Latin

Söýgüde serhet ýok - 10

Total number of words is 3842
Total number of unique words is 2142
30.4 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýaly syňsyraklaşyp ýörmesinler diýdim. Sähelçe kömegem goltgy bolup
dur-da bulara şumat. Ýekeje buhanka çörek getirseňem begenýäler,
görgüliler...» diýdi.
Molla Jemalyň öz aýdanlaryndan artyk söz aýtmady. Şonuň üçinem
bu ýerde ony mugt işçi güýji hökmünde ulanmakdan başga bähbidiniň
ýokdugyna, mollanyňam garaçyny bilen, garyndaşlygynyň hatyrasyna
hyzmat edip ýörendigine tas ynandym diýen ýaly. Nähak ýere oda-köze
düşüp ýörendigim üçin öz-özüme gaharymam geldi. Namazly-täretli
adamyň günäsini göteren bolaýmagymyň ahmaldygy barada
oýlananymda-ha dogrusy gorkmanam durmadym. Şonda mollanyň
göwnüme bolmasa gara ýüzi az-kem agaran ýaly, ýüzüre bolsa mähir
nury çaýylan ýaly boldy.
Gaýdyşyn agyr ýük astynda gelenem bolsam, gidenimde aýagym
ýere degmedi. Gije-de hezil edip ýatdym. Ukymy aldym.
Ýöne barybir ynjalyp bilmedim. Ertesi irden turşum ýaly: «Eger-de
ýanyna golaýlaşmaýan bolsa, Jemal onuň üstünden çig etiň ysynyň
gelýändigini nädip bilýämişin...?» diýen pikir kelläme geldi-de, bir
üýtgeşik sözjagazam eşidäýmegim ahmal diýen tama bilen ýene-de
mollanyň ýanyna gitdim. Emma bu gezegem bilibilen zadym bolmady.
Şonuň üçinem şol ýerde gymmatbahaly bir zadymy galdyryp gaýdýan
ýaly telim günläp gün yrman gatnadym. Gitdigimçe-de öwrenişdim. Şu
öýde özüniň eýýäm hojaýyn ornundadygyny, maňa göz üçin edip
görkezmekçi bolýan ýaly gürrüňçiligiň arasynda hasyr-husur
113
budkajygyny ýapýardy-da, Jemalyň jaýynyň gapysyny zarp bilen açyp,
arkaýyn içine girip gidýärdi. Wannasynda täret kylýardy, ondan soň
ortaky jaýa geçýärdi-de ortarada durup, uly ili bilen zörledip namaz
okaýardy. Entegräkdenem atylyp eýwana çykýardy-da, basgançaklardan
abşanaklap aşak düşýärdi. Gybyrdyklap gelibem budka girýärdi.
«Nätdim» diýen terzde ýüzüme seredip syrtarylýardy.
Käte men onuň tutuş howlyny suwlap, syryp-süpürip, aýna ýaly
ýalpyldadyp ýörşüne gabat gelýärdim. Şol işleri ol uly höwes bilen
edýärdi, lezzet alýardy. Jemal ýaly ýaş hem owadan gelniň howlusyndan
emin-erkin girip çykyp ýörendigi üçin buýsanýardy, öz-özüne
guwanýardy. Belki-de, eýýäm Jemaly öz tarapyma geçirdim hasap edip,
açyk söwda geçiljek aýgytly pursadyň gelerine sabyrsyzlyk bilen
garaşýandyr? Özüni Jemalyň gujagyna oklajak şol arzyly pursadyň
günsaýyn golaýlaşýandygyna ynanýandyr? Jemalyňam özüne
göwünlidigine, özi tarapyndan ediljek teklibe onuň ikielläp razy
boljakdygyna asla ikirjiňlenýänem däldir.
Men, elbetde, onuň ýanyna gatnaýandygymy, «aňtawçylyk»
edýändigimi Jemala bildirmeýärdim, ýöne bir gezek ol Jemala: «Bir
mugt iýýäniň bir-ä ýanyma gatnaýa» – diýipdir, şol günüň ertesi Jemal
maňa: «Şol sen-ä dälsiň? «Was-wasyň» ugruna gidip sümsünip ýören-ä
dälsiň-dä» – diýdi. «Ýok, men-ä däl» – diýdim. Şonuň bilenem ol gürrüň
galdy. Şeýle-de bolsa, bu meselede özümiň iňňän seresap
bolmalydygymy aňdym.
Dogrudanam öwrenişdimi ýa meniň «mugt iýýänlerden» däldigime
göz ýetirdimi, soňabaka molla menden çekinmesini goýdy. Soňky gezek
baranymda-ha hasam içginsiredi. Men soramaýanymda-da gürrüňi
Jemally tarapa sowasy geldi durdy. Öň özi budkanyň içinde oturyp
gürleşýän bolsa indi menem içine saldy. Müşderisi ýok wagty budkadan
çykyp, bagyň kölegesinde setirläp goýaga-da, üstünde eňegini sag eliniň
aýasyna diräp, gözlerini dik asmana dikip, ýanyn ýatýan oturgyçlarynyň
birini öňüme süýşürdi. Suw diýsem suw, çaý diýsem çaý berdi.
Arasynda ahwallarymam sorady. Men welin ara böwşeňlik düşdügi
öňkülerim ýaly osmakladyp başladym. Suwuň eýesine ýeke bir garyndaş
hökmünde däl-de, ýanýoldaş hökmünde-de hossar duraýsa kem
bolmajakdygyny ýaňzytdym. Meniň ol sözlerim oňa iňňän güýçli täsir
etdi. «Sen dogry aýdýaň, gardaş, ýüregiňdäkini aýdýaň. Men özümem
şol pikirde, ýöne, how, men-ä şuň bergilerem halys çökerdi. Almankam
114
tozdurdy. Işläp berenim üçin-ä bir hak alamok, üstesine ol işimden alýan
aýlygymam şuňa getirip berýän, bergileriňi üz diýip. Bergisi bolsa
köpelýä welin azalaýanok... – Molla oturgyçda oturan ýerinde çep
aýagyny öňe uzadyp arkan gaýyşdy. – Hudaýa şükür, kem zadym ýok,
öýem hor edemok, munam... Hor etmenem... – Ol barmaklaryny büküp
başaldy – Gelelim bäri ilki «tremo» äberdim, soň äpişgesine tutar ýaly
gymmatbahaly tuty alyp berdim, ine, dek-düýn telewizor äberdim...»
Beýnimiň içine ýyldyrym çakan ýaly boldy. Ýüregimiň urgusy
bada-bat güýçlendi. Bokurdagym gurady, agzym kepedi. Dilimiň
öwrülmesi kynlaşdy. Süýeklerim syzlaşyp, aýaklarymdan ysgyn gaçdy.
Bedenim lerzana geldi. Çünki onuň bu maglumatlaryna men ynanman
biljek däldim. Şol sanalan zatlaryň barysyny Jemal golaýda
hakykatdanam edinipdi. Ýöne maňa «özüm satyn aldym» diýipdi. Ine,
indi bar zat äşgär boldy. Diýmek, ol meni aldapdyr. O zatlary oňa molla
äberipdir. Şeýle-de bolsa men syr bildirmezlik üçin ýalandan gülen
boldum: «Beh, olar ýaly bolsa goşuňyzy-ha birikdiriberenem ekeniňiz.
Indi bir ýazlyşaýmaňyz galypdyr-da...» Molla edil «wawwasyna»
basylan ýaly boldy. «Wah, onam diýýän welin, entek ýazlyşmana
howlukmaly diýýä-dä... Şeýdip içimi ýakýa-da... Äriniň ýasy
sowulansoňam, nämä garaşýa, men-ä haýran...» Men içimiň ýangynjyna:
«Göwünli dämi özi saňa...» diýenimde bokurdagym dolup,
gaňşyrawugym tütäp gitdi. Gözlerime çyg çaýyldy. «Göwünli bolman
nirä gitsin-aý... – Molla «hikir-hikir» güldi. – Onsoňam ol öňi-soňy
garamatyny biriniň boýnuna atjak bolsa özümiz eýe çyksak ýagşy...»
Maňa indi ol ýerde ondan artyk eglenmekligiň geregi ýokdy. Çünki
telim gün bäri gatnap, eşidesimiň gelýän zadyny eşidipdim. Bilesimiň
gelýän zadyny bilipdim. Turmaga synanyşdym. Emma başartmady.
Molla bolsa henizem gürläp otyr. Maňa tarap eglibräge-de, iki
gözümiňem içine seredip bir zatlar diýýä, ýöne, men indi hiç zat
aňşyrmok. Onuň göwresem gözlerimiň öňünde salgyma öwrülip,
howada eräp gidip barýar. Kellämiň içinde bolsa mollanyň: «Ýazlyşaly
diýýän welin, howlukmaly diýýä» diýen ýakymsyz sesi Jemal bilen
hoşlaşan günümiz: «Hoş gal ezizim, mähribanym...» diýen sözüň
gaýtalanmana başlady.
Ümürde ýöreýän ýaly ellerim bilen howany sermeläp zordan
turdum. Tutuş göwräm bilen yranyp budkadan çykdym. Molla welin,
şindem egnini-egnime deňläp, bir zatlar diýip, gidip barýar. Ýöne, maňa
115
indi ol näme diýende-de parhy ýok. Çakym-çak, çenim-çen bolup çykdy,
şonuň özi maňa bes. Sähelçe bähbit üçin özüni şeýle pese taşlamaga
ukyplydygyny bilen bolsam, men aslynda onuň ýelesinden bir
geçermidim? Golaýyndan bir bararmydym? Ol kim, ojagaz mollajyk
kim? Şolar ýaly päkize, saçlarynyň her taryndan müşk ysy kükäp duran
ýaş maşgala özüni üstünden çig etiň ysy gelip duran kirli birine rowa
görüpdir, diýseň kim ynanar? Ynanmazlyga bolsa sebäp ýok. Bujagaz
mollajyk bar zady ine, şumatjyk özüniň günde bäş wagtyna namaz
okaýan diljagazy bilen aýdyp berdi. Onda-da edil çöp döwlen ýaly etdi.
Çintgäp-çintgäp aýtdy. Alyp beren harytlaryna çenli ýeke-ýeke sanady.
Özüniň etmedik zadyny ol bir ýat adamyň ýanynda etdim, diýip,
aýdybilmez-ä! Jemalyň aýtmadyk zadyny «aýtdy» diýibilmez-ä!... Egerde sähelçe gaýratym, namysym-arym bar bolan bolsa, onda men şol
wagt göni Jemalyň ýanyna ylgamalydym. Barybam göreçleriniň içindäki
garaçjyklaryna dikan garaga-da: «Maňa sen ýaly, iki dilli biwepa gerek
däl! Men senden geçýän! Sen menden boş! Alan galaň özüňki!» diýip,
birwagtkylarymdanam has gaty we yzgytsyz gygyrmalydym.
Hut şol niýetler bilenem, göni Jemalyň iş ýerine tarap ugradym.
Barybam girelgeden jaň etdim. «Çyk, seniň bilen gürrüň bar» diýdim.
Sesimden bir zatlar aňan bolsa gerek, aljyraňňy gürledi: «Ýene ýarym
sagatdan arakesme bolýa, şonda çyksam bolmazmy?» «Bor, edaraňyzyň
ýokary ýüzündäki bagjagazda garaşaryn...»
Mende bir häsiýet bar, juda gaharym gelse ýa erbet kejiksem, aýtjak
sözümi öz wagtynda, esasanam jaýba-jaý aýdyp bilemok. Şonuň
üçinem, Jemala kesgitli bir zat aýtmakçy bolsam hemişe hata ýazyp
berýärdim. Soňabaka Jemal meniň bu häsiýetimden basylyp ugrady we
elim kagyzly gördügi ýaýdanyberdi.
Men bu gezegem şeýtdim. Mollanyň äberdim, diýýän zatlarynyň
barysyny bir kagyza sanaw görnüşinde ýazdym. Ýokarsyndan bolsa:
«Ine, saňa «hossaryň» alyp beren zatlary, bular ýaly gymmatbahaly
zatlar ýöne ýere äberilmeýär» diýip görkezdim.
Ine-de, Jemal maňa tarap moýmuldap gelýär. Egninde ýukajyk,
gara-ala kofta, topugyna düşüp duran ýubkasam gara. Ýöne, ikisem
tomus üçin galyňrak. Ol köpden bäri tomus geýer ýaly ýukajyk
ýubkanyň arzuwyny edýärdi, ýöne, süýşürinip bilmeýärdi. Men bolsam
telim aý bäri işsizdim we hiç-hili kömek edip bilmeýärdim. Ýöne
göwnümde bardy. Şonuň üçinem tüp yssyda gara dere batyp, galyň
116
ýubkanyň içinde ýanyp-bişip gelşine nebsim agyrdy. Syn edýän welin
özem ilkinji gören gezegimdäkä garanda birneme ýarsypdyr. Semräpdir.
Ýörüşi haýallapdyr. Alys ýoldan ýadap gelýän bedewe meňzeýär.
Golaýlaberende ýylgyrjak boldy, ýöne elim kagyzly duranymy görüp
gyzardy. Aljyrady. Men bolsam ahyrsoňy günäsini subut edip,
biwepalygyny ýüzüne basjakdygym, syryny äşgäre kylyp, zähresini
ýarjakdygym üçin tolgunmakdan ýaňa süňňümi saklap bilmän,
sandyraklap durun. Aýgytly pursat golaýlaşdygyça-da galpyldym artýar.
Ýöne bir zat welin meni köşeşdirýär, o-da inkär edip bolmajak
subutnamalaryň hemmesiniň elimdeligi. Öňki ýaly howaýy däldigi. Şol
durşuma men: «Şu çaka çenli meni aldap, oýnap gezendigiňi, şeýtmek
bilen çoh-çoh günäler gazanandygyny sen indi-hä hiç zat bilen inkär
edip, batly-batly sözleriň bilen meni haýalçyradyp bilmeseň gerek.
Sebäbi gerekli kartyň oýny meniň elimde. Şony görkezerin welin, ähli
kartlaryň eliňden gaçar, utuş menlik bolar, bu zatlary meniň nädip,
nireden bilip ýörendigime haýran galmakdan ýaňa çiňarkan gaýdyp
çüwdäňi deşdiräýmegiňem ahmal, ýöne zyýany ýok, senem iň bolmanda
bir gezejik bir awunyp gör, ýanyp-bişmekligiň örtenmekligiň nämedigini
bil» diýip, içimi gepledýän. Dişimi gyjaýan. Howsalam welin artýar.
Sebäbi her niçik hem bolsa, bu garpyşmanyň aňyrsynda uzak, belki-de,
ömürlik aýralyk ýatyr.
Geldem welin, hatly kagyzy eline tutdurdym. Ol boz-ýaz bolup haty
açdy. Okady. Menem synlap durun. Iki gözümem ýüzünde. Kagyza
ýazylan hatyň täsirini biljek bolýan. «Näderkäň, ind-ä özüňi aklara
bahana tapmasaň gerek» diýip, oýlanýan. Boz-ýaz bolup durşuna:
«Bolýa, sen ahyry utduň, meni ogurlygyň üstünde tutduň, mende indi
çykalga ýok, bar zady boýnuma alýan, şu zatlaryň bary çyn» diýerine,
özüniň bagyşlanmagyny haýyş edip ýalbararyna, göz ýaş döküp eňrärine
garaşýan. Onuň welin okadygydaýy ýüzi açylýa. Gyzarmasam galdy-da,
öz reňkine geldi. Ýylgyrdy. Birdenem güldi-de, haty elime tutdurdy:
«Me, ýygnap goý, soňam gerek bolmagy mümkin. – Ol aňyrsyna
öwrülip gitjek ýalam etdi-de, iki ädimem ätmän saklandy. – Indi
ikimiziňki hakykatdanam gutardy, Erkin, sebäbi, sen düzeljek adam däl.
Özüňem gaýdyp meni gözleme, yzlama. Meniň çydam käsäm doldy.
Hoş! Näme nägileçiligiň bolsa-da, özüňden gör...»
Şondan soňam onuň şeýdip gaýtam meni günäkärläp durşuna
haýran galdym. «Eý, weý, eý weý, bujagazyň bolaýşyny-aý, beh, beh...»
117
diýip, kimdir biri beýnimiň içinde agyr ädikli aýaklary bilen iki ýana
«düňk» ýasady. Şonuň üçinem, dodaklarymy ýalaşdyrdym-da, ysgynsyz
ses bilen: «Näme... Sen näm... Ýa-da ýene ýalanmy...» diýip,
sakawladym. Gitmäge hyýallanyp öňe-yza owsun atyp, durşuna Jemal
ýüreginden syzdyryp şeý diýdi: «Men indi seň öňüňde özümi aklajak
däl, Erkin, sebäbi oň peýdasy ýok. Ýöne, bir zady aýdaýyn: Sen garaňky
jaýyň içinden gara pişik gözleýäň. Iň ýamanam seň gözleýän pişigiň şol
jaýyň içinde ýok...» Men gyssanjyma kartymy açanymam bilmän
galdym: Bu zatlary men onuň hut öz agzyndan eşitdim ahyry...» «Eşiden
bolsaň gowy edipdiň. Ýene bar-da, diňle şony. Şeýtseň başga-da birnäçe
zatlar eşidäýmegiň ahmal. Ýöne şol ýerden göni öýüňe git! Gaýdybam
meniň ýanyma gelme. Jaňam etme. Menem, meniň telefon nomerimem
unut. Hemişelik unut. Men senden öler ýaly ýadadym. Irdim. Basyldym.
Seniň maňa hunaba ýuwutdyrmakdan başga peýdaň ýok. Özüňem mert
bol! Ejizleme! Öňkiň ýaly aglap-eňräp görene masgara bolup ýörme. Öz
derdiňi özüň çek!...» – diýdi-de, sag bolam diýmän aňyrsyna öwrüldi.
Ýene-de meniňki bolmady. Ýene-de kartym elimden gaçdy.
Gylyjym ýene-de Jemalyň galkanynyň aşagyna düşdi. Ýene-de men
utuldym. Iň ýanamam oňa hiç zat diýip bilmän, aýda-aýda içimi
sowadybilmän galdym. Ol welin, eýýäm ho-onha, göwni bir ýaly
arkaýyn ýöräp gidip barýar. Menem ýüzüne hökmi ýöremedik doga
ýazylan kagyzy elimde aklap onuň yzyndan garap durun. Şol aralykdada indi hiç haçan onuň galyň hem gara ýubkasyny täzelemäge kömek
edip bilmejekdigimi ýatlap erbet gynanýan. Derrewem: «Zyýany ýok,
ömürlik aýrylyşanam bolsak, işe durup aýlyk alan günüm oňa tomus
geýer ýaly bir ýukajyk köýnek alyp bererin, çişligiň ahmyryndan
çykyşym ýaly ýubkanyňam ahmyryndan çykaryn», diýen pikir
gyssagara kelläme geldi-de az-kem köşeşdim.
Ýöne, ömürlik aýrylyşandygym, ony gaýdyp hiç-haçan
görmejekdigim, hiç haçan duşuşmajakdygym, bir ýassyga baş goýup, bir
düşekde dalaşmajakdygym barada oýlananymda welin ýüregime erbet
bir howsala aralaşdy. Gözlerimiň öňi garaňkyrap, ýer-gök daşymdan
degirmen deý aýlandy. Güýçli bir ruhy yzanyň garasar sürüsi ýaly
üstüme sürünip gelýänini duýdum, hatda şol guşlaryň gara ganatlarynyň
deňziň
gomlaryna,
tolkunlarynyň
«güwwüldisine»
meňzeş
«şaggyldysyna» çenli eşitdim. Dünýe bolsa gitdigiçe daralsy. Gysdy.
Gowurdy. Dumly-duşumy tukatlyk gaplap aldy. Şol pursat men özümi
118
hiç kime gerek däl hasap etdim. Giň jahan içre özümi ýalňyz duýdum.
Dowla düşdüm. Ýaşaýyş, dünýedäki zatlaryň ählisi meniň üçin
manysyny ýitirdi. Eger-de şol pursat Jemal bilen bütin dünýäni bir terezä
taýlan bolsadylar, onda meniň üçin gürrüňsiz jamyň Jemally tarapy agyr
gelerdi. Ýap-ýaňyja-da onuň «talagyny» berjek bolup, dolup-daşyp
duran halyma, ine, indi özüm ejizläp durun. Meniň şol wagtky
ýagdaýyma diňe şol hala düşüp gören adam düşüner, halymy diňe
«mübtelalar» biler. Meniň şol pursatky çeken jebrimiň möçberini hiç zat
bilen ölçäp bolmaz. Bokurdagymdan çykjak bolup dyňzap duran ajy
agynyň joşgunyny daşgynly däli derýalaryň hiç biri bilen deňeşdirip
bolmaz.
Ýaşdan ýaňa öňüne ýaşyl perde tutulan günäkär gözlerim bilen,
henizem assa-ýuwaş ädimläp barýan Jemalyň yzyndan seredýärin. Ol
hatda göwnüm üçinem yzyna gaňrylyp bakaýanok.
Şeýdip, men ýene-de öz gümanlarym bilen ikiçäk galdym.
Şeýtmekligi hernäçe höwes etsem-de, mollanyň aýdanlaryny inkär
etmäge hiç hili esas tapmadym. Jemal bolsa, o zatlaryň ýalandygyny
subut etjegem bolmady.
...Ine Nepes, iň soňky aýrylyşyk şol. Ondan bäri köp wagt-a
geçenok, ýöne senem bu ýerde bolmaňsoň özümi nirä urjagymy, kim
bilen derdimi paýlaşjagymy bilmän ýördüm. Meniň öňümde häzir ajy
aýralygyň çekip-çydap bolmajak güzaply günleri ýatyr. Ol maňa juda
agyr, çekip-çydardan juda çökder görünýär – Erkiniň bokurdagy doldy.
– Men ony ömürlik ýitirdim.
– Goýsana, Erkin, ýarym aý aňry gitse bir aý geçerem welin ýenede ýaraşarsyňyz. Beren gürrüňleriňe görä, öňem telim gezek şeýle
bolupdyr, bu gezegem şeýle bolar – diýip, ony agyr oýlardan
aýňaldyrmak üçin men garaçynym bilen güldüm. – Siz muňa werziş
bolupsyňyz ahyry...
– Ýok, ýok! Indi ýaraşyga ýol ýok. Bu gezek bar zat gutardy.
Tamam... – diýende, Erkiniň agzyndan ot çykan ýaly boldy. Men hatda
onuň howada çabranynam gördüm. Içerä ýanygyň ysam ýaýrady. – Indi
men onuň özi ýaraşjak diýse-de ýaraşman. Ölýänem bolsam ýaraşman.
Şolar ýaly pes hereketleri edenden soň men ony bagyşlap bilmen. Jaňam
etmen.
– Sen şol mollanyň aýdanlarynyň çyndygyna ynanýaň-da onda?
– Howwa, ynanýan. Sebäbi, ynanmazlyga esas ýok.
119
– Belki, bu gezegem öňki gezeklerdäki ýaly bar zat ýalan bolup
çykar? Gury güman bolup çykar.
– Eýle bolsa, ol o zatlaryň ýalandygyny subut ederdi ahyry.
– Aýdyşyňa görä, subut ede-ede o görgüli etmez bolupdyr ahyry...
Sen ony ýadadypsyň. Ol senden özüniň günäkärligi üçin däl-de, seniň
düzedip bolmajak derejedäki «was-waslygyň» üçin ýüz öwrüpdir. Agyry
hemişelik dowam edip bilmeýär. Ol ýa-ha aýrylýar ýa-da alýar.
– Dost sözüň üçin sag bol, Nepes, ýöne Jemalyň özi boýnuna
almasa-da, mollanyň o sözlerinden soň men özümi hakykatdan-da
namysa galan, kemsidilen, äsgerilmedik hasap etdim. Şonuň üçinem
hernäçe kyn düşse-de, göresim gelip, ýaraşasym gelip ýüregim üzülip
barýan bolsa-da, özüme zor salaryn welin, çydaryn. Iň kyny eýýäm
geçdi. O-da aýralygyň birinji hepdesi. Onuňam ilkinji güni. Ýöne,
diýseň-diýmeseň, hemişekije jaň edýän wagtym golaýlaşýaram welin,
ýerimden turaga-da, öýüň içinde iki baka zowzullaberenimi bilmän
galýan. Iki gözümem telefonda. Almajagyna, gözüm ýetse-de ylgap
baryp telefony galdyrasym, beýnimde berk ornaşan, alty sandan ybarat
sanlary aýlaberesim gelip dur. Iň bolmanda sesini-hä eşidip galaryn-da,
diýýän. Şeýle-de bolsa saklanýan, dönüp gelip özümi ýene-de köp
ýyllaryň hyzmatyndan ýaňa ýagyrnysy çöküp giden meleje diwanymyň
üstüne oklaýan. Arkan düşýän, eýläme-beýläme agdarylýan, soň ýene-de
turup telefona topulýan. Ýene-de ýetmän yzyma dönýän. Azajyk
oturýan-da, ýene-de şol ýere barýan. Saňňyldap duran elimi urubam
bilmän, çekibem bilmän awuna gonjak guş ýaly aýalarymy telefonyň
üstünde «pel-pelledip» ep-esli saklaýan. Ýöne, barybir ýene-de yza
çekilýän. Iýmek, içmek dagy bütinleý ýatdan çykdy. Ýadyňa düşäýendede aňrym hiç zat alanok. Işdäm ýok. Aşgazan kabul edenok. Özümi
araga tutup gören gezeklerimem boldy. Ýöne o-da bolanok. Gaýtam
öjükdirýär. Derdiňi güýçlendirýä. Agyňy tutdurýa.
Halys uwnup çydamamsoň men: «Mert durup ýalbarmaly,
ýalňyşanymy boýnuma almaly-da, Aýlarhan bilen ýaraşmaly» diýen
karara geldim. Şeýtsem, derdim ýeňlär gamdan gutularyn, öýtdüm. Bu
hut şeýle bolmalydam, ýöne Aýlarhan maňa eglişik etmedi. Ýaraşmady.
Şeýle ýagdaý ol ikimiziň aramyzda öňem bir gezek bolupdy. Şol
gezegem men Jemal bilen bijaý tersleşipdim. Aýal bilen ýaraşmaly-da
şuny bütinleý terk etmeli diýen netijä gelipdim. Her niçik hem bolsa
şunça ýaşaşdyk, dözmez, meni gorpdan alyp çykar öýdüpdim. Ol welin
120
meni diňlemegem islemändi. Gaýtam, ejizläp, öňünde dyza çöküp
oturşymy görüp begenipdi. Meni ýeňilen, özüni ýeňiji saýyp, ýanymdan
dabaraly suratda başyny dik tutup turup gidipdi. Özüniň ahyrsoňunda
ýeňiji bolup çykandygyny hossarlaryna buşlamak üçin ol şondan soň
ýörite oba-da gidip gelipdi. Ol bu gezegem şeýtdi. – Erkin tisgine-tisgine
sowuk demini aldy. – Maňa indi diňe wagta bil baglaýmak galýa. Bu
dertden indi meni diňe şol halas edip biler. Şu derdi çekip gören çalarak
tanşymyň aýtmayna görä, ony ýadyňdan çykarmak, aýňalmak üçin
azyndan alty aý gerekmişin. Şonda ol sag eliniň süýem barmagynyň
ujuny ýüreginiň üstüne diräpdi-de: «Ýöne, munyňdan-a ömürem
çykmaz» diýipdi.
Göwnümi açaýyn, aýaklarymyň guruşgynyny ýazaýyn, diýip, käte
köçä çykýan. Ýöne, o-da edil arak ýaly derdimi artdyraýmasa
kemeldenok. Çünki şäheriň ähli ýeri, islendik köçäniň çatrygy seýilgäh
ýa kafe, hatda şäheriň gyrak-bujaklaram maňa Jemaly ýatladyp dur.
Görüp otursam ol ikimiziň dürli sebäplere görä şäheriň içinde aýak
sekmedik ýerimiz galmandyr. Ana, ýar bilen gezilen şol tanyş ýerlere
gözüm düşende göwnüm bozulýar, bokurdagym dolýar, gözlerime ýaş
gelýär. Şonuň üçinem, men özümi derhal çet ýere çekmeli we hiç kim
görmez ýaly bir pynhan ýer tapyp, tä, içimi egsip bolýançam bukulyp
oturmaly bolýan. – Erkin agyr düýşden oýanan ýaly gözlerini tegeläp
daş-töweregine seretdi. Meni birinji gezek görýän ýaly, ýüzüme
çiňerildi. – Ine, men-ä şeýdip, janserek bolup ýörün, Nepes... Mahlasy,
men indi öz erkimde däl. Özüme ygtyýarymam ýok. Onuň ikisinem yşk
aldy. Men indi bimar. Hassa! Kellämi nirä sokjagymy, özümi nirä
urjagymy bilemok. Öýdenem işlemek üçin däl-de, edil şonuň üçin
gaýdan ýaly boldum. Bu derdi mundan artyk çekip-çydara rowgatym
ýok. Gaýrat et-de maňa ýol salgy ber! Meni dertden gutar! Girdapdan
alyp çyk. Halas et! Hut şonuň üçinem seniň ýanyňa geldim. Sen ýurda
belli psihoanalitik. Hemmeler her gün ir bilen baryp seniň kabinetiňe
nobata durýa. Bar diýseň menem şol ýere baraýyn. Nobata duraýyn.
Ýöne, aýt, men näme etmeli? Onsuz-a oňup bilemok, ýüküni bolsa agyr
görýän...
– Şeý diýsene... – diýip, men ol sözüne bererine mähetdel ýuwaşja
seslendim. – Men-ä seni döredijilik ummanynda ýüzüp ýörensiň öýdüp,
täze eserleriňe garaşyp ýördüm.
121
– Ýok! Söýgä sataşyp goşa ganatly boldum, men indi arşa uçaryn
diýip ýalňyşan ekenim. Ol ýalan ekeni. Aldaw ekeni. Salgym ekeni.
Söýgi meni öňküje ýeke ganatymdanam aýyrdy. Ýeleklerimi gyrdy.
Perlerimi ütdi. Ine, indi ençeme wagtdyr, meniň goşan goşgymam,
ýazan kyssamam şol. Ýaňky aýdyp beren gürrüňlerim. Mende başga
baýlyk ýok. Men boş! – Erkin iki eli bilen kellesini penjeledi. – Nä
derdim ekeni, jan dostum, bu ýaşdan soň munça belalara ulaşyp... Ýa
men Allanyň öňünde uly günä edip, bu-da şonuň jezasymyka?
Men başardygymdan ony köşeşdirmäge çalyşdym.
– Bu ýerde geňläp oturasy zat ýok, Erkin. Aýdyşlaryna görä söýgem
edil gyzamyk ýalymyşyn. O-da ömründe bir gezek her kime hökman
sataşaýmalymyşyn. Ýaşlykda sataşmasa, orta ýaşda, onda sataşmasa
gojalykda, onda-da sataşmasa göre gireninden soň gabrynda sataşmaly
welin hökman sataşaýmalymyşyn...
– Kepenini galgadyp söýgülisi bilen duşuşyga barýan ölini gördüm
diýsem-ä ýalançy, ýöne şonuň hakykatdan-da şeýledigine men-ä
ynanýan, Nepes... Ol güýç ölünem direlder...
Eýtdiň, beýtdiň, söýgüniň jebrinden ýaşlykda sypdyň, emma
aýlanyp-öwrülip şu ýaşdan soň şonuň toruna düşdüň. Sebäbi ýaňky
aýdyşym ýaly ondan gutulma ýok. Ol ykbal. Ol owalebetde seň
maňlaýyňa ýazylan. Durmuşdan söýgüsiz gitmek bolsa agyr jeza. Şonuň
üçinem, ýüküni hernäçe agyr görseň-de sen indi o derdi çekmeli
bolarsyň. Şunça çekipsiň, indem çekmeli bolarsyň. Ýaraşmalam borsuň.
Ýaraşarsyňam. O-da gaýra gaýşyp durmaz. Gürrüňleriňden çak edişime
görä, o-da seni juda gowy görýän bolmaly. Ýöne, gabanmaňy goý.
Özüňi kiçeltme. Söýgüňi kemsitme. Mert bol. Diňe söý! Özüňem muňa
Hudaýyň gazaby diýip däl-de, peşgeşi diýip düşün. Şol derdi kyýamata
goýmandygyna şükür et. Ýene bir zat: döredijiligiňden sowama. Ol
seniň üçin söýgüňdenem zerur. Çünki Allatagala ol üşügi saňa il-günüňe
sarp et, diýip, beripdir. Söýgi döredijiligiňe zyýan bermesinde, peýda
bersin. Ganatlaryňy gyrmasyn-da, başkyň ýaly goşalandyrsyn.
Ylhamyňy joşdursyn.
Erkin etegine ot düşen ýaly oturan ýerinde elini çarpyp böküberdi.
– Ana, Ana! Ýaman ýerem şol-da! Bar zat tersine boldy-da! Söýgi
zerarly şahyr Erkin öldi! Men indi ýok!
122
– Sen söýgi zerarly däl-de, gabanç zerarly şu güne düşdüň. Çünki,
gabanç söýgi bilen bir gursaga sygýan däldir. Ol hökman söýgüni gysyp
çykarýandyr.
– Ýok, men indi barybir yzyma dolanyp biljek däl. Hernäçe ejir
çeksem-de çydajak. Ýöne, aýak üstüne galýançam, ony ýadymdan
ymykly çykarýançam maňa goltgy gerek. Men häzir şoňa mätäç... Men
şu wagt juda ejizledim... Ýöne, her niçik hem bolsa, bir ujy ýüregimiň
töründen gaýdýan inçejik taryň entegem üzülmän, Jemalyň görküne bent
bolup, nepis bir owaz bilen «tyrňyldap» durandygyny duýýaryn. Ana,
şol hem meniň Jemala bolan yşgym. Ýürek owazym. Söýgi baradaky
aýdymym. Mährim. Muhabbetim. Giç açylan gunçam. Şol tarjagazlar
meni öňem her gezekki tersleşikden soň Jemala tarap çekýärdi.
Ýaraşmaga mejbur edýärdi. Şu wagtam şeýle. Ýöne, bu gezek Jemal şol
taryň özünden tarapyny öz eli bilen ýoldy. Onda-da hemişelik ýoldy.
– Erkin aşak bakyp, uzak wagtlap içini «hümledip» oturdy. – Belki, bu
gezegem men ýalňyşandyryn. Mümkin. Ýöne, nätjek, boljak iş boldy.
Suw seňrikden agdy... – Ol başyny silkip galdyrdy-da, ýüzüme dikanlap
garady. – Ine, söýgi meni şolar ýaly kyn güne saldy, Nepes. Şo-ol,
baýaky, sähel wagtlyk dowam eden bagtyýar günlerimi hasap etmeseň,
onuň maňa ezýetden başga beren zady ýok. Gaýtam ejizletdi. Lagşatdy.
Usurgatdy. Has dogrusy maýyp etdi. Maýyrdy. Güýjümi, kuwwatymy
kemeltdi. Sen dogry aýdýaň, kim gabanjaňlyk belasyny yşgyň hesreti
bilen bir hatarda goýan bolsa ýalňyşýar. Yşk – bu arassa söýgi.
Gabanjaňlyk bolsa söýgi daragtynyň içini köwýän gurçuk. Şeýtanyň
pişesi. Men muňa düşünmän duramok, ýöne, meni gabanjaňlyga tarap
görnetin iteklemek bilen, Jemal juda ýalňyşdy, özünem, menem agyr
günlere saldy. Iň gowy görýän maşgalaň synasyny başga biriniň sypalap
oturşyny göz öňüne getirip, alasarmyk pikirlere gümra bolup, gümanlar
astynda ýegşerilip ýörmekden beter ejir ýok ekeni, Nepes... – Erkin şu
ýere ýetende endik boýunçamy ýa küýüne bir zat geldimi, diwardan
asylgy sagada seretdi. Soňam jübüsinden el telefonyny çykardy.
Düwmelerini basyşdyrdy. Derrewem öçürdi. – Ýöne men müňkürlik
edip näçe gezek ony yzarlan bolsam gözlege gidenimde hernäçe
gazaply gidenem bolsam, ýolboýy Hudaýdan müňkürligimiň ýalan
bolup çykaryny dileýärdim. Çünki gümanyň ýüki agyr. Çekip çydardan
çökder. Güýjerlän wagty ol ýüregiňi agzyňdan sograýjak bolýar,
dyzyňdan aşagyňy bolsa ýere sokýar. Diliň tutulýar, beýniň doňýar,
123
zehiniň kütelýär, aň saňa boýun egenok, Şeýtan eliňden tutup jenaýata,
garamata tarap itekleýär. «Bar, şu wagt gitseň üstlerinden bararsyň, tutda, ikisinem öldür» diýýär. Şol wagt ol seniň gözüňe gowy, adalatly,
Hudaýdanam ýakyn bolup görünýär. Ana, şolar ýaly agyr halda barýan
adamyň gümany ýalan bolup, şol ýükden bir pursadyň içinde ap-aňsatja
saplanyp durubermeginiň ony näderejede bagtyýar etjekdigini özüň göz
öňüne getiriber. Şolar ýaly-da men ýap-ýaňyja-da agyr ahwalatlaryň
astynda demir ädikli ýaly aýaklarymy zordan süýräp geçen ýolumy yza
gaýdyşyn hoşwagt halda, ýeňil ädimler bilen, edil şöwürden gelýän mes
at ýaly uçganaklap geçýärdim. – Erkin meniň ýüzüme naýynjar seretdi.
– Ýöne, men haçanam bolsa bir gün gümanymyň çyn bolup çykaga-da,
ýüregimiň ýarylaryndan ýa-da beýnime agram düşmekden ýaňa «stress»
alyp heläk bolmakdan gorkýardym.
«Stress» seni heläk etmez, Erkin – diýip, men onuň sözüni böldüm.
– Sebäbi seniň şu çaka çenli çyn bolup çykmadyk gümanlaryň indiden
soňam çyn bolup çykmaz. Sebäbi, Jemal beýle iş etmez. Gysga wagtlyk
«stress» bolsa adam üçin peýdaly. Ýöne, seniň şu bolup ýörşüň, Jemaly
welin hakykatdan-da heläk eder. Çünki, ol indi gör, nijembir ýyldyr, sen
zerarly töhmet belasynyň tükeniksiz ýüküni çekip gelýär. Onuň düşen
ýagdaýyny men häzir göz öňüme-de getirip bilemok.
Erkin uzak wagtlap içini hümledip oturdy.
– Dogry-y... – diýip, sogduryp goýberdi. – Wagt ähli zady
özgerdýän ekeni, Nepes. Ol meni orta ýoldan geçemsoň, yşga sezewar
etdi. Hiz zatdan bihabar, gamsyz başymy gamhana öwürdi. Erkimi
elimden aldy. Döredijiligime käte ganat berdi, käte ondan daşlaşdyrdy.
Elbetde, Aýlarhan ýaly döredijiligem göreşdi, ýöne, söýgi, has dogrusy
gabanjaňlyk ahyrsoňy onam ýeňdi. Soňabaka islendik wagt edip oturan
işimi taşlap, Jemalyň gözlegine çykyp başladym. Öňler bir gün
görmesem kararym ýetmeýän çagalyk dostum, ganybir garyndaşym
bolan seni, çagalarymy, agtyklarymy görmän, olar barada pikir etmän
oňup bildim, emma Jemaly görmän welin, ýekeje pursadam oňup
bilmedim. Ol meni ähli zatdan, has beterem rahatlygymdan aýyrdy.
Başymy gowga saldy. Şonuň üçinem indi käte oturyp oýlanýan-da:
«Şoňa sataşmadyk bolsam, söýgi diýlen zadyň nämedigini bilmedik
bolsam gör nähili gowy boljak ekeni, öňki pukaralygym, bigamlygym,
terkidünýäligim, garasöýmezligim mundan köp-köp ýagşy ekeni,
diýýän. Çünki söýgi – bu dert ekeni. Onda-da iňňän agyr dert ekeni.
124
Çekmesi Magtymgulynyň aýdyşyndanam beter agyr ýük ekeni. Men
ondan ýöne ýere gorkmaýan ekenim. Ýaşlykda gyzlara hat ýazmakdan,
söýgi bildirmekden saklanam seredip otursam başga hiç zat däl-de, hut
şol gorky ekeni. Onuň nä gadar apatdygyny, gapysyndan garar ýaly
dükan däldigini baryp-ha şol wagtlar süňňüm syzan ekeni. Duýgym
goran ekeni. Hudaý jan başda meni şol beladan sowupdyr, oňa derek
kalbyma ylham salypdyr, aşyklyk adamynyň ömrüni zaýalaýandyr,
ganatyny gyrýandyr, sen ömrüňi söýgä sarp etme, ýoluna düşme, şahyr
bol, diýipdir. Ýöne, ine, näme üçindir ol meni gel-gel, elli bäş ýaşdan
soň dolap alyp şol derdiň girdabyna dykdy. Egerde, men doga diýlen
zadyň bardygyna ynanýan bolsadym, onda Jemal meni dogalandyr,
öýderdim. Ýöne, men doga-tumara ynanamok. Onsoňam Jemal nämäme
gyzyp meni dogalasyn. Menden onuň azardan başga görýän zady ýog-a.
Bar beribilen zadym söýgümdi, onam gabanç elimden aldy. Mahlasy
meni dogalan özümden başga hiç kim däl. Soňabaka men ony taşlap hool ýere-de gidip bilmez ýaly hala düşdüm. Toýa-tomga, sadaka ýa ýasada baryp bilmedim. Gidäýsemem oturyp ynjalygym bolmady. Küýümiköçämi şoňa dikip gorsandym oturdym. Oba gitmek dogangaryndaşlary, tanyş-bilişleri görüp gelmek barada-ha pikirem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 11
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.