Latin

Söýgüde serhet ýok - 14

Total number of words is 3739
Total number of unique words is 2190
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
azaltdy, käte hepdeläp gelmeýän wagtlaram boldy. Çünki, ol toýlarda
saz çalýardy we köplenç gije işläp gündiz ýatýardy. Şonuň üçinem, öýe
geläýende-de hepdeläp, aýlap görüşmeýän wagtlarymyz bolýardy. Men
işden gelemde-hä ol öýde ýok, eýýäm gidipdir, ol gelende-de men uklap
ýatyryn, irden turamda-da ol ýatyr. Naharyny ýahdana salyp, çaýynam
termosa demläp gidýän. Bir zat diýjek bolsamam hata ýazyp stoluň
üstünde goýýan. O-da şeýdýär. Ýöne, biz, elmydama ähli zatda diňe
erkekleri günäkärläp öwrenişipdiris. Men welin, bu babatda başgaça
pikir edýän. Belki, günä meniň özümdedir. Belki, men onuň göz öňüne
getiren, höwes eden gyzynyň ornuny tutup, söýgüsini gazanyp bilen
däldirin, göwnüni awlamak üçin ýeterlik göreşen däldirin, gyňyrlyk edip
onuň bilen bir hörpen gopan däldirin. Belki-e ol yşga düşendir. Menden
tapmadyk mährini başga birinden tapandyr. Bu durmuşda bolup biläýjek
zat diýip, oýlanýardym. Şonuň üçinem, günde-günaşa gulagyma gelip
duran gybat-gürrüňler üçin goh galdyrmasamam, günlerde bir gün
adamymyň özi bilen egri oturyp dogry gepleşdim. «Sen maňa söýgi-hä
bermediň, ýöne, öýümiň bir mazasyny alma juda uwnup-çydamaýan
bolsaňam edýän zadyňy ile-güne bildirmän et, diýdim. «Ýalandyr, o
gürrüňlere ynanama», diýdi. Ýöne, gulagyma gelýän gepler
ynanamazlyga ýol goýanokdy. Hatda: «Häzir seň şonyň pylan ýerde
pylany bilen ýatyr, ynanmasaň bar-da göräý», diýip, jaňam edýärdiler.
Galyberse-de hakykat barybir bir gün ýüze çykýa. Temen haltada
ýatanok. Iň ýaman ýeri bir gezek iş bilen goňşy welaýata iş saparyna
giden wagtym ol şonsuny öýe-de getiripdir. Onam maňa gözi bilen
gören goňşularym aýtdylar. Özem olar muny maňaduşmançylyk üçin
däl-de türkmençilige sygmaýan zadyň öz goňşularynyň öýünde bolup
geçýändigini ýokuş görýändikleri üçin aýtdylar. «Ýetişip gelýän
çagalarymyz bar, gözleriniň ters görelde görmeklerini islämizok,
ýaramaz zat bolsa ýokuşagan bolýa, onda-da şäher ýerinde», diýdiler.
Ine, şol gezek welin men adamym bilen öňkimdenem has çürt-kesik
gürleşdim. Meniň bilen ýaşaşyp bilmeýän bolsaň, başga birini göwnüň
163
küýseýän bolsa gel, aýryşaly, biri-birimizi gynap ýörmäli gaty
daşlaşmankak ýalňyşymyzy düzedeli, diýdim. Şol wagt Zübeýda
göwrämdedi. Kada-kanundan çekindimi ýa hakykatdan-da aklyna
aýlandymy, şondan soň ol az-kem köşeşdi. Wagtynda geldi, wagtynda
gitdi. Çagasy bolansoň-a hasam öýdeçil boldy. Gep-gürrüň galyşdy.
Şeýdip üç ýyla golaý asuda ýaşadyk. Şol aralykda Jeren janam dünýä
indi. Öýüň keşigi, hojalyk aladalary, iş-güýç bilen öňki näsazlyklar
unudylyberdem. Bar zat ugruna gidip barýan ýalam boldy, şol gidişine
gidiberen bolsa ugruna bolardam, ýöne, ýaňky diýşim ýaly, bolmajak
bolsa bolmaz ekeni, birdenkä adamymyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp
başlady. Kem-kemdenem egbarlady. Düşege ýykyldy. Başyny ýassyga
goýdy. Üsgürdi. Ilki-ilkiler men oňa adaty dümewdir ýa öýken
sowuklamasydyr, öýtdüm, emm ol wagty bilen aýňalmady. Üsgülewügi
bolsa gitdigiçe güýjerledi. «Koň-koň» edip sarsgyny has aňyrlardan
gelip ugrady. Şol bolşy bilenem gijeden-gije işine gitjek bolýar. Asyl,
ara-çola gidýärem. Sebäbi, gazançsyz ýatyşyna namys edýär. Ýöne,
soňabaka halys tapdan düşdi. Hiç zada ýaramady. Öňki bile işlän
sazanda, aýdymçy ýa-da çüýşedeş ýoldaşlary ilki-ilkiler gelip halyndan
habar tutanam bolsalar soňabaka gelmelerini goýdular. Ol diňe şondan
soň öz öýünden başga berk galanyň, öz aýalyndan, çagalaryndan başga
hossarynyň ýokdugyna düşündi. Gije-gündiz gözüni petige dikip, içini
hümledip ýatyşyna pikir etdi. Ölçerdi, dökdi. Oýlandy. Bir günem meni
gapdalynda oturtdy-da: «Sen meni bagyşla, Jemal, men seni köp
ynjytdym, göwnüňe degdim, emma meniň hakyky hossarym sen
ekeniň...» diýdi. Ertir aýak üstüne galdygy birigün ýene-de öňki baran
gapylaryna tarap ylgajakdygyna, «Düýn Ýurik öýlendi, öňňin Şurik
doglan gününi belledi» diýen ýaly bahanalar bilen ýene-de hepdeläp
aýlap öýüne köwlenmejekdigine,gazananja pulunyň barysyny
çagalarynyň, halalynyň agzyndan kesip, gör kimlere harç etjekdigine
gözüm ýetip duranam bolsa: «Bolýa, men senden gaty göremok, kine-de
saklamok, esasy zat seniň basymrak aýak üstüne galyp gitmegiň»,
diýdim. Etmişini ýüzüne basmadym. Öý bejergileri netije bermänden
soň mahal-mahal keselhana ýerleşdirip başladym. Soňabaka ony hasaba
aldylar we hassahana girmeli wagty özleri çakylyk etdiler. Ýöne,
daşyndan satyn almaly dermanlaram az däldi. Özem iňňäm gymmatdy.
Bu meni aljyradýardy, dogan-garyndaşlar diýlenini bolsa özüňiz
bilýäňiz, hemişe hersiniň öz aladasy özüne ýetik.
164
Ine, hut şol döwürlerem meniň durmuşymda Erkin peýda boldy.
Ýaş tapawudymyzyň uludygyna garamazdan, meniň ony turuwbaşdan
sulhum aldy. Men onda, mähir gördüm. Ömürboýy gözläp ýören
adamyma duşan ýaly boldum. Ol her bir sözüne agram salyp, oýlanyp
gepleýärdi. Käbir ýeňles adamlaryňky ýaly kelç-külçi ýokdy. Aýtjak
sözüniň saňa etjek täsirini öňünden kesgitlemekçi bolýan ýaly
sözleşmezden öň esli wagtlap ýüzüme seredip oturýardy. Köp-köp
sözleriniň manysyny men oýlanyp, pikirlenip bilmeli bolýardym. Syrly
jümleleri kän aýdýardy. Aýlawly sözleriniň manysyna düşünibilmän
kösenýän, ahyram alaç tapman özünden soraýan gezeklerimem az
bolmaýardy.
Ol maňa kyn günlerimde ruhy goldaw berdi. Ýagdaýynyň ýetdigine
görä maddy kömeginem gaýgyrmady. Ýöne, şol döwür onuň öz
ömrüniňem iň bir kyn pursatlaryna gabat geldi. Ol köplenç işsiz
galýardy, pulsuz bolýardy, üstesine syrkawçylygam tapyndy-da, käte
derman üçin pul tapman kösenýän wagtlaram bolýardy. Şonuň üçin
menem onuň eline garap duramokdym. Ýöne, ruhy goldawyň adama
maddy kömekdenem has zerurdygyna men şonda göz ýetirdim.
Adamym hassahana düşen gezeklerem ol şol ýere ir diýmän, giç diýman
meniň bilen deňine gatnady. Özem şol zatlary göwnüne garalyk
getirmän, hiç zat hantama bolman, ak ýürekden etdi. Özüniň Güljemal
atly bir ýagşy gyzy gidirendigini, oňa-da özüniň günäkärdigini öwranöwran aýtdy. «Sen şonuň bilen edil bir almany iki bölen ýaly» diýdi.
Gatnaşygymyz şeýle çynyrgar, söýgä öwrüler diýip, welin ýadymaoýuma-da düşenokdy. Egerde adamym sag-aman aýak üstüne galyp
giden bolsady, onda bar zadyň öňki-öňküligine galjakdygyna,
gatnaşygymyzyň adamkärçilik duýgularynyň çäginden aňryk
geçmejekdigine şek-şübhe ýokdy. Ýöne habaryňyz bardyr, ärim
ýogalandan bir ýyl geçensoň ikimizem biri-birimize bolan
gatnaşygymyza başgaça garap başladyk. Özem bu edil, bişen çybanyň
ýarylyşy ýaly birden boldy. Şondan soň biz öz meýillerimizi biribirimizden gizlejegem bolmadyk. Çünki, başy boş aýal bilen erkegiň
arasyndaky yssy gatnaşyklar wagtyň geçmegi bilen barybir yssy-yssy
ysnyşyklara öwrülýän ekeni.
Şeýdibem biz duşuşyp başladyk. Ol barada men ejeme-de aýtym.
Bu meniň öýümi bejerdip ýören döwürlerimdi. Ejem şonda öňi bilen:
«Näçe ýaşynda», diýip sorady. Aýtdym. «Wah, kakaňdanam-a bir ýaş
165
uly ekeni», diýip, aglady. Atamdan ulam bolsa bolýa şol maňa, diýdim.
«Ýeri bolýa-da, öz göwnüňe jaý bolsa bolýa», iýdi. Soň ol ikisini
tanyşdyrdym. Şol wagt ýaz aýlarydy. Tomus düşdem welin elbetde eline
bir ýerden bäş manat düşendir-dä, Erkin ejem ikimizi gyzlarym bilen
bilelikde Pöwrize jülgesindäki sanatoriýalaryň birine üç-dört günlik
dynç almaga alyp gitdi.
Başda ýaş tapawudymyzyň uludygyny ýokuş görenem bolsa, ejem
Erkini halady. «Agras, gowy adam ekeni» diýdi. Ol ikisi gözlüje ýaşyt
bolup çykdylar. «Öň iki itdik, indi üç it bolduk» diýşip, bir gün üýşüp
çaý otyrkak gülüşdik. Muňa meniň gyzjagazlarymam gülüşdiler.
Erkin ikimizem maşgala gurmak, nikalaşmak barada dil
ýarmaýardyk, biri-birimiziň öňümizde hiç-hili borç goýmaýardyk.
Çünki, ikimizem maşgala durmuşyndan ýadapdyk. Şol ýadawlykdan soň
maňa-ha ärli bolmak, oňa-da aýally bolmak juda ýokuş degýärdi. Biz
biri-birimiziden nika ýa möhürli kagyz däl-de, yssy mähir isleýärdik,
ömrümiziň söýgüsiz geçen çaglaryny, kalbymyzyň haňlap ýatan boş
bölegini süýji muhabbetler bilen doldurasymyz gelýärdi. Başda hut şeýle
hem boldy. Ikimizem şol arzuwlarymyza ýetendiris öýtdük.
Hakykatdan-da söýgüniň lezzetini duýduk. Nirelerdedir bir ýerde onuň
ezýetem ýatandyr öýtmedik. O zatlaram elbetde siz Erkinden
eşidensiňiz, ýöne, biz o wagtlar o zatlaryň diňe bir tarapyny görýän
ekenik. Erkiniň gabanjaňlyk keseline uçramagy bilen biz onuň has
howply, gorkunç taraplarynyňam bardygyna göz ýetirdik. Ana, şondan
soň bar zat çepbesine çöwrüldi. Lezzetli sagatlar ezýete, söýgi bolsa
jebre, jepa öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna bolsa men özüm günäkär.
2.
-...Barysam şol deňizli wakadan soň başlandy. – Jemal uludan dem
aldy. Şonda onuň gaba göwüsleri öňe tarap owsun atdy, göwresi suwa
goýberilen gaýyk ýaly çalaja çaýkanjyrady. – Şol gezek gaty bir syr
bildirmedigem bolsam, Erkiniň meni iki gyzym bilen deňze ýeke
goýberenini ýokuş gördüm. Dogry, bir ýyl öň ol bizi özi alyp gitdi.
Hossarly bolsaň bar zat başgaça bolýar. Ýatara ýerimizem,
üpjünçiligimizem gowy boldy. Esasy zadam gapdalyň söýerli. Goragly.
Soňky gezek welin... Baranymyzdan soňam tüp yssyda, ýaş çagalarym
bilen ýeke özüm, günuzyn diýen ýaly gözleý-gözleý ahyram haýsydyr
166
bir edara degişli dynç alyş öýüniň bir bolgusyzja jaýjagazynda ýerleşdik.
Jaýlaryň süňňi tutuşlygyna tagtadan bolup, äkleriniň yşyndan barmak
sokaýmaly. Gözüňi şoňa direseň daşaram görnüp dur. Ýaman ýeri
diwardaş otagdaky goňşularyňam her bir hereketlerini synlap oturmaly.
Olaram şeýdibilýäler. Üstesine pyşyrdylaryna çenli eşidilip dur. Ýöne,
bir gowy zady deňze golaý. Edil, ýakasy diýen ýaly. Çykanja ýeriň
ýalpajyk, çägesow kenar. Tolkunlaryň gaýtgyny penjirämiziň düýbüne
ýetäýjek-ýetäýjek bolýar. Deňziň «şaggyldysy» bolsa gije-gündiz
«huwwalap» dur.
Zatlarymyzy goýup, aýak üstünden deňze aýlanyp geldigem welin,
goňşy otagdan «güpür-tapyr», «tark-turk», erkek adamlaryň «wagyrwugury» eşidilip başlady. Yşdan seretsem onuň içinde üç sany degenek
jahyl iki ýana hars urýar. Biri krowadyny penjirä golaý süýşürip ýör,
başga biri ýorgan-düşekleriniň daşyna könelişen çit çymylganlary
geýdirip ýör, üçünji biri bolsa garader bolup, burçdaky stoluň üstünde
iýer-içer taýýarlap dur. Olar öňdenem içgili bor-a çemeli, aralarynda
biri: «Daşarda, kölegede oturalyňmy ýa şu ýerde» – diýip, telim gezek
gaýtalady welin üns bereni bolmady. Meniň çak edişime görä olar o
jaýda ozaldanam ýaşap ýören, biz gelen wagtymyz bolsa, giden bolmaly.
Bu ýagdaý meniň barja mazamam aldy. Olaryň gohgalmagallaryndan ýaňa gije-gündiz ýatuw bolmajagyna gözüm ýetdi.
Dynç alyp bolaýdyň gerek diýip, birki ýola maňlaýyma ýumrukladym.
Gowy yrym edendirin öýdendirler-de, meni görüp gyzjagazlarymam
şeýtdiler. Hernäçe kyn ýagdaýda oturanam bolsam, meniň muňa gülkim
tutdy. Birdenem ýekeligim ýadyma düşdi-de, agladym. Içimden Erkine
ýene bir gezek gahar etdim. Bir görsem gyzjagazlarymam aglaşyp
otyrlar. Men özümi ele almalydygyma, ýogsam çagalarymyň
gorkaýmaklarynyň ahmaldygyna düşündim.
Oýun edip aýdýalarmy ýa garaçynlarymy, eşidilýän seslere görä,
olaryň ikisi üçünjilerine «başlyk» diýip ýüzlenýärdiler. Ana, şol başlyk
kişem turuwbaşdan maňa göz gyzdyryp başlady. Ilk-ä daş işige
çykanymda gabat geldi-de, şelaýyn salamlaşdy. Ýanyma geldi. Tanyşlyk
berdi. Çaýa çagyrdy. «Ýagynyň daşyndan içi aman» diýlişi ýaly, maňa
onuň çakylygyny kabul edäýmekden başga alaç galmady. Iň bolmanda
şu adamlar meni saýry-saýak gözlerden, dillerden-ä gorarlar, şularyň
ýanynda görseler hiç kim maňa batyrynyp bilmez, diýen netijä geldim.
Çaýdan soň öz otagyma bardymam welin, «başlyk» gujagyny dolduryp
167
iýer-içer ýaly zat getirdi. Men gerek däl, beýtmeli däl ekeniňiz, siz meni
oňaýsyz ýagdaýa salýaňyz, diýsemem: «Men muny siziň üçin
getiremok, çagalaryňyz üçin getirdim» diýdi-de, elime-aýagyma bakman
getiren zatlaryny stoluň üstüne döküp gitdi. Ýörite meniň üçinmi ýa
ozaldanam meýillerinde barmy, agşamlyk jaýymyzyň öňündäki agaç
sekiniň üstünde oturşyk gurnady. Biz hemmämiz üýşdik.
Krasnowodskiniň uçurgähinden deňze çenli men Walýa atly orta
ýaşlaryndaky ors zenany bilen bir takside gelipdim. O-da biziň bilen bir
howluda, gabat garşymyzdaky jaýda ýerleşipdi. Şowhunymyza
ýyljyraklap o-da geldi. Onam oturtdylar. «Başlyk» bize-de arak guýdy.
Walýa içdi. Men içmedim. Bagyşlaň men arak içemok, diýdim. Belki,
Erkin size aýdandyr, men hakykatdan-da hiç zat içemok, içeýin
diýsemem içip bilemok. Bir owurtjyk çakyr içäýdigimem dünýe
daşymdan ters aýlanýar. Şeýle-de bolsa bilgeşleýin «başlygy»
gižželemek üçin: spirtsiz daşary ýurt çakyrlaryny içýän diýdim. Şeý
dierime
mähetdel,
«başlyk»
sekiden
böküp
düşdi-de,
aýakýalaňaçlygyna, deňzi ýakalap oturan dükanjyklaryň sarymtyl,
öçügsi çyrajyklaryna bakan okduryldy. Derrewem gözden ýitdi. Hä
diýmänem eli bir çüýşe «Izabellaly» dolanyp geldi. Sekä münmezden öň
ony düňküldedip orta goýdy. Soň özem mündi. Oturdy. Çüýşäni açdy.
Bulgura guýdy. Eline alyp maňa uzatdy: «Al, iç!» Onuň eýýämden
beýdip hökümsüräberişine gaharym geldi. Diýmek, bu-da bir puluň
bolsa hemme zat edip bolýandyr öýdüp ýören pulmesileriň biri bolmaly,
diýen netijä geldim. Şeýle-de bolsa syr bildirmedim. Ýöne, barybir
kejirligim öňüme düşdi. Şonuň hökmi bilen men ony öňküdenem beter
gižželemek üçin: Men bular ýaly arzan çakyr içemok diýdim.
Eýýämhaçan meý-mest bolan başlyk: «Şeýlemi? Ine onda...» diýdi-de,
çakyrly çüýşäniň bokurdagyndan tutup, jaýyň garaňky burçuna tarap
zyňyp goýberdi. Nirä düşenini, näme degenini bilemok, ýöne, «taňktuňkundan» çen tutup, çüýşäniň döwülmändigini aňdym. Ýagdaýyň
çylşyrymlaşyp ugranyny duýubam ýerimden turdum. Sekiden düşdüm.
Çagalarymam düşürdim. Walýa-da: Sen gaýrat et-de, şular ýatýança
meň ýanymda ýat, diýdim. Görsem, o-da gepe-söze düşünerden
geçipdir. Gaýtam: «Näme näzirgän bolýaň, çagalaryň ýatansoň goýber
ýanyňa, paren s dengami...» diýip, ýok gürrüňleri tapdy. Şol gije maňa
ýatuw bolmady. Walýa-ha çaky bir çene baransoň çaýkanjyrap güw
gitdi. «Başlygam» kä işikden gelip gapymy kakdy kä daşardan gelip
168
penjirämi «tyrkyldatdy» käte-de yşlaryň ulurak ýerine ýa gapynyň açar
sokulýanyna agyzyny goýup: «Goýbersene, goýberäýsene...» diýip,
«zowzullady» ýördi. Ýat adamlara ýüz berip ýalňyşandygyma men diňe
şondan soň düşündim. Puşmanam etdim. Ýöne, eýýäm giçdi. «Başlyk»
edil, höwre gyzan at ýaly, tä daň atýança jaýyň daşyndan aýlandy ýördi.
Onuň bolup ýörşünden gorkup çagalarymam çirim etmän çykdylar. Men
sag-aman ertire çykdygym o ýerden baş alyp, allaowarralara gitmekligi,
has gowusy yzyma, Aşgabada gaýtmaklygy, barybam Erkiniň başyndan
lagnat daşlaryny ýagdyrmaklygy ýüregime düwdüm. Şol wagtam onuň:
«Ýylgyryp gürleşdigi erkek adam aýal maşgalany özüne göwünli hasap
edýändir» diýen sözi ýadyma düşdi-de, bar zat üçin ýene-de özümi
günäkärledim. Iki gyzymy gujaklap, öýüň ortarasynda düwdek bolup
oturşyma: «Sen näme üçin meni ýeke goýberdiň, Erkin» diýip, agladym.
«Alla-Alla» bilen zordan ertire çykdym.
Halys ýadadymy ýa il-günüň gözünden çekindimi. Günüň dogup,
jahanyň ýagtylmagy bilen «başlygyňam» sesi ýatdy. Şondan soň tä,
öýläne çenli sarsman ýatypdyryn. Oýananymdan soňam özümi
alybilmän kän ýatdym. O ýerden gitmäge ýerimi täzelemäge dagy güýçkuwwat ýok. Çagalarym-a men turanymdan soňam oýanmadylar.
Ýatyrlar myrlaşypjyk. Gorkan bolaýmasynlar, diýip, garajanym
galmady. Ertir göçerin-dä bolmasa, diýen karara geldim-de ýerimden
turdum, çaý içdim az-kem garbandym. Bir iş bilen daş çykdymam welin,
sekiniň üstünde «başlygyň» ýeke özi çiňarkan düşüp, bir aýagyny
beýleki aýagynyň üstüne atyp ýatan ekeni. Ýüzi argyn. Salam berende
sesi içinden zordan çykdy. Zordanam ýerinden galdy. Ötünç sorady.
«Aý, bizem bir eşek-dä, satyn alyp öldüräýmeli adamlar-da... Saňa
kömek edenden geçen gaýtam...» diýip, öz-özüni kötekledi. Garaz,
düýnki «başlyk» diýseň, ynanar ýaly däl. Ol hatda şol gün ýoldaşlary
bilen deňze-de gidibilmändir. Nädeýin, ýeri, bolýa-da, «bir ýazykdan är
ölmez» diýipdirler, gaýdyp gaýtalamasaňyz bolýa diýdim. Şondan soň
birhili dünýäm giňelen ýaly boldy. Göçmek, yzyma gitmek meselesi
aradan aýryldy. Oňa çenli gözlerini açalak-ýumalak edişip çagalarymam
turdular. Men olary naharladym. Şondan soň ekiz owlakly geçi ýaly
çagalarymy yzyma tirkäp deňze suwa düşmäge gitdim. Şol ýerde bize
«başlygyň» dostlary duşdy. Olar meniň bilen gadyrly salamlaşdylar. Öz
ýanlarynda goş ýazdyrmagymy haýyş etdiler. Men olary birhili özüme
hossar saýdym-da, çagalarym bilen olaryň ýanynda düşledim. Çünki,
169
gözlerini çakgyň çüýi ýaly edişip ýekedigiňi bildikleri diduwanlaryna
mündürjek bolşup duran kişiler daş-töwerekde az däldi.
Şeýdip, howsalaly geçen gijäniň soňy gowulyga ýazdy. Ýöne, şol
günüň ertesi aragyň düýnki awusyndan açylan «başlygyň» täzeden guran
şagal mesligi meni ýene-de tas bir uly melamatyň üstünden eltipdi. Ol
melamatdan baş alyp çykmak bolsa maňa öňküdenem beter agyr düşdi.
Gepiň gysgasy, şol gije «başlyk» düýnki günäsini ýuwmak üçin ertir
Walýa ikimizi çagalarym bilen şähere äkitjekdigini, ol ýerde balykdan
çişlik iýdirjekdigini, aýlajakdygyny, bazary, dükanlary görkezjekdigini
aýtdy. Razylyk bererimize-de garaşman: «Pasportlaryňyzam ýanyňyza
alaweriň» diýdi. Men ikirjiňlenjek bolum welin, Walýa eýýämhaçan
terje balykdan bişirilen çişlik öňüne gelen ýaly üç-dört ýola işdämenlik
bilen ýuwdundy-da: «Gidäýeli-le gyz, hem-ä şäher göreris, hemem
balykdan çişlik iýeris, meňň-ä iýip gören zadymam däl şol. A sen iýip
gördüňmi» – diýdi.
Dogrusy, balyk çişligini menem iýip görmändim. Şonuň üçin onuň
ady agzalandan meniňem agzym suwardy-da, utanmakdan ýaňa çymgyzyl bolup: «Iýib-ä göremok welin... Ýöne balyk iýmek üçin pasport
nämä gerekkä», diýdim. «Dogrudanam pasport nämä gerekkä – diýip,
Walýa biraz böwrüni diňläp oturdy-da: – Dogrudanam pasport nämä
gerek?» – diýip, başlyga ýüzlendi. O-da: «Aý ätiýaçdan alaýsaňyzlaň,
bizem alýas. Ýat, ýer... özem port şäher... gelýän kän, gidýän kän,
zyýany degmez... – diýip, howlukmaç gepledi. Şularyň päli düzüw däl
bolaýmasyn ýene diýip, Walýanyň ýüzüne ynjyly seretdim. Ol «pertpert» gepledi: «Aý gündüziň güni näme ederler öýtýäň-ä. Çişlikden bir
doýaly, soňunam görübiris».
Gitdik. Biz-ä dört, olaram iki. Dosty rolda, başlygam onuň
gapdalynda otyr. Näme üçindir üçünjileri ýok. Olar muny bir maşyna
sygyşmajakdygymyz bilen düşündirdiler.
Bir ýerde kafe girip balyk çişligini iýdik. Dogrudanam gowy.
Tagamly. Agzyň içinde eräp gidip barýar. Men asylam çişligi gowy
görýän, onda-da täzeje etden bişirilen çişligi. Ol ýumşak ter bolýar.
Ýöne ine, deňiz balygynyň akja etinden gyzardylypjyk bişirilen çişlik
welin, hiç zadyň çeni däl ekeni. Şäheriň seýil baglaryna, dükanlaryna,
uly bazaryna, köne ýadygärliklerine aýlanyp ajyganymyzdan soň, ýene
bir kafe baryp gowrulan balyk iýdik. «Başlyk» gözümizi çarhlan
zatlarymyzdan bize başga-da kän zat alyp iýdirdi. Özem şol zatlary
170
gysganman etdi. Herimize bir sowgatjagazam alyp berdi. Maňa
ýaranmak üçin gyzjagazlarymyň daşynda jowlan urdy. Puly
azalyberdigem el telefony bilen şol ýeriň gümrükhanasynda işleýän
ogluna jaň edýä. O-da derrew ýetip gelýä, kakasyna pul berýä, bize tarap
gyýa-gyýa garap durşuma ýüzüni-gözüni çytyp bir zatlar diýýä.
Kakasam jibrine-jibrine oňa gep düşündirip ugraýa welin, elini salgaýarda, ýalpyldap duran gara «toýotasyna» münüp gürüm-jürüm bolaýýar.
«Başlyk» onuň yzyndan başyny ýaýkap galýar, «hah-hah-ha..» edip
ýalandan gülýär we bize görkezmekçi bolýan ýaly, oglunyň beren bir
petde puluny aýalaryna gysyp bize tarap gaýdýar, münüp gelen
maşynymyzyň gapysyny açybam, puluny şonuň «bardoçogyna» oklap
goýberýär.
Hä diýmänem agşam düşdi. Biz indi gaýtmalydyk Ýöne näme
üçindir «Başlyk» howluganok. Her gezek garbanan ýerimizde bir
çüýşäni boşadyp gelişlerine dostam, özem «lüt» boldy. Sürüjiniň serhoş
bolanyny görüp biz howatyrlanyp başladyk. Ruluň başyna geçýä-de,
«hikirdäp» oturşyna «wazyrdadyp» bir gaza basýa welin,
çagajyklarymyň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýa.
Näme üçindir ýolpolisleriniňem olar bilen işleri ýok. Saklasalaram
ýüzlerine seredýäler-de, çest berýäler ötägidýäler. Başga maşyn tutup
yzymyza gaýdybereli diýsemem Walýa göwnänok. Puluny gysganýa.
Ýeke özüm töläre bolsa mende-de ýagdaý ýok. Şolar bilen şähere
gaýdanyma şol wagt şeýle bir ökünýän welin, hiç, aýdyp-diýer ýaly däl.
Özümem gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan.
Soňabaka olaryň gepleri, sözlerem üýtgäp başlady. Gaýdyp
baranymyzdan soň öňki agşamky wakanyň gaýtalanaýmagyndan gorkup
gaçara ýer, gutulara bahana gözläp ugradym. Ýöne, belanyň beteri bize
şäheriň içinde garaşýan ekeni. Meniň soňsuz iňirdilerime garamazdan,
«başlyk» eýtdi, beýtdi, şol ýerde güni batyrdy. Iňrik garalyberendenem
maşynyny «Hazar» myhmanhanasynyň gapysynda keserdip goýdy.
Hemle gatyşykly haýyş bilen: «Düşüň» diýdi. Men düşmejekdigimi,
egerde äkitmejek bolsa, başga maşyn tutup özbaşdak gitjekdigimi
aýtdym. «Onda pasportlaryňyzy beriň» – diýdi. «Näme üçin» – diýip,
soradym. «Nomer almak üçin». «O nähili nomer?» «Ýatar ýaly nomer».
«Kim ýatar ýaly?» «Biz ýatar ýaly». «Siz ýatar ýaly bolsa biziň
pasportymyz näme gerek?» «Biz diýýänim hemmämiz. Siz bilen bile».
«Biz bilen bolup näme, siz bizi iki sim çişlik üçin tenini satyp ýören
171
jelepdir öýdýäňizmi?» – diýdim-de, men Walýanyň ýüzüne gaharly
seretdim. – Ýa uhožu. A ty kak hoçeş...» Şondan soň maşyndan düşdüm.
Gyzjagazlarymam düşürdim. Walýa-da düşdi. Ugraberjek boldugam
welin, «Başlyk» öňümizi kesdi, «Hany, dursaňyzlaň, beýtmeseňizläň,
myhmanhana girmeseňiz girmäň welin, maşyna bir münüň, häziriň
özünde yzymyza gaýdýas...»
Mündik. Gaýtdyk. Ýolboýy hiç birimizdenem ses çykmady. Pikir
edip otursam, olar biziň öňümizdäki günälerini ýuwmak üçin däl-de,
niýetlerini ýamana dikip gaýdan ekenler. «Başlyg-a» öňküsi ýaly
menden, ýanyndakam Walýadan tamakin bolan bolmaly. Çagalarymy
kime goýjaklar, nirede saklajaklar, ony men bilemok. Olar üçinem
aýratyn bir otag almakçy bolan bolmaklaram mümkin.
Kenara gelenimizden soň men maşyndan tasanjyrap düşdüm-de,
çagalarymyň elinden tutup, bolýan jaýymyza girdim. Gapynam içinden
gulpladym. «Başlyk» ýene-de öňki hereketlerini gaýtalap başlady. Ýöne,
bu gezek men berk durdum äpişgäni serpip açaga-da, ulyilim bilen
gygyryp, erbet – erbet sögündim. Soňundanam: «Häziriň özünde
Aşgabada jaň ederinn-de adamymy çagyraryn, ol sendenem ýokarrak
ýerde işleýär, geldigi özüň-ä bir işiňden pyzdyrar, ogluňam
gümrükhanadan çykardar» diýdim. Gorkan bolsa gerek, gitdi, gaýdybam
köwlenmedi. Tapyr-tupur ýatan bolsalar gerek, asla şondan soň şol
jaýdan ses-üýn eidilmedi.
Ertesi «Başlygyň» ol ýerde bolmaly möhleti tamam bolýardy.
Uçmalydy. Şonuň üçinem, ýoldaşlary ony günortanaralar ugradyp
geldiler. Ol gitjek wagty gapyma gelip meniň bilenem hoşlaşdy. «Bolýa,
Jemal, hoş gal özüňem gaty görme. Men entek seniň yzyňdan Aşgabadada bararyn, adamym, pylanym, diýeniňe bolsa ynanamok, är bolan är
aýalyny beýdip, iki çagasy bilen deňze ýeke goýbermez» – diýdi. Onuň
ol sözi meniň çetime degdi. Ýene bir gezek içimden Erkine
gaharlandym. Dogrudanam gowy görýän bolsa är ornunda durjak bolsa
ol meni bu ýere ýeke goýberermidi...» diýip, oýlandym. «Başlygyň»
dostlary ýene iki gün bolmaly ekeni. Öýlän kölegesi düşendenem olar
agaç sekiniň üstüne çykdylar-da, öňküleri ýaly içmäge başladylar. Kirsuw, biş-düş aladasy bilen ýa duşa gidip gelmek üçin eýläk-beýläk
geçenimde menem ýanlaryna çagyrýalar. «Gorkma gelneje, indi
«başlyk» ýok, ol gitdi, arkaýyn oturyber biziň ýanymyzda» diýýäler, hiç
zat ýok ýerden «hikirdeşýäler» «Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer»,
172
diýlişi ýaly, üçünji gezek tora düşmezlik üçin ýanlaryna baramok. Asla
ýüz beremok. Gepleşemogam. Gyzlaryma bir zat berjek bolsalaram
aldyramok. Halys ýürege düşüberselerem Walýanyň ýanyna baraýýan.
Ýa-da özüni çagyrýan. Bolmasa-da üýşüp kenara gidýäs. Azajyk suwa
düşýäs, soň gyzgyn çägäniň üstünde meýmiräp ýatýas. Aýlanyp
gelýäsem welin, olaryň henizem şol içip oturyşlary. Walýa durubilmän
olardan: «Ýigitler, siz nireden geldiňiz» – diýip, sorady. Aýtdylar.
«Näme siziň bolýan ýeriňizde arak, ýokmy?» «Bar» diýenlerinden
soňam hezil edip güldi-de: «Onda şol ýerdejik, iýip-içibermeli ekeniňizdä, nätjekdiňiz beýdip, munça ýol aşyp, artykmaç çykdajy edip» – diýdi.
«Onyň-a dogry» – diýşip, olar öňküdenem beter gülüşdiler. Edil şol
wagtam howlynyň, gapysyna bir maşyn gelip durdy-da, içinden her eli
içi zatdan doly bir paketli «Başlyk» çykdy. Gelşi ýalam elindäki
zatlaryny sekiniň üstünde goýdy-da, eýýämhaçan söm-saýak bolşup
duran ýigitlere: «Çykaryşdyryberiň» – diýdi.
Men şol wagt ýaňy bir Walýany ugradyp, gapynyň agzyndaky
ýoňsuzja kölegede köneje oturgyjyň üstünde otyrdym. «Başlyk» maňa
tarap ýönelip ugrandan men ýerimden turdum. Jaýa girmäge
hyýallandym. Oňa çenlem başlyk öňümde häzir boldy. «Ýör. Oturaly,
men ýörite seň üçin dolanyp geldim». «O nähili meň üçin – diýip, men
gabaklarymy ýerden götermän durşuma soradym. – Men näme, saňa gel
diýipdirinmi? Ýa söz beripdirinmi?» «Başlyk» golumdan tutup,
süýrekläp äkitjek boldy. Men uly ilim bilen jynssyz gygyrdym: «Çekil!
Ýok, bol! Gitmeseň häziriň özünde polisiýany çagyraryn!..» Beýle
garşylyga garaşmadyk «Başlyk» ýüzüni aktam edip gaýra çekildi.
Boýnuny burdy: «Baraýsana... Ýöräýsene... Ýarym sagatjyk
oturaýsana... Oturaýaly-la...» Men sesimi çykarman jaýa girdim. Gapyny
gulpladym. Ýene-de bar güýjüm iki didäme ýetdi. Çagalarymy gujaklap
krowadymyň üstüne süýndim.
Aýal üçin ýola eýesiz çykmagyň, ýat adama ýüz bermekligiň
nämedigine men diňe şondan düşündim.
Erkek adamynyň hiç haçan aýal maşgala ýöne ýere çykdajy
etmejekdigine-de, hökman muzduny talap etjekdigine-de hut şol gezek
düşündim.
Erkek adamdan nämedir bir zady sowgat almaklygyň özi eýýäm
aýal üçin howply zat ekeni. Şeýtmek bilen ol onuň erk-islegine umyt
döredýär. Häzir puluny sowduraýyn, haýryny göreýin, soň heran173
haçanam «bar sür» diýibilerin, diýen pikire uýmak ýalňyş ekeni. Men
ine, şuňa-da şonda göz ýetirdim. Elbetde, ýazylmadyk kanuna görä,
«Başlyk» menden öz hakyny talap edýärdi. Zadymy iýdiňmi, pulumy
sowdurdyňmy, hasaplaş, diýýärdi.
Şonuň üçinem, şol ýerde bolup geçen zatlaryň barysy üçin men –
özümi günäkär hasapladym.
Bu wakany men Aşgabada gelenimden soň Erkine aýtmanam
bilerdim. Ýöne dilime buýrup bilmedim. Aýtdym. Özünem birneme
ýoýubrak, misli «başlyk» maňa hossarlyk eden şekilde aýtdym. Şeýtsem
gowy bolar öýtdüm. Şeýdibem ýalňyşdym. Bulaşdyrdym. Belki, öz
ýanymdan syrdaşyndan syr gizlemeýän, hakykatçyl, wepadar maşgala
hökmüne görünmek isleýändirin? Belki-de, naçar halyma şolar ýaly
çylşyrymly ýagdaýdanam abraý bilen baş alyp çykyp bilýändigim bilen
Erkini begendirmek isländirin? Mümkin! Ýöne şo zatlaryň aňyrsynda
deňze bile gitmändigi, ýanar oduň içinde iki çagam bilen alys ýola ýeke
goýberendigi üçin Erkiniň çalarak çetine degmek, dagy-duwwara meni
hojagaz ýere-de ýeke goýbermezi ýaly kalbyna gabanç duýgularyny
guýmak, özi dek ýaşy durugşan adamlar-a beýle-de dursun, eýsem ýaňy
bir ýüňi ýeten goç ýigitleriňem ugrumda ölüp-öçüp barýandyklaryny
subut etmek ýaly şeýtany pikirleriň ýatan bolmagam ahmal. Şol zatlary
gürrüň bermek bilen men oňyn tarapa barýan söýgümiziň ykbalyny ters
ugra bakan ugrukdyryp goýberen ekenim. Tanşalymyz bäri dowam edip
gelýän süýji hem lezzetli günlerimiziň soňuna nokat goýan ekenim.
Tükezzybana tutjak gowgaly günlerimiziň başyny başlan ekenim.
Elbetde, men oňa hakykaty düşündirjek bolup jan etdim. Hatda
kasamam etdim. Çagalarymyň adyndan antam içdim. Allany orta
goýdum. Barybir ynanmady. «Çagalaryňam, Allanam öz gününe goý!
Ant-şert güýçli zatdyr. Ony içme-de, bu zatlaryň arasyna-da goşma!
Bardy-geldi çyn bolsa boş gitmez, günübirin gelip ýakaňdan tutar» –
diýdi. Şonda welin men hünübirýan aglap, onuň öňünde dyzyma
çökdüm: Goý, tutsun! Goý jezalandyrsyn! Eger-de men saňa ikilik eden
bolsam, Hudaýyň şeýle jezany başymdan indermegine men razy diýdim.
Ynandymy, ynanamadymy, ony biljek däl, ýöne şondan soň az-kem
köşeşdi.
Gümandan welin barybir aýňalyp bilmedi. Ol meni özüne
biwepalyk edendirin, namysa goýandyryn öýdýärdi. Meniň
ýeňilkelleligim üçin ejir çekýärdi. Erkin, şu zatlar biziň döwrümiz üçin
174
geň zat däl, biri bilen gatnaşýan diýip ähli erkeklerden ýüzüňi ýapyp
ýörmeli däl, adam şekilli gürleşdim, hetden aşyberdem welin
petigulysyny berdim, başga näme gerek, diýsem dagy gahardan ýaňa
titir-titir edip, ýarylaýjak bolýardy. «Aýal bilen erkegiň arasyndaky
böwet haýsy asyrda bolsa-da uzak saklanyp bilmez, günlerde bir gün
hökman böwsüler. Şol ýerde hiç zat bolman ekenliginde-de, şol
zatlardan soň, ol indi seni günüňe goýmaz, yzyňdan geler, senem ony
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 15
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.