Latin

Türkmen halk döredijiligi - 06

Total number of words is 3451
Total number of unique words is 1832
25.8 of words are in the 2000 most common words
38.9 of words are in the 5000 most common words
45.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bir gyzykly geçirmegi göz öňünde tutmaýar.Matallaryň synçylygy, daş-töwerek,
ýaşaýyş baradaky pikiri ösdürmekdäki, pikirleniş ukyby, esasan-da
ýetginjekleriň oýlanyş duýgularyny kämilleşdirmekdäki hyzmaty uly. Olar
adamyň çeper sözlemegine, pikiriniň, gözýetiminiň giňelmegine kömek edýär.
Ýurt Garaşsyz bolansoň , matallaryň ulanylyşy, onuň gerimi artýar. Olar
indi folklor oýunlarynda-da, toý aýdymlarynda-da giňden ulanylýar.
Nakyllar we atalar sözi
Nakyllar we atalar sözi – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň bir
žanry. Olar halkyň bäş müň ýyllyk taryhy ýolunyň önümidir. Halkyň ruhundan
gelip çykan umumadamzat gymmatlyklarymyz – ruhy, ahlak baýlyklarymyzdyr.
Gözbaşyny sözleýiş diliniň peýda bolmagyndan alyp gaýdýan nakyllar
halkyň durmuş ýagdaýyny, dünýägaraýşyny, däp-dessuryny, ýagşylykýamanlyk pelsepe garaýşyny jemleýär.
Nakyllara iň baý
71
halklaryň biri-de türkmenlerdir. Uludan –kiçä öz sözleýşinde, ýazýan eserinde
nakyllary hem-de atalar sözüni ulanmaýan adam ýok bolsa gerek.
Nakyllar köp ýaýran žanrdyr. Olar adamlaryň durmuşynda her gün diýen
ýaly ulanylýar. Onuň wagty-salymy, ýeri-ýurdy ýok. Toý-tomaşada, ýasdaaýatda, işde, dynç alyşda, öýde, mahlasy ynsan ýaşaýşynda – ähli ýerde
peýdalanylýar. Nakyllar durmuş bilen berk baglanyşykly halky eserlerdir. Olar
ýalňyşmaýan ýeke-täk maslahatçydyr. Nakyllar öwüt-nesihat, tälim berýän halk
aňlatmasydyr. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, ýagşy-ýamany
saýgarmakda, azaşany ýola salmakda, durmuşda öz ornuňy tapmakda uly rol
oýnaýar.
Nakyllar şu aşakdaky maksatlarda peýdalanylýar:
Birinjiden, öwüt-nesihat bermek üçin;
Ikinjiden, pikiriň düşnükli,täsirli bolmagy üçin;
Üçünjiden, aýdan sözüňi tassyklamak üçin;
Dördünjiden, ýazylýan eserlerde çeperçilik serişdesi hökmünde
ulanmak üçin.
Nakyllar baý tejribe esasynda, söze çeper adamlar tarapyndan
döredilýär.Olar wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdirilýär hem-de
baýlaşdyrylýar.Nakyllar ähli halklaryň arasyna-da ýaýraýar.Dana sözlere hiç
hili päsgelçilik döredilmeýär.Şonuň üçin olaryň haýsy halkda öň dörändigini
anyklamak kyn.
Nakyllar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biridir. Munuň
şeýledigini halk içinde häzire çenli ýörgünli ulanylýan “Ot-oraz”,”Ot astynda
bela galmaz” diýen ýaly nakyllar hem tassyklaýar. Mysal getiren bu
nakyllarymyz yslam dininden ozal – otparazlyk döwründe dörän
nakyllardyr.Şeýle nakyllar öz dörän döwrüniň möhrüni özünde saklaýar.
Türkmeniň folklor eserleri-de Oguz han döwründen gaýdýar. “Keçäňi
satsaň, goňşyňa sat, baraňda ýene özüň üstünde oturarsyň’,”Könesi
bolmadygyň, täzesi bolmaz”,”Obadaşym – babadaşym”,”Özüňi süýt bil,
dostuňy gaýmak”,”Kyýamat güni goňşudan” diýen ýaly nakyllar Oguz han
döwründe döräpdir.
Alym A. Baýmyradowyň pikiriçe, türkmen folklorynyň emele gelşini
dikeltmekde gadymy eser bolan “Awesta” ygtybarly çesmedir.”Awesta”
girizilen nakyllary öwrenmek hem-de peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolar.
“Oguznamada”, “Gorkut atada”,Ýusup Balasagunlynyň ”Bagt getirýän
bilim” eserinde,”Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” kitabynda we
beýleki eserlerde nakyllaryň ýazuw edebiýatdaky çeşmeleri bar.
Atalar sözi bilen nakyllar biri-birine meňzeş ýaly bolup görünse-de,
olaryň arasynda özara tapawut bar. Atalar sözi düzülişi taýyndan ýönekeý
bolup,many-mazmun sadalygy,göz öňünde tutýan maksadynyň gönümelligi
boýunça (“Işlemedik – dişlemez”, “Söýenişen ýykylmaz”,”Müň gaýgy bir iş
bitirmez” we ş.m.) tapawutlanýar.Ýöne welin atalar sözüniň göçme manyda
72
(“Ýatan öküze iým ýok”,”Il oňlasa atyňy soý”, ”Düýe garrasa, köşegine
eýerer”,”Bu günki serçe düýnki serçä “jik-jik” öwreder” we ş.m.) ulanylýan
ýerlerem bar.
Nakyllaryň köpüsiniň döreýşi rowaýatlar, taryhy wakalar (“Buz üstünde
tozan arama”,”Aýazhan çarygyňa bakarak”, ”Müsürde şa bolandan, Kenganda
geda bol” we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr.
Alymlaryň pikiriçe, rowaýatlara esaslanmazdan, nakyllaryň köklerine,
saklaýan syrly maglumatlaryna aralaşmak hem kyn.”Hemedan daş bolsa, kädi
ýakyn “diýen nakyl kädi bilen baglanyşdyrylýar. Emma rowaýaty yzarlasaň
welin, häzirki “kädi” sözi “kärdi”şekilinde bolup, ol “suwly ýaby” aňladypdyr.
Nakylyň taryhyna degişli rowaýatda “kärdiden”, ýagny suwly ýapdan böküp
geçmek hakda gürrüň gidýär.
Rowaýatlardan gözbaş alyp gaýdýan nakyllar başga-da az däl. Getirilen
maglumatlar rowaýtlar bilen nakyllaryň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny
görkezýär.
Türkmen nakyllarynyň aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1.Nakyllarda inçeden yzarlanylýan gülki, wäşi degişme bar;
“Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün kümüş, üçünji dün mis, dördünji gün
pis”,”At çapyşyňdan-a geçdik, eýeriň gaşyna berk ýapyş” we ş.m.
2.Obraz döretmekde nakyllaryň mäsirliligi duýulýar:
“Arkaly köpek gurt alar”, “It üýrer – kerwen geçer” we ş.m.
3.Nakyllarda şiwe sözleri-de getirilýär:
“Adamyň goçagy (ulusy) köwek bolar”, “Bar okaram (tabagym), gel
okaram, barmasaň-gelmeseň,orta ýolda syn(döwül) okaram” we ş.m.
Türkmen halky saldamly hem mazmuna baý nakyllaryna ýokary baha
berýär.Gysda sözde giň many aňlatmak, ýitilik, täsirlilik, çuňňur oýpikirler,akyl-paýhas, millilik nakyllara mahsusdyr.Şonuň üçinem atababalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak dessur bolup galypdyr.
Beýleki halklar hem nakyllaryna uly sarpa goýýarlar.
Eger “Nakylsyz ýaşap bolmaz” diýip, rus halky aýdan bolsa, özbek halky
“Otolar suzi-akilining kuzi” (“Atalar sözi – akylyňyzyň gözi”) diýip, olary akyl
çeşmesi hasaplaýar. Türkmen halky “Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla” diýip, nakyla örän ýokary baha berýär.
Nakyllar durmuş bilen baglanyşykly bolup, adamzat tejribesiniň, asyrlar
dowamynda emele gelen synçylygynyň, ynsan aragatnaşygynyň, zähmet
çekmekde ýüze çykan oý-pikiriniň gysgaça jemidir. Olar häsiýeti boýunça asyl
manyda, göçme manyda hem-de köp manyda ulanylýan toparlara bölünýär.
Nakyllar öz şekilini känbir üýtgetmeýän, iň durnukly görnüşi saklap
gelýän halk döredijilik eserleridir. Olaryň käbiri bolaýmasa, ýurdumyzyň ähli
ýerinde häzirki günlerde şol bir görnüşde, many-mazmunda ulanylýar.
73
Nakyllaryň temasy baý hem-de köptaraplydyr. Durmuşyň haýsy bir
ugruna nazar aýlasak, ol barada birgiden nakyllary tapmak bolýar. Adamlara
mahsus bolan ýagşy-ýaman ähli gylyk-häsiýetler nakyllarda beýanyny tapýar.
Aýal-gyzlara degişli kän nakyllar döredilipdir.Şolarda aýal-gyzlary
türkmen durmuşyna laýyk terbiýelemek, edep-ekramly,görüm-göreldeli,eli
hünärli edip ýetişdirmek meselesi gozgalýar:
Ene hakyndaky nakyllar:”Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de
bizini”,”Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz”,”Eneden nesihat alan gyz
keýwany bolar”we ş.m.
Gelinlik gözlenendäki nakyllar: ”Enesizi gelin edinme,atasyzy giýew”,
”Gyzyny öwenden gaç,ýeňňesi öweni alyp gaç” we ş.m.
Ýeňňe bilen baldyzyň gatnaşygy hakyndaky nakyllar: “Gelene
baldyz,gidene ýeňňe”we ş.m.
Gelin - gyz hakyndaky nakyllar: “Göle düşdüm, ýola düşdüm”,”Gyz
gapysy şa gapysy, müňi geler, biri alar”,”Gelniň aýagy, çopanyň taýagy”,”Gelni
gelin edýän düşen ýeri” we ş.m.
Gelin-gaýyn gatnaşygy hakyndaky nakyllar:”Gaýyn-gelin gapakly
gazan”,”Gaýyn atam ganarym,dolup durar dulumda,gaýyn enem gazanymgetirip goýar ýanymda”,”Gelinde dil ýok, gaýynda ynsap” we ş.m.
Nakyllaryň temasy esasan şu aşakdakylardan ybarat:
Zähmet hakyndaky nakyllar. Zähmet her taraplaýyn suratlandyrylýar.
Ýaşamak, güzeran dolandyrmak üçin zähmet çekmeli. Kişi zähmetine göz
gyzdyrmaly däl. Öz zähmetiň rehnedini görmeli. Şeýle ruhda nakyllaram
döredilipdir: “Işlemedik-dişlemez”, “Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany
gaýnamaz”, “Galan işe gar ýagar”, “Ýaltanan ýal tapmaz” we ş.m.
Ekerançylyk, daýhançylyk hakyndaky nakyllar. Şu temadan döredilen
nakyllar köp däl. Onuň esasy sebäbi suw ýetmezçiligidir. Şonuň üçin halk irki
döwürlerde maldarçylyk (çarwadarçylyk) bilen meşgullanýar. Halk oturymlaşyp
başlansoň, ekerançylyga degişli nakyllar döräp ugraýar. Ýer, suw meselesi
nakyllarda-da yz galdyrýar: “Ak ner çökmese, boz maýa gaýmaz”, “Ekin ekseň
bugdaý ek, mal baksaň goýun bak” we ş.m.
Çarwadarçylyk bilen baglanyşykly nakyllar. Bu meselede nakyllar az
döredilmändir: “Malym-janym”, “Goýunly baý – goýy baý”, “Düýeli baýdünýäli baý” we ş.m.
Bedew baradaky nakyllar. Bedew diňe iş maly däl, Watany goramakda,
toý-tomaşalarda, at çapmakda-da ulanylypdyr. Şuňa laýyklykda nakyllaram
döredilipdir: “Är ganaty – at”, “Atym bar, ne gamym bar”, “Ertir tur – ataňy
gör, ataňdan soň - atyňy” we ş.m.
Watan, il-gün baradaky nakyllar. Bu meselede-de nakyllar az
döredilmändir: “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn”, “Ýaryndan
aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä” we ş.m.
74
Halka hyzmat etmek, ulyny-kiçini hormatlamak hakyndaky nakyllar:
“Dek gezen-dok gezer”, “Ýatan ýylanyň guýrugyny basma” we ş.m.
Dost-ýar, ýoldaşlyga degişli nakyllar: “Hasaply dost uzak gider”,
“Dost-dost, mamla rast” we ş.m.
Adamkärçilik mertebesi hakyndaky nakyllar: “Ýigit sözi bir gerek”,
“Ýagşy ýigit il aýbyn açmaz”, “Göwni açygyň-ýoly açyk”, “Akylly öwrenerakmak öwreder” we ş.m.
Maşgala degişli nakyllar; “Her kimiňki gözüne aý görner”, “Ýüpegi
saklap bilmez ýüň eder, aýaly saklap bilmez güň eder” we ş.m
Ata-ene, çaga hakyndaky nakyllar: “Ata-enäniň bahasy bolmaz, kümüşgyzylyň könesi”, “Birim bar-müňüm bar”, “Bal süýji, baldan bala süýji” we
ş.m.
Ýerlikli sözlemek, dogry söz hakyndaky nakyllar: “Biseresap gepleseň,
dildir başyň belasy”, “Dil bela-diş gala” we ş.m.
Ylym-bilim, goňşy-golam hakyndaky nakyllar: “Bir okana bar, bir-de
dokana”, “Hünärli ýigit, miweli agaç”, “Ody gorjasaň-öçer, goňşyny gozgasaňgöçer” we ş.m.
Myhmanparazlyk hakyndaky nakyllar: “Gelen-döwlet”, “Myhman
ataňdan uly” we ş.m.
Bulardan başga-da, dostluk-agzybirlik, ahlakly, halal ýaşamak, söýmeksöýülmek, hüşgärlik ýaly meselelere bagyşlanylyp hem nakyllar döredilipdir.
Nakyllaryň dili çeper, sada hem düşnükli. Olar çüň manyly we ýeňil
görnüşde döredilýär. Bir sözi aýyrmak ýa üstüne goşmak mümkin däl.
Üýtgetseň manysyna täsir edýär. Halk içinde köp ulanylýany bir ýa iki setirli
nakyllardyr. Iki setirli nakyllar özara kapyýalaşýar. Goşgy düzüliş kadasyna
boýun egýär. Her setirinde hem aýdyň pikir bar.
Iki setirli nakylda habaryň hyzmatynda (rolunda) gelýän söz birmeňzeş
sözden bolup, soňky setiriň habary düşürilip aýdylýar:
Oduny ýygan biler,
Maly sagan.
Üç – dört, ondan hem köp setirli nakyllar-da bar. Üç bogundan on alty
boguna çenli nakyllara duş gelmek bolýar. Olaryň käbirinde setirleriň bogun
sany deň gelmeýär. Şeýle ýagdaýda bir çekimlisi sozulyp, beýlekisi gysga
aýdylýar. Çekimli we çekimsiz sesler sazlaşyp gelýär.
Nakyllarda çeper edebiýata has bolan serişdelerden – ulaltma, meňzetme,
deňeşdirme, ýaňsylama ýaly çeperçilik serişdeleri ulanylýar. Olar nakyllaryň
manylarynyň düşnükli, täsirli bolmagyna getirýär.
Halk arasyna ýaýran nakyllar we atalar sözi X1 asyrdan ýazuwly
edebiýata geçip başlaýar. Ýurt Garaşsyz bolansoň, alymlar tarapyndan Mahmyt
75
Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk”kitaby öwrenilýär. Kitapda ylmy derňew
üçin dürli many toparlaryna degişli nakyllar we atalar sözi mysal getirilýär.
Ylmy taýdan çuňňur öwrenilen işleriň biri-de Muhammet Alynyň (XV1
asyr)
“Oguznama”nakyllar
ýygyndysyna
(A.Baýmyradow,
”Garagum”žurnaly,2005,-1)degişlidir.Bu ylmy iş nakyllaryň etimologiýasyny
öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
X1X asyryň ahyrlarynda – XX asyryň başlarynda-da türkmen
nakyllarydyr atalar sözi owrenilip başlanypdyr.Olar käbir ýygyndyda,
kitaplarda berilýär.”Poslowisy tuzemnogo naseleniýa Turkestanskogo
kraýa(Taşkent,1888g.)”diýen işde türki dilli halklaryň nakyllarynyň 492-si,
M.S. Agabekowyň okuw kitabynda (Ashabad, 1904ý.) nakyllaryň 162-si
berlipdir.
Soňra nakyllary we atalar sözüni toplamak hem-de öwrenmek yzygiderli
dowam etdirilýär. Olar birnäçe gezek (“Makallar we matallar”,
Aşgabat,1925ý.(arap
harpynda),”Türkmen
nakyllary”,Aşgabat,
1949ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”,Aşgabat,1961ý.,”Türkmen nakyllary
we atalar sözi”, Aşgabat,1983ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”,
Aşgabat,2005ý.) neşir edildi.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen nakyllarynyň ulanylyşy artdy,örüsi
giňeldi.Yrakda,Eýranda, Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň nakyllary
öwrenilip başlandy. Bu bolsa türkmen diliniň,
nakyllaryň baýlaşmagyna
ýardam berýär.
Halk göredijiliginiň kyssa
topary
Kyssa – gürrüň bilen ýazylan eser ýa-da rowaýat bolmak bilen,şahyrana
topardan tapawutlanýar. Halky kyssalar ertekiçilik hem-de rowaýatçylyk ýaly
toparlara bölünýär.
Halky eserleri häsiýetlendirýän sypatlar şu aşakdakylardan ybarat:
1.Umumylygy. Halky eserlerden rowaýat bilen hekaýatyň ikisem kyssa
eseri we halk döredijiliginiň aýratynlykda alnan žanrydyr. Rowaýat we
hekaýat hakykata esaslanýar. Hekaýanyň gadymy görnüşi, asyl köki hekaýatdyr.
2.Ýakynlygy. Rowaýat bilen hekaýat biri-birine ýakyn we özara
baglanyşykly.Rowaýat mazmuny boýunça ertekilere çalymdaş.
3.Gahrymanyň häsiýeti. Halky eseriň gahrymany bir maksat,bir duýgy
bilen hereket edýär.Kynçylygy ýeňip, maksadyna ýetýär. Gahrymanda iň oňat
häsiýetler jemlenýär. Aýal-gyzlaryň hemmesi diýen ýaly täze pikirde.
4.Tapawutly aýratynlygy. Rowaýatda
hyýalbelentlik ösen. Hyýaly
obraz, wakalar keramatly güýç hökmünde görkezilýär we belli bir şahsyýete uly
rol berilýär.
76
5.Gadymylygy. Halky eserler (erteki,rowaýat) gadymy döwürde döreýär.
Alym A.P.Poseluýewskiý hyýaly we haýwanlar hakyndaky ertekileri
feodalizmden öňki döwrüň eserleri hasaplapdyr.
6.Edebi
seçgi. Halky eserler döwrüň synagyndan geçip
kämilleşýär.Döwür edebi seçgini geçirýär.Edebi seçgiden geçip bilmedik eserler
halk hakydasynda galmaýar.Oguz han döwründe kän dessan döredilipdir. Emma
biziň günlerimize olaryň diňe birnäçesi gelip ýetdi.
Rowaýtlardyr
hekaýatlar
esasynda
uly
göwrümli
eserler
döreýär.Dessanlaryň, eposlaryň esasynda dürli rowaýtlardyr hekaýatlar ýatyr.
Halky dessanlar bilen birlikde, awtory belli bolan “Zöhre – Tahyr”, “LeýliMežnun” dessanlary rowaýatlardyr hekaýatlar esasynda döredi.
Halk arasynda belli-belli şahsyýetler (Oguz han, Gokut ata, Görogly)
hakynda ýaýran hekaýatlardyr rowaýatlar eposlaryň döremegine getirdi.
Halky eserler öz gezeginde toparlara,kysymlara, içgi görnüşlere bölünýär.
Hyýaly ertekiler özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Ertekileriň
bu
görnüşinde ynsan wekiliniň hereketini çylşyrymlaşdyrýan ýa-da onuň işiniň
rowaç bolmagyna täsir edýän döw-peri,aždarha,sumrug guş, haly we beýleki
hyýaly predmetler ulanylýar.Hyýaly güýçler ynsanyň maksadyna ýetmegi bilen
baglanyşdyrylýar.
Halk döredijiliginiň kyssa toparynyň žanrlaryna ertekiler, rowaýatlar –
legendalar
(efsanalar),
şorta
sözler,
gatyşyk
beýanlydygyna
garamazdan,eposlar, dessanlar hem degişlidir.
Ertekiler
Türkmen halk döredijiliginiň kyssa toparynyň iň köp ýaýran žanrlarynyň
biri ertekilerdir. Kyssa toparynyň täji bolan ertekiler täsin wakalara baý we çuň
mazmunly bolýarlar.
Ertekiler türkmen halkynyň müň ýyllyklaryň dowamynda döreden baý
edebi mirasydyr. Olar söz sungatynyň örän köp hem sagdyn nusgalaryny
özünde jemleýär.
Ertekiler tema hem mazmun baýlygy, çeperçilik kämilligi, kalba
ýakynlygy, wakany beýan etmekdäki özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Kyssa toparynyň bu žanrynda halkyň geljege bolan ynanjy, isleg–arzuwy
gadym wagtda bolup geçen waka hökmünde şöhlelendirilýär. Şunyň bilen
birlikde, ertekilerde halkymyza mahsus bolan watansöýüjilik, ynsanperwerlik,
myhmanparazlyk, il-güne wepalylyk, halallyk, geçirimlilik, ruhubelentlik ýaly
häsiýetler jemlenýär.
Türkmen halk ertekileri özleriniň gözbaşyny geçmiş taryhymyzyň has irki
döwürlerinden alyp gaýdýar. Olaryň gadymy nusgalarynda irki döwürdäki
adamlaryň hyýaly oý-pikirleri, dünýägaraýyşlary suratlandyrylýar. Ilkidurmuş
däp-dessury bilenem tanyşmak bolýar.”Akpamyk” ertekisinde çakmakdan ot
almak, üme geçirmek,gyzyň bolsa gapyňdan gurjak, ogluň bolsa ok-ýaý asmak
77
ýaly irki döwrüň däpleri görkezilýär. Şeýlelikde, ertekileriň halk taryhyny, güngüzeranyny, dil baýlygyny, psihologiýasyny, umyt-arzuwlaryny öwrenmekde
ähmiýeti uly.
Ertekilerde şu aşakdakylar ýaly umumylyklar bar:
1.
Ertekileriň hemmesi diýen ýaly:”Bir bar eken, bir ýok eken…”
diýen birmeňzeş sözler bilen başlanýar. Olarda “Az ýöräp, köp
ýöräp,pylan ýere ýetdi…’diýlen ýaly birmeňzeş jümleler-de ulanylýar.
2.Ertekilerde döw köplenç:”Adam, adam ysy bar” diýýär.Adamy görende
bolsa:”Bu ýere gulan gelse, toýnakdan bolýar, guş gelse ganatdan. Sen neneň
geldiň” diýip gorkuzýar.Adam döwe salam berende, döw oňa: “Munça salam
bermedik bolsaň,iki üzüp bir ýalmardym” diýip herrelýär.Soňra döw:”Atyş
gerekmi, tutuş” diýýär. Adam:”Atyş ataň başyna,tutuş gerek” diýýär.
3.Ertekilere gatnaşýan gahrymanlaryň kesp-kärleri-de (tikinçi, biçimçi,
awçy, kilwan, çopan, molla, daýhan, ussa, sazanda we ş.m.) köplenç birmeňzeş.
4.Ertekilerde ýagşy niýeti ündemek maksady bilen,ýagşylyk mydama
ýamanlygy ýeňýär.Ýagşy niýetli adam maksat- myradyna ýetýär, kyrk gije
gündizläp toý tutýar.
5.Eseriň gahrymany döwüň garşysyna göreşende hilegärligi ulanýar we
üstün çykýar.
6.Ertekiler çeperçilik taýdan has kämil bolup, olarda halk
aňlatmalary,matallar, nakyllar,
çeper
sözler,
söz
oýnatmalary,”syrly”sözleşikler ussatlyk bilen ulanylýar.
Türkmen ertekileriniň gadymy döwürlerden bäri taryhy ykballary esasan
birmeňzeş bolan türki, şol sanda beýleki halklaryň-da halk döredijilik mirasy
bilen ýakynlygynyň bardygyny nygtasak, onda folklor eserleriniň serhediniň
bolmandygyna, gaýtam özara baýlaşandygyna göz ýetirmek bolýar.
Ertekiler özara baýlaşmak häsiýetine eýedir. “Totynyň hekaýalary”, “Dört
derwüş”, “Müň bir gije” arap halk ertekilerindäki gürrüň berilýän wakalara
meňzeş ýagdaýlar, şolardaky gahrymanlar türkmen ertekilerinde-de duş gelýär.
Bu bolsa türkmeniň baran ýerine özüniň ruhy gymmatlyklaryn y, medeniýetini
alyp gidendigine şaýatlyk edýär.
Beýleki halklaryň ertekileriniň käbiriniň gözbaşynda türkmen ertekilerem
durupdyr. “Müň bir gije” arap ertekiler toplumynda gürrüň berilýän wakalarda
(“Zerrin damak”, “Tylla telpek”, “Totyguş we kerwenbaşynyň ogly” ertekileri)
arap ýurtlarynyň ady tutulman, gadymy oguz ýurtlarynyň (Genji Garabag,
Astrabat, Çandybil we ş.m), oguz gahrymanlarynyň atlary tutulýar, oguz däpleri
agzalýar.
Ýöne welin türkmen ertekileriniň beýleki halklaryň ertekileri bilen
ýakynlygy birtaraplaýyndyr. Sebäbi her bir halkyň gelip çykyşy, özboluşlylygy,
durmuş şerti, gylyk-häsiýeti, galyberse-de däp-dessury taýyndan tapawutly
aýratynlygy bar. Tapawutly aýratynlyklar halk ertekilerine-de siňdirilipdir.
78
Ertekilerde halk wekilleriniň dostlugy, agzybirlik meselesi, ýagşy-ýamanlyk,
mertlik, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk, batyrlyk-gorkaklyk, söýgi-yşk, ynsan güýjüni,
pähim-paýhasyny, mertebesini beýgeltmek ýaly temalar gozgalýar. Garyplaryň,
talabanlaryň, çopan-çoluklaryň, daýhanlaryň, hünärmenleriň, mert ýigitleriň, arlynamysly, elleri çeper aýal-gyzlaryň obrazlary görkezilýär. Olaryň batyrlyk,
zähmetsöýerlik, söýgä wepalylyk, dogry sözlülik, sadalyk ýaly asylly gylykhäsiýetleri ertekilerde suratlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, zalymlyk, rehimsizlik,
mugthorluk, ýalançylyk, mekirlik, aldawçylyk, gorkaklyk, nebsewürlik ýaly ýaramaz
häsiýetler paş edilýär.
Ertekiler adamlary özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halk
döredijiliginiň bitewi, gyzykly we çuň manyly žanrlarynyň biri bolan ertekileri
öwrenmekde bitirilen işler az däl. Ertekileriň baý nusgalaryny ýygnamak we halka
ýetirmek ilkibaşdan ýola goýuldy.
Türkmen ertekileriniň bitewi toplumy ilkinji gezek 1936-njy ýylda Moskwada
çap edildi. Ol ertekiler G.I.Karpow hem N.F.Lebedew tarapyndan düzülen
“Tworçestwo narodow Turkmenistana” diýen ýygyndyda ýerleşdirildi. Şol ertekileriň
arasynda “Bagt bilen akylyň jedeli”, “Eneň uny tükenendir” ýaly terbiýeçilik
taýyndan ähmiýetli hem-de gülküli häsiýete eýe bolan ertekiler bar. Ondan ozal
A.N.Samoýlowiç 1910-njy ýylda türkmen ertekileriniň üç sanysyny rus diline geçirip,
Kaufmanyň ýygyndysynda (Sb. Kaufmana: Turkmeniýa. T. 1. Izdatelstwo AN SSSR
– L. 1929g.) çap etdirýär. Stawropol ülkesinde göçürip alan “Kyrk ýalan”ertekisi hem
1914-nji ýylda “Žiwaýa starina” žurnalynda çap edildi.
Türkmen ertekileri ilkinji gezek özbaşdak ýygyndy hökmünde 1926 –njy ýylda
A.S.Alyýew tarapyndan çapa taýýarlanyp, neşir edilýär. 1937-nji ýylda ertekiler “Bir
bar ekeni…”ady bilen edebiýatçy Ahundow-Gürgenli tarapyndan çapa taýýarlanylýar.
Türkmen ertekilerine degişli edilen tekstologik işleriň biri hem K.Osmanow
tarapyndan 1940-njy ýylda çapa taýýarlanylan ertekilerdir. Ol “Çagalar üçin
ertekiler” ady bilen çykýar.
Ýazyjy, folklorçy A Gowşudow hem-de M.A. Sakali 1940 –njy ýylda türkmen
ertekilerini ýygnap halka hödürleýär.Bu ýygyndyda ertekileriň üç görnüşinden hem
nusgalar girizilýär.
XX asyryň 30-njy hem 40-njy ýyllarynda türkmen folkloryny,esasan-da
ertekileri ilat arasyndan toplamakda we Golýazmalar institutyna tabşyrmakda
Mämmet
Gadamow,Muhammet
Ataşow,Cary
Garabekow
dagy
aýratyn
tapawutlanypdyr. Olaryň toplan ertekileri öwrenilip,soňra neşire taýýarlanylypdyr.
Çagalar üçin ertekileriň saldamly ýygyndysy 1955-nji ýylda çap edilýär.
Ýygyndy
dilçi
alymlar
B.Çaryýarow
bilen
G.Ataýew
tarapyndan
taýýarlanylýar.Soňra dürli ýyllarda “Türkmen halk ertekileri” ady bilen üç tomlyk
ýygyndy çap edilýär. Olaryň birinji tomy haýwanlar hakyndaky ertekiler1978-nji
ýylda, ikinji tomy hyýaly(jadyly) ertekiler 1979- njy ýylda, üçinji tomy durmuşy
ertekiler hem 1980 – nji ýylda neşir edilýär. Ýygyndy edebiýatçy alymlar
Ş.Halmuhammedow, M. Çaryýew, Ýa. Nurlyýew tarapyndan çapa taýýarlanylýar.
Soňra
“Hutdy-Humar”hem-de
“Şamar”(1981)
atly
ertekiler
ýygyndysy
çykýar.Ýygyndyny folklorçy alym Ş.Halmuhammedow toplady hem-de çapa
taýýarlady.”Şamar” ady bilen çap edilen ýygynda durmuşy, haýwanlar hakyndaky we
79
hyýaly ertekilerden nusgalar girizilýär. Alym B.Weliýew tarapyndan çapa
taýýarlanylan “Türkmen halk ertekileri’ 1986 –njy ýylda neşir edilýär.Ýurt Garaşsyz
bolansoň, türkmen ertekileri toplanylyp hem-de öwrenilip bütewilikde 2006 –njy
ýylda çapdan çykarylýar.
M.A.Sakali türkmen halk döredijiligi boýunça köp işleri bitiren alym.Onuň
“Türkmen çeper folklory” diýen makalasy halk döredijiligini öwreniş ylmyna uly
goşantdyr. M.A. Sakali türkmen halk ertekilerini düýpli öwrenýär, rus diline
geçirýär,neşire taýýarlaýar. Ol birentek tekstologik işleriň daşyndan halk
döredijiliginiň düýpli meseleleri bilen baglanyşykly makalalary, “Türkmen erteki
eposy” diýen gymmatly ylmy işi hem ýazdy. Bu ylmy iş folklor eserlerini, ylaýta -da
ertekileri öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Alym M.A.Sakali ilkinji bolup, türkmen ertekileri bilen Ýewropa halklarynyň
ertekileriniň arabaglanyşygy hakynda giňişleýin ylmy pikiri ýöretdi. Alym 1 946-njy
ýyla çenli 1450 sany türkmen ertekisiniň ýazylyp alnandygyny belleýär. Şol aryň 780siniň özbaşdak sýužeti bolupdyr.
Ertekileriň kompozisiýa gurluşynda-da aýratynlyklar bar. Olar köplenç kyssa
görnüşinde düzülip, käbirinde gysgajyk goşgy ulanylýar. Ertekilerdäki
söhbetdeşlikler, nakyllar, hekaýa içinde hekaýa getirmek ýaly edebi däpler olaryň
mazmunyna, kompozisiýasyna, çeperçiligine oňat täsir edýär.
Türkmen halky söhbetdeşini akyl synagyndan geçirmekde “söz oýnatmagyň”
hötdesinden gelen halk. Halk paýhasy ertekileriň süňňüne siňip, milli däpleri
ösdüripdir. Türkmeniň akyl-paýhasyny aňlatmakda gizlin manydaky sowal-jogaplarda
–“syrly sözleşiklerde” (matallarda) halk durmuşy şöhlelendirilýär.
Ýaşuly adamlara geňeş salmak, sarpa goýmak, ejizi goldamak, merdi sylamak,
ýaramaz gylyk-häsiýetleri paş etmek däbi ertekileriň üsti bilen ýaýradylypdyr.
Ertekilerde durnukly sanlar (üç, ýedi, dokuz, kyrk) üýtgewsiz ulanylyp
gelinýär. Olar diňe mukdar sany görkezmän, eýsem meňzeş wakanyň
dowamlylygyny, üç gezek gaýtalanýan ýagdaýy (meselem: “Üç doganyň talaban
durşy” ertekisi we beýlekiler) hem suratlandyrýar. Käbir ertekide bolsa üçlüklerde iki
ugurdaşlyk bilen bir çaprazlygy (meselem: “Üç ýoldaş” ertekisi) görkezilýär.
Ertekidäki üç gahrymanyň kiçisiniň ugur tapyjy, akylly edilip görkezilmegi türkmen
halkynda körpesini has-da sylamak däbini ösdürýär.
Ertekilerde durnukly üçlük san bilen birlikde, ýedi, kyrk sanlary-da köplügi,
ýagşy-ýamany aňladýar. Bu sanlar mukaddes hasaplanylyp, türkmen halkynyň
durmuşyna pugta ornaşypdyr. Ertekilerde ruhy baýlyk (hat-sowat, dutar, küşt
öwrenmek we beýlekiler) öňe sürülýär. Türkmeniň her bir ýagdaýda akyl -paýhas
bilen kynçylykdan üstün çykmak däbi teswirlenilýär.
Türkmen ertekilerini wagyz etmekde, gyzykly edip aýdyp bermekde ýa zyjy Ata
Gowşudowyň ejesi Ogulgerek ejäniň hyzmaty uly bolupdyr. Onuň erteki aýdyp
berşine ertekileri öwreniji alym M.A. Sakali hem ýokary baha beripdir. Ogulgerek
ejäniň uşsat ertekiçiligi tanymal ýazyjy Ata Gowşudowyň döredijiligine -de täsirini
ýetiripdir.
Ertekileri okamak, öwrenmek bilen ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň
dowamynda toplan baý tejribesine, akyl-paýhasyna, isleg-arzuwyna göz
80
ýetirýäris. Adamlaryň tebigat bilen arabaglanyşygyny, gaýry duşmanlara garşy
alyp baran göreşini şöhlelendirişini, taryhy öwredijiligini synlaýarys.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, ertekileriň öwrenilişine, halk köpçüligine
ýetirilişine hemmetaraplaýyn çemeleşilip başlandy. Türkmen ertekileri esasynda
sahna oýunlary, teleradio oýunlary goýulýar.Olar folklor çykyşlarynda
peýdalanylýar. Ertekiler boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Türkmen ertekileri häsiýeti, mazmuny taýyndan üç topara – durmuşy,
haýwanlar hakyndaky, hyýaly ertekilere bölünýär.
Durmuşy ertekiler
Durmuşy ertekiler ýaşaýyşda bolup biläýjek wakalary,galapyn dogruçyl
görkezýär. Ertekiler köplenç çarwadarçylyk (maldarçylyk), senetçilik, il-güni,
Watany, topragy, zähmeti söýmek, adalaty hormatlamak, açgözlüligi,
ahlaksyzlygy tankytlamak ýaly meselelere bagyşlanýar. Olaryň gahrymanlary –
adamlar. Ýaramaz häsiýetlere garşy göreş-garşylyk durmuşy wakalarynyň üsti
bilen suratlandyrylýar. “Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň”,”Üç doganyň
talaban durşy”,”Garybyň çerkeze gidişi”, “Akylly aýal” ýaly ertekilerde
ahlaksyzlyga garşy göreş meselesi gozgalýar.
Durmuşy ertekilerde belli bir derejede göçme manydaky (allegoriki)
obrazlara, hyýaly wakalara duş gelinýär. Ýöne olar cäklendirilen möçberde
hem-de durmuş hakykatynyň serhedinden çykmaýan obrazlardyr, wakalardyr.
Şunuň bilen birlikde, durmuşy ertekileriň sýužeti ýaýrawly, dartgynlydyr,
kompozisiýasy çylşyrymlydyr.
Durmuşy ertekilerde balykçylyk, ekerançylyk durmuşy, ynsan mertebesi
ýaly meselelerem görkezilýär. Ertekileriň bu görnüşinde wakalar ynançly bolup,
durmuşda bolýan we bolup biläýjek zatlar beýan edilýär. Olardaky gahrymanlar
esasan halkyň arasyndaky adamlardyr. Şonuň üçin durmuşy ertekiler mazmuny
we durmuşa ýakynlygy boýunça ertekileriň beýleki görnüşlerinden
tapawutlanýar. Ertekilerde durmuşyň haýsam bolsa bir tarapy (“Üç doganyň
talaban durşy”, “Garybyň çerkeze gidişi” we ş.m.) dogruçyl beýan edilýär.
Durmuşy ertekilerde zähmete uly orun berilýär. Iň lezzetli tagam öz
zähmetiň bilen gazanylan tagamdyr diýen ideýa öňe sürülýär. Ertekilerde
işlemek, zähmet çekmek, kişi zadyna göz gyzdyrmazlyk, öz zähmetiň siňmedik
zada el urmazlyk öwüt-nesihat edilýär, ýaltalyk, kezzaplyk berk ýazgarylýar.
“Akylly daýhan” ertekisinde öz işine jür,bagbançylyk, daýhançylyk bilen
meşgullanyp ýören türkmen ýigidi Sapa göz öňüne gelýär. Sapa göwnaçyk,
zähmetsöýer, dogruçyl adam. Ol bagbanyň akylly gyzyna öýlenip, maksatmyradyna ýetýär. Ertekide Sapanyň obrazynyň üsti bilen adamkärçiligiň oňat
sypatlary görkezilýär, başga bir bagbanyň obrazynyň üsti bilen öwünjeňlik,
açgözlük ýazgarylýar. Bu ertekiniň öwredijilik hem terbiýeçilik ähmiýeti uly.
81
Durmuşy ertekileri satira, ýumora hem baýdyr. Adalatsyzlyk durmuş
wakalary bilen paş edilýär.”Eneň uny tükenendir”,”Akylly aýal”,”Garybyň
çerkeze gidişi”ertekilerinde ahlaksyzlyk kinaýa bilen ýazgarylýar.”Garybyň
çerkeze didişi” ertekisinde sadalyga, adamkärçilige, dogruçyl bolmaklyga giň
orun berilýär. Şunuň bilen birlikde, açgözlük, bahyllyk, harsydünýälik ýaly
ýaramaz häsiýetler ýazgarylýar.
Ertekilerde nakyllar, matallar getirilýär. Nakyllar ertekileriň tekstleriniň
içinde gelmek bilen, pikiriň has aýdyňlaşmagyna, manysynyň düşnükli
bolmagyna hyzmat edýär. Käbir ertekilerde bolsa nakyllar many-mazmun bilen
pugta baglanyşyklydyr. Nakyldaky pikir şol ertekide beýan edilýär.Ertekiniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 07
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.