Latin

Türkmen halk döredijiligi - 13

Total number of words is 3347
Total number of unique words is 1678
26.6 of words are in the 2000 most common words
39.5 of words are in the 5000 most common words
46.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk”(Aşgabat,1967ý.) kitabynyň
bir bölümi dessanlar hakynda bolup, onuň awtory
H.Görogly halk
döredijiliginde dessan žanrynyň orny barada degerli pikirleri getirýär. Dessanlar
ösüp kämilleşmek netijesinde halkyň social, ahlak,estetiki ideallaryn y öňe
sürmekde möhüm rol oýnaýar.
H. Görogly “Oçerkleriň” dessanlar hakyndaky bölüminde Andalybyň
dessanlarynyň häsiýetli taraplaryna üns berip, şahyryň çeper diliniň
aýratynlygyny görkezmäge synanyşýar. Andalybyň dessanlarynda arap-pars
sözleriniň tutýan ornuny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, dessanlaryň kyssa
bölüminiň diňe baglaýyşdyryjy element bolman, şygyrýetiň hemme elementleri
boýunça-da hakyky çeper eserlik gazanandygyny belleýär. Şabendäniň,
Magrupynyň,
Mollanepesiň
dessanlarynyň
kyssasynyň
çeperçiligi-de
tapawutlanýar.
Türkmen dessanlary döreýiş aýratynlyry boýunça-da özboluşlydyr.
“Hüýrlukga-Hemra”dessanynyň dörän döwri 1V-V11 asyrlarda hökümdarlyk
eden Sasanitler dinastiýasynyň uly wekili Hysrawyň (531-579ý.ý.) döwri bilen
baglanyşykly diýlip çaklanylýar. Emma dessan takmynan XV1-XV111
asyrlarda döräpdir. Beýleki dessanlaryň hem aglabasy X1V-XV11 asyrlaryň
wakalary bilen baglanyşykda döredilýär.
“Saýatly-Hemra”,”Şasenem-Garyp”,
“Nejep
oglan”,”Asly-Kerem”
dessanlarynda Yspyhan, Töwriz ýaly şäherleriň atlary getirilip, şol ýerlerde
bolup geçen wakalar barada aýdylýar.Sebäbi geçmişde türkmenleriň esli bölegi
Zakawkazýede, Yrakda we beýleki ýurtlarda ýaşapdyr. Töwriz şäheri X1V-XV
asyrlarda Garagoýunlylaryň hem Akgoýunlylaryň paýtagty bolan. Türkmen
serhetleri diňe Azerbaýjan däl, Kawkazyň köp welaýatyny, Genji-Garabagy,
Şirwany, Diýarbekir, Yrak ýerlerini-de öz içine alýar.Taryhy hakykat şeýle
bolansoň, türkmen dessanlaryndaky gahrymanlaryň obrazlarynyň dürli ýurtly
edilip suratlandyrylmagy tebigydyr.
Dessanlaryň birenteginiň türkmen topragynda döräp, soňra goňşy ýurtlara
geçendigini X1X-XX asyrlaryň alymlary tekrarlaýar.Wenger alymy Igans
Kunoş türki dillerdäki dessanlary derňemek bilen, bu halky eserleriň aslyýetiniň
türkmenleriňkidigini, soňra olaryň azerbaýjanlylara, anadolyly türklere
geçendigini belleýär.
147
“Şasenem-Garyp” dessany XV1-XV11 asyrlarda dörändir diýlip
çaklanylýar we wakalar Alynky Aziýada bolup geçýär.Dessan Şaapbas
Sefewidiň patyşalyk eden döwrüni ( 1587-1629ý.ý.) öz içine alýar. Dessanyň
Türkmenistanda hem gadym wagtdan bäri mälimdigi barada 1819-1820-njy
ýyllarda Türkmenistana hem Hywa syýahat eden rus syýahatçysy Nikolaý
Murawýew “Türkmenistana hem Hywa syýahat”(“Puteşestwiýe w Turkmeniýu i
Hiwu”-Moskwa, 1822g.) kitabynda maglumat berýär.
“Saýatly-Hemra” dessanyndaky wakalary nazara alsak, onda eseriň dörän
wagtynyň Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň Kawkazda, Eýranyň
günbatarynda höküm süren döwürlerine gabat gelýändigini aňşyrmak kyn däl.
“Asly-Kerem” dessanynyň haçan dörändigi doly anyklananok. Ýöne bu
dessandaky wakalaryň Eýranda, Kawkazda, Türkiýede, Hindistanda, Yrakda
Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň agalyk eden döwrüne(X1V-XV
asyrlar) gabat gelýändigini alymlar çaklaýarlar.
Dessanlaryň köp dörän döwri XVIII asyrdyr. Bu asyrda Andalyp,
Magrupy, Şeýdaýy, Şabende özlerini ussat dessançy hökmünde görkezýärler.
Andalybyň “Leýli-Mežnun”, “Ýusup-Züleýha”, Şabendäniň “Şabährem”, “GülBilbil”, Şeýdaýynyň “Gül-Senuber”, Magrupynyň “Seýpelmelek-Methaljemal”,
“Döwletýar” dessanlary ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanýar.
X1X asyrda şahyrlar esasy ünsi real hakykata berip, hyýaly sýužetlerden
azda=kände sowulýarlar. X1X asyrda Mollanepesiň diňe “Zöhre-Tahyr”
dessany döredilýär.
Dessanlar anyk bir taryhy döwrüň wakalaryny, adam sypatlaryna degişli
häsiýetleri şöhlelendirip bilmeýär. Ençeme asyry başdan geçiren dessanlara her
bir döwür öz wakalaryny, adam häsiýetlerini, ýer-ýurt, ýarag, at-esbap atlaryny
azda-kände girizýär. Şonuň üçin dessanlaryň sýužetiniň haýsy döwürde ýüze
çykandygyny birbada anyklamak kyn.
Dessanlaryň döreýşi hem kämilleşişi halklaryň dünýägaraýyşlary, däpdessurlary,ahlaklary bilen baglanyşyklydyr. Dessanlara şol halkyň ähli d äpdessury siňdirilýär.
Haýsy bir dessanyň ýüze çykan döwri barada pikir ýöredilende, ozaly
bilen onuň ýaýran çägi göz öňünde tutulýar. Türki halklaryň arasynda ýaýran
dessanlaryň sýužetiniň esasyny ertekilerdir rowaýatlar tutýar. Olar hem örän
gadymy döwürlerde döräpdir.
Dessanlar goňşy halklaryň edebi, halk döredijiliginiň mirasy bilen
baglanyşykda hem ýaýraýar.Şol sebäpli hem olar Gündogar halklarynyň
arasynda dürli atlar bilen giňden bellidir.”Şasenem-Garyp” dessany “AşykGaryp”, “Zöhre-Tahyr” dessany “Tahyr-Zöhre”,”Nejep oglan” dessany “Aşyk
Elbent” atlary bilen özbeklerde hem azerbaýjanlarda aýdylypdyr.Stawropol
türkmenleri “Saýatly-Hemra” dessanyny “Teräkimeni Hemra” diýip
atlandyrýar.”Teräkimeni” diýen söz türkmenler diýen manyny berýär.
148
X asyrdan soň medeni hem edebi mirasymyz Ýakyn Gündogara,
Zakawkazýe, Kiçi Aziýa halklarynyň arasyna, Siriýa,Yraga ýaýraýar. “SaýatlyHemra”,”Asly-Kerem”
dessanlary
türkmenler
Zakawkazýede
ýaşan
döwürlerinde döreýär. “Saýatly-Hemra” dessanynda “Gürjüstan dagy”,”GenjiGarabag”, “Türkmen obasy”,”Türkmen gojasy” diýen ýaly atlar getirilýär.
Türkmen dessanlarynda beýleki halklaryň wekilleriniň getirilmegi-“Nejep
oglanda” azerbaýjanly Sona gelniň , “Saýatly-Hemrada” gruzin gyzy Saýadyň,
“Asly-Keremde” ermeni gyzy Aslynyň getirilmegi türkmenleriň goňşy ýurtlaryň
halklary bilen gadym wagtdan bäri dostlukly gatnaşygynyň bolandygyny subut
edýär.
Dessanlar şahsy hem halk dessanlary toparlaryna bölünýär. Bu toparlar
daşky görnüşi boýunça biri-birinden kän tapawutlanmaýar. Dessanlaryň umumy
sýužeti, dili, stili, kähalatda ideýa-tematikasy-da biri-birine meňzeş.Sebäbi
geçmişde durmuş şertlerine görä, türkmen folklorynyň we ýazuw edebiýatynyň
ykbaly birmeňzeş bolupdyr.
Şahsy hem halk dessanlarynyň biri-birine meňzeş bolmagynyň ýene-de
bir sebäbi olaryň dessançylyk däbine eýerilip döredilenligidir. Ýöne welin
dessanlara içgin aralaşylanda, olary biri-birinden tapawutlandyrýan
gahrymanlary, çeperçilik serişdelerini, sýužetleri görmek bolýar.
Türkmen dessanlarynyň aglaba köpüsi şahsy adamlaryň döredijiligidir.
Emma şol dessanlar hem folklorlaşma basgançagyny geçýär. Halk dessanlary
awtory näbelli eserlerdir.
Iki toparda-da dessanlaryň dili,stili, galyberse-de, tebigat gözelligi, däpdessurlar, gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri ýokary çeperçilikde beýan edilýär.
Halk hem şahsy dessanlaryň bagşy, halk agzeki hem-de ýazuwly nusgalary bar.
Bagşy nusgasynda kyssa bilen şygyr (aýdym) gatyşdyrylyp berilýär.
Dessan aýdym bilen aýdylyş tärlerine, däplerine getirilýär.” Görogly” eposynyň
aýry-aýry dessanlary (şahalary), “Hüýrlukga-Hemra”,”Şasenem-Garyp”,
“Saýatly-Hemra”,”Nejep oglan” dessanlary bagşy nusgalarydyr. Bu dessanlarda
wakalaryň beýan edilişi, şygyr görnüşiniň milliligi- türkmen bagşyçylykdessançylyk däpleriniň önümidigini subut edýär.
Şol bir waka dessanyň bagşy nusgasynda dürli görnüşde berilýär.
Dessanyň mazmuny döredijilikli özleşdirilýär. Waka-da,käbir halatda
gahrymanlaryň atlary-da üýtgedilýär, täze goşgy bentleri-de goşulýar.
Dessanyň halk agzeki nusgasy sap kyssadan ybaratdyr. Olar bagşylar
tarapyndan däl-de, aýdyjylar-kyssaçylar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Halk
agzeki nusgasy çaklaňja ertekiçilik äheňinde bolýar.
Bu nusgalaryň ikisem dilden aýdylýar.
Dessanyň ýazuwly nusgasy köplenç golýazmalara esaslanýan eserlerdir.
Dessanlaryň sýužeti örän gadymy. Söýgi hakyndaky sýužetler
gahrymançylykly eposlaryň düzüminde bolýar.Yslam dini ýüze çykmazdan
ozal, Eýranyň gündogarynda, demirgazyk-gündogarynda dessanlar toplumy
149
döreýär. Pars edebiýatyndaky sýužetler türkmen
dessanlarynda-da
peýdalanylýar.”Gül-Senuberi”,”Şabähremi”,”Melike-Dilarymy” we beýleki
dessanlary döretmekde araplaryň “Müň bir gije” ertekiler toplumy, Gündogar
halklarynyň arasyna ýaýran Bähram Gur hakyndaky rowaýatlar esas edilýär.
Dessanlar sýužeti boýunça iki topara bölünýär:
Birinjisi, türkmen oguzlarynyň döreden sýuzetleri (“Şasenem- Garyp”,
“Asly-Kerem”,”Zöhre-Tahyr”,”Saýatly – Hemra”, “Nejep oglan” dessanlary).
Ikinjisi, pars edebiýatyndan alnan sýužetler (“Şabährem”,’MelikeDilaram”,”Ýusup-Züleýha”,”Hüýrlukga-Hemra”,
”Gül-Bilbil”).Pars
edebiýatyndan alnan sýužetler türkmenlerde öňden bar bolan sýužetlerden
soň,ýagny XV111-X1X asyrlarda täzeden işlenilýär.
Dessanlar many-mazmunyny,sýužeti boýunça birnäçe görnüşden ybarat:
1.Yşky-durmuşy
(“Leýli-Mežnun”,”Zöhre-Tahyr”,
“ŞasenemGaryp”,”Saýatly-Hemra”,”Asly-Kerem”,”Nejep oglan”) dessanlary.
2.Yşky-hyýaly(“Seýpelmelek-Methaljemal”,”Melike-Dilaram”,”GülSenuber”,”Hüýrlukga-Hemra”) dessanlary.
3.Yşky-gahrymançylykly
(“Ýusup-Ahmet”,”AlybegBalybeg”,Hojamberdi han”) dessanlary.
4.Taryhy
gahrymançylykly
(“Döwletýar”(Magrupy),”BatyrNepes”(Misgingylyç),”Emir-Zerli”(Mollamurt) dessanlary.
5.Terjimehally
(“Goşa
pudagym”(Seýdi),”Talyby
we
Sahypjemal”(Talyby) dessanlary.
6. Dini sýüžetli (“Ýusup- Züleýha”, “Zeýnelarap”,”Babaröwşen”)
dessanlary.
Şu okuw kitabynda halk dessanlaryndan “Hüýrlukga-Hemra”,”ŞasenemGaryp”,”Saýatly- Hemra”,”Asly-Kerem”,”Nejep oglan” hakynda gürrüň edilýar.
“Hüýrlukga-Hemra” dessany
“Hüýrlukga-Hemra” türkmenleriň arasynda giň ýaýran yşky-hyýaly
dessandyr. Ol gadymylygy bilen tapawutlanýar. Dessan takmynan XV1-XV111
asyrlarda (dessandaky”Harazmyn ýurdunyň hany, soltany, ýanynda huzurly
ärler amanmy?” diýen goşgy setirlerinden çen tutulyp) Horezm türkmenleriniň
arasynda-da giň ýaýrandyr diýlip çaklanylýar.
Dessanda gürrüň Müsür patyşasy Hysrawyň perzentsizliginden başlanýar
we eseriň soňy patyşanyň ogly Hemranyň peri gyzy Hüýrlukgany alyp, maksatmyradyna ýetmegi bilen tamamlanýar.
“Hüýrlukga-Hemra” dessanynyň üç sany sýužet ugry bar:
Birinji, garyp-pukaralarda ýokary ahlak hem-de adamkärçilik sypatlary.
Şeýle adamlar üçin elinden gelen zady aýamaly däldigi dessanda ündelýär.
150
Hysraw patyşanyň ogullary- Hemra, Ziwer hem-de Hurşyt Çyn-Maçyna
gidýär.Hytaýda bolsa açlyk. Hemra öz getiren gallasyny halka paýlaýar.Ol
gymmat bahaly göwher gaşyny berip, agalaryndan hem galla satyn alyp, halka
berýär. Hemra yzyna- Müsüre gaýdanda, halk ýolda suwsaýar. Ol suw
gözlegine çykýar. Guýunyň başynda Ezraýyla duşýar. Ol Hemradan jan talap
edýär. Hemra aljyramaýar, hiç kime hem ýalbarmaýar. Onuň bar aladasy halky
suwdan gandyrmakdy.
Hemra Ezrayla:”Onda bolsa biraz pursat ber,men alyp gelýän
pukaralarym bilen razylaşaýyn, janymy ondan soň al” diýýär. Halk Hemranyň
tarapynda durýar. Olaryň islegi bilen Hemranyň jany alynman, gaýtam oňa 120
ýaş berilýär.
Ikinjisi, uly doganlarynyň Hemra görüplik etmeginde häkimiýet
ugrundaky göreş. Hemranyň agalary içigara. Olar Hemranyň üstünligini görüp
bilmeýär. Atalary Hysraw patyşanyň ýanynda özlerini iş bitirýän, edermen,
tagta mynasyp adamlar edip görkezmegi maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde,
Ziwer bilen Hurşyt Hemranyň ýagşylygyna ýamanlyk bilen, ýagny gözüni oýup,
guýa taşlamak bilen jogap berýär. Olar atalarynyň Hemra bolan söýgüsine -de
görüplik edýär. Sebäbi patyşanyň Hemra bolan söýgüsi olary häkimlige bolan
hukukdan mahrum edermikä diýip gorkuzýar. Dessanyň ahyrynda Hemranyň
uly doganlarynyň pyssy-pujurlyklary paş edilýär. Olary bütin köpçülik pisläp,
ýurtdan çykaryp kowýar.
Uçünjisi, söýgi meselesi, onda-da adamzadyň perä bolan söýgüsi.
Dessanda ol uly güýç hökmünde şekillendirilýär. Dessanyň baş gahrymany
Hemra özüniň ähli maksadyna söýgüniň üsti bilen ýetýär.Ol Hüýrlukganyň yşky
bilen ganatlanyp,”Gitse-gelmez” ýoly bilen sag-salamat gidip, aşyk bolan peri
gyzyna gowuşýar. Ol Hüýrlukganyň kömegi bilen atasynyň arzuwlan guşy
Bilbil Göýäni gola salýar. Dessanyň ahyrynda Hüýrlukga doganlary tarapynda n
gözi oýulyp guýa taşlanan Hemra ýene-de kömege ýetişýär.
“Hüýrlukga-Hemra” dessany kompozision gurluşy boýunça iki bölümden
ybarat. Birinji bölümde, şazadalaryň (Hemra,Ziwer, Hurşyt) Çyn-Maçyna
gidişi, ikinji bölümde hem şazadalaryň Bilbil Göýäniň gözlegine çykyşlary
beýan edilýär. Bu iki bölümiň,ýagny iki wakanyň arabaglanyşygy ýok ýaly
bolup görünýär. Emma hakykatda beýle däl. Ziwer bilen Hurşydyň ýaramaz
häsiýetleriniň görkezelişi iki bölümi hem birleşdirýär, biri-biriniň üstüni
ýetirip,bir bitewi esere öwürýär. Hemranyň agalarynyň açgözlügi dessanyň
birinji bölüminde Çyn-Maçyna gidişlerinden görkezilip başlanýar. Halkyň
açlykdan horlanyşy olaryň gözüne ilmeýär, gaýtam başaryp bilse, olardan bir
zat ýonmagyň aladasy bilen bolýar. Dessanyň ikinji bölüminde hem Ziwer bilen
Hurşydyň ýaramaz niýeti- päli, Hemra bolan garaýşy doly açylyp görkezilýär.
Dessanda dini-hyýaly sýužet ugry ep-esli orny tutýar.Hakyky durmuş
ýagdaýy hyýaly ýa-da dini-hyýaly alamatlar bilen utgaşyp gidýär. Emma
dessanda-da, ertekilerde bolşy ýaly, belent ruhly, pajygaly wakalary başdan
151
geçirýän, söýgi, ýigrenç şatlyk, gynanç ýaly köptaraply duýgy-düşünjesi bolan
orta asyrlar adamsynyň gyzykly obrazy berilýär. Muňa Hemranyň obrazyny
mysal getirmek bolar. Ol ägirt güýçli döwden üstün çykýar. Bu ýerde adalat
ýene dabarandyrylýar. Şu babatda söýgüniň güýjüniň uly hyzmaty bar.
Durmuşyň iň kyn şertlerinde söýgi periniň keşbinde kömege gelýär.
Dessanda dini-ynanç hem görkezilýär. Baş gahrymany kyrk erenler
goldaýar. Hezreti Aly oňa oglum diýip ýüzlenýär. Şeýlelikde, halk öz
gahrymanyny asly perizat bolan gyza öýlendirýär.
“Hüýrlukga-Hemrada” dini düşünjelere ynanmazlyk hem görkezilýär.
Hemra jennet guşuny gözlemäge gidende,onuň atasy öz dini düşünjesine görä,
oňa ýolda harabaçylykda, gonamçylykda ýatmazlygy nesihat edýär.
Dini düşünjelere görä,
şeýle
ýerlerde gijesine arwah-jynlar
bolýarmyş.Olaryň uklap ýatan adamy heläklemegi mümkin diýip düşünipdirler.
Ine, şeýle düşünjä görä, atasy ogluna şol ýerlerde gijesine ýatmazlygy maslahat
berýar.
Emma ýolda ilkinji gijesinde atasynyň beren bu wesýetini bozýar. Ol bir
gije gonamçylykda bolup, Hezreti Alynyň mazarynyň ýanynda ýatýar. Hezreti
Aly we erenler ony şol gije owadan peri bilen duşurýar. Peri oňa erem bagyny
salgy berýär,gözleýän guşuny tapmaga kömek edýär. Iň ahyrynda doganlary
Hemrany öldürmekçi bolanlarynda-da, peri ýetişýär.
Dini-ynanç düşünjeleri Hemranyň, onuň doganlarynyň dogluşy baradaky
wakalar, Hezreti Alynyň olara 14 ýaş bermegi, emma şeýle wagt geçenden soň
olaryň ölmezligi, ezraýýlyň Hemra 120 ýaş bermegi bilen düşündirmek bolar.
Şu babatda Hemranyň hemaýatçylarynyň-da uly hyzmaty bar.
Dessanda çeper obrazlar ulgamy täsirli berilýär. Eserde položitel
gahrymanlara garşylykly edilip, Hemranyň iki doganynyň obrazy görkezilýär.
Adalatlylyk bilen adalatsyzlygyň şeýle garşylykly goýulmagy ähli halklaryň
folklorynda, şol sanda türkmen folklorynda hem täzelik däl.
Halk döredijiliginiň erteki žanrynynda bolşy ýaly, dessanlarda-da, kiçi
dogan hemişe batyr, ugurtapyjy, adalatly edilip görkezilýär. Emma dessanlarda
bir ýagdaý şu häsiýetiň beýleki halklaryň folklorynda, esasan-da ertekilerinde
beýan edilişinden tapawutlandyrýar. Esasy tapawut-dessanda köpaýallylyk
meselesidir. Daşyndan göräýmäge bu meselede doganlaryň enebaşgalygy,
olaryň arasynda bolýan duşmançylygyň sebäbini düşündirýän ýaly. Emma
hakykatda beýle däl. Bu ýerde göreş häkimlik ugrunda barýar. Hemranyň uly
doganlary atalarynyň Hemra bolan söýgüsine göriplik edýär. Atalarynyň Hemra
bolan şeýle söýgüsi olary häkimlige bolan hukukdan mahrum edermikä diýip
gorkuzýar.
Dessanda çeper obrazlar ulgamy täsirli berilýär. Eserde položitel
gahrymanlara garşylykly edilip, Hemranyň iki doganynyň obrazy görkezilýär.
Adalatlylyk bilen adalatsyzlygyň şeýle garşylykly goýulmagy ähli halklaryň
folklorynda, şol sanda türkmen folklorynda hem täzelik däl.
152
Dessanyň baş gahrymany Hemranyň obrazynda maksada okgunlylyk,
ynsanperwerlik, dogruçylyk, dogana, ene-ata wepalylyk, ugurtapyjylyk, mertlik,
sadalyk ýaly sypatlar görkezilýär.
Hüýrlukga- perizat, hyýaly obraz. Ol söýgüsine wepaly. Hemra kaknus
döwüň eline düşüp, ýere tarap pel-pelläp gelýärkä, Hüýrlukga laçyna öwrülip
ony tutýar. Hemrany ölümden halas edýär, gözüni açýar.
Güljemile – Hemranyň aýal dogany. Ol Hemrany goldaýar. Ynsanperwer,
mähriban uýa. Şazadalar Çyn-Maçyna ugranda, gerek bolar diýen maksat bilen
iki sany göwher gaşy Hemra berýär. Hemra-da göwher gaşlary doganlaryna
berip, olardan satyn alan gallasyny halka paýlaýar.
“Hüýrlukga-Hemra” dessanynda položitel gahrymanlar bilen birlikde,
otrisatel gahrymanlar hem görkezilýär, olaryň hereketleri ýazgarylýar.
Hurşytdyr Ziweriň ulumsylyk, açgözlük, şöhratparazlyk, ähtiýalanlyk,
hyýanatçylyk, nalajedeýinlik ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleri berilýär. Olaryň
ikisem içigara hem ganhor adam. Olar öz gazan çukurlaryna özleri düşüp,
masgara edilip, ýurtdan kowulýar.
Dessanda Müsür patyşasy Hysrawyň üstünden-de gülünýär. Ol ýurduň
abatlygy, halkyň rahatlykda, eşretde ýaşamagy hakda alada etmegiň ýerine,
hyýaly guşuň-Bilbil Göýäni gola salmagyň kül-külüne düşýär. Bilbil Göýäniň
patyşa garap: “Sende bir düzüwliräk adamyň-da akyly ýok ekeni…” diýmegi
Hysrawy has-da wejera edýär.
Hüýrlukganyň aýal dogany Hüýrzagpyran-da, kazy-da otrisatel
gahrymanlar.Olaryň ikisem ahlaksyz edilip görkezilýär. Hüýrzagpyran
Hüýrlukganyň durmuşa çykmagyna garşy bolup hereket etse, kazy
Hüýrzagpyrandan otuz posa alyp, gyzyň dawasyna delil tapyp bermäge boýun
bolýar. Olaryň bu ýaramaz hereketleri dessanda ýazgarylýar.
Dessanda ýokary gatlak wekilleriniň aglabasyna mahsus bolan ýaramaz
gylyk-häsiýetleriň, köşk durmuşyndaky bozuklyklaryň (humar oýnamak,
azgynlyk,para almak we ş.m.) paş edilişi berilýär. Köşk adamlarynyň baýlyk
toplamak, wezipe edinmek, keýp-sapa, şöhrat üçin alyp barýan pyssypyjurlyklary-da görkezilýär.
‘Hüýrlukga-Hemra” dessany çeper okalýar. Onda dürli çeperçilik
serişdeleri (meňzetme, deňeşdirme, ulaltma we ş.m.) ussatlyk bilen ulanylýar.
Dessanyň hamyrmaýasy folklordan, ýagny halk ertekilerinden alnypdyr.
Onda döw, peri, ezraýyl, Bilbil Göýe diýen ýaly toslanyp tapylan hyýaly zatlar
getirilýär. Dessan sýužeti taýyndan “Mämmetjan” ertekisine has ýakyndyr.
“Hüýrlukga-Hemra” türkmenleriň arasyna giňden ýaýran dessandyr. Ol
XX asyryň 40-njy ýyllarynda Stawropol türkmenleriniň arasynda-da “Gysraw
Hemra” ady bilen meşhur bolupdyr.
Dessan ilkinji gezek 1941-nji ýylda neşir edilýär. Ony çapa taýýarlan hem
sözbaşy ýazan B.Garryýew. Dessan neşire taýýarlanylanda, Daşkentde (1333nji hijri), Kazanda (1328-nji hijri) çap edilen nusgalar, 1935-nji ýylda latyn
153
harpynda ýazylan nusga hem göz öňünde tutulypdyr. Ýöne welin dessanyň
1939-njy ýylda daşoguzly Nazar bagşydan ýazylyp alnan has doly nusgasy neşir
ücin esas bolupdyr. Soňra ol 1950-nji, 1963-nji ýyllarda gaýtadan neşir edilýär.
Dessan 1971-nji ýylda Moskwada türkmen hem rus dillerinde çapdan çykýar.
Alym A.Durdyýewa dessanyň 1979-njy ýyldaky neşirini taýarlady hem-de oňa
sözbaşy ýazdy.
Dessanyň položitel gahrymanlarynyň üsti bilen ýaşlara mertligi, ene-ata
hormaty, il-güne söýgüni ündemäkdäki hyzmaty uly.
“Şasenem – Garyp” dessany
“Şasenem-Garyp” halk arasynda giň ýaýran meşhur dessanlaryň biridir.
Ol yşky-sosial temasynda ýazylan eserdir. Dessan beýleki birnäçe kowumdaş
halklaryň (azerbaýjan, özbek, garagalpak we ş.m.) arasynda-da ýörgünlidir. Bu
dessan hem beýleki eposlardyr dessanlar ýaly,kowumdaş halklaryň çygryndan
çykyp, rus edebiýatyna-da aralaşýar.Bu dessanyň sýužeti boýunça rus şahyry
M.Ýü.Lermontow tarapyndan “Aşyk-Karip” ady bilen eser döredilýär
“Şasenem-Garyp” dessanyndaky wakalar Alynky Aziýada bolup geçýär.
Şaapbas Sefewidiň patyşalyk eden döwrüni (1587-1629 ý.ý.) öz içine alýar.
Eserde Şaapbas oňaýsyz gahryman hökmünde häsiýetlendirilýär.
“Şasenem-Garybyň” dürli nusgasy bar. Dessandaky wakalaryň
türkmenleriň Was topragynda-da bolup geçendigini folklorçy A. Rahmanow
tekrarlaýar.Onuň pikiriçe,dessanyň wakalary gadymy Was sebitinde, Uzboýuň
kenar ýakalarynda, Sarygamyş kölüniň gyralarynda, Kiçi hem üly Balkan
daglarynyň pesliklerinde, Maňgyşlagyň giňişliklerinde bolup geçýär. Şu agzalan
ýerlerde gadymy zamanda türkmenleriň ýaşandygyny taryhy çeşmeler subut
edýär. Şeýle bolansoň, “Şasenem-Garyp’ dessanynyň başlangyç nusgasyny
ilkibaşda türkmen halky döredendir diýlen netijä gelmek bolýar.
Orta asyrlarda seljuklaryň hökümdarlyk eden döwründe türkmenleriň
edebiýaty, medeniýeti bilen bir hatarda, halk döredijiligi-de ösüpdir hem-de
beýleki halklaryň folkloryna täsirini ýetiripdir. Bu barada alym A. N.
Samoýlowiç:”Oguz türkmen halklaryna mahsus bolan:”Ýusup-Ahmet”, “SeýitBattal”,”Görogly”,”Şasenem-Garyp”,”Asly-Kerem”,”Bozoglan” we beýleki
birnäçe eserler bütin musulman türkleriň hem dünýäsine, olaryň köp ýerlerine
giň derejede ýaýrapdyr” diýip, taryhy maglumaty berýär. Şol täsirler esasynda
türkmenleriň “Şasenem-Garyp” dessany-da beýleki halklaryň arasyna baryp
ýetipdir. Arheolog Tolstowyň, geografiýaçy Mürzäýewiň, dilçi Atanyýazowyň
Was sebitindäki ýadygärlikler (Akjanyň galasy, Şasenemiň köşgi, Tünüderýa
we ş.m.) hakyndaky maglumatlary-da “Şasenem-Garybyň” türkmen ilinde
dörändigini delillendirýär.
1819-1820-nji ýyllarda Türkmenistana we Hywa syýahat eden rus
kapitany N.N.Murawýowyň “Türkmenistana hem Hywa syýahat”(“Puteşestwiýe
154
w Turkmeniýu i Hiwu”.-Moskwa, 1822g.) kitabynda Şasenem bilen Garybyň
söýgüsi barada gyzykly maglumat berilýär. Syýahatçy Şasenemiň köşgüni
synlaýar. Ol ýerdäki kak suwy, Döwgala, Gyzylgala hakda gürrün berýär.”Aşyk
Garyp” diýen rowaýaty eşidýär.
Rowaýatda şeýle diýilýär: häkimiýet adamsynyň Şasenem diýen owadan
gyzy bolanmyş. Ol aýdymy bilen tanalýan Garyp diýen ýigide aşyk bolýar.
Şasenem ony synamak üçin ýedi ýyl mysapyrlykda gezmegini talap edýär.
Garyp tamdyrasyny enesinde goýup, ýurtdan çykyp gidýär. Enesiniň ogluny
ýatlap, aglap-aglap iki gözi hem kör bolýar. Garybyň dolanyp gelmegine üç aý
galanda, Şasenemi baý goňşusyna bermekçi bolýarlar. Şasenem garşy bolup,
ýalbarýar, ýakarýar. Emma peýdasy degmeýär. Garyp öýe gelip, tamdyrasyny
alyp, toý ýerine –Şasenemiň çadyrynyň ýanyna gelýär. Ol gezen
ýurtlaryny,hyjuwyny, gaýgy-hasratyny aýdyma salyp aýdýar. Garybyň
aýdymlary toýa ýygnanlara täsir edýär. Köpçüligiň talaby bilen Şasenemiň
atasy gyzyny Garyba bermeli bolýar.
Megerem, şu rowaýat “Şasenem-Garybyň” döremeginde esas bolan bolsa
gerek. Sebäbi rowaýat dessanyň sýužetine gabat gelýär.
“Şasenem-Garypda” we onuň toplumyna girýän bölümlerde Diýarbekir,
Şawezir (Şasenem) ,Akjagelin (Akjanyň galasy), Halapşirwan, Yzmykşir ýaly
gadymy şäherler barada gürrüň berilmegi dessanyň taryhylygyny artdyrýar.
“Şasenem-Garyp” iň köp neşir edilen hem öwrenilen dessandyr.
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda “Şasenem-Garyp” dessanyna
degişli golýazmalar saklanylýar. Olar dessanyň daşbasma usulynda çap edilen
görnüşleridir. “Şasenem-Garybyň” 1940-njy ýylda çap edilen birinji neşiri şol
golýazmalar esasynda taýarlanyldy. N.Hojaýew dessany çapa taýýarlady,
M.Kösäýew hem sözbaşy ýazdy.
Dessanyň türkmen dilindäki ikinji neşiri 1948-nji ýylda çykýar.
M.Kösäýewiň ýazan sözbaşysynda dessanyň mazmuny, ideýasy, çeperçiligi,
esasy gahrymanlary hakynda gürrüň berilýär.
H.Görogly 1955-nji ýylda “Şasenem-Garyp” dessany boýunça
kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Onuň bu ylmy işinde türkmen
dessanlarynyň gelip çykyşy, dessançylyk däpleri barada gyzykly maglumatlar
getirilýär.
“Şasenem-Garyp” dessanynyň türkmen dilindäki üçünji neşiri 1957-nji
ýylda çap edilýar. B.Ahundow dessana sözbaşy ýazýar. Dessan öňki neşirler
esasynda çapdan çykýar. “Şasenem-Garyp” dessanynyň türkmen dilindäki
dördünji neşiri 1959-njy,bäşinji neşiri 1979-nji ýýllarda çap edilýär.
“Şasenem-Garyp”dessanyna dürli döwürde goşmaça wakalar girizilýär.
Ýöne welin şol wakalara dessanyň bitewi bölegi diýip aýtmak bolmaz. Şol
wakalar esasy sýužeti giňeltmek üçin goşulypdyr.
Bagşylar Garyby gul edip satmaklyk ýaly wakany dessana girizenlerinde,
“Ýusup-Züleýha” dessanyna salgynan bolmaklary mümkin. Şeýle hem Garybyň
155
Şasenemiň kösgüne ýygy-ýygydan gelmegi soňky goşulan wakalardyr.Sebäbi
şunuň ýaly ýagdaýy “Asly-Kerem” dessanynda ýa-da beýleki dessanlarda-da
görmek bolýar.
Şeýlelikde, “Şasenem-Garyp” dessanynyň esasy
sýužeti, ähtimal
Garybyň Şasenem bilen hoşlaşyp: “Ýedi ýyldan öwrülip gelerin” diýen
pursadyndan başlanýan bolsa gerek. Sebäbi dessandaky goşmaça wakalary
eseriň kompozisiýasy bilen birleşdiräýmek kyn. Şeýle wakalary (meselem,
Garybyň bir gezek Babahan şatyr, soňra hem Töwriz şazadasy bilen duşuşygy
ýaly wakalary) esasy sýužetden aýyrmak ap-aňsat. Şol wakalary aýranyň bilen
dessanyň esasy mazmunyna hiç hili zeper ýetmeýär.
Dogrudanam, Şasenemiň Babahan şatyr bilen Garyby gözlemäge gitmegi
baradaky waka esasy sýužete
geregi-de ýok. Belki-de, Şasenemiň öz
söýgülisine wepalylygy görkezilmek islenilendir?! Ýok, beýle-de däl. Sebäbi
Şasenemiň söýgülisine wepalylygy dessanyň ähli tekstinde görnüp dur ahyryn.
Dessanyň köp ýerinde Halapşirwan şäheri agzalýar. Ýöne eserde käte
Halap ýa-da Şirwan şäherleriniň atlary-da tutulýar. Saapbasyň tabşyrmagy
boýunça Taýmaz Ezberhojanyň ýanyna düýekeş bolup baryp, özüni onuň
ýurtdaşy-halaply hökmünde tanadýar. Soňra olar Halap şäherine ugraýarlar.
Edil sunuň ýaly Garyp hem kä Halaba ýa-da Şirwana, käte Halapşirwana gidýär.
Dünýä kartasynda Halapşirwan diýen şäher ýok. Dogry,Siriýada Haleb (Halap)
şäheri
we
Azerbaýjanda
Şirwan
(XV111
asyrda
döwlet
bolan.Takmynan,dessanyň-da ýüze çykan döwri) şäheri bar. Mundan
başga,Türkiýänyň Diýarbekir welaýatynda Şirwan diýlip atlandyrylýan şäher -de
bar.Emma dessanda gürrüň ol şäherler hakynda gidenok.
Şu meselede ýene-de bir çaklama bar.Türkmenleriň arasynda dessanyň
dürli görnüşi bolup, şolarda Garybyň aýralyk döwründe bolýan ýerleri dürlidürli görkezilendir. Dessanyň bir görnüşinde Garyp Halapda bolýan bolsa,
beýleki görnüşinde onuň Şirwanda bolýan bolmagy mümkin. Soňabaka ol
görnüşler birigip, Halap-Şirwan diýen düşünjäni berendir. Muňa dessançy
bagşylaryň käbiriniň sowatsyzlygy hem sebäp bolup biler. Emma gynansak -da,
bu çaklamalary tassyklaýjak delillerem häzire çenli bize gelip ýetmändir.
“Şasenem-Garyp” dessany halky eserleriň biridir. Eseriň halkylygy,
birinji nobatda, onuň mazmunyna, baş gahrymanlaryň özüni alyp baryşlaryna,
hereketlerine baglydyr. Eseriň baş gahrymanlary – Garyp hem Şasenem halkyň
söýgüsine mynasypdyr.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, “Şasenem-Garyp” dessany hemmetaraplaýyn
öwrenilip başlandy. Folklorçy A.Rahmanow dessan bilen baglanyşykly
wakalary täzeden toplap, çapa taýýarlady. Dessan 1992-nji ýylda “Magaryf”
neşirýatynda çap edildi. Dessanyň bu neşiri “Şasenem-Garypdan” başga, 6
bölümden
(“Aýsenem-Garyp”, “Helalaý-Garyp”, “Aýperi”, “BaýsenemGaryp”, “Handan peri” (“Handan gyz”), “Uz peri” (“Uzuk gyz”) ybarat.
Dessanyň bölümleriniň gysgajyk many-mazmuny bilen tanyşdyrýas.
156
“Aýsenem – Garyp”
Bölümde waka Şamahşirwan (Gadymy şäher ady. Diýarbekirden 25
kilometr gaýrada) şäherinde bolup geçýär. Garyp Diýarbekiriň (Akdepe
etrabyndan 82 kilometr günbatar aşak gapdaldaky şäher we oňa tabynlykdaky
ýerlere Diýarbekir ýurdy diýilýär) patyşasy Şaapbasyň yzarlamagyndan gaçyp,
Şamahşirwan şäherine ugraýar. Ýolda ol Şamahşirwanyň il-ulusynyň soltany
Äraly hana sataşýar. Äraly han Garyby özüniň “Älem” bagyndaky köşgünde
ýerleşdirýär.
Äraly hanyň birnäçe gyzy bolan. Aýsenem peri gyzlarynyň iň kiçisi.
Äraly han körpe gyzy üçin “Älem” bagynyň ýanynda “Gülşen” bagyny-da
emele getirýär. Aýsenem peri 40 kenizi bilen şol köşkde ýaşaberýär.
Aýsenem peri Garyba aşyk bolýar. Emma Garyp göwnemeýär. Äraly han
soňra Köneürgençde köşk gurdurup, şol ýerde ýaşaýar.
“Helalaý – Garyp”
Bölümde waka Yzmykşir (Görogly etrabynyň günbatarynda ýerleşýär)
şäherinde bolup geçýär.Garyp Şaapbasyň zulmundan gaçyp, Bagdat ýurduna
(Yzmykşir we onuň tabynlygyndaky şäherler hem obalar) barýar. Ýurduň
Yzmykşir diýen patyşasy bolupdyr. Onuň Helalaý peri diýen gyzy bar ekeni.Ol
Garyby söýýär. Emma Garyp garşy bolýar.Diýeni bolmany üçin, Helalaý peri
Garyby zyndana saldyrýar. Oňa her hili jezalar berilýär. Emma şonda-da, Garyp
lebzinden dänmeýär we Helalaý periniň aýdanyna boýun bolmaýar.
“Aýperi”
Waka Halapşirwan şäherinde(Was sebitindäki Diýarbekir şäherinden 25
kilometr gaýrada) bolup geçýär. Dessanyň bu bölüminde beýan edilişine görä,
garyp Şaapbasyň yzarlamasyndan gaçyp, Diýarbekir hem-de Şawezir(Gadymy
şäher Diýarbekirden 57 kilometr günortada. Häzir bu ýer Şasenem galasy
diýilip atlandyrylýar) şäherlerini terk edýär we Halapşirwan şäherine barýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 14
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.