Latin

Türkmen halk döredijiligi - 01

Total number of words is 3322
Total number of unique words is 1697
24.0 of words are in the 2000 most common words
35.2 of words are in the 5000 most common words
41.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hojamyrat Goçmyradow
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI
Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödurlenildi
Aşgabat-2010
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
-Halk döredijiliginiň baý mirasyny
öwrenip,ylmy taýdan seljermek we asyl
nusgasyny halka ýetirmek, türkmen
halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça
ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran
möhüm wezipeleriň biridir.
Giriş
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow
Döwlet baştutanynyň belent wezipesine işe başlanyndao soň jemgyýetiň
ykdysady, sosial-medeni durmuşynda özgertmeler, täze milli galkynyşlar
döwri başlandy. Türkmenistan bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri
geçirmegiň ýoluna batly gadam urdy. Ylma, bilime üns berilmeginiň özi
ýöne ýerden däl. Bilim döwletiň ykbalyny, onuň sazlaşykly we üstünlikli
öňe gitmegini kesgitleýär. Islendik ýurdyň ykdysady, syýasy we medeni
ösüşi hünärine ökde işgärleriň taýýarlanylyşyna,
döwrüň ruhuna laýyk
derejede pikirlenip bilýän ýaş nesliň terbielenilişine baglydyr.
Türkmen medeni hem edebi mirasa örän baý halk. Ýurt
Garaşsyzlygynyň geçen ýyllarynda türkmeniň köp müň ýyllyk taryhynda
toplanan medeni hem edebi baýlygyny öwrenmek, halka ýetirmek häzirki
ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary
lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip
ýetişdirmekde ep-esli işler durmuşa geçirilýär.
Edebi mirasymyz bolan halk döredijiligimiz türkmen halkynyň köp
müň ýyllyk taryhynda jemlenen akyl-paýhasynyň, edim-gylymynyň, däpdessurynyň, niýet-päliniň, etsem-goýsamynyň jemidir. Ol biziň taryhdan
edinen ýagşy sapaklarymyzyň üstüni dolduryp, geljekki nesillere goýjak
mirasymyzdyr.
Türkmen halk döredijiligi milli edebi baýlygymyzyň köp taraplaryny
özünde jemleýär. Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen halk döredijiligi dersi
boýunça ýazylan okuw gollanmalary hökmünde türkmen halk döredijiligi
boýunça hrestomatiýanyň 1-nji kitabyny (1992ý.) hem-de 2-nji kitabyny
(1994ý.), G. Geldiýewiň 2003-nji ýylda çap edilen “Türkmen şahyrana halk
döredijiligi” kitabyny görkezmek bolar.
2
Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamynda başlanan tä-ze
özgertmeler bilen baglanyşykda ýokary okuw mekdeplerinde hem talypla-ra
bilim bermegi täzeçe guramak, ähli okuw dersleri boýunça döwrebap okuw
kitaplaryny we okuw gollanmalaryny, döretmek zerurlygy ýüze çykdy.
Eliňizdäki şu okuw kitaby häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyndaky täze
özgertmelere, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi
mirasymyzy öwrenmek baradaky öňde goýan wezipelerine esaslanylyp,
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan “Türkmen halk
döredijiligi dersi boýunça okuw maksatnamasy”(Aşgabat, - Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, 2005.ý.) boýunça ýazyldy. Kitaba halk döredijiliginiň
şahyrana hem-de kyssa toparlarynyň žanrlary girizildi. Žanrlaryň hersiniň
tematikasy, many-mazmuny barada aýratynlykda gürrüň berilýär. Halk
döredijiliginiň žanrlarynda çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşyna gyşgajyk ser
salynýar. Kitapda türkmen alymlaryndan B. Garryýewiň, S. Garryýewiň, M.
Kösäýewiň, K.Berkeliýewiň, A. Baýmyradowyň, A. Bekmyradowyň, B.
Mämmetýazowyň, Ş.Halmuhammedowyň, P. Kiçigulowyň, G. Geldiýewiň, A.
Durdyýewanyň, A.Mämmedowyň, ylmy işlerinden, eposlar hem-de dessanlar
baradaky teswirlemelerden,
alymlaryň halk
döredijiligine degişli
ýygyndylardaky makalalaryndan (“Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk.Aşgabat,1967ý.,”Gorkut ata”-1500.-Aşgabat,1999ý.),tekstlerden,
metbugat
materiallaryndan peýdanalyndy.
Bu okuw kitabynda alymlar Ýe. E. Bertelsiň, A. N. Samoýlowiçiň, A. P.
Poseluýewskiniň, W. M. Žirmunskiniň, E. M. Meletinskiniň, M. A. Sakaliniň,
H.T.Zarifowyň,N.F.Lebedewiň, H. Göroglynyň ylmy işlerine-de salgylanyldy.
Okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen dili we
edebiýaty hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenýär. Şeýle hem bu
okuw kitabyndan mugallymlar, ylmy işgärler, mekdep okuwçylary we türkmen
halk döredijiligi bilen gyzyklanýanlar peýdalanyp bilerler.
Dersiň maksady hem wezipesi. Türkmen halk döredijiligini okatmak
arkaly halky eserleriň çeper söz sungaty hökmündäki gymmatyn y, terbiýeçilik
ähmiýetini, esasy aýratynlygyny düşündirmek bilen talyplara ýeterlik düşünje
bermeklik maksat edinilýär. Okuw dersiniň wezipesi ata-babalarymyzyň taryhy
gatlarynda galan medeni hem edebi baýlyklarymyzy öwrenmekden, olary
täzeden janlandyrmakdan ybaratdyr.
Okuw kitabynyň esasy wezipeleriniň biri türkmen halk döredijiliginiň
milli dilimiziň baý çeşmesini, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurymyzy, galybersede türkmeniň milli häsiýetini öwrenmekdäki hyzmatyny düşündirmekden we
giň düşünje bermekden ybaratdyr.
Beýik Galkynyş eýýamynda talyplara ýokary hilli bilim bermek we kämil
hünärmenleri taýýarlamak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek
üçin, edebi mirasy öwrenmek baradaky taglymata esaslanyp, halk
döredijiliginiň şahyrana hem-de kyssa eserleriniň üsti bilen talyplarda Watana,
3
il-güne söýgi,ynsanperwerlik,ahlak päkligi,halal zähmet çekmek ýaly asylly
häsiýetleri terbiýelemek wezipesi öňde goýulýar.
Halk döredijiligi hakynda maglumat.Döreden adamyň kimdigi belli
bolmadyk, emma halk arasynda giňden meşhur bolup, asyrlarboýy halk
köpçüligi arasynda dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýatdan aýdylýan edebi
döredijilige halk döredijiligi (folklor) diýilýär. Halk döredijiligine degişli bolan
eserleriň belli bir awtory bolmaýar. Eserleriň haýsy birini alsak-da, ol ussat,
zehinli adamlar tarapyndan döredilipdir. Emma wagtyň geçmegi bilen ony
döreden adamyň ady unudylypdyr. Eser halkyň diline geçip, il içine ýaýransoň,
onuň awtoryna ähmiýet berilmeýär.
Onsoňam halk döredijiligi hiç bir halatda-da, köpçülik bolnup
döredilmeýär. Ilkibaşda bir adam tarapyndan döredilýär. Soňra ol eser il içine
ýaýraýar we gitdigiçe kämilleşdirilýär.
Halk döredijiligi has gadymy döwürlerde, heniz hat-sowadyň ýok
döwründe döräp ugrapdyr. Has takygy, ýazuwly edebiýatdan
öň ýüze
çykypdyr. Halk döredijiliginiň döremegi zähmet, tebigat täsinlikleri bilen bagly.
Halk durmuşyndan alnan edebi döredijilik halk köpçüliginiň ygtyýaryna
geçensoň, olar halky eserler hasaplanylýar. Şonuň üçinem halky eserleriň
taryhylygy, çeperçiligi, terbiýeçilik ähmiýeti uly.
Halky eserlerde çeperçilik we obrazlar ulgamy özboluşly. Halk döredijiliginiň döreýşi durmuş hem-de halkyň aň-düşünjesi bilenem baglany-şyklydyr.
“Garry mama sanajyn kakýar” diýen aňlatmany alyp göreliň.
4
Aňlatmada gögüň gürlemegi sanajyň kakylmagyna meňzedilýär.
Görşümiz ýaly, meňzetme halk durmuşyndan alnypdyr.
Halk döredijiliginiň gymmaty:
a) köplügi bilen däl-de, çeperçiliginiň kämilligi,durmuşa
ýakynlygy, sadalygy, halkylygy;
b) halk köpçüliginiň goldawyny tapýanlygy;
c) toplan mal-dünýäsi üçin öwülýän edebi obrazlaryň
ýoklugy;
d) göwnükiçiligi,sabyr-kanagatlylygy,rehimdarlygy
ündeýanligi;
e) gahrymanlaryň bir maksat, bir duýgy bilen hereket
edýänligi;
f) men-menligi, ulumsylygy, gedemliligi ýazgarýanlygy
bilen ölçenilýär.
Türkmen halkynda owadanlyga, gözellige özboluşly garaýyş bolupdyr.
Şol garaýyş durmuş tejribesi esasynda dörän garaýyşdyr. Şu aşakdaky goşgy
bendini okap göreliň:
Barmagyň gamyşa meňzär,
Dyrnagyň kümüşe meňzär.
Oturşyň torguşa meňzär,
Seniň gözleriň, gözleriň.
Görnüşi ýaly, goşgy bendinde gelin-gyzlaryň barmagy gamyşa, dyrnagy
kümüşe, oturşy hem torguşa meňzedilip, olaryň owadanlygy wasp edilýär.
Meňzedilýän zatlar durmuşdan alnan, häli-şindi görlüp ýörlen zatlar.
Halk döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklaram bar. Olar, esasan, şu
aşakylardan ybarat:
1.Eseri döreden adamyň ýuwaş-ýuwaşdan unudylmagy.Folklor eserleri öz
döreýiş çeşmesi nukdaýnazaryndan ýeke-täk şahsdan ugur alýan bolsa-da,
ýaýraýşy, kämilleşişi, jähetden köpçülikleýin häsiýete eýedir.
2.Durnukly tekstiň ýoklugy. Eser döredilensoň, halk arasyndaky dilewar
adamlar, aýdyjylar ony öz ygtyýaryna geçirip, birgiden özgerişligi girizýär.
Täze çeperçilik serişdelerini ulanýar, wakany has gyzykly edip timarlaýar,
gepleşik dilindäki sözler köpelýär. Şeýlelikde, eser çeper görnüşe girýär, ýatda
galyjylygy artýar.
Eýsem-de, tekstiň durnukly bolmazlygynyň sebäbi nämede. Esasy sebäbi
dilewar adamlaryň, aýdyjylaryň, bagşylaryň, ertekiçileriň ukyby bilen
baglanyşykly. Her aýdyjynyň dilewarlyk ukyby bar. Şol bir eser (erteki, şorta
söz we ş.m) halk arasyna şol bir wakaly eser bolup ýaýrasa-da, onuň tekstinde
käbir özgerişlikler, üýtgeşikler gabat gelýär. Teksiň erkin häsiýete eýe bolmagy,
5
esasan, halky eserleriň kyssa bilen aýdylýan toparynyň janrlaryna degişlidir.
Şahyrana toparynyň eserleri erkin häsiýete eýe däldir hem-de känbir
üýtgeşiklere sezewar bolmaýar. Onuňam esasy sebäbi şahyrana eserlerde
setirleriň özara kapiýalaşmagy hem sazlaşmagydyr.
3.Halky eserler nesilden-nesle geçip gelse-de, dörän döwründäki taryhy
alamatlary özünde saklaýar. Häzirki döwre gelip ýeten ertekilerden halkyň dürli
taryhy döwürde başdan geçirenlerini, däp-dessurlarynyň, ahlak gatnaşyklarynyň
alamatlaryny görüp bolýar. Halk döredijiliginiň käbir žanry gadymy otparazlyk
döwrüne, käbiri orta asyrlara, käbiri XV11-XV111 asyrlara degişli bolsa-da,
eserlerde şol döwrüň durmuşy beýan edilýär.
4.Halk döredijiligi her bir döwrüň ykdysady, syýasy talaplaryna, ahlak
kadalaryna laýyklykda üýtgäp durýar. Şol döwürde halkyň durmuşy nämäni
talap eden bolsa, eserleriň many-mazmuny şoňa laýyk getirilipdir. Halky
eserlerde köplenç gün-güzeran, adamkärçilik gatnaşyklary hakdaky oý-pikirler
beýanyny tapypdyr. Ýagdaýdan çykalga gözlenilipdir. Halky eserler ruhy
goldaw bolup, döwrüň ruhuny özüne siňdiripdir.
5.Halky eserleriň serhedi bolmaýar. Täjirler, jahankeşde syýahatçylar,
derwüşler halk döredijiligini ýaýradypdyrlar. Diňlenilen gürrüňler beýleki
halkyň arasyna düşüp, şol halkyň milli eserine öwrülipdir. Eserler haýsy halka,
haýsy döwre degişlidigine garamazdan, şol halkyň däp-dessuryny, durmuş
şertlerini özüne siňdiripdir, milli häsiýete eýe bolupdyr. Käbiri bolsa ozalky bar
bolan eserleriň düzümine girýär, ony baýlaşdyrýar. Türkmen halk döredijilik
eserlerinde gadymy arap, grek, pars, hindi halklarynyň edebi mirasyna
meňzeşligiň bolmagy-da, şolar ýaly gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.
6.Türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde azerbaýjan, özbek halklarynyň
medeniýetiniň täsiri-de uly bolan. Soltansöýün (Soltan Hüseýin Baýgara),
Myraly (Alyşir Nowaýy) bilen baglanyşykly döredilen ertekiler, şorta sözler az
däl. Halk döredijiligi ähli halka degişli. Şonuň üçinem dünýä halklarynyň ruhy
baýlygyna öwrülen halk döredijiligine halk kitaby hem diýilýär.
7.Halk döredijilik eserleri haýsy halkyň arasyna aralaşan bolsa, şol halkyň
gepleşik dilinde bolup, çeperçilik serişdeleri bilen bezelipdir.
8.Emma zamanasyna garamazdan, üýtgemeýän eserlerem bar. Olar
hemişelik eserlerdir. Sebäbi şol eserler umumadamzat meselesini gozgaýar.
Ýöne welin halk döredijilik eserleriniň täzeden döräp durmak, ýitip gitmek
häsiýeti-de güýçli. Döwrüň meselesini gozgap bilýändigi üçinem eserler
gymmatlydyr. Döwrüň üýtgemegi bilen eserleriň käbiri ähmiýetini-de ýitirýär.
Onuň deregine täzeleri (Beýik Galkynyş eýýamynda döreýän halky eserler)
döreýär ýa-da gadymy nusgalaryň täze şekilleri peýda bolýar.
9.Ýazuwly edebiýat halky eserleriň esasynda döreýar. Halky eserler
ýazuwly edebiýatyň ilkinji çeşmesi. Çeper dil we ýazuwly edebiýat şol
çeşmeden başlanýar. “Müň bir gije”arap ertekiler ýygyndysy esasynda birnäçe
dessanlar (“Seýpelmelek-Methaljemal”, “Gül-Bilbil”, “Gül-Senuber”) döredidi.
6
Andalyp, Magtymguly, Magrupy, Şabende, Seýdi, Kemine, Mollanepes ýaly
şahyrlaryň-da, beýleki ýazyjy-şahyrlaryň-da halypasy – halk döredijiligir.
Türkmen halk döredijiligi esasan şahyrana hem-de kyssa toparlaryna
bölünýär.
Halky drama topary özbaşdak görnüşe eýe bolup bilmedi. Emma
ertekilerdäki, rowaýatlardaky,eposlardaky, dessanlardaky janly sahnalar,
garşylykly
söhbetdeşlikler,
çagalar
döredijiligindäki
(sanawaçlar,
ýaňyltmaçlar) käbir oýun-drama elementleri halky dramanyň özboluşly
nusgasydyr.
Edebi miras hakyndaky taglymat
Türkmen gadymy halklaryň biri bolşy ýaly, medeni hem edebi mirasada baý halk. Taryhyň gatlaryna siňen ruhy baýlygymyz diňe ýurdumyzda däl,
daşary ýurtlarda-da giň ýaýrapdyr. Emma sowet döwrüniň 70 ýylynda din
bilen baglanyşykly edebi mirasymyzy öwrenmek gadagan edildi. Oňa köne,
peýdasyz, dini wagyz ediji, ilaty zäherleýji edebiýat hökmünde garaldy.
Entek öwrenilmedik edebi mirasymyz hakynda-ha, gürrüňem ýok,
geçmiş taryhymyz hakyndaky neşirlerem “tussag” edildi.
Geçen asyryň 40-nji ýyllarynyň ahyrynda “Horezm,”soňra “Soltan
Sanjar” drama eserleri tankyt astyna alyndy we öwrenmek gadagan edildi.
50-nji ýyllaryň başlarynda 20 müň nusgalykda neşir edilen “Gorkut ata”
eposy zyýanly eser hasaplanylyp okyjylar köpçüligine ýetirilmedi.
Türkmeniň edebi mirasynyň üstüne yglan edilen hüjüm sebäpli
“Oguznama” eposyndan başlap, köp sanly dessanlarymyz, halk
döredijiliginiň şahyrana toparynyň birnäçe žanry dini eserler hasaplanylyp
öwrenilmekden galdyryldy.
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda türkmeniň edebi mirasyna
üns berlip başlandy. 1989-njý ýylyň başynda edebi mirasy öwrenmek
hakynda Karar kabul edildi.Şol karar esasynda 1990-njy ýylda “Gorkut
ata”eposy täzeden neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Edebi miras hakyndaky taglymatyň durmuşa geçirilmeginde Dünýä
türkmenleriň ynsanperwerlik birleşiginiň (1991ý.) döredilmeginiň uly
ähmiýeti boldy.Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bize häzire çenli
nämälim bolan edebi gymmatlyklarymyzy tapmaga hem öwrenmäge kömek
etdiler.Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy edebi mirasymyzy öwrenmäge
doly hukuk we giň mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň (1993ý.) döredilmegi
bilen edebi mirasymyzy toplamak, öwrenmek hem-de neşir etmek isleri
ýaýbaňlandyryldy. Ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda türkmen
dessanlaryny, taryhy-edebi, dini
7
kitaplary çap etmek ýola goýuldy. Sowet ýyllarynda öwrenilmegi gadagan
edilen eserler çap edilip okyjylara ýetirildi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döredilen ylmy-medeni ojaklaryň biri
hökmünde Milli
golýazmalar instituty tarapyndan Angliýanyň,
Germaniýanyň, Orsyýetiň, Turkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Ermenistanyň,
Päkistanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy merkezlerindäki, kitaphanalaryndaky,
arhiwlerindäki taryhymyza, medeniýetimize, edebiýatymyza dahylly
gymmatly golýazma çeşmeleri ýurdumyza getirildi.
Halkymyzyň milli baýlygy bolan golýazmalaryň sany häzirki wagtda
has köpeldi. Bu ummasyz medeni hem edebi baýlyk diňe bir türkmen
halkynyň däl, eýsem bütin Gündogaryň taryhyny, medeni hem edebi ösüşini
göz öňüne getirmekde, ony öwrenmekde gymmatly ýazuw ýadygärligidir.
Şol golýazmalaryň gatlarynda türkmen halkynyň köp müň ýýllyk edebimedeni taryhy ýatyr. Geçmişiň ýazuw ýadygärlikleri esasynda kitaplaryň
(“Oguznamalar,” “Gorkut atanyň kitaby”, Salar Babanyň taryhy, Baýram
hanyň (türkmen,türk,pars dillerinde), Seýitmuhammet Saýýadynyň, Ýunus
Emräniň, Gul Suleýmanyň we ş. m.)köp sanlysy taýýarlanyldy.
Golýazmalary neşir etmek işi iki ugur boýunça alnyp baryldy.
Birinji ugur- Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda dürli ýyllarda
etnografik toparlara gatnaşyjylar tarapyndan toplanylan resminamalar bilen
üstüni ýetirip, ozalky kitaplary, sowet döwründe zyýanly hasaplanylyp çap
edilmegine rugsat berilmedik çeşmeleri, ikinji ugur hem daşary ýurtlardan
getirilen golýazmalary neşir etmekden ybaratdyr. Neşir etmegiň birinji ugry
boýunça dürli tematika, şol sanda halk döredijiligine degişli edebiýatlar çap
edilýär.
Halk dessanlaryndan”Asly-Kerem”, “Şasenem - Garyp”, “WarkaGülşa”, “Emir Arslan” ýaly eserler täze maglumatlar bilen üsti ýetirilip çap
edilen işlerdir. “Türkmen halk matallary”, “Türkmen halk nakyllary”
kitaplary hem halk döredijiliginiň dürli žanrlary bilen okyjylary tanyş etmek
maksadyndan ugur alnyp çykaryldy. Bu kitaplar Milli golýazmalar
institutynyň
gaznasynda
saklanylýan
resminamalar
esasynda
taýarlanyldy.”Türkmen halk yrym-ynançlary”diýen kitap okyjylara ilkinji
gezek ýetirildi.
Milli golýazmalar institutynyň gaznasy esasynda çap edilen işleriň
ýene biri-de “Türkmen şorta sözleridir”. Bu ýygynda halkymyzyň durmuşy
bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan şorta sözler girizilipdir.
8
Halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişliçap edilen işleriň biri-de
“Türkmen halk ertekileridir”. Iki tomdan ybarat bu ertekiler ýygyndysy 2000
–nji ýyldan soň ilkinji gezek neşir edildi. Kitaba girizilen ertekiler Milli
golýazmalar institutynyň golýazmalar gaznasyndaky iň kämil nusgalardan
we ozal neşir edilen käbir kitaplardan saýlanyp alyndy.
Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlara ylmy saparlar edip, häzire çenli
bize mälim bolmadyk ýa-da entek doly öwrenilmedik golýazmalaryň
nusgalaryny getirdiler.
Getirilen golýazmalar dürli asyrlara, köpüsi bolsa X11-X111 asyrlara
dahylly bolup, olar ylymlaryň dürli pudaklaryna degişlidir. Daşary ýurtlarda
ylmy saparlarda bolnup getirilen golýazmalaryň nusgasynyň umumy sany
400 töweregidir. Edebi çeşmeler esasan arap, pars, türki dillerindäki
golýazmalardyr.
Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanylýan şol golýazmalaryň
arasynda Muhammet Awfynyň “Hekaýatlar ýygyndysy”, Abylwepa Reýhan
ibn Abdylwahyt Horezminiň “Mertebeler we kemlikler”, “Ajaýyplyklaryň
düri”, Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasy Rabguzy”, Muhammet Münewweriň
“Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlary” we başga-da
örän köp eserler bar.Bu kitaplar çeper pikirlenişe göz ýetirmekde, halk
döredijiligini, edebiýaty, umumy adamzat pelsepesini öwrenmekde uly
ähmiýete eýedir.
Beýik Galkynyş eýýamynda alymlaryň öňünde ylmy barlaglary
gadymy çeşmeler esasynda alyp barmak, edebi gymmatlyklaryň dünýä
derejesindäki ornuny we ähmiýetini kesgitletmek ýaly wezipeler durýar.
Çüňki türkmen geçmişde baý edebi ýadygärlikleri döredip, dünýä
medeniýetine uly goşant goşan halk. Köp asyrlaryň dowamynda döredilen
edebi ýadygärliklerimizi toplamak, öwrenmek, okyjylar köpçüligine
ýetirmek edebi miras hakyndaky taglymatyň baş wezipeleriniň biridir.
9
Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi
Dürli žanrlardan ybarat bolan halk döredijiligi egsilmez çeşme. Halk
köpçüligi özüniň döredijilik ylhamyny, ruhy dünýäsini, gam-gussasyny,
şatlygyny, arzuw-islegini folklor eserlerinde şöhlelendiripdir. Halk
döredijiligini gowy öwrenmezden, halkyň taryhyny bilmek mümkin däl. Halky
eserleriň çeperçiligi, terbiýeçilik gymmaty, şeýlelikde ony öwrenmegiň
zerurlygy irki döwürlerde-de ýiti duýlupdyr. Folklor eserleri taryhçylaryň,
edebiýatçylaryň ünsüni çekipdir.
Türkmen folklorynyň halkyň köp ýyllar dowamyndaky taryhy tejribesini,
ösüşini, dürli döwürlerdäki dünýägaraýşyny şöhlelendirendigi, halkyň iň oňat
milli häsiýetini özünde jemleýändigi üçinem gymmaty ýokary. Türk men halk
döredijiliginde çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşy, obrazlar ulgamynyň berlişide özboluşly bir mekdepdir.
Türkmen halk döredijiligi özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.
Ýöne welin sowet ýyllarynda halk döredijiligi eserleriniň köpüsi halka ýetmän
galdy. Sebäbi olaryň birnäçesi könäniň zyýanly galyndysyny ündeýändigi üçin
aýyplansa,birnäçesi dini äheňde ýazylandygy üçin ýazgarylypdy.
Türkmen halky özüniň bäş müň ýyllyk taryhynda agzeki hem ýazuwly
edebiýata degişli köp eserleri döredipdir. Olar halkymyzyň baý edebi
mirasydyr. Agzeki eserleriň ýazuwa geçmedikleri-de, ýazuwa geçenleriň
aglabasynyň häzirki günlere çenli saklanyp galmadyklary-da bar. Bize gelip
ýetenleriň hem ýoýuşlara, gysgaltmalara sezewar bolanlary köp.
Bir ýarym-iki müň ýýldan aňyrky döwre degişli ýazuw
ýadygärliklerini tapmak gaty çetin. Eger tapylaýsa-da, käbirinden az sanly
maglumat, bölekler ýa-da gykyndylar saklanyp galypdyr.
Oguz han eýamynyň edebiýaty üç ýarym müňden gowrak ýyly öz
içine alýar. Oguz döwründe gahrymançylykly hekaýatlar we rowaýatlar
birleşip, bitewi esere öwrüldi. Gadymy “Oguznamalar” hat üsti bilen
ýazuwly edebiýata berkidildi. Soňra ýiten gadymy “Oguznamalara” derek,
orta asyrlara degişli ýazuw çeşmeleri saklanyp galypdyr.
10
Türkmen halkynyň biziň eýýamymyzdan öňki on ikinji ýüz
ýyllykdan gözbaş alyp gaýdýan Awesta edebiýatynda-da, bäş ýüz ýyllyk
taryhy bolan Parfiýa medeniýetinde-de paýy bar. Alymlar Oguz-Orhon
ýazgylaryny hem harby-gahrymançylykly poema hasaplap, onuň edebi
eserleriň ajaýyp nusgalarynyň biridigini nygtaýarlar.
Ýurdumyzda edebi miras hakyndaky taglymatyň kabul edilmegi
bilen häzire çenli känbir belli bolmadyk edebi baýlygy öwrenmäge giň
mümkinçilik açyldy. Alym J. Annaorazow “Parlaryň parlak ýyldyzy”
(“Edebiýat we sungat”gazeti,2006ý., 28 iýul) makalasynda “Wis we Ramin”
eseri barada ylmy maglumatlary getirýär. Eseriň esasyny halk döredijiliginiň
iň gadymy nusgalary düzýär. Ol türkmen şahyry Fahreddin Gürgeni
tarapyndan pehlewi (orta pars) dilinden pars diline (1048ý.) geçirilýär.
Eserde b.e. birinji asyrynda bolan waka beýan edilýär. “Wis we
Ramin” dünýäde söýgi temasyndan ýazylan ilkinji işdir. Bu eser diňe bir
Ferdowsiniň “Şanama”, Nyzamynyň “Hysrow we Şirin”, Jeýli- Mejnun”
eserleri däl, “Don-Kihot”, “Romeo we Žulýetta” ýaly orta asyr söýgi
poemalarynyň ýüze çykmagyna-da täsirini ýetiripdir. Şunuň bilen birlikde,
poemanyň türkmen dessanlarynyň döremeginde-de roly bolandyr diýen
ylmy çaklamalar bar.
Merwde döredilen “Wis we Ramin” eseri barada käbir maglumat alym
A. Meredowyň Seljuklar döwrüniň edebiýaty hakyndaky makalasynda-da
agzalýar. Emma bu eser häzire çenli öwrenilmän gelindi.
Alym K. Babaýewiň “Müň ýyllyk möhürli edebiýat” (“Edebiýat we
sungat”gazeti, 2005ý,16 dekabr) makalasynda “Urk bitig” eseri hakynda
gyzykly maglumatlar getirilýär. Awtory näbelli bolan bu golýazma
X11
asyr mundan ozal gadymy türkmen dilinde ýazylypdyr. Golýazmany A.
Steýn diýen alym demirgazyk –günorta Hytaýdaky “1000 buddaly gowak”
ybadathanasynyň
gullukçysyndan
satyn
alyp, özüniň
Londondaky
kolleksiasyna goşýar. Ony daniýaly alym, professor W. Tomson iňlis diline
geçirýär we 1912-nji ýylda neşir etdirýär.
Alym S. Malow “Yrk bitig” ( “Yrk”- yrymlar, “bitig”- bitewleşme,
ýagny kitapça diýmek) eserini “Palçylyk kitapçasy” diýip atlandyrsa-da,
onuň palçylyk bilen hiç hili dahyly ýok. Goşgy bilen ýazylan bu çeper
eseriň 65 sany hekaýatynda guşlaryň hem haýwanlaryň özlerini alyp
baryşlary dini rowaýatlardyr ertekiler bilen baglanyşdyrylýar. Olaryň
hereketlerine baha berilýär,netije çykarylýar. “Yrk bitig’ eseri basnýa
žanrynyň ilkinji nusgasydyr.
“Arzy-Gambar” dessany-da türkmen ylmynda kän öwrenilmedik eserleriň
biri. Alym R. Mustakowyň “Arzy-Gambar” (“Edebiýat we sungat” gazeti,
1989ý., 21-nji aprel) dessany hakyndaky ylmy makalasynda eseriň sýužetiniň
türki halklaryň arasyna ýaýrandygy aýdylýar. Dessanyň Yrak-
11
Kerkuk (Yrakdaky welaýat) nusgasy 1964-nji ýylda çykýar. Dessan
hakyndaky maglumatlar soňra Tähranda (1967ý.), Bakuwda (1971ý.) neşir
edilýär.
Azerbaýjan alymy S. Ýakubowa “Türki halklarynda “Arzy-Gambar”
sýužeti (folklor, literatura i istoriýa Wostoka, Taşkent, 1984g.) hakynda ylmy
işini ýazdy.
“Arzy-Gambar”
dessany XV11-XV111 asyr
türkmen
klassyk
edebiýatynda, folklor eserlerinde agzalýar. Milli golýazmalar institutynda
dessanyň sýužetiniň birnäçe görnüşi saklanylýar. “Arzy-Gambar” eseriniň
başlanyşy-da,
eseriň gahrymanlarynyň atlary-da beýleki türkmen
dessanlarynynka meňzeş. Bu dessanyň öwrenilmegi halk döredijilik
eserleriniň özara baýlaşmagyna getirer.
Orhon-Eniseý ýazgylarynyň (V1-V111 asyrlar) türkmenlere degişlidigi,
Mahmyt Kaşgarlynyň ( X1asyr) “Duwany lugat at- türk” (“Türki dilleriň
diwany”) atly meşhur işi hem ýazuwly edebiýatyň irki döwürlerde
dörändigini subut edýär. “Türki dilleriň diwanynda” 7 ýarym müň çemesi
türkmen sözi bolup, baý edebi döredijiliginiň nusgalary-da bu kitapda
jemlenipdir.
Kitap arap halifi Mugtadi Willaha sowgat berilýär. Mahmyt
Kaşgarlynyň “Duwany lugat at- türk” eserinde türkmen halk döredijiligine,
esasan-da nakyllar we atalar sözüne degişli 300 töweregi şygyr bölekleri bar.
Beýik Galkynyş eýýamynda Diwan ilkinji gezek asyl nusgasyndan, ýagny
arapçadan türkmen diline terjime edildi.
Polýak
syýahatçysy A. Hodzko-Boreýkonyň “Görogly”
eposynyň
birnäçe şahasyny 1842-nji ýylda ilkinji gezek iňlis dilinde neşir etdirmegi
hem eposy öwrenmegiň başlangyjydyr.
Türkmen halk döredijiligini öwrenmekde X1X-XX asyrlarda bitirilen işler
hem köp. X1X asyrda türkmen folkloryna degişli makalalar ýörite
ýygyndylarda, žurnallarda çap edilipdir. 1871-1875-nji ýyllarda Tbiliside çykan
ýygyndylarda,1888-1895-nji ýyllarda Daşkentde,Moskwada, Sankt-Peterburgda
neşir
edilen
kitaplarda
türkmen
halk
döredijiligine
degişli
makalalara,tekstologik işlere gabat gelinýär.
Tbiliside neşir edilen “Sbornik swedeniý kawkazskih gorsah”
(1875g.)diýen kitapda maňgyşlak türkmenleriniň ertekileriniň 8-si çap edilýär.
Şonuň ýaly ýagdaýy ýygnalan hem-de terjime edilen”Poslowisy tuzemnogo
naseleniýa Turkestanskogo kraýa”(Daşkent, 1888g.) diýen ýygyndyda hem
görmek bolýar.
M.S.Agabekowyň “Uçebnik turkmenskogo nareçiýa s priloženiýem
sbornika poslowis i pogoworok turkmen Zakaspiýskoý oblasti”(1904g.)diýen
kitabynda-da türkmen folkloryndan bölekler çap edilýär.
12
Kitapda nakyllaryň 160-dan gowragy türkmen we rus dillerinde berilýär.
Neşir edilen kitaplarda halk döredijiligine degişli makalalar, eserleriň aýry-aýry
meselelerine bagyşlanylan pikirler –de bar.
Alym I.A. Belýaýewiň “Grammatika turkmenskogo ýazyka” (1915g.)
kitabynda nakyllaryň 150-si berlipdir. Kitapda dil materiallaryny-faktlaryny
öwrenmek maksady bilen birnäçe ertekiniň teksti, käbir nakyllar mysal
getirilipdir. I.A. Belýaýewiň folklor eserlerine degişli işlerinde ýaremezan
aýdymlary barada-da anyk pikir ýöredilýär. Mysallar türkmen we rus dillerinde
berilýär.
Türkmen folklor materiallaryny çap etmekde “Zakaspiýskaýa tuzemnaýa
gazetiniň” ähmiýeti uly. I.A. Belýaýew gazetiň türkmen bölümine redaktorlyk
edipdir. Gazetiň habarçysy A.S.Alyýew folklor materiallaryny toplap, olary
neşir etmek baradaky çykyşlaryny beripdir. Şol gazetde Hojaly molla
Myratberdi oglunyň edebi mirasa degişli hyzmaty-da uly.
Türkmen folklory bilen içgin gyzyklananlaryň biri-de alym A.P.
Samoýlowiçdir. Ol Isgender Jahangir ady bilen türkmen topragynda birnäçe
gezek bolýar. A.P. Samoýlowiç 1902-nji ýylda Hazar deňziniň ýakalarynda
bolup, edebi mirasyň bir şahasy bolan halk döredijiligini - köp sanly
ertekileri,nakyllary toplaýar. Ol döredijilik saparyny 1906-njy, 1909-njy,
1927-nji ýyllarda-da gaýtalaýar hem-de türkmen folkloryna degişli
materiallaryň köp sanlysyny ýygnaýar.
A.P. Samoýlowiçiň “Zagadki Zakaspiýskih turkmenow w russkom
perewode”, “Tri turkmenskih skazok w russkom perewode”,”Oçerki po istorii
turkmenskoý literatury” diýen işlerinde türkmen halk döredijiligine ýokary
baha berilýär. A.P.Samoýlowiçiň we beýleki Gündogarşynaslaryň türkmen
folklory boýunça ýazan ylmy işleriniň käbiri halk döredijiliginiň žanrlary
öwrenilende-de ýatlanylyp geçiler.
1925-njy ýylda Türkmenistan Magaryf halk komissarlygynyň
garamagyndaky medeniýet bölümi türkmen folklory bilen meşgullanýar. Soňra
bu iş Türkmen medeniýeti institutynyň degişli bölümlerinde öwrenilýär.
1925-1931-nji ýyllarda türkmen folklor eserlerini ýygnamak maksady
bilen obalara ylmy saparlaryň 11-si guralýar we 3700-den gowrak halky
eserler ýazylyp alynýar.
Obalara guralan ylmy saparlara alym
A.P.Poseluýewskiý işeňňir
gatnaşýar. Türkmen folklor eserlerini toplaýar we öwrenýär. Onuň ýazyp
alan halky eserleriniň 80-si fonografda (aýdyjynyň aýdyşy ýaly
transkripsiýada) bolupdyr. Ol
Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyna guralan ylmy saparda
gökleňlerden halky eserleri toplaýar we öwrenýär. A.P.Poseluýewskiý
1935-nji ýyldan kürtleriň we buluçlaryň folklor eserlerini ýygnamaga
girişýär. Onuň “Türkmen folkloryny dernäp öwreniş” ylmy işinde halky
eserlerde çeper diliň, milliligiň esasy aýratynlyklary görkezilýär. Beýleki
13
halklardan geçen folkloryň ýerli şertlere, däp-dessurlara uýgunlaşyşy
barada pikir ýöredilýär.
A.P.Poseluýewskiý “Türkmen aýal-gyzlarynyň läleleri we goşgulary”
ýygyndysyny neşire taýýarlaýar. Türkmen saz folkloryna üns berýär. Onuň
“Türkmen halk döredijiligi” diýen ylmy işi hem türkmen
folkloryny
ösdürmekde uly goşantdyr.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi - 02
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi - 01
    Total number of words is 3322
    Total number of unique words is 1697
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    35.2 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 02
    Total number of words is 3367
    Total number of unique words is 1816
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 03
    Total number of words is 3382
    Total number of unique words is 1869
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 04
    Total number of words is 3372
    Total number of unique words is 1994
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 05
    Total number of words is 3538
    Total number of unique words is 1978
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 06
    Total number of words is 3451
    Total number of unique words is 1832
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 07
    Total number of words is 3493
    Total number of unique words is 1745
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 08
    Total number of words is 3438
    Total number of unique words is 1691
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 09
    Total number of words is 3594
    Total number of unique words is 1828
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 1928
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 11
    Total number of words is 3498
    Total number of unique words is 1850
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 12
    Total number of words is 3398
    Total number of unique words is 1936
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 13
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1678
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 14
    Total number of words is 3510
    Total number of unique words is 1895
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 15
    Total number of words is 3374
    Total number of unique words is 1771
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi - 16
    Total number of words is 364
    Total number of unique words is 177
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.