Latin

Söýgüde serhet ýok - 04

Total number of words is 3726
Total number of unique words is 2192
31.6 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
serkerde şahyr Seýdä: «Siz görüp, siz sakgalymyň agyny, onuň üçin
hapa boldum, gelinler» diýdiren, goja Keminäniň hassa göwnüni
galkyndyran yşk dälmidi! Ömrüniň öýlän çaglary Şeýdaýa ýaş gelin
söýdüren, gabanjaňlyk zerarly gepe gidip ony öýünden kowduran,
39
soňam eden işine puşman etdirdip öňünde dyzyna çökeren, sagatsaýy
gözünden ýaş akdyryp: «Köne döwran yzlaşaly söwdügim» diýdirdip,
magşugyna ýalbardan yşk dälmidi?
Yşkdy! Söýgidi! Dertdi! Ýanar otdy!
Ne ýer, ne gök, ne daglar, ne derýalar, hiç biri çekip bilmänden soň,
Allatarapyn adamzadyň boýnuna atylan şol dert, ine, indi nijembir
möwritdir seniň ýaşyňam bilenok, garryňam. Şahyňam bilenok,
gedaňam. Baryňy bir uçdan öz oduna ýakyp, ýandyryp, eňter-pelegiňi
öwrüp gidip barýar. Wezipäňe-de, käriňe-de ylmyňa-da, derejäňe-de
parh goýanok... Hiç kimem ony gursagynda gizläp bilenok. Çünki ol
ynsany düýpgöter üýtgedýär. Serhoş edýär. Däli edýär. Adatdaky
ýagdaýyndan çykarýar. Iň bolmanda öýüne girip-çykyşyny, wagtynda
gelip-gidişini, hatda gepini-sözüni, ýüzüni-gözünem özgerdýär. Çünki ol
hiç kimden gizläp bolmajak agyr derde duçar bolýar. Guş kimin aglaýar,
gurt kimin eňreýär. Ony öňi bilenem ýanýoldaşy duýýar. Käbiri muny
öz söýgüsiniň pet edildigi, ömürboýy edip gelen hyzmatynyň,
hezzetiniň, hatyrasynyň äri tarapyndan ýere çalyndygy hasap edýär we
gazaba galýar, öz äri, öýi üçin göreşýär, özem adalatly göreşýär, hälem
bolsa ärini aklyna aýlanmaga umytly ojagyny terk etmezlige öýüni
dargatmazlyga, çagalaryny ýetim goýmazlyga çagyrýar. Şeýdibem ol öz
ojagyny, maşgalasyny goraýar. Ojagyny ýykmajak, içiniň oduny
söndürmejek bolýar.
Ine, şu babatda hem meniň bar zatdan beter gorkýan ýagdaýym
boldy! Özüni hernäçe seresaply alyp baranam bolsa, Erkinem öz
ýagdaýyny maşgalasyndan gizläp bilmedi. Ondaky emele gelen
üýtgeşikligi Aýlarhan gaty basym aňdy. Haýsy ýol bilen nädip tapdy,
ony Erkinem bilenok, maňa-da mälim däl, ýöne, megerem gije-gündiz,
ir ertir giç agşam, ýadaman, ýaltanman eden gözlegleriniň,
yzarlamalarynyň miwesi bolsa gerek, ol Jemalam tapdy, üstesine onuň
öýünem tapdy, gyzyny ýanyna alyp üstüne-de bardy, gapysynda durup
garpyşdy. «Meň ärimden başga är tapmadyňmy? Deň-duşuň
gyryldymy?» – diýip, gygyrdy. Jemal bilen «saçýoldy» oýnaşardan gyzy
ikisiniňem ejizdigi sebäp boldumy nämemi, hernä çaknyşygyň çägi
şondan aňry geçmedi.
Ýöne Aýlarhan üçin şonuň özem ýeterlik. Ol ömürboýy edip gelen
arzuwyna ýetdi, Erkiniň hiç haçanam düzüwli adam bolmandygyny,
özüniň ýöne ýere ömürboýy müňkürlik edip gelmändigini ile-güne,
40
çagalaryna subut etdi. Şonuň üçinem bu ýagdaýa ol gynandy diýsek
ýalňyş bolar. Tersine, begendi. Ol öz begenjini agşamlyk hemmeleriň
öýe ýygnanan wagty çagalary bilenem paýlaşman durup bilmedi. «Sen
öňem oň däldiň, häzirem oň däl. Öň oň bolan bolsaň bu ýaşdan soň
beýdip, öz çagaň ýaly biri bilen çörňeşip, göze-başa düşüp ýörmezdiň»
diýip, äriniň üstüne gygyrdy.
Soň ogly bilen gyzyna ýüzlendi: «Gördüňizmi? Bildiňizmi indi ata
diýip ýören adamyňyzyň kimdigini? Ejeňiziň şu çaka çenli nägünleri
başyndan geçirip gelendigini aňdyňyzmy? – O ýene-de dabara bilen
ärine, hemle atdy. – Bar, indi, alyber şonyňy!.. Men etjegimi etdim!
Perdäňi ýüzüňden syrdym!...»
Göwniň islegine görä, onuň şol sözlerinden soň ýeke bir çagalary-ha
däl, hatda il-günem, tutuş şäher, ýurt Erkinden ýüz öwürmelidi.
Goşgularyny çap etmeg-ä beýle-de dursun, metbugatda onuň ahlak
taýdan azgyndygy barada ulydan-uly makalalar ýazylmalydy. Okyjylar
ony şahyr hökmünde ret etmelidiler. Iş gozgap ýyl kesäýseler-ä temmi
hasam ýerine düşjek. Günäsini geçip ärini jezadan ýulmalymy ýa ýok,
ine, ol welin, Aýlarhanyň öz işi.
Ýöne, isleg-islegligine, arzuw-arzuwlygyna galýar. Hernäçe geň
galsa-da, Aýlarhanyň o diýenleriniň birem bolmady. Hatda onuň
oglundanam garaşýan tamasy çykmady. Ol edil uýasy ýaly ejesi bilen
bir perdeden gopubermedi. Gaty bir unap barmasa-da, garaz, kakasynyň
ýüzüne gelmekden saklandy.
Eden hereketleri garaşylan netijäni bermänden soň, Aýlarhan juda
pes hereketlere ýüz urdy, gyzy bilen dil birikdirip, ärini çaýdan,
çörekden kesmek arkaly jezalandyrmaklygy ýüregine düwdi. Agşamlyk
gelende öňünde hiç zat goýmady. Gelnine-de: «Sen goşulaýma şu
zatlara» diýip, sargady.
Başda Erkin muny saý-sebäp bilen bolan zatdyr, ýatlaryndan
çykarandyrlar öýtdi. Tä ýatýançalar garaşdy, özi bireýýäm sowap galan
nahardan guýunyp iýdi. Ertesi welin ol içi naharly gazany aşhanadan
tapmady. Sowutgyçda-da ýok. Şonuň üçinem, saçakdan nan alyp suw
bilen iýdi. Muny bilen Aýlarhan ertesi saçagam bukdy. Erkin diňe
şondan soň bu zatlaryň ýörite edilýändigini aňdy. Özbaşyna getirip
iýmäge ýa bişirinmäge bolsa çekindi. Çünki Aýlarhanyň: «Ärim öýüň
naharyna kanagat edenok, özbaşyna dükandan getirip iýýär» diýip, gep
ýaýratjakdygyna Erkiniň gözi ýetip dur.
41
Umuman, şol ýagdaýdan çykalga tapman Erkin kän kösendi.
Ýanyma gelip maslahat sorady. «Kimem bolsam men olaryň atasy
ahyry! Musurmançylyk kadasy boýunça-da täze düzgün boýunça-da
meniň aýrylyşmaga-da, başga aýal almaga-da hakym bar, emma men
ony edemog-a! Öýümden çykyp gidemog-a! Gidäýenimde-de, nirede
bolaýanymda-da atalary hökmünde sylagym bolmaly ahyry. Ejede bar
ýüregiň atada-da bardygyna olar düşünmeli ahyry...» diýip,
çagalaryndan zeýrendi.
Şol gezegem men oňa näme maslahat berjegimi bilmän, kän
kösendim. Aşak bakyp başymy ýaýkap oturmakdan başga edibilen
zadym bolmady. Dogry, «Juda bolmasa agşamlyk meňkä çyk-da şu
ýerden iýibersene» diýäýeýinem bir diýdim. Ýöne ol barybir Erkiniň
etjek işi däldi. Onsoňam biz ol dört diwara nä günlik bilen ýetdik. Oňa
nijembir höwes, yhlas siňdirdik. Nijembir ýyllap nobata garaşdyk. Gaty
bir gyssanan wagtlarymyz nobatymyzyň süýşürilmegini sorap
ýokarlardan-ýokarlaryk arzalar ýazypdyk. Nobatymyza garaşyp
galyňdan-galyň, berkden-berk gapylaryň agzynda durupdyk. Ine, şolar
ýaly görgi baryny görüp alan jaýynda indi Erkin artykmaçlyk edýär.
Her niçik hem bolsa, «saçakly» mesele Erkiniň oglunyň ara
goşulmagy bilen düzeldi. Ol ejesine gaty-gaýrym aýdybilmese-de,
gelnine: «Günde üç wagt nahar adam öldürip türmä düşene-de berilýä,
bu bolsa biziň atamyz ahyry, haýal etmän kakama naharam beriň, çaýam
beriň, eşiklerinem ýuwuň, beýdip ýörseňiz siz öýden gitmejegem
giderersiňiz» diýdi.
Bu zatlary men, biraz soňrak, biziň öýümizde çaý içip otyrkak
Erkiniň öz agzyndan eşitdim. Şonda ol:
– Elbetde, men Aýlarhanyňam ýagdaýyna düşünýän. Onuň ýerine
kimem bolsa şeýderdi. Ärini gowy görse-de ederdi, görmese-de ederdi.
Ýöne, ine, seredip otyryn welin, şol iki çagaly gelni başda maňa tapyp
berenem şonuň özi bolup çykýa – diýdi. – Şol ýa-da şolar! Şonuň
hossarlary!
– O nahili? – diýip, men ör-gökden geldim.
– Nähilisi şol oň. Kimdigi näbelli, baryp-ha şo wagtlar üstüme
howaýy, töhmet görnüşde atylan gelin şu bolmaly...
– Jemalmy?..
– Howwa...
42
– Dur entek, dur entek.. – diýip, men onuň başlan gürrüňini
takyklamak üçin sözüni böldüm. – Sen näçe ýaşyňda öýlendiň?
– Ýigrimi dört ýaşymda.
– Öz-ä senden ýigrimi dört ýaş kiçi bolsa, senem ýigirimi dört
ýaşyňda öýlenen bolsaň... O gelinli gürrüň bolsa sen öýlenmeziňdenem
öň, ýaňy bir guda bolan döwürleriňiz çykdy...
– Howwa, Jemal o wagtlar entek dünýede-de ýok, ýöne, olaryň
oňlap tapan gelinlerem şol wagt dünýede ýokdy ahyry. Ony hiç kim
bilmese-de, ikimiz gowy bilýärdik. Ýöne görşüň ýaly şunça ýyldan soň
bar zat şolaryň oýlap tapyşlary ýaly bolup çykdy. Çaga sanam, ýaşaýan
ýerem edil şolaryň salgy berişleri ýaly. Olar munuň diňe adyny
bilmändirler. – Erkin uludan demini aldy. – Göwnüme bolmasa şu
meselede adatdan daşary bir syr bar ýaly bolup dur...
– Dogrudanam... Ilk-ä munuň Güljemala meňzeş bolup çykmagy..
Indem o-ol gelniň salgysyna laýyk gelmegi... Dogrudanam bu ýerde bir
syr-a bar...
Erkin barmagyny dik ýokaryk çommaltdy:
– Has dogrusy gudrat bar. Gudrat bolmadyk bolsa munça ýyldan
soň bu zatlaryň barysy beýle takyklyk bilen gaýtalanmazdy.
– Ol gudrat – Allanyň gudratydyr.– Menem şeýle pikir edýän. Ýöne
nädip? Näme üçin? Nähilelik bilen? – Welilig-ä satyp biljek däl, welin
meniň pikirimçe Biribaryň saňa birwagtky söýgüňi gaýdyp beresi, boş
geçen ýaşlygyň öwezini dolasy gelipdir. Yhlasyň köýmesin, diýipdir.
Jemalyň syratyna Güljemalyň keşbini, kalbyna ruhyny salyp zemine
ýollapdyr, saňa duşurypdyr. Men muny başgaça düşündirip biljek däl.
– Onda bu ikara Aýlarhanyň näme dahly bar? Biribaryň gudraty
bilen Aýlarhanyň garyndaşlarynyň maňa atan töhmetleriniň arasynda
nähili arabaglanyşyk bar?
– Bilýäňmi näme – diýip, men barada öz pikirini aýtmak üçin
howlukman söze başladym. – Türkmenlerde: «Öz ýakaň özüňe ýakyn»
diýen bir söz bardyr.
– Howwa.
– Ana, şol söz birek-birege atylýan nähak töhmet, gargynç bilen
baglanyşykly. Ýagşy bolsun ýaman bolsun, tapawudy ýok. Her bir söz
agyzdan çykyşy ýaly ýyldyrym çaltlygynda uç-gyraksyz asman
giňişligine tarap atylyp gidýär we şol ýerden öz obýektini gözleýär.
Üstünde işleýär. Çünki, ýedi gat asmanyň her gatynda biziň her
43
birimiziň ykbalymyz barada maglumatlar hazynasy saklanýar. Birinde
gazanan günälerimiz, beýlekisinde eden ýagşylyklarymyz, ýene birinde
indiki etsem-goýsamlarymyz, ýagşu-ýaman niýetlerimiz, köýlerimiz, şol
ýerden öz eýesini tapsa aýdylan söz tassyk bolsa, ol yzyna gaýdyp
gelýär we göni salgy boýunça gargalan aýdylan adamyň başyndan
towky bolup inýär. Egerde tassyk bolmasa töhmet bolup çyksa, onda ol
söz gaýdyp gelýär-de şol sözi aýdan adamyň öz ýakasyndan ilýär.
Netijede jezany gargynç edilen ýa töhmet atylan adam däl-de, gargynç
edeniň, töhmet atanyň özi çekmeli bolýar. Bu zatlaryň barysy
Allatarapyn bolup, egerde, ol kimdir birini şol jezadan halas etjek bolsa,
onda onuň kimdir birine atan töhmedini hasyl edýär.
Şu nukdaý nazardan seretseň, seniň ýaňky aýdyşyň ýaly şu gelni
saňa tapyp beren hakykatdan-da ilk-ä Aýlarhanyň garyndaşlary, soňam
özi bolup çykýar. Egerde ol şol töhmeti atyp, seniň öňüňde kyýamat
günäsini gazanmadyk bolsady, onda seniň öz Güljemalyňa munça
ýyldan soň gowuşmazlygyňam mümkindi. Biribar özüniň geçirimliligi
bilen Aýlarhanyň saňa atan nähak töhmetini hakykata öwrüp onuň
özüni-hä agyr jezadan ýulupdyr, seni bolsa söýgüden näumyt
geçmeklikden halas edipdir. Birmahalky ýitiren söýgüňi gaýdyp
beripdir.
– Bu zatlaryň ylmy esasy barmy ýa bir ýerde okap eşiden zadyňy
aýdyp otyrmyň?
– Bar. Ylmy esasy bar. Özem bu iňňän ir dörän taglymat. Gadymy
hindi «wedalary» hut şuny öwredýär. Belli bir döwürde ünsden
düşürilenem bolsa, adamzadyň ýüzi häzir şoňa tarap. Şol ylmy
özleşdirmezden durmuşa düşünip bolmajakdygyna ol indi akyl ýetirdi.
Ýeke bir ýer ýüzünde däl, külli jahanda sebäpsiz çöp başy
gymyldamaýar. Älem-jahandaky barça zatlar biri-biri bilen bagly. Sada
söz bilen aýtsak, şu ýerde bir büräniň aşgazany agyrsa, mundan
millionlarça ýagtylyk tizligi uzaklykdaky galaktikalaryň janlyjandarlary, hatda ösümlikleri hem şol yzany duýýarlar. Güljemalyň
ykbalam, Jemalyň ykbalam, Aýlarhan ikiňiziň ykbalyňyzam bir hatara
düzülen zynjyr halkalary ýaly biri-biri bilen berk bagly.
Meniň şol sözlerimden soň Erkin uzak wagtlap aşak bakyp, oýa
batyp oturdy. Soň arkan düşüp gözüni petige dikdi. Ýöne, uzak ýatmady.
Dikeldi. Käsesindäki häliden bäri sowap duran çaýyny bir demde başyna
çekibem ýerinden turdy. Hoşlaşdy. Gepleşip geçiren üç-dört
44
sagadymyzyň içinde, ol hatda Jemala jaňam etmedi. Ýöne, öýden
çykyşy ýaly telefonyna ýapyşanyny welin gözüm bilen gördüm.
Howwa, her niçik hem bolsa, Erkin şol wagtlar bagtyýardy.
Söýýändigi, söýülýändigi üçin bagtyýardy. Bagtyýardygyny ol soňsoňlaram her gezek sataşanymyzda tekrarlady ýördi. Şonda ol agzyagzyna ýetişmän gürleýärdi. Mundan beýläk Jemalsyz ýekeje gün hem
oňup bilmejekdigini, häzirem günde üç-dört gezek dagy görüp
gaýdýandygyny aýdýardy.
Umuman, maşgalasynda bolup geçen şojagaz çaknyşygy hasap
etmeseň ol bagtly. Bir wagtkysy bilen deňeşdireniňde düýbünden başga
adam. Şähdaçyk. Ýüzi-gözi gülüp dur. Işläp bilýär. Şol wagtlar men
onuň şeýle bagtyýar, döredijiliginiň şeýle öndümli çaglarynyň hiç haçan
gutarmazlygyny isleýärdim. Ho-ol günki başynda görnen goňrumtyl
hem bozgunç goýy dumanyň bolsa, howaýy alamat bolup çykmagyny,
başyndan sowulmagyny dileýärdim.
4
Ýöne nätjek, hemme zat göwnüňe görä bolup durmy? Erkiniň
özüniňem oglanlykdan bäri aýdyp gelýän: «Taýagyň iki ujy bardyr»
diýen pelsepejigi bardy. Onuň şol pelsepesine görä, başlangyjy bolan
islendik zadyň soňam bolaýmalydy.
Erkiniň bagtyýarlygy babatda hem hut şeýle boldy. Bir ýyl geçdimi,
geçmedimi, onuň hoş günleri kem-kemden kiparlap başlady. Birdenkä,
bar zat üýtgedi. Ýüzünde-gözünde ýene-de ir döwürlerindäki ýaly
tutuklyk peýda boldy. Çagyrmasyny goýdy. Gelmesini kesdi.
Geläýende-de geplemän, içini hümledip iki çigninden sowuk demini
aldy oturdy. Bir zat diýmekçi bolýan ýaly çemelenip-çemelenip
ahyrsoňam hiç zat diýibilmän, «zöwwe» ýerinden turup gidibermäni
çykardy. Soňabaka bolsa ol meniň ýanyma gelmesini bütinleý bes etdi.
«Näme görneňok, ýa ýaraňokmy» diýip edýän jaňlaryma-da, gepler
tapyp sowalymdan birsyhly sowuldy ýördi.
Dogry, bir şäherde ýaşap ýörendigimiz üçin bütinleý gabat
gelişmänem duramzokdyk. Toý bolýardy, ýas ýa sadaka bolýardy, garaz,
seýregrägem bolsa obadaşlarymyzyňkyda, tanyş-bilişlerimiziňkide gabat
45
gelişýärdik. Şonda ol meniň gözüme uçursyz ýadaw, aladaly görünýärdi.
Özem haçan görseň bir ýana gyssanýan ýaly howlukmaçdy
howsalalydy. Tanyş-bilişlerinde gözi eglenmeýärdi. Hatda meniň
bilenem baş atyşyp salamlaşýardy-da oňaýýardy. Juda pete-pet gabat
geläýenimizde-de, gürrüňçiligimiz salam-helikden aňry geçmeýärdi.
Içgin gürleşmeýärdik. Menden çaltrak daşlaşaýanyny kem görmeýäne
meňzeýärdi. Bir zadyny ýitiren ýaly daş-töweregine garanjaklaýardy.
Ýersiz ýere jübülerini, goltuklaryny sermenýärdi. Ýygy-ýygydan
sagadyna seredýärdi. Içerde oturan bolsa penjireden ýa açyk gapydan
daşaryk seredýärdi. Öýkenine howa ýetmeýän ýaly «öwhüldäp» dem
alýardy. Maý tapdygam çete çykyp jübi telefonyna ýapyşýardy,
megerem Jemal bilen bolsa gerek, gürleşýärdi. Şonda onuň ýüzi käte-hä
ýaz güni ýaly ýalpyldap açylýardy, ýylgyrýardy, gözleri şadyýan
gülýärdi, käte-de boz-ýaz bolup, galyň bulutly gyş gijesi ýaly
garalýardy.
Köplenj-ä men onuň märekä haçan gelip, nä wagt turup gidýäninem
bilmän galýardym. Diýmek, ony söýgüdenem, döredijilikdenem başga
haýsydyr bir alada gurşap alan bolmaly.
Dogabitdi häsiýetine görä, belli bir möhlete çenli ol hiç kime, hatda
maňa-da içki syryny aýtmaz, içki dünýäsine aralaşdyrmaz, aralaşaýjak
boluberseň-ä asla halamaz, tä, özünden-özi eçilýänçä agzyndan ýekeje
sözem alyp bolmaz. Içki hasrady halys güýçlenip, daşyna çykara ýol
gözläp ugraram welin, geler-de, bar zady bolşy-bolşy ýaly edip gürrüň
berer. Derdini paýlaşar. Maslahat sorar.
Şonuň üçinem, islesem-islemesem men şol pursada garaşmaly
boldum.
Ýöne, ol pursat iňňän uzaga çekdi. Çünki şol döwür garaşsyzlygyň
beren mümkinçiliklerine görä, hünäriňi ýokarlandyrmak, okuw ýa
telekeçilik işleri bilen daşary ýurtlara gitmeklige giň ýol açyldy. Şol
wagt Aşgabadyň merkezi newrologiýa hassanahasynda işleýärdim-de,
şol ýerde ýörite «psihoanalitik» kabinetini açypdym we her günde, her
hili maslahat sorap gelýänleri kabul edýärdim. Gapdaly bilen doktorlyk
dissertasiýamam ýazýardym-da, birdenkä, şol ugurdan Angliýa
gitmeklik mümkinçiligi döredi. Üç ýyldanam dolanyp geldim. Gelşim
ýalam Erkine jaň etdim.
46
Dogry, men oňa Angliýadanam jaň edýärdim. Ýöne, wagt
möçberiniň azlygy sebäpli o jaňlarda saglyk-amanlykdan aňry geçip
bolmaýardy.
Şunça ýyl hiç kim bilen derdinişip bilmän, syryny içinde saklap
ýörmek özüniňem ýüregine düşen bolsa gerek, sesimi eşidenden:
– Hä-ä... Nepes bu senmi? Bärdenmi ýa aňyrdanmy? Bärdenmi?
Geldiňmi? Bä-ä.. ol-a gowy bolaýypdyr. Men häzir barýan. Ikimiz-e
gepleşmek gerek. Ýa özüň geljekmi – diýip, çaga ýaly «jedir-jedir» etdi.
– Ýok, ýok, sen gel. Özüňem çalt gel. Gelnejeň nahar-şor taýýarlap
ýör. – diýenimdenem «şakyr-şukur» trubkany goýdy. Köp
garaşdyrmanam geldi. Ellerimi silkeläp gadyrly görüşdi.
Çaý başynda men onuň döredijiligi, şeýle hem Jemal barada
soradym. Ol döredijiligi barada agzamadam-da, turuwbaşdan Jemally
gürrüňe geçdi. Men ol öňküsi ýaly bagtyýar söýgüden söz açar, meniň
bilen şatlyk we begenç duýgularyny paýlaşar öýtdüm. Ol welin meni
geňler galdyryp, agzyndan ot saçyp başlady.
– Bar zat üýtgedi, Nepes. Bar zat gutardy. Ählisi tersine bolup
çykdy. Soňky üç ýylyň içinde çalt-çaltdan uruşdyk, sögüşdik, tersleşdik,
öýkeleşdik. Ençeme wagtlap gepleşmän gezmäni çykardyk. Soň ýene
ýaraşdyk, garaz, öňkülik galmady... – diýdi. – Ahyram iň soňky pellä
ýetdik. Ol menden ýüz öwürdi. Men ony ýene-de ýitirdim. Ýene-de
Güljemalsyz galdym. Ol gaýdyp meň bilen ýaraşmajakdygyny çürtkesik aýtdy. Maňa indi o tarapa ýol ýok. Onsuz bolsa men ýaşabilemok.
Şol bolmasa maňa bu dünýe dar. Men şu wagt iki jahan owarasy...
Onuň birdenkä beýle agyr hala düşüp oturşyna men geň galdym.
Özem ol nalyş çekdigisaýy gözüme ejiz, nalajedeýin görünýärdi,
göwresi kiçelýärdi, ýüzi könelýärdi, gözleriniň nury pesendeleýärdi.
Şonuň üçinem, başga-da bir aýdara zat tapman, maslahata derek sorag
bermeli boldum.
– Bu nähili beýle bolýar, Erkin? Mundan üç ýyl öňem sen
bagtlydyň. Söýgini goşa ganatyň biri, döredijilik çeşmäň gözbaşy hasap
edip ýördiň. Ine, indem beý diýip otyrsyň. Hany, açygrak aýt, saňa näme
boldy? Araňyza düşen tükeniksiz dawalaryňyzyň sebäbi näme? Bu
döwrüň içinde başyňdan nämeler geçdi? Hany, gürrüň ber!
– Gürrüň bersem, Nepes, seniň o-ol, diýýän döwürleriň men
dogrudanam bagtlydym – diýip, Erkin indi birneme köşeşen äheňde söze
başlady. – Şol wagt yşk maňa hakykatdan-da ylham berýärdi. Ýüregimi
47
joşdurýardy. Güýjümi, kuwwatymy artdyrýardy. Özümi edil, ýigrimi bäş
ýaşlaryndaky
jahyl
ýaly
duýýardym.
Hernäçe
işlesem-de
ýadamaýardym. Göwräm ýeňil, beýnim dury, pikirlerim aýdyňdy.
Zehinim bulaşmaýardy. Çagalygymdan bäri söýginiň öňüni bekläp
duran demir penjeli gara güýç ýom-ýok bolupdy. Ýadyňa düşýän bolsa
öň: Jemaly günde üç gezek dagy baryp görýän, diýipdim. Soňabaka
welin ondan asla bir pursadam aýrylasym gelmedi. Ýöne, meniň
kanagatym onuň bilenem çäklenmedi. Söýgülimi iki, aňry gitse dört
sagat görmesem ýüregim üzülere geliberdi. Şol sagatlaryň arasynda näçe
gezek jaň edýändigimi bolsa Hudaň bilsin! Işdeş ýoldaşlary dagy meniň
jaňlarymdan ýaňa bizar boldular. Bu meselede Jemalyň özem menden
kem oturmady. Käte meniň bilen çendenaşa köp hem uzak gepleşip,
işdeşlerinden, ýolbaşçylaryndan duýduryş alýan gezeklerem bolýardy.
Bir gezeg-ä özara ýygnanşyklarynda telefon arkaly azrak gepleşmek
barada mesele hem goýlupdyr. Muny maňa Jemal günübirin habar berdi.
«Indi kän jaň etme, menem uzak gepleşmejek bolaryn», diýdi. Emma,
ikimizem sözümizde durup bilmedik. Işgärlerem: «Aý, ýok, bulara çäre
boljak däl», diýşipdirler-de, ýylgyryşyp oňaýypdyrlar.
Şol wagtlar men her gün ir bilen öýüne baryp, Jemaly taksili işine
alyp gaýdýardym, agşamlyk bolsa işinden öýüne äkidýärdim. Şol iki
aralykda-da günortan yzyndan barýardym we golaýdaky kafeleriň
birinde ýagdaýymyza görä garbanýardyk. Ýöne, bir sagatlyk arakesme
şeýle bir çalt geçýärdi welin, göwnüme bolmasa kimdir biri maňa
ýamanlyk etmek üçin ühli wagty bir gysym edäge-de, jübüsine salaýan
ýaly. Şol ýerden çykyp, men ony ýene-de işine eltýärdim we agşama
çenli hoşlaşyp öz bolýan jaýyma gaýdýardym.
Ol wagtlar men Jemalyň işleýän edarasyndan iş ýeriniň
kemeldilmegi sebäpli çykypdym we bilşiň ýaly ýene-de işsiz gezip
ýördüm. Şol döwrem sen Angliýa gitdiň. – Erkin guraksy ýuwdundy-da,
aşaklyk bilen ýüzüme seretdi – Ýadyňa düşýän bolsa, men saňa gitmeziň
öň ýany jaň edip, Jemalyň özüniň-ä Döwlet sirkiniň ýanyndaky açylan,
alty aýlyk «türk dilini öwreniş» kursuna ýazylandygyny, uluja gyzy
Zübeýdany bolsa mekdebe çenli ýaşdaky çagalar üçin dördilen bir
ýyllyk «Estetiki merkeze» okuwa salandygyny aýdypdym.
– Howwa, şeý diýeniň ýadyma düşýä.
– Şondan soň meniň gün içinde edýän hereketlerimiň ugry hasam
çylşyrymlaşdy. – Ir bilen, öýümden çykýardym-da, Jemallara tarap
48
ýegdeneklap ugraýardym. Baryp, onuň öýüniň deňinde, ýol ugrunda
garaşyp durýardym. Oňa çenli Jemal gyzlaryny öýleriniň golaýynda
ýerleşýän çagalar bagyna tabşyryp gelýärdi. Göze düşmezlik üçin sessizüýnsiz duşumdan geçip gidýärdi-de, on-on bäş ädim beýle ýanymda
saklanýardy. Men maşyn tutýardym-da, onuň deňine ýetiberenimizde
sürüjä: Şu gelnem alaly-la, diýýärdim. Ony işine taşlabam bolýan
kwartirama gidýärdim. Günortana çenli işläp ýene Jemalyň işine
barýardym. Ýöne, indi öňki ýaly garbanmaga gidemizokdyk-da, bakja
gidýärdik. Şol ýerden Zübeýdany alyp şäheriň günorta çetindäki
«Parahat» mähellesinde ýerleşýän «Estetiki merkeze» gidýärdik. Oňa
çenli arakesme tamam bolýardy we men ýüzugra Jemaly işine taşlap
ýene-de kwartirama gidýärdim. Şol ýerde az-owlak işläbem agşam
altynyň ýarynda ýene-de Jemayň yzyndan barýardym. Çünki,
Zübeýdany Merkezden altynyň ýarynda alýandygy üçin, ol rugsat alyp
işinden öňkülerine görä ýarym sagat ir çykýardy. Zübeýdany alyp
gelenimizden soň men Jemaly öýüniň deňinde düşürýärdim we ertir
irdenki durýan ýerimde, ýagny ýoluň ugrunda oňa garaşyp başlaýardym.
Sebäbi, ol kiçi gyzy Jereni bakjadan alansoň gyzlarynyň ikisinem öýüne
eltmeli, naharlamaly, daşlaryndan gulplabam, indi özüniň sagat ýedide
başlaýan «türk dili» kursuna ýetişmeli bolýardy.
Ol şol hysyrdylaryndan dynyp gelýänçä men azyndan ýarym sagat,
käte bolsa bir sagada golaý köçede garaşmaly bolýardym. Ony «Sirke»
düşürenimden soňam tä okuwyny tamamlap çykýança, bir ýarym
sagatlap şol töwereklerde «köw-söw» edýärdim. Çykmaly wagty
golaýlaberendenem onuň joralary bilen hümerlenişip gapydan çykyşyny
synlamak üçin «Sirke» gaýdyp gelýärdim we bir bukurak ýere çekilip,
gözlerimi onuň çykjak gapysyna dikip durýardym.
Men şonda ony köp sanly gyz-gelinleriň arasyndan aňsatlyk bilen
saýgarýardym. Depesinden ýaý berip, ýeňsesine dökülip duran saçyny
selkildedip çykanda ýüregim gobsunyp gidýärdi. Diňe şu pursady
synlamaklygyň özem şunça wagt garaşanyma degýär-ä, diýip, öz-özüme
göwünlik berýärdim.
Asylam men onuň ýoluna garaşmagy gowy görýärdim. Duşuşygada tez maral ýaly töweregine howatyrly garanjaklap gelşini penjireden
synlamak, ana, şol owadan gelin meniňki, ol şu wagt meniň ýanyma
gelýär, meniň üçin gelýär, diýip içimi gepletmek maňa juda ýakymlydy.
Şonuň üçinem, gelmeli wagty men penjiräniň öňüne barýardym-da,
49
tutyny bir tarapa syryp, tä ol gara berýänçä ýola garap durýardym. Onuň
ýol tarapdan gelip, penjirämiň öňünden geçjekdigine bolsa söz ýok.
Çünki, meniň aýnadan ýoluna garap durşumy görüp o-da begençli
duýguny başyndan geçirýän bolmaly. Çünki, maňa gözi düşenden bir
enaýy ýylgyrýardy, çalaragam gyzarýardy. Diliniň uçjagazyny çykaryp
maňa tarap «jort» atýardy. Golaýda adam – gara bar bolsa welin ol
ojagaz hereketlerini edibilenokdy. Aşak bakyp, çym-gyzyl bolup geçip
gidiberýärdi.
Umuman, men şol «sirk», «merkez» hem Jemalyň öýi aralygyndaky
üçburçlygyň içinde gatnap geçiren günlerimi ömrümiň iň bir gülşenli, iň
bir ýakymly çaglary hasaplaýan. Ol günleri, aýlary men hiç haçan
ýadymdan çykarman. Çykaraýyn diýsemem çykmaz. Ol günleriň has
lezzetli pursatlary bolsa, Jemalyň öýüniň golaýdygy sebäpli biz
«sirkden» soň köplenç edil on sekiz ýaşly juwanlar kimin köçäniň
çyrasyz ýerlerini peýläp, egin-egne deňläp ýörite pyýada gaýdýardyk.
Howlugýan ýerimiz ýok. Garynjyklary doýan çagajyklar daşyndan
gulplanan öýüň içinde tä, ejeleri barýança akyllyja bolup, telewizora
serederler oturarlar. Ýöne biz gol tutuşamyzokdyk. Beýtmeklik biziň
gatnaşygymyzyň pynhanlyk düzgünine ters gelýärdi. Çünki,
daşymyzdan seredip hiç kim biziň aşyk-magşuklardygymyzy aňmaly
däldi. Ýöreýän köçämiziň sowalygy bize kän kömek etdi. Üstesine-de
demir ýoluň gyrasy. Sag egnimiz birsydyrgyn oturan birmeňzeş hojalyk
jaýlary. Awtomobil gatnawy az. Käte çep tarapymyzdan eýläk ýa
beýläk, alaşakyrdy bolup otly geçýär. Olaryň arasynda ýolagçy
gatnadýanlaram, ýük daşaýanlaram gidere ugur tapmaýan ykmanda ýaly
ýeke özi o ýan, buýan alakjap ýören «kellelerem» bar. Ötegçi pyýadalara asla ýok diýen ýaly. Bolaýanlarynyňam öz aladalary özlerine ýetik
şekilde ýüzümize-de seretmän, höküdikleşip geçip gidýärler.
Uçargähe gidýän ýoluň ötügine ýetiberenimizden soň, ötügiň
üstündäki sansyz ulgamlardan ybarat demir ýollardan ätmerläp,
gündogar tarapyna geçýärdik we Jemallara eltýän ýodajyga düşýärdik.
Ol ýodajyk ötügiň kem-kemden ýokary galyp gidýän diwarynyň daş
ýüzüni esli ýere çenli ýakalap gidýär-de, gyýalap baryp, ötükden çykýan
köp gatnawly ýola goşulýar. Şondan aňryk çep tarapyň-a ýol, sag egniň
bolsa köne haýat bolup gidýär. Şol haýaty syryp barşymyza, meniň
hemişeki Jemal bilen hoşlaşyp yzyma dönýän ýerime ýetmänkäk, bir
adam sygar ýaly gädik çykýar. Şol gädikden girseň, iki adam egin
50
deňläp ýöräýer ýaly giňlikde, daş-töweregi gür gara baglyga bürenip
oturan geçelgejik bar. Şol geçelge bilen ýigrimi-otuz ädim ýöreseň,
baryp giň meýdança direýär. Meýdançada çagalar üçin hiňňildik, demir
typançak, oturar ýaly tagta oturgyçlar bar. Käte biz şol gädikden girip
meýdança sowulýardyk we garaňkylykdan peýdalanyp şol ýerde on-on
bäş minut oturýardyk. Edil ýaş juwanlar kimin gujaklaşýardyk,
ogşaşýardyk. Şonda biz özümizi has-da bagtyýar saýýardyk, iňňän
ýakymly duýgulary başdan geçirýärdik.
Bu, biziň ikimiziňem öň söýüp hem söýlüp, duşuşyklara gatnap
görmändigimiziň alamaty. Şeýtmek bilen ikimizem, geçmişde eýesiz
galan söýgümize eýe çykýandyrys, duşumyzdan duýdansyz geçen
gülşenli çaglarymyza dolanýandyrys öýdýärdik.
Şu ýerde meniň «sirkden» gaýdyşyn, ötüge ýetmezimizden öň,
ýoluň sag ýüzüni ýakalap oturan hojalyk jaýlarynyň birindäki it bilen
dostlaşandygymyzam aýdasym gelýär... – Erkin göz-görtele üýtgedi.
Ýüzünde begenç alamatlary peýda boldy. – Goňur derwezeli şol jaýyň
deňine gelenimizden, ilki-ilkiler boýny zynjyrly bir ullakan it ömründe
adam görmedik ýaly bize tarap towsup, özüni o ýan, bu ýan zyňyp
bolubilenini bolýardy. Käte derwezäniň dört barmak giňligindäki
gözenekleriniň aralygyndan, käte aşagyndan burnuny sokup, ýer
dyrnaçaklap, ýabjynyp-ýabjynyp üýrýärdi. Tä garamyz ýitýänçä
köşeşmeýärdi. Ýöne, şol ýerden günüň-gününe geçip durandygymyz
üçin bolsa gerek, soňabaka ol biziň bilen öwrenişdi. Üýrmesini goýdy.
Garamyzy görenden ýalym-ýulum edip, guýrugyny bulaýlap,
gulaklaryny gypyryp, mähirli garşylady. Öň temegini uzadyp üýrýän
ýerlerinden dostlarça ysyrgandy. Daşlaşdygymyzça-da göwni galan
naçar ýaly naýynjar çyňsady.
Şol gyş men syrkawlap bir aýa golaý hassahanada ýatdym we
Jemalyň yzyndan baryp bilmedim. Gutulyp gelenimden soň ýene gatnap
ugradyk welin, birinji gün ol it bizi tanamajak boldy. Edil başdakysy
ýaly urnup, ýabjynyp göze-başa düşübermese-de garaz, birbada
garaçyny bilen topuldy, üýrdi, ikinji gün biraz köşeşdi, üçünji gün
üýrmesini goýdy. Ondan soňky günler bolsa ýene-de öňküleri ýaly
ýalym-ýulum bilen, köne tanyşlarça garşy aldy, galanda gyýlyp galdy.
– Erkin başyny galdyrdy-da, uludam demini aldy. Soňam: – Dogrumy
aýtsam, Jemalyň jemalyny görmek höwesi meni şol gezek hassahanada
ýatyrkamam erkime goýmady, – diýip, süýjümtik ýylgyrdy. – Bir gün
51
agşamaralar gözümi petige dikip ýatyrdym. Aljak ukollarymy alypdym,
içjek dermanlarymy içipdim. Näme üçindigini bilemok, birdenkä Jemaly
göresim geldi. Erbet küýsedim. Ýogsam şol gün günortanky arakesmede
onuň özi gelibem gidipdi. Oňa garmazdan gidesim gelip ölüp barýan.
Edil, kimdir biri goltugymdan tutup gapa tarap itekleýän ýaly. Baranym
bilenem öýüne girmek barada-ha gürrüňem ýok, welin, gapysyny kakyp,
adyny tutup, gygyrybilmejegimem çyn. Bir umyt bar, o-da tötänden
dükana ýa içi zibilli setilini dökmäge çykaýsa dagy daşyndan görüp
galmak. – Erkin başyny ýaýkap, edil bigünä çaga ýaly birgeňsi
ýylgyrdy. – Yşgyň höwesi ýaly ýeňles hem hatarly zat bolmaz ekeni,
Nepes. Tarsa turanymam, nobatçy hekime, şepagatçy gyzlara
duýdurmak barada dagy pikirem etmän, wagtyň giçdigine, paslyň
gyşdygyna eşiklerimiň ýukadygyna garamazdan hassahananyň ters
tarapky penjiresinden böküp çykanymam, Jemallara
tarap
tutduryberenimem bilmän galypdyryn.
Bir görsem köp adamly ullakan köçäniň ýanýodasy bilen uçargähiň
ötügine tarap haýdap barýan. Maşynlaryň zenzelesinden ýaňa daştöweregim ala gopgun. Adamlaram «ibirtde-zibirt». Käte garşymdan
gelýän maşynlaryň çyrasy gözüme düşýär. Bu maňa ýakanok. Ýöremäne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 05
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.