Latin

Söýgüde serhet ýok - 03

Total number of words is 3793
Total number of unique words is 2071
32.2 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Sen ol gelin bilen gatnaşygyň öte geçerinden gorkaňokmy?
– Ýok, gorkamok. Sebäbi, birinjiden-ä men oňa seredip öňki
Güljemaly görýän. Şony söýýän. Şonuň üçinem, ol ikimiziň aramyzdaky
gatnaşygy hyýaly gatnaşyk hasap edýän. Ikinjidenem, arada aýdyşym
ýaly, men özüme ýakmajak işi kesekä rowa görmen. Özüme ötjek ody
kesekä basman... Ol günä iş. Şonuň üçinem şu wagt meniň Jemala
hyrydar göz bilen garamaga, bir goç ýigidiň namysyna el uzatmaga,
onuň il içinde ýüzüniň gyzarmagyna sebäp bolmaga hakym ýok.
Jemalyň özüniňem şeýle pikirdedigine men ynanýan. Bagynyň bagbany
bar gelin özge bagban istemez, bakjasyna bigänäni goýbermez,
güllerinden ýoldurmaz. Her gezek öýüne bir çatryk galanda hoşlaşyp
ýörşem şonuň üçin. Özüni gözden-dilden, gep-gürrüňden, adamsyny
agyr apatdan goramak üçin. – Erkin birhili suslanan ýaly etdi-de, gurakgurak ýuwdundy. Uludan dem aldy. – Jemalyň aýtmagyna görä,
doktorlar bäş-on günlükde: «Ol indi uzak ýaşamaz. Göwnüne degmäň,
küýsän zadyny iýdiriň, içiriň» diýipdirler...
Gijäniň ýary boluberende Erkin gürrüňini tamamlap ýerinden turdy.
Menem onuň bilen bile turdum. Egnime ýyly eşik atyp daş çykdym.
Duralga çenli ugratdym. Gelip durmagyny, jaň etmegini sorabam
hoşlaşdym.
Şondan soň dürli sebäplere görä, men üç aýlap Erkin bilen
duşuşybam,
habarlaşybam
bilmedim.
Ahyram
Nowruz
baýramçylygynda işden iki gün rugsat berildi-de, baýramçylygy bilen
27
gutlamak üçin ýanyna bardym. Turuwbaşdanam işi, hususan-da
döredijiligi bilen gyzyklandym. Soň Jemal barada soradym.
– Seň bilen geçen gezekki gürrüňçiligimizden soň biz seýregrägem
bolsa ýörite-de duşuşyp başladyk. Ýöne gep öňki. Hijimizde-de hiç hili
üýtgeşik pikir, niýet ýok. Kän göze düşmeli däldigigimizem bilýäs.
Şonuň üçinem duşuşyklarymyz şäheriň çeträk, çolarak ýerlerinde
ýerleşýän kafelere baryp kofejik, çaýjagaz ýa şerbet içmekden,
doňdurma ýa tortjagaz iýmekden, gürrüňçiligimiz bolsa gün-güzeran,
durmuş baradaky mesaýy söhbetdeşlikden aňry geçenok.
Onsoňam biz ol ýere ýeke gidemizok. Jemalyň gyzjagazlarynam
alyp gidýäs. Ojagazlar o ýerlerde-de ony iýjek, muny içjek diýşip, gözebaşa düşüp baranoklar. Aşak bakyşyp, äberenjäňe kaýyl bolşup,
ýuwaşjadan kümşüldeşipjik otyrlar. Käte-de etmesiz bir iş edäýýän-ä
däldiris-dä hernä, diýýän ýaly ejelerine tarap çekinjeňlik bilen
seredişýärler.
Üýşüp gurjak teatryna gidýän gezeklerimizem bolýar. Ine, şonda
welin, çagajyklar «bag-bag» bolşup açylyşýarlar. Oýnuň gülküliräk
ýerlerine gelende el çarpyşyp gülüşýärler. Teatrdan çykanymyzdan
soňam ýolboýy, jedirdeşip, gören oýunlary barada biri-birlerine gezek
bermän gürleýärler. Aýrylyşýan çatrygymyza golaýladygymyzsaýam
sesleri kem-kemden, pesendeläp başlaýar.
Bir gezek olar ejelerinden: «Näme üçin ol daýy hemişe biziň bilen
tirkeşip ýör», diýip sorapdyrlar. Jemalam: «Ol bize kömek edýär, sizi
gowy görýär», – diýipdir. – Sizem gowy görýäňizmi şo daýyny»
diýende welin seslerini çykarmandyrlar-da, çalaja ýylgyrypdyrlar. Ýöne
näme üçindir ikijiginiňem gözlerine çyg çaýylypdyr.
Howwa, dost, biziň gatnaşygymyz şeýleräk. Ýöne öňki aýdyşym
ýaly, maňa şu gatnaşygymyzyň özem ýeterlik. Onuň Güljemala meňzäp
duran berdaşly göwresini, mähir dökülip duran ýüzüni görüp dursam,
sesini eşitsem, käte oturyp iç döküşsem, gürleşsem şeýdip sähelçejik
hem bolsa ýaşlykda gapyllyk bilen duşumdan geçiren söýgimiň öwezini
dolsam başga hiç zat gerek däl. Galan zatlar bolsa bireýýäm meniň
duşumdan geçip gitdi.
Ýöne Jemal ikimiziňem biri-birimize golaýlaşmak üçin, hassa ýatan
garyp ýigidiň ýekeje gezegem ölümini dilemändigimize, şol pikiriň
hatda hyýalymyza-da gelmändigine Alla şaýatdyr. Biz ikimizem her
sözümizde onuň sag-aman gutulyp gitmegini dileýärdik... Oňa gerek
28
bolsa däri-dermanlary bileje gözleýärdik. Käte bilelikde pul gözleýän
wagtlarymyzam bolýardy.
– Syrkaw öýünde ýatyrmy ýa hassahanada – diýip, men sözüne
dyngy bererine mähetdel Erkinden soradym.
– Esasan öýünde. Ýöne has egbarlan wagty Jemal ony hassahana
ýerleşdirýär. Ol şu wagtam şol ýerde. Men onuň yzyndan Jemal bilen
deňine gatnaýan. Ýekeje gezegem ýeke goýberemok. Sebäbi ol
adamsynyň yzyndan köplenç işden soň gitmeli bolýar. Şonuň üçinem,
gaýdyşyn garaňka galýar. Hassahana bolsa şäheriň çetinde. Awtobusdan
düşensoňam ep-esli aralygy çola, garaňky ýerlerden geçmeli. Köne
haýatlaryň gyrasy bilen gitmeli, üstesine entäp ýören it-guşlaram
duşman duranok. Umuman, gorkuly.
Birbada ikirjiňlenen hem bolsa, Jemal indi meniň maddy
kömeklerimdenem gaty bir ýüz öwrüp duranok. Sebäbi ol şu wagt şoňa
mätäç. Däri-derman üçin edýän çykdajylary agyr. Ol şu wagt ruhy
goldawa-da mätäç. Ony bolsa oňa diňe men berip biljek. Men oňa käte
syrkawyň wraçlarynam görüp berýän. Gürleşýän. Has yhlasly
seretmeklerini haýyş edýän. Ýöne şo zatlaryň barysyny ýaşyryn,
syrkawyň nämesidigimi bildirmän etmeli bolýaryn. – Erkin şondan soň
bir käse çaý içdi. Esli mahal gözlerini jaýyň petigine dikip oturdy. Soň
ýene-de öňki gürrüňine dolanyp geldi. – Jemal ikimiziň hassahana günde
iki gezek gidýän gezeklerimizem bolýar. Günortanyň öň ýany we
agşam. Günortan köplenç dynç ýa baýramçylyk günleri ýa-da Jemalyň
işden pugsat alan günleri gidýäs. Galan günleri diňe agşamlyk gidýäs.
Men tä, ol adamsyny naharlap, gap-gaçlaryny ýuwuşdyryp çykýança
daşarda garaşyp durýan. Bu wagt-a az-kem maýlady welin, gyş aýlary
sowuk, ýer doň, Jemalam wagty bilen çykanok, çaltrak çykaweri
diýibem aýdyp bolanok, günem ir ýaşýar, garaňky ir düşýär, erbet
üşeýän, gyzyşmak üçin eýläk-beýläk gezmeleýän, ylgaşlaýan, duran
ýerimde «diriň-diriň» bökjekleýän, emma bolanok. Peýdasy ýok.
Köwşümiň aşagy ýuka bolansoň aýaz dabanymdan geçip depäme
ornaýar. Üstesine hiç kime görünmezlik üçin bukydan-buky, garaňkydan
– garaňky ýerlerde durmaly bolýan. Şol durşuma-da, Jemaly duşumdan
geçiräýmezlik üçin gözlerimi hassahananyň gapysyndan aýramok.
Garaňkyda tanamak kyn bolansoň, käte şol gapydan çykan, şoňa
meňzeşräk, başga bir aýalyň yzyna düşüp ýan tazysy ýaly gapdaly bilen
seňkildäp esli ýere çenli gidýän gezeklerimem bolýar. Sähelçe ýagtyrak
29
ýere bardygymyzam Jemal däldigini bilip yzyma dönýän. Öňküje
ýerime gelip ýene-de gapa gözümi dikip durýan. Oturma ýok. Sebäbi,
oturara ýer ýok. Oturgyjyň bar ýerinde bolsa maňa oturmak bolanok.
Hiç kimiň yzyndan gelmeýän adamyň günüň-gününe hassahananyň
agzyndaky oturgyçlaryň üstünde, onda-da bimahal çagy oturşyny, bir
gelin çykdygam «loňkuldap» yzyna düşüp gaýdyşyny gören adamlaryň
näme diýjeklerini özüň pikir edip gör. Meniň Jemala juda kän garaşýan
pursatlarymam bolýar. Şonda duşumdan geçip giden bolaýmasyn diýen
ünji bilen alahasyrdy bolup şäher ýola tarap eňýärin, tä trolleýbusyň
duralgasyna çenli ylgaşlap gidýärin, birdenem ol çykyp meni tapman
duran bolaýmasyn diýip, yzyma tarap haýdap ugraýaryn. Barybam
Jemalyň adamsynyň ýatýan korpusynyň daşyndan aýlanyp başlaýaryn.
Palatasynyň deňine ýetiberenimden ädimimi haýýaladýaryn we usullyk
bilen äpişgesinden jyklaýaryn. Şonda äpişgäniň tutusy ýapyk däl bolsa,
meniň üçin gowy. Onda men Jemalyň şol ýerde bardygyny ýa
ýokdugyny arkaýyn görüp bilýärin. Hatda näme iş edip oturandygynam,
adamsy bilenmi ýa onuň ýoldaşlarynyň biri bilenmi, gürleşip
oturanynam görýän. Şondan soň ynjalýaryn we ýene-de buky ýerime
baryp garaşmagymy dowam etdirýärin. Tuty ýapyk bolsa welin, günüm
kynlaşýar. Äpişgäniň bir golaýyna baryp, bir yzyma gaýdyp göz-görüm
bolýan. Iki-ýeke girýänler, çykýanlar maňa tarap şübhe bilen garaýarlar.
Men diňe Jemalyň sesi ýa gülküsi eşidilenden soň ynjalyp yzyma
gaýdýaryn.
Aý ýagty bolsa ýene ýagşy. Onda meniň ýagdaýym az-kem
ýeňilleşýär. Hassahananyň howlusynda welin ýekeje çyra-da ýok. Bar,
ýöne ýananok. Diňe palatalaryň äpişgelerinden düşýän ýagty bilen
oňmaly.
Bir ýana gyşarylyp ýatan, köne, düýbi mazaly köwlen palçyk haýat
bilen ugurdaş gidýän çarkandakly ýoluň aýlanyp-öwrülip şäher ýoluna
birigýän ýerinde bir söwda budkajygy bar. Men käte bir ýerde durup
ýadan wagtym hassahana bilen şol budka aralygy eýläk-beýläk telim
gezek dagy ädimme-ädim geçýän. Her gezek täzeden ugranymda-da şu
gezek dolanyp gelýänçäm-ä Jemal çykaýsa gerek diýip, yrym edýän.
Ýöne, şol yrymymy meniň bir gije-de tas, on gezek dagy gaýtalaýan
wagtymam bolýa. Her gelenimde-de, budkaçy oglandan çilim alyp
çekýän çekesim gelip çekemok-da, bu ýaşuly näme biderek iki ýana
gatnap ýör diýdirmejek bolup çekýän. Satyjy ýigit bilen gürleşýän.
30
Ýagdaýlaryny soraşýan. Göwnüne zat getirmezligi üçin, birine
garaşýandygymy aýdybam gidýän. Soň ol oglan maňa öwrenişdi. Günde
öňünden eýläk-beýläk geçip durandygymyz üçin kim bilen gelip
gidýänimem, kime garaşyp iki ýana elewräp ýörenimem aňdy. Ýöne, hiç
zat soramady. Ol indi şäherde gabat gelse-de, duşumdan salamsyz
geçenok.
Howwa, bu meniň Jemal entek hassahananyň içindekä, ondan
çykýança görýänje külpetlerim. Ýöne onuň gelýänini görenimden soňam
ýaňky aýdyşym ýaly maňa bukymdan zompa çykaga-da, alkymyna
dykylybermek bolanok.
Hassahanadan mazaly saýlanýançak, iň bolmanda şojagaz budka
çenli garaba-gara yzyna düşüp gitmeli. Awtobusa bile münmek bolýar,
hatda bir oturgyçda-da oturyp bolýar, düşende welin, edil pyýada
ugradanymdaky ýaly Jemallardan bir duralga bärde düşmeli. Taksili
gitsegem şeýle. Bazara ýa dükana gitsegem birimiz öňden, birimiz
yzyrakdan ýöremeli. Bile ýöremek gadagan. Sebäbi onuň äri bar. Ejesi,
kakasy, dogan-garyndaşlary, tanyş-bilişleri bar. Biri görmese, biriniň
görmegi, her hili ýakymsyz gürrüňleriň ýaýramagy mümkin. Ýöne
Jemal ikimiziň günüň-gününe, aýyň-aýyna şeýdip, kelte tirkelen ýaly
bolup ýörşümiz barybir hassahanadakylaryňam, ol ýere gelipgidýänleriňem, Jemalyň goňşy-golamlarynyňam meniň tanyşbilişlerimiňem nazarlaryndan sypan däl bolsa gerek.
Düýn
men
hassahananyň
howlusyndaky
bukymda
hemişekilerimdenem has köp garaşmaly boldum. Budka bilen aralykda
ýörelen ýoluň, çekilen çilimiň hasaby ýitdi. Howanyň nähili
üýtgändigini bolsa özüň bilýäň. Ýazyň aýydygyna garamazdan, çapgyn
şemal «şuwlap» damagyňy çalyp barýar. Aýagymda-da şol bir aşagy
ýuka köwşüm. Jorabymam ýalaňgat bolansoň barmaklarymyň ujy syzlap
alyp barýar. Şonuň üçin hatda bökjeklemäge-de ýagdaýym bolmady.
Sähelçe seresapsyzlyk etdigim aýagym tyýpyp diň arkan gaýdaýjak ýaly
bolup durun. Oturyp-turup maşk edeýin diýsem dyzlarymam epilenok.
Başym ýalaňaç bolansoň maňlaýymam şatlap, kelleçanagymy ýaraýjak
bolýar.
Dogry, aslyýetinde mende galyň eşik ýa ýyly ädik, başgap ýok däl,
bar, ony özüňem bilýäň, ýöne ir bilen howa maýyldy-da, agşamyň
düşmegi bilen sowaýdy. Meniň digdenekläp duran wagtym bolsa gijäniň
bir wagtlarydy.
31
Ahyram Jemal çykdy. «Tyrk-tyrk» edip duşumdan geçip gitdi. Men
bukuda duran ýerimden onuň aýak basyşynyň öňküliginiň ýokdugyny,
ýüzüniň salykdygynam aňdym. Diýmek, syrkawyň ýagdaýy gowy däl.
Sessiz-üýnsiz yzyna düşdüm. O-da on ädim öňümde başyny aşak salyp
barýar. Birdenem hemişeki däbimizi bozdy-da, sakga saklandy. Bärsine
öwrüldi. Deňine barýançam garaşdy. Ýöne, ýüzüme seredenok.
«Ýagdaýy gowy däl – diýende, gözlerinden syzylyp çykýan ýaş
kirpikleriniň ujundan syrygyp ýaňaklarynyň üstüne döküldi. – Çaltçaltdan huşuny ýitirýär. Meni tanamajak bolýar. Samraýar. Birdenem
özüne gelýär-de: «Garpyz iýesim gelýär, armyt iýesim gelýär» diýip,
çaga ýaly aglamjyraýar. Bu gün-ä giç indi, eger-de bazarda bar bolsa...»
«Bardyr-la hiý, bazarda-da bir zat bolmazmy, juda bolmasa men özüm
bir ýerden tapyp beräýerin ertir, gaýgy etme – diýdim.
Şondan soň biz öňki düzgünimizi indi bir sagadyň içinde ikinji
gezek bozup esli ýere çenli egin deňläp gitdik. Ol ýolboýy aglady. Men
oňa göwünlik berdim. «Çykmadyk janda umyt bar» diýipdirler, Jemal,
aglama... Belki... «Ýok, ýok, Erkin, umyt ýok. Öň bardy, indi ýok.
Gutardy. Ol eýýäm ýolda. Ýaňam üç gezek dagy gözlerini petredip
ýüzüme seretdi-de: «Jemal, meniň daşym şeýtanlardan doly, sen olary
kow, ýogsam, olar meni alyp giderler» diýdi...» – diýip, Jemal zaryn
hem kesgin gürledi. Men näme jogap berjegimi bilmedim-de,
ýuwdundym oňaýdym. Ýagdaý entegem üýtgänok. Bu gün agşam nähili
boljak, ertir näme boljak waka näme bilen gutarjak, men ony bilemok...
Soň maňa gürrüň bermegine görä, Erkin ertesi irden bazara
barypdyr-da, bir garpyz bilen bir kilojyk armyt alypdyr. Eltip Jemala
beripdir. Şol zatlary hassa iýdirmek üçin Jemal haýal etmän hassahana
gidipdir. Erkin welin işine baransoňam biynjalyk bolup oňly işläp
bilmändir. Sagat on bire on minut galanda-da jaň gelipdir. Aňyrdan
Jemalyň: «Erkin, bu men... – diýen sesi zordan eşidilipdir. Soňam esli
wagtlap hiç zat eşidilmändir. Erkin onuň aglaýandygyny aňypdyr.
Birdenem Jemal: – Gutardy-y-y!.. Gutardy-y!.. Şu wagtjyk jan berdi-i!...
Gujagymdajyk gitdi-i... Getiren garpyzymam, armydymam iýdirip
ýetişmedim» – diýip, ulyili ilen gygyrypdyr. Erkiniň: «Garaş, häzir
barýan» diýen sözlerine bolsa: «Ýok, ýok, gelme! Gelseň göze düşersiň.
«Bu kimkä» diýdirersiň. Doganlaryma habar etdim, häzir gelerler... –
diýip, howlukmaç jogap beripdir.
Erkine ylalaşaýmakdan başga alaç galmandyr.
32
3
...Şondan soň bir ýyllap Jemally gürrüň galdy diýen ýaly.
Ol äriniň ýasyny tutdy. Gara lybas geýindi. Toýa-tomga gitmedi.
Hatda öz işleýän edarasynda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna-da
gatnaşmady. Kyrkyna çenli her juma gijesi aýat okatdy. Ýylyna çenli her
aýda ýogalan gününi belledi. Kuran çykartdy. Garaz, musulmançylyk
däbine görä, ähli tertip düzgünleri berjaý etdi. Bir ýyllap Erkin bilen
tirkeşmedi. Duşuşmady. Diňe işde görüşenleri bilen oňdular.
Söhbetdeşliklerem saglyk-amanlyk soraşmakdan aňry geçmedi. Erkin
hiç ýere çykman, ünsüni başga zada sowman işledi. Özem gowy işledi.
Bendäniň ýyly geçenden soň welin, olar assa-ýuwaş ýene-de
tirkeşip ugradylar. Ýöne indi olaryň ikisiniňem biri-birine bolan garaýşy
başgaça-dy. Güljemala meňzeşdigi sebäpli Erkin-ä ozaldan bäri Jemalyň
aşygydy, Jemal bolsa indi başy boş maşgalady. Biri ýanyp duran ot,
beýlekisi däridi. Ot bilen däriniň tutaşman, ýarylman bir ýerde uzak
ýatmagy bolsa mümkin däl. Ol hökman göçäýmeli. Erkiniň gürrüňlerine
görä, olaryň öz barýan ugurlaram hut şol tarapa. Oduň därä
golaýlaşmagyna, däriniň «gümpüldäp» göçmegine az wagt galypdy. Bu
hut şeýle hem bolaýmalydy, şeýle hem boldy.
... Bir gün Erkin agşamaralar jaň etdi-de:
– Ýaryldym-m... Eşidýäňmi, Nepes, men ýaryldym-m!.. – diýip,
sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Nämäniň nämedigine bada-bad düşünenem bolsam, bilgeşländen
düşünmezlige saldym.
Näme, ýarylar ýaly bir ýakmaz zat iýdiňmi?.. «Tiz kömek»
çagyrmalymy?
-Seň ýadyňa oýun düşýä, men bolsam düýbünden başga zat barada...
Görýän welin, ikimiz bu wagt telefonda düşünişip biljek däl
öýdýän, hany, gowusy sen öýe gel-de, bar zady dilden düşündirsene.
«Hä» diýmän ol meniň gapymda häzir boldy. Özüniňem erni bir
ýere gelenok. Iç işikde duran ýerinden ellerini hereketlendirip bir zatlar
diýjek bolýar. Men onuň egninden tutup töre geçirdim. Öňden taýynlap
goýan düşekçämiň üstünde oturtdym.
– Ine, indi näme diýjek bolsaň, howlukma-da aýdyber.
33
– Şu gün kafe gitdik. Ikiçäk oturdyk. Boljak gürrüňi öňünden duýan
ýaly ol gyzjagazlarynam ejelerine iberipdir... – diýip, Erkin demidemine ýetmän gürläp başlady. – Men onuň bilen çynlakaý gürrüň
etdim. Seni öň bir gezek ýitirdim, soňam köp gözledim, örän köp
gözledim, ömürboýy gözledim, ine indem otuz ýyldan soň täzeden
tapdym diýdim...
– Kime diýdiň bu sözleri sen, Erkin, sen kim bilen kafe gitdiň, kim
bilen gürleşdiň? – diýip, men ony gižželemek üçin düşünmediksiräp
ýene-de keçje sorag berdim.
Erkin bady alnan çaga ýaly ýüzüme nägile seretdi-de, öňküsine görä
birneme köşeşibräk gürledi.
– Ýa, senem-aý, kime bor öýdýäň, Jemala diýdim. Şoň bilen kafe
gitdim... – Şondan soň ol ýene-de howlukmaç gürläp başlady. – Men
diýdim, seni görenimden gowy gördüm diýdim. Sebäbi sen Güljemal
diýdim. Ol meniň näme üçin beý diýýändigime düşünmän: «Ýok, men
Güljemal däl, Jemal» diýdi. Jemalam bolsaň meniň üçin Güljemal,
diýdim...
– Güljemal kim – diýip soramadymy?
– Sorady.
– Näme diýdiň?
– Bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim.
– Näme diýdi?
-Gynandy. Nebsi agyrdy.
-Kime nebsi agyrdy? Saňamy ýa Güljemalamy?
– Ikimize-de. «Bolmandyr, ykbalyňyz keç bolupdyr, täleýiňiz ters
gelipdir» diýdi. Meni gowşaklykda aýyplady. «Söýgiň üçin göreşip
bilmänsiň, bu gowy däl» diýdi.
– Dogry aýdypdyr.
– Menem şeý diýdim. Dogry aýdýaň diýdim. Bu meselede diňe men
günäkär diýdim. Ýöne sen şoňa şeýle bir meňzeş, hiç aýdyp diýer ýaly
däl diýdim. Şondan soň ol az-kem oýurganyp oturdy-da, aşaklyk bilen
ýüzüme garap bir geňsi ýylgyrdy. Gaşlaryny gerip gözlerini güldürdi.
«Sen meni diňe şoňa meňeşligim üçin gowy görýän bolaýma» diýende
ýüregimiň üsti süýjäp, süňňüm gowşap gitdi. Ýok, diňe onuň üçin däl,
bu bir sebäp. Onsoňam ikä böler ýaly ol ikiňiziň araňyzda hiç hili
tapawut ýog-a, ol-a edil sen, senem ylaýyk şol diýdim. Ýeke bir daş
keşbiň däl, sesiňem, hatda dem alşyňam, aýak basyşyňam şoňky, tanyş,
34
mähirli, mylaýym, ine, hut şonuň üçinem sen Güljemal, birwagtky
elimden gideren Güljemalym. Men indi seni ikinji gezek golumdan
giderip biljek däl diýdim. Bu sözleri saňa başda-da aýdybilerdim, ýöne
adamyň bolansoň aýtmadym, neresse sag-aman aýak üstüne galyp giden
bolsa, men bu sözleri entegem aýtmazdym, hiç haçanam aýtmazdym.
Ýöne nätjek, neressäň täleýi şeýle boldy. Indi men muny aýtman durup
biljek däl, sebäbi muny saňa men aýtmasam başga biri aýdar, başy boş
maşgala göz gyzdyranam, lak atanam tapylar, indem söz senden,
diýdim. Ol uzak wagtlap dymdy. Menem howlukdyrmadym. Goý,
pikirlensin, ölçersin, döksün diýdim. Şol wagt ol: «Maňa oýlanar ýaly
birküç aý möhlet ber» diýenem bolsa ylalaşardym. Ýöne ol meni uzak
garaşdyrmady. Kükregini ýelden dolduryp uludan demini aldy-da:
«Ýeri, bolýa-da, goý, Güljemal bolsam, Güljemal bolaýyn» diýdi. Hatda
şundan şuýana öz aramyzda öz adyny Güljemal diýip tutmagyma-da
rugsat berdi.
Şondan soň men oňa ýene bir zady aýtman durup bilmedim, ýagny,
Jemal, seniň başyň ýaş, aratapawudymyz uly, sende täzeden durmuş
gurmaga mümkinçilik bar. Eger-de, heran-haçan güzeranyňa garaşyk
eder ýaly göwün diýen adamyňa duşup, onuň bilen öý-işik bolaryn,
diýseň, men päsgel bermerin diýdim. Şolar ýaly niýet şolar ýaly adam
meýliňde şu wagt bar bolsa, onda onam aýt, men gaýdyp şu gürrüňi
seniň ýanyňda gaýtalamaýyn, bar zat öňküligine galar, dostlarça
gatnaşybereris, men şoňa-da kaýyl diýdim. Jemal ýene-de oýa batdy.
Çalaja ýylgyrjak ýaly etdi, soňam çynlakaý sypata girdi-de: «Şu wagt-a
göz öňünde tutýanym ýok, asla ýaňadan durmuşa çykmak niýetimem
ýok. Ärim bilen ýaşaşan dokuz ýylym meni bijaý ýadatdy. Indiden soň
özümi ýene-de şolar ýaly gowga salyp biljek däl. Men indi erkin
ýaşajak. Guwanar ýaly iki çagam bar, şol maňa bes. Dogry bir
oguljygam göwnüm küýsemän duranok, ýöne nätjek, Allanyň bermedik
zadyny el bilen düzedip bolýamy... – diýdi. Gülgün reňk çaýylan
kümüşsow, uzyn, ýiti dyrnaklarynyň ujy bilen öňündäki içi kofeli
gyzylala gülli akja çaşkanyň gyrasyny dyrmalap oturşyna uludan
demini aldy. – Galyberse-de: «Başkym ýazgydym, soňkym görgüdim»
diýipdirler. Indikiniň nähili boljadygyny görüp gelen barmy... Ýöne,
gizläp oturmaýyn, ýeke-de ýaşap biljek däl. Maňa är ornunda durup
hemaýat edibiljek hossar gerek. Şol adamyň ornuny tutup biljekdigiňi
bolsa sen görkezdiň. Hiç bir tamakinçiliksiz şunça wagtlap kömek etdiň.
35
Şonuň üçinem men seniň bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamana garşy
däl. Menem seni hiç zada borçly etmen. Senem özüňi erkana duýup
bilersiň. Islän wagtyň gidibem bilersiň... – Jemal ýüzüme gyýa garap
syrly ýylgyrdy. – Ýaşyňam näme, o hiç. Ol meniň gözüme görnenok.
Bildirenok. Men mähre, ruhy goldawa mätäç. Maňa söýgi gerek.
Söýgüsiz durmuş adamy edil suwsuz agaç ýaly guradýan ekeni. – Ol
arkan gaýyşdy-da, birinji gezek görýän ýaly ýüzüme üýtgeşik bir
hyrydar duýgy bilen garady. – Umuman, sen öz ýaşyňdan ýaş görünýäň.
Güýjüň, kuwwatyň ýerindedigem görnüp dur». Men aýamy onuň
ýumşajyk, ap-akja eliniň üstüne goýup, Jemal, men seni öňem gowy
görýädim, häzirem gowy görýän, mundan buýana-da gowy görerin, hiç
tarapdan nägile-de etmen, sebäbi meniňem söýesim, söýlesim gelýär,
menem şu ömrümi söýgüsiz geçirdim, bir maşgala bilen baş goşup, bir
ýassykda başlaşanyň, öý-işik, çaga-çuga bolanyň bilen söýgi bolmaýar
ekeni, söýgi düýbünden başga zat ekeni diýdim. «Menem şol pikirde diýip, Jemal nazaryny näbelli bir nokada dikip oturşyna aýtdy – Menem
edil seniňki ýaly söýgüsiz durmuşy başdan geçirdim. Şonuň üçinem,
indi äre çykasymam gelenok... – Ol birdenkä çynlakaý sypata girdi.
Gözlerime dikan garady. – Ýöne bir haýyşym bar, o-da men zerarly
maşgalaňy taşlama. Öýüňi, durmuşyňy bozma. Çagalaryň gözünden
düşme. Başarsaň bildirmejek bol... Şondan soň men oňa maşgala
durmuşym barada gysgajyk gürrüň berdim – diýip, Erkin sözüni dowam
etdirdi. – Menem öz durmuşymdan ýadadym diýdim. Dogry, bu ýaşdan
soň aýrylyşyp, bozluşyp ýörmek niýetimde ýok, şunça çydan bolsam
ýene-de çydaryn, ýöne galan ömrümi söýüp, söýülip ýaşasym gelýär.
Maňa-da mähir, söýgi gerek. Dogrusy men söýgimi bireýýämler
duşumdan geçirendirin öýdüp ýördüm, gaýdyp oňa sataşarynam
öýdemokdym. Emma şunça ýyllardan soň sen meniň öňki söýgüm bolup
gaýdyp geldiň, kalbymdaky köräp duran ody oýardyň, täzeden ýakdyň,
tutaşdyrdyň diýdim. «Menem öň bir gezek saňa sulh berip, sulh alan
ýaly bolup durun – diýip, Jemal meniň sözümi alyp göterdi. – Özüňi
alyp barşyňdan gepiň, sözüňden gowy görýändigiňi men başda-da
aňdym. Daşymdan syr bildirmesemem, her gün işe gidenmde baryp seni
görjekdigime begenýärdim, howlukýardym. Hemişe sähelçe wagtyň
içinde geçýän ýolum örän uzak bolup görünýärdi, ýöne syrymy pynhan
saklamaly bolýardym. Başym boşamadyk bolsa menem bu sözleri saňa
aýtmazdym. Ömürlik dost hökmünde, arassa gatnaşyk edip ýörmäne
36
menem ak ýürekden kaýyl bolardym...» Men ýerimden turdumda,
Jemalyň goşaryndan tutdum, eglip ilki ýaňagyndan, soňam dodagyndan
ogşadym. Ol Güljemalyňka meňzeş gözlerini süzdi-de, aşak bakdy.
Ýylgyrdy. Men onuň bu hereketini gutarnykly suratda razylyk
berendiginiň alamaty hökmünde kabul etdim...
Erkin şatlygyny paýlaşyp bolandan soňam gürleşip ep-esli oturdyk.
Ýöne ol barybir Jemally gürrüňden gaty bir daşlaşyp bilmedi. Öwranöwran şoňa dolandy durdy.
Şol gezek hoşlaşanymyzda gije ýarymdan agyberen ekeni.
Şondan soň Erkin Jemal bilen ýygy-ýygydan duşuşyp başlady.
Hakyky söýgi başlandy. Wagtal-wagtal ýanyma gelip Jemal bilen
geçirýän ýakymly pursatlary barada, özüniň diýseň bagtyýardygy barada
Erkin maňa süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi. Özüni giç hem bolsa
söýgä sataşdyrandygy üçin Biribardan müňde bir razydygyny aýdýardy.
Onuň iň gowy görýän tagamy çişlik – diýip, birnäçe gezek
duşuşanlaryndan soň, ol bir gün maňa öýde otyrkak gürrüň berdi. –
Özem doňzuňky, içgisem şo-ol, Täze ýyl gijesi aýdyşy ýaly «Spraýt».
Humarly içgi içenok. Ol içmänsoň, menem içemok. Ikimiziň bar
keýpimiz biri-birimize bolan söýgimiz. Mähirimiz. Şol dem biz bar
zady unudýas. Ol pursatlaryň sapasyny men hiç zat bilen deňäp biljek
däl. Men onuň hylwat jaýymyza seýkin basyp, tez jeren ýaly töweregine
howatyrly garanjaklap gelşini penjireden synlamany gowy görýän.
Gapydan girişi ýalam garbap alyp bagryma basýan welin, özümi edil
ýedinji asmanyň üstünde ýaly duýýan... – Gürrüňiniň şu ýerine ýetende
Erkin ýüzüme seredip süýjümtik ýylgyrdy. – Men şu wagt dünýäde iň
bagtly adam, Nepes. Sebäbi men söýýän, söýülýän. Kimdir biri üçin
men gerek. Jemal meniň juwanlyk söýgim bolup gaýdyp geldi. Maňa
ruh berdi. Güýjüme güýç goşdy. Ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy.
Döredijiligimi ilerletdi. Men häzir özümi edil, ýigrimi bäş ýaşly jahyl
ýaly duýýaryn, öňkimdenem has öndümli işleýärin. Jemalam şeýle. O-da
meni gowy görýär. O-da mensiz oňup bilenok. Duşuşyga höwes bilen
gelýär, gidende gyýlyp gidýär. «Ýanyňdan gidesim gelenok» diýip,
bosaganyň agzynda oýurganyp kän durýar. Ikimiziňem biri-birimizi bir
wagtyň özünde ýatlap, bir wagtyň özünde biri-birimize jaň edip ugraýan
wagtlarymyzam az bolanok. Ah, dostum, Nepes, söýmek, söýülmek
diýlen närsäniň şeýle süýji zatdygyny öň bilen bolsadym!.. Ine, hut
37
häzirem meniň oňa jaň edesim gelýär, diýmek, o-da meni küýsäp
ugrandyr. Nirä gitdikä diýýändir, gözleýändir...
Edil aýdyşy ýaly boldy. Hut şol wagtyň özünde Erkiniň el
telefonyna jaň geldi. Ekrana seredip, gülümjiräp oturşyna: «Ine,
gördüňmi, men aýtdym-a, şol jaň edýä» diýen manyda ýüzüme şelaýyn
bakdy. Jemal bilen gürleşdi. Meniň ýanymdadygyny basym menem
bilen özi tanyşdyrjakdygyny aýtdy. Birnäçe süýji söz bagyşlady. Şolar
ýaly sözleri özem eşiden bolsa gerek, iki ernem gulaklaryna ýetäýjek
boldy. Dynç güni duşuşmagy wadalaşybam hoşlaşdy. Telefonyny
jübüsine salansoň ýüzüme seredip ýylgyrdy.
Onuň şeýle bagtyýardygyny görüp menem begendim. Çünki, onuň
uçursyz ýygralygy, içgussalygy, dymmalygy meni hemişe
darykdyrýardy. Bolup ýörşüne daşyndan gynanmakdan ýaňa yzalar
çekýärdim. Student döwürleri Güljemalyň ýanyna baryp bilmän, ýanypbişip ýörşi bilen deňeşdireniňde, bu wagtky bolup oturşy düýbünden
başgaça. Men muny onuň özüne-de aýtdym. Şonda ol şeý diýdi.
– Howwa, men bagtyýar. Özem iki taraplaýyn bagtyýar. Olaryň biri
Güljemal, beýlekisi döredijiligim. Häzir olaryň ikisem oňuşýar.
Aslyýetinde welin, döredijilik gelin-gyzlardanam beter gabanjaň. Ol seni
ähli zatlardan gabanýar. Ol diňe özüne üns berilmegini, seniň diňe iş
stoluňa örklenip oturmagyňy isleýär. Ünsüňi sähelçejik gowşatdygyňam
öýkeleýär. Daşlaşmak bilen bolýar. Şonuň şol öýkesini wagtynda duýup,
yzyna gaýtarmasaň welin gidýär. Onda seniň döredijiligiňden ymykly
aýra düşäýmegiňem mümkin. Indi-indiler seredip otyryn welin, meni
ýaşlykda söýgüden sowanam, çagalykdan özümi ilden çeke tutup, düňle
ýaly içimi hümledip ýörmegim sebäp bolanam şol bolmaly. Ol maňa:
«Kalbyňda men bardyryn, başga hiç kimi, hiç zady ýanyma
goýberäýme, diňe meniň bilen bol diýýän ekeni. Ýöne bir çetinde
söýgem bolmasa, kalbyňda yşyk ýanmaýan ekeni, ýansa-da, köregräk
ýanýan ekeni, çyragsyz öý ýaly garaňky bolýan ekeni. Men muny öňräk
duýdum. Döredijiligime nämedir bir zadyň ýetmeýändigini, hut
şonuňam setirlerimi agsadýandygyny, büdredýändigini aňdym. Şol
ýetmezçiligiň söýgüdiginem tutuş süňňüm bilen syzdym. Söýgüsiz
geçen ömrüme gynandym... Dogry, ýanmadyk adam şahyr bolmaz,
diýýäler, ýöne ýanmak üçinem, söýgi, söýmek, söýülmek gerek ahyry...
Indi mende şol zat bar. Öň meniň döredijilik ganatym birdi. Men
hatda ýerläbem uçup bilemokdym. Jemala sataşanymdan soň ol iki
38
boldy. Şol goşa ganat indi meni öňküdenem has galkyndyrýar, asmanda
ganat ýaýdyrýar. Meni bagtyýar edýän zat ana, şol!
Sözüniň gury bolmazlygy üçin ol şonda maňa iň soňky ýazan
goşgularyndan üç-dört sanysyny okap berdi. Goşgular dogrudanam
gowudy, öňkülerinden göz-görtele tapawutlanýardy, döredijilik
meýdanynda täze bir ugra gadam basandygy mesaňa mälim bildirip
durdy.
Men muňa begendim.
Ýöne, bu ýagdaý uzaga çekermikä? Erkin bir elde iki garpyzy uzak
saklap bilermikä? Çünki edebiýat ýaly söýgem özbaşyna bir sungat.
Erkiniň öz aýdyşy ýaly o-da eýesini özünden başga ähli zatlardan
gabanýar. Meni, ine, şu mesele iňkise goýdy. Eger-de, ol söýgä ýan
basyp, döredijiliginden daşlaşsa, men gynanjak. Meniň pikirimçe, ol ýa
söýgini, ýa döredijiligini pida bermelidi. Ikisinden birini saýlamalydy.
Şony edip bilmedik ýagdaýynda ol ikisiniň biri beýlekisini alyp
ýataýmalydy. Meniň pikirimçe, onuň öňki gelşi dogry ýalydy.
Her niçik hem bolsa, onam, özümem umytdan düşürmezligi
ýüregime düwdüm. Çünki Erkini bagtyýar halda görmeklik meniň
üçinem bagtdy.
Meni ýene bir ynjalykdan gaçyrýan zat: ol özüniň giç gelen
söýgüsini maşgalasyndan ýaşyryn saklap bilermikä? «Temeni haltada
gizläp bolmaz» diýlişi ýaly, bir gün o-da birwagtlarky, kimdigem belli
bolmadyk iki çagaly gelniň dawasy kimin, Erkiniň başyndan täze bir
apy-tupan bolup inäýermikä?
Bu bolup biläýjek zat. Çünki henize çenli söýginiň äşgär bolman
galan ýeri ýok. Ol, gör, kimleri ryswa etmändi! Kimleri atadan-eneden
jyda düşürmändi! Kimleri ilinden-gününden siwa etmändi! Eýsem-de
bolsa Şaapbasyň altmyş ýaşdan soň aklyny çaşyryp: «Bir ýaman
söwdaga düşüpdir başym» diýdiren yşk dälmidi! Şyh Sanana ahyr
ýaşynda täji-tägtyny terk etdirip, şalygy gedalyga çalyşdyran, çölbeýewanlara çykaryp, ormanda doňuz bakdyran yşk dälmidi! Aşyk
Aýdyň piriň sary gaçan ýüregini heýjana getiren, ýetmiş ýaşly Şabendä
«Gözelimi» goşduran, ýow güni ýagynyň öňünde ýaýaplamadyk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 04
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.