Latin

Söýgüde serhet ýok - 17

Total number of words is 3718
Total number of unique words is 2218
32.8 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
55.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýok ýerden özüne jelepçilik ýapylsa, aýal adam asylam halamaz
weli, iň ýakynyň saýyp, ýüregiňden orun berip ýören adamyň gaýagopuz ýok ýerden şeý diýip üstüňe dübläberse juda erbet bolar ekeni.
şeýle-de bolsa men onuň jaňyna kän garaşdym. Bagyşlasym, ýaraşasym
geldi. Sebäbi onsuz meniň günüm-aýym kyn geçýär. Köçä çyksam
gözüm töweregimde, öýe girsem gapyda. Göwnüme ol ýüzüni sallap
geläýjek ýaly bolup dur. «Men ýokkam Erkin daýyňyz jaň eden-ä däldirdä» – diýip, gyzjagazlarymyňam gulak etini guradýan.
Şeýdip ýörkäk, bir gün ol «Aşgabat» seýilgähiniň gabat
garşysyndaky duralgada troleýbusa münjek bolup durkam pete-pete
gabat geläýdi. Ýüregim näler towsup duranam bolsa oňa gülüp
bakmaga, salam bermäge kejirligim ýol bermedi. Duşundan ötüberjek
boldumam, welin ol çalarak ýylgyryp durşuna elini emaý bilen egnime
goýdy-da: «Jemal gurgunmysyň» – diýdi. Men çalarak baş atdym-da,
sesimi çykarman troleýbusa girdim. O-da girdi. Ýöne, menden ýüz
tapmansoň indiki duralgada düşdi. Pursady goldan berenim üçin özümi
bagyşlap bilmedim. Saklanybilmänem agşamlyk jaň etdim. Ol muňa
199
begendi. – Jemal Erkin bilen hut şu wagt ýaraşan ýaly bir enaýy
ýylgyrdy. – Ine, şeýdibem dört aýdan soň täzeden ýaraşdyk.
Şondan soň men ony birahat etmezlik üçin duýdurman, gitjek
ýerimi aýtman ýerimden ýarym sagatlygam gozganmadym. Meniň şol
bolşum oňa hoş ýakýardy, özüni parahat, sowukganly alyp barýardy.
Çaga ýaly sähelçe zada-da kejigibermesi galypdy. Ozalkylary ýaly
howsala düşmesinem, sorag etmesinem, birden däliräbermesinem
goýaňkyrlaberipdi.
Ýöne, hernäçe seresaply bolsamam, ahyry bir gün ýene-de säwlik
goýberdim. – Jemal sözüni kesdi-de, sumkasyndan kiçijik, akja
ýaglygyny çykaryp gözüni süpürdi. Soň ony yzyna saldy. – Dynç
günüdi. Duşuşykdan soň Erkin meni öýe eltdi. Düşjek wagtym men oňa:
«Bu gün senem ýadansyň, bar-da, ýat irgözünden», – diýdim. Şolar ýaly
zat diýseň öjükýänini bilýänem welin, nätjek, agzymdan sypdy-da!
Görgüliň ýüzi üýtgäp gitdi. Içinden: «Hä-ä... meni ýatyryp bir hyýala
münen bolsaň gerek» diýip oýlanýanyny aňdym. Aýdyşym ýalam
bolupdyr. Agşam sagat ona çenli zordan çydapdyr-da, maňa jaň edipdir.
Şol töwereklerde ol hemişe-de jaň edýärdi. Şol gün welin içiňi ýakaýyn
diýen ýaly sagat sekiz bolandan, nämälim bir ýaş oglan jaň eip halys
ýürege düşdi. Özem her gezek «Miwe bamy» – diýip soraýa. Ýok, beýle
gyz bu öýde ýok, belgisini ýalňyşansyň, diýýänem welin: «Ýok,
ýalňyşamok! Miwe bolmaly! Çagyr şony!» diýip, hakyt üstüme gygyrýa.
Soňabaka hapa-hapa sözlerem aýdyp ugrady. Menem ahyry telefony
sogurmaly boldum. El telefonymyňam batareýi çöküpdir. Uzynly gün
giň howluda çagalar bilen oýnap ýadansoňlar gyzlarymam ir ýatypdylar.
Olar ýatansoňlar meniňem oturyp wejim bolmady. Ýatdym. Şeýlelikde
men Erkiniň ýekeje jaňyna-da jogap berip bilmändirin. Şeýle-şeýle
ýagdaý, men telefonymy öçürýän, ynanmasaň gel-de göräý, diýip,
ýatmazdan öň jaň edäýen bolsam boljagam ekeni welin, onam
edäýmändirin-dä. Şol gün asyl bar zat tersine bolaýypdyr. Erkin welin
jaň bilen alyp bilmänsoň, gijäniň ýary boluberende maşynyna münüp,
gyzyl ot ýaly göni gaýdypdyr, ýarym sagat ýaly gapymy kakyp
durupdyr. Ahyram lapy keç bolup gidipdir. Barybam ýene-de hem
elime, hem öý telefonyma, tä daň atýança yzyny üzmän jaň edipdir.
Ertesi el telefonymy görsem otuz sekiz sany jaň gelen ekeni.
Ir bilen öý telefonymy nokadyna çatdym. Çatyşym ýalam jaň geldi.
Erkiniň sesi trubkany ýaraýjak bolýar. Näme diýýänine welin, düşer
200
ýaly däl. Howlukýar, daljykýar, dyňzap gelen gaharyna bäs gelibilmän
aýtjak sözlerini bulaşdyrýar. Men ahyry onuň özümi ýene-de
bozuklykda aýplaýandygyna düşündim-de, agşamky bolan işleri birinbirin aýdyp berdim. Onuň welin diňläsem gelenok. «Sen hiç haçanam
düzelmersiň! Ýöne, men özümiň binamys däldigimi subut ederin!..»
diýibem, indi senlik gürrüň gutardy, diýen manyda trubkany taşlady. Bu
onuň iňňän aýgytly netijä gelendiginiň alamatydy, çünki, gatnaşykda
bola döwrümiziň bütin dowamynda ol ýekeje gezegem trubkany
menden öňürti goýmandy. Her hili ýagdaý bolanda-da, ýaraşara
sähelçejigem bolsa yş goýýardy.
Ýene-de uzak wagtlyk aýralygyň ara düşjekdigini men elbetde
aňdym, ýöne, bular ýaly ýagdaý ara düşer öýdüp welin oýuma-da
getirmändim. Göwnüme ol ikimiziň öňümizde entek ellenmedik ençeme
ýyllar biri-birine kaklyşyp ýatan ýalydy. Biziň ýene-de ençeme gezek
tersleşip, ençeme gezek ýaraşara wagtymyz bolmalydy. Çünki, biz
oňuşmaýardygam, biri-birimizsiz oňubam bilmeýärdik. Bu gün bolmasa
ertir, ertir bolmasa birigün, gaty gitse bir aýdan iki aýdan, ýa-da öňki
ýaly dört aýdan, sekiz aýdan ýaraşjakdygymyza men bütin durkum bilen
ynanýardym. Hemişe bolşy ýaly ol bu gezegem pikir ede-ede ahyry öz
ýalňyşyna düşüner, yzyna gaýdýan ýola düşer, ol ýol bolsa ony bigüman
meniň ýanyma getirer diýip oýlanýardym. Ýöne, Erkin erjellik bilen
dymdy. Menem şolar ýaly agyr sözleri eşidenimden soň öňürti jaň
etmäge ejap etdim. Öňküsi agşamam şol wagtky ýaly erbet düýş
gördüm. Ýöne, bu has aýylganç. Bu gezegem ol edil öňküsi ýaly çukura
gaçýar. Men ylgap barýan-da, oňa elimi uzadýan. Erkin bu men ber
eliňi, diýip, gygyrýaryn. Ol elini uzadýar. Ýöne, eli elime ýetenok.
Özem edil haýalladylan kino ýaly ýuwaşlyk bilen aşak süýşüp barýar.
Ýarpy göwresi gara tümlüge siňenden soň men çirkin gygyrdym. Onuň
bolsa göwni bir ýaly. Hatda ýüzem üýtgänok. Soň onuň egninden aşagy,
ahyr soňunda ýüzem tümlüge siňip gitdi. Diňe bäş penje galdy, kemkemden o-da ýitdi. Birdenem ol çukur guýa öwrüldi-de, agzyndan goýy,
goňrasdan gelen çal tüsse çykyp başlady. Gelip bokurdagyma doldy.
Garykdyrdy. Üsgürtdi. Men hatda oýananymda-da üsgürip oýandym.
Agzymyň içinde ajy tüssäniň tagamynam duýdum. Şondan soň welin
saklanyp bilmedim. Näme bolsa şol bolsuna saldym-da, Erkiniň işleýän
kwartirasyna jaň etdim. Emma ol o ýerde ýok ekeni. öýüne jaň etmäge
bolsa töwekgellik edip bilomedim. Ertire çenli zordan çydadym-da, işe
201
baramsoň işdeş oglanlaryň birinden haýyş edip öýüne jaň etdirdim. Ol
ýerde-de ýok ekeni. Ýüregim erbet bir zady syzan ýaly howpugap
ugradym.
– Şol gün ol meniň ýanymdady. Uzynly gün içini döküp gidipdi.
Baryşy ýalam...
– Howwa... Barşy ýalam ýykylypdyr. – diýip, Jemal meniň sözümi
gaýtalady. Men ony köçä çykyp, ötegçi bir oglana el telefonym arkaly
öýüne jaň etdirenimden soň bildim. «Şeýle-şeýle» diýdiler. Ynansaň, jan
dogan imanym göçdi. Ysgyn-mydardan aýryldym. Ähli öýke-kine
barysy ýatdan çykdy. Çünki, gören düýşümiň oraşan çykaryndan
gorkdum. Men ondan häzirem gorkýan. Howa ýetmän demigip durşuma
özümi öýe atdym. Gapydan ätleýşim ýalam: Alla jan, öň-ä ýan
ýoldaşymdan aýrylyp ýaş başyma ýeke galdym, indi muny bir alma,
demine degme, uruşsagam, sögüşsegem bolýa şu maňa...» diýipdirin-de,
özümden gidipdirin. Şol halda näçe ýatanymy bilemok, özüme gelsem
gyzjagazlarym ýüzüme suw sepişip, aglaşyp otyrlar. Zübeýdanyň: «Eje,
näme boldy, ýa ýaraňokmy, dogtor çagyraýynmy...» diýýän sesi
gulagyma gelýär. Men bolsam gepläp bilemok. Diňe: Gerek däl, diýen
manyda başymy ýaýkaýan. Erkin daýyňyz ýaraman hassahana düşüpdir,
ýagdaýam agyrmyşyn, diýip bolsa aýdyp bilemok. Erbet gynanarlar
öýdüp gorkýan. – Jemal sözüne dyngy berdi. Guraksy ýuwdundy. Alma
şiresinden owurtlady. Ýene-de sumkasyndan ýaglygyny çykaryp,
gözlerini süpürdi. Başyny çalarak silkip, ýüzüne düşüp duran alyn
saçlaryny arkan taşlady. – Ine, indi siz men barada ähli zady bilýäňiz.
Sag-aman aýak üstüne galyp gitse, hem dosty, hem psihoanalitik
hökmünde oňa hakykaty düşündirersiňiz öýdüp umyt edýän. – Jemal
boýnuny burup ýüzüme naýynjar garady. – Indi bolsa gideliň. Maňa
öýde gyzjagazlarym garaşyp oturandyrlar. Gaýrat ediň-de, meni öýe
taşlaň.
Men hyzmatkär gyzy çagyryp hasaplaşanymdan soň Jemal ýerinden
turdy. Menem turdum. – Daş çykdyk. Gün ýaşypdyr. Agşamyň adaja
aýazy azajyk iniňi tikenekledýär. Müşderiler welin gündizkisindenem
has köpelipdir. Şonuň bilen birlikde çişlikçileriň maňgallarynyň
üstündäki et düzülgi çişlikleriňem sany artypdyr. Hyzmatkär gyzlar
üstüne birnäçe bokal piwo ýa çişlikli yhlar goýlan ullakan hem tegelek
mejimelerini bir ellerinde dik ýokary tutuşyp, syrtjagazlaryny
moýmuldadyşyp iki baka «ýelk» ýasaýarlar. Käbirleri bolsa täze gelen
202
müşderileriň buýurmalaryny depderçejiklerine ýazmak üçin galamlaryny
çoçjaýdyşyp stollaryň gapdalynda dim-dik bolşup durlar. Näme üçindir
olaryň hemmesiniň dodaklary galyň. Pökgi. Edil böwrek ýaly. Ylaýtada
aşaky dodaklary.
Maşyna
münmezimiziňden öň «Aýsbergiň» girelgesiniň
golaýyndaky hususy dükanjykdan Jemalyň çagalary üçin süýji, köke,
şokolad, koko-kola satyn aldym. Olary ýüzüne sary saçlary gerdenine
dökülip duran owadan ýewropaly bir ýaş zenanyň suraty basylan gyzyl
pakede salyp Jemalyň eline tutdurdym.
Ine-de biz Jemalyň gapysynda durus. Maşyndan düşjek wagty
ätiýaçdan men onuň öýüniň telefon belgisini aldym.
– Erkin huşuna geldigi, özüm habar ederin, oňa çenli azara galyp
gatnap ýörmäň – diýdim.
Ejeleriniň gelenini duýan gyzjagazlaryň ikisem bökjekleşipjik gapa
çykdylar. Maňa tarap çekinjeňlik bilen seredişdiler, çekinjeňlik bilenem
salamlaşdylar, soňam hersi ejesiniň bir ýan tarapyndan aslyşdylar
duruberdiler. Jemal ilk-ä maňa ýüzlenip:
– Ine, bular meniň gyzjagazlarym – diýdi. Soňam gyzlaryna degişli
edip: – Bu adam bolsa Erkin daýyňyzyň garyndaşy Siziň
ýagdaýlaryňyzy soramaga gelipdir – diýip, her eli bilen bir çagasynyň
başyny sypalady. Olar gözjagazlaryny ýyltyldadyp, maňa tarap mähirli
seredişdiler, biliner-bilinmez ýylgyryşdylar.
Olar Erkiniň gürrüň berişi ýaly akyllyja tertiplije, ýuwaşja
görünýärdiler. Özlerini myhmana görkezmäge däl-de, gaýtam tersine,
gizlemäge çalyşýardylar.
Jemal meniň bilen hoşlaşdy-da, çagalarynyň elinden tutup, demir
gözenekli ýaşyl derwezäniň kiçi gapysyndan aňryk ätledi. Basgançaklar
bilen öýüniň işigine çykdy. Bile biten ýaly bolup barýan üç göwre jaýyň
açyk duran goňrumtyl, demir gapysyna zordan sygdy.
Sähelçe pursatlygam bolsa men daş-töwerege ser salmaga ýetişdim.
O zatlaram edil Erkiniň öz gürrüňlerinde beýan edişi ýaly. Men hamala
diýersiň öň bir gören kinomy indi ikinji gezek görüp duran ýalydym.
Men yzyma öwrüldim. Tä öýe gelýänçäm jemalyň beren
gürrüňleriniň täsirinden çykyp bilmedim. Ýöne, Erkiniň öňünde onuň
hiç hili ýazygynyň ýokdugyna welin, ýene bir gezek ymykly göz
ýetirdim. Şu çaka çenli şeýdäge-de onuň bilen ýüzbe-ýüz
gürleşmändigime gynandym. Özüne geldigi men Erkine: «Sen indi hiç
203
ýana-da gitme. Çünki Jemal seniň bir agyz sözüňe garaşýar. Ol seni
söýýär. Gaýdyp ýaraşman diýse-de, ol seni bireýýäm bagyşlapdyr. Ol
päk... Ol seni hiç haçan aldamandyram, saňa ikiligem etmändir» diýerin.
Ol maňa ynanar. Ömürboýy ynanyp gelipdi, bu gezegem ynanar.
Mundan buýana gümanlar içinde gorsanyp gezmez. Şeýtanyň ugruna
gitmez. Iň bir esasy zadam – ejir çekmez. Özüni erkin duýar.
Döredijiligini dowam etdirer.
4
Howwa, özüne geldigi men oňa şol sözleri aýtjakdym.
Ýöne, bar zat tersine boldy. Onuň bilen gepleşmek, öz pikirimi
aýdyp, Jemal ikisini ýaraşdyrmak maňa miýesser etmedi. Aşyk hem
şahyr ýürek bu gün-erte başyndan injek agyr apaty aňypmy ýa tötänden
gabat geldimi, onuň haýsydyr bir ýurda baş alyp gitmek baradaky
hyýalaty çyny ekeni. Ol hakykatdan-da göç üstünde ekeni. Kerwenine
ýük urup, ýörişe taýýar bolup dur ekeni. Barjak menzili welin meniň çak
edişimdenem has alyslarda ekeni. Ol mekan bir baranyňdan soň dolanyp
gelinýän ýurt däl ekeni.
...Howwa, iki gün özüni bilmän ýatandan soň, ol ýogaldy. Şol wagt
agşamaralardy. Jesedini öýüne eltenimizdenem, hernäçe kynam bolsa
men bir çete çykyp, el telefonymdan Jemala jaň etdim, ertir näçelerde
çykaryljakdygyny aýtdym.
Esli wagtlap ses-üýn eşidilmedi. Birdenem ol erbet bir içini çekdide, çirkin gygyrdy. Megerem, özünden giden bolsa gerek, trubkanyň
işläp durandygyna garamazdan ses-üýn çykmady. Çagalarynyň: «Eje,
eje, saňa näme boldy» diýýän sesleri welin eşidildi durdy.
Men ýene-de öýe girdim. Merhum ortarada süýnüp ýatyr. Üstüne
galyň ýorgan atylan. Daş-töweregine eýýäm dogan-garyndaşlary, dostýarlary, tanyş-bilişleri, goňşy-golamlary, döredijilik işgärleri üýşüpdir.
Olaryň içinde meniň tanaýanlarymam bar, tanamaýanlarymam. Ýöne,
köpüsi tanaýanlarym.
Men baryp dostumyň başujynda çökdüm. Ýorganyň burçuny
galdyryp, ýüz-gözüni sypaladym. Hoşlaşdym. «Men senden razydyryn,
senem menden razy bol, doganjygym – diýdim. Özem daşymdan
diýdim. Içimden bolsa: –Bagyşla, dost, men saňa aýtmaly esasy zadymy
204
aýdyp ýetişmedim» diýdim. Soň ýüzüni emaý bilen ýapdym-da, kynlyk
bilen ýerimden turdum. Arkalaryny diwara berşip ýüzlerini sallaşyp
oturan adamlaryň arasyna geçdim. Şol ýerdenem jansyz jesede öwrülip,
dem-düýtsiz ýatan dostuma seretdim.
Hem uly dünýäniň, hem öz döredijilik dünýäsiniň, hem yşkyň
derdini çekip ýören kiçijik ýüregine ýekeje pursatlygam ynjalyk bermän,
altmyş ýaşy arka atan arzuwçyl, şahyr adamyň şeýdip, hiç bir zada
dahylsyz halda süýnüp ýatyşy maňa juda ýokuş degdi. Ýüreginde besläp
ýören göwrümli eserlerini gutaryp bilmändigi, käbirlerini bolsa entek
başlabam ýetişmändigi üçin gynandym.
Ýöne her niçik hem bolsa, ol käbir taýyn eserlerini-hä çapa doly
taýýarlap ýetişipdi. Kompýuterden geçirdip, elektron wariantlarynam,
kagyza geçirilen görnüşlrinem taýýarlap goýupdy. Rejeläpdi. Ine,
haçanam bolsa şol kitaplaryň çapdan çykan güni dostumyň täzeden
direljekdigi baradaky guwanç duýgusy maňa az-kem teselli berdi. Şol
kitaplar ony ebedi ýaşadar, telim nesil ony şol kitaplary arkaly hemişelik
ýatlar ýörer.
Meniň içimden edip oturan oý-pikirlerimi aňan ýaly, merhumyň
daşyny gallaşyp oturanlaryňam gürrüňleri kem-kemden onuň
döredijiligine syrykdy. Gürrüňçilik parahat akýan derýa ýaly «pyşyrpyşyr» edip ýuwaşjadan gitdi oturdy.
Oturanlara gelip goşulýanlaryň yzy üzülenok. Täze gelenlere orun
bermek üçin, öňki oturanlaryň käbirleri, hususan-da ýaş-ýeleňler turup
gidýärler. Şolar ýaly-da gürrüňçiligiň arasyna böwşeňlik aralaşýar. Az
salymlyk dymyşlykdan soň ýene-de öňki akymy boýunça dowam edýär.
Gije örän uzak hem ýürekgysgynç boldy. Wagtyň bir çene barmagy,
eňekleriň ýadamagy bilen gep-gürrüňem gutardy. Adamlaryň köpüsi
örüşdi. Ýat gitdi, garyndaş galdy. Olaram assa-ýuwaş uky basmarlap
başlady. Şonuň üçinem, merhumy daň atýança ikibir-üçbir, gezekgezegine saklamaly edildi.
...Bellenilişi ýaly, ertesi ir sagat on bir boluberende merhumy
tabyda mündürip öýünden çykardylar-da, gapa düşelen bir maşyn sowuk
ak çägäniň üstünde goýdular. Ýaşulylar aglabasy köne galoşlardan
ybarat aýakgaplaryny çykaryp jynaza durdular. Şol wagt orta
205
ýaşlaryndaky bir adam, aýakgaplaryň hersiniň bir taýynyň içine bir
manatdan pul sokuşdyryp çykdy.
Şondan soň merhumyň ogly we öten agşam obadan gelen, süýtdeş
inisi öň tarapdan, bir wagtlar ýogalan agasynyň iki oglam yz tarapdan
tutup, tabydy ýerden göterdiler.
Yzanda-çuwanlyk başlandy. Hususan-da Aýlarhan bilen gyzy
tabydyň yzyndan ellerini öwsüşip hünübirýan aglaşdylar. Elbetde, olar
däp boýunça iň soňky borçlaryny berjaý edýärdiler.
Öýden kyrk-elli ädim daşlaşansoňlar, tabydy köçede garaşyp duran
üsti açyk, nowaly maşyna saldylar. Ýanyna ogly we inileri şeýle hem
bäş-üç sany degenek jahyl mündi. Menem mündim.
Ugradyk. Ugur şäheriň ýigrimi kilometrlik demirgazygynda
ýerleşýän «Çoganly» gonamçylygyna tarap. Erkin ony hemişe
«aramgäh», ýagny, dynç alynýan ýer, daça diýip atlandyrýardy. «Dynç
aldyňmy», ýa-da «Dynç alaňokmy» diýseň ol hemişe «Dynjy Çoganlyda
alarys, häzir welin işlemek gerek» diýip, jogap berýärdi. Häzir ol ine, şol
ýere barýar. Has takygy äkidip barýarlar. Erkin indi ol ýerden yzyna
dolanmaz, şähere gelmez, Jemaly gözläp heläk bolmaz. Hiç kimden
gabanmazam. Meni ýanyna çagyryp ýa ýanyma gelip derdinden «dat»
hem etmez. Jemalyň ugrundaky diwanaçylykly hereketlerinden gürrüň
bermez. Tä, kyýamat ahyra çenli, ölüniň-diriniň magşar meýdanynda
ýygyn boljak pursadyna çenli şol ýerde, sag egni bilen sowuk gumy
ýassanyp ýatar.
...Çoganla barmak üçin, Erkiniň soňky ýyllarda üstüni torç eden
ötüginiň aşagyndan geçip, Jemalyň öýüniň gapdaly bilen şäheriň
demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän kanala tarap gönükmeli. Onuň äpet
köprüsinden geçeniňden soň Çoganly obasynyň içi bilen gitmeli-de
asfaltlanan giň hem tekiz ýol bilen şäheriň Daşoguz derwezesine tarap
ugrukmaly. Ýoluň iki tarapyny tutup ýatan aramgählerden geçmeli.
Ondan soňam az-kem ýöräp saga öwrülmeli. Ýöne, biz entek ýaňy bir
ötükden çykyp barýas.
Maşynyň silkewine jesediň ynjamazlygy üçin, tabydyň sapyny
elimizde, özüni dyzlarymyzyň üstünde saklap, ýüzümizi sallaşyp otyrys.
Hiç kimden ses-üýn çykanok. Ötükden çykyberenimizde Erkiniň şu ötük
bilen baglanyşykly gürrüňleri biygtyýar ýadyma düşdi. «Ak maşynyň içi
Jemaly geçenini görjek bolup, öten-geçen maşynlaryň belgilerine
tiňkesini dikip durşy, birdenem arka tarapda gyzjagazynyň elinden tutup
206
gelýän Jemalyň peýda bolşy göz öňüme gelende daşymdan: «Häh, adam
pahyr-eý...» diýenimem, dodagymy dişläp başymy ýaýkanymam bilmän
galypdyryn. Çünki, indi o zatlaryň Erkin üçin parhy ýok. Özem ol bu
wagt ötügiň üstünden däl-de, astyndan geçip barýar. Hä diýmänem
maşyn Jemallaryň deňine barar. Şonda Erkiniň üstündäki galyňly-ýukaly
ýapynjalary ýekän-ýekän serpäge-de, syçrap ýerinden galmajakdygyna,
maşyndan böküp düşäge-de, Jemallara tarap ylgabermejekdigine men
gaty bir ynanybam baramok. Şol gorkynyň täsiri bilenmi ýa süňňüm bir
zady syzdymy, men birdenkä başymy galdyrdym-da, boýnumy
süýndirip maşynyň kabinasy üstiaşyry öňe seretdim. Görsem Jemallaryň
gapdalyndaky azyk dükanyna ýetip barýas. Dükanyň gabat garşysynda
uçargähe, awtoterminala, «jygyllyga» we «Çoganla» gidýän
awtobuslaryň duralgasy bar. Duralga hemişekisi ýaly adamly. Bir
awtobus-a edil biziň öň ýanymyzdan ugradam.
Başga üýtgeşiklik ýok, ýöne, meniň ünsümi özüne çeken zat, şol
duralganyň on ädim bäri ýanynda, ýoluň gyrasynda, egni gara köýnekli,
başy gara ýaglykly, hatda köwşüne çenli gara geýnen dolmuş, akmapraç,
orta ýaşlaryndaky daýaw gelin gözlerine ýaş aýlap dur. Gara lybasyň
astynda onuň ozaldanam ýüzi, çomuç ýaly dykyz goşarlary, kösük deý
barmaklary hasam ak görünýär. Biz golaýyna baranymyzdan ol ýoluň
içine tarap bir ädim öňe süýşdi-de, sag goluny usullyk bilen galdyrdy.
Edil beýdeni bilen saklanaýjakdygyna ynam etmedik bora çemeli,
ýuwaş, ýöne, ynamly ädimler bilen maşynyň öňüne geçdi. Alabaharyň
ýiti şemalyna eşiklerini pasyrdadyp duran gelniň keşbi şonda ýas
kerweniniň öňüne dikilen gara baýdaga meňzedi.
Adatça, gölegçiler barmaly ýerlerine barýançalar saklanmaýarlaram,
olary saklamagam bolmaýar. Bu – ýazylmadyk kanun. Ýöne, öňüňde
durany basyp ötübermegem bolanok. Şonuň üçinem, üsti merhumly
maşyn biygtyýar togtamaly boldy. Şol ugra barýan, ýöne, hormat üçin
ýas kerweninden ozman, yzymyza düşüp gelýän beýleki maşynlaram
saklandylar. Netijede, şol ugur boýunça hereket bütinleý togtady. Ýas
kerwenine gözegçilik edip gelýän ekabyrlaram ylgaşlaşyp geldiler-de,
biziň näme üçin saklanandygymyzy soradylar. Oňa çenli gelnem assaýuwaş basyp, maşynyň yzyna, nowanyň açyk tarapyna aýlandy. Üstüne
dürli parçalar ýapylan tabyda seretdi. Dodaklaryny kemşerdip şol tarapa
elini serdi. Şonda onuň gözlerinden paýran dökülen ýaş düwmejikleri
207
uzyn bir sapaga düzülen nepis hünjüler kimin hatarlanyşyp ýere
döküldiler.
Bu Jemaldy.
Ekabyrlaryň gahar gatyşykly sesleri eşidildi.
– Jigi, sen kim? Sen bu bendäniň nämäsi? Näme üçin bu ýerde
dursuň? Maşyny näme üçin sakladyň?
Jemal ilk-ä ellerini merhumyň aýaklarynyň üstüne goýdy. Elleriniň
üstüne-de maňlaýyny goýdy. Ýöne, köp eglenmedi. Başyny galdyrdy.
Delmuryp ekabyryň ýüzüne seretdi.
– Menden zat soramaň, agalar, ýöne, rugsat ediň, hoşlaşyp bir
galaýyn...
Şojagaz ýeke agyz sözem ol zordan aýtdy. Bokurdagynda dykyn
alyp duran böwet sözüni soňlap-soňlamanka böwsüldi. Ol «ah» çekip
şeýle bir aglady welin, hümer bolup duran märekäniň barysy birden
tolkun atdy. Gelniň haýyşyny kanagatlandyraýmakdan başga alajyň
ýokdugyna hemmeler düşündiler.
Erkiniň halypasy, islendik ýerde gepini-sözüni düşündirip bilýän,
häzirki kerwene kethudalyk edip gelýänleriň biri, kelteräk boýly,
garaýagyz, mazaly agaran buýra saçlary «çyrazy» baganasyna meňzäp
duran, Türkmenistanyň halk şahyry Baýhan Atalyk gybyrdyklap geldide, atylyp orta çykdy. Ol:
– Kim bolanda näme? Goý, hoşlaşsyn! Iň soňky ýoluna barýan
bende bilen razylaşmak hiç kime-de aýp däldir – diýip, pert-pert gepledi.
Kakasynyň başujyny saklap oturan oglam ýerinden turdy-da,
hemmeler eşider ýaly edip:
– Goý, hoşlaşsyn!.. – diýdi.
Şondan soň-a hiç kimden garşylykly ses çykmady. Baýhan Atalyk
entegem ýaýdanjyrap, merhuma tarap el serip, duran gelne ýüzlendi.
– Bolaweri jigi, bolaweri, eglemäweri – Birdenem ol arkan
gaýyşdy-da, töweregindäki ýaş-ýeleňlere azm urdy. – Nämä mölterişip
durduňyz? Kömek ediň-de, çykaryň çaltrak ýokaryk!..
Dumly-duşda söm-saýak bolup duran jahyl ýigitler güpürdeşip
bardylar-da, ýerli-ýerden goltgy berip, gelni bir demde nowanyň üstüne
çykardylar.
Jemal özüni merhumyň üstüne zyňdy, gujaklady. Öňküsindenem
beter aglady. Iň soňky gezek ýüzüni görmek üçin, üstüne ýapylan gyzylala şahy ýorganyň burçuny galdyrdy. Emma kepene çolanan jesediň ýüzi
208
görünmedi. Gelin şonda-da ýaňagyny onuň ýüzüne goýdy. Hasanyň
üstündenem bolsa ogşady. Soňam oňa siňňin garady-da, ýuwaşlyk bilen:
-Ahyry köşeşdiňmi ezizim... – diýdi.
Ol muny pyşyrdap aýdanam bolsa hemmeler eşitdiler. Iň bolmanda
maşynyň üstündäkiler-ä eşitdi. Ýöne, gysgaça aýdylan ojagaz sözüň
aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna welin, menden başga düşünen ýok
bolsa gerek.
Oňa çenlem gyssap başladylar. Hatda hoşlaşmaga ygtyýar beren
Baýhan Atalygam gözüniň ýaşyny süpürip durşuna bokurdagyny
dolduryp:
– Boldy indi jigi, düş, bendäni mundan artyk egleme... – diýdi.
Jemal tisgine-tisgine uludan demini aldy-da, usullyk bilen ýerinden
turdy. Özüni merdemsi tutup durşuna goltugyndan ullakan, seçekli gyzyl
ýüň ýaglyk çykardy. Howlukman gatyny açdy. Şapyrdadyp silkdi-de,
merhumyň üstüne ýapdy. Ortarada güberilip ýatan jeset şonda bahar aýy
gök otlardyr – gyzyl güläleklere beslenen lälezar meýdana meňzedi.
Gelniň meňli dodaklary çalaja gymlydady.
– Hoş ezizim! Razy bol! Rahat ýat! – Ol ýere düşmek üçin,
nowanyň yz tarapyna ýöneldi. Kuwwatly gollar oňa ýene-de kömege
geldiler. Emaý bilen düşürdiler. Gelin içi ýaşdan doly gabaklaryny
galdyrman durşuna ýuwaşja seslendi. – Taňyrýalkasyn, adamlar... –
Şondan soň ol ýene-de elini tabyda tarap serdi. – Ruhyňy ynjytma
ezizim. Içiňi gysdyrma! Rahat ýat! Men edil öňkim ýaly, öňki wagtynda
ýanyňa barar duraryn... – Ol ýoly boşatmak üçin ýanýoda tarap
«dähedem-dessemläp» ugrady. Maşyn ýerinden gozganandanam aýalary
bilen ýüzüni ýapdy-da, öňküsindenem has joşgunly aglady. Birdenem
elini kem-kemden daşlaşyp barýan maşyna tarap serdi.
– Erki-i-n-n!...
Onuň bu zaryn sesi gölegçileriň üstünden aşyp geçip, beýik
binalaryň ýüzüne ak mermer örtülen sowuk diwarlaryna degdi.
Ýaňlandy. Ýaň bütin şähere doldy. Zähresi ýarylara gelen şäher ilaty:
«Näbela bolduka» diýşip, duran-duran ýerlerinde doňdular. Bir pursat
ähli köçede hereket togtady. Diňe gök asmanyň çat açyp, gelniň
sesiniňem şoňa siňip gitmegi bilen hereket täzeden başlandy.
Gölegçileri agyr oýda we alasarmyk halda goýan gelin welin, biz
telim çatrykdan geçenimizden soňam tä garamyz ýitýänçä ýerinden
gozganman, yzymazdan garady durdy. Onuň bolup durşy edil, Erkiniň
209
öz beren gürrüňindäki ýaly ilk-ä ýüzlenme alamatyna meňzedi, soňam
kiçijik nokada öwrüldi. Ahyram ýitdi.
Şäherden saýlananymyzdan soň, maşynyň üstünde ýaňky gelniň
kimdigi, merhumyň nämesidigi barada hyşy-wyşy gürrüňler başlandy.
Her kim biz zat diýdi. Soňam barysy birden soragly nazarlaryny şahyryň
ogluna bakan gönükdirdiler. Ogul sesini çykarmady. Hiç kime üns
bermän, aşak bakdy oturdy. Şol wagt hälki, Jemaldan: «Sen kim? Onuň
nämesi?» diýip soran ekabyr ýaşuly:
– Biri-biriňize berýän soraglaryňyzyň jogabyny özüňizem bilýäňiz
adamlar. Ýöne bilmediksirän bolýaňyz. Eger-de şu ýaşdaka şolar ýaly
ýaş gelniň şon deý söýgüsiniň gazanyp, şon deý yhlasyna mynasyp
bolup bilen bolsa – Ol Erkiniň jesedine tarap baş atdy – onda bize bu
bendäniň ruhuna sežde edäýmek galýa.
Hemmeler ýuwaşlyk bilen başlaryny aşak-ýokary atyşdylar. Şondan
soň hiç kim ol gürrüňe dolanyp gelmedi. Umumanam gürrüňçilik galdy.
Tä, öwülýä ýetýänçäk öz münüp barýan maşynymyzyň
«güzzüldisinden», duşumyzdan geçýän ululy-kiçili maşynlaryň
«wazzyldysyndan» başga ses-üýn eşidilmedi.
Ýene-de ylaýyk kyrk günden biz Erkiniň doglan gününi
bellemelidik.
Diýmek, bu gezek onuň doglan güni kyrkyna gabat gelýär.
Ine-de, şol gün gelip ýetdi. Men ir bilen turdum-da, öz ulagyma
münüp bazara bardym. Erkiniň iň gowy görýän gülünden – gyralary
gyrawlap duran gyrmyzy, bolgar bägüllerinden aldym. Şol ýerdenem
Çoganla gitdim. Ulagymy mazarystançylygy ikä bölüp geçýän ýoluň
ugrunda goýup, özüm Erkiniň guburyna tarap ýöneldim. Barsam eýýäm
mazarynyň daşyna demir germew aýlanypdyr. Kümüşsöw reňk
çaýylypdyr. Gara mermeriň ýüzüne ady, atasynyň ady, doglan ýyly,
ýogalan senesi ýazylaypdyr. Daş-töweregi timarlanypdyr. Bu – Erkiniň
oglunyň işi.
Men elimdäki gülümi ýadygärlik daşyň öňünde goýdum. Çommalyp
aýat okadym. Soň bir gyra çekildim-de oýa batdym. Pikirler meni aýlapöwrüp Erkin ikimiziň çagalyk ýyllarymyza tarap alyp gitdi.
210
...Mekdebi tamamlap, okuwa gaýtmak üçin hat-peteklerimizi
taýýarlap ýörşümizem, Aşgabada gelşimizem, nirä gitjegimizi bilmän,
perronda daş-töweregimize garanjaklap durşumyzam düýnjik ýalydy.
Şonda bize gurluşyk tehnikumynda okap ýören, özümizden üç-dört ýaş
uly obadaş oglanymyz sataşaýypdy. Adam aljyrap durka çykalga tapylsa
juda begener ekeni. Şol oglanyň köpçüligiň içinden saýlanyp görnen
akýagyz tegelegräk ýüzi, gülümjiräp duran gýak gözleri henizem
gözlerimiň öňünden aýrylanok.
Ol bizi ýatakhanasyna alyp gitdi. Şol myhman aldy. Ertesi Erkin-ä
Uniwersitete, meni bolsa Medinstituta eltdi... Dokumentlerimizi
tabşyrmaga kömek etdi.
Soň ýurda belli şahyr bolup ýetişen dostumyň heniz gumam solup
ýetişmedik mazarynyň başujynda oýa batyp durşuma onuň ilkinji
goşgusyny eline alyp, redaksiýalaryň birine tarap çekinjiräp barşam ýapýaňyja ýalydy. Hemişe bolşy ýaly ol şol gezegem mei ýany bilen alyp
gidipdi.
Howanyň bijaý yssydygy ýadyma düşýär. Ýalňyşmaýan bolsam
ikinji okuw ýylyny tamamlap, oba gaýtjak bolup ýören uçurlarymyzdy.
Kyrk sekizinji ýylyň ýer yrnamasyndan soň wagtlaýynça diýlip salnan
pessejik, ýöne içi diýseň salkyn, gapysynyň çep tarapynda-ha
türkmençe, sag tarapynda bolsa orsça arkasy gap-gara aýnanyň ýüzüne:
«Pylan gazetiň redaksiýasy» diýlip zer bilen ýazylan jaýyň darajyk hem
garaňky, iki tarapam gapy bolup duran koridorynyň törüne tarap ep-esli
ýöredik.
Gapylaryň hemmesi açyk, ýöne, birinde-de adam ýok. Iň soňky
gapynyň agzynda aýak çekdik. «T» görnüşde goýlan stoluň aňyrsynda
çilim kükedip oturan garaýagyz ýüzi goturakyrrak, buýralaç saçlary
ýaňy bir gyrawlap başlan inçesagat kişi bize tarap boýnuny süýndirip
seretdi-de, kimi gözleýändigimizi sorady. Men Erkiniň ýüzüne seretdim.
O-da entegem daş işikde duran ýerinden ýaýdana-ýaýdana:
– Poeziýa bölümini gözleýädik welin... – diýdi. Goturaky kişiniň:
«giriberiň» diýen manyda yşarat edenini görübem uýala-gorka
bosagadan ätledi. Elindäki kagyzlaryny uzatdy. Bäş-üç sany goşgujyk
getiripdik welin...
Öý eýesi degişjek boldumy ýa bar bolubilişimi, Erkiniň beren
kagyzlarynyň ýüzüne-de seretmän, çekeriniň içine oklap goýberdi-de,
sag eliniň süýem barmagyny burnunyň aşagyna süýkäp:
211
– Getirdik diýýaň welin, muny näme ikiňiz bile ýazdyňyzmy –
diýdi.
– Ýok, ýok, men ýeke özüm ýazdym, biz ýöne bu ýere bile geldik...
– diýip, Erkin şonda iňňän aljyraňňy gepledi.
Ýaş awtoryň öz öňünde aljyrap durandygy üçin gazetiň işgäri biçak
begendi. Lezzet aldy. Buýsandy. Soňam ýüzüne-gözüne agraslyk
röwüşini çaýdy-da, diň-gögüne garap badyhowalyk bilen:
– Poeziýa bölüminiň müdiri häzir ýok. Komadirowkada. Gelse
gowşuraryn... – diýdi.
Bizden başga biri bolan bolsa ondan: «Müdir haçan gelerkä?
Haçanrak habar tutsak bolarka? Siz özüňiz kim...» diýip, sorardy.
Tanyşardy. Içine-daşyna geçip dostlaşardy. Ýöne, olar ýaly ukyp Erkin
ikimizde-de ýokdy. Şonuň üçinem sessiz-üýnsiz yzymyza dolandyk.
Daş çykdyk. Gyzgyn howa haplap ýüzümize urdy. Aşa
tolgunanymyzdanmy, nämemi, dodaklarymyzy ýalaşyp ep-esli durdukda birdenem sessiz-üýnsiz golaýdaky piwohana tarap ugradyk. Üç
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 18
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.