Latin

Türkmen halk döredijiligi - 04

Total number of words is 3372
Total number of unique words is 1994
26.5 of words are in the 2000 most common words
37.1 of words are in the 5000 most common words
44.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
başaraýjak işlerine, gündelik görýän zatlaryna bagyşlanylyp döredilýär. Bu
sanawaçlaryň öwredijilik ähmiýeti uly. “Ýumak tapdym” sanawajynda şeýle
diýilýär:
Ýumalanyp ýumak tapdym,
Içinden başdarak tapdym,
Daragy mamama berdim,
Mamam maňa köke berdi,
39
Kökäni çopana berdim,
Çopan maňa taýak berdi,
Taýagy daýyma berdim,
Daýym maňa gamçy berdi,
Gamçyny ýere urdum,
Ýer maňa jöwen berdi,
Jöweni derýa zyňdym,
Derýa maňa köpük berdi,
Köpügi derege çaldym,
Derek maňa ýaprak berdi,
Ýapragy sygryma berdim,
Sygyr maňa süýt berdi,
Süýdi bişirip otyrdym,
Garga geldi “gak” etdi,
Serçe geldi “jyk” etdi,
Uly agam ululyk etdi,
Kiçi agam kiçilik etdi,
Ýeňňem gaçalak etdi,
Gazandaky süýt dökülip gitdi.
Şular ýaly sanawaçlar çagalar ýygnanyşyp otyrkalar aýdylýar. Mysaldaky
“Garga geldi "gak" etdi”, “Serçe geldi “jyk” etdi” diýen setirler aýdylanda,
ýanyndaky oturanlaryň gulagyna “gak”, “jyk” sözleri gatrak aýdylýar. Gulagyna
bu sözler gatrak aýdylan oglan tisginip gidýär welin, beýleki oturanlar
gülüşýär.
Çagalar sanawaçlarynyň “Öweleme-döweleme”, “Ekem- öwem” ýaly
käbir görnüşleri-de oturyp oýnalanda, çagalar tegelenip, aýaklaryny orta uzadyp
oturýarlar. Olaryň arasyndan biri sanawajy aýdyp başlaýar. Sanawajyň her setiri
aýdylanda, orta uzadylan aýaklaryň, haýsy-da bolsa birine çalaja kakylýar.
Şeýlelikde, kimiň aýagyna gezek gelende, sanawajyň soňky setiri aýdylsa, şol
oglan aýagyny çekip, oýundan çykýar:
Ekem-öwem,
Arpa çekem,
Ýola bakam,
Gözüm dikem,
Gyzyl towuk,
Gyrma towuk,
Jyňňyrdawuk,
Çek aýak.
(“Ekem-öwem”)
Bu toparda sanawaçlar aýdylanda, kim yza galsa, oýunda onuň utuldygy
bolýar.
40
Oýun sanawaçlarynyň bu görnüşleri çalt aýdylýar hem-de birnäçe gezek
gaýtalanýar.
Çagalar
sanawaçlarynyň
ikinji
topary
dürli
oýunlar
bilen
baglanyşdyrylýar. “Ýaranym-a ýaranym”, “Bagym-bagym”,”Aýterek-Günterek”
ýaly sanawaçlar gysgajyk oýun sanawaçlaryna ýa-da gepleşiklerine meňzeşdir.
Bu sanawaçlar oýnalanda, ýetginjekler iki topara bölünýär. Bir topardan
ýetginjekleriň haýsam bolsa biri ýa-da köpçülik bolnup oýun sanawajy sanaýar.
Garşylykly topar hem jogap berýär:
Bagym-bagym,
Janym bagym,
Goýunlar nirede?
Otluk dagda.
Näme iýýär?
Ot iýýär.
Näme içýär?
Suw içýär. we ş.m.
(“Bagym-bagym”)
Sanawaç sanalansoň, iki sany ýetginjek el tutuşyp ýa-da ellerini çilşirip,
goýun kökerilen ýaly bolup durýar. Beýleki ýetginjekler olaryň elleriniň
aşagyndan sümülip geçýär. Soňra ýetginjekleriň tahýalary bir ýerde üýşürilýär.
Ýetgijekleriň gözleri daňylyp, üýşürilen tahýalaryň ýanyna eltilýär. Tahýasyny
tanamadyk ýa-da tahýasyny çalşyp alana tans edip bermek buýulýar.
“Aýterek-Günterek” köp ýaýran oýunlayň biridir. Oýun iki topara bölünip
oýnalýar. Her toparyň arasy 25-30 metrdir. Bir toparyň wekili garşydaşyna
garap sanawajyny sanaýar:
Aýterek-Günterek,
Bizden size kim gerek!
Saýrap duran dil gerek.
Dillerden haýsy gerek!
Bize Maýsajyk gerek.
Garşydaş toparyň wekili ylgap baryp, duranlaryň iki sanysynyiň
arasyndan geçmeli. Eger ellerini kesip geçip bilse, ol öz ýany bilen ady tutulany
alyp gaýdýar. Eger ellerini kesip geçip bilmese, onuň özi şol hatarda durmaly
bolýar.
“Aýterek-Günterek” oýun sanawajynda bolşy ýaly, kiçi ýaşly çagalaryňda sanawaçlarynyň käbiriniň (“Herek maýa münjekmi?) özi oýun bolup durýar.
Bu oýunda başdanaýak sanawaç sanalýar. Bulardan başga-da, hekaýat-waka
görkezilýän (“Hapyz agam”), sowal-jogap şekilinde döredilen (“Buşlugyma
näm berjek?”, “Ýaranym”) oýun sanawaçlarynyň uly ähmiýeti bar.
Türkmenleriň “Bukuldym”, “Görüpgaçdy”, “Çilik”, “Ortada durmak”
ýaly
milli oýunlarynda, ilkibaşda “eşekçini” bellemek, oýnuň soňunda
utulany “jezalandyrmak” üçin sanawaçlar ulanylýar:
41
Halalaň- hapbaň,
Güleleň-güpbeň,
Yaryl-böwsül,
Tur sen çyk!
Ýa-da
Hütdi-hütdi,
Bilbil ütdi.
Çökdi kömür,
Çek aýak! we ş.m.
Sanawaçlaryň yryma ýakynlaram bar:
Eý, taýak,
Eziz taýak,
Suwda gaýygym,
Dagda keýigim,
Tutdum gola,
Çykdym çöle,
Ýagşy-ýaman,
Etme güman,
Özüň saýla,
Ele almaly,
Bulap urmaly.
(“Çopan taýak”)
Bu sanawajyň her setirini aýdanda, elini öňki eliniň yzyndan goýup,
ýerini çalşyrýar. Şeýdip, taýagy gysymlap, beýleki ujuna ýetýär. Kimiň taýagy
“Ele almaly” diýen setirde gutarsa, şol taýagyň oňat boldugy. Eger “Bulap
urmaly” diýen setirde gutarsa, onda beýle taýak halanylmaýar.Bu sanawaçlara
yrym sanawaçlaram diýilýär.
Çagalar sanawaçlarynyň bir topary adamyň eliniň barmaklarynyň,
sanlaryň atlary bilen baglanyşykly döredilipdir:
Başam barmak-baş getir,
Süýem barmak-süýt getir,
Orta barmak – ot getir.
Ogulhajat ok atar,
Külembike – kül atar.
Ýa-da
Bäş diýenim böri,
Alty diýenim aşyk,
Ýedi diýenim ýelmik,
Sekiz diýenim serçe,
Dokuz diýenim torgaý,
On diýenim orak we ş.m.
42
Mukdar we tertip sanlaryň getirilmegi bilen düzülen sanawaçlar çagalaryň
aňyny ösdürýär. Çaganyň aňynyň ösüşiniň ilkinji başlangyjy barmaklaryň
birnäçe gezek açylyp, ýumulyp hereketlenmegi, onda umuman san we söz
baýlygynyň kem-kemden ösmegine ýardam edýär. Barmaklaryň sanalmagy
netijesinde ozaly bilen-ä çaga san öwredilýär, galyberse-de barmaklaryň
atlaryny ýat tutmaga ýardam berýär.
Şu sanawaçlaryň her bir setiriniň başyndaky söz bilen şol setiriň
sonundaky ýa-da ondan soňky setirlerdäki sözüň aýdylyşy we formasy
taýyndan, nähili bolsa-da, sazlaşygy bar. Setirler köplenç birmeňzeş ýa-da
aýdylyş taýyndan has ýakyn bolan sesler bilen başlanýar. Sanawaçlaryň şeýle
usul bilen döredilmegi, olaryň aýdylyşyny, ýatda galyjylygyny ýeňilleşdirýär.
Cagalaryň eşidiş ukybynyň ösmegine kömek edýär.
Sanawaçlar oglanjyk hem gyzjagaz üçün aýratynlykda hem düzülýär.
Çapak – çapak elleri,
Agyrmasyň gollary,
Agyrsa-da agyrsyn,
Güýçli bolsun billeri.
Ýa-da
Çapak – çapak elleri,
Agyrmasyn gollary,
Daýysynyň toýunda,
Çelpek ýaýsyn elleri.
Bu sanawaçda oglanjygyň berk bedenli, gyzjagazyň hem eli işli bolmagy
arzuw edilýär.
Sanawaçlaryň käbiri tebigat hadysalary, asman jisimleri, planetalar bilen
baglanyşdyrylyp, çagalara olar hakda belli bir derejede ýönekeýje düşünje
berilýär.
Günüň bulutdan çykmagyna şatlanylyp:
Gün çykdy,
Gülälek çykdy,
Harman başyna,
Jäjek çykdy –
diýilip sanawaç düzülen bolsa, ýazyň gelmegi bilen:
Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Gyzlar oýnara geldi,
Heýjan elek-jan elek
Gyş gutaryp ýaz geldi –
diýlip tebigat gözelligi başgaçarak suratlandyrylýar.
43
Ýedigenler barada,suwa düşülensoň
özbaşdak aýdylýan sanawaçlar hem bar.
Ýedigenler hakyndaky sanawaç:
Ak at, boz at-iki ýyldyz,
Demirgazyk-ýeke ýyldyz,
Ýedigenim-ýedi ýyldyz,
Ýedi göçer, ýedi gonar,
Sanasaň sogaby bar.
ýa-da
kömelek
gözlenilende
Kömelek gözlenilende, aýdylýan sanawaç:
Höwür-höwür, kömelek,
Höwüriň mende, kömelek,
Tapyl sen-de, kömelek.
Suwa düşülensoň,aýdylýan sanawaç:
Ak kebelek,
Gök kebelek,
Gulagymyň suwynySor kebelek!
Özbaşdak aýdylýan bu sanawaçlar özboluşlylygy bilen
tapawutlanyp,çagalarda tebigata,asman giňişligine bolan söýgüni
terbiýelemekde, olaryň fiziki taýdan sagdyn ösmegindäki ähmiýeti uludyr.
Çagalar sanawaçlarynyň köp bölegi haýwanlaryň, guşlaryň hereketleri bilen
baglanyşdyrylýar.
Pyşdyl hakyndaky sanawaç:
Pyşdyl, pyşdyl pyşbaga,
Pyşdyllap çykar daga,
Iň ulusy Baýrammyrat,
Gider ol oýnamaga.
Garga hakyndaky sanawaç:
Gak, gak gargajyk,
Hany maňa çörejik,
Çörejigiň içi ýok,
Kel gyrnagyň saçy ýok.
Jikjiki hakyndaky sanawaç:
Jikjiki – hä, jikjiki,
Ýüwrüp çykdy ýandaga,
Aýagyna tiken urdy,
Oturdy aglamaga.
44
Dürli haýwanlar hem guşlar, olaryň hereketleri hakyndaky sanawaçlar
çagalaryň tebigat dünýäsine bolan söýgüsini ösdürýär.
Sanawaçlarda satira we ýumor elementleri-de aňladylýar. Ýöne olar
çagalaryň tebigatyna laýyklykda (kel ýa-da şypar sary, gaharjaň we ş.m.) birekbiregiň göwnüne degmez ýaly ýumşak häsiýetde düzülýär:
Kelim-kelim kelmenek,
Kelläňe derman gerek,
Ol-it tezegi bilen ysmanak.
Sanawaçlarda sözleriň sazlaşykly kapyýalaşmagy olaryň esasy
aýratynlygydyr.Başda gelýän iki, dört ýa-da alty setir biri-biri bilen
kapyýaşýar.Emma şol setirlerden soň kapyýalaşma berk saklanmaýar.
Çagalar sanawaçlarynyň belli bir bogun ölçegi ýok. Olar dürli bogun
ölçeginde döredilýär.
Sanawaçlar
çagalaryň,
ýetginjekleriň
dilini
baylaşdyrmakdaky,
düşünjelerini giňeltmekdäki hyzmaty uly. Çagalaryň aňynyň täze düşünjeler,
täze sözler bilen baýlaşmagyna hemaýat berýär. Yat tutmak ukybyny ösdürýär.
Cagalar kämillige ýetýänçä sanawaçlar bilen tanşyp, beden hem aň taýdan barha
taplanýar.
Sanawaçlaryň türkmen folkloryndaky orny göz öňünde tutulyp, bu barada
(A. Durdyýewa. Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň
aýratynlyklary. – Aşgabat, 1985ý.) ýörite ylmy iş çap edildi.
Ýürt Garaşsyz bolansoň, halk döredijiliginiň beýleki žanrlary bilen
birlikde, sanawaçlaryň ulanylyşyna-da uly üns berilýär, folklor toparlarynda
ýerine ýetirilýär.
Ýaňyltmaçlar
Ýaňyltmaçlar – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň žanrlarynyň biri.
Onuň özüne mahsus bolan çalt aýdylmaklyk ýaly aýratynlygy bar.
Ýaňyltmaçlaryň dili “ýençmekdäki” ähmiýeti uly. Ýaňyltmaçlar halk
döredijiliginiň şahyrana žanry bolan sanawaçlara ýakyndyr. Ýöne ýaňyltmaçlar
düzülişiniň çylşyrymlylygy hem-de çalt aýdylmagy bilen sanawaçlardan
tapawutlanýar.
Ýaňyltmaçlar çalasyn aýtmasy kyn we uzyn düzülen bir ýa köp
sözlemden ybarat. Olary düzmekde k, p, t, ç ýaly dymyk sesler öwran-öwran
ulanylýar. Ýaňyltmaçlar köplenç dilewar adamlar tarapyndan döredilýär we
çagalar hem ýerine ýetirýär. Ýaňyltmaçlaryň ady “ýalňyşmak” işliginden gelip
çykypdyr. Ýurduň käbir obalarynda “ýaňyltmaç” diýen sözüň deregine
“ýalňyşdyrma” diýlip hem ulanylýar
45
Ýaňyltmaçlar esasan iki maksat: birinjiden, dili “ýençdirip”, dürs
geplemegi öwretmek; ikinjiden, ýaňyltmajy aýdýan adam sözi ýalnyş aýdaýsa
ya-da sözlemleri bulaşdyraýsa, gülki-ýumor döretmek üçin ulanylýar.
Ýaňyltmaçlar düzülende, sözleriň aýdylmasyny kynlaşdyrýan, sözlem
içinde köp gaýtalanyp gelýän seslerden ybarat bolan sözler ulanylýar. Olaryň
aýdylmasy kyn bolan sözler toplumyndan düzülmeginiň maksady hem uly
bolmadyk teksti ýalňyşsyz, çalt aýtmak netijesinde, diliňi arassa, dogry
geplemäge türgenleşdirmekdir. Olar dili “ýenjip”, agyr sözleriñ aýdylyşyny
ýeñletmek manysynda-da ulanylýar.
Ýaňyltmaçlar halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly, kän
döredilmändir, halk arasyna-da giň ýaýramandyr. Emma diliň “ýenjilmeginde”,
owadan hem dogry geplemäge türgenleşdirmekde ýaňyltmaçlaryň hyzmaty uly.
Her ýaňyltmajy gaýtalaýan çaga tekstde gelýän sözleri diňleýjiler eşider we
doly düşüner ýaly edip, yzly-yzyna birnäçe gezek gaýtalaýar. Tekstde gelýän
sözler ýa-da sesler ýalňyş aýdylaýsa, olaryň orny üýtgediläýse, ýaňyltmajyň
teksti öňki aňladýan manysyny ýitirýär. Şonuň üçin ýalňyşlyk bolmaz ýaly,
ýaňyltmajy aýdýan çaga her bir sözi, sözlemi pert-pert, düşnükli aýtmaga
çalyşýar.
Ýaňyltmajy dogry we düşnükli aýtmagy başarmak netijesinde, çaganyñ
dili arassa hem düşnükli geplemäge türgenleşýär.Şeýlelikde,
çaganyň sözleýiş ukyby kämilleşýär,eşidiş ukyby-da ýokarlanýar:
Böwürde bir ýaraly ýarganak, ýarygulak tazy ýatyr. Şol ýaraly
ýarganak ýarygulak tazy bilen ýarygulaklaşsa-da, ýaraly
ýarganak
ýarygulaklaşmaly,
ýaraly
ýarganak
ýarygulaklaşmasa-da ýaraly ýarganak ýarygulaklaşmaly.
Şeýle ýaňyltmaçlar söze çeper, dilewar adamlar tarapyndan döredilip,
ýatda saklanylyp, şol durşuna gaýtalanypdyr. Olaryň teksti üýtgedilmän
saklanypdyr.
Ol ýerden bir towşan geçmekçimişin,
geçip gumalaklamakçymyşyn.
Ýaş pişigiň aýagyna ýaşyl ýüpek ýarmaşmazak bolarmyş,
ýarmaşsa-da çyrmaşmazak bolarmyş
Birje çemçe şorta serçe çorbasy.
Şu ýaňyltmaçlar ýurdumyzyň obalarynyň köpüsinde aýdylýar, tekstleri
hem birmeňzeş.
Ýaňyltmaçlaryň tekstleri bilgeşleýin hem agyrlaşdyrylýar:
46
Şu gara ýeri tokmaklamaly, tokmaklamasaň-da
tokmaklamaly.tokmaklasaň-da tokmaklamaly.
O Tejen, bu Tejen – künjülije Tejen, künjüsi
çüteje bitenje Tejen.
Ýaňyltmaçlaryň dörän döwrüni, haýsy döwre degişlidigini subut etmek
kyn. Sebäbi olar giň manyny, uly mazmuny öz içine almaýar, durmuş
hadysalary bilen baglanyşykly döredilmeýär.
Ýaňyltmaçlar köplenç kyssada döredilýär. Emma käbir tekstlerde setirler
kapyýalaşýar we şygyrýete ýakynlaşýar:
Sekin dagyň başynda,
Sakgaly sekil teke dur,
Sakgalyny suwa batyryp,
Silkip, sykyp bakadur.
Ýaňyltmaçlar köplenç üýşmeleňlerde, çagalar hem ýaş ýetginjekler bilen
geçirilýän köpçülik işlerinde, agşam bir ýere ýygnanyşanlarynda aýdylýar.
Ýaňyltmaçlaryñ tekstlerindäki sözler säginmezden çalt aýdylmaly.
Çaganyň ýaşyna görä, sözler ilkibaşda möçber taýdan gysga bolup, iki-üç
sözlemden, käbiri bir sözlemden ybaratdyr.
Ýaňyltmaçlar köplenç çagalara niýetlenilýär. Olara ýaňyltmaç aýtmak
kiçi ýaşdan öwredilip başlanýar. Çagalar ulaldygyça ýaňyltmaçlaryň çylşyrymly
görnüşlerini aýtmaga türgenleşýär.
Ýaňyltmaçlary ýetginjekler hem aýdýarlar. Ýöne welin olaryň aýdýan
ýaňyltmaçlarynyñ göwrümi uly bolmalydyr. Çagalaryň ýaşyna görä sanawaç
ýañyltmaçlarynyň tekstleriniň agyrlaşmagy ýaşlaryň sözleýiş endiginiň kemkemden türgenleşmegine ýardam edýär.
Ýomaklar
Ýomaklar-degişmeler halk döredijiliginiň çaklaňja žanrlarynyň biridir.
Ýomak – ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta sözdür.
Ýomaklar hemişe diýen ýaly toý-tomaşada, oturylyşyklarda gepe, ýomaga
ökde iki adamyň garşyma-garşy aýdyşmagy bilen başlanýar. Ýomagyň esasy
aýratynlygy – köp oýlanyp oturmazdan, garşydaşyňa jogap hökmünde
“şerebeli” sözleri tapmakdyr.
Ýomaklar ýaş ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr. Biri-birini oňat
tanaýan, deň-duş adamlaryň arasynda-da ýomak atyşylýar.
Ýomaklar şahsyýeti masgaralamak, üstünden gülmek üçin ulanylmaýar.
Onuň esasy maksady degişmek, gülüşmek, çeper söze türgenleşmek, wagtyňy
gyzykly geçirmekdir. Söz tapyjylyk, synçylyk, gepe çeperçilikde garşydaşyňdan
üstün çykyp, gülki-şatlyk döretmekdir. Olar oýun –degişmelerdir. Has takygy,
iki adamyň arasyndaky söz bäsleşigidir.
47
Ýomaklar bir zady beýleki bir zada meňzetmek esasynda döredilýär hemde gysgadan manyly düzülýär. Meňzedilýän zat durmuşda hili-şindi göze ilip
duran zatdyr.
Yomaklar köplenç sorag hem habar sözlemlerini özünde birleşdirýän
goşma sözlemlerden düzülýär. Başky sözlemde sorag, ikinji sözlemde hem oňa
jogap berilýar:
Burnuň nähili, ýerçilim ýaly.
Şu mysaldan görnüşi ýaly, başky sözlemde “Burnuň nähili?” diýlip sorag
berilýar, ikinji sözlemde hem oňa “ Ýerçilim ýaly” diýlip jogap berilýär.
Ýomaklaryň soragsyz düzülen usulyna-da gabat gelinýär:
Dodagyň gursun, sowuk alan soganyň daşy
ýaly.
Şu ýerde sorag berilmezden, dodak meňzetme arkaly häsiýetlendirilýär.
Iki adam garşyma-garşy oturyp ýomak atyşýar. Birinji ýomakçy: “Gözüň
nähili – çakgyň çüýi ýaly” diýip aýtsa, ikinji ýomakçy hem oňa: “Gözüň nähili
– çala gaçan çör ýaly”diýýär. Her bir ýomak atyşma bir tema boýunça
döredilýär.
Ýomaklaryň birnäçe görnüşi bar:
1.Adamyň daş-görnüşi, keşbi bilen baglanyşykly ýomaklar:
Agzyň nähili, ýyrtylan ýanlyk ýaly.
Boýnuň nähili, almanyň sapagy ýaly.
Ýüzüň nähili, petir çöregiň ýüzi ýaly.
Kelläň nähili, kesek gysan gawun ýaly.
Dişiň nähili, ýyl aşan süňk ýaly.
Injigiň nähili, gyzylinjigiň aýagy ýaly.
2.Gylyk-häsiýet, adamyň özüni alyp barşy, işleýşi bilen baglanyşykly
ýomaklar:
Ýüzüň nähili, bazardan gaýdan öküziň ýüzi ýaly.
Sesiň nähili, turbadan çykýan ses ýaly.
Bolup durşuň nähili, gawunçynyň garantgasy ýaly.
Oturşyň nähili, doňňara daş ýaly.
Haýwatyň nähili, zemzeniň haýwaty ýaly.
Çörek iýşiň nähili, üç günüň ajy ýaly.
Işleýşiň nähili, hassalykdan galan ýaly.
Ýörişiň nähili, ýaňy aýak biten ýaly.
Bolup barşyň nähili, atylan sapan ýaly.
Sesiň nähili, göçden galan itiň sesi ýaly.
3.Adamyň egin-eşigi bilen baglanyşykly ýomaklar:
Telpegiň nähili, towugyň maslygy ýaly.
Tahýaň nähili, ýag golçasynyň dykysy ýaly.
48
Köýnegiň nähili, çyraň peltesi ýaly.
Aýagyňdaky ädigiň nähili, kündeli ýaly.
Ýomaklarda dürli meňzetmeler, ýaňsylamalar getirilýär. Emma onuň üçin
adamyň daş-görnüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, gepleýşiniň, işleýşiniň ýomaklarda
görkezilişi ýaly bolmagy hökman däldir
Ýomaklar iki adamyň söz bäsleşigini geçirmekde, çeper eserlerde
meňzetme hökmünde ulanmakda oňaýlydyr Ýomaklar dili baýlaşdyrýar, pikiriň
täsirli bolmagyna ýardam berýär. Ýaş ýetginjekde dilewarlygy, ugurtapyjylyk
ukyby taplaýar.
Ýomaklary toplap, olary öwrenmegiň ähmiýeti uly. Ýomaklaryň ýörite
ýygyndysy “Ýomaklar we degişmeler’ ady bilen 1964-nji ýylda neşir edildi.
Alkyş-dilegler
Halk döredijiligi – adamzat ahlagynyň iň ýokary nusgalaryny özünde
jemleýän tükeniksiz ruhy baýlykdyr. Halky eserleriň üsti bilen däp-dessurlar,
adamkärçilik sypatlary şu döwre ýetirildi. Emma ýurt Garaşsyzlygyna çenli din
bilen baglanyşykly halky eserler öwrenilmedi. Şeýle eserleriň biri hem alkyş –
dilegler, doga – töwürlerdir.
Alkyş – biriniň eden ýagşylygy üçin aýdylýan söz. Ýagşylyk üçin alkyş
okalýar, alkyşlanylýar. Alkyşlamak hususy ýa-da il bähbitli häsiýetde bolýar.
Dileg – adamyň isleg-arzuwydyr. Dileg diňe gowy hem-de ýagşy
häsiýetde bolýar. Türkmenler milli häsiýetine görä, ýaman dileg etmeýär.
Alkyş-dilegler ruhubelentligiň çeşmesidir. Olar adamlary ýagşylyga,
haýyr işler bilen meşgullanmaga, ýaramaz endiklerden saplanmaga çagyrýar.
Alkyş-dilegler adam ömrüniň uzalmagyna, tutumly işiniň şowly bolmagyna,
ruhubelent ýaşamagyna täsirini ýetirýar.
Alkyş-dilegler, doga-töwürler halky eserleriň iň gadymy görnüşleriniň
biridir. Olar adamlar ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanyp başlan
döwürlerinde ýüze çykypdyr. Ekin ekende, awa gidende biri-birine gowy
dilegleri edipdir.
Awa ugrap barýan awça: “Awuň ganly bolsun” diýlipdir. Ol hem “Awum
janly” diýip, tüpeňini gazanyň içine aýlapdyr. Bu onuň “Awum şowly bolsun”
diýip, yrym etdigi ekeni.
Ekin ekip başlanlarynda, “Tohumyň müňlesin”, hasyl alanlarynda,
“Harmanyňa bereket” diýen ýaly ýagşy niýetler edilipdir. Dileg edilýänler hem
öz gezeginde “Ömrüňe bereket”, “Aýdanyň gelsin”, “Taňryýalkasyn, hern-ä
şeýle bolsun-da” diýip jogap beripdir.
Alkyş-dilegleriň irki sadaja görnüşleri orta asyrlaryň gadymy
şäherjiklerinden tapylan gap-gaçlaryň ýüzünde-de gabat gelýär.
49
Şol gap-gaçlarda: “Şu gapda nahar iýeniň işdäsi açyk bolsun”, “Bereketli
bolsun”, “Şu gabyň eýesi uzak ýaşasyn” diýen ýaly dilegler ýazylypdyr.
Soňky döwürdäki alkyş-dilegler timarlanyp kämilleşýär. Aň-düşünje
ösdügiçe, kämil halky eserler döreýär.
“Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak bolsun”, “Alnyňy hak açsyn”,
“Alnyňyzdan ak gün dogsun”, “Alla beren umydyň üzülmesin”, “Taňr yň ýakan
çyragy öçmesin” diýen ýaly dilegler döredilýär.
Alkyş-dilegler soňabaka şygyr setirlerinde-de gabat gelýär:
Şaman ot,
Boldum şat.
Parlap üstüňden bökdüm,
Zarlap günämi dökdüm,
Sygyndym saňa zarlap,
Goýmagyn meni harlap,
Uzak ýaşat ýaşymy,
Ýetir rysgal-aşymy.
Alkyş-dilegleriň köpüsi ýurdumyza yslam dini aralaşansoň döräpdir.
Keramatly Gurhanyň her bir süresinde diýen ýaly Allatagalanyň adyna dilegler
bar. Halk süreleri, aýatlary doga-töwürde okap gelýär.
Beýik Biribardan dileg edenlerinde, öz alkyş-dilegleriniň Allatagala
tarapyndan kabul ediljekdigine umyt bildirilýär. Sebäbi “Ýagşy niýetli, pes pälli
adamlaryň, agzy dogaly, arassa, halal adamlaryň dilegleri gudratly Taňrynyň
dergähinde kabul bolarmyş” diýen ynam-ynanç ýaşap gelýär.
Türkmeniň alkyş-dilegleri halk döredijilik eserlerine-de siňdirilýär.
“Gorkut ata” eposynda her boýuň yzynda Gorkut ata çagyrylýar. Ol öz iliniň
edermen ýigitlerine alkyş-dileg edýär. Şol alkyş-dilegler häzirki döwürde hem
ähmiýetini ýitirenok:
Ýom bereýin, hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn,
kölegeli agaçlaryň kesilmesin, görkli akar suwuň
guramasyn, ganatlaryň ujy gyrylmasyn.
Bu dilegleriň näsaga em-ýom eden ýaly peýdasy uly bolupdyr.
“Gorkut ata” eposynyň “Dirse han ogly Bugaç han boýny beýan eder”
diýen boýunda Dirse hanyň aýalynyň maslahaty bilen açlary doýrandygy,
ýalaňaja don berendigi, borçlulary bergi borjundan gutarandygy, nahardan soň
el göterilendigi, hajat dilenendigi, onsoň bir agzy dogalynyň dilegi bilen
Allatagalanyň bir ogul berendigi aýdylýar. Eposda şeýle mysallar başga-da köp.
Halk arasynda “Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär” diýen
pähim bar. “Gargyş alan baýnamaz” diýen ynanç hem halkyň aňyna berk
ornaşypdyr.
“Görogly” eposynda, dessanlarda bolşy ýaly, klassyk şahyrlayň
eserlerinde-de alkyş-dileglere gabat gelmek bolýar.
Magtymguly Pyragy:
50
Gargyşym daşlarny mum deý erider,
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.diýip ýazýar.
Magtymguly Pyragy ýene şeýle diýip nygtaýar:
Ömri-saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
Şu şygyr setirlerinden mälim bolşy ýaly, alkyş-dilegleriň halk
durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berilýär.
Gyz çykarylanda, ogul öýerilende, çaga doglanda, maşgalada ýüze çykýan
dürli dabaralarda şygyr derejesine çenli ýeten çeper alkyş-dilegler-de halk
durmuşyna ornaşdy.
Gyz maşgala durmuşa çykandaky alkyş-dilegler:
Baran ýeriňde bagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolsun,
Tylladan tagtyň bolunça,
Iki barmak bagtyň bolsun.
Baran ýeriňde ýer tap,
Aýagyň ýer tutsun.
Gelin edilendäki alkyş-dilegler:
Ulyny uly bilgin,
Kiçini kiçi bilgin,
Ýüzüň aşak bolsun,
Göwnüň açyk bolsun!
Ogul doglandaky alkyş-dilegler:
Gurt tutupsyňyz, at tutarly, at çaparly,
öý dikerli, döwletbaşyly bolupsyňyz, uzak
ýaşy,
akyl-huşy bilen, “berdim” diýip berildigi bolsun!
Gyz doglandaky alkyş-dilegler:
Don biçerli, keşde çekerli, haly dokarly
bolupsyňyz,
hern-ä Hudaý, “berdim” diýip berildigi bolsun, uzak ýaşy
bilen berlen bolsun-da hern-ä!
Din bilen baglanyşykly alkyş-dileglerde Biribara dilegler edilýär,
tagamyň hormatyna töwür galdyrylýar. Adamlara hem alkyşlar okalýar. Alkyşdilegleriň ählisinde-de rysgal-döwlet, agzybirlik, il abadançylygy, ýurt
parahatçylygy, jan saglygy, uzak ýaş dilenilýär:
Bissimillahi rahman-rahym,
Haýru – bereket,
Bereketiň gamyn et,
Bagt ber, tagt ber,
Näme berseň, nagt ber,
Abraý ber, at ber,
Şan ber, şöhrat ber
51
Hor etme, zar etme,
Namarda giriftar etme.
Ämin!
Naharyň, her iýmitiň töwüri bar. Nahar iýlendäki töwür:
Bissimillahi rahman-rahym,
Tagamyň hakyna, belaň depine,
Goýma namardyň gepine,
Eltsin rysgalyň köpüne,
Bereket bersin,
Hereket bersin,
Kast edenler pes bolsun,
Külli belalar dep bolsun,
Gazananyň ýaşy uzyn bolsun,
Çeşmesine bereket!
Ämin!
Gawun-garpyz iýlendäki töwür:
Şirin – nabat,
Mezit azat,
Pygamber, Hudaýa salawat,
Ekene, dikene,
Babadaýhana nagt barsyn,
Ämin!
Tagam iýlip bolnansoň, galdyrylýan töwürlerde ýagşy dilegler edilýär.
Şol dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul boljakdygyna umyt baglanylýar.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, dini baýramçylyklar dikeldilip, dini ynançlara
ýol berildi. Baýramçylyklarda okalýan aýat-töwürlerde, namazlarda alkyşdilegler edilýär. Ýagşy dilegler bilen ynsan terbiýesi kämilleşdirilýär, ýaramaz
gylyklardan saplanylýar.
Alkyş-dilegleriň ynsan terbiýesindäki hyzmaty göz öňünde tutulyp, olar
toplanylýar hem öwrenilýär. Şu maksat bilen alym S.Güjükowyň “Alkyşlardilegler sözlügi” (Aşgabat,1997ý.) diýen kitaby çap edildi.
Agylar (matam)
Agylar (matam) – halk döredijiliginiň iň gadymy žanrlarynyň biri. Agyölüm-ýitimde gynanç bildirilip edilýän sesdir, ýas ýerinde başly-barat aýdylýan
bentdir.
Gadym zamanlarda biziň ata-babalarymyz Güne hudaý hökmünde garap,
oňa çokunypdyr. Gün ýaşanda “Hudaý gitdi” diýip aglaşypdyr. Agy ýas
tutmakdyr. Ýas sözi As (günüň ýaşmagy) sözi bilen baglanyşykly döräpdir.
52
Adam aradan çykanda aglamak dessury şol döwürden başlanýar. Ýas
tutulanda gara geýnilipdir. Gara geýinmek Günüň ýaşmagy, tümlük bilen
baglanyşdyrylýar.
Agylar ýuwaş-ýuwaşdan halk döredijilik eserlerine-de aralaşýar. Gadymy
Oguz dessany “Alp Är Tungada” gahrymanyň ölümini eşidip, halkyň ýaka
ýyrtandygy, uly ahy-nala çekip, gözýaşynyň gurap galandygy aýdylýar. “Gorkut
ata”eposynda Banu Çeçegiň başga birine berilýändigi üçin kyrk ýigidiň
hemmesiniň bögüre-bögüre aglaşandygy, zarlyk kylandygy teswirlenilýär.
“Görogly” eposynyň “Bezirgen” şahasynda Aýsoltanyň nalasy ýürekleri
sarsdyryjy agylaryň biridir.
X1 asyr alymy M. Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” (Türki dilleriň
diwany”) eserinde hem agy bentlerine duş gelmek bolýar. Diwandaky bentleriň
birnäçesinde adamlaryň ýaka ýyrtyp aglaýyşlary, böri ýaly uwlaýşlary,
sygyryşyp ses edişleri hakda ýatlanylýar. Bentlerde merhumyň ile eden
ýagşylyklary agzalýar. Çüňki merhumy diňe ýagşylykda ýatlamak türki
halklaryň ählisine-de häsiýetlidir.
Agylar ölüm-ýitim bilen baglanyşykly ýörite bellenilýän günlerde (ölen
güni, üçi, ýedisi,kyrky) merhumyň ýakyn hossarlary, esasan-da aýallar
tarapyndan aýdylýar.
Agylaryň halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawudy sanawaç
şekilinde aýdylýanlygydyr, ähli ýere ýaýrawynyň deňligidir, merhumyň kimdigi
bilen baglylykda, käbiri dürli mazmuna eýe bolaýmasa, az-kem sözleri
üýtgedilen, köplenç şol bir meňzeş bentlerden ybaratdygydyr. Olaryň ýene-de
esasy tapawudy mazmunynda ýüze çykýar. Agylaryň ýüze çykyşy ýas, ölümýitim bilen baglanyşykly bolup, bir aýal tarapyndan ýerine ýetirilmän, ýasy
tutulýan adamyň dogan – garyndaşlarynyň, hossarlarynyň aýal topary
(ejesi,enesi,aýaly, aýal dogany, gelnejesi we ş.m.) tarapyndan aydylýar. Halk
döredijiliginiň agylar žanry – diňe aýallar şygyrýetidir. Agylaryň “agy”,
“ses”,”ses etmek” diýlip atlandyrylýan ýerlerem bar.
Agylaryň temasy köplenç maşgala çäginden daşlaşmaýar. Ýasy tutulýan
adamyň özüniň, maşgalasynyň başyndan geçiren wakalaryna çenli maglumat
berilýär. Ýasda aýdylýan
agy bentlerinde çarwaçylyk, ekerançylyk,
gahrymançylyk, durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykly setirler bar.
Agylarda kim hakynda aýdylýandygyna garap, şol adamyň daş görnüşi,
gylyk-häsiýeti, dirikä bitiren işleri, edermenligi, maşgala durmuşyna degişli
ýagdaýy bentlerde sanalýar. Eger agy garyp adama bagyşlanan bolsa, onuň kyn
gününden zeýrenilýär.
Erkek adam barada aýdylýan agylarda onuň maşgalasynyň eýesizhossarsyz galandygy barada gynançly setirler bar:
Oturan ýeriň oýuldy,
Gezen ýeriň gädildi,
53
Gelmedige meňzediň,
Dogmadyga ogşadyň,
Balalaryň aglasa,
Akar çeşmäm sil bolar,
Dulda gyzyň bozlasa,
Içim-bagrym ot alar,
Heý-waý, eý, eh-eh-eh!
Maşgalanyň bar guwanjy ýeke çagasy aradan çykanda, agylarda sanalýan
setirler has-da ýürek gyýyjy:
Ogulsyz ýurdy,
Gury akan çaýa meňzär,
Deň-duşlaryň içinde,
Sowulan toýa neňzär-ow,
Diken öýi diregsiz,
Münen aty süýregsiz,
Atýatagy gazyksyz,
Ýola gitse azyksyz,
Ýurtlary oýulan,
Eý-waý, dünýäm garaňky,
Gan aglatdyň yzyňda e-eý… wah!
Agylaryň maşgalaly adama ýa-da maşgalasyz adama degişlidigi olaryň
mazmunyndan duýulýar. Maşgalaly adama degişli agy setirlerinde öleniň
maşgalada tutan orny görünýär.
Maşgalanyň şol ýitgiden soňky ykbalynyň aladalary beýanyny tapýar.
Erkek adamlar hakynda sanalýan agy bentlerinde ýogalan adamyň
köplenç dirilikdäki bitiren işleri has ulaldylyp, gylyk- häsiýetleri has timarlanyp
görkezilýär.Bentlerde ulaltma, meňzetme we deňeşdirme ýaly çeperçilik
serişdeleri ulanylýar:
Münen aty dag towsan,
Geýen dony gül öwsen,
Ýumrygy ganlar döken,
Bilegi biller büken,
Içi doly umytly,
Göwni uzak niýetli,
Umydyndan üzüldi,
Niýetinden kesildi.
Dogana degişli aýdylýan agylaryň käbirinde, ýaşlykda başyndan geçiren
wakalary, maşgaladaky ýaşlygy bilen baglanyşykly ýagdaýlar beýan edilýär:
54
Dar goýunda ýatyşanym,
Datly süýtler emişenim,
Dartyşyp donlar geýenim,
Dalaşyp nanlar iýenim,
Eziz käbäm balasy,
Ýaşlykda ýanan dogan –eý!
Aýal-gyzlara degişli agy bentlerinde,olaryň
başarjaňlygy, el işine nepisligi ulaldylyp görkezilýär:
adamkärçiligi,

Iňňesi guýy gazan,
Nusgasy iller gezen,
Edenine el ýetmez,
Dokanyndan suw ötmez,
Eý,waý… bagtym garalan,
Ne gazapdy salanyň!…
Türkmenlerde öleniň sarpasy saklanylýar. Halkyň arasynda ýaş çaga
ölende köp, dowamly ses edilmeýän bolsa-da, gysga wagt dowamynda sanalýan
bentler örän täsirli hem tolgundyryjy:
Gül aýagy ýörände,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 05
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.