Latin

Türkmen halk döredijiligi - 08

Total number of words is 3438
Total number of unique words is 1691
27.6 of words are in the 2000 most common words
40.0 of words are in the 5000 most common words
47.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ahyry öýlerine dolanyp gelýär. Gelse, enesi aglap-aglap kör bolupdyr. Garybyň
gelmegine üç aý galanda, atasy gyzyny- Şasenemi özüniň baý goňşusyna
bermegi ygrar edipdir. Garybyň öýüne gelen güni Şasenemiň toy tutulyp duran
eken. Garyp tamdyrasyny alyp, toý ýerine – Şasenemiň çadyrynyň golaýna
barýar. Ol gezip gelen ýerlerini,gaýgy-gamyny aňladýan yşky aýdymlary
aýdýar.Garybyň aýdymlary toýa ýygnanan adamlara güýçli täsir edýär. Halkyň
talaby bilen Şasenemiň atasy gyzyny Garyba bermeli bolýar.
Şu rowaýat “Şasenem – Garyp” dessanyna bap gelýär. Bagşylar
tarapyndan rowaýatyň üsti doldurylyp, goşmaça wakalar bilen giňeldilip,
häzirki “Şasenem – Garyp” dessanyna öwrülipdir.
Ýer-ýurt atlaryna (toponomiki) degişli taryhy rowaýatlar hem
ýurdumyzda giň ýaýrapdyr. Kaka, Kerki, Gypjak, Arçman we şuňa meňzeş
ençeme atlaryň gelip çykyşy barada-da rowaýatlar döredilipdir.
Legendalaryň (efsanalaryň) aslynda hyýaly şahslar, hadysalar, wakalar,
hyýaly düşünjeler ýatyr. Munuň özi legendalaryň örän gadymydygyny subut
edýär.
92
Gadymyýetde hyýaly şahslar hakynda, kosmogonik (Aý, Gün, ýyldyzlar
we ş.m.),dini ( din wekilleriniň garaýyşlary) legendalar döredilipdir.
Taryhy legendalar dürli döwürlerde döredilipdir. Olaryň arasynda has irki
dowre degişlilerem bar. Isgender Zülkarnaýyn (Aleksandr Makedonskiý)
hakyndaky legenda has irki döwre degişlidir. Ol hakykatda bolan taryhy şahs.
Emma Isgender Zülkarnaýyn hakyndaky legendada “Isgender patyşanyň ýazzy
maňlaýynda iki sany şahy barmyş” diýlip aýdylýar.Adamyň şahynyň
bolmaýandygy welin hakykat.
Şeýlelikde, taryhy şahs hyýaly şahs hökmünde görkezilip legenda
döredilipdir.
Kosmogonik
legendalarda
Aý,Gün,ýyldyzlar
(Akmaýanyň
ýoly,Ýedigenler),asmanda döreýän her hili tebigy hadysalar (Günüň, Aýyň
tutulmagy, gök gürlemegi) hakynda maglumatlar berilýär.Gadymy döwürde
adamlar Günüň, Aýyň dogşuna garap howanyň nähili boljakdygyny,ýyldyzlara
garap pasyllary,aý,gün senelerini kesgitleýän legendalary döredipdir.Dini
legendalarda Ýeriň, adamyň (ýeri göterýän sary öküz, Adam ata we How ene
bilen baglanyşykly) döreýşi barada maglumatlar berilýär.
Elbetde, bu legendalar gowşak sýužetli, hyýaly beýanylardan ybarat.
Emma şeýle-de bolsa,kosmogoniki hem dini legendalaryň halkyň geçmişdäki
düşünjesini, däp-dessuryny öwrenmekdäki ähmiýeti uly. Hyýaly beýanylar
rowaýatlaryň döremegine-de täsirini ýetiripdir.
Halk döredijiliginiň rowaýatlar-legendalar žanryny öwrenmekde we halka
ýetirmekde türkmen alymlarynyň goşandy uly.
Magtymguly
Pyragy hakynda (Aşgabat,1960,1983ý.ý.) rowaýatlar toplanyldy we okyjylar
köpçüligine ýetirildi.A. Baýmyradowyň “Türkmen taryhy prozasynyň
ewolýusiýasy” (Aşgabat, 1982ý.), S. Atanyýazowyň “Ýer-ýurt atlarynyň
sözlügi”(Aşgabat,1982ý.), H.Ýusubowyň “Gadymy Horezmiň ýüregi”
(Aşgabat,1995ý.), B.Baýmyradowyň “Türkmen galalary hakyndaky rowaýatlar”
(Aşgabat,2004ý.) diýen işleriniň-de bimöçber ylmy ähmiýeti bar.
Rowaýatlar we legendalar edebi hem medeni gymmatlyklarymyzyň bir
bölegidir. Olar tanymal şahsiýetlerimizi, medeni mirasymyzy, atababalarymyzyň başdan geçiren wakalaryny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Şorta sözler
Şorta sözler (anekdotlar) halk döredijiliginiň giň ýaýran žanrlarynyň
biridir. Şorta sözler anekdotlaryň aýratynlygyny özünde jemleýär. “Anekdot”
grek sözi bolup, ol aslynda “Ýazylmadyk zat, gülküli, ýomakly gürrüň” diýen
manyny berýär. Şorta sözler kyssa görnüşinde ýazylyp, täsir ediji, gülküliýumorly gysgajyk hekaýadyr. Olar adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gülküli
pursadyny beýan edýärler. Şorta sözleriň köpüsi kim-de bolsa bir adamyň ady
93
bilen baglanyşdyrylýar. Galapyn, halk arasynda tanalýan adamlar hakyndaky
şorta sözler il içinde has meşhurdyr.
Şorta sözler forma taýyndan gysgajyk bolup,onuň aslynda haýsydyr bir
täsirli,ýiti waka ýatýar.Olar erkin döredijilik häsiýetine eýedir we tanymal
adamlaryň durmuşda özlerini alyp baryşlary bilen baglanyşyklydyr. Şorta
sözlerde waka iň soňunda duýdansyz çözülýär we gülki döredýär.
Şorta sözleri toplap, neşir etmek XX asyryň
20-nji ýyllaryndan
başlanýar. 1925 –nji ýylda “Myraly şir Nowaýy” ady bilen Nowaýy hakyndaky
hekaýatlar neşir edilýär. 1937-nji ýylda “Ependi Nasreddin” kitaby çykyp, onda
Ependi bilen baglanyşykly şorta sözler berilýär.
Şorta sözleri neşir etmek soňky ýyllarda-da dowam etdirildi.
“Ependi”(Aşgabat,1941ý.),”Antifaşistik
şorta
sözler”
(Aşgabat,1944ý.),
“Myraly”(Aşgabat,1948ý.), ”Ýomaklar we degişmeler” (Aşgabat, 1964ý.),
“Eşider
bolsaň”
(Aşgabat,1974ý.),
“Ýomaklar
we
degişmeler”
(Aşgabat,1980ý.),
”Ependi” (Aşgabat,1981ý.),”Ýigrimi üç Ependi”
(Aşgabat,1990ý.),”Kemine bilen pir” (Aşgabat,1992ý.), “Kemine.Aýalynyň
diýenini edýärler”Aşgabat, 1992ý.),”Türkmen şorta sözleri”(Aşgabat,2004ý.)
kitaplary neşir edildi.
Görnüşi ýaly, şorta sözleri toplamakda, öwrenmekde,çap etmekde
bitirilen işler az däl. Türkmen şorta sözleri seljerilende, olaryň meselelere
synpy nukdaýnazaryndan garalanlary, pelsepeli- pikir aňladanlary hem bar.
Ýyllar geçdigiçe,şorta sözler mazmun taýyndan, çeperçilik aýratynlygy
taýyndanam özgerip durýar. XX asyryň 30-njy we 40-njy ýyllarynda döredilen
şorta sözlerde döwrüň öňe çykaran meseleleri (kolhoz gurluşygy, Beýik
Watançylyk urşy) görkezilýär.
Munuň özi şorta sözleriň halk taryhy bilen baglanyşyklydygyny, durmuş
hakykatyny suratlandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny subut edýär.
Şorta sözler beýan ediliş aýratynlygy bilenem tapawutlanýar. Şorta
sözleri öwreniji O.Çaryýewiň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň
Türkmenbaşy adyndaky Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky XX
asyryň 30-njy ýyllarynda ýazylyp alnan şorta sözler bilen 60-70-nji ýyllarda
ýazylyp alnanlaryň arasynda şu aşakdaky ýaly tapawut bar:
1.30-njy ýyllardaky şorta sözleriň köpüsinde ertekiçilik däpleriniň täsi ri
güýçli bolup,gürrüň hakyky adamlar barada barýandygyna garamazdan, olar:
“Bir adam bugdaý ekip ýör eken…”,”Bir samsyk adam bar eken…”diýen ýaly
sözler bilen başlanýar. Olaryň esasy tekstinde-de ertekiçilik äheňini duýmak
bolýar
2.60-70-nji ýyllardaky şorta sözler beýan ediliş aýratynlygy bilen
tapawutlanlanýar. Olarda esasy agram aýdyjynyň beýan edijiligi bilen ýüze
çykman, gahrymanyň ýerlikli aýdan sözi arkaly çözgüdini tapýar.
Şorta sözleriň belli bir topary diňe bir halkyň içinde , başga bir topary
halklaryň birnäçesinde bellidir. Munuň özi gürrüňi edilýän adamyň
94
tanymallygyna baglydyr. Hojanasreddin Ependi, Myraly we Soltansöýün,
Aldarköse ýaly adamlar baradaky şorta sözler ähli türki halklarda bar.Emma
Kemine,Äraly işan, Keýmir kör, Japbaklar, Ata Köpekmergen ýaly adamlaryň
adyna berilýän şorta sözler diňe türkmen halkynyň arasynda ýaýrapdyr.
Etrap ýa-da welaýat çäginde tanalýan degişgen, dilewar adamlar baradada şorta sözler döredilýär. Ýöne olaryň ýaýrawy şol adamynyň tanalýan ýerleri
bilen çäklenýär.
Şorta sözler durmuşda bolup geçen bir gyzykly wakanyň esasynda
döreýär. Şonuň üçin şorta sözlerde gysgajyk wakalar beýan edilýär. Olar
gysgadan gyzykly hekaýa şekilinde il arasyna ýaýraýar we dilewar adamlar
tarapyndan üsti doldurylyp, kämilleşdirilýär. Şorta sözler durmuş-taryh bilen
baglanyşyklydyr. Olarda köplenç durmuş wakalary, arzuw-niýetler beýanyny
tapýar.
Şorta sözleriň birnäçesi anyk bir taryhy döwür, ýagdaý bilen hem
baglanyşyklydyr. Şeýle şorta sözlerde aýdylýan wakalar wagtyň geçmegi bi len
ähmiýetini ýitirýär we onuň ornuny gahrymanyň ugurtapyjylygy eýeleýär.Soňky
nesiller ony wakasy üçin däl-de,gyzykly hem gülkünçli ugurtapyjylygy üçin
gowy görýär. Şorta sözlerdäki wakalaryň birnäçesi belli bir döwre degişli
bolman, ençeme asyrlary öz içine alýar. Bu aýratyn-da Ependi, Myraly we
Soltansöýün bilen baglanyşykly şorta sözlere degişlidir.
Şorta sözleriň temasy dürli-dürlüdir. Kimiň adyna berilýändigine
garamazdan, olaryň köpüsinde ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýan gülkünç
wakalar beýan edilse, käbirinde gysgançlyk, samsyklyk, ýalançylyk ýaly
ýaramaz häsiýetleriň üstünden gülünýär .Oňat durmuş hakyndaky arzuwislegler beýanyny tapýar.Eger-de ertekileriň sýužeti adamlar tarapyndan
döredilen bolsa, şorta sözleriň wakasy durmuşda bolup geçen hadysalara
esaslanýar.
Şorta sözleriň ençemesi gepe çeper adamlaryň, şahyrlaryň adyndan
berilýär, aýdylýar. Şeýle şorta sözleriň köpüsi halk tarapyndan döredilseler,
käbiri belli bir şahyr tarapyndan döredilýär. Muňa Keminäniň, Soltansöýündir
Myralynyň atlary bilen baglanyşykly aýdylýan şorta sözleriň birnäçesi mysal
bolup biler.Şol adamlaryň ýaşap geçen döwründen soň döredilen şorta sözleriňde, şolaryň adyna berilän halatlary bolýar.
Şorta sözler köplenç Ependiniň, Esen Poladyň atlary bilen
baglanyşdyrylyp aýdylýar. Geçmişiň köp gülküli taraplary Aldar kösäniň,
Japbaklaryň üsti bilen berilýär.
Ependi diňe bir halkyňky bolman, ähli Gundogar halklaryňkydyr.
Gündogar halklarynyň arasynda onuň Ependi, Hojanasreddin Ependi diýen
atlary meşhurdyr. Onuň ady bilen baglanyşykly şorta sözlerde durmuşyň dürli
taraplaryna degilýär. Esasan durmuş taýdan deňsizlik, adalatsyzlyk paş edilýär.
Ependiniň haýsy milletdendigi, haýsy asyrda ýaşandygy anyk däl. Onuň
Ependi ady soňra türkçe dakylan lakamdyr. Ependiniň X1V asyrda ýaşap
95
geçendigi çak edilýär. Ol wäşi, güldüregen adam bolupdyr. Emma şorta sözleriň
köpüsi Ependiniň ady bilen soňra düzülipdir. Öňde-soňda düzülen şorta sözleriň
hemmesi diýen ýaly bellibir derejede üýtgäp gelipdir. Halk olaryň üstüni
ýetiripdir, käbirini bolsa özüçe düzedipdir.
Käbir şorta sözler halk arasynda Ependiniňki diýibem, Keminäninki
diýibem aýdylýar. Keminäniň öýüne ogrularyň gelşi (“Siz bizi göçürýärmikäňiz
diýip,yzyňyza düşüp gelýäris” diýip aýtmagy) Ependide hem bar. Ependiniň
şorta sözleri kämahal ýitiligi, kämahal bolsa kinaýaly aýdylmagy bilen
tapawutlanýar. “Ertir ahyrzamana” şorta sözi muňa mysaldyr. Şorta sözleriň
köpüsi Myraly bilen Soltansöýüniň atlary bilenem baglanyşdyrylýar. Myraly
(Mir Aly Şir Nowaýy) taryhy şahs. Ol XV asyrda ýaşan, Hyratda we bütin
Horasanda hokum süren Soltan Hüseýin Baýgaranyň (Soltansöýüniň) weziri
bolýar.
Myraly bilen Soltansöýün barasyndaky şorta sözler esasynda nakyllar
(“Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni”, “Erksiz şa bolandan, erkin
gedaý bolan ýagşy” we ş.m.) hem döredi.
Ýomakçy, taryhy şahslaryň biri-de Esen Polatdyr. Ol teke taýpasynyň
garaýörme tiresinden. Esen Polat XV111 asyrda ýaşap geçipdir.Gepe-söze çeper
adam. Onuň şorta sözleri arkama-arka il gezipdir.Soňra döredilenlerem onuň
adyna berlipdir. Esen Polat otly basan düýäni äkitjek bolanda, “Otly basdy,
pyçak degmedi, ol haram” diýlende, “Düýäniň asty polat, üsti polat, iýjek hem
Esen Polat” diýenmiş.Şorta sözler döredilende, otly bolmadyk hem bolsa, soňra
döredilen şorta sözler Esen Poladyň adyna geçirilipdir. Şorta sözlerde gündelik
durmuşda bolýan wakalar, edep-tertibi saklap bilmeýänler (“Golçaň özündenem
gysganç” we beýlekiler) görkezilýär.
Şorta sözler Japbaklaryň adyna=da berilýär. Olaryň gülküli işleri,
gürüňleri kän. Şorta sözler olaryň Baharly, Bamy, Durun ýakalarynda ýaşap
geçendigine şaýatlyk edýär. Käbir şorta sözlerde olaryň üç, käbirinde bäş,
köplenjisinde dört dogandygy (Japbak,Betdi, Aýa, Nazaryş) görkezilýär. Olar
baradaky şorta sözler esasynda Berdi Kerbabaýew “Japbaklar” powestini
döretdi.
Japbaklaryň hereketinde öwüt-üdew ediji maslahat we gaýry meseleler
duýulman, köplenç adamlary güýmemek, gülüşdirmek duýulýar. Şorta sözler
olaryň çagalyk, ýetginjeklik döwürlerine degişlidir.
Aldarköse taryhy şahs däl. Ol özbeklerde,gazaklarda, başgyrtlarda,
täjiklerde,tatarlarda we beýleki halklarda-da belli. Köse adam hilegär,
mekir,sapalakçy hasaplanýar. Şol häsiýetler Aldarkösede-de bar. Ol anyk dälde, umumylaşdyrylan obrazdyr.
Aldarköse adamy oýnamaga, aldamaga ökde bolsa-da, il gözünden düşen
ýalançy däl.Ol halka azar berýänlere garşy göreşýär. Degmedige degmeýär.
Ugurtapyjy, paýhasly adam.
96
Aldarköse hakyndaky şorta sözler häzirki wagtda Türkmenistanyň
Türkmenbaşy adyndaky Milli golýazmalar institutynda saklanylýar. Şol ýerde
onuň “Aldarköse we şeýtan”,”Aldarköse
we baý ogly”, “Kyrk ussa we
Aldarköse” ýaly şorta sözleri bar.
Keminäniň şorta sözleri tankydy häsiýetde. Ýöne onuň ady bilen berlen
şorta sözleriň hemmesi Keminäniňki diýip bolmaz. Kemine hem Nowaýy ýaly
halkyň hakydasynda gepe çeper, dilewar şahyr hökmünde ornaşansoň, halk
tarapyndan döredilen şorta sözleriň-de köpüsi Keminäniň ady bilen
baglanyşdyrylýar. Bir tarapdan, Kemine halkyň göwnünden turýan şorta sözleri
dužen bolsa,ikinji tarapdan halkyň özi hem Keminäniň eserlerinden lezzet alyp,
onuň şorta sözlerini baýlaşdyrypdyr.
Sowet döwründe Kemine we Äraly işan bilen baglanyşykly şorta sözler
(“Basym tazy bolar”, “Senden hem harman gutulmaz” we başgalar)
döredildi.Emma şol şorta sözlerde hakykat görkezilmän, işan-mollalara garaýyş
çişirilip görkezildi, olaryň üstünden nähak gülündi. Bu mysal hut Keminäniň
özüne-de degişli. Ol hem sandan galan garyp, gülkä öwrülen adam bolmandyr.
Türkmen şorta söze baý halk. Türkmen şorta sözlerine agraslyk, durmuşa
ýakynlyk mahsus.Olar toslanyp tapylan däl-de, halkymyzyň tebigatyndan
syzylyp çykan şorta sözlerdir. Şonuň üçinem türkmen şorta sözleri halkyň
durmuşyny, tanymal adamlaryň içki dünýäsini, iň esasy-da adamlaryň ruhuny
götermekde ähmiýete eýedir.
Türkmen eposlary
Epos gahrymançylykly halk rowaýatlary hem hekaýatlarydyr. Halk
döredijiliginiň iň iri kyssa žanrydyr.
Halk döredijiliginde epos diýlende, halkyň durmuşynyň belli bir
döwründe uly taryhy ähmiýete eýe bolan wakany beýan edýän kyssa
eserdir.Eposda halkyň gahrymançylygy,watançylygy,ynsanperwerlik gylyk –
häsiýeti giň ýaýrawda şöhlelendirilýär.Epos uzak möhletdäki wakalary öz içine
alýar. Ol goýulýan hem çözülýän meseleleriň köplügi bilenem bellidir.
Oguznamaçylyk däpleriniň çeper - taryhy kökleri gadymy bolup,halkyň
taryhyna, medeniýetine, ruhyýetine, çeper gözleglerine esaslanypdyr.Şunuň
bilen birlikde, türkmen medeniýeti, çeper söz sungaty oguznamazçylyk
däplerine bölünipdir.Olarda halkyň taryhy,durmuşy,ahlagy, medeniýeti, däpdessury, gylyk-häsiýeti ruhy eýýamlara laýyklykda çeper beýan edilipdir.
Oguznamaçylyk däbiniň ilkibaşynyň çeper döredijilikde emele
gelendigini bellemek bilen, alym A. Baýmyradow şejere oguznamaçylygyna
oguzyň taryhy, nesli baradaky we çeper eserleriň emele gelşi hakyndaky
kyssalaryň degişlidigini nygtaýar. Gadymy geçmişde zehinli adamlar
watançylyga, gahrymançylyga, halal zähmete, tämiz söýgä ýugrulan çeper
gymmatlyklary döredip başlaýar. Şol gymmatlyklarda halkyň çyn taryhy,
97
sungaty, medeniýeti jemlenip, ata-babalarymyzyň çeper-jemgyýetçilik aňy,
şahyrana ukyby çüň many-mazmunda beýan edilýär. Şu meselede türkmenleriň
çeper-ruhy ahwalatyny, durmuşyny,ahlagyny hemme taraplaýyn açyp görkezýän
dessanlara aýratyn orun degişlidir. Sebäbi, alym A. Baýmyradowyň nygtaýşy
ýaly, türki halklaryň folklory çeper söz sungatynyň örän kämil nusgasyna
öwrülen dessanlara baý bolup, hut şu aýratynlygy bilen ol dünýä folklorynda
tapawutlanýar.
Dessanlaryň, aýratyn-da gahrymançylykly dessanlaryň emele gelşi, ösüşi
halkyň taryhy hem-de gahrymançylykly durmuşy, edermenlik, mertlik,
watançylyk baradaky arzuw
– islegleri, duýgy-düşünjeleri bilen
baglanyşyklydyr, taryh bilen çeper ruhy pikirlenişiň sazlaşygy esasynda dörän
özboluşly söz sungatydyr. Çeper gymmatlyklaryň taryhy kökleri gadym
geçmişe siňip gidýär, ata-babalarymyz gadymky durmuşy ahlagy, edimgylymlary gahrymançylykly toslamalarda (miflerde) we efsanalarda saklanyp
galypdyr. Gadymy hekaýatlaryň esasynda emele gelen “Oguznamada”,”Gorkut
atada” oguz türkmenleriniň köp asyrlyk durmuşy, ahlagy, gylyk -häsiýeti çeper
beýan edilipdir.
Türkmen dessanlarynyň ilkinji nusgalary türki halklarda ýaňy
dessançylyk däbi emele gelip başlan döwründe kemala gelipdir. “Gorkut ata”
Keýumersdir Tumarlydan soňky, Görogludan öňki zaman taryhyny, çeper
hadysalaryny özünde jemläpdir. “Gorkut atadan” öňki zamandaky halk
edermenligi Keýumersde, Şirakda, Tumarlyda jemlenipdir. Emma olaryň
edermenligi, ýagşylyk ugrundaky hereketleri mifiki dünýäden, mifiki
gahrymançylykdan saplanyp bilmändir. Sebäbi şol döwrüň adamlarynyň
aňynyň, düşüňjesiniň özenini mifiki dünýä emele getiripdir.Şoňa görä-de
oguzlaryň gadymky ata-babalary ýagşylyk bilen ýamanlygyň, haýyr bilen şeriň,
namart bilen merdiň aratapawudyny diňe güýç bilen saýgaryp bolýandygyna,
ynsan güýjüniň, gaýratynyň rüstemdigini diňe hyýaly, gudratly hereketler
arkaly ykrar edip bolýandygyna ynanypdyr.
Adamzadyň soňky ösüşinde çeper pikirleniş kem-kemden berkeýär hemde
emele
gelşiň
çeper
çözgüdi
ruhy gymmatlygyň
akabasyna
goşulýar.Adamzadyň soňky ösüşi toslamalardan, howaýy hyýaldan azda-kände
daşlaşyp ugraýar.Şeýlelikde, ynsanyň hakyky güýjüne, mähir-muhabbetine
sarpa goýlup başlanýar. Şonuň netijesinde Tumarly, Şirak watanyny,
halkyny,neslini halas etmek üçin edermenlik, mertlik görkezýär.
Oguz döwründe bu edermen şahslaryň görkezen edermenligi,
watançylygy has-da pugtalanypdyr, öňki nesilleriň edebi we taryhy däpleri,
şeýle hem mifiki edermenlikleri indi anyk hadysalara, anyk şahslara bagly
bolupdyr.Harby hereketleriň ýaýbaňlanmagy,uly hem güýçli döwletleriň emele
gelmegi ynsanyň kämilleşmegine,çeper ruhy gözlegleriň berkemegine,
baýlaşmagyna getiripdir.Berkarar edilen uly döwletiň çeper jemgyýetçilik aňy
oguz türkmenleriniň ruhy gymmatlygyny özünde jemlemek bilen çäklenmän,
98
döwletiň hökümi ýöreýän ýerlerindäki halklaryň-da folklory we edebi
döredijiligi biri-birine ýakynlaşypdyr, umumylaşypdyr, şunuň esasynda-da
bitewi edebi gymmatlyk emele gelipdir. Gahrymançylykly hekaýatlaryň we
rowaýatlaryň birleşip, bitewi bir esere öwrülmegi hem şol döwürde ýüze
çykypdyr. Alym A. Baýmyradow soňra
halk döredijiliginiň Oguz han
eýýamynyň çeper –taryhy köklerini yzarlamak bilen, bu döwürde türkmen halk
döredijiliginiň gutarnykly galyplaşandygyny, halky eserleriň oguz we gypjak
halk döredijiligine bölünendigini ýazýar. Gorkut, Görogly eýýamlarynda
eposlar, dessanlar ýaly uly göwrümli kyssa eserleri emele gelýär.
Oguzlar dünýä ylmynyň ünsüni özüne çekýän köptaraplaýyn meselä
öwrülipdir. Oguz eserleri berk taryhy kökleri bilen tapawutlanýar. Ol eserler
diňe bir folklor ýadygärligi bolman,diliň,taryhyň,syýasatyň,harby tälimleriň
hem ýadygärligidir.
Gündogar halklarynyň köpüsine mahsus bolşy ýaly, türki halklar hem öz
taryhy geçmişini agzeki ýol bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Hat-ýazuw
peýda bolansoň, ony halkyň wekilleriniň özleşdirmegi bilen kitap görnüşindäki
ýazuwly çeşmeler-“Oguznamalar” emele gelipdir. “Oguznama” kitaby hem irki
döwürlerde ýazuwly çeşmelerde berkidilipdir.Emma ýazuw serişdeleriniň
ygtybarsyzlygy (deriniň gatamagy bilen ýüzüne ýazylan hatyň pytramagy) we
irki döwürdäki hatyň ýeterlik özleşdirilmändigi sebäpli, şol çeşmeler bize gelip
ýetmändir.Üstesine-de, araplar otparazlyk ruhy bilen ýazylan eserleri ýok
edipdir. Şeýlelikde, “Oguznamanyň” ilkinji bitewi nusgasyny-da gola salmak
başartmandyr. Arap we uýgur ýazuwyndaky türki kitaplaryň her halda orta
asyrlara degişlileri saklanyp galypdyr.
Türkmen halky “Oguznama” eposy bilen dünýä edebiýatynyň
baýlaşmagyna önjeýli goşant goşdy.Türkmen halkynyň gelip çykyşy,onuň erkin
durmuş, azat ýaşaýyş, asuda güzeran ugrundaky alyp baran göreşlerini beýan
edýän bu eseriň köki has gadymy döwürlere aralaşýar.Oguz hanyň dünýä
gelmegi we onuň dagynyk tire-taýpalary birleşdirip, oguz döwletini
esaslandyrmagy bilen baglanyşykly rowaýatlardyr efsanalar türkmen halkynyň
arasynda dil hem ýazuw üsti bilen giňden ýaýrapdyr.
Geçmişde halk döredijiliginiň oguznama görnüşi öz gerimini giňeldipdir.
Ol indi diňe bir Oguz hanyň döreýşi,taryhy söweşleri,nesilleri baradaky
rowaýatlar däl, eýsem Oguz handan soňra dörän oguz-türkmenleriniň
ýaşaýyşlaryny, durmuşlaryny, olaryň han-beglerini, parasat- pähimlerini hem
suratlandyrýar.
Şeýle eserleriň biri hem indi 1500 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen
halkynyň ruhy çeşmesine öwrülen paýhas çuňlugynyň we pikir çugdamlygynyň
aýnasy bolan “Oguznamalaryň” ajaýyp nusgalarynyň biri, türkmen halkyna
gadym wagtlardan bäri mälim bolan “Gorkut ata” eposydyr. Bu eserde türkmen
halkynyň geçmiş taryhy,durmuşy, onuň azatlyk, erkinlik, parahat durmuş,
özbaşdak döwlet gurmak ugrundaky hereketi görkezilýär.
99
“Gorkut ata” eposy dürli çeşmelerde dürli hili atlandyrylýar. Orta
Aziýada onuň “Gorkut ata” ady has ýörgünlidir.Drezden nusgasynda eposa
“Kitaby dädem Gorkut ala lisany taýfany oguzan” (Gorkut atanyň kitaby oguz
taýpalarynyň dillerinde) diýlipdir.
“Kitaby dädem Gorkut”(“Kniga moýego deda Korkuta”, Moskwa, 1962g.)
kitabynda eposyň Drezden golýazmasynyň 12 şahasynyň W.W.Bartold
tarapyndan rus diline terjimesi, bu kitap barada W.W.Bartoldyň, A.Ýu.
Ýakubowskiniň hem-de W.M. Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir.
Kitapda W.W.Bartoldyň “Türk eposy we Kawkaz” diýen makalasynda bu
epos orta asyr türkmen eposy diýlip atlandyrylýar.Awtor eposy düzýän gadymy
oguzlar baradaky rowaýatlaryň Türkmenistanda hem Kiçi Aziýada mälim
bolandygyny, onuň kitap görnüşine getirilen döwrüni XV asyryň başlaryna
degişli hasaplaýandygyny nygtaýar.
A.Ýu. Ýakubowskiniň kitapda ýerlişdirilen “Kitaby Gorkut”we onuň irki
orta asyrlarda türkmen jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti” diýen
makalasynda Gorkudyň obrazynyň döreýşi örän irki döwürlere degişli edilýär.
Awtor eposyň aýry-aýry şahalarynyň has irki döwürde, oguzlar entek Kawkaza
gelmänkäler Orta Aziýada döräpdir diýen netijä gelýär.
W.M.Žirmunskiniň kitapda ýerleşdirilen “Oguz gahrymançylyk eposy we
“Gorkudyň kitaby” diýen uly göwrümli makalasynda eposyň öwrenilişinden
başlap, ondaky wakalaryň ýaýbaňlanýan taryhy döwrüne, hatda eposyň aýryaýry şahalarynyň mazmunyna degişli köp meseleleriň üstünde giňişleýin durlup
geçilýär. Bu awtor hem oguz gahrymançylyk eposynyň mazmunynyň ilkibaşda
Orta Aziýda döräp, soňra Seljuklar imperiýasy döwründe GünbataraAzerbaýjana, Zakawkazýä we Kiçi Aziýa ýaýrapdyr diýen netijäni çykarýar.
Gündogarda gutarnykly düýbi tutulan bu epos Günbatarda gutarnykly
forma gelen oguz epiki däpleriň jemidir.“Gorkut ata” eposy halklar arasynda
dostlukly gatnaşyklary ündeýär.Dostluk-doganlyk adamzat jemgyýetiniň
hemme döwründe-de bahasyna ýetip bolmajak ahmiýete eýedir.
“Görogly” eposynyň bize gelip ýeten ýazgylary XV111 asyryň birinji
ýarymyna degişlidir. Emma eposyň has irki döwürlere degişli ýazgylarynyň
hem bar bolan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. “Görogly” toplumyndaky
eserleriň biziň döwrümize gelip ýeten ilkinji ýazgylarynyň biri 1721-nji ýylda
Töwrizde ermeni elipbiýinde Ylýas Muşegýan tarapyndan amala aşyrylýar. Ol
şol döwürde Töwrizde we Töwriz sebitlerinde türki dillerinde aýdylýan
aýdymlary toplap, olaryň golýazma ýygyndysyny taýýarlapdyr. Şol golýazmada
Koroglynyň (Göroglynyň) ady bilen şygyrlar, aýdymlar ýerleşdirilipdir.
X1X asyrda Görogly hakyndaky rowaýatlar, aýdymlar gruzin halkynyň
arasyna-da ýaýrapdyr. XX asyryň başlarynda “Görogly” eposynyň köp ýazgysy
azerbaýjan bagşylaryndan (aşuglaryndan) ýazylyp alynýar.
100
Ýokarda getirilen mysallar “Görogly” eposynyň Zakawkazýä giňden
ýaýrandygyna we halk köpçüligi tarapyndan oňat garşylanandygyna şäýatlyk
edýär.
Eposyň köp şahasy Özbegistanda ýazylyp alynýar. Göçürilen wagty X1X
asyra degişli bolan “Görogly” golýazmasy göwrümi taýyndan tapawutlanýar.
Arap elipbiýindäki bu golýazmada türkmen dessanlarynyň dili we stili
doly saklanylýar.Golýazmadaky eser türkmen eposynyň aýry-aýry bölümlerine
has ýakyndyr.
Görogly hakyndaky eserler türkmenlerde, özbeklerde, täjiklerde,
garagalpaklarda, gazaklarda, şeýle hem Zakawkazýede dürli aýdyjylaryň
dillerinde dürlüçe ýaňlanýar.Olaryň hemmesinde-de Görogly we onuň
egindeşleri ýurt goraýan,adalat üçin göreşýän watançy ýigitler hökmünde
hereket edýärler.
Türkmen milliligi alamatlandyrýan ruhy gymmatlyklara baý halk.
Watansöýüjilik, gahrymançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik,
ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly asylly häsiýetler halk döredijilik
eserlerine-eposlardyr dessanlara siňdirilipdir. Bu milli aýratynlyklar
“Oguznama”,”Gorkut ata”,”Görogly” ýaly eposlarda örboýuna galýar.
Eposlarda halkymyzyň örän gadymy we orta asyrlardaky ynançlary, däpdessurlary, durmuş ýagdaýlary şöhlelendirilýär. Olar Watan, toprak üçin alnyp
barlan göreşleriň, geljek hakdaky arzuw-islegleriň aýnasy hökmünde uly
ähmiýete eýedir. Gahrymançylykly bu eposlar türkmeniň milli guwanjyna
öwrülipdir.
Epos daşky görnüsi boýunça dessanlara çalymdaş. Dessanlarda bolşy
ýaly, eposlarda-da kyssa bilen şygyr gezekleşip gelýär.Onuň kyssa bölegi
wakalary görkezip, sýužetini ösdürýär. Şygyrlar gahrymanlaryň içki dünýäsini
açyp görkezýär,başga hadysalara,adamlara gatnaşygy-da çeper dilde ýüze
çykarýar.
Daşky meňzeşikleriň bardygyna garamazdan, eposlaryň dessanlardan
tapawutly aýratynlygy-da bar:
Birinjiden, dessançylygyň birülňülik
(standart)
däpleri eposlarda
saklanmaýar.
Ikinjiden, dessanlaryň gahrymanlary taýyn görnüsde esere girýän bolsa,
eposlarda wakanyň ösüşinde kem-kemden kämilleşýär.
Üçünjiden, eposlaryň gahrymanlarynyň çagalyk,ýetginjeklik, kämillik
ýyllary hakykata laýyk görkezilýär, ösüşleri beýan edilýär.
Dördünjiden , dessanlaryň dili, stili köplenç galyplaşdyrylan.Emma
eposlaryň dili, stili erkana hem halkyň janly gepleşik dilidir.
Bäşinjiden, eposlar möçber taýyndan dessanlardan uludyr,Eposlarda
birnäçe şaha bar.Olaryň her şahasy bir dessanyň wakasyna barabar sýužeti
özünde jemleýär.
101
Halk döredijiligi boýunça bu okuw kitabynda “Oguznama”,”Gorkut
ata”,”Görogly” eposlary öwrenilýär.
“Oguznama” eposy we onuň öwrenilişi
Türkmen edebiýatynyň taryhynda türkmen halky dünýä edebiýatynyň žanr
hem-de obrazlar tarapyndan baýlaşmagyna önleýji goşant goşdy. Gadymy
kyssa eseri bolan “Oguznama” eposy munuň aýdyň mysalydyr.
Iň gadymy eýýamda hem goja paýhasy bolup ula hormat goýmak, kiçini
sylamak, ogul-gyza görelde bolmak, lebzi halallyk ündelipdir. Şol döwürde goja
paýhasy Oguz hana, Gorkut ata ruhy çeşme bolan eserler bolupdyr.
Oguz hanyň dünýä gelmegi we onuň dagynyk tire-taýpalary birleşdirip,
oguz döwletini esaslandyrmagy bilen baglanyşykly rowaýatlar, legendalar
türkmen halkynyň arasynda dil we ýazuw üsti bilen giňden ýaýrapdyr.
Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han özüniň gahrymançylykly ýörişleri, berkarar
döwlet gurşy, ony adalatly dolandyryşy hakda nesillere ýadygärlik galdyrmagy
göz öňünde tutup, bir ajaýyp kitap ýazmagy tabşyrypdyr. Nesiller ol kitaby
“oguznamalar” diýip atlandyrypdyr.
Oguz hanyň şöhratly taryhy ýoly bilen dünýäde örän köp taryhçylar,
şahsyýetler gyzyklanypdyr.Oguz han barada onuň döwürdeşleri, ondan soňky
taryhçylar köp ýazypdyr we nesillerine galdyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen
oguznama žanry öz gerimini giňeldipdir, ol indi diňe bir Oguz hanyň döreýşi,
taryhy söweşleri,nesilleri baradaky legendalar däl,eýsem Oguz handan soňra
dörän oguz türkmenleriniň ýaşaýyşlaryny, durmuşlaryny, olaryň hanbeglerini,parasat-pähimlerini hem suratlandyrypdyr. Şeýlelikde, ençeme
“oguznamalar” döräpdir.
“Oguznamalar” dürli döwürlerde, dürli awtorlar tarapyndan ýazylypdyr.
Şeýle “Oguznamalaryň” biri-de XIII asyr eýran taryhçysy Fazlalla Reşideddiniň
birnäçe tomdan ybarat bolan “Jamy at - tawaryh” (‘Senenamalar ýygyndysy”)
eseridir. Ýygyndy 1300-1310-njy ýyllarda pars dilinde ýazylýar. Kitap
taryhlaryň ýygyndysy hasaplanylýar.Ol parsçadan birnäçe dile, şol sanda türki
diline-de terjime edilýär.
Fazlalla Reşideddiniň bu köp tomluk eseriniň aglabasy musulman
döwletleriniň mongollar tarapyndan basylyp alnyşyna çenli döwri
suratlandyrýar. Ýygyndynyň içinde “Jamy-at-tawaruh” diýen kitap Oguz hana
bagyşlanýar. Fazlalla Reşideddin bu kitabynda Oguz hanyň türkmen
bolandygyny, onuň alty ogluny we ýigrimi dört agtygyny belläp geçýär.
XV1 asyrda nusaýly taryhçy Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydary hem
özüniň “Oguznama” eserini taýýarlaýar. Ol Fazlalla Reşideddiniň “Jamy attawaruh” eserini gadymy türkmen diline-şol döwrüň türki diline terjime edýär.
Salar Babanyň terjimelerinden “Oguzyň we onuň nesliniň taryhy”,”Türk
102
padeşahlarynyň we soltanlarynyň zikri” bölümleri rowaýat bilen
baglanyşdyrylyp berlen halk döredijiligi eserlerdigi bilenem gyzykly çykypdyr.
Salar Babanyň “Oguznamasy”özbaşdak eserdir. Ony terjime edilen eser
hasaplamak bolmaz. “Oguznamany” alym Zylyha Muhammedowa rus diline
terjime edýär we ol eser1990-njy ýylda Moskwada çapdan çykýar.
“Oguznamanyň” üç sany nusgasy bolup, olaryň üçüsem bir kitapda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 09
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.