Latin

Söýgüde serhet ýok - 07

Total number of words is 3817
Total number of unique words is 2171
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Indi maňa ot-elek bolup gözländigimi Jemala bildirmezlik galypdy.
Şonuň üçinem dessine maşyn tutdum-da, işime bardym. Ýöne
ýetişmedim. Men barýançam Jemal eýýäm üç gezek dagy jaň edip meni
soran ekeni. Şunça boýun almajagam bolsam ol özüni yzarlandygymy
aňdy. «Beýdip ýörme, däli! Aňtawçy! Ynanaý...» diýip, zarynlady. Bor
diýdim. Ýöne gabanjaňlyk juda erjel kesel ekeni. Bir ýapyşansoň aňsat
76
aýrylmaýan ekeni. Muňa men şondan soň bir aý geçip geçmänkä ýene
bir gezek göz ýetirdim.
Şol gün ol joralary bilen arakesme wagty oturmanamy ýa bir zat
almanamy şäheriň iň uly söwda merkezleriniň biri bolan «Ýimpaşa»
gidýändiklerini aýtdy. Ýene-de göwnümde güman döredi. Şol ýere diýip
başga bir ýere gidýän bolaýmasyn diýen iňkis ýene-de meni günüme
goýmady. Şeýtan: «Bar, bar, barla, anygyna ýet, ýüregiňe sowuk suw
ursaň gowy bor» diýip, böwrüme dürtdi durdy. Özem öňkülerim ýaly
soňuna-da garaşmadym-da, hakykatdanam şol ýere gidýälermi ýa ýok,
göz ýetirmek üçin olardan öňürti baryp «Yimpaşyň» gapysyny
garawullamaga durdum. Diýen wagty boldam welin, Jemal joralary
bilen şol ýerde peýda boldy. Men ýoluň o ýüzünde durdum. Özümem
görünmezlik üçin ownukly-irili agaçlara, duralgalaryň sütünlerine, ötengeçenlere bukulýaryn. Aldamandygyna gözüm ýetenden soň-a özözümden utanmakdan ýaňa girere deşik tapmadym. Elewräp ýörşüme
bir saga gidýän, bir çepe, bir öňe ýöreýän, bir yza. Ahyram «Yimpaşyň»
çat maňlaýyndaky duralga bardym-da, çem gelen awtobusa münüp
yzyma gaýtdym.
Ýöne hernäçe sap atsamam men Jemalyň synçy nazaryndan sypyp
bilmändirin. Nädip gördi, nirede gördi, bilemok, ýöne görüpdir. Özem
iki gezek görüpdir. Bir-ä taksili gidip barýanymy, birem ýoluň o
ýüzünde iki ýana okkesdirme geçýänimi görüpdir. Ol munam maňa edil
öňki gezekkisi ýaly, öýlänara jaň edip aýtdy. «Bes edäý indi senem şo
gylygyňy. «Was-waslygyňy» goýaý. Hernäçe ylgasaňam hiç zat
tapmarsyň. Sebäbi seň gözleýän zadyň ýok» diýdi. Men welin barybir
köşeşip bilmedim. «Münmesin-ä münýänsiň welin, ýöne şol öňküje ak
maşynamy ýa başga bir «inomarkamy» men ana, şony bilmeli» diýip,
içimi gepletdim.
Şonuň üçinem bir gün agşamaralar ötügiň agzyny alyp oturmaly,
diýen netijä geldim. Çünki öň bir gezek gorkan adam indi öňküsi ýaly
zompa çykaga-da, öýüniň deňinde münmezem, o töwereklerde
düşmezem. Ol ep-esli geçibem ýa esli aralyk ýetmänem düşüp biler.
Ýöne, nirede düşse-de, nireden münse-de hökman şol ötügiň aşagyndan
geçäýmeli. Geçerlerem welin, ötügiň üsti bilen ylgaşlap gidäge-de,
yzlaryndan baraýmaly. Jemal nirede düşse-de «şapladyp» tutaýmaly.
Ötükden çykan ýeriňdäki çatrygy sazlaýjy çyra şol wagt gyzyl ýansa-ha
Hudaýyň berdigi. Ine, şeýdip Jemalyň ýene şol ak maşynda geçendigini
77
görsem, alasarmyk pikirlerimi öz-özüme aýdyňlaşdyryp bersem, ony
nähak ýere gabanmaýandygymy, hiç zat ýok ýerden beýdip oda-köze
düşüp ýörmeýändigimi, bir zadyň bardygyny hakykatdan-da süňňümiň
syzandygyy onuň hakykatdan-da biwepadygyny subut edip bersem
bolany!
Ine, hut şu hili oý-pikirler bilenem men bir gün agşam sagat alty
boluberende çykdym-da, ötügiň biz tarapky agzyna baryp oturdym.
Ondan ötýän sansyz maşynlaryň hususan-da ak maşynlaryň belgilerine
seredip başladym. Bir wagt çatrykda bolşy ýaly bu-da meni basym
ýadatdy. Ilki iki gözüm, soň beýnim ýadady. Göwräme gowuşgynsyzlyk
aralaşdy. Ýöne öz ornumy taşlap gitmek barada welin, pikirem edemok.
Çünki iňňän uzaga çeken we bizar-peteňimi çykaran alasarmyk
pikirleriň soňuna hut şol gün nokat goýmalydym. Günüň ýaşmagy, iňrik
garalmagy bilen ýagdaýym hasam kynlaşdy. Maşynlaryň çyralarynyň
başga reňkini, ne kysmyny saýgarmak mümkin bolmady. Diňe yzky
belgisini görüp galýaryn. Onuňam birine ýetişsem bäşisine ýetişemok.
Bir sekunt ünsümi sowsam görmän galaýjak ýaly alakjap durun.
Birdenem: Jemalyň indi ol «ak maşyna» däl-de, başga bir maşyna
münýän bolmagam, aýnalarynyň bolsa garaňkyradylan ýa tutuly
bolmagam ahmal ahyry diýen oý kelläme geldi. Eger-de şeýle bolsa
onda o ýerde ömrüm ötýänçä oturanymdanam peýda bolmajakdygy
görnüp dur.
Soňabaka ünsümem, göreçlerimem halys durdy. Beýnim doňdy.
Aňym küteldi. Aklym işlemejek boldy. Şolar ýalyda meni diňe
maşynlaryň gürrüldisi, signal sesleri gapdalymdan eýläk-beýläk geçýän
pyýadalaryň gohlary, galmagallary özüme getirýär. Sähelçe
aýňaldygymam küýümi köçä berip, synymy dowam etdirýän. Ýa
duşumdan geçiräýdimmikäm diýen howsala hasam howumy basýar.
Gözleýänime meňzeş maşyn gözüme kaklyşdygam beýnim sarsyp
gidýär. Zöwwe ýerimden turýan-da, boýnumy süýndürip eýýämhaçan
ötügiň içine girip barýan maşynyň yzyndan aňalyp galýan.
Şeýdip otyrkam ýeňsämden: «Erkin!..» diýen aýal sesi, eşidildi.
Öwrülip seretsem Jemal! Zübeýdanyň elinden tutup, ýylgyryp dur. Maňa
nebsiagyryjylykly äheňde seredip başyny ýaýkaýar. «Däli diýseň, dälilaý sen... – diýende birhili gözlerine çyg çaýylan ýaly boldy. Birdenem
gülüp goýberdi. – Şu ýerdedigiňi bildim-ä men. Ho-ol, duralgada
78
awtobusa müneli diýip durkak göräýdim. Onsoň hem seni göreris,
hemem pyaýada ýöräp aýagymyzy ýazarys diýip, gaýdyberdik».
Ilk-ä men öňümde duranyň dogrudan-da Jemaldygyna ynanmajak
boldum. Birdenem başymdan tupan sowlan ýaly uludan demimi aldym.
Gümanymyň ýalan çykandygy üçin begenmekden ýaňa beýnimiň içi
ýagtylyp gitdi. Kalbymdaky kebir baglap duran kir-kimirleriň barysy
birden aýryldy. Betgümanlyk edip goý, men günä gazanan bolaýyn, o
dünýedemi ýa bu dünýedemi goý, men jeza çekeýin, esasy zat, şonuň
düýbünde esas bolmazlygy, Jemalyň bigünä bolup çykmagy, onuň
dowzahdan ýulunmagy.
Bir zatdan erbetlige garaşyp otyrkaň netijesi gowy bolup çyksa
adam pahyr özüni edil, alty aýyň hassaçylygyndan halas bolan dek ýeňil
duýýan ekeni. Şol dem şeýle bir begendim, şeýle bir şatlykly duýgulary
başdan geçirdim welin, men ony saňa söz bilen beýan edip biljek däl,
Nepes. Hamala ýap-ýaňyja-da ýanar oduň içinde ekenim-de indem
gülgüzarlygyň arasynda duran ýaly. Dowzahdan alnyp behişde oklanan
ýaly diýsemem gelişmän durmaz. Gurşun ýaly agyr, gurşup duran
bedenim bir demde ýumşady. Ýüregim joşup, kalbym heýjana geldi. Şol
wagt dünýede menden bagtly adam ýokdur diýsem ýalançy bolman. Ajy
hem goňras, goýy tüsseden ýaňa ala-burugsy bolup duran kalbyma
ýagtylyk çaýyldy. Beýnim ýüpek ýaglyk bilen arassalanan tylla käse deý
tämizlendi.
Men olary ugratdym. Ötügiň üstündäki çatlym-çatlym bolup ýatan
demir ýol şahalaryndan ötdük we Jemal bilen «sirkden» gaýdyşyn
ýöreýän ýolumyza düşdük. Içine girip ogşaşýan gädigimiziň deňinden
geçdik. Hemişekije hoşlaşýan ýerimize gelenimizdenem, häliden bäri
meniň «was-waslygymyň» üstünden gülüp gelýän Jemal aýak çekdi-de,
ýuwaşlyk bilen: «Sen indi galaý, däli» – diýdi. Soňam birenaýy
ýylgyrdy. – Aý, ýok, sen düzeljek däl. – Birdenem uludan demini alyp
ahmyrly seslendi. – Baryna özüm günäkär. Barysy meniň öz
kelesaňlygymdan. Ýöne indi ynanarça wagt boldy ahyry... Telim ýyl
geçdi ahyry...»
Şeýdip, ol gitdi. Men galdym. Ýöne yzyma dönmedim. Yzlaryndan
garap durdum. Jemal iki tarapam bag bilen bürelgi garaňky ýanýoda
bilen gyzjagazynyň elinden tutup barýar. Ýanýodanyň aňrybaşy ýagty
bolansoň olar aňyrsynda yşyk görünýän ullakan turbanyň içi bilen ýöräp
barýan ýaly. Şol yşyk olaryň ikisinem gara siluet edip görkezýär.
79
Daşlaşdyklarysaýy siluetleriň ikisem kiçelýär. Baglar şemalyň ugruna
şahalaryny ýaýan wagty trotuaryň ýüzi edil, kümüş apbasy sepilen ýaly
tegelek ýagty tegmillerden dolýar. Ýöne, gara asfalt özüniň ol
baýlygyny uzak saklap bilenok. Indiki öwsen ýel olary «şowurdadyp»
syryp alýar-da äkidip ho-ol aňyrlarda bir ýere «şagyrdadyp» dökýär.
Ine-de, Jemalyň berdaşly göwresi kiçele-kiçele sapagyna ökde
okuwçynyň ak kagyz üzre goýan ýüzlenme belgisine, Zübeýdanyňky
bolsa kiçijik nokada öwrüldi. Şondan soň olar «turbadan» çykyp saga
öwrüldiler. Şol ýerde Jemalyň öýi bar. Ýöne ol öýüne barmazdan öň,
çörek we beýleki gerekli zatlaryny almak üçin çep tarapdaky azyk
dükanyna sowlar. Soň baryp, bakjadan kiçi gyzyny alar.
Şondan soň menem yzyma dolandym. Şol bir bagtyýarlygym
bilenem öýe geldim. Ýolboýy aýagym ýere degmedi. Göwräm edil guş
ýaly ýeňil gopdy. Arasynda uçan bolaýmagymam ahmal. Ýöne, dördünji
gata çykyp, gapynyň tutawajyna elimi ýetirdimem welin: «Ahow, onuň
seni şol ýerden gördük diýýän duralgasyndan meniň ýaňky oturan ýerim
görünmeli däl-ä... – diýen pikir bir ýerlerden ýel ýaly «şuwlap» gelip
kelläme doldy. – Ol meniň oturan ýerime çenli kimdir biriniň
maşynynda gelip, meni görendenem düşendir, maşynam yzyna
ugradandyr... Ahmal... Ýöne muny barlap görmek gerek... aldan bolsa
ertire-de goýman, häziriň özünde jaň edip ýalanyny ýüzüne basmak
gerek...».
Aň ýene-de bulaşdy. «Şuwlap» gelen tupana öwrüldi. Kalbymy
howsala gaplady. Ýürek urmasyny güýçlendirdi. Sançdy. Myjady.
Dessine elimi tutawaçdan aýyrdym-da, ýapyrylyp aşak eňdim.
Basgançaklar bilen ylgaşlap bir demde aşak düşdüm. Jemalyň diýýän
duralgasyna bardym. Şol ýerden özümiň ýap-ýaňyja oturyp geçýän
maşynlary synlan ýerime seretdim. Aý, ýok, görnenok! Hatda çala-çulada görnenok! Düýbünden görnenok. Iň bärkisi ötügiň özem görnenok.
Jemalyň sözüniň çyn bolup çykmagyny isläp, duralgadan ötüge çenli epesli süýşübem görýän. Barybir bolanok!.. Diýmek, aldapdyr. Ýalan
sözläpdir. Bu gezegem menden ökdelik bilen sypypdyr...
Hernäçe çemelensemem, agşamlyk jaň edip bilmedim. Sebäbi men
şol gün öýdedim. Goh edip çagalarymyň arasynda masgara bolarymdan
çekindim. Bolýan kwartirama bolsa gidesim gelmedi. Uzynly gijäni
gorsanyp geçirdim. Ertesi irden işe baranymdan soň işine jaň etdim.
Agşamdan bäri göwnümde dykyn bolup duran gümany öňüne dökdüm.
80
Haýygar öýtdim. «Nädip, bildiň» – diýip, meniň bilgirligime haýran
galar öýtdüm. Ol welin turuwbaşdan üstüme hüjüm edip başlady. «Iň,
bolmanda özüňe haýpyň gelsin, Erkin! Goý, şo gylygyňy. Agşamky
bolup durşuň hiç diýsem indikiň näme? Görünýä... Görnenok. Görünse
görünsin, görünmese görünmän geçsin. Bar, aňyrdan görnenokmyşyn,
üstüňe baransoň näme? Bar, men duralgadan gördük, diýenmişim-dä,
diýemde näme? Hiý, beýle-de bir jikme-jik sözme-söz, ädimme-ädim
yzarlap ýörmek bolarmy? – diýip, gygyrdy. Soňam azajyk dymdy-da,
öňküsindenem beter azmly gepledi. – Beýdip ýörşüňe ahyr bir gün bir
ýerde ölüp galarsyň...»
Bir zatlar diýjek boldum, ýöne sesim içimden çykmady. Çyksa-da
sapagyny bişirmän gelendigi üçin mugallymynyň öňünde özüni
aklamakçy bolýan okuwçynyňky ýaly naýynjar hem ynamsyz çykdy.
Şonda men nalajedeýinligim üçin özümi ýene bir gezek ýigrendim. Has
dözümliräk gepläýin-le, özüm hüjüm edeýin-le diýen niýet bilen sesime
ýaňadandan bat berdim welin, öňküçe-de bolmady. Ertire çyksam bolýa,
ýüregini ýararyn diýip, uzynly gijäni ýolbars ýaly arlap geçiren adam,
ine, indi elim trubkaly ezilen towuk ýaly süllerip otyryn. Agzyma ýeke
agyzam söz gelenok. Jemal bolsa henizem azgyrylyp gidip otyr: «Bir
wagt bolan zady şeýdip, ömürlik baýdak edinjek ýörjekmi? Erkek
diýeniň mert bolmazmy? Ýarynyň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny
bukmazmy? Onsoňam men-ä bir ýaş maşgala tejribäm az, ýalňyşmagada, goýberen ýalňyşymy düzetmäge-de hakym bar. A sen näme? Sen
ýaşyny alan adam ahyry. Durmuş tejribäňem meňkiden köp. Özüňem
şahyr. Ile-güne akyl berip ýörsüň. Onsoňam bilip goý, başga biri bilen
baş goşjak bolsam men ony senden bukulyp etmen, göni ederin. Gönem
aýdaryn. Bu barada ikimiz başda gepleşipdik ahyry. Ýöne beýdip
günüň-gününe yzarlap, hiç zat ýok ýerden iňirdäp bizar edip ýörjek
bolsaň welin, men dogrudanam uzak çydaman...»
Şeý diýibem trubkany goýdy. Men aňalyp galdym. Hatda wagty
bilen trubkany ýerinde goýmanam unudypdyryn. Üstüne küpürsemeli
halyma gaýtam özümiň gep eşidendigimi hiç içime sygdyryp bilemok.
Täzeden jaň edip, täze güýç bilen üstüne gygyrmaga bolsa gaýratym
çatanok. Has takygy esas ýok. Tutaryk ýok. Düýbi boş salgym. Şonuň
üçinem gürläbilemok. Agzyma söz gelenok. Dogrudanam, şol
duralgadan ötük görnenok diýip ony ogry tutunmak akylly-başly
adamyň etjek işi däl ahyry.
81
Edil şolar ýaly dara-direlige dirän wagty men dogrusy aklyma
gelýänem. Bolup ýörşümiň telekdigine-de düşünýän. Tä täzeden
ýaraşýançak mumly ýüplüge dönýän, ugruny tapjak bolup üzeňňisinden
üç geçýän, niçikmi, ýaraşyp öňkimiz ýaly gatnaşyp ugraýasam welin,
ýene-de bir ýerden şol, alasarmyk pikirler peýda bolýa-da, gidiberýän
Şeýtanyň görkezen ugruna tarap.
Howa, şol gezegem öýkesini ýazýançam görgimi gördüm. Gaýdyp
betgümanlyk etmejekdigime söz beribem ýaraşdym. Ýöne soň bir gün
ýene-de Şeýtan üstün çykdy.
Dogry, men ony edil öňkim ýaly ertir, giç agşam ýa günüň-gününe
bolmasa-da maý tapdygymdan «merkeze-de, işine-de, öýüne-de äkidip
getirýärdim. Ýöne arasynda işden sypybilmän ýa başga bir sebäp bilen
ugradyp bilmeýän waglarym welin, ynjalyp bilmeýärdim. Şolar ýalyda
bir gün howsalam has artdy-da, işiň gutarmagyna ýarym sagat galanda,
ýagny, Jemalyň gyzynyň yzyndan gidýän wagtyny peýläp, «merkeze»
bakan eňdim. Barjagymy welin duýduramok. Sebäbi, men ony
«güpbasdy» etmeli. Duýman durka üstüni basmaly. Tutmaly. Çünki,
Şeýtanyň kalbyma salan howsalasyna görä, men ýok wagtym ony ýa-ha
şo-ol, ak maşynly ýigit, ýa-da başga biri «merkeze» gatnadýan
bolmalydy.
Gyş aýlary bolansoň, barýançam garaňky mazaly gatlyşdy. Men
indi Jemal çagasyny alyp çykan wagty görmez ýaly bukyrak ýerde
durmalydym. Çünki meni görse ol münýän maşynyna münmez. Ony bir
yşarat bilen ugradar. Şonuň üçinem bukurak ýer gözläp başladym welin,
haýsy ýerde dursam göwnüme Jemal göräýjek ýaly bolup dur. Şüý-ä
garaňkyrak ýer ekeni-ow diýip barýaň welin, ýagtylýa gidiberýä. Ondan
oňa ylgaşlap ýörşüme köpçüligiň gözüne düşerimdenem çekinýän.
Sebäbi, «merkez» gelim-gidimli ýer. Özem dört gatly ýaşaýyş jaýynyň
teýzemininde ýerleşensoň daş-töwerek durşuna göz. Üstesine üç-dört
sany täjirçilik dükanjyklaram teýzeminiň girelgesiniň çat maňlaýynda
ýerleşýär-de, gaýda-gaýmalaşygyň yzy üzülenok. Jaý günbatara bakyp
dur. Uly köçe onuň arka ýüzünde.
Ata-eneler çagalaryny teýzeminden basgançaklar boýunça ýokaryk
alyp çykýarlar-da, köplenç çepe sowulýarlar we jaýyň düýbi bilen
gyrmyldaşyp, maşyn tutmak üçin gündogardan günbatara tarap uzap
gidýän uly köçä çykýarlar. Çagalarynyň yzyndan öz ulaglary bilen
gelýänlerem maşynlaryny şol ýerde goýýarlar. Çykyp saga sowulýan az.
82
Öň köp gatnandygym sebäpli bu zatlara men belet. Şonuň üçinem, ilki
sag tarapda, «merkezli» jaýa ýanaşyk duran başga bir jaýyň burçunda
durdum. Şeýtsem Jemal çykyşy ýaly çepe sowlar, menem garba-gara
yzyna düşerin, şeýdibem tutaryn diýdim. Ýöne o duran ýerimem
göwnüme jaý bolmady. Çünki basgançakdan çykyşy ýaly Jemalyň
birdenkä saga seredäýmegem ahmal ahyry. Gabat garşysynda
dursaňam... Onda-ha hökman görer. Çep tarapda durmak barada-ha
pikirem etmeli däl. Mahlasy haýsy ýere barsam beýleki bir ýer has
ähtibarlyrak ýaly bolup dur. Şeýdip, iki baka elewräp ýörkämem ataeneler çykyşyp ugradylar. Muny görüp men hasam aljyradym. Olaryň
käbirleriniň maňa tarap geňgalyjylykly nazar bilen seredýändiklerini
bilýän. Käbirleri bolsa ep-esli ýere çenli maňa tarap gaňryla-gaňryla
gidýär, ýanyndaka bir zatlar diýýär, soň o-da öwrülip maňa seredýär,
birdenem olar çalt-çaltdan ýöräp başlaýarlar.
Başga biri bolsa «Bu nädip ýör» diýýän ýaly gorkuly nazaryny
maňa dikip, üşerilip durýar. Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly o-da
çagasynyň elinden tutup ýaňkylaryň yzy bilen ýola bakan haýdap
başlaýar. Hä diýmän Jemalyňam çykmagy mümkin. Şonuň üçinem
ylgaşlap gitdim-de, ata-eneleriň çykýan gapylarynyň gabat
garşysyndaky çal reňkli demir garažyň aňyrsyna geçdim. Ol ýerde
dursam, Jemal meni görmez, ýöne, menem ony görmen. Men bolsam
ony görmeli, yzarlamaly, haýsy maşyna münýä, kimiň maşynyna
münýä, bilmeli, soň subut eder ýaly maşynynyň nomerini, kysmyny
reňkini belläp almaly. Şol sebäpden men islesem-islemesem ol ýerden
çykmaly boldum. Ýöne çykaryma mähetdel bir jyrk sary, saçy-sakgaly
ösgün, syh-syh murtlary agzynyň üstünden sallanyşyp duran orta
ýaşlaryndaky ors adamsy ylgaşlap geldi-de: «Hä-ä... Ýene geldiňmi?
Ýene bir zat gerek boldumy? Arak puluň gutardymy?..» diýip, tutdy
ýakamdan. Südürledibem bukymdan çykardy. Meniň bolsa iki gözüm
çykalgada. Jemal çykaýmasyn, göräýmesin, diýip, gara janym galanok.
Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly ol edil şol wagt çykdam, meni gördem,
tanadam. Gönem bize tarap gaýtdy. Gelşi ýalam ors adamsyndan azm
bilen: «Dawaňyz näme?» – diýip, sorady. Soň nazaryny maňa dikdi. –
Näme boldy?»
Görüp otursam, ýaňky adam garažyň eýesi ekeni. Dek-düýnüň
özünde-de onuň garažyny açyp, içindäki gorluk şaýlaryny alyp
gidipdirler. Ol menem şol niýet bilen «köw-söw» edip ýören ogrularyň
83
biridir öýdüpdir. Jemal oňa: «Bu siziň diýjek adamyňyz däl» – diýdi-de,
elimden tutup idirdedip ugrady. Ýola çykyp maşyn tutýançak sesini
çykarmady. Ýolboýam sesini çykarmady. Ötükden ötüp öýüne
golaýlaberimizde welin, henizem nazaryny öňe dikip, ýüzüni aktam edip
oturşyna sowuklaç, ýuwaş, ýöne, pert-pert gepledi. «Däli bolsaňam, sag
bolsaňam, Ştirlis ýa doktor Zorge bolsaňam seniň bu tükeniksiz
betgümançylyklaryňdan ýadadym – diýdi. – Mundan artyk çydap biljek
däl. Bar, men bir gezek ýalňyşypdyryn, ters hereket edip seniň ýüregiňi
çişiripdirin diýeli, ýöne o zatlar birmahallar duşdan geçdi ahyry.
Onsoňam bagyşladyňmy – bagyşla! Bagyşlap bileňokmy – hoşlaş!
Özüňem horlama, menem...»
Ýerden ses çykdy, menden çykmady. Hatda «bagyşla» diýmäne-de
bognum ysmady, ýöne näçenji gezekdigini Hudaý bilsin, gaýdyp şular
ýaly hereket etmäýin diýip, öz-özüme söz welin berdim.
Birnäçe wagtlap öz pendime wepaly bolup gezdimem. Ýöne nätjek,
gün kän, aý kän, wagt geçip dur, Şeýtanam hernäçe kowsaňam ara-çola
gelip senden habar tutup dur, kem-kemdenem beýniňe ymykly aralaşýa,
kalbyňa howsala salýa, gümanyňy artdyrýa, özüne çekýä, ahyram alyp
ýatýa. Şeýdibem, derdiňi täzeleýä. Aldap ýörenini bilýänimi bir
bildireýin şuňa dünýeden bihabar salpygulakdyr öýtmesin, diýen
pikirem meni golumdan tutup köçä çykarýa, tur, bar, barla, diýip,
ýeňsämden itekleýä.
Şol gün men işine ony jaň edip ýerinden tapybilmedim. «Ýaraman
öýüne gitdi» diýdiler. Ýöne beýle bolsa ol meni «was-wasdan» goramak
üçin aňryujy ýagdaý bolsa nirä gitjegini aýdyp gider ahyry. Jaň edip
öýüne gidýändigini duýdurardy ahyry. Göwnüme güman gelmez ýaly
ederdi. Şeýle-de bolsa giňlige salyp öýüne jaň edýän. Hiç kim alanok.
Öwran-öwran edýän. Ýok! Diýmek, öýünde-de ýok.
Birdenem şol bir lenç bolan pikir kelläme doldy-da, beýnimiň içi
tozap gitdi. Damarlarda ganym at salyp başlady. Ýürek atygsap
agzymdan çykara geldi. Aňymda bolsa edil kompýuteriň ekranyndaky
ýaly aýdyň ýazgylar peýda boldy. «Gidendir. Biri bilen gidendir.
Işdenem ýaramok bahanasy bilen rugsat alandyr-da gidendir. Özem ony
şu gezek alyp giden «ak maşyn» däl-de, deňizdäki duşan adamydyr, ol
Aşgabada komandorowka gelendir. Şu gezek men ony günäsiniň
üstünde tutaryn we biwepalygyny subut ederin. Onuň üçinem öňürti
öýüni barlamaly. Gapysyny kakmaly, goňşularyndan sorag-ideg etmeli.
84
Sebäbi, onuň biri bilen öýüne girip, gapynam içinden temmeläp oturan
bolmagy, jaňlara jogap bermeýän bolmagy mümkin.
Gitdim. Öýüne barýançam içimi it ýyrtdy. Taksiçi näçe gaty sürsede, tizligi gözüme az göründi. Öýüniň deňine baranymdanam maşyndan
atylyp çykdym-da, eňdim gapylaryna tarap. Tomus aýlary bolansoň
aşaky gatda ýaşaýanlaryň köpüsi daşarda, gapylarynyň agzyndaky agaç
sekiniň üstünde çaý içişip otyrlar. Dynç alyp ýatanlaram bar. Görsem...
Görsem Jemalam eýwandaky sekiniň üstünde birenaýy bolupjyk uklap
ýatyr. Ýüzi maňa tarap. Maňlaýy burçak-burçak der. Egninde öýde
geýýän ýaşyl halady. Ujy towarlanyp duran gara saçlary bir ýerlerden
gelýän asuda şemalyň ýelginine kä ol ýaňagynyň kä bu ýaňagynyň
üstünde towsaklaýar, oýun edýär, boýnuna çolaşýar, haladyň giň
ýakasyndan girip, göwsüniň görünýänje ýerlerini gyjyklaýar, birdenem
bir ýere çogdamlanýar-da, tutuş ýüzüne çaýylýar, ýukajyk gara perde
bolup jemalyny örtýär, maňlaýyndaky dere ýelmeşýär.
Ýene-de meniňki gury güman bolup çykdy. Ýene-de begendim. Bir
demde bar dertden aman boldum. Açylyşdym. Ýüregim joşup: «Wah,
bolup ýatyşjygyňa döneýin, mähribanym, men bolsam sen hakda gör
nämeler pikir edipdirin, bu ýerde ýatyşyňa içki jaýdaky telefonyň jaňyny
eşitmersiň ahyry... Wah, men guraýyn...» diýip, pyşyrdanymam bilmän
galypdyryn. Bir görsem biri gapdalymda somalyp dur. Bir zatlar
diýýänem ýaly. Seretsem hälki münüp gelen maşynymyň sürüjisi.
«Agam, bizem keýpine şeýdip ýöremzok, şojagaz arabaň üstünden gün
görýäs... çaga ekleýäs... Daşyňyzdan seretseň-ä medeniýetli adam ýaly...
Beýdip gaçyp ýörşüňiz bolsa...» diýýändigini dodaklarynyň
gymyldysyndan aňdym. Diýmek, men onuň bilen hasaplaşman
gaýdypdyryn. Näçedigini bilemok, jübümden çykaryp pul berdim.
Ötünjem soradym. Puly bermelisinden artygrak beren bolsam gerek,
sürüji görgüli esli ýere barýança götinjekläp, alkyş aýdyp gitdi. Ol
gidenden soň alnymda ýatanyň hakykatdan-da şoldugyna ýene bir gezek
göz ýetirmek üçin Jemalyň ýüzüne seretdim. Özem köp seretdim.
Doýmanlar, ganmanlar seretdim. Seretdigimçe-de seredesim geldi. Men
entegem oňa seretjek durjakdym, ýöne töwerek-daşdan çekindim.
Onsoňam tebigatyň kanunyna laýyklykda, ýüzüne seredip köp dursaň
uklap ýatan adam nazaryňy duýýar we oýanýar. Munuň şeýledigine
özümem birnäçe gezek göz ýetirdim. Şoňa görä şol wagt Jemalyňam
ýalpa gözüni açaga-da: «Wiý, bu senmidiň?» diýip, ýerinden turmagy,
85
meniň o ýerde näme işläp ýörenimi soramagy ahmaldy. Şeýle bolsa men
ýene-de kyn ýagdaýa düşerdim we aljyrardym. Jemal meniň ýene-de
özüni aňtap gelenimi aňardy, gaharlanardy. Iň bolmanda gaty görerdi.
Öýkelärdi.
Ýöne bagtyma ol oýanmady. Netijede men käýinçden gutuldym.
Ýöne şol günüň agşamy telefon arkaly gürleşenimizde ol: «Şu gün,
düýşümde biri uzak wagtlap ýüzüme seredip durdy. Menem: «Näme
beýdip jiňkerilip dursuň, bar, ýok bol, git!» diýýän welin, piňine-de däl.
Öz-ä tanyş ýüze-de meňzeýän ýaly. Golaýda bir ýerde senem-ä bar
ýalydyň...» diýdi. Soňam ýaraman gaýdanyny duýdurmandygy üçin
ötünç sorady. Aýtmagyna görä, günortandan soň onuň birdenkä gan
basyşy galypdyr. Ýüregi bulanypdyr, ýüzi aktam bolup ysgyndan
gaçypdyr. Işdeş ýoldaşlary «Tiz kömegi» çagyraly diýseler etmändir.
«Öýe bir baraýyn, onsoň görübirin» diýipdir-de, rugsat alyp göni öýüne
gaýdypdyr. Derman içibem ýatypdyr. Maňa habar edere dagy ýagdaýam
bolmandyr.
Elbetde, şol hereketim üçin men şol gezegem öz ýanymdan erbet
utandym. Jemalyň oýanmanyna, barlamaga baranymy bilmänine müňde
bir şükür etdim. Gel, şundan soň bir goýaýyn şu häsiýetimi diýip, gör
indi näçenji gezekdir, öz-özüme söz berdim. Ýöne ikimi ýa üç hepde
geçenden soň, ýene bir gezek şolar ýaly güne düşdüm.
Şol günem çäş wagtlary jaň etdi-de, garyndaşlarynyň biriniň
hudaýýoly edýändigini, arakesme-de şoňa baryp gaýtmaly boljakdygyny
aýtdy. Men: «Bolýa, olar ýaly bolsa göni birde ýola çyk, men maşyn
tutup bararynam, äkiderinem, getirerinem diýdim. Ol: «Ýok, ýok, gerek
däl» – diýip, kes-kelläm garşy çykdy. – Men uýam bilen gidýän. Ol
adamsynyň gulluk maşyny bilen yzymdan gelýä...» Men howsala düşüp
başladym: «Haçan gelersiň?» «Üçüň ýaryna» diýip, ol birhili sesini
pessaýladyp, ynamsyzrak jogap berdi. Bu meniň howsalamy hasam
artdyrdy. Ýöne razylaşaýmakdan başga alaç galmady. Üçüň ýary
bolandanam jaň edip ugradym. Ýok. Gelenok. Tä dördüň ýaryna çenli
aýladym oturdym. Onda-da ýok. Şondan soň ýene-de kellämde: «Biri
bilen duşuşyga gidendir, özem ol haýsydyr bir ötermen, howlukmaç
adam bolmaly, özem myhmanhanadan otag alandyr-da, Jemalam şol
ýere äkidendir».
Şu oýlara gümra bolup oturşyma dörde golaýladam welin, özi jaň
edäýdi. Sesi dury. Şadyýan. Badyhowa. «Hä-ä awuň oňan bolaýsa
86
gerek» diýip, içimden gyjynýan. Onuň ýap-ýaňyja-da arassa otagyň
içinde arassa düşekleriň üstünde kimdir biri bilen dalaş gurandygy gara
zülplerini onuň ýüzüne dökendigi, döşüne gysmyljyrandygy, süýjüdensüýji sözler aýdyşandygy göz öňüme gelende namysdan ýaňa ýarylyp
öläýjek bolýan. Ýöne gepläp bilemok. Näme diýjegimi, haýsy sözi
gepbaşy etjegimi, nämäni tutaryk edinjegimi bilmän kösenýän. Ol bolsa
meniň içki harasadymdan bihabar yzyny üzmän gürläp dur. Hudaýýola
ejesiniňem barandygyny, şonuň üçinem köpräk oturmaly bolandygyny,
eger-de telefon erkek adamlaryň oturan jaýynda bolmadyk bolsady,
onda jaň edip, eglenmeli boljakdygyny maňa hökman duýdurjak
ekendigini, gaýdyşyn ejesi bilen taksili gaýdandygyny, puly ejesiniň
töländigini, şeýlelikde, iki ýüzüne-de mugt gidip gelendigini uly joşgun
bilen gürrüň berýär.
Göwnünde güman bolup, onam aýdybilmese, üstesine-de aýdara
tutarygy, subutnamasy bolmasa, adam pahyr gaty kyn güne galar ekeni.
«Barmagymyň ujunda aýlap ýörin welin, syrtam duýanok» diýmesin, iň
bolmanda aýdyp bir galaýyn, näme edip ýörenini bilýänimi bir bilsin,
diýen şo-ol köne düşünje-de bir tarapdan böwrümi gyjyklap dur.
Umuman, şol günem şol düşünje alyp ýatdy. Ökde çykdy.
Gümanymy aýtdym. Eşitjek geplerimi eşitdim. Ol telim günläp
gepleşmän gezdi. Soňam garagym akan ýaly özüm ýaraşmaly boldum.
Şol gezek onuň hakykatdanam hudaýýola gidendigine meni
aldamandygyna bolsa men bir ýol bilen, biraz soňrak göz ýetirdim... –
Erkin sözüne dyngy berdi-de, uludan demini aldy. – Munça bolanyna
görä, men saňa Jemal bilen aramyzda bolan çaknyşyklaryň ýene birini
aýdyp bereýin, Nepes. Şonuň bilenem boldum edeýin. Ýogsam senem
ýadatdym.
– Ýok, ýok, men asla ýadamok. Aýdyber. Aýtsaň derdiň ýeňlär –
diýip, men howlukmaç gepledim. Çünki men hakykatdan-da
ýadamandym. Gürrüň bolsa gyzyklydy. Täsirlidi.
– Aýtsam... şol çaknyşyk ähli çaknyşyklaryň iň ulusymyka diýýän...
– diýip, Erkin gözlerini süzgekledip oturşyna sözüni dowam etdirdi.
Günlerde bir gün Jemal jaýyny remont etdirmekçidigini aýtdy. Hem
ökde, hem arzanrak ussa tapyp bermegimi haýyş etdi. Bir kärine ökde
tanyş ussam bardy. Şoňa diýdim, o-da iki sanysyny tapdy, şeýdibem üç
bolup işläp bşladylar. Olar meniň çakymdanam has amatly, oýlap tapyjy
87
bolup çykdylar. Öň Jemalyň iki gapysy bardy. Biri içki, umumy girelge
tarapda, beýlekisi eýwan tarapda.
Ussalar umumy girelge tarapdaky gapyny aýyrdylarda, ýerine
kerpiç ördüler. Ýapdylar. Ortarada somalyp duran hajathanan-a ýapylan
gapynyň ýerine aşhananam eýwana geçirdiler welin, bir otagly jaý
gözümiziň öňünde iki otagly jaýa öwrüldi duruberdi. Üstesine hersi ýüz
dollarlyk iki sany demir gapylaryňam birini satyn almasyz boldy. Muňa
Jemal diýseň begendi, mendenem, ussalardanam köp-köp hoşal boldy.
Iş şeýdip, öz maýdalyna gidip barýardy. Birdenem ýoldaşlary bilen
sözi azaşdymy, ýa başga bir zada kejirligi tutudumy, meniň tanşym dik
duran ýerinden gurallaryny ýere taşlady-da, eşiklerini çalşyp zut gitdi.
Meniň «höre-köşäme dagy gulagam asmady. Galan iki ussa ertesi oňa
derek başga birini tapyp getirdiler. Ony men turuwbaşdan halamadym.
Ýaşlygyna garamazdan ýüzi-gözi arakhora, neşekeşe meňzeýärdi.
Goturaky, pis açan ýerlerem bardy. Irden içmän, işe başlap bilmeýärdi.
Iň ýamanam köp zadyny öňküdenem has arzan etdirmek üçin, Jemal
göwnüme bolmasa onuň bilen süwümsiz sözleşýän, ýeňles hereketler
edip daşynda pyrlanýan ýaly göründi. Her sözüniň birinde-de:
«Dogoworimsýa da? Dogoworimsýa da?..» diýip, ýüzüne ýyljyraklap
bakdy. Ussa-da aşak seredip, uýaljyrap durşuna: «Da, da,
dogoworimsýa...» diýip, oňaýsyz gürledi. Çym-gyzyl bolup, Jemal näme
diýse, garşylyk görkezmedi. Islendik nyrhy bilen razylaşdy.
Gepiň gysgasy Jemal ony şeýle bir «eýledi» welin, meniň pikirimçe
şol wagt sen şu jaýy mugt remont etmeli diýse-de ol ýigidiň ýok»,
diýmäge gurbaty çatmaly däldi.
Soňabaka-ha ol jadylanan dek Jemal näme diýse-de iýmçi ýaby ýaly
aşak bakyp durdy. Onuň bu bolşy Jemalyň hoşuna geldi. Guşy uçdy. Her
sözüniň birinde jak-jak edip güldi, ussany aýasyna alandygyna begendi.
Men bolsam onuň şeýdip, ömründe ilkinji gezek görýän adamsy bilen
«hikirdeşip» durşuna bir ölübilemok. Gyjalat berýän ýaly käte bir maňa
tarap gözüniň gytagyny aýlap goýberende dagy baraga-da, ýüzi kessir
ýelmäýesim gelýär. Ýöne, edibilýän alajym ýok. Aýtmasyz bir zat
aýdaýmaýyn diýip, dilimi dişläp durun. Bir günem günortan arakesmä
gelip şol ussa bilen kilçildeşip duran wagty Jemaldan juda gaty gördümde, sessiz-üýnsiz çykyp gitdim. Ýolboýam gaýdyp şuň gapysyndan
garamaýyn diýip, öz-özüme pent etdim. Öýe barşym ýaly: «Şundan şu
ýana göreniň-eşideniň şol gotur ussa bolar, gaýdyp meni görmersiň,
88
sesimi eşitmersiň» diýip, jaň etmekligi ýüregime düwdüm. Ýöne öýe
golaýlaşdygymsaýy badym gaçyşdy, diýjek sözlerim aňymdan uçdy.
Has beterem onuň ýene-de: «Näme, meniň arzan gürleşenim saňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 08
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.