Latin

Söýgüde serhet ýok - 06

Total number of words is 3848
Total number of unique words is 2095
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
meniň öňümde söýginiň başga bir ejirli tarapy açyldy. Özem duýdansyz
açyldy. Jemalyň hut özi sebäpli açyldy. Şondan soň heserden başga ne
eser, ne ogul, ne gyz, ne öý, hiç kim, hiç zat gözüme görünmedi. Men
bir gezip ýören dälä, diwana öwrüldim. Sergezdan boldum. Barja
baýlygyny elinden aldyran täjire döndüm. Gedaý galdym. Iň ýamanam
bir başyňy sokanyňdan soň, ol bazardan çykyp bolmaýan ekeni. Özüň
çyksaňam göwnüň çykmaýan ekeni. Ýene bir bilen zadym o-da, aýalgyz diýleni öz magşugynyň duýgularyny oýnamakdan lezzet alýan
ekeni. Özi zerarly seniň hasrat çekişiňe begenýän ekeni. Şol sebäpli ol o
64
zatlary käte keýpine-de gurnaýan ekeni. Bu zatlara men hut şol gün,
ýagşyň agyr damjalarynyň aşagynda ýegşerilip gelýärkäm göz ýetirdim.
Süýeklerimi süýräp gelşime men şonda: «Eý, Barhudaý-a! Eý,
Perwerdigär-ä! Al bu beren derdiňi menden! Başymdan sow! Azat et!
Gutar! Öňki erkinligimi gaýdyp ber! Men kyn güne galdym! Waweýla!
Wa-hasrat-a! Wa-daryg-a! Bu beren yşgyň meni köýdürdi!» Ýöne ne
gökde, ne ýerde, sesimi eşiden bolmady. Derdim ýeňlemedi. Dep
bolmady. Gaýtam güýjerledi.
Men şol ýerden göni öýe gitmelidim. Eşiklerimi çalyşmalydym.
Ýöne, aýaklarymyň nädip eltenini bilemok, bir görsem işleýän edaramyň
gapysynda durun.
Ýüzümi-gözümi erbet gördülermi ýa süllümmaý bolup durşumdan
haýykdylarmy, maňa gözleri düşenden işdeş ýoldaşlarym: «Näme boldyda, näme boldy» diýşip daşymdan aýlanyşdylar. Öýe gidip eşiklerimi
çalşyp gelmegimi maslahat berdiler. Ýöne beýder ýaly birinjiden-ä
mende ol wagt gurbat ýokdy, ikinjidenem çaltrak jaň et-de, Jemala iň
soňky sözüňi aýt diýip, ýüregim agzymdan çykara gelip barýardy. Hatda
aýtjak sözlerime çenli beýnimde aýlanyp dur. Has degerli, tüýs baryp
ýüregine çümäýjek, degnasyna degäýjek sözleri gözleýän. Iň bolmanda:
«Ah, biwepa! Indi bes! Bary gutardy! Men seni öz günäň üstünde
tutdum! Gaýdyp meň ýanyma geläýme! Jaň edäýme!» diýerin diýip,
içimi gepledýän. Dişlerimi gyjaýan. Soň onam ýumşagrak görýän-de,
başga-başga, has tikenekliräk söz agtaryp ugraýan. Ahyram bir netijä
gelýän-de, telefony öňüme çekýän, trubkany göterýän, beletje
belgilerimi aýlaýan. Öňler şol belgileri uly höwes, uly hyjuw bilen
aýlaýardym. Aňyrdan Jemalyň şelaýyn sesiniň eşdilerine sabyrsyzlyk
bilen garaşýardym. Bu gezek welin telefonyň çarhy elimde pelegiň
çarhyndanam agyr göçýär. Trubka çoýundan ýasalan ýaly goluma agram
salyp gaçyp barýar. Ýüregimiň gürsüldisi kükregime at dependenem
beter batly degýär. «Ine, trubkany alar welin, ýaňky sözleriň arasyna
hapa sözlerdenem goşaýyn» diýip, gus-gury dodaklarymy ondanam
beter guran dilim bilen ýalamaga synanyşýan. Soňam: «Aý, ýok, her hal
sypaýyçylygy saklamak gerek» diýip, ýene-de özüme basalyk berýän.
Ýöne näme üçindir trubkany hiç kim alanok. Bent. Azyrak takat edip
ýene-de aýlaýan. Ýene-de bent. Şeýdip tä günortana çenli aýladym
oturdym. Emma netije bolmady. Şol çaka çenli şeýle bolan wagty
ýokdy, şol gezek welin şeýle boldy. Soňabaka bilgeşleýin alýan däldir,
65
görenimi görendir-de, ýakymsyz bir zat diýerimden gorkýandyr diýen
pikir kelläme gelip hasam darygyp başladym. Ýa üstüne
gidäýsemmikäm diýip, ýerimden gobsunan gezeklerimem boldy. Ýöne
başarmadym. Beýniň ýadawlygy bir ýana diýsem, ýagşyň ezginçiligi
bilen sowugam etjegini edipdir-de, süňňim gowşap, halys ýere siňip
barýan. Ýanyma kim gelýä, kim gidýä, kimiň nämesini terjime edip
berýän, onam bilemok. Bolup oturyşymdan ýagdaýymy aňandyrlar-da,
soňabaka-ha ýanyma hiç kim gelmedem. Geläýenlerem edil dumanyň
içinde ýaly gözüme bulaşyk göründi. Göwreleri eýläk-beýläk sozulyp,
büzülip dur.
Başlygyň sürüjisi, Jejew atly uzyn, hortap, burunlak, goýnuň
kellesine meňzeş, durşuna tüý bolup duran hüýt-gara goturaky ýüzli,
pyýada hemişe boş wagtlary ýanyma gelerdi, ýazanyňda gerek bor diýip,
geň-enaýy gürrüňjagazlar aýdyp bererdi. Ol şol günem geldi.
Gapdalymdaky oturgyçda oturyp bir zatlary gürrüň berdi. Ýöne men
onuňam agzynyň gymyldysyny görýän diýäýmesem näme diýýänini
aňşyramok. Gulagyma hiç zat eşidilenok. Asyl-ha men şol wagt
gapdalymda kimdir biriniň oturmagyny islämok. Sebäbi derdim başga.
Iki gözüm-ä telefonda, aňymda bolsa Jemalyň agyr hem sowuk
damjalaryň arasy bilen ýat bir maşynyň gapysyndan girip barşy dublýaž
edilýän halkaly kino lentasy ýaly birsydyrgyn aýlanyp dur. Jejew welin
ol zatlardan bihabar ýüzüni iki baka sypajakladyp, her sözüniň birinde
«kikir-kikir» gülüp otyr. Arasynda-da: «Aý, sen-ä meni diňläňogamlaý» diýip, ýalandan öýkelän bolýar, turup gidýär-de, soň ýene-de
gelýär. «Ýa bir zat bolýamy how, saňa? Ýaraňokmy? Üstüňem-ä ölmyžžyk. Suwa dagy ýykyldyňmy diýip, hasam ýürege düşýär. Ýüzüme
çiňerilip-çiňerilip durýar-da, ýene-de çykyp gidýär.
Günortan boluberende sabyr-kararym halys gutardy. Jemalyň
telefonynyň bolsa şol bent bolup durşy. Birdenem: Aý, gel-aý, şoň
üstüne gideýin-le, baryp bellisini edeýin-le diýip, ýerimden galdymam,
welin, haýsydyr bir güýç egnimden basan ýaly «lampa» aşak oturdym.
Ol gün şeýdip geçdi. Ertesi günortanaralar Jemal meniň gapymda
peýda boldy. Ýüzünde welin müýn ýok. Gaýtam ýylgyrýar.
«Telefonymyz işlänok, habar tutaýaýyn diýip gaýtdym» diýende dagy
gözleriniň jikgelerinden uçgun syçraýa. «Eý, Huda-aý! Beýle-de bir ýüzi
göläň hamyndanam gaty, utançsyz maşgala bor ekeni-ow! Gan aglap,
aýagyma ýykylmaly, ötünç soramaly halyna gaýtam şelaýynsyran
66
bolýaň-la how, sen. Asla nä ýüzüňe geldiň sen bu ýere» diýen sözleri
ilk-ä içimden, soňam daşymdan aýtdym. – Git! Senlik iş gutardy. Sen
sözüňde tapylmadyň! Meni aldadyň! Düýn-öňňinlikde beren wadaňy
eýýäm bozduň!» diýen sözleri üstüne goşubam, jaýdan çykyp gitmek
üçin uly dabara bilen ýerimden turdum. Ol welin: «Näme edipdirin men
beýle agramly sözler aýdaryň ýaly – diýip, şondan soňam mönsürejek
bolýa. Iki gözümiň içine seredip: – Bol, aýt, näme edenem bolsam»
diýýä. «Aýtsam ýene mündüň sen şol maşyna» diýip, ulyilim bilen
gygyrdym. Onuň sesi gyryljak hem ýasama çykdy. «Münemo-ok!»
«Mündüň-ň! Onda-da öz aýagyň bilen baryp, gapyny öz eliň açyp
keýpihon mündüň. Ol saňa signalam bermedi, düýnki aýdyşyň ýaly
öňüňe yzyňa geçip ile masgara-da etmedi. Men öz gözüm bilen gördüm!
Edil iki ädim bäri ýanyňda durup seretdim. Şundan soňam «münemok»
diýip, ýalan sözlemäne neneň diliň barýa», diýdim.
Şondan soň onuň ýüzi üýtgedi. Ýaňaklary bir gyzardy, bir agardy.
Utulanyny boýnuna alaýmakdan başga alajynyň galmandygyna göz
ýetirdi. Aşak bakyp durşuna: «Dogry. Mündüm. Ýöne, indi münmen.
Şol iň soňky gezek münşüm bolar...» diýdi. «Sen öňňinem şeý diýdiň»
diýip, men indi gaharyma bäs gelmek üçin pessaýrak seslendim.
«Howwa, şeý diýdim. Ýöne düýn ýagyş ýagdy. Onda-da nähili ýagdy.
Gözüňi açar ýaly bolmady. Üstesine sowugam janyňy alyp barýa.
Görsem öňümde dur. Öňi-soňy maşyn tutmaly, haýsy bolanda näme
diýdim-de, münäýdim. – Jemal halys aljyrady. – Onsoňam näbileýin
men seň seredip duranyňy...» Men oňa ýüregimden syzdyryp: «Sen
menden gorkma, Hudaýdan gork! Meni aldadygyň şony aldadygyňdyr.
Ol bar zady görýändir, bar zady eşidýändir. Belki ertir gar ýa jöwenek
ýagar, asmandan buz gaçar, gyzyl ýel ýa harasat gopar, sen onsoň ýenede münäýjekmi şo maşyna? Söz beren adam asmandan pyşbaga ýagsada, kyýamat gopsa-da sözünde durmalydyr. Söz beren adamsy hemişe
garap duran ýaly bolmalydyr» diýdim. – Erkin tisgine-tisgine sowuk
demini aldy. – Özüň bilýäň, Nepes, maňa ilk-ä geplemek kyn, gepläp
başlanymdan soňam saklanmak kyn. Otuz ýaşly gelni otuz minudyň
içinde terbielemekçi bolýan ýaly takal okap ýüregine düşdüm. Şonuň
üçinem Jemal täzeden tijendi-de: «Köne pikir bolmasana, Erkin, giňräk
bolsana, Dünýä birneme giňräk göz aýlasana», diýip, edil başdakysy
ýaly batyr bolmasa-da garaz, dogumly gepledi.
67
Eger-de Jemalyň aýdyşy ýaly, men hakykatdan-da köne pikir bolan
bolsadym, onda şol ýeriň özünde onuň özüni gylyçdan geçirerdim. Ýöne
keçje ýeri men köne pikirem däl, elimde gylyjymam ýok. Aý, meniň
nikalym däl, nätse şeýtsin, maňa namysy düşenok diýip, binamyslyga
salyp oturybermäge bolsa ynsabym çatanok. Şonuň üçinem men
ýüregimden syzdyryp: «Men seni mähribanym hasaplap ýördüm, öz
halalym saýyp, ýiten bagtymyň dolanyp geldigi diýip ýördüm. Emma
gör, sen nähili zalym, zulumkeş, doň ýürek ekeniň. Men seniň düýnki
gün ir bilen şo maşyna müneniňe bir ölübilmän otyryn, sen bolsaň indi
münmen, diýip şu iki günüň içinde gör, näçenji gezek söz berýäň.
Näçenji gezek ýüregime pyçak urýaň. Seň bu oýnuňa men mundan artyk
çydap biljek däl. Hoş! Sen menden boş» – diýdim-de, gapa tarap
ýöneldim. Jemal ýene-de öňümi kesdi. Boýnuny burup gözlerine ýaş
aýlady. Bigünä çaganyňky ýaly naýynjar bir owaz bilen: «Ýene bir
gezek synap göräý, ertirden aňry men şol maşyna münmen...» diýdi.
Meniň welin ony diňläsimem gelmedi. «Münseň mün, münmeseň
münme, ol seniň öz işiň. Gara başymy gowgaýa salan özüm, özümem
alyp çykaryn.» – diýdim-de, gapyny zarp bilen açdym. Daş çykdym.
Çykyşym ýalam ýeňsämden Jemalyň: «Erkin, dur! Gitme! Saklan! Meni
diňle...» – diýen sesi geldi. Emma men saklanmadym. Asla ol wagt meni
saklap biljek güýjem ýokdy. Men ol wagt ýaýdan sypan peýkamdym,
atylan okdum.
Köçä çykyşym ýaly ýüzüme salkyn şemal urdy. Süňňümem ýeňlän
ýaly boldy. Iki gün bäri egnimden basyp duran agyr labyr aýryldy.
Men tä, garaňky düşýänçä şäherde aýlandym. Öýlän işe-de
barmadym. Köçelerde ykdym ýördüm. Arakdan bir doýaýyn-la diýip,
telim naharhananyň gapysyndan bardym. Hiç birine girmänem yzyma
döndüm. Aňrym almady. Içesim gelmedi. Çünki arak diýlen närse
keýpihonlygyň içgisi. Gaharly wagtyň ol bolmaýar. Köşeşdirmeýär.
Gaýtam öjükdirýär.
Ýatar wagta golaýlaberende öýe geldim. Gelşim ýalam ýerime
geçdim. Ýatdym. Ýöne uklap bilmedim. Jemal baradaky gümürtik hem
garyşyk pikirler rahatlyk bermedi. Gaharym gaçyşdygyça-da ony küýsäp
başladym. Nähak azar beren bolaýmaýyn, aralarynda üýtgeşik zat bolan
däl bolaýmasyn diýen pikirem öňe çykyp ugrady. Daňdanara çalarak
ymyzganypdyryn, ýöne men eýýäm turmalydym, bir käse çaý içibem işe
ugramalydym.
68
...Her gün irden işe gelip penjiräni açyp içerini ýelejiretmek, köçäni
synlamak endigim bar. Üstesine Jemalam her gün ir bilen şo köçeden
taksili işine geçip gidýär. Men ony köplenç görýärdim we el bulap
galýardym. O-da oturan ýerinden maňa tarap aýalaryny gerýär, birenaýy
ýylgyrýar. Işine barşy ýalam jaň edip, ýap-ýaňyja meni görendigini
buşlaýar. Egerde bir sebäp bilen ol eglense, onda men özüm oňa jaň edip
ýap-ýaňyja ony görendigimi buşlaýan.
Düýn iň soňky sözümi aýdyp hemişelik hoşlaşanam bolsam, barybir
ýene-de açyk penjireden köçä seredip durun. Şol ýerde Jemaly görmek
üçin däl-de, köçäni synlamak üçin durandygyma öz-özümi ynandyrjak
bolýan. Düýnki sözlerimden soň indi onuň nämeli geçende-de özüme
dahylynyň ýokdugyna garamazdan, bardy-geldi, ol ýene-de şu ýerden
geçäýende-de düýnki ak maşyn bilen-ä geçmez, öňküleri ýaly adaty
taksili geçer diýip, umyt edýän. Sebäbi ol her niçigem bolsa, näçenji
gezegem bolsa söz beripdi ahyry...
...Emma ýene-de bolmady. Ol ýene-de şol, meni otlara salan ak
maşynda geçdi. Yzky oturgyçda otyr. Penjiräniň deňine gelendenem
bärisine bakdy. Ýöne: «Erkin, sen meni bagyşla, men şundan
aýrylybilemok, meni şunuň bilen baglanyşdyrýan zat sende ýok» diýýän
ýaly diýseň, naýynjar bakdy. Deňimden geçensoňam menden gözüni
aýrybilmän, gaňryla-gaňryla, yzyna garaý-garaý gitdi. Ýüzi-gözem
öňküsi ýaly dabaraly däl. Sus. Reňki öçük. Ölügsi. Ýene-de erbet
boldum. Ynjadym. Ýene-de ýüregim sançdy. Hälem bolsa: «Seň ne işiň.
Düýn özüň rugsadyny berdiň, kimiňkä münseň şonuňka mün, sen indi
menden boş, diýdiň, ahyry, diýen pikir kelläme geldi-de, kalbymdaky
howsalany az-kem köşeşdiräýdi. Ýüregimem giňän ýaly boldy.
Penjiräniň agzyndan aýrylyp ýerime geçdim. Jemal yzly-yzyna jaň etdi.
Jogap bermedim. Trubkany taşladym durdum. Ol agşamlyk öýe barşym
ýaly, bolýan kwartirama hem jaň etdi. Trubkany taşlamazlygymy, özüni
diňlemekligimi haýyş etdi. Men jogap bermän köp durdum. Aýdýan
sözleriniň tüýs ýüreginden çykýandygyna ynansamam yzly-yzyna uran
urgularyny birbada bagyşlap bilmedim. Şonuň üçinem sesimi
çykarmadym. Ol bolsa: «Erkin! Men bilýän! Şu gün irden ýene şol
maşynda geçenimi göreniňi bilýän. Ýöne diňle! Trubkany goýma, diňlede, soň nätseň şeýt. Şu gün men şol maşyna iň soňky sözümi aýtmak
üçin, hasaplaşmak üçin mündim. Maňa muny şeýtmek gerekdi. Men
muny saňa görmedik bolsaňam aýtjakdym... galanynam özüň bil. Men
69
seniň öňüňde päk. Şol oglan bilen aramyzda hiç zat bolanok... Kelle
ýeňillik edendigim üçin bagyşla» diýip, yzly-yzyna suňşurdy.
Köneki, yşgy dessanlardaky ýa nusgawy edebiýatlardaky: «Aşygyň
bolmazmyş namysy-ary...», «...Namysdan – ardan aýryldym...» diýen
ýaly goşgulara men baryp-ha ýaşlyk döwürlerimden bäri geň galýardym,
hiý, arsyz, namyssyzam bir aşyklyk bormy, beýle-de bir söýgi bormy,
namysdan, ardan aýyrjak bolsa ol kime gerek, nämä gerek diýip,
oýlanýardym. Emma şol çyn ekeni. Magşugy özüni hernäçe ynjytsa-da,
sähelçe wagtdan soň aşyk ony bagyşlara bahana, günäsini ötere delil
gözläp başlaýan ekeni. Sebäbi şolar ýaly dartgynly ýagdaý adamyň
beýnisini erbet ýadadýar, magşugy özünden ýüz döndermese, köňül
mülküni bütünleý taşlap gitmese, galan azaplaryna kaýyl bolýar ekeni.
Men muňa öz mysalymda göz ýetirdim.
Şonuň üçinem ysgynsyz ses bilen: «Bolýa» – diýdim-de, trubkany
goýdum. Şolar ýaly çylşyrymly wakanyň, gazaply tersleşigiň oňyn
tarapa ugur alandygy üçin begendim.
Soň-soňlar, özüniň ak ýürekden boýun almagyna görä, deňizli
gürrüňem, «ak maşynly» wakanam Jemal özi bilen deňze gitmändigim,
täze işe girenimden soň «merkeze» gyzynyň yzyndan bile gatnamamy
goýandygym sebäpli meni jezalandyrmak üçin, gabandyrmak üçin
bilgeşleýin ara sokupdyr. Hamala şol gezek deňizli gürrüňi eşidip men
ot kimin tutaşmaly, onuň bilen bile gitmändigime puşman etmeli,
örtenmeli, köýmeli, dagy-duwara ýeke goýbermejekdigime ant içip awy
ýalamaly ekenim. Emma men oňa kän pitiwa etmändirin we ýene bir
wakanyň «ak maşynly» dawanyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyryn.
Ana, şonda welin onuň pikiriçe diňe bir deňizde däl, şäheriň içinde-de
bir pursat aýrylmaklygyň iňňän howply ýagdaýlaryň üstünden eltip
biljekdigine ymykly göz ýetirmeli ekenim. Üstesine-de onuň düşünişine
görä erkek adam aýal maşgalany näçe köp gabansa şonça-da oňa bolan
söýgüsi güýçlenýärmişin, öňküsindenem has gowy görýärmişin, has
ysnyşýarmyşyn, has golaýlaşýarmyşyn.
Ýöne onuň ol pelsepesi ýalňyş bolup çykdy. Adam gabansa, söýgüsi
artanok ekeni-de, derdi artýan ekeni. Derdinişere adam bolmasa welin,
ol hasam kyn ýagdaýa düşýän ekeni.
Meniňkem şeýle boldy. Çünki ol wagt sen eýýäm ýokduň. Angliýa
gidipdiň. Telefonda bolsa o zatlary aýdyp bilmeýärdim.
70
Her niçik hem bolsa biz, şol gezeg-ä ylalaşdyk. Düşünişdik.
Ýaraşdyk. Ýene-de öňkümiz ýaly ir ertir, giç agşam işden öýe, öýdenem
işe bileje gatnap başladyk... Ýöne, men indi onuň bilen öňküm ýaly diňe
ony gowy görýändigim üçin däl-de, gabanýandygym üçin bile
gatnaýardym. Meniň indi ony ýekeje minudam gözümden sypdyrasym
gelmeýärdi.
– Nätdi, Jemal şondan soň bir sözünde durdumy? Şol ak maşyna
münmesini goýdumy? – diýip, men Erkinden soradym.
– Howwa, sözünde durdy, münmesini goýdy – diýip, ol meniň şol
sowalyma birneme begenýän ýaly, gollaryny galkyjakladyp göçgünli
gürledi. – Ýöne, men welin täze tapynan keselimden aýňalyp bilmedim.
Şeýtan barybir meni günüme goýmady. Göwnümiň gümany aýrylmady.
Şondan soň meni: Ol indi şol maşyna menden ogrynça münýän
bolaýmasyn. Hylwat bir ýerde duşuşýan bolaýmasyn, deňizde duşan
gurpluja ýigidem aram-aram Aşgabada gelip duşuşyp gidýän
bolaýmasyn diýen ýaly iňkislerem biynjalyk edip ugrady. Beýläme
öwrüldigim biri elimden alyp gidäýjek ýaly boldy durdy. Kemkemdenem gümanym güýçlenip, terslin-oňlyn teýeneler bilen Jemala
azar berip başladym. Ynjytdym. Hususan-da jaň eden wagtym Jemal iş
ýerinde ýa öýünde tapylmasa, «şolaryň» biri bilen gidendir diýen «waswasa» düşýärdim-de, ylgap köçä çykýardym we iki ýana hars urup
başlaýardym, geçäýjek ýerlerini hatda geçmejek çatryklaryna çenli
garawullaýardym, ötýän-geçýän maşynlaryň içine, esasanam belgilerine
içgin-içgin seredýärdim. Şol ak maşynyň beýnimde möhür bolup galan
belgilerini gözleýärin. Soňabaka maşynlaryň belgileri kelläme sygman,
gulaklarymyň, burunlarymyň deşikleriniň içinden çoguşyp çykýardylarda paýraşyp dökülýärdiler. Gägirsem agzymdan maşynlaryň belgileri
terslin-oňlyn çykýardylar. Gözlerimiň öňüni bolsa ümezden ýaňa çal
perde gaplap alýardy. Maşynlar seýregräk geçse-hä ne ýagşy, onda men
olardan baş çykaryp bilýärdim, hümerlenişip gelseler welin ünsümem,
hasabymam bozulýar, asla şol ýerde näme üçin näme işläp
durandygymam unudýan. Şonuň üçinem, sähelçe aýňalan wagtym,
maşynlaryň birinem sypdyrmazlyk üçin köçäniň ortarasyna girip
gidýärdim we ýol hereketini kellämiň içindäki bulaşyk pikirlerdenem
beter bulaşdyrýardym. Kimdir biri golumdan çekip bir gyra çykarýança
ümüriň içinde galan ýaly ellerimi öňe serip aňalyp durýardym. Käte
emgegi ýerine düşýärdi. Ýagny, men ony nätanyş biriniň ulagynda
71
görýärdim. Ine, şunda welin Jemalyň başyndan kyýamat gopýardy.
Maşyn eýesiniň kimdigini bilmesem-ä asylam mazam bolmazdy. Şonuň
üçinem, men her gezek onuň münen maşynynyň belgisini hut şol ýeriň
özünde ýazyp alýardym. Ýanymda ýazara zadym bolmasa çöpjagaz, sim
ýa gyýçak daşyň ujy bilen asfaltyň ýüzüne, trotuara ýazýardym. Golaýda
jaý bolup, äpişgesem çaňjaryp duran bolsa-ha hasam gowy. Onda
baraga-da tozanyň üstünden barmagyňy ýöredäýmeli.
Şeýtmesem ýadymdan çykaraýmagym mümkin. Şol bir belgili
maşyna ikinji gezek münenini gördügimem hut dälireýän. Gaýtalanýan
belgiler köplenç onuň kursdaşy, mekdepdeşi, tanşy ýa garyndaşy, käte
bolsa tötänden ikinji gezek duşýan kireýkeş bolup çykýar. Şolar ýalyda
Jemal gör, indi näçenji gezekdir halys janyndan syzdyryp: «Sen meni
yzarlamaňy goýjakmy ýa ýok? Beýdip ýöreriň ýaly men näme jelepmi?
Ynanmaýan bolsaň bar, git, gelme ýanyma! » diýip gygyrýardy. Şonda
men azajyk haýykýardym. Bolup ýörşümiň hakykatdan-da sag adamyň
etjek hereketleri däldiginem duýýardym, ýöne, barybir endigimden el
çekip bilmeýärdim. Her gezek şowsuz tamamlanýan hem bolsa, men
özümiň şolar ýaly «aňtawçylyk» kärimi dowam etdirýärdim. Jemalyň
nirededigini, nirä gidendigini bilmek üçin dürli usullar ulanýardym, dürli
tärler agtarýardym, dürli emelleri oýlap tapýardym. Muny soňabaka
Jemalyň özem aňdy we maňa: «Jenap aňtawçy» diýip, at goýdy. Has
soňrak bolsa «Däli» diýen ady dakdy. Onuň ilkinji dakan adyny men has
ýerlikli we hakykata has golaý hasap edýärin. Çünki men islendik wagty
onuň oslanmadyk ýerinden çykýardym. Soňabaka gabanjaňlyk meni
şeýle bir eýerläp mündi welin, ýeke bir duýdurman däl, eýsem duýduryp
giden gezeklerem oňa betgümanlyk edýärdim we sözüniň çyndygyny ýa
ýalandygyny ýerinde barlamak üçin şo-ol, ýagyşly gün edişim ýaly iki
ýana urnup başlaýardym garaba-gara yzyna düşüp gidýän gezeklerim
bolýardy. Şeýdip ýörşüme birdenem aýňalýardym-da, bolup ýörşümden
utanyp yzyma öwrülýärdim. Ýöne barybir ynjalyp bilmeýärdim we
ýene-de öňki ugruma bakan haýdap başlaýardym. Säginip ýitiren
wagtymyň öwezini dolmak üçin ylgaşlaýardym. Tapmasam, nirä, näme
iş bilen, kim bilen gidendigini anyklamasam kararym ýetmeýärdi.
Bukdaklap ýörkäm Jemalyň üstüme gelýän wagtlaram bolýardy. Şonda
ol: «Hä-ä, tapdyňmy? Tutduňmy? Biri bilen çörňeşip ýatan ekenimmi? –
diýip, gyjalat berýärdi. Yzyndanam: – Erkin, beýdip ýörme, menden
ýaňa arkaýyn bol, aýal adam niýetini ýamana dikse hiç kim saklap
72
bilmez, ýöne beýtme, menem gynama, özüňem gynama, men seni gowy
gördüm, şonuň üçinem köňlümi berdim, eger-de, islän bolsam saňa görä
has ýaşragyny, has gurpluragynam tapyp bilerdim, emma men şol
zatlary etmedim-ä... Iň bolmanda oturyp şu zatlar barada bir oýlanmaly
ekeniň-ä...» diýip, garaçyny bilen zeýrenýärdi. Şolar ýalyda meniň oňa
nebsim agyrýardy. Şeýlekin namart hem ejiz hereketlerim bilen bir naçar
görgülini şonça ezýetlere sezewar edýändigim üçin öz-özümi
ýigrenýärdim. Başga-da kän zatlaryň üstünde kelle döwýärdim. Gaýdyp
şolar ýaly esassyz gümanlar bilen Jemalyň göwnüne degmezligi özüme
pent edýärdim. Emma barybir bolanokdy. Sähelçe wagt geçensoň men
ýene-de oňa betgümanlyk edip başlaýardym. Soňabaka-ha ol endik
meniň dogabitdi häsiýetime öwrüldi. Ömürýoldaş boldy. Gel, gowusy
men şo zatlary saňa birin-birin gürrüň bereýin-le... Içimi egiseýin-le...–
Erkin ýörite turup gidip sowutgyçdan sowuk suw içip geldi-de, gürrüňini
dowam etdirdi. – Mysal üçin, bir gezek ol jaň edip öz jorasy, edaranyň
işgärler bölüminiň başlygy Döndiniň doglan gününi bellemek üçin
günortanky arakesme wagty gyzlar bilen «Aşgabat» kafesine
gidýändiklerini aýtdy. Näçede gelersiňiz, diýsem: «Üçlere dagy geleris»
diýdi. Arakesme bolsa ikide gutarýar. Bar, bir sagady az görüp, ýene bir
sagat rugsat alandyrlar diýeli, ýöne jaň edýän welin, ol dördüň ýaryndada ýerine gelmedi. Ine, oda-köze düşüp, ýerimden «hüwläp» galybermek
üçin maňa şonuň özi ýeterlik. Dessine aňymda «ak maşyn» sport eşikli
ýigidiň keşbi, haýsydyr bir hylwat jaýy, ýumşak düşek, ýalaňaç göwreler
gaýmalaklaşyp başlady. Ganym gaýnady. Baryp beýnime urdy. Ýürek
bolsa gürsüldäp agzymdan çykyp barýar. Şol kadda ýetenimden soň hiç
kim meni saklap bilmeýä. Şol pursat men hökman Jemalyň gözlegine
çykaýmaly. Tapsamam çykaýmaly, tapmasamam çykaýmaly.
Tapmajakdygyma gözüm ýetip duranam bolsa çykaýmaly. Başga alaç
ýok. Çykmasam ýüregim ýarylyp janymyň «takga» çykaýmagy
mümkin. Onsoňam ak maşynly ýigit däl-de, deňizde hossar çykan,
Jemalyň özüniň agzyny suwjardyp aýdyşy ýaly, gözi asman ýaly gömgök ýigidiň gelen bolaýmagam mümkin.
Eger-de ol barjak ýerlerini dogry salgy beren bolsa, onda o zatlaryň
magadyna ýetmek meniň üçin müşgül däl. «Aşgabat» seýilgähi alys ýa
meniň tapman duran ýerimem däl. Çykaga-da maşyn tutsam aňyrsy on
minutdan men şol ýerde bolýan.
73
Ýöne şoňa gidendikleri çyn bolup, özem bir söý bilen gabat geläýse
welin, Jemal menden erbet gaty görer. Öýkelär. Her gezek şolar ýalyda
bolşy ýaly özümem oňaýsyz ýagdaýa düşerin. Şonuň üçinem gitmeli
däl-de, jaň edip Döndiniňem ýerindedigini ýa däldigini bilmeli. Eger-de
o-da ýerinde ýok bolsa, onda Jemalyň hakykatdan-da şolar bilen
gidendigi çyn bolýa. Ýerinde bolsa welin, aldapsyň diýip, Jemalyň
ýakasyndan alaýmaly. Şol edarada işläp gaýdandygym üçin, işgärler
bölüminiň başlygy Döndiniň telefon belgisini bolsa ýatdanam bilýän.
Birinji jaňymy hiç kim almady. Diýmek, Döndi ýerinde ýok. Muňa
meniň ýüregim az-kem köşeşdi. Süňňüme rahatlyk aralaşdy. Ara salym
bermän Jemala-da jaň etdim. O-da ýok. Ikisem ýok. Diýmek, Jemalyňky
dogry bolmaly. Ýöne entek gutarnykly ynjalara esas ýok. Döndiniň
belgisini üçünji gezek aýlanymda trubkany bir aýal maşgala aldy. Ýöne
sesinden Döndi däldigini aňdym. Şonuň üçinem: Bölümiň başlygy
ýokmuka, diýip soran boldum. «Ýok, ol-a ýok», diýen jogaby
eşidenimdenem gepiň gerdişine görä diýen ýaly, haçan gelerkä diýdim.
«Bilmedim-dä. Gelmeli öz-ä basym...» diýdiler. Ýene-de Jemala jaň
etdim. Onuňam işdeş ýoldaşlary: «Ýok, ýöne basym gelmeli» diýip
jogap berdiler. Dek oturmaga welin kararym ýetenok. Şo-ol,
gezekleşdirip jaň edip gidip otyryn. Ahyram bizar bolandyrlar-da: «Siz
kim? Işgärler bölüminiň başlygy size näme üçin gerek, belki biz bitirip
bereris şonluk işiňiz bolsa» diýdiler. «Ýok, ýok, maňa onuň özi gerekdi,
özem howlukmajrak gerekdi-dä... Soňrak ýene habar tutaýaryn, bimaza
edendigim üçin bagyşlaweriň» diýdim. Soňky gezek jaň edenimde
Döndiniň özi aldy. «Sizmi meni gözleýän» diýdi. Men sesimi
çykarmadym-da, trubkany goýdum. Ur-tutam Jemala jaň etdim. Aldy!
Ýerinde! Gelipdir! O-da gelipdir, bu-da gelipdir! Diýmek, ol meni
aldamandyr. Men nähak ýere betgümanlyk edipdirin. Gowuja
oturandyrlar-da, Jemalyň sesi hem çasly, hem şadyýan çykdy: «Nädip
bildiň gelenimi? Ýa antennaň bamy? Hä...?» «Aý, ýok, joralarym bilen
gidýän diýeňsoň arkaýyn otyryn men-ä..» diýdim. Hernäçe
arkaýynsyrasamam içki howsalamy sesimden aňan bor-a çemeli,
«Bilýän men seň nähili oturanyňy» diýip, jykyr-jykyr güldi.
Şeýdip, şol günki harasat sag-aman sowuldy. Ýöne şolar ýaly waka
soňam bir gezek bolup geçdi.
Baýramçylykmydy ýa ýene biriniň doglan günümidi, garaz, Jemal
şol gezegem arakesme wagty işdeş joralary bilen şäher kafeleriniň birine
74
oturmaga gitdi. Haýsy kafede oturjakdyklarynam aýtdy. Ýöne bu gezek
aralarynda Döndi ýok. Öňki usuly ulanyp boljak däl. Gelenini gelmänini
diňe öz iş ýerine jaň edip bilmek mümkin. El telefony diýlen zat bolsa,
ol wagt ýokdy. Bolsa-da, iki-ýeke edara başlyklarynda bolaýmagy
ahmal.
Şol gezek men ony sagat dört bolandan soňam jaň edip ýerinde
tapyp bilmedim.
Ýene-de howsala basmarlap başlady. Girip-çykyp, oturyp-turup
kararym ýetmedi. Ahyram işden ýarym sagat rugsat aldym-da, maşyn
tutup eňdim, Jemalyň salgy beren kafesine tarap. O-da gaty bir daş ýer
däl, bäş minutda bardym. Girdim. Eý, Huda-aý! Biri: «Ine, kafe şü...»
diýäýmese onuň kafediginem biler ýaly däl. Asyl, hiç zat görnenok.
Tüm garaňky. Gözüm öwrenişýänçä esli wagt geçdi. Oňa çenlem akja
fartukly, goňur eşikli hyzmatçy gyzlaryň biri gelip edepli salamlaşdy-da,
sen-men ýok, golumdan tutup töre tarap alyp ugrady. «Siz ýekemi? Ýa
ýene biri gelmelimi? Eýle bolsa men sizi pynhanrak ýerde oturdaýyn...»
diýýän sözleri gulagyma gelýär. «Munyňyz näme üçin beýle garaňky»
diýip soraýaryn. «Garaňkylyk aşyk-magşuklar üçin. Esasanam del
gözden güýdüşýänler üçin». Hyzmatkär gyzyň bu sözi maňa edil
jazaýrynyň oky ýaly bolup eşidilýär. Sebäbi, meniň beýnimde eýýäm:
«Ähä, diýmek Jemalam bu ýere göze güýdüşip, magşugy bilen gelen
bolmaly» diýen pikir at salýar. Çünki daş-töwerekde oturşygyň şowhuny
ýok. Her kim bir burçda biri-biriniň goltugyna gysylşyp oturan bolmaly.
Jemalyňam meniň beýdip, garaňkynyň içinde süssenekläp ýörşümi
garaňkylyga çümen çünkleriň birinden synlap üstümden gülüp oturan
bolmagam, meniň öňümde-de, ýanyndakynyň öňünde-de syrynyň
açylaryndan gorkup, özüni aklara ýalan söz agtaryp aljyrap oturan
bolmagam ahmal. Meniň eşidişime görä, özüni oňarýan gelinler bu wagt
bir oýnaş bilen oňmaýarmyşynlar, azyndan üç kişini dagy
barmaklarynyň ujunda pyrlaýarmyşynlar. Şeýtmek olar üçin has amatly
hem düşewüntlimişin. Birine bir gymmat bahaly sowgat aldyryp,
beýlekilere-de: şuny özüm satyn aldym, çykdajymy çekiş diýip, mugt
ýerden üç esse dagy peýda gazanýarlarmyşyn. Hatda birinden göwreli
bolup aýyrtmak üçin üçüsine-de ekledip ýa pul töledip ýörenlerem
barmyşyn. Meni sada saýyp ýa has söýýänligimden peýdalanyp
Jemalam şeýdip ýören bolaýmasyn? Şu hili oý-pikirlere gümra bolup
ýörşüme zalyň içini telim gezek dagy ters aýlandym. Hyzmatkär gyzam
75
amatlyrak ýer gözleýändirin öýdüp gapdalymdan aýrylanok. Bir zatlar
diýýär, ýöne indi meniň gulagyma ses ilenok.
Her niçik hem bolsa, men öňürti janymy barlap görmelidim. Şonuň
üçinem: «Dogrudanam bu ýere diňe aşyk-magşuklar gelýämi, köpçülik
bolup gelýän, oturşyk gurnaýanlar ýokmy» diýip, hyzmatkär gyzdan
soradym. «Näme üçin ýok. Bar – diýip, hyzmatkär gyz ilgezik jogap
berdi. – Ine ýap-ýaňyja-da on-onki sany gyz-gelin oturyp gitdi.» Ol şeý
diýenden dünýäm giňän ýaly boldy. Indi maňa diňe şolaryň Jemal
dagydygyny ýa däldigini anyklamak galypdy. Ýöne, men gyssanjyma:
Olar kimlerdiler, niräniň gyz-gelinleridi, diýmäne derek haçan gitdiler
diýip, sorapdyryn. Hyzmatkär gyz diňe şondan soň meniň
aljyraňňylygymy aňan ýaly ýüzüme üşerilip seretdi-de: «Ýaňyja.
Gidenlerine bolsa on bäş-ýigrimi minut bolandyr. Honha, entek oturan
ýerlerinem doly ýygnap ýetişenoklar» diýdi. Oňa çenli gözümem
garaňka biraz öwrenişdi. Hyzmatkär gyzyň salgy beren tarapynda
hakykatdanam iki sany ýaş gyz biri-birine ýanalyp hatara goýlan üç-dört
sany stoluň üstüni ýygnaşdyryp ýördiler. Bu näme sorag baryny
ýagdyryp dur, diýip iňkise gitmezi ýaly men hyzmatkär gyzyň golundan
tutdum-da, hoşamaýlyk bilen: «Siz meni bagyşlaň şolar pylan edaraň
işgärlermidi – diýip soradym. – «Howwa» diýen jogaby eşidenimden
soňam» – Men ýörite şolary gözläp geldim. Çünki birden ýetmäýse dagy
yzymyzdan pul elteweri diýip, menden haýyş edipdiler. Menem
ýalňyşyp, başga kafelere baryp eglenäýipdirin. Men olar bilen bile
işleýän – diýdim. Soňam: – Ýogsa-da olar bergidar bolup gidäýen-ä
däldirler?» diýip, jübülerimi sermeleşdirip başladym. «Ýok, ýok,
bergidar bolanoklar, doly hasaplaşdylar» diýip, hyzmatkär gyz
howlukmaç gepledi.
Men uludan demimi aldym-da, ol gyz bilen hoşlaşdym. Ýene bir
gezek ötünç soradym. Ony gujaklap bagryma basaýmakdan zordan
saklanybam daş çykdym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 07
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.