Latin

Söýgüde serhet ýok - 02

Total number of words is 3727
Total number of unique words is 2166
33.0 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolýa» diýip şeýle bir nadarlyk etdi welin, şondan soň men telim
wagtlap şolaryňka salama-da baryp bilmedim. Ýene bir zady aýtman
durup biljek däl. Ýagny, Erkiniň oguljygy on ýaşlaryndaka tüýnükden
ýykylyp çep elini goşaryndan döwdürdi-de, ylaýyk kyrk günläp
hassahanada ýatdy. Ýekeje gezegem öýüne goýbermediler. Ine, şol kyrk
günüň içinde Aýlarhan ýekeje gezegem oglunyň yzyndan barmady. Asla
ýagdaýy nähili diýip soramadam.
Soňam bir gezek Erkin çagasynyň raýatlyk hukugyny goramak üçin
etrapdan başlap tä ministrliklere çenli gidişmeli boldy. Göreş üç ýarym
ýyla çekdi. Ahyram Erkin arzyny bir ýol bilen Prezidentiň hut özüne
ýetirip ýeňiji bolup çykdy.
Ine, şu üç ýarym ýylyň içinde-de Aýlarhan ýekeje gezek hem
ärinden: “Nähili, işler düzelişýämi, ugrukýamy, hiý, hakykata göz
galdyrýan bamy” diýip soramady. Gaýtam şol göreşden Erkiniň ýeňiji
bolup däl-de, ýeňlip çykmagyny isledi. Ýeňenini bilip gynandy. Işiň
dowamynda-da hemişe Erkiniň däl-de onuň garşydaşlarynyň tarapynda
durdy. “Aýaly gowy, gepe düşýä, äri ýaman” diýdirjek boldy.
Ikisem öz ogluna degişli bolan şu wakalarda Aýlarhanyň özüni
näme üçin şeýle alyp barandygyna Erkin ikimiz şol wagtlaram
düşünmeýärdik, men-ä heniz-henizlerem düşünip bilemok. Özümiň
14
“psihoanalitik” hünärmenlik tejribämde şeýle häsiýetli adama men
henize çenli duş gelemok.
Erkiniň öz maşgalasyndan ymykly sowaşmagy üçin şol zatlaram
bir sepgit bolup hyzmat etdi. Göwün gutarnykly döwüldi. Arabanyň
tigriniň sypmagyna az wagt galdy. Erkin indi ol öýde diňe çagalarynyň
hatyrasyna ýaşaýardy. «Çagajyklarym ýetişse bolýa, şojagazlarym ýetim
galmasa bolýa, şolary öý-işik eden günümem giderin, ýekeje ýylam
bolsa, özüm üçin emin-erkin ýaşaryn» diýip ýygy-ýygydan zeýrenýärdi.
Muny ol Aýlarhanyň özüne-de aýdýardy, düşündirjek bolup, düşünişjek
bolup özelenipler çykýardy, bäş gün ýalançyny oňşukly ýaşamaklyga
çagyrýardy. Mahlasy, onuň ýüregi henizem söýgi küýseýärdi. Ýaşlykda
boş geçen söýginiň boş duran ornuny bir zat bilen doldurasy gelýärdi.
Wagt bolsa geçip durdy. Ol haýallyk bilen gündogardan günbatara
tarap akýardy. Erkin ikimiz onuň sesinem eşidýärdik, sudurynam
görýärdik, hatda reňkinem saýgardyk. Kimdir birine garaşýan ýaly, oňa
seredip, Erkini käte sagatlap oturan wagtlaram bolýardy.
Şeýle ýagdaýda on iki ýyl geçdi. Köp garaşdyran jaý nobatymyz
ahyry gelip ýetdi. Oňa çenli iş ýagdaýlarymyzam gowulaşyberipdi. Men
nerwologiýa ugrundan kandidatlyk dissertasiýamy gorap, doktorantura
girmäge taýýarlyk görüp ýördüm. Erkiniň çykaran kitaplarynyň sany
bäşe golaýlapdy. Bu şol döwrüň ölçegi bilen alanyňda az däldi. Çünki,
ol wagt golýazmalar kitap bolup çykýança neşirýata tabşyrylandan
soňam telim ýyllap ýatýardy. Bu wagtky ýaly işjeňlik, elektron ýazgylar,
çalt usullar ýokdy.
Jaý alanymyzdan soň güzeranymyz hasam gowulaşdy. Giňden-giň
howaly jaýlarda oturyp öndümli işlemekligimize mümkinçilik döredi.
Erkiniň maşgala ýagdaýy welin üýtgemedi. Içeriniň dartgynlylygy
gowşamady. Aradan ýyllar geçse-de, Aýlarhan ýadamady. Gylyjyny
gynyna salmady. Iki çagaly gelinden elini üzmedi.
Ozaldanam söýgüden kem paý galan ýarym göwün ýigidi bu
ýagdaý halys egbarlatdy. Ýadatdy. Öýünden, işinden elini sowatdy.
Aýrylyşyp dynmak hakynda çynlakaý pikir edip ugrady. Ýöne,
çagajyklaryna bolan köne yhlasy her gezek ony bu pälinden el çekmäge
mejbur etdi. Käte ol uludan demini alardy-da: «Iki-üç gezek aýrylyşyp,
15
çagalaryny dyr-pytrak edişip ýören adamlaryň ýürekleri nahilikä? Biz-ä
şonuň bir gezegine-de döz gelip bilmän, özümize zor salyp ýörüs»
diýerdi.
Şol zatlar bilen bagly bolsa gerek, Erkin ýene-de ýygy-ýygydan
Güljemaly ýatlap başlady. Maşgalasyndan tapmadyk mährini bir
ýerlerden tapasy geldi. Maksadyna ýetmedik, şowsuz hem lal söýgi
barada täze-täze, goşgular ýazdy. Bu onuň döredijilik ýolunyň belli bir
tapgyryny emele getirdi.
Şeýdip barşymyza kyrka ser uranymyzam bilmän galdyk.
Birdenem döwlet başyna SSSR-iň taryhynda ilkinji bolup
demokratiýa ýol açan Mihail Sergeýewiç Gorbaçýowyň geçmegi bilen
ýurtda «üýtgedip gurmak» döwri başlandy. Aç-açanlyk, köp pikirlilik
yglan edildi. Soýuzyň düzümine girýän respublikalaryň hersi öz agyrýan
ýerini tutup, «aglap» başlady. Öňi bilenem özbaşdaklyk, dil, taryha
dogruçyl garamak öz ýerüsti we ýerasty baýlyklaryňa eýe bolmak
meselesi öňe çykdy. Gyzgalaňly göreş başlandy.
Erkin hem şol göreşe goşulanlaryň biri boldy. Gazet-žurnallara
döwrebap makalalar ýazdy. Telewizorda, radioda, käte bolsa halkyň
öňünde edilýän çykyşlara gatnaşdy. Ol esasanam türkmen diline döwlet
dili hukugynyň berilmegi üçin köp yhlas etdi.
Ýöne, bu ýagdaý uzaga çekmedi. SSSR-iň ilkinji hem iň soňky
Prezidenti Gorbaçýow öz beren demokratiýasynyň pidasy boldy. SSSR
ilk-ä yraň atdy, soňam ýykyldy. Öz beren demokratiýasyny öz garşysyna
ulanmak bilen Gorbaçýowy işden aýyrdylar. Ýetmiş ýyllap SSSR-iň
düzüminde duran döwletler özbaşdaklyklaryny yglan edip başladylar.
Şol bagt Türkmenistana-da miýesser etdi. Özbaşdak boldy. Türkmen
diline döwlet dili hukugy berildi. Göreş döwri Erkin ýaly öňe çykan
ogullaryň aýdanlary boldy. Ýöne, garaşsyzlyk olaryň özlerine hiç zat
bermedi. Gaýtam, öňküje ygtyýarlarynam elinden aldy. Öz wagtynda
Türkmenistanyň özbaşdak bolmagyna-da, türkmen diliniň döwlet dili
bolmagyna-da, garşy çykan şol wagtky döwlet ýolbaşçysy şondan soň
garaşsyzlygy
özüniň
alyp
beren
adam
hökmünde
mahabatlandyrylmagyny isledi. Şoňa goşulmadyklary özüne duşman
saýdy. Ýalan öwgini gysganmaýanlary bagryna basdy, ýaňaklaryndan
ogşady. Ordendir-medallar, sylaglar, atlar, baýraklar berdi. «Üýtgedip
gurmak» döwri gara başyny orta goýup, il-günüň bähbidi üçin
göreşenler bolsa gara sanawa düşdüler. Howply adam hökmünde
16
metbugatdanam,
neşirýatlardanam,
radiodyr-telewideniýedenem
gyrakladyldylar. Iň ýamany olara işem berilmedi. Öň işläp ýören bolsada, şol döwür ýoň bolan kesele görä: «Iş ýeriniň kemeldilýändigi»
sebäpli diýen bahana bilen çykaryldylar. Erkinem şol güne düşdi.
Bu ýagdaý olaryň lapyny keç etdi. Bütinleý ruhdan düşenlerem,
ýürek agyrysyna, gan basma kesellerine ýolugyp ýurduny täzelänlerem
boldy. Käbirleri özleriniň uzakdaky obalaryna, käbirleri bolsa ugruny
tapyp daşary ýurtlara emigrasiýa gitdiler. Erkin ýaly hiç ýere gitmän,
«ajap eýýamyň» gelerine garaşyp, döredijiliklerini öýlerinde dowam
etdiriberenlerem az bolmady. Öýleneli bäri dowam edip gelýän maşgala
külpetleriniň üstesine ol indi işsizlik, harjysyzlyk derdinem çekmeli
boldy.
Hut şol döwrem onuň ogluny öýermeli, gyzyny çykarmaly wagtyna
gabat geldi. Bu bolsa onuň ömürboýy edip gelen arzuwydy. Öň
ýüreginde besleýşi ýaly, şol aladalaryndan dynandan soň, özüni erkana
durmuşyň gujagyna oklajakdy, asuda durmuşyň hözirini görjekdi. Bar
ünsüni döredijiligine berjekdi. Göwrümli eserler ýazjakdy. Dawajenjeller zerarly boş geçen pursatlarynyň öwezini doljakdy.
Her-hal ol bassyr bäş-üç ýylyň dowamynda öňden ýygnap goýanja
harjysy bilen kän bir karz-kowalam alman ogluny öýerdi, gyzyny
çykardy.
Şondan soň Erkin daşary ýurtlaryň birine uzak möhlet bilen işe
giden tanşynyň birinji gatda ýerleşýän, iki otagly jaýyny – suw, tok,
telefon we öý töleglerini tölemek hem-de, içine-daşyna seretmek şerti
bilen ýaşamaga aldy.
Ýöne, bu onuň öýünden ymykly gitdigi däldi. Gündiz şol jaýda
işlese-de, agşamlaryna köplenç öýüne gelip ýatýardy. Halys gelibilmese,
jaň edýärdi. Pylany şu ýaşdan soň öýüne gelmän, ýazy ýatyp ýör diýen
ada galmajak bolýardy.
Işsiz kösenýärdi. Aýlab-a däl, hatda ýyllabam işsiz harjysyz oturýan
wagtlary bolýardy. Hatda garawulçylyga girenini bilselerem, degişli
edaralaryň adamlary onuň «aladasyny» edýärdiler we derrew işden
çykardýardylar.
Iki müňünji ýylyň aýaklary bolsa gerek, ahyrsoňy men ony
tanyşlarymyň üsti bilen ulurak edaralaryň birine terjimeçilik wezipesine
işe ýerleşdirdim. Aýyrýançalar bir işle, soňunam görübiris diýdim. Ol
şol edaranyň hat-peteklerini rusçadan türkmençä terjime edip berýärdi.
17
Çünki, türkmen diline döwlet dili hukugy berlenem bolsa, entek
edaralardaky ähli hat-petekler, hatda buýruklara çenli orsça ýöredilýärdi
we soňundan terjime edilip, bir bukja çatylyp goýulýardy.
Wagtyny alýandygyna garamazdan, bu iş Erkiniň öz gününi özüniň
dolamagy, iýip-içmegi, eşik edinmegi, ýazar ýaly kagyz-galam satyn
almagy, ýazan zatlaryny kompýuterde çap etdirmegi üçin iňňän zerur we
amatly bolup durýardy. Öý bolsa öz günamasyny özi aýlaýardy.
Aýlarhan işleýärdi. Uluja ogly Derkar bolsa okaýardy hem-de stipendiýa
alýardy.
Şeýlelikde ol uly hyruç bilen işläp başlady.
Biz edil öňkimiz ýaly ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Kä ol meniňkä
gelýärdi, kä men onuň ýanyna barýardym. Şonda biz onuň ýazan we
indiki ýazjak zatlary barada maslahatlaşýardyk. Ol zatlaryň haçan kitap
bolup çykjakdygy welin, hiç birimizem bilmeýärdik. Esasy zat pursady
goldan bermän işlemek! Döretmek! Aňryňa bir zat taşlamak. Iru-giç
çykjakdygyna bolsa söz ýok. Şeýle ýagdaý edebiýat taryhynda öňem az
bolmandy. Ýekeje kitap hem halka gowuşman galmandy. Iň bärkisi
sowet söwründe gadagançylyga düşen, hatda daşary ýurtlara emigrasiýa
giden sowet ýazyjylarynyň kitaplaram «üýtgedip gurmak» döwründe
çap edilipdi.
Şeýle ýagdaýda wagt geçip durdy. Birdenem, ol ýanyma
gelmesinem, çagyrmasynam seýrekledip başlady.
Men munam gowulyga ýordum. Işe has gyzyşandyr, göwrümliräk
bir işe başlandyr, öýtdüm. Şonuň üçinem, başardygymdan oňa päsgel
bermezlige çalyşdym. Juda göresim ýa gepleşesim gelen wagtam jaň
edip oňaýdym.
Erkin ikimiziň oglanlykdan bäri gyşarnyksyz ýöredip gelýän bir
edähetjagazymyz bardy. Şoňa görä, gaty bir uzakda bolmasak, iň
bolmanda aýak üstünden biz hökman biri-birimiziň doglan günümize
barýardyk. Gutlaýardyk. Şol günlerem men elli dört ýaşymyň dolaryna
garaşýardym. Men iň bolmanda şoňa-ha geler-dä, näme üçin gelmesini
seýrekledendiginiň sebäbinem şonda aýdar-da, diýip garaşdym. Çünki
ikimiziň doglan ýylymyz bir bolsa-da, aý hasaby boýunça men ondan
uly. Meniň doglan günüm onuňkydan öň gelýär.
Ine, şol günem gelip ýetdi. Agşam sagat ýedi boldam welin, gapy
kakyldy. Aýalym gapyny açdy. Onuň saglyk-amanlyk soraşyşyndan
geleniň Erkindigini aňdym. Oňa çenlem eli kepgirli aýalym meniň
18
oturan otagyma boýnuny uzatdy-da, oduň başynda köp durandygy
zerarly çym gyzyl bolan ýüzündäki burçak-burçak derleri el süpürgiji
bilen syryp durşuna «haş-haş» edip:
– Erkin geldi... – diýdi.
Ol çykdam welin gapyda Erkiniň ilki ýüzi , soňam tutuş göwresi
göründi. Salam berdi. Ellerini owkalap durşuna doglan günüm bilen
gutlady. Getiren sowgadyny elime tutdurdy.
Men ony töre geçirdim. Ýagdaýlaryny soradym. Oňa çenlem
çagalarym saçagyň üstüni dürli-dümen tagamlardan doldurdylar.
– Görünmediň welin, näme, köp işleýäňmi? Ýazýaňmy? – diýip,
men iýip-içip başlanymyzdan soň oňa sorag berdim.
Çemçesindäki çorbany «üfläp» oturşyna ol gyssanmaç jogap berdi.
– Onsuz-a bolanok... Işleýän. Ýöne...
– Hä, ýönäň näme?
Ol uludan demini aldy. Çalarak ýylgyryp, aşak bakdy.
– Bilýäňmi näme, Nepes... Men muny saňa öňräk aýtmakçydym,
emma aýtmalymy ýa aýtmaly dälmi diýen meseläni wagtynda
çözübilmedim. Sebäbi bu ynanar ýaly zat däl. Şeýle-de bolsa, aýtmaly
diýen netijä geldim. Çünki şu çaka çenli senden gizlin syrym bolmandy,
indem bolmaz. Ine, men häzir hut şonuň üçin seniň gaşyňda otyryn.
– Näme hakda aýdasyň gelse, çekinme-de aýdyber, Erkin, men seni
diňleýän.
Ol gözlerini tegeläp, ýüzüme seretdi.
– Men ýöne ýere garaşman ekenim. Ol ahyry geldi.
– Kim geldi?
– Güljemal.
– Güljemal?..
– Howwa, Güljemal.
– Haýsy Güljemal?
– Meniň ömrümde näme, telim Güljemal bolupmydy?
– Ýok, seniň ömrüňde bir Güljemal bolupdy... Ýöne...
– Howwa, ol dünýede ýok, emma geň galsaňam men hut şol
Güljemala sataşdym. Ynanar ýaly däl diýýänimem şoň üçin.
Men dogrusy, ol birazajyk üýtgändir öýtdüm. Çaga wagtlary hiç
kime goşulman, düňderilip ýörşem şu zatlaryň başy eken-ow diýip, içimi
gepletdim. Ol meniň bu pikirimi ýüzümden okan ýaly ajymtyk ýylgyrdy.
19
– Ýok, dost! Men aklymdan azaşamok. Huşumam ýitiremok. Şol
gelni gözüň bilen görseň, özüňem şeý diýersiň. Ikisi edil bir almany iki
bölen ýaly. Ne görkünde, ne durkunda, hüý-häsiýetinde hiç hili tapawut
ýok. Bir üýtgeşik ýeri, munuň ady Güljemal däl-de, Jemal...
Meniň agzyma gelenem şu boldy.
– Diýmek, onda saňa onuň «düblikaty» düşüpdir-dä?
Erkin göwünli-göwünsiz ýylgyranda edişi ýaly gaşlaryny gerip,
aşaky ernini bir gyra çekdi.
– Şeý diýseňem boljak.
– Sen oňa nirede duşup ýörsüň?
– Seniň işe ýerleşdiren edaraňda.
– Haçanrak?
– Baran badyma. Şol edaranyň içinde on dört sany dolandyryş bar.
Her dolandyryşdanam biri maňa terjime edilmeli hat-petekleri getirip
berýär, soňam alyp gidýär. Jemalam şolaryň biri.
– Ýaşmy?
Erkiniň ýüzi ýagtylyp gitdi.
– Ýaş. Gaty ýaş. Menden ýigrimi dört ýaş kiçi.
– Daş keşbi nähili?
– Aýtdym-a ýaňy Güljemal bilen bir almany iki bölen ýaly, diýip.
Bir gözüniň süzgekligem edil şoňky. Hatda ýokarky dodagynyň çep
tarapyndaky haljagazam, saçlarynyň depesinde boglup, ujunyňam edil
horazyň guýrugy ýaly ýaý berip, gerdenine dökülip durşam şoňky.
Sözleri mylaýym. Ýüzi mähirli. Birinji gezek görenimden «zöwwe»
ýerimden galanymam bilmän galdym. «Eý, Huda-aý! Beýle-de bir
meňzeşlik bor ekeni-ow» diýip içimi gepletdim. Meniň bolup durşymy
görüp o-da birhili boldy. Ýüzi gyzardy. Aljyrajak ýaly etdi. Terjime
etdirmek üçin getiren kagyzlaryny berjek bolanda elinden gaçyrdy.
Çöpläp durka ýygralyk bilen ýylgyryp ýüzüme bakdy welin tas özümden
gidipdim. Men oňa kagyzlary ýygnamaga kömek etdim. Gapdalymdaky
oturgyjy öňüne süýşürdim. Oturtdym. Çaý berdim. Assa-ýuwaş
gürleşdik. Tanyşdyk. Adynyň Jemaldygyny aýdanda men tasdanam:
«Näme üçin Jemal? Sen Güljemal ahyry» diýip gygyrypdym. Ol bolsa
uzak wagtlap ýüzüme seredip oturdy-da: “Men sizi öňem bir ýerde
gören ýaly, ýöne, hiç hakydama getirip bilemok-da”... diýdi.
Şondan bäri ol her gezek terjime getirende beýlekiler ýaly aýak
üstünden taşlap gidibermän, ýanymda oturýar, bileje çaý içýär,
20
gürleşýär. Men kabinetde ýeke özüm bolamsoň bize gürleşmek amatly.
Päsgel berýän ýok. Iki-ýeke gelýänlerem hat-peteklerini goýýarlar-da,
uzak eglenmän, çykyp gidýärler. Her gezegem ol meni nirede
görendigini ýadyna saljak bolup kösenýär, ýöne salybilenok.
– Gürleşip bir bilýäňmi – diýip, men Erkiniň sözüni böldüm. – Sen
gaty ýygradyň-la...
– Dogry. Ýygradym. Ýöne, öň ýygradym. Indi beýle däl. Güljemal
bilen mazar başynda sözleşenimden soň ýygralyk menden arany açdy.
– Diýmek, onda sen ýene-de aşyk bolupsyň-da?
– «Bolupsyňdaň» näme? «Ýenedäň» näme? Men oňa ozaldan aşyk
ahyry. Sebäbi ol: «Men Jemal» diýse-de, meniň üçin Güljemal.
– Özüne-de aýtdyňmy şeý diýip?
– Näme diýip?
– Sen Güljemala meňzeş diýip.
– Ýok, aýdamok. Entek aýdara maýam bolanok. Onsoňam özündenä sorap göremok welin, daş gulakdan eşidişime görä, onuň äri barmyşyn.
Meniň içki ynanjym boýunça bolsa ärli aýala gyýa göz bilen bakmak
bolanok. Bu babatda men bilşiň ýaly Magtymgulynyň: «...Gel eliňi köze
goý, eger döze bilseň kylgyl bu işi» diýen ýörelgesine eýerýän. – Erkin
elini salgap goýberdi. – Ýöne, o zatlar hiç, maňa ony diňe daşyndan
görüp, guwanyp ýörmekligiň özem ýeterlik. Şahyrdygymy bilib-ä ol
hasam begendi. «Men goşgy okamany gowy görýärin», diýdi. Sorap
alyp kitaplarymy okady. Şolaryň käbirlerini öň okandygyny, meniň bilen
ýakyndan tanyşandygyna şatdygyny aýtdy. Bir günem günortanara çaý
içişip otyrkak gözlerini tegeläp, ýüzüme seretdi-de: «Hä-ä, ýadyma
düşdi, men sizi telewizorda gören ekenim...» diýip, şadyýan seslendi.
Şol gezek men ondan maşgala durmuşy barada gürrüň bermegini
haýyş etdim. Ol hakykatdan-da äriniň bardygyny, ýöne erbet kesele
uçrap, esli wagt bäri agyr ýatandygyny, şeýle hem basdaş çagasynyň
bardygyny, ikisiniňem gyzjagazdygyny aýtdy. Men gepiň gerdişine
diýen ýaly: «Iki çaga, bir hassa bilen ýeke özüňize kyn bolanokmy”
diýip soradym. «Elbetde kyn bolýa. Aýlygym hasaply. Dermanlar
gymmat. Çagalaram iýjek, geýjek. Özlerem tüweleme, gün-günden ösüp
barýalar. Bu günki alan eşikleriň, köwüşleriň ertir ýa kelte, ýa dar bolýa.
Ulyňkyn-a kiçä geýdirseň bolýa welin, kiçiniňkini nätjegiňi bilip
bolanok. Dogan-garyndaşlaryňam hersiniň öz aladasy özüne ýetik.
Adamymda-ha asylam ilen-çalan ýok. Bolaýanda-da haçana çenli olara
21
bil baglap ýörjek» diýip, birhili zeýrenjek ýaly etdi. Şol wagt mende:
“Şuňa maddy kömek gerek bolaýmasyn” diýen pikir döredi. Ýöne özüň
bilýäň, mende-hä artyk-süýşük zat ýok, öz günümi özüm zordan aýlap
ýörün, şeýle-de bolsa, o sözlerinden soň men oňa öz kömegimi
hödürlemän durup bilmedim. Ýöne ol: «Ýok, ýok! Aýdýanyňyz näme,
hiý, menem bir sizden pul alarynmy? Siziň öz öýüňiz, çagalaryňyz bar
ahyry – diýip, agzymy açaryma mähetdel maňa tarap aýalaryny gerip,
arkan gaýyşdy. – Asla men siziň ýanyňyzda o zatlar barada agzamalam
däldim welin, halys öwrenişenimden soň özüme golaý saýyp
aýdaýypdyryn-da... agzymdan sypdyraýypdyryn-da...» Ony oňaýsyz
ýagdaýdan alyp çykmak üçin: «Men karz kömegi barada aýdýan, Jemal!
Adamçylykdyr, birden zerurlyk ýüze çyksa maňa bil baglap bilersiň.
Karz bermek, karz almak aýp däl...» diýdim. Ol uzak wagtlap uzyn hem
inçe ökjeli, daşyndan seretseň ýaýbaň dabanly, injikleri dykyz, owadan
aýagyna diýseň dar görünýän, ýalpyldawuk gara köwşüniň inçe burnuna
seredip oturdy-da: «Eýle bolsa, bolýa, gerek wagty aýdaýaryn, karz
soraýaryn. Basymjagam gaýtaryp bererin» diýdi.
Elbetde, ol menden pul sorabam durmady, ýöne şondan soň biz
hasam öwrenişdik. Işden bile çykyp, esli ýere çenli egin deňläp gidýän
gezeklerimizem bolýar. Bir gezeg-ä awtobusa-da mündürip goýberdim.
Soň bir gün awtobusly bile gidip, öýleriniň deňine çenli ugratdym. Ýöne
ol muny kän halamady. «Goňşy-golamlar görseler gürrüň ederler» diýdi.
– Erkin uludan demini aldy-da, “ýyrş” edip ýüzüme seretdi: – Ine dost,
ýagdaýlar-a şeýle. Soňunyň nähili gutarjagyny bilemok, ýöne men
özümi şu wagt edil ýaşlygyma dolanyp gelen ýaly, ýitiren bagtymy
tapan ýaly özümi iňňän bagtyýar duýýan...
Men şol gezek Erkine näme maslahat berjegimi bilmedim. Aslynda
ol maslahat üçin gelipmi ýa Güljemala sataşandygyny buşlamak,
begenjini paýlaşmak üçin gelipmi, onam bilip bilmedim.
Biler ýalam bolmady. Güljemally gürrüň menem serpmeden gaýdan
ýaly etdi. Beýle zadyň bolup biljekdigine, dogrusy, ynanyp bilmedim.
Bu bir şahyr adamyň şahyrana ýüreginiň küýsegi bilen dörän ham
hyýaldyr, megerem, gözüne şeýle bolup görünendir öýtdüm.
Şonuň üçinem ertir bir bahana bilen Erkiniň iş ýerine baryp,
daşyndanam bolsa Jemaly gözüm bilen görüp gaýtmaklygy ýüregime
düwdim.
22
Şeýle hem etdim. Ýöne ony görüp meniň haýran galyşym Erkiniň
dagy çeni-çaky bolmady. Ol dogrudan-da Güljemala meňzeşdi. Hatda
sesem, gepleýiş äheňem, ýöreýşem şonuňkydy. O zatlar hiç diýseň
Erkiniň ýanjap-ýanjap aýdyşy ýaly, çep gözem edil Güljemalyňky ýaly
süzülip dur. Ýokarky dodagynyň sag tarapyndaky meňjagaz-ha meni
hasam haýran etdi.
– Gördüň gerek? Meňzeş gerek?... – diýip, daş çykyp ýola
düşenimizden soň ýegşerilip, egni bilen egnime kakyp gelşine Erkin
howlukmaç seslendi.
– Howwa. Meňzeş. Onda-da juda meňzeş. Dogrymy aýtsam,
görýänçäm ynanmadym.
Şondan soň biz esli ýer çenli ýuwaşja ýöräp gitdik. Hiç birimizden
ses-üýn çykanok. Her kim öz pikirine gümra. «Wazyrdaşyp» geçýän
ýeňil maşynlaryň, iňleşip barýan trolleýbuslaryň zenzelesinden ýaňa gep
alşar ýalam däl. Kiçijik bir «welomotoryň» göwresine gelişmeýän
«jyrlawuk» çirkin sesi bolsa durup elimiz bilen gulagymyzy tutmaga
mejbur etdi.
Şol zatlardan daşlaşmak üçin henizem egni bilen itip gelýän Erkin
meni ýodadan çykardy. Çünki, ýoluň şol tarapynda täze açylan, giň
meýdanly, daşy nagyşlanyp ekilen her dürli owadan güljagazlardan doly
ullakan suw çüwdürimi bolup, onuň daş-töweregem haşamlanan, uzyn,
tagta oturgyçlardan doly. Biz barşymyz ýaly şolaryň birine çökdük.
Ýene-de Güljemal we Jemal barada gürrüň gozgaldy. Ikimizem haýran
galdyran bu täsinlik barada dürli pikirler aýdyldy. Belli bir netijä
gelibilmänem hoşlaşdyk.
Öýe gelýärkäm men bu barada özbaşdagam pikir öwürdim.
Daşyndan guwanyp ýörsem bolýa diýse-de, meniň pikirimçe, Erkin o
diýenini edip bilmez. Jemalyň adamsy bolsa-da, edip bilmez, bolmasada, edip bilmez. Özi etjek bolsa-da, ýüregi etdirtmez. Ýöne, ýaşka-da
ýeňil bolmadyk ol ýüküň indi bu ýaşdan soň oňa hasam agyr düşmegi
mümkin.
Şol pursat göz öňümde gaýmalap ýören Erkiniň çal başynyň
üstünde goýazy, bozgunç, çal duman göründi. Göwnüme bolmasa, ol
duman gitdigiçe goýalýardy, ulalýardy we äpet uly halka bolup başyna
bürelýärdi, edil ýüpek pilesi ýaly daşyna çolanýardy. Erkiniň özi bolsa,
kem-kemden şol dumana duwlanyp, ýitip barýandygyndan bütinleý
bihabardy. Ol asla şol dumany görmeýärdi, duýmaýardy.
23
Men ony şol agyr dumanyň içinden alyp çykmaklygyň, asla şoňa
golaýlaşdyrmazlygyň alajyny agtaryp başladym.
Şol güner Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanlarydy. Baýramçylyk
geçdem welin, Erkin meniň ýanyma geldi. Öň biri-birimizi jaň üsti bilen
gutlanam bolsak, Täze ýylym bilen ýene bir gezek gutlady. Menem
gutladym. Entek doly ýygnalybam ýetişmedik toý saçagynyň başyna
geçirdim. Baýramçylygy nähili geçirendigini soradym.
– Edarada geçirdik... – diýip, Erkin şähdaçyklyk bilen söze başlady.
– Çaklaňrak ýygnak jaýynyň içini, jaýyň ortarasyndaky gök kürteli
gelin ýaly sülmüräp oturan ýolkany, dürli reňkdäki çyrajyklar,
şarjagazlar, garjagazlar bilen bezediler. Işden soň hemmämiz şol ýere
üýşdük. Jemal gyzjagazlarynam alyp geldi. Olary meniň ilkinji gezek
görşüm. Biri bäş, biri üç ýaşlary towar-towar, kiçisi bolsa saryýagyz,
gözjagazlary gök, saçjagazlary mele. Ýüpek ýaly ýumşak. Edil zer suwy
berlen ýaly tyllaýy öwsüp dur. Gulpajyklarynyň ujuna akja bantik
dakylyp depesine berkidilen. Ýöne ikisiniňem ýüzjagazlary tegelek.
Ikisem edeplije. Käbir çagalar ýaly süwümsiz jedirdeşip, göze-başa
düşüp baranoklar. Özlerini edil uly adam ýaly alyp barýarlar. Beren
zadyňy alanlaryndan soň minnetdarlyk bildirýärler-de, seniň bilen
gürrüň gutardy, diýen manyda ýüzlerini bir gapdala sowup, töwerekdaşlaryna syn etmek bilen boluberýärler.
Gaty bir üýtgeşik tomaşa görkezmeselem, agşam diýseň gyzykly
geçdi. Onda menem bir goşgujyk okadym. Lotereýa oýnunda bolsa, edil
öňünden hasaplanyp goýlan ýaly, iki gap gymmatbahaly şokolad utdum.
Jemalyň çagalarynyň hersine biri «Hany meniň üçinem bir zatjagaz utda» diýip, Jemal şadyýan güldi. El çarpdy. Emma hernäçe jan çeksemde, şondan soň utan zadym bolmady. Şonuň üçinem, çykyşymyz ýaly
golaýdaky hususy dükanjyklaryň birine baryp, iň gowy «Şampan»
çakyrlaryndan birini aldym. Ýüzüne owadan gyzyň suraty çekilen,
ýalpyldawuk, gyzyl pakede saldym. Eltibem Jemalyň eline tutdurdym.
– Ine, bu-da saňa!.. Hamala utdugym ekeni-dä...
Şol meniň Jemala eden ilkinji sowgadym. Dogry, başda almaz
öýdüp gorkdum. Ýöne almasyna-ha aldy welin, pakediň içine seredip bir
enaýy ýylgyryp durşuna: «Weý, men şampan içemok ahyry...» – diýdi.
«Onda näme içýäň?» diýdim. Ol çalarak ýylgyrdy-da: «Spraýt» diýdi.
Men ylgap gitdim-de, bir «Spraýt», iki sanam «Koko-kola» alyp geldim.
Olaram Jemalyň pakediniň içine saldym: «Şampany bolsa öýüňe
24
myhman gelende öňüne goýarsyň» diýdim. Ol azajyk ykyrganyp durdyda: «Ýeri, bolýa-da» diýdi.
Hernäçe gaýra gaýyşsa-da, men ony bu gezegem öýüne çenli
ugratjakdygymy aýtdym. Ol ýene-de kynlyk bilen razy boldy.
Ep-esli ýere çenli ondan-mundan gürrüň edip pyýada gitdik. Men
çepde, Jemal sagda. Çagalar ortada. Olar biri-biriniň eljagazlaryndan
tutup gybyrdyklaşypjyk barýarlar. Jemal ikimizem herimiz olaryň
biriniň elinden tutup iki gapdallaryndan barýas. Daşymyzdan seretseň
bir maşgala ýaly.
Meniň bilen beýdip, deň gadam basyp barşyna ejap edýän-ä däldirdä diýip, gabak astyndan Jemala tarap göz aýlaýaryn. Emma onuň
ýüzünde olar ýaly ynjalyksyzlyk alamatlary görnenok. Arkaýyn ýöräp
barýar. Umuman, ol daşyndan seretseň arkaýyn, äwmezek, uly bir
maşgalanyň agzyny birikdirip oturan giň göwrümli, parasatly, döwletli
maşgala meňzeýär.
Howwa, biz arkaýyn ýöräp barýarys. Howa sergin. Gyş gijesidigine
garamazdan sowuk däl. Tutuş şäher baýramçylyk lybasynda.
Köçelerdäki öçüp-ýanyp duran dürli öwüşgindäki yşykly reklamalar,
täze ýyl gutlaglary ýazylan şygarlar, ösüp oturan ýerinde her hili
oýnawaçjyklar, içege şekilli her dürli reňkdäki ýylan çyrajyklar bilen
bezelen arça agaçlary, aýna gapylaryna we witrinalaryna ak guaş bilen
Aýaz babanyň, Garpamygyň, dürli görnüşdäki gar tozgajyklarynyň
şekilleri çekilen dükanlar, ähli diwarlary, çat maňlay hünji ýaly düzümdüzüm, bolup duran her dürli reňkdäki ownuk çyrajyklar bilen
bezelendigi sebäpli käbiri äpet uly göwher daşyna, käbiri zümerrete
meňzäp duran edara binalary, döwlet jaýlary, çar tarapdan eşidilýän
göçgünli sazlar, eýýämhaçan keýpini kökläp köçä sygman barýan käbir
ötegçileriň kä üzlem-saplam hem kelte, kä zowwam hem uzyn çykýan
çakyr sesleri şäheriň baýramçylyk dabarasyna hasam şowhun berýär.
Hersi bir ýana howlugyşyp barýan adamlaryň ýüzleri açyk. Şadyýan.
Kim gijiräk hem bolsa çagalaryny begendirmek üçin eli kiçiräjik ýolkaly
ýegdekläp barýan bolsa, kimler ikibir-üçbir bolup, taksi tutmak üçin
köçäniň gyrasynda gaýkyjaklaşyp durlar. Şolar ýalynyň biri, megerem
ors adamsy bolsa gerek, duralganyň golaýynda hallan atyp durşuna
tanasa-tanamasa, aýal-erkek diýmän, öteni-geçeni saklap Täze ýyl
baýramçylygy bilen gutlaýar, Täze ýylda olara jan saglyk, bagt, işleriniň
rowaç bolmagyny arzuw edýär. Egerde gürrüňdeşi aýal adam bolmasa,
25
boýnundan gujaklap ogşaýar, aglamjyrap durşuna gaýnynyň bardygyny
ýa ýokdugyny soraýar. «Ýok» diýlen jogaby eşidendenem: «Gör, sen
nähili bagtly adam, dogan jan» diýip, hamsygýar. «Bar» diýseler welin
gaýra gaýşyp, gürrüňdeşiniň iki gözüniň içine çiňerilýär, ýüzünem erbet
bir çytýar-da agzyndan ak köpük saçyp: «Hudaý jan seni Täze ýylyň
ilkinji günleriniň birinde şo beladan dyndarsyn-da, hernä» diýýär. Soň
öz gaýynlarynyň üstünden düşýär. Sögünýär. Gargynýar. Birdenem,
elindäki içi zatdan doly pakedini duralgadaky uzyn oturgyjyň boş duran
çünkünde goýýar-da, ellerini hereketlerndirip tans etmäge, aýdym
aýtmaga başlaýar. Şeýdip ýörşüne ol boýnundan syrygyp ýere gaçan
gyzyl-ala şarfyna çolaşyp ýykyldy. Men oňa ýerinden galmaga kömek
etdim. Oturgyçda oturtdym. Gaýnym barada sorag bermäne ýetişmänkäde daşlaşmak bilen boldum.
Onuň bolup ýörşüne seredip, Jemalyň çagalary «jykyr-jykyr»
gülüşdiler. Bizem gülüşdik. Töwerek-daşdakylaram gülüşdiler.
Umuman, hemmamiziň keýpimiz gowy. Hemmeleriňkem gowy. Şu gije
dünýede keýpi çag däl adam ýok bolsa gerek diýen oý biygtyýar kelläňe
gelýär. Ýürek joşýar. Ýaňky serhoş adamyňky ýaly öňüňden çykany
bagryňa basaýasyň gelip dur.
Öýlerine ýetmäge bir köçe galanda Jemal aýak çekdi. Aşak bakyp
durşuna şol bir aýdýan sözüni gaýtalady: «Şu ýerde hoşlaşaýalyň.
Goňşy-golam, tanyş-biliş görmese gowy. – Soň ol çagalaryna ýüzlendi.
– Bizi bir daýy ugratdy diýip kakaňyzyň ýanynda gürläýmäň. Bomy?»
Jemal ol sözi çagalaryna men yzyma dolananymdan soňam aýdyp
bilerdi. Emma näme üçindir beýtmedi maňa eşitdirip aýtdy. Çagalar
welin «boram» diýmediler, «ýogam» diýmediler-de, aşak bakyp
ýygrylyşypjyk duruşlaryna ejeleriniň ýüzüne-de seretmän çalajadan
başlaryny atdylar oňaýdylar. Men Jemaldan:
– Aýdarlarmyka – diýip, soradym. Ol aşak bakyp, köwşüniň burny
bilen asfaltyň ýüzüni dyrmalap durşuna ýuwaş, emma ynamly gepledi:
– Aýtmazlar.
– Aýtmaň, diýmedik bolsaňyz aýdarlarmydy?
– Aý, näme, çaga-da, dillerinden sypdyrmaklary ahmal-da.
– Aýtsalar adamyňyz goh galdyrarmy?
– Öňki-öňkülik bolsa galdyrardy. Bu wagt galdyrmaz. Sebäbi onda
mejal ýok. Şonuň üçinem men onuň nähak ýere öz janyny gynamagyny
islemeýärin.
26
– Öňki-öňkülik bolsa diýdiňiz welin näme, öňem şular ýaly ýagdaý
bolýamydy – diýip, men birhili ýerliksizräk sorag berdim. Jemal näme
eýýäm gabanyp başladyňmy, diýen terzde ýüzüme birgeňsi seretdi-de,
gaşlaryny gerip süýjümtik ýylgyrdy.
– Gabanjaň adam üçin «ýagdaý» hökman däl. «Ýagdaýy» onuň özi
oýlap tapýa. Ýöne, meniň adamym gabanjaň däl. Öz aýalyny kimdir
birinden gabanmaklygy ol özüne kiçilik bilýä. Namys edýä. Şeýle-de
bolsa gulagyna ýakmajak gürrüňi är aýalyndanam, çagalaryndanam
eşitmese gowy. Indi bolsa baryň, gaýdyň, ugradanyňyz üçin
Taňryýalkasyn.
Gaýtdym. Ýolboýam ol hakda pikir etdim. Oýlandygymsaýam
özümi haýsydyr bir hyýaly dünýä tarap barýan ýaly duýdum. Ýöne nirä?
Haýsy dünýä?..
Men Erkine köpden bäri beresimiň gelýän soragyny berdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 03
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.