan,
Ýara göndermişdir-eý, lollujan.
Ýöne bu aýdymda söýgi söhbetiniň çäginde durmuşyň beýleki meseleside gozgalýar.
Dönem, ýareýjan, lollujan aýdymlarynyň asly halky goşgulardyr.
Olara aýdym sanawaçlary hem diýilýär. Şiwe alamatyny özünde
saklaýandygy üçin, gepleşik aýratynlyklary-da bar.
Gadymy döwürde ýaşlar içki joşgunyny, söýgüsini, arzuwyny goşgy
setirlerine salyp, gudratly Biribardan haraý isläpdir, derdini ýeňledipdir.
Şonuň üçin olara haraý aýdymlary diýilýär. Haraý sanawaç aýdymlary
sazsyz ýerine ýetirilýär.
Bu aýdymlar uzak ýyllaryň dowamyndaky durmuşy wakalary, däpdessurlary, özüne siňdiripdir.
Aýdyşyk aýdymlary-da (“Bergin bilezigim”,”Hoş imdi” (Hüýrlukga bilen
Hemranyň aýdyşygy),”Suw ber içeli”(Görogly bilen Harmandäliniň aýdyşygy)
özüne çekijidir. Şu hili aýdymlarda ýigit bilen gyzyň wepalylygy, yşgy
duýgulary berilýär. Aýdyşyk aýdymlarynda biri-birini bilmek, tanamak üçin
degişme manydaky şertler-de orta atylýar.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýralyk bilen bagly “kän salam”
aýdymlary ýörgünli boldy. Bu aýdymlar halk şygryýetiniň irki görnüşleriniň
biri.
“Kän salam” aýdymlary ýazuwly edebiýata ýakyn halky eserlerdir. Olar
şahsy häsiýetde bolup,salam hatlarynyň mazmunyna mahsuslylygy saklaýar.
“Kän salamlaryň”- mazmunynda giňişlik ýatyr, ýagny bir ýerdäki ahwalaty
başga bir ýere ýetirýär. Dili ýeňil, şiwe elementini özünde saklaýan “kän
salamlar”gadymy aýdymlaryň biri. Magtymgulynyň “Habar ber –
şeýlediri,”Zeliliniň “Salam, Seýdisi” “kän salamlardan” täsirlenip döredilen
goşgulardyr.
“Kän salamlaryň”taryhy wakalar bilen tanyşmakdaky, ýaşlary
türkmençilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti uly.
Dessur aýdymy has gadymylygy bilen tapawutlanýar. Aýdymyň bu
görnüşinde türkmeniň irki döwürdäki milli dessury hem ynanjy bar. Aýal-gyzlar
mallary söýende,hörelände, süýt saganda mylaýym owaz bilen hiňlenýar. Bu
aýdym mallara bolan söýgüni ösdürýär.
21
Belli bir döwürde giň ýaýran aýdymlaryň biri-de dini aýdymlardyr. Zikir
belli bir möwsümde däl-de, hemme wagt ýerine ýetirilipdir.
Porhançylyk bilen meşgullanan adamlar hem bolupdyr. Olar täsin
galdyryjy hereketler, sözler arkaly adama jadygöýlik bilen täsir edip keselini
bejeripdir.
Halk aýdym-sazyny toplamakda hem ýaýratmakda 1925-nji ýylda
döredilen türkmen ylmy-edebiýat jemgyýetiniň uly ähmiýeti bolupdyr.
W.A.Uspenskiý bilen Muhammetmyrat Nepesliýew 1925-nji ýylyň
ahyrynda,1926-njy ýylyň ýazynda hem-de 1927-nji ýylyň güýzünde türkmen
halk saz sungatyna degişli maglumatlary toplamak maksady bilen
Türkmenistanyň günorta we demirgazyk etraplarynda ylmy saparlarda bolýar.
Şol saparlarda W.A. Uspenskiý 63 sany aýdymy ýazga geçirýär, halk
aýdymlarynyň taryhyna degişli köp sanly maglumaty toplaýar. Netijede 19 28nji ýylda W.A. Uspenskiý bilen W.M. Belýaýewiň “Türkmen sazy”kitabynyň 1nji tomy Moskwada rus dilinde neşir edilýär.
Kitapda milli saz sungaty, türkmen sazandalary hem bagşylary, olaryň
ömri we döredijiligi,aýdym-saz repertuary hakynda täsin we gyzykly maglumat
berilýär.
Kitabyň 2-nji tomy hem 1936-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir
edilýär. Kitabyň bu neşirindeW.A.Uspenskiniň türkmen aýdym-sazyny
öwrenmekdäki hyzmaty görkezilýär. “Türkmen sazy” kitaby 1979-nji ýylda
Aşgabatda neşir edilip türkmen okyjylaryna ýetirildi. Türkmen aýdymlary
1944-nji hem 1960-nji ýyllarda ýörite ýygyndy bolup neşir edildi.
Türkmen
aýdym-sazynyň
taryhyny
öwrenmekde
bagşyşynas
A.Aşyrowyň, saz öwreniji Ö. Gandymowyň hyzmaty uly. Olar halk
aýdymlarynyň baý repertuaryna folklor eserleriniň egsilmez çeşme bolup
hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek bellediler.
Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, esasan-da häzirki beýik Galkynyş
eýýamymyzda türkmen bagşy-sazandalaryna berilýän üns güýçlendirildi. Olara
goýulýan hormat artdy.
Sowet döwründe ady tutulmadyk, hormat-sylag edilmedik bagşylara uly
hormat goýulýar. Olara hormatly atlar dakylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda aýdylmagy ozalky döwürde gadagan edilen dini
aýdymlar dikeldilldi. Halk aýdymlary temasy, hili, labyzlylygy taýdan
baýlaşýar.
22
Toý aýdymlary
Nika toýy bilen baglanyşykly däp-dessurlara aýdymlar döredilipdir.Olara
toý aýdymlary (öleňler) diýilýär. Toý aýdymlary toý tutulyşynyň hemmesini öz
içine alýan däp-dessury ýüze çykarýar. Olarda maşgala durmuşyny gurmak
baradaky garaýyşlar-gyz çykarmak, gelin edinmek bilen baglanyşykly däpdessurlar, yrymlar şöhlelendirilýär. Toý aýdymlary halk döredijiliginiň
şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryndan belli bir wagtda, ýagny toý wagtynda
aýdylýandygy bilen tapawutlanýar.
Toý aýdymlary halk döredijiliginiň özboluşly žanrydyr. Ol ýurdumyzyň
hemme etraplarynda gabat gelmeýär. Munuň üstesine, toý aýdymlary etraplarda
dürlüçe-de atlandyrylýar. Lebap sebitlerinde “öleň”, üleň”, “ haý, öleň”, “ýarýar”, Daşoguzda “heşelle” diýen at bilen ýaýrapdyr. Ahal sebitlerinde toý
aýdymlary “Leeran”, “Ýareýjan”,”Ýar-ýar” ady bilen bellidir. Emma dürli atlar
bilen ýaýran bu aýdymlaryň tekstleri biri-birine meňzeşdir. Hemmesi-de toýa
bagyşlanylan aýdymlardyr.
Toý aýdymlary gadymy döwürlerde durmuşa çykarylýan gyzyň
boýdaşlarynyň, onuň hossarlarynyň, gelin edinýänleriň dilinden aýdylypdyr.
Gyzyň dilinden aýdylýan aýdymlaryň bentleriniň 2-nji we 4-nji setirleriniň
soňunda “Ene jan”, “Eje jan” sözleri getirilýär. Şu setirleriň soňunda köplenç
“Haý,öleň”, “Ýar-ýar”, Leeran” sözleri gaýtalanýar.
Toý aýdymlary özüniň görnüşi, temasy, ýerine ýetirilişi boýunça
tapawutlanýar. Olar aýal-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilip, toýy edilýän gyza
hem ýigide, olaryň hossarlaryna bagyşlanýar.
Bu aýdymlary durmuşa çykýan gyz heniz atasy öýündekä, onuň deňduşlary aýdýar.Ilkibaşda köplenç gepe çeper aýal aýdyp başlaýar.Toý gyzansoň,
gyzyň töweregine ýygnananlar, gyzyň özi, hem hossarlary aýdyma goşulýar.
Öleňleri gudalar-da, durmuşa çykýan gyzyň aýal dogany-da, gelnejesi-de, deňduşlary-da ýerine ýetirýärler.
Gelnalyjy gelensoň, şagalaňyň üstüne täze gelenler- gelnajylar hem
goşulýar. Öleňler köp halatda iki tarap bolup, garşyma-garşy bolubam aýdylýar.
Toý aýdymlarynda gelin edinmek, gyz çykarmak däbi bilen
baglanyşykda, her hili adatlar-ýigidi synlamakdan başlap, tä toý gutarýança
däp-dessurlar azda-kände beýanyny tapýar:
Çar tarapdan dost gelsin,
Toýdur bu gün, leeran.
Ýa-da
Iller mübärek etse,
Toýdur bu gün,ýar-ýar.diýlip, toý aýdymlarynda aýdylýar.
23
Dowam edip gelen däbe görä, gyzy we ýigidi synlaýarlar. Ýigit
synlanylanda, görk-görmegi, oturyp-turşy, ata-enesiniň oňşugy, ýaşaýsy gözden
geçirilýär. Şu meselede öleňler degişme äheňinde döredilipdir:
Toýhananyň oduny,
Tal bolmasyn, ýar-ýar.
Körekeniň bajysy,
Ýamandamak, ýar-ýar.
Toý aýdymlary degişme äheňinde aýdylanda, biraz utandyrmak,
tolgundyrmak, toýa gelenleri gülüşdirmek, şowhunlandyrmak maksat edinilýär.
Guda taraplarynyň arasynda hem degişme, söz bäsdeşligi dowam edipdir.
Gudalaryň adyndan dili çeper, dilewar adamlar degişme toý aýdymlaryny
aýdypdyr:
Ýa bolmasa ýüzleri,
Bagyrmydyr, ýar-ýar.
Uşbi gyzyň ýeňňesi,
Sygyrmydyr, ýar-ýar.
Geçmişde söýgüsiz nika az bolmandy. Toý aýdymlarynda gyz tarapyndan
närazylyk bildirilipdi:
Asmandaky ýyldyzy,
Atan atam, ýar-ýar.
Öz gyzyny ýat ýere,
Satan atam, ýar-ýar.
Gyzlar durmuşa çykanda närazylyk bildirmegi, gynanyp aglamagy ataenesini, hossarlaryny sylaýandygy, olardan aýrylmaly pursadyň gelendigine
gynanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi gyz öz ýaşlygyny geçiren
mähriban öýünden, deň-duşlaryndan, galyberse-de ata-enesinden aýrylyp, başga
maşgala düşjekdigine gynanýar. Şeýle ýagdaýda gyza göwünlik berilýär:
Aglama gyz, aglama,
Toý seniňki, ýar-ýar.
Bosagasy altyndan,
Öý seniňki, ýar-ýar.
Durmuşa çykarylýan gyzy gelnalyjylar alyp ugranda, diňe gyz däl, eýsem
onuň ejesi hem aglaýar. Toý aýdymlarynda beýan edilişine görä, gyzyň ejesi
aglamasa, geň hem görlüpdir:
Ýüke söýenip duran,
Eneňmidi, ýar-ýar.
Gözünden ýaş çykmady,
Öweýmidi, ýar-ýar.
Gelnalyjy gelensoň , gyz oturan öýünden çykarylyp, palasyň üstünde
oturdylýar. Gelnalyjylar soňra gyzy alyp ugraýar:
24
Gat-gat gatlamalary,
Gatlanadyr,haý, öleň.
Gyzy alyp ýeňňeler,
Atlanadyr, haý, öleň.
Beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmeniň toý aýdymlarynda-da, gelniň
gaýyn tarapy, aýratynam gaýyn enesi yzgytsyz, doňbagyr aýal hökmünde
görkezilýär:
Täze gaýyn işigi,
Çeti-tiken, leeran.
Girip çyksaň saçlaryň,
Üter eken, leeran.
Halklaryň ösüş taryhynda durmuşyň belli bir öwrümleri gaýtalanandygy
sebäpli, gaýyn enelere şeýle garaýyş döräpdir. Edil şu pikir rus halkynyň toý
aýdymlarynda-da bar.
Toý aýdymlary hemme etraba deň ýaýramandyr. Depe-daýra goşulyp
aýdylýandygy üçin käbir etrapda oňa “daýra aýdymlaram” diýilýär.
Toý aýdymlarynyň dili sada, köpçülik üçin düşnükli. Dört setirli goşgy
bentlerinde meňzetme köp ulanylýar. Esasy many köplenç her bendiň soňky
iki setirinde berilýär. Goşgy bentleri köplenç 6-8 bogundan ybarat. Bentleriň 2nji hem 4-nji setirleri kapyýalaşýar. Goşgularyň her bendinde gutarnykly pikir
aňladylýar.
Türkmen halkynyň durmuşyny, taryhyny, däp-dessuryny öwrenmekde toý
aýdymlarynyň ähmiýeti uly. Olar türkmen toýunyň dowamyndaky dürli däpdessular, yrymlar bilen tanyşmaga mumkinçilik berýär.
Toý aýdymlarynyň ýygyndysy “Türkmen toý aýdymlary” ady bilen 1985nji ýylda neşir edildi.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmeniň milli toýlary dikeldildi. Şunuň bilen
birlikde, täze toý-baýramlaram döredildi. Şeýlelikde, toý aýdymlarynyň gerimi
giňelýär, temasy baýlasýar. Indi toý aýdymlary diňe durmuş toýlarynda däl,
milli toý-baýramlarda, dabaralarda hem ýerine ýetirilýär.Munuň üstesine-de,
toý aýdymlary ozalkylary ýaly, bir heňde, bir labyzda aýdylman, köp dürli saz
gurallarynyň kömegi bilen-de aýdylýär.
Häzirki wagtda küştdepdileriň heňi bilen folklor çykyşlarynda-da ýerine
ýetirilýär. Aýdymlaryň temasy baý mazmuna eýe bolýar. Toý aýdymlarynda
esasan söýgi, bagtly durmuş arzuw edilýär.
25
Läleler
Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetlerinde”: “Lälä aýdyp yşk dükanyn
gursammykam” diýen setir bar. Setirdäki lälä (“Lä ilähäniň” gysgaldylyp
aýdylyşy) sözi sopuçylyk adalgasy bolup, ondaky “ä” sesleriniň ikisi-de uzyn
aýdylýar. Sopuçylykdaky läläni sopular aýdýan bolsa, halk döredijiliginiň
adalgasy bolan läläni ýaş gelin –gyzlar kakýarlar.
Läle adalgasy çaganyň sagdyn terbiýesi bilen baglanyşyklykda
ulanylypdyr. Şonuň üçinem bu adalga çalymdaş birtopar sözler bar. Mysal ücin,
irki wagtlarda lälä ( ýa-da la-la) pars dilinde şazadalaryň, jemgyýetiň ýokary
gatlagyna degişli bolan adamlaryň çagalaryny terbiýeleýän, hat-sowat
öwredýän, tälim berýän terbiýeçileri aňladypdyr. Täjik dilindäki “Lo-lo” sözi
hem asylzadalaryň oglanjyklarynyň terbiýeçisi (ýagny, erkek adam) diýen
manyny beripdir.
Läle we lälä-i (La-la-i) wagtyň geçmegi bilen manylaryny özgertse-de,
çaga terbiýesiniň çygryndan çykmandyr. Şeýlelikde, sopuçylyk taglymatynyň,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 03
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.