Latin

Türkmen halk döredijiligi - 03

Total number of words is 3382
Total number of unique words is 1869
24.7 of words are in the 2000 most common words
36.0 of words are in the 5000 most common words
42.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
däpleriniň jemgyýetçilik aňynda ornaşmagy bilen, zikirde belli bolan “hüwdiý”
(hüwdi) aňlatmasynyň läläniň ornuny eýeländigini we ýaş çagany uklatmak üçin
pessaý heňli aýdylýan aýdymjyklary aňladyp başlandygyny, lälänin bolsa gelin gyzlaryň aýdýan aýdymjyklarynyň ady bolup galandygyny çaklamak bolar.
Läleler – şahyrana goşgy bentleri. Olar gelin-gyzlar tarapyndan
döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär. Halk döredijiliginiň bu žanry gelingyzlaryň üýşüp ýa-da ýekelikde aýdýan aýdymydyr. Üýşüp ýerine ýetirilende
hor aýdymyna meňzeýär.Läleler dürli temada döredilýär.
Läleler hem türkmen halkynyň başdan geçiren syýasy-ykdysady ýagdaýy,
gelin-gyzlaryň durmuşy bilen baglanyşykda ýüze çykypdyr. Şonuň üçin hem
olaryň mazmuny, ýöredilýän pikir läleleriň ýüze çykan döwrüniň durmuş
meselesinden üzňe däldir.
Lälelerde gelin-gyzlaryň maşgalada tutýan orny, olaryň ýagdaýy
görkezilýär. Halk döredijiliginiň bu žanrynda gelin-gyzlaryň durmuşy, dürli
taryhy wakalar, zähmet, söýgi, ahlak arassalygy wasp edilýär. Läle aýtmaklyk
gelin-gyzlaryň gaýgy-hasratyny egismäge, olaryň arzuw-niýetini ýüze
çykarmaga teselli beripdir:
Gyzlar daga çykalyň,
Gülüp-oýnap bökeliň.
Derdi egismek üçin,
Geliň, läle kakalyň!diýen setirler munuň şeýledigini subut edýär.
Läleler öz aýdylyş usullary taýdan birmeňzeş däldir. Eger-de, läleleriň
käbir bendi başam barmak bilen damaga çalaja kakylyp aýdylýan bolsa, birnäçe
bentleri eginleri, aýaklary bilen läleleriň heňine laýyklykda, hereket arkaly
ýerine ýetirilýär. Käbir bentler bolsa barmaklar dodaga, eňege kakylyp
26
aýdylýar. Şonuň üçin hem olar damak lälesi, dodak lälesi, eňek lälesi, hymmyl
lälesi ýaly görnüşlere bölünýär. Gelin-gyzlaryň hymmyl lälesinde (egin, aýak,
el hereketiniň utgaşmagy) milli tansyň käbir görnüşi duýulýar.
Ozalky döwürde onçakly köp bolmasa-da, zähmet ýagdaýyny görkezýän
aýry-aýry läleler döredilipdir. Olarda geçmişde türkmen halkynyň durmuşynda
uly orun tutan maldarçylyk, ekerançylyk öz yzyny galdyrypdyr:
Çykdym dagyň pessine,
Dogan gördüm dessine.
Dogan orak orýança,
Saýa boldum üstüne.
Ýa-da
Gaýra-gaýra bakar men,
Sary gawun eker men.
Türkmen gelin-gyzlary maşgalada el işlerieri bilen meşgullanypdyr. Olar
berkligi, owadanlygy bilen tapawutlanýan haly, palas, kilim dokapdyrlar:
Gaýra-gaýra bakar men,
Dokma-darak kakar men.
Ýa-da
Inçe egrip ýüplügi,
Ýarymyň köýnekligi.diýen ýaly setirlerde dokma-darak kakylyşy, ýüpek egrip, tara dokalyşy beýan
edilýär.
Gyzlar läleleriň köpüsini doganyna, gelnejesine, boýdaşlaryna, ataenesine bagyşlapdyr. Läle bentlerinde doganyna, gelnejesine bolan söýgüsi,
birek-birege söýgi, sylag-hormat beýan edilýär. Gyzlaryň erkek doganyna
bagyşlan lälelerinde, olaryň batyr ýigit bolup ýetişmegi, öz halanyna öýlenip,
bagtly ýaşamagy arzuw edilýär:
Erik üstünde bişer,
Alma düýbüne düşer.
Meniň eziz doganma,
Gyzyň ýagşysy duşar.
Gyzlar ata-eneleri bilen her bir zat barada maslahatlaşmakdan çekinendigi
üçin, gelnejesini ähli hossaryndan ýakyn görüp, gizlin syryny onuň bilen
paýlaşypdyr. Goldaw-delalat isläpdir. Gelnejesi-de öz baldyzyna kömek
beripdir. Gyzyň tolgundyrýan zatlar barada gelnejesi bilen maslahatlaşmagy
tötänden däl. Sebäbi gelnejesi hem şol gyzyň ýagdaýyny bir wagt öz başyndan
geçiripdir. Gyz gelnejesine ýüzlenip, şeýle diýýär:
Ýapa-ýapa ýaz ýagşy,
Ýagar boldy, ýeňňe jan.
Ýapynjasyz ýaş oglan,
Buýar boldy, ýeňňe jan.
Gelnejesi-de jogap berýär:
27
Ýapa-ýapa ýaz ýagşy,
Ýagsa ýagsyn, baldyzym.
Ýapynjasyz ýaş oglan,
Öýe girsin, baldyzym.
Gyzlaryň aýal doganyna, boýdaşlaryna bagyşlan läleleri gelnejesine
bagyşlanylanlar bilen many taýdan meňzeşdir. Emma läleleriň aýal doganyna,
boýdaşlaryna degişlilerinde köplenç aýralykdan zeýrenilipdir. Salam ýollap,
habarlaşmak islenilýär:
Ilerimiz dagmydyr,
Üsti kese bagmydyr.
Uçup barýan ak guşlar,
Meniň joram sagmydyr.
Läleleriň köpüsi diýen ýaly söýgä bagyşlanylýar. Gyzlar näzik duýgusyny
çuň manyly lälelerinde duýdurýar. Söýgä wepalylyk, päk ýüreklilik wasp
edilýär:
Gögüň ýüzi gök çüýşe,
Dograp düzseler çişe.
Şonda-da dönmen senden,
Etme ýarym endişe.
Ýa-da
Kim halanna barmasa,
Gül ömri, ýaşy ýanar.diýen setirlerde, gyzlar halamadyk adamlaryna berilmegine garşy durupdyr.
Il-ýurt, Watan hakyndaky, türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen
wakalara bagyşlanylan läleler-de az däl. Olarda halkyň erkinlik ugrunda alyp
baran taryhy söweşleri beýan edilýär. Beýik Watançylyk urşunda
gahrymançylyk temasy has belende galdy:
Gyzlar, läle kakalyň,
Gitler için ýakalyň.
Hem frontlarda, hem tylda,
Ýeňip üstün çykalyň.
Läleleriň her bir bendinde gutarnykly pikir berilýär. Esasy many köplenç
soňky iki setirde aňladylýar. Läleleriň her bendi dört setirdir. Her setirem 7-8
bogundan ybarat. Emma alty ýa-da sekiz setirden döredilen läle bentlerem bar.
Läleler rubagy görnüşinde döredilip, her bendiň 1-nji,2-nji,4-nji setirleri
(aaba) kapyýalaşýar. Emma setirleriň aabb, abab, aaab ýa-da aaaa şekilinde
kapyýalaşýanlaram bar. Läleleriň her bir bentden soň, “lä-lä” bogunlary birnäçe
gezek gaýtalanýar, heňe getirilip aýdylýar.
Lälelerde çeperçilik serişdelerinden janlandyrma köp ulanylýar. Tebigat
hadysalaryna, daglara, derýalara ýüzlenilýär. Salam iberilýär, kömek soralýar:
Etmekçidim patrak,
28
Boldy bary çetrek.
Ýaryma gowşur meni,
Däli derýa Etrek.
Türkmen läleleriniň ýörite ýygyndylary 1941-nji hem-de 1960-njy ýyllarda
neşir edildi.
Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, dikeldilen milli toý-baýramlarymyz,
täze dörän däp-dessurlarymyz läleleriň temasyny baýlaşdyrdy, gerimini
giňeltdi. Garaşsyzlyga, Bitaraplyga, ýurduň özgerişine, milli baýramçylyklara
bagyşlanylan läleleriň sanawy artýar.
Monjugatdylar
.
Monjugatdylar – halk döredijiliginiň şahyrana žanrlarynyň biri. Olar
köplenç bahar aýlarynda, esasan-da Nowruzda – ýyl çalşygynda gelin-gyzlar
tarapyndan döredilýän hem-de ýerine ýetirilýän yşky-söýgi häsiýetli bentlerdir.
Monjugatdy – gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly
oýny. Monjugatdylar ýylyň belli bir paslynda aýdylany üçin oňa kalendar
aýdymy hem diýilýär. Kalendar aýdymy köplenç Nowruz baýramçylygynda
(Mart aýynyň 21-inde) ýerine ýetirilýär.
Monjugatdylar gelin-gyzlaryň gadymy oýunlarynyň biri. Monjuk atyşma
däbi ýaşlaryň arasynda gadymdan bäri dowam edip gelipdir. Oňa köpçülik
bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz
ykbalyny aňşyrmak isläpdir.
Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe
ýygnanýar. Oňa kämahallar oglanlar hem gatnaşýar. Oýun oýnalanda bir gaba
suw guýlup, oňa her kim öz monjugyny atýar. Ýygnanyşanlaryň arasyndan
ekabyrragy, monjugatda ökdesi goşgy bendini sanaýar. Oýun şeýle setirler bilen
başlanýar:
Geliň, gyzlar, üýşeliň,
Bagtymyzdan diýşeliň.
Ol barýan ýigit kimkä?
Ýagşy-ýaman gülşeliň!
Oýna taýýarlyk işleri görlensoň, dilewar aýallaryň ýa-da gyzlaryň biri
monjugatdy bendini sanaýar we her bentden soň, monjuk çykarýan çaga:
“Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýär. Monjuk çykarylansoň, onuň kimiň
monjugydygy kesgitlenýär we bent şoňa degişli edilýär. Bendiň mazmunyna
görä, monjuk eýesine dürli ýomaklar atylyp gülşülýär.
Monjugatdylaryň ýüze çykmagy ýaşlaryň durmuşy, arzuw-islegi bilen
bagly. Monjuk atyşyp, gyzlar nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarmalar
ykbalynyň nähili boljakdygyna synanyşyk edipdir. Gelin-gyzlar monjugatda
Nowruz gijesinde bije hökmünde garapdyr, oňa şeýle seslenipdir:
29
Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje.
Oýunda monjugatdylaryň iň oňat nusgalary bilen birlikde, ýaramazrak
mazmunly bentler-de aýdylýar. Eger şeýdilmese, oýun gyzykly bolup bilmez.
Oýun gyzykly alnyp barlanda, her bentden soň, monjuk çykarylanda, gyzlar
gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Maňlaýlaryna gowy mazmunly bentler çykaýsa,
oňa guwanylýar, ýaramazrak mazmuny bentlere gynanylýar.
Monjugatdy oýnunda oňa gatnaşmakdan saklanýanlar hem bolýar. Sebäbi
käbir gyz monjugatdy bentleriniň mazmunyndan çekinýar. Eger ýaramazrak
mazmunly bent çykaýsa, şol mazmuna laýyk bolan ýigit, durmuş-hamana
ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem şeýle ýazgytdan
howatyr edýär.
Monjugatdy oýnunda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent düşäýse, ol
gyz özüni bagtly hasaplaýar. Çünki, ol özüne duş geljek ýigidiň bahar pasly
ýaly mylaýym, ýumşak bolmagyny arzuwlaýar.
Monjugatdynyň temasy köptaraplydyr. Esasy temasy söýgi meselesidir.
Söýgi gyzyň erkek doganyna, jigisine ýa-da boýdaşlaryna gönükdirilýär. Şeýle
hem ýigitleriň adamkärçiligi, görk-görmegi, gaýrat-kuwwaty, söýgüsi, islegarzuwy beýan edilýär:
Gyrmyz donuň biçeýin,
Üste teňňe seçeýin.
Atam-enem görmänkä,
Ogryn saňa gaçaýyn.
Päk söýgi hem şeýle wasp edilýär:
Iki öýüň arasy,
Gün görünmez parasy.
Göz görse, göwün söýse,
Asla bolmaz çäresi.
Şu hili bentde göwün söýeniňe ýetmek üçin kynçylykdan gaçmazlyk
öwüt-nesihat edilýär:
Ýar-ỳaryň otagynda,
Saýrar gül pudagynda.
Derlese burçak-burçak,
Ýar-ỳaryň gujagynda.
Şu bentde täze çatynjalaryň agzybirlikde ýaşamagyna, biri-biriniň
sarpasyny tutmaklyga çagyrylýar.
Monjugatdyda bentleriň ýaňsylama, tankydy görnüşinde düzülenleri-de
bar. Azda-kände duş gelýän gaýratsyzlyk, ýalançylyk, wepasyzlyk, horanlyk,
açgözlülik ýaly nogsanlyklar tankyt edilýär:
30
Hersene jan, hersene,
Elim urdum kersene.
Iýdim-içdim doýmadym,
Yene bolsa bersene.
Şu bentde maşgalada garnynyň ugrunda selpäp ýörenler ýazgarylýar.
Monjugatdylarda daýhançylyk temasy-da beýanyny tapýar. Söýülýän
ýigidiň diňe daşky görki däl, eýsem onuň işeňňirligi, ekin ekip, hasyl almaga
ezberligi, umuman zähmetsöýerligi gelin-gyzlaryň ünsüni çekipdir. Işe çulum,
daýhan ýigide söýgi-muhabbetini bagyşlaýandygy bentlerde nygtalýar.
Ýigitler monjugatdy oýnuna känbir gatnaşmaýar. Eger gatnaşaýsalar-da,
başdanaýak gatnaşman, köplenç gapdalyndan syn edip oturýar. Kämahal bolsa
oýna gatnaşyp, öz ykbalyny barlaýar:
Bagyňyzdan bakaýyn,
Galam gaşy kakaýyn.
Seniň syýa zülpüňi,
Tamdyrama dakaýyn.
Ýa-da
Baga girdim yzyňdan,
Gara saçyň dyzyňdan.
Ýakma meni, gara göz,
Öldüm seniň näziňden.
Oýunda bagtyna şeýle bentler çykaýsa welin, ýigitleriň begenjiniň çägi
bolmaýar.
Monjugatdylaryň dili örän sada we çeper. Bentlerde setirleriň sazlaşygy,
many-mazmun çüňlügi saklanylýar.Olar düzülişi taýdan lälelere meňzeş.
Bentler rubagy formasynda düzülýär.Ýagny, 1-nji, 2-nji, 4-nji setirler özara
kapyýalaşyp, 3-nji setir kapyýalaşmaýar. Bogun jähtinde-de monjugatdylar
läleler ýaly ýedi, ýek-ýarymy sekiz bogundan ybarat. Kähalat on bir bogundan
ybarat monjugatdy bendine hem duşmak bolýar. Emma şeýle bent monjugatdy
üçin mahsus görnüş däldir.
Monjugatdylar känbir ösmeýan žanr.Emma şeýle-de bolsa,olar obrazlar,
peýzaž baýlygy, diliniň ýönekeýden ýitiligi bilen hem tapawutlanýar.
Türkmen
monjugatdy
bentleriniň
türki
halklaryň
(meselem,
azerbaýjanlylaryň dessur aýdymyna) monjugatdy bentlerine meňzeşleri bar.
Munuň özi türki halklaryň taryhy gelip çykyşy, dil, däp-dessur, durmuşykdysady, medeni taỳdan ýakynlygyny aňladýar.
Monjugatdy bentleriniň ýygyndysy 1948-nji ýylda neşir edildi.
Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda edebi mirasymyz, şol sanda
monjugatdylar hem dolulygyna öwrenilýär hem-de olaryň temasy
baýlaşdyrylýar. Çeper höwesjeňleriň aýdym-saz folklorynda ýerine ýetirilýär.
31
Hüwdüler
Allatagalanyň sopuçylykda giň ýaýran atlarynyň biri-de Huw ýa-da
Hüwdür. Ýa huw zikirde ýa Alla, ýa Hak diýlip gaýtalanýar. Zikire mahsus
bolan bu gäbiň alamatlaryny türkmenleriň hüwdüsinde görmek bolýar. Alla,
Alla-Alla, Alla (H)- Alla (H) bilen birlikde, Huw, Huwwa, Huwwa-Huwwa,
huwwalamak, hüwdülemek kimin adalga öwrülen sözler aýal-gyzlaryň arasynda
giň ýaýrady. Çaga ýatyrylandan soň wagtynda uklamasa, hüwdüleýän aýalgyzlaryň “Alla bol” ýa-da “Huwwa-bol” diýýän pursatlary köp bolýar.
Çaganyň rahat ýatmagy, sagdyn ösmegi we terbiýe almagy üçin aýdylýan
aýdymlarda (Hüwdüde) Allatagalanyň atlarynyň gaýtalanyp gelmeginiň çuň
manysy bar we öz köklerini gadymy zikirden alyp gaýdýar. Şonuň üçinem
Allanyň adynyň (Huw ýa-da Hüw) bu aýdymlaryň (Hüwdiniň) umumy adynda
ornaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Gadymky Huw-Hüw diýlen aňlatma soňra
türkmen halk döredijiliginde hüwdi görnüşinde aýratyn bir žanryň ady bolup
galdy. Şeýlelikde, zikiriň adalgasy bolan hüwdi (Hüw diý) ýuwaş-ýuwaşdan
täze görnüşe, mazmuna eýe bolýar.
Çagalary ýatyrmak ýa-da güýmemek üçin olary söýüp, sallançak ýanynda
aýdylýan bentlere hüwdi diýilýär. Hüwdüler köplenç garry eneler, mamalar,
çaganyň ejesi, gyz doganlary tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär.
Hüwdi aýal-gyzlar tarapyndan pessaý heňde owaz bilen ýerine ýetirilýän
aýdymjykdyr,
ýaş çagany hüwdi bilen allalap ýatyrmakdyr, hüwdi bilen
güýmemekdir.Hüwdüde perzende bolan söýgi ýaňlanýar.Olar ene mährinden
döreýär we özbaşadk ýerine ýetirilýär.
Hüwdüler görnüşi taýyndan lälelere kybapdaş bolsalar-da, ýerine ýetiriliş
we heňi taýyndan tapawutlanýar. Halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly,
hüwdüleriň hem temalary taryhy şertler esasynda üýtgäp, özgerip durýar.
Hüwdüler sada mazmunda, ýönekeý dilde döredilip, her bir bendi
gutarnykly many aňladýar. Ene hüwdüsinde sena häsiýeti bar. Eneler
perzentleriniň batyr, adamkärçilikli, çeper, bagtly bolmagyny arzuwlap, sena
häsiýetli hüwdüleri aýdýarlar.
Halkyň çaga bolan söýgüsi, guwanjy hüwdüler ýaly özboluşly,
terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan folklor žanrynyň döremegine sebäp bolupdyr:
Allaý-allaý allançak,
Akar suwlar bulançak.
Altmyş başly ak öýüň,
Gelişigi sallançakdiýlip, hüwdüleriň ähmiýetine uly üns berilýär.
Hüwdi örän irki döwürde – Oguz han döwründe dörändir diýlip
çaklanylýar. Onuň döreýiş taryhy- adamzat taryhynyň uzynlygyna bara-bardyr.
Çagany kimiň hüwdüleýandigini onuň mazmunyndan aňlap bolýar.
Hüwdüleriň köpüsinde ulaltma (giperbola), meňzetme (metafora) ulanylýar.
32
Bendiň soňunda “Huwwa-huw”, “Huwwa, balam”, “Huwwa, jigim”, “Hüwdihüw” ýaly sözler gaýtalanýar.
Çagany hüwdülemegiň esasy maksady ony mähire ýugrulan mylaýym,
ýakymly owazyň täsiri bilen meýmiredip, rahat uklatmakdan ybarat. Sözlerine
çaganyň düşünýändigine ýa-da düşünmeýändigine garamazdan, hüwdüleriň
çaga terbiýesiniň belli-belli taraplaryna gönükdirilmegi, olarda gowy gylykhäsiýetleriň teswirlenmegi uly ähmiýete eýedir.
Hüwdüleriň ýaş nesilde zähmet endigini, Watana bolan söýgüni,
batyrlygy, gahrymançylygy terbiýelemekde hyzmaty uly. Çaga hüwdülenende
onuň töweregindäki ýaşlara-da täsir edýär.
Hüwdüler temalary taýyndan çäklidir. Köplenç ejäniň öz çagasyna, enäniň
öz agtygyna, gyzyň öz jigisine bolan arzuw-islegleri berilýär. Aýdylyşyna hem
aňladýan mazmunyna esaslanyp, hüwdüleri esasan iki topara bölmek mümkin:
1.Çagany uklatmak maksady bilen sallançak ýanynda aýdylýan bentler.
2.Çagany söýmek, ony güýmemek maksady bilen aýdylýan bentler.
Hüwdüleriň sallançak ýanynda aýdylýan bentleri köplenç çagany
ýatyrmak maksady bilen aýdylýar:
Allaý-allasy geler,
Ýatsa ukusy geler,
Uzak-uzak ýollardan,
Daýza-daýysy geler.
Huwwa-huw.
Çagany hüwdüleýän adamyň kimdigine görä, olaryň ýerine ýetirilişi
dürli-dürlüdir. Eger çagany ejesi hüwdüleýän bolsa, “ballym”, “guzym” sözleri
köp ulanylýar. Enesi ýa-da mamasy hüwdülese, bendiň iň soňky setirinde:
“hüwdülesin enesi”, “hüwdülesin mamasy” diýlen sözler ulanylýar, olaryň
mazmunynda hem üýtgeşikler bolýar.
Gyzlar jigilerini hüwdülände, bentleriň mazmuny ejesiniňkiden,
enesiniňkiden, mamasynyňkydan biraz tapawutlanýar. Bendiň soňunda hem
“jigim” diýen sözler getirilýär:
Jigim jan-a ýaşynda,
Ýaşyl tahýa başynda.
Gümmürdeşer ak öýi,
Agalarynyň duşunda.
Hüwdüläýin jigimi,
Hüwwä, jigim, hüwwä-hüw.
Ýakymly aýdylýan hüwdüniň we sallançagyň yrgyldysynyň täsiri astynda
çaga rahatlanýar we uka gidýär.
Mamasy, enesi agtygyny hüwdülände özleriniň çowluk-ýuwluklaryna-da
ýetmeklerini arzuw edýärler:
Allaý, oglum, ataýyn,
33
Ogluň oglna ýeteýin.
Sen gül bolup ýetişseň,
Men saýaňda ýataýyn.
Hüwdi, balam, huwwa-huw,
Hüwdülesin enesi.
Çaganyň ejesiniň hüwdüsinde hem özboluşlylyk duýulýar:
Allaý-allaý, janym sen,
Köýnek biçsem, ýanym sen,
Toýda tumar bagym sen,
Günde gülüstanym sen.
Hüwdüleriň ikinji topary çaganyň ýaş aýratynlygy bilen
baglanyşyklydyr. Bu topardaky hüwdi bentleri çagany güýmemek maksady
bilen aýdylýar. Hüwdi bentleri çagalaryň dürli hereketinde, dil açyp ugran,
durak-durak wagtynda, ele alnyp, hopba edilip göterilýän döwründe
aýdylýar.Bentlerde köplenç çagalarda päklige, arassalyga, zähmete bolan
meýilleri ösdürmek bilen baglanyşykly arzuwlar edilýär. Halk arasynda
hüwdüleriň bu toparyna çaga söýgüsi hem diýilýär:
Dagdan dişli daragym,
Arkadagym, geregim.
Şu balamy söýmesem,
Çatlap barýar ýüregim.
Hüwdüleriň mazmunyndan olaryň gyza ýa-da oglana degişlidigi derrew
aýan bolýar. Oglanlaryň edermen, batyr, mergen, gerçek ýigit bolup ýetişmegi
arzuw edilýär. Gyzlaryň eliniň işli, çeper, bagtly bolmagy islenilýär:
Meniň jigim gül ýaly,
Aýda dokar bir haly.
Halysynyň bitimi,
Ýüz ellidir çitimi.
Hüwdülerde myhmansöýerlik, ýoldaşyňa, ulus-iliňe wepalylyk ýaly
däpler hem beýan edilýär:
Atly gelsin toýuňa,
Myhman gelsin öýüňe,
Bile gezen deň-duşlaň,
Gatanç bersin toýuňa.
Göreşsin märekeler,
Oýnasyn gelin-gyzlar.
Hüwdi bentlerinde maldarçylyk, ekerançylyk temalary-da uly orun tutýar:
Oglanym owlak bakar,
Owlagnyň alny sakar,
Günortan sürüp gelip,
Çeşmeden suwa ýakar.
34
Çagalaryň mergen bolup ýetişmegi-de arzuw edilýär. Awçylykmergençilik halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryna garanda, hüwdülerde has
giň beýan edilýär. Şeýle temanyň Watan goragy üçin harby hünärleriň wagyz
edilmeginde ähmiýeti uly. Hüwdi bentlerinde çagalar watançylykgahrymançylyk ruhunda terbiýelenilýär. Watançylyk bilen baglanyşykda hüwdi
bentlerinde at meselesem gozgalýar:
Meniň jigim yşansyn,
Turup, bilin guşansyn.
Müň tümenlik aty bar,
Duşman ondan üýşensin.
Hüwdi bentlerinde geljekde ýakyn garyndaşlary bilen saçakly gatnaşmak
hem arzuw edilýär:
Goltugy giň saçakly,
Mamasy gelsin toýna.
Boýny öýme seçekli,
Daýzasy gelsin toýna,
Alagöz giň gujakly,
Ýeňňesi gelsin toýna.
Çaga sallançagy adamzat durmuşyna dahylly bolup, türkmeniň
ýaşaýşynda özge halklaryňka meňzemeýän orny bar. Sallançak çaganyň rahat
ýatmagy, sagdyn ösmegi üçin zerur bolup durýar.
Sallançak diňe çagalaryň däl, hatda garry adamlaryň-da göwresine
rahatlyk, janyna aram-teselli berýär. Gadym döwürlerde gaty garran adamlar-da
sallançaga salnyp:
Saňa kuwwat diläýin,
Iman baýlyk diläýin,
Her egniňde perişde,
Kalbyňa nur diläýin-diýen ýaly bentler bilen rahatlandyrylypdyr diýlen maglumatlar bar.
Hüwdüleri döreden gelin-gyzlara wenger syýahatçysy A.Wamberi uly
baha beripdir. Ol: “Türkmen aýallary ýaly göreldeli, ýagşylygy isleýan, maşgala
eşreti üçin, hatda özleriniň janyndan hem geçýän, şolar ýaly armazak aýallary
men Gündogaryň hiç bir ýerinde-de gören däldirin” diýip ýazýar.
Türkmen hüwdüleriniň ýörite ýygyndysy 1947-nji ýylda Aşgabatda, 1948nji ýylda-da Türkmenbaşyda (ozalky Krasnowodsk) neşir edildi.
Ýurt Garaşsyzlygy halk döredijiliginiň hüwdi žanrynyň kämilleşmegine
giň ýol açdy. Häzirki hüwdülerde aýal-gyzlar bagtly we şatlykly durmuşy wasp
edip, çaganyň oňat döwürde ösüp-ulalýandygyna, ýaýnaýandygyna guwanýar.
35
Küştdepdiler
Zikir-halk döredijiliginiň bir görnüşidir. Alym A. Öwezowyň ýazyşy
ýaly, Gurhany şerifiň “Bakara” süresiniň 152-nji aýatynda “Fezkuruwni
Ezkürküt” diýen aňlatma bar. Onuň terjimesi “Meni tagat bilen ýatlaň, men hem
sizi sogap we razylyk bilen ýatlaryn” diýmekdir. Bu aýat sopuçylygyň ýaýran
ýerlerinde zikiriň ýalkym saçmagy üçin hyzmat edipdir.
Küstdepdiniň hem (hüwdülerde, lälelerde bolşy ýaly) ýüze çykyşy belli
bir derejede şu aýat bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, zikir anyk taryhy
şertlerde ýüze çykypdyr. Wagtlaryny ybadat bilen geçirýän adamlar Muhammet
pygamberiň: “Alla unudylanda jemgyýetde agzalalyk, dawa-jenjeller başlanar,
hemişe Allany ýatlap duruň” diýen sargydyny, wesýetini musulmanlara
düşündiripdir, olary boş wagtlarynda Allany ýatlap durmaga, ybadat etmäge
çagyrypdyr.
Şeýlelikde, sopuçylyk pelsepesinde orun eýelän zikiriň (zikir-“ýatlama,
ýat etme”) düýbi tutulýar. Emma zikiriň ýaýran ýerlerinde, ol birmeňzeş ýerine
ýetirilmändir, mazmunynda, görnüşinde tapawut bolupdyr.
Sopular hem derwüşler zikire senany (senany saza goşup, aýdym edip
aýtma) girizýärler. Soňra zikirde raks (tans) hem peýda bolýar. Ruhanylaryň
garşylyk görkezmegine garamazdan, raks-senan-da, Gurhany labyzly okamakda yslam dini döränden soň, giň ýaýrap başlaýar.
Zikir türkmenlerde-de irki wagtlardan bäri bellidir. Türkmen sopulary
(Baezit Bistamy, Hoja Ahmet Ýasawy, Mäne baba-Abu Sahyt Abulhaýyr) zikiri
goldapdyrlar. Zikir özüniň müň ýyldan hem gowrak taryhynda köp synaglara
duçar bolýar. Ol soňky ýüzýyllykda öňki mazmunyny bütinleý özgertdi. Zikir
täze at, ýagny “Küştdepdi” diýen at bilen ilatyň arasynda dabaralarda täze
mazmunda-täze däp görnüşinde ýaýrap başlaýar.
Zikiriň “Küştdepdi” diýen ady “hüş” we “dep” sözlerinden ybaratdyr.
Goşma adyň birinji bölegi haýwanlary, guşlary, şeýle hem kakyn-silkini
kowmak, ürküzmek üçin ulanylýan “küş” ümlük sözüdir. Bu sözüň ahyrynda “t”
çekimsiz sesiň artdyrylmagy bilen emele gelen “küşt” hem “bermek” kömekçi
işligi bilen utgaşyp gelende (küşt bermek ýa-da küşdüňi bermek) “birini
kowmagy” aňladýar.
“Küştdepdi” diýen sözüň ikinji bölegi (dep) Hoja Ahmet Ýasawynyň
“Hikmetlerinde” köp duş gelýär. Has takygy, “depmek” işligi “kowmak”
manysynda (nebsiňi depmek, nebis itini depmek we ş.m) ulanylýar. “Dep”
sözüniň “küşt” bilen tirkeşip gelmegi umumy kanunalaýykdyr. Sebäbi
“küştdepdi” sözi “küş, dep diý” böleklerinden ybaratdyr.
Küştdepdi aýdylyşy we ýerine ýetirilişi boýunça musulmanlaryň şaýy
böleginiň ymamlary, Muhammet pygamberiň doganoglany hem giýewsi Hezreti
Alynyň ogullary Hasan bilen Hüseýiniň ölümi bilen bagly geçirilýän dini däp
bolan şahseý – wahseýe meňzeşräk diýlen käbir çaklamalar hem bar. Emma
36
küştdepdi şahseý – wahseý bilen dahylly däldir. Olar ýas bilen bagly däl-de,
häzirki wagtda şagalaň bilen bagly aýdylýar, ýerine ýetirilýär.
Türkmen halk döredijiliginiň bu žanry häzirki wagtda toýuň bezegi.
Küştdepdiler ilkibaşda döwletimiziň günbatar topar etraplarynda döreýar. Ol
esasanam ýomut-gökleň türkmenleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolýar.
Küştdepdileriň bentleri mazmun taýyndan toý aýdymlaryndan
(öleňlerden), monjugatdylardan, lälelerden känbir tapawutlanmaýar. Emma
küşdepdiler gözelligi, çüňňür duýgyny döredýändigi, has
täsirlidigi,
köpçülikleýin ýerine ýetirilýändigi bilen halk döredijiliginiň şahyrana
toparynyň beýleki žanrlaryndan parhlydyr. Läleleri, monjugatdylary diňe gelingyzlar aýtsalar, küştdepdileri dürli ýaşdaky aýal-gyzlar erkek adamlar bilen
bilelikde ýerine ýetirýär.
Küştdepdi bentleri-de mydama durnuklylygyny saklamaýar. Toý
dabarasynyň haýsy obada geçirilýändigine garap, bentleriň mazmunyna
üýtgetmeler girizilip durulýar.
Küştdepdiler tans hereketleri bilen utgaşdyrylyp aýdylýar. Küştdepdi
başlanmanka, adamlar töwerek gurap durýarlar. Içinde biri küştdepdiniň
bentlerini pessaý äheň bilen sanap başlaýar. Ýaş ýetginjeklerden iki sanysy orta
çykýar-da, ilki haýal (üç depim), soňra gitdigiçe çaltlanýan (bir depim)
hereketler bilen bentleriň owazyna aýak goşup, küştdepdiniň tans şekilli
hereketini ýerine ýetirýär. Şowhun gyzyşdygyça, bentleri aýdyjynyň sany
artýar, köpçülikleýin bolnup aýtmaga durulýar.
Tansa çykýanlar hem köpelýär. Orta çykýanlar aýaklaryny sazlaşyga
goşup, öňküleriň hereketine uýgunlaşyp küşt depýärler. Küştdepdide her kime
başaran hereketini etmek bolmaýar. Umumy köpçüligiň düzgün-tertipli
hereketine sazlaşykda küşt depilýär.
Küştdepdi başlananda, köplenç “haý, küşt, küşt” diýlen sözler belli bir
äheňde birnäçe gezek gaýtalanýar. Bu sözler bentleriň arasynda-da ulanylýar.
Küştdepdide aýak bilen ýer depilýär, ol belli bir ädimlerden soň gaýtalanyp,
sazlaşykly owaz döredýär.
Küştdepdiler aýdylanda, adatça saz gurallaryndan peýdalanylmaýar. Olar
äheňleri boýunça şol bir meňzeş hereketde ýerine ýetirilýär.
Küştdepdä aýratyn ökde adamlar bolýar. Olar kän pikirlenmän, şahyrana
setirleri ýüzugra täze mazmun bilen doldurmaga ýa-da täze bentleri aýtmaga
ukyply adamlardyr.
Küştdepdileriň temasy giň. Bentlerde esasan Watan, dostluk, söýgi,
ýaşlaryň bagtly geljegi, beýleki meseleler beýan edilýär:
Haýrany haýran etjek,
Jahany seýran etjek,
Gerek bolsa Watanma,
Janymy gurban etjek.
37
Küştdepdiniň şu bendinde Watana çüňňur söýgi bildirilýän bolsa,
Gözeliň görki gerek,
Özüne erki gerek,
Öz dostumyň toýunda,
Şadyýan gülki gerek.-diýen bentde dostluga sarpa goýulýar.
Halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlarynda bolşy ýaly,
küştdepdilerde-de söýgi meselesi giň orun alýar:
Bir şahada iki alma,
Men almasam, sen alma,
Eger söýýäniň çyn bolsa,
Men gaýdamda sen galma.
Küştdepdiler, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, köplenç şadyýan mazmunly
bentlerdir. Olarda gaýgy-gussaly bentler aýdylmaýar diýen ýalydyr. Onuň hem
sebäbi küştdepdileriň toý-dabara, şagalaň üçin döredilenligidir, olara şowhun
bermek üçin ýerine ýetirilýänligidir.
Küştdepdiler dört setirli bentler bolup, köplenç rubagy (aaba) görnüşinde
kapyýalaşýar. Olarda esasy mazmun üçünji we dördünji setirlerde jemlenýär.
Başky iki setir mazmunyň düşündirişi ýa-da ony aýtmaga taýynlyk bolup
hyzmat edýär.
Küştdepdileriň dili ýeňil, akgynly, ýatda galyjy. Lälelerdäki ýaly, olardada dürli çeperçilik serişdeleri, dürli aňlatmalar köp gabat gelýär. Şeýlelikde,
türkmen toýlaryna millilik ruhuny berýär.
Küştdepdiler Garaşsyzlyk ýyllarynda kämilleşdi we tema taýyndan
baýlaşdy. Olaryň ýerine ýetirilýän ýerleriniň çägi giňedi. Ozallar döwletimiziň
diňe günbatar etraplarynda ýerine ýetirilen bolsa, häzirki wagtda küştdepdiler
ýurdumyzyň ähli etraplaryna-da ýaýrady. Olar baýramçylyk günlerinde, toýtomaşalarda, hasyl toýlarynda ýerine ýetirilýär.
Garaşsyzlyk döwründe küştdepdi bentlerini toplap neşir etmäge-de üns
berilýär. 1998-nji ýylda küştdepdileriň 1971-nji ýyldaky neşiriniň üsti
doldyrylyp täzeden çap edildi.
Sanawaçlar
Sanawaçlar goşgy formasynda uly bolmadyk şygyrlar, gepleşikler,
sahnajyklar görnüşinde döredilýär.Olarda belli bir ideýa giň hem-de
hertaraplaýyn beýan edilmeýär.Sanawaçlar çagalar üçin ulular tarapyndan
döredilen, dilden aýdylýan, çagalaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän
žanrdyr.Alymlaryň bir topary olary din bilen baglanyşdyrsa, başga bir topary
pal atmak bilen hem baglanyşdyrýar.
38
Sanawaçlara – oýun sanawaçlary hem diýilýär. Olar galapyn çagalar oýny
bilen baglanyşyklydyr.Sanawaçlar halk döredijiliginiň kiçi (ownuk) žanrlarynyň
biri. Halk döredijiliginiň bu žanrynyň adalgasy “Sanamak” sözünden bolup,
tekstäki bentleri ýüzugra sanap çykmagy-aýtmagy aňladýar.
Sanawaçlar, esasan, çagalaryň ýetginjeklik döwrüne çenli döredilen
setirlerdir.Olar kiçi hem uly ýaşly çagalaryň arasynda aýdylýan sadaja
şygyrlardyr.
Sanawaçlar göwrümi taýyndan uly hem kiçi bolup bilýärler. Az setirli
gysgajyk sanawaçlar ýaş çagalara, göwrümi uly sanawaçlar uly ýaşly çagalara
niýetlenilýär.Sanawaçlaryň köpçülik bolup ýerine ýetirilýäni-de bar. Käbiri
bolsa ikibir-ikibir bolnup ýa-da ýekelikde ýerine ýetirilýär.
Sanawaçlar çagalar folkloryna degişli bolup, diliniň sada, ýatda
galyjylygy bilen tapawutlanýar:
Öw-öwek,
Towşan döwek,
Bilbil saýrar,
Sesi ýaýrar,
Derýa akar,
Suwun çeker,
Gökden ümür,
Çekdi kömür,
Sen çyk!
(“Öw-öwek”)
Şu sanawaç, görşümiz ýaly, owazly, sazlaşykly setirlerden düzülipdir.
Her bir setiriň başyndaky söz bilen şol setirleriň soňundaky ýa-da ondan soňky
sözüň aýdylyşy we formasy taýyndan ýakyn bolan sesler bilen başlanýar. Şeýle
setirler çagalar üçin has-da gyzyklydyr hem ýatda galyjydyr.
Aýdylyş aýratynlygy boýunça sanawaçlar iki topara bölünýär:
1.Bir ýerde oturyp aýdylýan sanawaçlar.
2.Ýörite oýun hereketinde aýdylýan sanawaçlar.
Oýun sanawaçlarynyň birinji toparynda oýnamak üçin çaganyň ýatkeş
bolmagy zerurdyr. Oýna gatnaşýan çaga sanawaçlaryň birnäçesini (“Şakgaşakga bilezik”, “Ýumak tapdym“, “Gar ýagar-a, gar ýagar” we ş.m) ýatdan
bilmeli bolýar.
Bu sanawaçlar örän ýönekeýdir. Olar çagalaryň düşünjesine laýyklykda,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 04
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.