Latin

Türkmen halk döredijiligi - 07

Total number of words is 3493
Total number of unique words is 1745
29.5 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
51.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
esasynda nakyl emele gelýän wagtlaram bolýar. Halk arasyndaky “Nesip etse
äriňdirin”, “Geçini hem öz aýagyndan asarlar, goýny hem öz aýagyndan”,
“Aýazhan çarygyňa bakarak” diýen nakyllar ertekiler bilen baglanyşyklydyr,
ertekiler esasynda dörän nakyllardyr. “Aýazhan çarygyňa bakarak” ertekisiniň
many-mazmuny şeýle: - Gadym wagtlarda Aýaz diýen bir garyp adam bolan.
Aýagy köne çarykly, egni ýyrtyk içmekli. Ahyrda Aýaz patyşalyk derejesine
ýetýär, halka baş bolup oturýar. Ol köpçülige ýaramly, adalatly ýurt eýesi
bolupdyr. Halk oňa “Indi şu derejä ýetdiň. Hiç wagt halky ynjytma, şol ozalky
kiçigöwünliligiň bolsun, geçmişiňi ýada salyp, çarygyňa bakarak boluber, halky
unutma” – diýip, öwüt-undew beripdir. Şunlukda, “Aýazhan çarygyňa bakarak’
diýen nakyl döräpdir.
Aýazhan şa derejesine ýeteninde, köneje çarygyny duldan asyp goýupdyr.
Gatyrak gidiberende, dulda asylgy duran gaty çarygyna seredip, başyndan geçen
öňki ýagdaýyny göz öňüne getirýär.Ondan kiçigöwünlilik tapýar.
Ertekileriň tekstiniň içinde goşgy setirleri getirilýär. Munuň özi,
birinjiden, çagalaryň ertekiler bilen gyzyklanmagyna kömek etse, ikinjiden,
goşguly ertekiler okyjylary, diňleýjileri ýadamazlyk, höweslendirmek üçin
amatly bolýar. Üçinjiden, tekstde gelen goşgular ertekiniň sýužeti bilen berk
baglanyşykly bolup, onuň manysynyň has aýdyň bolmagyna, okyjylaryň ünsüni
çekmäge ýardam edýär.
Durmuşy ertekilerde enesiz galan ýetim çagalara halkyň ýakyndan
duýgudaşlyk edendigi görünýär. Beýleki ýurtlaryň halklarynyň ertekilrinde-de
öweý eneleriň obrazlary, olaryň ýetim galan çagalara garaýyşlary birmeňzeşräk
– köplenç ýaramaz häsiýetde berilýär. Munuň özi öweý eneleriň obrazlarynyň
durmuşdan
alnandygyny
görkezýär.Gruzin
ertekilerinden
“Ýetim”
(“Gruzinskiýe
narodnyýe
skazki”,1956g.),özbek
ertekilerinden
“Iki
sandyk”(“Özbek halk ertekileri”, Aşgabat, 1958ý.), tatar ertekilerinden “Öweý
gyz’ (“Tatarskiýe narodnyýe skazki”, 1957g.),türkmen ertekilerinden “Ýetim
gyz” (“Türkmen halk ertekileri” 1940ý.) ertekileriniň many-mazmuny
birmeňzeş. Bu ertekileriň her birinde enesiz galan çagalara öweý eneleriň
ýaramaz garandyklary beýan edilýär. Ýetim çagalaryň dürli bahanalar bilen
öweý eneler tarapyndan hor-homsy saklanýandygy suratlandyrylýar.
82
Durmuşy ertekileriň birnäçesi sýužet taýyndan Gundogar halklarynyň
ertekilerine meňzeşdir hem manydaşdyr. Aldar köse, Hatamtaý hakynda
aýdylýan erteki-rowaýatlar, “Isgender patyşanyň şahy bar”,”Üç doganyň
talaban
durşy”ýaly
ertekiler
Gündogar
halklarynyň
ertekilerine
ýakyndyr.Ylaýta-da ,”Akpamyk”, “Ýedi doganyň dawasy” ertekileri sýužetleri
boýunça täjikleriň “Ýedi dogan we bir bajy” (“Tadžikskiýe skazki”, 1947g.),
“Üç dogan” (şol ýerde) ertekilerine örän meňzeşdir.Ertekilerdäki sýužet
meňzeşligi halklar arasyndaky taryhy wakalaryň meňzeşligi, olaryň söwda
aragatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr.
Eserleriň sýužetiniň haýsy halkdan geçendigine garamazdan, şol eserde
milli halkyň başyndan geçen durmuşy,däp-adaty, özboluşly aýratynlygy
suratlandyrylýar. Şeýle eserler şol halkyňky hasaplanylýar. Çünki, şol eserleriň
gahrymanlary milli häsiýetdedigi, milli halkyň durmuşy bilen hereket edýänd igi
bilen tapawutlanýar.
Türkmen ertekileriniň arasynda umumy many-mazmun babatynda ýa belli
–belli stiller nuktaýnazaryndan käbir ýörgünli detallary, gahrymanlary taýyndan
biri-birine meňzeş gelýänleri-de bar. Munuň özi ertekileriň many-mazmuna,
dürli nusgalara baýdygyny görkezýär.
Durmuşy ertekileriň gahrymanlary adatdan daşary hyýaly güýçler –
periler, döwler, aždarhalar ýa beýleki hyýaly zatlar bilen iş salyşmaýar. Bu
ertekilerde gahrymanlar durmuşdaky kynçylyklary köplenç akyl-paýhasa
daýanyp ýeňip geçýärler.
Ertekilerde gahrymanlar durmuşda kynçylyga uçranda, öz güýjünden
daşary güýçleri ýeňip geçmeli bolanda, hyýaly we adatdan daşary güýçlerden
seýrek hem bolsa peýdalanýar. Şeýle ýagdaýda, alym Ş. Geldiýewanyň belleýsi
ýaly, halk öz toslamalaryna, hyýallaryna, ylhamyna daýanyp, erteki
gahrymanlaryna kyn ýoluň aňsat çykalgasyny (“Bäş galandar”, “Horezmin”
ertekileri) salgy berýär. Elbetde, munuň durmuşy ertekiler bilen hyýaly
ertekilleriň özara gatnaşykda bolup, biri-birine täsirini ýetirýändigini görkezýär.
Durmuşy ertekilerde söz oýnatmalary, göçme manygaky “sözleşik”
(matal) getirilip, ýönekeý adamyň akyl-paýhasy dabaralandyrylýar. “Togsan
torba”ertekisinde garyp gyzyň göçme manydaky jogaby ýurduň patyşasyny
amana getirýär.
Ertekilerde haýyr bilen şeriň (“Güljemal”, “Patyşa we üç adam”),
ýagşylyk bilen ýamanlygyň, danalyk bilen akmaklygyň, adalatlylyk bilen
adalatsyzlygyň (“Patyşa we onuň wesirleri”, “Akylly wezir”,”Horezmin” ş.m. )
göreşi täsirli suratlandyrylýar.
Durmuşy ertekileriniň başlanyşy dürli-dürlüdir. Umuman, Gundogar
halklarynyň ertekilerinde bolşy ýaly, türkmen ertekileri üçin hem “Bir bar eken,
bir ýok eken” bilen başlamak häsiýetlidir.Bu esasy başlangyçdyr. Yzyndan
başgarak wakalara garaşylýar: “Bir bar eken, bir ýok eken, bir obada Mele baý
diýen bir baý bar eken” ýa-da “Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda
83
bir patyşa bar eken. Onuň üç ogly bolup, her oglunyň bir ýylkysy bar eken…”
we ş.m.
Ertekileriň gutaryşy hem dürli-dürlüdir. Olaryň köpüsi:”Şeýlelik bilen,
olar maksat-myratlaryna ýetdiler “ diýen jemleýji sözlem bilen gutarýar. Emma
“Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada”, “Dostlar şat boldy, duşmanlar
gamgyn”, “Kyrk gün toý-tomaşa edip, maksat-myratlaryna ýetdiler”, “Bagyr
boldy, batdy gitdi, öýken boldy, ötdi gitdi” diýen ýaly soňlamalar bilen
gutarýan ertekiler hem az däl.
Haýwanlar hakyndaky ertekiler
Haýwanlar hakyndaky ertekileriň wakasy sada, möçberi gysga,
kompozision
gurluşy
ýönekeý
bolýar.Ertekilerde
köp
wakalar
suratlandyrylmaýar, haýsy-da bolsa bir ýa-da birnäçe haýwanyň hereketinden
söhbet açylýar. Ertekileriň gahrymanlary haýwanlar hem-de guşlar.Olaryň
hersi bir gylyk-häsiýetde suratlandyrylýar.
Haüwanlaryň we guşlaryň obrazlarynyň hersi adam gylyk-häsiýetini,
hereketini ýatladýar. Tilki-aldawçy mekir, ýoldaşyna hyýanat etmegi hiç zatça
bilmeýän, bigaýrat şekilde berilýär. Tilki köplenç il masgarasy-da bolýar. Eşeknalajedeýin, ýagşynyň-ýamanyň parhyny bilmeýän, nadan, gödek adamlaryň
hereketini ýadyňa salýar. Garynja-öz gününe kaýyl, zähmet çekip ýören,
ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berýän obrazda görkezilýär.
Içýan–öž betniýetini dowam etdirýän, dostlaşandygyna garamazdan, ýeri
gelende wadasyndan dänýän, ýöne öz niýetinden bela galýan sypatda berilýär.
Onuň şu hili häsiýeti “Gurbakda we içýan” ertekisinde oňat beýan edilýär.
Ertekilerde naýwanlaryň gatnaşygy deň derejede däldir. Olaryň birnäçesi käbir
ertekide duş gelse, birnäçesi köp ertekide hereket edýär. Ertekilerde köp duş
gelýänleri: şagal, tilki, möjek, towuk, geçi, goýun, eşek, ýolbars ýaly
haýwanlardyr. Ertekileriň bu görnüşinde çaknyşyk, köplenç çöl haýwanlary
bilen öý haýwanlarynyň arasynda bolup geçýär.Öý haýwanlary, galapyn ýeňiji
bolýar. Pişik bilen syçanyň barlyşyksyz bolşy ýaly, şagal hem towugyň ganym
duşmany. Geçidir goýnuň ýagysy hem möjekdir. Ertekilerde bular ”Möjekleri
gorkuzan geçi we goýun”, “Tazy we tilki” ertekileri durmuşda bolşy ýaly
suratlandyrylýar.
“Möjekleri gorkuzan geçi we goýun” ertekisiniň many-mazmuny şeýle:
bir adamyň bir geçisi, goýny bolan. Olar eýesiniň “Öldürjek” diýen sözüni
eşidip gaçýarlar. Ýolda halta bir möjek kellesini salyp gidýärler. Olar çölüň
içinde palaw bişirip oturan bir topar möjege gabat gelýärler. Möjekler goýun
bilen geçini görüp, “Ertirki palawymyza et geldi” diýşip begenýärler. Geçi: “Et
kän” diýip,haltadan möjek kellesini çykarýar welin, olar gorkup gaçyp
84
gidýärler. Ertekiden görnüşi ýaly, geçi bilen goýnuň ugurtapyjylygy, pähimliligi
howply ýyrtyjylardan üstün çykýar.
“Tazy we tilki” ertekisiniň many-mazmuny-da şeýle : bir tilki özünden
başga haýwan görmänsoň, “Şu wagt towşan gelsedi, kowalasamdym” diýip,
öwnüp başlan. Ony awçy eşidip, tazysyna tilkini görkezýär. Tazy tilkini
kowalap başlaýar. Ýolda towşan çykyp: “Tilki aga, nebeýle gaty gaçýaň” diýen.
Tilki : “Halym örän ýaman. Tazynyň ynsaby geläýmese,
derimi
yzymdakylardan sora”diýip, sürene özüni atýar. Çopan sürene tüsse
göýberip,tilkini tutýar.Ertekide öwünjeňligiň hiç wagt oňatlyga getirmeýändigi
beýan edilýär.
Haýwanlar hakyndaky ertekilerde güýçli we ejiz haýwanlaryň özara
gatnaşyklary suratlandyrylanda, sosial ýagdaýlar hem duýulýar. Ertekileriň
sýužetine ejiz haýwan bilen güýçli haýwanyň garşydaşlygy häsiýetlidir. Şeýle
ýagdaýda ejizler (“Dört dost”ertekisi) biri-birine kömege gelýär. Agyz
birikdirilip, güýçli gedem haýwandan üstün çykylýar.
Köpçülik bolup ýaşamak, agzybirlik ertekileriň esasy temalarynyň biri.
“Keýikler” ertekisinde agzybirlik – asuda, rahat ýaşamagyň girewi diýlip
nygtalýar.
“Keýikler” ertekisiniň many-mazmuny şeýle: keýikler topar bolup
gezmegi, ýatmagy dilleşýärler. Olar ýatanlarynda keýiklerden birini sakçy
goýýarlar. Keýikleriň topar bolup gezýänini, ýatýanyny tilki eşidip, gurda habar
berýär. Gurt keýikleriň ýatýan ýerlerine ugraýar.Keýikler onuň gelýänini
eşidip,gaçyp gidýärler. Gurt:”Meni aldadyň” diýip, tilkiniň özüni iýipdir.
Ertekide agzybirligiň hemme zatdan üstün çykýandygy öňe sürülýär.
“Ýolbars we syçan”ertekisinde özüňden kiçi, ejiz janawerlere hiç mahal
ulumsyzlyk bilen garamaly däldigi, olaryň hem degerli ýerinde peýdasynyň
boljakdygy nygtalýar. “Kyrk kelleli ýylan” ertekisiniň “Mollasy köp bolsa,
toklusy harama çykar” diýen nakyla çalymdaşdygyny bellemeli. Ertekide belli
bir baştutansyz köp kelläniň işi bulaşdyrýandygy nygtalýar.
Şu erteki barada gürrüň edilende, ýene bir zady bellemeli. Adamlar bir
kelleli ýylany görüp ýörler. Kyrk kelleli ýylany welin gören däldirler. Aslynda
kyrk kelleli ýylan bolup bilermi? Bu kanuny sowala birbada jogap beräýmegem
cetin. Ýöne welin Gyrgyzystanyň Bişkek (ozalky Frunze) şäherindäki
goraghanada zäherini almak üçin alty kelleli ýylanyň saklanylandygy hakykat.
Eger şeýle bolýan bolsa, gadym zamanlarda kyrk kelleli ýylanyňam bolan
bolmagy mümkin.
Suw atyny ösdürip ýetişdirmek meselesine ähli halklaryň folklor
eserlerinde duş gelmek bolýar. Sebäbi suw aty ýyndamlygy, eýesine wepalygy,
iş başarjaňlygy boýunça beýleki atlardan tapawutlanýar. “Görogly” eposynda
bolşy ýaly, “Goçgarguly we onuň aty” ertekisinde hem suw aty meselesi
gozgalýar.Ertekiniň gysgajyk many-mazmuny şeýle: garyp oglanyň toryna
yllakan balyk düşýär. Soýup görseler, içinden çalajan taýjagaz çykýar. Ol suw
85
atynyň tohumyndan ekeni. Suw aty ösdürilip ýetişdirilýär. Ol ýel ýaly ýyndam,
eýesine wepaly bolýar. Duşmanlaryň pirimini bilýär. Ertekä adamyň hem-de
suw atynyň gatnaşmagy eseriň gyzykly okalmagyna getirýär.
Mundan başga-da, ertekide hakykatyň hem çeper hyýallaryň utgaşýanyny
suw atynyň obrazynda-da görýäris.Atyň üýtgeşik häsiýeti çeper hyýallar arkaly
delillendirilýär. Adamyň isleg-arzuwyny amala aşyrmak üçin ata şeýle üýtgeşik
häsiýet berilýär. Okyjynyň ynanmagyna esas döredýär.
Haýwanlar hakyndaky ertekilerde ýolbars, gaplaň, öküz- güýçli, pil,
düýe- giň göwrümli, goýun, sygyr- ýuwaş haýwanlar edilip görkezilýär.
Ertekilere gatnaşýan haýwanlar öz aralarynda adam dilinde (türkmen
ertekilerinde türkmen dilinde) gepleşýärler. Haýwanlaryň türkmen dilinde
geplemegi çagalaryň ünsüni çekýär. Her bir ertekide hakykatyň bölejigi ýatyr.
Eger-de haýwanlar adam dilinde geplemeselerdi, onda çagalar ertekiler bilen
gyzyklanmazdylar. Haýwanlaryň adam dilinde geplemeginiň üsti bilen çagalar
durmuşda özlerini alyp barmagyň kadalary bilen tanyşýarlar. Ertekilerde
haýwanlaryň üsti bilen hakykatyň bir bölejigi, durmuşyň bir wakasy beýan
edilýär.
Ýazuwly edebiýata soňky döwürde geçse-de, haýwanlar hakyndaky
ertekiler irki wagtda – Oguz han eýýamynda dörändir diýlip
çaklanylýar.Diýmek, ertekiler özleriniň gözbaşyny mundan bäş müň ýyl ozalky
döwürden alyp gaýdýar.Şol döwürde urug-tire belli-belli totemlerden gözbaş
alypdyr. Totemler-oňonlardyr. Oňon-halkyň ynanýan, çokunýan, Hudaý
derejesine çenli ýokary göterilýän haýwany.Oguz han eýýamynyň oňony öküz
bolupdyr.
Öküz
ertekilerde
gudratly
haýwan
hökmünde
görkezilýär.Hindistanda öküze (sygra) häzirem gudrat hökmünde garalýar.
Türkmen ertekilerinde pil, maýmyn getirilýär. Bu haýwanlar ozal
Türkmenistanda bolupmy ýa bolmandyrmy belli däl. Hiç hili ýazgy hem
galdyrylmandyr. Anyklamagam kyn. Ýöne erteki sýužetleri göçüp-gonup
ýörüpdir. Dünýäniň ähli ýerine ertekiler Hindistandan ýaýrapdyr.
Türkmen ertekileriniň sýužeti beýleki halklaryň ertekileriniň sýužeti
bilen kybapdaş. 135 sany türkmen ertekisiniň 450 görnüşiniň bardygyny,
şolaryň hem Gündogar halklarynyň kyrkysynyňka çalymdaşdygyny alym M.A.
Sakali tassyklaýar.Türkmen ertekileriniň şonça görnüşiniň içinde haýwanlar
hakyndaky ertekileriň-de az däldigi nygtalýar. Alym A.Baýmyradowyň
“Haýwanlar hakyndaky türkmen ertekileri. Barlaglar we tekstler”(1982ý.) diýen
kitaby haýwanlar hakyndaky türkmen ertekileriniň möhüm meselelerini ylmy
jähetden çözmekde uly ähmiýete eýedir.
Haýwanat dünýäsiniň dürli wekilleriniň üsti bilen ynsan durmuşynyň
möhüm
meseleleriniň
köp
tarapy
göçme
manyda
(allegoriki)
suratlandyrylýar.Haýwanlar
hakyndaky
ertekilerde
diňe
haýwanlar
gatnaşman,ýokarda belläp geçişimiz ýaly, adamlar hem (“Hudaýberdi gorkak
86
we tilki”) gatnaşýar.Ýöne şol hili ertekilerde çözüjilik hyzmaty haýwan
obrazlaryna degişlidir.
Haýwanlar hakyndaky ertekiler halk dilini öwrenmekde baý hazyna bolup
hyzmat edýär. Ertekilerdäki sadadan düşnükli wakalar,öwüt-nesihatlar diňe
çagalary däl, eýsem ululary hem gyzyklandyrýar. Haýwan häsiýetiniň üsti bilen,
adam häsiýeti açylýar.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, haýwanlar hakyndaky ertekileriň temasy
baýlaşdy, gerimi giňeldi. Türkmenistanyň milli gurjak teatrynda, haýwanlaryň
rolundaky sahna oýunlary goýulýar, çagalar üçin ýörite filmler döredilýär.
Hyýaly ertekiler
Hyýaly (jadyly) ertekiler durmuşy hem-de haýwanlar hakyndaky
ertekilere garanyňda göwrümi taýdan uly, sýužeti öwrümli, kompozision
gurluşy çylşyrymly bolýar. Ertekilerdäki wakalar ötlem-ötlem edilip
getirilýär.Ertekileriň bu görnüşinde köp waka beýan edilýär,hyýaly
gahrymanlary suratlandyrlmaga üns berilýär.
Baş gahrymany hemişe diýen ýaly adam bolup durýandygyna
garamazdan, ynsan wekiliniň hereketini çylşyrymlaşdyrýan ýa-da onuň işiniň
rowaç bolmagyna täsir edýän gahrymanlar döw-periler, aždarha, adaty
bolmadyk sumrug guş we her häsiýetde bolup bilýän hyýaly güýçlerdir. Hyýaly
obraz adamyň hyýalynda göz öňüne gelýän obrazdyr. Şol obrazlar real zat
däldir. Döwler,periler dürli görnüşde suratlandyrylýar: döw bir ýerde haýwan
sypatynda getirilse, başga bir ýerde köp kelleli ýylan şekilinde suratlandyrylýar.
Hyýaly güýçleriňki ýaly dürli sypata, görnüşe öwrülip bilinýän zat real
hakykatda ýok. Şonuň üçin hem döwüň, periniň we beýleki hyýaly güýçleriň
obrazlary hyýaly obrazlardyr.Olaryň köpüsi örän gadymy döwürde döredilen
obrazlardyr.
Ýöne welin hyýaly güýçler adamlardan üzňe hereket etmeýärler, adamlar
hem olar bilen iş salyşýarlar. Ertekilerdäki adamlar adatdan daşary güýçlere eýe
hem-de hyýaly häsiýetde bolýarlar. Olar adatdan daşary hyýaly güýçler bilen
söweşmeli bolýandyklary üçin şeýle sypatlarda suratlandyrylýar.
Hyýaly alamatlar ertekileriň bu görnüşiniň hemmesinde deň derejede
däldir. Käbir erteki boýdan-başa hyýaly häsiýetlidir. Emma käbir ertekiniň
sýužetinde hyýaly wakalar belli bir möçberi eýeleýär. Şeýle ertekilerde
hakykatyň
alamaty
köp
orun
alýar.
“Akpamyk”,”Ýartygulak”,”Mämmetjan”,”Ejekejan”,”Hudaýberdi gorkak we
tilki” ýaly ertekilerde dürli meseleler gozgalýar. Olaryň baş gahrymanlary hem
kesp-käri we dürli gatlaga degişliligi bilen tapawutlanýar. Ýöne olaryň
hemmesine mahsus bolan bir häsiýet – baş gahryman bolan adam ertekileriň
soňunda ýeňiji bolup çykýar.
87
Ertekilerde adam asmana uçýar, sumrug guşuna münüp, alty aýlyk ýoly
sanly pursatda geçýär. Agzyndan ýalyn çykyp duran aždarhanyň garşysyna
goýlan hem adam. Adam her hili sypata öwrülip bilýän jadygöýler bilenem
söweşýär. Elbetde, bu hyýaly zatlar. Onda-da durmuşda asla bolmadyk,
bolmagy-da mümkin däl zatlar.
Ýöne welin baş gahrymanlaryň hyýaly obrazlarda berilmeginde dürli
maksatlar göz öňünde tutulýar. Baş gahrymanlar hyýaly obrazlarda berilse -de,
şol erteki tutuşlygyna alnanda, onuň mazmunynda hakykatyň alamatlary bar.
Ertekilerde göz öňünde tutulan maksatlar esasan şulardan ybarat:
Birinji maksat – gahryman adatdan daşary, tapmasy kyn talaplary berjaý
edip, maksadyna ýetmek üçin periler, döwler, aždarhalar we beýleki güýçler
bilen iş salyşýar.Hyýaly güýçler ynsany haýwana ýa daşa-da öwürýär. Hyýaly
güýçler ony ýene-de direldýär.
Ikinji maksat – il-gününi rehim-şepagaty bolmadyk şalaryň zulmundan,
ýyrtyjy haýwanlardan dyndyrmak we halky rahat günde ýaşatmak.
Şeýle maksatlar bilenem baş gahrymanlar hyýaly obrazlarda berilýär.
Maksatlaram diňe hyýalybentlik arkaly ýerine ýetirmek mümkin. Sebäbi öz
güýjüň bilen ýerine ýetirip bolmajak ýumuşlar buürulýar.
Eger-de şol ýumuşlar baş gahryman tarapyndan berjaý edilmese, onda ýa
öz janyny bermeli ýa-da söwer ýaryňy.Ýumşuň düýp maksady-dünýäde ýok
ýumuşlary we bolmajak talaplary ýerine ýetirmegi buýrup, baş gahrymandan
dynmak ýa-da onuň maşgalasyna eýe bolmakdyr. Şunuň ýaly ýagdaýda baş
gahryman hemişe halk tarapyndan goldaw tapýar. Adatdan daşary kyn ýumuşlar
halk hyýalbentligi arkaly ýeňlip geçilýär. Munuň özi halkyň adalat ly adamlar
hem-de şalar baradaky arzuwyny görkezýär.
“Mämmetjan” (“Düýe Bahawetdiniň ogly”) ertekisini alyp göreliň.
Ertekiden görnüşi ýaly, Mämmetjanyň aýaly örän owadan ekeni. Ýurduň
patyşasy Mämmetjanyň aýalyny görüp, oňa “asyk”bolýar.Mämmetjany ýok
etmegiň ugruna çykýar. Oňa örän kyn ýumuşlary buýrup başlaýar.
Birinji sapar gymmat bahaly monjuk getirmegi buýurýar. Mämmetjan bu
ýumşy döwüň eline düşen perizadyň kömegi bilen ýerine ýetirýär. Patyşa
Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp:”Şirpeleň süýdüni getir. Enem ýaranok”
diýip ýumuş buýurýar. Mämmetjan bu ýumşy perizadyň we aýagyna agaç
çümen garry gaplaňyň kömegi bilen ýerine ýetirýär.Patyşa Mämmetjany ýene
ýanyna çagyryp: “Bir doga barmyş. Oňa seretseň, alma aglap, nur gülüp
durmuş. Şony tapmaly” diýen. Ol bu ýumşy-da perileriň kömegi bilen berjaý
edýär. Patyşa Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp: “Maňa bir gala salyp ber, ol
galaň gört gapysy bolsun: biri tomus, biri güýz, biri gyş, biri hem ýaz.Soňra sen
meniň ölen atam-enemden habar alyp gel” diýip, iki sany ýumuş buýurýar.
Periler tilsim bilen gala salyp berýärler. Emel bilen şanyň ölülerinden habar
hem getirýär. Ahyrynda wyždansyz şa periler tarapyndan guralan duzaga
düşýär: şa köp odun ýygnadyp, üstüne çykyp, ony hem otladyp, ene-atasyny
88
görmek üçin gitmekçi bolýar.Şeýlelikde, zalym şa we onuň nökerleri ot alyp
ölýärler.
Ertekiniň düýp manysy wyždansyz şanyň we onuň nökerleriniň adalatsyz
hereketlerini görkezmekdir. Olaryň şahsy bähbitleri, şöhrat, at üçin her hili
masgaraçylykly hereketleri paş edilýär.
“Ýartygulak” ertekisinde hem hyýaly wakalar örän köp. Emma ertekiniň
öwredijilik ähmiýeti uly. Onuň garyp adamlar bilen känbir işi ýok. Erteki diňe
parahorlary masgaralaýar.
Hyýaly ertekilerde baş gahrymanlaryň ornunda esasan wyždansyz
adamlar, aždarhalar, döwler,jadygöýler,aşak gatlak wekilleri gatnaşýarlar.
Ertekileriň köpüsinde diýen ýaly baş gahryman üçünji ýa-da iň kiçi oglan ýa
gyz bolýar. Eger-de baş gahryman päli bozuk adamlardan bolsa, ol şahsy
bähbit, şöhrat ugrunda hereket edýär. Olarda adatdan daşary islegler,
arzuwlar,dünýäde ýok ýa tapmasy juda kyn zatlary edinjek bolmak häsiýeti
güýçli bolýar. Eger-de ertekilerde hereket edýän baş gahrymanlar ýönekeý
adamlar bolanda, olarda oslagsyz, durmuşdan üzňelikdäki arzuwlar
bolmaýar.Şeýle ertekilerde öňe sürülýän esasy meseleler: päk söýgi,halkyň
bähbidi, adalatsyzlygy ýeňip geçmek ugrundaky göreşdir.
“Horezmin” ertekisininiň baş gahrymany iki sany ýetim oglan. Olar
ýaşlykda ene-atadan mahrum bolýar.Ýetim oglanlar mergen bolup ýetişýär. Şol
döwürde Horezm ýurdunyň ilatyna bir aždarha köp zyýan ýetirýän eken. Ol her
gün bir gyzy ýok eder eken.Gezek nobaty şanyň gyzyna ýetýär. Gyzy
aždarhanyň ýoluna çykaryp, ýylgyna daňyp gaýdýarlar. Aždarha gelmänkä, şol
gyzyň üstünden ýetim oglanlaryň biri-Horezmin gelýär.Ol aždarhany öldürip, şa
gyzyny ölümden halas edýär. Ol beýleki dogany bilen öldürilen aždarhanyň
ýoldaşyny hem ýoklaýar. Olar başga bir patyşanyň gassabynyň gyzyny hem
ölümden halas edýär. Iki dogan aždarhalaryň ýygnan emläklerine eýe bolup,
garyp-gasarlara paýlaýar.Şeýlelikde, iki dogan halk üçin uly hyzmat edýär.
Käbir erteki beýan edilişi boýunça hyýaly häsiýetde bolsa-da, olarda
adamkärçilik häsiýetleri terbiýelemek göz öňünde tutulýar.
“Hudaýberdi gorkak we tilki” ertekisinde Hudaýberdiniň obrazyny göz
öňünde tutmak bolar. Hudaýberdi gaty gorkak adam. Ol tilkiden hem gorkýar.
Soňra ol birneme dogumlanýar.Ynanjaň döwleri göreşde ýykyp bilýän, batyr
adam bolup ýetişýär. Hudaýberdi pälwan adyna eýe bolýar.Eserde dogumlylyk,
ynanç teswirlenilýär. Adamyň garşysyna goýlan güýç näçe eýmenç bolsa-da,iň
soňunda adam üstün çykýar.Adam paýhasynyň güýji öňe sürülýär.
Ertekilerde döw adamlara zyýan hem ýetirýär, kömek hem berýär.
Käwagt bolsa döw ynanjaň, akmak edilip görkezilýär. Ony geçi, horaz,eşek
dagy hem gorkuzýýar.
Aždarha adama zyýan ýetirýär. Ýöne welin adam oňa sähelçe ýagşylyk
etse, ol ýagşylygy artygy bilen gaýtarýar. Ýyrtyjy haýwanlardan ýolbars,
89
gaplaň,şir ertekilere gatnaşýar. Olar adamlara kömek hem berýärler, zyýan hem
ýetirýärler.
“Akpamyk” has gadymy ertekileriň biri. Ertekide irki döwrüň galyndylary
bar. Gadym wagtlarda perzentsizleri köne keçede oturtmak, ogly ýa-da ogul
dogany bolmadyklary tore geçirmezlik ýaly dessurlaram bolupdyr. Eger şundan
çen tutsak, onda “Akpamygyň” Gorkut ata eýýamynda, hatda ondanam has
ozalky döwürde dörändigine göz ýetirmek kyn däl. Ertekiniň has
gadymydygyny Akmaýanyň süýdüniň melhem hasaplanylan döwür bilenem
düşündirmek bolar.
Ýurt
Garaşsyz
bolansoň,
hyýaly
ertekiler
boýunça
(“Akpamyk”,”Hudaýberdi gorkak we tilki”, Böwenjik” we başgalar) teleradio,
sahna oýunlary goýulýar.
Rowaýatlar – legendalar (efsanalar)
Taryhda bolup geçen, bolaýmagy-da ähtimal bir taryhy waka, şahslar
hakynda halkyň arasynda dörän gürrüň – hekaýata rowaýat – diýilýär. Rowaýat
dil üsti bilen nesilden nesile ýaýran hekaýa, ertekidir.
Rowaýatlar halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişli anekdotlara
ýakyndyr.Emma esasynda taryhy wakalaryň ýatýandygy,hemme halatda
anekdotdaky ýaly gülküli bolmaýandygy,möçberiniň köplenç ulurak
bolýandygy sebäpli rowaýatlar anekdotlardan tapawutlanýar.
Legenda (efsana) -bir taryhy waka, adam hakynda aýdylýan rowaýat,
hekaýadyr.Onuň ikinji manysy, bolmajak zat hakynda toslama gürrüň, ertekidir.
Rowaýatlar hem-de legendalar biri-birine ýakyndyr.Bu iki adalgany –
rowaýaty hem legendany aýrybaşga öwrenmek mümkin däl.
Rowaýatda halkyň durmuşynda bolan zatlar suratlandyrylýar. Olar dürlidürli mazmunda bolup bilerler.Ýaşap geçen aýry – aýry meşhur adamlar,
görnükli şahyrlaryň ömri we döredijiligi, aýdym – sazlaryň döreýiş taryhy,
ýerlere hem şäherlere, galalara at galşy hakynda birgiden rowaýat döräpdir.
Rowaýatlar taryhy, ýer-ýurt atlary (toponomiki), sözköki (etimologiki)
ýaly toparlara bölünýär.
Olar zähmetkeş halkyň başdan geçiren taryhy wakalary,göreşleri, dürli
döwürdäki pajygaly durmuşy bilen hem baglanyşyklydyr. Rowaýatlarda taryhy
hem çeper hakykatyň beýany saklanylýar.Olar taryhylyk adalgasy bilen
baglanyşyklydyr. Medeni mirasy öwreniji B. Baýmyradowyň nygtaýşy ýaly,
taryhylyk adalgasy edebiýatyň we halk döredijiligini öwreniş ylmynyň taryhyna
we edebi taglymata dahyllydyr. Halk döredijiligini öwreniş ylmyndaky
taryhylyk adalgasy şu aşakdaky düşünjeleri özünde jemleýär:
90
Birinjiden, edebiýatda bolşy ýaly, halk göredijiliginde-de taryhylyk,
taryhy žanr, çeper pikir ýöretme (“Soltanýaz begiň galasy” rowaýaty) bardyr.
Ikinjiden, rowaýatlarda belli bir derejede taryhy hakykatyň çeper beýany
ýatyr. Şonuň üçin hem rowaýatlarda taryhy maglumatlar, seneler, hadysalar
dogruçyl häsiýetde däl-de, halk döredijiligine mahsus edebi-çeperçilik stiller,
çeperçilik serişdeler esasynda beýan edilýär.
Üçünjiden, rowaýatlar taryhy wakalaryň takyk maglumaty däl-de, halkyň
çeper aňynyň muwesidir, taryhyň şahyrana gaýtalanmasydyr.
Ýer-ýurt atlaryna (toponomiki) degişli taryhy rowaýatlar ýurdumyzda giň
ýaýrandyr.
Rowaýtlaryň ýaýraýyş giňişligi hem dürli-dürlüdir. Käbir ýer-ýurt,
adamlar, wakalar hakyndaky gürrüňler, hekaýatlar diňe şol dörän etrabynyň ýada welaýatynyň çäginde meşhur bolup, beýleki ýerlerde bilinmän galýar. Emma
Myraly we Soltansöýün, Keýmir kör, Nurberdi han,Gowşut han ýaly taryhy
şahslar, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Mollanepes ýaly şahyrlar baradaky
rowaýatlar diňe bir etrapdyr welaýata däl, eýsem bütin ýurda bellidir.
Rowaýatlarda gürrüň berilýän hekaýatlaryň hemmesi durmuşda
hakykatdan-da şeýle bolupdyr diýip hasap etmek bolmaz. Cünki, käbir
rowaýatlarda wakalar bolşundan has ösdürilip görkezilýär. Birnäçesi bolsa
çaklamalar esasynda-da döreýär. Şonuň
üçin rowaýatlardaky hereketler,
obrazlar, wakalar durnukly däldir. Olar rowaýatçylaryň ussatlyk derejes ine görä
beýan edilýär.
Rowaýatlaryň birnäçesinde bolsa durmuşda hakykatdan-da bolan wakalar
barada aýdylýar. Ol wakalar öz wagtynda ýazga geçirilmändir. Wakalar halkyň
hakydasynda saklanyp, rowaýatçylyk häsiýetleri özüne siňdiripdir. Şeýle
rowaýatlar türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, halk gahrymanlarynyň, görnükli
klassyk şahyrlaryň ömrüni we döredijiligini dikeltmekde, taryhy ýadygärlikleriň
syryny açmakda gymmatly maglumat berýär.
Aýry-aýry taryhy şahslaryň durmuşy bilen baglanyşykly rowaýatlarda
aýdyň obraz-da, sýužet-de bar. XV111 asyr klassyk şahyry Magtymguly
Pyragynyň, X1X asyr klassyk şahyrlary Seýdiniň, Mollanepesiň, Zeliliniň ömri
hem-de döredijiligine degişli rowaýatlar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Rowaýatlaryň durmuş hakykaty bilen gatnaşygy, olaryň taryha ýakynlygy
uludyr. Olar taryhy çeşmedir. Rowaýatlaryň Keýmir kör hakyndaky böleginde,
XV111 asyrda türkmenleriň arasynda ösüp ýetişen batyr, dana, ugurtapyjy
Keýmir körüň il-ýurdyny goramakda (ýarag,dilewarlyk, akyl-paýhas bilen)
özüni tanadyşy, halkyň, watançy ýigitleriň öňünde uly abraýa eýe bolşy, onuň
halk tarapyndan döredilen obrazy örän gyzyklydyr.
Halk arasynda aýdylýan rowaýatlaryň käbiri Keýmir körüň ady bilenem
berilýär. Wakalar onuň ady bilen hem baglanyşdyrylýar.
Halk arasynda Keýmir kör hakynda gyzykly rowaýatlar entegem köp.
Rowaýtlarda Keýmiriň öz halkyna berlendigi, onuň duşmanlar bilen gaýduwsyz
91
göreşendigi, türkmen halkynyň özbaşdaklygy, azatlygy ugrunda jan çekendigi
barada gyzykly pikirler ýöredilýär.Rowaýatlardan mälim bolşuna görä, Keýmir
kör pähimli, dilewar,namysjaň adam bolupdyr. Türkmen halky üçin şeýle
edermen, başarjaň ýigitleriň zerur bolandygy geçmiş taryhymyz subut edýär.
Keýmir kör hakyndaky rowaýtlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uly.Halk
arasynda ulanylýan”Hatapgalasy”,”Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi dogry
çykýandyr” ýaly aňlatmalaryň ýüze çykyşy rowaýatlar bilen baglanyşdyrylýar.
Aýdym-sazlaryň döreýiş, medeni ýadygärlikleriň, köne galalaryň
taryhyndan söhbet açýan rowaýatlar hem döredilipdir.
Şeyle rowaýatlar türkmen sungatynyň, medeniýetiniň taryhyny
öwrenmekde maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.Olar rowaýtlaryň sözköki
(etimologiki) toparyna degişlidir.
“Ak eşekli” aýdymynyň döreýşi hakynda şeýle rowaýat bar: bir baýyň ak
eşekli talabany her gün eşegine ot ýükläp, obanyň çetinden: ”Gelsin,gelsin
hanym gelsin, ol derde dermanym gelsin” diýip, hiňlenip geçer eken. Eşek
ýorgalanda, üstündäki adam hem loňkullaýar. Şol obaly bir bagşy bu adamyň
hereketini saza goşup, aýdym ýazýar, oňa-da “Ak eşekli” diýip at goýýar.
Türkmen halky Şasenem hem Garyp hakynda-da ajaýyp rowaýaty
düzüpdir. 1819-1820-nji ýyllarda Russiýadan Türkmenistana we Hywa syýahata
gelen kapitan N. Murawýew Daşoguzdaky Şasenem köşgüni görüpdir. Ol şol
ýerde halk arasyndaky rowaýaty eşidipdir.Rowaýatda şeýle diýilýär: Bir
häkimiýet adamsynyň Şasenem diýen gyzy bolan. Garyp diýen ýigit oňa aşyk
bolýar. Ol ýigit aýdymlary, tamdyrasy bilen şöhrat gazanýar. Şasenem synamak
üçin onuň ýedi ýyl mysapyrlykda gezmegini talap edýär. Garyp tamdyrasyny
enesiniň ýanynda goýup, ýedi ýyllap başga ýerlerde mysapyrlykda gezýär. Ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 08
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.