Latin

Söýgüde serhet ýok - 11

Total number of words is 3818
Total number of unique words is 2078
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
edibilmedim. Çünki o ýanlara gitseň iň bolmanda bir gije ýatyp
gaýtmaly. Bu bolsa meniň üçin akla sygjak zat däl. Dogrymy aýtsam, iň
soňky işimdenem men ähli wagtymy Jemala sarp etmek üçin çykypdym
ahyry. Şondan soň ony islän wagtym isledigimçe garawullamaga,
köçede durmaga, isledigimçe garaşmaga mende ýagdaý döredi! Elime
düşenje pulumyň barysy ýola, taksä gitdi. Şol häsiýetim zerarly düşen
günlerimi bolsa men saňa gürrüň berdim. Men indi o keselden hiç
haçanam aýňalyp bilmen. Şonuň üçinem, gowusy ýaraşmazlyk. – Erkin
«öwhüldäp» dem aldy. – Dogry söýgi meniň ýaşlykdan bäri kalbymyň
bir burçundaky «haňlap» ýatan garaňky boşlugy doldurdy. Ýöne, näme
üçin ol öz ornuny gabanja berdi? Men muny hemişe Jemalyň ýöntem
pelsepesinden görýärdim. Ýöne, men özüm näme? Men ondan ýaşym
boýunça kän uly ahyry. Durmuş tejribämem ep-esli bar. Şeýtanyň
kimdigini tanaman duramok. – Erkin ýüzüni iki baka sypajaklatdy. Ýa
güýçli söýgi gabançdan sowa geçmeýärmikä? Ýa-da ol obnuň hökmany
şertleriniň birimikä? Tebigatyna mahsus zatmyka? Egerde şeýle bolsa,
onda meniň düşünişime görä, ýa-ha aşyklygyň aňyrsynda gabanç ýatan
bolmaly. Ýa-da gabanjyň aňyrsynda aşyklyk ýatan bolmaly. Ýa-da,
125
birek-biregiň tötänlikden ýüze çykýan her bir nätakyk hereketini
biwepalyk hökmünde ýoýup görkezýän, gabanjaňlyk duýgusyny
döredýän, üçünji bir güýç ýatan bolmaly. Ýöne ol güýç haýsy güýç?
Men, ine, şony bilemok, Nepes...
– Ol güýjüň nämedigini özüň gowy bilýäň, Erkin. Ýaňy sözüň
dowamynda sen ony özüňem telim gezek terkarladyň. Ine, ýap-ýaňyjada aýtdyň..
– Näme diýdim?
– Şeýtanyň kimligini tanamanam-a duramok, diýdiň. Sen, ana, görebile-de şonuň toruna düşüpsiň, çoçgaryna çolaşypsyň. Kerebiň içine
gaçypsyň... Ine, indem şol duzakdan çykybilmän kösenip ýörsüň. Ýöne,
o zatlara seniň aklyň çatman duranok-da, özüňi şol şorlukdan çekip
çykarara göwräňde güýç tapaňok.
– Dogrusy, şol bolup ýörşümden indi özümem bizar boldum, Nepes.
Iň ýamanam, şolar ýaly «was-wasa» düşen pursatlarym başga wagt
ýadyma-oýuma düşmejek zatlar kelläme gelýär. Onuň nirä, kimiň
ýanyna gidenini, näme işläp ýörenini bilmek, tapmak üçin ýaňky gürrüň
beren hereketlerimden başga-da täze-täze tärleri, usullary,
mümkinçilikleri agtarýan. Iň bärkisi haýsydyr bir aýal maşgaladan haýyş
edip Jemalyň atasy öýüne, mamalaryna, agalaryna ýa uýalaryna jaň
etdirýän. Şolaryňka gitjek diýip giden bolsa, hakykatdanam şol ýerde
barmy ýa ýok, barlap görýän. Soň gidýän-de, şolaryň öýleriniň deňinde
bukulyp, garawullap durýabn. Her gezegem gözlegim puç bolup çykýar.
Şol bolup ýörşümi Jemalam aňýar we: durup-durup gülýär ýa-da
gaharlanýar. Gülse gowy, gaharlansa welin, ýene-de öýkeli günler
başlanýar... Häzirem hut, şol günler dowam edip dur...
5.
Men Erkiniň ýagdaýyna düşündim. Ol ýadapdyr. Şol wagt oňa
aladalardan aýňalmak, bar zatdan ünsüni sowmak, dynç almak gerekdi.
Munuň üçin bolsa men bir amatly ýagdaý döretmelidim.
Şol maksat bilen işimden bir hepdelik rugsat aldym-da, ony
Amyderýanyň gyrasynda ýerleşýän obalaryň birinde ýaşaýan, birwagtlar
bile okan, dostumyzyňka gezjelenje alyp gitdim.
Köne dostumyz bizi iňňän gowy garşylady. Baranymyza begendi.
Tä gaýdýançak ýanymyzdan aýrylmady. Dostlaram, dogan126
garyndaşlaram gadyr edip bizi gezek-gezegine myhmançylyga
çagyrdylar. Hezzet-hormat etdiler. Degişdiler, gülüşdiler, aýdym
aýtdylar, saz çaldylar. Amyderýanyň boýuna oturmaga alyp gitdiler,
balyk tutdylar. Jeňňellikde aw awlatdylar. Garaz, wagtymyzyň hoş
geçmegi üçin ähli şertleri döretdiler.
Erkiniň welin, hiç zat bilen seri bolmady. Açylyşybermedi.
Gijelerine dik oturyp çykdy. Ýatsa-da uklabilmedi. «Öwhüldäp» iki
tarapyna agdaryldy. Idili iýmedi, içmedi. Onuň bu haly dostumyzyň
gözünden sypmady. Ýeke o-da däl, asyl, haýsy ýere barsagam: «Bu ýigit
näme beýle sus» diýip, soradylar. Men olara: «Azar bermäň, bu wagt
onuň az-kem derdi bar, ine, indiki gezek gelenimizde welin
tanamarsyňyzam» diýdim.
Bolsa-da, Erkin az-kem-ä gowulaşdy. Ony diňe men duýdum. Ýöne,
Aşgabada dolanyp gelenimizden soň welin, onuň haly ýene-de
agyrlaşdy. Darykdy. Bir günem ýanyma geldi-de:
– Nepes, ýüregim howlukýa, dünýä sygamok, her gün irden turşum
ýaly Jemallara tarap jünäberesim gelip dur – diýdi.
Men oňa öňkülerime görä has dözümliräk daradym.
– Olar ýaly bolsa kim saklaýa seni. Bar! Git! Ýaraş! Emma ol seni
kabul etjekmi ýa etmejekmi gep ine, şunda...
Ol oýurgandy. Sesini çykarman kän oturdy. Umuman, her näçe
özüne zor salsa-da onuň bolup ýörşi Jemaldan ymykly el üzjege
meňzemeýärdi. Ol ondan çekilere däl-de, ýaraşara delil gözleýärdi.
Ýöne, ýaş döwürlerindäki endigine görä, ýüzüniň alynaryndan,
kowularyndan gorkýardy. Haýsy tarapa ýykyljagyny bilmän kösenýärdi.
Bir günem ol agşamaralar ýanyma geldi-de, salam-helik ýok:
– Çydamadym, dost. Bardym. Ahyry bardym. Işden çykaryna
gabatlap edarasyna bardym – diýip, düýşünde samraýan ýaly
«gübürdäp» başlady. – Işgärler ýeke-ýeke çykyşyp ugradylar. Jemalam
çykdy. Taksi tutmak üçin ýoluň o ýüzüne geçdi. Edil iki ädim beýle
ýanynda meniň galpyldap duranymdan welin habary ýok. Meniň bolsa
henizem şol janserekligim. Barjagymam bilemok, barmajagymam.
Haýsynyň gowy boljagynam bilemok. Ahyryam özüme zor salyp
ýanyna bardym. «Jemal gurgunmysyň» diýdim. Ol: «Sen nireden
çykdyň» diýen manyda ýüzüme geňirgenip seretdi. Gaşlaryny gerdi. Bar
bolan zat şol. Hal-ahwal soraşmag-a däl, gaýdyp ýüzüme-de seretmedi.
Oňa çenlem goňur reňkli «Furgon – žiguli» gelip durdy. Jemal äpişgä
127
tarap eglip barjak ýeriniň salgysyny aýtdy. Seýrek gara sakgally, murty
gytyk, süýnmek ýüzli hor kişi agzynam açman, «münäý» diýen manyda
başyny atdy. Jemal gapynyň tutawajyna elini uzadandan, «şark-şurk»
yzky gapyny açdym-da, deňine diýen ýaly mündüm. Maşyn ugrady.
Gidip barýas. Göräýmäge bar zat öňküsi ýaly. Ýöne öň bile oturýan
bolsak, indi ol öňde, men yzda. Ýene bir üýtgeşik zat: ikimizdenem sesüýn çykanok. Ol-a iki gözünem ýola dikip, dommarylyp otyr, men
bolsam iki gözümi onuň çokullaryndan aýrybilmän, galpyldap otyryn.
Birdenem Jemal oturşyny üýtgetmän sürüjä bir zat diýdi. Men onuň
näme diýenini aňşyrmasamam sürüjiniň: «Saklanaýynmy?» diýenini
eşidip, Jemal düşjek bolýandyr, öýtdüm. Şonuň üçinem: «Ýok, ýok, sen
gidiber, men düşerin» – diýdim-de, maşynyň togtaryna mähetdel
gapydan atylyp çykdym. Çünki Jemal düşüp galjak bolsa, o maşynyň
içinde meniň işim ýok. Ýöne näçe wagt bäri zaryny çekip, şolar ýaly
egbar ýagdaýda gezip ýören aşyk üçin, magşugy bilen şojagaz aralygy
edil öňküleri ýaly bir maşynyň içinde oturyp bileje geçirmekligiň özem
ullakan bagt ahyry. Onsoňam maňa gözi düşenden: «Güm bol! Görünme
gözüme!» diýip gygyrybermändiginiň özem köp zatdan habar
bermeýärmi näme. Men öz ýanymdan: Bu onuň özüniňem meniň bilen
ýaraşyk meýliniň ýok däldiginden, ýöne aýal boýnuýogynlygynyň
güýjüne bäs gelibilmän kösenýändiginden habar berýän bolaýmasyn,
diýen netijä geldim we öýe barşym ýaly umyt bilen oňa jaň etdim.
Gepleşmese-de ýaraşmaklygyň alamaty hökmünde iň bolmanda diňlär
öýtdüm. Emma çakym çykmady. Sesimi eşidenden trubkany
«jalkyldadyp» goýdy. Diýmek, meni umydym aldan ekeni. Onuň hälki
sesini çykarman oturyşy ýaraşmaklygyň däl-de, entegem köşeşmedik
gahar-gazabyň alamaty ekeni.
Ýaňy bir gutulyp barýan derdim ýene-de täzelendi. Ýaramyň
kesmegi gopdy. Şunça çydam edip gezen günlerimiň azaby köýdi. Bar
zat täzeden başlandy. Dogrymy aýtsam baranyma, ýaň edenime şeýle bir
puşman etdim welin... – Erkin näme üçindir daş-töweregine
garanjaklady-da, sözüni dowam etdirdi. – Ýöne şular ýalyda bir ýana
gitseň, sähelçejigem bolsa derdiň ýeňleşýändigine men geçen gezek
seniň bilen Amyderýa gidenimizde göz ýetirdim. Men indi obamyza
gitjek. Senem azara goýup ýörjek däl-de, özüm gitjek. Göwnüme şo
topraga gadam basdygym derdim ýeňläýjek ýaly bolup dur. Başda maňa
128
ganat berip, uçuryp goýberen şol toprak, maňa ýene-de kuwwat berer...
Derdimden halas eder. Iň bolmanda ýeňleder.
Men onuň bu pikirini ikielläp goldadym. Umytdan düşmezligi
maslahat berdim. Jemalyň hökman ýaraşjakdygyna ynandyrdym. Ýöne
gahary ymykly gaçyşýança garaşmaly borsuň, diýdim.
Ol dogrudan-da oba gitdi. Gitmezden öň klasdaş dostlarymyzyň biri
Ýegendurda jaň etdi. «Ertirki awtobusa münýän, günortanlar bararyn,
garaş» –diýdi.
Ýegendurdam Lebaply dostumyz ýaly onuň baranyna diýseň
begenipdir. Täze salan köşk ýaly kaşaň jaýynyň içi halylar bilen bezelen
giň hem ýagty, ýörite myhman üçin niýetlenen otagyna salyp öňünde
iýer-içer ýaly dürli-dümen tagamlar goýupdyr. Dost-ýaranlarymyzy
çagyrypdyr. Hiç zat bilen seriniň ýokdugyna geň galypdyr. Myhmanlar
dargansoň: «Näme boldy how saňa, öňküligiň ýok-la...» diýip, sorapdyr.
Erkin oňa bar zady bolşy ýaly gürrüň beripdir. Ýegendurdy: «Olar ýaly
bolsa şu ýerde bäş-on gün bol. Ýagşa-ýamana görün. Dogangaryndaşlaryňka aýlan. Hökman göwnüň açylar» diýipdir.
– Ýegendurdy bilen gürleşip oturan ýerimde irkilipdirin... – diýip,
Erkin Aşgabada gaýdyp gelenden soň maňa gürrüň berdi. – Düýşümde
Jemaly gördüm. Şol öňküje duşuşýan jaýymyzdaky tagta sekiniň
üstünde ýatyrys. Aşagymyzda-da şol bir düşejiklerimiz. Diýmek, biz
ýaraşypdyrys. Ol meniň çep tarapymda golumy ýassanyp ýatyr. Ol maňa
edil huşdaky ýaly şeýle bir aýdyň görünýär welin, hatda ýüzüniň
reňkine, gan damarlaryna, nokatjyklaryna, ýokarky dodagynyň sag
tarapyndaky meňjegazyna çenli mesaňa mälim bildirip dur. Ýaňaklary
edil huşdaky ýaly al terje dodaklary bolsa gülgün öwsüp dur. Men hatda
onuň ýylysynam, mährinem duýdum. Ýakymly ysynam aldym.
Mahlasy, şol bolup ýatyşymyzyň düýşe meňzeýän ýeri ýok. Asyl men
özümem ony düýşümdir öýdemok. Şonuň üçinem tirsegime çalaja
galaga-da, ýüzüne siňňin seredip, uçursyz çäksiz söýgi hem hyruç bilen:
«Jemal, ýene-de şeýdip bileje gujaklaşyp ýatarys diýip, dogrusy
ýadyma-oýuma-da düşmeýärdi» diýýärin. Ol bolsa sesini çykarman
ýüzüme bakyp, garaja gözlerini ýyldyradyp ýatyr. Oýananymdan soň
Ýegendurda gören düýşümi aýdyp berdim. Ol: «Aý, kän pikirini etmejek
bol. Göwrümiňi giň tut...» diýdi.
129
Elbetde, Ýegendurdynyň ýerinde kimem bolsa şeý diýerdi, ýöne
diýmek başga, diýlene amal etmek başga. Ýatlaman, pikirini etmän
bilýän bolsam men şol güne düşjekmi...
Men şol ýerde bolan döwrümiň içinde Ýegendurdynyň aýdyşy ýaly
ähli dogan-garyndaşlarymyňka, tanyş-bilişlerimiňkä aýlandym.
Daşymdan gorkan bora çemeli, ýegenlermiň biri meni şol ýerdäki
köne öwülýälere-de aýlady. Gowylaşan ýalam boldum. Ýöne Aşgabada
golaýlaşdygymsaýy ýüregim atygsap başlady. Ýene-de bar zat öňki
ýerine geldi.
Gelen günimiň ertesi ir bilen öýden çykdym. Näme üçin, nirä
barýanymam bilemok, bir görsem Jemallaryň gabat garşysynda, köçäniň
ugrunda, hemişekije garaşýan ýerimde durun.
Işe gitmek üçin öýden çykaýjak uçurlaryny peýläp gaýdan bolsam
gerek, sagat dokuzyň ýary. On bäş minut galanda-da ol hökman öýden
çykaýmaly.
Ine-de ol çykdy. Gaz ýörişini edip, gelşine ýoluň aňry çetinde
saklandy. Iki tarapyna garanjaklady, soň bäri ýüzüne geçdi. Maşynlara el
galdyryp başlady. Birdenem maňa gözi düşdi. Ýöne, görmediksiredi.
Men bar güýjümi jemläp onuň ýanyna bardym. Hemişekilerim ýaly:
«Jemal gurgunmysyň», diýdim. Ol sesini çykarmady. Şol aralykda-da
kireýkeş maşynlaryň biri gelip onuň gapdalynda saklandy. Sürüjiniň
ýany adamly ekeni. Jemal yzky oturgyja mündi-de gapynam «şark-şurp»
ýapdy. Men «hasyr-husur» tutawaja ýapyşdym. Açdym. Emma münüp
bilmedim. Sebäbi, Jemal aňry süýşmedi. Özem dert-azar, ýapjak bolup
tutawajy çekýär. Men bolsam bärik çekýän. Sürüjem näme diýjegini
bilmän aňalyp otyr. Ep-esli çekeleşenimizden soň Jemal gahar bilen:
«Näme, meni masgara etjek bolýaňmy? Gal!...» – diýdi. Meniň
barmaklarym gowşady. Tutawajy goýberdim. Jemal gapyny çekip aldyda, «gürpüldedip» ýapdy.
Maşyn gitdi. Men ýüzüme urlan ýaly bolup galdym. Onsuzam-a öz
öňümde özümi kemsitmek kemini goýmadym welin, mundan artyk onuň
yzyndan ylgamazlygy diňe öz işim bilen gümra bolmaklygy ýüregime
düwdim. Özem berk düwdim...
Şondan soň Erkin hakykatdan-da dünýäni unudyp işläp başlady.
Jemaly ýatlamazlyga çalyşdy. Bu oňa gowy kömek etdi. Heserden açdy.
Üç-dört aý geçensoň-a hasam gowulaşdy. Sekizinji aý diýlende ymykly
130
açylyşdy. Açylyşdygysaýam geçen günlerini ýatlap öz-özünden utandy.
«Beh, şolar ýaly bolaýypdyryn-aý» diýip, başyny ýaýkady. Öňki
gatnaşýan deň-duşlary, kärdeşleri bilen gatnaşyp başlady. Men indi ol
Jemaldan ymykly arasyny açandyr öýtdüm. Ýöne bir gün ol meniň
ýanyma geldi-de:
– Meniň bir endigim bardy, o-da gatnaşýan döwürlerimiz Jemalyň
jaňyny sesinden tanaýardym. – diýip, öňünde demläp goýan çäýnegime
ýapyşdy. – Has takygy ýüregim syzýardy. Bir gezek Jemal iki aýlyk,
Moskwa seminara gitdi. Şonda erbet içim gysdy. Ylaýta-da birinji
hepde. Tas yzyndan gidipdim. Pulum bolan bolsa giderdimem. Ýöne,
olar ýaly mümkinçilik mende ýokdy. Işsiz otyrdym. Şonuň üçinem
kaýyl bolmaly boldum.
Ine, şonda bir gün günortanaralar öýde ýazuw-pozuwa güýmenip
otyrdym welin jaňyň sesi içerini ýaňlandyryp goýberdi. Ýüregim
«jigläp» gitdi. Aşgabatda däldigini bilip duranam bolsam içimden: «Şu
– Jemaldyr» diýdim. Bir bökende telefonyň ýanyna bardym. Trubkany
göterdim. Edil pikir edişim ýaly. Şol! Ol ýerde onuň içi meňkidenem
beter gysan bor-a çemeli: «Erkin-n! Bu senmi? Men jaň edýä-än!..
Göresim gelip ýüregime düşdüň-ň!...» – diýip, sesiniň ýetdiginden
gygyrýa. Sesem şeýle bir dury eşidilýär welin, edil gapdalyňda duran
ýaly. Şol wagt öýde aýalymam bardy, aşhanada nahar bişirip ýördi,
hernä trubkany menden öň şol alaýmandyr. Meniň özi ýaly açyk
gürläbilmeýänimdenmi
ýa
«hä»
«howwadan»
başga
söz
aýdybilmeýänimdenmi bir päsgelçiligiň bardygy aňdy-da, öňküsine görä
bady gaçan sesi bilen: «Näme, gürläp bileňokmy? Ýanyňda adam
barmy?» diýdi. «Howa» diýenimdenem uludan demini aldy-da, ahmyr
bilen: «Bolýa-da onda. Sag bol, soň ýene jaň ederin» diýdi. – Erkin
şondan soňky aýtjak sözlerine begenmekden ýaňa ýürek joşgunyna bäs
gelibilmän çasly gygyrdy. – Ine, şolar ýaly jaň arada-da geldi.
– Ýene-de Moskwadanmy?
– Ýok-laý, şu ýerden. Ol şu wagt şu ýerde ahyry... Jaň edýäniň
şoldugyna bolsa mende şek-şübhe ýok. Çünki, ol-a sekiz aý ekeni, ýene
sekiz ýyl geçse-de, men onuň jaňynyň sesini ähli jaňlaryň içinden
tanaryn. Sebäbi, ol jaň sim bilen howa arkaly gelse-de, aňyrsy ýürekden
çykyp gaýdýar. Gelende-de ýürege gelýär. Iki ýüregi biri-birine bent
edip duran şol ylahy duýgy tehniki ulgam bilen goşulyşyp gelýär,
goşulybam gidýär. Şol jaň geldi. Men zöwwe ýerimden turdum.
131
Birdenem saklandym. Öňümde: «Alamalymy, almaly dälmi» diýen
mesele keserdi. Başga galdyrjak bolsa ýok. Sebäbi, öýde ýeke özüm.
Galdyrsam-a ýene-de şol, öňki günüme düşäýmegim ahmal.
Galdyrmasamam... – Erkin meniň ýüzüme seredip garaçyny bilen
ýylgyrdy. – Hiý, menem bir galdyrman bilerinmi? Aldym. Sebäbi, bir
zerur aýtmaly zadynyň bar bolaýmagy mümkin ahyry diýen pikir
kelläme geldi. «Al-ýo» – diýenimdenem: Jemalyň: «Erkin! Gowumy
ýagdaýlaryň?» – diýen sesi eşidildi. Ýöne, Moskwadan jaň edendäkisi
ýaly şelaýyn däl. Birhili aladalyrak. Men: «Saglyk bir bolaýbilsedir»
diýip, içimi gepletdim. Jemal welin, düýbünden başga hörpden gopdy:
«Ýaraşmak üçin jaň edýändir öýdäýme, ýok, agşam bir gorkunç düýş
gördüm-de... Ynjalman...». «Men hakdamy» – diýdim. «Howwa, sen
hakda. Çuň çukura gaçýamyşyň-da menem çykaryp bilemok. Elim
ýetenok. Ili kömege çagyrýan. Hiç kim ýok. Daş-töwerek gum-gukluk.
Öz sesime özüm oýanypdyryn. Gowulyk dämi özi?» «Hudaýa şükür»
«Bolýa-la, saglyk bolsa... Içeriňizem gurgunçylykmy?» «Şükür,
gurgunçylyk». «Aýalyň bilen ýaraşdyňmy?» «Ýok». «Näme üçin?».
«Ýaraşmady». «Aý, bu gün ýaraşmasa-da ertir ýaraşar... Gitjek ýeri
bolmaz...». Özüniň welin şol sözi eşidesiniň gelendigi görnüp dur.
Ýaraşdym diýen bolsam heziliniň bolmajakdygy belli. Göwnüm üçin
göwünlik berýä. Özüniň welin böwrejigi bökýä. Bir zatlar aýtjagam
bolýar-da, aýdyp bilenok. Ikirjiňlenýär. Ykyrganýar. «...Biri her gije
yzyny üzmän jaň edýä welin... Trubkany alsamam ýa-ha goýa, ýa-da
sesini çykarman durýa. Sen-ä dälsiň şol?...» Men ör-gökden geldim.
«Aý, ýok, men-ä ýekeje gezegem jaň edemok, eden bolsam geplärdim,
asylam, geplemejek bolsaň jaň etmek nämä gerek?» diýdim. «Hä-ä,
Onda şoldur. Asyl, şomuka diýdimem-le». «Kim ol «şoldur» diýýäniň,
Jemal?» «Aý, kim bor öýdýäň, şol mollasumakdyr-da...» «O näme,
sende işlänokmy? «Ýo-okla, şo wagtlar kowdum-a men ony. Seň şol
diýýäniň ugrunda bar ekeni. Şol gürrüňi ol senden başga-da telim
adamyň ýanynda aýdypdyr. Golaýymyzdaky dükanyň satyjylaryna-da,
çep gapdalymyzdaky çişlikçilere-de, olaryň arka ýüzündäki çörek satýan
aýallara-da aýdypdyr. Asyl kim suw içmäne gelse şoň ýanynda şol bir
diýýän sözlerini aýdypdyr ýörüpdir. Şoň sanaýan zatlaryny men
dogrudanam satyn aldym, ony özüňem bilýäň, ýöne men olary özüm
aldym. Hatda şo zatlar üçin şondan karzam alamok. Ol bolsa şolaryň
barysyny özüm äberdim diýipdir ýörüpdir. Asyl sag adamyň etjek işi däl
132
onuň bolup ýörşi. Sen dogrudanam bir zatlar aňan ekeniň. Diýenleriň
dogry bolup çykdy. Şoňa göz ýetiren günümem kowdum. Şol zerarly seň
göwnüňe degenime kän ökündim, ýöne şoň gepine ynananyňa, hiç zat
ýok ýerden gabanyp ýöreniňe gaharym geldi. Meni kim-kimlere ýapyp
ýör diýip, agladym. Hernäçe göresim gelse-de, bagyşlap bilmedim.
Yzymdan gelen gezegiňem entek gaharymdan açylybilmän ýören
döwürlerimdi. Ahyram pikir ede-ede: şoň ýerinde kim bolanam bolsa
şolar ýaly pikir ederdi, diýen netijä geldim. Özümiň seresaplylygy elden
berendigim üçin gynandym». Men: «Şo gidişine gitdimi bir özi? Soň
azar bermän durdumy» diýip, gödegräk sorag berenimem duýman
galdym. «Azar beribem bir görsün» – diýende Jemalyň sesi hemleli
çykdy. – Başda gitmejek bolubam kän dyzady. Soňam töweregimde
köwejekledi ýördi. Ýüz bermedim. Jaň etdi. Jogap bermedim. Şondan
soňky jaňlaryň barysy sessiz geldi. Henizem gelip dur. Dogrusyny
aýtjak, sensiň öýden gezeklerimem boldy. Ýaňky soraýşymam şoň
üçin...» «Bolýa-la sag-aman sypan bolsaň». Jemal gyzgyn suwa düwnen
ýaly boldy: «Sypyp-sypman men, Erkin, onuň çoçgaryna çolaşmasam
näme... Özüm-ä göwnüme zat getirmedim, niýetini aňan günümem
gümüni çekdim... Bolany! – Jemalyň sesi öz ýüpüne boglan geçiniňki
ýaly diýseň gyryljak çykdy. – Bor, onda, Erkin, sag bol, habarlaşyp
dur...». «Bo-or...». «Bimaza edenim üçin bagyşla». «Ýok, ýok, gaýtam
gowy boldy. Sen meni begendirdiň...».
«Ýaraşjak bolýandyr öýdäýme», diýse-de, onuň barybir ýaraşmak
niýeti bilen jaň edendigi görnüp dur. Muny men magat bilýän. Sebäbi
men oňa belet. Niýetinde şol bolmasa asla onuň jaň etmejekdigem çyn.
Eger-de meniňem niýetimde şol bar bolsa onda indi uzaklaşdyrman
özüm oňa jaň etmelidim.
Men hut şeýle hem etdim. Ol begendi. Şondan soň bassyr iki hepdä
golaý jaňlaşdyk durduk. Indem üçünji hepdäniň içi biri-birimizi
küýseýändigimizi welin ikimizem bildirmejek bolýas. Elbetde, öňürti
pyşgyrmalam, duşuşyga çagyrmalam men. Ýöne näme üçindir men şony
edip bilemok. Şeýle-de bolsa, ara düşen aýralyk diwary kem-kemden
ýykylyp barýan ýaly. Meniň göwnümi sowadan mähnet buzam eräp,
aramyzdan aýrylyp gidip barýa. Çünki, ýüregim ony gün-günden barha
beter küýseýär. Ony gözüm bilen göresim, dilim bilen sözleşesim,
bagryma basasym gelýär. Ýene-de gije-gündiz, bar oýum, pikirim şol.
Ýene-de bar zatdan ünsüm sowuldy, bar küýüm şoňa tarap gönükdi.
133
Ýene-de öýki günüme düşerimden bolsa gorkýan. Men indi nätsemkäm,
Nepes?...
Men ähli aýtjak zadymy öň aýtdym, Erkin. Berjek maslahatymy
berdim. Ýöne şol bir zady welin ýene müň gezek gaýtalamalam bolsa
gaýtalap biljek: Işiňden eliňi sowatma. Berk dur. Seni ähli dertden şol
halas eder. Başga aýtjak zadym ýok.
-Jemal bilen ýaraşaýynmy ýa ýaraşmaýynmy?
-Ony özüň bil. Öz göwräňe geňeş.
Şondan soň ol uzak wagtlap sesini çykarman oturdy. Menem
gyssamadym.
Ahyram:
-Bor, Nepes, men seniň diýeniň bilen bolaýyn – diýdi-de, çykyp
gitdi. Özem sözünde durjak bolup kän dyrjaşdy. Dört aýlap Jemal bilen
diňe telefonda gürleşdi. Duşuşmady. Ýöne näme hakda geplese-de,
gürrüňiniň bir ujuny Jemala tarap sapjak boldy durdy. Çakym çak bolsa,
ol ýene-de düýn-öňňinki uçan gaýasyna tarap süýşenekläp barýardy.
Bu hut şeýle bolubam çykdy. Bir gün ol gijara ýanyma geldi-de:
-Nijembir aý bäri şol bir leji çykan sözlerden – saglyk-amanlykdan
ikimizem irdik. Duşuşara, ara düşen diwary ýykara wagtyň bolandygyny
Jemal soňky günlerde dürli kinaýalaryň üsti bilen kakdyryp başlady.
Şonuň üçinem men ony dek-düýnüň özünde duşuşyga çagyrdym. Ol
geldi. Hemme zat öňküsi ýaly boldy. Sen meni bagyşla. Men seniň
pendiňi tutup bilmedim – diýdi.
-Ýok, Erkin, gaýtam gowy edipsiň, dogry edipsiň. Men saňa Jemal
bilen ýaraşma diýmedim, ýaraş, goý, söýgi bilen ýaşa, ýöne,
döredijiligiňi taşlama ýene-de öňküň ýaly gabanjaňlyga gözüňi
gapdyraýma diýdim.
Erkin uludan demini aldy-da, baş atdy.
Şeýdip, olar sekiz aýa çeken aýraçylykdan soň ýene-de duşuşyp
başladylar. Erkin düýpgöter üýtgedi. Onuň ýüreginde yşk ody täzeden
tutaşdy. Bar zat ýene-de öňküsi ýaly boldy. Iki aýlap olar biri-birlerine
gaty söz aýtman, agyryşman, ynjaşman gatnaşdylar. Işinden
sowaşmazlyga söz berenem bolsa, Erkin ýene-de bar ünsüni Jemala
gönükdirdi. Ol oňa edil howa, suw ýaly hökmany zat hökmünde seretdi.
Gözüne döredijiligindenem gymmatly göründi. Edil başdakysy ýaly
taksi tutup Jemaly irden işine äkitdi, agşamlyk alyp gaýtdy. Bir sagat
görmese karary ýetmedi. Çünki, ol onuň yşgydy. Hany-manydy. Dünýe
134
barydy. Ýene-de öňküsi ýaly gözüne şondan başga hiç kim, hiç zat
görünmeýärdi. Ýöne, ýaman ýeri şol hyruç kem-kemden ony ýene-de
öňküje edähedine tarap çekýärdi, öňküsi ýaly däliredýärdi, telbelik
derejesine ýetirýärdi. Goýberen ýalňyşlyklaryny hernäçe gaýtalamajk
bolsa-da, gabanç duýgulary ýene-de, mahal-mahal edil garasar sürüsi
ýaly bolup üstüne hüjüm edýärdi.
Bu bolsa ony edil çagalyk döwründäkisi ýaly terkidünýälige,
garasöýmezlige, düňlelige tarap itekleýärdi. O-da edil şol döwründäki
ýaly gelip diňe maňa içini dökýärdi. Käte sagatlap gürrüň berýärdi, şol
bir öňki diýen zatlaryny gaýtalap zeýrenýärdi, ahyram özi ýadap özi
goýýardy. Soňundanam, şol zatlary maňa gürrüň berenine puşman edýän
ýaly dodagyny dişläp, gaşlaryny çytyp oturýardy-da, göwünli-göwünsiz
hoşlaşyp çykyp gidýärdi. Soňam telim wagtlap yzyna köwlenmeýärdi.
Men bolsam oňa näme diýjegimi bilmeýärdim. Asyl-ha
aýdanyňdan, siýeniňden peýda-da ýokdy. Ol barybir meniň däl-de, öz
ýüreginiň aýdanyny edýärdi. Diňe şoňa gulak asýardy. Kalbynyň
ündewine görä hereket edýärdi. Meniň dostumam bolsa, ol yşgyň
guludy. Yşk ony islän tarapyna idirdedip alyp gidýardi. Soňky
döwürlerde bolsa ol ýene-de: «Göwnüme bolmasa Jemal mahal-mahal
gümürtik halda bir ýanlara gidýän ýaly» diýmäni çykardy. Bu bolsa
onuň ýene-de köne derdine ulaşandygynyw alamatydy. Ony halas
etmelidi. Şonuň üçinem men oňabir gün:
– Sen döredijilik adamsy, Erkin. Fantaziýaň bolsa güýçli. Kelebiň
ujundan tutdugyň yzy çöşlenip eliňe gelip dur. Saňa özüňden başga
duşman gerek däl. Özüňe bolsa erk edip bileňok. Bar bela şonda. Sende
başga dert ýok. Şol gelniň garalygyny öňem tapmadyň, mundan bu
ýana-da tapmarsyň, gury özüňi heläk edeniň galar.
Bir günem Erkin ömründe etmedigini edip ýanyma erbet içgili halda
geldi. Dogry, ol öňem içmän duranokdy. Käte ikimiziň bir çüýşäni bileje
boşadaýýan gezeklerimizem bolýardy. Ýöne beýle egbar halda welin
men ony hiç haçan görmändim. Öňünde goýlan çaý-çörege nazaram
aýlaman, öňe-yza hallan atyp oturşyna ol şol gezek şeýle diýdi.
– Mundan üç gün öň Jemal agasynyň doglan gününe gitdi. Aralary
daş däl. Pyýada ýöräýeniňde-de on bäş minutlyk ýol. Ir-giç diýmän
öýüne gaýdyp gelerlik ýagdaý bar. Jemal asylam ýazy ýatagan däl. Dürli
sebäplere görä, muňa meniň özümem göz ýetirdim. Hatda atasy öýünde
toý bolanda-da ýatmaga öýüne gaýdýardy. Ýöne bu gezek welin ol jaň
135
etdi-de, meni geňler galdyryp, özüniň ýatymlyk galýandygyny aýtdy.
Men göwnüme zat getirmedim-de: «Bolýa-da, olar ýaly bolsa...»
diýdim. Şonuň üçinem, agşamlyk öýüne jaň etmedim. Ertesi sagat
onbirlere çenli çydadym. On ikiniň ýary boluberendenem: ind-ä geläýen
bolsaň gerek diýip, öýüne jaň etdim. Ýok! Eline jaň etdim, jogap
berenok. Ýüregim howlap daş çykdym. Gapdalymyzda gül satylýan
dükanjagaz bardy. Şoňa baryp, satyjy gyzdan jaň edip bermegini haýyş
etdim. Razylyk berendenem Jemalyň atasy öýüniň belgisini aýlap
berdim-de, Jemaly soraň diýdim. Sorady. Ol ýerdenem ýok, diýip jogap
berdiler. Asla onuň agşam ol ýerde bolmandygyny, öýünde bolmagynyň
mümkindigini aýtdylar.
Men juda erbet boldum. Muny gülçi gyzam aňdy. «Size näme
bolýar, dogtor çagyrmalymy» – diýip, daşymda elewräberdi. Men oňa
minnetdarlyk bildirdim-de, çykyp gaýtdym. Ümürde ýöreýän ýaly
howany sermeläp zordan öýe bardym. Ine, indi nijembir ýyldyr, özümi
bir jelebe oýnadyp ýören haýran hasap etdim. Namysymyň joşa gelmegi
bilen gazabym hetdinden aşdy. Näme etmeli diýen sorag meýdana geldi.
Pikirimi jemläp ýetişmänkämem jaň geldi. Aldym. Jemal! Onuň sesi
diýseň çasly çykdy. «Erkin-n... Bu men-n... Jema-al... Men ejemlerde...
Häzir öýe barýa-an... On minutdan jaň edä-äý...» Bir-ä keýpiniň çag
wagty, birem aldajak bolanda onuň sesine şolar ýaly «şaňňy» röwüş
çaýylýardy.
Beýnim gaýnap duran ýarma dek «lasyrdap», ýülükleriniň içinde
bolsa gazap bilen paýhas söweş gurdy. Gazap: «Bol, aýt, içiňi sowat!
Soňa goýma-da aýbyny ýüzüne bas! – diýýär. Paýhas bolsa:
«Howlukma! Ölçer! Dök! Birdenkä bu gezegem gümanyň öňküler ýaly
esassyz bolup çykaýmasyn!» diýýär. Ahyram gazap üstün çykdy. Jemal
sözüni soňlara mähetdel, sesimi sandyradyp: «Näme ýalan sözleýäň?
Sen ejeňlerde däl!» diýdim. Jemalyň ýap-ýaňyja-da al-asmanda «pelpelläp» ýören «şaňňy» sesi «şuwwuldap» dikbaşak gaýtdy. «Sen näme,
öýümize baryp gaýtdyňmy?» «Howwa, baryp gaýtdym. Edil şumatjyk
baryp gaýrdym. On bäş minudam geçenok. Sen ýok şo ýerde! Agşamam
bolaňok şo ýerde!» «Sen näme, ýene-de başladyňmy şo heňiňe»,
diýende, Jemalyň sesi hem azmly, hem dözümli çykdy. Men: «Nähili
düşünseň düşüniber, meň soragym şol» diýenimdenem: «Onda meni
ýatdan çykar. Özem müdümilik çykar» diýdi-de trubkany goýdy.
Menem goýdum. Şeýdip aramyza ýene-de tow düşdi. Özem şu indi
136
ymyklymyka diýýän. Men muňa ynanýan. Sebäbi bu gezek oňa sypara
ýer galmady. Gepiň gysgasy utuldy. Tutuldy. Onuň şol jaňy
ejesiniňkiden etmändigine-de gözüm ýetip dur. Ol niredenem bolsa
öýüniň golaýyndan, has takygy gijesine geçiren ýerinden bir ýerden jaň
eden bolmaly. – Erkin ýüzünde hiç hili gaýgy-gussa alamaty ýok
adamyň parahat görnüş bilen, diýseň rahat gürledi. – Ýöne senem geň
galarsyň, özümem geň galýan, bu gezek men öňküm ýaly azar çekemok.
Aýralygyň yzasynam duýamok. Hunaba-da ýuwudamok. Asla gylylam
gymyldamok. Çünki men ýeňiji. Jemal ahyry öz emeline çolaşdy. Öz
nebsiniň pidasy boldy. Köpe kowalaşan adamyň ahyrsoňy boljagam şol.
Sekiz aýyň aýraçylygy maňa kän zat öwretdi, Nepes. Bedenimi beketdi.
Ähli azap, jebri-jepa şol aýlaryň arasynda galdy. Indi görüp otursam şol
döwür men durmuşyň iň bir agyr ýüküne werziş bolan ekenim...
...Şondan soň Erkin ýene-de öňki giňgöwrümliligine gaýdyp geldi.
Ýene-de döredijiligi ýola düşüp, öýi, çagalary, agtyklary gözüne görnüp
başlady.
Men öz ýanymdan: «Indi-hä Jemalyň özi ýalbaryp geläýende-de
ýaraşmasa gerek şü» diýip oýlandym. Çünki onuň bilen tutaklaşyp
ýörmekden halys ýapdapdy. Iripdi. Laky-tak durandygy daşyndanam
bildirip durdy. Üstesine döredijilige-de gowy girişipdi. Gije-gündiziň
dowamynda işleýän kwartirasyndan çykmaýar diýen ýalydy. Ýöne...
...Ýöne ýene-de bolmady.
Bir gün gelip ol ýene-de özüniň Jemal bilen ýaraşandygyny aýtdy.
Men:
-Bor dost, seň göwnüň karar tapan bolsa bolýa, men şat – diýdim.
Şol gije nirä gidipdir? Ýa dogrudanam ejesiniňkä gidipmi, diýip
soramaga bolsa çekindim. Has takygy dözmedim. Derdini gozgaryn
öýdüp gorkdum.
-Ýene-de süýji günler başlandy – diýip, ol şondan soňky dynç
gününiň ertesi maňa jaň edip aýtdy.
Şondan soň alty aý diýlende ýurduň ýolbaşçysy täzelendi.
Özgerişlikler
başlandy.
Birnäçe
ýapylan
edaralar
açyldy.
Gadagançylyklar aradan az-kem hem bolsa aýrylyşdy. Erkiniň ýoly
açylyp ugrady. Ony ýokary okuw jaýlarynyň birine işe çagyrdylar.
Umumanam ýurtda gowy-gowy özgerişlikler başlandy. Hiç bir sebäpsiz
ýere ýapylan neşirýatlaryň açylaýmak mümkinçiligi döredi. Birdenkä
«getir» diýýäýseler dagy diýip, Erkin ýygyndylaryny taýynlap başlady.
137
Kompýuterden geçirtdi. Kitaplarynyň elektron wariantlaryny taýýarlady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Söýgüde serhet ýok - 12
  • Parts
  • Söýgüde serhet ýok - 01
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2231
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2166
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 03
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2071
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 04
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2192
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 05
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2228
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 06
    Total number of words is 3848
    Total number of unique words is 2095
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 07
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2171
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2165
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 09
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2189
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 10
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 2142
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 11
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 12
    Total number of words is 3818
    Total number of unique words is 2125
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 13
    Total number of words is 3811
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 14
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2190
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 15
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 2084
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 16
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2181
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 17
    Total number of words is 3718
    Total number of unique words is 2218
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Söýgüde serhet ýok - 18
    Total number of words is 3401
    Total number of unique words is 2009
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.