Latin

Söýgüde serhet ýok - 08

Total number of words is 3871
Total number of unique words is 2165
31.1 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýakmadymy? Onda özüň gürleşäýmeli ekeniň-dä!» – diýip, sesiniň
ýetdiginden gygyrybererinden çekindim. Çünki ussalary tapyp beren
men bolsamam hakyny töleýän onuň özüdi. «Ýa ýene gabanyp
başladyňmy? Ýa meni jelepdir öýdýäňmi, öňýeten bilen çörňeşiberer
ýaly? Ýa öýüm küntühanadyr öýdýäňmi? Özüň bilen ýatyp-tursam
hemmeler bilenem şeýdýändir öýdýäňmi?» – diýäýse dagy bar gitdi! Şol
zatlar göz öňüme gelende hasam haýykdym. Garaz, öýe barýançam
mazaly sowaşdym. Diwanyň üstünde arkan düşüp didelerimi
haşamlanan petige dikip ýatyşyma öz bolup ýörşümi ýene bir gezek
aňymdan geçirdim. Tizgaharlygym, müňkürligim üçin özümi ýigrenip
başladym. Pikirlerim saýhallanyp, gaharym gaýtgyn berip ugrandanam
ýerimden turdum-da, eşiklerimi geýip, Jemallara tarap ýola düşdüm. Hä
diýmänem mundan ýarym sagat dagy-duwwara garamy salman diýip
gaýdan gapymyň agzynda häzir boldum.
Barsam, Jemal ýok. Ussalary naharlapdyr-da, işe gidipdir. Ussalar
işleşip ýörler. Jemal gelýänçä girdim, çykdym, kölegede oturdym, emma
janyma jaý tapmadym. Göwnüme ussalaram birhili özara «hikirdeşip»
üstümden gülýän ýaly. «Bu adam näme gije-gündiz bu ýerde köwejekläp
ýörkä» diýen sözlerin-ä magat eşidäýdimem öýdýän. Ahyram Jemal
geldi, meni görüp begendi. Ýöne begenjini bildizmezlik üçin ýüzünigözüni zoraýakdan gamaşdyran boldy-da: «Nirä gitdiň ýaňy aýtman,
diýmän» – diýip, ýuwaşja seslendi. Men onuň özündenem pessaý
gepledim: «Aý, azajyk işim bardy-da, öýe baryp gaýtdym». Aýak
üstünde böwrüni diňläp, ussalaryň işini synlap durşuna Jemal kinaýaly
ýylgyrdy: «Seň işiň azajyg-a bolmaly däl. Gije-gündiz işläniňde-de
gutarmaly däl. Sebäbi, sen döredijilik adamy. Şahyr.» Men entegem
onuň aýlawyna düşünmän gönümel jogap berdim: «Şeý diýseňem
boljak, ýöne birazrak haýalrak gidýä-de, kän önenok». «Haýal gitse
basarak oturyp işlärler. Önmeýän bolsa öndümliräk işlärler. Wagtyňy
biderek geçirmezler». Men onuň bu sözüne: «Beýdip meni yzarlap,
görenden gabanyp, guýruktutdy oýnap ýörýänçäň-ä öz işiň bilen bol.
Ussalar bilenem özüm oňşaryn. Bu ýerde senlik iş ýok» diýdigi diýip
düşündim. Baryndan beterem ol muny ussalaryň ýanynda, şolara
eşitdirip aýtdy. Olaram hekdir-palçyk çyrşalan ýüzlerini çaňjardyşyp,
89
ýuwaşlyk bilen «mys-mys» edişdiler, biri-birlerine syrly bakyşdylar
welin, şol sözi Jemal özi üçin meni hiç kimdigimi, asla
äsgermeýändigini olaryň öňünde ýörite nygtadygydyr diýip düşündim.
Dessine-de bir ýerden pukara girrikligim peýda boldy-da: «Bor, gaýdyp
gelmäýerin, öýden çykman oturybererin, sen mensiz oňsaň menem
sensiz oňaryn» diýmäge hyýallandym. Emma bolmady. Aýtjak sözlerim
bokurdagyma tegek boldy duruberdi. Şonuň üçinem aşak bakyp
tossarylyp durdum-durdum-da Jemala sag bolam diýmän çaşyşyp ýatan
akyr-ukurlaryň arasy bilen gapa tarap süssenekläp ugradym. Çykjak
wagtym bosaga büdräp ýüzün ýykyldym. Jemal-a bilemok, ýöne ussalar
gülüşdiler. Muňa hasam erbet boldum. Hern-ä bagtyma içi sementli
hekmi, gipsmi haltalaryň üstüne gaýtdym-da, hiç zat bolmady.
Emedekläp baryp derwezäni açjak wagtym Jemalyň «Aý, oglan, bir
ýeriňi agyrdaýan-a dälsiň» diýen sesi eşidildi. Ýöne men oňa üns
bermedim. Ýola düşüşim ýalam edil öňküleri dek beýnimde gapmagarşylykly pikirler at salyp başladylar. Bir göwnüm: «Özüňi biderek
horlama, beýniňe agram salma barybir ýene iki sagatdan gelersiň, iň
bolmanda jaň edersiň» diýse, beýleki göwnüm: «Besdir indi! Terk et,
sen şol gapyny! Öňi bilenem özüni terk et! Ondan saňa jepadan başga
zat ýok» diýýärdi. Özüm welin olaryň haýsysynyň pendini alyp haýsyny
ret etjegimi bilemok. Haýsyna gulak assam, şonuňky dogry ýaly bolup
dur. Ýap-ýaňyja-da: gaýdyp gelmen diýen gapyma gelendigim üçin öler
ýaly ökünýän. «Aý, ýok, ind-ä barman şundan soň-a şoň ýüzüni görmen,
şu gezeg-ä sözümden dänmen» diýip ýene-de içimden öz-özüme söz
berýän. Gazabym hetdinden aşyp, ýigrenjim halys içime sygmadyk
wagtam dişlerimi gyjap: «Biwepa! Binamys! Biar! Jelep!» diýip,
gygyrýan. Ýöne içimden gygyrýan. Ötüge ýetiberenimde welin hamala
Jemal: «Men jelep däl» diýip, öňümde özüni aklap duran ýaly
säginipdirin-de öňümden salgym atyp gelýän gara tarap barmagymy
çommaldyp: «Jelep! Sen jelep! Howwa, jelep!» diýip, daşymdan
gygyrypdyryn. Derrewem özüme geldim. Daş töweregime göz aýladym.
Görsem bir ötegçi maňa tarap geň galyjylyk bilen seredip dur. Başga-da
bir zatlar diýen bolsam gerek, ol durup-durup ýüzüme üşerildi-de,
başyny ýaýkap zut gitdi. Çat maňlaýymda duran ýüzi ýygyrt-ýygyrt
garaýagyz garryja aýal bolsa kellesini saňňyldadyp durşuna: «Kime
diýdiň sen ýaňky sözi? Maňamy? Hä? Bilýaňmi men kim?» – diýip çep
elindäki hasasynyň ujuny gözüme sokaýjak boldy. Sag eliniň aýasy bilen
90
döşündäki çapraz-çaňňa meňzäp duran ordendir-medallaryň üstüne
patladyp-patladyp urdy. Oňa näme jogap berenimi bilemok, ýöne bir
görsem, ýene-de agyr oý-aladalar astynda ýolumy dowam etdirip
barýaryn. Ötügiň üstündäki demir ýoldan geçjek mahalym tas iki ýana
gatnap ýören parowozyň aşagyna düşen ekenim. Hälem maşinist uzynuzyn signal beräýdi. Zorruk, güýçli sese tisginip gitdim. Başymy
galdyrdym. Hytaýdan täze getirilen böwrüne uly harplar bilen
„Türkmenistan“ diýlip, ýazylan çal reňkli owadan parowoz burnumy
sydyrdyryp geçip gitdi. Maşinist ýumrugyny çenäp bir zatlar diýdi.
Geçip gidenden soňam esli ýere barýança kabinadan boýnuny uzadyp
haýbat atdy... Meniň welin piňime-de däl. Gözlerimiň öňünde diňe
Jemalyň keşbi. Göwnüme bolmasa, ol henizem men barada ýakmaz
sözler aýdyp ussalaryň ýanynda gabarylyp duran ýaly. Şol wagtam hälki
parowozyň giden tarapyndan, ýöne, beýleki bir liniýadan yzyna onlarça
sisternalar tirkelen uzyn eşelon peýda boldy. Hernä men ony wagtynda
gördüm. Saklandym. Ol «alaşakyrdy» bolup geldi we esli wagtlap
gözlerimiň öňünden «zybyrt-zybyrt» edip geçdi durdy. Iň soňky sisterna
geçdem welin başymdan tupan sowlan ýaly boldy. Şondan soň yraňdaraň edip demir ýoldan geçdi. Öýe barýan ýola düşdüm. Beýnimde
bolsa henizem uruş gidip dur. Şol bir sahna, şol bir gahrymanlar.
Režissýory, tomaşaçysy welin ýeke özüm. Soňabaka beýnim çat açan
plastinka ýaly şol bir hereketleri, şol bir sözleri üznüksiz gaýtalap
başlady. Ol ýagdaý meni erbet ýadatdy. Göwrämi lagşatdy.
Aýakalrymyň ysgynyny aldy.
Özümi zordan öýe atdym. Barşym ýalam eşigim zadym bilen
diwana geçdim. Gyşardym. Emma uklap bilmedim. Eýläk bir
agdarynýan, beýläk bir agdarynýan, kä arkan ýatýan, kä ýüzün düşýän,
barybir ynjalyp bilemok. Uklamak hakda-ha gürrüňem ýok. Dogry,
ukym gelýä, ýöne uklap bilemok. Gözüm ýumlanok. Ýumuldygam elleri
laý bedreli ussalar gözlerimiň öňünde gaýmalaklaşyp ýörler. Gulagyma
gelýänem Jemalyň şol bir bizar-peteňimi çykaran çylkasyz sözleri.
Haýsydyr bir güýç bolsa goltugymdan tutup telefona tarap itekleýär.
«Tur, bar-da Jemala jaň et» diýýär. Asyl özümiňem gollarymyň şol
tarapa uzaýasy gelip dur.
Şeýdip, gije sagat on bire golaýlady. On ikiden işläp ugrady.
Birdenem özümden biygtyýar ýerimden turdum-da, entirekläp telefona
tarap ýöneldim. Diýmek, ýa-ha pikir ede-ede ýene-de özümiňkini ters
91
tapypdyryn, ýa-da Jemalsyz oňup bilmejekdigimi gutarnykly boýnuma
alypdyryn. Jaň edip, Jemal bilen iki agyz gürleşibildigim süňňümiň
ýeňläp, göwrümimiň bir demde giňäp gitjekdigine bolsa söz ýok.
Kwartiramda bolsam men Jemal bilen islendik wagt gürleşip bilýän.
Ýöne öýde beýle däl. Onda Aýlarhanyň ynjamagy, çagalaryň gaty
görmegi mümkin. Şonuň üçinem pişik basyşyny edip, telefonyň asylgy
duran ýerine – girelgä bardym-da, assyrynlyk bilen töweregime göz
aýladym. Oglum-a ortaky jaýda çagalary bilen çanak antenna arkaly
telewizorda haýsydyr bir daşary ýurt kinosyny görüp otyr. Aýlarhan
balkonly jaýda özi üçin ýörite satyn alan telewizorynda ýerli
gepleşiklere seredip otyr. Gapysam çalaja açyk. Menem ony göremok,
o-da meni görenok. Diýmek, Jemal bilen gürleşmäge mümkinçilik bar.
Şeýle-de bolsa, ätiýajy elden bermezlik üçin gerek belgilerimi usullyk
bilen aýladym. Iki gezek inçeden uzyn ses gitdi. Yzyndanam «şykyrtşykyrt» boldy-da, «Alýo-o-o...» diýip, erkek adamynyň zorruk sesi
eşidildi. Eý, Huda-aý! Jemalyň öýünde erkek adam? Gije sagat on
birden soň? Üstesine eýemsiräp telefonam özi alýa. Men bolsam
günuzyn pikir ede-ede ony aklap özümi günäkär saýyp otyryn. Diýmek,
öňki pikirim dogry ekeni-dä! Asyl hiç haçanam ýalňyşman ekenim-dä!
Onuň düzüw maşgala däldigi dogry ekeni-dä! Şeýle bolmasa, hiý, gije
sagat on ikiden işläp ýörkä-de bir dul gelniň öýünden erkek adamynyň
sesi eşidilermi? Bu akyla sygjak zat däl ahyry. Ýene-de beýnim gaýnap,
ýüregim atygsap başlady. Eýsem, ol kim bolup bilerkä? Kim bor
öýdýäň, şoldur! Şol gotur ussadyr! Jemal onuň bilen ýöne ýere
«jirkildeşen» däldir. Häziriň özünde şo tarapa eňmek gerek. Ony
günäsiniň üstünde tutmak, aýbyny «bazyrdadyp» ýüzüne basmak gerek.
Ine, şondan soň welin Jemalyň meniň öňümde gepläre ýüzi bolmaz.
Özüni aklap ýa üstüme hüjüm edip bilmez. Ömürlik lal açar. «Doňzy
batgada bas» diýipdirler. Nikasyzam bolsa, baş goşan maşgalamy öz
aýalym hökmünde görýändigimi, özgäniň eli degen güni el çekmäne
gaýratymyň çatýandygyny goý, ol şu gün bilsin!...» Eger-de bile ýatan
bolsalar ikisinem bilelikde öldürmek maksady bilen aşhana girdim-de,
Aýlarhanyň aş kesýän ullakan pyçagyny aldym. Gazete dolap goltugyma
saldym. Tüwdürilip daş çykdym. Oglum yzymdan garap galdy.
Basgançaklaryň ýarysyny geçenimden soň gapydan boýnuny uzadyp:
«Indiden soň nirä, kaka!..» diýip, gygyrdy. Men oňa jogap bermedim.
Diňe ötügiň üstündäki demir ýoluň aşagyna goýlan garaýagly agaç
92
şpallarynyň üstünden ätmerläp barýan wagtym: «Öldürmäge-e... Janyny
jähenneme ibermäge-e» diýip pyşyrdadym.
Wagt giç bolansoň töwerekde adam-gara görnenok. «Depo»
tarapdan parawozyň «guguldysy», çalşyrylýan wagonlaryň polat
tigirleriniň «şakyr-şukury», «jalkyldysy» eşidilýär. Uzyn kerwene
birikdirilen kelläniň zogy bolsa gögüň gübürdisi ýaly meniň üstümden
aşyp, allaowaralara ýaýrap gidýär. Üçargäh tarapdan uçmaga
hyýýallanýan uçaryň dyzmaç «gürrüldisi» gelýär. Hä diýmänem onuň
ýerden göterilip şäher üzre alyslara tarap «güzürdäp» barýandygy
görünýär. Birdenem bir ýerden toklynyňky ýaly towarlanyp duran
tüýleri ösgün, gulaklary uzyn gara gürji gybyrdyklap geldi-de, tanajak
bolýan ýaly ýüzüme çiňerildi. Hamala tanşy däl bolup çykanyma
gynanýan ýaly, «Beh» diýip, başyny ýaýkady, soňam çalarak
hyňranjyrady-da, tor gurmakçy bolýan ýaly telim gezek daşymdan
aýlandy. Özüne düýbünden üns bermeýänimi aňansoňam ýoluň
gyrasyndaky ullakan agajyň düýbüne bardy-da, artky sag aýagyny
galdyryp gasygyny ýeňletdi. Ýüzüme çiňerilip ýene bir gezek «beh»
diýibem, öýkeli halda ýüzüni kese sowup gelen ugruna tarap ýorgalap
ugrady.
Ine-de, men Jemalyň gapysynda durun. Daşyna tikenekli gyrymsy
agaç ekilen kiçijik howlynyň hemişe onlardan soň ýapylýan gözenekli
derwezesi henizem gulplanmandyr. Ony itermek üçin elimi uzatdymam
welin, Jemalyň üç-dört metr aňyrda, bir metr ýalam ýerden beýiklikde,
tagtçanyň üstünde ýerleşýän daşky gapysy «jarkyldap» açyldy-da, eli
kiçijik paketli gotur ussa entirekläp çykdy. Howlyny gulplamak üçin
bolsa gerek, onuň yzy bilen eli bir düzüm açarly Jemalam çykdy. Ussa
hamala meni görmeýän ýaly eýwanda duran ýerinden gözleriniň agyny
köpeldip, uly ýola tarap seretdi. Soň aýaklanmadyk köşek ýaly
«patanaklap» basgançakdan düşdi. Ýaňy gözi düşen bolsa gerek,
entirekläp duşuma gelende çalarak kürtdürdi-de: «Oh» diýip, bulançak
gözleri bilen ýüzüme seretdi. Ýöne, dikan garap bilmedi. Gözleri
açylmady. Aragyň agyr ysy bolsa beýnime urup ýüregimi bulady.
Salamlaşdymy ýa sagbollaşdymy, bilemok, bir zatlar diýip,
«madyrdady», soňam näme üçindir boş elini däl-de, paketli elini
galgatdy-da, gatnawly ýola tarap ýegdekläp ugrady. Barýança iki gezek
dagy büdräp ýykyldy. Turup, ýoluň aňry ýüzüne geçdi. Yraň atyp
durşuna geçýän maşynlara goluny galgatdy. Bolup durşundan heder
93
eden bolsalar gerek, köp maşyn ony alman geçdi. Ahyram bir köneje
«Moskwiç» «uly arryldy» bolup geldi-de, ussany gujagyna gysyp
günbatar sary «watyrdap» ugrady.
Men bolsam henizem howlynyň ortarasynda aňalyp durun. Öz
ýanymdam bar zady düşnükli hasap edip, sessiz-üýnsiz öwrülip
gidiberjegimem bilemok, Jemala iň soňky sözümi aýdyp, içimi sowadyp
gitjegimem bilemok. Goltugymda bolsa gazete dolangy aş pyçak. Ýöne,
men näme üçin ýaňy ony goturyň gursagyndan sokmandyryn? Men
ondan hatda: näme işläp ýörsüň bu ýerde gijäň bir wagty, diýibem-ä
soraýmandyryn. Ýa men şeýle gorkakmykam? Söýgi meni şeýle
binamys edäýdimikä? Ýa parasatlylyk etdimikäm? Her niçik hem bolsa
bar zat düşnükli. Jemaly hemişelik terk edip gitmäge esas bar. Ol inkär
edip bolmajak hakykatyň öňünde dur. Ol jelep! Ýöne muny hökman
aýdyp gitmek gerek. Ýüzüne basmak gerek. Şu çaka çenli onuň öz
öýünde gotur ussa bilen näme edendigini bilýänimi bir bildirmegim
gerek.
Jemal bolsa henizem elindäki açarlaryny oýnap, synlaýjy nazary
bilen birsyhly ýüzüme seredip dur. Gaharlananogam, gülenogam. Edil:
ine, men-ä etjegimi etdim, senem indi nätseň şeýt, diýýän ýaly.
Ýüzünden-gözünden ýeňijiniň içki dabarasyny duýmak bolýar. Iň
ýamanam müýni ýok. Ogry diýeniň bir utanmasa-da, garaz, üsti
basylandan soň aljyrar, gaçara ýer gözlär, özüni aklajak bor, onuň welin
piňine-de däl. Göwni bir ýaly. Men dişimi gyjap durşuma ony
gözlerimiň gazap oklary bilen yzly-yzyna tüpeňleýärin. Emma peýdasy
ýok. Hatda sarsanogam. Şol bir durşy. Indi dilime bat beräýmesem
başga alaç ýok. Men hut şeýle hem etdim. «Näme işledi ol seň öýüňde
şu wagta çenli» diýip, gijäniň ümsümligini bozmazlyk üçin
gowuşgynsyzrak gygyrdym. Jemalyň jogaby nagt boldy: «Işledi» «O
nähili işledi?» «Işledi-dä. Men özüm işletdim. Gal, işle, kiçi jaýy
gutarman gitme, meň goşlarymy goýara, ýatara-turara ýerim ýok
diýdim..» «Hany çagalaryň?» «Çagalar ejemlerde.» «Näme üçin?»
«Aýtdym-a ýatara ýer ýok, diýdim-ä. Ine, indi kiçi jaý boldy, ertir
olaram getirin.» «A hany beýleki ussalar?» «Özüň bilýäň-ä, olar kafel
goýýalar. Diwar bilen işleri ýok. Şonuň üçinem diwarçy ussany gije
işletmeli boldum. Kafel bir gün öň boldy, soň boldy meň üçin tapawudy
ýok». Men aýlawly gürläp başladym. «Bir özi işledimi ýa bile
işlediňizmi? «O näme diýdigiň boldy?» «Näme diýjek bolýanymy özüň
94
gowy bilýänsiň». Jemalyň sesi ynjyly çykdy. «Men-ä düşünemok, ýöne
sen nähili düşünseň şonuň ýaly düşün. Men indi seň öňüňde hasabat
bermekden, özümi aklamakdan ýadadym. Aslynda näme hakyň bar seň
menden hasap soramaga?.. Kim sen? Ärimmi? Eýämmi? Ýa kömegiň
degýämi? Bitirip beren zadyň bamy? Aýal halyma içeriniň bar keşigi
ýeke özüm çekip ýörün. Elimden tartyp alyp özüň etmäge derek, gaýtam
maňa päsgel berýäň. Zyýan edýäň. Bolgusyz müňkürlikleriň bilen
ýüregime düşýäň. Mertebämi kemsidýäň. Aýagyma çolaşýaň? Özüňde
ynam bolmasa, men barybir saňa gep düşündirip bilmen. Asla sen maňa
är ýapmasaň oňup bileňok. Günüň geçenok. Iki aýaklyň erkek
göbeklisiniň barysy gözüňe ot bolup görünýä. Iň ýamanam öz oýlap
tapan zadyňa özüň ynanýaň. Kelebiň ujy eliňe düşdügi bes, sen ony
çöşlejek bolup bulam-bujar edýäň. Şeýdibem bulaşýaň. Özüňem
bulaşýaň, menem bulaşdyrýaň. Asla bar zady bulaşdyrýaň...»
Ýene-de meňki bolmady. Ýene-de sussum basyldy. Ýene-de lal
açdym. Çünki göwnüme onuň diýýänleri dogry ýaly bolup duýuldy.
Ýöne, basylanymy welin bildiresim gelmedi. «Şüý-ä maňa ynanýar-ow
diýip, sen näme, şeýdibermelimi?» diýenimde sesim ysgynsyz çykdy.
Jemal welin sesine bat berip ugrady. «Näme edipdirin men?» «Başy boş
gelin bir ýaş ýigidi gijäň ýaryna çenlli öýünde saklap-da, näme edip
biler? Özem lül. Şo ýagdaýda şoň işlemedig-ä belli». «Sag wagty barmy
oň?» «Onda kow-da». «Gaýratyň bolsa özüň kow». «Seň gaýrat
diýýäniň pul. O-da mende ýok». «Onda işiň bolmasyn. Hakyna tutan
işgärimi men islesem gündiz işletjek, islesem gije. Arzanrak düşer
öýtsem pula derek arak berip işletjek. Ýaňam özüm berdim şoňa
aragy...» Men iň soňky güýjümi jemläp hüjüme geçmekçi boldum. «Sen
maňa sypjyk jogap berme, takyk jogap ber...» Jemalyň sesi meniňkä
görä has dogumly, has kesgitli çykdy. «Men saňa ýene-de aýdýan: seň
öňüňde jogap bermäge men borçly däl... Meniň bir ýalňyşan ýerim o-da
seni başda gowy görüpdirin. Edil beýlesiň öýtmändirin. Parasatly,
akylly-başly adamsyň öýdüpdirin. Tanamandyryn. Sen meniň ynamymy
ödemediň. Söýgüme mynasyp bolup bilmediň. – Ol gaşlaryny ynjyly
çytyp ýüzüme seretdi. – Bolup ýörşüňden utansaň bolmadymy? – Şeý
diýdi-de, ol howlynyň demir gözenekli ýaşyl gapysyny ýapdy. Içinden
gulplady. Men daşarda galdym. Gözüm garaňkyrap, asmandaky
ýyldyzlar «alaşakyrdy» bolşup başladylar. Ýer hopandyr, menem
güwläp aşak gaýdandyryn öýtdüm. Hatda burnuma ýeriň aşaky
95
gatlaklaryndaky yzgar gumlaryň, çägedir-çagyllaryň sowuklaç ysam
gelen ýaly boldy. Özümi dürsänimdenem ussanyň goturaky ýüzi, pis
açan alabeder elleri göz öňümde peýda boldy. Syrtaryldy. Ine-de, ol
Jemalyň kyrk çilläniň gary ýaly gaba göwüsleriniň üstünde omadaklap
ýör. Sag elimi çep goltugymdaky gazete dolangy pyçaga tarap
uzadanymam bilmän galypdyryn. Ýöne ujy aýama çümenden beýnimde
ýyldyrym çakan ýaly boldy. Bir ujy bolsa ýalbyrap gözlerimden çykdy.
Elimi yzyna çekdim. Pyçak ýere gaçdy. Aýamdan gan akyp başlady.
Bolup durşuma gözi düşenden Jemal: «Haý, işigaýdan diýsänim» –
diýdi-de, öýüne girip ýod bilen bint alyp çykdy. Gözenegiň aňyrsynda
duran ýerinden ýarama em etdi. Daňdy. Soňam gözenekli derwezäniň
düýbünde ýatan pyçagy emaý bilen ýerden göterdi. Eýlesin-beýlesine
seretdi. Ýylgyrdy. – Me, munyňy ýygna. Basymrak eltip ber, ýogsam
aýalyň aş kesjek bolup gözläp ýörendir. Gaýdybam göterme bular ýaly
zady. Sen adam öldürip bilmersiň. Adam öldürmek üçin ýüregiň gaty
bolmaly. Zalym bolmaly. Sen bolsaň şahyr. Ýüregiň ýumşak. Ol ýürek
söýgi üçin ýaradylypdyr, ýöne sen şu wagt Şeýtanyň alyna gidip oňa ejir
berip ýörsüň. Emma ony aýamak gerek. – Jemal uludan demini aldy.
Özüňem bilip goý: men bolsamam senden has artyk, has sypaýy, akylly,
asylly, has görmegeý, galyberse-de has barly adam bilen bolaryn.
Senden pes adam bilen bolman. Sen şoňa düşün. Özüňi kemsitme. Maňa
senden başga hiç kim gerek däl. Bar, özüňem git. Meniň abraýyma
çapýanyň çynyň bolsa gijäniň bir wagty gapymda beýdip durma».
Şondan soň ol meniň bilen hoşlaşjagam bolmady-da, öwrüldi
ötägitdi. Öýüne girdi. Gapysynam «şark-şurk» içinden ýapdy. Men
bolsam ýeke özüm daşarda aňalyp durun. Ne aýtjak sözlerimi soňuna
çenli aýdyp bildim, ne-de içimi sowadyp bildim. Bagryma ujy awuly ok
bolup sanjylan sözüniň çyndygyny ýa öz aýdyşy ýaly oýundygynam
anyklap bilmedim. Şonuň üçinem, gürrüňi gutarylmadyk hasap etdimde, ertesi işiň soňunda Jemalyň iş ýerine bardym. Edarasynyň agzynda
durup çykaryna garaşdym. Maňa gözi düşenden oň gaşlary çytyldy.
Elwan reňkli dodaklaryny çalaja gymyldadyp: «Näme gerek» diýdi.
«Gürleşmek gerek» diýdim. Jemal sesini çykarmady-da, golaýdaky
duralga tarap ýöräberdi. Menem egin deňläp ugrybir ýöräberdim. Ep-esli
ýere çenli dymyşyp gitdik. Ahyry onuň özi dillendi: «Aýdyber». «Men
düýnki waka hakda...» «Düýn näme waka bolupdyr?» Özüň gowy
bilýäň». «Aýt-da onda». «Aňyrsynda hiç zat zat ýogam bolsa şony gije
96
çenli saklamagyň ýalňyş, Jemal». «Nämesi ýalňyşmyşyn oň?» «Iň
bolmanda iliň gepinden gaçmak üçin beýtmeli däl ekeniň». «Il meniň
jaýymy bejerip berenok». «Diýmek, onda ýalňyş iş edendigiňi boýnuňa
aljak däl-dä...» Jemal çalaja säginde-de, çigni bilen maňa tarap çalaja
öwrüldi. Boýnuny gyşardyp ýüzüme seretdi. Çep gözüniň gyýgyny
güldürdi. «Şumy bar aýtjak zadyň ýa başga-da bamy?»
Oňa çenlem duralga ýetdik. Awtobus geldi. Mündük. Göz aýlaýan
welin boş ýer ýok. «Geçiň, oturyň» diýýänem ýok. Ikimizem tutawaçdan
ýapyşyp dik durus. Bir görsem Jemalyň gözlerinden ýaş akýar. Şonda
meniň oňa nebsim agyrdy. Aýal halyna bir öýüň keşigini ýeke özi çekip
ýör. Erkek adamyň etmeli işlerininem özi edýä. Jaý bejermek hakda-ha
gürrüňem ýok welin, kran döwülse-de, tok öçse-de, rozetka çalyşmalam
bolsa özi ylgap ýör. Men bolsam kömek edenden geçen, gaýtam,
gabanjaňlygym zerarly oňa görgi baryny görkezýän. Jepa berýän. Agyragyr günäleri ýapýan. Başga biri bolan bolsa meni birwagtlar taşlap
giderdi. Ol welin gör näçe çydady. Şu wagtam çydap ýör. Häzirem gatygaýrym aýtmajak bolup dişini gysyp dur. Maňa häzir ony köşeşdirmek
gerek. Derdini ýeňletmek gerek. Ötünç soramak gerek. Şol niýet bilen
men assa-ýuwaş oňa tarap süýşdüm. Bir zatlar diýmäge synanyşdym,
bokurdagymy arçamak üçin ardynjyradym, hamala ilkinji gezek görýän
ýaly, ilkinji gezek söz gatmakçy bolýan ýaly börtülip duran agyr
gabaklarymy zordan galdyryp ýüzüne çekinjeňlik bilen, ogryn-ogryn,
gyýa-gyýa seretdim. Emma gepläp bilmedim. Geplemegiň geregem
ýokdy. Çünki ol wagt o meni barybir diňlemezdi. Sözüme jogap
bermezdi. Öýe baryp jaň etsemem sessiz-üýnsiz trubkany goýjagyna
güman ýok. Onuň täzeden dil açmagy üçin azyndan bir hepde gerek. Şol
aralykda ol mendenem, meniň iňirdilerimdenem dynç almaly. Gahary
sowaşmaly. Köşeşmeli. Meni göresi gelmeli. Küýsemeli. Bar zat ana,
şondan soň ýene-de täzeden başlanmaly. Agzymyzyň ajaşan
gezekleriniň hemmesinde-de şeýle bolupdy. Şol gezegem şeýle
bolaýmalydy. Şonuň üçinem hoşlaşman aýrylyşmalydyk we ol-a öz
öýüne, menem öz öýüme bakan sessiz-üýnsiz gidiberdik. Emma
awtobusdan düşüşimiz ýaly ol meni geňler galdyryp: «Ýör, Erkin, öýe
baraly, men saňa çaý-nahar bereýin, meniň saňa aýtjak sözlerim bar,
ýöne, bu gezek sesiňi çykarman diňlemeli borsuň» – diýdi.
Ussa tapyp beren adam hem-de Jemalyň il gözüne aýdyşy ýaly,
olaryň «brigadirleri» hökmünde jaý bejerilýän döwri bolaýmasa men
97
entek onuň öýüne giribem göremokdym diýen ýaly. Onsoňam ol
çagyrmag-a däl, öýüniň golaýyna eltmäge-de goňşy-golamlaryndan
çekinip, meni hemişe bir duralga bärde düşürýärdi ahyry. Pyýada
barýanam bolsak şol ýerden yzyma gaýtarýardy. Şonuň üçinem onuň bu
söz meni juda geňirgendirdi.
Elbetde, öýkelemän öýüne çagyrmagy gowy zat. Gowy täzelik.
Ýöne kesgitli gürleýşi welin gorkunç. Bir zat aýtjak, diýmesi hasam
elhenç.
Her niçik hem bolsa, sessiz-üýnsiz yzyna düşübermekden başga
alaç galmady.
...Ine-de, biz onuň öýünde. Ussalar ýok. Bejergi dogrudan-da
gyssagly suratda tamamlanypdyr. Täze çalnan hekiň, reňkiň sowuklaç
turşumtyk ysy burnuňy gijedýär, gözüňi ýaşardýar. Çagalaram ýok.
Kanikul döwri bolansoň, olar mamalarynyňka gidipdirler.
Jemal meni diwanyň üstünde oturtdy. Öňüme kiçijik, eplenýän stol
goýdy. Çaý getirdi. Soň palaw bişirdi. Orta saçak ýazdy. Bu zatlaryň
barysyny ol sessiz-üýnsiz etdi. Diňe bir tabak palawy ýanynyň agy-gögi
bilen getirip ortada goýandan soň: «Geç, Erkin» diýip, saçaga elini
uzatdy. Özem geçdi. Edil bir maşgala ýaly bir tabakdan nahar iýip
otyrys. Ýöne ýumşajyk palawy iýýänmi ýa ýöne çeýnäp otyrynmy, bilip
bilemok. Sebäbi bar küýüm onuň maňa näme diýip biljeginde. Ýöne
onuň bolup oturşyndan ýakymly zat aýtmajagyny welin aňýan.
Diýşim ýalam boldy. Nahardan bolup töwir galdyrdygam welin,
Jemal ýüzüni aktam etdi-de: «Indi bolsa maňa gulak as, Erkin... – diýdi.
– Gel, gowusy hoşlaşaly. Her ýerde bolsaňam sag bol, aman gez. Ýöne
menden gaty görme. Görseňem özüňden gör. Men seniň bu sütemleriňe
mundan artyk çydap biljek äl. Elbetde, saňa aňsat düşmez, ýöne başga
alaç ýok. Men seneden ýadadym. Gowusy, şu güzapdan senem dyn
menem dynaýyn...»
Onuň şu gürrüňi gozgaryndan dogrusy, men hemişe-de gorkýardym.
Häliden bärem hut şu meseläni orta ataryndan gorkup otyrdym. Çünki
soňky döwürlerde ol menden hakykatdan-da ýadapdy. Eger-de şeýle
ýagdaý mundan bu ýana-da dowam etjek bolsa, onda men ondan
hakykatdan-da el çekmelidim. Ýöne ýaman dert gabanjaňlygymy-ha
goýup bilemokdym, aýrylyşmaga bolsa gaýratym çatanokdy. Hernäçe
tersleşsemem, sögüşsemem galan ömrümi Jemalsyz göz öňüne getirip
bilmeýärdim. Edýän hereketlerimiň barysyny ony özüme has
98
golaýlaşdyrmak üçin, özümiňki hasap edýändigim üçin, eýemsiräp
edýärdim. Gabansamam gowy görýändigim üçin, elden gidermezlik
üçin, hiç kime bermezlik üçin gabanýardym. Haçanam bolsa bir gün
aýrylyşmaly bolarys diýen düşünje dagy kelläme-de gelenokdy. Emma
barysy tersine bolup çykdy. Ol iki gözümiň içine seredäge-de: «Gel,
Erkin aýrylyşaly» diýdi oturyberdi. Özem şol sözi bir zatlary kalbynda
uzak wagt saklap ahyrsoňam halys degnasyna degip, aýtmaga mejbur
bolan dişgysdy adamyň çydamlylygy bilen şeýle bir mert, şeýle bir
ýürekden aýtdy welin, bir demde ysgyn-mydardan aýryldym
oturyberdim. Beýle agyr urguny men ondan öňem, soňam çekip
göremok. Şol pursat janymyň agzymdan çykyp gidibermändigine henizhenizlerem geň galýan. Jemal welin ojagaz urgusy bilenem çäklenmedi.
«...Kömek edenden-ä geçen, gaýtam bir işiň başyny tutdugym elime
kakýaň. Aýagyma çolaşýaň. Günüň-gününe yzarlap ýörmekden başga
bitirýän goşuň ýok. Gabançdan başga pişäňem ýok. Nämemişin, gowy
görýärmişiň. Söýýänmişiň. Beýtjek bolsaň gowy görmän geç! Söýmän
geç! Indiden soň meniň Leýli ýa Zöhre bolup dessana girjek aladam ýok.
Maňa aşyklyk däl-de, güzeran, goltgy, hossarçylyk gerek. Eýe gerek.
Goý, ol meni söýmesin, goý, üstüme ýene ikisi, üçüsi bilen gezsin, agzy
gyşyk ýa ýüzüniň üstünde burny ýok bolsun, ýöne hiç zada mätäç
etmesin...» diýibem gürrüňi gutardy hasap edip saçagyny
ýygnaşdyrmaga başlady.
Kynlyk bilen ýerimden turdum. «Bor Jemal, sag bol» diýdim. Onuň
dodaklary çalaja gymyldady. «Sag bol» «Gaty-gaýrym aýdyşan bolsak
razy bol». Jemalyň gözlerinde ýaş göründi. «Senem razy bol».
«Habarlaşyp duraly». «Ýok, habarlaşsak ýene-de durup bilmeris. Ýenede öňki güzaply günlerimize gaýdyp geleris». «Belki...» «Ýok. Men
özümi gowy tanaýan. Sesiňi eşitsem durup bilmen». «Eýle bolsa, haçan
kömegim gerek bolsa aýdaý». «Öňki eden kömekleriňem ýeterlik».
Men usullyk bilen gapa tarap ýöneldim. Hernäçe agyr düşse-de,
ýalbarmaga, öňünde dyza çökmäge, ýaş dökmäge erkeklik namysym ýol
bermedi. Jemalyň meni derwezeden çykarjak bolup, gulpy açybilmän
durşy gözümiň öňünde. Elinden açary alyp özüm açjak bolýan. Emma
hanasyna eltip bilemok. Ellerim sandyrap dur. Soň ýene-de Jemalyň özi
synanyşýar. Ýene-de bolanok. Ahyrsoňunda kimiň açandygy
hakydamda ýok, ýöne telim ýola gezekleşenimizden soň gulp açyldy.
Çykjak wagtym men ony ogşajak boldum. Ogşatmady. «Iň soňky gezek
99
ogşaýyn» diýdim. Onda-da etmedi. Alagaraňkynyň içinde salgym ýaly
hallan atyp, gaýra gaýyşdy durdy. Gapyny megerem men açan bolsam
gerek. Bir görsem elimde açar bar. Men ony oňa uzatdym. Aljak wagtam
elinden tutdum-da: «Sag bol ezizim! Mähribanym...» diýdim.
Ol sesini çykarmady. Ýüzi welin ak mermer ýaly hem berk, hem
sowuk göründi. Bokurdagy dolan bolmagy mümkin, gepläp bilmedi.
Men uzak eglenmedim. Derwezeden daşlaşdygymsaýam ýüregimiň
howsalasy artyp başlady. Kürkregime agy doldy. Dyňzady. Ötügiň
üstündäki demir ýola çenli zordan çydadym. Birdenem böwet böwsüldi.
Agy yňdy. Demirýoluň ugruny syryp öýe tarap däl-de, ters ugra tarap
ýegşerilip barşyma kä dik durup, kä oturyp, käte çök düşüp käte içimi,
käte bykynymy tutup agladym. Kellämde bolsa şol, iň soňky sözlerim
gaýtalandy durdy: «Sag bol, ezizim! Mähribanym...»
Kä durup, kä ýöräp, çaýkanyp barşyma özümi ha saga urýan, ha
sola. Bilip edýänmi ýa bilmän edýänmi, haýsy tarapa dönsemem
öňümden Jemal bilen ýörän, ugradan, garşylan köçelerimiň,
çatryklarymyň üstünden barýan. Hersem Jemaly ýadyma salýar,
ýüregimi gozgaýar, beýnimi sarsdyrýar, süňňimi lagşadýar. Iň
ýamanam, hemişe şolar ýalyda bolşy ýaly, göz öňüme Jemalyň iň gowy
taraplary gelýär. Ýadyma diňe mähribançylykly hereketleri süýjülikli
sözleri düşýär. Agyrdan, ynjydan pursatlary aňyma gelenok. Şol dem
gabanjaňlygymam zym-zyýat boldy-da, kalbymy ökünç gaplap aldy.
Nähak ýere azar berip, garalyk ýapyp, birsyhly mertebesini kemsidip
gelendigim üçin puşman edýän. Yza ýol gözleýän. Ýaşyl derwezäniň
özüm üçin ömürlik ýapylandygyna welin hiç ynanyp bilemok. Entäp
ýörşüme Jemal bilen «sirkden» bile gaýdýan ýolumyza düşüpdirin. Bir
görsem şo-ol, tanyş itli derwezäniň deňinde durun. It janawer meni
görenden «has-has» edip, çyňsap, tanapyna towsup başlady. Bir
wagtkysy ýaly gözenekleriň arasyndan, derwezäniň aşagyndan
temmegini uzadyp ysyrgandy. Guýrugyny bulaýlady. Meniň ýagdaýyma
düşünen ýaly özem ur-tut gamgyn hala geçdi. «Hany, ýanyňdaky gelin
nirede» diýýän ýaly eýläme, beýläme seretdi. Gulaklaryny üşerdip
ýüzüme çiňerildi. Soň iki art aýaklarynyň üstüne galyp, böküp,
eginlerimiň üstaşyry köçä seretdi.
Men onuň bilen sus hoşlaşdym. Göwnüme bolmasa, ol temegini
alynky aýaklarynyň arasyna sokup hamsygan ýalam boldy. Yzyma
garamasamam, ep-esli ýere çenli onuň gyzgyn nazaryny duýdum.
100
Ine-de men şol günler edil ýaş juwanlar ýaly içine girip Jemal bilen
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 09
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.