Latin

Söýgüde serhet ýok - 01

Total number of words is 3670
Total number of unique words is 2231
32.8 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
JUMA HUDAÝGULY
SÖÝGIDE SERHET ÝOK
Roman
Birinji bölüm
ERKIN
Yşgyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrin kyn görseň barma başyndan,
Serişdäň az bolsa yşgyň işinden,
Bar, habar al, gören mübtelalardan.
Magtymguly
1.
Ol meniň çagalyk dostum. Daşkynrak garyndaşym. Biz bir obada
önüp-ösdük, bir mekdepde okadyk, bileje-de tamamladyk. Kowumdaşlar
hökmünde hatda biziň öýümizem bir syrgynyň ugrunda ýerleşýärdi.
Soň-soňlar, Aşgabada okuwa gidenimizde-de, okuwmyzy tamamlap şol
1
ýerde işe galanymyzda-da, tä, onuň ömrüniň ahyrlaryna çenli biribirimizden aýra bolmadyk.
Mahlasy, oňa menden belet adam ýok. Şonuň üçinem, bu täsin hem
kyn ykbally ajaýyp adam, görnükli türkmen şahyry, yşk mülküne giç
gelip, ir giden, onuň ejirini çeken Erkin Emin ogly barada ýatlama
ýazmaga meniň doly hakym bar.
Häsiýeti boýunça ol oglan döwürlerem ýygrady. Özüni hemişe
köpçülikden çete çeker ýörerdi. Dymmady. Menden başga adamyň
ýanynda içini dökmeýärdi, gyzlar bilen gürleşmäni bolsa düýbünden
başarmaýardy. Başymyza on dört ýaşyň heseri urup, herimiz bir gyza hat
ýazýan döwürlerimizem ol olaryň hiç birine söýgi bildirmeýärdi.
Gaýtam olardan gaça durýardy, görende howy basylýardy, sussy
peselýärdi. Bardy-geldi özleri lak ataýsalaram gyzaryp-bozaryp, iňňän
kyn ýagdaýa düşýärdi we derhal olardan arany açmak bilen bolýardy.
Okuwda hiç kimden saýlanmaýardam, yza-da galmaýardy, köpçülik
işlerine,
dabaralara
mekdebiň
umumy
ýygnaklaryna
işjeň
gatnaşmaýardy, käbirleri ýaly orunly wezipelere saýlanjak bolup gözebaşa düşmeýärdi. Saýlajak bolsalaram kes-kelläm boýun gaçyrýardy,
hatda ýygnakdan çykyp ümdüzine gidýän gezeklerem bolýardy.
Umuman, ähli babatlarda orta gürp bilen gitmäni gowy görýärdi. Bu oňa
kakasyndan, ýagny, Emin dädemden geçen häsiýet. Emin dädem
gabadyna gelen wagty maňa-da şol maslahaty berýärdi: «Öňe-de gitme,
yza-da galma, orta gürp bilenjik haýdaber.»
Erkiniň iň eý görýän zady pynhan ýerde oturyp, özbaşdak pikir
ýöretmekdi. Şolar ýalyda onuň ýanyna hatda menem baryp bilmeýärdim.
Ýüzüňi gatyryp baraýanyňda-da edip oturan içki oýlaryndan,
duýgularyndan gabanmakdan ýaňa, ýüz-gözüni üýtgedip, iki-baka
gorsanyp bir ugrar welin zöwwe turaga-da, ýumlugybereniňi özüňem
bilmän galarsyň. Sen şeýtmeseňem onuň özi şeýder.
Onuň çeper edebiýaty, kino, teatr sungatyny gowy görşüne dagy
bütin oba haýrandy. Mekdebimiziň okalgasyndaky kitaplaryň ählisini
okap bolup, oba kitaphanasyndakylaram saýpalladyberipdi. Aşgabadyň
ýa beýleki welaýatlaryň teatrlary etrabymyza gastrola geläýseler dagy,
haýsy oba barsalar gijeden-gijä yzlaryna düşüp, aýlanar ýörerdi. Elbetde,
aýaklarymyzy süýreşip bizem onuň yzyndan galmaýardyk.
Onuň öý kinoteatrjagazam bardy. Ol kinoteatr içine suratly
kinoplýonka salnyp, göze tutulyp görülýän diaproektordan we içi
2
diafilmlije gutujyklardan ybaratdy. Etrap merkezimizdäki «Kultmaga»
gelýän diafilmleriň ählisi bilen biz Erkiniň şol «kinoteatrjagazy» arkaly
tanşyp bilýärdik.
Şonuň üçinem, mekdebi tamamlanymyzdan soň ol hökman artistlige
ýa režissýorlyga gider, özem Moskwa, Leningrad ýaly merkezi
şäherlerde okar öýdýärdik, emma ol bütin obany haýran galdyryp,
dokumentlerini Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň türkmen dili we
edebiýaty fakultetine tabşyrdy.
Doktor bolasymyň gelýändigi üçin men hat-peteklerimi Medisina
institutyna tabşyrdym. Ikimizem girdik. Ýöne, biri-birimizden
daşlaşmazlyk üçin, kireýine jaý alyp bile ýaşadyk. Günüň-gününe,
gelejek, durmuş, edebiýat, taryh, medisina, şeýle hem söýgi barada
söhbetler etdik, pikir alyşdyk.
Ol öňküsi ýaly köp okaýardy, köp pikirlenýärdi, gün yrman diýen
ýaly drama teatrlaryna, kinoteatrlara, kitaphanalara gatnaýardy. Bir
üýtgän zat, ol indi goşgam ýazyp başlapdy. Kem-kemden orsça ökdeläp
başlamagy bilen, okaýan çeper eserleriniň örüsi hasam giňedi.
Rus edebiýatynyň üsti bilen dünýä edebiýatyna aralaşdy. Her kitaby
özüniň ýazylan dilinde okamaklygyň has ýerlikli boljakdygyna düşündi.
Ýetişik boýunça welin, ol bu ýerde-de Emin dädemiň salgy beren
ýörelgesinden çykyp bilmedi, ýoldaşlaryndan saýlanybermedi, zybrym
bäşlik okap, ýokarlandyrylan stependiýalara mynasyp bolup bilmedi.
Edil mekdepdäkisi ýaly, bu ýerde-de Uniwersitet boýunça geçirilýän
çärelere örän kynlyk bilen, mejbury halda gatnaşdy. Uzynly gijäni kitap
okap ýa goşgy ýazyp geçirýändigi üçin ertesi sapaklaryna ýa-ha gijä
galyp bardy, ýa-da bütinleý barmady. Şonuň üçinem onuň dekanat ýa
rektorat tarapyndan käýinç alýan ýa-da stipendiýasyndan kesilýän
wagtlaram az bolmaýardy.
Baýramçylyklara bagyşlanyp, uniwersitetiň özünde ýa umumy
ýaşaýyş jaýlarynda geçirilýän agşamlara-ha ol asla-da barmaýardy. Saýsebäp bilen baraýsa-da, alynmadyk myhman ýaly, bir çetde sortdurylyp
durýardy. Tans etmeýärdi. Birdenkä ýok diýýäýmesinler diýen gorkynyň
aşagynda ýegşerilýän bolsa gerek, gyzlary tansa çagyrmaýardy.
Hut şol gorky sebäplem ol rus dili we filologiýasy fakultetinde
okaýan kelte boýly, etli-ganly, giň maňlaýly, badam gabakly, çep gözi
süzügräk, türkmençe gürläninden rusça geplänini kem görmeýän,
Güljemal atly mähirlije gyza uniwersitete giren gününden başlap, tä ony
3
tamamlaýança söz aýdybilmän, gaýybana aşyk bolup gezdi. Şanyna ilki
öwrenjeräk, köneçilräk, soň poeziýanyň häzirkizaman ruhuna bap
gelýän kämil goşgular ýazdy. Şahyrçylygyň aşyklykdan kyn bolmasa
ýeňil bolmadyk hupbatly ýoluna-da hut şol gyz sebäpli düşdi. Ýöne,
ýanynda dil ýarybilmedi. Käte: «Şu gün-ä şoňa öz içki duýgymy aýan
etsem gerek» diýerdi-de, bile ýaşaýan otagymyzdan ümdüzine çykyp
giderdi, entegräkdenem ýüzüni duw-ak edip gelerdi-de: «Aýdyp
bilmedim. Zalyň o çetinden gelýänine gözüm düşenden aýaklarymyň
ysgyny gaçdy, gözlerimiň öňi ümezledi, agzymyň içi gurady, dilim
öwrülmedi, ýüregim bolsa agzymdan çykaýara geldi, deňimden geçip
gidýänçä diwardan ýapyşyp zordan saklandym, ine-de, süýegimi süýräp
gelşim...» diýerdi.
Şol bolşy bilenem ol Güljemaly gabanýardy. Kimdir biri: «Pylan
kursda okaýan pylankesem-ä şony gowy görýärmişin, basym sözem
aýtjakmyşyn...» diýäýse dagy öler ýaly gaty görerdi. Päk söýgüsiniň
basgylandygy, pynhan duýgularynyň äsgerilmezlik edildigi hasap
ederdi. Şol sözi aýdan adam bilen ýyllarboýy gepleşmän gezerdi.
Onuň bolup ýörşüne dözmän, käte meniň özüm Güljemalyň ýanyna
«gudaçylyga» giderdim. Erkiniň oňa hak aşykdygyny, bir gün görmese,
oňup bilmeýändigini aýdardym. Özüne bagyşlanyp ýazylan goşgulary
okap bererdim. Bu oňa ýarardy. Janyna hoş ýakardy. Şonuň üçinem çep
gözüni süzgekledip durşuna hezil edip gülerdi-de:
– Arzy-halyny magşugyna aşyk bolanyň özi aýtmaly dälmidir –
diýerdi.
Bu onuň özüniňem Erkinde göwnüniň bardygyny, ýöne, aýgytlaýjy
sözi öz agzyndan eşitmezden öň oňa belli bir jogap bermäge ejap
edýändigini aňladýardy.
Gaýdyp gelenimden soň men muny Erkiniň özüne-de aýdýardym.
Gaýrata galmaklygy, göwnüni bire baglap Güljemalyň ýanyna
barmaklygy, gürleşmekligi ýüzbe-ýüz durup söýgüsini aýan etmekligi
maslahat berýärdim. Ol üns bilen diňläp durýardy-da, özüni iň bir
ygtybarly gaçybatalgasy bolan ýaýjyklary ýalpyldawuk nikelli, ýumşak
pružinaly, «jygyldawuk» krowadynyň üstüne oklaýardy, aňyrsyna
öwrülip, ownujak ak gülli gök çitden tikilen, o ýerinden, bu ýerinden
perleriniň uçlary dürterişip duran dört burç ýassygynam bir ýan
dulugyna goýýardy-da, esli wagtlap dünýe-älemi unudyp ýatýardy.
Turandan soňam aramyzda hiç hili gürrüň bolmadyk ýaly asla men
4
gapdalynda ýok ýaly öz işi bilenjik boluberýärdi. Şol bir zady köp
gaýtalaberseň, ýanjaberseň, ezeläberseň bolsa halamaýardy. Gahary
gelýärdi. Şondan soň sen ondan telim güne çekjek öýkeleşige
garaşybermelisiň. Ýanyna bar-gaýt, lak at-atma, tä özi açylyşyp, özi dil
ýarýança göwni bir ýalydyr. Açylyşandan soň welin, telim günläp içinde
berç bolan gürrüňleriň barysyny birden daşyna çykarmakçy bolýan ýaly
dynman gürlär, şol gürrüňlerini pugta üns berip diňlemeseň ýa sowuksala diňleseň welin, ýene-de öýkelär we öňküsindenem has uzak wagtlap
gürleşmän gezer.
Şeýdip bäş ýyly arka atdyk. Okuwy tamamladyk.
Ara-çola metbugatda çykyş edip ýörendigi hem «gelejegine umyt
bagladýan ýaş şahyr» adyna eýe bolandygy üçin ony Aşgabatdaky edebi
gazetleriň birinde işe alyp galdylar. Güljemaly studentlik döwürlerem
okuwynyň gapdalyndan işleşip ýören ýerine, türkmen radiosynyň rusça
gepleşikler bölümine işe çagyrdylar. Men bolsam bäş ýyllap okadan we
gowy görşen mugallymlarymyň ak ýürekden eden aladalary bilen
Aşgabatdaky Newropotologiýa hassahanasyna ýerleşdim. Gapdalyndan
ylmy işem aldym. Aspirantura taýýarlanyp başladym.
Işe başlanyndan soň Erkiniň zehini hasam açylyşdy. Forma
taýdanam, many-mazmun taýdanam öňkülere görä has üýtgeşik goşgular
ýazyp başlady. Gündelik metbugatyň üsti bilen özüni ile tanatdy. Ýyl
ýaryma ýetip-ýetmän çaklaňrak goşgular ýygyndysyny çykartdy. Ýene
iki ýyldanam iki kitabyň awtory hökmünde SSSR ýazyjylar Soýuzynyň
agzalygyna kabul edildi. Çykardan kitaplarynda-da, täze ýazan
goşgularynda-da esasy orny söýgi temasy eýeleýärdi. Şol goşgularyň
ählisiniň aňyrsynda bolsa, gözlerini süzüp, ýylgyrypjyk duran, kelte
boýly gyzyň mähirli keşbi görünýärdi.
Hossarlarynyň edýän üznüksiz hüjümlerine garamazdan, Erkin
öýlenmekden ençeme wagtlap çürt-kesik boýun gaçyrdy ýördi. «Entek
jaý edineýin, işe ugrugaýyn» diýen ýaly bahanalar bilen birsyhly
öňlerinden sowuldy. Esasy sebäbi welin Güljemaldy. Ol entegem ondan
tamasyny üzenokdy. Özi üzse-de, ýüregi üzenokdy. Gaýtam gün-günden
söýgüsi güýçlenýärdi. Ýanyna barmaga, gürleşmäge bolsa henizem
gorkýardy. Şonuň üçinem oňa aýdasy gelip, emma aýdyp bilmeýän
zatlarynyň barysyny ýene-de goşgularyna siňdirýärdi. Şolaryň üsti bilen
beýan edýärdi.
5
Ony ýeke men däl, hemmelerem, hatda Güljemalyň özem aňýardy.
Ýöne ol-a: «Sen pylan goşgyňda maňa degişli edip, pylan zat diýipsiň,
söýgi bildiripsiň, men şoňa razy, menem seni gowy görýän» diýip,
Erkiniň gaşyna gelmeýärdi, kellesini onuň kükregine goýup: «Ah, meniň
ezizim, men seniň şol sözüňe gör, näçe wagtlap garaşdym» diýmeýärdi,
Erkiniňem ähli batyrlygy ýene-de öňküsi ýaly aýagaldygyna goşgy
setirlerini çyrşaşdyrybermekden aňry geçmeýärdi.
Her näme-de bolsa, ahyr bir gün dillener diýen umyt bilen Erkine
garaşdymy ýa owalebetde maňlaýyna ýazylany şeýlemi, Güljemalam
uzak wagtlap durmuşa çykmady. Käte bir gabat gelişen ýerimizde
osmakladyp sorasamam sebäbini aýtmaýardy, gaýta-gaýta sorap
ýörmäne bolsa meniň özüm ejap edýärdim. Şeýdibem ol mesele
gümürtikligine galdy.
Birdenem işini-güýjini, öwrenişen şäherini taşlady-da, tanşymy ýa
dälmi, garyndaşymy ýa başga birimi, Erkine gahar edipmi ýa öz gelen
çözgüdi şeýlemi, bilemok, Güljemal uzakdaky etraplaryň birinde oba
hasapçysy bolup işleýän, eşidişimize görä telpegi agan, çagaly-çugaly
birine durmuşa çykdy ötägitdi. Muňa Güljemaly tanaýanlaryň barysy
geň galdylar. Erkin bolsa gynandy. Hatda, oturyp agladam. Durmuşa
çykany üçin däl-de, iň eý görýän maşgalasynyň şolar ýaly keç ykbala
sataşandygy üçin şeýtdi. Onuň şeýle pes güne düşmeginde özüni
günäkär saýdy. Toýuň öň ýany ýanyna baraga-da: «Güljemal! Beýtme!
Ömrüňi ýakma! Özüňi kemsitme! Ýör, nijembir ýyl bäri men seni
daşyňdan söýüp ýörün. Hälem bolsa bir pille, raýyňdan gaýt, men seni
alyp gitjek, bu ýoldan halas etjek» diýmäge bolsa, ýene-de gaýraty
çatmady. Şonda men ömrümde ilkinji gezek oňa agyr söz aýtdym: «Sen
ejiz! Gorkak! Bigaýrat! Gedem! Iň eziz görýän adamyň gark bolup
barýanyny görüp durkaňam oňa gol uzadybileňok!» diýdim. Emma,
ilerdäki daglar gozgandy, ol gozganmady. Ýerden ses çykdy, ondan
çykmady. Şo-ol, dik depesine garap, doňňaradaş ýaly dommaryldy
oturdy. Diňe birnäçe günden soň özi ýanyma geldi-de: «Dogry. Men ony
halas etmeli, ony o ýoldan alyp galmaly, çünki ol barjak äri bilen barybir
bagtly bolup bilmez, uzak ýaşaşmaz, gaýdyp geler. Sebäbi ol ikisiniň
dünýäsi deň däl, biçüwleri ters, ýöne nädeýin, özüme erk edip bilemok.
Gaşynda durup iki agyz sözleşmäge mende güýç ýok» diýdi.
Söýginiň adamy şeýle namart, şeýle gowuşgynsyz hala
salýandygyny men şol çaka çenli eşidemogam, göremogam. Aslynda
6
Erkiniň şunça ýyl bäri sessiz-sedasyz çekip gelýän jebri söýgimikä beri?
Egerde «howwa» bolsa, onda ol şeýle gowşak, dilsiz-agyzsyz
bolýarmyka? Ýa onuň söýgi diýip gursagynda göterip ýören zady
nalajedeýin göwrä aralaşan, nämedigem belli bolmadyk, dermany gyt bir
dertmikä? Düşnüksiz duýgumyka? Ýa onuň özem entek bu zatlary aýylsaýyl edibilmän, serimsal bolup ýörmükä? Duýgularynyň ugruna gidip,
özüniň gyzy betbagt edäýmeginden gorkup, öz-özüni horlap ýörmükä?
Şol zatlary aýyl-saýyl edere oňa çen bolmadymyka?
Bilemok, ýöne içiniň ýangyjyna aýtdymy ýa boljak işe öňünden
gözi ýetdimi, onuň Güljemalyň yzyna gaýdyp geljekdigi baradaky
aýdanlary dogry bolup çykdy. Ýyl ýarym geçip-geçmänkä ol
hakykatdan-da baran ýerinde ýerlemän gaýdyp geldi. Öňki işine
ýerleşdi. Köne tanyş hökmünde men ýörite iş ýerine baryp, oňa
duýgudaşlyk bildirdim. Ýanym bilen alyp gitjek bolup hernäçe
dyzasam-da, Erkin ýene-de etmedi. Gitmedi. Ýüzüm alnar diýen gorky
bu gezegem oňa el-aýak bermedi. Üstesine ol indi Güljemalyň: «Meniň
şu güne düşmegimiň günäkäri sen» diýerindenem çekinmän duranokdy.
Men muny şol gezek onuň gözlerinden, Güljemalyň adyny eşidenden
ýygrylyp, bir düýrmek boluberişinden, girere deşik gözläp, daştöweregine garanjaklaberşinden aňdym.
Her niçik hem bolsa, onuň bu gezekki hasabam dogry bolup çykdy.
Muňa şol gün Güljemalyň ýanyna baran badyma göz ýetirdim. Ol
hakykatdan-da Erkinden öýkelidigini menden gizlejegem bolmady. Gaty
bir zeýrenmedem-de, adyny tutanymdan owadan, ala gözlerine ýaş
aýlap, ysgynsyz ses bilen:
– Şundan şu ýana meniň ýanymda şonuň adyny tutmasana, Nepes!
– diýdi. – Şo zeýilli adam meniň durmuşymda öňem bolmandy, ind-ä
asylam ýok... Ne hoçu o nýom slyşat...
Men sesimi çykarman, ýüzümi aşak saldym-da, oňaýdym.
Görgüliniň betbagtçylygy welin, onuň bilenem tamamlanmady. Bir
derde duçar boldy-da, erbet horlandy. Şol Güljemal şü diýseler, ynanar
ýaly bolmady. Ahyram ymykly düşege ýykyldy. Hassahana düşdi. Köp
ýatmanam ýogaldy. Bu Erkine hasam agyr degdi. Bütin dünýäde özüni
ýalňyz duýdy. Öňkülerindenem beter suslandy. Telim wagtlap işgüýçden, girim-çykymdan galdy. Hiç kimi göresi, hiç kim bilen
gepleşesi gelmedi. Iň bolmanda ölüm ýassygynda ýatyrka bir hoşlaşyp
galaýmandygy üçin öz-özüne jebir berdi.
7
Ejir çekdi. Ahmyr etdi.
Bir günem ýanyma geldi-de, demi-demine ýetmän, «has-has» edip
durşuna damagyny dolduryp:
– Nirede bolsa-da, kimde bolsa-da, bir ýerde başy dik gezip ýören
bolsa kaýyldym. Göwnüme ikimizem dünýede baky duraýjak ýalydyk,
Men islendik pursatda oňa öz söýgimi bildirmäge, bile durmuş gurmaga
ýetişäýjek ýalydym. Ol başga birine durmuşa çykar ýa ýogalar, diýen
düşünje dagy asla oýumda-da ýokdy. Çünki men ony gören günümden
bäri özümiňki hasap edip ýördüm. Hiç bir güýjüň ony meniň elimden
almaga erkem ýokdy, ygtyýaram. Men diňe ony ömürlik ýitirenimden
soň, hiç zadyň baky däldigine göz ýetirdim. Gahba pelegiň islendik
wagty gursagyňdan ýüregiňem sogrup alyp gidip biljekdigine-de,
bagtyň, söýgiň üçin göreşmeseň, bagtsyz, söýgüsiz galmagyň
ikuçsyzdygyna-da düşündim. Şu wakadan soň men umuman başga-da
kän zatlara düşündim – diýdi. Güljemalyň ýatan gonamçylygyna özi
bilen bile zyýarata gitmekligimi haýyş etdi.
Elbetde, men oňa: «Dirikä, aýny gerekli wagtynda bir söz aýdyp
bilmedik adamyň mazarynda nä körüň bar» diýip, gyjalat beribem
bilerdim, ýöne, onuň agzyndan çykýan her bir sözünden ýana-ýana gara
göýdük bolan ýaraly ýüregiň köýündi hem kesmek gatyşykly ajymtyk
agyr ysy kükäp durdy. Şonuň üçinem men onuň haýyşyny
kanagatlandyrman durup bilmedim.
Siz, heý, ilkinji söýgüsi bilen ilkinji gezek ol merhum bolandan soň,
onuň mazarynyň başynda duşuşan magşugy görüpmidiňiz?
Görmänmidiňiz? Men welin gördüm.
Ine, ol şäheriň günbatar çetindäki mazarystanlygyň içi bilen eli bir
gujak gülli, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, gurak-gurak ýuwdunyp
barýar. Menem onuň gapdaly bilen gidip barýaryn. Ine-de biz heniz
üstüniň gumam gurap ýetişmedik täzeje guburyň gapdalynda
saklanýarys. Erkiniň elindäki güli alyp bagryna basmaly, ysgamaly,
minnetdarlyk bildirmeli, hoş niýetli sözleşmeli gyz bolsa, ine, şol
mazaryň aşagynda baky ukuda ýatyr.
Erkin çalarak egildi-de elindäki gülleri mazaryň başujynda goýdy.
Doga okady. Soň hamala aýtmakçy bolýan sözlerini kimdir biriniň
eşidäýmeginden ätiýaç edýän ýaly egniniň üstaşyry eýläk-beýläk
garandy. Maňa tarapam gözleriniň gyýtagyny aýlap goýberdi.
8
Onuň bu hereketini özüme edilen yşarat diýip düşündim. Usullyk
bilen bir gyra çekildim. Töwerekde köw-söw etdim. Mazarlaryň
arasyndan tanyş-bilişleri gözledim. Tananjalaryma bildigimden aýat
okadym. Ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennetden bolmagyny
diledim. Soň ýene-de Erkiniň ýanyna dolanyp bardym.
Diri wagty ýüzbe-ýüz durmaga-da gurbaty çatmadyk ýigit
söýgülisiniň başujynda çök düşüp, gara dere batyp oturşyna hakykatdanda onuň bilen gürleşýärdi, iki elinem kükreginiň üstüne goýup ondan
ötünç soraýardy. «Barysyna men günäkär, men-n...» diýip maňlaýyna
ýumruklaýardy. Gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi.
Meniň golaýlanymy aňyp ol sesini kesdi. Kynlyk bilen ýerinden
turdy. Jübüsinden elýaglygyny çykaryp gözlerini süpürdi. Usullyk bilen
ýöräp ýanyma geldi. Sag eliniň aýasyny çep egnime goýup uludan
demini aldy.
– Ine, menem ahyry Güljemal bilen gürleşdim, Nepes. Içimi
egisdim. Görüp otursam söýgüliň bilen gürleşmek beýle bir kynam däl
ekeni. Ýürek edip aýdybilen bolsam görgüli diňlejegem ekeni. Men
bolsam... Egerde ýöwsellemedik bolsadym, onda ikimiziňem
ykbalymyzyň düýbünden başgaça bolaýmagy ahmal ekeni.
Menem elimi onuň egnine goýdum.
– Ähli zat Allanyň yradasy bilen bolýandyr, Erkin. Galyberse-de,
nesibedir. Ondan gaçyp gutulmak ýokdur. Hiç zady el bilen düzedibem
bolýan däldir. Kowalap yzyndan ýetibem bolýan däldir. Eger-de
ýazgytda ýazylan bolsa, şu boljak iş barybir bolardy. Başgarak görnüşde
bolardy welin, bolardy. Aýralyk barybir ara düşerdi. Ýöne indi giç.
Kerwen gitdi. Menziline ýetdi. Başga bir ýurtda goş ýazdyrdy. Saňa indi
durmuşyň täze sahypalary garaşýar. Sen indi özüňi şoňa taýynla. Öňki
goýberen ýalňyşlyklaryňy indi gaýtalamajak bol.
Tä, mazarystanlykdan çykýançak ikimizem sesimizi çykarman
gitdik. Diňe şäheriň şowhunly köçesine düşmegimiz bilen derdimiz azkem ýeňlän ýaly boldy.
2
Erkin şondan soňam iki ýyla golaý öýlenmän gezdi. Ýygy-ýygydan
Güljemaly ýatlady. Mazaryna gatnady. Gül goýdy. Zol-zolam galan
9
ömrüni öýlenmän, Güljemalyň zaryny çekip geçirmek isleýändigini
aýdyp, öz ýüreginem, meniň ýüregimem paralady ýördi.
Ýöne, nätjek, durmuş bir möwç urup duran däli derýa. Ol seni bir
ýerde goýanok. Birsyhly çaýkap dur. Kimi çaýkap-çaýkap kenara taşlasa
kimsäni ömürboýy şo-ol çaýkap gidip otyr. Sen bir zady ýüregiňde
besleýäň, durmuş bolsa ony saňa geňeşmezden, düýbünden başgaça
çözýär. Ähli zady özüçe ölçäp-biçip, ýerli ýerinde goýýar, köne ýaralary
bejerýär, pikiriňi üýtgedýär, täze-täze arzuwlar, umytlar, aladalar peýda
bolýar. Dünýägaraýşyyňda köp-köp üýtgeşmeler emele gelýär,
gözýetimiň giňeýär, öň inkär eden zatlaryň käbirleri bilen isleseňislemeseň, ylalaşmaly bolýarsyň.
Erkiniňkem şeýle boldy. Güljemaly bütinleý unudandyr diýib-ä
biljek däl, ýöne maşgala bolmaklygyňam aýratyn bir mazasynyň
bolýandygyny meniň mysalymdan duýdumy, nämemi, men iki çaganyň
atasy bolanymdan soň o-da ata-enesiniň öňünde öýlenmäge razylyk
berdi.
Emin dädem ur-tut öz obamyzyň gyzy, mekdepdekäk bizden bäş
synp dagy aşakda okan Aýlarhanlara gudaçylyga bardy.
Ýöne, guda boluşlary ýaly, oba rakyplary tarapyndan: «Erkiniň
Aşgabatda iki çagaly aýaly barmyşyn, basym oba-da getirjekmişin»
diýen ýaly ýakymsyz habar ýaýradyldy-da, bar zat bulaşdy duruberdi.
Üstesine Erkiniň bir şäher gyzy bilen duran suratynam gyz tarapyň
gapylaryna taşladylar. Şeýdibem, köräp duran ody hasam tutuşdyrdylar.
Gyzlaryna basalyk bolmakdan geçen, gaýtam Aýlarhanyň
hossarlary «Barlajak-da, barlajak»bolşup, dünýede barlygy-ýoklugam
belli bolmadyk iki çagaly howaýy gelniň gözlegine çykdylar. At tezegini
guratman, Aşgabada gatnadylar, Erkiniň bile okan deň-duşlaryndan,
işdeş ýoldaşlaryndan sorag-ideg etdiler. Menden welin hiç zat
soramadylar. Aýdanlaryma bolsa, ynanmadylar. «Sen onuň iň ýakyn
dosty, galyberse-de, garyndaşy, o hakda bize hakykaty aýtmarsyň»
diýdiler. Halys ugur-utga tapmanlaryndan soňam gudaçylyklaryny
bozjak bolup dyzadylar.
Hernä ýönekeý daýhandygyna garamazdan, tutuş oba tarapyndan
gepi diňlenýän, uruşda ýaralanyp gelendigi sebäpli bir aýagy täbigräk
Emin dädemiň parasatly hereket etmegi hem-de oba kethudalarynyň
tagallalary netijesinde gudaçylyk öz güýjünde galdy.
Toý tutuldy.
10
Ýöne, şol gürrüň welin barybir galmady. Erkine çagalykdan
beletdigine garamazdan Aýlarhan ynanjaň, gaharjaň, oňşuksyz has
ýamanam gabanjaň bolup çykdy. Indi oduň üstüne ýag guýýanam, ony
birsyhly tutaşdyrýanam, öçeňkirläberse ýaňadandan gorjaýanam onuň
özüdi. Beýnisine giren şol, iki çagaly gelniň keşbini ol göz öňünden
aýryp bilmeýärdi. Gitdigiçe-de fantaziýasy güýçlenip, öz göz öňüne
getirýän zatlaryna bolan ynanjy artýardy.
Erkin welin eýýäm bir ýaryň yşgynda köýüp gören, bir
taraplaýynam bolsa söýginiň nämedigini bilýän, iň eziz adamsyny ajala
aldyran adamdy. Ol mähre mätäçdi. Onuň söýgüsini gazanmak üçin,
Aýlarhanyň ony, Güljemaly ýadyndan çykararlyk derejede gyzgyn
söýmekligi, onuň kalbyndaky boşlugy doldurmagy, has takygy şol
boşlugy eýelemekligi gerekdi. Muny men köp gezekler Aýlarhanyň
özüne-de aýdypdym. Emma bar zat terisne boldy, Aýlarhan özi mähir
söýgi bermezden, ärinden mähir söýgi talap etdi, ojagyny ýylatmady,
gaýtam tükeniksiz dawa-jenjeller bilen içerisini sowatdy. Iň ýamanam
ärini özünden sowaşdyrdy. Şeýdibem bir öýüň içinde biri-birine
düýbünden ýat adamlar bile ýaşaşyp başladylar.
Öýlenenden soň, ýarym ýyl geçer-geçmez, Erkin maşgalasyny
Aşgabada alyp gaýtdy we meniň ýaşaýan ýerime golaý ýerden, şäheriň
gyrak-bujaklaryndaky köneje hütdüjeklerden kireýine jaý aldy. Ýöne
aramyzyň şeýle golaýdygyna garamazdan, Erkini göresim gelip, içimi it
ýyrtyp barýan hem bolsa, ýaňky sebäplere görä olara aýagym
çekmeýärdi.
Aýlarhanyň günde-günaşa gaýtalanyp duran teýeneli sözleri
soňabaka şol öýüň içinde düzgüne öwrüldi. Günleri bir bolsa uruşlary iki
boldy. Aýlarhan islendik meselede ärine gulak asmazlygy, onuň tersine
gidip, kejikdirmekligi özüne kär edindi. Çagaly-çugaly bolanlaryndan
soňam üýtgän zat bolmady. Bu zatlar olaryň ogul-gyzlaryna-da ýaramaz
täsir edip başlady. Ol görgülijikler ata-eneleri dawa edip başlanlaryndan
ör turýardylar-da, biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, dagdyraklaşyp
başlaýardylar, gözlerine ýaş aýlaýardylar. Şolar ýalyda Erkin aýalyna:
«Beýdip, gije-gündiz dawa edip ýörseň çaglaryň göwni çöker, sussypes
öserler, gaýrat et, uruşma, goý, indi şol töhmetli gürrüňleriňi, Hudaýyň
halamajak zadyny etme» diýýärdi. Gabadyna gelse men bu mesele
boýunça-da Aýlarhana töwella edýärdim. «Ile gülki bolanymdan, äre
tilki bolaýyn» diýipdirler, Aýlarhan, gaýrat et, oňuş, äriň göwnüni tapjak
11
bol», diýýärdim. Ol bolsa ýüzüni aktam edip: «Men ýaranjaňlyk etmegi
halamok» diýýärdi. Barha-da beterine tutýardy.
Bu ahwalatlary ýatlap Erkiniň: «Ömrümi ýarak it bilen ýakalaşan
ýaly bolup geçirdim», diýip, meniň ýanymda zeýrenen gezekleri köp
bolupdy.
Garaz, Erkin durmuş gurup, maşgala lezzetini bilmedi. Bu onuň
döredijiligine-de erbet täsir etdi. Yşgam, zehinem gaýra tesip başlady.
Bir günem ol:
– Nepes, men öň-ä Güljemala ýekeje agyz söz aýdybilmän, söýgümi
bildiribilmän jebir çekdim, ine, indem haýsydyr bir näbelli, gelin zerarly
şunça ýyldyr öz ýan ýoldaşymdan ejir çekip ýörün. Bu nähili beýle
bolýar? Näme üçin men hemişe ezýete sezewar bolýarkam? – diýdi.
Şonda men oňa näme jogap berjegimi, nädip köşeşdirjegimi
bilmedim.
Oýlanyp tapylan şol iki çagaly gelniň kim bolup bilaýjekdigi barada
käte Erkin ikimiz oturyp bilelikde-de pikir ýöredýärdik, köp zatlaryň
başyny agyrdýardyk, ölçerýärdik, dökýärdik, belli bir netijä
gelibilmänem dagaşýardyk. Güljemal biçäre bolsa hiç bir jähtdenem ol
gürrüňe gabat gelmeýärdi. Erkin onuň bilen bary-ýogy ýekeje gezek
onda-da onuň mazarynyň başujynda duşuşypdy. Üstesine Güljemalyň
çagasam ýokdy, ýaşaýan ýerem salgy berilişi ýaly demir ýoluň gaýra
ýüzünde däldi.
Ýaman ýerem Aýlarhanyň keçjarlygy zerarly Erkin iki gezek dagy
jaý edinmek mümkinçiliginden mahrum boldy.
Nobatymyz-a entek-entek gelerli däldi. Zerurlyk bolsa ýetjek
derejesine ýetipdi. Şonuň üçinem, käte Erkin ikimizem oturyp ýokary
edaralara, hatda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygyna
çenli hat yzyna hat ýazýardyk. Emma şolaryň baryndanam: «Ýerinde
çözülmeli» diýen jogap gelýärdi. Ýerli komitetiň başlyklary bolsa:
«Wah, jaýymyz bolsa size bermän kime bereli, jan jigiler» diýşip,
ellerini serýärdiler. Garaz, hiç hili çykalga ýok diýen ýalydy.
Ine, şol günleriň birinde Aýlarhanyň ir döwürden bäri Aşgabadyň
etegindäki şäherçeleriň birinde işläp ýören, enebaşga agasyny uzakdaky
etraplaryň birine işe geçirdiler-de, ol öz oturan jaýyny Erkine goýup
gitmekçi boldy. Çünki ol gaýynlarynyň arasynda Erkin bilen adam
şekilli gatnaşýan ýeketäk adamdy. Adam hökmünde-de, şahyr
12
hökmünde-de ol Erkini gowy görýärdi. Düşünjeli, sowatly, esasanam
adamkärçilikli ýigitdi.
Şonuň üçinem, ol ony-muny görüp, jaýyň hat-peteginem düzedip
ugrady. Emma muny eşidip bir gün Aýlarhan agasynyň ýanyna
barypdyr-da, hamala ganym duşmanynyň gürrüňini edýän ýaly
sowuklyk bilen: «Jaýyňy şoňa beräýme, men barybir oň bilen
ýaşaşman» diýipdir. Muny men şol günüň ertesi Erkinden eşitdim we
juda geň galdym. Erkiniň geň galyşy welin meniňkiniňem çaky
bolmady. Ynanmazlyk bolsa mümkin däldi. Çünki, muny Erkine
Aýlarhanyň agasynyň hut özi aýdypdyr.
Ýene bir gezegem Erkiniň şähere golaý etraplaryň birinde işläp
ýören dost-ýarlary kömek etmek üçin: «Maşgalaňy bir ýere jaý süpüriji
edip işe sal, aňyrsy bir ýyldan jaý alar ýaly edeli» diýdiler. Şol
üýşmeleňde menem bardym, Erkin ikimizem guş bolup uçup gaýtdyk.
Gelip hoş habary biri-birimizden öň buşlamak üçin duşakly düýe ýaly
Aýlarhanyň öňünde «paýtanaklaşyp» durşumyzam şu günki ýaly
ýadymda. Ol welin begenmekden, geçen, gaýtam iki gözünem dym-ak
edip Erkiniň çat maňlaýyna dikdi-de diýseň yzgytsyzlyk bilen: «Men
iliň aýagynyň aşagyny süpürmen» diýdi. Erkin görgüli şonda ýüregini
tutup: «Ahow, bu ýeke saňa ýa maňa gerek däl, çagalara gerek, onsoňam
beýle mümkinçilik her wagt, her kime ýetdiribem duranok» diýdi.
Aýlarhanyň welin ony diňläsem gelmedi, «hyňk» etdi-de, syrtyny
öwürdi ötägitdi.
Bu zatlaryň barysy Erkini öz maşgalasyndanam, öýündenem
sowaşdyrýardy. Aýlarhan welin ony ýeke bir özünden ýa öýünden däl,
hatda çagalaryndanam sowatdyrmaga olaryň öňünde özüni biçäre, ärini
bolsa barypýatan sütemkär edip görkezmäge çalyşýardy. Şonuň üçinem
ýok zat üçin bahana tapyp, gižželäp, äriniň gaharyny getirýärdi-de,
şolaryň gözleriniň öňünde urduryp-sögdürmek üçin ur-tut çagalarynyň
arasyna ylgaýardy. Mahlasy, Erkiniň adyna çirk ýetjegini bilse, özüni
ikirjiňlenmän dördünji gatdan oklamaga-da taýýardy. Iň ýamany,
soňabaka ärine basdaşlygam edip başlady. It ýandakdan böken ýaly edip
iki sany kel goşgy goşan boldy-da, oturan-turan ýerinde: «Maňa
bahylçylyk edýä, öz goşgularyny çykardýa, meňkileri çykardanok»
diýip, äriniň gürrüňini etdi ýördi. Erkiniň bir goşgusy çyksa gynandy,
kitaby çyksa, ýas tutdy.
13
Hatda Erkiniň hakyky hossarçylykly hereketlerindenem nogsan
gözledi. Betgümançylyk etdi. Äriniň özi üçin edýän islendik
elmaýyşlyklaryny özüne ýamanlyk diýip düşündi.
Ýekeje mysal. Bir gezek Aýlarhan syrkawlady. Tutgaý tapyndy.
Erkin ikimiziň ony eltmedik syrkawhanamyz, görkezmedik hekimimiz
galmady. Hiç ýerde-de kemçilik tapmadylar. Ýürek sag, damarlary
gowy. Gan basyşy kadaly. Ahyram ulurak hekimleriň biri onuň keminiň
beýnide bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy we ruhy keselleri bejerýän
hassahana eltip barlatmaklygy maslahat berdi. Emma Erkin muňa
göwnemedi. «Bir gün ýatyp çyksa-da, barlag üçin ýatyp çyksa-da,
dälihana girip çykypdyr diýen ada galar, gelşiksiz bolar» diýdi.
Aýlarhanyň özüne bolsa hiç zat aýtmady. Ýöne tutgaý wagty bilen
galmansoň men Erkine her niçik hem bolsa, şol aýdylan ýere eltip
görkez, soň sen özüň günäkär bolaýma diýdim. O-da ýaýdana-ýaýdana
Aýlarhana ýagdaýy ýaňzytdy. Ol bolsa: «Dat, dostlarynyň üsti bilen
dälihana dykyp aýalym däli diýip hat aljak bolýa, başga birine öýlenjek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 02
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.